13.07.2015 Views

Untitled

Untitled

Untitled

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

ATA GOWŞUDOWPERMANromanJemgyýetçilik başlangyçlary esasyndaredaktirläp çapa taýýarlanN. HojageldiýewAşgabat“Türkmenistan” neşirýaty1989


Gowşudow A.Perman: Roman. - A.: Türkmenistan, 1989. - 616 s.Ýazyjy Ata Gowşudowyň “Perman” romanynyň ykbalyçylşyrymly boldy. Ol uzak ýyllaryň dowamynda birnäçesebäplere görä, okyjylara mälim bolman galypdy. Ine-de olroman siziň eliňizde. Bu kitapda edebi gahrymanlar, şonuňýaly-da Öwezmyrat batyr, Dykma serdar, Seýitmyrat beg ýalytaryhy şahslar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. RomanGökdepe urşunyň gandöküşikli wakalaryndan başlap, sowethäkimiýetiniň üstün çykýan günlerine çenli döwri öz içinealýar.www.gollanma.comGollanma© Kitaphana


Birinji kitapBUÝSANÇLY GALAMylaýym güýz paslynyň bir günüdi. Buýsançly burçlaryasmanda magallaklap duran galanyň içi adaty joşgunly hereketbilen gaýnaýardy, şatlykly şowhun bilen ýaňlanýardy. Gyşbolsun, ýaz bolsun, tomus bolsun, güýz bolsun - parhy ýok, bugalada şu joşgunly hereket, şu şatlykly şowhun hemişebirsydyrgyn dowam edýärdi. Bu gala guş gelse, ganaty gyrlyp,gulan gelse, toýnagy gyrlyp, üstünden guş hem uçup bilmejege,derwezesinden döw hem sekip bilmejege meňzeýärdi. Hamala,“häh!” diýende, ýetmiş bäş derwezesiniň her birinden ýüz müňdemir donly Görogly gylyjyny syryp çykaýjak ýalybuýsançlydy.Emma bu gala daşyndan görnüşi ýaly arkaýyn däldi. Onuňilaty aýak üstündedi, gijesi-gündizi teşwişdedi. Gala onçakly


lap ederlik uly hem däldi. Onuň boýy bäş müň ädimdi, ini ikiýarym müň ädimden azajyk gowrakdy. Zamanynda Ahalyň ulygalalarynyň biri hasaplanýan galalardandy. Galanyňganatlarynyň berkligi onuň arassa ak-şyrky toýun palçykdansalynmagyndan aňlanýardy. Emma garrylar öz galalarynyňasly sagtynyň berkligi hakynda ownuk gürrüň edenlerinde,muny şeýle düşündirerdiler: “Biz bu galany saldyrmak üçinwelaýatdan (Horezminden) ussa çagyrdyk. Ussalar bilen hakhasapgepleşildi. Ussalar işini gutarandan soň, muzzunyjemagat tölemeli, tä gala salnyp gutarylýança, ussalaryň iýjekiçjeginemjemagat çekmeli edildi. Ussalar ak palçykdangalanyň bir goruny goýup çykdylar. Şol günüň özünde hemişeýarym gijä çenli oýnamaga endik eden jahyl ýigitler täzesalnan goruň üstünde ylgaşyp oýnapdyrlar. Ertir görseler, olgor depelenip, aşak çökerilipdir. Bu sapar ussalar sesleriniçykarman, işlerine başladylar. Ikinji gory galdyrdylar. Ýenejahyllar ony hem edil öňki ýaly edipdirler. Ussalar bu gezegemseslerini çykarmadylar. Ahyry ussalar üçünji gezekden soňaksakgallaryň ýanyna gelip dat etdiler. Aksakgallar ýigitlerekäýindiler. Emma ýigitler öz oýunlarynyň galanyň ganatlaryüçin peýdalydygy-zyýanlydygy hakda pikirem etmeýärdiler,oýnasalar bolýardy. Şonuň üçinem olar käýelen wagtyseslerini-üýnlerini çykarman, ýeňselerini tüňňerdişip gidýän


ýaly edýärdiler-de, aksakgallar gitdigi, öňküdenem bäş beterylgaşmaga başlaýardylar. Öň diňe şowhun edip oýnaýanbolsalar, indi şowhun turuzman oýnaýardylar. Garagol,ýoknasyz ýigitlere buýrup bolmady. Ussalar hem ýapyşanişlerinden el çekmediler. Şeýle basalanyp, zynç ýaly bolan laýöz göwrümini giňeldip, gün-günden berkeýärdi. Indi ussalaramoglanlara zat diýenokdylar. Gaýta her gün işden soň oglanlaryňerjellik bilen oýnaýyşlaryna syn edip: “Degme, oýnasynlar,biziň salan galamyz daşdan hem berk bolar. Bu oglanlaryňoýny gala üçin uly bähbitdir” diýişýärdiler. Şeýdip, ussalaryňhem oglanlaryň kömegi bilen gala salnyp gutaryldy. Bu galaGökdepe galasy diýen at galdy. Bu Ahalyň buýsanýan galasyboldy. Ussalaryň çeken zähmetine iliň-günüň özi ynsap edip,iki esse artyk hak töledi. Ussalaram köp hoşal boldular”.Galanyň ganatlarynyň şeýle berkligi aýdyşlaryça bardy. Olindi köne galalar hataryna giripdi. Emma salnyp başlanyndanýigitleriň depeşegi astynda galyp, zynç bolan ganatlarynyňheniz hem opurylyp gaçan ýeri ýokdy.Bu gün hem ýigitler hemişeki adatlary boýunça galanyňgündogar gapdalyna ýygnanypdylar. “Dik, dep, hany, kimiňgezegi? Ine, meniň gezegim! Ýok, ýok, gezegiňe dur! Sen ongezek dagy depdiň. Men heniz bir saparam depemok!..” diýşip,gala ganatlarynyň üstünde hemişeki şowhunlaryna, hemişeki


jedelli depeşeklerine başlapdylar. Ýüňi ýeten ýigitler galaganatynyň üstünde telpek goýup, maý alyp ylgaýardylar,ýüzüniň ugruna el degirmän dyrmaşyp, telpegi depýärdiler-de,ýene arkanlygyna düşýärdiler. Şeýdip gezekme-gezekgaýtalaýardylar. Käbirine: “Bir eliňi urduň” diýýärdiler, başgabirine: “Arkanlygyna düşeňde, sagdyn dik düşüp bilmediň”diýýärdiler.Öz göwresine erk edip bilmeýänlerden hasaplanýan agrasýüzli bir ýigit:— Hany, bizem bir synanyp göreli - diýip, süsüşjek goçýaly maý alyp götinjekläp gitdi. Emma onuň ullakan garagözleri galanyň ganatynyň çür başyndaky telpekdedi.Görnüşine görä, ýigit bu diňe çykmaga birinji gezeksynanyşýan borly, daşyndakylar ýerli-ýerden:— Hany, senem bir synanyp gör bakaly - diýşip,ynamsyzlyk bilen gygyryşdylar. Olar öz ýüreklerinden “bugalanyň gap bilinden aşaklygyna patlap gaçar” diýip pikiredýärdiler. Şeýle masgaraçylygy-da gyjytly gülki bilen,şerebeli ýomaklar bilen garşylamaga taýýarlanýardylar. Emmaol tamalary puja çykdy. Ýigit ok ýaly atylyp, galanyň depesinedyrmaşdy-da, onuň depesindäki telpegi depip, yzyna böküpdüşdi. Oglanlaryň hemmesi geňirgenmek bilen dymdy. Diňeçetde duran biri:


— Çopan ägirtdir! - diýip, sowally dymyşlyga jogap berdi.Onuň deregine başga biri köpçüligiň gülüp keýpdençykmagyna sebäp boldy. Ol öz içinden: “Şu depensoň, mendepip bilmenmi?” diýip, öz ýüregi bilen jedelleşip duranbolmaga çemeli, maý alyp ylgady welin, galanyň gap bilindenaşak pökläp gaýtdy. Töwerek-daş el çarpyp gülüşdi. Kimdirbiri:— Sen goşuňy haýda, goşuňy... Oragyňy or - diýipgygyrdy. Ol ýigidiň ýüzi utançdan ýaňa çapady ýaly gyzardy.— Siziň bilen düz ýerde eşekden-ä böküşip bilerin - diýip,ysgynsyz seslendi.— “Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn”, getir-äýt eşekleri -diýip, biri gygyrdy.Heniz diňe ulularyň bolşuna tomaşa edip, höweseklik bilenolardan görelde görüp duran ýetginjekler dumly-duşa pytrap,sen-men ýok, öýleriň gapdalynda duran eşekleri çözüp, idipgetirip başladylar. Bulardan: “Siz eşegi nirä äkidýärsiniz, nämeüçin äkidýärsiňiz?” diýip soraýan-ideýän-de ýokdy. Aslyndaşunuň ýaly iş üçin eşek, göle, iş ýabysy ýaly mallary soragsyzidegsizalybermek ozaldan dessur bolup galan bir adat bolmagaçemeli.


Bular alty sany eşegi hatara ýanaşdyryp duruzdylar. Sagdasoldatoýçy ýaly üýşüp duran ýigitler: “Bök-de bök!”boluşdylar.Kimdir biri öňüni başlap, alty eşegiň üstünden ýeňillik bilenatylyp geçdi. Onuň yzy kesilmän, biri-biriniň yzyndantowusýardylar.Bir tapgyr bökülenden soň, hatara duran eşekleri sekizeýetirdiler. Bu sapar käbiri ahyrky eşegiň üstüne düşüp galdy.Eşegiň sany ona ýetirildi, soň on ikä ýetirildi. Her saparjübütden artdyryldygyça, towusýanlar-da kem-kemdenazalýardy. Birden bu böküşmegi-de taşlap, “Tut-da tut!”bolşup, göreşe ýazdylar. Agyr märeke göýä uly toý mähellesiýaly tegelendi. Ortada bolsa güýçli pälwanlaryňky ýaly göreşbarýardy. Bu uly üýşmek mähelläniň tamamy otuz ýaşdanbärdäki ýigitlerdi. Gala jemagatynyň iň şatlykly joşgun bilengaýnaýan şowhuny hem şol toparyňkydy. Çünki bu toparözlerinden kiçi ýaş ösdürimleri, belki, ýaňy içde-daşdaoýnamaga ýaran bäş-alty ýaşlylary-da özleriniň janly hemjedelli gyzyk işleri bilen höweslendirýärdiler. Käbir wagtlardaulular diýlip hasaplanýan otuz bäş, kyrk ýaşlylaryň hembularyň işine gatyşýany seýrek däldi. Hatda segsen-togsanýaşly garrylaryňam göwni göterilip, olara tomaşaban bolýanwagtlary köp bolýardy.


Emma garrylar hataryna geçirilýän topar köplenç wagthemişeki öz adat edinen ýerine ýygnanýardy. Gojalar ýylyňýyly pasyllarynda - nowruz garyndan soň, tä güýzüň çigreklijegünlerine çenli galanyň ilerki derwezesiniň iç agzynaüýşerdiler.Bir gezek ýyl gaty gurak gelipdi. Şonda kimdir takwayrymçynyň biri:— Aý, adamlar, belki, pälimiziň-niýetimiziň ters ýeribardyr. Geliň, jemagat bolup namaz okalyň, pälimizdengaýdalyň - diýip bir gep tapdy. Köpçülik bolsa:— Hä, geliň, pälimizden gaýtsak gaýdalyň, jemagat bolupnamazam okalyň. Onuň ýaly bolsa metjidem edineliň.Ymamam seniň özüň bolarsyň - diýip, şu maslahaty tapanadamyň ýakasyndan tutdy.Ymam boljagyň makullap görkezen ýerinden metjitsalynmaly boldy. Galanyň ilerki derwezesine ýakyn bir ýerdebir günüň içinde metjit häzir boldy. Bu metjit ini-boýy ellialtmyşädim inedördül sekidi. Munuň üstünde ýagyndanýagmyrdan,günden taşa-da ýokdy. Diňe gün giç öýlänesanandan soň, galanyň beýik ganatynyň kölegesi sekiniňhemme ýerini örtýärdi.“Metjit” ilki salnan günlerinde garrylaryň köpçüligi ürç edipdiýen ýaly oňa geldi. Hatda olaryň her haýsy bir keçäni özüne


namazlyk edinip getirip, sekiniň üstüni tutuşlaýyn düşekbilenem örtdüler. Emma bir hepde geçip-geçmänkä metjidiňjemagaty kemelip başlady. Şonuň bilen birlikde sekiniň üstüniňdüşegi hem aýrylyp başlady. Birnäçe gün geçenden soň,ymamyň yzynda diňe üç adam galdy. Ahyry ymamyň özi hemhalys iren bolmaga çemeli, bir gün:— Indi namazy her kim öz öýünde okaýsyn - diýip,ýanyndaky üç yhlasgärine hem rugsat berdi.Ymamyň öz başlan işinden şeýle tiz irmeginiň özsebäpjagazy bardy. Ana, şol derwezäni wagtly-wagtynda açypýapýanderwezeban näme, şoňa-da odun getiren bir gujakodun, un üwedip gelen bir jam un, argyşdan gelen bir kersenbugdaý berýär. Ýigitleriň oljasynyň oňup gelen sapary gabatgeläýse-hä onuňky hasam getirýär. Emma metjit salyp, jemagatnamazynyň ymamy bolup, uly derde galyp sesini bogazyndagaýnadyp, mollalaryň azan aýdyşyna meňzetjek bolup görgägalyp ýören bir adam welin hiç kimiň gözüne-de ilenok. Onsoňymamyň öz işinden eli sowamazmy? Ymam bir gezek Atalykaganyň ýanynda käýinip, bu gürrüňi diline hem aldy.Her näme-de bolsa, bu seki “Pirgulynyň metjidi” diýen adaeýe bolup, ymamyň adyna ýadygär galdy.Indi bu ýeri garrylar hekem edinipdiler. Jahan ýaýrap, gündogandan tä il ýatara çenli günüň näwagty bolsa hem bu


sekiniň töwereginiň adamsyz bolýan wagty ýokdy. Sekiniň üstitutuşlygyna artlatgy, düzzim çyzyklary bilen bezeliptaşlanypdy. Göçer çöpleri dagaşar ýatardy. Adamlar bu ýereüýşüp, düzzim, küşt oýnaýardylar, donlaryny düşenişip, sekäýaplanyşyp, her hili gyzykly gürrüňler, şorta sözleraýdyşýardylar. Derwezeden gelip-geçip duran ýolagçylaryň herhaýsysynyň öz görnüş mysalasyna görä meňzetme, ýomaklartapyp, gülüşýärdiler, degişýärdiler.Hemişe adat boýunça bu ýagdaý sekiniň töwereginiňmähellesiniň has köpelip, şatlykly gürrüňçiligiň gyzyp,şowhunyň asmana göterilýän mahaly gün öýleden agandan soňbolýardy. Ýaşulular gelsin, aksakgallar gelsin - tapawudy ýok,şol şorta sözler, gülşükli gürrüňler dowam edýärdi.Bu gün hem şol hemişeki günleriň biri ýalydy, gün ikindäýakynlapdy. Birden agyr mähelläniň şorta sözli şowhunyýatdy. Degişme, gülki görnüp duran ýüzler çynlakaý sypatagirdi. Süzülen gözler märekäniň bir çetinden gelýän orta boýlybir adama baka dikildi. Daşyndan göräýmege bu adamda negabara bardy, ne dabara. Hatda onuň ýüz keşbinde-de agyrmähelläniň sussuny basarlyk aksakgal kethudalyk, peşeneliliksypaty ýokdy. Aslynda onuň görnükli egin-başy-da ýokdy.Köne agar çäkmeniniň içinden kirli biz köýnegi görünýärdi.Aýagynda agzy bir gulaç mytgal balagy, köne köwşi, başynda


olsa çüri sary telpegi bardy. Onuň gadam urşy hem beýlekisypaýy gojalaryňka meňzemeýärdi. Aýaklary gybyrdyklap,çaltlyk bilen biri-biriniň öňüne geçýärdi. Elleri dek durmanhereket edýärdi. Ol sol elindeki bir döwüm çörekden sag elibilen döwüp alyp, çörek iýip ýöräp gelýärdi. Ol ädiminihaýallatman, märekäniň gyrasyndan geldi-de:— Salawmaleýkim, ýigitler! - diýdi. Salamyna jogapberlerine-de salym bermän, sözüniň yzyny ýetirdi. - Amanesenlikmidirhemme?Soňra ol tapyr-tupur sekiniň bir çetinde oturdy-da, galanjaçöregini agzyna atdy.— Gadam aga, armaweri, işler bilen nädişýärsiň? - diýip,dymyp oturan märekäniň içinden kimdir biri oňa habar gatdy.— Bar bol - diýip, Gadam aga gysgajyk jogap berdi-de,özüniň çüri sary telpegini tirseginiň astyna dykyp gyşardy.Bir gapdalda oturan peşeneli aksakgal:— Gadam, bu gün düňk-düňküň gelmedi-le - diýip, gülkiaralaş aýdan sözünde bir hili, ýaňsylamak äheňini syzdyrdy.Emma Gadam aga oňa üns hem bermedik ýaly etdi. Özüniňhemişeki ýönekeýligini saklap:— Biçem däl, Atalyk kethuda - diýdi. Onsoň ara bir demsaldy-da, sözüniň üstüni ýetirdi. - Şol biçem däl, Atalyk. Menbu gün şora getirmäge gidipdim.


Hawa, ol bu gün däri ýasamak üçin şora ýygmaga gidipdi.Şonuň üçin hem onuň däri döwýän sokusynyň düňk-düňkiçykmandy.Gadam aganyň gürrüňçilige gelmegi bilen töwerekdäkiküşde, düzzüme kellelerini gyzdyryp oturanlar hem oýunlarynytaşladylar. Galanyň ikinji tarapynda özleriniň towsuşmak,göreş tutmak ýaly hünärleri bilen gyzygyşyp duran ýigitler hembu märekäniň bir çetine gelip egrilişdiler. Bu ýönekeý adambälçik-degişme gürrüňleriň manyly-çynlakaý gürrüňlereöwrülmeginiň alamaty bolmaga çemeli, oňa bolan şeýlegaraýyş adamlar arasynda adata öwrülip galypdy.Bu adama ýönekeý göz bilen garasaň, diňe öz zähmetindenbaşga dünýäniň işine düşünmän ýören bir pukaradyr diýipgüman edýärsiň. Emma hyrydar göz bilen garanyňda welin, oladamda niçik-de bolsa bir gizlin ýatan buýsanjyň bardygynyduýýarsyň.Ar-namys üçin gidip iş bitirip gelen ýigitler Gadam aganyňýanyna gelip, “ony eýtdik, muny beýtdik” diýşip, batyrçylykhakda, eden işleri hakda ýolbaşçy ata hökmünde oňa gürrüňedip bererdiler. Gadam aga bolsa:— Biçem däl... Hawa, şol kem bolmandyr... Iş bitiripsipiz,özi biçem däl - diýip, gysgajyk jogap gaýtarardy. Bir agyzgeplese-de “biçem däl” diýen sözleri goýman aýdardy. Ol


muňa halys endik edipdi, asla “biçem dälsiz” geplemezdi. Ikiädim gapdalyndan geçip barýan düýäni görkezip: “Gadam aga,ine şu düýe gidip barýar” diýseňem, açyk görüp duran zadyhakda-da: “Biçem däl...” diýerdi.Başky gürrüňinden soň sessiz dymyp oturan atalyk kethudagürrüňçiligiň bir gabat gelen ýerinde:— Gadam aksakgal, han aganyň işinde biz başarmadyk.Biziň şol işi şeýle etmegimiz gabahat boldy - diýip, bolupgeçen bir iş hakda söz açyp, orta gürrüň atdy. Gadam bolsahemişeki adatlanyşy ýaly:— Biçem däl, Atalyk - diýip, sözüniň yzyny ýetirmängoýdy.Atalyk Gadamyň adatyna belet hem bolsa, ýa-ha onuň“biçem däl” diýmesini özüne peýdaly manyda düşündi, ýa-daöz gürrüňini ýolly etmek isledi, ol has gyzygyp gürläp başlady:— Gadam aksakgal, zeleliň ýarpysyndan gaýtmagam birpeýda. Şindizem bolsa biz han aganyň üstüne töwellaçy adamibereliň. Ol biziň bilen deň bolmaz, rehimdardyr. Belkäm edenetmişlerimizi geçirer. Han handyr. Ol uly bir ýurduň hany, biznäme, bäş öýli teke.Gadam aga bolsa ýene:— Biçem däl, Atalyk - diýip, gysgajyk jogap berdi.


Gadamyň endigine näbelet adamlar üçin bu söz “töwellaçyibermek gerek” diýen manyda düşüniljekdi. Emma beletadamlar Gadamyň özündäki buýsanjy bilen ne hanyň, ne-deşanyň öňünde bil büküp baş egmejegine ynanýardylar.Aksakgallardan kimdir biri özüniň ýogyn sesi bilen gürledi:— Atalyk, ozalynda bir iş etmezlik gerek, edeniňden soňonuň yzynda durmak gerek... Aslynda hana töwellaçy iberipzatedip ýöresi biziň eden etmişimizem ýok ahyry.— Ol eden işiňden başga saňa näme etmiş gerek? Hanyňiberen zekatçylaryny öldüreniňi öldürip, urup-ýenjip, talapgoýberdiň! Bu etmiş dälmi? Bir abraýly hanyň iberenadamlaryny şeýtmek bolarmy? - diýip, Atalyk ýarym gaharbilen gepledi.Atalygyň garşysyna çykan aksakgal dikelip oturdy-da:— Atalyk, ol abraýly han däl, eger ol abraýly patyşa ýa-dasoltanam bolsa, iberen adamlarynyň gelip edýän işi şo bolsa,gözlerinem çykararyn - diýip, has gaharly, has gyzyp gepledi. -Hanyň porsy begleri gelip, hem-ä seniň erkiňi alsyn, hememaksakgal kethudalaryňy ýenjip, üstüne-de “palta hakymy ber”diýip ryswa etsin... Ýöne hanyň porsy begleriniň bu işine Ahalili çydamaz. Muňa kim çydasa, şol çydasyn.Birnäçe aý mundan ozal Hywa hanynyň salgyt ýygnaýanbegleri gelip, şu galada düşdüler. Öz başlaryna ak öý tutduryp,


her gün bir işşek goýun soýduryp, keýpi-sapa sürmek bilenmeşgul bolup başladylar. Her galanyň aksakgalyny çagyryp,ýap başyna üsti galla ýükli bäş ineri getirmegi buýurdylar.Aksakgallary ýenjip-ýenjip, ile peçan edip, yzyndan hem “paltahakymy ber” diýip talap etdiler.Aksakgallaryň içinde hemmesinden kötegi kän iýen Gadamaksakgal boldy. Ony bir sapar: “Bize bu gün goýny giç öldüripberdiňiz” diýip ýençdiler, ýene bir sapar: “Siz gurbagaňyzyköp gurruldatdyňyz, olar bizi ýatyrmaýar” diýip ýençdiler.Başga bir gezek: “Bize salgytdan aýratyn sylag etmediňiz”diýip ýençdiler. Garaz, ony birnäçe sapar suwa-salma etdiler.Bu bolşa galanyň ýigitleri çydap durup bilmediler.Içlerinden bir edermen tapylyp, maslahaty bir ýereçugdamladylar. Bir sapar hanyň begleri ýene Gadam aganyýençmäge duran wagtlary üstlerine döküldiler. Hanyň begleriniýasawullaryna çenli gollaryny arkasynda daňdylar. It ýenjenýaly ýençdiler. Hanyň baş beginiň hem mürzesiniň kellesinialdylar. Beýleki begleridir ýasawullaryna hem: “Baryň-da,hana habar beriň, eger dagy-duwara salgyt diýip adamiberäýse, baryp, galasyny gum bilen kesek ederis” diýip,sypbym-guduz edip kowup goýberdiler.Atalyk bilen ol aksakgalyň ýaňkalaşyp, gaharlanyşýangürrüňleri şol bolup geçen wakanyň üstündedi. Şonuň üçinem


aksakgal “ol abraýly han däl, abraýly patyşa-soltan bolsa-daiberen adamlarynyň edýän işi şo bolsa gözlerini çykararyn”diýende, Gadam aga:— Hawa, şol biçem däl... Asyl boluşlary gowy bolmady.Beýle işi oglanlar götermez. Ol öýüköýenler şony bilmediler -diýip, ýönekeý bir sowukganly adam ýaly sözledi.Ol aksakgal adam bilen Atalygyň arasyndaky başlan jedelliýaňka-ýaňka uzaga çekdi. Gadam aksakgal bolsa dymyp diňsalmagyny dowam etdi. Şol wagt märekäniň çetinde egrilişipoturan ýigitleriň içinden kimdir biri:— Biziň eden işimize puşmanymyz ýok. Kimde-kim hanyşeýle gowy görýän bolsa, özi ötägitsin - diýip gygyrdy. Onuňgüňleç sesi galanyň gatlagynda ýaňlanyp gitdi.Bu ýaş ýigit Çopandy. Hemme kişiniň gözi şoňa tarapdikildi. Agyr mähellede dym-dyrslyk peýda boldy. Şeýle birtukat ümsümlik aralaşdy welin, häzir galanyň daş agzyndatopar gurap, şowhun turzup jagyldaşyp oýnap ýören çagalarbolmadyk bolsady, ýa-da galanyň derwezebany minnere çykanazançy ýaly bolup, derwezäniň çep tarapyndaky burça çykyp,çagalara baka gygyrmadyk bolsady, onda bu gala obasy göçüp,gugaryp galan köne weýrana meňzejekdi. Derwezeban burçuňsüýr depesinde dim-dik bolup durşuna, bir zatlar diýip howsala


erip, galanyň daş agzynda oýna gyzygan çagalarygorkuzmakçy bolýardy.— Gün gidip, garaňky düşüp barýar. Aýak ýygnandy, gala,giriň! - diýip, yzly-yzyna gaýtalap gygyrýardy.Galanyň gaýraky derwezesinden giren süri sygyrlar dumlyduşaýaýrap molaşdylar. Galanyň gündogar ganatynyňdüýbündäki tamdyryň agzyndan möwç urup çykyp başlanýalyn sütüni syryk boýy asmana uzaldy. Ol ýalyn pessejik öýhem oraçalaryň üsti aşa görünýärdi. Galanyň ýokarsynaýukajyk tüsse buludy ýazyldy. Ajymtyk goňursaýan ýowşanyňysy burunlara urdy.Bu agyr märekäniň dymyşlygy bir meýdan dowam etdi.Çünki şeýle bir ýaş ýigidiň, akyl ýaşy-ha beýlede dursun, henizotuz ýaşyna-da ýetmedik bir ýigidiň agyr märekede geplemegiaslynda görlen nysak däldi. Onuň üstesine-de Atalyk ýaly biremeli boýnunda göterip ýören abraýly aksakgala beýle gyňyrjogap gaýtarmak has hem geň-taň görmeli morta aýdylan birzat boldy.Bu aksakgalyň ady başga bolsa-da, il arasynda onuň adynyAtalyk diýip tutýardylar. Şonuň üçin bizem onuň adyny Atalykdiýip tutjak.Atalyk hum ýaly çişdi. Daraýy ýaly gyzaran gözlerinihaýallyk bilen şol ýigide baka dikdi.


— Seniň ýaly ýigit märekede lal bolar, gürrüň diňlär oturar- diýip hemle urdy.Atalygyň garşysyna gaty söz aýdan çopan ýigidiňem ýüziagyrdy, hyrsyzdy, aýdan hyrsyz sözlerindenem beterdi. Atalykýakymsyz söz aýdanda ol ýene-de nämedir bir zatlar diýmägeçemelendi. Emma burçuň üstünde somalyp duran derwezebanabaka iki gözlerini dikip pikir edip oturan Gadam aksakgal, oltarapdan ünsüni sowdy-da, Atalyk bilen Çopanyň gürrüňiniňarasyna düşdi:— Aý, Atalyk, bir hasapdan seňkem dogry. Sebäbi han agasaňa atalyk emelini bagyş etdi. Sen ondan hak-heşdek alýarsyň.Elbetde, sen ony haklamalysyň, Atalyk. Emma hak-heşdekalýan sen, han aganyň begleriniň kötegini iýýänem bizbolýarys, Atalyk. Sen şonam unutma... Onsoňam, hanhagörýärmiň? - diýip, Gadam aksakgal burçuň üstünde dim-dikbolup, alys gözýetimleri nazaryndan geçirip duranderwezebana baka goluny salgady. Özüniň gürrüňiniparahatlyk bilen dowam etdi. - Hanha, şol adama hiç kimbuýranok. Ol öz-özünden meýil tapyp, şol derwezäni saklaýar.Özüniň işine-de gaty jür, berk. Hiç kim oňa hak-da berenok.Men ýowşan ýygyp gelýän bolsam, islesem, bir gujak taşlapgeçýän, islemesem, taşlamok. Un uwäp, degirmenden gelýänbolsam, islesem, bir käse un berýän, islemesem, beremok. Ol


şeýle-de dokmäde, alymsak gözi bilen garanok, emma gijegündizýatman diýen ýaly bitirýän işini bir gör. Özüň birgijesine çydap bilmersiň, Atalyk... Gijäniň haýsy bir wagtybolsa bolaýsyn, ol: “Haý, ýagy çozdy, atlan how!” diýip,galany örüzýär. Eli syrma gylyçly ýapbyllak atlaryny münüpdepýänlerem Hywa hanynyň nökerleri däl. Ýa-da seniň eliňsyrma gylyçly barýanyňy göremok. Eli syrma gylyçlygidýänler ine, şu ýigitler, Atalyk. Şu ýigitleriň lal bolan ýerindebiziň näme işimiz bar. Goý, biz üstesine güňem bolaly.Ol şeýle diýip, ýerinden turdy-da, köne donuny silkişdiripegnine atyp, märekeden çykyp gitdi. Başga birnäçe aksakgallarhem turup, onuň yzyna düşüp gitdiler. Atalyk ýer synçgapotyrdy. Az salymdan soň ol hem turdy. Atalyk öýleriň arasynaýetip-ýetmänkä, onuň yzynda gülki aralaş şowhun başlandy.Gara sakgallardan kimdir biri:— Ýigitler, ýuwaş, ýuwaş, aýyp bolar - diýip, olaryköşeşdirmekçi boldy. Ýigitleriň biri:— Ýak, Gadam aga şu gezek oňard-ow - diýip, göçgünliseslendi. - Hiç wagt Gadam aganyň şeýle oňaran ýeri ýokdur.“Biçem däl” diýip, içiňi ýakar.— Belki, hanyň emeldarlarynyň uran gamçylarynyň awysyendamyndan giden däldir? “Palta hakymy ber” diýen gyjytly


sözleri-de gulagyna gelip durandyr? - diýip, başga biri onuňsözüniň üstüni ýetirdi.— Ýok, ol juda beýle-de däldir - diýip, üçünji biri aragoşuldy. - Siz Gadam aganyň häsiýetini bileňzok. Bu-ha birýönekeý gala gürrüňçiligi, ol bir ýurt maslahatynda, Ahalyňähli aksakgallarynyň üýşen ýerinde, mundan hem beteriniedipdir. Şu günki ýaly bir aksakgal nädogry gürrüň aýdanda,“Eger şeýle boljak bolsa, onda biziň bu maslahatdaýoklugymyz” diýipdir-de, Gadam aga köne donuny silkip turupgidiberipdir. Maslahatam şonuň bilen gutarypdyr. Munuň şolköne donuny silkdigi, onsoň tüýs gazabyna tutany şol.Ýene kimdir biri gülüp şeýle diýdi:— Ýene şu mahal ýanyna baryp, “Gadam aga, ýaňygaharyň gaty geläýdi öýdýän?” diýseň, ol hökman: “Biçem dälşol, gelse-de gelendir” diýip jogap berer.Gadam aksakgalyň sadalygy, gönümel-dogruçyllygy,sypaýyçylyksyzlygy ýigitlere bir meýdan gürrüň boldy.Derwezeban burçuň üstünde dim-dik bolup, dumly-duşysynlap durka, onuň nazary alys-daşda, günbatar-demirgazykdaýer bilen gögüň sepgidinde görünýän gara nokadyň üstündesaklandy. Ol hetden aşa geň galmak bilen, şol gara nokadygözümden ýitiräýmäýin diýýän ýaly, nazaryny başga tarapasowmaýardy. Az salymdan soň ol:


— Çapar! - diýip, birden gygyryp goýberdi. Bu söz onuňagzyndan atanlykda sypan söze meňzeýärdi. Emma ol gatyçasly çykypdy. Diňe galanyň agzyna ýakyn ýerde üýşüp oturanmäreke däl, hatda galanyň bu başyndan o başyna çenliderwezebanyň bu sözüni eşitmän galan adam ýok bolsa gerek.“Çapar!” sözi birnäçe mertebe gaýtalandy. Oturan märekegürre örüp, aýak üstüne galdy. Galanyň daş agzynda halkagurap duran çagalar urduryp gala girdiler. Käkiligiňjüýjeleriniň bosup, çöpe-çöre, daga-daşa siňişi ýaly, dargap,öýleriň arasyna siňip gitdiler.Ýigitler ýerli-ýerden gala ganatyna, burça dyrmaşypçykdylar. Hemme gözler derwezebanyň gözlerini diken ýerinebaka dikildi. Ol gara nokadyň bir atly boldugy indi mesemälimdi.Ol atly atylan ýaly bolup gelýärdi. Ýeri gyratlapýaşjak bolup duran günüň aşagynda sagrysy ýaldyrap görünýändor at aýagynda baryny edip, ýerleýläp uçýan guş ýalysüýnýärdi. Gadam aksakgalam, beýleki aksakgallaram eýýämgalanyň agzyna gelipdiler.Gadam aksakgal gelýän atly hakynda birnäçe zatlary onapçenäp,öz ýüreginden pikir öwürýän bolmaga çemeli, tiz-tizdensakgalyny sypalaýardy.— Biçem däl... Bähbit bola - diýip, ol özbaşyna hüňürdedi.


Köp garaşmaly bolmady. Derläp, gök-çür bolan dor atdazlap derwezäniň agzyna gelip saklandy. Agyr märeke onuňdaşyna aýlandy. Atdan towsup düşüp, Gadam aksakgalyňöňünde söm bolup gürrüň berip duran ýigit Nurberdidi. Olkäbir sözleri aýdanda gözlerini gyrpyjykladýardy. Daşrakdanseretseň, onuň gözüniň hiç bir kemi ýok ýaly görünýärdi.Emma ýakyndan siňe syn edeniňde, onuň gözüniň az-kemşulludygy bildirýärdi. Ol ýigit sorara zat goýman, hemmewakany gysgajyk aýdyp çykdy:— Hywa hanynyň nökerleri daňdanlar gelip döküldi.Elbetde, bir belet habar beripdir, Gadam aga. Ýogsa olar iliňgyşlaga çykanyny nireden bilýär?.. Il seňňere gabalyp ýatyr.Töwerege mergenleri atdylar. Mergenleriň oky-da, därisi-deýeterlik däl. Kakam dagynyň çaklaşyna görä, gelen ýygyn bäşmüň atly, goňrat hem hürgenç adamlary. Serdarlary hem Welikel lakamly bir adam bolara çemeli.Gadam aksakgal Nurberdiniň gürrüňini dykgat bilen diňledi.— Biçem däl... Hywa hanynyň hemişe işi şoldur. Weli kelýaly oýnatgy garakçyny tapar-da, “sen serdar, sen batyr” diýenbolup, oýnar-da, parahat oturan ili çapmaga iberer. Hywa hanyoýnatgylara “serdar”, “atalyk” lakamyny dakan bolup, ilitaladyp gün görýär. Ol şony resim edinipdir. Şol biçem däl -


diýip käýindi. Soňra Nurberdä ýüzlendi. - Oglum, sen atyňderini gaýtar, ot-iýmini ber.— Gadam aga, Aşgabat tarapyna gitmäýinmi? - diýip,Nurberdi ýene atlanmaga hyýal edýänini aňlatdy.— Ýok, ýok. Bu gapdala.DOST DOSTA MÜŇKÜRÖwezmyrat batyrda peýda bolan birnäçe adamlara janynyynanmazlyk duýgusy heniz barjak çenine baryp ýetmändi. Olhenizem öz töwereginde birnäçe sada adamlary görýärdi. Birgün onuň ýanyna Gara batyr geldi.— Batyr, “il aglak bolsa, doňuz depä çykar” diýen ýaly,dönükler dökülip, yzdaky galalarymyzy talaýarmyşlar, goşgolamlaryoljalaýarmyşlar. Sen öz atlylaryň bilen yza gitseňnähili bolarka? - diýdi. Öwezmyrat:— Maslahat, batyr.— Hawa, sen git-de, birnäçe gün bolup gaýt. Soň Weligider, men giderin. Gezekleşibereris. Ýöne şol dönükguduzlara ýesirlerimiz ýal bolmasyn.Öwezmyrat batyr öz atlylary bilen şol gije sar uçan ýalybolup göterildi.


Öwezmyrat batyryň atlysynyň nirä göçüp, nirä gonýanynyyzarlap ýören yzçylar gaty kändi. Emma bu yzçylaryň hiç birihem onuň haýsy ugra gidenini bilmän galdy. Hatda onuň özatlysynyňam köpüsi nirä barylýanyndan habarsyzdy.Öwezmyrat batyryň nirä, näme üçin gidenini diňe Gara batyrbilýärdi.Köp adamlaryň Öwezmyrat batyryň nirä gidenini bilesigelýärdi. Birnäçesi dostlukdan bilmek isleýän bolsa, birnäçeleridiňe mekirlikden bilmek isleýärdiler.Öwezmyrat batyr gidenden bir gün soň Gara batyryň ýanynaDykma serdar geldi. Ol ondan-mundan gürrüň eden kişi bolup,ahyry:— Bu günler Öwezmyrat görünmeýär-le, batyr. Oňa nämebolduka? - diýip sorady.— Bilmedim, serdar... Aý, Öwezmyrat bir “däli” adamdyr.Onuň geçenini ýel biler, gonanyny gol, kim bilýär, sämäp birtarapa uçandyr-da - diýip, Gara batyr perwaýsyzlyk hembitaraplyk bilen jogap berdi. Sebäbi Öwezmyrat batyr Dykmaserdara düýbünden ynanmaýardy. Bu ýagdaý Gara batyramälimdi. Şonuň üçin hem ol Öwezmyrat batyryň ynanmaýanadamynyň ýanynda onuň syryny açmady. Eger şol syr Garabatyryň öz syry bolan bolsa, ol muny Dykma serdardan gizläp


durmasa-da durmazdy. Sebäbi ol Öwezmyrat batyryňaýdanlaryna garaman, heniz Dykma serdara ynanýardy.— Be, gyzykly waka. - Dykma serdar pikirli gürledi. -Onuň bir özem däl, ähli atlylary bilen ýitirim bolupdyr.Gara batyr onuň bu çintgäp soraşyndan başga pikire gitdi.Emma syr bildirmedi. Özem geň galýan kişi bolup gürledi:— Hawa, şeýle öz-ä. Ýitirim bolupdyr. Bizem şoňa haýran.— Hiç hili habar-hatyr ýok, haýsy ugra gidenem belli däldiýsene? - diýip, Dykma serdar sorag ornunda aýdan sözünitassyklatjak boldy. Gara batyr birden onuň ýüzüne dikanlapgarady:— Serdar, sen ne beýle çintgäp soradyň? Onuň nirägideniniň saňa nämä geregi bar? Ýa-da atlysy bilen onuň başgabir tarapa gaçyp çykanyndan habar-zad-a eşideňok alla?Dykma serdar çadyryň agzynda aýak üstünde oturyşyna ýerdyrmalady.— Aý, ýok, belli bir eşiden zadym-a ýok. Ýöne ýanyndaköp wagtdan bäri şol orsy saklap ýörşünden ondan her haýsyçykarmyka diýýän.Dykma serdaryň häzir diňe bir zady - Öwezmyrat batyryňöz atlylary bilen häzir nirede gezýändigini bilesi gelýärdi.Sebäbi onuň general Skobelewe ibermeli zady bardy. Şony


pytraňňy gezýän atlylaryň bolýan ugurlaryndan sowa ýol bilenugratmalydy.— Meselem, sen ondan näme zatlar çykar öýdýäň? - diýip,Gara batyr gaharlandy. Özüniň at keçesinden edilen çadyrynyňagzyna çykdy. Dykma serdaram onuň yzy bilen çykdy. Ýenedeöňki äheňinde gürrüňini dowam etdi:— Ol öz atlylary bilen orslaryň tarapyna geçäýdimikädiýýän. Ondan her haýsy çykar, batyr.Gara batyr gaty gaharlandy.— Dykma serdar, sen atlylaryň nirede gezýänini biljegembolma. Sen öz işiň bilen bol. Ony sen biljegem bolsaň, bilipbilmersiň - diýdi.— Aý, ýok, aslynda ony bilmek maňa geregem däl-le...Hawa, ýöne, ine şeýle... - diýip, Dykma serdar sypaýyçylykbilen gürrüňi başga tarapa burdy.Öwezmyrat batyr ýagşy garaňky gatlyşandan soň ýola düşdi.Ýoluň hem iň çolasyny saýlady. Onuň öz atlysynyň içinde hemnirä barjaklaryny biljek bolanlary boldy. Muny biljek bolup hasdyrjaşyp ýatanlaryň biri Hal mollady.Hal molla atyna gamçy çalyp, öňden barýan Öwezmyratbatyr bilen deňleşdi. Şol wagt çöl-beýewanlarda uwlaşýanşagallaryň sesini bahana edip, ilki gürrüňini meýdanmöjeklerinden başlady. Soň gürrüňiniň arasynda maý tapyp:


— Batyr, biz haýsy ugra barýarys? - diýip sorady.Öwezmyrat batyr barýan ugurlaryny eli bilen görkezip:— Şu ugra - diýdi.— Ahyry barjak ýerimiz nire?Öwezmyrat batyr dymdy. Bir salym ümsümlik boldy. Diňeatlaryň aýaklarynyň güpürdisi eşidilýärdi. Bir salymümsümlikden soň, Hal molla ýene köne gürrüňleri agtardy.Isgender Zülkarneýnden, Göroglydan gürrüň berip başlady. OlÖwezmyrat batyry öz gürrüňine çekmek isleýär, heý bolmandaýekeje agyz söz bilen onuň öz gürrüňine goşulmagyny isleýär.Ol özüniň gyzykly gürrüňini bir dynga eltip sagynanda,Öwezmyrat batyr:— Hawa, onsoň soňy näme bolupdyr? - diýip, onuňgürrüňini diňleýänini aňlatdy.— Hawa, şeýle bolupdyr - diýip, Hal molla gürrüňini yhlasbilen aýaklady. Soň ýene Öwezmyrat batyra gaýtalap sowalberdi. - Ahyry barjak ýerimiz nire, batyr?Öwezmyrat batyrdan ýene hiç hili jogap bolmady. Ol üçünjisapar ýene şol soragyny gaýtalanda, atlylardan kimdir biri:— Molla aga, beýle ýürege düşdüň-le - diýip, nägileseslendi. - Öwezmyrat batyryň bizi gyrmaga äkitmeýändigihemmämize-de belli. Näme etjek ony bizar edip?


Şundan soň Hal molla-da dymdy. Şamlan aý gijräk dogýar.Ülker gijäniň ýarymdan agandygyny görkezýärdi. Öwezmyratbatyryň elli-altmyş ädim öň ýanynda bir zat agaryp göründi. Bubir itdi. It on-on bäş ädim ýakyn gelensoň, ýoluň bir çetinesowuldy, eýesini gören ýaly guýrugyny bulady. Öwezmyratbatyr atynyň başyny çekdi. Atlylar sagyndy. Ol it hemgarysyna galyp, has-has edip oturdy. Kimdir biri:— Janawar ýadan borly - diýdi.— Bu gowulygyň nyşany däl - diýip, Öwezmyrat batyr özbaşyna hümürdedi. Horjunyndan bir döwüm çörek çykaryp,itiň öňüne oklady. It iki aýagy bilen gapjap, öňüne oklanançöregi nebsewürlik bilen gemrip başlady.“Gum etegindäki gaçyp atalgalaryň birinde gonan bir obanydönükler dökülip talandyr. Adamlaryny ýesir edendir. Bu itiňhem şondan bärik gaçyp, gala barşydyr. It yzan-çuwanlykbaşlanan badyna gaçandyr. Dönükler bolsa ol garawsyz obanyarkaýynlyk bilen talamaga aýlanyşandyr” diýip, Öwezmyratbatyr çak etdi. “Hökman dönükleriň öňüni kesmek gerek”diýen pikir bilen, atynyň başyny ileri-gündogara öwürdi. Onuňhyýaly dönükleriň çykjak ugurlary bolan dag agyzlarynybeklemekdedi.


— Yzymdan galmaň! - diýip gygyrdy-da, ol atynyň başynygoýberdi. Şol tötänden sürşüne Damana çykdy. Ýigitlerinebuýruk berdi. - Gylyçlaryňyzyň baljagy ýazdyrylgy bolsun!Öwezmyrat batyr ilki öňünden çykan agyzda ýüz atlynygoýdy. Bu ýüz atlyny Nepese tabşyrdy. Oňa nähili hereketetmelidigini düşündirdi.— Agyzdan bir adam bärigem, aňrygam geçmesin. Görendoňzuňyzy çapyň. Pugta gizlenip, bukuda oturyň. Gündizembiriňizi bir adam görmesin. Öz adamlarymyza-da görünmäň.Eger görnäýdigiňiz habarçylar dessine dönüklere habar ýetirer.Onsoň doňuzlar gapanyň golaýyna gelmezler. Bardy-geldidönükleriň nökeri özüňizden kän bolsa, görünmän gaýrakgeçiriň-de, derrew maňa çapar iberiň. Men ýakyndaky agyzdabolaryn. Emma Gara söm eliňize düşäýse, ony öldürmän, dirigetirip, maňa tabşyryň. Bütin il-ulusyň öňunde ol haramzadadönügi bir gynap öldürişime serediň. Ahmal bolmaň, berkduruň.Öwezmyrat batyryň özi beýleki atlylary bilen aňrylygynagitdi. Ol ikinji agza ýetip, ýene bir ýüz atlyny bölüp, olaragysgajyk tabşyryklar berip gitmekçi boldy. Birden bir tarapdançala bir ses eşidildi. Az salymdan soň yzan-çuwan düşnüksizsesler gelip başlady.


Ýolda öňlerinden çykan it bularyň yzyna düşüp gaýdaneken. Ol it şol wagt bir tümmejigiň üstünde oturyp, şol sesgelýän tarapa baka üşerilip seredýärdi. Öwezmyrat batyr:— Ine, itiň aňladan nyşany gelýär - diýip seslendi. -Dönükler ýesir sürüp ýetip gelýärler. Olar hol beýiklikden aşakinip, şu peslige düşerler. Gelip şu beýige dyrmaşmankalar, bizolaryň üstüne dökülmelidiris. Dönükleri rehimsiz gyryň. Birihem diri sypmasyn. Emma ýalňyşyp, öz ýesirleriňiziçapaýmaň.Ol iki ýüz atlyny bir ýerde gizledi, ýüz elli atlyny hem birtarapda bukdy. Elli atlyny aňyrda dagyň gysby ýerinde goýdy.— Dönükleriň iki-ýeke bizden sypany bolaýsa, siz şuýerden sypdyrman çapyň - diýip tabşyrdy. - Eger ol tarapdanbaşga gelýäni bolaýsa hem bize duýduryň.Aý dogup, ýaňy ýokary galyp başlapdy. Daşdan gelýänyzan-çuwan gykylyk ýakyn geldigiçe güýçlenýärdi. Halha,agyr süri salgym atyp başlady. Geldigiçe gara köpelýärdi. Ine,öňi gelip syrta çykdy. Yzy üzülmez ulus-iliň göçi ýaly, kerwenaşak inip başlady. Üsti ýükli düýeler, ýaby, eşek, sygyrlar.Aýal, oglan-uşak süri-süri bolup, ýykanda-sürän bolşupgelýärler. Çar tarapynda atly dönükler, ýesirleri haýdapsürýärler, gamçylaýarlar. Gamçylaryň şarpyldysyallaowarralara ýaňlanyp gidýär.


Öwezmyrat batyr bir beýigiň üstünde edil doňdurylan daşýaly bolup, atynyň bagyny tutup, ýapyrylyp seredip durdy.Ýagy beýige çykanda, ony hasaba almak kyn bolmady. Ol özýanyndan dönükleriň nökeri üç ýüzden az atly däl diýipçaklady.— Haramzadalar adam ýokdugyny bilip, arkaýynlyk bilengalama-gala aýlanyp, garaw gaýtaryp bilmejek aýal, oglanuşaklary,bar maly-haly bilen oljalapdyrlar - diýip, özýanyndan hümürdedi.It janawar Öwezmyrat batyryň aýagyna dolaşyp, ýuwaşjaçyňsaýardy. Peslik meýdanyň içinde aýal, oglan-uşaklaryňaglaşýan sesleri ýaňlanýardy. Öwezmyrat batyr garşysynadikilip duran gözlerini bir ugurdan aýyrman, itiň arkasynysypalaýardy. It öwrülip, Öwezmyrat batyryň seredýän tarapynaseredýärdi. Ýene çyňsap, özüni Öwezmyrat batyryň aýagynyňaşagyna urýardy.Öwezmyrat batyr ýagynyň iň yzynyň syrta çykanyny gördide,towsup atyna mündi.— Uruň! Ýa atam-babam! - diýip gygyrdy-da, at salyp,beýikden aşak indi. Onuň yzy bilen üç ýüz syrma gylyç atgoýdy.Dönükler öň hem arkaýyndylar. Emma agza ýetdik diýip,indi hasam arkaýyn bolupdylar. Kowga yzlaryndan


garaşýardylar. Çat maňlaýlaryndan uruljagyndan düýbündenbihabardylar. Öwezmyrat batyryň “Uruň!” diýen batly sesiýaňlananda, ýesirler özleriniň hossarlarynyň ýetişenini aňdylar.Dessine mallaryň arasyna girip çugrugyşdylar. Mallar hem birýere tegelendi.Dönükler gapyllykda üstlerine çozulandan soň, howsaladüşüp, el gaýtarmag-a beýlede dursun, gaçmaga-da ugurtapmadylar. Atlar ýyldyrym ýaly dabraýardy. Öwezmyratbatyryň “Uruň! Birinem sypdyrmaň!” diýen batly sesi hemyzly-yzyna ýaňlanýardy.Dönükleriň bir bölegi dagy ugur tapman, yzyna gaçmagahyýal etdi. Emma öňi beýikdi. Olar ýyndam atlaryň öňündengutulyp bilmediler. Beýigiň ýüzünde olaryň ýabylaryuýanlaryny süýreşip ýördüler.Urşuň näçe wagta çekenini hiç kim bilenokdy. Emma söweşsabanda aý eýýäm günorta ýerine ýakynlapdy. Daň hemýagtyldy. Uruş hem kemsiz gutardy. Dönükleriň maslyklarynyýygnadylar. Ýaraly bolup galanlaryny hem çapyp öldürdiler.Töwerek-daşa gaçyp, gury otlaryň arasynda bukulanlarynaçenli tapyp, gümlediler. Soň ýesirleriň hal-ahwallaryny sorap,olara dem-dynç alar ýaly ýagdaý döretdiler. Soň bu ýesirlerimaly-haly bilen sag-aman ýerli-ýerine gowşurmak üçin,


ýanlaryna on bäş atly goşup yzyna ugratdylar. ÝöneÖwezmyrat batyr:— Biziň şu ýerde barlygymyzy agzyňyzdan gaçyraýmaň -diýip ýesirlere pugta tabşyrdy.Soňra ol her ýüz atlysyny dagyň bir agzynda bukuda goýdy.Özi hemmesiniň ortasyndaky toparda boldy.Her gije geçenden soň, her ýüz atly öten agşamy nähiligeçirendigini Öwezmyrat batyra habar berýärdi. Birinji gijeköp dönük nökerleri gyryldy. Ikinji gije dönükleriň birenteginegaçyp sypmak başartdy. Üçünji gije hiç hili dönük duşmady,dördünji gije-de şonuň ýaly geçdi. Şundan soň Öwezmyratbatyr:— Olar indi dag agyzlarynyň saklanýandygyny bildiler.Birbada olar aýagyny keser - diýip, yzyna gaýtmakçy boldy.Bu çaknyşyklarda Öwezmyrat batyryň iki adamy okdanöldi, on bäş adamyna tyg ýarasy düşdi. Emma agyr ýaralysyýokdy. Olar yzlaryna gaýdanlarynda hem gije gaýtdylar. Ýoldagelýärkäler Stepan:— Öwezmyrat batyr, dönükler ol ýesirleri näderdiler?Öldürerdilermi? - diýip sorady.— Ýok, Stepan aga, olar ýesirleri olja edinip, gul-gyrnakedip satmak üçin alyp barýardylar - diýip, Öwezmyrat batyrjogap berdi.


— Heý, beýle-de bir iş bolarmy? Heý, adam adamysatarmy? - diýip, Stepan käýindi. Ol ýol boýy hem öz başynahümürdäp, zalym adamlara käýinip barýardy.Haçan dönükler gyrlanda, olaryň serdarlarynyň kellesinialýardylar. Beýlekileriniň bolsa gulaklaryny kesýärdiler.— Ölen adamyny beýle etmek nämä gerek? - diýip, Stepanşonda hem käýinipdi. Öwezmyrat batyr:— Stepan aga, bu näçe adam öldürilenine nyşanlyk üçinalynýar - diýip düşündiripdi.Öwezmyrat batyr alan kelle hem gulaklaryny Gara batyratabşyrdy. Bolan wakalary birin-birin gürrüň berdi. Gara batyr:— Berekella, iş bitiripsiň - diýdi. - Birnäçe günden soňýene men giderin, ýa-da Weli batyr gider.Uruşda wepat bolan adamyň öldi habaryny onuňhossarlaryna habar bermek Öwezmyrat batyryň dünýäde iň kyngörýän zadydy. Şonuň üçinem Gara batyr:— Ölenleriň patasyna seniň bilen bile giderin.Hossarlaryna pata almalydygyny özüm aýdaryn - diýip,sözüniň üstüne goşdy.Birnäçe dönügiň kellesi naýza dürtülip, Gökdepe galasynyňöňünde dikildi.Öwezmyrat batyr atlylary bilen özüniň çaklan ugruna şu gündurman ugramagy ýüregine düwdi. “Ýöne gije ugramaly.


Haýsy gün näwagt ugraljagyny bir adama-da aňlatmaly däl”diýip pikir etdi. Ol hiç kime hiç zat diýmän, atlysyny galanyňkybla tarapyna geçirdi. Suwuň boýuna baryp, atyndan düşdide,bökdergini çözmäge durdy. Stepan bilen Kany batyr hemseslerini çykarman, atdan düşüp, Öwezmyrat batyryň edeninietmäge durdular. Beýleki atlylar hem bulardan görelde aldy.Öwezmyrat batyr at keçesini hem beýleki aňry-bärilerini alyp,çadyr gurunmak hyýalynda aýlanyşýardy. Stepan gelip:— Näme, batyr, çadyr gurjakmy? - diýdi.— Hawa, Stepan aga.Kany batyr gelip:— Çadyry ine, Stepan aga, ikimiz gurarys - diýdi. - Sen biraz dem al.Öwezmyrat batyr bir tümmegiň üstünde çommalyp oturdy.Stepan bilen Kany batyr çadyr dikýärdi. Garry batyr hemözüniň kerweni bilen gelip ýetişdi.Garry batyryň kerweni bir iner hem bir aýrydan ybaratdy.Garry batyr Öwezmyrat batyryň atlysynyň azyk kerweniniňkerwenbaşysydy. Onuň ýanynda ýene bir kömekçi ýigit bardy.Bu ikisi hem kerwençidi, hem kerwen sakçysydy - hemmesiözleridi. Bu iner bilen aýry hem haýsydyr bir oljadan düşenmallardy. Olaryň iki sany ullakan gazany bardy. Olaryň biriniňgulagy döwükdi, biriniň erňegi uçukdy. Ýene-de bir çaklaňrak


abat gazan bardy. Bular Aşgabatda gajarlar bilen bolansöweşde düşen oljalardy. Ýene-de bularyň on sany ullakanagaç çanagy bardy. Bularyň biri-de abat däldi. Biriniň gyrasydört ýerinden çeňklenipdir, biri üç, ýene biri iki ýerindençeňklenipdir. Bulardan başga-da birnäçe ownuk-uşak tebselerbardy. Bu gaplar ilat tarapyndan “haýyr-sogap” diýlip berlengaplardy. Ineriň hemişeki esasy ýüki hem şolardan ybaratdy.Bulardan başga aňry-bäri, keçe-kiz hem çuwal üstüneatylýardy. Käwagtlar bolsa obalar tarapyndan “hudaý ýoly”diýlip berlen çörekler hem çuwallara doldurylyp, ineredakylýardy. Ata ýaramadyk ýaralylar hem käwagt ineriň üstünemündürilýärdi. Aýrynyň üstünde bolsa hemişelik ýüki bolardy.Ol bäş sany meşikden, iki sany ullakan çelekden ybaratdy.Munuň daşyndan arta-taşa et bolsa-da, ýa-da ýek-tük “hudaýýoluna” berlen janly bolsa-da, çuwala salnyp, aýrynyňgapdalyndan dakylýardy. Garry batyryň kerweniniň bar ýükihem şulardan ybaratdy. Şonuň üçin hem il arasynda:“Öwezmyrat batyryň atlysynyň ýörite kerweni barmyş. Olargural-enjam hem azyk bilen üpjünmiş” diýip taryp edilýärdi.Garry batyr bolsa öz ýanyndan: “Wah, ýene-de on sanyçanagym bolaýsa, ähli atlymyza çanakda nahar berip biljek”diýip arzuw edýärdi. Ol atla nahar berende, hemişeki adatyboýunça, her çanaga on sany çemçelini goýberýärdi. Her tebse


aşyna-da bäş adamyny goýberýärdi. Ol boş gazanlary hemulanýardy. Horjunynda okarasy bolanlary hem şonuň üstünegoşanda, ýene atlynyň üçden bir bölegi ikinji gezege garaşmalybolýardy. Garry batyr käte:— Näme, öýüňizde bir döwük okara-datapmaýarsyňyzmy? - diýip käýinerdi.Bu gün Garry batyryň oljasy oňan bolmaga çemeli, onuňkeýpi kökdi. Ökjesi ýeňil gopýardy. Ol kerwenini haýdadypgeldi-de:— Hä, batyr, çadyr dikýärsiň-le, näme bu ýerdedüşmekçimi? - diýdi.— Hawa, kerwenbaşy - diýip, Öwezmyrat batyr jogapberdi.— Nahar-şor ýagdaýy nähili?Öwezmyrat batyr:— Nahary hökman etmeli bolar. Gije ukudan galyp ýadanýigitler çadyrlarynda ukularyny alyp turýançalar, naharamtaýýar bolaýsa kem bolmazdy, kerwenbaşy. Olar has gowydynçlaryny alardylar - diýdi.— Onuň manysy bolmaz, nahary tiz ýetişdirerin - diýip,Garry batyr kerweniniň ýüküni ýazdyrmaga ýer aňtap,töweregine garandy. Bir çeträkde ýük ýazdyryp, öz işiniň


ugrunda boldy. Garry batyr ýüklerini düşürip ýörşüneguwanyp, keýp edip:— Ýene bäş çanak talap etdik. Ine-de iki çuwal un - diýip,öz başyna gürleýärdi.Şol dag agzynda dönükleriň elinden halas edilen ýesirler“Başymyzyň sadakasy bolsun” diýip, kimsi bir jam un beripdi,kimsi bir köne çanak beripdi. Kimsi janly, öküz ýa sygyrberipdi. Garaz, her haýsy öz güýjüniň ýetdiginden özleriniýagydan gutaran goşuna sadaka beripdi. Şeýdip, dönüklerdenalnan oljanyň daşyndan bir üsti doly un ýükli arwana, başga-dabirnäçe ownuk janly, iki sany öküz, bir sygyr, ýene bäş sanyçanak Garry batyryň kerweniniň hasabyna giripdi. Çünki iltarapyndan berlen sadaka hökman atlylaryň kerweniniňhasabyna berilmelidi. Onuň üçinem Garry batyr Öwezmyratbatyryň: “Aý, Garry batyr, sen sesiňi çykarman durgun. Iliň özinäme joşup berse, şony alaýgyn” diýen sözüne-de garaman,ýeri gelende: “Aý, jemagat, bu ýigitler sizi ölümden halas etdi.Sadaka beriň. Sadakaňyzy şu ýigitlere berseňiz kabul bolar.Hiç bir zadyňyz bolmasa, bir köne çanagam berseňiz bolar”diýip, Öwezmyrat batyryň eşitmezräk ýerinde aýdýardy. Häzirol hemme zadyndan beter şu bäş çanaga begenýärdi. Birden ol:— Hä, batyr, öküzlerden soýaýynmy ýa-da ownukjanlylardan? - diýip gygyrdy.


— Öküz! - diýen jogaby alandan soň, ol kimleriňdiratlaryny tutup, özüne kömekçi çagyryp başlady.Ýigitleriň hemmesiniň kalbyna: “Bu tutumy bilenÖwezmyrat batyr bu ýerde bäş-alty gün ýatsa gerek” diýenpikir geldi. Hemmesi arkaýynlaşdy, çadyrlaryna giripýatyşdylar. Öwezmyrat batyr agyr ýaralylary öýlerineugradyşdyrdy.Öwezmyrat batyr çadyryň bir böwründe çep tirseginesöýenip, näme-de bolsa bir zat hakynda çuňňur pikire gidipdi.Stepan çadyryň beýleki böwründe onuň gara çäkmeniniňdüýnki uruşda arylan ýerlerini çatýardy. Kany batyr daşardaatlaryň töwereginde aýlaň-çaýlaň edip ýördi. Stepan öz işibilen gümra bolup oturyşyna özbaşyna gaty-gaty hüňürdäpkäýinjireýärdi:— Ölenlerinden soň adamlaryň kellelerini syha dürtüpgoýmak, bu-da bir adat. Ol zalymlaryň ýesirleri agladypsürmegi, olary satmagy - bu näme boldugy? Beýle-de birwagşylyk bolarmy? Beýle zalymlygy adaty halka öwredýänleritapyp öldürmeli. Patyşalary, hanlary ýok etmeli. Ile öwredýänşolardyr. - Birden Stepanyň gözi Öwezmyrat batyra düşdi. Oňasorag berdi. - Näme sen köp pikir edýäň?Öwezmyrat batyr çuňňur pikire giden wagtynda hemişemurtuny öz erkine goýman towlamagy, sypamagy endik


edipdi. Ol diňe agyr pikir edýän wagty murtuny yzly yzynatowlaýardy. Başga wagt murtuny sypalap hem ýörmeýärdi.Öwezmyrat batyr murtundan elini aýyrdy-da:— Stepan aga, menmi? - diýdi.— Hawa, hawa. Görýän welin, sen köp pikir edýän ýaly.— Dogry, men pikir edýärin - diýip, Öwezmyrat batyruludan demini aldy. Ol ýene-de bir zatlar diýmekçi boldy, ýönesaklandy.— Pikirlenmek gowy zat. Ýöne gowy pikir etmeli.— Dogry, gowy pikir etmeli. - Öwezmyrat batyr bir hiliynamsyz ýylgyrdy. - Eger sen gowy pikiri gözläp tapypbilmeseň näme etmeli ahyry? Men gowy pikir tapmagybaşarmaýaryn, Stepan aga. Bu adamlaryň bolşundan, bupelegiň gerdişinden meniň başym aýlanypdyr. Men ugrumyňniredigini-de bilemok. Hoň ýaly meýdana çyksaň-da, gidenugruňy gizläp çykmaly bolupdyr. Adamlar tamam şugulbolupdyr. Ine, demirgyr atly gör näme işler etdi. Men onyölümden gutardym, soň gedaýçylykdan çykardym. Özdoganym ýaly edip bir tabakda ýal ýaladym. Gör ahyry, hanabaryp nämeler şugullaýar. Sen demirgyr atly...Öwezmyrat batyr azm bilen sözüni kesdi. Ol hanyň ýanynabaryp özüni şugullan şol adam Kany batyrdyr diýip berk


ynanypdy. Kany batyr bolsa ondan bihabardy. Onuň hemişekibolup ýörşüdi.Stepan başyny galdyryp, Öwezmyrat batyryň ýüzünegarady.— Sen ýalňyşýarsyň, batyr - diýdi. - Kany batyr beýle işetmez.— Meniň bu pikirimi diňe ölüm gutaryp biler - diýip,Öwezmyrat batyr kesgin gürledi. - Öldürmeli. Diňe öldürmeli.Men diňe öldürmek bilen bu pikirimden azat bolup bilerin.Diňe öldürmek bilen. Gör, öz ynsabyny satanlary. Gör, bunurbatsyz ärleri. Özleriniň garynlary üçin bütin arnamyslaryndangeçýärler. Bu zeýilli adamlary gyryp ýok etmekbilen meniň içim sowar.Stepan oňa garşy çykdy:— Öldürmeli. Ol diýýäniň dogrudyr. Emma näwagt, kimiöldürmeli. Ine, şu zatlary pugta bilmelidir. Bu günler hiç kimiöldürmek gerek däldir.Bular bir az salym dymyşdylar. Öwezmyrat batyr birdensöze başlady:— Hawa, sen iki ýyldan köpräk wagt bäri biziň bilengezýärsiň. Asyl seniň o taýdan gaçyp çykmagyňa näme sebäpboldy?


— Hawa, men hakykaty gözlemegiň ugruna çykdym -diýip, Stepan jogap berdi.— Şeýle diýsene.— Şeýle.Stepanyň ozalky beren gürrüňlerinden şeýle manyaňlanýardy. Ol soldatlaryň arasynda baýarlara hem patyşagarşy syýasat ýöredenligi üçin öz ýurdundan gitmeli bolupdyr.Gelip, Weli batyryň toparyna duşup, şolar bilen daglardaýaşamaga başlapdyr. Munuň ýoldaşy bolsa soň gelipdir. Emmaol Stepanyň tanaýan adamsy hem däldi. Diňe şu gaçgaklykdaonuň bilen tanşypdy.Soňky wagtlarda Öwezmyrat batyrda her hili wehimlipikirler döräpdi. Emma onuň edil häzirki uly aladaly pikirinähilelik bilen Stepan agany sag-aman, öldürmän-ýitirmän, özýurduna gowuşar ýaly edip bolarka diýen pikirdi. Şu pikir onyhorlaýardy.— Meniň maslahatym dogrudyr, batyr - diýip, Stepan ýeneÖwezmyrat batyryň ýüzüne garady. - Hem seniň, hem meniňhaýrym üçindir. Ine, sen gördüň ahyry, meniň üçin nähilihorluklar çekdiň. Ýagşysy, meniň gitmegim gerek, batyr.Öwezmyrat batyr onuň gürrüňine kän üns bermeýän ýalygörnüşde göýä egninden degirmen daşy asylgy ýaly ýegşerilipotyrdy. Ol agyrlyk bilen söze başlady:


— Näme-de bolsa, maňa gaty agyr degýär. Bu ýagdaýmeniň türkmençilik namysyma degýär... Men senden gaty köpgürrüňler eşitdim. Orslar hakda ajaýyp zatlar aýdyp berdiň. Ulypatyşanyň garşysyna batyrlyk bilen baş göteren Pugaç serdarhakda, Stepan serdar hakda eden hekaýalaryň hiç wagt meniňgulagymdan gider ýaly bolmady. Men atam Däli batyrdanamköp zatlar eşidipdim. Ol pahyr ata-babalarymyzyň SoltanMahmyt Gaznawynyň, türkmenleriň özünden bolan Nedirşanyň agyr goşunlaryny weýran edendiklerini gürrüň bererdi.Seniň beren gürrüňleriň onuň hekaýalarynyň üstüni doldurdy.Sen maňa sataşanyňdan soň, men senden gaty hüşgärligi,seresaplylygy öwrendim. Elbetde, aýrylyşmak aňsat däl. Edilşu häzirki ýagdaýda dost dostdan aýra düşmek dünýäniň iň ajyölümindenem beter bolsa gerek. Muny diňe şu dostluga, şuýagdaýa akyly ýetýän adam aýdyp biler. Akyly ýetmeýänlerüçin seniň gelip-gideniň ikisi-de bir. Birnäçe günden soň senolar üçin gelip-gitmedik ýaly bolarsyň, olar muny ýatlaryndançykarar goýbererler. Emma sen hiç wagt meniň ýadymdançykmarsyň. - Stepan bir zatlar aýtmaga synandy. EmmaÖwezmyrat batyr oňa maý bermedi. - Meni bu azaplypikirlerden dyndarjak diňe bir ýol bar, o-da ölüm. Ölmeli ýaöldürmeli. Bolmasa mundan dynyp bilmen.Stepan:


— Emma... - diýip, heniz sözüne başlamanka, Hal mollasalam berip çadyra girdi. Aleýik aldylar. Saglyk-amanlyksoraşylaryna mähetdel Hal molla:— Ol nähili ölümiň gürrüňini edip otyrsyňyz, batyr - diýdi.Stepan wagtyny tapyp, gözi bilen yşarat etdi. Öwezmyrat batyronuň yşaratyny gördi. Emma Hal molla hiç zat aňmady. OnsoňÖwezmyrat batyr Hal molla gaty berk ynanýan hem bolsa,dessine gürrüňi başga tarapa burdy:— Şu Stepan aga bilen elmydama görseň biziňki jedeldir.“Şu dönükleri öldürmek besdir-dä, olaryň kellesini näme üçingetirip, naýza dürtdük” diýip hüňürdäp otyr. Maňa käýinýär.Men aýdýan, ölenden soň iş gutarýar, niräňi kesselerkesibersinler, bary bir ölüm diýýän. Dogry dälmi şu?Öwezmyrat batyryň bu sözlerini diňlän Hal molla:— Stepan aga, bu biziň ata-baba däbimiz - diýip,düşündiriş etdi. - Indiki dönükçilige çykjaklaram şol göreldänigörüp gorksun diýip edýäris. - Ol Öwezmyrat batyra ýüzlendi.- Şeýle dälmi, batyr?Hal molla ýene bir zatlar diýmäge synandy. EmmaÖwezmyrat batyr ondan öňürtdi:— Mollam, öz aýagyň bilen özüň geldiň, köp ýagşy boldy.Bolmasa men üstüňe adam iberjek bolup durdum. Şaýyňy tutup


durmagyň gerek. Häzir gitmeli bolarys. Men Gara batyragaraşýan.— Ol nähili gitmeli bolýas? - diýip, Hal molla geň galypsorady.Öwezmyrat batyr äm-sämlige salyp jogap berdi:— Nähilisi bolarmy onuň? Gara batyr garry batyrlardan,ýaşulularymyzdan biridir. Ony hormatlamaly, elbetde. Ol “dur”diýse durmaly, ol nirä ugra diýse-de ugramaly bolar.— Bu aýdýanyň dogry weli, hany, bu mal öldürilmäge,nahar häzirlenmäge başlandy. Onsoň bu ugramak nämäniňgürrüňi? - diýip, Hal molla gürrüňiň aňyrsyna ýetmeseynjalmady.— Hawa, mal ölýär, nahar bişýär - diýip, Öwezmyrat batyrHal mollanyň aýdanlaryny tassyklady. - Emma mal Öwezmyratbatyr bilen Hal molla üçin ölmeýär ahyry. Hemme atly üçinölýär. Meniň häzirki aýdýan gürrüňim bolsa diňe ikimiziňtaýýar bolmalydygymyz hakda.— Biz nirä gitmeli?— Ol ynha mälim bolar. Sen bar-da, şaýyňy tutup, taýýarbol.— Atlylar şu gün-saba bir ýere ugrajakmy?— Kim bilýär pelek işini? Atlylar häzir-ä şu ýerde.— Biz gitsek, yzymyzda bize nahar goýarlarmyka?


— Nahar goýmasalar, gazanyň, çanagyň düýbüni ýalarys. -Öwezmyrat serdar ony gyssady. - Hany sen tizräk git-de,şaýyňy tutup otur.Şundan soň Hal molla çadyrdan çalt çykyp gitdi. Stepanturup onuň yzyndan seretdi. Öwezmyrat batyra tarap öwrülip:— Gorkuly adam - diýdi.Emma Öwezmyrat batyr onuň bilen ylalaşmady:— Ýok, bu gorkuly adam däl. Gorkuly adamyny sentanamaýarsyň.— Ýok, sen ýalňyşýarsyň - diýip, Stepan ony öz pikirindendändermekçi boldy. Emma Öwezmyrat batyr öz eňegine barhabek tutdy. Gürledigiçe-de gyzdy:— Sen şugulyň kimdigini tanaňok. Ol demirgyr atly.Öwezmyrat bilen, Stepan bilen üç doganyň biri bolan bolupýören Kany batyr şuguldyr. Ine, şugul diýip şoňa diýerler. Buharamzadany özüniň süýtdeş doganlary bolan ýedi doganybirigip, bir batman jöwene almady. Çagalykdan başdan bileoýnaşyp ýören deň-duşum bolany üçin men muny aldym,hossarçylyk etdim. Emma men özümi çakjak ýylany, içýanyalan ekenim. Akmak sen, Öwezmyrat batyr, däli sen. Özüniňsüýtdeş ýedi dogany onuň ýylandygyny bilip, ondan gaçdylar.Sen bolsaň deň-duşuna hossarçylyk edýän adam bolan bolup,bir aç entäp ýören alahöwreni semretdiň. Onuň awy-zäheri


goýulandy. Ol indi zäherini saňa pürkýär... Pürker, elbetde.Ýylan ýylandyr, pürker.— Gaty ýalňyşýaň, batyr. - Stepan onuň ýüzüne dikanlapseretdi. - Dogry aýdýaň, ýylan bar. Emma ol Kany batyr däldir.— Dagy kim? - diýip, Öwezmyrat batyr sabyrsyzlyk bilengygyrdy. Stepan parahat ses bilen jogap berdi:— Ol Hal molladyr.— Bu aýdýanyň töhmet, men muňa ynanyp bilmerin -diýip, Öwezmyrat batyr garşy çykdy. - Ol molla bolsa-da, sadaadam. Ol hiç wagt hanyň ýanyna baryp, biziň ýamanlygymyzagep şugullamaz.Stepanam ýan bermedi:— Şol biziň atlylarymyzdan hanyň ýanyna baran adam şuHal molladan başga adam däldir.— Sen ýalňyşýaň.— Ýok, sen ýalňyşýaň.— Bu ýalňyşyňyz-ýalňyş däliňiz näme? Ikiňiziň açylyşypbilmeýän jedeliňiz nämäniň jedeli? - diýip, hiç zatdan bihabarKany batyr çadyra girdi. Öwezmyrat batyr ýüzüni çepe sowdy.Stepan sypaýyçylyk etdi:— Aý, ýok-la, ýöne jedeldir-dä...Kany batyr elindäki uýanydyr gamçysyny bir dulda goýdy.Ol hiç zatdan habarsyz öz başyna hüňürdedi:


— Bu sapar işimiz gaty şowly boldy diýip begendim.Atlaryň üçüsine-de ot-iým berdim welin, demirgyr otunyalanok. Golawrapmy-nämemi. Az-kem agsaýaram.Öwezmyrat batyr teýenesini atmasa ynjalmady.— Öz päliň-niýetiňdendir-dä - diýdi. - Öz päliň-niýetiňgowy bolsa, ala-böle seniň atyňa-da hiç zat bolmazdy. Ýedidoganyň seni bir batman jöwene almazlygy hem, belki, öz pälniýetiňdenbolandyr...Kany batyr bu gürrüňi hemişeki degişme gürrüňdir diýipdüşündi. Gülki arasy bilen gürledi:— Batyr, päl-niýetim erbet däldir. Ol ýedi doganym menibir batman jöwene almasa-da, meni gaty gymmat baha alanÖwezmyrat ýaly är tapyldy. Öwezmyrat ýaly arslan kimin täzedoganymy şol namart doganlarym ýalylaryň müňüsi bilençalyşman. Ine, indi bolsa biz üç dogan. Öwezmyrat batyr ýaly,Stepan ýaly doganlarym bolar-da, men nämäni gaýgy ederin.Öwezmyrat batyr ynamsyzlyk bilen:— Hawa-la, dogry-la - diýdi-de, uludan demini aldy.— Öwezmyrat! - diýip, kimdir biri daşardan gygyrdy.Kany batyr daşara boýnuny uzatdy-da, yzyna öwrülip:— Gara batyr geldi - diýdi.


— Hä! Batyr, men taýýar - diýip, Öwezmyrat batyrçadyrdan çykdy. Atyna atlandy. Bular Hal mollany hemýanlaryna alyp, üç atly bolup, gala baka ýüzlendiler.Öwezmyrat batyryň dünýäde gaty ýokuş hem agyr görýänzady ölenleriň habaryny hossarlaryna ýetirmekdi. Muny Garabatyr gaty gowy bilýärdi. Şonuň üçinem: “Dönükler bilenbolan uruşda ölen ýigitleriň patasyna özüm seniň bilen bilegiderin, hossarlaryna-da özüm habar bererin” diýip wadaberipdi. Bularyň şonuň üçin ugranlygy Kany batyr bilenStepana mälimdi.ÝARYM BATMAN JÖWENE-DE GEÇMEDIK ADAM— Hawa, pata gitdiler - diýip, uýanynyň ahmallan ýerinibejerip oturan Kany batyr öz başyna hümürdedi. - Günüň şubolsa, pata-da gitmeli bolarsyň.Stepan çäkmeniniň ýyrtylan ýerini çatyp, ýaňy tirseginesöýenip gyşarypdy. Ol Öwezmyrat batyryň Kany batyramüňkürligi dogrumyka diýip, öz ýanyndan pikir öwürýärdihem muny aňlamak üçin etjek gürrüňini ýüreginde jemleýärdi.Ol hem pikir edip oturyşyna:


— Hawa, pata gitdiler - diýip, Kany batyryň sözlerinigaýtalady. Onsoň Kany batyra sorag berdi. - Bu pata nämeboldugy? Pata nähili edilýär?— Hawa, ol ine, şeýle bolýar. Stepan aga - diýip, Kanybatyr pata barlyşyny, pata alnyşyny, pata baraňda nähilioturmalydygyny, nämeler diýmelidigini - baryny düşündirdi.Ahyram gürrüňini şeýle jemledi. - Aý, Stepan aga, bularyňhemmesi hem ölä, hem dirä hormat diýen ýaly bir zatdyr.Sebäbi adamzat üçin dünýäniň iň agyr zady ölüm bolýar. Patabarmagam şeýle agyr horlukda galan adamynyň hal-ahwalynysoran ýaly bir zat-da.— Diri diri, öli ölüdir. Adamzat öldi gutardy. Oňa nämehormat gerek. Ol guma garylandan soň seniň hormatynynäbilsin - diýip, Stepan pikirli görnüşde gürledi.— Ýok, Stepan aga, beýle däl - diýip, Kany batyr oňagarşy çykdy. - Adam ölsede, onuň ruhy ölenok ahyry. Olar heranna agşamy ruh bolup, ol dünýäden bu dünýä gelermiş.— Kim görenmiş gelenini?— Şeýle diýýärler-dä.— Ol dünýä diýilýän gabyr, ine, şu ýer - diýip, Stepanbarmagyny ýere dürtdi. - Şu gara ýerden başga o dünýä ýok. Olýere gireňsoň, seniň ruhuň hem galman, dagap gidýärsiň.Senden nam-nyşanam galmaýar.


Kany batyr elindäki işini saklap, gara çyny bilendüşündirmäge jan etdi:— Ýok, Stepan aga, beýle diýme ahyry. Ölüleriň ruhy diri.Olar ol dünýäde ýa tamyda ýanýar, ýa-da uçmada gezýär. Olarahyrsoňy gämik bolup gögermeli ahyry.Kany batyryň ýüreginden syzdyryp gürleýänini görenStepan onuň yhlasyny syndyrmak islemedi.— Dogry - diýip, onuň bilen ylalaşdy. Onsoň özüniň syralmakçy bolýan gürrüňine golaýlaşmak bilen boldy. - Buaýdýanlaryň dogry. Doganly, garyndaşly adamlar öz ölülerinegynanýarlar, patasyny alýarlar. Ikimiz ölsek, kim gynanar, kimaglar? Ikimizde hossaram ýok, zadam.— Ýog-a, Stepan aga, beýle däl - diýip, Kany batyr edipoturan işinden ünsüni sowman gürledi. - Ynha, Öwezmyratbatyr bar ahyry. Alla saklasyn, biz ölmeris welin, ýöneasylkysyny aýdýan.Stepan gürrüňi aňyrdan aýlady:— Onda sen Öwezmyrat batyryň doganlygyny ýerineýetirjegine, meýdimize-de hormat goýjagyna ynanýarsyň-da?— Gaty ynanýan, Stepan aga.— Heý, men-ä bilmedim-ow.— Ýok, ýok, Stepan aga, sen ynanaý, Öwezmyrat batyryňmert ärligini men görendirin. Ol namart adam däldir - diýip, hiç


zatdan habarsyz Kany batyr ýüreginde gat goýman gürledi.Stepan ony başga ugurlardan hem gorduryp gördi. Munda-daKany batyr Öwezmyrat batyryň mertligini, oňa bolan söýgüsinigöwnünde diger goýman, ýürekden syzdyryp gürrüň berdi.Stepan öz ýanyndan Öwezmyrat batyr Kany batyra nähakmüňkür bolýar diýip, ozaldan Kany batyr hakyndaky pikirinipugta tassyklady.Birsalym dymşanlaryndan soň:— Öwezmyrat batyr ikiňiziň araňyzda bir hili gürrüňbolýar. Jöwen diýýärsiňiz, dogan diýýärsiniz, gul diýýärsiňiz,men şu gürrüňleriňize düşünmeýän - diýip, Stepan bilmekhöwesi bilen sorady. - Bu näme boldugy?Kany batyr bejerip gutaran uýanyny çekişdirip gördi-de,ýaltalyk bilen:— Ol bolup geçen gyzyk hekaýa, Stepan aga - diýdi.— O nähili hekaýa? Eşideli bizem gyzykly bolsa.— Meniň ýaş oglan wagtymda bile oýnap gezenim,ýetginjek wagtym dost bolup tirkeşip gezenim şu Öwezmyratbatyrdy - diýip, Kany batyr uýanyny bir elinde saklapoturyşyna gürrüň berip başlady. - Meniň özümden başga ýedidoganym bar. Men iň kiçi sekizinjisidim. Men dünýäde hiç birýerde gaýgy-gam, gussa bardyr diýip oý hem etmezdim. Menon alty ýaşymy dolduryp, on ýedi ýaşyma aýak basamda, bir


etbagtlyga uçradym. Ine, diňe şundan soň men gaýgynyň,gam-gussanyň bardygyny duýdum. Biri-birinden muşakgatlydürli-dürli zulum-sütemiň bardygyny gördüm. Hanlaryň,baýlaryň pukara görkezýän jebri-jepasyny hut öz egnim bilençekdim. - Kany batyr uludan demini aldy. Bir salym gürrüňinedyngy berenden soň, ýene dowam etdi. - Hawa, ertir ir bilengala töweregindäki buljum ýerler gala garawullary tarapyndanbarlanandan soň, galamyzyň adamlary işli-işine ugraşardy. Buhemişeki adatdy. Gije gelip bukuda oturan dönükleriň ýoklugyher gün irden anyklanýardy. Diňe şondan soň adamlar galadandaşary çykardylar. Bir gün men bugdaý ýükli erkegimi idip,irden degirmene baka ugradym. Ýakyndaky degirmenlerdennobat tapman, daşrakdakylara tarap geçdim. Bir buljumdabukup, gala garawullary tarapyndan görülmän galan dönükleriňüstünden bardym. Dönükler duýdansyz çykyp, meni tutdularda,elimi arkama daňyp alyp gitdiler. Şol äkidişlerine meniGazmine eltdiler. Bu dönükler meniň kimiň ogludygyma, näçedoganymyň bardygyna çenli bilýärdiler. Elbetde barly-gurplyhem hossarly adamlaryň neslinden bolsaň, dönükler begenýär.Sebäbi onuň bahasy gymmat boljak, düşewündi kän boljak.Şonuň üçin hem käwagt bir gurply adam dönükleriň elinedüşende, özüniň tanalmaýanyny biläýse, “men pylanylaryňneberesinden” diýip, bir garyp adamyň adyny tutardy.


Meni welin dönükler tanaýardylar. Göýä ellerine nagt puldüşen dek, begenişýärdiler. Meniň bahamy ýüz tümen kesdiler.Gazminde maňa hyrydar tapylmady. “Doganyňyzyň bahasyýüz tümen” diýip, meniň doganlaryma habar iberipdirler. Menöz ýanymdan “Men sekiz doganyň biri. Baýlygymyz kän.Baham iki ýüz tümenem bolsa agalarym alar” diýip pikiredýärdim.Emma kän wagt geçdi. Hiç habar bolmady. Soň meniNeşawra getirdiler. Bahamy bolsa ýetmiş bäş tümene getirdiler.Neşawrda-da maňa hyrydar tapylmady. Doganlaryma hemhabar edipdirler, emma olardanam hiç derek bolmady.Men “entek agalaryma habar ýetýän däldir” diýip, özgöwnümi hoşlaýardym. Soň Maşada getirip, bahamy hem ellitümene çenli peseltdiler. Munda-da beýleki şäherlerde bolşyýaly boldy. Soň has ýakynrak, şu etek galalaryň birine getirip,bahamy hem ýigrimi bäş tümen kesdiler. Agalaryma habaretdiler. Olaryň habarynyň üstesine meniň özümem bir adamdanelin habar iberdim.Emma ýene maňa hyrydar tapylmady. Agalarymam hyrydarbolmady. Şondan soň agalarymdan eden umydym şarpakesildi. Mundan soň meni gul edip işletdiler. Özümemguldugymy kemsiz boýun aldym.


Tutuş bäş ýyl agyr işlerde işledim. Bäş ýyl işledenlerindensoň menden halys irdilermi-nätdilermi, ýa-da meniň her güniýýän bir döwüm çöregim menden gymmat boldumy-nämemi,maňa ýene baha kesdiler. Indi meniň baham bir batman jöwenegeldi. Naýynsap agalarym meni bir batman jöwene-dealmadylar. Ahyry “Aý, sen-ä bir yzy ýiten, hiç bir deregeýaramaýan betbagt adam ekeniň. Sen bu betbagtlygyňy bize-deýokdyrsyň, ýok bol!” diýip, meni kowup goýberdiler. Mengalama-gala, ilme-il aýlanyp, gedaý gezdim. Şeýdip, ahyryDaraýygeziň üstünden indim. Egnimdäki eşigim oda salsaňtütejek däl. Ýyrtyk-ýyrtyk. Endam-janym açylyşyp dur. Munuňüstesine-de der bilen, kir bilen eýlenipdir. Başymdaky hem şoltutulanymdaky telpegim, onuň tüýleri dökülip, gyrşy çykyp,diňe sulbasy galypdy. Elimde uzyn taýak, boýnumda ýamalyköne at torba. Oba-oba aýlanyp, gedaý gezýärin. Bir döwümçörek beräýseler torbama salýaryn. Saç-sakgalym çykyşyçykyşynaösüp, bulaşyp gidipdi. Men bu bolşum bilen bütinleýöwrenişipdim, özümden kemim ýokdy. Diňe agalarym bilenýüzbe-ýüz bolup: “Doganlyk işini bitirdiňiz, köp sag boluň”diýsem armanym ýokdy. Ömrümi şu bolşuma geçirmekçidim.Men on alty ýaşymdan öň gaýgy-gamyň, zulum-sütemiňbardygyny duýmandym, oňa ynanman gezipdim. Bu gün bolsagaýgysyz-gamsyzlygyň, adalatlylygyň, rehimdarlygyň


ardygyny duýamokdym, boljakdygyna-da ynanamokdym.Asyl men bu zatlary ýadymdanam çykarypdyryn. Sebäbi özdoganlarymyň ýanynda gadyrym bolmansoň, ilden hiç zadyaýyp eder ýaly däldi. Hawa, gedaý geze-geze, ahyry özobamyza geldim. Gapy-gapy aýlanyp, doganlarymyň öýlerineýetdim. Ynha ýedi sany ak öý gümmezekläp otyr. Sekizinji öýýok. Ine, sekizinji öý gapy-gapy aýlanyp gedaý gezip ýör.Uly agamyň gapysyndan bardym. Ýeňňem bar eken. Meniöz elinde diýen ýaly saklan ýeňňem. Ol gedaýa bir döwümçörek uzatdy. “Alla yrsgalyňyzy köp etsin” diýip, adat boýunçagedaýlaryň sanaýan sanawaçlaryny sanap, samrap gitdim.Hemme agalarymyň gapysyndan bardym. Diňe birinden özgesiöýde ýok eken. Olam gatyk bilen çörek iýip oturan eken. Olaýalyna baka gygyryp: “Bir döwüm çörek ber, ýok bolupgitsin” diýdi.Men gapy-gapy aýlanyp ýörün, galanyň çagajyklaram sürüsibilen yzyma düşüp ýörler. “Gedaý, sanap ber!” diýýärler. Mensanap berýän. Olaram yzymdan galman ýörler.Ahyry men galanyň bir çolarak burçuna baryp oturdym.Daşyma üýşen çagalaryň arasynda bir gyzjagazy agalarymyňbirine meňzetdim. Bu çenim dogry bolup çykdy. Bu gyzjagazmana käň gürrüňler berdi. Kakamyň meniň günüme zarynlapaglap, iki ýyldan soň ölenini bildim. Atamdan galan mirasy -


goýun sürimizi, düýelerimizi hem beýleki baýlyklarymyzy ýedidoganymyň, meni hasaba alman, öz aralaryndabölüşendiklerini bildim. Mälim bolşuna görä, atamdan galanmirasy menden gysganyp, doganlarym meni şu güne salanekenler.Şol agşam garaňky gatlyşanda, men bir öýe bardym. Bu öýgelim-gidimi köp, üýşmeleňi söýýän bir öýdi. Biz ýaş ýigitwagtlarymyz-da bu öýe ýygnanyşardyk. Bu öýde owadan birýaş gelnem bardy. Bu öýe özüne göwni ýetýän adamlarambarardy. Näme üçindir, meni aýaklarym şo tarapa çekdi,baraga-da gapyny açdym. Görsem, içeri adamdan doly. Özünegöwni ýetýän batyrlar törde otyr. Gurply-baýrakhasaplanýanlar olaryň bäri ýanynda otyr. Ýeňiýoluk pukaralarbolsa iç işikde otyrlar.Meniň gören wagtymdaky ýaş gelin indi hanakerde bir aýalbolupdyr. Indi onuň adyny “pylan han” diýip tutýarlar. Ol buöýde oturan agyr märekä serenjam berýär, olaryň ählisiniagzyna seretdirýär.Maňa geldiňmi-gitdiňmi diýen bolmady. Meniň girenimi hiçkimem aňşyran däl bolsa gerek diýip oýlandym. Gabsa arkamyberip oturdym-da, torbamdan gaty çörek çykaryp, gemirmägebaşladym. Ortada gazan atarylgy. Deňňene palaw bişýärdi.Törde oturan bir adam özüniň ýogyn sesi bilen


atyrçylygyndan gürleýärdi. Onuň her murty bir penjedi. Buadam meniň tanaýan adamym däldi. Şol wagt oturanbatyrlardan biri bu murtlagyň gürrüňine garşylykly bir zataýtdy. Ol murtlak: “Ýok, ýok, ol beýle däl” diýdi.Bu murtlaga garşylykly söz aýdan Öwezmyrat batyrdy. Menony gaty gowy tanaýardym. Emma ol meni tanamady. Bumärekede özümiň iň uly agamam otyrdy. Ol mirasyň sekizinjiböleginiň eýesi geler hem öýtmeýän bolara çemeli. Ol menidüýpden gümanam edenokdy.Şol wagt Öwezmyrat batyr: “Batyrçylygam adamagaýypdan berilýän zat däl. Ýigide dogan, hossar gerek. Atýaraggerek. Onsoň “batyr” diýip, onuň ady çykyberýär. Bargep şonda” diýip, gürläp oturan murtlaga ýene garşylykgörkezdi. Emma ol murtlak özüniň eňegine tutup: “Sen,Öwezmyrat batyr, gaty ýalňyşýaň. Ine, hol oturany görýäňmi?”diýip, barmagyny uzadyp meni görkezdi. Öýde oturan agyrmärekäniň gözi maňa baka öwrüldi. Görseler, ine bir gedaýgaty çörek gemrip oturýar. Hemme kişi maňa seredip gülýär.Hatda öz agamam şolaryň arasynda maňagülýärdi. Diňe Öwezmyrat batyryň gözleri meniň gözlerimedikilip galdy. Asyl ol murtlaga jogap bermegi hem ýadyndançykaryp, meniň ýüzüme aňkarylyp otyr.


Murtlak bolsa: “- Tomaşa et, ine, ol, gapy-gapy aýlanypýygnan gaty çöregini gemirýär. Agşam düşen ýerinde-de ýatyp,ukusyny alýar. Ine, şolam bir adam” diýip gaýtalady.Meniň üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Depämiňtüýi üýşdi. Birden gazaba çykyp ýerimden galanymy özümemduýmandyryn. “Şu adamlaryňam namysy, wyždany, gujurygaýratyseniňkiçe bar, aga!” diýip gygyrdym. Murtlagyňgahary beýnisine çykyp: “Näme samraýaň, gedaý!” diýdi.Ol eýýäm gylyjynyň baljagyny ýazdyrypdy. Sebäbi meniňýaly gedaý öldi, it öldi tapawudy ýokdy. Meniň ýaly gapysyryp ýören gedaýyň kellesini alyp: “Aý, bu jansyz, dönük”diýip, kellesini derwezeden asýardylar. Sebäbi olarda hossarýok. Eger seniň degenekli hossarlaryň bar bolsa, onda sennäme göwnüňe gelse et-de geziber, seniň adyň tutup bilýänadam bolmaz. Men ol murtlaga özümiň ikinji jogabymybermäge ýetişip bilmedim. Birden Öwezmyrat batyr: “Kanybeg!” diýip gygyrdy. Men: “Hawa, men bir batman jöwenegeçmedik Kany beg” diýdim.Öwezmyrat batyr ylgap gelip, meni gujaklady. Göterip töregeçirdi. Indi içerde oturan agyr mähelläniň gözi meniň agamabaka öwrüldi. Ol agyr märekäniň nazary astynda oturypbilmän, çykyp gitdi. Şol gije märeke meniň başymdan geçirenwakalarymy diňledi. Deňňene iýdik.


Ertesi Öwezmyrat batyr meni ýuwundyrdy, ardyndyrdy, täzeegin-başly etdi. Men ýaş ýetginjek wagtym Kany beg boldum,soň Kany gul boldum. Bir batman jöwene-de geçmedim. Ine,indem Öwezmyrat batyr ýaşlyk, deň-duşluk hatyrasyny saklap,atly-ýaragly etdi. Indem Kany batyr bolup ýörün.Kany batyr hekaýasyny gutardy. Stepan pugta diňläpoturdy-da:— Kany batyr, gyzykly hekaýatlary başyňdan geçiripsiň.Hany ol ýedi doganyň, olaryň soňy näme boldy? - diýip sorady.— Hiç zat bolanok, Stepan aga, olar häzirem bar - diýip,Kany batyr jogap berdi. - Şondan soň olar meniň adymytutanok, menem olaryň adyny tutamok. Gedaý galsamam,meniň olaryň gapysyndan barjak, atlaryny tutjak gümanymýok.— Olarda seniň hakyň bar ahyry. Miras dawasyny etmekgerek - diýip, Stepan geňeş berdi.— Aý, Stepan aga, dawa edip, hakly-hakyna ýeter ýaly,bizde diwan näme işleýär, zat näme işleýär. Pylan kazydiýerler, oňa barsaňam, kimiň egin-başy kütüräk, galyňrakbolsa, gürrüňsiz şonuňky mamla bolar. Biz tekeleriň kazysydiwanyine şudur. - Ol gylyjyna kakdy. - Haçan şuňadaýanaňda, diňe şonda adalaty hem dogrulygy tapmak bolar. -Öňki-soňky bar gören horluklaryny göz öňüne getiren Kany


atyr jany ýangynly gygyrdy. - Ýogsa adalaty tapmarsyň,tapmarsyň, Stepan aga.Ol bejeren uýanyny çadyryň bir duluna gaharly oklapgoýberdi. Onuň bokurdagy dolupdy-da, geplemäge maýbermeýärdi. Gözleri gazap bilen ýaldyraýardy. Stepan onuňhäzirki ýagdaýyny aňdy-da, gürrüňi başga tarapa burmakçyboldy.— Kany batyr, sen bu demirgyry başga adama münmägeberen ýeriň boldumy? - diýip sorady.Kany batyr az-kem oýlanjyrap duran ýaly etdi-de:— Ýok, Stepan aga, ýadyma düşenok - diýdi. Ýene birazajyk oýlanjyrap, sözüniň üstüne goşdy. - Bir gezek Hal molladilese-de diländir. Ýadyma ýagşy düşenok. Sen muny nämedensoradyň?— Ýok, ýok, ýöne soraýdym - diýip, Stepan syrbildirmedi. - Sebäbi sen öz demirgyryňy gaty gowy görýärsiň.Başga kişä münmäge berýänsiň öýdemok. Şonuň üçinsoraýdym.— Gowy görýän öz-ä, Stepan aga - diýip, Kany batyrdymdy. Ol häzir hem agalaryndan gören zulum-süteminiýüreginde gaýtalaýardy, özüne ýagşylyk eden Öwezmyratbatyryň adyny, ärligini taryplaýardy. Bir salym dymandan soň,ol:


— Öwezmyrat batyryň eden ýagşylygynyň aşagyndançykar ýaly bolan däldirin - diýdi. - Hal molla “Sen Öwezmyratbatyry biçak gowy görýärsin” diýýär. Öwezmyrat batyryň meniöz doganyndanam artyk görýänini men bilýän.— Belki, Hal molla dogry aýdýandyr. Belki, Öwezmyratbatyr gowy görülmäge mynasyp adam däldir - diýip, StepanKany batyry synamakçy boldy.— Ýok, ýok, Stepan aga, ol beýle däl - diýip, Kany batyrStepanyň aýdanyna garşy çykdy. - Öwezmyrat batyr hormatamynasyp adam. Ýöne men onuň eden ýagşylyklarynyňaşagynda gömülip galdym. Ýerine düşer ýaly, laýykly birýagşylyk görkezip bilmän ýörün.Stepan oturan ýerinden gozganjyrady-da, garşylyklaýynsowal berdi:— Beýle bolsa, onda oňa müňkür bolýan Hal mollanyň özierbet adam bolmaly-da?— O näme üçin? - diýip, Kany batyr geňirgendi.— O näme üçini şeýle, ýa onuň gürrüňi çyn bolmaly, ýa-daýalan bolmaly. Sözi ýalan çyksa-da, ol erbet adam bolmaly. Budogry dälmi?— Beýle däl ahyry, Stepan aga?— O näme üçin?— Hal molla-da erbet adam däl ahyry.


— Hiç kim Hal molla erbet adam diýenok. Ýöne sen özgürrüňiňe özüň düşüneňok. Öz-özüňe garşy gidýärsiň.— Nirede men garşy gidipdirin?— Öz aýdyp oturan sözüňde.— Eýsem men Hal mollany ýigrenmeli-dä onda?.. Beýlebolmaz ahyry, Stepan aga. Onsoňam ol erbet adam däl. Menonuň ýigrenijiligini göremok. Ýüregim ýigrenmese, men onyýigrenip bilmen ahyry, Stepan aga.Stepan hem kellesini gyzdyryp barmaşa, çynyrgap başlady:— Gaty gyzyk adam ekeniň, Kany batyr. Seniň pikiriňçe,nebsine buýrup bilmeýän bet häsiýetli adamlary diňe başyňa işdüşende, bahaň bir batman jöwene deňleşende, olaryň şonda-dahyrydar çykmadyk wagtlary ýigrenmeli-dä?.. Olar seni tä satypiýäýýänçäler sen olary gowy görüp ýörmeli-dä?.. Kany batyr,seniň başyňa gelen belalaram, meger, seniň şu manadüşmezligiňden gelen bolsa gerek.Bu söz Kany batyra agyr degdi, onuň ýüzi gyzardy. Ýüzünieýläk-beýläk sowdy. Stepan bolsa bir tarapyna gyşaryp, onuňhereketlerine syn etmäge başlady. Kany batyr bir salymdymyp, gyzaryp oturdy. Soňra:— Dünýä düşünmeýänem sen bolduň, akmagam senbolduň, Kany batyr... Sen-ä muňa ýüregiňden syzdyryp, janyňbilen gürrüň berýärsiň. Bu-da gaýta saňa şeýle diýýär - diýip,


öz-özüne käýinjiräp, öýkeli görnüşde çadyrdan çykdy. - Iňgowy adam diýjegimizem Stepan aga-da, ine, munuňamaýdýan sözüni eşidýärsiňizmi? - diýip, çadyryň daş agzynda,hamala ýanynda üýşüp duran adamlara gürrüň berýän ýalybolup, öz başyna hüňürdedi.— Kany batyr! Kany batyr! Men saňa degşip aýtdym, senbolsaň ony çyn hasap etdiň. Hany bärik gel! - diýip, Stepançadyryň içinde gyşaryp ýatan ýerinden hoşamaý ýylgyrypgygyrdy. Emma onuň sesi Kany batyryň gulagyna ýetmedi. Oleýýäm gidipdi.Stepan çadyrdan çykanda, hol beýlede atlaryň ýanyndaaýlanyp ýören Kany batyry gördi. Ol atlaryň töwereginde birzatlara dyrmanan bolýardy hem ýeke özi öz başyna nämedir birzatlary hümürdeýärdi.Stepan çep elini bykynyna urup durşuna, esli wagtlap Kanybatyryň hereketine syn etdi. Soňra öz-özüne:— Kany batyryň göwnüne degdim öýdýän - diýip, çadyragirdi.Öwezmyrat batyr giden ýerinden aýlanyp geldi. Gara batyröz atlylarynyň düşlän ýerine baka sowlupdyr. Hal molla-daÖwezmyrat bilen tirkeşip geldi. Öwezmyrat batyr atyndandüşen dessine Kany batyra bir zat bolanyny aňlady. Emmaonuň aňyrsyna ýetjek bolup durmady. Kany batyr onuň atyny


tutup, daňdy. Onuň ot-iýmine seretmek bilen boldy.Öwezmyrat batyr çadyryň işigine gelende, Stepan hemçadyrdan çykdy.— Batyr, sag-aman geldiňmi? - diýip, ony garşylady. Olýene-de bir zat diýmekçidi, emma atyndan düşüp, atynyňbaşyny tutaklap, çadyryň gapdalynda duran Hal molla gözidüşende, başda diýmäge taýýarlan sözüni aýtmakdan saklandy.— Hawa, geldik, Stepan aga.Onýança Hal molla hem:— Sag-aman oturanmysyňyz, Stepan aga - diýip, alçaklyketdi. Soňra ol Stepanyň jogabyna-da garaşman, Öwezmyratbatyra sowal berdi. - Batyr, tutumyň tutulyşyna görä, biz bugün-ara şu ýerde bolmaly ýaly görünýär. Birnäçe gün bu ýerdebolsak gerek, şeýle dälmi? - Ýene Öwezmyrat batyr jogapbermäge ýetişmänkä, öz sowalyny sülä getirmäge gyssandy. -Men ony bir zatdan soraýan. Hawa, bu gün-ara bu ýerdebolunjak bolsa, men geýimlerimi ýamadyp, ýuwduryp zatetjek, şondan soraýdym.Öwezmyrat batyr parahat jogap berdi:— Hawa, şu gün ara şu ýerde bolmagy hyýal edýäris.Ýöne bildirmez, bu goşunçylykdyr, agşamlaryna, başgalarýaly, öz goşuňyzda tapylsaňyz gowy bolar. Kim bilýär, Gara


atyr ýaly birden “Pylan ýere bakan atlanyň!” diýse,atlanybermeli bolar. Dogry dälmi, Stepan aga?— Dogry, dogry - diýip, Stepan onuň sözlerini tassyklady.— Gara batyram şu gün ara bizi hiç ýere iberip durmaz-la.Bu gün-erte biz bu taýda bolarys, işalla, men bu gün şäherebaryp, gijräkden soň köwlenerin-dä - diýip, Hal molla atynaatlandy-da, sürüp gitdi. Stepan onuň yzyndan seredip durşuna:— Bu Hal mollanyň dünýä geljegini şeýtan öňünden bilenbolsady, onda şeýtan bu dünýä gelmekden el çekip, ol dünýädetamynyň içinde galmaga hudaýa dilinden hat bererdi... Walla,Öwezmyrat, sen şu adamy tanaňok. Şu adam tüýs şeýtanadamdyr - diýdi.Öwezmyrat murtuny sypalap az salym dymdy.— Men bu adamy öz doganym ýaly görýärdim. Özümiňher hili gizlin syrlarymy hem mundan ýaşyrmaýardym. Soňkywagtlar diňe seniň sözleriň bilen men mundan syr gizlemägebaşladym. Emma henizem bu adamdan gören ýamanlygymyzýok, Stepan aga. Özem ak ýürek bilen hudaýa gulluk edýenmolla. Onsoň janyňy muňa ynanman, kime ynanjak?— Men saňa gürrüňler berdim. Stepan batyry, Pugaç batyryöldürenler hem hudaýa gulluk edýän molla-işanlardy - diýip,Stepan öz sözünde durdy.— Olar Isa pygamberiň işany, bu Muhammediň mollasy.


— Tapawudy näme? Bular öz nebisleriniň ugrunda her işederler. Başarsalar, bular şeýtanyňam jübüsini keserler.— Bolsa-da, näme etselerem, eden wagtlary göräýmelibolar.— “Göräýeris, göräýeris”... - diýip, Stepan käýinjiredi. -Haçan şeýtan seniň eliňden tutup, tamynyň derwezesindensalandan soň, sen nämäni görüp bilersiň? Hiç zadam görüpbilmersiň.Stepanyň ýürekden syzdyryp aýdan sözlerine Öwezmyratbatyr hemişeki perwaýsyzlygy bilen jogap berdi:— Stepan aga, olar şeýle şeýtan bolsalar, biz şeýtanyňhalypasy bolaýarys. Şeýtanlary suwa eltip, suwsuz gaýtararys.— Biziňki aýtmakdyr. Başga işimiz bolmaz. Hiç-hiç başgaişimiz bolmaz - diýip, Stepan öýkeli görnüşde o ýan-bu ýangezmeläp ýörşüne aýtdy.Kany batyr bolsa öz başyna hüňürdäp, atlaryň arasyndaaýlanyp ýördi.Öwezmyrat batyr çadyryň kölege tarapyna geçip gyşardy.Ol bu hüňürdileri göýä duýmaýan ýaly bolup ýatyrdy. Günortadan agdy. Kerwenbaşy Garry batyryň “Nahara geliň!” diýipgygyran sesi ýaňlanyp gitdi. Her kim nahara ugrady. Çanaklyçanagyny alyp barýar, çanaksyzlaryň özi barýar. Ýerli-ýerden


tüsse çykýan ýere baka hereket başlandy. Az salymdan soňbölek-bölek tegelenişip, nahar iýmäge başlandy.Öwezmyrat batyr dikelip seretse, bir tarapynda Kany batyrotyr ýüzüni sallap, bir tarapynda Stepan otyr ýüzüni sallap.Hemişe nahary Kany batyr getiräýýärdi. Bu gün ol oturanýerindenem sarsanok. Öwezmyrat batyr sesini çykarman turdy.Çanakalypgidip, nahar alyp geldi. Çanagy ortada goýdy-da:— Hany, geliň! - diýdi. - Mende hakyňyz köýen ýalybolşup oturyşyňyz nähili?.. Hany, geliň! - diýip, ol ikinji saparindeg edenden soň, Stepan çanagyň başyna geçdi. Soň Kanybatyr geçdi. Bularyň üçüsi bir çanagyň daşyna aýlanyp, biribirleribilen gepleşmän nahar iýýärdiler. Naharyň ahyrragyndaÖwezmyrat batyr Kany batyra lak atdy. - Kany batyr, şu özbaşyňa ýaňrap ýörşüňe sen-ä dälirediňmikäňem diýip gorkýan.Kany beg bolup, Kany gul bolup, Kany batyr bolup, indemKany däli adynam göteräýseň-ä, onsoň ýetjek derejäňe ýetýäň.Kany batyr sesini çykarman, naharyny iýip bolup turdy-da:— Ýaşaýan ýeriň şu dünýä bolsa, adam dälirejegem, herhaýsam boljak. Däliremän, gözüňem çykar - diýip, hüňürdedi.— Pa-haý, munuň aýdýan gürrüňine seret-le. Bu dünýädeýaşaman, dagy haýsy dünýäde ýaşajak? - diýip, Öwezmyratbatyr güldi.


Emma Kany batyr jogap bermedi. Öz işi bilen güýmendi.Öwezmyrat batyr özüniň şu günki etjek işleri hakynda Stepanagürrüň bermäge başlady. Emma Stepan gaty susluk bilen diňsalýardy. Ol hemişekisi ýaly hiç bir söz goşmaýardy, diňediňleýärdi. Öwezmyrat batyr ony aňsa-da, aňmaýan ýaly, özgürrüňini dowam edýärdi. Ol gürrüňiniň ahyrynda:— Ine, şeýle, Stepan aga, meniň etjek işlerim - diýdi.Stepan tirsegine söýenip diňläp ýatan ýerinden:— Gaty dogry, şeýtmeli - diýdi. Öwezmyrat:— Onuň ýaly bolsa, tä men turuzýançam, ýat-da, ukyňy al- diýdi.Stepan Öwezmyrat batyryň beren bu maslahatyndanrazylygyny sesini çykarman aňlatdy. Emma ol entekýatanokdy. Näme-de bolsa bir zat diýmekçi bolup, böwrünidiňleýärdi. Öwezmyrat batyr bilindäki temmäki haltany alyp,çilimiň başyna temmäki saldy. Çakmak daşydyr gowyny çepeli bilen tutdy-da, sag elindäki kiçijik polat bölegini eserdeňlikbilen daşa çakmaga başlady. Kiçijik tütünjik burlup çykdy.Aşgarlanan köne letde esginiň ysy çadyryň içine aýlandy.Öwezmyrat batyr çilimiň başyna otly esgini goýup, lokurdadypsormaga başlady. Stepan Öwezmyrat batyryň hereketinedykgat bilen syn edip oturdy-da, ol çilimini sorup bolan wagty:


— Batyr, indi men haçan ugramaly bolarkam? - diýipsorady.Öwezmyrat batyr çilimini ýerde goýdy. Stepanyň ýüzünedikanlap seretdi. Hiç zat aýtmady-da, ýene gaýtalap çiliminisordy. Ep-esli salym dymandan soň, çilimini ýerde goýupornaşdyrdy.— Näme, Stepan aga, ýüregiň gaty gysýarmy? - diýdi.— Ýok-la, ýüregim gysybam duranok-la. - Stepangümürtik jogap berdi. - Ýöne, garaz, göwnüme geldi-de,soraýdym. Gitmegiň nähili alajy bolar?— Stepan aga, gitmegiň alajy bolar. Emma ol aňsat iş däl.Men seniň gitmek niýetiň hakynda Kany batyra-da duýdurypbilemok. Sen özüň gowy bilýäň, men öz janymy töwerekdaşymdakyadamlaryň birine-de ynanyp bilemok.— Ol belli - diýip, Stepan Öwezmyrat batyr çala sagynanbadyna onuň sözüni tassyklady.— Belli bolsa, Stepan aga, meniň çagyran adamymagaraşmaly. Men seni äkitmegi diňe şol adama ynanaryn. Seniňnirä, näme üçin gideniňem özümden başga hemme kişidengizlin saklamaly bolaryn.— Kany batyr bilse-de zyýany bolmaz, men onuň bilenhoşlaşmaly bolaryn ahyry - diýip, Stepan onuň sözüni böldi.


— Ýok, ýok, Kany batyram bilmez, ýene bir batyrambilmez. Seniň gideniňi bir men bilmeli, birem seni alyp gidenadam. Bu meniň işim, Stepan aga. Muňa sen razy bolmalybolarsyň. Razy bolmasaň, elbetde, menden geçmeli bolarsyň -diýip, Öwezmyrat batyr gaty tutanýerlilik bilen aýtdy, Stepanbir salym dymyp oturandan soň, onuň bilen ylalaşdy:— Bolýar, men seniň aýdanyňy bozman. Aýdyşyň ýaly,Kany batyra-da duýdurman.Öz başyna hüňürdäp, atlary arkalap, iýmläp, suwlapbolandan soň Kany batyr geldi. Ol çadyra girdi-de, dymypoturdy. Öwezmyrat batyr oňa:— Kany batyr, bu hüňürdäp ýörmäňi goý-da, bir salymýatyp ukyňy al. Bilip bolmaz, birden ugramaly bolaýsak, soňýolda atyň üstünde uklap masgara bolup ýörme - diýdi.— Ýene nirä ugramaly? - diýip, Kany batyr gaharlysorady.— Hemişe ugralanda nirä ugralýardy? Heniz ugraljagymälim däl. Men ýöne asylkyny aýdýan - diýip, Öwezmyratbatyr jogap berdi.Stepan bilen Kany batyr gyşaryp ýatdylar. Öwezmyrat batyrhem gyşardy. Ol bir salym uklandan soň oýandy. Görse, günýaňy ýaşypdyr. Ol ýoldaşlaryny oýarman, ýeke özi çykyp,hemme çadyrlary diýen ýaly barlady. Iki-ýekesi bolaýmasa,


adamlaryň hemmesiniň öz çadyrlaryndadygyny bildi. Gaýdypöz çadyryna bardy. Tirsegine söýenip çilim çekdi. Ol gije ýassybolandyr çak edip, çadyryndan çykdy. Şol wagt bir adamyňçadyryň gapdalynda söm gara bolup duranyny gördi.Öwezmyrat batyr hemişeki arkaýynlygy bilen bu adamaýakynlady-da:— Nepes! - diýip, seslendi.— Hüm - diýip, ol gara ysgynsyzja sesi bilen jogap berdi.— Näme şähere gitmekçimidiň?Nepes bir salymdan ýene öňküsi ýaly ysgynsyz seslendi:— Ýok-la, ýöne...— Sen ýagşy geldiň. Bar, çadyrma-çadyr aýlan-da,ýuwaşlyk bilen hemmeleri turzup çyk. Gyssagly ugramagataýýar bolsunlar - diýip, Nepesiň gijäniň bir wagty sessizüýnsüzgelmesinden hiç zat göwnüne getirmedik Öwezmyratbatyr öňki ynanjy bilen oňa ýumuş buýurdy. Özi çadyra girip,henizem ukuda ýatan Stepan bilen Kany batyry turuzdy.Çadyrlar, şark-şurk ýygnalmaga başlandy. Uzak wagtaçekmän, atlylar ugramaga taýýar boldular. Öwezmyrat batyrkimedir birine ýuwaşlyk bilen bir zatlar tabşyryşdyrýardy.Garry batyr hem şatyr-şutur kerweniniň ýüküni tutdy.Atlylar hiç kime bildirmän ugradylar. Kerwen hem onuňyzyna düşdi.


Atlylaryň arasynda diňe Hal molla ýokdy. Atlylar ugranwagtynda Hal molla şäherde Seýitmyrat begleriň öýündeotyrdy. Seýitmyrat beg, Dykma serdar, Batyr hajy, Hal molla -bu dördüsi öz aralarynda gyzykly gürrüňe meşguldylar.— Diýmek onda, Öwezmyrat batyr şol düşlän ýerindebirnäçe günläp bolmakçy-da? - diýip, Dykma serdar Hal mollaýüzlendi. - Sen munuň takyk aňyrsyna ýetdiň dälmi özi?— Hawa, ol açyk. Onuň tutumy şony görkezýär. Ýönemuny onuň özem açyk aýtdy - diýip, Hal molla jogap berdi.Dykma serdar Batyr haja tarap ýüzlendi:— Onda sen şu günden gije galman ýola çyk.— Men-ä ozalam Öwezmyrat batyrdan gorkup duramok.Ýöne özüňiz saklaýaňyz-da - diýip, Batyr hajy igençli gürledi.— Ýok, Batyr, beýle däl. Her zat-da bolsa, ätiýajy goldanbermeli däl - diýip, Seýitmyrat beg oňa garşy çykdy.Bu gürrüňlerden soň, olar Batyr hajyny bir ugra gyssaglyugratmak üçin ýerlerinden turdular.HER KIM NEBSINIŇ UGRUNDAÜlker ýokary galyp, il ýatar çeni bolandygyny görkezýärdi.Ösýän salkyn şemal ýaldyragyň eýýäm dogup, güýz paslynyňgireninden habar berýärdi.


Şäheriň gaýraky derwezesinden üç atly tirkeşip çykdy. Bularseslerini çykarman, bir meýdan atlaryny gyssap sürdüler.Şäherden ep-esli arany açyp, çepe baka aýlandylar. Buatlylaryň öňüne düşüp barýan adam atyny biýol sürýärdi,emma şonda-da atyny aýak aldygyna diýen ýaly goýberýärdi.Gitdigiçe-de çepine aýlanýardy. Aty hem eýesiniň ynamynyödemäge jan edýän ýaly, ýekeje-de büdremän gidýärdi. Onuňyzyndaky iki atly bolsa, “şol näme bolsa, bizem şeýle bolaly”diýýän ýaly, onuň yzyna düşüp gidip otyrdy. Olar şeýdip, üçtirkeşik bolup barýardylar.Bularyň öňden barýany atyny gyssamasyny goýdy-da:— Arany ep-esli açan bolsak gerek - diýip hümürdedi.— Hawa, arany gaty açdyk - diýip, onuň deňine ýeten ikinjiatly jogap berdi.Bu üç atly häzir şäheriň günbatar kybla tarapyndady.Öňbaşçy atly indi ýüzüni dogry günbatara tutup, atyny ýüzinsaldy. Bularyň arasy şäherden mazaly açyldy. Öňbaşçy atlyatynyň başyny sakga çekdi-de:— Bir çen boldy, indi pelek tutaýmasa, saňa zowal ýok.Mundan beýläk arkaýyn gidiber - diýdi. Onsoň şol ýüzlenenatlysyna näme etmelidigini, näme diýmelidigini ýaňadandanýeke-ýeke gaýtalady. “Pylan” diýseler, “pylan” diýersiň,“pylan ýerden gidersiň, pylan ýerden sowularsyň” diýip, aýtjak


sözlerini agzyna salyp berdi, ýoly jikme-jik salgy berdi. -Meniň şu aýdanlarymy ýadyňdan çykaraýmagyn. Ýoluňda iňgorkuly zat Öwezmyrat serdaryň atlylarydy. Olaram yzyňdaşäherde ýatyr. Indi seni hudaý tutaýmasa, başga tutjak ýok.Bar, alla ýaryň.— Hoş, sag boluň - diýip, ol atly öňe baka sürüp ugranda,ýaňky ýene onuň yzyndan:— Heý, aýak çek! - diýip gygyrdy. Ol atynyň başynyçekensoň bolsa pugta tabşyrdy. - Şol haty ahmal edäýmegin.— Ony edil aýdyşyň ýaly etdim, serdar aga. Özüm eledüşsemem, haty kyýamatda-da tapyp bilmezler - diýip, atly onyarkaýynlaşdyrdy.Olar ýene bir gezek hoşlaşdylar. Şondan soň bir atly ýüzünigünbatara tutup sürüp gitdi, beýleki iki atly bolsa yzyna şäherebaka dolandy. Olar öz aralarynda hümürdeşip gelýärdiler.Emma şähere ýakynlaşdyklaryça, hümürdileri peselip,düýbünden kesilip galdy. Bular şäheriň ilerki derwezesindengirmek maksady bilen, ileri burçdan dolananlarynda, ilerdengelýän bir atly bularyň ünsüni özüne çekdi. Bu iki atlynyňöňbaşçysy bilinden sapançasyny aldy-da:— Kimsiň, eý atly? - diýip seslendi. Ol atly “mendirin”diýmegiň deregine:


— Serdar aga! - diýip, bir hili gorkup dili basylan adamyňsesi bilen ysgynsyz gygyrdy.— Merez aga, zäher aga! Asyl bu senmidiň? Men asyl birçapawula ýa-da orslara hat äkidýän dönüge duşdum gerek diýipbegenipdim - diýip, serdar galanyň agzyndaky garawullareşider ýaly gaty ses bilen gygyryp aýtdy-da, yzyny gülkä berdi.Aňyrdan gelen ýeke atly Hal mollady. Ol il ýatar çenindeatlylarynyň düşen ýerine baryp görse, ne atly bar, ne çadyr.Meýdan gum-guklyk, obasy ürken haraba meňzeýärdi.Öwezmyrat batyr öz atlylary bilen bir ýana sar uçan ýalygöterilipdir. Şonda onuň ýüregi sersip, yzyna serpipdi. Ol ýeneözüni raslap bilmän, ysgynsyz ses bilen:— Men welin... - diýip sagyndy.— Ýagşy, sen-ä sen ekeniň, ýöne “weliniň” näme?-diýip,serdar allaniçigsi bolup sorady.— Serdar aga, atlylar bir tarapa göterilipdir - diýip, Halmolla öňki basyk sesi bilen aýtdy.— Kimiň atlylary göterilipdir?— Öwezmyrat batyryň atlylary.Serdaryň endamy çümşüldäp, depesiniň tüýi üýşüp gitdi.Sebäbi Dykma serdaryň iň mekir, iň gorkuly hasaplaýanyÖwezmyrat batyr hem onuň atlysydy. Ondan başga batyrlaryköwek, boş adamlar hasaplaýardy, olary aldamak aňsat diýip


äslemeýärdi. Dykma serdar Hal mollanyň aýdanlarynaynanmaýan ýaly bir äheňde, oňa sorag üstüne sorag ýagdyrypbaşlady:— Olaryň göterilenini öz gözüň bilen görüp gaýtdyňmy?Olaryň näwagt, haýsy ugra göterilenini bildiňmi?Hal molla Dykma serdardan gorkusyna sakanaklady. Sebäbiýaňy dogup gelýän aýyň ýagtysyna Dykma serdaryň elindäkisapançasy äşgär görnüp durdy. Dykma serdaryň hemmehäsiýetlerine-de Hal molla ýetik beletdi. Şonuň üçinem ol hasdaaljyrady.— Ser... Serdar aga, haý... haýsy ugra gidenlerini bibilmedim- diýip, gepini zordan düşündirdi.— “Bilmedim!” O näme üçin “bilmedim”?— Serdar aga...— Häý, merez aga. Şeýtanyň gap-çanagyny, gazanukajynyogurlan myrryh köse, sen bilmän, ony dagy kimbilmeli? - diýip, Dykma serdar Hal molla baka azm urdy. Olazm urýan mahalynda sapançaly eli dynman hereket edýärdi.Hal molla ölügsi sesi bilen, sakawlap durşuna şol birdiýenini yzyny üzmän gaýtalaýardy:— Bilmedim, serdar aga...— Bilmeýän bolsaň, näme üçin bize “atlylar ugrajak däl”diýip takyklap aýdýarsyň, melgun?


Hal molla sem bolup durmakdan gowusynyň ýokdugynadüşündi.— Haw, serdar, bu Hal molla pahyrda günä ýok. Ol şeýtanasapak beren Öwezmyrat munam aldandyr - diýip, Dykmaserdaryň ýanyndaky atly gürrüňe goşuldy. Bu atly Seýitmyratbegdi.Dykma serdar Seýitmyrat bege hiç zat hem diýmän, ýeneHal mollanyň üstüne sürnüp başlady:— Onda sen şu duran ýeriňden Batyr hajynyň yzyndanugra. Yzyndan ýetip, bärik alyp gaýt. Ýa-da Öwezmyratbatyryň atlysynyň duşundan sag-aman geçirip goýber.Eşidýäňmi meniň diýýänimi?Hal molla sesini çykarman durmak bilen, häzir gitmägeözüniň göwünsizdigini duýdurdy. Ol häzir ýeke ýolagçybolmakdan çekinýärdi. Ýene Seýitmyrat beg ara düşüp,sypaýyçylyk etdi:— Serdar, näme-de bolsa, boljak iş bolupdyr. Indimaňlaýymyzdakyny görüp, ertire çenli sabyr etmegimiz gerek.Hal mollada daň atan badyna ugrar-da...Dykma serdar ýuwaşlyk bilen, emma kesgin gürledi:— Ýok, bolmaz... Batyr hajy ele düşse, biziň nämeboljagymyzy bilýäňmi?Seýitmyrat beg çalaja baş atyp:


— Ony bilýän - diýdi.— Ony bilýän bolsaň, biziň bar syrymyzyň üsti açylýar...Eger Hal molla şu wagt ugraýmasa, men daň bilen onuň üstüneähli perraçlary iberip, bularyň oýy-oýmagy bilen öýleriniotladyp, baryny gyrdyraryn... - Dykma serdar ýene Hal mollahemle urmaga durdy. - Eý, seniň ýadyňdamy, sen bir wagtlarHanmämmet atalyk bilen Orazmämmet hanyň hatynygatnadýardyň. Bir gije hatly gelip, galanyň derwezesizýerinden aşyp girjek bolaňda, yzyňdan biri kowup, senitüpeňläpdi. Şonda sen telpegiňi galdyryp, özüň zordan galadanaşypdyň. Seniň şol hatly telpegiň mende. Düşünýärmiň?Beýlesiniň näme boljagyny özüň biliber onsoň.Dykma serdar hatly telpek diýende, Hal mollanyň depesiniňtüýi üýşüp gitdi. Onuň ýüreginde aýylganç gorky döräpbaşlady.Hal mollanyň hatly telpegini gaçyryp, gala dyrmaşyp,özüniň zordan sypany dogrudy. Emma ol telpek Dykmaserdarda bolman, başga ýerdedi. Dykma serdar ol telpegiňkimdedigini biljek bolup, ýer astyndan köp ideg edýänembolsa, henize çenli onuň kimdedigini bilmeýärdi. Häzir ol Halmollany gorkuzmak üçin telpekli gürrüňi orta atyp, haýbaturýardy.


— Näme sagynýarsyň, tiz ugra! - diýip, ol ýene Hal mollaazm urdy. - Eger Batyr haja çigit ýaly bir zat bolaýsa,tohumyňyzy boýa gazan ýaly gazaryn.— Bolýar, Serdar aga, men gideýin - diýip , Hal mollaugramak bilen boldy. Dykma serdar ony has-da gyssady:— Atyňy öldire getirip sür. Emma birden gaty gyssapöldüräýme-de, berk sürmegi başar. Eger Batyr hajynyňyzyndan ýetip, etjek emeliňi etmeseň, senem Öwezmyrat bilendili bir adam hasaplaryn... Ondan soň... Soňy özüňe belli. Bar,tizgit!Hal molla atynyň başyny goýberdi. Ol şeýle bir sürýärdiwelin, yzyndan ýagy kowýan wagtynda-da şunuň ýaly sürenýeriýokdy.Dykma serdar bir salym onuň yzyndan seredip durdy-daSeýitmyrat bege igendi:— Senem töwellaçy bolýarsyň, Seýitmyrat beg. Nä işiňbar? Bulary men tanaýan ahyry.— Hal molla erbet adam däl Serdar - diýip, Seýitmyrat begHal mollanyň arkasyny tutdy.— Erbetmi, gowumy, men onçasyny bilemok. Men diňeşuny bilýän - diýip, Dykma serdar atynyň başyny şäheriňderwezesine tarap öwürdi-de, ýuwaşlyk bilen sürüp ugrady. -Hal molla ýaly Buhara hatymkerde mollalaryň müňüsinden bir


Batyr hajyny gowy görýän. Sebäbi bu mollalaryň müňüsibirigende bir iş bitirmez. Bular diňe doga okamagybilýändirler, Batyr hajy bolsa nirä ibereniňde hem iş bitiripgelýär.Olar derwezeden girip gitdiler.Hal molla atyny saýgylap, şol gidişine gidip otyrdy. Emmabarybir hemmesi bikärdi. Ol diňe daň saz berende Batyr hajybilen duşuşdy. Edil şol wagt hem Batyr hajy ele düşdi.Ol şeýle boldy. Öwezmyrat batyr öz atlysynyň nirä barypdüşmelidigi hakynda özüniň bir ynamdar atlysyna düşündirişetdi. Berk bolmaklygy pugta sargap ýola saldy. Onuň özi bolsaýanyna Stepany, Kany batyry, Nepesi alyp, atlylaryň öňündensowa ýol bilen gitdi. Dört atly bolup sürüp, öz atlysynyň düşjekýerinden has öňe geçip, bir dagyň üstünde saklandy.Batyr hajy haýdap sürüp barýarka, birden öňünden bir süriatlynyň barýanyny gördi. Olar Öwezmyrat batyryň atlylarydy.Batyr hajy ädim ogurlap, yza galdy. Atyny kişňetmejek bolup,azar ýamanyny gördi. Ahyry ol bir maý tapan ýerinde, bu köpatla görünmän geçmegi başardy. Ol “indi maňa hiç bir zowalýokdur, öňüm boşdur” diýip berk ynandy.Emma ol şol köp atlyny görende, özüni ýitirip, az-kemaljyrapdy. Munuň üstesine-de öňki salgy berlen ýolundançykmaly bolupdy. Ol “şu ýerden sürsem, şol dagdan sag-aman


aşaýsam gerek” diýip bir ugra sürdi. Emma onuň süren ugryaňyrsy gaýa direýän bir böwse boldy. Ol bu böwseden çykmaküçin çar tarapa urundy, emma bolmady. Ol “şu ugra gitsemçykaryn” diýip, başga ugra sürýär, ýöne ýene aýlanyp-aýlanyp,öňki ýerine gelýär.Şeýdip, ol şol böwsede birnäçe mertebe terslin-oňlynaýlandy. Ol bir burun ilerräk aýlanaýsa, öňi açykdy. Ol diňedaň saz beren wagty şol ugry tapdy. Ol “indi ýola düşdüm”diýip begenip, daňyň uky humary bilen gözüni ümezledipbarýardy. Birden gapdalyndaky dagdan dört atlynyň ok ýalybolup, öz üstüne okdurylyp gelýänini gördi. Basdy atynagamçyny. Emma bikärdi. Bu dört atly gaty kowýardy. Olar:— Dur, urarys! - diýip gygyrýardylar.Hal molla Batyr hajyny diňe şol wagt gördi. Gaçýanyňkimdigini, kowýanyň kimdigini ýagşy tanandan soň, ol bularyňhiç birine-de özüni bildirmän yzyna dolandy.Bu kowýanlar Öwezmyrat batyr, Stepan, Kany batyr, Nepesdördüsidi. Nepes atlary tutup oturan wagty dagyň gündogardüýbünde bir atlynyň ters öwrülip ýörenini görüp, Öwezmyratbatyra habar berdi. Soň bu atlynyň aljyrap bolup ýörşüneolaryň dördüsi hem daň agarýança syn edip oturdylar. Ahyryhowa mazaly ýagtylandan soň ol atly ugruny düzedip, ilerkiburundan aýlandy. Şol wagt bular hem onuň üstüne at


goýdular. Ol atlyny uzak gidermän, pasyr-pusur ýüzüni ýerebasdylar. Öwezmyrat batyr atyny ýüzin salyp, onuň öňünegeçdi-de, sapançany ýazzy maňlaýynda goýup:— Senmidiň? - diýdi.— Hawa, men, batyr - diýip, Batyr hajy ysgynsyzýylgyrdy. Onýança beýlekiler hem gelip ýetişdi. Öwezmyratbatyr sapançany onuň maňlaýyndan aýyrman:— Atam Däli batyram bolsaň gaýgyrman. Gaty dogryňyaýtmasan uraryn - diýip, hemle atdy. Çünki ol ýalan sözlär,boýun gaçyrar güman edýärdi. - Nirä barýarsyň?— Aý, batyr, däliden dogry habar, patyşa goşunynyňýanyna barýan - diýip, Batyr hajy ýygryljyrap durşuna jogapberdi.— Näme işlemäge barýaň? - diýip, Öwezmyrat gaşlarynyçytdy.Batyr hajy şol bir bolşuny üýtgetmän jogap berdi:— Näme üçin barylar öýdýäň, batyr? Adam pahyr nädendebolarka diýip göwün ýüwürdip, güzeran aladasy bilen. Menemheý bir düşewünt bolmazmyka diýip barýan.— Näme alyp barýarsyň? Seni kim iberdi. - Öwezmyratbatyr durdugyça gaharlanýardy. - Gepiňi owadanlama-da,maňa şony aýt.


— Batyr, meni hiç kim ugradanok. Özüm bir azajyksowgat alyp barýan. Ol sowgat öz sowgadym.— Hany, göreli, sowgadyň näme? Tiz atdan düş - diýip,Öwezmyrat batyr buýruk berdi.Batyr hajy atdan düşdi. Beýlekilerem atdan düşdüler. Batyrhajy bökdergisini çözüp, özüniň bar goşuny görkezdi.— Bular näme? - diýip, Öwezmyrat batyr sorady.— Meniň özümem şularyň nämedigini bilemok.— Nireden tapylan goş bu goş?— Bu goş şol öldürilen derwüş babanyň goşlary,— Ol derwüşiň goşy saňa nireden düşdi?— Ony meniň özüm öldürip, goşuny talap aldym.— Ony öldüren senmidiň?— Hawa.Nepes häzir goşa seretmekden geçip, Batyr hajynyň agzynaseredýärdi.— Ony saňa Dykma buýrup öldürtdimi? - diýip,Öwezmyrat batyr sorady.— Ýok, özüm. Ony meniň özüm öldürdim. Onuň ýanyndapuly känmikä diýip güman edipdim. Emma az eken.Hemmesi dykgat bilen bu goşlara seredýärdiler.Bular nähili zatka diýip geň galýardylar. Bu odur, bu budurdiýip, Stepan olara düşündirýärdi.


— Bu näme? - diýip, Öwezmyrat batyr Stepana bir zadygörkezip sorady.— Bu apparat. Surat apparaty. Munuň bilen surat alýarlar -diýip, Stepan düşündirdi. - Ol derwüş haýsy-da bolsa birdöwletiň jansyzy bolmaly.— Munuň elini arkasynda daňyň! - diýip, Öwezmyrat batyrgaharly gygyrdy. Emma Stepan ony bu pikirinden dändermekçiboldy:— Munuň alyp barýany şu bolsa, bize peýdasy, zyýanyýok. Goý, ýoluna gitsin. Özem dogrusyny dogry aýdýar.— Ýok, dogrusyny aýdýan däldir. Muny Dykma serdariberendir - diýip, Öwezmyrat batyr gygyrdy.- Munuň ýanyndahatam bardyr. Daňyň goluny arkasynda. Tä haty özi çykarypberýänçä, men oňa azap bereýin.Öwezmyrat batyr näçe gazaba münse-de, Batyr hajy şol birbolşuny saklaýardy.— Daňsaňyz, daňyň, batyr. Şol derwüşi öldürip goşunytalan men. Mende şundan başga zat ýok - diýip, parahatgürledi.— Barlap görüň. Ýanyndan şundan başga zat çykmasa,daňmak nämä gerek -diýip, Stepan öz pikirini aýtdy. Batyr hajyhem onuň sözlerini tassyklady.— Hawa, barlap göräýiň.


Boýdan-başa munuň endamyny telpeginiň işligine çenlibarladylar. Emma hiç zat tapylmady. Stepan:— Barlamaly ýeri ädigi - diýdi.Ädigini hem çykaryp barladylar. Hiç bir üýtgeşik zatçykmady.Batyr hajyda Dykma serdaryň iberen haty bardy. EmmaBatyr hajy ol hatyndan arkaýyndy. Ol ädiginiň içinde laýyk birpetek goýupdy-da, haty hem şonuň aşagynda ýerleşdiripdi.Şonda-da ädik agzalanda onuň terzi bir az üýtgedi. Emma onyaňlan bolmady. Hiç bir delillik zat tapmandan soň, Öwezmyratbatyr:— Aý, Batyr hajy seniň ajalyň ýetmän eken. Bolýar, busapar seni goýbereli. Emma mundan beýläk ýene bir gezek:“men ors patyşasynyň wekilleriniň ýanyna barýan” diýip,meniň elime düşäýseň, hökman seni çaparyn. Eşitdim,eşitmedim diýme... Özüň bir pikir et ahyryn. Beýle işiň özişerigata-da düzüw däl ahyryn - diýip, şerigatyň nämedigine özidüşünmeýänem bolsa, Batyr hajyny şonuň ady bilengorkuzmakçy bolup, şerigaty bilýän kişi bolup nesihat berdi.Batyr hajy:— Şerigata meniň özümem gowy düşünýän-le - diýdi.Batyr hajynyň şerigata gowy düşünýändigi şundan soňÖwezmyrat batyryň ýadyna düşdi.


— Hawa, ýogsa-da, asyl seniň özüň birneme okansyňam.Gowy bilýänsiň. Bar onda, şerigaty berk tutjak bol - diýdi.Batyr hajy atlanyp, öz ugruna baka sürüp gitdi. Bu dördüsihem öz ugurlaryna, atlylarynyň düşen ýerine baka gitdi. Olartirkeşip barýarkalar, Nepes öz içinden “ol derwüşi öldürenÖwezmyrat batyr bolman, Batyr hajy eken-ow. Dykma serdarÖwezmyrat serdara töhmet edýän eken-ow” diýip, pikirlenipbarýardy. Ol birden içinden edip barýan pikirini säwlik bilendaşyna çykaranyny duýman galdy.— Batyr, ol derwüşi öldüren Batyr hajy bolup çykdy-ow -diýdi.— Hawa, Batyr hajynyň aýdyşyna görä şeýle ýaly... Senkimdir diýip güman edýärdiň? - diýip, Öwezmyrat batyrsorady.— Aý, näbileýin - diýip, Nepes gümürtik gürledi.— Meniň pikirimçe, bu işde Dykma serdaryň eli bardyr -diýip, bir salym dymandan soň, Öwezmyrat batyr gürrüňebaşlady. - Bolmasa, Batyr hajy kim, işanlaryň myhmany bolanderwüşi öldürip bilmek kim? Dogry, Batyr hajy adamöldürmez diýip, men ony aklaman. Ol pula göz gyzdyryp, herzatdan gaýtmaz. Emma bu derwüşi öldürmegi oňa Dykmatabşyrandyr. Sebäbi derwüşiň bu bor-bolmaz goşuna gözgyzdyryp, Batyr hajy ony öldürmezdi.


Öz başyna pikir edip barýan Nepes Öwezmyrat batyraýüzlendi:— Batyr, ýaňka şerigat diýdiň, zat diýdiň. Şerigatdanhabarlam bolsaň, sen bize bu wagta çenli şerigatdan gürrüňbermän ýören ekeniň-ow.— Aý, Nepes, bilme nirde, zat nirde, şu güne çenli şerigatdiýen zat meniň eşiden zadymam däl - diýip, Öwezmyrat batyrboýun aldy. - Men onuň diňe adyny eşidýän. Dony çöwreýapynyp, düýeleri ürküzilişi ýaly, menem ýöne şerigat diýip,zat diýip, ýaňkynyň ýüregine wehim saljak boldum. Bolmasa,ol deýýus hiç zatdan gaýtmaz. Pula göz gyzdyryp, adam öldir,öý ýarar, il çapar, gowulykdan başga näme diýseň eder.Düşdüňmi? Ine meniň bilşim. - Ol bir azajyk dymdy-da,sözüniň üstüni ýetirdi. - Şonuň üçinem men şerigat diýenboldum-da. Başga näme diýeýin...DOST AÝRALYGYÜznüksiz birnäçe güne çeken gaça urşuň arasyndaÖwezmyrat ýigitlere we atlara dem bermeli wagty boldy diýippikir etdi.— Ýigitler, Aýrysakgal-a howlukman, alňasaman,pyýadadan öz töweregine gala salnyp, ýuwaşlyk bilen ileri


omzaýar. Pyýada bilen gije gündiz ýakalaşyp ýörmek bizihalys irizdi. Bir dem-dynç alsak nädýär? - diýip, atlysyna geňeşsaldy. Atlylar bolsa:— Dem-dynç alarça wagt boldy, batyr-diýişdiler.Öwezmyrat batyr dagyň bir buljum, howpsuz ýerinde goşkötellerinigoýuşdyrýardy. Şol ýeri hem öz atlysy üçin dynçalynýan ýer hasaplaýardy. Ol ýerde hem hemişeki adatyboýunça Garry batyr özüniň goş-kerweni bilen bolardy. Ikiýekegaça uruşda aty ýaramazlyk tapynanlar ýa-da Hal mollaýaly birdenkä ötle tutup, içi agyrýanlar galardy.Öwezmyrat batyr özüniň birki gün dynç almagaçykýanyndan Gara batyry habardar etmek üçin bir atlynyiberdi-de, özi atlylary bilen goş-kötele baka gitdi. Atlylar barypgysby dag buljumynda düşdüler. Garry batyryň goşkerwenindejanly hereket başlandy. Bu tukatlyk basan dagjülgesi şowhun bilen ýaňlandy. Dumly-duşda çadyrlar dikildi.Eýeri aýrylyp, arkalary sypalanan, gaşalan atlar özleriniňhowpsuz ýere gelip dynç aljaklaryny aňdylarmy-nätdilermi,haýkyryşyp, kişňeşip, sesleri göge göterildi.Garry batyr bolsa eýýäm öküzmi ýa başga janlymy soýup,birnäçe günden bäri gum syrap gurap duran gazanlarynyýuwup atarypdy. Ol indi işini ýola goýupdy-da:


— Uruşlar nähili geçdi? Kim nähili batyrçylyk görkezdi?Ak patyşanyň goşuny nähili? Onuň ýörişi nähili? - diýip,general Skobelewden, onuň goşunyndan, urşuň barşyndansoraşdyrýardy.— Skobelewiň bu saparky ýörişi gaty serdarlyk bilengeçýär. Ol pyýadany öňe sürýär - diýip, kimdir biri onuňsowallaryna jogap berýärdi.Şol wagt bir boz atly üsti ýükli bugrany idip jülgä girdi.Boz atyň üstünde oturan ýigrimi bäş ýaşlar töweregindäki birýigitdi. Ol ýigit ýaňy taban murtunyň ujuny ýokary gaýtaryp,dürterip başlan sakgalynyň öňüni bejeripdir. Ol ýigit düşüpýatan atly goşunyň bir çetinden geldi-de:— Öwezmyrat batyryň çadyry haýsy? - diýip sorady.Atynyň arkasyny sypap, gaşap ýören kimdir biri:— Hol, işigi gyzyl baýdakly çadyr - diýip salgy berdi.Ol ýigit sürüp baryp, Öwezmyrat batyryň çadyrynyňagzynda düşdi. Öwezmyrat batyr oňa gözi düşenden, ýerindensyçrap turdy. Göýä ony birnäçe ýyllap ýitirip, täzeden tapanýaly begençli gygyryp garşylady.— Aman batyr - diýip, onuň adyny hem tutdy. Kany batyrbilen Stepan hem baryp, Aman batyr bilen görüşdi. Emmaýatan atly goşunyň içinde bu ýigidi tanaýan adam ýokdy. Herkim bir çak urýardy:


— Bu ýigit kimkä? Hemişeki habar getirýän çaparlardan-adäl. Öwezmyrat batyr bilen ozaldan dost bolara çemeli.— Şeýle ýaly...— Özüniň ýüz keşbi, egin-eşig-ä Etrek tarapynyňadamsyna meňzeýär.Ýöne onuň kimdigini, näme maksat bilen gelendiginiatlylaryň içinde bilýän ýokdy. Ony diňe Öwezmyrat batyr,Kany batyr, Stepan üçüsi gowy tanaýardy.Mundan bäş-alty ýyl ozal bu ýigit Mary gapdalyna argyşagiden kerwenler bilen çykypdy. Argyş edip, galla şaýlarynytutup gaýdyp gelýärkäler, ýolda bu ýigit bagtsyzlyga duçargeldi. Argyş kerweni Ahal sebitine ýetende, hanyňperraçlaryndan ygyp ýören birnäçe atly kerwene duş geldi.Çölde bir ýerde dönükleriň atly toparynyň dökülmekhowpundan gorkup gelýän argyşçylar hanyň atlylarynygörenlerinden, indi hatarly ýoldan geçdik, ile aralaşdyk diýşipbegenişdiler, arkaýynlaşdylar.Şu agyr kerweniň içinde şu ýigidiň aýagynyň aşagyndaky atperraçlaryň gözüne ýakan borly. Perraçlaryň baştutany:— Heý, oglan, atyňy sataýmarsyň-a? - diýdi.— Ýok, aga, at satlyk däl.Perraçbaşy ulumsylyk bilen gürledi:


— O näme üçin? Heý, satylmazam bir zat bolarmy? Ýerigelende, topar-topar edilip, adamam satylýar.— Agam, onyň dogry welin, bu at meniň özümiňki däl -diýip, ol ýigit düşündirdi. Şu kerweniň içinde maňa degişli ýedisany ýükli iner bilen şu at bar. Ýöne şularyň içinde diňe ýekejedüýe özümiňki. Galanlary baýyňky. Atam şonuň aty. Meniňözümem şonuň hyzmatkäri. Men bu aty satsam, baramsoň, baýaga näme jogap bererin?— Baraňsoň aty Nurberdi hanyň perraçlary han üçin alypgaldylar diýseň, baý seniň etiňi iýäýesi ýok - diýip, perraçbaşyherreldi.— Iýmese-de, iýenden gowy etmez - diýip, oglan janyndansyzdyryp gürledi. - Meniň öýümi dagadar. Onsoň men nädipbaýyň atyny goýup giderin?— Sen oglanyň-a edäýmeliň bilinýär welin... - diýşip,perraçlar hyň urşup, kerweniň töwereginde iki ýana at salypbaşladylar. Öz aralarynda nämedir bir zatlary gürleşdiler.Perraçlar kerweniň töwereginde köw urup ýörüşlerinebirden olaryň arasyndan üç-dört sany atly sogrulyp gaýtdy-da,ýaňky oglanyň üstüne eňdi. Biri gelip, onuň atyny sakaklaptutdy. Ýene biri onuň özüni atyň üstünden agdardy. Biri eliniarkasynda daňdy. Kerwenbaşynyň we beýleki argyşçylaryň


eden köp töwellalary, ýalbaryp-ýakarmaklary edil daşa ýagmyrýagan ýaly gögermedi, ýer almady.— Kerwenbaşy! - diýip, perraçbaşy ona öz niýetini mälimetdi. - Biz bu oglany, aty, bu oglanyň hut özüne degişli inerialyp galýarys. Baý aganyň alty inerini bolsa saňa tabşyrýarys.Sen olary elt-de, baý aga elin gowşur. Eger sag-aman eltiptabşyrmasaň, seret, soň özüňe ýagşy bolmaz. Onsoňam baý agaaýt, Nurberdi handan onuň haky köýmez.— Bu oglanyň yzynda gol doly çülpe çaga aç otyr. Buoglany goýberiň. Munuň yzyndaky ýetimlere rehim ediň -diýip, kerwenbaşy şunça ýalbarsa-da bolmady.Perraçlar ol ýigidi alyp gitdiler. Bu ýigit goly arkasyndadaňylgy halda perraçlaryň öňüne düşüp barýardy.— Jan agalar, men günäkär däldirin! Men bigünädirin!Meniň dadyma ýetişiň! - diýip, ýolboýy obama-oba, galamagalagygyryp barýardy.Bu ýigit perraçlardan rehimdarlyk hantama däldi. Diňe ilulusdankömek-haraý isläp gygyrýardy. Perraçlar bolsa:— Dönük tutduk - diýip, öňlerinden çykana gürrüňberýärdiler.Hanyň buýrugy boýunça dönügiň kellesi kesilmeli boldy.Emma heniz onuň kellesi kesilmänkä, edil asmandan inen ýalybolup, üç sany atly-ýaragly, gaýduwsyz adam gelip ýetişdi.


Olar hiç kime geňeşmän-zat etmän, bu ýigidiň elini çözdüler.Perraçlar eýle-beýle diýjek boldular.— Baryňy gylyçdan geçireris! - diýip, olar perraçlara-dahemle urdular.Han hem öýüniň işiginde beýle edilmegine çydaman, gazabamündi. Emma öýden çykandan soň bu adamlary görup, badyýatdy.— Bu oglan siziň tanşyňyzmydy, batyrlar? - diýip,sypaýyçylyk etdi.Bu üç atlynyň hem özüne göwni ýetýän bolmaga çemeli.Olaryň biri hanyň alkymyna baryp, pert-pert gürledi.— Han aga, bu biziň hemişeki gatnaşyp ýören tanyşýigidimiz. Sen bu azgyn perraçlaryňa pugtarak tabşyr. Beýleazgynçylyk etmesinler. Hernä myhmanymyz ölmänkäýetişäýdik. Eger myhmanymyza bir zat bolaýan bolsa, özüňedeýenil düşmezdi, han aga. Bizem il biridiris, han aga. Senemsylaýas, han aga, ýöne biz myhmanymyzy atamyzdanam ulyhasap edýäris. “Myhman ataňdan uly” diýip, ýöne ýere aýdylandäldir, han aga.Şeýdip, ol ýigit tanamaýan ýigidini tanşym, myhmanymatlandyrdy. Han bilen dözümli gürleşdi. Han perraçlarynadazarylmaga başlady. Perraçbaşy:


— Ol men pylanynyň myhmanydyryn, pylanynyňtanşydyryn diýip aýtmady ahyry. Eger aýdan bolsa, biziň onuňbilen işimiz bolmazdy - diýip, sapalak atdy.Bu üç atly bu ýigidiň ýükli inerini, atyny hem özüni alypgitdi. Naharlap, zat-edip, ýola saldy. Özleri hem oňa ýoldaşboldular. Ony kerweniň yzyndan ýetirip, ýoldaşlarynagowşuryp gaýtdylar.Aman batyry şonda ölümden gutaran üç atly Öwezmyratbatyr, Kany batyr hem olaryň ýene bir ýoldaşydy. Olar Amanbatyryň şeýle güne düşenini onuň ýoldaşlaryndan eşidipdilerhem bu bigünä ýigidi göni gelen ölümden halas etmek üçinduran-duran ýerlerinden at salypdylar. Şondan soň Aman batyrÖwezmyrat batyr bilen gatnaşyk açyp, ikisi biri-birinidoganyndan artyk görýärdi.Häzirem Aman batyr Öwezmyrat batyryň “uzak ýolaýolagçy bolmaga şaýyny tutup gelsin” diýen sargydyny eşidenbadyna, iki örküç bugranyň üstüne iki çelek hem aňry-bäriazyk daňyp gaýdypdy. Ol salgy bilen Öwezmyrat batyryňatlysynyň düşen ýerini tapypdy hem gelip onuň çadyrynyňagzynda düşüpdi.Kany batyr myhmanyň atyny hem düýesini daňyp, ot-iýmbermek bilen boldy. Öwezmyrat batyr çolalykdan peýdalanmak


isledi. Emma Aman batyr Öwezmyrat batyrdan öňürtdi. Onuňýüzüne çiňerilip seretdi-de:— Näme, batyr, seni ysytma tutdumy, näme boldy beýle,ýaman horlanypsyň-la? - diýip geňirgendi. Soňra sözüniňüstüne goşdy. - Ýa-da heniz meniň gözüm öwrenişmedimikä?— Ýok, sen ýalňyşaňok, Aman - diýip, Öwezmyrat batyronuň sözüni tassyklady. - Hakykatdanam, men bir erbet keseleduçar boldum. Emma bu keseliň dermanyny tapmak kyn.Ysytma, gyzdyrma, iç agyry diýen ýaly hudaýyň keseli maňahiç wagt kär edip bilmez welin, meni adamlaryň keseliynjydýar, Aman.Aman batyr Öwezmyrat batyryň adamlar tarapyndangysylýandygyny, tükeniksiz gaýgy-alada çekmek bilen şeýlehorlanandygyny derrew aňlady. Bir salym dymandan soň:— Öwezmyrat batyr, seniň bu keseliň dermany nämeboljak? Ony tapmak şeýle kyn düşjekmi? - diýdi. - Biziňelimizden geljek zat bolsa, her näçe kyn hem bolsa bir alajynytaparys.— Birnäçe gün mundan ozal Dykma serdar bir obanytalapdyr - diýip, Öwezmyrat batyr gürrüň bermäge başlady. -Obanyň hemme ilatyny ýesir edipdir, mal-hallaryny oljaedipdir. Aýal-erkek - uly adamlaryny horlapdyr. Kiçijikçagalaryny sürüp şähere getiripdir. Olary edil döwüljek harman


ýaly edip, bir ýere tegeläp, ähli şäher adamlarynyň gözüniňöňünde ol çagajyklaryň daşyna at aýlapdyr. “Bular duşmanakömek edýär” diýip, Dykma olara azar ýamanyny beripdir.Men şol wagt ol ýerde ýokdum. Ýöne şäherde özünimendenem artyk saýýan adamlar bar eken. Emma olaryňam hiçbiri Dykma serdara ýekeje agyz söz aýdyp bilmändir. Ine, menşo zatlara gynanýan. - Ol esli salymlap dymyp oturdy. Uludandemini aldy. - He-ýeý, şeýle bir zamana boldy. Indi men şuçadyryň içinde ýeke özümiň edýän gürrüňimi hem ogryn etmelibolupdyryn. Gitjek ugrumam hemme töwerek-daşdan ýaşyrynsaklamaly bolupdyryn. Öz janymy-da gizlin saklamalybolarmykam diýip gorkýan.— Töwerek gorkuly bolsa, elbetde, berk bolmagyň hiç birzyýany ýok - diýip, Aman batyr parahat seslendi.— Hawa, meniň seni näme üçin çagyranymam hiç kimebelli bolmaly däl. Hatda Kany batyram hiç zat aňmasyn - diýip,Öwezmyrat batyr pentledi.— Kany batyrammy? - diýip, Aman batyr geň galdy.Öwezmyrat batyr diňe:— Ynamdar adam tapmak kynalypdyr - diýip goýdy.Bu wagta çenli bu ikisiniň gürrüňine gulak salyp oturanStepan gürrüňe goşuldy.


— Kany batyr ýagşydyr. Öwezmyrat batyr ýöne mysalaýdýar. Ýöne aslynda aýdýany dogry. Her hili gürrüň gizlinbolsa ýagşydyr - diýip, sypaýyçylyk bilen myhmanyň ýanyndaKany batyry aklady.Aman batyr dem-dynjyny aldy. Nahar-şor edinenlerindensoň, Öwezmyrat batyr ony hem Stepany yzyna tirkäp, göýägezelenç edýän ýaly, baýyrlaryň üstüne dyrmaşyp gitdi. Şolýerde hem ol Aman batyra ony näme üçin çagyrandygynyjikme-jik gürrüň berdi.— Hawa, men saňa bir wagt ýagşylyk edipdim diýibemdäl, diňe seni janymy ynanjak dostum diýip çagyrtdym. Mensaňa şu adamyny ynanjak. - Ol Stepana tarap ümledi. - Şunuňjanyny meniň janymdanam beter gorap saklamaly. Men munydiňe saňa ynanýaryn. Şu adamy deňizden aňryk aşar ýaly ýeresag-aman eltmeli. Ine, Aman, men seni şunuň üçin çagyrdym.Düşündiňmi?— Men bu ýumşy gaty başararyn, batyr - diýip, Amanbatyr onuň gürrüňini diňländen soň ýaýdanman aýtdy. - Ýönediňe bu ýumşy bitirenim bilenem özümi seniň eden ýagşylygyňastyndan çykdym diýip hasaplap bilmen.— Meniň şu ýumşumy bitirip, şu adamy hem ak patyşanyňadamlaryndan, hem başgalardan ogryn deňizden geçirseň,maňa bar edip bilen ýagşylygyňy etdigiň. - Öwezmyrat batyr


umyt hem minnetdarlyk duýgusy bilen Aman batyryň ýüzünegarady, - Hany, maslahat ber. Haýsy ugurdan giden ýagşy?Men-ä Kaspiniň üstünden gitseňiz gowy bolarmyka diýýän.— Ýok, gaýradan Mangyşlaga, Aždarhana çykan ýagşy -diýip, Aman batyr onuň aýdanyna garşy çykdy. Öwezmyratbatyr öz ýaýdanjyny mälim etdi:— Ol dogry welin, her ýurtda baýlaryň nökerleri bardyr.Men şolardan çekinmän duramok.— Batyr, biz her ýerde bolsagam, hüşgärligi elden bermeris- diýip, Aman batyr ony arkaýynlaşdyrdy.Stepanyň özi hem Aman batyryň aýdanyny dogry tapdy.Bular maslahaty pugta bişirip, ertir giç öýlänler ýola düşmegimakul bildiler. Bu gije başlaryndan geçenleri sözleşipderdinişdiler. Giç ýatdylar.Ertir ugramaly wagt gelende, Stepan Kany batyr bilenhoşlaşmak üçin oňa habar gatdy. Emma Kany batyryň henizhem şol bir öýkesi ýazylmandy. Ol munuň ugrajagyndanbihabar sesini çykarmady. Öwezmyrat batyr oňa:— Näme hakyň köýen ýaly bolup otyrsyň? Ol uzak ýolaugrajak bolup dur ahyry - diýdi.Kany batyr allaniçiksi boldy.— Nirä?— Nirä bolar? Etrege.


Kany batyr ýerinden turdy-da, Stepanyň ýüzüne dikanladyhem sorag berdi:— Stepan aga, gidäýjekmi?Stepan mylaýym ýylgyryp, parahat gepledi:— Hawa. Men gitjek. Men saňa ol gürrüňi oýun edipaýdypdym. Sen menden öýkeläp ýörme. Hoş, sag bol.Ol ikisi elleşip hoşlaşdy. Öwezmyrat batyr, Aman batyr,Stepan üçüsi gapdallaşyp, öz aralarynda gürleşip barýardylar.Öwezmyrat batyr hüşgär boluň diýip, Aman batyra sargaýar.Bular şol gidişlerine dagyň başyna dyrmaşyp başladylar.Bu habary birden eşiden Kany batyr, “päh” diýlen ýaly,çadyryň agzynda aňk-taňk bolup durdy. Olaryň yzyndanseredýärdi. Birden ol hem bularyň yzyndan ylgady.Ol bärden baranda, Öwezmyrat batyr eýýäm olaryulaglaryna ataryp, hoşlaşyp durdy. Kany batyryň ýetipgelýänini gören Stepan Öwezmyrat batyryň ýüzüne dikarynlap,ýürek bilen sargady:— Batyr, sen Kany batyra müňkürlik edip, birden nähak işedäýmegin...Öwezmyrat serdar onuň bu sözlerine ýagşydan-ýamandanhiç zat diýmän, hoşlaşmagyny dowam etdi:— Hoş, sag bol, Stepan aga. Bizi unutmagyn.


— Unutman, batyr. Biz ýene görşeris - diýip, Stepan jogapberdi. Ýöne onuň bu sözleri Öwezmyrat batyra diňe göwünaldamak üçin aýdylan iki agyz söz bolup eşidildi.Näçe kynam bolsa, ahyry aýrylyşyk pursaty geldi. Amanbatyr bilen Stepan olardan arany açyp ugrady. Öwezmyratbatyr olaryň yzlaryndan seredip, ep-esli salym çiş gara bolupdurdy. Ol yzyna öwrülen ýerinde, bir ädim beýle ýanyndaKany batyryň gözünden damja-damja ýaş döküp duranynygördi. Bir gezek onuň ýüzüne seretdi-de, dolanyp seretmängitdi. Baryp çadyra girip gyşardy. Öwezmyrat batyryňýüreginiň yzasy Kany batyryňkydanam güýçlüdi. Diňe olgözüne ýaş getirmän, syr saklap durup bilýärdi.Bir haýukdan soň çadyryň ýanyna gelen Kany batyr bolsa:— Adamlaryň bu dünýäde amanatdygyny özüň gowybilýäň. Bu gün göreniň ertir ýok. Ýene sen adamyň göwnünedegýärsiň - diýip, edil başga bir adama käýeýän ýaly edip, özözünekäýinjiräp hüňürdäp ýördi. - Hanha indi gitdi.Baransoňam patyşa ony asar ýa-da Sibir eder. Sen bolsaň onuňgöwnüne degip goýberdiň. Bu näme etdigiň boldy seniň?..Öwezmyrat batyry şeýle bir agyr tukatlyk basdy, ol edilmergi keseline çäre tapyp bilmän, özüniň iň ýakyn dogangaryndaşlarynyňbaryny gara ýeriň gujagyna salan adamlarýaly gaýgy-gama batdy hem başyny basyrynyp ýatdy. Soňam


ol birnäçe günläp geplemän dymyp gezdi. Ol ýüreginde öz-özibilen dynman gürleşip ýörşüne, güň bolan ýaly, töweregindebolýan gürrüňleriň ýekejesi-de onuň gulagyna ilmeýärdi. Hatdaözüne dikartlanyp berlen sowaly hem eşitmän, “hä,nämediýdiň?.. düşünmedim...” diýip, birnäçe gezek gaýtaladýanwagtlary bolýardy.Atlylaryň arasynda: “Öwezmyrat batyr deregini dagadyp,aňkasy aşyp, aljyrap ýör öýdýän... Bu däliräp düze düşmeseýagşy” diýen gürrüňler başlandy. Garry batyr ýaly käbir takwaadamlar bolsa: “Aý, ýigitler, nähak gan ýerde ýatmaz, hakynanähakyma seretmän, bigünä adamlaryň ganyny döküp ýörseňelbetde ol seni dälireder, düze düşürer, ahyry ile gülban edipöldürer... Hanha, Stepan agada näme günä bardy, ony görnetinölüme ugratdy” diýip gürrüň edişýärdiler.Özüniň iň ýagşy dostundan aýrylanynyň gaýgy-gamynyňüstesine Öwezmyrat batyra has agyr degen bir dert Batyr hajyduşandan soň atlylarynyň arasynda dörän müňkürlik boldy.“Batyr hajy öz doganoglany bolany üçin ony öldürmän, gitjekugruna goýberipdir, başga bir adam bolan bolsa, hökmanöldürerdi” diýşip, atly ýigitler topar-topar bolup öz aralaryndagürrüň edýärdiler. Stepan näbelli bir ugra ugradylandan soň,öňki müňkürçilikli gürrüňleriň üstüne täze gürrüňler hemartdyrylyp başlandy. “Stepan aga Batyr hajyny öldürmeli


diýipmiş. Stepan bilen Öwezmyrat batyryň arasynda tersligiňdöremegine hem şol sebäp bolupmyş. Öwezmyrat batyr bir ýoltapyp, Stepany ölüme ugradypmyş. Stepan dogruçyl hem gowyadam. Ol patyşanyň zulumyndan gaçyp, pena gözläp gelen birmyzapyr... Şeýle adama kast etmeklik namysly türkmen oglunaýaraşmaz. Beýle iş diňe binamyslaryň işi bolar” diýşip, atlylaröz aralarynda gürleşýärdiler.Öwezmyrat batyr bu gürrüňlerden habarsyz şol tukatlygynagezip ýörýärdi.Stepan gidensoň soň birnäçe gün geçipdi. Öwezmyrat batyröz çadyrynyň gapysynda otyrdy. Kany batyr bolsa şol öz-özünekäýinip hüňürdemegini dowam edip, öz işi bilen güýmenipbeýle ýanynda otyrdy. Şol wagt hem atlylarynyň bir toparyýygnanyp, munuň ýanyna geldi. Öwezmyrat batyr ýüzünigaldyrsa, atlysynyň içinde bolan Garry batyr ýaly sada garrylarbir bölek ýigidiň öňüne düşüp gelipdir. Atlylarynyň galanlaryhem ygym-sagym bularyň yzyndan gelip ýygnanýar.Öwezmyrat batyr hemişeki perwaýsyzlygy bilen:— Geliň - diýdi.— Geldik, batyr.— Ýagşy geldiňiz... Näme, gelşiňiz habarlymy ýa-da küştmeýliňiz barmy? Baryňyz bir tarapa bolsaňyzam utularsyňyz -


diýip, Öwezmyrat batyr syrly ýylgyrdy. Gelenler bir salymdymyp oturanlaryndan soň, Garry batyr söze başlady:— Batyr, biziň habarymyz bar.— Näme habar? Aýdyň, eşideli.— Hawa, oglanlaryň arasynda şeýle bir myş-myş gürrüňýaýraýar. Oglanlar şonuň anygyna ýeteliň diýdiler - diýip,Garry batyr ýigitleriň adyndan gürledi.Öwezmyrat batyr bir hili geň galdy.— Be, o nähili gürrüňkä? Aýdyp oturyň.— Hawa, hamala sen öz atlylaryňa duýdurman, eden işiňiöz başyňa edýärmişiň.Garry batyr şeýle diýende, Öwezmyrat batyr onuň ýüzüneçiňerildi.— Hawa, bolup biler - diýdi. - Sebäbi hemme atly bilenmaslahatlaşylyp edilmeli işem bolar, hiç bir adama bildirilmänedilmeli işem bolar. Emma men-ä, öz bilşimçe, ýurduň ýa-daatlynyň zyýanyna işlän däl bolsam gerek.Garry batyr hem ýüregindäkini aýtmagyny dowam etdi:— Sen Batyr hajyny ýanynyň haty bilen tutupsyň. Ýöneony öldürmän goýberipsiň. Ony öz garyndaşym diýip, sylapgoýberdiňmi ýa-da başga sebäbi barmy?


Öwezmyrat batyryň birden gahary geldi, depe saçlary üýşdi.Ol gazaply nazaryny Kany batyra tarap aýlap goýberdi-de,ýene Garry batyra ýüzlendi:— Hawa, men ony goýberdim. - Aýak üstünde duran hemoturan ýigitler biri biriniň ýüzlerine seredişdiler. Öwezmyratbatyr dyngy beren sözüni dowam etdi. - Hawa, men onygoýberdim. Ýöne onuň ýanyndan hiç bir hat çykmandy... Menolary kimleriň iberenini aňýardym. Ony iberenler Dykmaserdar, Seýitmyrat beg, Hanmämmet atalykdy... Men bularybilýän welin, delilim bolmady. Men delilim bolmasa-da, onyhökman öldürjekdim. Ýöne onam edip boljak däldi. Egerşeýden bolsam, onda “öz garyndaşyny öldürmän goýberdi”diýip size habar beren şugul “Öwezmyrat delilsiz adamöldürdi, nähak gan dökdi” diýip size habar bererdi. Munuňtapawudy näme? Ýeke özüm oňa duşan bolsamdym, olgördüm-bildimsiz ýok bolardy. - Ol şu ýerde özüniň gapguýlan ýaly gözlerini ýene Kany batyra tarap aýlady. Ýigitleriňbirnäçeleri Hal molla garap goýdular. Sebäbi bu gürrüňi hasgyzyklandyrýan Hal mollady. Mundan habarsyz Öwezmyratbatyr ýüzüni aşak salyp, gürrüňini dowam etdi. - Hawa, işiňbolşy şeýle. Sizem haýsyny isleseňiz, öz göwnüňiziň söýeninidiýiň. Meniň üçin tapawudy ýok... Ýöne arman Batyr hajy


elimden diri sypdy. Ýöne olam ölmeli welin, ilki bilen onyiberýänleri öldürmek gerek. Onuň üçinem delil gerek.Bir salym ara dymyşlyk düşdi. Şondan soň Garry batyrindiki soragyna geçdi:— Ýeri, bu Stepan aga näme boldy? Olam birden ýokboldy. Biz ondanam bihabar.— Hawa, olam “ýok” boldy - diýip, Öwezmyrat batyr onuňaýdanyny tassyklady.— Nähili ýok boldy?— Ýöne gitdi... Şu gün ara ol şu taýda görnenok. Elbetde,ol şu taýda ýok. Bolsa görnerdi.— Nirä gitdi?— Etrege gitdi.— Näme işe gitdi?Öwezmyrat batyr bir salym dymandan soň kesgin gürledi:— Onuň näme işe gidenini siziň bilmegiňizem gerek däl,onuň size geregem ýok.— Bizden ogryn Etrekde onuň näme işi bolup biler? Bizony hökman biläýmeli - diýip, atlylaryň biri gygyrdy. Diliýeňillerden ýene biri gapdaldan gygyrdy:— Hemme işi diňe Öwezmyrat batyr bilip, başga adamlarbilmesiz bolsa, iş başa barmaz.


Öwezmyrat batyryň gany depesine urdy. Ol tarsa ýerindenturdy. Gazaba mündi.— Onuň näme iş bilen Etrege gidenini diňe men bilýän.Başga biriňem bilmeýärsiniz. Şony siz bilibem biljek däl.Şonda asman paýyňyzy çekýän bolsaňyz çekiň!.. Şony sizbilmeýärsiňiz. Düşnüklimi?.. Menem siziň bir tutmaserdaryňyz däl. Özüňiz ýaly bir adam. Kimi-de bolsa, ýenebirini serdar ediniň. Goý, ol meýdan etjek bolsa-da, siziň ýalyedermen ýigitlere geňeşip etsin. Emma men şu wagta çenlieden işlerimiň ýapyk ýerlerini size açyp görkezjek däl. Hany,meniň çadyrymyň töwereginden aýrylyň. Miltiňiz bolsa-da, inemeýdan!Ol şeýle diýdi-de, bir ýakaraga çykdy. Gylyjynyň baljagynyýazdyrdy.— Beýle kelpeň gürrüňi ara atmak nämä gerekdi - diýip,Garry batyr ýaňky kelesaňlyk eden ýigitleri käýemäge başlady.- Öwezmyrat batyr, elbetde, bize zyýanly bir iş etmez ahyry.— Serdaryň öz atlylaryndanam ogryn saklamaly işleri köpbolýar ahyry - diýip, ýene biri seslendi. - Bu kelesaň akmaklarmana düşünmän, agzyna gelenini urup durlar.Başga-da şunuň ýaly aýdanlar tapyldy. Garaz bular özaralarynda maslahat tapyp, ýaňky kelesaň ýigitleriň käýinjiniýetirdiler.


— Baryň, maslahatyňyzy, ho-ol, Garry batyryň çadyryndaediň ýa-da hol köpbilmiş serdar ýigitleriň çadyrynda ediň.Meniň çadyrymyň ýanyndan dagaň, men dynç aljak - diýip,Öwezmyrat batyr gygyrdy-da, bu gürrüňçilikden kowlan ýaly,özi bir çete çykyp gitdi.Ýigitler dargamak bilen boldular. Olar öz aralaryndakykelesaňlara käýinýärdiler.Bu gün atla ýolbaşçylyk eden bolmady. Bu gije töwerekdegarawul goýan hem bolmady. Diňe Garry batyr gijäni ýatmangeçirdi.— Bu kelesaňlar ähli atlynyňam ganyna galjak - diýip, olertir ir bilenem käýinjiräp ýördi. Soňra ol ýanyna ýene iki sanyadam alyp, Öwezmyrat batyra töwella etdi. Emma edil daşaýagmyr ýagan ýaly, ol asyl bularyň gürrüňinem diňlänok.Iki gün şeýle geçdi. Ahyry ähli ýigitler birigip baryp töwellaetdiler. Ol iki kelesaňam çykyp:— Batyr, biz ýalňyşypdyrys - diýip ýalbardy.Ahyry Öwezmyrat batyr razy boldy. Ýene atlynyňserdarçylygyny boýnuna aldy. Edil şol günüň ertesi atlysynyňöňüni başlap ugramagyň pikirini edip oturan mahaly bir bölekatly geldi. Bularyň içinde biri kellesinden agyr ýaralanypdyr.Ol ýigidiň kellesini köne ak köýnekleri ýyrtyp sarapdyrlar. Olatlylar Öwezmyrat batyryň çadyrynyň agzyna baryp, ýaralyny


düşürdiler. Ýaralyny iki adam tutup, tekgeläp saklap durdy.Öwezmyrat batyr çadyrdan çykyp, bu nätanyş adamlaryň bolupdurşuna aňk-taňk boldy.— Ony näme gözgyny edýärsiňiz? Gyşardyň - diýdi. Ýöneol ýaraly gyşartsalaram galjak bolup urunýardy. Öwezmyratbatyr “men näme tebipmi, ony meniň ýanyma getiripsiňiz!”diýýän äheňde ýaralyny saklap duran ýigitlere ýüzlendi. -Munuň ýarasy gaty agyr eken. Oba äkiden bolsaňyz gowybolardy.Ýaralynyň ýoldaşlary:— Meni Öwezmyrat batyra eltip tabşyryň diýip, bizigoýmady bu - diýişdiler. Şundan soň Öwezmrat batyr has geňgaldy.— Bu kim? Asyl muňa näme boldy? - diýip sorady.Öwezmyrat batyryň sesi gulagyna ildi-de, ýaraly turjakbolup synandy. Onuň arkasyndan tekge berdiler. Ol ýigrimi,ýigrimi bäş ýaşlaryndaky ýigitdi. Onuň ýüzünde gan nyşanasygalman, üç ýuwlan ak esgä dönüpdir. Ol çalaran gözlerinisüzgegräk açdy-da:— Batyr, salawmaleýkim - diýip, çalaja pyşyrdady.— Aleýkim. Saňa näme boldy?— Hiç zat - diýip, ýaraly ýene has ýokarrak galkynjakboldy. Ýöne ol özüniň ysgyn çenini aňdymy-nämemi, şol bir


olşuny saklap gürrüňini dowam etdi. - Batyr, meniň adymIlmyratdyr. Men on iki ýaşymy dolduryp, garyndaşlarymyzyňbiriniň goýnuny bakmaga başladym. Sekiz ýyl çopançylyketdim. Il çopan adyny aldym. Indi iki ýyldyr, men ata çykdym,gylyç dakyndym. Indem saňa aýtmaly habarym bar, batyr.Weli batyr öldi.Öwezmyrat batyr allaniçiksi boldy.— Weli batyr öldi?Ýaraly demini dürsäp, çalaja pyşyrdady.— Öldi...— Ony kim öldürdi? - diýip, Öwezmyrat batyr gazaplyseslendi.— Ony meniň garyndaşlarym, Sapa mergeniň ogly bilendoganoglany öldürdi. Olaryňam ikisini-de men öldürdim.— Şeýle diýsene - diýip, Öwezmyrat batyr içini hümletdi.— Hawa, şeýle... - Ýaraly barha ysgynsyz pyşyrdaýardy. -Batyr, senem gapyl gezýärsiň. Men bir wagt bir gije näbelliatlyny kowdum. Ol gelip atdan düşüp, şäheriň galasynyň berkýerinden aşmakçy boldy. Men ony tüpeňledim. Telpeginde...hat...Onuň mundan aňry geplemäge ysgyny galmady. Onuňýüzündäki der damjalary göýä ak matanyň ýüzüne düzülenmermer däneleri ýaly ýaldyraýardy. Ýarasyndan köp gan


akmagy sebäpli, onda ysgyn-deramat galmandy. Ol gözünisüzüp, özünden gitdi.Ýaralynyň ýagdaýy bilen başagaý adamlar onuň telpek, hathakdaky syrly gürrüňine ullakan üns berip durmadylar. Busözlere üns beren ýekeje adam bardy. Ol hem Hal mollady.Telpek, hat sözüni eşiden Hal mollanyň ýüzi üç ýuwlan esgiýaly agaryp gitdi. Onuň kalbynda elhenç wehim döredi. Häzironuň ýüzüne üns berýän ýokdy. Ýogsa onuň ýüzündäki syryaňmak kyn däldi.Bu ýigidiň ýoldaşlarynyň gürrüň bermegine görä, Weli batyrbir gije bir ýere çykanda öldürilipdir. Ony kimiň öldüreni hemmälim bolmandyr. Emma Ilmyrat Weli batyry öldürmekde özgaryndaşy Sapa mergeniň ogluna hem onuň doganoglanynamüňkür bolup, olary öldüripdir. Olar hem muny agyrýaralapdyrlar. Onsoň Ilmyrat öz garyndaşlaryndanam çekinip,“mana Öwezmyrat batyr hossarçylyk etsin” diýipdir.Bu gürrüňlerden soň, Öwezmyrat batyr meseläniň düýbüneýetdi. Öwezmyrat batyryň atlysynyň içinde Hasymguly tebipbilen tä ömrüniň ahyryna çenli bile gezen, onuň in ýakynşägirtlerinden biri bolan adam bardy.— Sen şu ýaralyny adam etmegi öz boýnuňa al. Men seniňmuzzuňy iki esse edip tölärin - diýip, Öwezmyrat ýaralynyonuň boýnuna atdy. Özem “şähere barmaň, gum içinde pylan


guýuda pylany bardyr, şoňa baryp meniň adymy beriň” diýiptabşyrdy. Ol ýere nähili gitmelidigini salgy berdi. Tebibiňýanyna iki atly goşdy. Ýaralyny olaryň biriniň syrtynamündürip, onuň biline guşak bilen daňdylar.DYKMA SERDARDykma uruşjaň hem ökde serdardy. Möjek ýaly nebsewürdi.Bularyň üstesine-de ol gaty zalymdy. Ol özüniň buhäsiýetleriniň etdirýän işlerini diňe halkyň bähbitleri üçinedilýän iş hökmünde görkezjek bolup jan edýärdi. Her näme-debolsa, halk onuň nebsewürligini hem owarram edip taşlap,zalymlygy üçin ony pisleýärdi hem ýigrenýärdi. Onuň möjekýaly nebsewürliginiň ahyrynyň nämä eltjegi hakynda oýlanýanadam ýokdy.Ýöne il oňa nebsewürligi üçin Dykma lakamyny goýupdy.Uruşjaňlygy üçin bolsa serdar sözüni goşup, onuň adynyDykma serdar diýip tutýardylar.Onuň asly çyn ady Nurmyratdy. Emma Dykma lakamynyaýtman, ýeke onuň çyn adyny tutsaň, hatda onuň özüniňdogan-garyndaşlary hem tanamaýardylar. “Ol haýsyNurmyrat?” diýip, sorap-idäp, ahyry Dykma lakamynyňüstünden barandan soň tanaýardylar. Iliň oňa goýan Dykma


serdar lakamy onuň häsiýetlerine laýyk edilip, adalatly dakylanatdy.Dykma serdar gaty ýaş wagtynda atasy ölüp, ýetim galdy.Onuň atasy bir uruşda ölüpdi. Dykmanyň agalary atalaryndangalan mirasy kiçijik Dykma mal-mülkden bir zat bermän özaralarynda paýlaşypdylar. Ol öz agalarynyň elinde ýetimeköýdençer hökmünde gezdi.Dykma heniz ýigrimi ýaşyna ýetmänkä, alamançylyk, uruşişine başlady. Dogan agalarynyň özüne bir hililik bilenzalymlyk edişi ýaly, onuň ýüreginde-de birehimlik döredi.Onuň zalymlygy şeýle bir dereje ýetipdi welin, hatda olja diýipalamana ugran ugrunda öz agalary gabat gelse-de, olaryňmalyny oljalaýardy.Ol bir sapar ýaragsyz oturan öz türkmenleriniň bir böleginialaman edip, şondan soň serdar adyny aldy hem alamanaözbaşdak gitmäge başlady.Bir gezek ol Eýran hanlarynyň birine ýesir düşdi. Edil Kanybatyryň agalarynyň bolşy ýaly, Dykmanyň agalary hem özinilerine hyrydar çykmadylar, pul berip satyn almadylar. Emmawelin Dykmanyň bahasy Kany batyryňky ýaly bir batmanjöwene deňleşip arzanlamandy. Eýran hanlary ony iki ýüz ellitümenden pes nyrha berjek däldiler. Sebäbi bu tanymal serdaradamdy.


Ahyry Börme obasynyň adamlary maslahatlaşyp, her kimgüýjüniň ýetdiginden pul berip, iki ýüz-üç ýüz tümen pultopladylar. Şol pula-da Dykma serdary handan satyn aldylar.Bu işde Öwezmyrat batyryň kakasy Däli batyryňam eli bardy.— Dykma ýaly ýigidi hanyň ýesirliginde galdyrmak, onyhossarsyz goýmak namysdyr, bu il-ulusyň ar-namysydyr.Hanlar biziň ýurdumyzy çapawullaýarlar, talaýarlar. Elbetde,olardan ar-namysymyzy almak üçin Dykma ýaly ýigitler bizegerekdir - diýip, ol Dykma serdaryň obadaşlaryna geňeşberipdi.Dykma serdar hanyň zyndanynda alty aýlap ýatyp çykandansoň, onuň birnäçe häsiýeti üýtgeşen ýaly, käbir häsiýetlerigowşaşan ýaly görünýärdi. Emma zalymlyk häsiýeti bilennebsewürlik häsiýeti welin öňküsinden hem bäş betergüýçlenipdi.Bir sapar Nurberdi han Dykma serdary zalymlykda, nähakadam öldürmekde aýyplap, tutup asjak boldy. Şol gezek bolsaonuň dadyna Öwezmyrat batyryň özi ýetişipdi.Ol wagtlar Öwezmyrat batyr has ýaşdy, ýigrimi ýaşlartöweregindedi. Ol Dykmany hanyň tutanyny eşidip, gyssaglyatlandy. Baryp görse, Dykmany asmakçy bolup durlar.Öwezmyrat hiç zat bilmeýän adam ýaly:


— Han aga, Dykmany näme etjek bolup tutduňyz?- diýipsorady.— Hä, Däli batyryň ogly, bu senmi? Hawa, han ogul, bunähak adam öldüripdir. Gan döküpdir. Muny asjak - diýip, hanjogap berdi.— Ajap iş edýän ekeniňiz, han aga. - Öwezmyrat güldi. -Eger adam öldüren asylmaly bolsa, onda, han aga, senibireýýäm asmalydy. Dykma bir sapar adam öldüren bolsa, senher gün diýen ýaly adam öldürýärsiň. - Soňra ol çynlakaýäheňde gürledi. - Han aga, her iş etseňem, paýhaslanyp etmegiňgerek. Sen Dykmanyň dogan-garyndaşlary-da mundan bizar,muňa hossarlyk edenoklar, başgada hossarlyk eden tapylmazdiýip göwnüňe getirme. Munuň hossary gyt däldir. Şuny asypöldüren günüň özünde Çopan batyry gapyňda görersiň. Çopanbatyrdan bärde, ine bizem bar. Mundan bu ýanynam özüň bil,han aga.Ol başga zat diýmän, bir gapdala çekildi. Nurberdi hanÇopan batyrdan gaty gorkýardy. Şonuň üçin hem Öwezmyratbatyr Çopan batyryň adyndan peýdalandy. Han bir salympikirlenip durandan soň, Dykma serdary boşadyp goýberdi.Şonda ýolda gidip barýarkalar ölümden sypan Dykma:— Öwezmyrat, köp sag bol. Meni ölümden alyp galdyň -diýip, minnetdarlyk bildiripdi.


Dykma serdaryň nebsewürligi, açgözlügi hemişe onuňözünden öňdedi. Ol özüniň nebsewürlik häsiýetiniň yzynyeýerip, ak patyşanyň goşuny deňizden bärik ilki çykan badynawekil bolan bolup, patyşa beýikleriniň ýanyna bardy. Olarasatylyp wepaly hyzmatçysy boldy. Bir saparky uruşdan soň,Ýakubow atly bir baýar onuň üstüne herreldi hem onuňsakgalyndan tutdy. Diňe şondan son ol özüni baýarlardançekeräk tutup başlady. Olaryň ýanyna hut özi gitmän, nämehabar bolsa öz adamsyny ibermek bilen gatnaw edýärdi.Dykma serdar ýeriň astynda ýylan gäwüşese-de biljek bolupjan edýärdi. Öwezmyrat batyr, Gara batyr ýaly serdarlaryňgoşunynyň arasynda öz adamlary bardy. Olar ol ýerde bolýanüýtgeşiklikler hakda Dykma serdara habar ýetirip durýardylar.Öwezmyrat batyryň öz atlylary bilen jedelleşen güni hut şolgünüň özünde bu habar Dykma serdara baryp ýetdi. “UgradanBatyr hajymyz ele düşüp, ýene sypdyrylypdyr. Ol rehimdarlykbilen sypdyrlan däldir. Munuň bir emmasy bardyr... Onsoňonuň atlysynyň içindäki Stepan orsam Etrege gidipdir. Buzatlar ýönelige bolmaly däl” diýip, Dykma serdar uly howsaladüşdi. Şobada bir topar atlyny Etrege tarap giden Stepanyňyzyndan kowgy iberdi. Emma Stepanyň yzyndan gidenkowgular Etrek ýoluny boýdan-baş agtaryp çyksalaram,Stepandan derek tapman geldiler.


Bu näme boldugy diýip, Dykma serdar öňküsindenem beterhowsala düşdi. Ol zowzuldap, bir ýerde karar tapmady.Seýitmyrat begiň ýanyna geldi. Bu habarlary aýtmak bilen onyözündenem beter howsala saldy. Bu ikisi, näme-de bolsa, sabyredip, Batyr hajynyň gelerine garaşmagy ýüreklerine düwdüler.Batyr hajy sag-aman gelip ýetişenden soň, indi diňeStepanyň Etrege gitmeginiň howsalasy galdy. “Öwezmyratbatyr hem patyşanyň beýikleri bilen ara saklaýan bolaýmasyn?Eger şeýle bolsa, Öwezmyrat batyr beýikleriň ýanynda gowyýüzli bolar. Bize orun aldyrmaz hem bizi ýaman horlar” diýenpikir bilen indiki sapar Dykmanyň hut özi patyşanyňbeýiklerinnň ýanyna gitmegi ýüregine düwdi.“Bu saparky gelýän ýagynyň topy-tophanasy känmiş” diýenhabar galanyň ilatyny uly howsala salypdy. Hanyň buýrugybilen eýýäm gara öýler aýrylyp, adamlar tüm gazynypdylar.Her öýüň maşgalasy öz başyna tümde ýaşaýardy.Seýitmyrat beg ýalylar özlerine deňli-derejeli owadanlaptümler gazdyrypdylar, ýerin aşagyndan ötlem-ötlem jaýedinipdiler. Köpçülik halk bolsa onuň owadanlygyna hemgarap durman, diňe bir maşgalasy ýerleşer ýaly sümelgegazynypdy.Dykma serdar Seýitmyrat begiň tümüne gelip:


— Beg, bu sapar meniň özüm atlanaýsam öýdýän.Bolmasa, şu Öwezmyrat gaty gorkuly möjek - diýdi.— Şol dogry, serdar - diýip, Seýitmyrat beg onuňaýdanlaryny tassyklady. - Ol gaty gorkuly möjek. Hökmanseniň özüň gitmeli. Emma diňe öz adamlarymyzyň aladasynyetmegimiz lazymdyr. Beýlekilere öz adamlarymyzy pugtatanatmagymyz gerekdir.— Ol tarapyny özüm oňararyn - diýip, Dykma serdar onyarkaýynlaşdyrdy.Bir gije Dykma serdar atlanyp, atlylarynyň arasyndançykdy. Ony haýsy tarapa, näme üçin ýola düşenini hiç kimbilmedi. Diňe Seýitmyrat beg adamlary arkaýynlaşdyrmaküçin:— Dykma serdaryň galalyk işi çykypdyr. Ol ogly bilengala gitdi - diýen habary ýaýratdy.GYZYK SÖWDAGoşunyň göçi arkasynda, çemçesi bilinde, her gün bir ýerdegonýardy. Bu gün hem günortanlar gelip, bir beýik dagyňöwrüminde düşdüler. Üç-dört topar bolup, her ýerräkde goştutdular.


Garry batyr özüniň kerweniniň ýüküni ýazdyryp, iki syýynybiline çaldy-da, gazanlaryny atardy. Gyssagly naharýetişdirmek işine girişdi. Onuň özi ýetişip bildigindenişleýärdi. “Ony et, muny et!” diýip, ýoldaşyny hem gyssaýardy.Onuň daşyndan başga eli boşrak ýigitlere-de ýumuşlarbuýurýardy.Saga-sola garawul taşlap, olara tabşyryklar bermek işi bilengüýmenen Öwezmyrat batyr atyny sürüp bir az soňrak geldi. Olatynyň üstünde ozalky oturyşyna meňzemeýärdi. Onuňegninden basylan ýalydy. Telpeginiň eteginiň gowrugy sökülip,ony telpek basana meňzeýärdi. Ýalpyldap duran maňyzlymaýalynurana ýüzi kiçelen ýaly bolup, gara telpegiňbuýrasyna gabsanypdyr.Ol içini gepledip atyny sürüp gelşine Garry batyryň gazanukajynyňduşundan geçdi. Öwezmyrat batyr kim, Garrybatyryň duşundan sessiz-üýnsüz geçip gitmek kim? Bu onuňhemişe edýän işi däldi.Garry batyr bolsa ony hol aňyrdan gelýärkä göz astynaalypdy hem hyrydar göz bilen synlaýardy. “Haýp, bizÖwezmyrat batyryň göwnüne degdik. Öwezmyrat batyr nähiliýigitdi. Gör, indi nähili boldy... Men näme üçin şuýaramazçylygy edip, adamlaryň öňüne düşüp, onuň üstüne


ardym?” diýip, Garry batyr öz içini gepledip, öz-özünekäýinip ahmyr edýärdi.Kany batyr bir gaýanyň öňünde düşüp goş tutupdy.Öwezmyrat batyr hem şol ýere baryp düşdi. Horjunyny alyp,ýatan bir daşyň düýbünde goýdy hem atyna iým geýdirdi. Olşol ýapgyt daşyň ýüzüne bagryny berdi-de, horjunyny hemgursagyna tekge etdi. Ol şol tukatlygy bilen gözlerini süzüp,ymyzganan ýaly boldy. Emma ol ukuda däldi. Ol özüniň kiçijikgaýygy bilen uçsuz-gyraksyz, gaýlan deňziň ortarasyndatupanda galan deňizçi ýaly, pikir derýasyny gulaçlap ýüzýärdi,kenary tapyp bilmän urunýardy. Ol Stepan hakda, onuň berengürrüňleri hakda, başyna nähili işler düşendigi hakdaoýlanýardy, onuň gaýgysyny edýärdi. “Stepan aga Orsýedişeýle taryplady... Ol “munda kanun ýokdur, süýt ýokdur, biradam günäkär bolsa, ony asmalydyr ýa-da kellesini kesmelidir,ýogsa-da hiç zat diýmän goýbermelidir, mundan iş bolmaz”diýip käýinýärdi. Ýene-de “patyşa zalym, Sibir edýär, ol ýerizyndan” diýip zeýrenerdi. Bu näme boldugy?.. Aý, bu zatlarowarrama gitsin-le, ýöne häzir Stepan aganyň başyna nä gunlerdüşüp ýörkä? Ol öz ýurduna sag-aman aşandan soň beriarkaýyn ýaşap bilermikä? Onuň başyna nähili günler gelerkä?..Ah, sen zamana, ah, sen dunýä!.. Seniň üstüňdäki şeýtanyňbalak-köýnegini ogurlan hem şeýtana sapak beren birnäçeleri


gyrlyp ýok edilinçä, ýüreginde adamçylyk ynsaby bolanadamyň seniň üstüňde ýaşamagy kyn bolar... Stepan aganyňykbalyna bak... Şeýle bir köpi gören akyl eýesini, ynsaplyadamy men ömrümde görmändim. Gör, ol akylly adama indinäme bolar? Belki, patyşanyň dar agajynyň tanapy onuňboýnuna düşer?..”Birdenem onuň pikiri “Weli batyry öldürdiler... Telpek...hat...” diýen habarlaryň üstünde pel-pelleýär. Agyr halda ýatanýaraly ýigit gözüniň öňüne gelýär. Soňra kellesine hasaýylganç pikirler geldi. “Gara batyr bir dirimikä? Ýa-daonuňam başyna bir işler düşüp ýörmükä?..”Şeýle agyr pikirlere gümra bolup ýatan Öwezmyrat batyrbaşyny çalaja galdyryp, töweregine gözüni süzgekledipseredende, on-on bäş ädim beýle gapdalynda ýatan Nepesigördi. Nepes özüniň köne horjunyny çep tirseginiň aşagynaýassyk edinip, çep eliniň aýasyny sol ýaňagyna goýup, süzükgözlerini bir nokada dikipdi. Öwezmyrat batyr gözüni gatyrakaçyp, Nepese seretdi. Bir wagtky Mamagülüň beren gürrüňini,Sadaby, Sadabyň agasy Gylyjyň beren gürrüňini ýadyna saldy.“Nepes bolgusyz zatlaryň pikirini edip, bikär ýere öz-özünihorlaýar - diýip oýlandy. - Uruş bir ýaňalak bolan badyna,saglyk bolsa, men onuň göwnüne ýeterin. Gylyç hem agzynagelen patarrakysyny urýar. Akmak, sen uýaňy Nepesden gowa


ererin öýdýäňmi?.. Sen näme diýseňem, Sadaby Nepese alypbererin...” Hakykatdan-da, soňky günlerde Nepesiň derdibaşyndan agdykdy. Ol şol gije Dykma serdar bilen duşandansoň, edil nahardan kesilen hassa ýaly saralyp gurap başlapdy.Onuň hemişeki degişgenligi, şadyýanlygy uçup gidip, onuňornuna gaýgy-gam gelip gonupdy. Ol elmydama pikire çümüpýördi. Onuň bir aladasynyň bardygyny diňe Öwezmyrat batyrdäl, hemme atlylar hem aňýardy. Emma munuň nämesebäpdendigini hiç kim biljek-de bolmaýardy.Nepesiň hakyky ýagdaýyndan Öwezmyrat batyryňamhabary ýokdy. Ol munuň düýp sebäbi Sadapdyr öýdýärdi.Sadap hakda pikir edip, şeýle güne düşüp ýörendir diýipoýlanýardy. Ol näme-de bolsa bir zat diýip, Nepese lakatmakçy boldy. Şol wagt arka tarapyndan biri iki-ýeke basypgeldi-de:— Batyr, ukladyňmy ýa oýamyň? - diýip hümürdedi. BuGarry batyrdy. Ol Öwezmyradyň şu tukatlygyna dözmän gelenbolara çemelidi.— Ýok, ukuda däl - diýip, Öwezmyrat batyr ýuwaşjaardynjyrady.— Näme, batyr, ýaramaýarmyň? Näme bolýar?— Ýok, hiç zat bolanok, Garry batyr.— Näme üçin onda birnäçe günden bäri horlanyp ýörsüň?


— Göwnüňedir.— Sen gaty gaýgyly, tukat görünýärsiň.— Bolsa bolýandyr. Biçem däl.— Onuň sebäbi näme ahyry?— Bilmedim.— Bisebab-ä däldir ahyry?— Biçem däl. Belki, bisebäp däldir...Garry batyryň yzly-yzyna berýän bu irginsiz soraglarynajogap bermesini hem goýup, Öwezmyrat batyr uklan ýalydymdy. Sakgalyny erkine goýman, bäş barmagy bilen daraklapduran Garry batyr aşak çekdi-de, jaýlaşykly oturdy.— Haw, batyr, men şol günki üstüňe nähak baranym üçin,menden göwnüň gaty galdymyka diýip alada çekýän. Ynan,batyr, seniň göwnüň gaty galdymyka diýýän...Öwezmyrat batyr tirsegine söýendi-de, Garry batyryňýüzüne dikanlady:— Walla, Garry batyr, günüme goýmadyň... Näme üçinmeniň sizden göwnüm galsyn ahyry? Sizden hiç göwnümgalanok. Ýöne, batyr, ynha dünýäň bolşuny öz gözüň bilengörüp dursuň ahyry. Pikir etmez ýalymy?Garry batyr sakgalyny daraklamasyny goýdy.— Ol aýdanyň şeýle batyr - diýdi. - Ýöne ynha seret. Sengamgyn, tükel atlylar gamgyn. Näme-de bolsa, atlylary üçiň


serdaryň öz gamyny ýuwutmagyn gerekdir. Ýigit mertbolmalydyr... Hanha, gör, hemmesi pata ýerine gelen ýaly...Dogrudan-da, bu giden atly goşun tukatlyga çümüpdi.Kimler düzzim oýnan bolýar, kimler sesini-üýnüni çykarmangyşaryp ýatyr. Öwezmyrat batyr dik oturdy-da:— Bolýar, ýaşuly, men seniň bu wesýetiňi tutýan. Sendogry aýdýaň - diýdi.— Şeýt, şeýt! Şeýle bolmaly... Ine, ýagly naharam ýetişdi.Bir ukudan açylyşyň - diýip, Garry batyr göwni hoş bolupgazanynyň başyna gitdi.Nahar guýlup başlandy. Şatlyk-şowhunam birneme artanýaly, ýigitler kem-kemden janlanyp başlan ýaly boldy.Nahardan soň Öwezmyrat batyr:— Nepes! - diýip gygyrdy.— Hä! - diýip, Nepes ölügsi ses bilen jogap berdi.— Ýör, dagyň başyna çykyp, töweregi bir synlaly. Nämebar, näme ýok, göreli.Öwezmyrat batyr daga dyrmaşyp ugrady. Nepes hemýaltalyk bilen ýerinden turup, onuň yzyna düşdi. Bular dagyňçür depesine çykmak üçin, ýatan atly goşunyň üstüne abanypduran gaýadan aşmalydylar. Şondan soň beýik dagadyrmaşmalydylar.


Bu ikisi dagyň depesine çykdy. Ýatan atly goşun gaýanyňdüýbünde gizlenip galdy. Bular indi uzak-daşlara gözýetirseler-de, öz alkymlarynyň aşagyny görenokdylar.Öwezmyrat batyr Nepesiň hereketine mukyt bolman, uzakdaş-töwerek gözýetimi synlap çykdy. Ikindiden ýokarrakdabolan güýzüň çogluja güni dumly-duşa özüniň altyn nurunyseçýärdi.Öwezmyrat batyr Nepesi bu ýere onuň bilen gürleşmek üçinalyp gelipdi. Ýöne ol munuň üçin howlukmaýardy. Ol ilkitöwerek-daşy arkaýyn synlap, şondan soň gürrüňe başlamagyýüregine düwüpdi.Birden onuň gözüne gyzykly bir zat ilen ýaly boldy. Onuňnazary dogry günbatar demirgazyga dikildi. Näme-de bolsaçala salgym bolup bir gara onuň gözüne çalyndy. Bu gyzyklyzady Nepese habar bermek üçin, ol gyssanmaçlyk bilen oňatarap öwrüldi. Baksa, Nepesiň ýüzünde adam ruhy galmandyr,iň soňky demini sanap ýatan hassa dönüpdir. Onuň ýüzündegan nyşanasy ýokdy. Onuň gylyjynyň baljagy ýazdyrylgydy,duran ýerem belendräkdi, Öwezmyrat batyryň üstüne abanypdurdy. Öwezmyrat batyr göwnüne hiç bir betgümanlykgetirmän:— Birdenkä saňa näme boldy? Ýüzüňe öliň reňki urdy.Ýa-da ýüregiň çaşýarmy? - diýip, ýüzüne çiňerip seretdi.


Nepes jogap bermegiň deregine özüni lampa aşak goýberdi.Daşyň üstünde oturyp, iki eli bilen maňlaýyny tutdy. Ýüzüniaşak saldy.Öwezmyrat batyr “Beýik ýere çykyp töweregine seredende,munuň başy aýlanaýypdyr-ow” diýip pikirlendi. Nepesiň beýleýagdaýa düşmeginiň sebäbinden onuň habary ýokdy. NepesÖwezmyrat batyryň kellesini almak niýeti bilen özüniň durjakýerini belendiräk edip, gylyç salaýmaga maýaçlap, gylyjynyňbaljagyny ýazdyrypdy. Edil şol niýeti ýüregine salyp gylyjynyňbaljagyny ýazdyraýan wagtynda hem ýüregi gürs-gürs edipberk urdy. Ysgyny gaçdy. Gözi garaňkyrady. “Men näme üçinbeýle gabahat iş etjek bolýan?” diýen pikir kellesine geldi.Ýene-de “Ýok, Sadap üçin men bu işi hökman edäýmeli”diýip, güýjüni tijemäge çalyşdy. Ýöne ol özüni raslamagaýetişmänkä, Öwezmyrat batyr bärisine öwrüldi, onuň ýüzüniak-tam edip, aljyrap duranyny gördi. Nepes hiç bir jogap beripbilmän ýegşerilip oturansoň, Öwezmyrat batyr ýene oňa soragberdi:— A-haw, Nepes, näme ýüregiňde bir keseliň barmydy?Nepes ýuwaşlyk bilen başyny galdyrdy-da:— Işim gaýdypdyr, batyr, näme işläp ýörenimi özümembilemok - diýdi.Öwezmyrat batyr şol bir bolşuny üýtgetmän:


— Näme bolupdyr bilmän? - diýip sagyndy. Soňra onuňgerekli tarapyndan baraýsam gerek diýen umyt bilen, gürrüňiöz göwnünde niýetlän ugruna gönükdirdi. - Hawa, ýogsa-da,bir wagt ikimiz dagyň başynda durkak, bir gyzy söýdüm-zatdiýip ýaňraýardyň. Belki, sen şol gyzyň hossarlary tarapyndapyza görýänsiň? Näme ol gyzyň bahasy gymmatmy beýle?..— Gaty gymmat, batyr - diýip, Nepes öňküsindenem beteraşak ýegşerdi.— Gaýgy etme, uruş bir ýaňalak bolsun, ol gyzy agramynapula çekselerem alarys.— Batyr, ol gyzyň bahasy gyzyl-tylla barabar däl. Ol gyzyňsöwdasyny gyzyl-tylla bilen etmeýärler.— Dagy näme bilen edýärmişler?— Batyr, ol gyzyň bahasyny gan-hun, kelle bilenbermelimiş.— Gyzyk söwda eken... - Ol bir azajyk dymyp durdy-da,ýene günbatar demirgazyga tarap nazaryny dikdi. Ýarymdegişme äheňinde gürrüňini dowam etdi.— Emma bir tarapdan seretseň, gyzyň bahasy beýle birgymmadam däl, gaýta arzan. Şu günler islegleri kelle bolsa, birçuwal diýselerem tapsa bolar...— Ol diýýäniň dogry, batyr. Emma olar şeýle bir gymmatkelläni isleýärler. Belki, ol kelle meniň ýalynyň onusynyňam


kellesinden gymmatdyr. Şol kelleden başga müň kelläniüýşürseňem olar üçin bir teňňeçe ýok bahasy... Menözümiňkiden on esse gymmat kelläni gözläp, urunyp ýörün.Ine, men şonuň üçin näme işleýänimi bilmän ýörün, batyr -diýip, Nepes uludan demini aldy.Öwezmyrat batyr şol bir arkaýynlygy bilen:— Nirede ol beýle gymmat kelle? Kimiň kellesi ol? - diýipsorady.— Batyr, ol seniň kelläň - diýip, Nepes sagynman jogapberdi.Öwezmyrat batyr allaniçiksi tisgindi hem geň galmak bilen:— Meniň kellämmi? - diýip, eli bilen özüni görkezdi.— Hawa, batyr, seniň kelläň.— Gyzyk söwda. Çyndanam şol gyzyň hossarlary meniňkellämi baha getirmegiňi isledilermi?— Hawa, batyr.— Nädip ol gyzyň nyrhynyň şeýle ekendigini bildiň? Şolgyzyň ýakyn hossarlarynyň biri bilen ýüzbe-ýüz bolduňmy ýadabaşga birinden eşitdiňmi?— Meniň nyrh gepleşen adamym ol gyzyň ýakynhossarlaryndan-a däldi - diýip, Nepes pikirli gürledi. - Ýöne şolgyzyň ýakyn hossarlarynyň biriniň iýeni aýry gitmeýän dosty


hem adybir tiredeşidi. Ol edil şol gyzyň hossarlarynyň dilindenözleri ýaly bolup gepleşdi.Nepes dymdy. Nepesiň başyna düşen söwda-da şu güneçenli onuň näme üçin horlanyp ýörendiginiň sebäbine-de,gylyjynyň baljagyny ýazdyryp, belendräk ýere çykyp, ýüzüniak-tam edip durşuna-da Öwezmyrat batyr diňe şundan soň gözýetirdi. Onuň gözleri gan ýaly gyzardy. Nepes bilen gepleşeniňkimdigini öz ýanyndan çak edýänem bolsa:— Seniň bilen gepleşen kimdi? - diýip, Nepesdendikarynlap sorady.— Aý, batyr, men şol adamdan gorkup ýa-da çekinipduramok, ýöne gep gezdirmek merdiň işi däl ahyry. Ony özüňgowy bilýärsiň ahyry, batyr - diýip, Nepes jogap bermekdenýüz dönderdi.— Ol diýeniň dogry. Merdiň işi däl, Nepes - Öwezmyratbatyr uludan demini aldy. Soňra öňküsi ýaly parahat äheň bilendowam etdi. - Eger meniň kellämi elteniň bilen şol gyz özüňeberler öýdüp, ýüregiňde çigit ýaly ynanjyň bar bolsa, ondaynha meniň kelläm. Alyp git. Men ak ýüregim bilen kellämisaňa bagyş etdim. Ynan, göwnümde çigit ýaly diger ýok.— Sözüňe ynanýan, batyr - diýip, Nepes göwnündäkiniaýtdy.


— Ynanýan bolsaň, meniň kelläm bir derek tutar öýdýänbolsaň, al bu gara kelläni.— Ýok, batyr, beýle bigaýratçylygy edip bilmen. Eger etjekbolsam, onda seniň kelläňi almalydygymy saňa dogryaýtmazdymam.— Soňky gün ahmyrly bolma, Nepes. Ýa-da gapyllykda birzat etjek bolup, gylyjyň baljagyny ýazdyryp çemelenip ýörme.Dogry gel-de “kelläňi ber, şol gyz üçin gerek boldy” diý, mengaşymy çytman kellämi bermesem, namart boldugym.— Batyr, edil şu wagt men şol gyzyň söwdasyndandüýbünden geçip, saňa şu zatlary gürrüň berip otyryn - diýip,Nepes ýürekden syzdyrdy.Öwezmyrat batyr aslynda häsiýetine belet ýigidiniňýüreginde gat goýman aýdan sözüne ynandy. Onuň ýüzünedikarynlady-da:— Ol gyzdan el çekmeris, Nepes. Ol gyzy hökman alarys -diýdi. - Ýöne indi sen menden dogry habar alsaň, men ol gyzyňkimdigine belet. Seniň halaýan diýip ýaňraýan gyzyňkimdigindenem habarym bar, onuň üçin siziňkileriň sözaýdyjybaryp, boş gaýdanyndanam habarym bar. Onuň nyrhyny seniňbilen gepleşeniň kimdiginem aýtmasaň-da bilýän. Meniňkellämi elteniň bilen ol gyzyň saňa berilmejegem maňa mälim.Diňe özüm diri bolsam, ol gyzy sen alyp bilýärsiň. Ýogsa olar


saňa meniň kelläm üçin ol gyzy bermezler. Olar saňa meniňkellämi aldyryp, meni bahanalabam gan ýerine seniň kelläňialarlar. Şeýdip, ikimizem kellesiz galarys.Öwezmyrat batyryň ol gyzy tanaýandygyny aňandan soň,Nepesiň ýüzi birhili gyzardy. Utanjyndan ýaňa nämediýjeginem bilmedi-de:— Hawa-da, sen ony tanaýanam bolsaň tanaýansyň-ladiýip,ýüzüni aşak saldy.— Men ol gyzy gowy tanaýan. Ol gyz senden gowaberilmez. Ýöne bu gürrüňi urşuň soňuna goýaly - diýdi-de,Öwezmyrat batyr elini günbatara tarap uzadyp, Nepesdensorady. - Hany, hol tarapa bir seret, şol ýerde bir gara barmyýa-da meniň gözümemi? Hany, oňatja seret.Gün ikindä ýakynlapdy. Örküç-örküç dag beýikleriniňkölegesi gündogara baka uzalypdy. Ýowşanly düz meýdandaysgyny gaçan gün howrunyň çogy salgymlaýardy. Alysdaşlarda, ýer bilen gögüň tapyşýan ýerinde salgym göm-gökderýa bolup görünýärdi. Şol owarrada iki sany çiş gara göýädeňze çümüp-çykyp oýnap ýören suw iti ýaly, käwagtsalgymyň siline çümüp, gözden ýitýärdi, birdenem zompaçykýardy. Birdenem al-asmana göterilýärdi-de, düýşdegörünýän ýaly aýylganç surat bolup uzalýardy. Näme-de bolsa


ol iki çiş garanyň çalaja gymyldaýandygy saýgardýardy. Nepesşol tarapa baka çiňerilip seretdi-de:— Batyr, ol iki sany garaguş ýa-da dazzarkel bolara çemeli- diýdi.— Gözüňi giňräk açyp seret - diýip, Öwezmyrat serdarigençli gepledi. - Eger olar çaýkel ýa-da garaguş bolup, ýerdenörküni üzüp, gökden uçýan zat bolsady, beýdip salgymadüşmezdi. Olar ýerden örküni üzýän zatlar däl. Görmeýärmiň,salgymdan çykanoklar.— Dogry, batyr, olar öz-ä iki aýakly bolara çemeli - diýip,Nepes şol tarapdan gözüni aýyrman durşuna aýtdy. Bu gezekÖwezmyrat batyryň sesi äşgär ýaňsyly ýaňlandy:— Ýok, Nepes, olar iki aýakly bolara çemeli däl-de, seniňgözüň heneklän bolara çemeli. Entegem gözüňi giňräk aç. Olariki sany atly. - Şol wagt ol iki garany salgym has-da ýokarygöterdi. - Tomaşa et. Men olaryň kimdigini güman etdim. Egerbiz olary şähere ýetirmän alyp bilsek, biziň işimiz oňuna bolar.Eger olar şähere öňürti girip bilseler, olar gutular. Onda biziňişimiz tersine bolar. Kowup şol iki atlyny hökman almak gerek.Ol sözüni soňlap soňlaman, dagdan aşak ylgap inip başlady.Nepes hem onuň yzyndan galman ylgaýardy. Bularyňgyssanmaç ylgap gelýänini gören ýoldaşlarynyň barynyň gözidaga baka dikildi. “Batyr bir zat aňlan bolmaga çemeli” diýip


pikirlenişip, onuň nämedigini tizräk eşitmäge howlukdylar.Öwezmyrat batyr dagyň düýbündäki baýryň üstüne indi-de:— Kimiň atyna göwni ýetýän bolsa atlansyn! - diýipgygyrdy. - Gaty gyzykly tomaşa görmek isleýäniň bolsaatlanyň!— Näme bar, batyr?— Uruşmy?— Goşun gördüňmi?Atlylar dumly-duşdan yzly-yzyna sowal ýagdyrdylar.— Ýok, urşam ýok, goşunam ýok - diýip, Öwezmyrat batyrjogap berdi. - Ýöne Nepes ikimiz kowga gidýäris. Şeýle birgyzykly kowgy. Ýöne onuň yzynyň çöpi hem bolar.Öwezmyrat batyr çaltlyk bilen horjunyny bökdermägedurdy. Kany batyr hem onuň yzyna eýerdi. Başga-da bir toparatly horjunlaryny bökdermek bilen boldy.— Eýsem meniň atym pylanyňkydan pesmi? - diýip, ýenebiri horjunyna ýapyşdy. O gapdaldan ýene biri turdy, bugapdaldan ýene biri turdy. Şeýdip ähli atlynyň ýaryna ýakynyatlandy. Garry batyr hem:— Menem şu kowgudan galmaýyn - diýip, yzyny birinetabşyrdy-da, atyna atlandy. Öwezmyrat batyr iki ýüz elliçemesi atlynyň öňüne düşüp, atyna gamçy çaldy. Iki ýüzçemesi atly bolsa goşda galdy.


Öwezmyrat batyr şol dagyň depesinde atlylary gören hemolaryň yzyndan kowmagy ýüregine düwen badyna kowjakýolunyň rejesini pugta çekipdi. “Ýüzi gündogara tarap barýanol iki atly pylan ýere barar. Şol wagt menem olaryň saggapdalyndan zompa çykaryn. Soň olar girmäge deşik tapmaz”diýip, näme etmelidigini öz ýanyndan kemsiz ölçerip-döküpdi.Ol ýüzüni dogry namaz arka tutup, uzak ýoluň kowgusynalaýyk hasap bilen, atyny ýüzin salyp barýardy. Atlylar hemonuň yzynda sozan guýruk bolup barýardy. Şol gidişlerine birmeýdan sürdüler. Atlar der berip başlady. Öwezmyrat batyratyny has-da berk tutup ugrady. Ýaşjak bolup duran günüňaşagynda atlaryň sagrylary ýaldyraşýardy. Atlar kemsiz derebatypdy. Öwezmyrat batyr:— Sürüň, sürmeli wagty geldi - diýip, gygyrdy-da, atynyňbaşyny öz ygtyýaryna goýberdi. Tabyna gelen ahal atlary ýeriňtanapyny dartyp başlady.“At adamyň ganaty” diýlişi ýaly, indi olar göýä ýerdenörküni üzüp, uçup barýan ýalydylar. Göze ilmez çaltlyk bilenaýlanýan çarh ýaly ýer indi atlaryň üstünde oturan adamlarasaýgartmaýardy. Iňrik garalyp, dumly-duşy garaňkylyk basypbaşlan çaglarynda atlaryň toýnagynyň sesi dik asmanagöterilip, giň meýdana ýaň salýardy. Şeýle çalt sürüpbarýarkalar kimdir biriniň:


— Waý, batyr, men atdan aýryldym! - diýen mojuk sesieşidildi. Ses gulagyna çala ilen badyna Öwezmyrat batyr onuňkimiň sesidigini tanady hem:— Ah, sen badymy aldyň! - diýip hümürdedi. Sag eliniýokary galdyryp, atlylara duýduryş berdi. - Ýuwaş!Olar atlarynyň başyny çekip, şol yzda galan atlynyň daşynahalkalaýyn aýlandylar. Bir wagtlar çopanlaryň gazyppeýdalanan, soň bolsa ugruna garalman kör bolup galan köneguýusy onuň öňünden pete-pet gelipdir. Gyralary içineýumrulan köne gurrugyň daş-töweregine gögeren syrkyn,selme, şora, garagan ýaly çöpler onuň agzyna bürelip, pugtabasyrypdyr. Agşamyň ümüş-tamyş garaňkylygy hem ol perdäkömek berip, gürpbasdyny Kany batyryň demirgyrynyňgözünden ýaşyrypdyr. Kany batyr hem şol wagtlar özýanyndan nämedir bir zadyň pikirine gümra bolup gelýän eken.Ol birden atdan zyňlyp düşen wagty aýylganç gygyranyny özihem duýman galypdyr. Kany batyryň atynyň aýagy gurrugagidip, ompa oturypdyr-da, ýene söze salym ýok, dessinetowsup çykypdyr. Edil şol demde hem onuň daşyna egrildiler.Öwezmyrat batyr uçganaklap bir ýerde durmak islemeýänatynyň başyny çekip durşuna käýinjiredi:— Bolup ýörşüň nä mojuk? Seresap sür ahyry... Hany,atyňy bir ýöredip gör...


At bada bir art aýagynyň birini göterjek ýaly etdi. Emmadessine ýene ýere basdy.— Özüňe hiç zat bolanok gerek?— Ýok.— Onda atlan. Atyňa ullakan bolan zat ýok. Sür hany.Öwezmyrat batyr şeýle diýdi-de, atyny ýene öňki ugrunagönükdirdi.GALA GATLAGYNDA BIR HADYSAEdil Öwezmyrat batyryň iki sany şübheli atly gören günüdi.Gökdepe galasy hemişeki bolşy ýaly, adamlaryň sesinden,çagalaryň gykylygyndan, kömrüni tapsa, demrini tapman,demrini tapsa, kömrüni tapman ýören ussalaryň çekiçleriniňhem ýekedabanlarynyň, mal-garalaryň seslerinden ýaňa ulygüwwüldi bolup durdy. Işsiz adamlar gala gatlaklaryna,janpenalaryna, derwezeleriň agyzlaryna üýşüp, gyzyklygürrüňler etmegi, küşt, düzzim oýnamagy özlerine adatedinipdiler. Şeýle gürrüňçiliklere barman, daş-iç çykman, diňeöýde aýal, oglan-uşaklaryň arasynda oturýan adamlar kemallyadamlar hatarynda-da hasaplanmaýardy, ýigrenji görülýardi,hiç ýerde-de ol adamlara san-sala salynmaýardy. Asylkysynyaýdaňda, eger seniň duluňda hemme esbaplary bilen üpjün ala


tow hyrlyň asylgy duran bolmasa ýa-da duluňda päkize jöwhergylyjyň terimiň başyndan asylgy bolup, işigiňde-de kişňäpduran atyň bolmasa, seniň gapyňda daýhançylyk esbabynyňmüňüsi üýşsün, harwar-harwar jöwen, bugdaý, arpa hasyl al,tapawudy ýok, bir gürrüňçilikde birden sen gatyrak güläýseň,ilki bilen öz kowumyňdan biri: “Sen näme gürleýäň, barçaýryňy çap” diýer. Töwerekdäki oturanlar bolsa, “şol hakykatýerlikli aýdylan gürrüň” diýip düşünerler. Hatda şol gyjalatlysözi eşiden adamyň özi-de muny şeýle kabul eder. Sebäbi şoladat Ahalda resmi edilipdi, set bolupdy.Şonuň üçinem Ahalyň dag-çeşmeleri diňe ýazda, tomusdaaz-owlajyk ýeri suwarýan bolaýmasa, köplenç öz ugruna rameder akar ýatardy. Gyş, güýz pasyllarynda bolsa olar bütinleýbaşyna kowlup, gumlara siňip gidýärdi. Adamlar bolsa galanyňgüneýinde ýa-da guzaýynda üýşüşip gürrüňe meşguldylar.Gökdepe galasynda häzirem şol resim, şol adat dowam edýärdi.Işsiz adamlar ýygnanyşyp, öz gürrüňleri bilen gümrady.Galanyň ileri günbatar gapdalynda bir garaja oraça otyrdy.Kimdir biri oraçanyň ýanynda tüm gazýardy. Ol tümi ýerdöleşekilinde, agzyndan bir adam girip biler ýaly edip aşakgazypdyr-da, ony hem bir gapdala hüňüpdir. Şeýdip, ýeriňaşagyny tegeläp giň göwrümli jaý edipdir.


Tüm gazyp duran yzly-yzyna birnäçe pil gumy daşynazyňdy. Şol iň soňky çykarylmaly gumy bolara çemeli, ol daşçykdy. Tümüň agzynyň käbir göwnüne ýaramadyk ýerlerinigyrdaşdyryp, ýylmamaga, taraş bermäge durdy. Bu adam otuzotuzbäş ýaşlaryndaky, süňk-başy iri, daýaw adamdy. Ol gürigara sakgalynyň ujuny çyrpyp, gyrçuw edipdir. Ol pilinesöýendi-de:— Täzegül! - diýip seslendi.Oraçanyň içinden:— Hä! - diýen jogap, edil tümüň içinden çykan ýaly bolupeşidildi. Şol jogabyň yzysüre oraçadan otuz ýaşlar çemesindäkigörmegeý-çyraýly gelin çykdy.— Men jaýyňy gazyp gutardym, bir synlap gor - diýip, tümgazýan gyrçuw öwünjeň gürledi. - Indi top ýagsyn, ok ýagsyn,kyýamat gopsun, kär etmez. Hany bakyp bir gör.Gelin tümüň agzyndan garady. Aşak düşmek üçin edilenbasgançaklar bilen aşak indi-de, egilip içine seretdi.— Içi biraz garaňkyrak bolaýmasa - diýip hümürdedi.— Elbetde, garaňky bolar. Şonuň üçinem oňa tüm diýilýärdä- diýip, tümüň ussasy öz işini anyklady.— Başga kemi ýok, ýagşy bejeripsiň - diýdi-de, gelinoraça, özüne garaşyp ýatan işine tarap ugrady. Oraça girendensoň sözüniň üstüne goşdy. - Illeriňki-de şondan artyk däl.


Bu är-aýalyň gepleşişinde bir hili üýtgeşik şiwe mese-mälimaňlanýardy, bir hili dilleri çalgyrt ýalydy. Bularyň ýüz keşbi-detöweregindäki adamlaryňkydan az-kem üýtgeşikdi.Bu gyrçuw öz ussaçylygyndan gaty hoşal boldy.— Meniň başarmaz işim bolmaz. Seýitmyrat bege şeýle birtüm gazyp berdim. Içinde ýüz adam ýerleşip biljek. Öýüköýenýene meniň gadyrymy bilmez - diýip, sözi agzynda oraça girdi.Oraçanyn bir dulunda ýüpek geýimleriň ýakasyna dürliýüpekden keşde çekip oturan gelin:— Seýitmyrat beg bilmez. Öwezmyrat batyr bilse bolany -diýdi.— Şol dogry. Adam gadyryny adam biler - diýip, gyrçuwsakgal saçakdan çörek aldy, bir käse suw guýup owurtlapiýmäge başlady.— Olar gadyr bilmez. Ine men Şasoltanyň gelinleriniňgeýimlerini bejerip otyryn. Ýene olaryň ýanynda meniňgadyrym ýok. Emma Mamagüle çigit ýaly hyzmat etseň, olseniň gadyryňy bilýär - diýip, gelin zeýrençli gürledi.— Dogrudyr. Biçäre Mamagül men tüm gazyp beremde görnäjüre söýündi. Maňa köp taňryýalkasyn aýtdy - diýip, gyrçuwonuň sözlerini tassyklady. Ol çörek iýip otyrka-da oraçanyňdüýbünde söýelgi duran ýeke atar sozana her wagt bir seredipgoýberýärdi. - Täzegül, eger atym ölmedik bolsady, men hergiz


Öwezmyrat batyryň yzyndan galarmydym. Hiç galmazdym. Olaýtdy, “Gutlymyrat, saňa ýene bir at alyp bererdim. Emma şuwagt başyma gaý wagtym boldy. Entek sen şu sozany al-da ilbiri bol” diýdi. Okum köp, mergenleriň biriçe sozan atypbilýän. - Ol ýerinden turup sozany eline aldy. Eýlesinibeýlesini,sypalap, ýene öňki ýerinde goýdy. Onuň ýüreginde“meniň dulumda ýarag bar, menem bir adamça söweşip bilýän,onsoň kim maňa gyjalat berip biler” diýen ynanjasy bardy. -Öwezmyrat batyryň jany sag bolsa, meniň okumam tükenmez.Ol donuny ýasgynjaň alyp daş çykdy hem golaýda bolanderweze bakan ýüzlendi. Derwezäniň iç agzynda işsiz adamlargürrüňçilige üýşüpdiler. Kim otyrdy, kim gyşaryp ýatyrdy,kimler küşt, düzzim oýnaýardy, kimler gürrüň edýärdi.Gürrüňçilikde hanyň perraçlarynyň baştutany Nazar, Batyrhajy, başga-da şolar ýalylar bardy. Bu gyrçuw hemgürrüňçiligiň bir çetinden baryp, aýak üstünde oturdy.Şol wagt gürrüň Dykma serdaryň birden ýitirim bolup,birnäçe gün bäri şäherde görünmeýändigi hakda barýardy.Gürrüňi gozgan Nazar perraçdy. Agyzdan-agza geçip, ýel alypbaşlan gürrüň Batyr haja ýaramady. Ol gürrüňiň öňünigabalamaga başlady:— Aý, özi, muňa agzy boş teke diýerler. Aýdanyny aýdarýörer bu. Ýogsa Dykma gala gitdi, menem onuň bilen bile


gitdim. Ýöne men bärki galalardan gaýtdym. Ol aňyrkygalalara baryp gaýtmakçy bolup gitdi. Syrkawlap dagy etmedikbolsa, ol bu gün-erte hökman geler.Nazar perraç bolsa:— Şeýledir-le - diýip goýdy.Şundan soň gürrüň başga tarapa burlup, batyrçylyk hakyndagitdi. Gara batyryň, Dykma serdaryň, ýene kimlerdirbirnäçeleriniň batyrçylygy hakda gürrüň edildi. Gürrüňiň gyzanýerinde Nazar perraç:— Öwezmyradyň batyrlygyny nähili görýäň? - diýip, Batyrhaja ýüzlendi.— Özi at münüp gylyç dakynana batyr diýiläýýär.Öwezmyradam bir batyr - diýip, Batyr hajy gümürtik söz atdy.Nazar perraç oňa özüçe düşündi.— Şol aýdanyň dogry. Onuň batyrlygy ýöntem. Ol saçakbatyry - diýip gürläp başlady. Onuň ýanynda oturanperraçlaryň birnäçesi gülüşdi. Beýleki oturan adamlardaüýtgeşik hereket bolmansoň, Nazar perraç hemmeleriynandyrmak üçin gürrüňini dowam etdi. - Ýok, oňa batyrdiýmen. Ol çemeçi batyr.Bu gürrüňi eşiden Gutlymyrat has ornaşykly oturdy. Ol:


— Nazar aga, Öwezmyrat batyryň batyrlygyna söz diýerýaly däl-le - diýip, Nazar perrajyň sözüni böldi. - Ol batyr-la.Batyra batyr diýmek gerek.Gutlymyrat şeýle diýdi-de, Batyr hajynyň ýüzüne garapgoýberdi.Öz ýanyndan özüni batyrlaryň biri hasaplap ýören Nazarperraç henize çenli şu tetelli adamlardan gürrüňçilikde şeýlegarşylykly söz eşitmedik bolara çemeli, onuň ýüzi dym-gyzylboldy. Hum ýaly çişdi. Gözleri guduzyň gözleri ýaly gyzardy.Emma ýarylyp bilmän dymdy. Oturan beýleki garamaýakperraçlar özleriniň baştutanynyň göwnüne deglenini aňdylar.Perraçlaryň biri baştutanyna ýaranjak boldy-da:— Eý, gul, seniň ýaly adam munuň ýaly gürrüňçilikde sembolup oturar - diýip, Gutlymyradyň üstüne hemleli gygyrdy. -Sen bar tüm gaz. Heleýlere ojak gazyp ber. Sen şol işleriňdengalma.Ýöne Gutlymyrat munuň bilen dymyp oturybermedi.— Men hemmesinem başarýandyryn - diýip, ýene Batyrhajynyň ýüzüne garap goýdy. Gutlymyrat hem öz ýanyndan“meniňem dulumda suw ýaly sozanym bar, menem il biri”diýip hasaplaýardy. Batyr hajy Öwezmyrat batyryňdoganoglanydyr, ol arkamda durar diýip ynanýardy, oňaarkalanyp gürleýärdi.


Şol wagt gürrüňçilikde oturanlaryň arasynda hemişe şunuňýaly dawa tapsa öjükdirmegi özüne kesp edinenleriň biri:— Guluň puşmanasy ýok, how. Şu-da özüne göwni ýetýänherbap kişilerden borly - diýip güldi-de, dawany mazalyöjükdirip goýberdi.Ýaňky geplän perraç Gutlymyrada hemle urdy:— Onda sen herbab-ow, gul?!— Men herbapdyryn, hemme işi başarýandyryn - diýip,Gutlymyrat hem ýan bermedi.— Lal bolup otursaň bolmaýarmy?! Indiki gürrüňleriňnäme? - diýip, şol wagta çenli sessiz oturan Batyr hajyGutlymyrada herreldi.— Men olaryň ýanynda gyz doguramok ahyry, batyr -diýip, Gutlymyrat gep düşündirjek boldy.Hakykatdan hem Nazar perraç Batyr haja garap saklananeken. Batyr hajynyň agyz uluňyny aňandan soň, Nazar perraç:— Munuň ýaly gullaryň hemişe edilýäni bellidir. Kellesikesilip syrtynda goýlaýýandyr. Emma bu gürrüňçilikde gelipgep nokatlaýar - diýip, bu märekede Batyr hajydan başgaÖwezmyrat batyryň hossarlaryndan adam barmy-ýokmy, onyseljerjek hem bolup durman azm urdy.


Indi Batyr hajy arka durmansoň, bu märekede perraçlaryňgarşysyna gidip, Gutlymyrada arka durup biljek kim bolupbiler? Perraçlaryň biri:— Onda sen her işi başaryp bilýäň-ow, gul - diýip, ýerindenturdy. Gutlymyradyň Batyr haja bolan ynanjy ýüregindenbütinleý çykypdy. Emma näme-de bolsa, töwekgellige salyp,bir sözünde durmagy ýüregine düwdi.— Hawa, men herbapdyryn. Öwezmyrat mert batyrdyr -diýdi.— Guly daňyň! Tä dilinden galýança suwa salma ýenjiň! -diýip, Nazar perraç gazaba çykyp gygyrdy.Ol sözüni aýaklap-aýaklamanka, bäş-alty sany perraç ýogyngamçylaryny somlap, märekäniň ol başynda duranGutlymyrada baka okduryldy. Gutlymyrat hem türkmençilikýaragyndan çemelisi hasaplanýan bir taý köwşüni aýagyndanaldy-da, başlygyndan tutup, goranmaga taýýarlandy.Heniz perraçlar märekäniň ortasyna-da ýetmändi. Bir çetdegyşaryp ýatan aksakgal zöwwe ýerinden galdy-da:— Eý, perraçlar! - diýip gygyrdy. - Eger Gutlymyradagamçy çalaýsaňyz, hökman gursagyňyzdan pyçagy dikerin.Aksakgal şeýle diýdi-de, Gutlymyradyň ýakynragynasüýşdi. Ol aksakgalyň sesi çykan badyna perraçlar ara ýoldadoňan ýaly bolup galdylar. Çünki ol aksakgalyň sandyrawuk


sesi gaty dyzgynly çykypdy. Onuň gahary iň soňky derejesineýetipdi. Ol bütin göwresi bilen saňňyldaýardy. Ol häzir edeýindiýen zadyny hökman etjekdi. Munuň üstesine-de ol garrynyňsesi çykan badyna eýýäm on-on bäş adam aýak üstüne galypdy.Bu ýaşuly Gandym aksakgaldy. Ol gürrüňi diňläp otyrdy. Öziak sakgalyndan utanyp, “heý, Batyr hajy perraçlara bir garawgaýtarmazmyka” diýip garaşdy. Ahyram ol tamasy çykmady.— “Il aglak bolsa, doňuz depä çykar” diýenleri çyn eken -diýip, ol gaharly gurläp başlady. - Bu perraçlar azypdyr. Iliňmugt çöregi bularyň garnyna depýär. Bu azgyn itleriňi ýygnadiýip, hana pugta tabşyrmak gerek.Nazar perraç näme diýjegini bilmedi, ýüzi çapady ýalygyzardy. Bu wagtlar gülki ýadyna düşmese-de:— Gandym aga, juda bizem ony uraýjak däldik - diýip,özüne zor salyp ýylgyran boldy. - Ýöne gula abaý-syýasatetdik-le. Senem ýöne birden gaharlanyberýäň.— Bizem ony perraçlara urduraýmazdyk. Sen turmasaňambolardy, Gandym aksakgal - diýip, Batyr hajy hem murtunytowlaşdyrdy.Emma Gandym Batyr hajynyň gürrüňine gulagam salmadyda,onuň üstaşyry Nazar perraja hemle urdy:— Abaý-syýasatyňy nirede etseň, şonda et. EmmaGutlymyradyň üstüne etmersiň... Gutlymyrat gul bolsa, senem


geň doňuz dälsiň... Garnuwlysyň, Nazar gul. Gutlymyratgulmy, igmi, näme bolsa bolubersin, ýöne ol hossarsyz ýerdenýeke çykan däldir. Nazar, hetdiňi tanap gezgin. Ol han agaňbilen, ähli perraçlaryň bilen bir wagt ýenjileniňi ýadyňdançykarmagyn. Eşitdim-eşitmedim diýmegin, Nazar gul, şundanşu ýana Gutlymyradyň itine-de ýekeje kesek oklanyňyeşidäýsem, öýüňi çillege döndererin. - Onuň birneme ýüregidüşüşdi. Bir azajyk sagyndy-da, sesini birneme peseldip, özbaşyna hüňürdedi. - Muňa seret, Öwezmyrat batyr bilen başdalaşýan gula seret. Şir zarbyn görmedik tilki maslygyňüstünde hyra dönýär, Öwezmyrat ýogsa batyr dälmi diýsene.Gaharyna çişip, hossar tapynanyna begenjinden damagydolup, gepläp bilmän duran Gutlymyrat:— Gandym aga, bu gulaty galada heleýleriň arasyndameniň ýaly myzapyrlaryň üstüne çişmäge batyrdyr. Öwezmyratbatyr dag arslanydyr... - diýdi. Şundan artyk gepläp bilmän,sözüni kesdi.Nazar perraç donuny silkişdirdi-de turdy. Märekäniň birçetine ýetende:— Adam bir gulça-da bolmad-ow - diýip hüňürdedi.Beýleki perraçlar hem onuň yzy bilen tirkeşip gitdiler. Ör aýaküstünde duran ýigitlerden biri:


— Özleriniň azyp, gözleriniň ýer görmeýänliginden özleribihabar-ow bularyň - diýip gygyrdy. Ýigitleriň birnäçesimasgara bolup sömelişip barýan perraçlaryň yzyndan seredipgülüşdi.Gandym aksakgal bolsa Gutlymyrada göwünlik berdi:— Gutlymyrat, sen özüňi myzapyr hasaplamagyn.Hossarlaryň kändir. Her bir olar ýalydan gep çekmegin.Gutlymyrat öýüne gaýtdy. Enteklerem onuň gaharygowzamandy. Gandym aksakgal oňa göwünlik berenem bolsa,onuň Nazar perraçdan eşiden sözleriniň hanjardan ýiti awyzäheriýüreginden çykmandy. Ol oraçasynyň gapdalyna bardyda:— Täzegül! - diýip gygyrdy.Täzegül onuň sesiniň hemişekisinden mojukdygyny şobadaaňdy. Ol jogap bermegiň deregine çaltlyk bilen daş çykdy. Ikiýaşlyja çaga-da onuň aýagyna dolaşyp çykdy.— Näme boldy, Gutlymyrat?! - diýip, oraçanyň agzyndabir hili müzzerip oturan Gutlymyrady görüp, Täzegül geňgalyp sorady.Gutlymyradyň iň ýakyn hossary - söýgüli aýaly, iki ýaşlyjaogly onuň gaşynda durup halyny soraýar. Iki damja ýaş onuňburnunyň gapdalyndan togalanyp, sakgalyndan syrykdy.


— Täzegül, ok bilen sozany çykar. Näme-de bolsa bir işedeýin. - Ol göýä bolup geçen wakany Täzegül hem gören ýalygürledi.- Soňam näme bolsa görerin. Öwezmyrat batyryňýanyna bararyn. Ol gorar.— Sen näme bolanyny bir aýt ahyry, Gutlymyrat. Nämeboldy saňa? - diýip, Täzegül öňküsindenem beter geň galypsorady.— Men bärden bardym... - diýip, Gutlymyrat ýüzüniňderini süpürdi. Märekäniň çetinden barşyndan başlap, nämegürrüň, nähili waka bolan bolsa bolşy ýaly gürrüň berdi. Hatdaaýagyndaky köwşüni alyp, onuň başlygyndan tutuptaýýarlanandaky hereketlerine çenli aýtdy.Her gören wakasyny jikme-jik gürrüň bermekGutlymyradyň häsiýetidi. Ol gysgaldyp aýdaýyn diýsede aýdypbilmeýärdi. Täzegül onuň gürrüňini gaşlaryny gaharly çytypdiňläp durdy. Onuň sözüni ýekeje gezegem bölmedi. Täahyryna çenli diňledi. Onuň gürrüňini diňläp durşuna, edenhereketlerini göz öňüne getirdi. Ahyry saklanyp bilmänýylgyrdy.— Batyr hajynyň öýüni alla ýyksyn... Gandym aganyňöýüne nur ýagsyn, ýaşy uzak bolsun - diýip, alkyş okady. -Men aýdýardym-a Gandym aganyň adamçylygy gowudyrdiýip.


— Şol aýdanyň dogry - diýip, Gutlymyrat onuň sözünitassyklady. Ýüregi ýerine gelen Täzegül ýylgyryp gürledi:Indi näme gaharlanýaň? Perraçlaryň öýüni köýdüripsiňizahyry.— Indi bir pikirim baryp şu Nazar perrajy tüpeňläpöldürsem diýýän. Şol ýerdenem Öwezmyrat batyryň ýanynagideýin diýýän. Şuny neneň görýäň, Täzegül? - Ol Täzegülüňýüzüne soragly garady. Soňra başyny ýaýkap, hyrçyny dişledi.- Wah, atym ölmedik bolsady, Nazar perrajy eýýäm öldürip,Öwezmyrat batyryň ýanyna ýeterdim. Men Öwezmyrat batyrbilen bir dogan bolup gezip ýörün-ä. Men onuň dogany ahyry.Men gul däl ahyry. Täzegül!..- Ol birneme suslandy. IndiTäzegülüň ýüzüne dikarynlap garady.- Indi sen näme diýýäň,Täzegül?— Ertire çenli sabyr et. Oňatja oýlan. Onsoňam bir iş etjekbolsaň, öňünden Öwezmyrat batyra bir geňeş - diýip, Täzegulmaslahat berdi.— Men bir iş etsem, Öwezmyrat batyr däl diýmez - diýip,Gutlymyrat ynamly gürledi. - Ol “her wagt üstüňe sürseler, senýeke bolup, olar känem bolsa gep çekmegin, seni bir çalsalar,sen iki çalgyn, adam sylamagyn, eger menem üstüňe nähaksürünsem gaýgyrmagyn, aryňy gidermegin, garaz, uruldymdiýip meniň ýanyma gelme-de, urdum, adam öldürdim diýip


gel” diýip sargap ýör ahyry. Elbetde, ol meniň edenime däldiýmez. - Soňra ol eýýäm Nazar perrajy öldürip, ony hemÖwezmyrat batyra gürrüň berýän äheňde dowam etdi. -Bararyn-da: “Ine, men-ä Nazar perrajy öldürdim, batyr”diýerin. “Näme üçin öldürdiň?” diýer. “Şeýle, şeýle edeni üçin,seniň aýdanlaryňam gulagymda galypdyr, batyr, onsoňöldüräýdim” diýerin. “Oňarypsyň, Gutlymyrat” diýer. Şeýlediýmese, meni öldüräý, Täzegül.Täzegül hem Gutlymyradyň özi ýaly sada. Janyndansyzdyryp, Gutlymyrada maslahat berýär:— Ol aýdýanlaryň dogry. Ýöne entek geňeşmeli adamlaryňbar ahyry. Ine, Seýitmyrat bege-de geňeşmek gerek. OnsoňamÖwezmyrat batyryň aýdyşy ýaly urmansyňyzam,urulmansyňyzam. Ýene urjak bolup köwşüňi eliňe alypsyň.Şeýle dälmi näme?— Ynan, Täzegül - diýip, Gutlymyrat ol sözüne dyngybererine mähetdel gürläp başlady. - Köwşümi elime alyp, şeýlebir taýýarlandym. Ol perraçlaryň onusy gelse-de, urupýykjakdym. Şeýle bir urjakdym. Şol wagt Öwezmyrat batyryňuruldym diýip gelmegin diýen sözem ýadyma düşdi. Şir ýalyboldum.— Indi näme-de bolsa Öwezmyrat batyra geňeşip etmekgerek. Bolmasa, hanam bar ahyry - diýip, Täzegülem gara çyny


ilen ony raýyndan gaýtarmaga jan edýärdi. Ýogsa ol “bar, ur,öldür” diýse-de, Gutlymyrat gidermidi-gitmezmidi. Gutlymyrathem hamana diňe Täzegülüň sözünden geçip bilmeýän adambolup gürledi.— Bolýar, Täzegül, bu sapar men seniň töwellaňy alaýyn.Ýogsam şu sapar hiç bir töwella aljak däldim. - Ol Täzegülsozany elinde saklap duran ýaly: - Aýyby ýok, onda sozanygoýaý - diýdi. Emma sozan öňki duran ýerinden, oraçanyňdulundan heniz gozgalmandy. Onda men ertir Öwezmyratbatyryň ýanyna gideýin.Är-heleý şeýle maslahata gelip, çagalarynyň elinden gutup,oraça girdi.Seýitmyrat beg ömründe Gutlymyradyň oraçasynyň, işiginitanaýan adam däldi. Kiçijik bir ýumşy çyksa-da, “baryň gulaaýdyň, bärik gelsin” diýip, kimedir birine çagyrdardy hembuýurjak ýumşuny buýrardy. Näme üçindir, bu gün olGutlymyradyň oraçasynyň gapysyndan geldi.— Gutlymyrat! - diýip, daşardan gygyrdy.Gutlymyrat ony sesinden tanady. Onuň gelenini gaty geňlänbolmaga çemeli, ylgap daş çykdy.— Hä beg!


— Hä, öýde otyrmydyň? - Seýitmyrat beg oraçanyňgapysyndan garady. Täzegül bilen saglyk-amanlyk soraşdy. -Täzegül, çagaň bilen sag-aman oturanmysyň?Seýitmyrat begden hiç wagt beýle ýumşak söz eşitmedik,hiç wagt onuň hal-ahwal soranyny görmedik Täzegül ýaşmakaşagyndan ýylgyryp, sessiz jogap berdi. Seýitmyrat begiň şeýlemylaýymlygyny birinji gezek görýän Gutlymyradyňam geňgalşy üýtgeşikdi. Bolsa-da ol muny özüçe ýordy. “Meniňýaňky perraçlar bilen dik durup gürleşip görkezen batyrlygymyGandym aksakgal Seýitmyrat bege gürrüň berendir. Seýitmyratbeg hem meniň iş bitirip biljegime begenendir, perraçlardogrusynda bir zat tabşyrmaga gelendir, begiň tabşyrygyny ikiesse ýerine ýetirerin” diýip, birnäçe wagtdan bäri Gandymaksakgal bilen Seýitmyrat begiň tersliginden bihabarGutlymyrat öz içinden pikir etdi.— Hoş gelipsiň, beg, öýe gir, oturaly - diýip, Gutlymyratellerini hereketlendirip, başyny hem egip goýberdi. EmmaSeýitmyrat beg:— Ýok, Gutlymyrat, men girip oturjak däl. Ýöne seniňbilen iki agyz gürrüňim bar. Ikimiz çolaraga çykaly - diýdi.Gutlymyrat “hä, perraçlar hakdadyr” diýip, ýeneýüregindäki öňki pikirini tassyklady.


— Bolýar, beg - diýip, oraçadan daşlaşyp ugran Seýitmyratbegiň yzyna düşdi.Bular oraçadan on-on bäş ädim arany açyp, aýak üstündedurdular. Täzegülem bularyň bolşuny geň görüp, çagasynyňelinden tutup daş çykdy. Täzegül ol ikisiniň arasynda bolýangürrüňi eşitmek isleýärdi welin, olaryň gürrüňi munuňgulagyna ýetmän galýardy. Diňe käbir sözleri aňşyrsa-da,olaryň gürrüňiniň näme hakdadygyny bilip bilmedi.— Gutlymyrat, meniň saňa tabşyrjak zadym bar - diýip,Seýitmyrat beg Gutlymyrady öňünden berkläp başlady. - Senol işi bitirseň-de, bitirmeseň-de, ony hiç ýerde, hatda aýalyňýanynda-da agzyňdan gaçyrmaly dälsiň. Eger bir ýerdeagzyňdan sypdyraýsaň, onsoň soňy gowy bolmaz.Düşünýärmiň?— Ýok, ýok, beg, arkaýyn bolaýyň - diýip, Gutlymyrathemişeki sadalygy bilen gürledi.— Ol gury sözüň bolmaýar - diýip, Seýitmyrat beg oňakasam etdirdi. Diňe şondan soň söze başlady. Özem ýumşunyaýtmaga geçmezden öňürti ýene Gutlymyradyň agyrylyýerinden tutdy. - Şu güne çenli seni il biri hasaplaman, saňaýer-suwdan paý bermän geldiler. Şu uruşdan soň şonam özümdüzederin.


Gutlymyrat hemişe ýerden, suwdan paýly bolmagyňarzuwyndady. Bir wagt bolup geçen bir sanaşykda Öwezmyratbatyr gygyryp, ony hem hakly edipdi. Emma soň haýsydyr biraksakgalyň gürrüňi bilen, saýry diýip, onuň paýyny kesipdiler.Şonda Öwezmyrat batyr “Aý, Gutlymyrat, ýer-suwdan kän zatýok-la, hanha ony ekýän kim, bakýan kim, bar, sen meniňpaýymy ekäý” diýipdi. Gutlymyradam oňa “Ol aýdýanyňdogry, batyr, ýeri-suwy ekýän ýok. Ýöne il deňinde paýyňbolsa ýagşy” diýipdi. Eger ýer-suw berilse, eline “il biri”diýlip, möhürli hat berildigi hasaplajakdy. Öwezmyrat batyrýene-de ony ýerli-suwly etjek bolup ýörite ugruna çykypdy.Ýöne ara başagaýlyk düşüp, bu iş soňa galypdy.— Ol aýdýanyň dogry, beg. Ýer-suw başyna gidip ýatyr.Emma maňa berenoklar - diýip, Gutlymyrat ýüregindensyzdyryp aýtdy.— Hawa - diýip, Seýitmyrat beg onuň aýdanlaryny ýekesöz bilen tassyklady-da, soňra gürrüňi öz isleýän ugrunagönükdirdi. Indi ol şeýle bir assa gepleýärdi welin, edilalkymynda bolaýmasaň, onuň näme diýýänini eşitjek gümanyňýokdy. Ol kimdir birini ýamanlaýardy, ele-sala gelmez ýalyedýärdi. Gutlymyradyň hereketleri üýtgäp, onuň şu gürrüňleridiňlemek islemeýändigi aňdyrýardy. Ol sesini çykarman


zordan saklanyp duran ýaly görünýärdi. Ahyram ol Seýitmyratbegiň gürrüňiniň soňuna alňasadymy-nätdimi:— Beg, ol beýle däldir ahyry - diýip, onuň sözüni böldi.— Adam bu berebekgeý dile düşmeze gep düşündirjekbolýar. Bu-da gaýta agzyna gelenini urýar. Biraz dur-da,gürrüňiň yzyny eşit-dä - diýip, Seýitmyrat beg oňa herreldi.Onuň gürrüňlerine ýüregi çydamasa-da, Gutlymyrat içinesalyp, geplemän durmaly boldy.Gürrüň Gutlymyradyň çak edişi ýaly perraçlar hakdabolman, düýbünden başga zat hakdady. Seýitmyrat begiň “olbiziň tirämiziň abraýyny, namysyny ýere çaldy, ýüzigaraçylykgetirdi” diýen sözleri gulagyna ilende, Täzegül gürrüňiň ýaGandym aksakgal, ýa-da Öwezmyrat batyr hakdabarýandygyny güman etdi. Gutlymyradyň özüni gaty üýtgeşikalyp barmagy hem gürrüňiň önjeýlidiginden habar berýärdi.Seýitmyrat beg sözüniň bir bölegini gutaryp, esasy gürrüňegeçmekçi bolan ýerinde bir salym dymdy. Gutlymyratpursatdan peýdalanyp, ara söz goşdy:— Onda indi näme etmeli?— Elbetde, şeýle adamlary ýok etmeli bolar - diýip,Seýitmyrat beg kesgin jogap berdi. - Ony sen başarmaly.Senden başga başarjak ýok.— Öldürmelimi? - diýip, Gutlymyrat gönüläp sorady.


— Hawa, öldürmeli.Gutlymyradyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.Esli wagtlap özüni ele alyp bilmedi.— Nädersiň? Başaryp bilermiň? Sen başarman, kimbaşarar? Başaryp bilersiň ahyry - diýip, SeýitmyratGutlymyrada hem sorag berýärdi, hem yrmaga jan edýärdi.Gutlymyrat edil düýş görýäne döndi. “Bu nähili gürrüňboldy, men kimdirin?” diýip, öz ýanyndan samyrdady.Birdenem ukudan oýanan ýaly boldy-da:— Beg, aý, beg, bu sözlere neneň diliň bardy? Garyndaşözüňkidir, men bir gelmişek gulduryn - diýip, gaty-gatygürlänini özi-de duýman galdy.— Gygyrman geple, eşek! - diýip, Seýitmyrat begtöweregine gorkuly nazar aýlady. - Assa geple, gul... Başarypbiljekmi, ýokmy, sen şony aýt maňa.Gutlymyrat göýä bir zynjyr tanap boýnuna atylyp barýanýaly, iki elini daldalady:— Ýok, ýok, beg, men hergiz ol işi başaryp bilmen. Asyl,asyl başarman...Seýitmyrat beg gazaba mündi-de:— Antyňy bozup, şu sözi bir ýerde agzyňdan çykaraýsaň,diri gezmersiň - diýip, gaharly ädimläp onuň ýanyndan gitdi.Gutlymyrat onuň yzyndan garap durşuna:


— Toba essapyrylla... Asyl başarman... Bu nämeboldugyka? Bu onuň oýnumyka ýa çynymyka? Çyny, çyny...Toba essapyrylla... - diýip, yzyny üzmän samraýardy. Ahyry olsaňsar ýaly bolup, iki ýana yraň atyp yzyna dolandy. Gapynyňagzynda duran Täzegül:— Näme boldy? - diýip, geň galyp sorady.— Aý, sen sorama - diýdi-de, Gutlymyrat tukatlyk bilenbaşyny aşak saldy. - Adam ölmese, her haýsyny eşitjek, herhaýsyny görjek. Ol dymdy. Ol hemişe bir zat eşitse, dessineTäzegüle gürrüň bererdi. Täzegül bu gezegem şeýle bolardiýip, onuň gürläp başlaryna garaşdy. Emma, näme üçindir,Gutlymyrat geplemeýärdi. Diňe käte bir “toba, essapyrylla”diýip gaýtalaýardy.— Näme boldy, aýt ahyry - diýip, onuň özüniň gürrüňbermejegine gözi ýeten Täzegül gyssap başlady. Gutlymyratonuň goýmajagyna akyl ýetirdi.— Aý, Täzegül, aýt, aýt diýip, ýüregim byjyklap dur. Menonuň ölümindenem gorkamok. Emma ant içdim, ant. Menneneň aýdyp bilerin. Eger başda şeýle gürrüňiň boljagyny bilenbolsadym, ant içmezdim - diýip, ahmyrly seslendi. Onuňoturyp karary ýetmedi. Birden ýüregine bir küý geldiminämemi,Täzegüle ýüzlendi. - Täzegül, torba çörek sal.


Ol baryp duldaky sozany aldy. Sozanyň çakmagyna saranesgisini aýyrdy. Agzyna dykan esgisini hem aýyrdy. Onuňhereketini synlap oturan Täzegül:— Sen indi nirä şaýyňy tutuberdiň? - diýip sorady.— Men Öwezmyrat batyryň ýanyna barmasam boljak däl.Şu gün men ony tapyp, hökman ýanyna barmaly - diýip,Gutlymyrat pugtalap aýtdy. Onuň şu sözünden soň hökmangitjekdigine göz ýetiren Täzegül torba çörek salmak bilenboldy.Gutlymyrat çörek torbasyny boýnundan asdy. Okly hatarynybiline guşandy. Oraçadan çykmazdan öňürti Täzegül bilenhoşlaşdy:— Hoş, sag bol, Täzegül. Kim meni sorasa, mergenler bilengitdi diýip aýt. Haçan geljekdigini bilmedim diýip aýt.Düşdüňmi? Täzegül onuň yzy bilen gapa çykdy:— Bar, sag bol.Gutlymyrat öýlänler şäheriň ilerki derwezesinden çykypgitdi.ASLYÝETI KIM?Mundan birnäçe ýyl ozal şeýle bir waka bolup geçipdi.Galalarda-da, galalaryň öňlerindäki obalarda-da öýler hatar-


hatar bolup oturýardy. Mamagülüň tüýs diýen ýaş gelinwagtydy. Güýzüň çigreklije agşamlarynyň biridi. Mamagülgoňşy-golamlarynyň gelin-gyzlaryny daşyna üýşürip, özöýünde keşde-tikin bilen meşguldy. Gelinleriň biri ertekiaýdýardy.Öwezmyrat batyr men pylan oba, pylanynyň ýanyna barypgaýtjak diýip, şu gün ertir ir bilen atlanyp gidipdi. Nämeüçinem bolsa ol bu gün gijä galdy. Ol urşa ýa-da alamanagidende ýaban ýataýmasa, başga wagt ýaban ýatýan adamdäldi. Her ýerde bolsa-da, ýatar wagty öýüne köwlenýärdi.Mamagül öz içinden: “Bu ne eglendi, gelmedi? Nä wagt, näzamana, jany beri sagmyka? Ýaga, dönüge duşup ýörenbolmasa-da ýagşy. Muňa näme bolduka?” diýip, howsalalypikir öwürýärdi. Gije il ýatar çenine barypdy. Birden daşardanat aýagynyň sesi eşidildi. Gyzjagazlar gulaklaryny keýerdişip:— Batyr kakam geldi - diýişdiler.Mamagül Öwezmyrat batyry garşylamak üçin ýerindenturdy. Daş çykmak hyýaly bilen iç işige bardy.At ýatagyna bardy-da, gazygynyň töweregine bir öwrülip,gapa gaýtdy. Edil gapyny süsäýjek ýaly etdi-de,hemişekisinden üýtgeşik bir ses bilen kişňedi. Onuň sesi depesaçyňy üýşürýärdi. Edil şol wagt gapyny açyp, daşaryk seredenMamagül:


— Waý, atyň üsti adamsyz gelipdir! - diýip, aýylgançgygyrdy.Öýüň gapdalyndaky kümede ýatan Kany batyr hem atyňsesini eşidenden bir zadyň bolanyny aňyp ylgap daş çykdy.Mamagül bolsa eýýäm atyň töwereginde pelesaň kakyp ýördi.— Iller, bagtym ýatdy! Öýüm ýykyldy! At eýesini taşlapgeldi... Dünýäm atdan aýryldy - diýip, gygyrýardy. Beýlekigelin-gyzlar hem atyň üstüniň boşdugyny görüp bagyryşmagabaşladylar.— Gijäniň ýarymynda gykylygyňyz näme, goýuň! - diýip,Kany batyr mertlik etjek boldy. Emma Mamagülüň bagrynyparalap bolup durşuna çydamady-da, ol hem iki elini ýüzünetutdy-da bagyryberdi. Öwezmyrat batyryň işigi ala-zenzelebolup başlady. Ýaňy uka batan uly oba ördi. Il-ulus ýygnandy.Gandym aksakgal hemme kişiden öň gelip:— Häý, sesiňiz gapylsyn, goýuň sesiňizi! Hany nämebolupdyr? - diýip sorady. At bu sowala hemmeden öň jogapberýärdi, ol heniz hem şol gapa baran ýerinde, göýätöweregindäkilere gep düşündirýän ýaly, başyny aşak-ýokaryatyp durdy.— Belki, aty boşanyp gaçandyr ýa-da ýolda gelýärkä, aýakýoluna oturanda, elinden sypyp gaçandyr. Siz gury gygyrypobany örüzdiňiz, goýuň sesiňizi - diýip, Gandym aksakgal aýal,


oglan-uşaklary köşeşdirjek bolýardy. Emma atyň bolşundanÖwezmyrat batyra bir zat bolandygyny aňdy.— Atlanyň! - diýip, töweregindäkilere buýruk berdi. OnsoňMamagüle sorag berdi. - Ol kimiňkä barjak diýipdi?Mamagülden ozal Kany batyr kimdir biriniň adyny tutdy.Şol wagt bir ýigit atyň başyny tutaklap Gandym aksakgalyňýanyna geldi:— Gandym kaka, seniňem atyňy getirdim!Gandym aksakgal, Kany batyr hem beýlekiler atlandylar.Gandym aksakgal Öwezmyrat batyryň atyny hem goşuna aldy.Az salymyň içinde kyrk-elli atly ýygnandy. Häzirem yzy gelipdurdy. Emma Gandym aksakgal:— Şularam bolar - diýip, atlylaryň öňüni çekip ugrady.Soňam olaryň yzyndan ýeten bäşlek-üçlek atly boldy. Hasgijräk gelenler yzyna gaýtmaly boldy. Sebäbi atlylar eýýämkowup ýeterden arany açypdylar.Mamagülüň gözüne çiş kakyldy. Gelin-gyzlaram onuňýanyndan aýrylmaýardylar.— Eger ol diri bolsa atyndan aýrylmazdy, aty hem ondan.Aty ony görüp durka, hiç ýaňa gymyldamaz. Onuň başyna biriş düşendir. Aty şony habar bermek üçin bärik gaýdandyr -diýip, Mamagül hünübirýan aglaýardy. - Gördüňiz ahyryjanawaryň gapa gelip kişňeýşini...


Gandym aksakgal atlylarynyň öňüne düşüp, at başynyçekmän, Öwezmyradyň baran galasyna bardy. Emmaderwezeban olary goýbermedi.— Biz tanalmaýan adamlar däl, goýber - diýip,derwezebana köp aýtdylar. Derwezebanam:— Ýagam, dönügem men ýagydyryn, dönükdirin diýipaýdyp gelenok. Gijäniň bu biwagt çagy sizi gala goýberipbilmerin - diýip, şol bir tutanyna tutup otyr.— Onda pylanyny bir çagyr, şeýle-şeýle zat üçin gerek -diýip düşündirdiler.— Ine, bu aýdanyňyz bolýar. Bar, ylga, derrew pylanynyturzup alyp gel - diýip, ol ýanyndaky ýoldaşyna buýruk berdi.Az salymdan soň:— Kim-aý bu wagtlar meni ideýänler? - diýip, galanyňiçinden biriniň sesi eşidildi. Gandym aksakgal:— Men! Men! - diýip gygyrdy.— Sen kim?— Men Gandym.— Hä, Gandym aksakgal senmidiň? Salawmaleýkim! -Olar saglyk-amanlyk soraşdylar. - Ýeri, bu biwagt çakeýgilikmidir?— Öwezmyrat batyr geldimi?


— Hawa, geldi. Günortanlar atlandy. Planynyňka barjakdiýip gidipdi.Onuň haýsy gala, kimiňkä gidenini salgy alyp, Gandymaksakgal şol tarapa at goýdy. Ol galanyň derwezebany hemderwezäni açmady. Bu derwezeban hatda diýen adamlarynyhem çagyryp bermejekdigini açyk aýtdy.— Ol siziň diýjek ýumuş oglanyňyz bu derwezäniňagzynda ýok - diýdi. Gandym aksakgal oňa kän düşündirdi,kän ýalbardy. Özüniň kimdigini tanatdy. Emma derwezebanyňgöwni bir ýalydy.— Men seni tanamok, tanasymam gelenok. Öz ýoluňyzagidiberiň - diýip, olar bilen gepleşmegem islänok.Derwezebanyň bolşuna Gandym aksakgalyň geldi gahary,hum ýaly çişdi. Emma ol geplemäge ýetişmänkä ýigitlerdenbiri:— Bu tanamaýan bolsa, tanadaýsa-ha bolar. Kimiňkimdigini muňa gylyç tanadar - diýip hyň urdy. Gandymaksakgal gazaba çykyp gygyrdy:— On sanyňyz atdan düşüň-de, şularyň galasynyň iň belentýerinden aşyň. Derwezäni açyň. Eger derwezeban el uzatsa,ony çapyň. Gygyrsa-da çapyň..Ol sözüni aýaklap-aýaklamanka eýýäm on-on bäş adamhasyrdap atdan düşüpdi. Aslynda bu ýigitler galanyň iň belent


ýerinde telpek goýup, onsoň birnäçe ädim yza çekilip maýalyp, ylgap gelşine gala el degirmän, onuň ýüzüne dyrmaşyp,şol telpegi depip, ýene yzyna gaýdyp düşmegi hünär edip ýörenýigitlerdi. Olar hatara goýlan eşegiň üstünden ýa-da jardantowsup ýaryş geçirerdiler. Ýaşulular bolsa bir gapdaldagyşaryşyp, ýigitleriň bu hünärlerine guwanmak bilen synederdiler.Bir wagt şular ýaly ýigitleriň biri garaňky gatlyşyberendeýedi süri goýnuň ili göçen bir gala gabalyp goýlanynygörüpdir. Galanyň diwaryndan aşyp, içine giripdir. Ýedi sanyçopan “goýunlarymyzy howpsuz ýere ýygnadyk” diýip,galanyň agzynda goş basyp, arkaýyn ot ýakyp, çörek bişirmekbilen meşgul ekenler. Şol wagt olardan biri galanyň içindegoýunlaryň arasynda ýaragly bir adamyň gezip ýöreninigörüpdir. Çopanlar galanyň agzyny ýap-da, galanyň agzynyýap bolşup, derrew derwezäni ýapypdyrlar. Emma ol ýigit öňkibolşy ýaly goýunlaryň arasynda arkaýyn aýlanjyrap ýörmüş. Olýigidi ogrudyr öýdüp, derwezäni ýapyp arkaýynlaşan çopanlar:— Haw, ýigit! Indi sen şu galadan näme alyp çyksaň, seniňhalalyň bolsun - diýip gygyrypdyrlar.Ol ýigit bu ýere hiç hili ýaman niýet bilen gelmändir. Olýöne çopanlaryň ýanyna baryp, çaý-çörek iýip, az-kem dynçalyp gitmekçi eken. Emma çopanlaryň özüni ogrudyr hasap


edip, derwezäni daşyndan ýapanyny gören ýigit bulara gözgörkezmek isläpdir. Ol süriniň bir çetinden baryp, semiz biröweji göz astyna alypdyr. Ony derrew tutupdyr-da, boýnunagöteripdir. Maý alyp ylgapdyr-da, boýny öweçli galadyrmaşyp, galanyň üstüne atlaýyn oturypdyr. Indi çopanlargalanyň daşyndan öwrülip barýança, onuň güw gitjekdigigörnüp dur diýýä. Emma çopanlar öz sözlerinde durupdyrlar.— Aý, ýigit, seniň alanyň halalyň bolsun, ýöne sen aýt, senjynmy, gökden inen bir belamy ýa-da adammy? - diýipdirler.— Men näme-de bolsam, goýnuňyzy şeýdip alsam halalgerek özi? - diýip, ol ýigit çopanlardan sorapdyr. Çopanlaram:— Şeýdip alsaň, saňa ene süýdünden halal bolsun -diýipdirler.— Halal bolýan bolsa, şu sözüňizi ýadyňyzdan çykarmaň -diýipdir-de, ol ýigit galanyň aňyrsyna düşüp gidipdir.Çopanlar onuň adamzatdygyna-da müňkür bolşup oturanekenler. Emma aradan salym geçmänkä, sürileriň arasyndasekiz sany pyýada peýda bolupdyr. Çopanlar eýlesinebeýlesinegaramaga-da ýetişmändirler. Bir görseler sekiz sanypyýada boýunlary öweçli galanyň üstünde joňkaryşypotyrmyşlar. Çopanlaram bularyň bu işine haýran galyp,agyzlaryny öweldişip, sakgallaryny sallaşyp durmuşlar. Şolwagt ýigitleriň biri:


— A-haw, çopanlar wadaňyzda wepaňyz barmydyr? - diýipgygyrypdyr. Bu sesiň öňki gelen ýigidiň sesidigini çopanlaraçyk tanapdyrlar. Çopanlardan biri:— How, ýigitler, wadamyzda wepamyz-a bar welin, sizkim, ynsmy siz, jynsmy siz? Özüňizi bir tanadyň. Onsoňamgoýunlar özümiziňki däl, keseki goýny - diýipdir.Ýigitler hezil edinip gülşüpdirler. Gaýdyp galanyň içinedüşüp, çopanlaryň ýanyna gelipdirler. Özleriniň näme işläpýörendiklerini gürrüň beripdirler. “Dönükler hem garakçylarbiziň malymyzy örä çykaranoklar. Häli-şindi dökülip, talapdurlar. Şu günler şeýle ýagdaýlar hasam köpelipdir” diýip,çarwalar gala aksakgallaryna ýüz tutan ekenler. Bu ýigitler hemşol iş bilen çykyp, mal-garalaryň köpräk ýaýraýan ýerleriniňtöwereginde gizlin bukuda oturýan toparlaryň biri eken.Olar çopanlara özlerini tanadanlaryndan soň, öz işleri bilengidipdirler. Çopanlar bolsa hoşal bolup, arkaýynlaşypdyrlar.Bu ýigitleriň şunuň ýaly görkezýän hünärleri hakynda halkarasynda hyýala meňzeş her hili hekaýalar sözlenýärdi.Gandym aksakgal bolsa ol hekaýalary diňe eşitmek bilençäklenmändi, öz gözi bilen görübem oňmandy. Ýaşwagtlarynda onuň özi şeýle hunär görkezip ýörenýigitlerdendi. Şonuň üçinem ol ýigitlerine galanyň iň belent


ýerinden aşmagy buýranda, olaryň bu işi bitirjekdiklerine berkynam bilen buýrupdy.Gandym aksakgalyň buýrugy agzyndan çykandan soň, sözesalym ýok, birnäçe ýigit garaguş ýaly loňkuldap, eýýämgalanyň üstündedi. Rejäniň geň däldigini aňan derwezeban:— Haý, duruň, diýen adamyňyzy dessine çagyryp geleýin -diýip gygyrdy. Emma gijä galypdy, ýigitler eýýäm onuňýanyndady.— Aýyby ýok, goý, çagyryp gelsin, gul indi bildi - diýip,Gandym aksakgal seslendi.Derwezeban ylgap gidip, diýen adamlaryny turzup alypgeldi. Gelse-de, bary bir Öwezmyrat batyr bu ýerde hem ýokeken. Ol pylan gala, pylanynyň ýanyna gitjek diýip, gün öýläsanandan soň bu galadan hem gidipdir. Gandym aksakgal dagysalgy alyp, şol diýlen gala gitdiler. Bular sürüp ol galanyňagzyna ýetenlerinde onuň derwezebany ardynjyrady-da:— Kimlersiňiz? - diýip sorady. Olaryň jogap bererine-degaraşman, sözüniň üstüne goşdy.- Belki, Öwezmyrat batyryňyzyndan çykansyňyz? - “Hawa” diýen jogaby eşidenden soň olhezil edinip güldi. - Öwezmyrat batyryň bar bola.Derwezeban bir zatlary gürrüň bermäge hyýallandy. Emmadaşarda duranlaryň karary ýetmedi. Olar anyk habar eşitmägegyssandylar. Onuň, özi sag-aman barmy? - diýip gygyrdylar.


— Ol gurgun-la - diýip, derwezeban şol öňki äheňindengülki arasy bilen şadyýan gürrüň bermäge başlady. - Olgurgun, gaýta ýany bilen iki sany gulam tutup geldi. Ol Hanlybatyryň ýanyna gelipdir. Gürrüňe kellelerini gyzdyryp, köpoturypdyrlar. Il ýatar çenine golaýlanda, ol gaýtmakçy boldy.“Gije ümürli hem howply, dönükler ýollary saklaýandyrlar,batyr, bu gije gaýtma” diýip, Hanly batyr aýtsa-da, ol etmängaýtdy. Ine hälem iki sany gul tutup, yzyna öwrülip geldi.Öwezmyrat batyryň her galada özi ýaly ýigitlerden dostlarybardy. Ol öz dostlaryny gaty söýerdi, dostlary-da ony söýerdi.Bu galada Hanly batyr diýen bir ýigit onuň iň ýakyn dostudy.Ol beýleki galalardaky dostlarynyň ýanyna baryp, ahyry hemaýlanyp Hanly batyryň ýanyna gelipdi. Hanly batyr oňa söwüşetdi. Şonuň bilen giç öýlän gelen Öwezmyrat batyr özüniňdostunyň ýanynda tä il ýatara ýakynlaýança oturypdy. Soň olgaýtmakçydygyny aýtdy. Bu gün güýzüň çigreklije-çyglyjagüni bolup, pasylyň başynda howa birinji sapar ümür gelipdi.Aslynda ümürli howada gep ýokdy, zamana gorkulydy. “Ýurdybelet çapar” diýen ýaly, öz ýurduna dönükçilik edip dagaçykanlar, ileri hanlarynyň buýrugy bilen yzyna özi ýaly elliatly, ýüz atly garakçylary tirkäp gelýärdiler, buljum jarlarda,böwserlerde, ýykyk harabalarda bukulyp, ýol saklaýardylar,iki-ýeke gije ýolagçylaryny tutup, “olja” diýip alyp gidýärdiler.


Emma ýolagçy gaýtawul bermekçi bolsa, onuň kellesini kesipalyp gidýärdiler, gowy görünmek üçin ileri hanyna sowgateltýärdiler.Ileri diri äkidilen ýesirleriň hossarlary eger Kany batyryňkyýaly bolsa, olaryň hossar bolmadygy, eger hakyky hossarbolsalar hem olaryň gurplulary pul döküp, puluň güýji bilen özadamlaryny satyn alýardylar.Öz gujuryna ynanýan ýigitler bolsa ileriniň öz adamyny alypgiden galalaryna gün-mydar bermezdi. Bir gije baryp, galanyňmal-garasyny sürüp alyp gaýdardy. Ýene bir gije başga birzadyny alyp gaýdardy. Soň bir gije hut galanyň hanynyňkowumlaryndan birini ýesir edip alyp gaýdardy. Garaz, galanybir kädä gabardy. Ahyry, galanyň hany alaç tapman, ýesiriyzyna gaýtaryp berýärdi. Käte hanyň içi ýanyp, gaharyna şolýesiri alyp gelen dönügiň özüni öldürýän mahallary-dabolýardy.Kellesi alnyp gidilenleriň hossarlary bolsa, “ar-namys, ganhun”diýip, şol kelle alnyp barlan ileri galalarynyň töweregindeher gije aýlanar ýörerdi. Ol hanyň özüniň ýa-da onuň ýakynadamlarynyň biriniň kellesini almaga jan ederdi. Ýene tä şolmaksadyna ýetäýýänçä, şol galanyň adamlaryndan her kimöňünden çyksa-da gaýgyrmazdy.Şu resimden çekinen Hanly batyr:


— Şu gün howa ümürem geläýipdir. Gel, şu gün gaýtma,batyr, ýatyp git - diýip, kän ýalbardy. Öwezmyrat bolsa onuňsözüne:— Sen nähili? Meniň häsiýetime näbelet ýaly-la bolşuň.Ýa-da gün-günden meniň gorkaklygym çykýandyr öýdýäňmi?- diýip güldi. Öz eňegine tutup, Hanly batyryň aýdanyna gulakasman ýola düşdi. Hanly batyrlaryň galasy dagyň düýbünde birböwsededi. Öwezmyrat batyrlaryň galasy bilen arasy on-on ikiçakyrym ýoldy. Bu ýol baýyrlyklaryň, köne harabaçylyklaryňarasyndan hem siliň akan jarlarynyň üsti bilen geçip gidýärdi.Öwezmyrat batyr galadan çykyp ugramakçy bolanda hatdaderwezeban hem:— Batyr, bu gije göze dürtme garaňky, gitme - diýip,maslahat berdi. Emma bolmady.Öwezmyrat batyr tüm garaňkyny böwsüp barýardy, emmaonuň gylyjynyň baljagy ýazdyrylgydy, guşagyna gysdyrylgysapançasy häzirlengidi. Ol töweregine pugta eserdeňlik edipatyny sürýärdi.Öwezmyrat batyr iki-üç çakyrym ýol geçip, galadan mazalyarasyny açdy. Ol indi birnäçe gabyl jarlaryň üstündengeçmelidi. Onuň öňünde bir zat çiş gara bolup salgym atdy.Öwezmyrat batyr atynyň başyny çekdi-de, göýä nazar alýanýaly, aşak eglip, atyň iki gulagynyň arasyndan seretdi.


“Bukuda ýatan dönükleriň garawuly” diýip, öz ýanyndanhümürdedi. Köp oýlanyp durmady-da:— Haý, ýagy bärde haw! Ýaryň dagyň agzyny al haw! -diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy. Atynyň başyny çeketutup, gamçyny yzly-yzyna şarpa-şarpa urmaga başlady. Atgamçynyň awysyna çydaman, öňe bökýär, onda-da başyçekilýär. Ol bir duran ýerinde böküp durşuna, uly güpürdituruzýar. Gamçy şarpyldysy hem onuň üstüne goşulýar. Göýäbir topar atly eňip gelýän ýaly duýulýar.Bu bukuda ýatan kyrk atly dönük-garakçylar eken. Olar biziaňlap üstümize çozdular, dagyň agzyny almazlaryndan öňürtibaryp geçeliň diýip howsala düşdüler hem atly-atyna atlanyp,“kime beren bir alla” diýdiler-de, akyp ýatan suwuň boýunysyryp, ýokarlygyna baka at goýdular.Ala-goh turzup duran Öwezmyrat batyr hem ýagynyň basgytapanyny aňyp, atynyň başyny gowşatdy. Öwezmyrat batyryňmaksady diňe olary gaçyryp, öz ýoluny açyp geçip gitmekdi.Eger ol atynyň başyny goýberse, derrew olaryň yzyndanýetjekdi hem özüniň ýekedigi bilinjekdi. Şonuň üçinem olatynyň başyny çeke tutýardy.Garakçylar atlanyp, basga düşüp ugranlarynda olardan biri:


— Waý, galdym! - diýip gygyrdy hem bir tarapyna bakaeýeri bilen zyňlyp düşdi. Onuň münüp oturan aty bolsa köpatlynyň şowurgyny bilen gaçan atlylaryň yzyna düşdi.Öwezmyrat batyr “hudaý berse guluna, getirip goýar ýoluna,ine bi biri maňa olja galdy” diýip, dessine atyndan düşdi.Eýeriň gaşyndaky ýan tanapyny eline alyp, şol ýykylyp galanydaňmak üçin bardy. Bu ýykylan ýigrimi, ýigrimi birýaşlaryndaky geýnüwli daýaw ýigit eken. Ol ýykylanda gatyýykylmandyr, özem dogumly eken, ýüzüni daňdyrmajak bolup,Öwezmyrat batyr bilen ýakalaşdy. Ahyry Öwezmyrat batyrberkräk darap, onuň ellerini arkasyna gaňyrdy. Indi tanapy atypdaňmakçy bolan pursatynda, birden munuň sag omzundan biriýapyşdy.Öwezmyrat batyr gaňrylyp seretse, özünden hem daýaw biradam üstüne abanyp, omzuny döwup barýar. “Bu adam şuýykylyp galanyň iň ýakyn janköýer hossarydyr. Munuň galdymdiýen sesini eşidip, olam galandyr” diýip, Öwezmyrat batyrgöz ýumup-açasy salym pikirlendi-de:— Näme saňalyp dursuňyz! Tüpeňiň gundagy bilen beriňýeňsesine! - diýip, çepine gygyrdy hem tutan ýigidiniňýeňsesine depip haýyny aldy.Şol wagt soň gelip Öwezmyrat batyryň sag omzuna ýapyşangelip ýeňsesine urjaklara gaýtawul bermek, gaçyp sypar ýaly


olsa olardan gaçyp gutulmak üçin arkanjaklap çekildi. Olarkanjaklap çekilende ýeňse ýanyndaky çuň jara güwläp gitdi.Onýança Öwezmyrat batyr ol ýigidiň iki elini arkasyna sarady,iki aýagynam jübütligine sarady. Onsoň jara ýykylana bakaylgady. Ol indi ýüzüni ýaňy raslap başlapdyr-da, jaryň birtarapyna dyrmaşyp çykjak bolýar. Şol wagt ol sag gulagynyňaşak düýbüne gaty zadyň degenini bildi. Şobada-da gözigaraňkyrap, huşuny ýitirdi. Birazdan soň ol özüne gelip gözüniaçanda, eýýäm goly arkasyna daňlypdyr. Öwezmyrat batyryňýumrugy edil daş ýaly gatydy, munuň gulagynyň aşak ýanynadegip, özünden giderenem şonuň ýumrugydy.Öwezmyrat batyr goly daňylgy bu iki adamy bir ýereýygnady. Töweregine gözüni aýlady. Emma töwerekde atyýokdy.— Bu näme boldugy boldy? Meleguşuň kellesine nämehyýal geldikä? Hemişe beýle häsiýeti ýokdy-la - diýip, özbaşyna hümürdedi.Hemişe aty muny hiç wagt taşlap gitmeýärdi. Hatda olüstünden düşüp, atynyň başyny öz ygtyýaryna goýanda-da, atynirä gitse yzyna düşüp, yzyndan galmaýardy. Bu sapar welizym uçan ýaly bolup bir ýere göterilipdir. Öwezmyrat özatynyň ýagynyň atlarynyň yzyndan gitmejekdigine berkynanýardy. “Meniň bu iki dönük bilen ýakalaşyp ugranymy


görendir. Biz çuň jara düşenimizden soň Meleguş mendentamasyny üzüp oba baka ökje göterendir” diýip, Öwezmyratbatyr öz ýanyndan oýlandy.Bu, hakykatdanam, şeýledi. Meleguş eýesiniň daşyna ikisany adamyň geçenini görüp, howsala düşdi. Hokranypaýaklaryny peşedi. Eýesiniň edip ýören mekirliklerinedüşünmedik at eýesi jara girip gözden gaýyp bolap wagty hashem howsala düşüp, bir gapdala zyňdy, hoň ýaly ýere baryp,yzyna bir dönüp seretdi. Ýene eýesi gözüne ilmedi. Şundan soňol aýagynda baryny edip oba tarap eňdi.Öwezmyrat batyr gaçan ýagylaryň yzyndan seretdi, diňsaldy. Dönükleriň atlarynyň toýnaklarynyň sesi henizem çalajaeşidilýärdi. Ol atlylar özleriniň atlarynyň şowurgynynayzlaryna düşüp barýan üsti adamsyz iki aty ýetip gelýänkowgudyr güman edip, dagyň agzynyň beklenmegindengorkup, has-da beter gaçýardylar.Öwezmyrat batyr pyýada galandan soň özüne ýakyn tarapysaýlamaly boldy. Oba gideninden yzy ýakynda. Şonuň üçinemol yzyna Hanly batyrlaryň obasyna öwrüldi. Iki sany elidaňylgy guly öňüne salyp ugrady.Bu iki ýesir diňe goly daňylgy ýola düşüp ugranlaryndansoň özleriniň kyrk atlysyny gorkuzyp gaçyranyň hem ikisini


daňanyň ýekeje adam ekenligini bilip galdy. Öwezmyrat batyrbu ikisini alyp Hanly batyryňka dolanyp bardy.Derwezeban bu gyzykly wakany gürrüň berenden soň:— Girseňiz derwezäni açaýyn - diýdi. Emma Gandymaksakgal:— Munça atly bilen girip, ili örüzip durmaly, ýöne sengaýrat et-de, oňa biziň gelenimizi duýdur - diýdi.— Ony gaty duýduraryn - diýip, derwezeban ylgap gidip,duýduryp geldi. Onuň yz ýanyndan:— Gandym kaka! - diýip, Öwezmyrat batyr hem Hanlybatyr bilen gelip ýetdi.— Hä. Barmysyň, batyr?— Bardyryn welin, Gandym kaka, sizem uly heläkçiligegoýaýdym öýdýän - diýip, Öwezmyrat batyr utanç bildirdi.— Özüň sag-aman bar bolsaň bolýa. Ýöne obadamaşgalalar howsala düşdüler - diýip, Gandym aksakgal parahatseslendi.Öwezmyrat batyr derwezebana bir penje gyran berdi. Hanlybatyr bilen hoşlaşdy. Onsoň olar Öwezmyrat batyryň ikiýesirini hem alyp, öz galalaryna baka gaýtdylar.Soň mälim bolşuna görä, bu iki ýesiriň birinji atdanýykylany bir galanyň hanynyň ogly eken. Olaryň galalaryndatekelerden gaçyp baran bir dönük bar eken. Ol galanyň


hanynyň buýrugy bilen galanyň jalaýlaryny yzyna tirkäp,serdar bolup gelip, il çapar eken. Ol bu sapar hem hemişekileriýaly: “Meniň tekelere alamanym bar. Kim gitse, şaýynytutsun” diýip, gala bildiriş edipdir. Özüne göwni ýetýänjalaýlar: “Gideris, çaparys, olja alarys” diýip, özlerini batyrgörkezipdirler, dönügiň daşyna üýşüpdirler.Hanyň oglunyň hem batyr bolmak hyýaly ýüregine düşüp,gidermen bolupdyr. Atasy “gitme” diýip köp aýtsa-da, lälikýigit bir eňegine tutupdyr. Atasy, bir tarapdan gorksa, ikinjitarapdan, oglunyň batyr bolanyna-da guwanman durmandyr.Ýöne han oglunyň aladasyny mazaly edipdir. Atlylaryňserdarlaryna pugta tabşyrany bilenem kanagatlanman, özüniňhyzmatçylaryndan iň daýawyny saýlap, ogluna gözegçiliketmek üçin bularyň ýanyna goşupdyr. Bu hyzmatçynyň bolsauruş diýen zady şu birinji sapar görşi eken. Öwezmyrat batyryňsesinden dowula düşen alamançylar basga düşüp gaçypbaşlanlarynda, ol hanyň oglunyň sesini eşidip tanapdyr. Ölsemöleýine salyp, atyndan düşüp ylgapdyr. Ýogsa-da ogluny taşlapbarsa, hanyň öldürjegine onuň gözi ýetip duran eken. Şonuňüçinem ol uly howsala bilen baryp, Öwezmyrat pälwanyňomzundan ýapyşypdyr. Şol wagt Öwezmyradyň “urýeňsesinden” diýen gykylygy ömründe uruş görmedik adamyň


zähresini ýarypdy. Ol birden arkanjaklap gaçyp, jaraýykylypdy.Öwezmyrat batyryň agşamky oljasyny synlan ýigitleri:— Batyr, oljaň oňupdyr. Bu pylany hanyň ogludyr. Munybäş ýüz tümenden bir dinarynam kem bahalamagyn. Hanyňgözi çykan ýaly almaly bolar. Olja gelen hanyň ogluna seret!Gaýta özi kem olja bolmandyr, ýerine düşüpdir. Batyr, bäş ýüztümenden ýekeje jinneginem kemmegin diýişýärdiler.Öwezmyrat batyr bolsa:— Aý, ýigitler, ynsap diňe ýarpy diýipdirler. Şu günlerýesir alyş-çalşyň iň ýokary bahasy iki ýüz elli tümen. Aýbyýok, men handan şony talap edäýerin - diýýärdi.— Ogludyr, müň tümenem diýseň alar - diýşip, ýigitleremýan berenokdylar. - Şonuň üçinem kem bahalama, batyr.— Ilden üýtgeşik ala-bäle nyrh çykaryp, ynsapdan çykmakgerek däl - diýip, Öwezmyrat batyram öz eňegine tutýardy.Öwezmyrat batyr gul tutup gelenden soň üç-dört güngeçipdi. Onuň ýanyna orallaşan bir aýal geldi. Saglyk-amanlyksoralyşyp, nahar-şor berildi. Myhmançylyk hezzet-hormatyberjaý edilenden soň, Öwezmyrat batyr:— Ýeňňe, belli bir habar bilen geldiňizmi ýa-da myhmanbolup geçip gitmekçimi? Soramagyň aýby ýok - diýip, bunätanyş myhmandan habar sorady. Nätanyş aýal:


— Men habarly geldim, jigi - diýdi. - Men bir agyr söwda,gutulmaz derde duşdum. Meniň derdimiň dermanam seniňeliňe düşüpdir. Men senden şol dermany diläp geldim. Şoldilegimi bitirseň, jigi.— Menden bitjek zat bolsa, ol hökman biter, ýeňňe.Aýdyber - diýip, Öwezmyrat batyr ony arkaýyn etdi.— Sen bizi tanamasaňam, biz seni tanaýarys, jigi. Atowazaňyeşidýäris. “Onuň kakasy Däli batyrdyr. Ol ejizleriňhossarydyr” diýip, agzyny açan gürrüň edýär. Şonuň üçinemsenden tamamam şeýledi, jigi - diýip, Öwezmyrat batyrdan hoşsöz eşiden myhman aýal ilki onuň birneme öwgüsini ýetirdi.Soňra ol özüniň başyna düşen agyr wakany gürrüň bermezdenöňürti, türkmen aýallaryna has bolan bir häsiýetde ilki özüniňkimiň gyzy bolandygyndan başlap, ata-enesiniň bolşundan,goňşularynyň bolşundan, obalarynyň rehimli, rehimsizadamlaryndan,watan dönüklerinden gürrüň berip başlady. Soň özüniň äreberlişi hakdaky gürrüňe geçip, özi üçin salnan galyňa, edinenşaý-seplerine çenli jikme-jik gürrüň berdi.Ýaş gelin Mamagül onuň berýän gürrüňlerini yşk edip,höwes bilen diňleýärdi.— Edinen şaý-sepimiň ýekeje halysy-da maňa berlengalyňdan artykdy - diýip, ol aýal gürrüňini dowam edýärdi.


Öwezmyrat batyr üçin bolsa bu gürrüňleriň bary boşgürrüňlerdi. “Seniň äre baranyň, sep edineniň maňa nämägeregi bar. Aýtjak sözüňi iki agyzda aýt-da gutar-da” diýip,Öwezmyrat batyr öz ýanyndan ol aýala käýinýärdi. Onuň diňemyhman hatyrasyna sesini çykarman zordan saklanýardy.Nätanyş aýal bolsa Öwezmyrat batyryň kalbynda gopýanharasatdan bihabardy. Gürrüňini şol bir äheňde dowamedýärdi. Soňra ol äre berlen ýeri, äri bilen ýaşaýşy, goňşygolamlarybilen gatnaşyklary hakdaky gürrüňe geçip, ýene birtopar zady ownuk-uşak jikme-jikligi bilen gürrüň berdi. Äriniňoglanlygyndan başlap, uzyn hekaýa sözledi.Myhman aýalyň gürrüňiniň soňky bölegi gyzyklyrakboldumy-nämemi, ony Öwezmyrat hem höwes bilen diňledi.Gepiň gysgasy, bu aýal agyr şaý-sep edinip, äriniň öýünegelin bolup gelipdir. Onuň bilen ýaşaşyp başlapdyr. Munuň ärihem garyndaşy-hossary köp ýerden eken. Bular gurplyýaşapdyrlar. Kyrk ýaşyna ýakynlanda äri ölüpdir. Ömürleriniňboýuna bu är-aýalyň kemala getireni bir ogul bilen bir gyzbolupdyr. Bu aýal heniz ogluny öýlendirmänkä, gyzynyçykarmanka, hatda heniz gyzyny kime çykarjagy hem bellidälkä, gyzyna şaý-sep edip, sepindirip başlapdyr.Şol wagt birden bir gije onuň ogly öldürilipdir. Ol oglanyöldüren hem bu aýalyň äriniň ýakyn garyndaşlaryndan biri


olup, ol “men bu oglany öldürsem, onuň aýal doganynyalaryn, maly-dünýäsine eýe bolaryn” diýen niýet bilen öldüreneken. Ol “menden hiç kim güman etmez” diýip pikir edipdirhem ol oglany namartlyk bilen gapyllykda öldüripdir.Emma aradan birnäçe gün geçenden soň, ol oglany kimiňöldürendigi aýan bolupdyr. Onsoň ol ganhor gaçyp, dagaçykypdyr. Ol aýalyň hossarlary tarapyndan hiç hili kömekbolmandyr. Şonuň üçinem ol pul güýji bilen şol dönügiňkellesini getirtmekçi bolup, köp batyrlara pul berip, zat harçlap,iýdirip-içirip garyp düşüpdir. Emma hiç bir zat hasylbolmandyr. Soň bu aýalyň özi erkek lybasyna girip, ýaragdakynyp, at münüp, gan almagyň ugruna çykypdyr. Bu işdeözüniň köp hossarlarynyň arasyndan diňe iki sany ýaşajykoglan bu aýala ýoldaş tapylypdyr. Ol şol ganhor dönügiňbolýan galasynyň töweregini köp gijeler saklapdyr. Işi-derdibolup galadan biwagt çykan bigünälerden bir-iki sanysynyňkellesini hem alyp bilipdir. Emma ol kelleler onuň ýüregindäkiýangyna suw sepip öçürmändir. Ol aýal şol dönükden başgaähli ilerini gyryp, kellesini üýşürse-de, ýüregindäki oduňöçmejekdigini bilip, bu bihuda işdenem el çekipdir. Gürrüňiniňahyrynda ol şeýle diýdi:— Bu seniň eliňe düşen şol dönügi öz galasynda saklap,biziň ýurdumyza baka çapawulçylyga iberýän hanyň ogludyr.


Dertli dermanyny yzlar diýen ýaly, men onuň atasyna-enesineçenli belet. Bu oglanyň ady pylandyr, onuň ejesiniň adypylandyr, kakasynyň - hanyň ady pylandyr, bularyňgalasyndaky atlyrak adamlara çenli men belet. Meniň gijegündizşondan başga işim ýok. Küýüm-köçäm şol gala. - Olsözüne bir azajyk dyngy berdi-de, haýyşyny aýtdy. - Sen, jigi,şol hanyň ogluny maňa sat. Men onuň agramyna agram pulbereýin. Emma şonuň atasy tä şol dönügi tutup, goluny daňyp,diri getirip tabşyrynça, şol oglany saklamagy boýnuňa al.Sebäbi men alyp gitsem, men bir ejiz. Ony bir gije ogurlapgiderler. Töweregimden bolsa, maňa kömek ýok.Bu söwda Öwezmyrat batyr üçin görlüp-eşidilmedik, ildeýok gyzykly bir söwda bolup göründi. Hakykatdan hem, belki,başga ondan ýüz esse beter adatlar-da il içinde resimdi, emmabir adamyny ikinji bir adamyň kastyna menduzak etmek adatyil içinde resim däldi, ol diňe hanlar tarapyndan edilerdi, il oladaty pislärdi. Öwezmyrat batyr az salym dymandan soň:— Men bu işi etsem, il maňa näme diýer? - diýip, olaýalyň ýüzüne dikanlady. - “Öwezmyrat namartçylyk etdi”diýerler. Iliň-ulusyň içinde ýüzüm gara bolar. Men ile çykypbilmen. Ýöne bir zat - bu oglany atasy hyrydar çyksa atasyna,ýogsa-da, Hywa gidýänlere satyp, şol dönügi öldürip seniňogluň ganyny almagy öz boýnuma alsam neneň bolýar?


Emma ol aýal:— Meniň ýaly ejiz üçin edeniňi il ýaman görmez. Il, gaýta,gowy görer, jigi. Sen meniň şu işimi bitir - diýip, bir eňeginetutdy. Öwezmyrat batyr:— Hökman şol dönügiň diri özüni ýa-da kellesini getiripbereýin - diýse-de etmedi. Ol aýal bir gije-gündizläp ýalbarypoturdy. Öwezmyrat batyr bu gullary tutanyna puşmana geldi.Ahyry oba-il “şu ejize kömek et” diýip töwella etdi. Diňeşondan soň Öwezmyrat batyr:— Bolýar, ýeňňe, sen bir ejiz bolanyň üçin şu ilde ýok işiedeýin, ýöne sen pul diýip aýtma. Men dünýäni puldandoldursaňam, pul üçin ol işi etmen - diýdi.— Ömrüň uzak bolsun!.. Başaryp bilseň, şol dönügi dirigetirtgin - diýip, ol aýal alkyş baryny aýdyp, sargap gaýtdy.Çelgi edilip ýa-da lüň basylyp, ýörite bellik bilenbellenilmän, diňe uzalyp gidýän tebigy belgi-dag bilençäklenýän serhet tygasydan bärik ýüreginde ýaman niýetibolman, söwda-satyg işi bilen ýa-da başga iş-derdi bileň geçenadama ölüm hem zulum ýoklugy-da bir adat. Ol haýsy dinden,haýsy milletdenem bolsa bolsun, diňe dönük bolmasyn, ondanbaşga her kim bolsa-da, “pylan gala, pylan iş bilen barýan”diýip, açyk aýdyp gidene hiç zowal ýokdy, bardy-geldi ýoldajalaý, azgyn gyňyrraklara duşup, ol ýolagçynyň zady talanaýsa


ýa-da başga hili horlukçekäýse, onuň yzy idegsiz gitmeýärdi. Ol ýolagçynyň niýetläpbarýan galasynyň adamlary özlerine gelýän myhmanyň arynyözleriniň ary-namysy hasaplap, onuň kasasyny kyýamatagaldyrmaýardylar. Ahalyň bu resimine belet han oglunyňÖwezmyrat batyryň eline düşüşini eşidip, iki atlyny ugradypdy.Ol atlylar gelip:— Batyr, bizi han aga iberdi. Näme baha kesseň kes-de,han aganyň ogluny yzyna sat - diýdiler.— Hoş gelipsiňiz - diýip, Öwezmyrat batyr olara öz şertiniaýtdy. - Han aganyň oglunyň bahasy hem il deňi bolar. Şugünler ýokary baş nyrh iki ýüz elli tümendir. Emma men onuňelli tümeninem aýyrýan. Ýöne onuň ýerine han aga başga birsalgyt saljak. Eger han aga şony bitirse, ogluny alyp gidibersin.— Özi han agadan bitjek zat bolsa bitirer - diýip, gelenwekiller ynamly aýtdylar.— Han aga bitirse, oňa şeýle diýip aýdyň. Onuň galasyndanamartlyk bilen bir ýigidi öldürip giden gandar bar. Iki ýüztümen bilen şol ganhoryň hem iki elini arkasyna daňyp ibersinýa-da kellesini ibersin. Han aga üçin ýene bir dönük tapylar.Eger şol edilmese, hanyň ogly şol gandaryň deregineöldüriljek... Onsoň bu ýerde han aganyň hyzmatçsy-da bar.Han aga aýdyň, onuň bahasy hem on tümen ýa-da bäş tümen.


Onam alyp gitsinler - diýip, Öwezmyrat batyr gullaryňbahasyny kesdi.— Bu şertiňi han aga aýdarys - diýip, gelen wekiller yzynagaýtdylar.Han şol ganhor dönügi gaty gowy görýär ekeň. Ony ýallapbakyp ýören eken. Emma şol gezek ogluny galdyryp gelelibäri, ony ýigrenip başlapdy. Onuň üstesine-de gürrüň özoglunyň jany hakda gidensoň, han nalaç Öwezmyrat batyryňşerti bilen razylaşmaly bolupdy. Ol şol dönügiň kellesini alyp,iki ýüz tümen bilen birlikde iberip, ogluny satyn almagamejbur boldy.Öwezmyrat batyr ol dönügiň kellesini şol aýala eltip berdi.Şol kelläni görende ol aýalyň eden hereketleri Öwezmyratbatyry gaty geň galdyrdy.Ol aýal bir hili keşp bilen heniz ganykokamadyk kellä seretdi. Ýerinden turdy hem Öwezmyratbatyryň donunyň syýyny öpdi. Onsoň dulda asylgy durangylyjy alyp syrdy-da, arka ýüzi bilen kelläniň syrtaryp durandişlerine kakdy.— Sen meniň ýekeje guzymyň başyna ýetdiň. Sen jigerbagrymykesdiň - diýip, göýä ol kelle diri-de, öldürilmeziniňöň ýanynda oňa eden günäsini aýdýan ýaly samyrdady. -Kelläň meniň elime düşdi, ganhor. - Ol kellä has güýçli azm


urdy, dişini gyjap, gylyjyň arkasy bilen onuň dişlerine hasgatyrak kakdy. - Indi senden içimi sowadaryn, ganhor.Öwezmyrat batyr özüniň bu eden işinden müýnli ýaly, sesiniçykarman durdy hem bu ýerden basymrak gitmäge howlukdy.Ol öý eýesi aýal:— Entek, bu gün bu ýerde bol! - diýip, hernäçe ýalbarsada,onuň diýenini etmän öýüne gaýtdy.Ol aýal bolsa dönügiň kellesinden bar ahmyryny çykardy.Gyrkylygyň bir taýyny agajyň başyna sarap, dönügiň kellesinihem onuň başyna sançdy. Üç günläp, galanyň içinde gözgülbanedip, “ganhor, dönük” diýip gezdirdi. Soň naýza sanjyp,daş gapysynda dikip goýdy. Her gün ertir ir bilen daş çykanda,ol dönügiň kellesi bilen gürleşip, oňa nälet okaýardy. Ongünden soň ol kokan kelläni eltip, galanyň derwezesinden asdy.Ol kelle tä çakyr süňk bolýança, şol derwezede asylgy galdy.Öwezmyrat öz ýanyndan “men namartçylyk etdim” diýip,birneme iňkise gitdi. Emma il arasynda “Öwezmyrat batyr birejize ýagşylyk edipdir” diýen gürrüňiň ýaýramagy onyköşeşdirdi.Aradan birnäçe gün geçenden soň aýal ýene Öwezmyratbatyryň ýanyna geldi. Ol Öwezmyrat batyry bir çola çekdi-de:— Öwezmyrat, meniň oglumam, hossarymam sen bolduň.Indi senden başga hossarym ýok. Men şol ýekeje galan gyzymy


saňa berýän. Sen meniň gyzymy al. Bar zadym bilen meni özgalaňyza göçurip getir - diýdi. Öwezmyrat batyr ýylgyrdy-da:— Ýeňňe, meniň aýalym bar. Meniň öýlenenime kemallybäş ýylam bolanok - diýdi. Ol aýal munuň bilen el çekäýmedi.— Ony bilýän - diýdi. - Öýleneniňe kän wagtgeçmändiginem bilýän. Ikinji sapar öýlenmegiň näme aýbybar? “Gelse ýigidiň döwleti, üç-dört öýlener, öýlener”diýmänmidirler? Onuň hiç aýby ýok.— Ol aýdanyňam şeýle - diýip, Öwezmyrat batyr öňkiýylgyryp durşuna gürledi. - Her kim şeýle zada ýetip bilsearmany ýok. Şony bir dereje bilýärler. Emma, ýeňňe, men şolişi başaryp biljek däl. Onsoňam, öňki eden işimiň üstesine buişi hem edäýsem, il-gün näme diýer? “Öwezmyrat batyr olnamartçylygy şu gyzy almak üçin eden eken... Asyl ýeke şolgyz üçinem däldir, dul aýalyň zadyna göz gyzdyrandyr”diýerler. Men, ýeňňe, ol kömegi şu iş üçin etmedim ahyry...Çopan batyryň aýdan sözüni menem aýtmaly boljak, ýeňňe. Birwagt Nurberdi han bilen Çopan batyr Mara kömege baranda,Nurberdi hana Güljemal hany alyp berip, bir ýabam suwberipdirler. Çopan batyra-da şeýtmekçi bolupdyrlar. OndaÇopan batyr gaty gaharlanyp, “Garyndaşlarym, maňa beýle sözaýtmaň. Men bu taýa heleýsiräp gelmedim. Kömege geldim”diýipdir. Birnäçe nebsewür adamlar “Çopan batyr akmaklyk


edipdir” diýseler-de, men Çopan batyra gaty akylly diýýän...Ine, ýeňňe, men saňa ak ýürekden kömek etdim ahyry. Onsoňsen maňa beýle zatlary diýme...Şeýdip, Öwezmyrat batyr ol aýaly sypaýyçylyk bilen yzynaugradyp goýberdi. Ol bu aýalyň aýdan gürrüňini hiç ýerdeagzyndan sypdyrmandy. Emma niredenem bolsa bu barada ilarasynda ullakan gürrüň ýaýrady. “Özi gelip, öz dili bilengyzyny hödürlände alman gaýtarypdyr. Öwezmyrat batyryňakmakçylygyna seret ahyry” diýşip, käbir adamlaroturylyşykda, gürrüňçilikde gürrüň edýärdiler. EmmaÖwezmyrat batyr bu gürrüňlere baş galdyryp durmady. “Ilagzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyn bogup bolmaz” diýen akylaeýerdi. Ol şol aýalyň diýenini edäýende hem onuň tersinegürrüň ediljekdigini bilýärdi.Öwezmyrat batyr hanyň ogluny yzyna satdy, dilegini bitirip,şol aýaly hem başyndan sowdy. Indi hanyň ogly sebäpli ýesirdüşen hyzmatçy galdy. Han hem öz hyzmatçysy üçin bäştümeni rowa görmedik borly, onuň gürrüňinem etmedi. Başgadayzyndan gelen bolmady. “Öwezmyrat batyr, han aga meniňüçin ýene bir gezek sargyt et” diýip towakga edensoň, ol elingideniň birinden ýene hana habar iberdi. Emma ýene-dehandan hiç hili jogap bolmady. Ýesir biçäre “Men gije-gündizhan aganyň agyr hyzmatyny etdim, ogly üçin şu güne düşdum,


ýene meniň baham bäş tümençe bolmady” diýip öz başynahüňürdäp gezdi. Öwezmyrat batyr “bu-da Kany batyr ýalybahasy bir jinnege gelen bagtsyz adam eken” diýip oýlandy-da,bir gün Mamagüle bir tamdyr çörek bişirtdi.— Gutly! - diýip, ýesiri çagyrdy.— Hä, Öwezmyrat batyr!- diýip, ýesir ylgap geldi.— Sen şu çörekleri hol torba sal-da, ýola düşmägetaýýarlan. Gutly uludan demini aldy, naýynjar seslendi:— Hä, batyr, bolýar, batyr. Kysmatdyr, çekerin. Ýöne meninirä satanyňy bir aýt. Hywa gidýän söwdagärlere satdyňmy ýadaBuhara gidýän söwdagärlere? Aýt, kysmatymyň haýsytarapa çekenini bir bileýin?..Bir adamyň yzyndan hossarçylyk edilip, satyn alynmasa,onuň satylmagy ilerde-de, gaýrada-da resimdi. Bu pahyr olresime boýun bolup, bazara düşmäge taýýar bolup ýördi.Öwezmyrat batyr güldi-de:— Öýi köýen, men seniň söwdaňy heniz edemok. Menseni öz iliňe aşyrjak - diýdi. Emma Gutly onuň sözüneynanmady.— Batyr, takdyra çäräm ýokdur, men senden razydyryn. Buil resimidir. Sen meni nirä satýanyňy aýt - diýip, ýene öňkisözlerini gaýtalady. Öwezmyrat:


— Seni öz iliňize ugradýan, özümem araçäkden geçiripgaýtjak - diýse-de, Gutly oňa ynanmady. Şol ynamsyzlygybilenem şaýyny tutdy. Bir tamdyr çöregi torba salyp,boýnundan asdy. Öwezmyradyň öňüne düşüp ugrady.Öwezmyrat atly, ol pyýada, atyň öňüne düşüp barýar.Öwezmyradyň salgan ugruna öz maýdalyna ýöreýär. Arkaçgalalaryndan saýlanyp, araçäge ýakynlanlarynda, diňe egremçeýollar bilen daga dyrmaşyp başlanlarynda ol Öwezmyratbatyryň sözleriniň hakykatdygyny bildi hem ynandy. Ol aýakçekdi. Ýodanyň gapdalynda somalyp duran daşyň üstüne özünigoýberdi. Sesini çykarman dymyp oturdy.— Gutly, gaty ýadaýdyň öýdýän, indi araçäk ýakyn. Ineaşan ýeriň pylan gala, onsoň pylan gala - diýip, Öwezmyratbatyr ileriň etek galalarynyň birentegini atma-at sanaşdyrypçykdy. Emma Gutly muňa jogap bermegiň deregine monjukmonjukgözýaşyny ýaňagyndan syrykdyryp otyrdy.— Näme beýle hapalyk basdy? Ýigit diýeniň mert bolar -diýip, Öwezmyrat batyr oňa göwünlik berdi.— Aý, batyr, sen meni söwdagärlere satansyň, meniňbaham näçe bolduka diýip, biljek bolupdym. Dogrudanam, senmeni öz ilime ugradýan ekeniň. Indi men ynanyp galdymmuňa. Ýöne ol taýda meniň baham bir tümenem bolmady. Olwatanda men gatyr bolup hyzmat edipdim ahyry... Emma


aham bir eşekçe-de bolmady. Indi men şo tarapa näme üçinbarýanyma özümem düşünemok - diýip, Gutly ýürejigindensyzdyryp aýtdy.— Ol aýdýanyň dogry, Gutly. Ýöne hemme ýerde-de şeýlezat bolup bilýär. Ine, Kany batyry alyp gör - diýip, Öwezmyratbatyr Kany batyryň başyndan geçirenlerini birin-birin hekaýaedip berdi. Yzyndanam sözüni şeýle jemledi. - Her näme-debolsa öz watanyňdyr, Gutly.Gutly bir az salym dymyp oturdy-da, Öwezmyrat batyraýalbaryjy bir manyda ýüzlendi:— Aý, batyr, ol ýerde meniň hiç kimim ýok. Ol ýerde näçehyzmat etsem-de, bahamyň artmajakdygyny gördüm. Eger-demen saňa aýratyn bir ýük bolmasam, nogsanym degmese, senmeni öz ýanyňda sakla. Men seniň hyzmatyňy edeýin. Ölinçämsaýaňda saýalaýyn...— Näme, maňa hiç hili ýüklügiň ýok. Halys, gitmejegiňçynyň bolsa, gözel göwnüň. Gezesiň gelse, bu ýerde : geziber.Belki, şowuna düşse öýlendirerin, illendirerin. Öýli-işiklibolarsyň - diýip, Öwezmyrat batyr ony yzyna alyp gaýtdy.Pukaralara ýakyn diýlip hasaplanýan Gandym aksakgal bolsaÖwezmyradyň bu eden işine monça boldy. Hoş sözler bilenGutlynyň göwnüni göterdi.


— Gutly, ol ýeri boldy näme, bu ýeri boldy näme, göwnüňsöýen ýerini saýla. Bu ýerde bolsaň, senem biziň birimiz.Aramyzda birimiz bolup gezersiň. Myradyňa ýetersiň - diýdi.Gutlynyň asly ýerligi Daraýygez türkilerdendi. Ol ýaşbaşyndan çopan-çoluk bolup gezipdi. Soňra Maşatsebitlerindäki galalarda onuň-munuň hyzmatyny edipdi. Soňkydöwürde bolsa şol hanyn gara hyzmatçysy bolup işleýärdi.Şeýlelik bilen Gutly Öwezmyrat batyryň ýanynda galdy.Soňra Öwezmyrat batyr Gutlyny Daraýygezden bir abraýlyýeriň maşgalasyna öýerdi. Ony öýlendirmekçi bolandaÖwezmyrat batyr birneme ýalanam sözledi.— Siziň gyzyňyzy öz süýtdeş doganym üçin soraýan.Özümiziň bolsa iki sany sowutly degirmenimiz bar. Dynmanýöräp durýar. Mülkümiziň, bag-bakjamyzyň aňyrsyna-bärsinegöz ýetmezdir - diýip öwündi.Daraýygezliler tekelere gyz bermese bermezdi, emma “biziňaslymyz Daraýygezli, Änewde oturyp, bir saý-sebäp bilentekeleriň arasynda oturymly bolduk” diýip, Öwezmyrat batyrmuny hem bir sülä getirdi. Onuň sözüni tassyklaýjy şaýatlaramDaraýygezde gyt däldi.Şeýlelik bilen, şowuna düşürip, Öwezmyrat batyr GutlaTäzegüli alyp berdi. Bir oraça dikip berdi. Il arasynda onuňadynyň gapdalyna “myrat” sözüni hem goşup, Gutlymyrat


diýip ýeredip başladylar. “Hemme kişi Gökdepe galasynagöçüp barmaly” diýlip jar çekilenden soň, Gutlymyrat hem ilbilen bir hatarda Gökdepä göçüp barypdy.Göz baglaýan perdeSeýitmyrat beg Gutlymyrada buýran ýumşy bitmän, lapykeçbolup öz tümüne bardy. Gutlymyrada bolan gaharynyaýallaryndan çykarjak bolýan ýaly, töweregine azm urdy.— Tüňçäni oturdyň. Çaý getiriň - diýip herreldi.Ýenebirden bir zat ýadyna düşen dek, laňňa ýerinden galdy. Çykypgidip, Hanmämmet atalygyň ýanyna bardy. Onuň ýanynda-dauzak eglenmedi. Tümleriň arasynda sümsünip, başga birnäçegapylara degdi, kimleridir görüşdirdi. Aýallarynyň goýantüňçesi birnäçe mertebe gaýnap syndy. Ol ýagşy garaňkygatlyşandan soň öz tümüne öwrülip geldi. Töre geçip, jaýdarornaşyp oturdy.— Adam ölermi-ýitermi, bir eşek ýaly gul seniň buýranyňyedenok. Edil ýüzüňe bakyp, etjek däl diýýär. Gel-gel öz guluňýüzüňe bakyp, şeýle diýenden soň, başgalardan näme tamaetjek? - diýip, öz başyna hüňürdedi.Juwaz ýagy bilen ýanýan ölügsije çyranyň bir gapdalyndaSeýitmyrat begiň ejesi Şasoltan ýaýrap otyrdy. Onuň ikinji


gapdalyny bolsa Seýitmyrat begiň baýry aýaly tutup otyrdy.Seýitmyrat begiň kiçi aýaly bolsa şolaryň arasyndan syzypözüne zordan ýetýän ýagty ülesinden peýdalanyp, nähilidir birgeýmiň ýakasyna keşde çekýärdi. Kakasy Döwletmyrataksakgal bolsa ikinji bir tümde ýanyna gürrüňe gelenler, oglanuşaklarbilen gümrady.Şasoltan hemişeki häsiýeti bilen:— Ýene näme bolupdyr? - diýip, äwmän-alňasaman,oglunyň käýinjiremesiniň sebäbini sorady.— Näme bolar öýdýäň? - diýip, Seýitmyrat beg hemleligepledi.- Hol Gutlymyrat kürte ýumuş buýurdym. Ýumşumybitirenden geçen, gaýta meniň bilen gep nokatlaşýar.— Özüň baryp buýraňda şeýle diýýärmi? - diýip, Şasoltangeňledi.— Wah, hawa-la. Neneň içiň ýanmasyn onsoň?..— Bu nä azan gul beýle...— Azyp ýöne-de bir azmandyr ol gul.— Hemmesi seniň ýüzüňden. - Şasoltanyň birden gaharygeldi. - Ol biliňdäkini nämä göterýärsiň? Aýlap, guluňkellesinden salmazlarmy?.. Saňa näçe aýdylsa-da, aýdylanýokanok asyl...— Kellesinden salsaň, näme ölup ýatan guluň bardyr-da.


— Gul öldi - it öldi. Ölse ölüpler geçsin. Ölendeözümizden başga ganyny sorajak barmy?Seýitmyrat beg bir azajyk dymyp oturdy-da, hümmüldiligürledi:— Şu guluň syrtyndan goltgy berýän barmyka diýýän.Ýogsa gul kim, meniň bilen beýle agyzlaşmak kim?— Kim bolup biler oňa meçew berjek?— Kim bolar öýdýäň?..Şol wagt daşarda at aýagynyň dükürdisi eşidildi. Oturanlargürrüňini kesip, dükürdä baka gulaklaryny gerdiler. Daşardaadam hümürdisi-de eşidildi. Kimdir biriniň:— Sen atlary al-da, öýe bar. Göýä hiç ýerden gelmedikýaly bol, eşitdiňmi? - diýen sözleri eşidildi. At üstünde oturan:— Bolýar - diýdi-de, düşüp galanyň hem atyny goşlap alypgitdi. Atdan düşüp galan tümüň agzyndan seretdi-de:— Seýitmyrat beg! - diýip, ýuwaşja seslendi.— Dykma serdar, senmi? Gir, gir! - diýip, Seýitmyrat begony ör aýak üstüne turup garşylady. Aýallar bir çete çekildiler.Dykma serdar agzy köjelgi haly horjuny eline alyp tüme girdi.Dykma serdaryň ogly Hakberdi bilen niredendir gyssaglygelip durşudy. Ol ýüzüniň ugruna Seýitmyrat begiň ýanynasowlup, onuňkyda düşüp galdy. Atyny hem ogly bilen öýüneugratdy.


— Aldyrman-ýoldurman, sag-aman geldiňmi, serdar? -diýip, Seýitmyrat beg onuň habaryny aldy.— Sag aman geldim - diýip, Dykma serdar elindäkihorjuny bir dulda goýup oturdy.— Derweze saklaýan perraçlardan nähili geçdiň? Olar hiçzat aňmadylar dälmi? - diýip, Seýitmyrat beg sorady.— Şolara bildirmejek bolup, ýüzümi garaňka tutup geldim.Diňe derwezäniň agzyndaky iki sany perraç gelenimi gördi.Olaram meniň nireden gelýänimi näbilýär. Onsoňam olarygeplemez ýaly edendirin.— Hawa, köp ýagşy... Ýeri, iýeniň-içeniň özüňki, göreneşideniňdenhabar. - Seýitmyrat beg Dykma serdaryň üstünisoragdan gömdi. - Bu sapar nähili hoş habar getirdiň? Akpatyşanyň beýikleri näme diýýär? Ahyry bize nähili sylagbermegi wada edýärler?— Biziň işimiz oňuna. - Dykma serdar arkaýynlyk bilengürledi. - Gowy zatlary-da wada berýärler. Biz ertirden başlap,hiç kime aňlatman, azyk-suwluk ýarar zadymyzy gaýrak, gumiçine çekmeli.— Diňe ikimizmi? - diýip, Seýitmyrat beg sorady.— Ýok, öz adamlarymyz bilen. - Dykma serdar sözüne hassallam berdi. - Bu işi kimlere duýdurjagymyzy özümiz bileris...Şäheri alanlaryndan soň bolsa hormatlap beýikleriň öňünden


çykmak işini guramaly. Çykjaklar, elbetde, sen, men, ýene özdiýen adamlarymyz bolar. Belki, nesip çekse, ak patyşanyňýanyna-da gitmeli bolsa bolar...Yzyndan arkaýyn Dykma serdar nähili gidip-geleniniňgürrüňini dowam edýärdi.* * *Edil Dykma serdaryň Seýitmyrat begiň tümüne girip,gürrüňe mazaly kellesini gyzdyran wagty agyr topar atlynyňaýagynyň sesi ýeri sarsdyryp, şäheriň gaýraky derwezesineýakynlady. Janpenaň üstünde duran perraçlaryň biri:— Kimem bolsaňyz, derwezä gelmäň! - diýip gygyrdy.Atlylaryň öňüne düşüp, at başyny çekmän gelýän atlyperraçlaryň sesini eşitmedigem bolsa:— Derwezeden sowulyň? Haýsy biriň demime düşseňçaparyn! - diýip gygyrdy hem ädim ogurlaman şähere girdi.Diňe şondan soň yzyndakylara elini bulap gygyrdy. - Aýakçekiň!Janpenaň üstünde gymyldaman duran perraçlar onuňkimdigini eýýäm sesinden tanapdylar. Yzyndaky atlylar daşynahümer bolup aýlanandan soň, atly başy atynyň başyny yzynaderwezä tarap dolady.


— Aşak düşüň! - diýip, ol perraçlara gygyrdy.— Näme batyr?! - diýip, perraçlardan biri aşak düşdi.Atlylaryň baştutany egilip, ýanyna gelen perrajyň üstüneabandy-da, ýuwaşja pyşyrdap sowal berdi:— Gaty göniňden gel-de, habar ber. Şu gün agşamnamazyňdan soň şu derwezeden kim geçdi?— Ýok, ýok, batyr, janly jemende geçenok - diýip, perraçjogap berdi.— Ataň-babaň haky üçin, ýetim-ýesirleriň, ähli milletiňhaky üçin göniňden gel.— Ýok, ýok, batyr, adam geçenok. Gönim - geçenok.Atlybaşy ata-babany, milleti orta salyp perraçdan dogryjogap alyp bolmajagyny aňlan bolmaga çemeli, ol:— Gönel! - diýip, hemle urdy. Şonda-da perraç:— Ynan, batyr, hiç kim geçenok - diýip, şo bir sözündenýazmady.— Häý, ýala öwrenen ýalçy itler, ähli milleti bäş gyranasatan namyssyzlar, sizi göniňizden geler ýaly ederdim welin,işim gyssag - diýip atlybaşy atynyň başyny yzyna dolady.Ýöne ol gyssanmady. Atyny ýuwaşja sürüp, bir meýdaniçini gepledip gitdi. Bu egnine agyr dag çöken dek ýegşerilip,pikire batyp barýan Öwezmyrat batyrdy.


Esli gideninden soň, Öwezmyrat batyr atynyň başyny çekdi.Beýlekilerem saklandylar.— Ýakynrak geliň! - diýdi-de, Öwezmyrat batyr atlylarynabir zat aýtmaga taýýarlandy. Atlylary atlarynyň böwrünedebsiläp, onuň daşyna çugdamlandylar. - Biz gijä galdyk -diýip, ol ahmyrly seslendi. - Kanynyň atynyň gurrugaýykylmagy nämä gerekdi. - Onuň bu sözlerindäki müňkürligihiç kim aňmady. Ol şol bir äheňinde dowam etdi. - Men galagirmänkäler olaryň ýüzüni ýere basjakdym. Ýetişmedik, indi olarkaýyn oturandyr. - Ol böwrüni diňläp sagyndy-da, ýaýdançlyseslendi. - Hälem bir pille. Men ol adamy tanaýan. Onuň şuwagt nirede oturandygynam bilýän. Ol adamyň getirensowgatlary bilen üstüni basmak boljak welin...— Batyr, beýle anygyny bilýän bolsaň, onuň “welini”bolmaz, süreliň, ol adamy ogurlygynyň üstünde tutalyň -diýşip, atlylar ýerli-ýerden gygyryşdylar.Öwezmyrat batyr bir azajyk diňirgenip durandan soň, ýeneöz şühbesini orta atdy:— Onuň üstüne barmagam, ony ogurlygynyň üstündetutmagam kyn däl. Ýöne bir zady bar. Ana, şol meniýaýdandyrýar. Niçikmi iş jygba-jyga gelen ýerinde, Garrybatyr başlyklaýyn araňyzdan bolgusyz töwellaçylar tapylýarda,meni öz ugruma goýmaýar. Şu sapar şol gylygyňyzy taşlap,


ýeke meniň aýdanymy etseňiz gitjek. Bolmasa, şu ýerdenyzyma dolanjak.— Haýyrly iş bolsa, näme etmän, seniň diýeniňi hökmanederis - diýşip, atlylar ýene ýerli-ýerden seslendiler.— Bolýar, onda gideliň. Ýöne sözüňizde berk duruň -diýdi-de, Öwezmyrat batyr atlylaryň öňüne düşüp ugrady.“Bu iki atly Dykma bilen ogludyr. Ol beýle ogryn işeçykanda, oglundan başga adama janyny ynanmaz. Onuň syralyşýan adamy hem ýakyn dosty Seýitmyrat begdir. Häzirem olgöni öz öýüne barman, dogry şonuň ýanyna barandyr” diýip,Öwezmyrat batyr pugta ynanýardy. Ol şol ynamy bilenýuwaşja sürüp baryp, atlylaryny Seýitmyrat begiň tümüniňdaşyna aýlady. Atlylaryň käbiri “Batyryň bu näme edipýördügi, öz doganoglany Seýitmyrat bege müňkür-le bu” diýipgöwünlerine getirdiler. Emma söze salym bolmady.Öwezmyrat batyr gylyjynyň baljagyny ýazdyrdy-da, atyndandüşüp, tüme tarap ylgady. Egilip, tümüň agzyndan seretdi.Ölügsi ýylpyldap duran çyranyň daşynda oturanlara gözidüşende, ol ýüregindäki ynanjyny gaty berk tassyklady.Gylyjyny syryp eline aldy-da:— Dykma! - diýip gygyrdy.Seýitmyrat beg bilen Dykma serdar hiç zatdan habarsyz,arkaýyn gürleşip otyrdylar. Olar duýdansyz ýerden Öwezmyrat


atyryň sesini eşidenlerinde, üstlerinden gaýnag suw guýlanýaly boldy, depe saçlary üýşüp gitdi. Dykma:— Hä! - diýip, ysgynsyz seslendi.— Hany bir bäri çyk!Bu tüm göýä gadym bir wagtda gazylyp, weýran bolupgalan çukura meňzedi. Hiç seda çykmady. Öwezmyrat batyrýene gaýtalap gygyrdy:— Dykma, saňa aýdýan, hany bärik çyk!Seýitmyrat beg Öwezmyrat batyryň sesini eşiden badynatanan hem bolsa, göýä ony ýaňy tanaýan adam bolup:— Bu Öwezmyrat batyryň sesi ýaly-la - diýip, ýallaklapbaşlady. - Batyr, senmi asyl?.. Gel, öýe gir. - Ol ýerinden turup,Öwezmyrat batyryň sesini eşidip özüni ýitiren Dykma serdaryňöňüne düşdi. Emma Öwezmyrat batyr onuň sözüne gulagamsalmady.. Onuň egni üstaşyr Dykma serdara gygyrdy:— Näme, gulagyň gapykmy, Dykma?!Dykma serdar az-kem janlanyp, çalarak ardynjyrady-da:— Näme bolupdyr, batyr? Bolup durşuň nähili? - diýdi.— Daş çyk! Üýtgeşik hiç zat ýok. Mert adam aýdylanynyeder.Dykma serdar Öwezmyrat batyryň häsiýetine beletdi. Daşçykaýdygy egniniň üstünde kellesiniň tapylmajakdygyna gözi


ýetip durdy. Ol daş çykmak hakda pikirem edenokdy. ÝeneSeýitmyrat beg ara düşdi.— Öwezmyrat, hany öýe girsene, bu bolup durşuň nähili? -diýdi. Öwezmyrat batyr ýene öňküsi ýaly onuň gürrüňinegulagam asman ýigitlerine buýruk berdi:— Kany batyr, ýene üç-dört sanyňyz tüme giriň-de, bularyňgoluny arkasynda mäkäm daňyň. Tiz boluň! Entek bular itoýnadýar. Näme barlygyny bularyň gözüne görkezeýin. Tizboluň!Kany batyr, ýene-de bäş-alty ýigit atdan düşüp, tümüňagzyndan bardylar. Kany batyr öňüni başlap girip ugrady.Seýitmyrat beg rejäniň geň däldigini aňlady-da, hasyr-husurduly sermeledi. Keşde çekilip bejerilen bukjada arzylanypgoýlan Gurhany aldy. Maňlaýyna syldy-da, arada goýdy:— Eger Dykmadan siziň göwnüňize garalyk gelen bolsa,şonuň aklygyna men Gurhandan ant içýän - diýip, ýeneGurhany ýüzüne syldy. Hakykaty basyrmak üçin Gurhan birgara perde boldy. Göz baglaýan perde ara düşdi.Gurhan ara düşende Kany batyr allaniçiksi bolup gaýraçekildi hem näme etjegini bilmän sagyndy.— Näme sagynýarsyňyz? Haýal etmän ellerini daňyň! -diýip, Öwezmyrat batyr gygyrdy. Kany batyr:— Ara Gurhan goýdy ahyry - diýip, ýaýdançly seslendi.


Öwezmyrat batyr janyýangynlylyk bilen gygyrdy:— Gurhan däl, eger Muhammediň özem gelip ara düşsedaňyň! Näme ol kitap turup siziň ýakaňyzdan tutaröýdýäňizmi?- Tiz daňyň!..Şol wagt atlylaryň bir çäginde duran Hal molla ara düşdi.— Bu Gurhanam tananok, Muhammedi-de. Munuň bubolşy gowy däl. Biziňem munuň yzyna düşüp ýörmegimizdüzüw däl - diýip gygyrdy. Şundan soň atlylaryň arasyndahyşy-wyşy, hümürdi köpeldi. Kimdir biri:— Gurhanyň üstüni basyp geçmek bolmaz. Ol Gurhanahyry - diýip gygyrdy. Öwezmyrat batyr oňa tarap azgyryldy:— Gurhan bolsa bolubersin! Kim oňa bu ara sokuldiýýär?! Durmaň, daňyň!— Biz nähak müňkür bolýandyrys, adamlar. Bolmasa,Seýitmyrat beg orta Gurhan atmazdy. Orta Gurhan atyldy, işgutardy - diýip, şol wagt ýene biri gygyrdy. Başga-da bir toparadam onuň sözlerini alyp göterdi. Adamlar gygyryşypbaşlansoň, şu wagta çenli sesini çykarman duran Garry batyrhem Öwezmyrat batyryň üstüne gygyrdy:— Seniň bu etmäň düzüw däl, dinden çykan!— Biz-ä Gurhanyň üstüni basyp geçip biljek däl - diýşip,tümüň gapysyndan girenlerem yzlaryna çykdylar.Öwezmyrat batyr uludan demini aldy-da:


— Hä, satlyklar, bagtyňyz getirdi - diýip, ahmyrlyseslendi. - Ýoldaşlarym bir topar gulaty boldy. Egerýoldaşlarymyň heý bolmanda ikisi-üçüsi algyr, laçynbolanlygynda, ertir gala jemagaty siziň biriňiziň kelläňizişäheriň gaýraky derwezesinde, biriňiziňkinem ilerkiderwezesinde görerdi. Asyl ogluňy tirkäp, patyşanyňbeýiklerinden sowgat-sylag baryny alyp, şaýyn tutup gelýäkäň,şähere ýetirmän, ýolda tutardym. Haýp, ýakyn ýoldaşlarymdabäş gyrana satylanlar bar...Öwezmyrat batyr özüniň soňky sözlerini Kany batyrakakdyryp aýtdy. Şundan soň onuň Kany batyra bolanmüňkürligi has hem güýçlendi.— Batyr, Dykmanyň ýedi günden bäri şu şäherdençykmandygyna Gurhandan ant içýän - diýip, Seýitmyrat beggygyrdy.— Wah, Dykma ikiňiziň kelläňizi Gurhanyň üstündegoýup çapardym-la welin, ýoldaşlam duşmady - diýip,Öwezmyrat batyr ahmyrly seslendi-de, derrew atyna atlandy.Onuň gahar-gazaby depesine çykyp, gözleri lowurdapýanýardy. Gapdaldaky tümlerde ýaşaýanlar daş çykyşyp, aňktaňkbolşup durdular.


Öwezmyrat batyr atyny ýuwaşja sürüp, ilerligine baka gitdi.Atlylaram onuň yzyna düşdi. Bu sesini çykarman ümsüm sürüpbaransoň, atlylaryň biri:— Batyr, nirä barýarys - diýip sorady.— Nirä bor, öýüme barýan - diýip, Öwezmyrat batyrgaharly jogap berdi.— Biz nirä barmaly?— Siz ol biliňize dakynyp ýören haram ýaragyňyzamaýryň-da, onuň deregine biliňize mesbap gysdyryň. Garrybatyram baş edinip, metjide baryň. Her gün öňüňizi, ardyňyzybäş sapar ýuwuň-da, bäş wagtyňyzy kaza goýmaň. Gurhandan,Muhammetden gorkýanyňyz çynyňyz bolsa, şolaryň talabynyberjaý ediň...Ol soňra sesini çykarman gitdi. Öwezmyrat batyryň bugürrüňine gülesi gelip, içi ýarylyp barýan ýigitlerem bardy.Emma olar Öwezmyrat batyryň gaharynyň gaty gelendiginibilip, zordan saklanýardylar. Az salym ýöränden soň,Öwezmyrat batyr ýene atynyň başyny çekdi.— Men size aýtjagymy aýtdym-a, ýene näme yzyma düşüpgelýärsiňiz? - diýip, atlylaryna ýüzlendi. - Baryň, öz işiňizegidiň. Men indi urşy taşladym.— Batyr, seniň bu bolşuň gowy däl. Saňa bir gep-ä az, ikigepem kän. Munyň bolmaýar - diýip, atlylaryň biri gürledi. Bu


söze Öwezmyrat batyryn belli beter gahary geldi. Ol atynyňbaşyny yzyna dolady-da, gylyjynyň baljagyny ýazdyrdy.— Meniň bolşum däl eken diýeli. Sen şonda nätsemdiýýän, gyňyr ýigit? - diýip, hemle urdy. Hiç kimden sesçykmansoň, ol indi atlylaryň ählisine azm urdy. - Eger siz indimeni ýöne bir garamaýak tekeligime goýmajak bolsaňyz, ynhaala meýdan, baryňy gylyçdan geçirerin... Ýogsa-da meniňyzymdan galyň. Gidiň sopuçylygyňyzy ediň. Gurhany tumarediniň, ýüzüňize sylyň. Öýüňizi ýykmaga gelýän belany şolgurhan dep eder.Ýerden ses çykdy, emma adamlaryň ýekeje birindenem sedaçykmady. Diňe dünýäden perwaýsyz duran atlaryň käbiritoýnagyny gazap ýer peşeýärdi, käbiri bolsa dodagynypyşgyrdyp, burnuny açýardy.— Gurhany perde edinilip, galalarynyň içinden ot beriljekbolnup duranyndan bu akmaklaryň habary ýok! - diýip,Öwezmyrat batyr öz başyna hüňurdedi-de, atyny sürüp gitdi.Atlylaryň arasynda adamyň hüýi-häsiýetine beletlikde,ugurtapyjylykda özüne göwni ýetýän ýigitler az däldi.“Öwezmyrat batyr her neneňsi gazaba çykaýsyn, onuň hüýhäsiýetini,ugruny tapyp açaryn, gaharyny ýumşadaryn, hatdaony güldürerinem” diýip, öwünýän ýigitlerem bardy. Olaryňaýdýany gury öwünmegem däldi. Dogrudan-da, olaryň


käbirinde adamyň ugruny tapmak, gaharyny ýumşatmak ukybybardy. Sebäbi olar köpi görüpdiler. Köp-köp batyrlar bilenýoldaş bolupdylar. Emma şolaryňam hiç biri häzir Öwezmyratbatyra zat diýmäge het edip bilmedi.Atlylar Öwezmyrat batyryň yzyndan galyp, şäheriňortasyndaky meýdanda üýşüşip durdular. Öwezmyrat batyrhakda gürrüň edýärdiler. Her haýsy bir zat diýýärdi:— Bu baryp ýatan täkmekli adam.— Ýok, bu täkmekli adam däl. Täkmekli bolsa, ugrunytapmak aňsat bolardy.— A-haw, şu jynlymy, dälimi, biz-ä şunuň ugruna düşendäldiris.— Aý, ýok, däli ýa jynly bolsa, ugrunam tapsa bordy,oýnasa-da bordy.— Aý, biz-ä şu adamyň nähili adamdygyny bilmedig-ow.— Dostlar, onuň düşünmez ýaly häsiýeti ýok - diýip, birigapdaldan gygyrdy. - Onuň bu agşamky bolşuna biziň özümizgünäkär. Öz dilimiz günäkär.— Baý, ýigid-ä gürrüň tapdy-ow. O nähili bizgünäkärmişik? - diýip, biri oňa garşy çykdy.— O näme üçin özümiz günäkär däl? Aňyrda oňa töwellaçybolmaly diýip söz berdik. Bärik gelibem her haýsymyz boldukbir namazhon sopy. Ýerli-ýerden jyňda-jyň boluşdyk. Näme


Öwezmyrat batyr özüni bizçe musurman hasaplaýan däldiröýdýäňmi? Ýa-da Seýitmyrat beg bilen Dykma serdaragaryndaşlygymyz Öwezmyrat batyryňkydan ýakynmy?Garyndaş onuň özüniňki...Bu janygyp gürleýän Nepesdi.Atlylar öz aralarynda maslahat etdiler. Kany batyryň ýanynaNepes bilen ýene bir ýigidi goşup, olary Öwezmyrat batyryňüstüne töwella iberdiler. Olar atlaryny debsileşip, Öwezmyratbatyr gapysyna ýetip atdan duşäýen badyna bardylar.— Batyr, gel, şu saparlykça biziň günämizi geç - diýip,Kany batyr söze başlady. Onuň ýanyndaky ýoldaşlary hem:— Bir ýazykdan är ölmez, şeýt, batyr - diýişdiler.Öwezmyrat batyr beýlekileriň gürrüňine gulagam asman:— Haýsy günäni geçeýin? - diýip, Kany batyra bakaýüzlendi.Köp wagtdan bäri Öwezmyrat batyryň özüne müňkür bolupýöreninden habarsyz Kany batyr:— Ýaňky günämizi, batyr - diýdi.— Bir wagtlar ýesir düşeňde, bahaň ýarym batman jöwenegelende, seniň ýedi doganyň saňa hyrydar çykman, yzyňdaseniň ataňdan galan mirasyň terekä salnyp paýlaşylandygyhakmy? - diýip, Öwezmyrat batyr gaharly sorady.— Hakykatdyr, batyr.


— Mirasdan diri adama paý goýman bölenler, şol ýaňkyGurhan hem şony söýýän adamlar dälmidi?— Şolardy, batyr.— Sen dyrnagyňy ösdürip, saçyňy ösdürip, gedaý gezip obageldiň gerek?— Hawa, batyr, ganym agalarym maňa hossarçylyk etmegäbeýlede dursun, ýüzüme-de seretmändiler. Sen at-ýarag alypberip, meni ile meňzeş etdiň. Men şonuň üçinem senidoganlarymdan müň esse artyk görýärin. Bular hakykat ahyry,batyr. Bu gürrüňleriň bu ýerde nämä geregi bar? - diýip, Kanybatyr bolup geçen zatlaryň hemmesini tassyklap geçdi.— “Doganlarymdanam ýüz esse artyk görýärin” - diýip,Öwezmyrat batyr onuň sözlerini bir hili ýaňsy bilen gaýtalady.— Elbetde, batyr, artyk görýän. Ýa-da ýalan aýdýanmy? -diýip, Kany batyr bir hili geň galmak bileň sorady. - Nämebolupdyr?— Näme bolmandyr?! - diýip, Öwezmyrat batyr gazapbilen gygyrdy-da, öňki-soňky ýüreginde ajan müňkürlikzäherini dökdi. - Atlynyň içinde bolan gürrüňi demirgyryňymünüp elesläp baryp, üstüni ýüz esse artdyryp hanaşugullanyňy bilmeýändir öýdýäňmi, şugul? Dykma,Seýitmyrada şugullaýanyňy bilmeýändir öýdýäňmi, bigaýrat?


Şu günden şu ýana meniň ýanymda garaň görünmesin. Egergörünseň çaparyn.Kany batyryň huşy başyndan uçdy. Ol:— Men şeýlemidirin, batyr! - diýip, çirkin gygyranyny özideduýman galdy. Gylyjyny hem ýazdyrdy.— Sen hakykat şeýlesiň, şeýle... Şugul hem bolupsyň...Mundan bu ýana gep tükensin, ýok boluň! - diýip, Öwezmyratbatyr hemle urdy.Kany batyr şeýle derejä ýetdi, häzir ol atyň üstünde nähilioturanynam bilmän, doňan ýaly bolupdy. Öwezmyrat batyrabirnäçe söz aýtmak onuň hyýalynda ýok däldi. “Batyrýalňyşýarsyň” diýmäge synandy. Emma gaharynyň birdenkäşeýle gazaply joşmagynyň derdinden damagy lyk dolup, hatdasözlemäge-de onuň dili aýlanmady. Ol atynyň başyny yzynadolap gitdi. Ýoldaşlary hem yzyna düşdi.Kany batyr atyny sürüp gidişine atlylar toparynyň ýanyndahem sagynman, olaryň soraglaryna jogap bermän, sesiniçykarman ýüzüniň ugruna atyny sürüp geçip gitdi. Ýoldaşlaryatlylara bolan wakany gürrüň berdiler. Diňe şondan soň olarKany batyryň gaharynyň gaty gelendigini bildiler. Nepes:— Öňem men Kany batyryň gidenini gysgandym. Emma olgöwnüne alarmyka diýip sesimi çykarmadym - diýdi. - EmmaKany batyr bigünädir. Öwezmyrat batyr gaty ýalňyşdy.


Öwezmyrat batyryň diýýän şuguly Kany batyr däldir.Başgadyr.— Oglum, Nepes, bu keçjal kesiri ýazmak üçin indi nämeetmeli? Sen şony aýt ahyry - diýip, Garry batyr janygypgürledi.— Aý, Garry kaka, biz öň oňa beren wadamyzdatapylmadyk - diýip, Nepes umytsyz seslendi. - Onuň ýüzünigaraladyk. Indi soňkymyz näme? Ara salym salman, onuňyzyna düşüp, töwella eden bolýarys. Biz ýöne günäkär adamlarýaly, onuň yzyna düşen bolsak, ol baryp ýatanda-da, bizemonuň tümüniň töwereginde ýa-da öz tümümizde ýatan bolsak,ýene daň saz berende onuň töwereginden ören bolsak, ol nämediýse-de, sesimizi çykarman çeken bolsak, kim bilýä, olýumşasa-da ýumşardy. Indi biz ony hasam kejikdirdik. Indibilmedim-dä, juda kyn bolaýmasa...Garry batyr Nepesiň aýdanlaryny makul bildi.— Ýigitler, bu gün her kim öz öýünde ýa-da janpenalardabolsun. “Agşamyň haýryndan ertiriň şeri ýagşy” diýipdirler.Ertir irden ýene ýygnanyşalyň. Galanyny şonda görübermelibolar - diýip, atlylara rugsat berdi.Atlylar ertir daň bilen ýygnanyşmagy wadalaşyp pytradylar.Diňe Nepes bu ýerden gitmäge gyssanmady.


Öz tümünde ýaňy ymyzganan Mamagül Öwezmyrat batyrbilen Kany batyryň sesine oýandy. Ol daş gapa çykdy hem:— Batyr! - diýip gygyrdy.— Hä, Mamagül, gurgunçylykmydyr? Çagalaramgurgunmy? - diýip, atyny daňyp, tüme ýetip gelýän Öwezmyratbatyr saglyk-amanlyk soraşdy.— Hawa, sag-gurgun welin näme eýgilikmi, biwagtgykylygyňyz näme?— Eýgilik bolman, näme bolar öýdýäň? Hiç hili... Pah,eýýäm tümem gazynypsyň-ow?— Tümi Gutlymyrat gazyp berdi.— Gutlymyrat iş bitiripdir. Asyl gaty gowy bejeripdirmuny. Käriz gazýan ussalaram şeýle gazybilmez... -Öwezmyrat batyr tümüň bir dulunda ýatan Aşyra hem özogluna egilip seretdi. Çagalar süýji ukuda ýatyrlar-ow,tüweleme...— Näme iýjek-içjek zadyň barmy? Ýyly-yssy bir zattaýýarlaýynmy?— Ýok, şu wagt hemmesinden beter ýatanymy gowygörýärin... Hawa, azyk-suwluk ýagdaýyňyz neneň? - diýip, indiÖwezmyrat batyr dula göz aýlady.


— Azyk bilenem oňşugymyz ganymat. Garaz, käwagtDemirçi bolýar, käwagt Gutlymyrat bolýar, tapyp beripdurýarlar... Hawa, Gandym aga-da köp kömek edýär.— Aý, Gandym derýadyr-la, joşar-la - diýip, at salyp ýadanÖwezmyrat batyr ukusyna gatyşyp başlady.— Ýogsa-da Kany batyr hany? - diýip, Mamagül oňa soragberdi.Öwezmyrat batyr uky arasynda üzlem-saplam gürledi:— Kany batyr... bilmedim... ol ýok...— Weý, o nähili ýok? Ýaňy gürleşýäkäňiz şonuň sesibarmyka diýipdim-le? - diýip, Mamagül geňirgendi.Ýöne Öwezmyrat batyrdan soňky eşiden sözi ony hasambeter geňirgendirdi:— Hawa, ertir hökman göçeris. Hemme paty-putyňy irdendaň.— Nirä göçjek? Näme üçin göçjek?— Kim uruşsa, şol uruşsyn... - Ol gürrüň arasynda irkilenborly, bir azajyk sagynan ýaly etdi-de, Mamagüle sorag berdi. -Men näme diýdim?..— Göçjek diýdiň. Paty-putyňy daň diýdiň. Uruşjak däldiýdiň. Bu näme boldugy?


— Näme boldugy şol... Iki başdan bir gün göçmeli. Onsoňertir göçemde näme, birigün göçemde näme...”Çaman ördekburun uçar” diýipdirler, göçübermeli bor...— Paty-putymyzy daňmak kyn däl. Üýşüp ýatantükeniksiz zadymyz ýok. Ýöne Öwezmyrat batyr bigaýratlady,namartlyk edip gaçyp gitdi diýerler. Ine, ýeser ýeri, şol adagalarsyň...— Galybereýin... - Öwezmyrat batyr biperwaý jogap berdi.- Ýogsa-da bu agzy boş teke üstüme her hili myjabat ýükleýär.Namart diýseler, olam şolaryň biri bolar-da...— Dogry, masgaraçylykdan adam ölmeýänini görýäs.Ýöne adyňa-abraýyňa gowy däl.Öwezmyrat batyr eýýäm uka gidipdi. Ondan jogapbolmansoň, Mamagül hem dolanyp geplemedi.Daň saz beren uçurlarynda turup, atyna iým bermek, o ýanbuýanyna sypap-sermemek Öwezmyrat batyryň hemişekiadatydy. Ol işli bolup, günüň başga wagtlarynda atyna ot-iýmbermegi Kany batyra ýa-da Nepese ynansa-da, daňdan turupseretmek işini başga adama ynanmazdy.Bir ýyl ol gyzdyrmaly boldy. Her gün gün öýleden agandansoň, ony gyzdyrma tutýardy-da, tä daň saz berýänçä, üşedipgagşadypaldym-berdime salýardy, ysgyndan gaçyryptaşlaýardy. Ol şol halynda-da daň saz beren wagty turup, atyna


seretmegi dowam etdi. Emma gyzdyrmanyň üznüksiz tutup,ysgyndan gaçyrmagy sebäpli, bir tarapdan bolsa, Mamagülüň“ýaňy der berende atym diýip çykýarsyň, gaýra üzülýärsiň”diýip iňirdemegi sebäpli, ol üç-dört gün daş çykyp bilmedi.Emma özüniň hemişeki oýanýan wagty turup, Mamagüli hemsüýji ukusyndan oýardy. Ata seretmäge iberdi. Özem her güniberende, etmeli işlerini ýekän-ýekän sargaýardy. Mamagül ataot-iým berip gelenden soň bolsa, “At nätdi? Burnuny açdymy?Hokrandymy? Gazygynyň daşynda aýlandymy? Başynyatýarmy? Ýatyrmy ýüzüni sallap, sulhup durmy ýa-da ýüziaçykmy? Tezekledimi?” diýip, şunuň ýaly müň sowal bilenonuň gulagyny kamata getirýärdi. Mamagül görse, indi busakyrdap, öňküsindenem beter gaýra üzüljek. “Sen her gün ataiým bermegi öwredip sakyrdaýarsyň. Bir sapar aýtdyň besdirahyry. Onsoňam her gün at nätdi diýip, öliň soragyny berýäň.Atdyr-da, näder öýdýäň, durar-da janawar” - diýip, bir günMamagül käýindi. Öwezmyrat batyr bolsa “Seniň özüň her günbir bolşuňdamy? Olam sen ýaly jandar ahyry. Asyl “maleýesiniň gözünden suw içer” diýenleri dogry eken, oňa özümseretmesem bolmaz” diýdi, tersine tutdy. Eli hasaly daşaryçykyp, atyna özi seretmäge başlady.Öwezmyrat batyr özüniň şu häsiýeti bilen bu gün hem daňsaz berer uçurlarynda daş çykdy. Iýmli torbany eline alyp,


atyna baka ugrady. Bir seretse, öz atyndan üç-dört ädimlikde,ýene bir at dur. Kimdir biri çommalyp otyr, ol iki elini dyzynyňüstünde çalşyryp goýupdyr-da, şol oturyşyna-da uklapdyr.Atynyň baş bagyny-da gysymyna pugta gysypdyr. At bolsaeýesi oturandyr güman edip, gymyldaman durdy.Öwezmyrat batyr ýakynrak baryp syn etdi, Kany batyrdyröýtdi, emma ol Nepes bolup çykdy. Ol atyna iým berdi, atynyňsagrysyny, boýunlarynyň ýüzüni sypalaşdyrdy. Oňa çenlidaňam mazaly agaryp başlady. Şondan soň Öwezmyrat batyr:— Nepes! - diýip seslendi.— Häh!..- diýip, Nepes basyrganan ýaly bolup zöwweýerinden galdy. Atynyň baş bagyny sermeledi.— Daň atdy. Atyňa iým-zat ber - diýip, Öwezmyrat batyrýuwaşlyk bilen gepledi.Nepes sesini çykarman, bökdergiden horjuny alyp, atynaiým bermek bilen boldy. Bu wagt Mamagül hem turup, tümüňişiginde oturan gara öýüne girdi, syr-süplük ýowşan tütedip,näme-de bolsa bir nahar häzirlemegiň ugruna düşdi.— Kakam gelipdir! - diýşip, Aşyr bilen Öwezmyratbatyryň öz ogly Geldi hem tümden çykyp, oňa tarap topuldylar.Öwezmyrat batyr olaryň her haýsyny bir gujagyna alyp, ýokarygöterdi. Olary söýdi, olar bilen öz dilini tapyp gürleşdi. Eltip,Aşyry eýeriň üstüne, Geldini hem onuň syrtyna mündürdi. At


olsa üstünde oturan çagalara parh etmän, parahatlyk bilen iýmiýmegini dowam etdi.Nepes öz atynyň töwereginde öz başyna güýmenip ýördi.Öwezmyrat batyr çagalary atdan düşürip, ýere goýberdi. Ol ikiçaga Öwezmyrat batyrdan aljak sylaglaryny alyp, göwünlerihoş bolan bolmaga çemeli, ondan galyp, atyň daşynaaýlanyşmak bilen boldular. “Gör, nädip arpa iýýär? Gulagynygör. Be, gözünem ýumaýýaraý. Be, be, guýrugyny edişineseretsene” diýşip, bir salym aty synladylar. Soňra bolsaözleriniň taýakdan atlaryna münüp, “gul gaçdy” oýunlarynabaşladylar.Öwezmyrat batyr çagalar bilen aýrylyşyp, gapa barly hem:— Nepes, öýe gel, bir döwüm-dişlem çörek iýeli - diýipgygyrdy.Nepes gelip öýe girdi. Öňküsi ýaly sesini çykarman dymypoturdy. Ep-esli salym dymyşyp oturanlaryndan soň:— Näme, agşamky eden işimiz göwnüňe jaý bolmadymy,Nepes? - diýip, Öwezmyrat batyr oňa habar gatdy.Nepes telpegini aýryp, tahýasynyň üstünden eli bilenkellesini sypady-da:— Başga eden işleriňe däl diýjek däl, batyr, ýöne Kanybatyra aýdanyň gowy bolmady - diýdi. - Ol günäkär däl ahyry,


atyr. Onda çigidiň gabygy ýaly-da günä ýok. Bu ýerdegünäkär adam bar welin, ol başga, batyr.— Şeýlemi?.. - Öwezmyrat batyr göwünli-göwünsizrägedeşeýle diýdi-de, ep-esli salym dymyp oturdy. Ýene şol pikirligörnüşinde dowam etdi. - Belki, menem ýalňyşsamýalňyşýandyryn, Nepes. Ýöne mende şondan başga adamamüňkür bolmaga esas ýok ahyry. Hanyň ýanyna baryp gaýdandemirgyr atly bolmaly. Şeýle at bolsa Kany batyrda bar. Onsoňbizi hana şugullan Kany batyr bolman, kim bolup biler?— Müňkürlik edere başga adam bar, batyr - diýip, Nepesgöni onuň ýüzüne dikarynlady. - Men şol işi biri eden bolsa, oladamyn Hal molladan başga adam däldigine ynanýan.Öwezmyrat batyr Nepesiň ýüzüne agras nazar saldy. Emmageplemäge gyssanmady. Böwrüni diňläp, esli oturdy. Onsoň:— Belki, menem ýalňyşsam ýalňyşýandyryn - diýip, öňkisözlerini gaýtalady. - Ýöne, Nepes, bu ýerde senem gatyýalňyşýaň. Hal molla bir pahyr adam ahyry. Ol beýle etjekadam däl ahyry.— Batyr, biziň ikimizem birden ýalňyşyp bilmeris. - Nepesjanygyp başlady. - Haýsymyzam bolsak, birimiz gatyýalňyşýarys. Birimiziňkem edil şonuň ýaly gaty dogrudyr.Onsoňam sen Hal mollanyň pahyrsyramasyna seretme. Şeýle iş


edýän haýýar hiç wagt men şeýle iş edýän diýip aýtmaýar. Olözüni pahyrlyga salýar. Saman astyndan suw goýberýär.— Hanyň ýanyna baran demirgyr atly bolmaly ahyry -diýip, Öwezmyrat batyr onuň sözüni böldi.— Bolanda näme? Hal molla Kany batyryň atyny diläpalyp bilenokmy? Ahmalyna garap, ogurlap alyp bilenokmy?Ýa-da dünýäde başga demirgyr at gytmy?Ol aýdýanyň şeýle, Nepes - diýip, Öwezmyrat batyr parahatäheňde gürläp başlady. - Hal mollanyň demirgyr aty bolmasada,goý, öňki hanyň ýanyna baran şugulçy Hal molla bolsun.Soňky bu Batyr hajyly gürrüňi şugullap, il arasyna ýaýradanamHal mollamy? Ony ile ýaýratjak ýa men, ýa sen, ýa Stepan aga,ýa-da Kany batyr bolmalydy. Men Stepan aga bilen seniň şolişi etmejekdigiňe berk ynanýaryn. Onsoň Kany batyr bolman,başga kim bolup bilsin?— O näme üçin sen maňa, Stepan aga ynanýarsyň-da, Kanybatyra ynanaňok?Öwezmyrat batyr onuň özüne garşylyklaýyn sowal berdi:— Öten agşam näme üçin başgalaryň aty gurrugaýykylanok-da, Kany batyryň aty ýykylýar? Näme üçin ol ötenagşam hemme kişiden ilki Gurhandan gorkup başlaýar?Nepes bu sowallaryň haýsyna nähili jogap berjegini bilmänbirneme aljyrady.


— Öten agşam ol birinji gorksa-da gorkandyr - diýip,Öwezmyrat batyr bilen ylalaşdy. Ýöne şobada hem özüni elealdy. Öňki aýdanynyň tersine gürledi. - Ýok, batyr, ötenagşamam Gurhandan ilki gorkan Kany batyr däl. Özüň eşitdiňä,Gurhanly gürrüň Hal molladan başlandy. Şol gygyransoňGarry batyr dagy yzyny alyp götermedimi näme? Batyr hajylygürrüňde-de, göwnüme bolmasa, şonuň biligi bar ýaly bolupdur. Şol şeýle, batyr.Nepes kellesiniň gyzgynyna Hal molla paýyş sögübemgoýberdi. Ýöne şonda-da Öwezmyradyň öz ynanjyndan elçekesi gelmedi.— Aý, ýok, Nepes, bu aýdanyň maňzyma oturanok - diýdi.- Dogry, Hal molla dindar adam. Onuň Gurhandan gorkjagamçyn. Gygyrjagam çyn. Onuňky düşnükli. Onsoň şeýle mollaadamyň şugulçylyk etjegine ynanyp biljek däl men-ä.— Meniň Hal molla bilen bassaşlygym ýok. Ýa-daonuňam aýratyn maňa edýän ullakan ýamanlygy ýok - diýip,Nepes ýüreginden syzdyryp aýtdy. - Ýöne onuň özüniýigrendirýän pis häsiýetleri bar, batyr. Sen Hal molla näbeletdäl ahyry.Bir meýdan geplemelerini goýup, olaryň ikisi hem dymdy.Içini gepledip oturan Öwezmyrat batyr:


— Her näme-de bolsa, başymyzy sypdyryp, sag-amandyndyk - diýip, birden içki pikirini daşyna çykaranyny duýmangaldy.Nepes telpegini tirseginiň aşagyna salyp gyşaryp ýatanýerinden oňa sorag berdi:— Nämeden dyndyň, batyr?— Aý, şu serdar bolan bolup, bir bölek akmaklaryňmazlamasyny boýnumyza göterip ýörmekden dyndyk.Ýükümiz ýeňlän ýaly boldy.— Näme sen serdarlykdan el çekip, indi dynandyrynöýdýäňmi?— Elbetde. Ýogsa kim meni zor edip serdar edip biljek?— Hiç kim zor edip bilmez-le - diýip, Nepes güldi.Nepesiň gülmegini geň gören Öwezmyrat:— Ýogsam näme, başga näme bolupdyr? - diýdi.Nepes onuň bu sowalyna jogap bermek üçin özünden bir zattoslamak isledi. Dik oturdy-da, ykjamlandy.— Üýtgeşik bir bolan zat ýok-la, ýöne... - diýip yzynytapman pikirlendi. Öwezmyrat batyr onuň bolşuna göýä birüýtgeşik habar bar-da, şony aýtman saklanýan ýaly düşündi.— Ýogsa näme? - diýip, biperwaýsyrasa-da, Nepesiň özgürrüňiniň yzyny aýtmagyna garaşdy. Nepes hem oňa çenli öz


Seýitmyrat beg çala dürteren köseleç sakgalyny sypaladyda:— Batyr, biz-ä goýanoklar - diýdi.— Şäherde han özüňiz, soltan özüňiz, bu işi gaýdan il bolsaeliňize galypdyr. Agynap gezýärsiňiz. Ýene kimden siz nägile?- diýip, Öwezmyrat batyr gaharly güldi.— Seniň adamlaryň goýanok. Öten agşamdan bäriýatyranoklar, batyr. Ýa Dykmany ähli il bolup aklarsyňyz,ýogsa-da tutup berersiňiz diýip, dyzaşyp durlar. Ikimiziňaýralygymyz ýog-a, ikimiziň atamyz dogan ahyry, seniň şonybilmegiň gerek ahyry. Dykmada daş däl, olam garyndaş - diýip,Seýitmyrat beg garyndaşlygy orta atdy. Bu söz Öwezmyratbatyryň beter kejinden tutdy. Onuň goltugyndaky Gurhana gözidüşende bolsa, gahar-gazaby depesine çykdy. Onuň gözleridym-gyzyl boldy. Ýene näme aýtjak zadyň bar? - diýip,Seýitmyrat bege alaryldy.— Aýtjak zadym neme... - diýip, Seýitmyrat beg ýeneGurhany eline alyp, bir zatlar aýtmaga synandy. EmmaÖwezmyrat batyr oňa geplemäge maý bermedi.— Öwezmyrat oýnatgy däldir - diýip, öňürti söze başlady.- Öwezmyrat dogruçyl adamlary, öz il-ulusyna hyýanatetmeýän adamlary halaýar. Eger öz il-ulusyna çigit ýalyhyýanat edýän bolsa, hakykatçy bolman, ýalan sözleýän bolsa,


öz dogany, doganoglany däl, hut atasam bolsa Öwezmyratsylamaz. Düşdüňmi? Siz öten agşam Öwezmyrady oýnapkowup goýberdik, Ggurhan bilen öz syrymyzyň üstünibasyrdyk diýip oýlamaň. Öwezmyrat akmak däldir. Ol siziň baredip ýören işiňizi bilýär. Gurhanyňy göter-de, şu gapydan tur!Nirede ant içseň, şonda iç! Kimi aldasaň şony alda! Kime dadabarsaňam şoňa bar, ýöne şu gapyda ant içme! SeniňGurhanyňa-da ynanman, antyňa-da, tur ýok bol!Seýitmyrat beg ýöne turup gidibermek üçin gelmändi. OlÖwezmyrat batyra gep düşündirjek bolup näler çalyşjakdy.Emma Öwezmyrat batyr gepi tükelländen soň, onuň häzir herzatdan gaýtmajakdygyna mazaly göz ýetirdi-de, bu ýerde uzakdurmaga çekindi. Derrew ýerinden turdy-da:— Heý, şeýle-de bir dogan-garyndaşlyk bolarmy? Eýsemmen perraçlaryň eline düşsem, maňa hossar çykan tapyljak däldä- diýip, öz başyna hüňürdäp gitdi.— Tapdyň gelip ant içjek ýeriňi, doňuz - diýip, Öwezmyratbatyr onuň yzyndan käýindi. Öz ýanyndan “Nepesiň aýdanlaryçyn eken-ow” diýip pikirlendi, Nepes bolsa özüniň göwnünegelen sözi toslap aýdanynyň çyna çykyp ugranyna geň galyp,häzir näme diýjegini bilmän otyrdy. Aslynda Nepesiňýürejiginde şeýle pikir bardy. Ol şeýle edilmegini arzuwedýärdi. Emma Nepes ýaly ýaş ýigitleriň gürrüňine kim gulak


asýar? Onuň üçinem ol näçe islese-de, öten agşam öz ýüreginedüwen pikirini aýdyp bilmändi.Häzir juda Nepesiň aýdyşy ýaly bolmasa-da bäri ýanybardy. Atly ýigitleriň içinden biri bir maslahat tapyp, bir toparySeýitmyrat begiň üstüne, ýene bir topary hem hanyň üstünegidipdi. Iki atly hem Gara batyry alyp gelmäge gidipdi.Nepes bu maslahatdan düýbünden habarsyzdy. Çünki atlylarbu maslahaty Nepesiň ýanyndan gidenlerinden soň tapypdylar.Häzir ol beýle bolup çykanyna biçak begendi. Diňe şu ýerdehem ol Öwezmyrat batyra beýle zady näme üçin aýdandygyhakda oýlandy. Şeýle edilmegini isläp, bu pikiri içine sygdyrypbilmän aýdyp goýberdimikä? Eger soňy şeýle bolup çykmadykbolsa, ol Öwezmyrat batyryň öňünde näme diýerdi? Bu onuňÖwezmyrat batyry aldadygy bolmazmydy.Nepesiň göwnündäki arzuwy hasyl bolupdy. Ol aladany birýan ýüzli etdim diýip, ýeňillik bilen dem aldy. Ýerinden turup,daş çykdy. Iým geýdirilen torbalaryň henizem atlaryň agzyndadurandygyny gördi. Baryp olary aýyrdy-da, getirip duldanasdy.Mamagül näme-de bolsa bir işiň gopanyny aňlady. EmmaÖwezmyrat batyryň häsiýetine belet bolany üçin sesini-üýnüniçykarman, nahar taýýarlamak bilen meşgul boldy.


Içine palawkädi, aňry-bäri dogralyp bişirilen gowurmaçorba häzir boldy. Bir çanaga çörek dograp guýdular.Öwezmyrat batyr bilen Nepes nahar iýmäge oturdy. Bularnahar iýmäge ýaňy başlan wagtlarynda hem Gandym aksakgalgapydan geldi. Öwezmyrat batyr:— Gel, Gandym kaka - diýip, çanagyň başyndan orunberdi.Gandym aksakgal çanagyň başyna geçip oturandan soň,saglyk-amanlyk soraşdy.— Haýal etmän iýiberiň siz - diýip, dokmädelik bilennahardan her wagt bir agyz garbanmaga başlady. Az salymdansoň ol:— Batyr, öten agşamkyňyz nämäniň galmagaly ol? - diýipsorady.— Doňuzlar - diýip, Öwezmyrat batyr başdan başlap bolanwakalary hekaýa etmäge başlady. Ol ajygan iner ýaly işdä bilennahar iýýärdi hem gürrüň edýärdi. Hana şugullanyşyny,batyrlaryň üstüne barşyny, Weli batyra duşuşyny, Stepanysaklaýşyny, ýolda Batyr hajyny tutuşyny gürrüň berýärkä,arasynda çorba ýokly çörekli elini hem hereketlendiripgöýberýärdi. Ol nahar iýlip, töwir galdyrylandan soňamhekaýasyny gutarmandy. Ahyry hekaýasynyň yzyny ötenagşamky waka getirip diredi. Iň ahyrynda hem:


— Gandym kaka, bular şeýle bir anthor bolupdyr, edil birgyran düşewünt üçin Gurhandan ýüz sapar ätlejekler - diýdi.Gandym aksakgal hiç zat diýmän, diňe hä berip oturýardy.Ol özüniň pikirini aýtsa-da, ýene birnäçe soraglar sorap, ondansoň aýtmakçydy. Şol wagt daşardan biri:— Öwezmyrat batyr! - diýip seslendi.— Nädersiň? - diýip, ol içerden gygyrdy.— Bir daş çyk!Öwezmyrat batyr daş çykdy. Görse, daşardan gygyrýanNazar perraç eken. Öwezmyrat batyr daş çykan badyna ol:— Batyr, han aga gelýär - diýip habar berdi. Öwezmyratbolsa:— Gelse, gelipdir-dä han aga. Gelende näme bolupdyr? -diýdi.Gandym aksakgal bilen Nepes hem daş çykdy. Berdimyrathan pyýada ýetip gelýärdi. Onuň yzyndan gelýän bir topar atlybolsa Öwezmyrat batyryň atlylarydy. Edil şol wagt şäheriňilerki derwezesinden giren üç atlynyň atlarynyň endamy ýaňyguşluk galan günüň aşagynda ýaldyrap göründi. Han aňyrdangelip salam berdi:— Essalawmaleýkim.— Waleýkim, hanyň ogly. Geliň öýe giriň - diýip,Öwezmyrat batyr hany garşylady.


— Batyr, öýe girsegem bolardy welin, adam köpçülik,daşarda durubersek-de bolar-la. Hany, bu galmagalyňyz näme?- diýip, Berdimyrat han sypaýyçylyk bilen söze başlady.Tümüň bir gapdalyna çykarylan gumuň üstünde çommalypoturdy. Ol oturansoň Öwezmyrat batyram, beýlekilerem aýaküstünde oturdylar. Öwezmyrat batyryň öýüniň töweregi eýýämatly hem pyýada adamdan dolupdy. Seýitmyrat beg hem gelipbir çetde oturdy. Öwezmyrat batyr:— Hanyň ogly, biziň-ä hiç bir galmagalymyz ýok. Ötenagşamdan bäri galmagaldan halys dyndyk diýip, Hudaýa şüküredip, oturyşymyz şu - diýdi.Berdimyrat han geplemänkä, ýaňky üç atly gelip ýetdi. Buat derledip gelenler Gara batyr dagy eken. Gara batyrmärekäniň bir çetinden gelip salam berdi hem atdan düşdi.Nepes ylgap baryp onuň atyny tutdy. Gara batyr jylawynyNepesiň eline berip, Gandym aksakgala baka ugrady. Onuňbilen görüşdi. Berdimyrat han hem beýleki adamlar bilengörşüp çykdy, saglyk-amanlyk soraşdy-da Gandym aksakgalyňýanyna gelip, takyrjak ýerde aýbogdaşyny gurup, gylyjynyöňüne kese basyp oturdy. Soňra:— Oglum, bir çilimem çek! - diýip gygyrdy. Nepes atyňbaşyny onuň bilen gelen atlylaryň birine berdi-de, ylgap öýdençilim täzeläp çykdy. Gara batyr çilimi eline aldy-da:


— Önki edip oturan gürrüňiňizi ediberiň. Ynha bizemdiňläris, eşideris - diýip, çilim çekmäge başlady. Öwezmyratbatyr:— Hawa, hanyň ogly, biz-ä galmagaldan dyndyk - diýip,öňki gürrüňini ugrukdyrdy. Berdimyrat han ýylgyrdy-da:— O nähili dynmak? - diýip sorady.— Aý, näme dynsaň dynylaýýar... - Öwezmyrat batyrbaşyny galdyryp, Berdimyrat hanyň ýüzüne seretdi. - Hanyňogly, men yzyma düşüp ýörenler bir topar gylyçgemrenlermikä diýip oý edýärdim. Emma olaryň hemmesisopy çykdy. Menem baryň, ýok boluň, metjide gidiň diýip,hemmesini kowup goýberdim. Özümem uruşmagy taşladym.Ine, meniň dynyşym şeýle boldy, hanyň ogly. - Iň soňunda-dasözüni şeýle jemledi. - Soňky galmagallardan meniň habarymýok.— Seniň ol sopylaryň-a öten agşamdan bäri bizi goýanok,batyr - diýip, Berdimyrat batyr ýylgyrdy-da, gürrüňiniň birtarapyny degişmä salan boldy.Atlylaryň arasyndan ýaňy örüp gelýän sakgalynyň tüýiboýnuna çenli tutup duran ýagallak biri:— Hawa, han aga, ýa Dykmany aklaýmasaňyz, ýa-da onytutup beräýmeseňiz biziň birimizem bir ýana-da gymyldajakdäl - diýip, ýogyn ses bilen gygyrdy.


Öwezmyrat batyr ol sesi eşitmedik ýaly boldy-da, hanyňýüzüne seredip, ýangynly kinaýa bilen gürläp başlady:— Hanyň ogly, belki, ol sopular işanlaryň metjidindeýerleşen däldirler? Hany Hindistandan, Arabystandanazaýymhon mollalar sarlyp getirilipdir, şäheriň metjidi gatygiňeldilipdir, ömründe alny ýere degmeýänlere çenli namazokamaga başlapdyr diýip eşidipdik-le. Metjit darlyk edýänbolsa, ony hasam giňeltmeli. Şäheriň ýaryny metjit edip,oglandan-ula hemme baryp namaz okasak, namazyňyzyndanam dileg edibersek, belki, bu gelýän ýagy öz-özündenbasgy tapar... Atlylar şonuň üçin seni goýýan däldirler, hanyňogly.Berdimyrat han Öwezmyrat batyryň bu kinaýasynyň düýpmanysyna düşündimi-düşünmedimi, belli däl, ýöne ol ýüz-keşpgörnüşini çynlakaýlyga saldy-da:— Ýagyny nähili edenimizde gaýtaryp biljek, asyl bu hakdaseniň pikiriň näme, batyr? - diýdi.— Uly iliň hany bolup, ýurduň töresi bolup, ony senbilmeseň, men nireden bileýin? Elbetde, ony sen bilmeli, hanyňogly - diýip, Öwezmyrat batyr gyzyp başlady. - Men şolgalanyň agzynda ýurt maslahaty bolanda aýtjagymyaýdypdym, indi aýtjak däl. Sebäbi Hydyr diýip ýapyşanymhyrs çykdy diýen ýaly, il-ulusyň han diýip el bereni göreniň


agzyna aňkaryp ýörse, aýdan sözüň ýele gider. Ol iliň işigaýdar. Ýurdy tozar. Onuň şeýle boljagynyň ujy iki däldir,hanyň ogly.Gara batyr çilimini çekenden soň, ösgün gaşlaryny gözüniňüstüne büräp, ýüzüni aşak salyp, böwrüni diňşirgenýän ýalybolup, gürrüňi diňläp otyrdy. Indi gürrüňiň ýokary perdäçykanyny aňdy-da, ol ýüzüni galdyrdy.— Haw, han aganyň ogly, ikimiz bir çeträge çykaly, meniňseniň bilen çolalyk gürrüňim bar - diýip ýerinden turdy. -Gandym aksakgal, Öwezmyrat batyr, ikiňizem ýörüň - diýip,bir tarapa baka ýeňsesini tüňňerdip ugrady.Seýitmyrat beg özi indeg edilmäni üçin kemsindiminätdimi,ýerinden turup, olaryň yzyndan bir seretdi. Ýene aşakoturdy. Emma oturyp hezili bolmady. Ýene aýak üstüne turdy.Gara batyr ýüzüni aşak salyp, märekeden kyrk-elli ädimarany açyp aýak çekdi hem aýak üstünde çommaldy. Gandymaksakgal, Berdimyrat han, Öwezmyrat batyr dagy hem onuňýanyna baryp, göýä düzzim oýnaýanlar ýaly tegelenipoturdylar. Beýlede duran adamlaryň gözleri şolara bakadikilipdi.Oturanlaryndan soň Gara batyr äwmän-alňasaman gürläpbaşlady:


— Han aganyň ogly, Öwezmyrat batyryň aýdýanlarynyňhemmesi dogry. Şäherimiziň içinden dörän dönükler ýekeDykma serdar däl. Sopy han diýdi, ýene diýdi, başga-da bar.Olar köpelipdir. Şol bir wagtky bolan ýurt maslahatynyň yzybilen ol dönükleriň ýok azabyny çekip, öz içimizi birsaplamalydyk. Emma indi giç, han aganyň ogly... - OlÖwezmyrat batyra garap, janyýangynlylyk bilen heçjikledi. -Indi giç, Öwezmyrat, giç, inim, giç. Sebäbi ýagy şähere bakagün-günden bäri dykylyp alkymlap gelýär. Bu ilem bir işigaýdan il bolupdyr. Ol dönükleriň hatyrasyny görüp, yzynadüşýän, olara ynanýan akmaklaram az däl. Şeýle wagt diňeolary ogurlygynyň üstünde tutup kerçäýmeseň, başga alajybolmaz. Soň öňüne Gurhan atan adam köpeler. Soň il arasynaagzalalyk aralaşar.— Ine, batyr aga, meniňem Öwezmyrat batyra aýtjaksözüm şudy-da, şeýle bolar - diýip, Berdimyrat han sözegoşuldy. Gara batyr bolsa öz gürrüňini özüçe dowam etdi:— Han aganyň ogly, bilseň Öwezmyradyň aýdanlary saňadataýak. Bizem siziň namazhon bolanyňyzy ýigrenemzok.Emma uludan-kiçä baryň başyňa peş geýip oturanyň bilenemýagy gaýtmaýar. Ýagyny gaýtarmak üçin gylyjyňy biliňe bekguşamaly. Galaňyzda busup oturman, ýatymlar etmeli,mergenleri şol ýatymlara eltmeli, bukuda adamlar goýmaly.


Diňe atlylara diklinmeli däl. Elbetde, Öwezmyrat gider, ýönesiz özüňizi tijäň. Öwezmyrat, inim, şeýle, atlyň başyny çekipatlanmaly bolar. Üstüňe ýagy dökülip gelýärkä, atyňy gazykda,gylyjyňy tärimiň başynda goýmajagyňa ynanýan. Atlan, inim.Gandym aksakgal sag eli bilen sakgalyny sypalady-da:— Ol bir adama, iki adama gahar edeniň üçin uly ile gaharetmeli däl, Öwezmyrat. Atlan - diýip, Gara batyryň sözünigoldady.Öwezmyrat batyr hiç wagt Gandym aksakgal bilen Garabatyryň sözüni ýykan adam däldi. Bu gezegem hiç zat aýtmanotyrdy. Ýöne gahardan ýaňa hum ýaly çişip gyzarypdy.— Atlan, başa näme gelse görübereris - diýip, Gara batyrýerinden turdy-da adamlara baka ugrady. Beýlekiler-de onuňyzyna düşdüler. Öwezmyrat batyr hemmesiniň yzyndan ýüzünisallap gelýärdi. Daş gapa ýetenlerinden soň Gara batyr üýşüpduran ýigitlere ýüzlendi. - Aý, gyzyl ýüzli ýigitler, şu günleratyňy gazykda goýmak, gylyjyňy tärimiň başyndan asypgoýmak namysdyr. Aýallar baş daňylaryny ol ýigidiň başynaatarlar. Onuň gyzyl ýüzi solar. Hemmäňiz atlanyň, öňküňizýaly boluň. Kimi aklap, kimi garalamaly bolsa, ony hanatabşyrdyk. Ynha Öwezmyradam atlanar.Atlylar üçin Gara batyr aýtdy, gutardy. Öwezmyrat hyrçynydişläp, kellesini ýaýkady-da:


— Şu eýýämiň handyr aksakgalsumaklarynyň derdinden,etjek işimi hem edip bilmän dirije ýandym. Çykmadyksakgalym agardy - diýdi. - Bolýar, menem atlanaryn. - Ol öýegirip torba hem beýleki zatlaryny alyp çykdy. - Hemmäňgaýraky derwezä ýygnanmaly - diýip, ýigitlerine buýruk berdi.Onsoň ol bir zat hakydasyna gelen ýaly bolup sagyndy, Garabatyra ýüzlendi. - Gara batyr, men hödür-keremi-deunudypdyryn. Öýe gireliň, nahar taýýarladaýyn.— Ýok, ýok, Öwezmyrat, men ynha Gandym aksakgalyňýanynda az-kem dynç alaryn. Soň ugraryn. Sen arkaýyn bol -diýip, hoşallyk bildirdi. Gandym aksakgalam onuň sözüniňyzyny ýetirdi:— Gara batyra hödür-kerem ediler, sen arkaýyn atlan-da,atlylaryňa eýe bol, batyr.Şol wagt Seýitmyrat beg hem bularyň ýanyna gelip:— Öwezmyrat, sen hiç wagt yzyňy alada etmegin. Bilipbolmaz, göçuläýmeli bolsa, göçüňi alyp gideris. Şükür hudaýa,ulag kän. Sen arkaýyn bol - diýdi.Emma Öwezmyrat batyr oňa ýagşydan-ýamandan hiç zataýtmady. Atlandy. Nepes ikisi goşulyşyp, sürüp gitdiler.— Batyr, öýe baraly. Dem-dynç al - diýip, Gandymaksakgal Gara batyry öýüne çagyrdy. Soňra Berdimyrat hanadamürähet etdi. - Berdimyrat, öýe baraly.


— Baran ýaly göräý, aksakgal. Sag bol. Men öýe baraýyn -diýip, Berdimyrat han öýüne ugrady. Seýitmyrat beg hem onuňyzyna düşdi. Gara batyr bilen Gandym aksakgal ikisi bolsa,Gara batyryň atyny idege alyp, tirkeşip gitdiler.Seýitmyrat beg Berdimyrat hanyň yzyna düşüp barşyna:— Bu Öwezmyrat diýilýän şeýle adamdyr. Garyndaşbolup, biziň birimiziňem diýenimizi etmezdi. Bu gezek Garabatyr ýetişäýdi. Görseň, bizden däl ýalydyr, han aga. Onuňbolşy şeýle. Taňrynyň guýany şol. Asyl bu oglan wagtynda-daşeýle diýen etmezek keçjaldy - diýip, hamala Öwezmyratbatyryň agasy hökmünde bolup gürledi. Emma Berdimyrat hansesini çykarman, öz ýüregi bilen gepleşip gitdi.Öwezmyrat batyr Nepes bilen sürüp, galanyň gaýrakyderwezesine baranda, atlylary öňünde eýýäm taýyndy. Olýigitleriniň hiç haýsyna seretmeýärdi. Diňe atynyňgulaklarynyň arasy bilen ýere seredýärdi. Onuň aty oýnaklapderwezeden çykdy. Ol sähel gidenden soň, atynyň başynyçekip yzyna öwrüldi-de, atlylaryny gözden geçirdi. Hemmeýigitleri ýerli-ýerinde, öňki-öňkülik. Garry batyr kimdirbirinden utançly ýaly, ýüzüni aşak salyp, sakgalyny sallap,eýeriň üstünde doňdurylan ýaly bolup otyrdy.Öwezmyrat batyryň diňe Kany batyra gözi düşmedi. Olnirädir bir ýere ýitirim bolupdyr.


Öwezmyrat batyr müňkür bolup, Kany batyrdan ýüregimazaly döwlüpdi. Her niçik-de bolsa, oglanlykda bile gezendostundan birden aýra düşmek oňa kyn hem agyr düşen borly,ol uludan bir demini aldy. “Kany batyr ýok... Kany batyrgidipdir... Nepesiň aýdýany dogrumyka? Demirgyr atly başgaadammydyka? Nepesiň aýdyşy ýaly, Hal mollamyka? Allabilsin bu zatlary...” diýip, ol içinden pikir öwürdi.Häzir onuň oýlanyp durmaga wagty ýokdy. Şonuň üçinemol ähli pikir-hyýaly kellesinden çykardy-da, atynyň başynygünbatara baka burdy. Galanyň demirgazyk burçundandolanyp, galanyň günbatar ýüzüni syryp, ilerligine tutdurdy.Olaryň barýan ýeri ýumşak çaýyrlyk bolansoň, atlaryňtoýnagynyň dükürdisi eşidilmeýärdi. Ýigitleriňem hiç birindenses-üýn çykmaýardy. Şäheriň uzyn giden galasynyňjanpenasynyň üstüne boýdan-başa çenli düzülen gelingyzlardyroglan-uşaklaryňam hiç birinden ses-üýnçykmaýardy. Daş-töwerek dym-dyrslyk bolup, bütin dünýänitukatlyk basan ýalydy.Bu ýürekgysgynç tukatlyga çydamadymy-nämemi,ýigitleriň biri:— Aý, ýigitler, biz pata ýerine baramzok. Biz söweşe-toýabarýarys. Söweş biziň üçin toý, baýram. Bu näme bolupbardygymyz - diýip gygyrdy. Ýigitleriň ikisiniň adyny tutup,


olara ýüzlendi. - Sähet, Durdy, bolşuňyz nähili, demiňiz ýokýaly-la.Bu ikisi atlylaryň içinde belli aýdymçylardy. Emma henizeçenli atlylaryň içinde Nepesiň aýdym aýdanyny eşiden ýokdy.Ol hem şu tukatlyga çydaman, içi gysyp gelýär eken. Ýa-haonuň hyjuwy gursagyna sygmady, ýa-da aýdymçy ýigitlerigozgamak isledi, üzeňňä galdy-da:Aý diýsem aýa meňzär! -diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy. Damananyň zarynheňine gygyran hoş owazly sese galanyň gatlaklaryndaýaňlanyp, göge göterildi. Güzerde suw alyp duran aýallaryňarasyndan bir garry kempir:— Jana, oglum, jana! - diýip seslendi.Nepes onuň yzy bilen ýene bir aýdym aýtdy. Aýdylýanaýdymlar damana ýolunyň zaryn, gamly heňleridi. Niçik-debolsa, janpenanyň üstünde duranlarda bir hili şatlyk duýlup,janly gozgalaň göründi. Nepes aýdymyny gutaran badynakimdir biri:— Aý, zaňňar, başarmadyň-a - diýip, üzeňňä galdy-da:Bedew at girse meýdana,Beýik dagyň başyn gözlär,Goç ýigit girse meýdana,Dördün ýykyp, bäşin gözlär


diýip, Göroglynyň aýdymlaryna tutup başlady. Ýigitleryzyny kesmän gezekli-gezegine aýdyma gygyrdylar.Göroglynyň batyrçylyk aýdymlary, Gyraty hakdaky aýdymlaryýüreklerden joşup çykyp, asmana göterilýärdi. Janpenalaryňüstünde duranlar durdugyça gürelýärdi.Atlylar galanyň duşundan geçip, ilerligine gitdiler. Olaryňgyzyl keteniden edilen kiçijik baýdagy hemmesiniň üstündengalgap görünýärdi. Aýdym sesi ýuwaş-ýuwaş uzaklaşdy.Niredendir uzak günbatarda bir ýerde her wagt-her wagtatylýan topuň sesini köwsarlap ösýän şemal çala gulagaýetirýärdi. Aradan köp wagt geçmänkä, atlylar gözden ýitipgitdiler.* * *Gutlymyrat şol gidişine Öwezmyrat batyrdan ugur tapman,şol gün giçden soň gaýdyp geldi. Ol heniz çörek torbasy bilentüpeňini egninden aýyrmaga ýetişmänkä, Täzegül bu günkibolan wakalary oňa gürrüň berdi. Täzegül şol gürrüň bolanwagty Mamagülüň ýanyna baryp, bolan gürrüňleriň hemmesinieşidipdi. Gutlymyrat haýran bolup:— Men Öwezmyrat batyry görmesem, ýa başga bir ýerdegürrüň etmesem, ol eýýäm bu zatlary nireden bildikä? - diýip,


öz başyna hüňürdedi. Ol Seýitmyrat begiň şol özüne aýdan söziüçin şeýle galmagal turandyr diýip oýlandy. GutlymyratTäzegülden eşiden gürrüňi bilenem kanagatlanman,Mamagülüň ýanyna bardy. Ol hem Täzegülüň aýdyşy ýalygürrüň berdi. Gutlymyrat haýran galyp:— Muny batyr bilipdir, Mamagül bibi, menem bolanbolsam gowy bolardy - diýdi. - Adamlar ant diýen ýok zadyçykarypdyrlar. Şol ant diýen zat ýok bolsady, baryp Gandymaga hemmesini aýdardym.Ol öz başyna hüňürdäp, käýinjiräp öýüne gitdi.Şol günüň ertesi perraçlaryň hem şolar bilen gatnaşyklyadamlaryň arasynda hamala, “Öwezmyrat batyr tanymaladamlary öldürip, Berdimyrat hanam öldürip, han özi, soltanözi boljak bolanmyş, namaz okamaklygy kesmek islänmiş, asylol Gurhany-da tanamaýarmyş, galmagalam şonuň üçinturanmyş, Gara batyr wagtynda gelip ýetişäýenmiş, ýogsa onuňpäli-niýeti tersmiş” diýen myş-myşlar agza düşüp başlady.IKI AGANYŇ GULYÖwezmyrat batyr atlysynyň öňüni çekip gitdi. Emma indionda öňki hyjuwlylyk, dyzmaçlyk galmandy. Ol edil ümürdumanyňiçinde gitjek ugruny ýitirip, aljyran ýalňyz ýolagçy


ýaly, seresaplylyk bilen ädip, töweregini pugtalap seljermägebaşlady. Indi ol beýik daglara hyrydar göz bilen garap, buljumgaýalar agtarmasyny taşlady. Şeýle buljum gaýaly daglar-daonuň gözüne howply bolup görünmäge başlan borly, ol indi çölgumlara nazaryny dikýärdi. Ol hiç kim bilen gürleşmeýärdi.Onuň näme niýetiniň, näme hyýalynyň bardygyny hiç kimbilmeýärdi. Ol birnäçe güni şeýle susluk bilen geçirdi.— Goşy bu ýerden pylan guýa göçürmeli - diýip, ol ahyrybir gün ýigitlerine buýruk berdi. Garry batyr özüniň goşkerweniniň ýüküni taýlady, atlylar dessine taýýar boldular.Öwezmyrat batyr olaryň öňüne düşdi. Olar üsti gandym hemselin bilen bürelen gum depeleriniň arasynda etek guýulardanbirine baryp goş tutdular. Bu guýynyň töweregi giň seleň biradyrsow meýdandy. Meýdanyň daş-töweregini bolsa beýikbeýikgum depeleri gurşap alypdy. Bu gum galasynyň çatilersinden agzy bardy. Şol agyzdan çykanyňda bir egremçe ýolgidýärdi. Bu ýoluň iki gapdalyny beýik-beýik depeler tutup, oldagyň gysby jülgelerine gaty meňzeşdi.Gumuň etegine ýetip, şol jülgä düşüp, iki sesýetim ýöreseň,aýlanyp-dolanyp, şol guýynyň meýdanyna çykýarsyň.Guýynyň meýdanyndaky ýüpek ýaly çaýyr hem selmelere,syrkynlara garaňda, haçanda bolsa bir wagtlar şu jülgedenArkajyň başyna goýberilen suwlary inip, bu meýdanda


tolkunyp köl bolup ýatandygyny aňlamak mümkindi. Şonuňüçinem bu meýdandaky guýular hem bir gulaçdan çuň däldi.Onsoň her çopan özüniň islän ýerinden özüne guýy gazynyp,bu ýerdäki guýularyň sany köpelipdir.Hazandyr akrap, öz gelmeli wagty gelip, gezegini geçiripgidipdi. Emma olar göýä bu guýynyň meýdanyny görmängeçip giden ýalydylar. Bu meýdandaky ot-çöpler göm-gökbolup otyrdy. Öwezmyrat batyryň saýlap tutan jaýy şu meýdanboldy.Öwezmyrat batyr dagdan aşak inensoň, “näme-de bolsa birhowp bar bolmaga çemeli, ýogsa Öwezmyrat batyr beýtmezdi”diýip, birnäçeler bükgüldä gitdi. Ýigitlerden kimdir biri:— Näme, batyr, ilerdenem heder etdiňmi? - diýip sorady.— Aý, hawa, “ýagydan ýaý boýy” diýlenidir - diýip,Öwezmyrat batyr oňa gysgajyk jogap berdi.Öwezmyrat batyryň bu gaýra çekilmegi Garry batyryňýüreginde has-da uly howsala döredipdi. Ol Öwezmyratbatyryň ýanyna geldi-de:— Näme, batyr, indi nätmeli bolar? - diýdi.— Indi iki ýol galandyr. Ýa-ha ymykly gul bolmalybolarsyň, ýa-da ýurduňy hatap gala etmeli bolarsyň - diýip,Öwezmyrat batyr sagynman jogap berdi. Bu jogapdan soňGarry batyr hasam beter howsala düşdi.


— Näme, batyr, indi umyt kesiläýdimi? Indi gylyjytaşlaýmaly bolarysmy?— Näme üçin? Gylyjy taşlabermeli bolarmy? Gylyç entekelimizde. Ýöne Bamyny gelip alandan soň, indi goşy şu ýereçekmegi amatly gördüm. Garry batyr, daga çykmak, düşmekkyn däl. Ýöne goş şu ýerde bolar.Öwezmyrat batyryň eden düşündirişinden soň, Garry batyrbirneme köşeşdi. Emma indi uruş gün-günden ýygjamlaşýardyhem-de gün-günden öjükli bolup başlapdy. Öwezmyrat batyryňýigitleridir atlarynyň arasynda hem harapçylyk gün-gündenartýan ýaly boldy.Bir sapar Öwezmyrat batyr:— Stepan aga diýmişleýin, ak patyşanyň beýikleri özhalkyna gaty zalym bolara çemeli. Beýle zuluma olaryň halkyneneň çydaýarka? - diýip, patyşa goşunynyň serkerdeleriniň öznökerlerini rehimsizlik bilen gyrgyna sürşünden zeýrendi.Şol günlerde ýene bir şum habar Öwezmyrat batyryňegninden basdy. Gyssagly gelen çapar Gara batyryň öldihabaryny getirdi. Şol wagta çenli özüniň ölümini düýgündenýadyna-da salman, hemişe ýagyny gyrmak hakynda pikir edipýören Öwezmyrat batyr birinji gezek “ölüm bar-ow” diýippikirlendi. “Gara batyr öldi” sesini eşiden wagty göýä onuň birdamary şarpa kesilen ýaly, el-aýagyndan ysgyn gaçdy.


Ak patyşanyň goşuny şähere ýakynlaşyp gelýänçä, Garabatyr gije-gündiz ýatman söweşdi. Skobelew alkymlap gelip,galany topa tutmaga başlanda, Gara batyr öz töweregindeatlydan başga pyýada kömegini görmändir. Ol gaharlanyp,atlysyny yzyna tirkäp, galanyň içine giripdir. Görse, ak uly,gara kiçi, adam bary metjitde işanlaryň töwereginde howpsuzýerde halka gurap otyrmyşlar. Adamlary daşyna üýşürip,sellelerini tegeleşip oturan işanlary görende, Öwezmyratbatyryň aýdan sözleri Gara batyryň ýadyna düşüp, onuň gaharybarjak derejesine ýetipdi. Ol iň uly işana ýüzlenip:— Aý, işan aga, adam ajaly ýetse ölermi ýa-da ýetmese-deölermi? - diýip, at üstünden sorapdyr. Işan hem:— Adam ajaly ýetse öler - diýip jogap beripdir. Olaryňbolup oturyşyna jany ýanan Gara batyr:— Janpenada bukup oturan adamyň ajaly ýetmez, işan aga,hany göreli biziň ajalymyz ýetmäbilse ýetmesin - diýipdir-deatynyň başyny yzyna dolap sürüp gidipdir. Ol gahar bilen mesbolup huşundan aýrylypdyr. Atyny dogry ýagynyň tüpgeniniňdikilen ýerine baka sürüpdir. Ýigitleri:— Aý, batyr, nätdiň? Bu giden ugrumyzda bizi harapederler - diýşip gygyrypdyrlar. Emma ol:— Tä ak patyşanyň goşunyny ýeňýänçäk gitmeli - diýipbuýrupdyr. Agyr goşunyň içine özüni urupdyr. Gazaply uruş


olupdyr. Atlysynyň birnäçesi harap bolup, birnäçesi bolsaçydap bilmän gaçypdyr. Şol ýerde Gara batyryň dumlyduşundannaýza urup öldüripdirler.Çaparyň aýdyp beren hekaýasyndan soň Öwezmyrat batyrmelul boldy. Ol gijäni gaýgy-gam bilen geçirdi. Ertesi ol daňbilen hemişekisi ýaly atlandy. Ol indi ölsem öleýine salanborludy. Şol gidişine goşa köwlenmän, üç gije-gündiz dynmangazaply söweşler etdi.Şol günleriň birinde ýene bir çapar Berdimyrat hanyňölüminiň habaryny getirdi. Çaparyň beren gürrüňinden mälimbolşuna görä, Berdimyrat han Gara batyryň ölüminden öňaýdan sözleriniň manysyna düşünip, şol günden başlap,pyýadalara baş bolup, uruşda özi serkerdelik edipdir. Birsaparky çozuşda hem ok degip ölüpdir. Öwezmyrat batyrBerdimyrat hanyň ölümine-de gaty gynandy. Ol:— Han ölse, han tapmak aňsat. Kim-de bolsa biriniňýakasyndan tutup, sen han diýseň, han bolar, il oňa han diýer.Emma är ölse, är tapylmaýar, ýeri boş galýar. Hany indi Garabatyr tapdyrarmy? Berdimyrat Nurberdi hanyň ogullarynyň iňmerdidi. Hany indi Nurberdi hanyň haýsy ogly onuň ärlikornuny tutup biljek? Magtymguly onuň hanlyk ornuny tutsa-da,ärlik ornuny tutup bilmez - diýdi. Soňra ahmyr bilen başynyýaýkady. - Haýp, Berdimyrat töweregindäki öz peýdalary üçin


il-ulusy biri-birlerinden öňürti syrtyndan satjak bolupsöwdalaşyp ýören satlyk aksakgallaryň hile hem mekirindenbaş çykaryp bilmän öldi.Şol günler her üç-dört günden diýen ýaly Öwezmyratbatyryň ýanyna nätanyş adamlar gelip-gidýärdi. Ol adamlaryňköplenç wagt aýak ulagy bugra ýa-da gatyrdy. Ýüki hemulagynyň gapdalynda bir suw çelegi, bir gapdalynda-da azyktorbasy bolardy. Olar bu görnüşleri bilen ol guýudan bu guýaygyp, ýitig mallaryny agtaryp sergezdan bolup ýören çarwalarameňzeýärdi. Olar köp eglenmeýärdiler, gelip bildikleri ýenegaty basym özleriniň atdan uzakçyl ýyndam düýeleriniňsäpjedip, guma urup ýitirim bolýardylar. Bu nätanyşlaryň näsöý bilen, näme maksat bilen gelýänini bilýän ýokdy. Köpçülikonuň aňyrsyna ýetjek hem bolup duranokdy. Iki-ýeke bilmekarzuwyny edýänler-de, Öwezmyrat batyrdan çekinip, sorapbilmeýärdi. Ýöne bir zat mälimdi. Her sapar şeýle adam gelipgiderdi welin, şol gün giç öýlän ýa-da ikindin aralarÖwezmyrat batyr:— Atlanyň! - diýip buýruk bererdi. Edil çöl gurtlarynyňsüri gözläp ysyrganyşlary ýaly, ýüzüni garaňka alyp,atlylarynyň öňüni çekip ugrardy, özem gaty eserdeňlik bilenýörärdi. Ol käte aýak çekip, tüssäniň ýa-da oduň ysynyalmakçy bolup ysyrganýardy. Gulaklaryny gerip, töwerek-


daşyna diňşirgenýärdi. Çendan bir wagt ýol gabat gelenýerlerinde bolsa atdan düşüp, ep-esli ýere barýança ýolysynlaýardy. Çakmagyny şyrkyldadyp otlan peltesiniň çalaýylpyldysynyň aşagynda täze geçen yzlary seljerýärdi, syraňmak üçin haýwanlaryň täze taşlan tezeklerini gözleýärdi.Käte bolsa atynyň başyny sakga çekip, töweregineýaltaklaýardy, haýsy-da bolsa bir tarapa burulýardy-da,maňlaýyny bir depä ýa-da kötele direýärdi. Ýa-da bir oý ýereözüni çekip beýigi penalaýardy.— Atdan düşüň-de, demiňizi dürsäň. Atyňyzy sakaklapduruň. Kişňäp zat edäýmesin - diýip buýurýardy. Atlaram onuňýörişinden aňýarlarmy-nämemi, göýä onuň buýrugynadüşünýän ýaly demlerini-de assa alýardylar. Her neneňsi bethaatlar-da, şeýle ýörişlerde edil burny deşilen ýaly bolýardylar.Ýigitleriň Öwezmyrat batyryň her hereketinden syr alyşlaryýaly, atlar hem onuň atyndan görelde alýan ýalydylar. Awasalynjak tazy ýaly bolup, gulaklaryny keserdip, gözlerini öňedikip durýardylar.Öwezmyrat batyr asmanyň ýyldyzlaryna göz aýlaýardy. Olözüniň ölçeg ýyldyzlarynyň barmaly ýerine baranyny görüp,“pylany, pylany!” diýip, bäş-on adamyny saýlaýardy-da:— Şu ýerde goşunyň kerweni ýatyr, şunça mallary bar,şunça adamlary bar, ýükleri şu zatlar - diýip, göýä özi şol


kerweniň kerwenbaşysy ýaly, hemmesini jikme-jik habarberýärdi. Onsoň ýigitleriniň galanlaryna näme etmelidiginitabşyryşdyrýardy. - Kerwen bilen araňyzy şunça edip, meniňsykylygym çykan badyna, biziň ýanymyzda boluň.Soňra ol saýlan adamlaryny yzyna tirkäp, pişik basyşynyedip gidýärdi. Ol şeýdip, duşmanyň üstüne edil daňyň öňýanynda, ukynyň iň süýji wagtynda barýardy. Şeýle wagtdauklamadyk hem bolsa, garawulyň gözi gamaşyp durýardy. Birýere toplanan düýe sürüsiniň daşynda duran garawulboýnundan gylyjyň düşenini duýman galýardy. Sykylyk sesiçykan badyna beýleki ýigitler-de häzir bolýardy. “Ýatanyňüstüne turan gelmesin” diýen ýaly, garawullaryna ynanmakbilen süýji ukuda ýatan kerwen sakçylary birden oýanyp,sähne-telek bolýardylar, nätjeklerini bilmän el galdyrýardylar.Düýekeşler bolsa bir tarapda ýygrylyşyp durardylar.Öwezmyrat batyr öz häsiýeti boýunça kerwen sakçylarynyňýanynda ýarag goýman alýardy. Özlerini bolsa:— Yzyňyza baka ýok boluň - diýip, kowup goýberýärdi.Düýekeşlere hem düýeleriniň ýüküni urmagy buýrardy. Ýükiurup bolanlaryndan soň, olara şeýle diýerdi. - Garyndaşlar,siziňem zor aýagyndan gelýäniňizi bilýäris. Sizem düýelerimizgidýär diýip gynanmaň. Bu alyp barýan ýüküňiz biziňüstümizden ýagdyrylmak üçin alnyp barylýan ok-däri, bular


zalym patyşanyň gazap ody. Bulary biz alyp gitmeli. Eger-dedüýeleriňiz gerek bolsa, bile gideliň. Ýüki düşürilenden soňalyp gaýdarsyňyz.Onuň aýdyşy ýaly, bile gidip düýelerini alyp gaýdýandüýekeşlerem bolardy. Öwezmyrat batyryň şeýdip ele salýankerwenleriniň köpüsiniň ýüki ok-ýarag bolardy. Arasynda azykýükli kerwenlerem gabat gelerdi.Bu zatlaryň hemmesiniň nätanyş geň adamlaryň Öwezmyratbatyryň ýanyna gelip gitmeginiň netijesidigini bilmek kyndäldi.Şol günlerde, Öwezmyrat batyryň ýanyna ýene bir nätanyşadam gelip gitdi. Emma Öwezmyrat batyr bu gün hiç ýeregozganmady. Diňe şol adam gelip gidenden soň onda bir hiligamgynlyk, küýigalplyk, howsala peýda bolan ýaly göründi. Olaýagy bişen ýaly bir ýerde durup karar tapmady. Şolzowzuldap ýörşüne ýigitleriniň birini çagyryp, ony gala çapariberdi.— Bar-da, gala habar ber - diýip, tabşyrdy. - Ak patyşanyňgoşuny galanyň bir tarapyndan nagym gazyp, däri döküp,ýykyp girmek hyýalyna düşüpdir. Şonuň nagym gazýan ugrunyaňsynlar. Şonuň öňünden galanyň daş ýüzünden hem içýüzünden giňden giň çuň hennek gazyp, sekiz ýabyň suwunygoýbersinler. Özem şol işlerini ýaga bildirmesinler. Şonda


olaryň özleri suwa gark bolarlar. Düşdüňmi? Hak gözündenhabar alyndy diýip aýt ol akmaklara. Ynanmazlyk etmesinler.Çapar baryp, aksakgallara Öwezmyrat batyryň habarynyýetirdi. Onda-da aksakgallar:— Pä-heý, Öwezmyrat batyram akyla gelmejek gürrüňtapýar-ow. Biziň galamyzyň galyňlygy üstünde bir arabaýagysyz ýöräp biljek. Heý, munam bir däri bilen ýykypbolarmy? Heý, oňa-da bir däri çydarmy? Bardy-geldi nagymgazyp, galanyň içinden çykaýmakçy bolsalaram, şolaryňçykjak deşiginiň agzynda on-on bäş sany eli ýalyn ýaly gylyçlypyýadany goýarys. Olar çykanynyň ýeke-ýekeden kellesinikerçär durar. Bar, sen Öwezmyrat batyra aýt, ol galadan ýaňaarkaýyn bolsun - diýip, gaýtaryp goýberdiler. Iberen çaparyşeýle jogap bilen gaýdyp gelensoň, Öwezmyrat batyr:— Bu aksakgallaryň gözi gyzarypdyr, gözlerini depesinedikýärler, basjak ýerlerini saýgaranoklar. Ilem bir işi gaýdan ilbolupdyr, şol aksakgallaryň diýenine güp ynanýarlar - diýipkäýindi. Aksakgallar çaparyň gürrüňine ynanan däldirler diýip,özi atlandy.Öwezmyrat batyryň gelenini görüp, aksakgallar ýokarkyderwezä ýygnandylar. Öwezmyrat batyr:— Haw, ýaşulular, meniň iberen habarymy ýöne birhowaýy gepdir diýip göwnüňize getirmäň. Ol hak gözünden


alnan habar - diýip gürrüň berdi, nämeler etmelidiginiaýdyşdyrdy.Aksakgallar bolsa ýene şol öňki gürrüňlerini gaýtaladylar:— Batyr, belki, seniň bu aýdanyň ugrunda bardyr. Duşmannagym gazyp, galanyň aşagyndan deşip girmegi hyýal etseedýändir. Ýöne biz ony etdirmeris. Onuň deşip çykjak ýerindeadam goýarys-da, çykanynyň kellesini kakar durarys.— Batyr, özüň bir pikir edip gör, şeýle galany ýarmak üçingör näme batman däri gerek boljak ahyry - diýip, ýene birigapdaldan gygyrdy. - Däri diýilýän zat gum däl ahyry susupalyberer ýaly.Ýene bir gapdaldan çykyp onuň aýdanlaryny tassyklady:— Batyr, ine görýäň-ä. Ahalyň ähli däriçileri şu ýereýygnanypdyrlar. Olar soky daşyny ellerinden düşürmän, gijegündizdüňküldedýärler. Şonda-da bir syry däri öndüripbilenoklar. Näme ak patyşanyň goşuny däri tapsynmy ýa-dadärini ýere döksünmi?Garaz, aksakgallaryň her haýsy bir ýerden bir zat diýip, özdiýenlerini ýolly edip başladylar. Hatda Öwezmyrat batyryňözi hem “Be, ýa şeýlemikä?” diýen gümanly pikir bilen olaryňýanyndan turdy.Ýolda oňa Gandym aksakgal duşdy:


— Gandym kaka, ine, şeýle gürrüň bar. Ýaşulularam şeýlediýýärler - diýip, ähli zady jikme-jik gürrüň berdi. Gandymaksakgal hem ýaşulularyň pikirine goşuldy.— Batyr, bu habaryň gorkana goşa görneriň habarydyr -diýdi. Mundan soň Öwezmyrat batyr sesini çykarman, galadançykyp gitdi. Bolsa-da, ol ýolda bu hakda gaty köp pikir etdi.“Ölse, öler welin, Stepan ýalan sözlemez - diýip oýlandy. - Olýalan sözländen ölenini gowy görer. Ol hakykaty aýdandyr.Ähli ýola demir düşemegi başarýanyň, därisem gum ýaly bolar.Orsýetde siziň ýaly şora-pora, gör-lähet ýygnanyp, sokudaýençgilenen däri döwülýän däldir. Ol ýerde okuň, tüpeňiň,topuň, däriniň öýjügi bar ahyry...” Onsoň öz başyna hüňürdäp,aksakgallara käýindi: “Akmak diýerler size. Gözleriniň öňünegetirip dikäýmeseň, bularyň ynanjak gümany barmy?”Öz pikir-hyýaly bilen gümra bolup gelýän Öwezmyrat batyrgumuň etegine nähili ýetenini duýman galdy.Öwezmyrat baranda ýigitleri daşyna üýşüp:— Ýeri, batyr, aksakgallara düşündirip bildiňmi? - diýipsoradylar. Öwezmyrat batyr gahar bilen:— Muňa işi gaýdan teke diýerler. Munuň aksakgallarynyhudaý tutupdyr. Bularyň gözi bir zat göräýmese, ynanjak zadybarmy? - diýip käýindi. Ýigitler onuň sözlerini ýerli-ýerdenalyp göterdiler. Biri:


— Aksakgallaryň bu bolşy öwnüp burnuny ýokary tutup,alkymynyň aşagyny görmezlik bolýar. Peşäniň pili äslemeýşinemeňzeýär - diýdi. Ýene biri:— Akmaklar, kim bilen iş salyşýarsyňyz? Çäksiz ulyýurduň patyşasy bilen iş salyşýanyňyzy bileňzokmy? - diýip,hamala, aksakgallar edil onuň garşysynda duran dek jibrindi.Öwezmyrat batyr hem ýene käýinjiredi:— Göçerini bilmeseň, oýna girip näme etjek? Oýunça ýolber-dä. Hezretguly ýalylar haçan uruş görüp, haçanurşupdyrlar. Ömründe öýünden çykman, busup ýatan adamlaraksakgallaryň serkerdesi bolupdyr. Olaryň düşünýän zadybolsa nädersiň?Şundan soň Öwezmyrat batyryň bu ýerde saklanyp ynjalygybolmady.— Atlanyň! - diýip, ýigitlerine buýruk berdi. - Bir möhümhabar bilen çapar geläýse, maňa gyssagly habar ýetir - diýip,Garry batyra tabşyrdy.Ol atlylarynyň öňüne düşüp, Ýaňgala bardy. Ýaňgalanyňgoragçylaryna Öwezmyrat batyryň göwni ýetdi. Bu ýereAhalyň men diýen ýigitleri ýygnanypdyr. Atlylary az bolsa-da,ýürekli pyýadalary esli bardy.Haçan-da Öwezmyrat batyr - Skobelewiň il içinde adynyňtutulyşy ýaly - Aýrysakgalyň etjek bolýan zatlaryny gürrüň


erip: “ - Ine, Aýrysakgal şeýlelik bilen küşt berjek bolýar” -diýende, olar onuň gürrüňine gulak asdylar, onuň maslahatynytutdular. Öwezmyrat batyr olara ýatymlar hem garymlaredilmeli ýerleri görkezdi. Ýigitler şonuň aýdyşy ýaly etdiler.Mergenleriň bukuda ýatmaly ýerleri bellendi. Ol üç gün şolýerde bolup, gijeler çozuşlar etdi. Dördünji gün onuň ýanynaHal molla geldi.— Batyr, ýagy günbatar gapdaldan zor salýar - diýdi. - Bizbolsak Ýaňgalada ýatyrys. Öňem Ýaňgalanyň adamsy gyt däl.Tüweleme, munda şir ýaly ýigitler bar-a.— Aý, molla, bolsa bolsun, adam känlik etmez. Bizbeýlägem ýetirişip bileris - diýip, Öwezmyrat batyr oňaperwaýsyzlyk bilen jogap berdi.Edil şol gün galadanam çapar geldi.— Batyr, sen bu gapdaldan atlyňy çekeliň bäri ýagygünbatar gapdaldan zor salyp ugrady. Ýaşulular Öwezmyratbatyr öz atlylary bilen hemişe günbatar tarapda bolsundiýýärler - diýen habary getirdi. Öwezmyrat batyr bugürrüňlerden hem hile ýa mekirlik gözläp durman:— Bolýar, biz iki tarapa-da ýetişeris - diýdi.Ýaňgalalylar hem:— Batyr, ýagy ol tarapdan zor salýan bolsa, sen o tarapaýet. Bu ýerden arkaýyn bol - diýişdiler.


Öwezmyrat batyr iki ýere-de ýetişmegi ýüregine düwüp, şolagşam ol ýerden atlandy. Şol gije ol günbatar ýüzde uruş etdi.Şol günüň ertesi ol ýene Ýaňgala dolanmakçydy. Emma Garrybatyryň iberen çapary ony saklady. Yzdan ok-däri ýükli agyrkerweniň gelýäni hakdaky habary getirdi. Ol “her zat etmeliwelin, ýagynyň ok-därili kerwenini özüne ýetirmeli däl, aradanurmaly. Ol galany ýarmak üçin getirilýän däridir” diýen pikiregitdi. Atlylary bilen gumuň etegini syryp, günbatara baka atsaldy. Ol şol gije daňa golaý ok-däri getirýän kerweniň düşlänýerini tapdy. Atlylaryny saklap, ilki ýeke özi gidip ser salypgeldi. Öz gelen netijesini ýigitlerine mälim etdi:— Biz kerweni bu gije urup bilmeýäris. Kerwen agyr,goragçysy hem çensiz kän bolara çemeli. Bularyň gijeligibolmaz, bu iki arany üç menzil edip, ýolda iki ýerde ýükýazdyrarlar. Ertir kere-mara ugrap, bir ýere baryp ýükýazdyrarlar. Ine, şol ýerde bulary talamak amatly bolar. - Soňraol atlylaryny bir syrt gaýra geçirdi-de: - Ýatyň, gözüňiziňukusyny alyň - diýdi.Her kim atynyň baş bagyny bilegine sarap gyşardy. Şeýleýerlerde Öwezmyrat batyr gije garawulçylygyny hiç kimeynanmaýardy.Ol häzirem daň ýagtylyp ugranda atyna iým berip ýördi. Şolwagt Nepes ukusyndan turup geldi.


— Batyr, indi senem az-kem ýat-da, dynjyňy alaý. Özümgöz-gulak bolaryn - diýdi. Diňe şondan soň ol oturan ýerindekellesini iki dyzynyň üstünde goýup irkildi.Basym atlylar örüp, atlaryna iým bermek, özleri garbakgurbaketmek bilen boldular. Diňe şol wagt olar kerweniňsesýetim golaýyndadyklaryny bilip galdylar. Sebäbi şol wagtlarkerwen ýüküni taýlap ýola düşmekçi bolýan borludy, gykylyk,ala-zenzele bolup başlapdy. Öwezmyrat batyr başynygaldyrdy-da:— Kerwen bu gün aman-sag ugraýar - diýdi.Aradan salym geçirip, ol atlysyny yzyna tirkäp, kerweniňdüşlän ýerine bardy. Dumly-duşuna, ýük urlan ýerine,gumalaklara, at tezeklerine siňe-siňe seredişdirdi. Kerwendenäçe düýäniň bardygyny çaklady. Soň atyny idip pyýadalap,ep-esli ýere barýança ýoldaky yzlara içgin seredip gitdi.“Aýdylyşy ýaly kerwen agyr eken. Emma goragçysy ondanamagyr. Pesinden iki ýüz ýaragly adam bar... Ýöne atlysy az,köpüsi pyýada. Eger juda çemine salaýmasak, bu saparbirneme gylyçlaşmaly bolsa gerek. Ýöne ýa ölmeli, ýa almaly.Muny sypdyrmaly däl” diýip, öz ýanyndan oýlandy.Soň ol atlylaryny yzyna düşürip, kerwen bilen ara çala garagörnüm meýdan salyp gitdi. Atlylaryna “Beýige çykmaň,olaryň dürbüsi bardyr” diýip tabşyrdy.


Emma kerwen yzyndan ýagy döküler öýtmeýärdi. Olar diňeöň tarapdan hem gum tarapdan howatyrlanýardylar. Garaňkygatlyşyp ugran mahaly kerwen bir ýere baryp, tegelenip ýükýazdyrdy. Öwezmyrat batyr olara tarap çiňerilip seretdi-de:— Biziňki getirdi! - diýip gygyrdy. Gep salgy, kerwenonuň pylan ýerde düşläýbilseýdir diýip ýüreginde arzuw edipgelýän ýerinde düşlän borludy.— Biziňki nähili getirdi, batyr? - diýip, ýigitleriň birisorady.— Kemsiz getirdi onda-da - diýip, Öwezmyrat batyr öňküsiýaly begençli seslendi. - Ol ýeri bir wagtlar düme ekin ekilenýer bolmaly. Ekinçilermi, orakçylarmy, kimem bolsa, şol ýerdebir topar ýer döle gazyp taşlap gidipdirler. Bular şol dölelerigöz astyna alyp düşdüler. Indi bular bir zat eder. Kyrk-elliadamyny düýeleriniň daşyna garawul aýlap, galanlary şoldölelere sümer. Garawullaryň bäri ýüzünden bukup barmaküçin şeýle amatly ýerler bar, hatda olaryň özlerine duýdurman,düýeleriniň arasyna girip oturmagam bolar.Şol gije ol şeýle hem etdi. Ýary gijeden agandan soň, agyrgüýjüni kerweniň alkymynda taýýarlap goýdy. Daýawýigitlerinden elli adamy saýlap, olara ýeke-ýekeden özüniň yzybilen ýöremegi buýrup, hemmesini düýeleriň arasyna saldy. Eliýalyn gylyçly pyýadalaryň her haýsy bir garawuly peýläp,


oslanmadyk ýerden çykyp, garawullary gutardylar. Soňdöleleriň agzyny aldylar. Ýeňillik bilen kerweni hem onuňgoragçylaryny alyp gaýtdylar.Öwezmyrat batyr şeýdip, Skobelewiň gaty köp kerweniniurdy. Emma onuň urulman ýetjek ýerine ýetýän kerwenleriondanam kändi.Öwezmyrat batyr şol gün kerweni sürüp, gijäniň bir wagtyöz goşuna geldi. Ol Ýaňgala tizräk ýetişmek üçin howlugýardy.Emma ol ýere ertesi hem gidip bilmedi. Sebäbi ýigitleri ýaňkykerwenden ýeten ok, däri, tüpeň oljalaryny şähere eltip gelmekislediler.— Batyr, ok beýlede dursun, şu wagt şäherdäkiler bir atymdärem tapanoklar. Olar atylan oklaryň gurşunyny çöpleýärler.Hem muzd, hem minnet diýen ýaly biz bu zatlarymyzy olaraeltsek, olar-a okly-därili boljak, bizem birneme pully boljak -diýşip, birnäçe adamyny ugratdylar.Ertesi şähere gidenler gaýdyp geldi. Öwezmyrat batyr ýolaçykmaga hyýallanyp durýardy. Şol wagt çapar gelip,Ýaňgalanyň alnanyny habar berdi. Ýaňgalany saklaýanlaryňgazaply uruşlar edenini aýtdy. Öwezmyrat batyr çaparyňgürrüňini ýagşy diňläp eşidenden soň:— Ak patyşa küşdüň atmaly ýerini bildi. Indi ol galanyňaçmazynda oturdy - diýip, ahmyr bilen hyrçyny dişledi. - Indi


ol galanyň daşyny gabar-da, suwuny sorar. “Syçanlar gapanda”diýer. Indi onuň üstüne öz-özüň eliňi serip bararsyň... - Ol eslisalym oýlanyp durdy. Soňra başyny galdyryp,töweregindäkilere garady. - Ýöne iş şol hetde ýeten güni biziňýerimiz geler, galada bir adam galdyrman çykararys.Ol şeýle wagt geläýse taýýar bolup durmak üçin atlysynyüçe böldi. Şol üç bölegiň biri galanyň günbatar ýüzünde, birigündogar ýüzünde, biri hem çat maňlaýynda hereket etmelidi.Häzirlikçe bolsa ol hemişeki urşuny dowam etdirdi.Öwezmyrat batyr galanyň aşagyndan nagym gazylýandygydogrusyndaky habary aksakgallara ýetirenden soň, il arasynda“Öwezmyrat batyr tüýs däliräpdir. Ol doňuz düýşürgän ýaly,ine şeýle habar tapýarmyş. Aksakgallaram oňa ynanyp, indigarawulam goýjakmyş. Başyna turşy çykanlar, heý, şu galanyýykmak üçin däri tapylarmy? Bu bir nili azanyň gürrüňinemeňzeýär. Öwezmyrat batyr bir parasatly ýigitlerdenmikädiýýärdik. Ýa indi onuňam akyly üýtgäp ýörmükä?” diýengürrüňdir myjabatlar ýaýrady.Emma Ýaňgala elden gidensoň birnäçe günden nagymyňgazylyp ugrandygy şäherdäki ilatyň uludan-kiçä hemmesinemäim boldy. Şondan soň “Öwezmyrat batyryň aýdanynyňamjany bar eken, bikär aýtmaýan eken. Ýöne onuň aýdyşy ýalydäri näme işleýär, bular şu ýerden deşip çykjakdyr” diýşip,


ýagynyň deşip çykjak ýeridir diýip çaklan ýerlerine garawulgoýdular.Şol günleriň birinde Öwezmyrat batyr atlylarynyň öňünibaşlap, ýagynyň üstüne çozmaga barýardy. Ol entek çozuşmeýdanyna ýetmänkä bir atly atyny ýüzin salyp geldi:— Batyr, aýak çek! - diýdi.— Hä, näme bar?— Ýaraşyk boldy, batyr, indi gülala-güllük boldy - diýip, olatly habar berip gitdi.— Bolýar-da, “il oňlasa, atyňy soý” diýipdirler. Il oňlanbolsa, biz ýol ogly - diýip, Öwezmyrat batyr ýigitlerini tirkäpgoşuna tarap öwrüldi. Ýolda barýarkalar uruşda wepat bolanbirnäçe ýigidiň adyny ýatlap, aksakgallardan käýindi. -Ýaraşyk etjek bolsaňyz ozal näme işleýärdiňiz? Gara batyrölmänkä, Weli batyr ölmänkä, Berdimyrat han ölmänkä, Sähetmergen ölmänkä ýaraşyk etseňiz bolmadymy? Şolar ölmänkäýaraşyk edilenem bolsa, il däl diýmezdi. Orslardanam köpadam öldi. Aslynda ýaraşyk ediljek bolunsa, harapçylykbolmanka etmeli ahyry.— Aý, batyr, ýurduň üçin gan gökmeli ahyry. Olar ýurduňüstünde dökülen ganlar-da - diýip, Garry batyr gürrüňegoşuldy.


— Aý, Garry batyr, bu ýerde dogrusyny aýtsak, ýurtüstünde gan döken gan dökdi. - Öwezmyrat batyr jany ýanypgürledi. - Näme ölüm ol ýigitleriň bijesine düşüpmi? Nämeüçin Dykma serdar, Sopy han ýalylar gan dökenok? Näme üçinbirnäçesi sellesini tegeläp otyr? Näme olaryň bijesi çykypmy?Dogrusyny aýtsaň, başda ýurt üstünde gan dökmegi ýüregiňedüwdüňmi ýa-da ýaraşyk etmegi ýüregiňe düwdüňmi, haýsy-dabolsa ýürejigiňdäkini öz iliňden ýaşyrma-da, düşündirip aýt,eden işiňi il-ulusyň bilen maslahatlaşyp et. Ine bizde şoledilmedi. Biziň aksakgallarymyz biri-birinden gowy orun aljakbolup, haýda syrlaryny biri-birlerindenem gizläp gezdiler. Herhaýsy aşaklyk bilen ilden ogryn iş etmäge başlady. Biri-birinigabanyp, mekirlik edip, biri-birini öldürmegiň yzynda gezdiler.Bu ýaraşyk hem şol mekir dönüklerden biriniň işidir. Ol “akýürekli sada adamlar gyrylyp saýpalyny tapdy, indi galanlaryhasap däl, meniň öňüme böwet bolup biljegi ýok” diýip, şu işiedendir. - Ol esli salym sesini çykarman gitdi. Uludan deminialyp, sözüniň üstüni ýetirdi. - Heý, Helebaý aganyň hekaýatyýaly “bähbit bola”. Ýaraşyk bolan bolsa, bähbit bolsun. Başanäme gelse görübermeli bolar...Öwezmyrat batyr gumuň etegine ýetip, gum depeleriniýaryp gidýän gysby jülgä girdi. Atlysy hem yzy bilen girip,müňe ýakyn atly goşun, göýä eräp guma siňip giden dek birden


gürüm-jürüm bolup gitdi. Edil şol wagt şäher tarapdan bir atlyatyny ýüzin salyp bulara baka barýardy.Öwezmyrat batyr atlylaryny yzyna tirkäp, özüniň seleňgalasynyň agzyndan girip, ýaňy guýy meýdanyna çykypdy. Şolwagt hem ýaňky çapar at derledip olaryň yzyndan ýetdi. Henizol geplemäge ýetişmänkä, Öwezmyrat batyr:— Näme, eýgilikmi? - diýip gygyrdy.— Aý, batyr, şol bolup gelişden eýgilik tamasyny edipnätjek? Uruş täzeden başlandy - diýip, çapar jogap berdi.— Ol nähili täzeden başlandy? - diýip, Öwezmyrat batyrgeň galdy. - Näme ak patyşa wadasynda tapylman, namartlyketdimi?— Ýok, batyr, ak patyşa wadasynda är ýaly durdy. Bu işdeözümiz günäkär, batyr. Göreniň bibal teke, alaç bolýarmymuňa - diýip, çapar käýinip gürrüň berip başlady. - Hakykatýaraşyk boldy. Top, tüpeň sesi ýatdy. Patyşanyň goşunlary özýatymlaryndan çykdylar. Biz janpenaň üstüne garga ýalydüzüldik. Hakykat olar “indi bir dogan bolduk” diýip, elbulaşyp gygyryşdylar. Bizem el bulap gygyrdyk. Ine şolwagtam Muhammet egri diýen bir döremän geçmiş haramzada“aksakgallar para alyp, bizi syrtymyzdan satyp ýaraşykedýärler” diýdi-de, aksakgallara sögüp, janpena çykyp,tüpeňini töwhüldedip myçyp goýberdi. Bizem gaçyp,


janpenamyza bukduk. - Ol durup diňşirgendi. - Eşidýärmiň top,tüpeň sesini? Gör, nähili? - Ol uruş gidýän ýerden ýaňyrakgaýdansoň gulagyna top-tüpeňiň sesi gelip duran ýaly bolmagaçemeli ýa-da gürrüňine has gyzyk bermek üçin borly, ýogsa buýerden top, tüpeň sesi eşidilenokdy. - Muhammet egri diýenadam ömründe hiç wagt uruş gören adam däl. Galada busupýören adam. Dogrusy, ol adam hatarynda görülýän adamamdäl. Sebäbi diýseň, ömründe biline gylyç dakan, egnindensozan asan adam däl. Ol pisiň janpenanyň üstüne çykyp atanşol oky ömründe birinji gezek atan oky. Ol okunyňam daga ýadadamana düşenini bilýän ýok. Ol pise hiç kim tüpeňemynanmazdy, gylyjam, ýöne şu eýýämiň ite dök bolup galansozanyndan oňa-da biri ýetipdir. Ine, gel-gel, şeýle pis adambolan Muhammet egri iki milletiň arasyna çöp oklady-da, ýaňyýaraşyk baglaşyp, gan dökmäni goýan adamlaryň arasynybozdy oturyberdi.Çapar sözüniň ahyrynda Muhmmet egrä paýyş-paýyş sökdi.Öwezmyrat batyr bolsa ýüzüni keseräk tutdy-da:— Adam hatarynda görülmeýän bolsa, item bolsa, “guýynyhapala-da, at gazan” diýen ýaly, ol kişi at gazanypdyr - diýdi.— Ady ýitsin, ady ýitmişiň, ol pis at gazandy - diýip, çaparjany ýangynly gürledi. - Mundan beýläk ähli teke tä kyýamataçenli Muhammet egriň adyny unutmaz. Onuň ata-babasyna,


ýedi pyşdyna çenli gargar. Uly iliň gargyşy olaryň tohumynybaýnytmaz, ol baýnaman geçer welin, etjegini etdi-dä. Şugünden şeýläk öljek orsuň, türkmeniň gany, webaly şol pisiňboýnuna, batyr. Kyýamat gün hem nähak ölenler onuňboýnundan asylyp, günüň dogary bilen ýaşaryna çenli munymünüp çaparlar.Öwezmyrat batyr:— Onuň bilen kyýamatlaşyp, magşarlaşyp durman,golundan tutup, “ine günäkär şu, şuny näme etseňiz ediň” diýipbeýiklere tabşyraýsaňyz bolmadymy? - diýdi.— Tekeçiligi özüň bilýäň ahyry, batyr - diýip, çaparjibrindi. - Ol pisiňem obasy, ili, tiresi, garyndaş-hossary bar.Soňy gowy boljak däl. Ýogsa Gandym aksakgal şol maslahatytapdy. Beýleki aksakgallaram şony makullan ýaly etdiler.Bilmedim näme üçin, ýene soňy bolmady.Öwezmyrat batyr gürrüňiň aňyrsyna kemsiz ýetensoň:— Aý, bolýar, bolupdyr - diýdi. Soň sözüniň kinaýalyäheňi çapary ynjydar öýtdümi-nämemi, sypaýyçylyk bilenyzyny düzetdi. - Hawa, hernä habary wagtynda ýetirdiň.Bolmasa biz ýaraşyk boldy diýip arkaýynlanypdyk.Çapar hoşlaşyp yzyna gaýtdy. Öwezmyrat batyr elindäkigamçysynyň sapy bilen eýeriň gaşyna tyrk-tyrk kakdy. Onsoňatyny öňe baka debsiledi. Onuň aty goşa bardy. Emma ol


düşmek hyýalynda däl ýaly, atyndan düşmän otyrdy. Ol atüstünde oturansoň, “Bu yzyna dolanjag-ow” diýen güman bilenbeýleki ýigitleriňem hemmesi at üstünde otyrdy. Öwezmyratbatyr birden:— Garry batyr! - diýip seslendi.— Hüm! - diýip, Garry batyr burnuna salybrak ses berdi.— Öňki dökülen ganlar-a ýurt üstünde dökülipdir. Indikidöküljek ganlar nämäniň üstünde döküljek? Hany şundan habarber - diýip, Öwezmyrat batyr parahat gürledi.Garry batyr çalaja ardynjyrady-da:— Bilmedim, batyr, men-ä - diýdi.— Bilmeseň, Garry batyr, bu-da şol biri-birinden gabalbasyp ýören satylan aksakgallaryň işi. - Öwezmyrat batyrbolýan wakalary düşündirmäge durdy. - Olaryň birnäçesi üçinşu mahal ýaraşyk edäýmegem boljak eken. Emma birnäçeleriüçin bolsa henizem birentek adamlary ýok etmek gerek eken.Şonuň üçin ana şol adamlar Muhammet egri ýaly bir kellesizoýnatgyny tapyp, oýnap, syrtyndan galdyryp, beýlekileriň edenýaraşygyny bozdurypdyrlar. Ine, Garry batyr, işiň bolşuna menşeýle düşündim.Garry batyr diňe:— Biçem däl - diýip oňdy.


— Biçem däl bolsa, hany indiki maslahaty ber, Garry batyr,näme etmeli?— Aý, näme, ýene uly il urşup başlan bolsa, uruşmaly borda.Öwezmyrat batyr “her bir oýnatgynyň eden işi üçin galangyzyl ýüzli ýigitlerimi haraplap bilmen” diýmek isledi-de,näme üçindir, saklandy. Onuň deregine:— Hany, atdan düşüp, dem-dynç alyň - diýdi. Parahat dynçalyň. Soňuny soň görübereris-dä.Ol atdan düşdi. Ýigitlerem onuň göreldesine eýerdiler.Bu agşam ýigitleriň bar gürrüňi ozal edilen ýaraşyk, soňonuň bozulmagy, Muhammet egri hakda boldy. Garry batyrgazan-ukaçly goşunda oturyp, töweregine üýşen ýigitleregyzygyp gürrüň berýärdi:— Bu işiň özi hudaý tarapyndan bolýan zatdyr. Muhammetegri bolsa ýöne bir sebäpkärdir. Haýsy işde bähbit bardygybildirmez. Belki, bize bähbitlisi bolsun.— Hakykaty aýdýaň, batyr - diýip, Hal molla onuňaýdanlaryny tassyklady. - Elbetde, her zat hudaý tarapyndyr.Hudaýdan biidin çöp başy gymyldamaz.— Işalla, biz ýeňeris. Ýorasy gowy... Ine, men öten agşamdaňdanlar şeýle bir düýş gördüm - diýip, gürrüňine hä berentapylansoň, Garry batyr has-da gyzdy. “Aç towuk düýşüne dary


görer” diýen ýaly, bir wagtlar gören bir düýşüni gürrüňbermäge başlady. Hal molla-da ol düýşi gowulyga ýordy.Garry batyr ol ýorguda ýüregi bilen ynanyp, gürrüňini dowametdi. - Ahyryna çenli uruşmaly. Hökman biz ýeňýäris. Onuňgürrüňi ýok.Şeýdip, bu gijäni geçirdiler. Ertesi gün guşluk galandagaladan bir atly geldi. Öwezmyrat batyryň atlylary bu adamyňnäme habar getirenini bilmek islediler. Ol atly getiren habarynyÖwezmyrat batyra gürrüň berýärkä, olaryň hemmesi diýen ýalyÖwezmyrat batyryň goşunyň töweregine üýşdüler. Kimsi otyr,kimsi gyşaryp ýatyr, kimsi aýak üstünde dur. Ýöne olaryňhemmesi galadan gelen atlynyň berýän gürrüňini dykgat bilendiňleýärler. Gelen atlynyň gürrüňi uzynam bolsa, manysy ikiagyzdy. Aksakgallaryň aýtmaklaryna görä, Öwezmyrat batyröz atlysy bilen şähere barmalymyş. Şol ýerde bileleşipuruşmalymyş. Sebäbi ýagy indi galanyň alkymyndamyş.Ol gelen atlynyň ýa doga bolşy şeýledi, ýa-da aksakgallaroňa gaty pugta tabşyrypdyrlar, ýogsa-da onuň özi aksakgallarameňzejek bolup azara galýardy, garaz, näme-de bolsaaksakgallaryň gürrüň edişine öýkünjek bolup azar ýamanynygördi, gürrüňini owadanlajak bolup, iki agyz gürrüňi uzyn birhekaýa öwürdi.


Öwezmyrat batyr şunuň ýaly iki agyz sözi uzaldyp oturanadamlary ýigrenýärdi, dessine oňa aýtjak sözüni aýdargoýbererdi. Näme-de bolsa bu sapar ol parahat görnüşde, sesiniçykarman, onuň gürrüňini diňläp otyrdy. Hatda ol gürrüňinigutarandan soň hem “näçe gürrüňiň bolsa et-de, keýpden çyk,agzyň boş” diýýän ýaly, sesini çykarmady. Ahyry ýene gelenatlynyň özi dillendi:— Batyr, maňa näme jogap berýäň? Men indi yzymagaýtjak.— Ýör gaýtsaň, men seni ýola salaýyn - diýip, Öwezmyratbatyr onuň bilen ýöräp, atlylarynyň arasyndan saýlandy.Gürrüňleri eşidilmez ýaly meýdany ara salyp, oňa öz jogabynyaýtdy. - Sen aksakgallaryň tabşyrygyny maňa ýetirdiň. Indişonuň ýaly ed-de, meniň aýdanlarymy owadanlajagam bolmada,edil aýdyşym ýaly şol aksakgallara ýetir.— Batyr, aýdyşyň ýaly aýdaryn, üstüne zat goşman - diýip,atyny sakaklap duran pyýada wada berdi.— Aýtsaň, şeýle diý: öz aýagy bilen baryp gapana düşerýaly, Öwezmyrat haýwan däl... Öwezmyrat däli, tentek däl. Olözüniň sag galan gyzyl ýüzli ýigitlerini Muhammet egri ýalybir oýnatgynyň ýakan oduna ýandyrmaz. Şu aýdanlarymy özaýdyşym ýaly aýt - diýip, Öwezmyrat batyr sargady.


— Bolýar, batyr - diýdi-de, ol atynyň üzeňňisine basdy,özüniň agyr göwresini eýeriň üstüne atdy. Ol ugramakçybolanda Öwezmyrat batyr:— Biz gerekli ýerinde kömege ýetişeris - diýip, sözüniňüstüni ýetirdi.Öwezmyrat batyr gelen atla ikiçäklikde jogap berensoň,onuň häsiýetine belet ýigitleri nähili jogap berendiginiaňyrsyna ýetjek bolubam durmadylar. Ýöne olar Öwezmyratbatyryň “Atlanyň!” diýmegine garaşýardylar welin, ol beýlebolman, onuň çepine boldy. Öwezmyrat batyr atlyny ugradypgelenden birneme soňrak Garry batyra soňky kerweniuranlarynda ele düşüren öküzçeleriniň birini soýup, gaýnatmaasmagy buýurdy. Garry batyr geň galyp, “Nämeugramaýarysmy?” diýip soramaga hyýallandy, ýöne nämeüçindir, saklandy. Aýdylan işi edip başlady. Atlylar “ertiratlanarys, birigün atlanarys” diýip garaşýarlar. Emma tamalaryçykmaýar. Öwezmyrat batyr her gün bir öküzçe ýa-da ikiöküzçe soýduryp, gaýnatma asdyryp ýatyr.Ol ir ertir, giç agşam “şöwür” diýen ýaly bir atlanýardy,şäheriň bäri ýanlaryna aýlanyp, ser salyp gaýdýardy. Ýönenäme-de bolsa, Öwezmyrat batyr özüniň diýen adamlarynysaýlap, şäher bilen aralykda atly garawullar goýmaga başlady.


Ol garawullara özi ýörite tabşyryklar berişdirdi. Indi gala bilenara gije-gündiz garawulsyz bolanokdy.Bir gezek Garry batyr şeýle dikanlap aýtmasa-da:— Beýdip, uruşman ýatmagymyz bolanok - diýip, o ýan-buýan yňňy-syňňy etjek boldy. Emma Öwezmyrat batyr:— Kim seniň ýoluňy saklaýar? Gidiň urşasyň gelse, hanhaşäher, bar-da syçan ýaly gapana gir, uruş, keýpden çyk - diýip,kesgin aýdandan soň ol hem sem boldy.Näme-de bolsa bu ýagdaý beýle bir uzaga çekmedi.Öwezmyrat batyryň diýen güni geldi. Bir gezek ol hemişekişöwüre çykyşy ýaly atlylaryny yzyna tirkäp, şähere tarap gitdi.Şol gün ol galanyň çar tarapdan gabalanyny gördi. Olýigitlerine ýüzlenip:— Şu gün gazaba çykyp, bir ýerde güýjüňiz bar bıksagörkezmeli borsuňyz - diýdi. Atlysyny yzyna dolaman, peslikbilen alyp baryp, şähere ýakyn bir buljumda wagta garaşdy.Ýaňy gün guşluk galan wagtydy. Äpet uly ýarylyş bolup, biruly gümmürdi turdy. Şäheriň ileri gündogar burçundan ak hemgara duman gatyşyk bulut lemmeri ýerden örküni üzmänasmana atyldy. Öwezmyrat batyr üýtgeşik bir howsalaly sesbilen:— Görüň! Görüň! - diýip gygyrdy. Şol tarapa baka elinisalgady. - Öwezmyradyň bir wagtky aýdan sözüniň


hakykatlygyna siz şu gün şaýat. Belki, il-ulus hem şu güngörendir.Şäheriň içindäki il-ulus diňe şu demde, haçan-da nagymgazylyp, galanyň aşagyndan deşiljek ýerinde goýlangarawullary bilen birlikde gala ganatynyň on-on bäş ädimlikýeri gözleriniň öňünde asmana uçan wagtynda “Öwezmyratbatyryňky hakykat eken” diýdi. Emma indi giçdi. Pyýada hematly goşun galany hemme tarapdan gabapdy. Öwezmyratdanolaryň tamalary ýolukdy.Öwezmyrat batyr üzeňňä galdy-da, ýigitlerine ýüzlendi:— Ýigitler, şu gün bir ýerde gazabyňyz bolsa ediň! Galanygabawdan boşadyň! Nepes, sag tarapdan. Garry batyr, soltarapdan. Menem maňlaýdan urup, ýokaryk çykaryn. Galanyňilersi tapyşyk ýerimiz bolmaly! - Ol gylyjyny sogrup aldy-da,bulaýlap, at goýdy. - Odam bolsa özüňizi uruň!Üç-dört gün bäri dynç ýatan demgir atlylar üç topar bolup,ýyldyrym çaltlygynda süýnüp gitdiler. Ahal atlarynyň toýnagygöýä ýere ilmän, ýeri gyratlap uçup barýan ýalydy.Oslanmadyk tarapdan urlan zarba galany gaban goşun üçingaýypdan inen bir musallat, bir bela ýaly bolup göründi. Olarellerini çaşyrdylar. Atlylary ýeňse berip gaçyp başlady.Galanyň gaýra ýüzi derrew boşadyldy.


Nepes dört ýüz atly bilen galanyň günbatar daş ýüzünisyryp, ýokaryk sürýärdi. Garry batyr iki ýüz atly bilen galanyňgündogar ýüzünde söweşip ýördi. Öwezmyrat batyr üç ýüzatlyny yzyna tirkäp, gaýraky derwezeden girende, onuň aty alasmanabökdi, çarpaýa galdy-da, ýene ileri atyldy. Şol wagtyoglandan-ula gorkuly howpa gark bolup ör-aýak üstüne galanşäher halkynyň gözi çarpaýa galan atyň üstündäki adama düşdi.— Öwezmyrat batyr! - diýen begençli sesler ýaňlanypgitdi.Öwezmyrat batyr guş ýaly uçup barşyna ýalaňaç gylyçlyelini gaýraky derwezä baka salgap:— Ýoluňyz açyk! - diýip gygyryp geçip gitdi. Ol gözýumup-açar salymda ileri derwezeden daş çykdy. Galanyňýumrulan ýerinden gala girmek üçin hüjüm edip, agram salypbaşlan goşunyň üstüne eňdi.Şol wagta çenli mergenler özleriniň iň güýçlülerini ýygnap,şol ýumrulan ýeri gorap saklaýardylar. Olar indi oklarynyňsoňuna çykyp, ellerini çaşyryp ugrapdylar. “Mergenleriň oklarygutaransoň gezek biziňki” diýip, janpenada eli gylyçly, naýzalyhem gyrkylykly bukup oturan pyýadalar galypdy. Şol pursatdadaÖwezmyrat batyr ýetişdi-de, agyr goşunyň şanyndan arslanýaly darap başlady. Nepes hem öz atlylary bilen urupurjaşdyrypgalanyň kybla burçundan ýokary çykdy. Janpenada


ukup oturan pyýadalar hem özlerine kömek ýetişenini bilipçozdular. Şeýle bir gazaply uruş boldy, şol wagta çenli şeýleganly gazaply sanjyşyk bolmandy. Zenzele dünýäni tutup, attozy asmana galdy. Agyr goşun ýeňse berip gaçyp başlady. Şolwagt Garry batyr hem gelip bular bilen tapyşdy.Skobelew beýige çykyp, söweş meýdanyny dürbi tutupsynlap durdy. Ol iki tarapyň hem möçbersiz gyrlyp harapbolýanyny gördi. Ol ýumruklaryny düwüp, dişlerini gyjapduran ýerinde ýakyndaky polkownige azm urdy:— Bu gyr atly ak telpek ýene-de peýda boldy. Ol indi urşagelmekden boýun gaçyryp, guma gitdi, galanyň içindäkilerdenbaşga uruşjak ýok diýip habar tapdyňyz. Olar bize mekirlikedipdirler, aldapdyrlar. Şularyň gürrüňine ynanma diýip, mensaňa kän aýtdym, indi gördüňmi olaryň mekir hilesini.Ol gyssandy. Gaçmak hyýalyna-da düşdi. Emma polkownikony köşeşdirdi.Skobelew Öwezmyrat batyryň adyny bilmese-de, onyatynyň reňki bilen telpeginden gaty gowy tanaýardy. Belki,Öwezmyrat batyryň ýüzüni görse-de tanap biljekdi. Sebäbionuň ýüz keşbi Skobelewiň gözüniň öňünde oňat galypdy.Skobelew deňizden birinji sapar kenara çykan güni olaryňüstüne uly howp abandy. Birden oslanmadyk ýerden olaryňüstüne atly döküldi. Bular başagaý bolup, deňze gaçyp


gaýyklara münmeli boldular. Bu atlylaryň arasynda şol gyratyň üstünde oturan ak telpek ýigit Öwezmyrat batyrdy. Şondaikisiniň synlary biri-birine düşdi.Şonda Öwezmyrat batyryň maksady Skobelewi diritutmakdy. Ýogsa onuň Skobelewi gylyç bilen çapmagaýagdaýy hem bolupdy. Ýöne Stepan oňa “Şu gelýän goşunbaşy beýige Skobelew diýerler, ol ak patyşanyň sag goludyr,eger biz şony diri ele düşürip bilsek, patyşadan islän zadymyzytalap edip bileris, şony öldürtmezlik üçin patyşa biz nämediýsek eder” diýip maslahat beripdi. Şonuň üçinem Öwezmyratbatyr kenar boýunyň adamlaryna “şu hili, şu sypatly adamkenara çyksa, maňa tiz habar ýetiriň” diýip, birnäçe günöňünden sargapdy. Özi hem şol töwereklerden aýrylmandy.Ýöne Skobelewi gola salaýmaly bolanda, iki sany daýaw soldatýetişip, gapma-gürmelikde ony deňze alyp gaçyp, gaýygamündüripdi. Şonda Öwezmyrat batyram, Skobelew hem biribiriniňýüz keşbini unutmaz ýaly bolupdy.Öwezmyrat batyr özleri bilen birlikde söweşe girenpyýadalara:— Siz şähere baryň, wagt barka aýal, oglan-uşaklaryşäherden çykaryň - diýip, ugratdy. Indi diňe Öwezmyratbatyryň atlylary uruşýardy.


Polkownik Skobelewiň köşeşmegi üçin şeýlekin çaltlykbilen çäreler görüp başlady. Ol yzdaky bar galan arta-taşagoşuny tizlik bilen jemläp, degişli orunlary berkidişdirdi.Öwezmyrat batyr ýagynyň yzynda çaltlyk bilen bolupgeçýän üýtgeşikligi aňdy-da:— Nepes, sag gapdaldan habardar bol! - diýip gygyrdy.Onsoň Garry batyra-da gygyrdy. - Garry batyr, gaty çep tarapagidip, arany üzme!Öwezmyrat batyr sag tarapdan gözüni aýranokdy. Olözleriniň sag gapdalyndan duýdansyz dökülmekçi bolup, garabulut ýaly garalyp gelýän atly goşuny gördi. Bu gelýänpatyşanyň edermen atly goşunydy. “Şu güne çenli pyýadasyzsap atly goşun bilen bir çaknyşyk arzuwyny ede-ede, diňe şugün düşdüm-ow” diýip, Öwezmyrat batyr öz ýanyndanoýlandy-da:— Nepes! Pyýadany taşla-da, sagyňa baka! Garry batyr,yzymyz bilen! Uruň - diýip gygyrdy. Öňüni başlap, sagynabaka at goýdy.Iki goşunyň ilki salnan gylyjy bir syrtyň üstünde çaknyşdy.Iki goşun şeýle bir gazap bilen gylyçlaşdy, hatda şu gazabaçydamaýan ýaly, atlar hem çarpaýa galyp, asmana zyňýardylar.Atlylaryň tozany asmana göterilip, göýä diňe bir ýerden çogupçykyp duran mele bulut ýalydy. Gazap bilen inýän gylyçlaryň


şarpyldysyndan, atlaryň güpürdisinden gulaklar kamatagelýärdi. Wagtal-wagtal Öwezmyrat batyryň:— Sagynman ur! - diýip gygyrýan sesi eşidilýärdi hemýigitlere gaýrat getirýärdi. Şol wagt patyşanyň atlylary basgytapyp ýeňse berdi. Nepes öz atly bölegi bilen gaçan atlylaryňyzyna düşdi. Der beren Ahal atlarynyň öňünden hiç bir atgutulyp biljek däldi. Emma Öwezmyrat batyr:— Nepes, kowma! - diýip gygyrdy. - Öňümizde bukudapyýada goýuldy - diýdi, ony howpdan habardar etdi. - Egerkelläni gyzdyryp kowup gitseň, olar seni päk gyrar!Bu atly söweş göýä biçak uzak wagtlap dowam eden ýalybolupdy. Emma iki atly goşunyň çaknyşygy ýarym sagatdanuzaga çekmändi. Ökjelerini at sydyrdyp, depelerinden gylyçinip gyssanyp barýan pyýadalar atly goşunlaryň çaknyşygywagtynda böwşeňlik tapyp gaçypdyr. Öwezmyrat batyr yzynyňnäme boljagyny bilýärdi. Şonuň üçinem çaltlyk bilenatlylaryny gerşiň aňyrsyna geçirdi.— Uruş meýdanyndaky ýaralylary hem meýitleri ýygnaň -diýip buýruk berdi.Şol wagt gümmürdisi ýer godukladyp, top ýagyp başlady.Atlylar galanyň gündogar ýüzüne çekildiler. Öwezmyratbatyryň kellesinden çalarak gylyç ýarasy düşüpdi. Oňa topokunyňam bir güllesi degdi. Atlylaryň tebibi:


— Haý, batyr, urdular-ow! Her niçik-de sag tarapyndan,onçakly agyr däl - diýip, özüniň ak köýnegini ýyrtyp,Öwezmyrat batyryň ýarasyny daňdy. Öwezmyrat batyr:— Daňmak geregem däl-le! - diýip, çydamlylyk edenbolýardy welin, gan kän gidýärdi. Tebip ganyny tutjak bolupkän çalyşdy. Ahyry az-kem togtaşan ýaly etdi.— Tebip aga, meniň güýjüm öňki ýerinde, sen arkaýyn bol- diýip, Öwezmyrat batyr atlansa-da, onuň ýüzi durdugyçaagarýardy. Näme-de bolsa ol agyr ýaralylary yza baka ugradyp,meýitleri hem ýerläp bolýançalar çydam edip durdy. Şol wagtkimdir biri:— Batyr, nähili bolduň?! - diýip, gyryljak ses bilenallaniçiksi bolup gygyrdy. Hemme ýigitleriň gözi eňki gidip,eýerden bir tarapa agyp barýan Öwezmyrat batyra dikildi.Ylgaşyp baryp, ony atdan aldylar, galanyň düýbündeýatyrdylar.Öwezmyrat batyr:— Ýok, hiç zat bolanok - diýip, “nähili bolduň?!” diýensoraga ysgynsyz ses bilen jogap berdi-de, yzyny düşnüksizsamyrda sapdy. - Wah, Aýrysakgal... Wah, ony ele salypdymla,arman sypdy... Stepan aga...Nepes bilen Garry batyr ony gaýrak ugratmaly diýen pikiregeldi.


— Ugratsak-da bolar - diýip, tebip ikirjiňlendi. - Ýönemuny durşuna şu mahal ugratmak hatar. Gan kän gidensoň essiaýylyp, ýüregi çaşdy. Ýene muny ulaga daňsak, gan gider,beter bolar. Entek bir az garaşalyň. Ugratsagam az-kem özünidürsänsoň ugradalyň.Tebibiň pikirini oňladylar. Her kim öz işi bilen boldy. Esliwagtdan soň Öwezmyrat batyr gözüni açdy. Özüniň bolupýatyşyna geň galyp, hasyr-husur ýerinden turmakçy boldy.Emma tebip:— Entek gaty dyzama - diýenden soň, ýene gyşardy. Ýöneuzak ýatmaga kanagaty ýetmän dik oturdy. Arkasyndan tekgeberip duran tebibe:— Tebip aga, sen azara galma, özümi rasladym - diýdi. Olsolgun ýüzüni ýokary galdyryp, şuglasy öçen gözlerinitöweregine aýlady. - Garry batyr hany? - diýip sorady.— Ol atlysy bilen galanyň ileri ýüzünde gözegçilik edýär,batyr - diýip, onuň ýaňynda ör aýak üstünde duran Nepes jogapberdi.— Haý, pahyr. Şeýle diýsene - diýip, Öwezmyrat batyrözüne zor salyp ýylgyran kişi boldy.— Batyr, maslahat bilseň, seni ugradaýsak nädýär? - diýip,Nepes oňa maslahat saldy. - Ýaraň onçakly agyram däl welin,gan köp gitdimi-nämemi, seniň heziliň ýok.


— Menmi? Ýog-a, juda beýle däldirin - diýip, Öwezmyratbatyr ýuwaşja gepledi. - Men gidäýsem, onsoň Garry batyrnäme diýer? Ol aýdar “Aý, bu Däli batyryň ogluna çilik-pilikýara düşerligi ýok eken, bu asyl bahana tapsa bes eken” diýer.Ol ahyrymyza çenli sap boluşmagy niýetine dikipdir, bizemmaňlaýymyzdakyny görübereris.— Batyr, sen bu ýaraň bilen urşa ýaramarsyň, ataýarasaňam ýagşy - diýip, tebip öz pikirini aýtdy.— Be, şeýle bolaýarmyka, tebig aga? - diýip, Öwezmyratbatyr gamgynlyk bilen sorady. Heniz tebip geplemägeýetişmänkä daşyndaky ýigitler:— Batyr, sen ýaramarsyň, sen hökman goşa baka gitmeli -diýşip gygyryşdylar. Ahyry birnäçe ýeňil ýaralanan ýigit bilengoşa gitmäge Öwezmyrat batyry razy etdiler. Ony atynamündürdiler. Ol galanyň içine aýlanyp aýlanyp geçmegiýüregine düwüp, ýaraly ýoldaşlary bilen galanyň däri bilenýumrulan ýerinden girmek üçin şoňa baka ugrady. Olar sähelýöräp-ýöremänkäler yzlaryndan:— Batyr? - diýip, Nepes ylgap ýetdi. Gep salgyndan onybeýleki ýigitler mundan beýläk näme etmeli, şony sora diýipiberen borludy. - Batyr, indi biz näme işläris?— Nepes indi biziň işimiz gutarandyr - diýip, Öwezmyratbatyr içini hümletdi. - Indi ýöne şu galadaky işigaýdanlar


çykyp sabaýança, gaýraky guma aralaşýança ýagyny güýmäň.Emma ahmal bolup özüňizi heläkledäýmäň. Aýrysakgalyňindiki etjek işlerini bilýän... - Ol “Aýrysakgal ine şeýle çozar,şu ýerden pyýadany goýberer, bu ýerden atlylaryny” diýip,boljak wakalary nähili göz öňüne getirýändigini birin-biringürrüň berdi. - Siz yza çekileniňizde, şeýle çekiliň. Bölekbölekden...Şäheriň gaýrasyndaky peslik-öleňlik sizetoplanmak üçin buky jaýy bolar. Tä şoňa çenli siz olary dörtýerde sagyndyryp bilersiňiz. Her sapar bir bölek atlyňyz barypiçine ursa, degdi-gaçdy etse, olar şu ýagynyň öňüdir diýip, şolýerde özlerini nygtap garaşar. Ahyram guma urup bir depeaşsaňyz, olar gumuň içine bir dabanam ýöräp bilmez. Bardygeldiýöräýseler, siz ara ýene bir depe salyp, arkalaryndanbaryp uruň.Öwezmyrat batyr ýigitlerine etmeli işlerini aýdyşdyryp,atyny sürüp gitdi. Galanyň ýumrulan ýerine baryp syn etdi.Galanyň ganatynyň ep-esli ýeri daş-töweregi bilen aşakçöküpdir, ep-esli ýeri bolsa böleklere bölünip, dumly-dulazyňlypdyr. Uly-uly kesekler gara ört bolşup ýatyrlar.— Akmaklar gözleri görýänçä ynanmady - diýip,Öwezmyrat batyr kesekleriň arasy bilen geçip gala girdi. Galagiren ýerinde on-on bäş sany mergeniň üýşüp oturanyny gördi.


Olar galanyň ýykylan ýerini maýaçlap, ýörite ýatymlar-dagazynypdyrlar. Öwezmyrat batyr olar bilen salamlaşdy-da:— Bu ýerde näme işläp otyrsyňyz? - diýip sorady.— Şu ýerini saklap oturyşymyz, batyr - diýip, mergenleriňserdary jogap berdi.Bularyň gürrüňinden mälim bolşuna görä, galanyň şu ýeriýumrulanda, şol ýere bir bölek mergeni taşlap, “şu ýerdenýagyny gala goýbermäň” diýlip tabşyrylypdyr. Öwezmyradyňatlylary çozanda ol mergenler hem şolar bilen söweşe gidipdir.Aksakgallaryň biri bu mergenleri şol mergenleriň ýerinegoýupdyr.— Hawa, batyr, ine şeýle, eger Aýrysakgalyň goşunlaryçozup geläýse, şu ýerden biri-de diri geçmez - diýip,mergenleriň serdary gürrüňini jemledi.Öwezmyrat batyr galanyň içine göz aýlady. Galanyň içindejanly-jemende ýok diýen ýalydy. Diňe iki-ýeke agsak-togsakbolaýmasa, tamam çykyp galany boşadypdyrlar.— Siz indi ýagynyň şu ýerden gelerine garaşypotyrmysyňyz?— Hawa.— Ýagşy, ýagy birden ol agyzdan, ýa-da ol agyzdan sizeduýdurman geläýse nätjek? Töwerek-daşyňyz agyz ahyry.— Ýok, biziň saklamalymyz şu ýeri.


Bularyň şeýle sadalygyna Öwezmyrat batyryň özi hem geňgaldy-da, jany ýangynlylyk bilen käýinjiredi:— Aý, başyny ham gysanlar, Aýrysakgal bu wagt özüniňgoşuny bilen dagyň düýbünde gezip ýörýär. Eger siz uruşküýseýän bolsaňyz, galadan ilerik çykyň. Bu ýerde ýatsaňyz,olar gelip, sizin biriňizem sypdyrmaz. Bu işi gaýdan tekä seret,bir gözüniň gorkan ýerini sypdyrman berk tutýar.Öwezmyrat batyr käýinjiräp gidiberjek bolanda:— Aksakgallaryň tabşyran ýeri şu boldy. Indi sen bize birmaslahat berip git - diýip, mergenler gygyrdylar. Öwezmyratbatyr atynyň başyny çekdi-de:— Görüp durýarsyňyz, şu galada özüňizden başga il-ulus,aksakgal galmandyr. Sizem maşgalaňyzy alyň-da galadançykyň - diýdi. Soňra ol ýanyndaky ýigitlere hem: - Öztümüňizi, beýleki tümleri barlaşdyryp, gaýrak çykyň. Indi herkim öz maşgalasynyň ideginde bolsun - diýip tabşyrdy.Soňra ol yzyny garaman sürüp gitdi. Ilki baryp Mamagülüňtümüni barlady. Ol giden bolmaga çemeli, tümde hiç kimýokdy. Soň ol başga tümlere aýlanmaga başlady. Aýlanypýörşüne tümleriň birinden bir gyz, ýene birinden bir garry aýaltapdy. Olara etmeli zatlaryny tabşyryşdyrdy, elini salgap,özleriniň goşlaryna baka ugur görkezdi.


Olary ugradyp, Öwezmyrat batyr beýleki tümlereaýlanmagyny dowam etdi. Ahyry galadan çykyp, goşlarynabaka ýüzlendi. Ol ýolda gaty haýal ýöremeli boldy. Hatda käbirýerlerde atdan düşüp, az salym gyşaryp dem almaly hem boldy.Ol giç ikindinler zordan gumuň etegine ýetdi.Öwezmyrat batyryň tümden tapyp ugradan aýal maşgalalaryhem gumuň etegine ýetip, gitmeli ugurlaryny ýitiripdirler-de,bir depäni penalap, gaýra ýüzüne geçip gabanypdyrlar.Öwezmyrat batyr olaryň oturanlaryny görüp, depäniň ikinjitarapynda atdan düşüp, dynç almaga oturdy. Az salym oturypdemini dürsedi. Şol wagt hem şäher tarapdan Nepesiň at sürüpgelýänini gördi. Ör aýak üstüne turdy. Nepesiň üst-başytozandy, çermelen gollary gandy, egin-başyna ýokan ganlartozan bilen gatyşyp menek-menek bolup durdy. Ol aňyrdangelip ýetdi-de:— Batyr, tabyň neneň? - diýip sorady.— Meniň tabym ýagşy welin, näme senem ýaralandyňmy?— Ýok, batyr, men ýaralanamok welin, batyr, basyldyk -diýip, bokurdagy dolan Nepes soňky jümlesini zordanaýaklady.— Basyldyk - diýip, Öwezmyrat batyr hem gamly ýüzüniaşak saldy. Bir salym bularyň arasynda şeýle bir tukatlykhöküm sürdi, hatda atlaram namysa çydap bilmän, demini tutup


duran ýalydy. Diňe ösýän sowujak şemalyň güýjüne gumdepesiniň ýüzündäki gandymyň çitenekli şahalary zarynşuwlaşýardy. Bir demden soň Öwezmyrat batyr:— Aýby ýok... - diýip, ýuwaşja hümürdedi. Nepesiňýüzüne garady. - Hany, sen öz tümüňizi barlamadyňmy Garryeneň nähili bolduka?— Ejem ürkenler bilen gidipdir öýdýän, tüm boş eken -diýip, Nepes Öwezmyrat batyryň ýüzüne garady.— Ony taparys... - Birdenem ol Nepesiň garaşmaýansowalyny berdi. - Hany, sen aýt, şu mahal şo kelle bahaly gyzduşaýsa, alyp gidip bilermiň?— Bu ýerde kelle bahaly gyz nireden bolsun - diýip, Nepesgeň galyp sorady. Ýöne Öwezmyrat batyryň soragyny hemjogapsyz goýmady. - Bolsa näme alyp gitmän?..— Onda, hany, şu depäň aňyrsyna geç. Kelle bahaly gyzygaty arzan ele getirdik. Ol şeýle gymmadam bolsa, onyhossarsyz taşlapdyrlar. - Ol aňk-taňk bolup duran Nepese garapöňki sözlerini gaýtalady. - Bar, depäniň aňyrsyna geç.Nepes atyny debsiläp, depäniň aňyrsyna geçdi. Görse, ejesibilen Sadap otyr. Ejesi:— Waý, Nepes jan! - diýip, ýerinden turdy. Sadap sesiniçykarmasa-da, ol hem begençden ýaňa gözlerini güldüripýerinden galdy. Nepes hem bärden atyny idip


aran Öwezmyrat batyryň ýüzüne seredip ýylgyrdy.Öwezmyrat batyr kynlyk bilen atyna atlandy-da:— Ýagşy, indi wagty geçirmän goşa baka gideliň - diýdi.Bular goşa baka ugradylar. Nepes ýolda içini gepletdi,indiki pena isläp barjak ýerlerini onap-çenedi. Hiç bir amatly,göwnüne ýakan güýçli ýer tapmady. Soň:— Nätsemkäm, batyr? - diýip, Öwezmyrat batyra maslahatsaldy.— Beýle ýer ujuny gök basan bolsa, pylan guýa bar, dogrypylanynyň gapysynda düş-de, meni Däli batyryň ogly iberdidiý. Hemme zady bolşy ýaly aýt. Olar siziň toýuňyzam sowar,hossarçylygam eder - diýip, Öwezmyrat batyr oňa etmelizatlaryny aýdyşdyrdy. Nepes hem onuň aýdanlaryny makulbildi. - Şu gün agşam ýary gijeden geçenden soň ýoladüşersiniz - diýip, goşa barýançalar Öwezmyrat batyrmaslahaty tükelledim etdi. Nepese nähili gitmelidigine çenlisalgy berdi.Olar goşa bardylar. Ýary gijeden geçenden soň,Öwezmyrat batyr Sadaby Nepesiň ardyna berip, Nepesiňejesini hem oljadan düşen guýrugy gyrkylgy ýabynyň üstüneataryp ýola saldy. Ertesi irden Öwezmyrat batyryň özi hematlanyp, maşgalasynyň idegine gitdi.


Öwezmyrat batyr ol guýydan ol guýa soraglap, üçünji günmaşgalasyny Menneniň guýysyndan tapdy. Mamagülüň aýagyagyr halyna, ýene iki çaga-da boýnuna. Onuň üstesine-de,şäherden gaçyp çykmak üçinem diňe Gutlymyratdan başga hiçkimden kömek ýetmändir, hatda öz agasy demirçiniňemdelalaty degmändir. Agram Gutlymyradyň boýnuna düşüpdir.Her niçik, bir menzil ýöränlerinden soň Gandym aksakgalyňgöçüne tapyşyp, çagalaryny şolaryň ulaglarynyň üstüneatypdyrlar. Mamagül bilen Täzegüli hem aram-aram ulagamündürip dem beripdirler. Gutlymyradyň özi bolsa ýüksüz boşýöremäge müňde bir razy bolupdyr. Emma hernäçe horlansa-daagyr tüpeňini boýnundan aýyrmandyr.— Batyr, biziň janymyza ýetişen Gandym aga boldy, ýogsaölýärdik - diýip, Gutlymyrat hemme zady birin-birin uzynhekaýa edip berdi. Hekaýasynyň ahyrynda bolsa Öwezmyratbatyryň ýüzüne gaýgyly bir görnüşde garap sorag berdi. -Batyr, hany Kany batyr nirede?Öwezmyrat batyr her guýa gelende ony hormatlapmyhmanlapdylar, ýaralarynyň daňysyny täzeläp, melhemedipdiler. Her guýyda onuň daşyna adamlar ýygnanyp, indigeljek nähili boljak, indi näme etmeli diýip soraýardylar,maslahatlar alýardylar. Öwezmyrat batyr hem ýüregindäkinidogrulyk bilen gürrüň beripdi, bildiginden maslahatyny


gysganmandy. Şeýdip ol guýydan guýa aga-ýana gelipdi. Herniçik-de bolsa ýaraly adama uzak ýol agyr düşüpdi, ýadadypdy.Onuň üstesine-de basylmagyň namysynyň agramy egnindenbasýardy. Şeýle ýadawam bolsa, şeýle keýpsizem bolsa,Gutlymyradyň Kany batyry soramagy ony gozgady.Gutlymyrat ýüzüne seretdi-de, täsin galan ýaly ýylgyrdy.— Gutlymyrat, Kany batyram bar. Olam bir ýerden çykar -diýdi. Içinden bolsa “zer gadyryn zergär biler” diýenleri, Kanybatyry Gutlymyrat ýoklad-ow” diýip oýlandy hem uludandemini aldy.Öwezmyrat batyryň gelenini bilen adamlar ýygnanyşypbaşlady. Gutlymyradyň sazaklaryň başyny çatyp edenkümesiniň agzy adamdan doldy. Geljek hakda, indi nämeetmelidigi hakda gowur bolup gürrüň edýärdiler. EmmaÖwezmyrat batyr tukat halda dymyp otyrdy. Kim Mara göçüpgitmeli diýýärdi, kim şu ýerde galmaly diýýärdi. Seýitmyratbegiň, Dykma serdaryň, Hezretguly hanyň, Wepadar hanyň,Myrat han garaýörmeliniň, Sopy hanyň, Öwezguly serdaryňhem başga-da bir topar aksakgallaryň hem serdarlaryň, şugürrüňçilikde aýdylyşy ýaly, sylag-serpaýlaryny göterip,Skobelewiň öňünden çykmaga gidendikleri mälim boldy.


Garry batyr özüniň ýanyndaky ýigitleriň birnäçesi bilengelip düşdi. Saglyk-amanlykdan soň, Garry batyr bir salymdymyp oturdy-da, gyryljyk ses bilen:— Batyr, basyldyk! - diýdi.Öň hem aksakgallara gahary gelip oturan Öwezmyrat batyr:— Onda-da ne basyldyk, it ýaly basyldyk, Garry batyr -diýip, ýangynly gürledi. Ol sözüni aýaklamaga ýetişmänkä,Garry batyr:— Waý, ýurt gitdi! - diýip, bir tarapyna baka ýüzinýykyldy-da, uly ili bilen gygyryp aglamaga başlady.Oturanlardan hem bozulanlary boldy. Adamlar Garry batyrydiňdirmekçi bolýardylar. Öwezmyrat batyr bir oturyşynyüýtgetmän, öňki parahatlygy bilen:— Degmäň, içini bir boşatsyn - diýdi.Garry batyr ýürekden joşup aglaýardy, goýara çemeli däldi.Töwerek-daşyna hem tukatlyk aralaşyp, aglaýan köpeldi.Parahat oturan Öwezmyrat batyryň birden gahary geldi.— Garry batyr, meniň gapyma pata ýerine geleňok. Tur,ýok bol, nirede aglasaň, şonda agla - diýip gygyrdy. Diňeşondan soň Garry batyr köşeşdi, diňdi. Birnäçe wagtdan soňgözlerini gyzardyp dik oturdy.— Indi biz näderis, bize näme bolar, batyr? - diýip,naýynjar bir görnüşde Öwezmyrat batyryň ýüzüne garady.


— Garry batyr, indi biz iki aganyň guly bolarys - diýip,Öwezmyrat batyr onuň jogabyny nagt etdi. - Bir tarapdan, özbeg-törelerimize, aksakgallarymyza gul bolarys, ýene birtarapdan, ak patyşanyň beýiklerine gul bolarys.Bu gürrüň giç agşama çenli çekdi. Adamlar dargaşypýeňleşenden soň, Gandym aksakgal:— Batyr, il Mara göçýär-le, bizem göçäýsek nädýär? -diýip, geňeş saldy.— Aý, Gandym kaka, ak patyşadan gaçyp, Maragöçmegimiz, o dünýä münüp hataba bukan ýaly bir zat bolýar -diýip Öwezmyrat batyr onuň bu pikirine garşy çykdy. - SebäbiMarynyň hanlary ors bu ýere öňki gezek gelmänkä akpatyşanyň Maşatdaky wekiliniň ýanyna baryp, ýurdy eýýämsatdylar, ýaraşyk etdiler. Oňa meniň gözüm ýetik. Onuňüçinem bu taýy bilen ol taýynyň indi tapawudy ýok.Aradan köp wagt geçmänkä, bir gün agşamaralarÖwezmyrat batyr dagyň bolýan guýysynyň başyndakyobaçylykda jarçynyň sesi ýaňlandy:— Her kim öz ýurduna, öz obasyna baryp gonsun! Parahatýaşasyn-haw! Kim obasyna barsa, hiç hili zowal ýokdur-haw!Guýy-guýy aýlanyp, bu habary ýaýradyp ýören jarçygygyryp geçip gitdi.


Ertesi Öwezmyrat batyr bilen Gutlymyrat ikisi köne ýurda -oba göçup barmagyň maslahatyny edip, hut şol günüň özüňdeugramagy ýüreklerine düwdüler. Bu maslahaty Gandymaksakgala duýduryp:— Şu gün ýola düşeliň - diýdiler. Emma Gandym aksakgalbarmaklaryny basyp, ýedi günüň adyny sanap hasap etdi-de:— Şu gün ugrasak, ýyldyz çat maňlaýymyzda bolýar.Aslynda bu gün sişenbedir, bisähet gündür. Ertir ýola düşeliň -diýip, bu gün göçmekden saklady.Edil şol gün günortanlar üsti zyňňyldym agyr ýükli ýediýaşar ineri tirkäp, guýynyň oýyna bir garador atly indi. Ol atlyineriň yzyna bir semiz iki ýaşar öküzi tirkäpdir. Ol atly ýetenýerindäki kümeden:— Öwezmyrat batyryň goşy şu guýydamy? - diýip sorady.Kümäniň gapysynda duran aýal:— Hal-ha - diýip, el salgady.Bu aty, ineri, öküzi bilen üç tirkeş bolup gelýän Amanbatyrdy.Öwezmyrat batyr bilen Aman batyr ikisi biri-birini görendebegençlerinden ýaňa şeýle bir şadyýanlyk bilen gygyryşdylarhem gujaklaşdylar welin, olaryň bolşuna diňe ulular däl, Geldihem Aşyr ýaly çagajyklar-da geň galyşyp, agyzlaryny açyp


seretdiler. Şeýle çenden artyk begenjinden Öwezmyrat batyryňgözüne iki damja ýaş aýlandy.Aman batyr dessine atyny bir düýp gandyma iltäp, ineriçökerdi-de, ýüküni düşürmek bilen boldy. Öwezmyrat batyrbolsa oňa ýük düşürişmegi-de ýadyndan çykaryp:— Stepan aganyň ýagdaýy nähili? Hiç kime duýdurman,horlaman, sag-aman aşyrdyňmy? - diýip, Stepan aga hakdasoramaga başlady. Aman batyr hem öz işi bilen gümra bolupdurşuna, oňa gidişleri hakda gürrüň bermäge başlady. Şol wagtGutlymyrat:— Myhman, siz öýe baryň. Ýüki özümiz düşüreris - diýip,onuň işini elinden aldy.— Stepan agany müňde bir razy bolar ýaly edendirin -diýip, Aman batyr gürrüň berdi. Şu zatlary şeýle horuganwagtlarynda getirmeginiň özüne edilen ýagşylygyýanyşdyrmak üçindigini duýdurdy.Gandym aksakgal, Garry batyr hem beýlekiler geldiler.Oturyp gyzykly gürrüňlere başladylar. Öwezmyrat batyr buzatlaryň özlerine getirilendigini bilenden soň, öküzi soýmakisledi. Emma:— Ýurdumyza baryp soýalyň - diýip, Gandym aksakgaletdirmedi. Ýöne ineriň üstündäki ýük un, tüwi hem ýagdy. Bugün palaw bilen oňdular.


Ertir daň bilen ýükleri urup, ýurda baka ýüzlendiler.Gandym aksakgal öňe düşüp ýol başlady.Olar sag-aman gelip, öňki ýurtlarynda ornaşdylar. Gelengünleriniň ertesi bolsa öküzi soýup, uly il bolup iýdiler.Aman batyr üç gün myhman bolup, gaýtmakçy boldy. Oltöwerek-daşlary bilen hoşlaşdy. Öwezmyrat batyr Aman batyryýola salyp ugratmak üçin onuň bilen bile atlandy. Ep-esli ýolýöräp, allaýarlaşyp, Öwezmyrat batyr yzyna dolanmakçybolanda, Aman batyr:— Batyr, men henizem özüme edilen ýagşylygy ýerinesalyp bilemok - diýdi. - Sebäbi siz meni ölümden gutardyňyz.Emma men şu azygy getirmedigem bolsam, siz ölmezdiňiz.Onuň üçinem bu eden ýagşylygyňyzy ýerine saldygym däl.Ýöne meniň ýaly bir pukara ýigitden az görmäň.— Aman batyr, şeýle horugan wagtymyzda gelip halsoramagyň özi bir sapar däl, edil ýetmiş sapar ölümdengutarança boldy - diýip, Öwezmyrat batyr onuň aýdanynagarşy çykdy.Aman batyr näme-de bolsa özüniň bu edeni bilenkanagatlanmaýandygyny aňlatdy-da:— Aý, häzirlikçe bolýar-da - diýdi. Soňra ol bir zataýtmakçy bolup pikirlendi. - Hawa, ýogsa-da, sen bu Kanybatyryň göwnüne heýwere gaty degipsiň. Şuny gaty ýalňyş


edipsiň, batyr. Onuň senden aýry ýüregi ýok ahyry - diýdi.Öwezmyrat sesini çykarman duransoň, ol ýene: - Aýby ýok,ony soň düzederis, häzir hoş sag bol - diýip, sözüniň üstünegoşdy.Aman batyr ýola düşüp ugrady. Öwezmyrat batyr atynyňbaşyny yzyna öwürmän, ep-esli wagtlap onuň yzyndan seredipdurdy. “Aman batyr geleli bäri Kany batyr hakda hiç hiligürrüň etmedi, hatda ol nirede diýibem soramady. Edil ýolaçykyp gitmekçi bolanda onuň Kany batyr hakda gürrüň açmagynämedenkä?” diýip oýlandy.Öwezmyrat batyr Kany batyr hakda, onuň göwnünedegmekde özüniň mamladygy, bimamladygy hakdaoýlanmajak bolup her näçe jan etse-de, ol öz ýanyndan Kanybatyr hakda uly alada çekýärdi. “Oňa näme bolduka? Birýerlerde hossarsyz-zatsyz ölüp gitdimikä?” diýip oýlanýardy.Ýöne Aman batyryň häzirki gürrüňi, her näme-de bolsa, onuňkalbynda ýagşy umyt oýardy. “Diýmek, Aman batyr Kanybatyrdan habarly bolmaly, ol Aman batyr daga sag-amangowşan bolmaly” diýip çak etdi. Atynyň başyny yzyna dolady.Öwezmyrat batyr öýüne dolanyp gelende, öýüň işigindeduran Gandym aksakgal bilen Gutlymyrat oba aksakgallarynyňertir sanaşyk başlajakdyklaryny habar berdi.


— Gandym kaka, şu biziň aksakgallarymyzam halysişlerini tükedipdirler - diýip, Öwezmyrat batyr käýinjiredi. - Ilbende uruşdan ýaňyja sypyp geldi. Bu ýyl bir öňki ýerindegyşyny geçirip, geljek güýz sanaşyk edilende bolmaýarmydyahyry?— Ýok, bu ýyl sanaşyk edileniniň aýby ýok - diýip,Gandym aksakgal düşündirdi. - Sebäbi öňki sanaşyk barsýylynda bolupdy. Bu ýyl goýun ýylynyň aýagy. Bäş ýyl eýýämdoldy.— Dolanda näme, Gandym kaka, göçümiziň duşumyzdangeçdigi däl ahyry.Gandym aksakgal Öwezmyrat batyryň aýdanyna ünsembermän, öz gürrüňi bilen boldy.— Şu sanaşykda Gutlymyrady hökman sana girizmeli.Oňa-da ýer-suw paýlamaly - diýdi.— Sana girizip bolsa girizmeli, bolmasa, meňkiniekibereris-dä, näme hemişelikdir-dä, ýeri-suwy kim ekeröýdýäň? - diýip, Öwezmyrat batyr biperwaý gürledi.— Ol beýle däl, batyr - diýip, Gandym aksakgal garşyçykdy. - Indi görersiň, ýeriň-suwuň gadyry artar. Asyl seniň şudepe bolup duran at dersiňem pula barabar bolar.— Pa-haý, Gandym kakama seret, dersi pula deňeýär -diýip, Öwezmyrat batyr güldi. Gandym aksakgal bolsa:


— Saglyk bolsa, erte göreris - diýip goýdy.Stepanyň orsýet mülkdarlary, olaryň golunda işleýändaýhanlar hakda berýän gürrüňleri Öwezmyrat batyryň ýadynadüşdi.— Hawa, Gandym kaka, seniňkem ugrunda bar - diýip,onuň bilen ylalaşdy. - Indi dersem pul bolmaly, adamlaram ýerişleýän gul bolmaly diý-de gutar-da.— Näme bolsa-da başymyza gelenini görübermelibolandyr, başga gidere ugur ýokdur, batyr - diýip, Gandymaksakgal özüniň bäş barmagy bilen ak sakgalyny daraklady. -Haýsy bolsa-da, bähbitlisi bolsun, batyr. Aslynda adamzat jepaüçin ýaradylypdyr öýdýän.Şol günüň ertesi sanaşyk başlandy. Öwezmyratlaryň obasyAhalda, Kese Arkaçda iň uly obalaryň biri hasaplanýardy. Herserkarbaşy aksakgal öz serkarynyň hasaby bilen paýlaşykmeýdanyna geldi. Oba jemagaty hem olaryň töwereginiňsynçysydy. Her serkardan näçe suw kemelipdir, näçe adamtäzeden sana giripdir - bularyň hasaby serkarbaşylaryňelindedi. Olaryň kimsi düýe gumalagy bilen, kimsi goýun çöribilen hasabyny çykarypdyr-da, ol gumalagy ýa-da çöri ýaglygadüwüp ýa-da torba salyp, ýany bilen getiripdir. Ýeriň, suwuň,ugruna seredilmän, köplenç wagt suw başyna akýan-da bolsa,kesp edip daýhançylyk bilen meşgullanýanlar gaty az hem


olsa, her bäş ýyldan bir gezek aýlanyp gelýän sanaşyk şeýlekeýpli, şeýle gyzgalaňly geçerdi, garra-garraly, dawaly,tomaşaly bolardy. Bu ýylam hemişekiler ýalydy. Serkarserkardan pes oturmajak bolýardy. Sanaşygyň edil bir gün öňýany ogly bolan käbir adamlar suw aljak bolup, ýaňy gyzybolan birini tapýardy-da, guda bolup, iki sany suw ýaly çaganika gyýdyrýardy. Onsoň serkarbaşy “Pylanam bir suw boldy”diýip, torbasyna gumalak taşlaýardy.Aksakgallar serkarbaşylaryň gumalak hasabyny alypbaşladylar. Her serkarbaşy baryp aksakgallaryň öňündegumalaklaryny üýşürýärdi-de:— Meniň serkarymda pylança suwum bardy, pylançasyýatdy, pylançasy täzeden turdy, pylanynyň ogly bolupdy, olpylany bilen guda boldy - diýip, jikme-jik hasabat berýärdi.Aksakgallar bir agyzdan “kabul” diýse, iş gutarýardy. Emmakäbir özüniň tilkiligi-mekirligi bilen bellentgi bolanserkarbaşylara “adamlaryňy getirip, gözümiziň öňünden geçir”diýilýän halatlary hem bolýardy. Şeýle bolan wagty düýn,öňňün bolan çagalary ejeleri göterip getirýärdi. Emmaserkarynda diňe sopbaş özi bolup, ol hem Mary, Tejen diýip,nirede güni gowy geçse, şonda gezip ýören adamlar bar bolsa,şol serkarbaşynyňky kyn bolýardy. Şonda-da ýeserserkarbaşylar bir ugruny tapýardylar. “Oduna, çepe gitdi”


diýýärdiler. Sözüne-de bir-iki sany şaýat tapýardylar. Ýa-daonuň deregine başga bir adamy geçirip goýberýärdiler.Serkarynda Gutlymyrat ýaly adamlar bolan serkarbaşylardawalaşmaly hem bolýardy. Bu saparky sanaşykda hemGutlymyrat sana girizilipdi. Aksakgallar onuň üstündeikirjiňleşip başladylar. Kimdir biri:— Heý, onam sana salyp bolarmy? Ol düýn ilerdengelmedimi näme? Düýn gelen gelmişek - diýip gygyrdy.Bu aksakgal Seýitmyrat begiň hyşy-wyşy edýänadamlaryndan Ymametdin aksakgaldy. Gandym aksakgal onuňaýdýan gürrüňleriniň özüniňki bolman, Seýitmyrat begiňkiboldugyny ýagşy bilýärdi. Emma “entek il näme diýerkä?”diýip, sesini çykarman saklanýardy. Şol wagt aksakgallardanbaşga biri:— Gutlymyrada suw bermän, dagy kime suw berjek! -diýip gygyrdy.- Keýmirkör babamyzyň aýdan gürrüňi bardyr.“Seniň bilen il biri boldumy, ýurduny goraşýarmy, senden aýrydönükçilik ýüregi ýokmy, ol adam seniň biriň” diýip aýdandyrol. Gutlymyradam şol Keýmir babamyzyň aýdan adamlarynyňbiridir. Ýurdy goramakda haýsy biriňiz Gutlymyratdan artyk işetdiňiz? Hiç biriň! Gutlymyradyň bizden aýry ýüreginde çigitýaly dönükçilik ýokdugyny görüp gelýäs gerek? Elbetde, görüp


gelýäris. Onsoň ýer-suwy oňa bermän, kime berjek?Gutlymyrat hökman sana geçäýmeli!..Öwezmyrat batyr bir çeträkde aýak üstünde otyrdy.Gutlymyrat hem onuň ýanynda ýerde jaýdar ornaşyp otyrdyhem elindäki çöp bilen ýer dyrmalaýardy. Onuň bu bolupoturyşy göýä bir agyr töhmet boýnuna düşüp, şol günä bilenbaglanyşykly bolan ýazgydy çözülýän adama meňzeýärdi.Üýşen jemagatyň barynyň gözi boýnuny sallap oturanGutlymyrada baka dikilipdi. Birdenem adamlar ýerli-ýerden:— Gutlymyrady hökman sana geçirmeli! - diýipgygyryşdylar. Jemagatdan “Gutlymyrady sana geçirmeli däl”diýip, ýekeje adamyňam sesi çykmady. Gandym aksakgalýuwaşja ardynjyrady-da:— Aý, aksakgallar! - diýip, söze başlady. - Ýer-suwjemagatyňkydyr. Biz bolsak ýöne bir olaryň ýaşulusydyrys.Jemagat öz ýer-suwundan kime paý bereýin diýse berip biler.Ine şonuň üçinem Gutlymyradam jemagatyň güýji bilen biziňgarnymyza basyp, ýer-suw paýyny alyp biler. Emma şugezegem oňa ýer-suw paý bermejek bolsaňyz, onda meniňemýer-suw paýymy kesip, maşgalam bilen sandan çykarmalybolarsyňyz. Ymametdin aksakgalyň “Gutlymyrat düýn gelengelmişek” diýip gygyrmagy tötän ýerden çykan ses däl. Ol sesYmametdin aksakgalyň sesi bolman, ol Seýitmyrat begiň sesi.


Men muňa Ymametdin aksakgal diýmän, oňa Ymametdin hojadiýerin. Asyl seniň özüň nämahal gelip, il biri bolup sanageçdiň diýip ondan soraýan ýok. Şonuň üçinem agzynagelenini aýtmagy ol endik edipdir. “Ekgende ýok, tikgendeýok, harmanda häzir hoja” diýip, gadymkylar oýnamaga aýdandäldirler.Gandym aksakgalyň gaharlyrak aýdan bu sözlerin-ýe oturanjemagatyň içindäki ýaşy uluraklary öz ýanlaryndan “şu aýdylangep dogry gep” diýip düşünenem bolsalar, onuň Ymametdinaksakgalyň ýüzüne gaharly, morta aýdyp oturybermegini birhiliräk gördüler, özleri oturan ýerlerinde utanyşyp, ýüzleriniaşak saldylar. Emma ýaş ýigitler welin Gandym aksakgalyňsadalyk bilen aýdyn goýberen dogry sözlerini ýürekdenmakulladylar hem hezil edinip gülüşdiler.Özüniň ýaşyny Gandym aksakgaldanam ýokary hasaplaýanaksakgallaryň biri sakgalyny sypady-da:— Gandym, gaty gitdiň. Daş düşýäň. Ýalňyşýarsyň - diýdi.— Aý, aksakgal, bu ýerde daş düşüp, ýakyn düşüp oturarýaly zat ýok. Görnüşi gürlenýär. Işiň bolşy şeýle - diýip,Gandym aksakgal jogap berdi.“Kabul” diýen ses gulagyna ýetende, Gutlymyrat ýüzünigaldyrdy. Has arkaýyn ornaşdy-da, elindäki ýer dyrmalap


oturan çöpüni döwüp, bir gapdala taşlap goýberdi. Şunluk bilenGutlymyrat hem sana geçdi.Öwezmyrat batyr mundan ozal hiç bir suw sanaşygynyň,ýer böleşiginiň üýşmegine ýönekeý bir diňçi bolubambarmaýardy. Şu saparky sanaşykda welin ol üç günläp, günýazdyrman gatnady. Emma şol gelşi ýaly bir çetde sesiniçykarman oturýardy hem ahyry gaýtmakçy bolanda:— Bu işi gaýdan tekä seret. Sallançakdaky emzikliçagasyny suwly etjek bolup öýerýär, dawa edýär. Şeýdip alanýeri çaňap ýatýar, suwy tutulman başyna akýar - diýip, özbaşyna hüňürdäp käýinip gaýdýardy.Suw sanaşygy gutaryp, şol suw sany boýunça ýerböleşilmäge başlandy. Oba dört sany uly tirä bölünýärdi. Giňekerançylyk meýdanyny ilki darka ikä bölüp, son olaryňam herhaýsyny iki bölmelidi. Bu sapar aksakgallar: “Şu gezek ähliekerançylyk ýerimizi ikä böleliň-de, şony hemişelik edeliň.Soň her saparky sanaşykda şol iki tire diňe öz aralaryndabölüşik edibersin” diýip maslahat etdiler. Giň meýdany lüňläp,iki böldüler. Bu giň meýdana lüň basyp çykar ýaly däl, onuňüçin hem ýer arasy pylan depe, pylan degirmen, pylan ýap”diýip, şoňa meňzeş belgiler bilen ýer arasyny aýdyň etdiler.Bije başy haýsy tarap bolmaly? Aksakgallar bu meseläniňüstünde kän oýlanyp durmadylar. Çünki jemagatyň ýeriň haýsy


tarapyna göz gyzdyrýanyny olar bilýärdiler. Aksakgallaryňköpüsiniň hem göz astyna alýan zady iki sany zatdy. Olaryňikisi hem ýeriň bir bölegindedi. Elbetde, bije başy hem ýeriňşol bölegi bolmalydy.Adamlaryň göz gyzdyrýan zatlarynyň biri “Öwezmyratbatyryň tamy, Öwezmyrat batyryň tamy” diýip at alyp, KeseArkaja belli bolan tamdy, beýlekisi hem “Ussamyratdemirçiniň bagy, Ussamyrat demirçiniň bagy” diýip at alanbagdy. Ol bag hem Mamagülüň kakasyndan galan bagdy.Adamlaryň gözüne ýakýan ine şu ikisidi. Her kim öz içinden“Öwezmyrat batyryň tamy maňa düşsedi” ýa-da “Ussamyratdemirçiniň bagy maňa düşsedi” diýip arzuw edýärdi.Öwezmyrat batyryň tamy diýilýän tam orta boýly adamyňboýy bilen deň, diwary laýdan galdyrylan tamdy. Onuň daşyhem ýylmanman, büdür-südür bolup durdy. Üstüne-de arça,kerkaw agaçlary ugurly-utgasyz, eýläk-beýläk çem gelenýerine germelipdi. Onuň üstünden hem syza bilen basyrylyp,agyr gum taşlanypdy. Aslynda bu tamyň deňli-derejeli burçydaýokdy, ol bir tegelek agyla meňzeýärdi. Içi hem tas dyzboýy aşak gazylypdy. Şonda-da tamyň ýokarysyna basylansyzalar Öwezmyrat batyryň telpegine ilişip çekelenýärdi. Içihem beýle giň däldi, eýlesi-beýlesi, köp bolsa, dört-bäş ädimdi.Aslynda bu tamy Öwezmyrag batyryň kakasy Däli batyryň özi


salnypdyr. Ol üstune suwag çekmäni hem bilmän, diňe agyrgumbilenbasyryp mydar edipdir. Soňky ýyllarda Gutlymyrat gelendensoň, onuň üstüniň gumuny ýeňledip, samanly palçyk bilensuwag çekip, damja dammaz ýaly edipdi.Şäherden çykylanda Gutlymyrat özüniň gara çatmasynytaşlap çykypdy. Mamagülüň öýi hem şonda galypdy. Şonuňüçinem häzirlikçe bu tam Öwezmyrat batyr bilenGutlymyradyň maşgalasyna jaýlyk edýärdi.Ilatyň köpüsi şularyň gününe düşüpdi. Negada birSeýitmyrat beg ýalylar bolaýmasa, köpçülik öýden-öwzardangeçipdi, maşgalasyny sag-aman alyp çyksa razy gelipdi. Şonuňüçinem häzir Öwezmyrat batyryň tamy hemme kişiniňgözündedi.“Ussamyrat demirçiniň bagy” diýen at bilen meşhur bolanbagyň hem aňyrsy-bärsi on düýp üzümden, dokuz düýp tutdan,iki düýp almadan, bir düýp erikden ybaratdy. Ýene-de bir düýpagaç bardy, emma ol agajyň nämedigini demirçiniň özi-debilmeýärdi. Gyşyň sowugymy ýa-da tomsuň yssysymy, garaz,haýsy-da bolsa bir paslyň howasy ol näbelli agajyeýikdirmeýärdi.Ol göýdügipdi, hiç ösmeýärdi, ini-de, boýy-da hemişe şol birdurşuna durýardy.


Demirçi her ýyl nowruz geçip, alabaharyň ýyljak şemalyösüp başlandan soň, bagyna barmaga başlaýardy. Ol ilki işeçykan güni has uly tutum edýärdi. Göýä bir aňyrsy-bärsigörünmez mülküne işe çykyp başlaýan ýaly çyzganjyrap, çörektorbasyny boýnundan asyp, pilini egnine atyp, oragyny bilinegysdyryp, suwly kündügi eline alyp işe çykýardy. Ýogsademirçiniň ussahanasy bilen bagynyň arasy sesýetimdenemýakyndy, şu iki ara şeýle tutumyň geregi-de ýokdy. Bir gezekkimdir biri oňa:— Aý, demirçi, aňyrsy-bärsi bir sesýetim ýol ýok. Bu ikiarada çörek-suw göterip ýörmek nämä gerek? - diýip sorady.Demirçi bolsa oňa şeýle jogap berdi:— Birinji gezek işe başlanda, işe çykan ýaly bolmak gerek.Ýogsa ol ýere ýönekeý hemişe-de baryp-gelip durýan.Onsoňam pelegiň işini bilip bolmaz. “Pyýadanyň aty nandiýenleri, bir iş bilen öýden çykdyňmy, çörek bilen suwunyýadyňdan çykarmagyn” diýip, kakam pahyr köp nesihatlarederdi.Ol şeýle şaýyny tutup çykyşy bilen baryp bir salkynjanygyp işläýse, şu bagynyň hem içini depip, hem üzüminikesip, hem agaçlaryny kemsiz timarlap gutaryp biljekdi. Emmademirçi günüň gyrasy görnenden bagynyň bir çetindenbarýardy-da, bir düýp üzümiň töwereginde o ýan-bu ýan


aýlanýardy. Onýança gün naýza boýy ýokary galýardy. Onsoňol bir düýp üzümi kesip, bejerip, ýylmap bolýardy-da, güneseredýärdi. Soň goşuna baryp, suw bilen bir döwüm çörekiýýärdi. Onsoň goşuny göterip, öýüne gaýdýardy. Gelibemussahanasyna girýärdi. Tä öýläne çenli şark-şark edip demirýenjýärdi. Gylyç ýasaýardy, gylyç taplaýardy, pil, palta ýalygurallary ýasaýardy. Sandaly bilen çekijiniň sesine goşuphiňlenýärdi. Işiniň arasynda gapdalyndaky kellelerini küşdegyzdyryp oturanlaryň gürrüňine-de goşulmaga ýetişýärdi.Gün ikindä ýakynlaşanda, ýene onuň çekijiniň sesi gapbagalýardy. Bir görseň, ol han-ha şaýyny tutup bagyna ýetipbarýandyr. Gün dagyň aňyrsynda gizlenýänçä, ol ýene bir düýpüzümi kesip-bejerip gaýdýardy.Emma onuň bagbançylyk işiniň boş geçýän günleri hem köpbolýardy. Gürrüňçilik gözläp, işsiz gezip ýören adamlar kän.Birden biri bir gapdaldan çykýar-da: “Bagban, armaweri!”diýýär. “Hä, bar bolaweri”. “Ýeri bu ýyl bag neneň, bag?” Ine,şundan soň gürrüň başlanýar. Demirçi baglarynyň tohumynyňnireden gelenine çenli aýdyp berýär. “Ine, bu düýpakşekerekdir. Munuň tohumyny kakam pahyr pylan ýyl Guljülgesinden tapypdyr. Ine, bu dag halylysydyr. Kakam pahyrmunuň tohumyny pylan ýyl pylan dagdan alyp geldi. Ine, bupylan üzümdir, muny kakam pahyr pylan ýyl Nohurdan getirdi.


Ine, bu terbaş... Ine, bu kişmişi...” Şeýdip, ol on düýp üzümiňher düýbüniň taryhyny birin-birin gürrüň berýär. Gysgajyk işwagtyhem şunuň ýaly gürrüňler bilen geçýär. Demirçi gelşi ýaly elinihiç işe urman, diňe getiren çöregini gürrüňdeşi bilen iýip yzynagaýdýar.Demirçi, her näme-de bolsa, bagyna hyzmat edýärdi. Etmeliişlerini edişdirip gutarýardy. Soňra bagyň içindäki diňi syrypsüpürýärdi,bejerer ýaly ýerlerini bejerişdirýärdi. Her ýyl ýazçykandan soň onuň pişesi şoldy.Demirçi bagyndaky agaçlaryň her düýbüniň taryhynybilýärdi. Emma şu dokuz düýp tudunyň bir düýbi hakyndawelin hiç zat aýdyp bilmezdi. Ol bir köp ýaşan garry tutdy.Onuň biline iki adamyň gujagy zordan ýetýärdi. Onuň boýy,püri-pudagy hem ýogynlygyna laýykdy. Diňe onuň aşakdüýbüne ýakyn bir ýerinde pide bolup içine baka hüňülen birýeri bardy. Ol köwekde her ýyl ýazyna hüýpüpik höwürtgeedinerdi.Saz ussalary şol hünegi bahanalap, “Demirçi, seniň butuduň içi pide bolup haraplanjak. Wagty barka muny biz keseli.“Hem muzd, hem minnet”, biz mundan tamdyra ýasaly” diýip,el kesip dilärdiler. Emma demirçi “Ýok, kakam pahyr “buöwlüýä tutdur” diýerdi, muny kesmek bolmaz” diýip, hiç kime


kesdirmezdi. Hatda her ýyl oýmak ýa-da oýmak ýarym gurçuktohumyny tutýan aýalyny hem şol tuduň golaýyndan eltmezdi,ýapragyny- ýygdyrmazdy.Bir ýyl aýalynyň hemişeki ölçegde tutýan gurçuk tohumyşeýle joşgunly boldy. Gurçuklar ýaňy kiçi kyrkyna ýatanda,eýýäm ol sekiz düýp tudy zat goýman iýipdi. Şonda aýalynäalaç bolup: “Demirçi, bolmasa şol tuduňy ýygaýaly-la, ýogsauly kyrkyna ýatyp-turynça, gurçugymyz gyryljak” diýdi.Demirçi bolsa: “Aý, heleý, nähili-de bolsa bir alaç tap.Gurçugyňy atgulak diýen ýaly meýdan otlary bilen oňdurjakbol, ol tuda azar berme” diýdi. Aýaly biçäre çagalaryny yzynatirkäp, atgulak ýygmaga başlady. Öň tut ýapragy bilenagyzlanan gurçuklar birinji gün atgulagyň ysynakürtdürselerem, açlyga çydamadyk gurçuklarertesi kem-sokyn iýip başlady. Emma munça gurçuga atgulakhem çydamady. Ahyry demirçi aýalynyň “gurçugymyz öljek”diýen igenjine çydaman, “ýygsaň ýyg welin, ýekejeçybygynam kesme, ýöne ýapragyndan ýyg” diýip rugsat berdi.Rugsat berse-de berdi welin, demirçi şol ýyl başy agyrsa-da ýadabir zady ýitse-de öz ýanyndan kakasynyň tudunyňkesilmegindengördihem “Gurçugym diýip öz günüme goýmadyň” diýip, aýalynakäýindi.


Demirçi ol tuduň taryhyny bilmese-de, bir zat hemme kişäbellidi. Şu köp ýaşan garry tut şu saparky ýaly her bäş ýyldangeçirilýän suw sanaşygynda, ýer böleşiginde gaty köp sapar öztöweregindäki ýeri bijebaşy edipdi. Bu saparky böleşikde hemol ýene bijebaşy boldy.Iki sany çör bellenip, çyrazly tahýanyň içine atyldy.Aksakgallardan biri tahýanyň agzyny ebşir tutdy-da, göýä köpzady biri-birine gatyşdyrýan ýaly tahýany silterläp ýaýkadyhem “Al, oglum, çykar” diýip, gapdalda duran ýedi-sekizýaşlaryndaky oglanjyga berdi. Oglanjyk näzijek gollarynyuzadyp, iki eli bilen tahýany ebşir tutup aldy.Şol wagt bir çetde oturan demirçiniň bolşuny söz bilendüşündirer ýaly däldi. Diňe onuň tiz-tizden oturyp-turýany,heniz boýyny ýetirmedik köseleç sakgalyny sag eli bilendyrmalap ýolýany açyk görnüp duran zatdy. Ikinji tarapdaoturan Öwezmyrat batyryň hem ynjalygy gaçdy. “Tam-a biziňbijämize çykdy” diýip, işikden geljek adamlary göz öňünegetirende,onuňam ýüregi birden gürsüldäp berk urdy. Ýüregi yzynykesmän bökse-de, ol syr saklap, bir oturyşyny üýtgetmedi.Her näme-de bolsa, bu gala-gopluk uzaga çekmedi.Oglanjygyň näzijek goly tahýanyň içinden bir çöri çykardy.Gandym aksakgal çöri alyp seretdi-de:


— Biziň bijämiz! - diýip gygyrdy. Demirçi diňe şondan soňsakgalyndan elini çekip ýylgyrdy.Galan iki tire özaralaryndaky paýlaşygy ertire goýup, bugün öýli-öýüne dagady. Öwezmyrat batyr demirçi bilen bilegaýtdy. Ol bije atylan wagty demirçiniň özüni ýitirip üýtgäniniaňlan borly.— Sen, demirçi, ertir bije atylanda märekä gelme. Seniňgelerligiň ýok. Özem eňegiňde tüý ýok diýen ýaly. Barjasynamýolup tüketdiň. Uly iliň öňünde masgara bolduň - diýdi.Demirçi hiç zat aýtmady, ýöne ýüzi çapady ýaly gyzardy.Şol baryşlaryna demirçi ýolda öýüne sowuldy. Öwezmyratbatyr hem uzak ýöremän öýüne ýetdi.Gutlymyrat sana geçirilensoň arkaýynlanyp, soň bijeatylýarka ýer böleşilýän ýere-de barmandyr. Öz odur-budur işibilen gümra bolupdyr. Öwezmyrat batyr gelen wagtynda ol içdaşçykyp, ojuk-bujuk işini edip ýörşüne:— Biziň tirämiz özüniň paýyny gidermez. Biziň tirämiziňhaky giden däldir - diýip, öz ýanyndan hümürdeýärdi wetiresiniň adyndan arkaýyn gürleýärdi. Onuň bu gürrüňiMamagül bilen Täzegülüň gozgan sowalyndan çykypdy, şolarajogap ornunda aýdylýan geplerdi.


Iki egninden basylýan ýaly agraslyk bilen ädim urup gelip,daş işikde aýak üstünde oturan Öwezmyrat batyra gözidüşenden, Gutlymyrat onuň ýanyna ýegdekläp geldi.— Batyr, ýeri böldülermi? - diýip sorady.— Bölýärler - diýip, Öwezmyrat batyr bir söz bilen jogapberdi-de, ýene öňküsi ýaly dymyp oturdy. Gutlymyradyň ýenedeoňa sorag beresi gelip içi byjyklap durdy. EmmaÖwezmyrat batyryň şeýle dymyp oturany üçin bu pikirinden elçekdi. “Kim-de bolsa biri munuň göwnüne degipdir. Bu häzirgaharly” diýip düşündi-de, gürrüňini soňa goýdy. Ara ümsümtukatlyk duşdi.Eger-de şu bolgusyzja tamjagazyň töwereginde özbaşlaryna oýnap, şowhun turzup ýören çagalar bolmadykbolsa-dy, onda bu jaý bir aý mundan ozalky bolşy ýaly,sakçynyň eňňerede taşlap giden sümelgesine meňzejekdi. Häzironuň töwereginde janly hereket bardy. Aşyr, Geldi,Gutlymyradyň çagasy - üç çaga öz başlaryna oýun gurap,garabaşlaryna gaý bolup ýördüler.Häzir gyşyň örküjidi, onuň mes bolup kükremeli wagtydy.Emma bu ýylyň gyşy gazap bolmady, gyşyň günleri ala-bahargünlerine meňzedi. Şonuň üçinem meýdan otlary gyşyňortasynda gök salyp, ýorunja bolsa gyrçyma gelip ülpüldäpotyrdy.


Öwezmyrat batyr dagyň aňyrsynda gizlenip ýitip barýangüne baka gözlerini dikip, nämedir bir zadyň pikirini edipotyrdy. Iliň suw sanaşyk, ýer böleşik gykylygy, özüne gerekgepinden artyk gürlemän ýören Mamagüle-de täsir eden bolaraçemeli. Ol Öwezmyrat batyryň gelmezinden öň bu baradaGutlymyrat bilen gürrüň edipdi. Ol häzirem Öwezmyratbatyryň geleninden bihabar:— Biz hemişe şunuň ýaly böleşikde ilden galyp ýörüs. Illerdüýnki bolan bäbegini öýerip suw paý alýar. Oglumyz ikiýaşapdyr, ýene biz galdyk. Täzegülüň ogly ýaş ýarym. Bizbularyň hiç birinem suw etmedik - diýip, içerde oturan ýerindekäýindi. - Näme bu galmagalda biziň hakymyz ýokmy?— Ýogsa bileňokmy hakyň ýokdugyny? - diýip,Öwezmyrat batyr daşardan jogap berdi. – Eliňdäkini almasalar,Hudaýa şükür et-de otur öýüňde. Galmagalyň nämäniň üstündeturýanyna düşünmän, öýüňde oturan ýeriňde agzyňa geleniniurýaň.— Galmagalyň nämäniň üstünden bolýany mälim. Iliňgalmagaly ýeriň-suwuň üstünde, öz hakynyň üstünde.— Iliň galmagaly seniň tamyň bilen demirçiniň bagynyňüstünde, başga zadyň üstünde däl - diýip, Öwezmyrat batyryňaýdan sözi bu öýüň maşgalasynda gozgalaň döretdi.


Mamagül tamyň işigine gapy ornuna tutulan kilimi serpipdaş çykdy-da:— O nähili biziň tamymyzyň üstünde galmagal bolýar,batyr? - diýdi.— Biziň tamymyz bilen iliň näme işi bar? - diýip,Gutlymyrat hem gelip, Öwezmyrat batyryň agzyna aňkaryldy.— Iliň işi gaýdypdyr - diýip, Täzegül hem hüňürdäp öýdençykdy.— Biziň tamymyz bilen demirçiniň bagy duran ýerinibijebaşy etdi. Bije atyşylmaly boldy - diýip, Öwezmyrat batyrdüşündirdi.Ýeri, onsoň bije atdylarmy? - diýip, Gutlymyrathowlukmaçlyk bilen sorady.— Atdylar. Biziň gapdalymyzyň bijesi çykdy - diýip,Öwezmyrat batyr jogap berdi. - Ertir iki tire öz arasynda bijeatyşmaly boldy.Onuň bu sözünden soň Gutlymyrat az-kem ynjaldy.— Ertirem biziň tirämiziň bijesi çykaýsa-ha bagtymyzyňgetirdigi. Onda jaýly ýerimizi özümize bererler - diýdi.Öwezmyrat batyr ýylgyrdy-da:— Aý, Gutlymyrat, bizi syrtymyzdan satan, bizi öldürjekbolan öz tirämiziň adamlary dälmidi näme? - diýdi. - Onda-daiň ýakyn garyndyşlarymyzdy. Sen ýene şolardan hantama


olýarsyň. Onsoňam biziň tirämiziň içinde ýigrimi bäş serkarbar. Her serkaram şu ýeri bijebaşy edip bije atjakdyr.— Bardy-geldi bu ýer başga biriniň bijesine düşäýse, bizişu ýyl gyş çykýança-da goýmazlarmyka? - diýip, Mamagülalada bilen seslendi.— Ýogsa näme? Elbetde, bir günem goýulmarsyň.Gapyňdan gelip, şu jaý-a maňa düşdi diýenlerinden soň,çagalaryň elinden tutup, goşuňam arkaňa göterip çykybermelibolarsyň. -Öwezmyrat batyryň bu sözlerini eşiden Mamagüldagy beter gaýgylandylar. Bular şeýle bir tukat boldular, hatdail bilen birlikde Gökdepede galalaryny taşlap gaçanlarynda-daşeýle gaýgyly, şeýle tukat bolmandylar. Öwezmyrat batyrbularyň şeýle gaýgyly ýagdaýa düşenlerini görüp, olaragöwünlik berýän äheňde gürrüňini dowam etdi. - Dünýädeadama boýun burmak gerek däl. Eger ahyrda şu ýer özserkarymyzyň bijesine düşüp, serkarymyzyň içinde-de özümeýakyn adama, kakam bilen deň görüp ýören adamym Gandymkakama düşse-de, “şu ýer-ä meniň bijäme çykdy” diýensagadynda tamdan çykarys. Iň bolmanda munuň üstüniňagajyny alyp gidip, özümize düşen ýerde küme edineris,ýerdöle edineris. Garaz, gyş çykynça mydar ederis. Ony hiçalada etmek gerek däl. Ýöne demirçiniňki kynrak, onuň birnäçeýyllap zähmet çeken bagy galjak.


Onda Gutlymyrat:— Onuňam tärini taparys - diýdi. - Onuň üzümleri ýaş.Olary täze ýerine göçüreris. Başga agaçlaryndanam göçürerýalysyny göçüreris. Bu ýyl gyş maýyl. Geljek ýyl demirçiniňtäze ýerem bagly bolar.— Ine, şunyň jaý maslahat - diýip, Öwezmyrat batyr onuňpikirini goldady. - Göçürip äkidip bolmajagynam kümeliküçin, odun üçin kesmek gerek. Şol ýerde demirçiniň özzähmetinden emele gelen agaçdan hiç zat goýmaly däl. Diňeata-babadan bäri gelýän garry tut şol ýerde galsyn.Öwezmyrat batyr goldandan soň, öz tapan pikirinden monçabolan Gutlymyrat:— Hakyt şeýtmeli. Men onuň tärini taparyn - diýdi.— Tärini tapmasaň, eňegindäki barja gylynam ýoluptüketjek ol - diýip, Öwezmyrat batyr bije atylan mahalyndademirçiniň bolşuny gürrüň berip başlady. Mamagül hem özibilen oglanlykda basdaş agasynyň gaýgyçyl-aladaçyldygynygürrüň berip, Öwezmyrat batyryň sözüniň üstüni ýetirdi.— Bije atylan ýerde bolan bolsa, bu gije onuň ukusytutmaz - diýdi. - Şu wagt zowzuldap bir ýerde oturyp bilýändäldir. Ine görersiňiz, “indi nätsemkäm?” diýip, bir demden şuýere-de geler.


Demirçiniň bolşuna gülüşmek bilen, ara biraz şatlykaralaşan ýaly boldy. Öňki tukatlygy ýatlaryndan çykardylar.Çagalar hem oýunlaryndan boşap gelip, ata-enelerinegüýmenje boldular. Hemmeler jaýa ýygnandylar. Mamagülüňaýdyşy ýaly, ara köp wagt salman, demirçi hem geldi. Ol gelip,gaýgyly görnüşde dymyp otyrdy. Ol bu sapar: “Indi nädeýin?”diýmese-de, onuň gamly görnüşinden bu sowal açyk aňlanypdurdy.— Armaweri, demirçi - diýip, Gutlymyrat habar gatdy.Öwezmyrat batyryň beren gürrüňi ýadyna düşen Mamagülbolsa:— Demirçä şu gün bir zad-a bolupdyr, hemişekiligi ýok -diýip, saklanyp bilmän güldi.— Demirçä näme bolandyr öýdýäň? Şol öňki demirçidir-dä- diýip, Öwezmyrat batyr sypaýyçylyk etdi.— Oglanlardan biri bije atylýan wagtda demirçi duranýerinde öz sakgalyny tüýdüp gutardy diýýärdi welin, her neneňbeýle däl eken - diýip, Mamagül demirçe degmegini dowametdi. Bularyň ýüreginiň giňligini aňlan demirçiniň hem ýüregigiňäp başlady.— “Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy?” diýenýaly, şu Mamagülüňem meniň bilen bassaşlygy galman geçjek.


Iliň sakgaly bilen näme işiň bar diýsene. Näme etsem, özsakgalym - diýip, çalaja gülümsiredi.Soňra Gutlymyrat ýaňky özleriniň gelen kararyny demirçägürrüň berdi. Demirçi olaryň bu maslahatyny makullady.Şondan soň ýüregi mazaly ynjaldy. Öýüne gaýdyp, arkaýynuklady.Ertesi jemagat ýene ýer böleşik meýdanyna çykyp, iki tireýeri deň iki bölege bölüp, bije atdy. Munda hem Öwezmyratbatyrlaryň tiresiniň bijesi çykdy. Soň serkaryň aksakgallaryýerlerini suwa bölüşdirdiler. Ýene-de bije taşlamakçy boldular.Şol wagt kimdir biri:— Öwezmyrat batyr bilen demirçiniň öňki ýerini özlerindegoýaýmak gerek - diýdi. Onda ýene biri:— Bije atmasyna atalyň. Ýöne şol ýer kime düşse-de, ýenegaýdyp olaryň ýerini özüne beräýsin - diýdi.Öwezmyrat batyr aslynda Seýitmyrat beg bilen serkardaşamdäldi. Eger-de serkarda Seýitmyrat beg hileli adam bolan bolsa,beýle gürrüň tapyljak hem däldi. Ýöne Öwezmyrat batyr hemöz göwnündäkini aýtdy:— Adamlar, bije atyň, keýpden çykyň. Sebäbi toprakköpçüligiňki ahyry. Ýöne topragyň üstündäki öz zadymygötersem, sizem ynjamaly dälsiňiz.


— Aý, bije atyp durmagyň geregi ýok-la - diýip, ýene birigygyrdy. Ahyry şol wagta çenli sesini çykarman duranGandym aksakgal gürrüňi bir ýaňalak etdi:— Şu uly iliň içinden bijämiziň gygyryp çykyp gelmegişolaryň bagty üçin bolan zatdyr. Bije atyp durmaň-da,Öwezmyrat batyr bilen demirçiniň ýerini özünde galdyryň.Onsoň bijäni galan ýerlere atyň.Öwezmyrat batyryň tabşyrygyndan soň, bije atylýan ýerebarmakdan saklanan demirçi Gutlymyrat öňki ýerleriniň ýeneözlerine galandygyny buşlanda, begenjinden ýaňa iki bolupbilmedi.MERTLIK HEM HEKIRLIKBu bir beýik dagyň öňündäki baýyrlaryň etegindäki giňseleň meýdandy. Beýik baýyrlaryň biri böwse bolup, ol böwsegarşydaky garalýan beýik daga baka uzalyp gidýärdi. Şu giňýaýlymly meýdanyň ortasynda durup syn etseň, garşyny kesipgeçýän beýik dag gündogaryňda hem, günbataryňda hemgörünýärdi-de, üç tarapyňy hem halkalaýyp gurşap alýardy.Gaýra tarapyňda bolsa uzak daş bir ýerde mele reňk ürgündepeler seňňerläp salgym atyp görünýärdi. Şu giň meýdanyňorta gürpünde bir beýik depä meňzeş merz bolup duran köne


gala seňňerläp otyrdy. Pugta synlanyňda aslynda şu galanyňaşagyndaky üstüniň aýtymy giň depäniň hemhaçanam bolsa gadym bir zamanlarda üstündäki gala ýaly galabolandygyny, belki, ondan-da uly, köşki-eýwanly, köpymaratly bir şäher bolandygyny aňlamak bolýardy. Soň ol galaýa-da şäher ýykylyp-ýumrulyp, üsti giň aýtymly bir depäöwrülip gidipdir. Onsoň adamlar şol depäniň üstünde ýene galasalypdyrlar. Indi ol gala hem könelip, ýykylyşyp, depäöwrülmäge başlapdyr.Şol ýaýlymly giň depäniň üstünde iki sany alty gnat ak öýgümmezekläp otyrdy. Ol öýleriň biriniň işiginden asylan ak,gyzyl, ýaşyl reňkli, süýr depesi goşa kelleli bürgüt nyşanlybaýdak şemalyň ugruna pasyrdaýardy. Depäniň üstünde şu ikiöýden başga birnäçe çadyr-da bardy. Depäniň daş-töwerekdüýbünde bolsa dikilen ownukly-irili çadyryň derdinden taýakatsaň, ýere düşjek däldi. Çadyrlaryň arasy bolsa adamdan ýaňaala-gymyrsydy. Şu wagt bu depäniň üstünde hem etegindeşeýle bir şowhunly hereket gaýnap joşýardy welin, şeýledesgaly görnüşe bu depäniň hiç wagt ýüzi düşmändi.Bu depäniň töweregini alyp ýatan toply-tophanaly agyrgoşun general Skobelewiň goşunydy. Ol Gökdepäni alandansoň, ýene sürüp, birnäçe günden soň şu meýdana - Aşgabadagelipdi. Şu seleň ýerde birnäçe wagtlap durmagy, birnäçe


çäreler görlenden soň bolsa Mara baka ýöriş etmegi ýüreginedüwüpdi.Gökdepe alnandan soň basym Dykma serdar bilenSeýitmyrat beg başlyklaýyn tekeleriň han, serdar, batyrlakamyny dakynanlarynyň birnäçesi öz göwnüne laýyk görensowgat-sylagyny göterip, Skobelewiň öňünden çykypdylar.Onuň öňünde baş egip, bil büküpdiler. Bu gümmezekläp oturaniki sany ak öý hem şonda Seýitmyrat beg tarapyndan getirilensowgatlardandy.Skobelew öňünden çykyp, bil büküşip duran adamlarabirin-birin seredip çykdy-da:— Ýagşy, ýagşy - diýdi. Öz adamlaryna getirilensowgatlary ýygnamagy buýurdy. Ol iki elini syrtyna tutdy-da,gelen adamlary ýamaşgandan synlamaga başlady. Herhaýsynyň ýanyna baryp, boýdan-başa nazaryndan geçirdi.Ahyry Dykmanyň ýanyna baryp, oňa syn hem etmän, yzynadolandy. Ol önräge ýöredi-de, ýene öwrülip, olara nazarynydikdi. Bir zatlar aýdyşdyrdy. Ol iň sonky jümlesini gapdalyndaduran kawkaz geýimli, daýaw hem syratly adama ýüzlenipaýtdy. Ol duran syratly adam özüniň çalgyrt, emma aýdyň hemdüşnükli sözleri bilen Skobelewiň sözlerini Dykma serdar dagadüşündirdi:


— Beýik baýarymyz “bu gelenleriňiz siziň hemmäňiz däl,başga galan serdarlaryňyz hem batyrlaryňyzam bar, ertirhemmäňiz geliň” diýip aýdýar. Düşnüklimidir? - Hiç kimdenseda çykmady. Bir salym dymşykdan soň kawkaz geýimligaýtalap sorag berdi. - Ýa düşnükli dälmi?— Düşnükli - diýip, kimdir biri seslendi. Emma bular göýähantamaçylygy bolan dilegçi ýaly bir duran ýerlerinde saýylbolşup durdular. Skobelew dilmajyna ýüzlenip ýene nämedirbir zatlar diýdi. Dilmaç bu gezek onuň sözlerini Dykma serdaraýüzlenip terjime etdi:— Serdar, beýik senden soraýar. Aýdanlarymyz düşnüklimidiýýär.Dykma serdar ysgynsyzraga-da ardynjyrady-da:— Hawa, öz-ä düşnükli - diýdi. Dilmaç:— Düşnükli bolsa, beýigiň diýenlerini ediň - diýdi.Bular hamala toýa gelen myhman ýaly ine-gana atlarynydaňyşdyryp, sowgatly ýüklerini düşürişdirip, bu ýerde arkaýynboljakdylar. O diýenleri hem bolmady. Onsoň atlaryna münüp,kowulan ýaly bolup gaýtdylar.Iki-ýeke tapan-tupan, diýen eden dost-ýarlaryny hemýanlaryna goşup, bular ertesi ýene geldiler. Ýene düýnki jogapbilen yzlaryna gaýtaryldylar. Ertesi ýene sanlaryny birnemeartdyryp geldiler. Bu sapar welin Skobelewiň ýaman gahary


geldi. Edil guduzlan ýaly bolup, Dykma serdara dazaryldy.Hatda onuň sakgalyndan tutup, çekibem goýberdi. Şonda-daDykma serdar hemişeki bir durşuny saklap durdy. Onuňgapdalynda duran Seýitmyrat begiň welin endamyna galpyldyaralaşyp, dyzlary titräp başlady, ysgyn-mydardan gaçdy.Skobelew Dykma serdara eden abaý-syýasatynyň ondan biriniSeýitmyrat bege eden bolsa-da, ol duran ýerinde galpyldapçaşjakdy.Skobelew bu sapar azm uran wagty dilmajyna-daýüzlenmändi. Bu duranlar onuň aýdanlaryna düşünmeseler-de,düýp manysyny aňýardylar. Skobelew özüne ýüzlenipaýtmadyk bolsa-da, dilmaç onuň aýdanlaryny Dykma serdardaga düşündirdi:— Beýik “meniň garşyma çykyp urşan adamlar sizdäldiňiz” diýýär. “Eger ýeke siz bolan bolsaňyz, men galanybireýýäm alardym” diýýär. “Maňa şol meniň bilen dogry durupurşan adamlar gerek” diýýär. “Hany ol gyr atly, ak telpek ýigit,hany ol dor atly, gyzyl balak ýigit, hany ol demirgyr atly,togalak ýigit?” diýýär.Dilmaç ýene-de birnäçe batyr ýigitleriň atynyň reňkiniň,geýmini salgy berip sanaşdyrdy.


— “Siziň olary bu ýere getirmänligiňiziň bir emmasy bar”diýýä beýik. “Tilkilik, mekirlik etjek bolýaňyz” diýýä. Siz şoladamlary alyp gelmeli - diýip aýtdy.Dilmaç Skobelewiň aýdanlaryny düşündirenden soň,Dykma serdaryň hinine suw gitdi. Bular ýene atlanyp ýoladüşdüler. Dykma serdar bir agyz hem geplemän, ýol boýy pikiredip barýardy.“It gedaýdan gorkar, gedaý itden” diýen ýaly, aslyndaSkobelewiň beýdip ýörmeginiň başga sebäbi bardy. “Bularyňözleri gelip, bize boýun bolan kişi bolýarlar, uruşganbatyrlaryny-da ýeňsämizden goýberip, bizi gyrmakçydyrlar.Bularyň niýeti bozukdyr” diýip gorkýardy. Onuň bu pikirinidaş-töweregindäki ofiserleri hem tassyklaýardylar. Hususanhem polkownik Gorodekow “bu çöl gurtlaryna jan ynanmakbolmaz” diýip, öz diýenine tutup otyrdy. Onuň üçinemSkobelewiň şol uruşgan batyrlaryň urşy taşlandyklaryna gözýetiresi gelýärdi. Muny olaryň özüni görüp, öz dillerindeneşidesi gelýärdi. Olary öz ýanyna çekmegiň, ulanmagyň,pikirini edýärdi.Dykma serdaryň bolsa öz aladasy özüne ýetikdi. Ol özýanyndan “Aýrysakgal özi bilen ýüzbe-ýüz durup urşanadamlary bizden gowy görýän bolara çemeli. Elbetde, olarygowy görýär. Olary gowy görýändigini meniň sakgalymdan


tutup çekmegi hem görkezýär. Eger ol meniň edenhyzmatlarymyň gadyryny bilýän bolsa, meniň sakgalymdantutup silkemezdi. Indi gel-gel Öwezmyrat batyr bularyňýanynda bizden abraýly boldy duruberdi. Belki, ony ulaldarlar.Belki, onuň egnine çinem dakarlar... Ah, sen Öwezmyrat, seniňbir ýoguňa ýanar ýaly çäre tapmasam boljak däl...” diýip pikiredýärdi. Näme etjegini bilmän içini hümledýärdi.Dykma serdaryň ýol boýy pikir edip barmagy onuňýoldaşlarynyň hem ýüregini gysdyrýardy. Bu tukatlyga hasbeterem Seýitmyrat beg darygýardy. Ol:— Dykma, baýaryň bu edip ýörmesi nämedenkä? Munuňbir emmasy-ha bardyr. Ony sen bilmeýärmiň? diýip, gürrüňebaşlady.Dykma serdar ýene bir salym dymyp ýöredi-de, birdenatynyň başyny çekdi.— Adamlar, öz gözüňiz bilen gördüňiz, men ähli türkmenöwlady üçin sakgalymdan tutdurdym. Her hilimasgaraçylyklary gördüm. Ýene men ýigrenji bolýaryn...-diýdi. Onsoň janygyp bu zatlaryň sebäbini düşündirmägedurdy. - Ine, Seýitmyrat şaýadym. Men bir wagt aýdypdym “şuÖwezmyrat batyryň orslar bilen arasy bar, onda--da iň beýigibilen” diýip. Aýda-aýda, halys dilim gurady. Ine, indigördüňizmi, orslaryň iň beýigi “şol gyr atly, ak telpek gelmese


aşgaňyzyň geregiňiz ýok” diýip dur. Şolam Öwezmyrat batyrbolmaly. Henizem bir pille, biz bir ýol tapyp, Öwezmyratbatyryň ýoguna ýanmasak, ol hökman barymyzyň ýogumyzaýanar. Şuny nähili görýäňiz?Bularyň içindäki birdir-ikidir Öwezmyrat batyr bilenduýgudaşlyk edýänler hem şundan soň ondan bütinleý diýenýaly dändiler hem Dykma serdaryň aýdanyna ynandylar.Olaryň her biriniň ýüreginde Öwezmyrat batyrdan basymrakdynmak, oňa kast etmek islegi joşup başlady. Olaryň hemmesibir agyzdan Dykma serdara:— Seniňki dogry - diýip jogap berdiler.Şondan soň Dykma serdar olaryň öz diýenindençykmajakdygyna göz ýetirip, özi çetde durup, kişi eli bilen otgorsamaga başlady. Ýoldaşlaryna garap:— Men bu ýerde galaýyn. Siz gidiň-de, Dykma siziň üçinorslarda girew otyr, siz barmasaňyz ony goýberjek däller diýiň.Şeýtmeseňiz, olar gitmez - diýdi. Olaryň näme diýse etmägetaýýardygyny eşidenden soň, kimiň kimiň ýanyna gitmelidiginiaýdyp, birnäçe atlyny ýola saldy.Dykma serdar Seýitmyrat begi öz ýanyna çagyryp onuňbilen aýratyn gürleşdi. Özüniň Hal mollanyň ýanynagitjekdigini, onuň ýanynda görjek çärelerini, Hal molla berjekwadalaryny gürrüň berdi. Onuň özüne hem birnäçe ýumuş


tabşyrdy. Öwezmyrat batyryň ýanyna baryp, ony hem gitmägeyrmagy-da Seýitmyrat begiň boýnuna ýükledi.Şondan soň il arasynda “serdar hem batyrlar üçin orslarDykma serdary girew saklap otyrmyşlar, eger olar barmasalar,Dykma serdar öldüriljekmiş” diýen habar ýaýrady. Bu habaryatly-abraýly adamlar gelip aýdansoň, Gulbatyr serdar,Öwezguly serdar ýaly serdarlar hem Skobelewiň ýanynagidýan wekilleriň hataryna goşulyp gitdiler. Ýöne Öwezmyratbatyry gitmäge yrmak Seýitmyrat bege başartmady.Seýitmyrat beg Öwezmyrat batyryň ýanyna baryp, “batyr,şeýle ýagdaýlar bar, senem ors baýarynyň ýanyna barmasaňboljak däl” diýip gürrüň berdi. Emma Öwezmyrat batyr onuňözüniň üstüne gygyrdy.— Eger men barmamda, asman bilen ýer tapyşýanam bolsasen meniň gapymdan gelme! - diýdi. - Düşdüňmi? Eger indigaýdyp gapymdan geläýseň hökman çaparyn! Düşdüňmi? Git,binamys!Öwezmyrat batyr ony urjakdy. Emma şol wagt onuňişiginde Gandym aksakgal otyrdy. Öwezmyrat batyr şondanutandy. Seýitmyrat beg:— Gandym kaka, görýärmiň munuň aýdýanyny? Dilegidüşüp, gapydan baranda kimiň-kimdigini bilerem welin, şuwagt agzyna gelenini aýdyp dur-da. Başyna iş düşende


garyndaşyny tanar - diýip, Gandym aksakgala ýüz tutupboýurgandy. Gandym aksakgal bolsa:— Beýle gürrüň aýdýan adamyň saňa dilegi düşmez,hanym. Bar, öz ugruňa oýnaber - diýip, gaýta Seýitmyrat begibir nakys akmajyk çaga hatarynda tutdy. Gandym aksakgalyňagyz uluňyny aňan Öwezmyrat batyr:— Sen gözümiň öňünden tizräk ýit. Bolmasa, elim degse,gaty deger saňa. Haýal etseň, hökman çaparyn seni- diýiphemle urdy. Seýitmyrat beg rejäniň geň däldigini bilip, ýokbolup gitdi.Şondap soň Dykma serdar bilen Seýitmyrat beg Öwezmyratbatyryň garşysyna ellerinden gelen çäreleri görüp başladylar.Skobelew Aşgabady alandan son Ahal tekeleriniň lap edenionuň töweregine ýygnandy. Skobelew her gelendenÖwezmyrat batyr hakda soraýardy. Dykma serdar, Seýitmyratbeg tarapyndan mazaly gandyrylan adamlaryň hemmesi edil dildüwşen ýaly: “Öwezmyrat batyr entek gylyjyny taşlanok, özüniýeňlen hasaplanok. Heniz onuň hyrşy bar. Onuň niýeti bozuk"diýip jogap berýärdi.Emma olar özleriniň berýän uzyn gürrüňleriniň içine özözlerinegarşy gidýän ýerleriniň bardygyny bilenokdylar.Skobelew şol öz-özlerine garşy gidýän ýerlerinden manyçykarýandyram öýdenokdylar. Olar “Öwezmyrat batyryň hyrşy


ar, ol entek ýaragyny taşlanok” diýip tekrarlasalaram,Skobelewiň “Öwezmyrat batyr Mara ýa-da başga bir ýeregitmek hyýalyny edenokmy?” diýen soragyna, “Ýok, olöýünde ýatyr, gaýta Mara gitjeklere-de gitme diýýär” diýip,edil şu meselä gezek gelende sadalyk bilen jogap berýärdiler.Skobelew şu hili gürrüňleri eşidenden soň, eger Öwezmyratbatyryň urşy dowam etdirmek niýeti bar bolsa, ol öýündeýatmazdy, diýmek, onuň niýeti bozuk däl diýen netijä geldi.Özüniň in ýakyn janyny ynanýan adamy hem dilmajykawkazlynyÖwezmyrat batyryň üstüne ibermegi ýüreginedüwdi. Ol dilmajyny ýanyna çagyrdy-da:— Sen ozalam şular ýaly işde işeňňirlik görkezdiň. Indi senÖwezmyrat batyryň ýanyna-da gidip gel. Dogry, onuň gylygyçylşyrymlyrak. Ýöne, her näme-de bolsa, kawkazadamlarynyňkydan üýtgeşik ýeri gaty az. Sen bir ýol bilenonuň ugruny tap-da, alyp gel - diýip, ony Öwezmyrat batyryňüstüne iberdi.Seýitmyrat beg bilen Dykma serdar bolsa özleri bir agyz sözaýtman, başgalaryň dili bilen Öwezmyrat batyry Skobelewiňýanynda ýamanlaýyşlaryna ynanyp, munuň üçin özýanlaryndan hoşal bolup ýörişlerine Öwezmyrat batyryň üstüneýörite adam ugradylanyndanam habarsyz galdylar.


* * *Ýeriň-suwuň üç-dört güne çeken jedelli sanaşygyndan soňarkaýynlaşan Öwezmyrat batyr duldan asylgy duran gylyjynyalyp, süpürdi, ýaglady. Jöwher gylyjynyň tygyny gynyna saldyda,ýene duldan asdy. Onuň bu saparky gylyç asyşy hemişekiasyşyna meňzemeýärdi. Nähilidir bir üýtgeşik hereket açykgörünýärdi. Ol ýönekeý gaýyş bagynyň çatrygy tylla gülbentbilen mäkämlenen gylyja baka hyrydar göz bilen seretdi.Gaýyş bagyna boýdan-başa düzülen kümüş gyýaklaryňarasynda tylla gülbent daň saz berip barýan wagtlary owunjakýyldyzlaryň arasynda lowurdaýan daň ýyldyzyna meňzeýärdi.Öwezmyrat batyr göýä gylyjyny bir meýdanda taşlap, onuňbilen ömür-baky hoşlaşyp aýrylyşýan ýaly, iç işikde durubamony ýaňadandan bir sapar synlady. Onsoň alňasaman daşçykdy. Iým iýip duran gyr at eýesinin söýgüli gylyjyndan elçekip çykanyny duýýan ýaly, torbaly kellesini bulap bir hilihereket etdi. Öwezmyrat batyr:— At gazykda, gylyç dulda durmaly boldy- diýip, ýuwaşjahümürdedi.Gutlymyrat iki syýyny biline çalyp, telpegini bir gapdalataşlap, täze ýeten ýer paýlarynyň içinde işläp ýördi. Ol


ýetişibildiginden pil bilen ýer peşäp, öz mellekleriniň çäginepel çekýärdi.Öwezmyrat batyr atynyň torbasyny aýyrdy-da,Gutlymyradyň ýanyna bardy.— Sen ýadansyň, pili bir salym maňa-da ber diýdi. EmmaGutlymyrat:— Ýok, ýog-a, batyr, entek sen eliňe pil alma gürrüňinietmäweri. Ýaralaryň ýagşy gutulsyn - diýip, garşy çykdy.Öwezmyrat:— Meniň ýaralarym gutulyşypdyr - diýse-de, Gutlymyratşol bir diýeninde durdy:— Şol ýer-suw sanaşygynda-da iki-üç gün bassyr meýdanaçykdyň welin, ýaralaryn azarmyka diýip uly gaýgy etdik.Özüňe-de zadam diýip bilmedik... Batyr, sen enteklergymyldajak bolma.Bolmajagyna gözi ýeten Öwezmyrat batyra “ony eýle et,muny beýle et” diýip, Gutlymyrada maslahat bermekden başgaýol galmady.Öýlerinde Öwezmyrat batyr bilen Gutlymyradyň arasyndadiňe ýekeje pilleri bardy. Öwezmyrat batyr öz ýanyndan: “Indipiliňem gerek ýeri boljak. Demirçä bize bir pil ýasap berdiýmeli” diýip oýlandy. Bir meýdan aýak üstünde oturyp,


Gutlymyradyň işini synlady. Ýa oturmak ýüregine düşdi, ýa-daGutlymyrada haýpy geldi, ol bir salymdan soň:— Aý, Gutlymyrat, bu dünýäň işini birden gutaryp bolmaz.Ýör, gaýdaly. Dem-dynjyňy alarlar. Soňurrak ýene gelipişlärler. Bu işi irginsizlik ýeňer - diýdi.— Batyr, sen öýe bar. Men şujagaz ýerimi bitirip baraýyn -diýip, Gutlymyrat ony öýe ugratdy.Öwezmyrat batyr ýaňy öýe ýetip, işikden giripdi welin,obanyň ileri çetinden on-on bäş atly göründi. Bu atlylaryňöňüne düşüp gelýäniň egnindäki çini guşluk galyp barýangünüň aşagynda ýalpyldaýardy. Şol üýtgeşik atlylar obanyň birçetine aralaşanda, obanyň uludan-kiçä ähli itleri baş göterip,özleriniň bar güýji bilen bogazlaryna sygdygyndan şolara bakaüýrüp hem topulyp başladylar. Obanyň içinde gowgaturuzdylar. Oýnap ýören oglanjyklar:— Ors gelýär! - diýşip, öýli öýlerine, çatmaly çatmalarynagaçyp girdiler. Daşda-içde öz işleri bilen bolup ýören aýallardaöýlerine kürsäp urdular. Öýde oturan erkek kişiler bolsa daşçykyşdylar.Bu çinini ýalpyldadyp gelýän Skobelewiň Öwezmyratbatyryň üstüne iberen ynamdar dilmajydy. Ol obanyň çetinegelende, Öwezmyrat batyryň öýüni sorady. Öz çatmasynyňişiginde duran bir adam:


— Hol görnüp oturan tam - diýip salgy berdi. Öl indisoragsyz, dogry şol tamjagaza tarap sürüp barýardy.Gutlymyrat piline söýendi-de, gara görnüm ýerden gelýänatlylara syn etmäge durdy. Ol bir meýdan gözüni aýyrmansynlandan soň, atlylaryň dogry özlerine baka sürýändikleriniaňlap, pilini gapdalyna tutup, öýe baka ylgady.Dogry Öwezmyrat batyryňka sürülýändigini gören obaadamlary hem: “Özler-ä batyryňka baka barýarlar, hernäeýgilik bolsun-da” diýşip, howatyrlanyşyp başladylar. “Kimbilýär, bir şugul batyry ýamanlandyr” diýýänem bardy.Gutlymyrat ylgap işige bardy-da:— Batyr!-diýip, haslap demini aldy.- Atly orslar gönibiziňkä baka gelýär. Beýiklerem öňlerine düşüp gelýär.— Gelseler gelsin-dä, Gutlymyrat, belki, işleri-dertleribardyr-diýip, Öwezmyrat batyr äwmezdi bilen jogap berýänýalydy welin, sözüniň ahyrynda: - Näme dogry biziňkägelýärmi! - diýip soramagy onuňam ýüreginde az-kem howsalapeýda bolandygyny aňladýardy.— Hawa, hawa, batyr. Gylyjyňy-zadyňy guşansaň nädýär,heniz wagt bar - diýip, Gutlymyrat gyssanmaç gürledi. Ulyhowsala düşen Mamagül bilen Täzegül egrip duran ýüňlerinitaşlap, aňkarylyşyp otyrdylar.Öwezmyrat batyr bir oturyşyny üýtgetmedi-de:


— Men indi gylyç guşanmagy taşladym, Gutlymyrat -diýip,onuň ýüzüne seretdi.— Onda näme iş etmeli bolarys ahyry?-diýip, Gutlymyrathowsalaly bir ses bilen sorag berdi. Öwezmyrat batyr:— Başa näme gelse görübermeli bolarys - diýdi.Eli işe barman oturan Mamagül umytsyz seslendi:— Eýgilik bol-a, özleri her kim ýurtly ýurduna barmalydiýip jar çagyrdybam şeýle edilermi, janlarym.Öwezmyrat batyr daş çykdy. Gutlymyrat hem onuň yzybilen çykyp, onuň arkasynda durdy. Atlylar eýýäm alkymlapgelipdiler. Tama ýetmäge on-on bäş ädim galanda, atlylaryňöňüne düşüp gelýän beýik ýeňillik bilen atdan düşdi. Olatyndan düşüp-düşmänkä yzkylaryň biri gelip, onuň atynyňjylawyny elinden aldy. Ol beýik atdan düşdi-de:— Öwezmyrat batyr, salawmaleýkim! - diýip, göýäÖwezmyrat batyr bilen ençeme ýyllap dost bolup gezen adamýaly salam berdi. Görüşmek niýeti bilen iki elini serip, işikdesanjylyp duran Öwezmyrada tarap giň ädim ätläp ugrady. OlÖwezmyrat batyr bilenem, Gutlymyrat bilenem elleşip görüşdide:— Batyr, biz-ä seniňkä myhman geldik - diýdi.— Köp ýagşy, hoş gelipsiňiz - diýip, Öwezmyrat batyr birhili utançly ýagdaýda eýlesine-beýlesine seretdi. Ol ilki bilen


myhmanlary nirede oturdarkam diýip gaýgy etdi. Soň bularasöwşi nireden taparkam diýip pikir etdi. Onsoň myhmanynaýüzlendi. - Biziň jaýymyzyňam ugry ýok. Eger myhmanlaraýyplaşmasa, daşardan oturybersek niçik bolýar?Ol beýik:— Batyr, aýby bolmaz, köp ýagşy - diýip, göwni açyklykbilen gürledi.Gutlymyrat düşek çykarmak üçin eýýäm öýe giripdi. Ol:— Bize hudaý bakdy, ine iň beýigiň özi öz aýagy bilenmyhman geldi - diýip, Mamagül bilen Täzegüle buşlady.Gorkudan ýaňa bogazlary tüýdüge dönen Mamagül bilenTäzegül diňe şundan soň arkaýynlaşdylar. Aman batyr gelendeowadan gyzyl gülli bir keçe getiripdi. Şol abraýlaýdy. Bolmasabularyň içerisinde ile menzeş bir düşek-de ýokdy. Gutlymyratullakan keçäni gujaklap çykardy-da, işikdäki sekiniň üstünedüşedi.Howsala düşen adamlar hem töwerekden ýygnanyşypbaşladylar. Gandym aksakgal hemme kişiden öň gyssanypgeldi. Ol aljyraňly halda aňyrdan gelşine nämedir bir zatlardiýmäge synandy. Emma Öwezmyrat batyr:— Gandym kaka, elimiziň ýukarak wagty myhmanamüstümizi basaýdy. Bizä nätjegimizem bilmän durandyrys -diýip, ondan öňürtdi.


Aňyrdan gelen beýik gazaba çykyp gelmändir-de, “menmyhman” diýip gelipdir. Gandym aksakgal muňa dessinedüşündi. Arkaýynlaşdy.— Hanym, hiç gyssanmagyn. Elimiz ýuka däldir. Gelenmyhmana zat tapylar - diýdi. Soňra Gutlymyrada tarap öwrüldi.-Gutlymyrat, bar öýden şol uly halyny alyp gel. Oglanlara-daaýt, dessine şol öweji getirip soýsunlar - diýip buýurdy.Gutlymyrat çaltlyk bilen gitdi. Ol aradan salym geçmänkä,ullakan halyny getirip, keçäniň gapdalynda ýazdy.Heniz myhmanlaram, öý eýelerem - hemmesi aýak üstündedurdy. “Myhman ataňdan uly” diýen atalar sözüni berk saklap,her kim myhmanlaryň oturaryna garaşýardy.— Baýar, düşek üstüne geçiň! - diýip, Öwezmyrat batyr elibilen orun görkezdi.Gelen beýik halynyň üstüne geçdi. Onuň yzyndan Gandymaksakgal köwşüni çykaryp, halynyň üstüne geçdi hem gelenbeýigiň, gapdalynda oturdy. Töwerekden ýygnanan ýaşulularhem çem gelen ýerlerinde oturyşdylar. Ýaş ýigitleriň daştöwereklerdebolup duruşlary “näme buýursaňyz, biz bitirmägetaýýar” diýip durana meňzeýärdi. Öwezmyrat batyr Mamagülbilen Täzegüle nämelerdir bir zatlar tabşyryşdyrdy. Eýýäm ikisany ýigit semiz öweji getirip soýmaga başlady. Ýene bir-ikisany ýigit ojak gazýardy. Gutlymyrat bir ýigit bilen ullakan


gazany gerňäp gelýärdi. Heniz aýak üstünde duran Öwezmyratbatyr işleriň ýola düşüp ugranyny görüp, myhmanynyň ýanynageçdi. Birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly ýerinden turdy.— Baýar, olar näme düşek üstüne geçmediler? - diýip, ononbäş ädim açyklykda atlarynyň ýanynda duran soldatlaraseretdi. “Atlaryny tutuň!” diýip, oba ýigitlerine buýurmakçyboldy. Emma gelen beýik:— Olar şol ýerde bolar - diýdi.Ýog-a, beýle bolup bilmez. Olar bärik geçmeli bolarlar - diýip,Öwezmyrat batyr garşylyk görkezdi. Emma ol beýik ýene:— Öwezmyrat batyr, kanun şeýle, düzgün şeýle. Soldatlaraşol ýeri bolar-diýip gaýtalady. Her näme-de bolsa Öwezmyratbatyr bir az pikirlendi-de:— Baýar, näme-de bolsa, şu wagt siz biziň işigimizdengelen myhmansyňyz. Kanunyňyz-düzgüniňiz bolsa, özişigiňizde ediberiň. Biziň işigimizden gelen myhman şa-dabolsa bir, geda-da bolsa. Şeýle bolmaly. Gapydan gelenmyhmana at sakladyp oturmagy biz halamarys - diýdi. Onsoňoba ýigitlerine gygyrdy. - Myhmanlaryň atyny tutuň!Ýigitler öň hem soldatlaryň atlaryny tutmak hem daňmakhyýalyndadylar welin, soldatlar atlaryňyň başyny berk tutuşypoturanlaryndan soň, baryp ýapyşybermäge çekinişip, olaryňdüzgünlerine geňirgenişip durdular.


Gelen beýik hem oturan ýerinden rus dilinde bir zatlar diýipgygyrdy. Diňe şondan soň soldatlar atlarynyň başynytöwerekden baranlara ynanyp berdiler hem göýä gorkuly ýalybir hereket bilen iki-ýekeden gelip, halynyň gapdalyndakykeçäniň çetlerinde ornaşdylar. Gazyklar kakylyp, myhmanlaryňatlary daňyldy.Öwezmyrat batyr göýä özlerine “turuň, ýok boluň!”diýläýjek ýaly bolşup keçäniň erňeginde oturan soldatlarabilesigelijilik bilen seretdi-de, pikire gitdi. Beýik “soldatlaraşol ýeri bolýar, kanun” diýende Öwezmyrat batyryň ýadynaStepan düşüpdi. Onuň patyşaňyň kanuny hakda edip berengürrüňleri ýadyna düşüpdi. Indi bolsa ol äden ýerinde Stepanyňgürrüňleriniň ýadyna düşüp durjakdygyna göz ýetirdi. Ol öziçinden: “Bu oturan bilen ol oturanlaryň arasynda nämetapawut bar? Olaram adam, bu-da adam. Ýa-da bu oturangökden düşmändir ahyry. Heý, beýle-de bir kanun, beýle-de birdüzgün bolarmy?” diýip oýlandy.— Baýar, öýümize gelen myhman öz öýlerine gelen ýalyornaşyp otursa, şonda biziň göwnümiz ynjalýar. Olara aýt,utanman, çekinmän jaýdar otursynlar - diýdi.Bu adam türkmenleriň myhmanparazlygy hakda gaty köpgürrüňler eşiden adamdy. Skobelewiň tabşyrygyny hem şu hiliýol bilen barsam, bitirip bilerin diýen ynam bilen gaýdypdy. Ol


Öwezmyrat batyryň myhmanlaryny alada edýändigini aňlandansoň, özüniň ynanjynyň başa barjakdygyna düşündi,soldatlaryna arkaýyn ornaşykly oturmagy tabşyrdy. Soldatlaroturyşlaryny az-kem düzetdiler. Öwezmyrat batyr diňe şondansoň birneme ynjaldy.Az salym geçenden soň, Gandym aksakgal ilki bolupgürrüňe başlady:— Baýar, siziň aslyňyz nä halkdyr? - diýip, mylaýym gojasesi bilen sorady. Halynyň gölüne seredip, eliniň aýasy bilengölüň üstünden sypady. Baýar:— Kawkazly - diýip, gysgajyk jogap berdi. Gandymaksakgal:— Şeýle diýsene, gapgazly diýsene. Köp ýagşy, köp ýagşy- diýip gaýtalady. - Soraşyp-ideşmek aýyp däl, baýar, siziňadyňyza kim diýerler?Agaç etli, bugdaý reňk at ýüzli, kyrk bäş ýaşlar çemesindäkiadam ullakan burnunyň öňündäki murtuny sypalady-da:— Knýaz Mergen - diýip jogap berdi. Onuň “knýaz” diýeniGandym aksakgala “kinas” bolup eşidildi. Gandym aksakgal aksakgalyny sypalap, onuň ady bilen ýüz keşbini deňeşdiripgörýän dek ýüzüne syn etdi.— Kinas Mergen. Kinas Mergen. Köp gowy, örän gowy -diýip gaýtalady. Soň gürrüňi uzaldyp, Kawkazyň taryhyna


degişli soraglar berip başlady. - Kinas Mergen diýýän-ä, buGapgaz nähili ýurt bolýar? Onda nähili adamlar ýaşaýar?Knýaz Mergen Gandym aksakgalyň hemme soraglarynagöwnühoşluk bilen jogap berýärdi, giňden düşündirýärdi.Öwejiň gaýnatmasy ýetişdi. Çanaklara çörek dogralyp,myhmanlara nahar çekildi. Nahar iýlip gutarylandan soň knýazMergen:— Öwezmyrat batyr, meniň seniň ýanyňa gelmegimdenmaksadym, şu meni beýigimiz iberdi - diýip, özüniň çakylykçybolup gelendigini aýtdy.— Mergen aga, biziň beýigiň ýanyna barasy işimiz ýok.Beýigiň ýanyna il agalary, ýurt aksakgallary barandyr. Bize şolbolýar. Meniň ýalylaryň o taýda näme işi bar?-diýip,Öwezmyrat batyr sypaýyçylyk bilen özüniň gitmejekdiginiaýtdy. Emma knýaz Mergen hem ýörite şu işi bitirmek üçingelendigini, Öwezmyrat batyry alyp gelmegi boýun alypgaýdandygyny gaýtalap:— Men seni özüm bilen alyp barmasam, beýigimiziňýanyna baryp bilmerin - diýip, bir tutan ýerini tutdy.Öwezmyrat batyr hem özüniň bir eňegine tutup beýigiň ýanynabaryp bilmejekdigini aýtdy. Gürleşip, ýaňkalaşyp, ahyry çynaçykyşanlaryndan soň, şu wagta çenli sesini çykarman oturanGandym aksakgal gürrüňe goşuldy.


— Batyr, her näme-de bolsa seni çagyrýan bir uly ýurduňpatyşasynyň beýigidir. Ol seniň üstüňe özüniň bir abraýlyadamyny ýörite iberipdir. Şundan soňam “gitmen” diýipoturmagyň aýypdyr. Onyň tekepbirlik bolar. “Çagyrylan ýereirinme, çagyrylmadyk ýerde görünme” diýip, köneleroýnamaga aýdan däldir. Çagyrylan ýeriňe bararlar - diýip,Öwezmyrat batyra töwella etdi.— Gandym aksakgal dogry aýdýar - diýip, knýaz Mergentassyklar goýdy.— Gandym kaka, ilden-günden utanman, men nähilibaraýyn? Menem şol dönükler ýaly il masgarasy bolaýynmy?Bolmaz ahyry : , Gandym kaka - diýip, Öwezmyrat şonda-dagarşylyk görkezdi.— Il-ulusyň öňünde masgara bolsa dönükler bolar. Sendönük däl. Sen çakylyk bilen gidýärsiň. Sen hökman gitmeli -diýip, Gandym aksakgal oňa çyny bilen gitmegi buýurdy.Ahyry Öwezmyrat batyr gitmekçi boldy. Emma:— Bu gün giç. Ertir daň bilen ugraly-diýdi. Knýaz Mergenhem:— Şu gün ugraly - diýip, näçe janyksa-da, ertir ugramagarazy bolmaly boldy. Bu gün agşam myhmanlary Gandymaksakgalyň öýleriniň birinde ýerleşdirdiler.Ertesi ugramakçy bolanlarynda Gandym aksakgal:


— Bilip bolmaýar, nä wagt, nä zamana. Onsoňam bu birýaraly adam. Munuň ýanyna bir adam goşsak ýagşy bolardy -diýdi. Öwezmyrat batyryň:— Adamyň geregi ýok. Heläk bolmasyn - diýenine-debakmady.— At tutmaga ýarar hem gaýdyşyn höwür bolar - diýip,özüniň on sekiz ýaşly ogluny atyna mündürip, ýanyna goşdy.Bular gaty ir ugradylar. Bular ýola düşende gije ýaňyýarymdan agypdy. Şonuň üçinem olar gün guşluk galypgalmanka,Skobelewiň düşlän depesine gelip ýetdiler.Seýitmyrat beg bilen Dykma serdar başlyklaýyn tekäniň lapedip lakam göterýäni toplanyşyp, şol henizem hoş söz tapmanýörüşleri eken. Olar henizem ýene daň bilen gelipdirler-de,Skobelewiň öýüniň agzyna jemlenipdirler. Beýigiň turarynagaraşyp sadylla bolşup durlar eken.Öwezmyrat batyr gyr atyny oýnadyp, depä çykdy welin, buduranlaryň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Ýüzleribir gyzaryp, bir bozardy, muzzur boldular.Knýaz Mergen Öwezmyrady daşarda goýup, özi içerik girdi.Öwezmyrat batyr bilen Gandym aksakgalyň ogly hem atdandüşdi. Göýä bu ýerde hiç kim ýok ýaly. Öwezmyrat batyrözlerine tarap gözünem aýlamansoň, Dykma serdar dagynyňarasyndan kimdir biri:


— Batyr, salawmaleýkim! - diýip seslendi. Öwezmyratbatyr ýene-de ol tarapa başynam galdyrmady. Ýöne salambereniň kimdigini sesinden tanap, başyny galdyrman, salamberene igendi:— Hamala diýersin, gala alyp, iş bitirip gelen ýaly, senemgylyjyňy süýräp bularyň arasyndamydyň? Seniň bularyňarasynda bolmagyň gerek däl eken.Öwezmyrat batyryň bu duranlara şeýle bir gahary geldi, ikigözi edil gan guýlan ýaly gyzardy. Ol özüniň gaharyny basmaküçin atynyň o ýan-bu ýanyny dyrmalan bolup güýmenjekboldy. Emma ol azajyk wagt hem bolsa şular bilen bir işikdedurmaga tap getirip bilmedi. Olara, aýratynam Seýitmyrat begbilen Dykma serdara agzyndan gelenini sögüp, enesine-atasynaýetesi geldi. Ýene bularyň arasyndaky sada, bigünä adamlarýadyna düşüp pikirlendi. Ýöne ýene kellesine “her näme-debolsa, ýeri gelende gepi bökdemek haýyp” diýen pikir geldi.Aty bilen boýdaş bolup, çep elini eýeriniň gaşyna urdy.Ýanyndaky ýetginjek ýoldaşyna gürrüň berýän äheňde gaharlykäýinjiredi:— Bular-a sered-ä, ömründe gylyjy gynyndan çykarmagybilmeýän adamlar biline gylyç guşanyp, eneleriniň aşpyçagynam guşagyna gysdyryp, şu gapa gelipdirler. Namyslyadamlar şeýle gapylara zor bilen getirilende-de özüni gizläsi


gelýär. Bu binamyslara sered-ä. Binamyslar, bolmandagylyjyňyzy, pyçagyňyzy eneňiziň çemçe torbasyna salyp,gizläp gelmeli ekeniňiz ahyry... Emma namysjaň il-ulusyňnamysjan gyz-gelinlerem şeýle ýaranjaňlyk, binamyslyketmez.-Ol sagyndy. “Şeýle binamys gyz-gelinlerem siziňmaşgalaňyzda tapylar” diýesi geldi. Ýene ejap edip saklandy.-Namysly merdiň ölümi bir bolar, binamys ýaranjaň dönüklerher gün ýüz ölüp, ýüz direler - diýip, sözüniň üstüne goşdy.Onsoň daş-töwerekde keserip ýatan köne galanyň ýykykganatlaryna, somalyşyp oturan, ýemrilişen burçlaryna nazarynydikdi.Öz atynyň başyny tutup duran ýetginjegiň Öwezmyratbatyryň bulara aýdýan gürrüňlerini diňlemäge ýüzi çydamady,atynyň yk tarapyna geçip, ony sem bolup duran aksakgallarbilen ara taşa etdi. Olar sem bolup durdular, ýerden sedaçykýardy, olardan çykanokdy.Öwezmyrat batyr gala ganatlaryny synlamagyny dowametdirdi. Onuň göwnüne galanyň her jaýrygyndan adamlarboýnuny uzadyşyp: “Öwezmyrat, näme sagyndyň? Bularyňbinamys dönükdigine biz şaýat” diýşip, goltgy berýän ýalyboldy. Ol ýene-de nämedir bir zatlar diýmäge synanan wagtyknýaz Mergen işikden boýnuny uzadyp:


— Batyr, beýigimiz çagyrýar - diýip habar berdi.Öwezmyrat batyr atynyň başyny ýoldaşyna berip, öýe girdi.Oslagsyz ýerden Öwezmyrat batyryň gelip çykmagy, öňhem ýakymly gürrüň eşitmäge zar bolup duran Seýitmyrat begdagynyň ýüregine wehim saldy. Seýitmyrat beg zowzuldapbaşlady, Gandym aksakgalyň oglunyň ýanyna gelip o ýan, buýan gürrüň eden boldy. Muny oglansyradyp, Öwezmyratbatyryň nähili bolup bu ýere düşeniniň syryny bilmekçi boldy.Emma bu ýetginjek hem:— Men-ä şularyň nähili bolup gaýdanlaryny bilmedim.Ýöne kakam gijäniň bir wagty ukudan turuzdy hem “Batyrkakaň bilen bile git” diýip ugratdy. Şondan başga bilýän zadymýok - diýip, özüni mönlüge saldy. Seýitmyrat beg ondanmundandürtgeşdirip, ýolda-yzda geplenen geplerden manytapjak boldy. “Öwezmyrat ýolda ýoldaşy bilen gaharlygürleşýärmidi, ýönekeý gürleşýärmidi, gülüşýärmidi?” diýenýaly soraglar berişdirdi.Gandym aksakgalyň ogly henize çenli şeýle gajymallykdüzen oglan däldi. Aslynda ol sada, türkana oglandy. ÝöneÖwezmyrat batyryň ýaňky gürrüňleri onuň ýüregindegajymallyk döremegine sebäp bolan bolmaga çemeli, ol:— Hawa, olar käwagt şeýle gaharlanyşýardylar, menemgorkup başlaýardym. Birdenem ýönekeý gürleşýärdiler, hatda


gülüşýärdilerem. Ýolda baýar batyr kakama birnäçe saparçilimem berdi - diýip düýbünden bolmadyk zatlary hemtoslaşdyryp aýtdy. Seýitmyrat beg käbir duşwarrak, çylşyrymlysoraglar berende bolsa:— Şony welin bilmedim. Şony batyr kakamyň özündensora, şol biler -diýip, gaçalak edýärdi. Ahyry Seýitmyrat beg buýetginjegiň gürrüňinden baş çykaryp bilmän, lapykeç bolupgitdi.Knýaz Mergen ýanyna giren wagtynda Skobelew ýaňyukudan turupdy. Ol heniz daşky geýimlerini hem oňlygeýmäge ýetişmändi. Ol knýaz Mergeniň gürrüňini diňleýärkä,geýimlerini geýdi. Knýaz Mergen bolan işleri hem gürrüňleribolşy ýaly aýtdy. Soň Skobelew knýaz Mergenden Öwezmyratbatyryň gylyk-häsiýeti barada aňlan zatlaryny gysgajyk gürrüňbermegini talap etdi. Knýaz Mergen Öwezmyrat batyryňgylyk-häsiýetini doly öwrenip ýetişmedigem bolsa az-kem özbilenini aýtdy.— Çagyr, gelsin! - diýip, Skobelew heniz iligini ildirmedikkürtekçesiniň iliklerini ildirip, özüni tijedi. Öwezmyrat batyrişikden girende, ol:— Salawmaleýkim! - diýip, ony iç işikde garşylady. Onuňbilen iki elini uzadyp görüşdi. Ol häzirlikçe türkmençeöwrenen diňe “salawmaleýkim” sözüni aýtmak hem görüşmek


däbini berjaý edenden soň, iki elini arkasyma tutdy-da, yzynabaka öwrüldi. Iki ädim öňe baka ädimläp, ýene yzyna dolandy,görşen ýerlerinde butnaman duran Öwezmyrat batyry gaýtadansyndan geçirmäge durdy. Teletinden tikilen bökejem ädigiňüstüne agzy bir gulaç gyrmyzy balak bürelipdir. Ädiginiň diňebaşlygy görünýär. Egnine agar çäkmen geýip, bilini sütükguşak bilen sarapdyr. Ýakasy bejerilen ak köýnegi ýakasy ebşirguşalmadyk çäkmeniniň içinden görünýär. Başynda ak telpek.Onuň murty şeýle uzyn hem bolmasa, ýokary gaýdyp,towlanyp durşy, onuň ýaldyrap duran ullakan gara gözlerinihas hem görke getirýär. Heniz boýy ýetmedik hem bolsa, onuňeňeginden hüjüm berip çykan güri gara sakgaly bu sypatyhaýbatly bir görnüşe getirýär. Skobelew onuň aýagyndanbaşlap tä zömmek telpeginiň depesine çenli gözden geçirdi. Iňsoňunda onuň guşagyna dakylan şakyr-şukurlaryna ikinji gezekhem göz aýlady. Öwezmyrat batyryň urşa ýa-da başga bir işeýolagçy bolanda hemişe ýanynda göterýän şakyr-şukurlarynyňhemmesi häzirem bilindedi. Olaryň içinde has göze ilginjrägibir gary bizden tikilen temmäki haltasydy. Onuň agyz tarapynyguşagyna gysdyrypdyr welin, aşagy dyzynyň üstüne düşüpdurdy. Teletinden tikilen başga birnäçe gapjagazlar - guty,serkeç ýaly zatlar guşagyndan asylgydy. Teletinden ýöritetikilen suw gabyny - mytarasyny egninden heýkelleýin


asypdyr. Şolaryň arasynda gök demir tohumyndan diňe çakmakdemri guşagyndan asylgy durdy. Ýarag ugrundan bolsa onuňguşagyna gysdyrylan ak saply, kümüş gynly pyçagyndan başgazat ýokdy. Skobelew bir gapdalda ýazylan ullakan haly düşegigörkezdi-de, öz ene dilinde bir zatlar diýdi. Onuň näme diýeniÖwezmyrat üçin düşnüklidi. Emma bir gapdalda duran knýazMergen:— Beýik oturyň diýýär - diýip, onuň aýdanlaryny terjimeetdi.Öwezmyrat batyr geçip oturdy. Skobelew hem özüniňýolagçylykda göterýän stolunyň başyna geçip oturdy. KnýazMergen hem oturdy. Skobelewiň Öwezmyrat batyra berenbirinji soragy:— Hany, biliňde gylyjyň ýok-la. Ony nätdiň? -diýen soragboldy. Knýaz Mergen Skobelewiň sözlerini terjime edendensoň, Öwezmyrat batyr hamala knýaz Mergeniň özi bilengürleşýän ýaly, oňa baka dikilip:— Men ýaragymy taşladym -diýdi.— Onda bu pyçagy näme taşlamandyr?Skobelewiň soragyny knýaz Mergen terjime edenden soň,Öwezmyrat batyr ýene onuň özüne ýüzlendi:Mergen aga mundan ýarag bolmaz. Bu häki bir itden-zatdangoranmak üçin göteriläýýär.


Knýaz Mergen ýene Skobelewiň sözlerini terjime etdi:— Onuň bilen ýeke dört aýaklylaryň däl, ikiaýaklylaryňam hötdesinden gelse boljak.— Mergen aga, ol aýdýanyň dogry. Iki aýaklylaryň içindedeitleriniň bardygyny ýadyňyzdaň çykarmaň - diýip,Öwezmyrat batyr ýylgyrdy.Skobelew bu jogaby dogry tapan bolsa gerek, sesiniçykarman tassyklan ýaly etdi. Soň ol başga-da birnäçe sowalberdi. Öwezmyrat batyr hem şol bir sadalygy bilen jogap berdi.Gürrüň gidip durka Skobelew birden:— Şol meni tutmaga synanan senmidiň? - diýip, mortasorag berdi.— Hawa, mendim - diýip, Öwezmyrat batyr bu gezekSkobelewiň göni ýüzüne dikanlap aýtdy. Skobelew özüni nämemaksat bilen tutmakçy bolandyklaryny, tutan bolsalar nämeetmekçi ekendiklerini soraşdyrdy. Ýerinden turup, Öwezmyratbatyryň golaýragyna baryp, onuň jogabyna garaşdy.Öwezmyrat batyr bir durkuny saklap gürrüň berip başlady:— Hawa, maksatsyz iş ýok. Biz sen ak patyşanyňdoganoglanymyşyň hem iň bir gerekli adamlarynyň birimişiňdiýip eşitdik. Eger biz seni diri ele salan bolsak, onda ak patyşabilen ýagşyja söwda etjekdik. Biziň ýurdumyza hat-galam bilen


şert edişip, seni şol baha bermekçidik. Biziň maksadymyz, ineşoldy. Arman, seni gola salyp bilmedik.Skobelew bu maksada geň galdy-da, süýem barmagynyňujuny agzyna saldy. Öwrülip ýerine baryp oturdy.Skobelew esli wagtlap sesini çykarman oturdy. Onsoň birzatlar diýip, knýaz Mergene ýüzlendi. Knýaz Mergen daşçykyp gitdi. Ol ýene tiz öwrülip geldi. Onuň yzy bilen gelen biradam ýasy mejimäniň üstünde goýlan gaplarda bir zatlargetirdi. Bu gelen Skobelewiň hut özüniň aşpezidi. Skobelew öziberen adamyny Öwezmyrat batyryň myhmanlaryna jogapedip, özüniň ertirlik nahar-çaýyny myhmany bilen bileedinmegi ýüregine düwüpdi.Knýaz Mergen Skobelewiň tabşyrygy bilen bularyň atlarynyteblede berkledip, atlary saklap duran ýetginjegi hem alypgeldi. Ol öýe girende basyrganyp turan ýaly, bir hili kürtdüripdurdy. Öýüň içiniň bezegine göz aýlady. Skobelewiň ýüzünedikanlap seretdi. Skobelew elini hereketlendirip bir zatlardiýdi. Emma ýetginjek henizem sömelip durdy. KnýazMergen:— Geç, otur - diýenden soň, ol halynyň erňegine geçipoturdy.Her kimiň öňünde biri-birine menzeş gaplarda aýry-aýrynahar goýuldy. Öwezmyrat batyr öz ýanyndan “her kime aýry-


aýry nahar goýmak düzgüni hiç kimiň biri-birine karametmezligi üçin edilýändir” diýip oýlandy. Öz ýanyndanöňündäki gaby çaklap gördi. Içindäkini juda ujypsyzhasaplady. “Naharyň bişmegine howlugýan çaga naharyňduzlugy guýlup berilýän okara ýaly, bu gapdan-a adamdoýurmak bolmaz” diýip pikir etdi. Myhman bolan ýeri hanyňöýümi, begiň öýümi ýa-da ýönekeý bir garybyň öýümi, kimiňöýi bolsa bolsun, tapawudy ýok, öňünde goýlan naharyutanmagy-çekinmegi göwnüne-de getirmän, begsiremegiýadyna-da salman, tä doýýança iýmek Öwezmyrat batyryň aslyhäsiýetidi. Ol iki-üç sapar garbansam gutararyn diýip çaklannaharyny gutaryp bilmän doýanyny duýman galdy. Ol özüniňçenini çykarjak bolup, soňa baka zor edip iýdi. Ol iň soňky etbölegini göwünli-göwünsiz çeýnäp otyrka: “Elbetde, gijeýöräp, ajyganymdan soň, gap meniň gözüme kiçi görnendir,ýogsa jadyly gap däl ahyry” diýip, pikirlendi. Öňündäki gabyňiç-daşyna ýaňadandan bir gezek göz aýlady.Nahardan soň çaý getirdiler. Skobelew nahar bilen arasyüzülen gürrüňi çaý başynda täzeden başlady. Ol adata hemdurmuşa degişli birnäçe soraglar berdi. Öwezmyrat batyrdegişli jogap gaýtardy. Skobelew bir salym pikir edip durdyda:


— Sende batyrlyk-da, mertlik-de bar. Şoňa laýyk akyldyrparasat-da bar. Emma sen ine şu suwsuz meýdanda dümebitipsiň - diýdi.Knýaz Mergen bu sözleri terjime edenden soň, Öwezmyratbatyr “zaňňar meniň ugumy ýekelejek bolýar-ow” diýipoýlandy-da ýylgyrdy. Emma Skobelew knýaz Mergeneýüzlenip, çynlakaý äheňde gürrüňini dowam etdi:— Öwezmyrat batyr belki, meniň aýtjak bolýan zadymadüşünen däldir. Ol şu bolşy bilen ylymly-medeniýetli birýurtda önüp-ösen bolsady diýýärin.Knýaz Mergen düşündirenden soň, Öwezmyrat batyr özüniňoýnaljak bolunmaýandygyna düşündi.— Düşnükli. Düşnükli - diýip, bu barada özüniň nähilipikir edýändigini aýtdy. - Belki, meni şu suwsuz meýdan şeýleöndürip-ösdürendir. Belki, şu suwsuz meýdan meni şeýlederejä ýetirendir. Şeýle bir deňli-derejeli, suwly ýaýlaklardagögerip çykan bolsam, belki, meni bekişmedik çybykwagtymda keserdiler. Ömründe düýbünden suwy aýrylmanýören agaçlaryň hem hiç bir derde ýaramaýan paklaw-boşlarytükener ýaly däl. Belki, menem şol agaçlaryň biri ýaly, boşpaklawbolup öserdim. Kim bilýär bu zatlary...Skobelew sesini çykarmady. Soňra Öwezmyrat batyryň näçeýaşyndan urşa girip başlanyny, näçe uruşlarda bolanyny


soraşdyrdy. Öwezmyrat batyr on alty ýaşyndan ata çykypbaşlanyny, kiçi uruşlary hasap etmäniňde hem Çopan batyryňserdarlygy astynda ýurt üstünde bolan iki saparky ulyçaknyşykda bolandygyny gürrüň berdi. Soňra ol Çopan batyryňgaýduwsyzlygyny, onuň uruş hünärine ökde serkerdediginitaryp etdi. Soňky çaknyşykda ok degip ölendigini aýtdy. Iňahyrda hem:— Ol öleli bäri indi on ýyl geçdi. Eger ol diri bolanbolsady, sen biziň şäherimiziň ýakynyna-da gelip bilmezdiň.Näçe goşun dökseň-de bary biderek bolardy - diýip, berk ynambilen aýtdy. Skobelew ýylgyrdy-da:— Seniň özüň diri ahyry - diýdi. Öwezmyrat batyr hyrçynydişläp, başyny ahmyrly ýaýkady:— Başsyz göwre gury läş. Arman, serdarym bolmady.Ýogsa menem diridim, ilem diridi.— Baştutanlaryňyz bar ahyry. Hanha Dykma serdar,Seýitmyrat beg, ýene-ýeneler, näme olar serdar dälmi?-diýip,Skobelew Öwezmyrat batyryň ýüzüne seretdi, Öwezmyrat onasagynman jogap berdi:— Ýala öwrenen köpeklerden ýolbaşçy, serdar bolmaz.Açgöz köpekleri bir dogramça et bilen ýa bir döwum çörekbilen aldap yzyňa düşürmek, islän ugruňa äkitmek bolar.


Skobelew bir salym dymyp oturandan soň, Dykma serdaryňýolbaşçylygy astynda tekelerden atly nöker düzjegini aýtdy,Öwezmyrat batyryň şoňa gelip gulluk etmegini teklip etdi.Emma Öwezmyrat batyr:— Dykmanyň golunyň astynda gulluk etmeg-ä däl, onuňbilen öli gömmäge-de bile gitmen-diýip, kesgin jogap berdi.Skobelew türkmenleriň hanlaryna, serdarlaryna hembatyrlaryna patyşa tarapyndan sylag hem çinbagyşlajakdygyny, şolaryň arasynda Öwezmyrat batyryň hemboljakdygyny düşündirip, ýene oňa gulluk etmegi teklip etdi.— Beýle çini götermäge men namys ederin. Il-ulusymdanutanaryn. Men gylyç götermäge-de utanýan, “oýunçyutulanyny bilse ýagşy” diýipdirler. Maňa azar bermäň,daýhançylygyma goýuň. Eger-de basylan adamyny zynjyrlapzor bilen alyp gitmek düzgüniňiz bar bolsa, onda meni alypgidiň. Ýogsa-da meni öz ygtyýaryma goýuň - diýip,Öwezmyrat batyr bu edilen teklipleriň hemmesine şol birjogabyny gaýtalady.Skobelew ahyry Öwezmyrat batyryň bir eňegindenýazmajagyny bildi-de, öz ýüreginden joşup ýadygärlik sylagberýänini aýdyp, özüniň tylla sagadyny çykaryp, onuň öňündegoýdy. Emma Öwezmyrat batyr ol sagady almakdan ýüzdönderdi.


— Men seniň bilen uruşdym. Ýene men nähili sylaga laýykbolýan? Men sylaga laýyk adam däl. Asyl men sylaghantamaçylygy bilenem gelmedim. Men ýöne seniňçakylygyňa geldim - diýdi. Skobelew bolsa:— Çakylygyma geleniň üçin ýadygärlik berýän - diýdi.Şonda-da Öwezmyrat batyr sagady almajakdygyny aýtdy.Onsoň knýaz Mergen ara düşüp:— Batyr, bir adam öz ýüreginden joşup şeýle ýadygärlikberende almasaň, şol gaty erbet görülýändir. Onda sen içikitüwli, şol ýadygärlik beren adama garşy öçli adam bolupçykarsyň. Özüň pikir et, ýagşy düşmez, bu sylagy al - diýipdüşündirdi.Öwezmyrat batyr: “Almasam, soňy gowy bolmaz-ow” diýipoýlandy-da, Skobelewe dikarynlap garady.— Beren sylagyňyza sag boluň - diýip, göýä gatyrakgeplese, hemme il-ulus eşidäýjek ýaly, ýuwaşja gepledi.Öwezmyrat batyr Skobelew bilen hoşlaşdy. Knýaz Mergenony ataryp, ýola salyp gaýdyp gelende, Skobelew oňa:— Nähili ýol bilenem bolsa şu adamyny özümize çekmeli.Bu biziň üçin gaty gerekli adam. Akylly hem gaýduwsyz adam.Sen şu işi öz üstüňe al. Onuň bilen gatnaw aç-da, ugruny tapyp,ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişdir - diýip tabşyrdy.


Öwezmyrat batyr oba gelenden soň, oba adamlary daşynaüýşdi. Ol bolan işleri bolşy ýaly gürrüň berdi. Aksakgallaryňhem serdarlaryň bolşuny aýdyp, olara sögündi. Skobelewiňberen sowallary, özüniň beren jogaplary hakda gürrüň berdi.— Aýrysakgal akylly hem gaty mert adam eken - diýdi.Gürrüňiniň iň ahyrynda bolsa:— Soňundan gorkyma etmejek işimi etmeli boldum - diýip,göýä günäkär ýaly görnüşde sylag alanyny aýdyp, sagadygörkezdi.Ömürlerinde sagat diýilýän zady birinji gezek gören tekelerony şeýle bir geň-taň görüp, elden-ele alyp seretmägebaşladylar. Hatda çetdäki oturanlar sagadyň öz üstlerineaýlanyp bararyna alňasap, sagady görüp, gulagyna tutup diňläpduran adamynyň töwereginde itinişýärdiler. Sagady synlapduran ýaşululardan biri:— Batyr, ýüreginden joşup gürrüň bereniňdeň soň,munsuny almasaň, gaty aýyp bolardy. Ýagşy edipsiň, alypsyň -diýdi.Gandym aksakgal bolsa:— “Berenden al, urandan gaç” diýipdirler. Muny almagyňhiç aýby ýok - diýdi.


Adamlar agşam ýatar wagtyna çenli gürrüň edişip we sagatdiýilýän zady ömürlerinde birinji gezek görüp, öýli-öýlerinedagadylar.Şundan birnäçe gün geçenden soň il arasyna: “Aşgabatdaşäher tutuljakmyş. Kerpiç bişirilýän kürelere meýdan çöplerinidaşasaň, ýüküni pylança gyrana alýarmyşlar. Ine, saňa gerekbolsa pul, ýüküňi eltip alyp durmalymyş...” diýen habarýaýrady. Her kim gazanç etmek üçin gidip ugrady. Öwezmyratbatyr bilen Gutlymyrat hem Aman batyryň getiren inerini alypgitdi. Bular inerlerini mas ýükläp, her gün üç-dört sapareltýärdiler hem bir giden pul alýardylar. Öwezmyrat batyr: “Buýeri puluň çeşmesi eken” diýip, oba-da barman, bular şol ýerdeiş üstünde elkinçek ýatyp işläp başladylar.Şol günleriň birinde knýaz Mergen Öwezmyrat batyrygözläp, oba bardy. Gandym aksakgal ony hormatlapmyhmanlady. Soň:— Batyr siziň ýanyňyzdadyr, Aşgabatdadyr - diýip, onuňnirededigini salgy berip goýberdi. Knýaz Mergen Öwezmyratbatyry iş üstünden tapdy-da:— Bu gün agşam meniň ýanymda myhman bol - diýip,onuň özi bilen gitmegini haýyş etdi. Öwezmyrat razylyk berip,Gutlymyrady goşda galdyryp, knýaz Mergeniň öýüne gitdi.


Öwezmyrat batyr onuň bilen baranda, öýleriň işiginde garabaýdaklaryň asylgy duranyny gördi.— Mergen aga, bu nämäniň alamaty boldugy? - diýipsorady.— Patyşamyz Aleksandr Ikinjini öldürdiler diýip, knýazMergen jogap berdi. Öwezmyrat batyr “başga bir ýurduňadamlary çozup öldürendir” diýip göwnüne getirdi-de:— Ony öldüren nä halk? - diýip sorady,— Ony öldürenlerem rus halkynyň öz adamlaryndan -diýip, knýaz Mergeniň beren jogabyna Öwezmyrat batyrhaýran galdy. Ol:— Mergen aga, hiç zat düşünmedim. O nähili ors halkynyňözi öz patyşasyny öldürýär? - diýdi.— Hawa, bar şeýle azgyn adamlar. Olar patyşanyňduşmanlarydyr. Öňem olar şu işe bäş-alty sapar synanyşdylar.Emma patyşany öldürip bilmediler. Adalatly patyşa olaryňgünäsini bagyşlady. Emma ol haramzadalar bu sapar wagttapyp, patyşany öldürdi - diýip, knýaz Mergen gürrüň berdi.Öwezmyrat batyryň ýüzündäki geň galmak alamatlarybirden göterildi-de, ýüz keşbi üýtgeşik bir görnüşe aýlandy. Olhowlukmaçlyk bilen bir zat diýmekçi boldy, emma “birdenýalňyşaýmaýyn” diýip pikir etdi-de, saklandy. Aýtmakçy bolanzadynyň deregine diňe:


— Şeýle diýsene?.. - diýip goýdy. Azajyk salym dymandansoň ýene sözüniň üstüne goşdy. - Asyl men ony öldüren aýryýurduň jansyzlarymyka diýip güman etdim.— Elbetde, şeýle adalatly patyşany öldürýänler hemjansyzlyk eder, hem satylyp dönüklik eder - diýip, knýazMergen düşündiriş berdi.Öwezmyrat batyrda nähilidir bir küýi galplyk,howlukmaçlyk duýgusy peýda boldy. Onuň näme üçindir,ýüregi howlap, daş çykyp gidiberesi geldi. Ikinji tarapdan bolsaol öz ýüreginde birdenkä oýanan şu ýürek howlama keselnigizlemek üçin onuň garşysyna jan edip göreşdi. Bu ikitolkunyň göreşinden bir hili bulançak dumanly görnüş emelegeldi. Ol ýüzüni sortduryp dymyp otyrka yzly-yzyna uludandemini aldy. Knýaz Mergen öz ýanyndan Öwezmyrat batyrdaemele gelen bu tukat gamly görnüş patyşanyň ölümine onuňçyn ýürekden gynanmagyndan peýda bolandyr diýip ynandy.— Hawa, şeýle adalatly patyşany dönükler öldürdiler -diýip tekrarlady. - Elbetde, ol dönükleriň özleri-de dirigoýulmaz. Ýöne patyşany öldürdiler-dä - diýip, sözüniň üstünegoşdy.Öwezmyrat batyr özüniň gör nirelerdedir perwazlap ýörenpikir-hyýalynyň içinde:


— Indi onuň tagtyna gör kim çykarka? - diýip, ýuwaşja,göýä gamly ýaly bir ses bilen sorady.Knýaz Mergen patyşanyň, kowumy, onuň doganlary hakdagürrüň bermäge başlady. Bu gije olaryň gürrüňi patyşanyňölümi hakda boldy. Öwezmyradyň bolşundan hem onuň käbirsoraglaryndan netije çykaran knýaz Mergen ertir SkobeleweÖwezmyrat batyr patyşanyň ölümine çyn ýürekden gynandydiýip habar bermegi ýüregine düwüp ýatdy. Ol daňa golaýoýananda hem Öwezmyrat batyryň oýadygyny onuň demalşyndan bildi.— Öwezmyrat batyr, näme üşediňmi? - diýip sorag berdi.Öwezmyrat batyr bu gijäni uklaman, diňe ýarym ukulyalasarmyk ýagdaýda tamamlap barýardy, Şonda-da ol:— Ýok, Mergen aga, men gaty gowy hem ýyly ýatdym -diýip, sypaýyçylyk etdi. - Ýöne ýaňyrak düýşürgäp oýandym.Ertirden soň ol işine ýetişmegi bahanalap, tizräk gitmägehowlukdy. Knýaz Mergen:— Batyr, şu edip ýören işiň saňa ýaraşýan iş däl - diýip,onuň bolup ýörşüni oňlamaýandygyny aýtdy. - Bir ýurduň atlybatyrynyň düýe bilen ýandak, çöp-çalam daşap ýörmegigelşikli zat däl. Sen biziň beýigimiziň aýdanlaryny tut.— Mergen aga, bu aýdýanlaryň dogry - diýip, Öwezmyratbatyr onuň bilen ylalaşdy. - Emma dünýäde öz daban


azabymdan önen çörek ýaly lezzetli çörek göremok. Dünýädeiň lezzetli hem ýokumly tagam şol. Azapsyz, derlemän,aňsatlyk bilen tapylan çöregiň gadyry hem, tagamy hembolmaýar. Kişi minneti bilen tapylan çörek bolsa adamyňjanyna zäher bolar.Öwezmyrat batyr çaý-nahar edinip, knýaz Mergen bilenhoşlaşdy-da, howlukmaç gitdi.Gutlymyrat: “Bu günem dört ýük getirsek, her ýüki pylançagyran, hemmesi pylança gyran bolýar. Toplan gyranlarymyzyňüstüne ýene şunça gyran artýar. Nowruza çenli ýene on ýedigün bar. Her gün dört ýük hasap etsek, her ýüki pylança, onýedi günde hem şunça pul gazanýarys. Nowruzdan soňam biron gün dagy işläýsek bolar. Ýer işimize soň başlarys. Ineşeýtsek, şunça pul gazanýarys. Soň iň ilki bilen biziň herbirimiziň ak öý dikinmegimiz gerek. Galanynam soňgörübereris” diýip, öz ýanyndan göwün ýüwürdýärdi. “Batyrbasymrak gelse, işimize tizräk ugrasak” diýip, onuň ýolunaseredýärdi.Öwezmyrat batyr goşa geldi. Häzir onuň öňki Öwezmyratbatyr däldigi ýuzünden aç-açan görnüp durdy. Gutlymyrat oňamukyt hem bolup durmady-da:— Batyr, il eýýäm gitdi. Bizem ugraly - diýdi.Öwezmyrat batyr çalaja ardynjyrady-da:


— Gutlymyrat, gel indi şu işi bes edeli - diýdi. - Bir çenemboldy. Häzirem ep-eslije gyran topladyk-la. Şolam bolýar-la.Bu dünýäniň işine gutarmak ýokdur, Gutlymyrat. Onsoňamynha nowruz ýetip gelýär. Ýer-suw işimizem bardyr.Gutlymyrat özüni lampa aşak goýberdi-de:— Beýle däl, batyr. Ol nähili beýle bolýar? Entek nowruzaon ýedi gün bar. Hasap et, her gün dört ýük, gör, näçe gyranbolýar. Onsoň nowruzdan soňam on gün çöp ýygyp bileris.Sered-ä biz näçe pul gazanyp biljek! Batyr, bu pullary iller alar- diýip garşylyk görkezdi.Öwezmyrat batyr sagynmady-da:— Aý, Gutlymyrat pul biwepadyr - diýip, gürläp başlady. -Puldan saňa ýaran bolmaz. Ol bu gün seniň eliňde bolsa, ertirbaşga biriniň elindedir. Adamlary azdyrýanam, başynaýetýänem şu puldur - Soňra ol bahana agtaryp ugrady. -Gutlymyrat, meniň-ä walla, endam-janymam agyry bolup dur.Edil soka salnan ýaly soý-sünk.“Batyr ilki işe başlan wagty ‘biz ýa ölmeli, ýa almaly diýip,gylyç syryp gan döküp ýörüpdiris. Şondan başga zatbilmändiris. Şony biljek bolmaga bize wagtam bermediler. Işiňaňsady hem talaplysy zähmet işi eken. Bu ne aňsat talap’diýýärdi. Indi näme üçin ol öz aýdanyna garşy gidýärkä” diýipoýlandy-da, Gutlymyrat:


— Batyr, belki, sen işden ýadansyň ýa-da irensiň? Şonuňüçinem işler saňa agyr gelýändir? - diýip sorady.Öwezmyrat batyr hiç wagt etmeýän zadyny edip - sözüniňarasy bilen ellerini hem hereketlendirip gürledi:— Walla, sen Gutlymyrat, bir zada düşünmeýän ýalygürrüň edýärsiň. Men bu işi hiç agyr geremok ahyry. Ýöneasylkysyny aýdýan... Onsoňam meni gyzdyrmam tutjak bolupdurýar. Men gorkýaryn. Köne gyzdyrmam gozgar-da, onsoň şuýyl ýazy hem arly tomsy bilen ýazdyrmaz. Ine meniňaýdýanym şol. Düşdüňmi?Häzir Öwezmyrat batyryň maksatsyz bir bolgusyz işiňyşgyna düşüp hem şol işe ýürekden berlip, sözüni bulaşdyrypçaşmallaga urýanyndan bihabar Gutlymyrat:— Bolýar, batyr, sen onda git - diýdi. - Emma bir işe hemgymyldama. Hiç ýere çykma. Hudaý saklasyn, seniň ol könegyzdyrmaň gozgaýsa, şonda ýaman bolar. Biziň hemmämizibaşagaý edersiň. Sen şu güne çenli gazanan gyranlarymyzyhem alyp git.— Pa-haý munuň aýdýanyna seret-le - diýip, Öwezmyratonuň bu teklibine garşy çykdy. - Men puly näme edeýin? Maňaonuň hiç geregi ýok. Puly götermegi-de men başarmaýaryndiýip, men saňa näçe aýtdym ahyry...


Başda Öwezmyrat batyr gazanylan puly saklamagy-daboýun almandy. Şonuň üçinem gazanylan puly Gutlymyratsaklaýardy. Gutlymyrat boýnundan asylgy kiçiräk bir haltanyköýneginiň ýakasyndan çykardy-da:— Batyr, men saňa ýanyňda göter-de sakla diýemok.Mamagül bibä eltip ber diýýän. Soň Mamagül bilen Täzegülaljak zatlaryny özleri biler. Olar birneme ýüň alyp, öýüň eşikesbaplarynytaýýarlamaly bolarlar. Onsoňam öýüň süňňüniussa buýurmaly bolarlar. Bu zatlary olaryn özi senden gowybiler - diýdi.— Aý, entek öý buýurmak nämä gerek - diýip, Öwezmyratbatyr ýene tersine tutdy. - Sümelge şol tamymyzam bolýarahyry. Ýöne içine düşek-süşek edilse ýeterlik-le Gutlymyrat.— Ýok, ýok, bir il deňinde öý edinmek gerek, bolmasa,aýallar kemsinýärler - diýip, Gutlymtrat öz diýeninde durdy.-Onsoňam nä wagt, nä zamana, men ýeke galyp bu pulyýanymda saklamaýyn. Aýallar bu puly ýöne ýatyrmaz. Ojukbujukalar. Egirer, dokar, çalşyrar. Meniň ýanymda bolsa ol ölipul ýatar.Gutlymyrat pully haltany Öwezmyrat batyra berdi.Öwezmyrat batyr:— Eltip gowşurmak işini men başararyn - diýip, pullyhaltany goltugyna saldy.


Gutlymyrat onuň hereketlerini synlady-da:— Batyr, birden goltugyňdan gaçyraýmagyn - diýipsargady.— Ýok, ýok, sen arkaýyn bol - diýip, Öwezmyrat batyroba ugrady.— Obadan çykmagyn! Oňa-muňa gymyldap, gyzdyrmatutduraýmagyn-diýip, Gutlymyrat onuň yzyndan gygyrdy.Soňra inerini alyp ýeke özi işe ugrady.Öwezmyrat batyr öýüne gelip, puly Mamagüle tabşyrdy.— Täzegul bilen maslahatlaşyp, näme etseňiz, şonyedersiňiz - diýdi.Ol oba gelen güni öýünde ýatdy-da, ertesi irden atynamünüp, bir tarapa çykyp gitdi. Indi öýde onuň aty-da ýokdy,özi-de. Üç günden soň giçläp, ol bir ýerden geldi.Ondan hiç kim hiç wagt “nirä gitdiň, nirede bolduň?” diýipsoramaýardy. Ýene-de şeýle. Hiç kim ondan hiç zat soranok.Ýene onuň öýde boljak wagtyny bilen ýaly, ol öýüne gelenguni uç sany atly myhman geldi. Bu gelen adamlar il arasyndaşeýle bir tanymal bolan adamlar däldiler. Emma gujurgaýratlylykdahiç bir adamdan pes hem däldiler. BularÖwezmyrat batyryň atlysyndaky edermen ýigitlerdendi.Gutlymyrat myhman gelende ýerimiz daryşganlyk edýärdiýip, ondan-mundan agaç tapyp, tamyň gapdalyndan bir çatma


dikipdi. Öwezmyrat batyr düşek ýazdyryp, myhmanlary şolçatmada ýerleşdirdi, olara söwüş etdi.Mamagül edil dil düwşen ýaly bolup, bu myhmanlaryň hutşu gün gelşine, şeýle gyzyklanma bilen ogrynrak gürrüňedişlerine bir hili geň galdy. Emma hiç aňlap bilen zadybolmady. Sebäbi Mamagül gap-gaç ýygnamak işi bilen ýa-dabaşga şoňa meňzeş bir iş bilen içeri girende bular özara edipoturan gürrüňlerini kesýärdiler, Mamagüliň çykyp gitmegibilenem ýene gürrüňlerini gyzygyp dowam etdirýärdiler.Bular ýary gijeden agýança gürleşip oturdylar. Ekeje gezekMamagül gap-çanak ýygnamaga baranda Öwezmyrat batyryň:— Gör, olar nähili edermenlik edip, uly iş bitiripdirler.Döwüň Patyşasy dek, daşy kyrk gat saklawly ak patyşanyöldürip bilipdirler. Bu işi Stepan aga ýaly batyrlar oňarýandyr.Indi bilersiňiz Stepan aganyň hakykat aýdýanyny... Bu biziňaçgözlerimizi ýok etmek itiň aňsady. Şeýle patyşalar ýokedilensoň, bular nämejik?-diýen sözleri gulagyna ildi. Soň ýenebir iş bilen barmaly bolanda, Mamagül çatmanyň işigindebiygtyýar aýak çekip, içerik diň saldy. Bu gezek haýsydyr birýigidiň:— Şu işden ýüz döndereniň, şu işe dönüklik edeniň aýalytalak - diýenini eşitdi. Soňra içerdäkiler birin-birin şol sözlerigaýtalap ant içdiler. Soňra ýigitlerden-biri:


— Kimde-kim şu anty içip bize goşulsa, biziň adamymyz,alanymyz ýanymyza - diýdi.Mamagül bu sözleri eşidip bir hili boldy. Gorkan ýaly etdide,çatma-da girmän, yzyna dolandy. Soň bir gezek çatmanyňagzyndan baranda ol çatmanyň içindäkileriň “Seýitmyrat beg,Dykma serdar, Sopy han...” diýip, bir topar adamyň atlarynysanaşyp oturanlaryny eşitdi. “Pylanam şolaryň biri” diýip, olarady agzalan adamlaryň atlarynyň üstüne goşýardy. Mamagülolaryň gürrüňlerinden belli bir zat aňlap bilmän gitdi. Emmabularyň gaty howply işiň gürrüňini edýändiklerini aňdy.Ertesi myhmanlar atlananda, Öwezmyrat batyr hemmyhmanlary bilen bile gitdi. Mamagül şu gezek Öwezmyratbatyra bir zat diýmekçi boldy-da, ony hem aýdyp bilmedi.Öwezmyrat batyr myhmanlary bilen atlanyp ugranda gaýgylygörnüşde olaryň yzyndan seredip galdy. Olar mazaly aranyaçanlaryndan soň, yzyna öwrüldi-de:— Täzegül, batyr dagy bir päle münüpdir welin, özigowulyk däl, başymyza bir iş getiräýmese ýagşy, gaty gorkýan- diýdi.— Oňa hiç zat aýdyp bolmaz. Hudaý bardyr-da, Mamagül,hudaýy çagyryp oturmakdan başga näme çärämiz bar-diýip,Täzegül oňa göwünlik berdi.


Öwezmyrat batyr bu giden ugrundan iki günden soň gaýdypgeldi. Indi Öwezmyrat batyr was-was keselini tapynan ýaly, birgün öýünde tapylsa, ikinji gün tapylmaýardy. Onuň nämemaksadynyň bardygy belli däldi, ýöne häli-şindi nireleredirýitirim bolýardy. Ýanyna gylyç hem götermeýärdi. Diňebilinde pyçagy bardy. Daşyndan göräýmäge ol ýaragsyz ýalygörünýärdi. Emma öýden çykanda ol hemişe sapy uzynsapançany donunyň iç ýüzünden biline guşanyp gidýärdi.Şol günleriň birinde Hal molla gelip, onuň öýünde myhmanboldy. Hal molla gaty köp zeýrendi. Çynmy-ýalanmy, onuňözüniň gürrüň berişine görä, ony Skobelew ýanynaçagyranmyş, “sen mollajyk, uly ili azdyryp meniň garşymasürenem sensiň, niçikmi seni şu dünýäden ýitirim edäýsem”diýip hemle uranmyş. Soňra Dykma serdar bilen Marytekeleriniň üstüne gidip, olary ýaraşyk etmäge razy etmegibuýranmyş. Emma Hal molla: “Beýle binamysçylygy edipbilmen” diýip, boýun almanmyş.Öwezmyrat batyr Hal mollanyň göwni üçin onuňgürrüňlerine hä berenem bolsa, öz içinden: “Aýrysakgal gatymert adam. Hal molla-ha beýlede dursun, ondan zorraklara-daşeýle gürrüň aýtmaz. Hal mollany näme etsin ol, asyl munyçagyranam däldir” diýip pikirlendi. Ol Hal mollanyň gürrüňine


düýbünden ynanman otyrdy. Hal molla bolsa gürrüňini dowamedýärdi:— Men Mara gitmerin diýenimden soň, ak patyşanyňbeýigi maňa hasam hemle urup başlady. “Öwezmyrat batyramhiç bir diýenimizi etmedi welin, şonam sen azdyransyň” diýip,tussag etjek boldy. Emma dilmajy gowy adam eken. Şoljanyma ýetişäýdi. Soň Seýitmyrat beg, Dykma serdar hembeýlekiler binamysçylyk edip, Mara-da gidipdirler. Ynan,batyr, Aýrysakgalyň elinden zordan sypdym. Munyýetirýänlerem Seýitmyrat beg bilen Dykma serdardan başgaadam däldir.Hal mollanyň “Öwezmyrat batyram diýenimizi etmedidiýdi... Dilmajy gowy adam eken” diýen sözleri Öwezmyratbatyry birneme oýlandyrdy. Ol Hal mollanyň gürrüňine ynanypbaşlady. Emma Skobelew Hal mollany düýbündentanamaýardy, ony ýanyna-da çagyrmandy. Asyl çagyrmakhyýalynda-da däldi. Hal mollany öz ýanyna çagyranlarSeýitmyrat beg bilen Dykma serdardy.Hal molla özüniň zeýrenjini halys hetden aşyryp, ahyryugramakçy boldy. Öwezmyrat batyr hem ony atyna mündüripugratmakçy boldy. Bu ikisi at ýatagyna baranlarynda Halmolla:


— Seýitmyrat beg bilen Dykma serdar ýaly binamys adamdünýä inmez-diýdi-de, Öwezmyrat batyryň alkymyna gelip,ogrynlyk bilen pyşyrdap diýen ýaly gürrüňini dowam etdi.-Hawa, men eşitdim, batyr, siz bu binamyslaryň ýogunaýanmaga ant-kasam içenmişiňiz. Men aýtdym, beýle zat bolupbilmez diýip. Öwezmyrat batyr şeýle bir işe hyýal etse, mendenbihabar etmez diýdim. Emma, batyr, bu binamyslary ýoketmek gerek. Eger şol işe kasam edişmeli bolsa, menem birgapdalyndan goýma, batyr.Şundaň soň Öwezmyrat batyr onuň gürrüňnne ýüregi bilenynandy.— Kasam etseň, edibermeli. Ine biziň kasamymyz-a şu. -Soňra ol Seýitmyrat beg, Dykma serdar başlyklaýyn ýediadamyň adyny sanady-da: - Çemi gelende şu dönükleriöldürmekden ýüz döndereniň ýa şol işi paş edeniň hatyny talakdiýip ant içmeli-diýdi.— Çemi gelende şu dönükleri öldürmekden ýüz döndersemýa-da şu syry paş etsem, hatynym talak - diýip, Hal mollaÖwezmyrat batyryň aýdan sözlerini üç mertebe gaýtalady.Şundan soň Hal molla bolan ynamsyzlyk Öwezmyrat batyryňýüreginden bütinleý çykdy. Hal molla Öwezmyrat batyryynandyryp gitdi. Öwezmyrat batyr Hal molla bolan müňkürligiýüreginden düýbünden çykarandan soň, ony Skobelewiň


çagyranlygy-çagyrmandygy hakynda şol günler häli-şindidiýen ýaly öz ýanyna gelip duran knýaz Mergenden hem sorapdurmady. Eger soraýan bolsa ony Skobelewiň çagyrmandygymälim boljakdy.Öwezmyrat batyr Hal mollanyň hem özlerini goşulanynyhabar berende, onuň ýoldaşlary:— Biziň aramyza Hal molla gerek däl eken - diýişdiler.Emma Öwezmyrat batyr:— Ol hut öz gözümiň öňünde gygyryp ant içdi - diýip,olary köşeşdirdi.Gutlymyrat çöp çekmek işinden eden talabyndan göwni hoşbolup, ýer bejermek işime ýetişeýin diýip, oba geldi. GörseÖwezmyrat batyr obada ýok.— Gyzdyrmasy gozgaýmasyn diýip oba ugratdym. Hiçýana çykmagyn diýip tabşyrdym. Ýene muňa alaç bolanok.Muny saklap boljak däl asyl - diýip käýindi. Iki-üç günden soňÖwezmyrat batyr öwrülip gelenden soňam ol:— Batyr, sen öýden çykma, gyzdyrmaň tutup başlasa, soňkyn bolar. Beýtme ahyry, aýdylanna gulak salaý-a senem -diýip igendi. Öwezmyrat batyr bolsa:— Gaýta şu at üstünde oňa-muňa çykmagam maňa kemýaranok, Gutlymyrat - diýip, öz işini ýolly tapdy. Gutlymyratonuň ýüzüne seredip, içgin synlady. Göwnüne bolmasa,


dogrudanam, onuň ýüzi täzelenen ýaly bolup göründi. Şonuňüçinem ol:— Bolýar-da, öz tabyňy özüň gowy bilýärsiň - diýipgoýdy. Şeýdip Öwezmyrat batyr şol öňki gezendeligini dowametdi.Şol günleriň birinde Ahalyň aksakgallarynyň biri diriýitenmiş diýen habar ýaýrady. Dogrusy, ol aksakgal Dykmaserdar ýa-da Seýitmyrat beg ýaly ýakasyny tanadan bolmasada,açgözlükde ol hem şolardan pes däldi. Ol adamyň zadynagöz gyzdyrylyp, talamak maksady bilen öldürilmedik bolaraçemeli. Sebäbi onuň egin-başlarynam atynyň üstüne daňypgoýberenmişler. Onuň atynyň ters yzyny alyp gitselerem, tapanzatlary bolmandyr. Onuň meýdinem tapmandyrlar, başga birnyşanam tapmandyrlar.Şol ýylyň güýz aýlarynda bolsa il arasynda “Seýitmyrat begbilen Dykma serdar bir ýerden gelýärkä, ýolda näbelli adamlarolara tarap üç gezek tüpeň atypdyrlar. Emma urup bilmändirler.Olar gaçyp gutulypdyr” diýen gürrüň ýaýrady. Käbir adamlar:“Bu dönüklere gyran degip başlad-ow” diýse, käbirleri:“Haýyp, atylan ok boş geçipdir, deger ýaly eken” diýip, ahmyredýärdi.Öwezmyrat batyr bu gürrüňçiliklerde diňe sesini çykarmandinşirgener oturardy. Ýöne kawagtlar ýaltanmasa:


— Olara atylýan bu ok ýönekeý tüpeňiň oky däldir. Uly iliňgargyşydyr. Şeýle tüpeňlenip ýörülse, biri degmese, ahyryikinjisi deger. Gargyş baýnatmaz - diýip, gürrüň nobatynygeçirerdi.Ilçilik, gürrüň gözläp timisgenip ýörenlerem ýok däldi,kändi. “Pylany beýle diýdi, pylany beýle diýdi” diýip, jikmejigibilen bu gürrüňleriň baryny Dykma serdara ýa-daSeýitmyrat bege habar berýänler-de kändi. Öwezmyrat batyrşunuň şeýledigini aňlany üçinem şol bir gürrüňinden başga zataýtmazdy.Şonuň ýaly günleriň birinde oba adamlary Gandymaksakgalyň gapysynda gürrüňçilige üýşüp, şol hakda gyzyklygürrüň edip otyrdylar. Öwezmyrat batyr hem bir gapdaldatirsegine söýenip gürrüň diňleýärdi. Batyr hajy hem murtunyyzly-yzyna towlap, gabarylyp otyrdy. Ol:— Batyr diýýän-ä - diýip, murtuňy eýläk-beýläk etdi-de:-şu işi edýänler aýry ýurtdan-a gelýän däldir özi, şu özýurdumyzdandyr, heý bir çak edýän adamyň ýokmy, kimdiröýdýäň, batyr - diýip, sesini çykarman ýatan Öwezmyrat batyrygürletmek isledi.— Men-ä güman etjek bolýan welin...- diýip, Öwezmyratbatyr gyşaryp ýatan ýerinden dikeldi. - Eger-de şu işiň özi ötenýyl bolan bolsady, ýa-da öten ýyldan öň bolan bolsady, onda


kimiň ýakasyndan tutjagymy bilýän, ýöne bu iş şu ýyl bolupdurýar, onsoňam...- diýip güldi.Geçen ýyl bolup geçen zatlar şol wagt ýa-ha Batyr hajynyňýadyna düşmedi, ýa-da ol gürrüň edilmez diýip göwnünegetirdi, şol ikisinden biri, ol gürrüňini öňki äheňinde dowametdi:— Asyl şo ýylyň özünde kimiň ýakasyndan tutardyň,batyr?Öwezmyrat batyr sagynman jogap berdi:— Eger şol ýitirim edilen hansumagyň bar zady talanyp,aýagynyň balagyna çenlem sypyrylyp, meýdi hem şol ýylkyişanlara myhman bolan azaýymhon ahunyň maslygy ýaly, ýediýoluň üstünde taşlanan bolsady, onda men hökman Batyrhajynyň ýakasyndan tutardym. Ol egnine näçe gök esgi pägundakynybersin, ähli gursagynam çin bilen doldurybersin, menhökman onuň ýakasyndan asylardym welin, haýyp, olhansumak ýitirim edilip, çigit ýaly zadam gozgalman, atynyňüstüne beklenip ugradylypdyr diýip eşidýän.Öwezmyrat batyr şeýle diýdi-de, ýaňsyly güldi. Batyrhajynyň ýüzi boz-ýaz boldy, gyzardy. Ýöne başga alaç tapman:— Aý, özi batyram bir zat aýdaýýar-ow. Batyryň şorta,bälçik gürrüňi kändir, tapar otyr şunuň ýalysyny - diýipgülümsirän boldy.


Öwezmyrat batyr bolsa öňki ýaňsyly gülküsi bilen dowametdi:— Ýok, bu degişme, bälçik gürrüň däl, Batyr hajy. Eger şolöldürilen hansumagyň ýalaňaç meýdi tapylan bolsa, zadamtapylmadyk bolsa, ýa Seýitmyrat begiň, ýa Dykma serdaryň,ýa-da seniň -şu üçiňiziň biriňiziň ýakaňyzdan tutaýmalybolardy. Sebäbi bir ýerden ýol urup, kän oljany ele düşürenogrular, oljany öz aralarynda böleşenlerinden soň, biri-birineýeten olja paýyna göz gyzdyryp, biri-birini ýok etmegiňkastyna düşýär. Bukuda oturyp, öz ogry şärigini öldürýär.Biziň bu hanlarymyzyňam boluşlary şonuň ýaly ahyry. Heý,şondan tapawutly ýeri barmy?..— Aý, batyr, bälçikligiňi goýsana - diýip, Batyr hajygülümsirän boldy. Emma oturyp hezili bolmady. Ol omzy gökpogonly gyrmyzy donuny egnine çekişdirip basym turup gitdi.Oturanlar dymyşdylar. Bu ýagdaýa geň galmak bilen biribiriniňýüzlerine seredişdiler. Bir hili düşnüksiz ümsümlikbaşlandy. Oturanlaryň her haýsy öz ýüreginde bir hili pikiröwürýän bolmaga çemeli. Şu märekede şu mahal hiç bir zadypikir etmän, öňki oturyşyna arkaýyn oturan diňe Öwezmyratbatyrdy. Gandym aksakgal ýuwaşja ardynjyrady-da:


— Batyr, seniň gürrüňiňden mälim bolşuna görä olişanlaryň myhmany azaýymhon ahuny öldüren Batyr hajy ýalyboldy-la - diýdi.Öwezmyrat batyr sagynman:— Hawa, Gandym kaka, dagy kim bolar öýdýäň?-diýdi. -Ony öldürmäge kese ýerden adam gelmez. Onuň ölümindenDykma-da, Seýitmyrat begem habarlydyr.Oturanlardan kimdir biri:— Hiç beýle zat bolup bilmez. Dykma serdar, Seýitmyratbeg, Batyr hajy dagy beýle iş eder diýseň, hiç kim ynanmaz -diýdi.— Eder-etmez diýip, adam aklap bolmaz - diýip, ikinji biriseslendi.— Biz aklarys! -diýip, birinji geplän dözümli gürledi.Gandym aksakgal jedeliň arasyny açmak isledimi-nämemi,Öwezmyrat batyra dikanlap sorag berdi:— Batyr, sen hak gözünden bilýärmiň ýa-da birindeneşitdiňmi?Emma Öwezmyrat batyr şol “biz aklarys!” diýip uly gürlänadama gahar edip oturan borly, Gandym aksakgalyň soragynyňjogabyny soňa goýdy.— Sen olary aklarsyň, sebäbi senem olardan bir döwümçörek hantamasyň. Onsoň diňe aklamak däl, pylanyny öldür


diýselerem öldürersiň - diýip, şol adama azm urdy. SoňraGandym aksakgala ýüzlendi.- Gandym kaka, eşitmek däl,ogurlyklaryny hut öz ellerinde tutdum. Onuň hiç gürrüňi ýok.Batyr hajyny her akmak aklajak bolsa-da, meniň ýanymdaaklamaga synanmaz. Bu öldürilen aksakgalam öldürenşulardyr, başga adam bolup bilmez - diýip, ol sözüniň üstüniýetirdi.— Muny öldürip, olaryň munuň bilen böleşip bilmeýänlerinäme? - diýip, Gandym aksakgal geňirgenip sorady.— Gandym kaka, onuň gaty köp sebäbi bolup biler - diýip,Öwezmyrat batyr düşündirmäge başlady.- Görýäňmi, indizamana üýtgedi. Täze hökümdarlar geldi. Olar indi şolaraýaranmagyň üstünde biri-biriniň kastyna çykar. Olar täzeagalaryny biri-birinden gabanýandyrlar.— Hawa, indi hiç zady geň-taň görer ýaly bolmandyr. Herhaýsy görlüp-eşidiljek - diýip, Gandym aksakgal özbaşynahümürdedi.Şundan soň bir hepde geçip-geçmänkä il arasyna bir hilidüşnüksiz myş-myşlar ýaýrap başlady. “Dykma serdar nökerbaşy edilenmiş. Seýitmyrat beg pylan ýerden pylan ýerebarýança soraýan hökümdar bolupmyş, pylan ýerden pylanýere çenli aralyk şonuň golunyň astyndamyş. Hökümdarlyküstünde hanlar, aksakgallar öz aralarynda oňuşmaýarmyşlar.


Pylan aksakgalyň öldürilmegine hem şol birek-birekdengabanmak sebäp bolanmyş. Dykma serdar bilen Seýitmyrat begikisi giçläp atly barýarkalar, ýolda bir ýerde tüpeňlenipdir,emma ok degmändir, olar gaçyp gutulanmyş...” diýen ýalygürrüňler iki adamyň başynyň çatylan ýerinde iň ýörgünligürrüňe öwrüldi.* * *Öwezmyrat batyr bir gün öýünde tapylsa, iki gün öýündeýokdy. Nireleredir bir ýerlere gidýärdi. Onuň nirelere gidip,nirelerde gezýänini, näme iş bilen meşguldygyny hatda onuňöz maşgalasynda-da bilýän ýokdy. Şu ýagdaýda bir ýyla ýakynwagt geçdi.Gutlymyrat bilen Öwezmyrat batyryň çöp çekip edentalaplarynyň üstüne Mamagül bilen Täzegülüň el hünärlerindenemele gelen gazançlaryny hem goşdular. Şol ýyl Gutlymyratdaýhançylykdan hem mazalyja hasyl aldy. Garaz, ep-eslije puljemlendi. Olar aňrybaşy alty ganat, sekiz ganat öý bolmasa-da,Marydan gelýän söwdagärlerden altmyş-ýetmiş başly dörtganat öý alyp, iki sany öý tutundylar. Hywadan gelýänsöwdagärlerden kersen, çanak, çemçe diýen ýaly gap-gaç


alyşdyrdylar. “Türkmen göçi dura-bara” diýenleri, kemkemdenöýlerini gurnap başladylar.Mamagül Öwezmyrat batyra bolan ýüregindäki käýinjiniiçine salyp, demini alman, sesini çykarman saklanýardy. EmmaGutlymyrat: “Batyram bir gün öýde tapylsa, iki güntapylmaýar. Wah, ol iş edenok diýip aýtdygym däl. Ýöne şugezmegi ahyry onuň başyna bir bela getirermikä diýip gorkýan.Men onuň elini işe degirtjek däl - diýip, käte-käte käýinýärdi. -Gör, onuň duşmanlary hökümdar bolup, hökümdarlykygtyýaryny ellerine alypdyrlar. Dünýäň ýüzüne hökümdarlykedýärler. Olar çemini tapsa, batyry öldürerler. Ak patyşanyňbeýiklerem şolaryň sözünden çykyp bilenoklar. Ine, menşondan gorkýan...”Gutlymyradyň şeýdip janyndan syzdyryp zeýrenmegi ýöneýerden däldi. Sebäbi şol wagtlar “Seýitmyrat wolostnoý,Dykma serdar” diýip, şolaryň atlary il agzyna dolup başlapdy.Gutlymyrat ýüreginde bolan wehimini bir gün Öwezmyratbatyryň hut özüne-de duýdurdy. Emma Öwezmyrat batyr:— Aý, Gutlymyrat, “serçeden gorkan dary ekmez”diýendirler. Seýitmyrat beg bilen Dykma serdardan gorkup,öýde busup ýatmak bolmaz - diýip, perwaýsyzlyk bilen jogapberdi. - Beýle etseň, gaýta olaryň köhi geler, üstüňe sürner.Olara baryp boýun burmagy-da men başarman. Hiç-hiç ony


edip bilmen. Beýle iş edenimden mazarçylyga gidenimi gowygörerin.Şol günleriň birinde Öwezmyrat batyr gijäniň bir wagtyöýüne geldi. Ertirden soň oba-goňşular onuň atynyň ýatakdadaňylgy durandygyny görüp, “Öwezmyrat batyr gelipdir-ow”diýip habar tapyşyp, ikiden-ýekeden gelip başladylar. Olaryňkäbirleri “Öwezmyrat batyr öýünde tapylmaýar, nirä ýitirimbolýarka?” diýip geňlese, käbirleri “Batyr bir ýerde talaply ýertapyp, gazanjyň gözüni görendir” diýip pikir edýärdi hem şoltalaply ýeri bilesi gelýärdi. Käbirleri bolsa diňe gep gözläpgelýärdi. Şeýle gep agtarýan adamlar bir gürrüň eşitse,wagtyny tapyp, ol gepi eltip bermeli adama ýetirýärdi. Şonuňüsti bilen özüne ýalkawlyk ýa-da azyk gözleýärdi. Öwezmyratbatyryň dünýäde iň ýaman görýän häsiýetiniň biri hem şoldy.Ol bir sapar gürrüňden gürrüň çykyp, gepiň gerdişi gelendeşeýle aýtdy: “Dünýäde iň ýaman ganym duşmanhasaplanýanlar, dönük bolup, öz ilinden çykanlar, il-ulusynahyýanat edýän adamlardyr. Emma onuň gürrüňini maňa,munuň gürrüňini oňa eltip, gybat edip, adamlara ýaranjaňlykedip, şol hünäriniň üsti bilenem çörek tapýan adamlaram şoldönüklerden pes däldir, şolaram meniň ganym duşmanym...”


Öwezmyrat şeýle häsiýetde bolan adamlary aňlaýardy, judagörnetin ýeri geläýse, olara hiç zat diýmese-de, olary ýürekdenýigrenýärdi. Olar-da özleriniň ýigrenilýändigini aňýardylar.Bu gün hem hemişekiler ýaly oba-goňşular Öwezmyratbatyryň öýüne ýygnandy.— Hä, batyr, sag-aman geldiňmi?— Aý, şukür.Ýene gapdaldan biri goşulýar:— Hä, batyr, iýeniň-içeniň özüňki, gören-eşideniňdenhabar ber.— Hawa, batyr, gezen ýerleriňde näme geň-enaýy zatlargördüň?- diýip, ikinji biri onuň gapdalyndan goltgy berýär.— Batyr, geň-enaýy zatlary eşitmegem gerek welin, hany,düşewüntliräk ýerden gürrüň bersene. Nirede aňsat talap bar? -diýip, ýene biri soraýar.Özem ine garşy temmäki, gurgun çilim, yzly-yzyna täzeläp,lokurdadyp çilim çekýärler. Şol wagt Öwezmyrat batyrlaryňtüýnüginden çykýan tüssäni gören adam bularyň öýünde öltezek ýakylýar-ow diýip güman etjekdi.Bu oturan adamlar uzyn ömürlerinde bir kär bilen talap edenadamlar däldi. Bular duluna bir bogdak un taşlap bilse,“maşgalamyň ýyllyk iýjek alapasyny aldym” diýiparkaýynlaşýan adamlardy. Ony hem daýhançylyk edip ýa-da


talabançylyk edip, maňlaýlaryny derledip gazanman, atüstünderäk, el diremeräk gazanýan adamlardy. “Pylan baýyň,pylan baýyň sürüleri, pylan Öýüň çarwalarynyň sürüleri bu ýyldönüklerden arkaýyn gezendir. Olar näme azyk getiripbererlerkä?.. Bu günler çilim pulumyzam tükenipdir,serdarlaryň alamana gitjegi ýokmuka?..” diýşip, şunuň ýalyçala mydar durmuşda ýaşamaga endik eden adamlardy.Bularyň gazananlarynyňam köpüsi atlary bilen özleriniňesbabyna, şaýyna, çekjek temmäkisine sarp bolýardy. Maşgalaüçin diňe bir bogdak jöwen ýa-da bugdaý ýyllyk galla galardy,galanyny aýallar özleriniň el hünäri bilen gazanardylar. Buýagdaýa “Ahal mydary” ýa-da “Ahal oňşugy” diýlerdi. Bu iliňözüniň şeýle ýaşaýşyndan göwni hem hoşdy. Bu ýigitler bilagyrdyp orak ormak islemeýän hem bolsalar, “Pylan ýere ýagydökülipdir, atlanyň!” diýip, jarçyň sesi çykaýsa, ýoly daşmyýakynmy,onuň gürrüňini hem etmän, şol sagatda atlanyp ýolaçykýardylar, gijelerini gündiz edip, Gürgen, Garrygala, Maryýaly uzak ýerlere iki-üç günde kömege ýetişýärdiler. Bu işi olýigitlere buýruk etmek bilen ýa-da düşündirmek bilen etdirýänadam ýokdy. Gaýta “atlan!” sesi eşidilenden bu ýigitleriň özlerihöwes bilen atlanardylar.Bu oturanlar Öwezmyrat batyryň ýetik adamlary. Ol olaryňberen soraglaryny hemişekisi ýaly ýagşy eşitdi-de:


— Aý, ýigitler, talap etjek adama şu eýýamda talapgytçylygy ýok - diýdi. - Ine, Aşgabatda bir düýe çöp ýygyp,kerpiç bişirýän kürelere eltseň, bir etek gyran berýärler. Inebeýlede-Gyzylarbatda diýseň, ýene şonuň ýaly, emgenseň,talapdan köp zat ýok.— Çöp çekilende pul bolýan bolsa, onda şu Aşgabatdakynybaryp göräýmeli eken - diýip, ýigitleriň biri murtuny sypalady.— Hawa, ine beýiklerem demir ýoluny çekip, otlusynyäkelýär. Şol ýerde-de näçe diýseň talap tapyljak. Eger gulluketmek hyýalyňyz bolsa-da, hanha Dykma serdar nöker tutýar,onuň ýanyna baryň-diýip, Öwezmyrat batyr gürrüň berdi.Gün guşlukdan-da ýokarrak galypdy, bularyňam gürrüňiýaňy gyzyp başlady. Şol wagt knýaz Mergen gapydan girdi.— Batyr, salawmaleýkim - diýip, ol Öwezmyrat batyrasalam berdi.— Waleýkim-diýip, Öwezmyrat batyr myhmanyna hormatedip, ýerinden turdy. Beýleki oturanlar hem ýerlerindenturdular.Knýaz Mergen Öwezmyrat batyryň ýanyna öňem telimgezek gelipdi. Her gezek gelende onuň gözleri güler durardy.Bu sapar näme üçindir, knýaz Mergeniň ýüzi salykdy hemgaýgyly görünýärdi.


— Mergen aga, gelipsiň, töre geç - diýip, Öwezmyrat batyreli bilen töri görkezdi.— Batyr, yzymda gyssag işlerim bar. Men gyssagly. Geçipoturyp biljek däl. Ýöne seni şu gün baýar çagyrýar. Şony habarbermäge geldim - diýip, knýaz Mergen habaryny berdi.— Geçip otursaň, gowy bolardy - diýip, Öwezmyratbatyryň jan etmesine garaman:— Sag bol, batyr, meni oturan ýaly göräý - diýip, ol daşçykdy.Belki, Öwezmyrat batyryň özi hem ony atarmaga daş çyksaçykardy, emma ol daş çykmaga ýetişmänkä:— Batyr, bir daş çyk, seniň bilen az-kem gürrüňim bar -diýip, knýaz Mergen daşardan gygyrdy.Öwezmyrat batyr çalt daş çykdy. Görse bu sapar munuňýanynda diňe pessewesinden başga adam ýok. Atynyň ýanynabarynça, Öwezmyrat batyr onuň yzyna düşüp gitdi. KnýazMergen töweregine garaman, aýagynyň burnuna seredip, ikielini syrtyna tutup ýöräp barýardy. Ol atyna ýetmäge bir ädimgalanda aýak çekdi, yzyna öwrülip, daş-töweregine seretdi. Olbirden:— Batyr, bilýäňmi näme bar? - diýdi-de, sagyndy.Öwezmyrat batyr:— Ýok, Mergen aga, meniň bilýän zadym ýok-diýdi.


Knýaz Mergen ýene bir sapar daş-töweregine garady-da:— Batyr, bilmeýän bolsaň bilip goý - diýdi. - Baýar seni şusapar ýönelige çagyranok. Ýa-ha seni hökman öldürýär, ýa-daöldürendenem beter ýitirim edýär.— Mergen aga, bu nähili gürrüň bolýar? Men ol baýaryşeýle adalatly adammyka diýipdim-le. Bu nähili birden beýleboldy? Ol baýar beýle boljak adama meňzemeýärdi ahyry -diýip, Öwezmyrat geňirgendi.— Hawa, adalatlylyk hem adama bagly. Sen ol adamydogry tanapsyň. Ol adyl hem hemme zada düşünýän adamdy.Emma indi ol önki baýar däl. Ony bu ýerden bir wagtaýyrdylar. Onuň ýerine başga bir beýik gelipdi. Bu gün seniçagyrýan şol - diýip, knýaz Mergen düşündirdi.— Şeýle diýsene - diýip, Öwezmyrat batyr pikire gitdi.— Hawa, şeýle. Öňki baýar seni gowy gördi. Menem seniýürekden gowy görmeli boldum. Seniň mertligiň,dogruçyllygyň, sadalygyň, hakykat ugrunda ölümdenemgorkmaýanlygyň seni gowy gördürdi, seniň bu häsiýetleriň bizeýarady. Belki, seniň bu häsiýetleriň ikinji beýige ýaramadykbolmagy ahmal... Men, her näme-de bolsa, öz dostlugymyýerine ýetirip, saňa habar berýän - diýip, knýaz Mergenýuwaşja gürledi.Öwezmyrat batyr azajyk pikirlenenden soň:


— Mergen aga, meniň çigit ýaly eden günäm ýok - diýdi. -Ýene men näme üçin şeýle jeza höküm edilerin. Patyşanyňkanunynda beýle zat bolup bilmez ahyry. Men ol beýigiňýanyna baryp, öz arzy-halymy bolşy ýaly aýdaýyn...Emma knýaz Mergen oňa ýagdaýy birin-birin düşündirdi:— Men saňa aýtdym, batyr, patyşanyň kanuny-da adamelinde. Ol haýsy beýigiň eline düşse, şol beýigiň isleginehyzmat edýär. Ol beýik elindäki kanuna daýanyp, ýalkasa, ýaz,gargasa, gyş edip bilýär. Öňki beýik, gör, saňa nähili hormatgoýdy. Bu beýik bolsa hökman gargajak, hökman seniöldürjek... Ýok, ýok, bu wagt sen barma. Saňa dostlugymyaýdýan, düşdüňmi?.. Gökdepe alnaly bäri seniň üstüňdenedilýän arza-şikaýatlar bir gujak bolupdyr. Öňki beýik olaryňhiç birine-de ynanmaýardy. Hemmesini basyp taşlaýardy.Bu gelen beýik bolsa, ol şikaýatlary dogry tapdy.— Meniň şu günümem köp görüp, beýle meniň elimdenşikaýat edýänler kimler olar?-diýip, Öwezmyrat batyr sorady.Emma knýaz Mergen olaryň atlaryny aýtmagy özüne uslypgörmedi-de:— Aý, batyr, ony maňa aýtdyrjak bolup näme etjek?Şikaýatçylar daş ýerden gelen adamlar däl, olar öz ýakynadamlaryň - diýip goýdy.


— Şeýle diýsene - diýip, Öwezmyrat batyr oýa gitdi. -Olaryň kimdigi belli - diýip, soňra onuň aýdanyny tassyklady.Onsoň sözüniň üstüni ýetirdi. - Mergen aga, siz atlanyň, beýikçagyrýan bolsa. Menem yzyňyz bilen bararyn.— Hawa, barmaly ýerini özüň bilersiň - diýip, knýazMergen atynyň üzeňňisine basjak bolup durka aýtdy-da, atynaatlandy.— Hawa, “durna gökde, duzak ýerde” - diýip, Öwezmyratbatyr güldi.— Hoş, batyr!— Hoş, alla ýaryň, Mergen aga. Eden dostlugyňa köp sagbol. Ölinçäm unutman.Knýaz Mergen atyny sürüp gitdi. Öwezmyrat batyr birsalym onuň yzyndan garap durdy-da:— Kanun, kanun - diýip, hümürdedi. Onsoň yzynadolandy. Ol öýe girip, ýerine geçdi, öňki bolşuny saklapgürrüňçilige goşulyp gitdi. Oturanlardan kimdir biri:— Batyr, beýik seni öňki sapar çagyranda, gyzyldan sagatberipdir. Bu sapar çagyranda, gör, näme bererkä? - diýip,sadalyk bilen öz ýüreginde dörän soragy berdi.— Hemişe sagat miýesser gelip durmaz. Belki, ýarag-okberselerem beräýerler. Hawa, käwagt mumlanan bir gulaçtanapam beräýýärmişler-diýip, Öwezmyrat batyr güldi.


Emma ol sada adam bu gürrüňe özüçe düşünip:— Be, şol biçem dälaýt - diýdi.Öwezmyrat batyr ýol şaýyny tutmak hyýalyna düşendensoň, oturanlar hem kem-kemden dargaşyp, öýli-öýüne gitdiler.Gün öýleden agyp, giç öýlä sanan wagty Öwezmyrat batyreýýäm uzak ýoluň ýolagçylygy üçin kemsiz taýýarlanypdy.— Munça azyk nämä gerek? Çakmak, gow diýen zatlarygoýaýsaň bolmaýarmy? Mytarany, çilimi ýük edinip nätjek?Sen uzak ýatymlyga gideňok ahyry. Bu sapar bu gylyjyňamdakyndyň - diýip, Gutlymyrat iç girse, daş çyksa, gapdalyndaüsti-üstüne sorag berýärdi. Emma Öwezmyrat batyr sesiniçykarman, kemsiz şaýyny tutup, hemme zadyny atynabökderdi. Hemme işini gutardym etdi. Diňe şondan soňGutlymyradyň soraglaryna jogap berdi:— Aý, Gutlymyrat, sen munça sorag berip, kellämi agyryetdiň. Kakam Däli batyr pahyr aýdardy, “ýolagçy bolup gitjekýeriň sesýetimem bolsa, öýden çyksaň, hemme senediňidüzedip çyk, bilip bolmaz pelek işini” diýerdi. Ine, meniň buişim şonuň wesýedini tutdugymdyr. Düşündiňmi? Gylyjygötermegim bolsa, bu günler adam öldürilýänini özüň gowybilýärsiň. Belkem, gerek bolar. -Ol atyna atlanmakçy bolançagy Gutlymyrady çagyrdy. - Ýakynrak gel. Eger her kimsorasa-da, baýar çagyrypdyr, şoňka gitdi diýip aýdarsyň.


Onsoňam meniň näwagt gaýdyp geljegim-de belli däl. Bugidiş, belki, bir ýyla, iki ýyla, ondan-da köpräge çekseçekiberer. Maşgalalara özüň garaşyk edersiň, düşdüňmi?Onsoňam meniň dogrymda pylan bolupdyr diýip, ýagşydanýamandangürrüň çyksa, hiç haýsyna ynanmagyn. Tä meniňözümden ýa-da özüm ýaly bir adamdan ýörite habarbolaýmasa, ynanmagyn. Düşdüňmi?Bu garaşylmadyk gürrüňden soň, Gutlymyradyň kellesinedaş degen ýaly boldy. Gulaklary güwläp, özüne nämeaýdylýanyny-da aňşyrmaýan ýaly, agzyny açyp aňkarylypgaldy. Öwezmyrat batyr:— Düşündiňmi? - diýip, ýene gaýtalap sorady:— Düşündim welin... Ýok, düşünmedim - diýip,Gutlymyrat bir hili özüni ýitirjek, aljyrajak ýaly etdi.- Sizibaýar çagyranokmy näme? Siz şol ýere gidýärsiňiz ahyry...— Gutlymyrat, baýar çagyranyny nätjek sen, ýene bir zadynätjek sen? Soralsa, “baýar çagyrypdyr” diýersiň, soňam meniňaýdanlarymy edersiň. Düşündiňmi? Başga zady biljegembolma. Mamagüle daga-da ony baýar çagyrypdyr diýip aýt.Düşnüklimi?-diýip, Öwezmyrat batyr gaýtalap-gaýtalapaýdansoň atyna mündi.— Düşnükli. - Gutlymyrat gamgyň bir hereket bilenýüzüni aşak saldy. Soňra Öwezmyrat batyryň ýüzüne dikanlap


sözüniň üstüne goşdy. -Batyr, nirede bolsaňam, näçe wagtlapbolsaňam, sen maşgalaňdan arkaýyn bolgun.— Hoş! Men gitdim, Gutlymyrat! - diýip, Öwezmyratbatyr atyny sürüp ugrady. Gutlymyrat bozulan gyryljyk sesibilen:— Alla ýaryň bolsun!.. - diýip, onuň yzyndan gygyrdy. Olýene bir zatlar diýmekçi boldy, emma damagy dolup, dilidiýenini etmedi. Ol tä özüni raslaýança, duran ýerinde dim-dikbolup, Öwezmyrat batyryň yzyndan garap durdy. Onuň garasyýitenden soň öwrülip öýe girdi.Öwezmyrat batyr obanyň içi bilen atyny sürüp barýarka, heröýüň gabadyna ýetende, obadaşlary ondan habar soradylar.— Hä, batyr, ugur haýyr bola, nirä ugradyň?-diýip, öýüniňişiginde bir zada güýmenip duran ýaşuly sorag berdi.— Baýar çagyrypdyr, şoňa barýan Aşgabada.— Köp ýagşy, köp ýagşy. Çagyran bolsa, barmaly.Eýgiliklisi bolsun, oňlulyga bolsun.— Aý, işalla, oňunadyr-la.Ol aňyrrak geçdi welin, ýene işiginde duran bir goja onuňgapdalyndan gygyrdy:— Hä, batyr, ugur haýyr bola?— Baýar çagyrypdyr, Aşgabada barýan.


— Köp ýagşy. “Çagyrylan ýere irinme, çagyrylmadykýerde görünme” diýlendir. Oňlulyga bolawersin, baraweri.— Aý, işalla, oňunadyr.Şeýdip, Öwezmyrat batyr duşlaryndan geçende, ol öýüňgapysyndanam, bu öýüň gapysyndanam, ol çatmanyňgapysyndanam, bu çatmanyň gapysyndanam gygyryp habargatyp, ol tä obadan çykýança, öýin-öýin diýen ýaly ýagşyniýet, ýagşy dileg bilen ugratdylar.Öwezmyrat batyr gidenden üç gün geçenden soň, egni gökesgi nyşanly bir topar atlyny yzyna tirkäp, Dykma serdarobanyň bir çetinden girdi. Oba adamlary öýlerinden çykyşyp,bulara geň galmak hem ýigrenç bilen seredişýärdiler. Dykmaserdar atyny sürüp, Öwezmyrat batyryň öýüniň gapysyndanbardy. Gutlymyrat daş çykdy. Dykma serdar ondan:— Öwezmyrat batyr öýdemi?-diýip sorady.— Ýok, onuň şol baýaryň çakylygyna gidişi, henizdolanyp gelenok - diýip, Gutlymyrat jogap berdi.Şol wagt gelip, bir gapdalda aýak üstünde oturan Gandymaksakgal:— Hä, Dykma serdar, Öwezmyrat batyr öýde bolaýanda,şu gelişiň ýaly dogry gelip bilermidiň? Belki sen onun öýdeýokdugyny bilip gelensiň? - diýip, çenden artyk gelengaharyny bildirmezlik üçin gülen boldy.


Dykma serdar onuň ýüzüne ýalta bakdy, ýöne nämediýjegini bilmän ýaýdandy. Onsoň:— Gandym aga, bize de buýruk şeýle. Buýruk bolansoňgelmeli bolýar diýdi-de, tiz atynyň başyny yzyna dolap gitdi.Gandym aksakgal onuň yzyndan gaharly gözlerini aýyrman:— Bir wagtlar han adam tutmak üçin özüniň kyrkperrajyny yzyna tirkäp gelende, bu obada suwa salma ýenjilipgidýärdi. Indi “il aglak bolsa, doňuz depä çykar” diýen ýaly,gel-gel Dykma-da syrtyny beýiklere diräp, üstüňe çöwjeýär -diýip hüňürdedi.Birnäçeleri bolsa:— Munuň etmelisi-hä bilinýär welin, ýöne soňy erbetboljak - diýşip, ahmyrly başlaryny ýaýkadylar.Dykma serdar nökerlerini yzyna tirkäp, Seýitmyrat begiň aköýleriniň işiginde düşdi.Şondan iki gün geçenden soň Öwezmyrat batyr hakda ilarasynda dürli gürrüňler ýaýrady. Biri: “Öwezmyrat batyrybeýik çagyrypdyr. Beýik Öwezmyrat batyra sögüpdir.Öwezmyrat batyryň hem oňa gahary gelip, gylyjyny sogrupsalypdyr. Onsoň ol ýerden çykyp gaçypdyr, indi Öwezmyratbatyr gaçgakmyş” diýdi. Başga biri: “Uly beýigiň ýanyndadurkalar, Öwezmyrat batyr şol ýerde gylyjyny syryp, Dykmaserdaryň üstüne topulypdyr. Emma beýigiň özi ara düşüpdir.


Ýogsa çapýan ekeni. Şondanam çykyp gaçgak bolanmyş”diýdi. Garaz, her kim bir “myş” toslap, iliň arasy uly wagyrboldy.Emma şu ýaýradylýan “myş-myşlaryň” içinde diňe ekejesöz hakykatdy. Ol hem “gaçgak bolupmyş” diýen sözdi. Galan“myşlaryň” hemmesi toslamady.Öwezmyrat batyr obadan çykanda: “Beýigiň ýanynaAşgabada gitjek” diýip çykanam bolsa, Aşgabada baka ýüzünihem öwürmändi. Öl hiç kime belli bolmadyk bir ugra gitdi.Onuň nirededigini Dykma serdaram bilenokdy, ýene birem.Dykma serdar obadan syrtyny saýlap bilmän, şoltöwereklerde aýlandy. Üç gün geçenden soň, beýigiň ýanynabaryp:— Köp ýerini gezdim. Ýer ýykyp, tapyp bilmedim - diýiphabar berdi. Beýik bolsa:— Şol her ýerde-de bolsa, hökman tapyp getiräýmeli -diýip, Dykma serdara täzeden buýruk berdi.Dykma serdar yzyna nökerlerini tirkäp, ýene bir hepdeläp şutöwereklerde aýlandy. Ahyry hem beýigiň ýanyna baryp:— Men ony hiç ýerden tapmadym, ol bizin ýurdumyzdançykypdyr - diýip mälim etdi.Beýik bu sapar Dykma serdaryň sözüne ynanyp, birnemerahatlandy. Emma beýik rahatlansa-da, Dykma serdaryň özi


arkaýynlaşyp bilmedi. Onuň üstüne aýylganç howp abananýaly boldy. Sebäbi ol Öwezmyrat batyryň daş ýerde däldiginibilýärdi. Şonuň üçinem ýakyn bir ýere çyksa-da, ýany nökersizçykmaýardy. Seýitmyrat beg bolsa gije öýünden meýdana aýakýoluna çykjak bolanda hem ýany adamsyz çykmasyny goýdy.Öwezmyrat batyr gaçgak bolandan tegelek alty aý geçendensoň, bir gün Dykma serdar damana bilen gidip barýardy.Yzynda-da on alty sany atly nökeri bardy. Olar bir dagyňburnundan aýlanan ýerinde gapdaldaky gaýadan olara baka okýagdyryldy. Oklaryň dogry Dykma serdary nazarlap atylýanybelli. Emma oklar sowa geçdi. Dykma ýapyrylyp, atyna gamçybasdy. Ol şeýdip, zordan gaçyp gutuldy.Soň bir gün bolsa Dykma oba öýüne gelipdi. Ol gijäniň birwagty aýak ýoluna daş çykdy. Kim-de bolsa bir adam uzyn,gara bolup, onuň üstüne abandy. Dykma arkan çekildi-de,derrew öýe girdi. Içeriden:— Kimsiň? - diýip gygyrdy. Daşardan kimdir biri:— Wah, melgunyň hut özi eken. Heý, armanlyjasypdyrypdyrys - diýip, ahmyrly hümürdedi.— Heý, melgun, bu sapar ajalyň ýetmändir - diýip, ikinjises haýbat atdy.- Eý, melgun, bilgin, habardar bolgun. Biz diribolsak, seniň ýaly ýurdy satan dönükler diri gezmez. Heý,oýnaşly heleý...


Mälim bolşuna görä, bular kimem bolsa, Dykmanyň öýünegelenini bilip, onuň öýüniň töweregini saklapdyrlar. EmmaDykma serdar gije ýatanda, kellesini guşak bilen sarapýatypdy-da, aýak ýoluna çykanda hem şol durşuna çykypdy.Şonuň üçin bolsa gerek, aňtaýjylar ony seljerip bilmändirler.“Bu Dykma bolman, başga bir bigünä bolaýmasyn” diýip,ýagşylap seljerjek bolupdylar. Onýança Dykma-da gaçyp öýegiripdi.Dykma serdaryň pikirine görä, şeýle zäherli ýandyryjysözleri ýa Öwezmyrat batyr, ýa-da onuň ýakyn adamlarynyňbiri aýtmalydy. Her näme-de bolsa, Dykma serdar bu syrlarybaýardan gizlin saklady.Emma baýar bu syry bir ýerden eşidip, Dykma serdaryýanyna çagyrdy hem oňa agzyndan gelenini aýdyp sökdi.— Öwezmyrat batyr biziň topragymyzda bar. Her ýerde-debolsa, şony tap! - diýip buýruk berdi.Dykma serdar şaýyny tutup, ýene Öwezmyrat batyryňgözlegine çykdy. Emma Öwezmyrat batyr tapdyrmaýardy.Gaýta oňa duýdurman, onuň nirä baranyny daşyndan aňtapgezýärdi.Şol sapar Dykma serdar öz nökerlerinden on atlyny dagynydagyň bir buljumyny barlamaga ugratdy. Olar gidenugurlaryndan ýaragsyz dolanyp geldiler. Şundan soň Dykma


serdar has öjügip, Öwezmyrat batyryň yzyna düşdi. Alty aýlapgözledi, emma tapyp bilmedi.Tegelek bir ýyl geçenden soň bir awçy sypat näbelli adamÖwezmyrat batyrlaryň öýüne geldi. Olarda myhman boldy. Oladamyň aýagynyň astyndaky atyndan başga iki sany ýüklierkegi bardy. Onuň bir düýesiniň ýüki durşuna ham bilenderidi. Bu hamdyr derileriň içinde tilki derisinden başlap,meýdan möjekleriniň adyny tutanyň derisi bardy. Köwügiň,möjegiň, ýolbarsyň, alaja barsyň, gaplaňyň derisi, keýigiňhamy, garaz, piliň hamyndan başga adyny tutan zadyň bardy.Onuň ikinji düýesiniň ýüki bolsa durşuna kakydylan aw etibilen bir bogdak tüwüdi.Bu gelen myhman Aman batyrdy. Gutlymyrat öýden çykanbadyna oňa gözi düşenden tanady. Begenç bilen onuň adynytutup gygyrdy hem ýanyna baryp, gadyrly görüşdi. Aman batyrgyssanmaçlyk bilen onuň gulagyna bir zatlar pyşyrdady.Şondan soň Gutlymyrat onuň adyny “Awçy myhman” diýiptutup başlady.Ondan-mundan adamlar gelip başladylar.— Bu deri, hamlar satlykmydyr, myhman. Aw etiňemsatarmysyň? - diýşip, ýerli-ýerden hyrydar çykyşyp başladylar.— Ýigitler, satlyk däl zat bolmaz-diýip, Aman batyr jogapberdi. - Onda-da awçynyň zady. Sebäbi awçy diňe özi üçin aw


awlaman, satmak üçinem awlaýar. Ýöne myhman bolup birgapa düşeňsoň, myhman ýeriňden bigeňeş söwda başlamakbolmaz. Ol biziň iliň adaty. Ine, myhman ýerimiziň aksakgalybardyr, zady bardyr, ertir geňeşip göreris. Meniň özümiň-äAşgabada gitmek hyýalym bar. Näme-de bolsa bu zatlarymyhman ýerimde galdyryp gitjek. Olar satar. Hawa,ulaglarymdanam, ine, şu semiz erkek satlyk. Garaz, myhmanýerim görer-dä. Özi alanyny özi alar, galanyny satar.Şeýdip, Aman batyr sypaýyçylyk bilen özüniň awlan awynysatyp ýören bir awçy bolup göründi. Şol wagt Gandymaksakgal hem gelip:— Awçy myhman, salawmaleýkim! - diýip, onuň dogryadyny tutman, gelip görüşdi. Sebäbi Gutlymyrat eýýäm oňaAman batyryň gelendigini habar beripdi hem dogry adynytutmaly däldigini duýdurypdy. Onuň bilen nätanyş bir adamýaly salamlaşmagy sargapdy.Aman batyr bu gije çola wagt tapyp, GutlymyratdyrGandym aksakgal bilen gürrüňdeş boldy. Ol Öwezmyratbatyryň gaty gurgundygyny, Kany batyr bilenemtapyşandygyny gürrüň berdi. Özüniň hem Öwezmyrat batyrdagynyň toparyna goşulanyny aýdyp:


— Hudaý urup, bagtymyz ýataýmasa, Dykma serdar ähligoşunyny yzymyza salsa-da bizi tapyp bilmez. Tapaýsa-da,bizi alyp bilmez - diýdi.Öl getiren zatlaryny azyk üçin getirendigini aýtdy. Onuňdaşyndan ýene ýüz elli tümen gyran hem berdi. Özi ertir irbilen düýeleriniň birini alyp, atyna münüp, ýola düşdi.Ugramakçy bolanda:— Meniň gelenim hiç wagt, hiç kime mälim bolmasyn -diýip pugta tabşyrdy.Näme-de bolsa Dykma serdar bilen Seýitmyrat begiňgulagyna bir myş ýetipdir. Emma olar näçe ysyrgansalar hemanyk bir zat aňlap bilmediler. Gulaklaryna ýeten “myşdan”ugur-derek tapman, “olara bir awçy myhman gelip, deri, ham,aw eti satyp gitdi” diýen gümürtik maglumat bilen oňmalyboldular.Seýitmyrat beg bilen Dykma serdar Öwezmyrat batyrygözlemegini dowam etdirýärdi. Her hili ýol bilenem bolsa, onyele salmaga jan edýärdiler. Olar Hal mollany hem şoňameňzeşleri çagyrdylar. Olara dumly-duşda Öwezmyrat batyrator hem gürpbasdy gurmagy, her edip, hesip edip, ony golasalmagy tabşyrdylar. Merde garşy mekirler öz göreşini dowametdirdiler.


TÖTÄNDEN ÝÖRENLERTomsuň jöwzaly günleridi. Gurak meýdandan göterilen toztopurgöýä bir ümür-duman ýaly, dünýäniň dört töwereginihalkalaýyn gabsap alypdy. Diňe süýr depede gök asmangörünýärdi. Ilsiz-günsüz ymgyr meýdanda-bag ornunagaraçaýyr, ýandak, selme, syrkyn ýaly hyrsyz çöp-çalam ösenbu şortaň meýdanda laýdan bir sümelgejik salnyp, onuň üstihem çöp-çalam bilen basyrylypdyr. Sümelgäniň asly ýaşaýjysybir adamdy. Emma üç-dört gün mundan ozal bu sümelgä ýenebir adam gelipdi. Ol gelende egninde bir köne ýamaly horjunybardy. Onuň hemme goşy hem şol horjun bolmaga çemeli,ýöne onuň şol horjunynyň içinde näme bardygy belli däldi.Diňe horjunyň bir gözünden iki sany gargy tüýdügiň başygörünýärdi. Şondan bäri bu sümelgede iki adam ýaşaýardy.Eger bu sümelgäniň tutulan orny ýoldan-ýodadan alysda,çölüstanyň bir buljumynda bolan bolsady, onda bu jaý dünýäniterk edip, özüni durmuşdan çetde saklaýan, adamzatdan gaçýanhakyky terkidünýäleriň mekany, bendi diwanalaryň mekanydiýmek boljakdy. Emma bu sümelge gür gatnawy bolan ulykerwen ýolunyň ýakasynda salnypdyr. Şonuň üçin busümelgäniň eýesi hem köne mazary saklap, özüni terkidünýä


görkezip, gelenden-geçenden aklyk hantamaçylygyny edip, pulýygnajak bolýan müjewüre meňzemeýärdi.Sümelgäniň eýesi köne mazarlary saklaýan müjewürler ýalysypaýy görnüşde däldi. Ol gojanyň gunduz ýaly ak sakgalyýüzünden syrygan der damjalarynyň yzgary bilen gatyşantozana bulaşypdyr. Onuň üstesine-de tezek odunyň tüssesisiňipdir. Öň hem selçeň sakgalynyň kä ýerlerini ot çirkizipdir.Opuň başyndaky çöwürme telpeginiň gyrasyna tutulanbagananyň tüýleri düşüp, kä ýerinde bir übtük galypdyr. Onuňegnindäki asly öz sulbasyny ýitiren dony sal-sal bolupdyr.Onuň bilindäki guşagy-da haçanda bolsa bir wagt şu ýerdedüşläp geçen kerwenleriň biriniň taşlap giden köne duşagydy.Onuň el-aýaklarynyň gyşyň aýazynda ýarylan jaýryklarytomsuň tozany bilen, kir-kimir bilen dolup gara çor bolupdyr.Ol el-aýaklaryň görnüşi müjewüriň el-aýagyna meňzemän,birnäçe ýyllar boýy çöp-çalamlar bilen dözümli göreşen elaýaklardygygörnüp durdy.Bu sümelgede soňky peýda bolan adamyň hem görnüşi şolgojanyňkydan kän tapawutly däldi. Diňe bir tapawut bardy -olheniz beýle garramandy. Emma onuň gasyn atan ýüzüniňýygyrtlary, hamy syrlaşyp giden maňlaýy başyndan hasratly,gaýgy-gamly agyr günleri geçirendiginden habar berýärdi.Onuň köseleç gara sakgalyna seredeniňde, otuz bäş-kyrk


ýaşlaryndadyr diýip çaklamak boljakdy. Emma onuň ganygaçan ýüz sypaty ony has garry görkezýärdi. Häzir olsümelgäniň kölege taýynda oturyp, özüniň köne geýimleriniňýyrtygyny çatmak, ýamamak işi bilen meşguldy.Sümelgäniň hak eýesi goja bolsa göýä başyna bir gaýgylyagyr iş düşen adama meňzeýärdi. Edil aýagy bişen dekzowzuldap, sümelgä girýärdi, bir daş çykýardy. Öz başynahüňürdäp ýörşüne kimedir birine sögünjireýärdi. “Dunýäde iňbigaýrat sen bolduň... Namyssyz bolduň... Indi dünýäde gezipnäme işiň bar” diýýärdi. Belki bu goja häzir özüne sökse-desögýändir. Ol käwagt sözüniň arasyna dyngy berýärdi-de, ýenetäzeden başlaýardy. “Ata-enäňi şeýle horlamak bolarmy? Şeýleperzent önenden önmezligi ýagşy, ‘Näletkerde ogul dogdy,dogmady’ diýipdirler. Ata-enäni agyrdanlaryň jaýydowzahdyr... Ine, bir süri ogul, men olardan näme gördüm?..Hiç zat!” diýip gygyrýardy. Onsoň ýene bir salym hüňürdisinigoýan ýaly edýärdi-de, önki gürrüňine täzeden dolanýardy.“Sen hiç kimçe bolmadyň. Gör, seniň mert ýoldaşlaryň mertlikbilen ölüme gitdiler. Sen näme işläp dursuň?..” diýipkäýinýärdi.Bu goja sümelgesindekä-de, odun-çöp ýygyp ýörkä-de,başga bir iş bilen meşgul wagtynda-da, hemişe şunuň ýaly özözibilen gürleşer hüňürdär ýörerdi. Emma iki günden bäri,


näme üçindir, bu gojada bir aljyraňlylyk peýda bolupdy, öz-özibilen gürleşmesi-de has güýçlenipdi.Gün öýleden agypdy. Edil ýerden çykan ýaly bolup, çaňyňiçinden bir atly görünip. Ol atly bir sürüşini ýazdyrman, şusümelgäniň ýanynda ýoluň ýakasynda gazylan guýynyňbaşynda atynyň başyny çekdi. Guýynyň başyndaky köne agaçnowanyň gurudygyny görüp, sümelge baka gözlerini dikdi.Sümelgäniň içinden gojanyň nämedir bir zada gyzyp,gaharlanyp gaty-gaty gepleýäni eşidilýärdi hem bu tukat,güňleç meýdanda az ömürleri üçin “ah” çekip eňreýänjyzlanlaryň sesi ýaňlanýardy.Bu atly goja biri bilen gaharlanyşýandyr diýip gümanetdimi-nämemi, bir salym diňşirgenip durdy. Bu atlynyň goýryguri gara sakgalynyň üstünden görünýän ýogyn hyrsyz murtyonuň ýüzüni asly bolşundan hem agyr görkezýärdi. Haçandabolsa bir wagt onuň kellesine palta ýa-da gylyç ýarasydüşüpdir. Şol aýylganç köne ýara ýeriniň aşak ujymaňlaýyndan görnüp durdy. Bu görnüş onuň hyrsyz sypatynyöňküsindenem beter haýbatly görkezýärdi. Bu hyrsyz adamgojanyň içerde öz-özi bilen gaharlanyşýandygyny aňdy. Buýerde başga iňlär siňek ýokdur diýip oýlady-da:— Aý, ýaşuly! Bu gün saňa näme boldy? Nowaň gurap,jaýrylyp gidipdir-diýip, ýogyn hem haýbatly sesi bilen


gygyrdy. Emma onuň sesi öz-özi bilen başagaý gojanyňgulagyna ilmedi. Ol azajyk sagyndy-da, ýene gygyrmagahyýallandy. Şol wagt sümelgäniň kölege ýüzünde oturan adamözüniň ýamap oturan köýnegini taşlap, ýerinden turdy.— Salawmaleýkim! -diýip, aňyrdan geldi-de, haýdan-haýguýynyň başynda duran gowany guýa sallady.Bu atly oňa geň galan ýaly bolup seretdi. Ara azajyk salymsalmak bilen:- Aleýkim - diýip, onuň salamynyň jogabyny gaýtardy.Onsoň birneme käýinjiräp, sözüni dowam etdi. - Bu gojahemişe eli gowaly guýynyň başynda häzir durardy. Mydamanowasy suwdan doly bolardy. Ötene-geçene suw bererdi. Çilimtäzelärdi. Çaý diýse, çaý bererdi. Bu gün ne hudaý urdy muny.Ýa seniň barlygyňdan arkaýyn boldumyka?Suw çekip duran ikinji gowasyny hem nowa guýdy-da:— Hawa, ol öňem öz-özi bilen ýaňraşyp ýörýärdi. Ýöne,näme-de bolsa, işine jürdi. Emma birki gün bäri halysaljyrapdyr. Düze düşmäge az galypdyr - diýip gürrüň berdi.Atly degişme gürrüňi bilen:— Näme, ony mundan beter nähili düze düşürjek? Ýa-dasuwsuz çöle düşürip,öldürmek hyýalyň barmydy? Onuň düzedüşme kemi galmandyr ahyry - diýip ýyrşardy. Suw çekýän:


— Zyr däli bolarmyka diýip gorkýan - diýdi. Atly özüniňhyrsyz murtlaryny sypalaşdyrdy-da:— Näme, sen bu gojanyň ogly ýa-da inisi dagymy? - diýipsorady.— Ýok. Menem bir gezip ýören adam. - Ol gowanyguýydan çekip aldy-da, nowa guýdy. - Ýöne bu gojany birwagtdan bäri tanaýardym.— Şeýle diýsene. Ýöne kömekçi diýsene - diýip, atly adamsuwdan ganyp, başyny ýokary göteren atyna suw hödürläp,sykylyk atmaga durdy.— Hawa. Siz, belki, çilim çekersiňiz? Çilim täzeläýin -diýip, gojanyň kömekçisi sorady.Bu atly göräýmäge bir geçegçä meňzeýärdi. Emma onuňgojanyň kömekçisine assyrynlyk bilen syrly garaýşy, ýönekeýbir geçegçi bolman, bu goja bilen bir işiniň bardygynyaňladýardy. Ol murtuny taýly gezek towlaşdyrdy-da:— Hawa, çilimem çeksek çekäýeris - diýdi.Gojanyň kömekçisi çilimiň başyna temmäki saldy-da, tütedilipgoýlan tezek odundan köz bolan bir tezegi eli bilen göterip,çaltlyk bilen çilimiň başynda goýdy. Nätanyş atly atyndandüşüp, sümelgäniň saýa tarapynda atynyň başyny saklap, öraýak üstünde duran ýerinden gojanyň kömekçisiniň her birhereketine assyrynlyk bilen syn edýärdi.


Gojanyň kömekçisi özüniň hemme hereketleriniňsynlanýanlygyndan bihabar çilimi otlap eltip beren wagty,nätanyş atly:— Sen bu goja bilen hiç hili ýakyn garyndaşlygym ýokdiýdiň-ä? - diýip, öňki berlen jogaby ýene bir gezek gaýtalaptassyklatjak bolýan ýaly çintgäp sorady. Eline berlen çilimilokurdadyp demine dartdy. Garrynyň kömekçisi bolsa:— Hawa - diýip goýdy.— Şeýle diýsene - diýip, nätanyş atly sesini agzyndanburugsap çykan tütün bilen gatyşdyrdy. Ol çilimi ýene birgezek demine uzyn sordy-da, gojanyň kömekçisine berdi.Töweregine göz aýlady. Sümelgäniň diwarynyň ýüzünekakylan agaç gazykdan asylgy köne horjuna gözi düşdi.Horjundan iki sany gargy tüýdügiň başynyň çykyp duranynygördi.— Asyl sen tüýdükçem bölmaga çemeliň. Belki tamdyra,saz-söhbetdenem habaryň bardyr? - diýip sorady.— Hawa - diýdi-de, garrynyň kömekçisi sypaýyçylyk üçinsözüniň üstüne goşdy. - Az-kem hemmesindenem habarym bar.— Şeýle diýsene. - Nätanyş atly bir zadyň pikirini edýänýaly dymdy. Bir salym oturandan soň özüniň çaý içmekmeýliniň bardygyny duýdurdy. - Ýigit, myhmana çaýyňyzzadyňyzbolmazmy?


— Men sizi geçip barýan ýolagçymykaňyz diýip, çaýyňugruna-da çykmadym. Ine, çaýy dessine gaýnadaýaryn - diýip,gojanyň kömekçisi diwaryň düýbünde duran tüňçäni alyp, çaýgaýnatmak bilen boldy.— Hawa, men ýolagçylygyma-ha ýolagçy welin, ýönemeniň “göçenimi ýel biler, gonanymy gol biler”. Men haýsyýerde togtasam, meniň öýüm-ilim şol ýeri.Şeýle diýdi-de, nätanyş atly atyny sümelgäniň ýeňsesindäkigazyga daňdy. Atynyň syrtyna bökderen horjunyny alyp, onuňbir gözünden at torbasyna arpa guýdy. Torbany atynyňkellesine geýdirdi. Ýene horjunyny köjäp, sümelgäniňsaýasyna özi bilen alyp geldi.Gojanyň kömekçisi tezek hem çöp-çörleriň tüssesine bişip,daşy gara gemre bolan, suwuň löderesinden içi gat-gat ak syrçabaglan tüňçäni suwdan dolduryp,düýbüni üýşüp duran gora süsdürdi. Öň ýygnalyp, ojagyňbaşynda üýşürilip goýlan tezek hem meýdan çöplerini tüňçäniňdüýbüne süýşürdi. Goýry çalymtyk tüsse asmana göterildi.Sümelgesinde öz başyna hümürdäp ýören gojanyň sesi kemkemdenpeselip, selçeňläp, kä wagt bir aýdýan sözi eşidilmägebaşlady. Indi ol hem kesilip, onuň hor çekýäni eşidilýärdi. Olýaňrap halys bolan bolmaga çemeli, üstünden gaty köp


gowgany geçiren ýamaly köne içmeginiň syr ýüzüniň üstünde,sümelgäniň bir dulunda uklap galypdyr.Tüňçe tiz lakyrdap gaýnady. Gojanyň kömekçisi könedonunyň syýy bilen onuň gulpundan tutup, kölegä getirdi hemçaý atmak niýeti bilen özüniň asylgy horjunyna baka ýöneldi.Şol wagt nätanyş atly:— Çaý mende bar - diýip, jübüsinden çaý haltasynyçykaryp oklady. - Hawa, özem baryp ýatan çaýdyr. - Garrynyňkömekçisi onuň çaý haltasyny alyp çaý atmaga durdy. Nätanyşatly bolsa gürrüňini dowam etdi. - Asyl meniň özüm çaýy köpiçibem ýöremok. Az içýän. Ýöne birnäçeleriniň çaý diýip içipýöreni saman. Men içsemem gaty gowy bolmasa içmeýän.Gojanyň kömekçisi nätanyş adamyň gürrüňine diň salypýörşüne, tüňçäni onuň öňünde goýdy. Döwlüp, üç bölek bolup,soň bölekleri ýerli-ýerinde goýlup daşyndan kagyz ýelmenenbir käsäni hem oňa uzatdy. Bu käse-de haçanam bolsa bir wagtbu ýerde ýük ýazdyryp geçip giden kerweniň döwüp taşlankäsesidi.Nätanyş atly tüňçäniň çaýyny agdaryşdyrdy-da:— Käsäňi alyp gel, ikimize-de bolar - diýdi.— Ýok, ýok, meniň çaý kemim ýok - diýip, gojanyňkömekçisi garşylyk görkezdi. Emma nätanyş adam:


— Ol hiç bolmaz. Adam bar ýerinde men çaý-çöregimiýeke iýip bilýän däldirin - diýip, berk aýtdy. - Çöl beýewandaadamsyz ýerde nalaçdyryn. Men adamlary gowy görýän.Adamlar meni ýigrense-de ýigrenýändirler. Adymy eşitseňiz,belki, sizem meni ýigrenersiňiz. Emma men adamlary gowygörýän. Meni şu ýerden kowmajak bolsaň, käsäňi alyp gel.Gojanyň kömekçisi sümelgäniň bir burçunda duran laýdanýasalyp bişirilen hem içine ýaşyl syrça çaýylan bir käsäni alypgeldi.Nätanyş adam horjundan süýji garylyp bişirilen külçeleriçykaryp orta goýdy. Dikeç gandy bilindäki buýnuz saplyhyrsyz pyçagynyň ýeňsesi bilen maýdalap oturyşyna öňkigürrüňiniň yzyny dowam etdi:— Il-ulusyň içinde betnam görkezilen adamyň adynyeşitseniz, belki, sizem ýigrenersiniz. Meni gorkunç adam,ýigrenji adam hasap edersiňiz.Emma onuň gürrüňdeşi “betnam görkezenler kim?” diýibemsoramady, sesinem çykarmady, öz işi bilen meşgul boldy.Nätanyş atly özüniň gürrüňdeşiniň diňe bir edýän işinden,hereketinden däl, hatda onuň çaý içişinden, çörek iýşinden-demany gözläp, assyrynlyk bilen synlaýardy.


— Hawa, asyl siz sazanda ekeniňiz-ä? - diýip, nätanyş atlyonuň sazandalygyny has pugta anyklamak isleýän dek ýenegaýtalap sorady.— Hawa, az-kem - diýip, gojanyň kömekçisi hem ozalkyberen jogabyny gaýtalady.— Külçeden iýiň.— Meniň zat kemim ýok.— Hiç bolup bilmez. Çekinmän iýiber. Külçe gowy zatbolýar. Meniň hemişe azygym şudur - diýip, nätanyş adam birsalym dymdy. Nämedir bir zatlaryň pikirini etdi. Onuň iki gözihorjundan çykyp duran tüýdüklere dikildi. Onsoň tüýdüklerdennazaryny sowdy-da, öz başyna hümürdäp başlady. - Adamzatdünýäde ýaşamak isleýär. Ol özüne bir hünär saýlap alýar-da,şonuň üsti bilen gün geçirýär. Her kim bir zady söýýär. Şoňayşk edýär. Onuň yşk eden käri dünýäniň iň ýaramaz, peskärlerindenem bolsa, ol şony söýenden soň, ol pes kär onuňgözüne göýä bir elýetmez hunär bolup görünýär, göýä dünýädeşondan başga kesp gapyşan ýaly bolup görünýär...Gojanyň kömekçisi nätanyş adamyň şu sözleri bilen nämeaýtmakçy bolýandygyny bilmän, asla ol hakda oýlanman:— Şunyň hak - diýip, onuň gürrüňini tassyklady. Nätanyşadam sözüni dowam etdi:


— Men bir wagt çopandym. Dünýäde çopançylykdanbaşga kär bardyr öýtmezdim. Ine, senem sazanda, dünýäde özhünäriňden başga kesp-kär bardyr öýdýän dälsiň?— Näme, siz sazandalyk hünärini pes kär diýýärsiňizmi? -diýip, gojanyň kömekçisi sorady.— Ýok, ýok, men sazandalyk hünäri pes diýip aýdamok. -Nätanyş adam şol bir äheňinde parahat gürledi. - Dünýäde peshünär bolup bilmez. Her bir hünäriň özüniň gerekli orny bar. Ilçopançylyk kärini halamaýar. Zada düşünmeýän akmakadamlary çopan bilen deňeşdirýärler. Hawa, bir ýandan iliňaýdýanynyň ugry ýogam däl. Emma hünär hakyndaaýdanymyzda, il çopanyň hünärine näbeletçilik edýär, şonuňüçin ony pes kär diýip güman edýär. Çopan, belki, özüniňedýän işinden başga zada düşmese-de düşýän däldir. Emmaonuň öz bakýan agyr sürüsindäki her bir goýny tanap, olaryňher biriniň häsiýetine beletligini göreniňde, her biriniň dilinitapyşyny göreniňde, çopançylyk kärine pes kär diýip aýdypbilmersiň, öz işiniň ussasy diýersiň. Men dünýäde hiç pes kärgöremok. Ýöne pes gylyk, pes häsiýet bolup biler. Asylkysynyaýdaňda, men çopançylyk kärini-de, sazandalyk hünärini-dehalamaýan. Düşünýärsiňizmi?Gojanyň kömekçisi ýylgyrdy-da:


— Siz bu sazandalygy näme üçin ýigrenýärsiňiz? Elbetde,ony ýigrendirýän bir sebäp bolmalydyr-a - diýdi.— Hawa, elbetde, sebäpsiz däl. - Nätanyş adam sözüneazajyk dyngy berdi. - Adamçylykdyr, dosty-duşmanybolmaýan adam bolup bilmez. Sen başyňdan agyr günlergeçiren, köp görgüler gören adama meňzeýärsiň. Seniňýigrenýän duşmanlaryň bardyr, elbetde?Gojanyň kömekçisi agyrlyk bilen, sojap uludan demini aldy.— Hawa, bar - diýip, ýuwaşja seslendi. - Bar, onda-da görnähili şum hem güýçli duşman. Olar bu günler toý içindeşadyýan, men gaýgy-gam içinde sergezdan.Nätanyş atly özüniň syrly nazaryny has güýçlendirdi.Gözlerini gürrüňdeşiniň dogry ýüzüne dikip:— Şeýle diýsene... - diýdi.— Hawa, şeýle welin, ýöne bir zady bar. Ine, siz öňkikäriňiz bolan çopançylygy ýigrenýärsiňiz. Şeýle dälmi? Şolkärden başga bir käre geçipsiňiz. Elbetde, şoňa-da bir sebäpbolandyr ahyry? Şol sebäp sizi başga bir käre iterendir. Ine,meniň sazanda bolmagyma-da şol gaýgy-gamly agyr günlersebäp boldy - diýip, gojanyň kömekçisi özüni aklady.— Elbetde, bisebäp hiç zat bolup bilmez - diýip, nätanyşatly onuň bilen ylalaşdy. - Adam bisebäp hiç bir ugra iterilmez.Düşünýän bolsaňyz, gürrüň şonuň üstünde barýar. Emma sen


öz hünäriňi gerekmez wagty alypsyň. Düşünýärmiň? Menemözümiň çopançylyk kärimi seniň öz hünäriňi söýüşiňçe söýýän.Emma bu gün çopançylyk wagty däl. Şonuň üçinem men özgöwnümiň diýenini etmän, tersine gidýän.Göýä bir utançly zat eden ýaly, gojanyň kömekçisiniň ýüzidym-gyzyl boldy, esli wagtlap sesini çykarman, ýer dyrmalapoturdy. Onsoň nätanyş atlynyň ýüzüne dikanlap garady:— Siz gaty geň, gyzyk adam bolup görünýärsiňiz. Siziňasyl özüňiz näme kärde? - diýip sorady.Nätanyş adam loh-loh güldi:— Meniň gyzyklylygymy soraýarmyň ýa-da edýän kärimi?— Hawa, elbetde, gyzyklylygyňyzam edýän käriňiz bilenbaglydyr ahyry.— Ýok, ýok, ol ikisiniň hiç bagly ýeri ýok - diýip, nätanyşatly garşy çykdy. - Eger sen maksadyň näme diýip sorasaň, onyaýdyp biljek. Özüm bilen pikirdeş adamlary gowy görýän,gerek ýerinde olara kömegem berýän - diýip, ol sözüniňahyrynda morta aýtdy.Gojanyň kömekçisi nätanyş adamyň bilindäki haşdaň,ullakan pyçagyna seretdi. Indi bu nätanyş adamyň öňki bethaýbat sypaty onuň gözüne oňat häsiýetli adam bolup başlady.


— Zulumkeş adamlardan ýaňa meniň ýangynymyň şeýlegüýçlüdigine sen düşüngin - diýdi-de, nätanyş atly külçedendişläp, çaýyny hopurdadyp içdi.— Bu aýdýanlaryň düşnükli welin, şu bir ýerinedüşünemok - diýip, gojanyň kömekçisi pikirli gürledi. - Siz öňbir sözüňizde “men adamlary gaty gowy görýän” diýdiňiz.Ýene “käbir adamlary ýigrenýän” diýdiňiz? Muňa nähilidüşünmeli?— Hawa, meniň adamy gowy görýänim çyn - diýip,nätanyş atly gürläp başlady. - Men adamyny gaty gowy görýän.Emma adyna adam dakynyp, adamdan azan iki aýaklyynsapsyz möjekleri ýigrenýärin. Özüniň ynsabyny, kowumgaryndaşyny,özüniň ar-namysyny, uýadyny bir gyranasatýanlary, bir gyran üçin ýetim-ýesir ejizleri horlaýan, olaraazap berýän ynsapsyzlary ýigrenýän. Elbetde, olar adam däl.Sen şeýle adamlara adam diýip şaýat geçip bilmersiň ahyry...Düşünýärmiň, meniň ýigrenýänim adam däl, olaryň diňe adyadam. Meni derde düşürenlerem şolar... Ine, sen öz başyňa şuagyr günleri düşürenleri adam diýip biljekmi?.. - Onsoňnätanyş atly gojanyň kömekçisiniň başyndan geçirenlerinieşidesiniň gelýändigini duýdurdy. - Hany, eşideli, seniňbaşyňdan nähili günler geçdi? Şeýle zady edenler adammy?Möjekmi? Hany gürrüň ber, soň mälim bolar nämedigi?


— Aý, şol könäni gozgap näme etjek? Ol uzyn bir kyssa-la- diýip, gojanyň kömekçisi göwünsiz seslendi. Emma nätanyşatly:— Başga näme işimiz bar? Biri-birimiziň başymyzdangeçen gyzykly kyssalary diňleşeris, wagt geçireris - diýip,gürrüňdeşini özüne baka yrdy.— Hawa, bir wagtlar meniň diýen wagtymdy. - Garrynyňkömekçisi gürrüňe başlajak ýaly etdi-de, birden sagyndy.Külçeden döwüp agzyna atdy. - Hawa, men başymdan gyzyklywakalary geçirdim.Nätanyş bir oturyşyny üýtgetmän:— Hany, eşideli bakaly, nähili gyzykly wakalargeçirdiňkäň? - diýip, oňa goltgy berdi.— Bir wagtlar meniň gowuja günüm bardy - diýip, gojanyňkömekçisi gürrüňini dowam etdi. - Dogrusy, biz garypdyk.Meniň bir garry enem bardy. Atam men çaga wagtymdaölüpdir. Ejem onuň-munuň işini edip, meni kemala getiripdir.Biz şeýle garybam bolsak, gulagymyz dynç parahatýaşaýardyk. Biziň gowuja günümiz bardy diýip aýdýanymamşol. Eger men soňky başymdan geçiren günlerim bilen şol öňkigünlerimi deňeşdirip görsem, şol öňki garyp günümiziňem hanpatyşanyňkyýaly ekenligine göz ýetirýärin. - Gojanyňkömekçisi bir azajyk dymdy. Öz başyndan geçiren gaty köp


wakalarynyň haýsy ýerinden başlajagyny bilmän sagynýanýaly göründi. Esli pikirlenip oturandan soň dowam etdi. -Hawa, garybam bolsak, gulagymyz dynç, parahat ýaşaýardyk.Şeýlelik bilen men ýetişip, kemala geldim. Ýigrimi iki-ýigrimiüç ýaşa ýetdim. Bir gyzy ýürekden söýdüm. Ol gyz-da meniýürekden söýupdir. Emma şu söýüşmek bagtsyzlygyň başyeken. Meniň başyma gelen hemme belalaryň, başyma düşenagyr wakalaryň, gören muşakgatlarymyň sebäbi şol söýgiboldy. Başda biri meniň bir gyz bilen söýüp-söýüşýänligimigarry ejeme şugullady. Ejem: “Oglum şol gyzy söýmekden elçek. Şol gyzyň garyndaşlary şeýle adamlardyr, şu söýginiň özibir belanyň başy bolar” diýip, kän sargady. Hatda ölen atamygetirip orta atdy. “Görümde dik oturaryn” diýdi. Emma mensöýgimiň öňüne böwet basyp bilmedim. Meniň oňa güýjümýetmedi. Söýgi menden ökde çykdy, it alan sanaç ýaly, meni özugruna süýredi. Men şeýle bir derejä ýetdim, hatda şol söýginiňugrunda doganymdan eý görýän dostumyň kellesini almaga-dasynandym. Ýogsa ol dostum “şol gyzy alyp ber” diýip,duýduran badyma alyp berjek adamdy. Men söýginiň ugrundaşeýle ile göz-gülban bolupdyryn. Emma şeýle ile gülbanbolanymy özüm bilmän galypdyryn.Gojanyň kömekçisi dymdy, boşan tüňçäni, käseleri birtarapa süýşürişdirdi.


— Häli entek düzüwli ile gülban bolup bilmänsiň. Şol mertdostuňam söýgiňe gurban eden bolsaňdyň, ile gülbanlygy,weýrançylygy şondan soň görerdiň - diýip, nätanyş atlydymyşlygy bozdy. Onuň gürrüňiň yzyny diňläsi gelipalňasaýandygy, gürrüňdeşiniň wepaly dostunyň kimdiginibilmäge howlukýandygy görnüp durdy. Ýöne dymyşlyk ýenedowam etdi. Nätanyş atly eýýäm iýmini iýip gutaran atynyňtorbasyny almaga turdy. At torbany aýryp, eýeriň gaşyndanildirdi-de, ýene öňki ýerine geçip oturdy.— Hawa, onsoň şol söýen gyzyny almaga dostuň kömekbermedimi? - diýip sorady.— Kömek berdi - diýip, gojanyň kömekçisi ýer dyrmalady.— Hawa, onsoň ahyry nätdiň? Şol gyzy alyp bildiňmi?— Hawa, aldym - diýip, gojanyň kömekçisi sagyndy. -Hawa, edil şu şäher ýykylan güni aldym.Ol şeýle diýip gaýtalady-da, göýä gidip barýan ýoly uçut birgaýa dirän ýolagçy ýaly kürtdürip durdy, şol uçudyň üstündenböküp geçmäge synanyşýan ýaly göründi.Nätanyş atly has ornaşykly oturdy, gürrüňiň yzynydiňlemek isledi:— Ýeri, onsoň?..Gojanyň kömekçisi pikirinden açylyp, gürrüňini dowametdi.


— Hawa, söýgüli aýalym bilen bäş ýyl ýaşaşdym. Bir ogul,bir gyz emele geldi. Bäş ýyldan soň pelek meni söýgüliaýalymdan, oglumdan, gyzymdan aýyrdy. Men baryp, Ürgenjedüşdüm. Onda talabançylyga, çopançylyga başladym - diýip,özüniň Ürgençde eden işlerini, soň Hywada, Çärjewde,Baýramalyda, Maryda bolşuny birin-birin gürrüň berdi. Herýerde näçe wagtlap bolanyny, nähili işler edenini aýtdy.Nätanyş atly murtlaryny sypalaşdyrdy-da:— Seniň bu ygan ýerleriň, gören zatlaryň, eden işleriňçakyr aşykça-da ýok. Sen bir sözüňde aýtdyň, “pelek menihemme zatdan aýyrdy” diýip. Pelek seni hemme zatdan ýelbelasy bilen aýyrdymy ýa-da ot-suw belasy bilen? Pelek seninädip hany-manyňdan aýyrdy? Şu ykmandalyk köçesine pelekseni nähilelik bilen saldy? Ine, meniň eşidesim gelýän ýeri şol -diýdi.Gojanyň kömekçisi köseleç sakgalyny sypalady-da:— Şonumy? - diýip, sagyndy.— Elbetde, şony. Ýogsa pelegiň özi gelip, ýakaňdanebşitläp tutup, seni şol ugra baka itermändigi maňa mälim -diýip, nätanyş atly hetjikläp aýtdy.— Ol aýdýanyň şeýle welin, dogrusyny aýtsam, ony gürrüňetmäge şu wagtam gaty gorkýan - diýip, gojanyň kömekçisiegnini gysdy.


— Ine, saňa gerek bolsa gyzyk adam! - Nätanyş atlyýaňsyly gülümsiredi. - Näme pelekden gorkýarmyň? Ýa-daýene pelek şunyňdanam beter bir güne salar öýdüp, demiňigaty alyp bilmän oturyşyňmy şu? Indi mundan beter pelek saňanäme jepa berer öýdýäň? Mundan beýläk geçse, seniň janyňyalaýmasa, başga ediljek zatlaryň hemmesi edilipdir? Dünýädentumaýak bir köne horjunyň bilen galypsyň. Munyň öňde birýalaňajyň “geýmimi garakçy soýaýmasyn” diýip gizleýşinemeňzeýär. Indi ýaman etseler, seniň janyňy aljaklar. Nämepelegiň senden iki jan algysy barmy? Alsa, bir janyňy alar-da,gorkup ýörüp näme etjek?Gojanyň kömekçisi näme diýjegini bilmedi.— Men şu wagtam gaçgak ahyry - diýip, ysgynsyzseslendi.Nätanyş atly bir hili tagaşyksyz gülküsi bilen:— Ine, munyň-a öňkiňçe-de bolmady - diýdi. - Senpelekden gaçyp, dünýäň hiç bir ýerinde orun tapman, ahyry şugojaň sümelgesine gelip gizlenipsiň-ow?..— Ýok, men adamdan gaçgak, düşüniň - diýip, gojanyňkömekçisi özüni aklamaga çalyşdy. - Men şu dünýäňadamsyndan gaçgak. Meniň Ahala gelenime ýaňy bir hepdeboldy.


— Ahyry üstünden bardyň... - Nätanyş atly janygyp dowametdi. - Emma adamdan diýme-de, iki aýakly möjeklerdengaçgakdyryn diýip aýt. Olary adamdiýilýän mukaddes söz bilen atlandyrma. Hawa, ol ejize ganymmöjekler kimler?Gojanyň kömekçisi uludan demini aldy. Agyr ýük astyndagalan dek ýegşerdi. Ýer dyrmalap oturyşyna gussaly taryhynygürrüň bermäge başlady.— Hawa, meniň betbagtlygyma sebäp bolana Seýitmyratbeg diýýärler. Soň ol Seýitmyrat wolostnoý diýlipatlandyryldy. Indi bilmeýän, has ulalypmyş, pristaw bolupmyşdiýýärler. Hawa, şäher ýykylan güni men şol gyzy alyp gitdim.Gumuň içinde bir guýuda ýaşaýardyk. “Indi bize zatdegmezler, çagalara rehim ederler” diýip, birnemearkaýynlaşypdygam. Emma ol gyzy şäher bosgunynda öldihataryna geçirip ýören hossarlary, bäş ýyldan soň onuň meniňbilen ýaşaýandygyny eşidipdirler. Seýitmyrat beg hem şolgyzyň garyndaşlarynyň biridi. Özem hökümet adamy. Ol özdoganoglany Batyr hajyny on bäş sany nöker atla baş edip,meniň üstüme ugradypdyr. Bir gün gapyl otyrkak, öýümiziňdaşyny aldylar. Meniň golumy arkama daňdylar. Şol wagtoglum üç ýaşynyň içindäki çagady, gyzymyz heniz ýaşyna-daýetmändi. Ejem: “Il-gün, dat-bidat!” diýip, uly ili bilen ses etdi.


Emma kömege gelip bilýän barmy näme? Hiç kimden delalatýok. Sebäbi bularyň hemmesi egni gök esgili hökümetnökerleri. Seýitmyrat begiň nökerleri. Aýalym: “Biziňbaşymyza kyýamat goparmaň! Şu ýaş çagalara rehim ediň!”diýip, dyza çöküp, aglap ýalbardy. Emma Batyr hajy meniňboýnuma tanap dakyp, bir nökeriniň eline berdi. Aýalymyňelinden emýänje çagasyny alyp taşlajak boldular. Emmaaýalym:“Öldürseňiz çagam bilen menem bile öldürersiňiz” diýip,çagany bagryna basdy. Belki, olar onuň elindäki ýaş çaganysilkip alyp, bogup öldürselerem öldürerdiler, ýöne şol wagtdaş-töwerekde seredişip duran adamlardan çekinen borlular.Şonda-da aýalymy gaty ýaman ýençdiler. Ädikli aýaklary bilenkellesine depdiler, onuň gany ýüz-gözünden şabrap akýardy.Hawa, ejem, oglum uly ili bilen gygyryp aglaýarlar, töweregedelminip kömek gözleýärler.Aýalymy atyň öňüne salyp, meni hem ata süýredip diýenýaly alyp gaýtdylar. Men atlaryň yzyna eýerjek bolupylgaýaryn, käýerde süýrenýän. Aýalym başy aşyr urulýangamçynyň astynda selpeýär. Şol horluk bilen bir menzile ýakynýol ýöräp, bir guýa ýetdik. Emma bogazyna gum dykylyp,bogazy gurap demigip, ýaş çagamyz ýolda ölüpdir. Ölenini


aýalymyň özem duýman galypdyr. Ikimiziňem gözümiziňöňünde ol çagany ürgün çägä süsdürdiler.Batyr hajy öz nökerleri bilen birlikde bir baýyň öýüne düşdi.Men daşarda daňylgydym. Batyr hajy şol gije şol ýerde galdy.Agşam garaňky düşenden soň, kimdir bir aýal ogrynlykbilen maňa suw hem nahar berdi. Hemme kişi ýatandan soňbolsa, kimdir bir adam ýanyma gelip, meniň elimi çözdi. Ol“sen indi gidiber” diýenem bolsa, men ýolumy tapyp gidipbiljek däldim. Meniň başym aýlanyp durdy. Ol adam eýeresbabydüzüw bir arryk ýabyny elime berdi-de, “sen şu ýabynyal hem şu ugra git” diýip, ýola saldy. Ol adam bir rehimdarçopan bolmaga çemeli...Şol wagt nätanyş atly:— Sen şol rehimdar çopany görsen tanajakmy? - diýip,garaşylmadyk sowal berdi. Gojanyň kömekçisi bir hili geňgalyjylyk bilen:— Ýok... Ol wagtlar gijedi , garaňkydy - diýip, myhmanyňýüzüne ýiti-ýiti seretdi. “Şol adam sen bolaýma?” diýip sorasygeldi. Emma onýança nätanyş atly ýüzüni bir tarapraga sowup:— Hawa, dünýäde rehimdar adamlar kändir - diýiphümürdedi. - Ýeri, onsoň şol gidişiňe Ürgenje düşdüňmi?


Gojanyň kömekçisi ýüregine düwen sowalyny göwnündençykarman, myhmanyň ýüzüne gözüni aýyrman seredipoturyşyna:— Hawa - diýip, gysgajyk jogap berdi.— Ondan bäri näçe ýyl geçdi? - diýip, nätanyş atly sowalberdi.— Aý, ondan bäri köp wagt geçendir. Şu wagtlar menýigrimi ýedi ýaşymda. Emma siz kyrk ýedi ýaşandyrdiýersiňiz.— Dogry... - Nätanyş atly onuň sözüni tassyklady. - Hanyonsoň yzyňda galan ejeň bilen ogluňdan näme habar?— Oglum ölüpmi ýa-da bir ýerlerde diri barmy, onybilemok. Emma ejem däliräp, düze düşüp, ýykylan şäheriňtöwereginde meýdanda ölüp galypdyr. Ony şu goja jaýlapdyr -diýip, gojanyň kömekçisi gaýgyly ýüzüni aşak saldy.Onuň gürrüňdeşi özüniň doň bagyr, agyr ýüzli görnüşi bilen:— Seniň bu gören görgüleriň meniň üçin bir geň zat däl -diýip, gödeksi gürledi. - Eger sen meniň başymdan geçenlerieşitseň, öz başyňdan geçirenleriňi ýadyňdan çykararsyň... Ýöneşu güne çenli ondan-oňa gaçyp ýörşuňe men näme diýjegimibilemok. Sen “söýgi bagtsyzlygymyň başy boldy” diýip,hemme günäni söýginiň başyna guýýarsyň. Ýalňyşyp-ýazybamgünäkär şol möjekler. Batyr hajy, Seýitmyrat


eg ýaly namysyny satyp pristaw bolanlar diýeňok. Sen gaýtaşu ýerde gorkyňa busulýarsyň. Dykma serdar bilen Seýitmyratbeg ak patyşa ogullaryny sylag berdiler. Patyşa olara çin berdi.Olar mal-dünýä diýip, her işden gaýtjak däller. Olar şeýlebinamys. Olary diňe ýylan öldüren ýaly öldürmeli. Eger tapylsaölümden-de başga bir aýylganç zat bolsa etmeli...Düşünýärmiň, başyňdan geçen agyr günleriň gaýgy-gamynyşol binamys möjekleriň hapa ganlaryny ýere dökmek ýeňleder.Ikisi hem dymdy. Gojanyň kömekçisi gürrüňdeşiniňbaşyndan geçirenlerini diňlemek arzuwyndady. Şol wagt içerdeuklap galan goja oýanyp, daş çykdy. Ol entirek-tentirek edipsümelgesiniň diwaryna ellerini diräp, bu iki oturana bakaseretdi. Onuň gözleri gan guýlan ýaly gyzaryp durdy. Nätanyşatly:— Ýaşuly, salawmaleýkim! - diýip gygyrdy.— Aleýkim, aleýkim, amanmy, amanmy? - diýip, samrapgaýtalady-da, goja olaryň ýanyna gelip oturdy.— Ynha, külçe iýiň! - diýip, nätanyş atly gaty gygyrdy.Emma goja:— Hawa, hawa, men tapamok - diýip, öz ugrunasamyrdady. Nätanyş atly birnäçe külçäni alyp, oňa uzatdy.Goja diňe üç sanysyny aldy-da:


— Men tapamok, men tapamok - diýip, bir täsin hereketetdi. Onuň ýüz-gözüniň damarlarynyň çekýändigi mese-mälimgörnüp durdy, ýüz-gözleri, dodaklarygymyldaşyp durdy. Ol bir külçeden dişläp çeýnedi-de:— Gara batyryň mazaryny men gözledim. Hiç tapmadym.Tapamok. Men ölýänçäm onuň mazaryny saklajak - diýdi.Onsoň birden sözüni kesdi. Onsoň: - Meni şu günlere salansizsiňiz! - diýip, göýä ýanyndakylara aýdýan ýaly edipgaýtalady. Emma onuň bu sözleriniň kimem bolsa başgabirlerine aýdylýandygy aýandy. Birdenem ýerinden turupugrady. - Siz dogandan sokyň gara daşy dogsa bolmaýarmy,näletkerdeler...Goja şeýle diýdi-de, ýüzi nirä bolsa şol tarapa ýöräp ugrady.Bir meýdan gitdi-de, aşak oturdy.Nätanyş onuň yzyndan seredip oturyşyna:— On-on bäş gün mundan öň göremde-de beýle dälmikädiýýärdim, indi bu halys däliräpdir - diýdi.Gojanyň kömekçisi onuň ýagdaýy barada gürrüň berdi:— Aslynda bu ogullary bilen oňuşmandyr. Ogullary-damunuň ugruna garamandyr. Munuň şol sögüp ýörenemogullarydyr. Garradygyça muny kesel basypdyr. Şeýle-de bolsaýylgaý beýle däldi. Ýany üç-dört günden bäri welin gaty erbetbolup başlady. Onuňam sebäbi munuň iň ýakyn dostlaryndan


irini ýaňy-ýakynda tutup, şu ýerden alyp geçdiler. Şondan bäribu bütinleý gutardy.Nätanyş atly bir hili gala-gop hereket bilen:— Munuň dosty tutuldy? Ol kim munuň dosty? - diýip, birhili haýalçyrap sorady.— Hawa, ol ýeke munuň däl, meniň iň söýgüli dostlarymyňbiridi - diýip, gojanyň kömekçisi gamgyn ses bilen gürledi. -Emma men öz janymdan gorkyma ony alyp geçip barýarkalaroňa özümi tanadyp bilmedim... Belki, sen ony tanasaňtanaýansyň. Oňa Öwezmyrat batyr diýýärler...Nätanyş atly ýeke dyzyna galaga-da:— Öwezmyrat batyr tutuldymy? Ony tutan kim? - diýipgygyranyny özi-de duýman galdy.— Ýanynyň ýüz elli atlysy bilen Dykma serdar tutupdyr -diýip, gojanyň kömekçisi uludan demini aldy.Bu sümelgäniň eýesi goja Öwezmyrat batyryň atlysynyňiçinde Garry batyr ady bilen meşhur bolan adamdy. Ol şu ýerdesümelge salyp, Gara batyryň näbelli mazaryny saklaýardy.Öňem çala mydar gymyldap ýören Garry batyr Öwezmyratbatyryň tutulyp alnyp geçilenini görenden soň halys ýanberipdi. Onuň kömekçisidirin diýýän adam bolsa bir wagtlarÖwezmyrat batyrlaryň garyndaşlaryndan Sadaba aşyk bolup,Öwezmyrat batyryň kömegi bilen oňa öýlenen


Nepesdi. Emma ol indi öňki Nepes däldi. Bütinleý üýtgäpdigaýgy-gam bilen bulaşyp, garrap gidipdi. Nätanyş atly Garrybatyra belet bolsa-da, Nepesi ilki görende tanamandy. Onuňgürrüňlerinden soň tanap galypdy.Nätanyş atly arman bilen içini çekdi.— Wah, ony gapyl ýatyrka armanly tutandyrlar ýa-daaldaw-hile bilen alandyrlar. Ýogsa Öwezmyrat batyr Dykmaserdaryň ýüz elli atlysyna däl, bäş ýüz atlysyna-da el bermezdi- diýdi-de, horjunyny alyp, ony sermeleşdirmäge başlady.— Hawa, ony aldaw ýoly bilen tutupdyrlar - diýip, Nepesonuň sözlerini tassyklady. - Oňa-da Hal molla sebäp bolupdyr.— Hal molla sebäp bolupdyr?! - diýip, nätanyş atlyhorjunynyň erňegine eli bilen basdy-da, bir hili sogdurypaýtdy.— Hawa - diýip, Nepes jogap berenden soň, nätanyşatlynyň gözleri gan guýlan ýaly gyzardy. Edil göze dürtmegijede görünýän ýolbarsyň gözi ýaly, ot bolup ýaldyrady. Onuňýüzünde şeýle bir alamatlar peýda boldy, şeýle alamat diňe janajygynda gazabyň in soňky derejesine çykan adamyň ýüzündeemele gelýändir. Nepes bu nätanyş atlynyň ýuzüniň üýtgeýşineseredip, aňk bolup otyrdy.Nätanyş atly horjunyny gazap bilen eýmeçledi-de:


— Arman, men gijä galypdyryn. Haýp! Haýp! - diýipgaýtalady. - Hal mollany men diňe şu gün tanamaly däldim.Özüniň dinini, ygraryny, namysyny bir gyrana satýanharamzadalardandygyny ozal bir wagtlar tanapdym. Ol birwagtlar meniň okyma gabat gelipdi. Ol sapar ol ujyz gutuldy.Telpegini galdyryp sypdy... Emma haýp, bu sapar gijägalypdyryn...Nepes bu içine urup, öz başyna hümürdäp oturan nätanyşatlynyň bolşuna haýran galyp, ondan gözüni aýryp bilmänseredip otyrdy. “Bu adam kim bolup biler?” diýip, içinden özözüpesorag berýärdi.Nätanyş atly hemme zatlaryny horjunyna gyssaglysalyşdyrdy-da, ony göterip, çalasynlyk bilen atynyň syrtynabökderdi.— Men Öwezmyrat batyryň haýsy ýerlerde gezýänindenhabar tutaýyn diýip, ýörite Garry batyryň ýanyna gelipdim.Haýp, gijä galypdyryn - diýip, öz başyna hümürdedi.Nepes hem ol turansoň, ýerinden turup, onuň golaýynabardy. Nätanyş atly üzeňňä basmaga çemelendi-de, bir zatýadyna düşen ýaly bolup sagyndy. Goltugyna elini sokdy-da,agzy daňylgyja bir halta çykardy.— Al, şunuň içinde iki ýüz elli tümen pul bar - diýip, onyözünden üç-dört ädim uzakda duran Nepesiň öňüne oklady.


Nepesiň gözi jyňňyrdap öňüne düşen haltanyň üstünde uzakeglenmän, ýene nätanyş atla baka dikildi.Nätanyş atly üzeňňä basyp, ýeňillik bilen eýeriň üstünegondy. Nazaryny göni Nepese baka dikdi-de:— Seniň bilen bu birinji sapar görşüşim däl. Ikimiz üçünjigezek duşuşdyk - diýdi. - Men saňa ýene gaýtalap aýdýan. Butüýdügiňi erniňe gysdyryp, “iž” edip ýa-da tamdyraňytiňňildedip oba-oba ykmak bilen ýüregiňdäki gaýgy-gamyegsip bilmersiň. Gaýta üsti-üstüne gatlaşdyrarsyň. Ol gaýgygamlaryňyýok etmekçi bolsaň, namysyny satanbinamyslardan, adamdan azan guduz möjeklerden ar almaly.Düşün, namyssyz adamlary ýok etmeli... Ol haltadaky puly al,harçlan.Nepes iň soňky gezek onuň maňlaýyndaky aýylganç köneýara ýerinden gözüni aýryp, pully halta seretdi. Göz ýumupaçarsalymdan soň ýüzüni ýokary galdyrdy. Emma eýýäm atlyonuň ýanynda ýokdy. Nepesiň kellesindäki garyşyk pikirleriňarasynda birden bir surat göz öňüne geldi. Bir wagt Öwezmyratbatyryň çadyrynyň öňüne getirilen ýaraly ýigit... Onuň kellesiköne-sana ak esgi bilen saralgydy. Birdenem ol ýigidiňNepesiň hyýalyndaky keşbi ýaňyja gözüniň öňünde durannätanyş atlynyň haýbatly keşbine öwrüldi. “Ilmyrat... Il


çopan...” diýip, Nepes öz ýanyndan seslenenini duýman galdy.Şobada ýüzüni galdyryp:— Meniň saňa aýtmaly zatlarym kändi ahyry - diýipgygyrdy. Emma Il çopan eýýäm ses ýeterden uzakdady.Tomsuň ýandyryjy jöwzasynda beýik daglaryň aňyrsyna özünigoýberjek bolup duran günüň gyrmyzy şöhlesiniň aşagynda,ýer bilen göguň tapyşan ýerinde Il çopan çala çiş gara bolupgörünýärdi. Tä gözden ýitýänçä Nepes onuň yzyndan seredipdurdy. Diňe şondan soň ol uludan demini aldy, aýagynyňastynda ýatan pully halta seretdi. Pully haltany alyp, könesümelgäniň düýbünde oturyp, pikire çümdi.* * *Obanyň iň gowy ýaramly ýerleriniň käbir ýerlerinde beýikhowly, beýik ymaratlar salnypdyr. Käbir ýerlerinde bagbakjalarpeýda bolupdyr. Emma şortaň ýerlerde tozanabasyrynyp, hatar-hatar bolup, egnini gysyşyp oturan öýler şindihem gaty kändi. Obanyň ýerinin baryp ýatan seresinde - iňgözel ýerinde tutulan beýik howly hem onuň içindäki beýikymaratlar aýratyn hem göze ilginçdi. Oba gara görnümýakynlaşanyňdan bu ymaratlar saýlanyp göze görünýärdi.


Bu ymaratlar “Seýitmyrat begiň howlusy, Seýitmyratpristawyň jaýy” diýip at alan ymaratlardy. Näme üçindir, bugün Seýitmyrat begiň howlusynda hemişeki kadasyndan bellikülliaýratyn janly hereket barýardy. Agyr mähelle giňhowlynyň içinde ýerleşmedik bolara çemeli, howlynyň dörttöwereginde-de adamlar toýçy ýalydy. Kimler howlynyňüstüne çykyp otyrdy, kimler münüp oturan atlaryny, düýelerinihowla ýanap, bir gyzykly tomaşa görjek ýaly, howlynyň içineseredişýärdiler. Howlynyň içinde bolsa gyrmyzy don geýnip,eginlerindäki çinlerini ýalpyldadyp ýören adamlar, durmuşybilen ýüpek donlara çolanan geýnüwli adamlar, aksakgallardolup durdy. Howlynyň içi dumly-duş haly düşekler bilenbezelipdi. Gyrmyzy donunyň egnine gök esgi pogon dakynannökerler, beýik howlynyň ullakan gök derwezesiniň iç hem daşagzynda üýşüşip durdular. Häzirki guralan desga, joşgunlyhereket ullakan dabara bilen tutulan myhmanly toýuň tutumynygöz öňüne getirýärdi.Howlynyň içinde Seýitmyrat beg bilen Dykma serdarbaşlyklaýyn aksakgallaryň arasynda gyzykly gürrüň, “lah-lah”gülki sesleri asmana göterilýärdi.Howlynyň daş ýüzünde bolsa ýagdaý bütinleý başgaçady.Märeke karar tapman iki ýana elenýärdi. Ýüzleri küljerişipduran adamlar biri-birine gözi düşende hyrçlaryny dişleşip,


iygtyýar başlaryny ýaýkaýardylar. Howlynyň on-on bäşädimlik daşynda sakgallak bir daýaw adam edil aýagy bişenýaly zowzuldaýardy. Ol tiz-tizden oturyp turýardy. Bu adamÖwezmyrat batyryň iň wepaly dosty Gutlymyratdy. Gandymaksakgalyň daýaw bili garrylykdan bükülipdir. Ol hem elihasaly daşda-içde zowzuldap aýlanýardy.Şol wagt howlynyň daş ýüzünde, onuň gaýra burçunda ikisany adam öz arasynda ýuwaşja gürleşýärdi. Azajykdan soň bugürleşýänler dört adam boldy. Bular näme-de bolsa bir zatbarasynda gaty çynlakaýlyk bilen gürleşýärdiler. Emma seslerişeýle ýuwaşja bolany üçin, daş-töwerekdäki adamlar bularyňgürrüňine ünsem berenokdylar. Niredendir ýene bir adamgelip, bulara goşuldy. Öňki duranlaryň biri:— Heý bir aňan zadyň boldumy? - diýip, soňky gelendensorady.— Aňyp, aňman eşidişimizden üýtgeşik zat ýok - diýip,soňky gelen gürläp başlady. - Hemmesi şol öň eşidişimiz ýaly.Hal molla bular bilen dil düwşen bolup, birnäçe ýyllap bilegezipdir, bulary ynandyrypdyr. Bir agşam bolsa bulary öýünemyhmançylyga çagyran bolup, arkaýyn edip, küşde kellelerinigyzdyrypdyr. Şol wagt Öwezmyrat batyryň ýanynda ýigrimibäş ýigidi bar eken. Hemmesi gapyl galypdyr. Haçan howlynyňiçi-daşy nökerler bilen dolup, öýe girenlerinden soň bilip


galypdyrlar. Häý, Hal mollajyk, tä janyň çykýança, seniň etiňikesip agzyňa tutup berin öz etiňi özüňe iýdirsemdim - diýip, bubäş adamyň biri ahmyrly hyň urdy. Bu hyň uran adam şolGarry serdaryň sümelgesine baran Il çopandy.— Ýöne bir zady ýaman - diýip, soňky gelen bäşinjigürrüňini dowam etdi. - Bulara hökümet sudy sud etmän,şerigat bilen kazylar iş kesjekmiş. Ine, şol gorkuly. Kazylaryňnäme iş etjegi özüňize belli ahyry. Olar kellesini kesmelidiýer... Şonuň üçin Arkajyň ähly atly kazylaryny ýygnapdyrlar.Emma haýsy-da bolsa bir kazy bu işe goşulmakdan boýuntowlapdyr.— Şu ýerde näçe nöker bardygyny bildiňmi? - diýip, ondansoradylar.— Şu ýerde üç ýüz atly nöker bar - diýip, ol jogap berdi.— Synanyşsak näderkä? - diýip, Il çopan murtunysypalady.— Bu wagt çakymyz däl - diýip, olaryň biri aýtdy.— Eger biz bir başyny tutsak, yzy topalaň bolar.Görmeýärmiň bu hyrçyny dişleşip ýören adamlary. Edil kimurdy ederler. Uralyň bagty synap göreliň. Daga gaçyp atypbilsek gutulýarys - diýip, Il çopan öz diýeninde durdy.


— Ýarag bilen ýumrugyň deň gelmez, Ilmyrat - diýip, birioňa garşy çykdy. - Sen daga ýetmänkäň, olar seni päk gyrar.Onsoňam olar atly. Bu işimiz gury ölüm bilen gutarar.— Bu wagt hezil bermez - diýip, duranlaryň ýene biri onuňsözüni tassyklady.— Siziň hiç biriňizde ýürek nyşanasy galmandyr - diýip, Ilçopan olara igenip başlady. - Men siziň batyrlygyňyzy hemişeözümden ökde görýärdim. Emma sizde öňki gaýrat galmandyr.Hanha hemmämiziň iň söýgüli dostumyz Öwezmyrat batyrgoly daňylgy otyr. Biz bolsak, bu taýda busup otyrys. - Soň olöz başyna hüňürdedi. - Söýgüli dostumy boşadyp bilmesem,diri gezdim näme, öldüm näme? Ikisiniň hiç tapawudy ýok.Öwezmyrat batyr dagy tutulan wagty Skobelewden soňkygelen oblast naçalnigi hem aýrylyp, onuň ýerine başga biradam gelipdi. Öňki oblast naçalnigi Öwezmyrat batyry tutupöldürmek niýetindedi. Emma bu täze oblast naçalniginiň nämehyýalynyň bardygy belli däldi. Diňe bir zat mälimdi. Ol “Şu işitürkmenleriň öz kazy-kelanlary şerigat ýüzi bilen kessinler,özünem obada kessinler, goý, uly-kiçi hemme kişä göz hemgörelde bolsun” diýip buýruk beripdi. Özi hem şol iş kesilýänwagty üstünde bolmak üçin oba gelipdi.Gün günorta ýakynlaşypdy. General turup, çaý-naharedinipdi. Kazylar işe başlamaga hyýal etdiler. Giň eýwany


oşatdylar. Bäş sany kazy sellesini tegeläp, şerigat kitaplarynygoltuklap eýwanyň törine geçdi. Ýene bir gapdalda üç-dörtsany oturgyç goýdular. Oblast naçalnigi general başy ýalaňaçjaýdan çykdy. Hemmeler ýerlerinden turup tagzym etdiler.General oturandan soň hemme kişi oturdy. Generalyňýanyndaky ýoldaşlary hem oturgyçlarda oturdylar. Generalyňadamlarynyň içinde sud işgärlerinden bir ýurist hem bardy.Knýaz Mergen hem bardy. Asyl knýaz Mergen düýnÖwezmyrat batyr bilen ogrynrak gürleşip hem bildi. Ol:“Batyr, sen hiç gorkma, bu baýar öňki zalym baýar däl. Buadamlara rehimdar seredýän baýar. Men saňa elimden gelenkömegi ederin. Generalyň ýanynda az-kem hatyram bar. Birýurist dostumam bar. Onam alyp gider ýaly ederin. Iňbolmanda kazylaryň aýdanyna ýol bermez ýaly ederin” diýipdi.Öwezmyrat batyr bolsa oňa: “Mergen aga, sen meniň üçinöňem kän azara galdyň. Taňry ýalkasyn. Siz indi azara galmaň.Türkmenlerde “suw kädisi suwda synar” diýen bir söz bar.Men näme-de bolsa öz maňlaýymdakyny görmeli boldum.Ýöne men bir zady aýtmak isleýän. Şol siziň meni ýanyna eltenadamyňyz mertlikde-de, her babatda-da bir adam çeni bar eken.Men ony şeýle tanadym. Şeýle dälmi? Ýagşy adam ýamanygöreniňden soň has mälim bolýar eken” diýipdi. Knýaz


Mergenem “hawa, ol şeýle adamdy” diýip, onuň aýdanynytassyklady. Bularyň gürrüňini edýän adamy Skobelewdi.Öwezmyrat batyr knýaz Mergene şeýle dokmädelik bilenjogap berenem bolsa, ondan umytsyzam däldi. “Her näme-debolsa ors adamy ynsapsyz däldir” diýip pikir edýärdi.General:— Günäkärleri getirip, işe başlaň - diýip, buýruk berdi.Nökerler derwezäniň bir gapdalynda özbaşyna salnan jaýyňgapysyny açdylar.— Heý, daş çykyň! - diýip gygyrdylar.Içerden kimdir biri:— Ýigitler, habardar boluň! Porsy şagallar uwlaşypbaşlady - diýip gygyrdy.— Itiň sesi gelýär diýsene - diýip, ýene biriniň sesi çykdy.Birinji gygyran nöker lam-jim bolup durdy. Nökerlerdenikinji biri boýnuny tamyň içine uzatdy-da:— Batyr aga, bir daş çyksaňyz diýýärler. Bize-de buýrukşeýle - diýdi. Öwezmyrat batyr işikden daş çykanda:— Ýigitler, hiç darykmaň. Itiňem itligi, şagalyňamşagallygy şunuň ýaly ýerde bildirer. Ýogsam kim ony tanar?Adamyňam adamlygy şunuň ýaly ýerde bildirýändir - diýip,sözüniň ýaryny daşarda aýaklady hem özüniň ullakan gözlerinibirinji “heý!” diýip, yzgytsyz seslenen nökere baka dikdi. Ol


nöker Öwezmyrat batyryň nazarynyň öňünde durup bilmän,yza çekildi. Onsoň Öwezmyrat batyr soňky gygyran nökereýüzlendi. - Hany, ogul, nirä barmaly?Öwezmyrat batyryň yzy bilen ýigrimi bäş adam ýekeýekedentamdan çykdy. Edil şol wagt howlynyň daş ýüzündäkiagyr mähelle howla dyrmaşyp, diwaryň üstüne garga ýalydüzüldi. Nöker:— Batyr aga, ine şeýläk - diýip, beýik eýwana tarap elinisalgady.Öwezmyrat batyryň ýigitleriniň içinde diňe bir-iki sanysy bututulmakdan sussy basylyp, telpek basdyryp müzzeripdir.Emma galan köpçüligi öňki merdanalyklaryny saklap, kelleleridim-dikdi, gözleri gökdedi. Olar, belki, gahar-gazabynyňjoşmagy bilen öňkülerinden hem on esse mertleşendirler.Öwezmyrat batyr hemişeki ýalyn gylyç ýaga depişi ýaly,häzir hem hemme ýigitleriniň öňünde dim-dik bolup ugrady.Olar baryp eýwana çykdylar. Eýwanyň bir gapdalyndagörkezilen ýerde ör aýak üstünde durdular. General“otursynlar” diýen bolmaga çemeli, dilmaç düşündirenden soň,hemmesi aşak oturdy. Agyr märeke suw sepilen ýaly dymdy.Howlynyň içinde hem, daşynda hem ümsümlik hökümsürýärdi.


Öwezmyrat batyr oturan bäş sany kazyny synlady. Ikinjitarapda oturan general hem onuň ýanyndakylary gözdengeçirdi. Ol knýaz Mergene seredip oturyşyna “Mergen aga sudişgäri - zat diýýärdi welin, ol işi başarmadyk bolmaga çemeli.Bu oturan adamlaryň içinde onuň ýaly adam ýok şekilli” diýippikir etdi. Çüňki kazylaryň geýýän eşikleri beýlekiadamlaryňkydan üýtgeşik bolansoň, Öwezmyrat batyr eger sudişgäri bolsa, onuň egninde çin bolman, aýratyn bir geýim bolardiýip çak edipdi. Şonuň üçinem Öwezmyrat batyr: “Näme-debolsa günümiz şu kazylara galypdyr. Indi bary bir ölümdir.Şulara aýtjagymy bir aýdyp öleýin” diýip içini gepletdi. Iňsoňky deminde janajygyna özüni ýaralan duşmana aýdyljakzäherli sözleri taýýarlady. Töwekgellik edip ölüme özüniçaglady.Kazylaryň ulusy çalarak ardynjyrady-da:— Hä, siz dinden, şerigatdan gorkmadyňyzmy? Hany,aýdyp oturyň. Näme işler etdiňiz? - diýip, sesine sallam beripsogdurdy. Hiç kimden ses çykmandan soň kazy Öwezmyratbatyra ýüzlendi. - Öwezmyrat, senden soraýarys.Öwezmyrat batyr dogry kazylara baka dikildi. Onuňgözlerinde gazap ody lowurdap ýandy. Ol mazaly ykjamlandyda:


— Siziň şerigatyňyzyň şeýle gorkunçlygyndan hem adamiýijiliginden habarymyz ýok. Ol haçandan bäri beýle adam iýijimöjege döndi? - diýdi. - Ýöne siz şerigatyňyzy orta salmaň-da,näme ýüregiňizde bolsa soraberiň. Sebäbi biz ol şerigatyňyzyşu çaka çenli tanamandyk, henizem tanamzok.Kazy:— Tanamaly bolarsyňyz - diýdi. Öwezmyrat batyr süýembarmagyny dogry kaza baka gazap bilen çommaltdy-da:— Hawa, bu taýda men sizi tanaýan - diýdi. - Bir topar ýurtdönükleriniň puluna özüniň namysyny satan selleleri tanaýan.Başga tanaýan zadym ýok, bolubam bilmez. Hol duranlar -Öwezmyrat batyr bir gapdalda duran Seýitmyrat beg bilenDykma serdary görkezdi. Olar öz ar-namysyny, il-ulusyny pulasatanlardyr. Sizem satylanlara satylan bir böleknamyssyzsyňyz. Kazym, siziň habaryňyz orta guýuda alnandyr.Ol uly ile äşgärdir. Siz näme sorasaňyz soraň, işiňizi görüň.— Siz adam öldürmäge dil düwşüp, kasam edişdiňizmi? -diýip, kazy sorady.— Hawa - diýdi-de, Öwezmyrat batyr soňra sözünianyklady. - Biz adam öldürmäge kasam edişmändik. Bizadamdan azan hol iki aýakly möjekleri öldürmäge dildüwşüpdik. Biz ol niýetimizden henizem el çekemzok.


Elimizden gelse, olary diri gezdirmejegimiz hak - diýip,Öwezmyrat batyr berk aýtdy.Kazy “pylanyny öldürdiňizmi, pylanyny pylan etdiňizmi?”diýen ýaly mynny-mynny sowallaryny köpeltdi. Öwezmyratbatyr onuň ähli sowallaryna pert-pert jogap berýärdi. Emma ol“pylanyny öldürdiňizmi?» diýen sowallaryň hiç birine hem“öldürdik” diýip jogap bermedi.— Olaryň ölümine hiç hili galtaşygymyz ýok - diýip, açykjogap berdi.Kazylar soraglaryny gutardym edip goýdular. Generalyňýanyndaky dilmajy kazynyň soraglarynam, Öwezmyrat batyryňberen jogaplarynam oňa terjime edip, düşündirip otyrdy.General kazylaryň soraglary bilen kanagatlanmadyk bolaraçemeli. Dilmaç:— Batyr, baýaryňam senden birnäçe sorajak zatlary bar -diýdi. Öwezmyrat batyr:— Sorasyn - diýdi.General dilmajyň üsti bilen soraglar berip başlady.— Öldürjek adamlaryňyz kimlerdi? Olaryň içinde rusbaýarlaram barmydy?— Öldürjek adamlarymyz Seýitmyrat beg, Dykma serdar,ýene-de pylany, pylanydy - diýip, Öwezmyrat batyr birnäçeadamyň adyny sanady. Soňundan bolsa: - Öldurjek


adamlarymyzyň arasynda ors ýokdy - diýip, sözüniň üstünegoşdy.— Bulary näme üçin öldürmekçi bolduňyz? Bularyňgünäsi näme?— Olar iki ýüzlülik, dönüklik etdiler - diýip, Öwezmyratbatyr gahar-gazap bilen gürläp başlady. - Uly ili gyrgynaberdiler. Il-ulus bilen maslahatlaşman, onuň arkasyndan işgördüler. Ile bir dil berdiler, ýer astyndan bolsa dil düwşüp, iligyrdyrdylar. Şu günäleri üçinem olar diri gezmeli däldirler.Men öz niýetimden hiç wagt dänmen. Eger siz meniöldürseňizem, olar ölmän galar diýip oýlanmaň. Il olaryöldürer.— Sen şu tutulyşyňda nämeden armanly bolduň? - diýip,general Öwezmyrat batyryň garaşmadyk soragyny berdi.Öwezmyrat batyr ýeke dyzyna galdy-da:— Meniň armanly bolan zadym - meni tutan hol namyssyzDykma serdar boldy. Ol meni gapyllyga saldy. Eger şuDykmadan başga item meni tutan bolsa gynanjym ýokdy -diýip, ýangynly jogap berdi.— Bu ýigrimi bäş adamyň hemmesi dil düwüşigiňizegatnaşdymy?— Ýok. - Öwezmyrat oturanlara gözüni aýlady. -Hemmesi däl. Biz ýedi adam bolup dil düwşüpdik. Şularyň


içinde biziň bäşimiz bar. Iki sanymyz bu ýerde ýok. Belki, olarhiç wagtam ele düşmez. Şu ýerdäkilerimiz men, onsoň pylany,pylany - diýip, Öwezmyrat batyr bu ýerdäki ýoldaşlarynyatma-at sanady.Soňra Öwezmyrat batyr eýwandan aşakda heşerlenişipduran märekä tarap gözüni gezdirdi. Hal molla şol wagtmärekäniň arka tarapynda ör aýak üstünde durdy. Öwezmyratbatyr ony barmagy bilen görkezdi-de:— Hol binamys molla-da biridi. Emma biz ölüme-deşonuň bilen bile gitmäge razy bolup bilmeris. Ýöne onuňbinamysyňam binamysy ekendigini indi il biler. Indi onuňaýaly hem talakdyr - diýdi.Hemme duran adamlaryň gözi Hal molla dikildi. Ol özünilampa aşak goýberdi. Howlynyň diwarynyň üstünde oturanadamlaryň arasynda “Binamys, heleýi talak, namysynysatanlar...” diýen gaharly sögünçler köpelip ugrady. Şol wagtoturan ýigrimi bäşleriň arasyndan bir ýigit zöwwe ýerindenturdy-da:— Şol niýet bilen dil düwşenleriň menem biridirin - diýipgygyrdy. Öwezmyrat batyr oňa çiňerilip seretdi-de:— Ýok, ýok, ol dil düwşenleriň arasynda bu ýigit ýokdy,bu ýigit biziň aramyza soň gelip goşuldy - diýdi.


— Dogry, dil düwşülen wagtynda men ýokdum - diýip, olýigit dowam etdi. - Dil düwşülenini eşidişimem ine şu. EmmaSeýitmyrat beg bilen Dykma serdar başlyklaýyn birnäçeleri ilulusynabir söz berip aldap, olary uruşdyryp, ýer astyndanamile dönüklik edip, ili gyrgyna berdi. Bu hakykatdyr. Eger olarözleriniň syrlaryny öz ilinden gizlemän, maslahatly edenbolsadylar, onda urşam bolmazdy, iki tarapdan munçagyrgynçylygam bolmazdy. Olar özleriniň ýaman päli-niýetibilen öz gara nebisleriniň ugrunda bigünä adamlaryň ölüminesebäp boldular. Şeýle dönükleriň haky ölümdir. Meniňemniýetim şolary öldürmek. Eger-de kimde-kim şolary öldürmeküçin dil düwşen bolsa, meniňem şolaryň içinde boldugym. Şoldil düwşenleriň birem men. Hiç wagt ol niýetimden dänmen...Öwezmyrat batyr nämedir bir zatlar aýtmaga synandy.Emma edil şol wagt howly diwarynyň üstünde oturanlaryňarasynda peýda bolan galmagal oňa geplemäge maý bermedi.Howlynyň gaýra tarapky diwarynyň üstünde kimdir biri:— Goýber, aslyşma? Är işini bitirip bilmediňiz, indi meniňbilen işiňiz bolmasyn - diýip, gaty gygyrdy.Kimdir biriniň iki eli howlynyň daş ýüzünden uzap, onuňdonundan aslyşýardy, ony goýbermejek bolýardy. Emmaýaňky gygyran adam bütin göwresini howlynyň üstuneçykaryp, ol uzan ellerden sypjak bolýardy. Howlynyň içindäki


ar jemagatyň gözi şol tarapa baka öwrüldi. Söze salym ýok, oladam howlynyň içine towsup düşdi. Eýwana baka aýakaldygyna ylgady. Ol eýwana çykyp dim-dik boldy-da:— Hemmäň görüň! Şol dildüwşüge goşulanlaryň biremmendirin - diýip, ýogyn sesi bilen gygyrdy. Howlynyň içi-daşysuw sepilen ýaly dym-dyrslyk boldy.Generalyň ynjalygy gaçdy. Ol topalaň turar öýdüp gorkanbolmaga çemeli, töweregindäkilere nämedir bir zatlarbuýruşdyrdy. Dykma serdar nökerleriň duran ýerine baka aýakaldygyna ylgap gitdi. Nökerler gozgalaňa düşdi. Bir bölegihowlynyň iç ýüzünden kese töwerege aýlandy, ýene birnäçesieýwanyň ýanyna geldi.Ol howlynyň üstünden towsup, düşüp, eýwana çykan adamIl çopandy. Onuň ýoldaşlary gorkup, onuň diýenini etmändiler.Şonda Il çopan: “Men Öwezmyratbatyrdan, onun ýanyndaky mert ýigitlerden galyp gezdimnäme, gezmedim näme. Ondan, gel, dönükleriň tüýs dönükekendiklerini bütin jemagatyň öňünde ýüzlerine goýaýyn-da,Öwezmyrat batyr dagy bilen bile öleýin, ýogsa-da ýaşapýördügim däl” diýip ýüregine düwüpdi. Ýöne onuň bu niýetiniaňan ýoldaşlary ony saklajak bolupdylar.Il çopan eýwana çykan wagty Öwezmyrat batyr oňa geňgalyp seretdi.


— Bu nähili akmakçylyk? - diýip hümürdedi. Il çopanagarap bir zatlar diýmekçi boldy. Emma Il çopan:— Goý, tanamaýanlar tanasynlar. Şol dönükleriöldürýäniň, ýene-de öldürjegiň birem mendirin! - diýip, hasbatly gygyrdy.Öwezmyrat batyr märekä baka ýüzlenip gygyrdy.— Haw, adamlar, ynanyň, şu adam düýbünden biziňaramyzda ýok adam. Biz bu adamy ine şu ýerde birinji gezekgörýäris. Asyl bu adamyny tanamzagam.Ol şende diýdi-de, Il çopanyň ýüzüne çiňerilip seretdi.Emma Il çopan öňki arkaýynlygy bilen:— Ýok, batyr, ýalňyşýarsyň! Meni öňem görensiň - diýdi.Onsoň nazary bilen Hal mollany gözläp tapdy-da, ony eli bilengörkezip sözüni dowam etdi. - Hol binamysy görýärmisiňiz?Şoňa Hal molla diýerler. Eger şeýtan Hal mollanyň dünýäinjegini öňünden bilen bolsady, onda ol şeýtanlykdan boýuntowlap, şu dünýä inmekdenem elli bizar el çekerdi. Emma ol şuoturan bigünä, hakykaty söýýän adamlary ine şu dönükleriňeline tutup berip, bulara iş kesdirýän bolsa, ol binamysyň özişeýtandan bäş beter il-günüň öňünde ryswa bolar. Ol binamysail-ulus öz işini keser. Bir wagtlar ak patyşanyň uly beýigi bilenDykma serdaryň arasynda hat gatnadan şu Hal mollady. Buharamzada şonda meniň elime diri düşmeli bolupdy. Emma


ujyz gutuldy. Ol özüniň hatly telpegini galdyryp, janynygutardy. Görüň, bu şol binamysdyr. Şu ryswalygynyň üstüneindi onuň heleýem talak bolupdyr...Onuň ýüzünden gözüni aýryp bilmän duran Öwezmyratbatyr:— Ilmyrat! - diýip seslendi. Soňra öz ýanyndan hümürdedi.- Bu asyl şol ýaraly Il çopan eken-ow.— Hawa, batyr, men şol ýaraly wagtym seniň ýanyňaeltilen Il çopandyryn - diýip, Ilmyrat ýene gürrüňini dowametmekçi boldy. Emma general oňa geplemegi gadagan etdi.— Bulara öz şerigatyňyz boýunça iş kesiň - diýip, kazylarabuýruk berdi.Kazylaryň ýaşulusy iki tarapyndaky oturan kazylary bilen“hyşy-wuşy” gürleşen boldy. Onsoň sözlerini sallamlandyrypsogduryp gürlemäge başlady:— Hawa, günäkärleriň günäleri subut edildi. Günäleriboýunlaryna ýüklenildi. Wadlahy agzam bitsowap...— Biz siziň bit sogabyňyzam bilmeris, büre sogabyňyzam,eliňizde baryny aýamaň - diýip, Öwezmyrat batyr sugşurypgoýberdi.Kazylaryň ýaşulusy şerigat kitabyna garaşdyran boldy.Ýanyndaky beýleki kazylar bilen maslahatlaşýan ýaly etdi.Emma hakykatyna seredeniňde kazylaryň kesjek işleri


ireýýäm öňünden, Seýitmyrat beg bilen Dykma serdartarapyndan kesilip-biçilip goýlan işdi. “Eger siz ine şeýle işkesseňiz, generalyňam ýanynda siziň abraýyňyz artar,musulmanlaram iş kesip, jeza bermegi başaryp biljekeken diýer, siz ine şeýle iş kesiň, şeýle günä edenlere biziňşerigatymyz şeýle jeza buýurýar diýiň. Şol wagt baýaryňsizden göwni hoş bolar” diýip, Seýitmyrat beg bilen Dykmaserdar ikisi ýeriň giňinde kazylara sapak çykaryp beripdi. Indikazylaryň ozal kesilen işi aýdyp çykaýmasy galypdy.— Hawa - diýip, kazylaryň ýaşulusy sözlerini süýndüripgürläp başlady. - Günäkärleriň Öwezmyratdan başgalarynynahemmesiniň kellelerini kesip, ak patyşa ibermeli.Öwezmyradyň gözüne myh çekip, ýigrimi ýyl zyndandaoturtmaly. - Onsoň kazylaryň ýaşulusy: - Wadlahy agzambitsowap - diýip, işini gutardym etdi. Kazylaryň özleriniňişinden göwünleri hoş bolup, general hem hoşwagt bolar diýenumyt bilen, kürsüde oturanlara garap gülümsireşdiler.Öwezmyrat batyr öz içinden: “Ýigitler bir öler, bir dynar.Emma men kör gözlerim bilen her gün müň ölüp, müňdirelerin. Bular meniň gözlerimi kör edip, ýigrimi ýylzyndanda oturtjaklar. Iň ýaman jeza ine şu boldy” diýip, pikiretmäge başlady.


Dilmaç kazylaryň çykaran hökümini generala terjime edipberdi. General haýran galyjylyk bilen:— Kazylar muny oýun edip, olary gorkuzmak üçinaýdýarmykalar ýa-da çynlarymyka? - diýip sorady. Kazylaryňbar bolup bilşidigi aýdylandan soň, heniz general sesiniçykarmaga ýetişmänkä, onuň ýanynda oturan ýurist:— Bu nähili wagşylyk! - diýip, gaharly gygyrdy.General kazylary, Seýitmyrat beg bilen Dykma serdary,ýanyndaky beýleki adamlary yzyna tirkäp, tama girdi. Içerdeuzaga çekmedik gürrüňde ýurist bilen şerigatçylaryň arasyndaiň ilki gezekki çaknyşyk başlandy. Ýurist şerigatçylarymasgara edip ugran wagty, paýhaslanyp oturan general aradüşüp, şerigatçylary ýuristiň deminden gutardy. Olşerigatçylaryňam gerek ýeriniň boljagyny bilip, olarasypaýyçylyk etdi. Her näme-de bolsa kazylaryň kesen işleriniňýatyrylýandygy hakynda hiç kime habar bermän, Öwezmyratbatyry ýoldaşlary bilen Aşgabada alyp ugradylar. Märekedensaýlanyp, obadan, çykyp, çola ýere baranlaryndan soň, diňe şolýerde Öwezmyrat batyr dagyny azajyk saklap, kazylaryň kesenişiniň ýatyrylýandygyny habar berdiler. Şondan soň giň jahangözlerine dar görnen bu “günäkärleriň” göwrümi giňedi, jahanatäzeden inen ýaly boldular. Kimdir biriniň aýdym aýdasy gelip,hiňlendi.


Olary Aşgabada alyp geldiler. Bir wagtky çaňap ýatan bumeýdanda beýik ymaratlar salnypdyr, ok ýaly göni köçelerçekilipdir, gözel şäher Aşgabat emele gelipdir. Şäheriňköçelerinde adamlar erişde-argaç, haýsy milletden diýseň bar.Bu tussaglaryň beýle şäheri birinji gezek görüşleridi. Olardanbiri:— Batyr, bu meýdan nähili owadan şäher bolupdyr. Mendüýşümdemikem ýa-da hakydamda? - diýip sorady. Öz başynapikirlenip barýan Öwezmyrat batyr:— Bu düýşem däl, hyýalam däl, hakykat - diýip jogapberdi. - Men size bir wagt aýdypdym orslar biziň ýaly därinisokuda döwenok ýa-da tüpeňi çekiçläp ýasanok diýip. Olaryňhemmesi kärhanadan çykýar diýipdim. Hanha, seniň bir aýdaalýan ýoluňy bir günde alýar, müň düýe bilen bir ýyllap daşanýüküňi bir saparda göterip gidýär. Bu zatlar hakykat ahyry.Oňa söz ýok. Ony bilmezlik, elbetde, akmaklyk ýa-da dälilikbolar...Öwezmyrat batyr bilen onuň ýoldaşlaryny şol Öwezmyratbatyryň Skobelew bilen birinji sapar duşuşan depesine eltdiler.Ol depe indi şäheriň ortasynda galypdyr, daş-töweregi beýikjaý bolupdyr.Sud Öwezmyrada, onuň bilen dil düwşüge goşulan beýlekidört adama, ýene-de soňky goşulan iki adama - jemi ýedi


adama olary alty ýyl Sibire sürgün etmek barada hökümçykardy. Olardan beýlekilere bolsa: “Mundan beýläk adamöldürmek niýetini kelläňizden çykaryň, baryň, özüňizem boş”diýip, boşadyp goýberdiler. Bu goýberilenler özleriniňýanyndaky bar zatlaryny ýoldaşlaryna berdiler.Öwezmyrat dagyny şähere alyp ugranlarynda Gutlymyratbilen Gandym aksakgal hem bularyň yzy bilen ugrapdy. OlarÖwezmyrat batyr daga sud edilip, olar Sibire ugradylýança,şäherde boldular. Olara Öwezmyrat batyr dagy bilenduşuşmaga, gürleşmäge rugsat berdiler.Sibire sürgün edilýän ýedi batyry otla mündürmek üçinmaşyna mündürip alyp ugranlarynda Gutlymyrat bilen Gandymaksakgal hem olaryň yzyna düşdi. Olary otla mündürip,hoşlaşyk pursaty gelende Gutlymyrat bozuldy. Onuň ýygyrtatan ýumry ýaňaklarynyň üstünden toglanan ýaş damjalary gürihem uzyn sakgalyndan syrygyp gitdi. Gandym aksakgal hemsaklanyp bilmedi.— Hiç, hiç gam çekmäň! Biz sag-aman geleris. ÝöneIlmyradyň aty bilen meniň atymy hor-har etmäň - diýip,Öwezmyrat batyr sargady.* * *


Şol kazylaryň Öwezmyrat batyr daga iş kesen günündenbeýläk Hal mollanyň syry il-ulusyň içinde paş boldy. Onuň adybir ýigrenjiniň sypaty, binamysyň alamaty hökmünde tutulypbaşlandy. Bu waka Hal mollalaryň öz obasyna-da jar bolup,ulynyň-kiçiniň agzyna düşdi. Hal mollanyň öz garyndaşlary,hatda öz maşgalasy-da şeýle ýigrenjiniň öz maňlaýlaryndançykanyna näme alaç etjekdiklerini bilmeýärdiler. Emmaseslerini çykarman, ýüreklerinde saklaýardylar.Hal molla öňki ýetişen ogul-gyzly aýalynyň üstüne gaty köpgalyň berip geçen ýyl bir garybyň ýetişen gyzyny alypdy. Buýaş gelin özüniň uz owadanlygy, näz-kereşmesi bilen gaty köpadamlaryň ýüreginde yşk duýgusyny oýandyrypdy.Hal molla syry açylyp, il masgarasy bolandan soň, aradanköp wagt geçmänkä Hal mollanyň garyndaşlary onuň öýünegeldiler.— Sen düýbünden ilde ýok bir iş etdiň. Bizi uly namysyňastynda goýduň. Indem nikasy bir wagt çözülen aýallaryň bilenbinika ýaşaşyp ýörsüň. Bu musulmançylyga laýyk işmi?Özüňem mollasumak. Sen musulmançylykdan çykdyň - diýip,ýaşuly aksakgallar onuň üstüne gygyrdylar.— Men ol dil düwşenleriň syryny paş etjek bolup, ýalandankasam edipdim - diýip, Hal molla sapalak atjak boldy. Emmagaryndaş aksakgallary ony gepletmediler.


— Çyndanmy, çyndan dälmi, sen ahyrynda adamlaryňýanynda şol “talak” sözüni üç mertebe gaýtaladyň dälmi?Onsoň şol boldugy - diýdiler.Hal molla bir salym böwrüni diňläp oturdy-da:— Näme-de bolsa öňki aýalyma bolar. Sebäbi soňkyaýalyma kasam edişenimizden soň öýlendim - diýdi.— Onçasyny bir hatymkerde ahunlardan sorap görmelibolar. Bu işiň ugruna çykyp, tizräk musulmançylygalaýyklaşdyrar ýaly bir alaç etmek gerek - diýdiler.Gepiň gysgasy, il masgaraçylygyna, garyndaşlarynyňzoruna çydaman, Hal molla aýallarynyň talagyny bermeliboldy.Şol wagtlaram bir ýerden Nepes peýda bolupdy. Gaçyptozup,Garry batyryň sümelgesini penalap ýören Nepese Ilçopanyň aýdan sözleri gaty täsir edipdi. Onuň aýdan gyjytlysözleri bir ýandan, iki ýüz elli tümen pul berip, özüni tanatmangitmegi ikinji ýandan, Nepesi çuňňur oýlanmaga mejbur etdi.“Il çopan mamla - diýen netijä geldi. - Şu durmuşda ýaşadyňnäme, ýaşamadyň näme? Ölüligiň bilen diriligiň tapawudybarmy heý? Öldüräýmeseler, şundan erbet saňa näme edipbilerler?”Şeýdip, adam öldürmek hakdaky pikiri bir wagtlarkellesinden çykyp giden Nepes täze bir hyýala mündi. “Ýaman


etseler öldürjek dälmi, öldürerlerine garaşyp oturma-da, senilki öldür. Biziň ganym duşmanymyz Hal molla. Ol ahyry bizeedip bilenini etdi. Özümi tanatman şuny bir ýok edip biläýsem,gyjyt aşagyndan-a çykardym. Hökman bu işi bir ýan ýüzliedeýin” diýip ýüregine düwdi.Şeýle pikire gelen Nepes soňam birnäçe günläp ýaýdanjyrapgezdi. Ahyry ýedinji gün ýüregini bire baglap, horjunynyegnine atyp ýola düşdi. Hal mollalaryň obasyna bardy.Ol ilki bilen oba jerçisiniň dükanyna baryp düşdi. Obanyňmeýlis söýen adamlarynyň deňňene bişirmäge taýýarlanypduran wagtlaryna gabat geldi.— Ýigitler, menem deňňenä goşuň - diýip haýyş etdi.Kimdir biri:— Asyl seni goşarys, myhman - diýip, göwünjeňlik bilenrazylyk berdi.Şol dükanda Hal molla-da bardy. Ol dünýä göwni ýetmeýänýaly bolup, jübüsi doly nohutly kişmişden ikiden-ýekedenagzyna atyp, bir çetde güberilip durdy. Nepes ony görenbadyna tanady. Ýüregi gürs-gürs urdy. Hal molla welin Nepesigümanam etmedi. Ol deňňene nahar ýetişer uçurlary turupgitdi.Nahar iýlip, çaý içilip, dagamakçy bolanlarynda, şol “asylseni goşarys, myhman” diýen ýigit:


— Myhman, başga düşelgäň ýok bolsa, biziň tünegimizegidäýeli - diýip, Nepesi öýüne alyp gitdi. Nepes onuň yzynadüşüp barýarka: “Özüň-ä oňat, alçak, myhmansöýer ýigitekeniň welin, Hal mollanyň garyndaşlaryndan bolaýmabilseňýagşydyr-ow” diýip, içinden oýlandy. Bu pikiriniň anygynaýetmek isledi.— Hal molla seniň garyndaşlaryňdan-a däldir-de alla? -diýip sorady. Ol ýigit:— Hal mollany ýitirsene, myhman. Ol nä ... - diýip, paýyşsögünjiredi. - Onuň bilen garyndaş-a däl, tiredeşem däldirin.Onuň bilen bir obadandygyma nätjegimi bilmän ýörün.“Hop, bu dilegimem boldy” diýip, Nepes ýeňillik bilen demaldy. Şol gün Nepes tä daň atýança saz çalyp, aýdym aýtdy. Şolgünden başlap il arasynda onuň ady Ykmanda bagşy diýliptutulyp başlandy.Emma Ykmanda bagşy ykmagyny dowam etdirip, obadançykyp gidibermedi. Şu obada ýaşamaga başlady. Ol gelengününiň ertesi ýagdaýyny myhman ýerine aýtdy.— Men bir öýsüz-öwzarsyz myzapyr - diýdi.— Öýüň-iliň ýok bolsa, senem biziň birimiz ekeniň-dä,geziber - diýip, täze tanşan ýigidi oňa ak ýürek bilen özöýünden orun berdi.


Şondan soň Nepes obanyň günde bir ýerinde saz-söhbetetdi. Käbir adamlar onuň aslynyň niredendigini, kimdiginibiljek bolýardylar. Nepes bolsa:— Hanyň sazandasydym, pylan ýerde boldum, pylan etdim- diýip, olary gury hekaýalar bilen başyndan sowardy.— Öýlenip dagy edensiňiz? - diýen sowala:— Ýok, ömrümde öýlenemok - diýip, kesgin jogapgaýtarýardy.Nepesiň bu bolup ýörşüne şübhelenýän käbir adamlar olbarada her hili myjabatlaram toslap başladylar. Emma onuňmyhman ýeri ondan hiç bir zat sorap eşitmese-de, iliň toslanmyjabatlaryna baş galdyrman gezýärdi.Onuň kalbynda nähili özgerişleriň bolup geçenini bilýänýok, ýöne Nepes Hal mollany öldürmek niýetinden el çekdi.Ony öldürmegiň deregine talagyny beren kiçi aýalyna öýleniptoý tutdy...Bular munda toý etsin. Soňy nirä degýär, soň göreris. Häzirbolsa biz öz ugrumyz bilen gidip, Öwezmyrat batyr dagynyňyzyny yzarlalyň.GARAŞYLMADYK DUŞUŞYK


Harasatly günleriň biridi. Dury asmanda ýalpyldap durangüni görmek kyndy. Ol birden özüniň altyn nuruny dünýäýaýradýardy welin, salym bermän, gara bulut onuň ýüzünigaplaýardy-da, dünýäni garaňkyradyp taşlaýardy. Ýagyşmy,garmy sowrup başlaýardy.Gün günorta çenleri bolupdy. “Taň-taň” edip, demre urulýanurgynyň zarňyldysy eşidildi. Gum çekip, daş çekip gara başynagaý bolup ýören sürgünler öz işleýän gurallaryny eginlerineatyp, nirädir ugradylar. Bular işleýän ýerinden gaty daşdabolmadyk, agaçdan salnan bolgusyz tamjagazlara, ýer dölelerebaka gidýärdiler.Bular otlynyň baryp direýän ýerindenem birnäçe günlükaňryk äkidilen Öwezmyrat batyr dagydy, şolara meňzeşýüzlerçe, müňlerçe adamlardy. Olar indi täze barjak otlynyňsalynjak ýolunyň tekini tutýardylar. Çukur ýerlerini daş döküpdüzleýärdiler, beýik ýerlerini peseldip endiganlaýardylar. Diňeçalman atyp, demir ýol düşäýmeli edip gidýärdiler. Olaryňbirnäçe günlük yzynda bolsa ýene şolara meňzeş adamlar ýolaçalman atýardylar, relsleri goýup, çüý bilen berkidip, otlyýöräbermeli edip gidýärdiler. Öwezmyrat batyr dagy ýol işindeişleýärdiler. Olara şu agaç tamlardan bir jaý beripdiler. Olaryňýedisi-de şol jaýda bolýardy. Işe gidenlerinde gezegine jaýdaher gün biri galýardy. Jaýda galanyň wezipesi çaý


gaýnatmakdy, nahar häzirlemekdi, ýene şolara meňzeş işleriýerine ýetirmekdi. Bular häzir günorta naharyna çykyp,jaýlaryna geldiler. Bu günki jaýda galan nobatçy:— Ýigitler, meniň göwnümemi-nämemi, şu gün az-kemirräk çykylan ýaly boldy-la? - diýdi. Olardan biri:— Her sapar sen öýde galanyňda, biz ir çykaýýas, Gulýeser aga! - diýip, gaharly gürledi. Ýene biri:— Gul ýeser aga gorkan öňürder edýändir - diýip güldi. -Hanha, görýäň-ä çaýy-zadam taýýar däl-ä entek.Üçünji biri goşuny agtaryşdyrdy-da:— Be, walla, bu meniň temmäki haltamyň içiüzüläýipdirlaýt. Men ertir işe gidemde “şu gün çeker ýalybolar” diýip gidipdim. Asyl zat galmandyr - diýipkäýindi. Gul ýeser bolsa ot salyp, çaý-nahar häzirlemek işiniňarasynda:— Bagyr awysyny gören ýaly, yzyny üzmän çekýärsiň-de,ýene temmäkim gutaraýypdyr diýýärsiň - diýip, onuň özýakasyndan tutdy.Çaý içmäge taýýarlanyp, goş haltalaryna ýapyşanlaryň biri:


— Ertir men iki oýnam kerpiç gant goýup gidipdim welin,onuň bir oýnamy galypdyr - diýip zeýrendi. Öwezmyrat batyrsesini çykarman bu zeýrençleri diňläp otyrdy. Ol ara bir salymümsümlik aralaşaýandan soň:— Gul ýeser aga, seniň şu bolgusyz kümsükligiň tä ölinçäňaýrylman gitjeg-ow - diýip gaharlandy. Gul ýeser ämsämsiredi-de:— Näme, batyr, ony menden görjek bolýarmyň? Menedendir- öýdýärmiň? - diýip sorady.Bir gapdalda ör aýak üstünde agzy çörekli gäwüşäp duranIlmyrat heniz Öwezmyrat batyr geplemänkä:— Ýok, batyr senden görüp aýdanok, Gul ýeser serdar, onypişik iýendir diýip aýdýar - diýip güldi.— Dagy näme, jeňňel möjekleriniň gelip biziň öýümizitalamanlygy belli. Sen bolarsyň-da onsoň - diýip, Öwezmyratbatyr öňki sözüni tassyklady.— Walla, ynan, batyr, bir adamyň goşuna-da el urandäldirin - diýip, Gul ýeser özüni aklady.Ilmyrat özüniň çaň basan sakgalyny sypalady-da:— A-haw, batyr, jeňňeliň aýylarynyň päli göçendir. Biziňöýümizi talan şolaram bolsa biçem däl - diýip, Gul ýeserekinaýa edip güldi. Sol eli bilen ýogyn murtlaryny sypalap, elinitaýly tarapa ýöretdi.


— Bu bolgusyz kümsükligiňi indi bir goýaýsaňbolmadymy? - diýip, Öwezmyrat batyr öz başyna hüňürdäpkäýindi. - Düşen günüň şu ýagdaýda. Ýaşyňam bir çenebarypdyr. Hemmämiziň ýaşulymyz sen. “Ten bilen giren janbilen çykar” diýenleri, şol öňki kümsükligiňi goýmanbarýarsyň. Öz ýoldaşlaryň zadyny aldygyň kimiň zadynyaldygyň?Gul ýeser öz işi bilen meşgul kişi bolup, onuň aýdanlarynyeşitmediksiräp ýördi.— Şu gaty dogry aýdylan zat - “ten bilen girip, jan bilençykar”. Biziňem şu agamyzyň şu owunjak egriligi ölendenbärde galjak däl - diýip, olaryň biri güldi-de, bir wagtlar bolanwakany ýatlamaga başlady. - Bir wagtlar biz Gul ýeseragamyzyň serdarlygy bilen Gamyşly çeşmede ýatdyk. Menatymy şunça bakýarmykam diýýän welin, gaýta ol gün-gündenigleýär. Ahyry men senden soradym, ýadyňda barmy, batyr? -diýip, ol Öwezmyrat batyra ýüzlendi.Heniz Öwezmyrat batyr geplemäge ýetişmänkä, Gul ýeser:— Gör, gör, indi özünden bir gürrüň toslap tapjakdyr -diýip, onuň gürrüňiniň öňüni gabzady. Öwezmyrat batyr:— Ýadymda bar - diýip, ýoldaşynyň aýdanyny tassyklady.— Bu toslama däl - diýip, ýaňky adam gürrüňini dowametdi. - Hawa, onsoň Öwezmyrat aýtdy: “Atyň hiç hili keseli


ýok. Goşdaşyň Gul ýeser bolsa, atyňa başga kesel gerek däl.Atyňy keselinden gutarjagyň çynyň bolsa, atyňa iým geýdir-de,ony sakla” diýdi. Menem aýdyşy ýaly etdim. Atyma iýmgeýdirip, daşyň syrtynda bukuldym. Aradan salym geçmänkä,Gul ýeser töweregini garanjaklap geldi-de, atyň torbasyny aldy.Onuň içindäki iými öz torbasyna guýdy. At janawer mundanhalys bizar bolan bolmaga çemeli, gulaklaryny gyrpyp, onuňüstüne topuldy. Soň syrtyny öwrüp, goşa toýnak saldy. Şolwagtam men çykdym. Ynanyň, şol wagt men atymy boşadypgoýberen bolsamdym, Gul ýeser serdary süňki dagysy bilenbile çeýnejekdi. Ine, ýüzüde-gözi, şol wagt Gul ýeser aga:“Haý, Öwezmyrat batyrdan ýetendir-ow” diýdi. Batyrdanýetendigini bildi. Onsoň “hiç ýerde gürrüň etmäweri” diýipýalbardy. Menem indiden beýläk şu kärini goýmagynysargadym.— Gör, üstüne artdyrýar - diýip, Gul ýeser bu gürrüňlerihiç bir myzaýyk etmän, ýüzüne alman, perwaýsyzlyk bilengüldi.— Ýok, artdyrmak däl, serdar, ikimiz şonda şeýle wadaedişendiris - diýip, ýoldaşy sözüni dowam etdi. Sen öz sözüňdedurup bilmänsiň. Henizem şol bolşuň. Menem ynha şol edeniňiaýtdym.Bu gürrüňler Gul ýeseriň azaryna-da däl. Gaýta ol:


— Pahaý, walla, şol üstünden birnäçe ýyl geçen birgoşawuç arpany tükeniksiz uly gürrüň etdiň-ow - diýip,ýoldaşyny utandyrdy.— Gürrüň bir goşawuç arpada ýa-da dört sany kerpiçgantda däl - diýip, Öwezmyrat batyr käýindi. - Bu ýerde gürrüňşol ogurlan bolup almakda. Şony diläp alaňda kim bermezöýdýäň? Ogurlygyň ulusy bilen kiçisiniň näme tapawudy bar?Bary bir ogurlyk ahyry...Gul ýeser serdar aýdylanyça bar adamdy. Şunuň ýalybolgusyz häsiýetleriniň üstesine-de ol oljaparaz adamdy. Olhemişe “olja” diýip gymyldardy.Gapyda ör aýak üstünde duran Ilmyrat gülki arasy bilen:— Öňem bir tüýkesme ogry bolupdyr - diýip, gürrüňbermäge başlady. - Ol zat ogurlap bilmedik güni, goňşularynyňgapysyndaky diregi öz gapylaryna getirip taşlarmyş. Ýabolmasa, öz telpegini bir ýerde goýup, bukdaklap baryp, şonyogurlan kişi bolarmyş. Ýogsa ýatyp bilmezmiş, hiç ukusytutmazmyş. Biziň Gul ýeser agamyzyňkam şoňa meňzeýär.Indi bu ýerde oljalara zat tapmansoň, öz ýoldaşlarynyňgoşundakyny öz goşuna geçirmese ynjalyp bilýän däldir.Ilmyrat gürrüňine dyngy berdi-de, daşaryk çiňerilip seretdi.Şol wagt daşarda araba sesi hem eşidildi. Onuň üstündebaşyndan agyr günleri geçirendigi aňylyp duran bir adam


otyrdy. Ol furgondan böküp düşdi-de, dim-dik boldy. Onuň buhereketleri, güri sakgaly bilen gatyşyp duran uzyn murty onuňkyn günleri başyndan geçirdim diýip müzzerilmeýändiginden,ýene has agyr göreşlere-de gaýduwsyzlyk bilen taýýarlygyndanhabar berýärdi.Onuň bu hereketlerini hyrydar göz bilen synlap duranÖwezmyrat batyr öz ýoldaşlarynyň arasyndan omzap daş gapaçykyp seretmegini dowam etdirdi. Furgondan düşenden soň oladam äwmän-alňasaman:— Türkmenler şu jaýdamy? - diýip, özüniň çalgyrt dilibilen bir hili heňde gürledi. Ol sözüni aýaklap-aýaklamanka,Öwezmyrat batyr:— Stepan aga! - diýip, garyljak bir ses bilen gaty gygyrdy.— Öwezmyrat! - diýip, ol goja hem oňa tarap topuldy. Bugykylykdan soň söze salym ýokdy, bu ikisi göze ilmez çaltlykbilen eýýäm biri-birine ýetip gujaklaşypdylar. Furgonçy oturanýerinde bularyň gujaklaşyşlaryna geň galyp, agzyny açypotyrdy. Öwezmyrat batyryň ýoldaşlary hem ýylgyryşyp, ikiýekebasyp, bulara baka ugradylar.Gujaklaşyp aýrylyşanlaryndan soň Öwezmyrat batyrStepana ýüzlendi:


— Ynan, Stepan aga, men seniň bilen hemişe şunuň ýalygörşenimde, ol düýşüm bolup çykýardy. Bu sapar-a düýşümdäl bolsa gerek - diýdi. Stepan bolsa:— Duýş däldir, batyr hakykatdyr - diýip gülümsiräp,beýleki ýigitler bilen görüşmäge durdy. Ol her görşeniniňýüzüne hyrydar göz bilen seredýärdi-de: “muny tanaýan”diýýärdi. Käsiniň bolsa adyny hakydasyna getirjek bolup:“muny tanaýan, ady... ady...” diýip, onuň elini-elindenaýyrman pikirlenip durýardy. Gul ýeser bilen görşende bolsaol:— Hä, Gul ýeser serdar, bu olja diýer - diýip güldi.Olardan biri:— Stepan aga biziň gylygymyza belet bolup, soňamýadyndan çykarman saklapdyr - diýdi.— Näme üçin ýadymdan çykmaly, men siziň bilen azbolmadym ahyry - diýip, Stepan onuň ýüzüne seretdi. Stepanhemmesinden soň Ilmyrat bilen görüşdi-de:— Bu ýigidi men ozal görmändim - diýdi.— Hawa, sen ony gören dälsiň, ol ýigit Weli batyryňatlylaryndandy - diýip, Öwezmyrat batyr düşündirdi.— Hä, Weli batyr, Weli batyr, köp ýagşy adamdy. Menony hiç wagt unutman - diýip, Stepan uludan demini aldy. Ol


sözüne bir az dyngy berenden soň furgona elini salgady. -Hany, bu zatlary düşüriň-de, öýe salyň.Ol furgonça hem bir zatlar buýurdy. Furgonçy üstündäkihaltalary düşürmäge başlady. Stepan bilen Öwezmyrat batyrdagy hem baryp, furgonça kömek bermäge durdular. Buhaltalardaky ýeralmasy, miweleriň kişdesi hem gantdy.Bulardan başga-da kakadylan et, ýene bir gapda mesge bardy.Bu zatlary düşürip, jaýa saldylar. Furgonçy atlaryna ot-iýmberip, jaýa girdi. Çaý-çörek iýmäge başladylar. Özara söhbetgyzdy.— Stepan aga, biziň sizden umydymyz üzükdi - diýip,Öwezmyrat batyr gürrüňe başlady. - Seni ak patyşa bireýýämöldürendir ýa-da Sibir diýip bir ýere ýitirim edendir diýip pikiredýärdik. Dolanyp seni göreris öýtmeýärdik.Öwezmyrat batyr dagy özleriniň bu getirilen ýerleriniň özýurtlaryndan gaty daşdadygyny bilýärdiler. Bu ýereýetýänçäler ençeme günläp ýol söküpdiler. Emma olar buýerleriň Sibir diýilýän ýerdigini ýa başga ýerdigini açykbilmeýärdiler. Olar: “Sibir diýilýän ýer dowzahyň jähennemidiýen ýaly bir ýerdir, ol ýerde adamyny gynaýan her hili belabeterlerköpdür” diýip pikir edýärdiler. “Hernä bize rehimleriindimi-nätdimi, şol Sibir diýilýän belalaryna eltmediler. Ol ýerinähili gorkuly ýerkä” diýşip, öz aralarynda gürrüň hem


edişerdiler. Olar ilki gelen batlaryna şu ýerden gaçmakhyýalyna-da düşdüler. Ýöne: “Gaçanymyzdan soň gaýdyp eledüşäýsek, soň bize şol Sibir diýen ýerden sypmak ýokdur,hökman şol ýere elterler” diýen wehim bilen ol hyýallaryndanel çekipdiler.Stepan olaryň öz ýagdaýlaryna şeýle düşünýändiklerinigürrüňlerinden aňdy-da, güldi.— Sibir diýilýän ýer şüdür - diýdi.— Şüdür?! - diýşip, olar allaniçiksi bolup, ýerli-ýerdengygyryşdylar.— Hawa, şüdür - diýip, Stepan gaýtalady.Bularyň hemmesiniň ýüreginde: “Hany onda bu ýerde hiçgorkunç zat ýok-la? Bu ýerler hem başga ýerler ýaly eken-le?”diýen sowal peýda boldy. Stepan edil olaryň ýüregindäkinibilip oturan ýaly:— Sibir diýilýän ýer hem üýtgeşik ýer däldir - diýip,düşündirmäge başlady. - Olam bir ýurtdyr. Ol ýurt gorkunçdäldir. Öz ýurduňdan aýrylyp, bu ýerde gum-kesek, daş çekipişlemek agyrdyr. Ýurtda günä ýokdur, munda berilýän jeza,çekdirilýän jepa gorkunçdyr. - Ol sözüniň ahyrynda: - Sizgünorta naharyna çykansyňyz? - diýip sorady.— Hawa - diýip, Öwezmyrat batyr jogap berdi.


— Men häzir geleýin - diýip, Stepan daş çykdy. Emma olwagty bilen köwlenmedi.— Stepan aga basym gelerin diýip gitdi-de gelmedi. Biziňişe çykar wagtymyzam ýakynlaşýar. Gelse, oturar-da. Bizkäýinjiň aşagynda galmalyň. Gideliň - diýip, Öwezmyrat batyrýoldaşlaryna maslahat saldy. Olar şaýlaryny tutup ugramakçybolup durkalar Stepan geldi.— Bu günlükçe men size rugsat diläp aldym. Işe gitjekbolmaň - diýip, ýagdaýy mälim etdi. - Bu gün gürleşeliň. Buýerde siziň üstüňizden seredýän meniň tanyş dostum.Soň bular arkaýyn oturyp gürrüňe başladylar.— Siz haçan geldiňiz? - diýip, Stepan sorady.— Üç-dört aý boldy - diýip jogap berdiler.— Men türkmenler geldi diýip bir hepde mundan öňeşitdim. Eşiden badyma-da, eger diri bolsa Öwezmyratbatyram bardyr diýdim. Sen-men ýok, derrew şaýymy tutmagabaşladym. Bu ýerde-de meniň daýhanlardan dostlarym bar.Olar ýagşy adamlar. Ine, bu ýigit şolaryň biriniň ogludyr. Menbulara azyk alyp gideýin diýdim. Eger Öwezmyrat bolman,başga biri bolsa-da aýby ýok, azyk elteýin diýdim. Emmameniň başky pikirim dogry çykdy. - Stepan ýylgyrdy. Soňolaryň özüne sorag berdi. - Men gaýdanymdan soň, siziňýagdaýyňyz nähili boldy?


Öwezmyrat batyr Stepany ugradandan soňky bolan işleriňbaryny birin-birin gürrüň berdi. Özüni Skobelewiň çagyranyna,onuň ýanynda mert durup gürrüňedenine çenli jikme-jik aýdyşdyrdy. Soň Aşgabatda kerpiçkürelerine çöp çeken ýerine geldi-de:— Hawa, siz patyşany öldürdiňiz. Şondan soň bizem dildüwüşdik - diýip, soňky bolan işleri hem özleriniň Halmollanyň aldawyna düşüp tutulyşlaryny, kazylaryň kesen işineçenli gürrüň berdi.— Hal molla, haramzada Hal molla - diýip, Stepan ahmyrbilen kellesini ýaýkady. - Şu erbet adamdyr diýip men öňaýdypdym. Sen oňa gaty ynandyň.— Stepan aga, seniň aýdan zatlaryň hemmesi dogry bolupçykdy - diýip, Öwezmyrat batyr ökünçli sözledi.Stepan Öwezmyrat batyryň gürrüňini pugta üns beripdiňledi. Soňra esli wagtlap dymyp oturdy-da, uludan deminialdy.— Batyr, biziň ozalky eden işlerimiziň hemmesi ýalňyşbolupdyr - diýdi. - Biz patyşany öldursek, onuň tagtyna ýenebir patyşa çykdy. Ol öňküden-de zalym boldy. Biz ony hiçoýlanmandyrys. Biz patyşany hem onuň baýarlaryny öldüripgutararys diýip, nähak adam öldürmek ýoly bilen gidipdiris.


— Weý, Stepan aga, bu gürrüňiň nähili? - diýip,Öwezmyrat batyr geň galdy. - Olary, elbetde, öldürmeli. Onuňnäme ýalňyş ýeri bar?— Olary öldürip gutarmasaň, başga çäresi bolmaz, Stepanaga. Ýagşysy olary gyryp, tohumyny kesmek gerek - diýip,Ilmyrat murtuny sypalady.Stepan bulara nähili düşnükli söz tapmak hakda oýlanýanýaly bolup, esli wagtlap pikirlenip oturdy. Şol pikirli nazarybilen ýoldaşlarynyň ýüzüne garady:— Ýok, onymyz maksatsyz göreş boldy. Maksatly ýoluňgöreşini ussatdan öwrenmeli. Halypadan sapak almaly.Hemmesi dymdy. Ara bir meýdan ümsümlik düşdi. Birsalym dymyp oturanlaryndan soň Öwezmyrat batyr umytsyzseslendi:— Hany, şeýle ussat barmy, Stspan aga? Beýle ussat bizetapdyraýýarmy näme?Stepan alňasaman-äwmän:— Şeýle ussat serdar bar. Ol maksatly göreşiň ýollarynyöwredýär - diýip, ynam bilen aýtdy.Ýene ara ümsümlik düşdi. Bu oturanlaryň ýüreginde: “Olussat serdar kimkä?” diýen sowal peýda boldy. Ony bilmägegyssandylar. Emma bular Stepanyň howlukmazlyk häsiýetine


elet bolansoňlar, oňa sowal bermekden saklanyp, özüniňgürrüň bererine garaşyp otyrdylar.Stepan oýlanyp oturyşyna käsesindäki çaýy içdi.— Şol patyşa öldürilende, patyşanyň adamlary biziňadamlarymyzdan birnäçesini asyp öldurdiler - diýip, Stepangürrüň berip başlady. - Soňam biziňkiler patyşany öldürmägesynandylar. Emma bu gezek olaryň synanyşygy başa barmady.Diňe birnäçe adamymyzyň dardan asylany boldy. Ana şolsoňky gezek patyşany öldürmäge synanyşanlaryň biriniň inisibar. Şol gaty akylly, biçak kelleli adam. Ana şol maksatlygöreşiň dogry ýoluny salgy berýär. Indi biz şonuň serdarlygybilen iş görsek, onuň ýoluny tutsak, hökman ýeňşe ýeteris. -Oturanlar şol akylly adamy bir görüp bolsady diýip arzuwetdiler. Stepan şol bir äheňinde dowam etdi. - Diňe şonuň ýolybileň gitsek, biz zalymlaryň zulmundan gutularys, adalatly birdüzgüne ýeteris. Ondan soň kişi kişä zulum etmez. Adamadamynyň zadyny talamagy ýadyndan çykarar. Adam adamynysöýer. Şeýle bir adalatly zamana geler.“Bu nähili beýle bolýar?” diýip, Stepanyň gürrüňlerindenbaş çykaryp bilmän oturan Öwezmyrat batyr birden saklanypbilmedi-de:— Ol bir adam bolsa, bir serdar haýsy ýere ýetsin? - diýdi.Ol serdar bolan adam özleriniň goşun serdarlary ýaly


elmydama at üstünde, goşunyň arasyn'sa bolmalydyr diýippikir edýärdi. Stepan onuň aýtmak islän zadyna düşündi.— Ol ýeter, ýeriň ýüzüne-de ýeter - diýdi. - Ol özüniňakyly bilen hat ýazýar. Men okaryn, saňa düşündirerin. Olokar, ýüz adama düşündirer. Şeýle bolar. Hemme kişi düşüner.Şeýle adalatly düzgüni söýmeýän adam gaty az. Rus daýhany,işçisi şony söýýär. Türkmen daýhany şony söýýär. Ählimilletleriň mazlumlary, tatarlaram, galmyklaram, gruzinlerem,çerkeslerem şol adalatly düzgüni gözleýärler. Hemme milletiňdaýhanlary, işçileri zulumy ýigrenýär, adalatly düzgünde rahatýaşamak isleýär. Hemmesiniň islegli maksady bar.Hemmesiniň göreşi-de bir. Ine, şol serdar bize şeýle öwredýär.— Bular akylly adamyň gürrüňleri, gaty dogry zatlar -diýip, Öwezmyrat batyr pikire çümdi. Yzyndan bolsa: -Hemme ýerden birleşip baş götermeli diýsene - diýip, pikirinijemledi.— Ol akylly serdar niredekä? Ýa ol gaçgakmy, gizlingezýärmi? - diýip, kimdir biri sorady.— Ýok, ol gizlin gezenok, ýöne patyşadan hem onuňnökerlerinden gizlin işleýär - diýip, Stepan jogap berdi.Ep-esli salym pikir edip oturandan soň Öwezmyrat batyr:— Bu zatlaryň hemmesi gaty akyllylyk bilen tapylan zatlarwelin, seniň şu adam öldürmesiz diýeniňe näme diýjegimi


ilemok - diýdi. - Şeýle zalym adamlary öldürmeli bolar ahyry,Stepan aga. Adam öldürmeseň, ol maksada ýetip bolmaz. Hermillet özüniň içindäki zalymlary, talaňçylary öldüribermelibolar.— Elbetde, gan dökmän, maksady ele getirip bolmaz, gandökmeli bolar, emma biziň öňki edişimiz ýaly käbir belliadamlary öldürmek bilen maksady ele getirmek bolmaz. Onytaşlamaly. Maksada ýetmek üçin hemme milleti aýagagaldyryp, patyşanyň hökümetini ýykmaly. Şony etmesek,başgasy bikar. Ony etmek üçin halka düşündirmeli - diýip,Stepan aýtdy.Ilmyrat bir gapdalda pikir edip oturan ýerinden gozganman:— Bilmedim, men-ä bu işlere akyl ýetirip bilemok - diýip,umytsyz seslendi. - Möjek aýdarmyş “et süýjüligini goýsa,menem goýun iýmegimi goýaryn” diýip. Şonuň ýaly bu anthorzalymlar özleriniň ejize ganymlygy, ili talamagyny ölinçägoýmazlar. Onuň üçinem meniň kellämde bir zat bar. Buzalymlary çem gelen ýerinde öldürmeli. Diňe şeýlelik bilenbulardan dynmak bolar. Bolmasa, bular dyndarmazlar.— Bu zalymlaryň şol talaňçylyk düzgünine ýol berýän,olara erk-ygtyýar berýän gurallaryny ellerinden almaly. Şolygtyýarlaryny ellerinden alanyňdan son olar gözleri çykan


ýaly, ile-halka boýun bolarlar. Şonda-da boýun egmeselerölerler - diýip, Stepan gürledi. Ilmyrat bolsa:— Duşman ganymdyr, men olary diri gezdirip, öýümdearkaýyn ýatyp bilmerin - diýdi.Öwezmyrat batyr öz içinden: “Stepan aganyň hemmeaýdýan zatlary dogry çykýardy. Olary gaty gowy welin, nämeüçin bu öňki pikirinden el çekipdir? - diýip, pikir edýärdi. - Ine,şunusy gowy däl... Belki, bir gowy amatly, düýpli ugur-ýoltapandyr. Onuň soňuny görmek gerek... Ol akylly, beýik serdardiýýäni nähili adamka? Ony bir görüp bolmazmyka?..”Oturanlaryň her haýsy bir sorag sorap, Stepanyň üstünisorag bilen gömdüler. Ol hem her haýsyna aýratyndüşündirişler bilen jogap berýärdi. Sowallaryň köpüsi şolakylly, parasatly serdar hakynda boldy. Gürrüňçiligiňahyrragynda Öwezmyrat batyr:— Sen bu taýa biziň ýanymyzdan gaýdanyňdan soňgeldiňmi, haçan geldiň? - diýip sorady.— Meniň siziň ýanyňyzdan gaýdanymdan soň bu ýere şuikinji sapar gelşim. Öňem birnäçe ýyl bolup gitdim - diýip,Stepan gürrüň berdi.Hemme sorag-jogaplar paýawlaşandan soň, Stepan işçileriň,daýhanlaryň durmuşyndan köp gürrüňler berdi. Iň ahyrda Gul


ýeser serdar hem öz ýüregindäkiniaýtdy:— Haýsy ugur bolsa bolsun welin, biziň üçin düşewüntlije,oljalyja ugur bolsa bolýar. Stepan aga...Stepan oňa hiç zat diýmän ýylgyrdy. Emma Öwezmyratbatyryň, Ilmyradyň hem beýlekileriň soraglaryndan soňStepan: “Bularyň kellesinden öňki adam öldürmek pikirleriniçykaryp, bulary maksatly ugra gönükdirmek üçin, bular bilepgaty köp işlemeli bolar” diýip pikirlendi.Stepan ertesi bular bilen hoşlaşyp, ugramakçy boldy.Öwezmyrat batyr bilen Stepan ep-esli salym nämedir bir zatlarhakda gürleşip durdular. Soň Stepan bilen ýoldaşyfurgonlaryny sürüp, ýollaryna gitdiler. Öwezmyrat batyrdolanyp, öz jaýlaryna geldi. Bular ýene hemişekileri ýaly özişlerine gitdiler.Stepan gelip gidenden üç gün geçenden soň, bulary çagyryp:— Siz goşuňyzy daňyň. Siz başga ýere ugramaly - diýipaýtdylar. Bular goşlaryny ýygnap durkalar, olaryň arasyndakäbiri: “Indi, gör, nirä ugratjakkalar” diýip howsala düşjekboldy. Emma Öwezmyrat batyr:— Hiç ýere ugratmazlar. Bu Stepan aganyň işidir - diýip,olary köşeşdirdi. Gul ýeser bolsa:— Hernä düşewüntli, oljalyrak ýere düşsek ýagşy - diýdi.


— Tä ölinçäň, sen olja diýip öljek. Ine, seniň dünýäňgyzyldan dolup durýar-da, şonda näme etjek? Stepan aganyňaýdýan ýeri - şol gyzyl gazylýan ýerem, gyzyl derýasamseniňki-dä, şonda näme çykjak? Dünýäniň puly nämä gerek? -diýip, Öwezmyrat batyr käýindi.— Her niçik-de bolsa, garnymyz dokrag-a bolar-da - diýip,Gul ýeser öz başyna gürledi.Bular paty-putusyny arkasyna göterip, öz işleýän ýerleriniňedarasyna bardylar. Az salymdan soň bular goş-golamlarynyaraba basyp ýola düşdüler.Stepan bularyň ýanyna gelip-gidenden soň, görer ýalyadamlary görüp, tanyşlyk, dostluk üsti bilen Öwezmyrat batyrdagyny öz işleýän ýerine geçirmegiň alajyny edipdi. ÇünkiStepanyň özi hem şol ýerde bir bölümde demir ýol salyjylaryňussasy bolup işleýärdi. Ol Öwezmyrat batyr dagyny özüniňussaçylyk edýän bölümine çekip aldy. Stepan olaryň kimisinigarawul, kimisini ýene şoňa meňzeş ýeňilräk işe ýerleşdirdi.Soň her gün diýen ýaly bular bilen ýörite gürrüňdeş boldy.Soňra asyl ýatak jaýyny hem olar bilen birikdirdi.Stepan bular bilen bir maşgalanyň adamsy ýaly bolup, ikiýyly geçirdi. Üçünji ýyla aýak basanda, onuň bu ýerde bolmalyýyly dolup, gaýtmalydy. Şonuň üçinem ol öňünden görer ýaly


adamlary görüp, yzynda galjaklaryň soňky geçirjek günleriniňaladasyny etdi.Stepanyň dogan ýaly görşen adamlary bilen hoşlaşmalypursaty gelip ýetdi. Öwezmyrat batyr dagy ondan aýrylmagygaty agyr gördüler. Şeýle bir gamgyn boldular, olar hiç wagtbeýle gamgyn bolmandylar.Stepan gaýtmazyndan üç-dört gün ozal olary köşeşdiripbaşlady. Ugrajak bolanda bolsa olara şeýle diýdi:— Meniň inim siziň ýurduňyzda demir ýoluň ulybeýikleriniň biri. Men öz maşgalamyň arasyna baranymdansoň, olar bilen maslahatlaşyp, türkmenleriň arasyna gitmekhyýalym bar. Sag-aman Türkmeniňtana barsam, siziňmaşgalalaryňyzam hor etmerin. Men ol ýerde demir ýolussaçylygynda işlärin, ýerleşerin. Siz dünýäni gaýgy etmäň.Men bu ýerde-de siz hakda alada etmegi tabşyrmaly adamlaratabşyryşdyrdym.Bu ýedisi Stepan bilen hoşlaşyp, ony otla mündüripgaldylar.* * *


Öwezmyrat batyr daga alty ýyl Sibire iş kesilipdi, emmaolar Stepanyň beren kömeginiň arkasyndan bäş ýyl Sibirdebolup, işlerini gutardylar hem Aşgabada gaýdyp geldiler.Öwezmyrat batyr otludan düşen badyna, birinji sataşantanşyndan:— Dykma serdar diri barmy? - diýip sorady. Dykmaserdaryň öz ajalyna ölenini eşidip, arman çekdi. - Haýp, ol özajalyna ölmäge ýetişipdir. Ahalda eli şüwlümli ýigit galman,bary Gökdepede gyrlan eken! Eger olardan birijigi galanbolsady, onda Dykma serdary öz ajalyna ölmäge goýmazdy -diýdi.Öwezmyrat batyr Stepanyň öwüt-nesihatlaryna gulak asyp,ýekeleme adam öldürmek niýetini kellesinden çykarypdy.Emma öz içinden: “Diňe Dykmany öldüreýin, şondan başgaadama zat diýmäýin” diýip, ýüregine düwüpdi. Şonuň soňunagalany üçinem ol uly arman çekdi.Öwezmyrat batyr öýüne barandan soň golaý-goňşy, dostýarlartopar-topar bolup gelip, onuň bilen göruşdiler, hal-ahwalsoraşdylar. Emma Öwezmyrat batyryň has gyzykly duşuşygyözüniň söýgüli aty bilen boldy. At janawer garrapdyr.Öwezmyrat batyr gelim-gidimden bir böwşeňlik tapan wagtyduşuşmak üçin ýatakda duran atynyň ýanyna bardy. At ilkibada gulagyny gyrpyp, oňa haýbat atýan ýaly etdi. Soňa baka


ol sypatyny üýtgedip, hyrydar göz bilen seredip, ony tanajakbolýan ýaly bir görnüşe geldi. Birden ol tanapynyň boýunyňýeten ýerine gazygynyň töweregine aýlandy-da, iki öň aýagynyýere dikdi, üşerilip öňe seretmäge durdy. Haçan-da Öwezmyratbatyr ýany bilen baran Gutlymyrat bilen gürleşende, onuňsesini eşitdi-de, birhili ýuwaşja, näzik ses bilen kişňedi, bir hiliüýtgeşik hereketler edip, yzly-yzyna hokrandy. Bir hili aglaýanýaly suluhdy, gözleri ýaşaran ýaly boldy. Öwezmyrat batyrgaýdyp öýe girende bolsa, ol iki-üç sapar bassyr gaty ses bilenkişňedi.Öwezmyrat batyr oba gelenden soň bir hepde-de geçmändi,ony oblast naçalnigi çagyrdy. Öwezmyrat batyr: “Baýar meninätjekkä?” diýen pikir bilen gelip görse, çagyrylan ýeke özi däleken, beýleki ýoldaşlarynyň hem hemmesini çagyrypdyrlar.Olar hem bir özüm çagyrylandyryn diýip pikir eden ekenler.Oblastyň naçalnigi bulary öz jaýyna çagyrdy. Bular barypgirenlerinden soň:— Oturyň - diýip buýurdy. Ýedi batyr oturdy. Şol wagtknýaz Mergen hem oblast naçalniginiň ýanyndady. Naçalnikony dilmaç edinip getiripdi. Oblastyň naçalnigi birinji gürrüňebaşlady. - Siz indi öňki gylygyňyzy taşlajakmy ýa-da ýenebaşlajakmy? - diýen soragy berdi.


Oturanlar dymyşyp, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Azajykdymanlaryndan soň Öwezmyrat batyr:— Taşlap, taşlaman, biziň öň näme eden işimiz bar? -diýdi.— Öň ýol urýardyňyz, adam öldürýärdiňiz, garakçylykedýärdiňiz, ine, şol işleriňizi indi taşlajakmy, taşlajak dälmidiýip soraýaryn - diýip, oblast naçalnigi gaharlandy.— Siz bu baýara aýdyň, goý, ol ýersiz gaharlananbolmasyn - diýip, Öwezmyrat batyr knýaz Mergene ýüzlendi. -Ol özi üçin peýdaly däl. Ikinjidenem, biz hiç wagt ýol urup,garakçylyk etmedik. Adam öldürmek diýeni bolsa, indi bizadam öldürmek niýetimizi taşladyk. Biz indi azarsyz-bizarsyz,öz günümize goýsaňyz razy...Dilmaç düşündirenden soň oblast naçalnigi:— Hemmäňizem şony isleýärsiňizmi? - diýip sorady. BirGul ýeserden başgalary: “Hawa, islegimiz şol” diýişdiler.Emma Gul ýeser dymdy. Oblastyň naçalnigi oňa:— Sen näme pikir edýäň? - diýdi. Gul ýeser bolsa:— Däliden dogry habar, eger baýar meni bir döwüm çörekbilen üpjün edäýmese, olja gözläp gezmegimi men-ä goýupbilmen, şony aýtdy-aýtmady diýmesin - diýdi. Soň oblastyňnaçalnigi Gul ýeseri tekelerden tutulan jigit nökerleriniň


arasyna iberdi. Galanlaryna-da gulluk ediň diýip köp aýtdy.Emma hiç biri etmedi.Bu ýedi batyr Stepanyň: “Sizis maşgalalaryňyza-daaýlanaryn, kömek ederin” diýen sözune “hä” diýseler-de,ýürekden ynanmandylar. Hatda Stepanyň iň ýakyn dostyÖwezmyrat batyr hem öz ýüreginden: “Biziň öýlerimizebarmak beýlede dursun, Stepan aga biziň ýurdumyza-dabarmaz, bu gürrüňi ýöne biziň göwnümizi awlamak üçinaýdaýýar” diýip pikirlenipdi. Emma Stepan öz sözundedurupdyr, olaryň ýedisiniňem öýüne öýme-öý aýlanyp, elindengelen kömegini beripdir. Stepanyň önki kömeklerem az dälwelin, onuň bu eden işi ýedi batyryň ýüreginde oňa tükenmezsöýgi döretdi.Soň il içinde Öwezmyrat batyryň ady “Öwezmyrat Sibir”diýen at bilen şöhratlanyp gitdi. Öwezmyrat batyr beýikLeniniň adyny birinji gezek Sibirde eşidip gaýdypdy. Ol her biroturylyşykda, her bir gürrüňçilikde:— Adamlar, är ölse, är dörär diýen söz hakykatdyr.Russiýada Lenin diýen bir är döräpdir, ol parasatly serdar -diýip, bererdi süýjülik bilen gürrüňler.


IKINJI KITAPMYŞ-MYŞLAR HEM HAKYKATÖwezmyrat batyryň ýaşynyň soňunda gözüni dikip oturan,ýaňy on bäş-on alty ýaşyna ýeten ýalňyz ogly syrly ýagdaýdaýarag ujundan öldi oturyberdi. Bir gün awa gidenlerinde, onuňýoldaşy:— Öz tüpeňi atanlykda atylyp, özüne degdi - diýip, onuňgana bulaşan meýdini getirdi. Oglunyň ölümini görüp,Öwezmyrat batyryň gözleriniň yşygy sönen ýaly boldy,ýüzüniň bir gat hamy ýanan dek, gara-ört boldy. Oglunyň öztüpeňi atylyp ölmegi onuň kalbynda müňkürlik döretdi.— “Öz tüpeňi özüne degdi” diýen gep ýalandyr.Türkmençilik edip, ganyňy ýerine salmak gerek - diýip, özýanyndan oýlandy.


Öwezmyrat batyryň ogly bilen awa giden ýigit onuň öz deňduşydy,Öwezmyrat batyryň doganoglany Seýitmyrat begiňogly Beglidi. Şonuň üçinem Öwezmyrat batyr köp oýlandy.“Be, bu garyndaşlyk arasynda iki arada gylyç ýöräýmelibolarmy? Men onuň öldürilenini gözüm bilen görmedimahyry” diýip, öz-özüne basalyk etdi. Onuň ogly jaýlanandaSeýitmyrat begiň hut özi tutuş maşgalasy bilen gelipdi, onuňhasratyny paýlaşypdy. Bu ýagdaý hem Öwezmyrat batyryňýanyp duran oduna suw sepýärdi. Sebäbi Seýitmyrat beghemme ýere baryp ýören adam däldi. Onuň sarpasy hembelentdi. Öwezmyrat batyryň ogly jaýlananda, Seýitmyratbegiň hatyrasy üçin Arkajyň uly ahunlarynden biri bolanMuhammetmyrat ahunam gelipdi.Näme-de bolsa, oglunyň gümürtik ölümine bolanmüňkürlik, her dürli garjaşyk pikirler Öwezmyrat batyry uzakwagtlap horlady. Ony telpek basdy, bili bükülen ýaly boldy.Indi onuň ýekeje gyzy galdy. Öwezmyrat batyr bu gyzynyoba arasy bir ýigide çykardy. Ol ýigide Permanguly diýerdiler,bir pukara ýigitdi.Öwezmyrat batyryň gyzynyň galyňy illeriň gyzynyň galyňyýaly şeýle agyram däldi. Emma Permanguly pukaraçylygyňderdinden şony hem üzüp bilmän, bir ýyldan köpräk gezdi.


Elbetde, Permangulynyň özi hiç wagt hem Öwezmyratbatyryň ýüzüne gelip biljek däldi. Ýöne özi baryp bilmese-de,ol kimdir birini Öwezmyrat batyryň üstüne iberip: “Bir öýdemeniň täk özüm, sallah ýaşap atam-enemden galan bu pukaraçatmany hem tozduryp barýan, meniň şu ýagdaýymy gözöňünde tutup, meniň maşgalamy ibersinler” diýip, ýüz tutanbolsa-da, Öwezmyrat batyr “ýok” diýmezdi. Gaýta “päheý,maşgalanyň ahyry barmaly ýeridir, hanha, äkitsinler” diýerdi.Emma Permanguly başga hili etdi. Ol bir garry aýaly iberip,özüniň agyr ýagdaýynyň habaryny gyzyň özüne ýetirdi.Şeýlelik bilen, günlerde bir gün Öwezmyrat batyryň gyzyedinenje sepiniň ýeňilrägini göterip, öz adamsy bilen gaçypgitdi.Öwezmyrat batyr ownukçyl adamlaryň hilinden däldi. Öýdemaşgalalar näme işleýär, olar nirede oturyp, nirede turýar, nirägidip, nireden gelýär - munuň ýaly ownuk-uşak zatlar bilenonuň işi bolmazdy. Ol gaýta şeýle häsiýetde bolan adamlarydaşyndan ýigrenerdi. Şonuň üçinem ol gyzynyň gidenini şolgün duýmady. Onuň aýaly Mamagül welin eýläk-beýläk çapyp,gyzynyň öz adamsy bilen gidenini şol gün öýlän bilipdi. Ýönebilenem bolsa, bu agyr habary Öwezmyrat batyra nähiliduýdurjagynyň takadasyny tapmady. “Öňem gaýgy-hasrat


ilen bükülen bir adam, bu-da bir agyr habar” diýip, ol uzyngününi ýaýdanyp geçirdi.Öwezmyrat batyr ertesi irden atynyň arkasyny täzeläp, otberip geldi-de, daş işikde sekiniň üstünde ýanbaşlap ertirçaýyny içmäge başlady. Ol aýaklaryny biri-biriniň üstüne atyp,nämedir bir zatlar hakynda pikir edýärdi. Şol wagt Mamagüleje gelip onuň ýanynda oturdy. Ol habaryny nähili aýtjagynybilmän, esli wagtlap ýaýdanjyrap oturdy. Ahyry birden agzynykümşüldedip, dodaklaryny sandyratdy-da:— Batyr, ol ýüzügara-ha ýüzüne garany çekip, öz adamsybilen çykyp ötäýdipdir - diýdi.Öwezmyrat batyr onuň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi:— Ötäýdipdir?— Hawa. Bizi masgaraçylyga goýup gidipdir.Ara bir salym ümsümlik düşdi. Mamagül eje Öwezmyratbatyr näme diýerkä diýip, bükgüldäp otyrdy.— Öz adamsy bilen dälmi? - diýip, Öwezmyrat batyr ýenesorag berdi.— Hawa-la, öz adamsy bilen-le...Öwezmyrat batyr ýene dymdy. Bir käse çaýyny arkaýyniçdi. Onsoň çäýnekdäki çaýynyň soňuny käsesine sarkyrdy-da:— Aý, gitse, owarra gitsin, Mamagül. Oglumyzdangowumy? Bizden gowyny tapýan bolsa, ondanam aňryk gitsin


- diýip, parahatlyk bilen seslendi. Ýerinden turup, ýene atynyňtöwereginde aýlaň-çaýlaň etdi. Atynyň o ýan-bu ýanynaseredip, galan bir desse ýorunjany hem ahyryň içine gyrdy.Ýorunjanyň düýbüni beýle gapdalyna, hemişe taşlaýan ýerinetaşlady. Oragyny hemişeki goýýan ýerinde goýdy. Ellerinikakyşdyryp:— Mamagül! - diýip gygyrdy.Türkmenleriň arasynda uzak döwürlerden bäri bolgusyz birnakys ownuklyk resim bolup galypdyr. Är aýalynyň, aýaläriniň dogry adyny tutmaly däl. Biri-birini “Baýar”, “Beg”,“Öý eýesi”, “Pylanynyň kakasy”, “Çagalaryň ejesi” diýen ýalyhowaýy äheňde çagyrmaly. Emma Öwezmyrat batyr şunuňýaly nakyslygy daşyndan ýigrenýärdi. Ol aýalynyň adyny hiçwagt “Baýar”, “Beg”, ýa-da “Öý eýesi” diýip tutmaýardy,Mamagül diýip, dogry ady bilen çagyrýardy.Mamagül eje ady tutulan badyna ylgap gapa çykdy. “Nämebuýursaň eşidýän” diýen bir hereketde onuň ýüzüne dikanlapdurdy. Öwezmyrat batyr oňa bakyp, birhili azmly ýaly gürledi:— Aý, akmak, men seni gaty ýüregi ýuka, ýumşak görýän.Bilip goý, iru-giç şol tarapdan kimdir biri gapyňdan geläýse,senem şolara mensiz çigit ýaly rehim edäýseň, seniňem kelläňialaryn, olaryňam, eşitdiňmi?


Gürrüňiň kimler barasynda barýany Mamagül ejä bellidi. Buýerde ata-enäniň ikisiniňem öz ýanyndan eden pikiri deňçykypdy. Olaryň ikisi hem: “Gyzymyz özüniň adamsy bilengidipdir welin, aradan birnäçe gün geçenden soň, olaryň biri birýaşulyny öňüne salyp geler, özleriniň günäsini dilär” diýenpikirdediler. Mamagül eje:— Eşitdim, batyr - diýdi. - Men şolaryň haýsy gelse-de, täsen gelinçäň öýe salmaýyn, tä sen gelinçäň şolar bilenýagşydan-ýamandan bir agzam gepleşmäýin.Mamagülüň jogabyndan Öwezmyrat batyryň göwni hoşbolup, şeýle diýdi:— A-haw, Mamagül, perzendi bir özüm gowy görýändirindiýip göwnüňe getirme. Perzent ata bilen enä deňdir. Menemperzendi sençe gowy görýärin... Ýöne şeýle agyr haldaky ataenäniňgöwnüne degen perzende, jogap bermegi saňa ynanjakdäl. Sebäbi seni gaty ýumşak görýän. Sen pikir etme, men olarahiç bir gaty-gaýrym zat aýdyp, göwünlerine degmerin. Gatydararyn, ýöne ahyry göwünlerini hoş ederin. Ondan ýaňa senarkaýyn bolaý.Öwezmyrat batyr öz işi bilen bolup geziberdi. Şu gezişde buwakanyň üstünden birnäçe gün geçdi. Emma ata-enäniň edenumydy çykmady. Gyz bilen giýewden hiç bir habar bolmady,gyzlarynyň şol gidişi-gidişi boldy.


Bir gün ertir ir bilen turup, Öwezmyrat batyr atyna seretdi,ertir çaýyny içip, howlusyndan çykyp ugrady.Öwezmyrat batyr eliniň boş wagty demirçiniň ussahanasynabaryp, gürrüňçilikde oturmagy adat edinipdi. Ol bu günem irbilen şol ýere baka ugrapdy.Ol uly köçe bilen gidip barýardy. Onuň barýan köçesiniňýakasynda doganoglany Seýitmyrat begiň uly dükany bardy.Dükanyň gapysynda hem onuň bir eýwanly jaýy bardy.Seýitmyrat begiň ogly Begli şol jaýyň eýwanynda başga-dabirnäçe özi ýaly ýaňy ýetginjek çykan medrese talyplary bilençaý içişip otyrdy. Eginleri ak geýimli talyplar bir topar ak guşýaly bolşup otyrdylar.Aslynda Öwezmyrat batyrda şeýle bir häsiýet bardy. Molla,ahun halkyny görse, onuň jyny atlanýardy. Molla adynydakynyp, sypaýy ak geýme giren adamlary ýigrenmekhäsiýetiniň bu adamda näme üçin döräni, haýsy wagt döränibelli däldi. Bu häsiýet onuň dogabitdi ganyna guýlanameňzeýärdi.Şonuň üçinem Öwezmyrat batyryň bu talyplara gözidüşenden jyny atlandy, olar bilen salamlaşmagam islemän,ýüzüni kese sowup, öz ugruna gitdi.


Ýöne Beglä gözi düşenden Öwezmyrat batyr biygtyýarhalda öz oglunyň ölümini ýatlanyny duýman galdy. Ol ýuwaşjaýöräp, içini gepledip geçip barýardy.Begli töweregindäki deň-duşlarynyň böwrüne symsyklap,üm bilen “ol geçip barýany görüň” diýen yşarat etdi. Hemmeoturanlar geçip barýana seredişdiler. Öwezmyrat batyroturanlaryň bu hereketini aňlady, şondan soň gulagy yzyndaboldy.Öwezmyrat batyr olaryň duşundan iki-üç ädimden kängeçmändi. Ol Begliniň töweregindäkilere aýdan sözlerinieşitdi:— Golaýda gaçan gyz şu adamyň gyzy bolmaly. Görüň,ýene utanman köçä-de çykýar. Arsyz, namyssyz...Begli gürrüňiniň soňuny şeýle bir ýuwaş dowam etdi welin,Öwezmyrat batyr ýaňky sözlerden başga hiç zada düşünmedi.Ýöne Begli sözüni gutaran badyna onuň ýanynda oturanlarhahahaýlap, ala-wakyrdy bolup gülüşdiler.Öwezmyrat batyryň üstünden gaýnag suw guýlan ýalyboldy. Onuň saçlary syh-syh boldy, endamyna şagga der geldi.Ol şol ýerde sakga aýak çekenini duýman galdy. Doňan ýalybolup durşuna: “Oglum üçin Begliniňem, gyzymyňam,giýewimiňem - üçüsiniňem kellesini alaýyn-da, ýene ataçykaýyn - diýip oýlandy. - Öň bir sapar patyşa meni bigünä


ýerimden Sibire sürgün eden bolsa, bu gezek şu üç kelle üçinberibersin nähili jezasy bolsa...”Ol gazap bilen yzyna dolandy. Häzir Beglem, Begliniňýanynda oturanlaram onuň gözüne ilmedi. Ýolda-da onuň göziagy-garany saýgarmady. Ol şol gidip barşyna diňe howlusynyňagzyna ýetende aýňalan ýaly boldy. Dälirän dek:— Namart, binamys, meniň ar-namysym kimiň ar-namysy,seniň ar-namysyň kimiň ar-namysy, biz doganoglan dälmidik,gan düşer garyndaş dälmidik! Indiki bu gyjydyň näme?! -diýip, aýylganç ses bilen gygyranyny özi-de duýmady.Onuň bu gazaply sesine Mamagül eje daş işige ylgap çykdy.Emma Öwezmyrat batyr oňa tarap esewanam etmän, ýüzüniňugruna köneje tamyna kürsäp girdi. Köp ýyllardan bäridiwaryň ýüzüne kakylan gazykdan asylgy duran gylyjynyşakyrdadyp aldy, boýnundan asdy. Gazaply hereket bilen ýenedazyrdap daşary çykdy. Birdenem nämedir bir zady ýadyndançykaran dek sagyndy-da, gylyjynyň baljagyny ýazdyryp,tygyny ýarysyna gelýänçä gynyndan çekip gözden geçirdi.Onsoň “tygynyň ýarysam bolsa maňa bes” diýen manydagylyjyny ýene gazap bilen yzyna itdi. Ol:— Öwezmyrat batyryň kimdigini şu gün görersiň, namart! -diýip ugraberende bir çirkin ses çykdy. Ol nämäniň-nämediginiaňşyrmaga ýetişmänkä, gollaryny galdyryp, ýüzüni üç ýuwlan


ak esgi ýaly edip duran Mamagül onuň öňünde peýda boldy.Mamagül eje Öwezmyrat batyryň gözüne seredende, onuňgözleriniň gan ýaly gyzaranyny gördi, dilýitutuldy. Çünki ol“bu indi ýekeje gyzymyzdanam dyndarjak” diýip oýlanypdy.— Sowul, akmak, senem it çapan ýaly çaparyn, üç bolmasa,dört boljak eken-dä! - diýip, Öwezmyrat batyr Mamagülisüdürläp goýberdi.Emma Mamagül eje hem ondan el çekip oturybermedi.Synyndan bek asylyşyp:— Batyr!.. - diýip, çirkin gygyrdy. Soňra şol asylyşypýatyşyna boýurganyp başlady. - Batyr, dünýäde gara ýurtdagalyp, bir ikimizden näme boljak? Akylyňa aýlan, batyr!..— Näme bolsa, şo bolsun! Dünýä ýumrulýan bolsaýumrulsyn! - diýip, Öwezmyrat batyr barha gazaba mündi.— Batyr, dünýäde ýalňyz perzendiň bir gyzyň galdy. Hanybizden başga galjak nesil, zürýat? Indi bar umydymyz şolahyry!— Ah, sen meni nesil-zürýat bilen gorkuzmakçybolýamyň? - diýip, Öwezmyrat batyr gygyrdy. EmmaMamagülüň gasyn-gasyn bolan ýaňaklaryndan dür dänesi ýalytogalanyp gaçýan ýaşlara gözi düşende, geçmişiň bir howplygüni ýadyna düşen ýaly bolup tisginip gitdi. Süňňi bogunbogungowşady. Parahat ses bilen içini döküp başlady.


— Aý, Mamagül, ine sen bu dünýäň işine bir seret ahyry.Sen bir düşün ahyry. Ýadyňa düşýärmi, bir wagtlar eýranlylargelip galamyzy gabanlarynda, biz nähili uruşýardyk. Sizaýallaram gol gowşuryp oturmandyňyz. Ine, seniň özüň nähilijan edipdiň. Kyn güne, agyr derde galyp, atylan oklaryýygnaýardyň hem bize ok ýetişdirýärdiň. Birnäçäňiz bolsa suwgaýnadyp, galanyň ýokarsyndan duşmanyň üstüne gaýnag suweňterýärdiňiz. Daş diýmän, demir diýmän, tapan ýaraglarymyzbilen ýurdumyzy goramak üçin duşmana garşy çykýardyk. Buzatlar näme üçindi? Näme üçindi, aýt ahyry, Mamagül! Gel-gelşeýle gara günler görüp kemala getiren çagaň bu gün seniň barnamysyňy ýere salyp, senden gaçyp gitse, sen näme diýersiň?!Näme diýersiň, aýt ahyry, Mamagül!Her niçigem bolsa, Öwezmyrat batyr az-kem köşeşdi.Mamagül ýöwzerip, ýalbarmaga başlady.— Näme-de bolsa, batyr, ynsap et. Olardan bize zyýangelmez. Olardan önenleriň bize peýdasy deger. “Barlynyňbazary ýanynda» diýenleridir. Ýalňyz gyzyňa haýpyň gelsin -diýip, gyňajynyň ujy bilen gözüniň ýaşyny süpürdi.Mamagül eje öz ömründe her hili gatylyklary, gara günlerigören adamdy. Ol bosa-boslugy, gaça-gaçlygy köp saparlarbaşyndan geçiripdi. Öwezmyrat batyryň oňa kän bir peýdasyhem degmezdi. Öwezmyrat batyr hemişe gaç-kowlukda uruşda


olardy. Onuň üçinem bosguda maşgalany alyp çykmak işiMamagülüň boýnuna galardy. Iň ahyrky bosguda - şäherbosgusynda hem ol özüniň üç sany ýaşajyk çagasyny, özboýnuna düşen başga-da bir ýetimje çagany bosgudan alypçykypdy.Mamagül eje süňňi berk, daýaw adamdy. Emma onuňçagasy durmazak boldy. Onuň köp çagasy heniz ýedi ýaşynaýetmänkä ölüp gitdi. Emma ol il ýaly göz ýaş edip aglap, haýwaýedip ýörmezdi. Diňe janyna salyp, dymyp geçirerdi. Hatdaiň ahyrda jahyl çykan ýalňyz ogly ýarag ujundan ölüp,gapysynda gyzyl gana bulaşyp ýatyrka-da, Mamagül ejemertligini saklady. Diňe: “Allanyň salany-da, çekmeli-dä,başga çärämiz näme?” diýip, gam-gussasyny içine salypoňupdy. Emma ýüreginden ýanýardy. Gündizini-gijesini agyroýlar bilen içini hümledip geçirýärdi. Öz içinden: “Oglumyňadam sebäpli gana bulaşanynyň anygyna ýetsemdim,gandarymy Öwezmyrada ýetirmän, dişim bilen çekeläpöldürerdim” diýýärdi.Mamagüle Öwezmyrat batyrdan ullakan gazanç hem ýokdy.Ol göreniň hyzmatyny edip, özüniň çeper el hünäri bilen diýenýaly çagalaryny ekleýärdi. Oba aýallary dokma ýüwürtmekçibolsalar-da, tara ýüwürtmekçi bolsalar-da, başga bir işbaşlamakçy bolsalar-da, Mamagülsüz başlamazdylar. Bir


geýim biçdirmekçi bolsalar-da: “Mamagül eje, kömek et”diýip, onuň üstüne gelerdiler.Üme bolsun, ýowar bolsun ýa-da şoňa meňzeş başga birüýşmeleň bolsun, Mamagül ejäniň bolşy beýleki aýallarameňzemezdi. Beýleki aýallar derrew kellelerini gybatagyzdyrardylar, dünýäň gürrüňini ederdiler. Mamagül eje bolsaol gybat-gürrüňleri eşitmeýän ýalydyr, hemişe öz işi bilenmübteladyr. Ol diňe özüne gerek gepi geplärdi, özündensoralan zada gysgajyk jogap bererdi.Gyzynyňam häsiýeti Mamagülüň öz häsiýetine meňzeşdi.Şonuň üçinem şeýle ýuwaş maşgalanyň sabyrsyzlyk edip, äribilen gaçyp gidişini il-halk gaty geň görüpdi. Oba aýallary özaralarynda: “Gara ýer ýaly ýuwaş maşgalady, emma doga-jadybilen başyny-gözüni öwürdiler” diýip gürrüň edişýärdiler.Öwezmyrat batyr özüniň baş ýoldaşy Mamagülüň hemmehäsiýetine gaty beletdi. Şeýle bolansoň, özüniň uzyn ömründeagyryşman gelen aýalynyň göz ýaşypa rehim etdi. Ýene, hernäme-de bolsa, ol özüniň joşup gelen gaharynyň öňüni saklapbilmedi, jany ýangynlyk bilew gürläp başlady:— Aý, Mamagül, men Mamagülüň ýaşy bir çene bardy, olher hili muşakgatlary başyndan geçirdi, indi akyllanandyr diýipýördüm welin, seniň bu körzehin akmaklygyň ölinçäňaýrylmajak eken. Mamagül, gulak goý, men saňa bir zady


gürrüň bereýin. Gadym zamanda bir adam gabrystanlygamüjewürlik edýär eken. Ol müjewürlik eden bolup,agşamlaryna täze jaýlanan ölüleriň mazaryny agtaryp, kepeninisoýýan eken. Ahyry ol görüp bendäniň başy ölüm ýassygynaýetipdir. Şonda ol özüniň ýekeje ogluny ýanyna çagyryp: “Aý,oglum, men ölýän welin, meniň bir kesbim bardy, öliniňkepenini soýýardym, şol kesbim galjak, meniň kepensoýýanlygym hem ile mälim boljak. Soň il maňa gargyş eder”diýipdir. Onda ogly: “Aý, kaka, sen arkaýyn aýagyňy uzyn saldaölüber, şol kesbiňdeň saňa ýekeje-de gargyş gelmez, gaýtaýüz-müň alkyş bolar ýaly ederin” diýip jogap beripdir.Garry göriban müjewür ölenden soň, il-gün ýygnanyp, oňakepen edip jaýlapdyrlar. Ogly bolsa atasynyň jaýlanan agşamybir gazmadan uzyn gazyk ýasap, bir palta, bir pil hem bir pahnagöterip, mazarçylyga barypdyr. Atasynyň mazaryny agtaryp,onuň meýdini görden çykarypdyr. Onsoň kepenini soýupdyrda,ýalaňaç maslygy süýräp, ýedi ýoluň çatrygyna eltipdir.Atasynyň ýalaňaç meýdini arkan ýatyryp, göbeginiň ýokaryeteginden gazmadan ýasalan gazygy kakyp, onuň meýdini ýereçüýläp ötäýdipdir. Ol göribandan önen oglanyň edişini neneňsigörýäň, Mamagül? Ertesi ýoldan geçen ýolagçylar görselerýoluň çatrygynda garny gazykly ýalaňaç meýit ýatyrmyş diýýä.Bu ahwalaty gören adamlar: “Wah, wah, öň bir göriban bardy,


ol öliniň diňe kepenini soýýardy, başga zat etmezdi. Indi birgöriban döräpdir welin, öliniň kepenin-ä bir soýýar, ony ýolaçykaryp garnyna-da gazyk kakýar, öňki göriban pahyra ýüzmüňalkyş” diýşip gidenmişler. Ilem bir işi gaýdan, “belki, öňkigöriban öwredip gidendir” diýen oý, hiç kimiň kellesinegelmändir. Ine, Mamagül, seniň gyzyň bilen giýewiň şolynsapsyz göribandyr. Biz bolsak indi gabrystana dönenadamlardyrys. Olar bize müjewür bolmagyň deregine, biziňkepenimizi soýa-soýa gitdiler. Indi olardan önenler bolsa, şolöliniň garnyna gazyk kakýanlardan bolup dörärler. Dünýäniňbolşuny, zamanasynyň gerdişini özüň göre-göre gelýärsiňahyry, Mamagül. Ine doganoglan, ýakyn garyndaşymyzSeýitmyrat begi neneň görýäň? Hemmesi şonuň ýaly.— Näme etselerem özlerine ederler, batyr. Kyýamat güniöz ejirlerini özleri çeker.— Muňa seret, gaýta kyýamat diýýär! - Öwezmyrat batyrgaharly gürledi. - Akmak, olar kyýamaty seniň öýüňde eýýämgopardylar. Ogluň läşini gapyňda serdiler. Mundanam beterkyýamat bolarmy? Ýagşy, Mamagül, gyzyň bilen giýewiňganyny geçeýin, şolara tyg ýöretmäýin. Emma meniň başgaişim bar. Ýolumdan goýma.Ol şeýle diýdi-de, ýüzüniň ugruna çykyp gitdi. Mamagül ejeyzynda agzyny aňkardyp galdy. “Batyr oglumyzyň ölümi


hakda bir habar aňan bolara çemeli” diýip, ol öz başynahümürdedi. Howlynyň agzyna çykdy. Ol ýerde hem uzak karartapman, ýene gaýdyp öýe girdi. Ýöne şol gün Mamagül ejeöýünde-de arkaýyn oturyp bilmedi, uzakly gününi zowzuldapgeçirdi.Öwezmyrat batyr şol çalt gidişine Begliniň oturan ýerinebardy. Ýöne olaryň oturan eýwanynda ne Begli bardy, nebeýleki ýoldaşlary. Dükanyň agzy hem ýapyk durdy.Öwezmyrat batyr derrew Seýitmyrat begleriň howlusynaylgady. Howlynyň içine girdi-de:— Seýitmyrat beg! - diýip gygyrdy. Birnäçe sapargygyrany bilen jogap bolmady. Muňa onuň has-da beter gaharygeldi. “Indi Seýitmyrat begiň özi çyksa-da, egri gylyjynygerşinden salaýyn, sylamaýyn” diýen pikire geldi. Ýogsa onuňöňki hyýaly, bar kasty Seýitmyrat begiň ogly Beglidedi. Şeýlepikire gelen Öwezmyrat batyr indi Seýitmyrat begiň “beg”lakamyny hem taşlap:— Aý, Seýitmyrat süýthor! - diýip gazaply gygyrdy. -Näme, baryň gyryldyňmy?!Emma onuň sesine jogap beren bolmady. Howly obasygöçen gala meňzeýärdi. Uly-ha beýlede dursun, oýnamagaçykan oglan-uşagam ýokdy.


Köçeden geçip barýan Öwezmyrat batyr gazap bilen yzynadolananda, Begli oýuň rejesiniň bozukdygyny aňypdy. Olderrew dükançylara dükany ýapmagy tabşyrdy. Ýanyndakyýoldaşlaryny hem alyp howlularyna ylgady. Howludakyadamlara, kakasyna ýagdaýy habar berdi. Özi bolsa medresägaçyp baryp, bir hüjrä girdi-de, agzyny daşyndan gulplatdy.Seýitmyrat beg bolsa öz gezeginde Öwezmyrat batyratöwella etdirmek üçin ahunlara, beýleki mertebeli adamlarahabar etdi. Özi hem jaýlarynyň birine girip gizlendi.Öwezmyrat batyr gygyryp duran wagty ol jaýlarynyň birindeonuň sesini eşidip ýatyrdy.— Seýitmyrat süýthor haw! Gyryldyňyzmy haw?! - diýip,Öwezmyrat batyr köp gykylyk etdi.Dogrudanam, Seýitmyrat begiň il içindäki ýörgünli adySeýitmyrat süýthordy. Emma onuň ýüzüne beýle diýip bilýänadam ýokdy. Ýüzüne onuň adyny Seýitmyrat beg diýiptutardylar.Her näme-de bolsa, Öwezmyrat batyryň aňsatgidibermejegine gözi ýetdimi-nämemi, hatar oturan üç sany aköýüň ortakysyndan:— Ol obada ýok - diýip, kimdir biri ölügsi seslendi. Bu sesSeýitmyrat begiň baýry aýalynyň sesidi.


Şol arada söze salym ýok, üç öýüň işigindäki eýwanlytamdanam bir eprut kempir hasasyna söýenip eýwana çykdy.Bu bolsa Seýitmyrat begiň ejesidi. Hakykatyna seredeniňde, bukempir Öwezmyrat batyryň hem degişli ýeňňesi bolmaly. Olbeýik eýwanda hasasyna söýenip, esli wagtlap sesiniçykarman, Öwezmyrat batyra çiňerilip durdy. Bir meýdanümsümlik aralaşdy. Birdenem:— Öwezmyrat jan, bu ertirden bäri gykylyk edip duransenmi? - diýip seslendi.— Hawa, men.— Näme gep, eýgilikmi?-diýip, kempir äm-sämsirän boldy.- Wah, ol Aşgabada oglunyň ýanyna gidipdi.- Ol ýene äm-sämkişi bolup, öňki sözlerini gaýtalady. - Näme eýgilikmi özi?Bu kempiriň gaty köpbilmiş häsiýetlerine Öwezmyrat batyrbelet borly, ol kempiriň bolşuna ähmiýet berip durmady. Ol:— Seýitmyrat süýthoruň özi bolan bolsa, eýgilikdiginidäldiginiözüne görkezerdim welin, arman özi ýok eken. OglyBegli bolaýsa-ha, has ýagşy bolardy, maňa geregi şoldy - diýip,garry kempiriň sözüni kesdi.— Onuň süýthorçulygyny sen nirede gördüň? - diýip,kempir hem sürünip başlady.


— Ol süýthorlaryňam süýthory. Ol ölüden kepensoýýanlardan. Ýöne ol ölüden kepen soýsa, men dirikä onuňhamyny soýjakdym.— Bu nä päli azanlyk!— Ýok, bu päli azanlyk däl, muňa azana musallat bolmakdiýerler - diýdi-de, bu garry kempir bilen mundan artykharçaňlaşyp durmagy özüne uslyp bilmedik Öwezmyrat batyrhowludan çykdy-da, göni medresä baka gidiberdi. Medresäbaryp hüjrelere aýlanmaga başlady. Ahyry medresänindamyllasy:— Ýaşuly, kimi agtarýaň? - diýip sorady.— Men Seýitmyrat süýthoruň ogly Begli mollany agtarýan.— Nätjekdiň ony?— Ony it çapan ýaly çapjak.— Be, beýle bolmaz ahyry. Bu taýy adam öldürilýän ýerdäl ahyry.— Eýse onda, bu taýy ganhorlaryň gaçyp atalgasymydy?— Agam, ahunlar bilse ýagşy görmez.— Nämäni? Şu ýeriniň ganhoryň ýatagy bolanyny bilsemiýa-da başga bir zat diýjek bolýaňmy? - diýip, Öwezmyrat batyrgözlerini depesine dikdi. Şol durşuny üýtgetmän sözüniň üstüniýetirdi. - Şu gün şol ganhory tapyp berseňiz-ä bereniňiz,bolmasa-da medresäňize gan çaýkaryn.


Bu gykylyk wagtynda talyplaryň ýekejesi hem hüjresindençykyp bilmedi. Ýöne olar gapydan yşyklaşyp seredişýärdiler.Damylla gorkdy.— Agam, ol adam bizde ýok, onuň öten agşamky öýlerinegaýdyşy - diýip, sapalak atdy.— Bolýar. Ol öýlerine gidenmiş eken. Ýöne men ony şuýerden tapýançam, başga hiç ýerden gözlemen. Ol şu ýerdençykmabilse çykmasyn - diýip, Öwezmyrat batyr metjidiňeýwanyna bardy-da, gylyjyny öňüne kese basyp, aýbogdaşynygurdy oturyberdi.Metjit hüjreleriň dogry garşysyndady. Onuň işiginde hembeýik eýwany bardy. Şonuň üçinem bu ýerden seredeniňdehemme hüjrelere girip-çykýanlar görnüp durýardy. Öwezmyratbatyr bolsa awa garaşýan bürgüt ýaly bolup eýwanda otyrdy.Damylla içki howly bilen hüjreleriň arasynda gatnap, ikiýana zowzuldap ýördi. Garşy ahunyň ýanyna barýardy.Öwezmyrat batyryň öz töwellasyny almajakdygyna ahunyňamgözi ýetikdi. Öwezmyrat batyryň ahunlary, molla-işanlarybeýle bir halap barmaýandygy ozalam ahunyň gulagynadegýärdi. Şonuň üçinem ahun ýeriň asty bilen bir ugrunytapyp, Seýitmyrat begiň üstüne adam iberdi. Onuň bir ugurtapmagyny tabşyrdy.


Seýitmyrat beg köp oýlanandan soň, ahyry nämeetmelidigini bildi. Öwezmyrat batyryň gaty gowy görüşýänadamlaryndan birini tapyp, şony töwella etmek üçin iberdi.Metjide gün guşluk galyberende gelen Öwezmyrat batyröýle namaz wagty golaýlaşýança ýerinden galman oturdy. Birseretse, ahun bilen biri tirkeşip ýetip gelýär. Damylla bolsaolaryň esli yzyndan gelýär. Öwezmyrat batyryň ýanyna ýetipýetmänkälerolardan biri:— Salawmaleýkim, batyr - diýip seslendi.— Waleýkim.— Ýeri, batyr, bu nähili boluş? Bu saňa ýaraşjak zat däl-le.Bu oturan ýeriň metjit ýaly-la?..— Demirçi, şu gün metjit däl, hut pygamberiň öz öýembolsa gan çaýkamaga çykdym - diýip, Öwezmyrat batyrdemirçiniň ýüzüne dikanlap seretdi. Demirçi şol bir parahatäheňi bilen dowam etdi:— Aý, ýok, batyr, munyňdan-a iş bolmaz.— Iş bolup bolman, demirçi, men iki başymy deňläpçykdym. Men ýene bir gezek Sibire gitmäge-de, ondanbeterrägine-de boýun. Onsoň bu işden zat çykarmy-çykmazmy,onçasyny özi bilýär.Ahun sesini çykarman durdy. Ol Öwezmyrat batyryňdamyllanyň üstüne gygyryp aýdan sözlerini eşidipdi, onuň


üçinem sem bolup durmakdan gowusynyň ýokdugynadüşünýärdi. Demirçiniň töwellasyny almadyk adamyň ahunyňtöwellasyny almajakdygy bellidi.— Sen gaty ýalňyşýaň, batyr. - Demirçi sözünidelillendirmäge durdy. - Ogluň ölümi hakda entek hiç kimigünälemäge esas ýok. Aslynda öz tüpeňi özüne degipdir ahyry.Bardy-geldi müňkür bolýan bolsaňam, ilki bilen magadynaýetmegiň gerek. Yzarlap ýörseň, ahyry bir gün ýüze çykar. Ýelaýdar, gün aýdar, adam gany ýerde ýatmaz. Ilki bir anygynaýeter-de, etjek işiňi şondan soň ediberler. - Ol ahuna ýüzlendi. -Şeýle dälmi, ahun aga?Diňe şundan soň ahun:— Aý, hawa-la - diýip, çala başyny atmak bilen oňdy.— Öňde biri: “kyrk ýylda ganymy aldym, ýene alňasaklykedipdirin, howlugypdyryn” diýipdir. Alňasamak gerek dälahyry.Demirçiniň sözüniň şu ýerinde ahun ýene söze goşuldy.— Hawa, “sabyr rahmandan, äwmek şeýtandan”diýenleridir - diýip, içginräk durdy. - Sabyrly bolmak gowy zat.Bu zatlaryň bary-da takdyry ezeldir.Bu gürrüňlerden soň damylla-da bir-iki ädim öňe süýşdi.Öwezmyrat batyr, näme üçindir, sesini çykarmady. Ýenedemirçi dowam etdi:


— Batyr, sen şu gezek menden geçip, meniň sözümi ýeresalma. Meniň töwellamy al. Ýör, ikimiz gaýdaly. Baraly,maslahat edeli. Bu işi maslahatly eden ýagşy. Ondan soňam birzady ýadyňdan çykarma. Seýitmyrat saňa daş däl ahyry. Olseniň doganoglanyň. Garyndaşlyk arasynda bu gürrüň nämägerek?Öwezmyrat batyr bir salym böwrüni diňläp oturdy-da,donuny kakyşdyryp ýerinden turdy.— Haý, demirçi, gelen sen bolduň - diýip, ahmyr bilenbaşyny ýaýkady. - Men seniň sözüňi ýykyp biljek däl. Emmasenden başga müňüsi gelenem bolsa, meniň üçin daşa ýagmyrýagan ýalydy, tapawudy ýokdy, şu gün şu taýda gylyjyňhökümini ýöretjekdim. Bolýar, demirçi, ýör, gaýdaly.— Senden tamamam şeýledi, batyr - diýip, demirçiegninden agyr ýük aýrylan dek uludan demini aldy.Öwezmyrat batyry yzyna tirkäp, öýüne eltdi.Mamagül ejäniň şol aýagy bişen dek zowzuldap ýörşüdi.Bularyň baranyny görüp, onuňam jany ara girdi. Dessine çaýgaýnadyp, öňlerinde goýdy.Çaý başynda Öwezmyrat batyr bolan işi ussa gürrüň berdi.Demirçi oňa it-eşekleriň sözi bilen ýürek çişirip ýörmezligisargady. Başga-da birnäçe maslahatlar berip, öz öýüne gaýtdy.


Şol günden soň Öwezmyrat batyr birnäçe günläphowlusyndan çykmady. Ata ot ýygmak işini hem Mamagülejäniň özi etdi. Ýöne Öwezmyrat batyr hemme zady içinesalsa-da, gep-gürrüň ýatmady. Şol wakanyň bolan gününiň hutertesi: “Öwezmyrat batyr däliränmiş. Öl ahunlaryňmedresesine baryp, baryňyzy uçdan-tutma gyraryn, metjidiňizegan çaýkaryn diýip, eli ýalaňaç gylyçly dyzanmyş, ony köpläptutup, zor bilen zynjyrlanmyşlar” diýen myş-myş habar göýäýyldyrym çakan ýaly bolup, tutuş oba jar boldy.Öwezmyrat batyr gündizlerine özüniň köne howlusyndançykman, başyny basyrynyp ýatsa-da, gijelerine dünýäsyganokdy. Uzyn gijesini atynyň töwereginde aýlanypgeçirýärdi. Gije ýarymdan agandan soň, atyna münüp, niredirbir ýerlere gidýärdi. Ýene daň saz berer uçurlarynda gelip,atyny ýatagynda baglap ýatýardy.Onuň, gijeler nirä gidip, nireden gelýänini bir özi, birem atybilýärdi. Başga bilýän ýokdy. Hatda Mamagül eje-de bu işdenhabarsyzdy.Şeýle ýagdaýda birnäçe gün geçdi. Ahyry bir gün Mamagüleje:— Batyr, beýdip, gije-gündiz aç-suwsuz syryljapýatmasana. Senem bir daş-iç çyk ahyry - diýip dillendi.Öwezmyrat batyr oňa:


— Näme, Mamagül, ot ýygmak halys irizäýdimi? Bolmasa,oty agşamlaryna özüm alaryn - diýip jogap berdi.— Ýok, ýok, irmek däl - diýip, Mamagül eje ýürekdengürledi. - Ýöne daş-iç çyksaň, göwnüň açylarmyka diýipaýtdygymdy. Köp wagtdan bäri atyňam şöwür görenok. Bujanawaryňam gezim göresi geldimikä diýýärin.— Aý, Mamagül, ot ýygmaga ýaltanmaýan bolsaň bolýar,at bilen meni alada etme - diýip, Öwezmyrat batyr ýenekellesini ýassyga goýdy.Ol ýene bir hepdäni şol boluşda geçirdi. Şondan bir gün soňir bilen Mamagül eje täret gylmaga çykanda, Öwezmyrat batyrbaşyny ýassykdan galdyrdy-da:— Mamagül, atyň keçesiniň giden ýeri bolsa seredişdir.Başga-da esbaplaryna esewan bol. Horjunyňam ýyrtyk-ýirikýeri bolsa seret - diýip tabşyrdy.Mamagül eje Öwezmyrat batyryň tabşyran işlerini bitirdi. Atkeçesiniň giden ýerlerini ýamady. Horjunyň ýyrtylan ýerlerinitorlady. Başga esbaplarynam kem-käs ýerlerini düzetdi.Öwezmyrat batyr agşam turup, öz beren tabşyryklarynyň nähiliýerine ýetirilendigini barlaşdyrdy. Hemmesini gözden geçirip,göwni hoş bolandan soň, çaý içdi, çörek iýdi.Hemişe ýassy namazyny okap, irgözinden ýatmak Mamagülejäniň adatydy. Ol bu günem öz adaty boýunça irgözinden


ýatdy. Öwezmyrat batyr bolsa öz başyna hysyr-pysyr edip,nämedir bir zatlar edýärdi, nämedir bir zatlary taýýarlaýardy.Ol şol hysyrdanyp ýörşüne gijäniň bir wagty öz işini gutardymetdi. Bir meýdan böwrüni diňirgäp durdy. Il ýatar uçurlaryndahowlusyndan çykyp, demirçiniň ýanyna baryp geldi.Öwezmyrat batyryň birnäçe günläp gijeler ýatman atynyseýisläp, gezdirip şöwür çekip ýörmegi uzak ýolataýýarlanmagyň alamatydy. Demirçiniň ýanyndan gelendensoň, ol at keçesini hem köne ýapynjasyny atynyň syrtynabökderdi. Aňry-bäri salyp taýýarlap goýan horjunynybökderginiň üstünden berkledi. Hemme zadyny taýýar edendensoň, tama girip gylyjyny guşanyp çykdy. Atyny gazykdançözüp, idip öýüň gapdalyna bardy-da:— Mamagül! - diýip, ýuwaşja seslendi.Mamagül ukusyna gaty sakdy. Ol “hä!” diýip, derrewýerinden turdy.— Hany, bäri çyk.Mamagül çykyp görse, Öwezmyrat batyr çyny bilen birtarapa ugramaga taýýarlanypdyr. Mamagül soramakçy bolanmahaly Öwezmyrat batyr öňürtiläp:— Mamagül - diýip, assalyk bilen söze başlady, - Menhäzir ugraýan. Meniň haçan gaýdyp geljegim belli däl. Ýönesen meni hiç alada edinme. Eger aç-hor


olan wagtyň bolsa, gerek zadyňy baryp demirçiden soragyn.Başga gapydan baraýmagyn. Demirçä: “Batyr gelýänçäbirneme karz ber” diýäýgin, düşdüňmi?— Düşdüm welin, batyr nirä gitdi diýseler, näme jogapbereýin?— Demirçi meniň gitjekligimden habarlydyr.— Ýok, başgalar sorasa diýýärin.— Walla, gürrüňi köpeldýärsiň-aýt, Mamagül. Sen nämetapmaýarmyň? Haýsy ugra, nirä gidenini bilemok diý. Aşgabatdiýdimi, Tejen diýdimi, bir ýer-ä gitdi diý. Näme seniň diliňagyrýarmy? - Ol soňky jümlesini aýaklady-da, atyna münüpsürüp ugrady. - Hoş, sag bol, Mamagül.— Alla ýaryň, batyr - diýip, Mamagül eje sekiniň üstündedikilip galdy.Öwezmyrat batyr atyny sürüp, howlynyň agzyna bardy, atyňbaşyny hyrra yzyna öwürdi-de Mamagülüň ýanyna geldi.— Hawa, Mamagül, men saňa ýene bir zady sargamagyýadymdan çykarypdyryn - diýdi. - Ol namys getiren gyzyň ýadagiýewiň howlyň işiginden geläýseler, habarlarynam almada,kowup goýber. Gelmesinler.— Bolýar, batyr.— Hoş - diýip, Öwezmyrat batyr gelşi ýaly yzyna dolandyda,atyny sürüp howludan çykyp gitdi.


Daňyň öň ýanlarynda dogýan şamlan aý ýaňy ýerdensaýlanypdy. Onuň kümüşleç şöhlesi Öwezmyrat batyryňýagyrnysyna ýagty salýardy.Öwezmyrat batyr nirädir bir uzak ýola ýolagçydy. Emmaonuň nirä, näme üçin gidýändigini hiç kim bilenokdy, ony ýekedemirçi bilýärdi.Öwezmyrat batyryň gördüm-bildimsiz uzak ýola ýolagçybolmagy, ol hakda il arasynda ýaýran “däliränmiş” diýenmyjabatlary has-da artdyrdy, öňki myjabatlaryň üstüne täzetäzemyjabatlaryň döräp gitmegine sebäp boldy. Biri“Öwezmyrat batyr bus-bus bolupmyş, öýünden çykyp bilmänýatyrmyş” diýse, ýene biri “Öwezmyrat batyry öwlüýäýykypmyşlar, öwlüýä düýneýärmişin” diýýärdi. Birnäçeleribolsa “Öwezmyrat batyr zyr däli bolup, düze, daga-daşa urupgidenmiş, onuň nirä gidenini aýaly hem bilmeýärmiş”diýişýärdiler. “Öwezmyrat batyryň jyny molla düşüpmiş, mollagörse, jyny atlanyberýärmiş, onuň bir molla uçugy barmyş, olbir mollany öldürmän dynmaz” diýýänlerem bardy. Dilişerebeli adamlar olara “jyny molla düşen bolsa, aýby ýok,garamaýak bilen işi bolmasa, bolýar” diýip jogap berýärdiler.Garaz, her bir meýlisde, her bir märekede birnäçe wagtlapadamlaryň gürrüňi şo boldy.


WEPALY DOSTLARGün giç öýläne sanypdy. Bir adam sag egnine dagumgasynyň läşini göterip, obanyň öňündäki dagdan aşak indi.Bu adamyň egninden asan hyrlysynyň aýaklary göýä ýabakgöteren ýaly ýokarda somalyp gelýärdi. Bu adam dagyňdüýbüne düşdi-de, bir bolgusyzja ýoda bilen obanyň ileriçetindäki gapysy tamly ak öýlere baka ýüzlendi.Bu öýleriň töweregi oglan-uşak, aýal-erkekden doludy,nähilidir bir desga bilen joşgunly hereketdedi, biş-düştaýýarlanýardy. Daş-töwerekde oýnap ýören çagalardan birgyzjagaz egni umgaly gelýän adamy dagyň başynda salgymatyp görnen badyna seljeren bolmaga çemeli:— Kaka, awçy ata gelýär - diýip gygyrdy.— Bu nä, özüniň geleni gowy boldy-ow! - diýip, henizsakgalyndan ak sepmedik, ýaşy kyrkdan atan, sypaýy geýnenbir adam begençli seslenip öýden çykdy. Dagdan inip gelýänawça çiňerilip seretdi. - Hakykat özi, tanapsyň.Ol awçy gelýänçä, o ýan, bu ýan gezmeläp, daşarda boldy.Awçy onuň ýanyna ýetip gelýärkä:— Salawmaleýkim - diýip, nazymly ses bilen sogdurypsalam berdi. Öý eýesi onuň salamyny aldy.


— Batyr, mahalynda gelip ýetişdiň. Hoş geldiň, sapa geldiň- diýip begençli seslendi.Awçy öý eýesiniň bu gürrüňine pikir bermeýän bir görnüşdeegnindäki läşi düşürdi, ony öýüň gapdalynda goýdy. Hyrlysynyegninden aýryp, tama söýedi. Diňe şondan soň:— Oglan-uşak, mal-baş sag-aman oturanmysyňyz? - diýip,saglyk-amanlyk soraşyp başlady. Öý eýesine gezek bermängürrüňini dowam etdi. - Size gaýdyberdim. Şu ýakyndaky obagelýen ýolagça duşdum. Şujagaz şarany elteýin hem saglykamanlyklarynybileýin diýdim. Bujagaz läşi hem şolýolagçynyň ulagyna dakyp getirdim. Ýogsa muny şondan şuňagöterip getirmek maňa eýgertjegem däl eken. Indi ýükgötermek kyn düşýär. - Soňra ol ýene saglyk-amanlyksoraşmaga dolandy. - Hemme sag-salamat oturanmysyňyz?— Şükür hudaýa, saglyk-salamatlykdyr. Gelseň, gowyedipsiň, batyr - diýip, öý eýesi hormat bilen gürledi.— Adam durdugyça ysgyndan galaýjak öýdýän - diýip,awçy ýene garrylykdan zeýrenjiräp başlady.— Batyr, sen beýle garrap ýören dälsiň-le - diýip, öý eýesioňa teselli bermekçi boldy.— Bo-how, kän gar basylandyr, batyr. Men ýaga düşemdeon sekiz ýaşymdadym - diýip, awçy sözüni kesmän gürledi. -Men ors gelende kyrk ýaşyma giripdim. Ondan bärem ýene on


äş ýyl geçdi. Hasap et-de görüber. Şonda men dogry elli bäşýaşamaýanmy? Onsoňam bu adamlaryň başyndan nähili günlergeçdi. Gün görmedik ahyry. Adamy şolam garradýar-a.— Men sizi köp bolsa elli töweregindedir diýýärdim welin,beýle däl eken-ow - diýip, öý eýesi geňirgendi.— Ýok, ol beýle däldir. Men altmyşa ýakyn bardym. Menöz tirkeşen deň-duşlarymyň köpüsinden uludyryn, batyr.Öwezmyrat batyram menden bir ýaş kiçidir - diýip, awçygürrüňiniň yzyny Öwezmyrat batyra sowdy. - Haý, pahyr,Öwezmyrat batyryň haly, gör, neneň bolduka? Soň ondan hiçhabar eşiden dälsiň?— Batyr, ondan habar bar. Asyl Öwezmyrat batyryň özihäzir şu ýerde.— Aý, ýog-a, Öwezmyrat batyryň özi şu taýda? - Beýlejogaba garaşmadyk awçy tarsa ýerinden galyp, öý eýesi bilenboýdaş boldy. - Batyr, sen muny degşip aýdýarmyň ýa-daçynyňmy? Ol bu ýakalara düşer diýip, ýatsam-tursam kellämegeljek däl ahyry.— Ol geldi, özem gaty horugyp gelipdir - diýip, öý eýesibaşyny galdyrman, parahat gürledi.Awçy ynamsyz bir garaýyş bilen töweregine garanjaklady:— Hany onda, nirede ol?


— Ol basym geler, ol atyny gezime çykardy. Sen ýadansyň,batyr. Geç, otur, dem-dynjyňy al.— Be, ölmedik adam ýene görüşäýjeg-ow. Pahyr nähilihorluklary başyndan geçirdi. Patyşanyň Sibirinem görüp geldi -diýip, awçy öz başyna hümürdedi.Awçynyň öňüne çaý getirilip goýuldy. Ol çaý içmägeoturdy. Öý eýesi hem bir çäýnegi öňüne aldy. Ol oturanýerinden “ol işi beýdiň, bu işi beýdiň” diýip, töweregindäkimaşgalalaryna ýumuş buýurýardy.Awçy çaý içip ýören adam däldi. Ol hemişe öňüne çäýnekgoýlanda, “aý, şüý-ä biziň bir halaýan zadymyzam däl, ýönegaraz hödür-dä” diýip aýdardy. Emma ol bu sapar sesiniüýnüniçykarman, çaýyny iliň agdaryşy ýaly edip agdardy.Çünki häzir onuň küýi başga zatdady. Ol çaýyny agdaryp, birkäse guýdy-da, öý eýesiniň ýüzüne garady:— Horlanyp gelipdir diýdiňmi, batyr? - diýip sorady.— Hawa, gaty horlanyp, bize geňeşe-maslahata gelipdir.— Ol kimden horluk gördükä?— Kimden bolar öýdýäň, elbetde, adama adamdan horlukgelýär. Bu zatlary özüňem göre-göre gelýärsiň. Adam pahyrhudaýdan gelen horlugy horlugam hasap etjek däl ahyry.— Ol dogry-la. Ýöne men ýene patyşadanmyka diýipoýlapdyryn.


— Patyşa tarapyndan bolanda -da, ol horlugam edýän şolarýaly adamlar ahyry. Ony öň Sibire iberdenler kimdi? “Başgaýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmy?”diýen ýaly, ýa öz garyndaşyňdan, ýa-da şoňa meňzeşdengelýär-dä horluk - diýip, öý eýesi Öwezmyradyň başyna düşenhorlugy gysgaça gürrüň berdi.Öý eýesiniň bu gürrüňini diňländen soň, awçy bir salymdymdy. Ara bir meýdan ümsümlik düşdi. Ara düşen tukatümsümligi bozmaga ol ikisiniň hiçisem gyssanmady. Diňedaşarda oýnaşyp ýören çagalaryň jagyl-juguly, gazan-ukaç,gap-gaçlaryň şakyr-şukury eşidilýärdi.Awçynyň görnüşi edil aýratyn bir ýerde görnüşegoýaýmalydy. Onuň gök balagynyň agzy bir gulaja ýakyndy.Dokama uçgurynyň seçekleri dyzyna düşüpýatyrdy. Onuň egnine geýen donunyň asly haýsy reňkdebolanyny saýgarmak kyndy, günüň aşagynda agarypdyr, onuňüstesine-de aw gany syçrap, onuň bar ýerine menek-menektagma salypdyr. Onuň biline guşanan ak guşagynda her dürliasylgy zatlary görmek bolýardy. Daşyndan seredeniňde, olarneşe üçin düzülen bir bezegdir diýip güman etmek mümkindi.Emma olaryň her haýsy öz ýerinde bu adama hyzmat edýänguraldy. Ine bu teletinden edilen seçeklije togalajyk guty därigutusydy. Ine bu ýasyrak, tegelek seçekli teletin gap serkeçdi,


awçy oňa käse hem aňry-bäri zat salýardy. Ine bu teletin gaponuň ýanjygydy, onuň içinde çakmak daşy, gowy, mis hemýene şoňa meňzeş zatlar bardy. Ine bu çelege meňzeş, depesiguýguçly teletin gap bolsa onuň ýanyna suw göterýänmytarasydy. Onuň başyna telpek ornuna eýlesini-beýlesinigysyşdyryp geýen derisiniň haýsy haýwanyň hamy boldugynysaýgarmak mumkin däldi. Onuň çal symgylt tüýleri seçelenipýatyrdy. Aýakgap ornuna aýagyna çeken hamynyň hem haýsyhaýwanyň hamydygyny biler ýaly däldi. Çünki onuň gyrşyçykyp, diňe aýagynyň burunlarynda az-owlak tüýi galypdyr. Oldag awçylarynyň ýeňiljek çarygyna meňzeýärdi. Hyrydar gözbilen seredeniňde, bu adamyň şu sypaty Gökdepe urşundanöňki döwri göz öňüne getirýärdi.Bu ikisi göýä bir uçsuz-gyraksyz deňze düşüp, gulaçlapýüzüp aňyrsyna çykyp bilmän urunýan dek, esli wagtlapçuňňur pikire batyp oturdylar. Bu agyr dymyşlygy ahyry awçybozdy.— Şeýle diýsene, horlapdyrlar diýsene - diýip, uludandemini aldy. Tirsegine söýenip gyşaryp ýatan öý eýesi käsesineçaý guýdy.— Hawa, batyr onda-da nähili horlamak - diýip, içinihümletdi. - Ýeke ogluny öldüripdirler, ýalňyz galan ýekejegyzyny azdyryp gaçyrypdyrlar. Bu zatlaryň ýaşynyň


soňundaky adama nähili horluk bolup degjekdigini özüňoýlaber. Garyplyk, ýoksuzlyk horlugy hem onuň üstesine.— Aman batyr, sen Öwezmyrat batyry Gökje bosgusyndansoň tanap başladyň. - Awçy sowan çaýyny horp-horpowurtlady. - Ýöne şu adam göwhere barabar gaty gymmatlyadamdyr.— Onuň gymmatyny menem bilýän, batyr - diýip, öý eýesiara söz goşdy. Awçy sözüniň yzyny dowam etdi:— Men sekiz doganyň biridim. Meniň atyň dişi ýaly, özünegöwni ýetýän ýedi sany agam bardy. Men hemmesiniňkiçisidim. Agalarymyň arkasyndan tarhan gezýärdim, harçedýärdim, il arasynda meniň adym Kany beg, Kany beg bolupýöredi. Men şol ýaş ýetginjek wagtym Öwezmyrat batyr bilendost bolup gezerdim. Men şol wagt öz ýanymdan “men sekizdoganyň biri, men ýaga düşäýsemem, agalarym dessine gaýdypsatyn alarlar” diýip pikir edýärdim. Şol pikir edişim ýaly, menon sekiz ýaşymdakam ýaga ýesir düşdüm. Meni Gazmineeltdiler...Gürrüňe kellesi gyzan awçy başyndan geçen wakalaryAman batyra gürrüň edip berdi. Özüne Öwezmyrat batyryňhossar çykanyny aýtdy. Aman batyr bolsa onuň gürrüňini aňkbolup diňleýärdi. Wagtal-wagtal häsini berýärdi. “Hany, onsoň


soňy nähili boldy?” diýip, öňe-öňe omzaýardy. Awçy gürrüňinitamamlandan soň, ol:— Beý, Kany batyr, men seniň bilen köp ýyllap tirkeşenembolsak, henize çenli bu gyzykly kyssany bize gürrüň bermänsaklapsyň - diýdi.— Hawa, Öwezmyrat batyr şeýle adamdyr. Kyn gündeagalarymdan öňe düşüp, hossar çykan Öwezmyrat batyrdyr -diýip, Kany batyr öňki aýdanlaryny gaýtalady. - Soňrakyýagdaýlary bolsa, batyr, seniň özüň bilýäň. - Ol sözüne birazajyk dyngy berip, böwrüni diňläp oturdy. Soňra Amanbatyryň ýüzüne garady. - Aman batyr, bu ne köp eglendi?Geler ýerde gelmedi-le bu, ýa meniň özüm howlugýarmykam?— Geler, awçy, geler, alňasama - diýip, Aman batyr oňabasalyk etdi. - Ol atynyň suwuna degen bolup, o ýan, bu ýanhysyrdanyp ýörendir. Belki, otam alsa alýandyr.Ol ikisi tirkeşip daş çykdy. Aman batyr töwereginegaranjaklady-da:— Hanha, gelýär - diýip, Kany batyra ýüzlendi. Kany batyronuň görkezen tarapyna garady.— Henizem munuň şöl hemişekiligi-ow. Bu atyny özündenbaşga ynanmaýar-ow - diýip seslendi.Bir salymdan soň at ýatagynda bu üç batyryň gyzyklyşowhun bilen gygyryşyp görşüp, saglyk-amanlyk soraşyp


duruşlaryny görenlerinde hatda üm bilmez çagajyklar hemoýunlaryny goýup, aňk bolup, agyzlaryny açyşyp galdylar.Öwezmyrat batyryň atyny gazyga daňyp duran ýaş ýigit bolsaolaryň bolşuny synlap durşuna aty bir gazyga baglap, bir çözüpduranyny hem duýanokdy.Soňra üç dost çaý başynda gürrüňi dowam etdi. Olargürrüňe gyzyp, wagtyň nähili geçenini duýmadylar. Könäniýatlaşyp degişdiler, gülüşdiler. Kany batyr bolsa “Men şuduşuşygymyza henizem ynanmajak bolup durun, ýadüýşümdir, ýa-da süýji bir hyýaldyr öýdýän” diýip, häli-şindigaýtalaýardy.Aradan esli wagt geçenden soň, hyzmat edip ýören ýaş ýigitgelip, naharyň häzir bolanyny duýduryp gitdi. Öwezmyratbatyr:— Aman batyr, soramak aýyp däl, bu göwni açyk, yhlaslyýigit seniň kimiň bolýar? - diýip sorady. - Gelelim bäri iki günboldy. Emma soramagyň ýagdaýyny tapmadym. Men göremdeogluň gaty ýaşdy. Ogluň diýeýin diýsem, size meňzeýän ýeriýok.Öwezmyrat batyryň bu barada soramagy ýöne ýerden däldi.Sebäbi ol geleli bäri bu ýigit hem oňa edil Aman batyryň öziýaly yhlas bilen hyzmat edýärdi.


— Batyr, bu ýigit meniň giýewim. Şu üç öýüň çetkisemşunuň öýüdir - diýip, Aman batyr jogap berdi.— Şeýle diýsene, ogluňa meňzemeýär diýdim-le.Aman batyr çalaja ardynjyrap, gamgyn gürledi:— Aý, batyr, maňa şu oglumdan gönençlik bolmajaköýdýän. Perzent diýilýän ata-enä wepa berse ýagşy. Wepabermejek bolsa, perzent bolandan bolmany gowy. Meniň şuoglumam ahyry wepa bermezmikä diýýän. “Boljak oglanbolşundan belli” diýipdirler. Oglanyň adam boljagy-bolmajagybaşdanam-a belli welin, ýanyna bir gylly kelle getirilenden soňhas açyk aňladýar. Men oglumy öýerdim welin, ondan soňmuňa iş hoş ýakmaýan ýaly göründi. Menem üstüne bir öýdikdim-de, goşuny başgaladym oturyberdim. Indi körembolarsyň işlemän diýdim. Birneme mal-gara bölüp berdim. Soňbir atym bardy, elini ýüzüne tutup: “Kaka, şu atyňam maňaber” diýdi. Onam berdim. - Aman batyr gazykda duran atatarap elini salgady. - Ine bu aty bolsa soň satyn aldym. Indemoglum el direme eklenç gözläp, atlanyp onda-munda kaňkaýar.Özem baýarçy bolupdyr. Baýarlaryň ýanyna gatnaýar. Ine düýn“pylan baýaryň ýanyna gitjek” diýip, ir bilen atlanyşy, indemon günden gelýärmi, bäş günden gelýärmi, alla bilsin. Aslamen onuň şu baýarçylygyny halamok.


Kany awçy maşgala gürrüňi wagtynda ýagşydan-ýamandanbir zat aýtman, diňçi bolup oturdy. Öwezmyrat batyr hem diňe:— Näme-de bolsa, Aman batyr, “bagyragyň bary ýagşy”diýendirler, perzendiň bary ýagşy - diýip goýdy.Aman batyryň bu käýinçli gürrüňinden soň üç dostuňarasyna tukat ümsümlik aralaşdy. Her haýsy öz ýanyndan içinigepledip pikire çümdi, özem her haýsy bir köçeden gopýardy.Güýz gününiň ýakymsyzja şemaly ösýärdi. Bu şemalakrabyň ýakyndygyny duýduryp, gyşyň gazap sowuklarynyýadyňa salýardy. Tamyň bir gapdalynda howalanyp oturanbeýik çynaryň saralyşan ýapraklary şygyrdaşyp ses edýärdi. Öňhem paýhyn bolup, çynaryň astyna düşek ýaly bolup ýazylypýatan ýapraklaryň üstüne täze ýapraklar üznüksiz gaýmalaşypdökülýärdi. Bu gamgyn görnüş dostlaryň tukatlygyny has-daartdyrdy. Öwezmyrat batyr bu tukatlygy bozmak üçin Kanybatyra habar gatdy:— Kany batyr, il batyrçylykdan elli bizar el çekenembolsa, seniň şol “ant” diýip, henizem batyrçylygyňy taşlamanýörşüň-ow.— Ýok, batyr, ol beýle däl - diýip, Kany batyr jogap berdi.- Asyl men batyrçylygy şol siz dargap, meni ýeke goýangünüňizden ýüregimden çykaryp taşladym. Men batyrçylykhakdaky pikiri kellämden çykaryp taşlandygymy hiç kime


aýtmasamam, muny il-günem hut şol günden bilip başlady.Indi şu jelegaýdaky ýaýlalarda meniň adymy Kany batyr diýiptutsaň, hiç kim tanamaz. Emma Kany awçy diýseň welin,tanamaýan bolmaz.— Onda seniňkem meniň adymyň il arasynda Öwezmyratsibir diýlip tutulyşy ýaly bolupdyr-da? - diýip, Öwezmyratbatyr göwnüaçyklyk bilen ýylgyrdy. - Ýöne şol buljumgaýalarda, garaňky daglarda ýeke gezmegem bir batyrlykdyr.Şol wagt ýaňky ýigit eli kündükli gelip, bularyň eline suwakytmakçydygyny aňlatdy. Bular ellerini ýuwmak üçinýerinden turdular. Üçüsi hem üç ýerden goşawujyny uzatdy.Ýigit bularyň üçüsiniňem eline gezegine suw akytmagaýetişýärdi. Bularyň elini ýuwduryp, ol ýigit öz işiniň yzyndangitdi. Kany batyr donunyň syýy bilen elini süpürip durşuna:— Men-ä gyş ýakynlap ýörmikä öýdýän - diýdi. - Suwuňsesi adamyň gulagyna ýakymsyz degýär. Garradykça adamyňsary gaçyp ýör öýdýän.Öwezmyrat batyryň gelmegi bilen Aman batyr şu gün irdenbir semiz goýny soýup, söwüş edipdi. Öýüň töweregindäki bugünki guwul-çuwulam şonuň üçindi. Semiz goýnuň etinden üçdörtdürli tagam häzirläpdiler. Dört-bäş çanak çekilip, ortagoýuldy.


— Ine, kim haýsyndan halasa, şondan iýsin. Hany, batyr, albakaly - diýip, Aman batyr Kany batyra ýüzlendi.— Hany, alyň bakaly, “urşuň geňeşi ýok” diýipdirler -diýip, Kany batyr elini nahara uzatdy. Onuň yzy bilen beýlekiüç el hem çanaklara baka uzady. Dört sany el dynman çanagainip çykýardy. Nahar iýildi, töwir galdyryldy. Çanaklarýygnalyp, ýene ellere suw akydylandan soň, ýerlerinden turup,öýüň töweregine gezim etdiler. Öwezmyrat batyr atynyňtöwereginde aýlanyp, öz başyna dyrmanyp ýördi. Eýýäm güngyzar ikindi ýerine barypdy.Bu gezim onçakly uzaga çekmedi. Tiz-tiz biri-birine aranyýakynladyp barmaşa, biri-biriniň gürrüňine ten berşip, ýeneahyrky pellä gelip ýetdiler. Gyzykly gürrüňiň arasyny Amanbatyr bozdy.— Agşam sowugam düşäýdi. Içerde otursak gowy bolsagerek - diýdi.— Şondan gowusy ýok öýdýän - diýip, Kany batyr onuňsözüni tassyklady.Üç dostuň arasynda henize çenli bolan gürrüňler birinjiduşuşygara gürrüňidi. Olaryň gürrüňiniň iň gyzykly ýeri enteköňde galypdy. Şonuň üçinem olaryň üçüsi-de öýe girmegimakul gördi. Aradan salym geçmänkä, çüýşeli çyra ýanyp,


ezegli tamyň içini gündizlik ýaly etdi. Dostlar gök çaýyňbaşynda gyzykly gürrüňe başladylar.Öwezmyrat batyr bu ikisiniň ýanyna öz dostlarynyňarasynda iň wepalysy diýip gelen adamdy. Olara dadynyaýtmak üçin, maslahat soramak üçin gelipdi. Munuň üstesinedeol soňky aýrylyşykdan soň, bularyň arasynda iň gyzyklywakalary başyndan geçiren adamdy. Oňa görä-de bu günagşam gürlemek gezegi Öwezmyrat batyryňky boldy. Emma olöz başyndan geçiren kyssasynyň haýsy ýerinden başlajagynybilmän, sagynýan ýaly bolup oturdy.— Aslynda siz nähili ele düşdüňiz? - diýip, Kany batyrgürrüňe ýol arçady. - Biri “olar öýe baranlaryndan soň, herhaýsyny öz öýünden alyp gidipmişler” diýýär. Başgabirnäçeleri “olar bir ýerde düşüp, uklap ýatyrkalar daşlarynygabapmyşlar” diýýär. Ýene biri “gidip barýarkalar, bir dagyňöwrüminde daşlary gabalypdyr” diýýär. Men aýtdym, “äý, ol-abolmajak zat, olar dirikä daşy gabalsa, ýa öler, ýa öldir”diýdim. Birnäçeleri bolsa “olary sizi sylaglajak diýip, aldapçagyryp tutupdyrlar” diýýärler. Batyr, il arasynda şunuň ýalytükeniksiz myş-myş gürrüňler bar. Biz bularyň haýsy birine-deynanjagymyzy bilemzok.— Siziň özüňiz nähili bolup ele düşendiris öýdýäňiz? -diýip, Öwezmyrat batyr Kany batyra gaýtaryp sowal berdi.


Aman batyr bir zat diýmekçi bolup taýýarlandy, emmanäme üçindir, dilini dişläp saklandy, Kany batyryň gürlärinegaraşdy.— Biz bularyň haýsyna ynanjagymyzy bilmedik, indemdogrusyny seniň özüňden eşideris - diýip, Kany batyr gürrüňiçöp döwlen ýaly etdi.Öwezmyrat batyr bir salym oýlanjyrap oturdy. Onsoň:— Şol wagt anty bozup, öýli-öýümize gaýtmak gürrüňinitapan kimdi? - diýip, bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly,dostlarynyň ýüzüne garady.— Aramyzda bu gürrüňi ilki tapan Hal mollady - diýip,Aman batyr onuň bu soragyna ýüzüniň ugruna jogan berdi.— Hawa, Hal molla-da bolsa bolýandyr - diýip, Kany batyrgümansyradyp, göwünli-göwünsiz gepledi. Aman batyr:— Gümansyratma, batyr, ilki gaýtmak gürrüňini tapanşoldy - diýip, kesgin aýtdy.— Gümansyratmak gerek däl, şol gürrüňi ilki tapan,dogrudanam, Hal mollady - diýip, Öwezmyrat batyr Amanbatyryň sözlerini tassyklady.— Hawa-la, dogry-la - diýip, Kany batyr ylalaşdy,Öwezmyrat batyryň gürrüňiniň yzyny diňlemäge taýýarlandy.— Ýeri, onsoň - diýip, Aman batyram Öwezmyrat batyrygyssady. Öwezmyrat batyp gürrüňe başlady:


— Hawa, biz Hal mollanyň gürrüňi bilen öz eden antymyzybozup, öýli-öýümize dargadyk. Sen, Kany batyr, öz sözüňdendänmän ýeke galdyň. Aman batyr üç atly bolup, öz obalarynabaka başga ugra gitmeli boldy. Biz toparymyz bilen aşak indik.Hawa, biz uzak ýol ýöräp, Hal mollalaryň obasynyň duşunageldik. Wagt giç öýländi. “Bu gün bize sowlalyň. Biziňöýümiziň duşundan geçip gitmäň” diýip, Hal molla indeg etdi.Biziň hiç birimiziň göwnümizde zat ýokdy. Gul ýeser, ýene-debirnäçeleri düşmegiň tarapdary boldy, men, ýene-debirnäçämiz “düşmäliň süreliň” diýdik. Garaz, ýol üstündeazajyk sagynyp, maslahat edenimizden soň, galmagyýüregimize düwdük. Mollanyň öýüne sowuldyk. Ondan öňembirnäçämizýolda öz obalaryna sowlup galypdy. Şol wagt galanymyz jemiýigrimi bäş atlydy. Ýigrimi bäş at mollanyň howlusyndadaňlyp, ýigrimi bäş adamam dünýäden bihabar bil guşaklarynyçözüp, sozanlaryny hem hatarlaryny, gylyçlaryny tärimiňbaşyndanasdylar. Biz gaty arkaýyndyk. Üstümiz gapyl basylar diýip hiçkimiň göwnüne gelmeýärdi. Hal molla baran badymyza birgoýun söwüş öldürdi. Öýüň ortasynda ojakda bir ullakan gazanataryp, palaw bişirilmäge duruldy. Ýigitlere bolsa yzly-yzynaçaý getirip başladylar. Şol wagt Hal molla: “Batyrlar, küşt


hyýalyňyz-a ýok alla?” diýdi. Özüňize mälim bu Gul ýeserserdaryňam bir bolar-bolmaz küştçüligi bar, göwünjeňlik bilen:“Getir bäri!” diýdi. Şobada ortada küşt häzir boldy. Küşdiýazyp: “Dik, batyr!” diýdi. “Dikseň, dik!” diýdim. Şeýdip,ikimiz törde küşde başladyk. Arkaýynlyk, ýigitleriňemhemmesi biziň daşymyza aýlandylar. Hal molla hemişe iç girip,daş çykyp, zowzuldap ýörýärdi. Asyl ojakdaky gazana-dawagtynda tüwüsi atylman, şol gaýnap durşy eken. Biziňkellämiz küşde şeýle bir gyzypdyr welin, ol zatlary duýmag-abeýlede dursun, hatda garaňky düşüp, çyraň ýakylanyna-damukyt bolmandyrys. Wagt ýary gijä ýakynlan eken. Birden işikaçylyp, “Salawmaleýkim!” diýip, bir nätanyş geň ses eşidildi.Päh diýlen ýaly ýüzümizi galdyranymyzda, Dykma serdaryňegniniň çinini ýalpyldadyp, üstümize abanyp duranynagözümiz düşdi. Şol demde sary sakgal Hal mollanyň kimdiginibilip galdyk. Men tärimiň başynda asylgy duran ýaraga ýetmekhyýalynda tarsa ýerimden turdum. Gul ýeserem ýerindengozgandy. Göz ýumup açasy salymam geçmändi. Dykmaserdar: “Batyr, görşeli” diýip gelip elimi gysymlady. Bir elibilenem Gul ýeseriň elini gysymlady. Onuň bilen bile giren birors baýary bolsa iç işikde eli sapançaly durdy. Men Gul ýeseriňýüzüne ahmyrly seredip, diňe hyrçymy dişläp oňdum. Olam şolhereket bilen maňa jogap berdi. Töweregimizdäki ýigitleriň


hemmesi ör aýak üstüne galan eken. Olaryň ýüzi birgyzarýardy, bir bozarýardy, göýä kül urlana döndi. Olaramhyrçlaryny dişleşip galdylar. Iç işikde duran baýar ors dilindebir zatlar samyrdady. Bäş sany kazak, ýene-de bäş sany jigit -poşçy öýe girdi, olar ur-tut tärimiň başyndaky sozanlary,hatarlary, gylyçlary ýygnadylar-da, çykyp gitdiler. Bir kazakbilen bir jigit bolsa iç işikde elleri ýaragly, her haýsy gapynyňbir söýesine söýenip durdy. Dykma serdar oturyň diýip buýrukberdi. Ýerli-ýerimizde oturdyk. Işikde duran rus baýary hemDykma serdaryň ýanyna töre geçdi. Dykma serdar Gul ýesereýüzlenip: “Hä, serdar, siz kimleri öldürmek üçin dil düwşüp,ant içdiňiz?” diýdi. Gul ýeser pytdy-sytdy ediberjek ýaly etdi,meniň ýüzüme seretdi. Meniň ýüregim agzyma geldi-de birden:“Dykma, ony menden sora!” diýip gygyrdym. Dykmaserdaram beýlekilerem meniň ýüzüme seretdiler. “Kimde-kimGökdepede biziň ikimizi para alyp syrtyndan satan bolsa, şolsöwda bilen razylaşyp, seniň ýaly egnine çin dakynan bolsa,şolaryň baryny uçdan-tutma gyrmaga boýun bolup ant içipdik.Emma biziň orslar bilen işimiz ýok” diýemde, Dykma serdardurup bilmedi-de: “Batyr, gaty gidiberme, ine, ýaşulyňyzserdaram bar ahyry» diýdi. Onda men: “Ol serdar bolsa özýerinde serdardy. Bu ýerde, Hal mollanyň öýünde gapanadüşüp otyrkak bize onuň serdarlygy gerek däl - diýdim. Şu


ýerde biziň hemmämiz serdar - diýdim. - Men bir aýtjagymyaýdaýyn. Sen soň serdar bilen gürleş-de otur - diýdim. - Hanaga, sen berk belle. Iň birinji sen, Dykma, çin dakyndyň, Gulbatyr dakyndy, Öwezguly serdar dakyndy, Amannyýaz işandakyndy, Garahan işan dakyndy, Nurberdi han ölmedik bolsa,olam dakynardy, emma onuň ýerine ogly Magtymguly handakyndy. Nurberdi hanyň sylag berlen aýaly, maryly Guljemalhandan bolan ogly Ýusup han dakyndy, olar orslaryňgelmegine razyçylyk görkezip, Maryny tüpeň atman tabşyrdy.Şu zatlar dogrumy, Dykma?” diýip soradym. Emma ýerdenseza çykýar, Dykma serdardan çykanok. Öýüň içine birmeýdan suw sepilen ýaly boldy. Ol sözlemän, ýer synçgapoturansoň, men ýene dowam etdim. “Dykma, ine biz antiçipdik. Şonuň üçinem dönük adamlaryň barysynyň ýogunaýanyp, külüni asmana sowurmalydyk. Eger olar bizöldürmezimizden öň öz ajalyna öläýen bolsalaram, olaryňmaslygyny görden çykaryp otlamaly hem külüni asmanasowurmaly diýip ant içipdik. Işana-piriňe seretmän, barynygyrjakdyk. Sebäbi, Dykma, seniň egniňdäki ýaldyraýan çiniňşol Gökdepede dökülen ýetim-ýesirleriň ganydyr, iliň gözüniňýaşydyr. Şonuň üçinem hökman seniň hakyň ölümdir, Dykma”diýdim. Meniň bu sözlerimden soň töwerekdoki oturanýigitleriň hemmesiniň gany gyzdy. Hatda gobsunyşyp


oturanlary-da bardy. Birki-ýarymy bolsa durup bilmän, gözüneýaş aýlady. Emma ýaragsyzdylar ahyry, hatda gylyjambillerinde däldi. Magtymguly gökleň ýöne ýere aýtmandyrahyry.Ýigidiň bolmasa ýaragy-aty,Şony belli biliň ýokdur gaýraty.Eger-de şol ýigitleriň, heý bolmanda, gylyjy tärimiňbaşynda bolman, billerinde bolan bolsady, meniň gürrüňimdensoň, hökman sogrup aljakdylar. “Ak patyşa adam öldürýänýörite bir çarh ýasadanmyş, adamyny şol çarha salýarmyş”diýen ses ozaldanam gulagymyza degip ýördi ahyry. Biz şeýlewehimiň astynda ýaşap ýördüg-ä. Eger munuň ýaly bäş-altyýyl Sibir bilen gutuljagymy öňünden bilen bolsam, men şolwagt Dykma serdaryň boýnuna towsup, Hudaýdan öň bogupjanyny alardym. Näme-de bolsa öýi köýen Dykma serdar menigeplemän ýeňdi. Men soň: “Gul ýeser namartlama-da, bir azgujurlan” diýip, serdara azm urdum. Mundan soň Gul ýeserembir az daýandy. “Hä, serdar, başga näme sorajak zadyň bar?”diýdi. Dykma serdar: “Serdar aga, siz kimler bolup ant içdiňiz?Ýa-da şu oturanlaryň hemmesi ant içdimi?” diýip sorady. Birgörsem, Gul ýeser ýigitlere gözüni aýlap, pylany, pylany diýipsanamak hyýalynda. Arasynda maňa-da gözüni tegeleýär. Ýenemen öňürtmeli boldum. “Aw, Dykma, biz - dil düwşüp ant


içenler ep-esli bardyk. Emma olaryň birnäçesi bu taýda ýok.Bu ýigitleriň köpüsi ol dil düwşükden habarsyz adamlardyr.Bular soň gelip biziň toparymyza goşuldylar. Bu oturanlaryňarasynda dildüwşüge birinji goşulan meň bilen Gul ýeserserdardyr. Galanlarynyň öz dili bar, özleri aýdyp biler” diýdim.Gul ýeserem meniň aýdanlarymy tassyklady. Şol wagt biri:“Üçünjisi mendim” diýdi. Ýene biri “Dördünjisi mendim”diýip seslendi. Beýle ýandan ýene biri: “Bäşinjisi mendim”diýdi. Dogrudanam, şu oturanlaryň arasynda şol anta goşulanşu bäşimizdik. Altynjymyz bolsa öý eýesi Hal mollady. Ol şolwagt iç işikde eňňerä giren doňuz ýaly bolup dymyp otyrdy.Az salym ümsümlikden soň bir çetden: “Menemaltynjysydym” diýip, bir ýigidiň sesi çykdy. Men: “Bu kimkä?”diýip, şol ses çykan tarapa nazarymy aýlanymda, beýlegapdaldan ýene biri: “Menem şolaryň biridim” diýip gygyrdy.Görsem, bular gany gyzyp oturan ýigitler, ýerli-ýerdengygyryşjak. Men: “Ýok, olar ýokdy, asyl olaryň habaramýokdur, nähak aýdýarlar!” diýip gygyrdym. Ýadyňyzda barbolsa gerek, bir murtlak ýigit bardy, Söýeg diýerdiler. Ana, şol,ýene-de bir topar ýigit, gyzyp barýar.— Hawa, hawa, ýadyma düşýär - diýip, Kany batyr onuňsözüni tassyklady. Aman batyr bolsa:


— Wä, olar soň gelip goşulmadymy näme? Ol ant içişenwagtymyz olaryň ady hem ýokdy ahyry. Olara seret, ýokýeriňizden bardyk diýip gygyrmak nämä gerek diýsene - diýip,oturan ýerinde gobsunjyrady. Öwezmyrat batyr gürrüňinidowam etdi:— Hawa, şonuň üçinem men beýlekilerem gany gyzyp,nähak ýerden özlerini oda süsdürerler diýip gorkdum-da,olaryň habary ýokdur, ýalan aýdýarlar diýip gygyrdym. Ýönewelin sözümden peýda bolmady. Gaýta ol ýigitler beterinetutdular. Ikisem ýerinden turdy-da: “Batyr dogry aýdýar. Bizşol ant içilen wagty ýokduk. Soň geldik. Ant içilenindenhabarsyzlygymyzam hak. Biz şol antyň içilenini şu wagteşitdik. Ýöne biz şonda bolmadygam bolsak, boldugymyzhasap edäýiň, serdar, niräňiz gowuz bolsa dykyň, eliňizdengelenini aýamaň” diýip, gazap bilen gygyrdy. Mundan soňmenem näme diýjegimi bilmedim. Biz orsça bilmesegem, agyzuluňyndan az-owlak anlaýarys. Ors beýigi elini bir gezek bize,bir gezek gazana garap uzadyp bir zatlar diýýärdi. Onuň bolşybulary naharyny iýenlerinden soň äkideli diýýäne meňzeýärdi.Dykma serdar bolsa naharlaryny iýdirmän süreli diýýänemeňzeýärdi. Ol ikisi bir howa parsylaşdylar, gygyryşdylar.Ahyry Dykma serdar: “Bu beýik naharlaryny tiz iýsinlerdiýýär” diýip, onuň näme diýýänini düşündirdi. Hal molla


çanaklary getirip, tiz nahar salyşdyryp berdi. Nahar iýipugramakçy bolan wagtymyz:— Serdar, eden hyzmaty üçin Hal molla nämetaňryýalkasynyň bolsa ber - diýdim. Onda Gul ýeser serdarDykma serdara ýüzlenip:— Hana, serdar, biziň bilen dil düwşüp, ant içeniň birem,ine, şu Hal molladyr. Ony özüňem bilýän bolsaň gerek - diýdi.Dykma serdardan hiç hili jogap bolmandan soň, ol Hal mollaýüzlendi. - Aý, Hal molla, tapan kesbiňe bereket. Sen şukesbiňi bes etmegin. Şundan çörek taparsyň. Sebäbi zamanaedil seniň ýalyň zamanasy bolupdyr. Ýöne meniň saňa biraýtjak zadym bar. Seniň şu nahar bişirip ýören aýalyň sendenmertdir.Şundan soň ýigitleriň her haýsy bir zat diýdi. Biri: “itmundan wepalydyr” diýýär, ýene biri: “her bir aýal mundanmertdir” diýýär. Ahyry biri onuň dogry ýüzüne dikilip: “Aý,Hal molla, ölsem-ä bilemok, ýöne ölmesem, iru-giç seniňkelläňi almasam, aýalymyň gyňajyny başyma ataryn” diýip antiçdi. Hawa onsoň bizi atlandyryp surüp ugradylar. Howludançykan wagtymyz görsek, ýüz atly kazak bilen ýüz atly jigithowlynyň daşyna halkalaýyn aýlanan eken. Sürüp Aşgabadaeltdiler. Soňam bizi kazylara süýt etdirdiler, Sibire ugratdylar.


Öwezmyrat batyr gürrüňini gutardym eden badyna tirseginesöýenip ýatan Aman batyr ýatan ýerinden birden dikine galdyda,Kany batyra ýüzlendi:— Gördüňmi, Kany batyr, ine seniň ynamdar mollaň edenişi. Ýeri, muňa näme diýersiň, Kany batyr?Kany batyr bolsa:— Dilim-agzym ýokdur, Aman batyr - diýip dymdy.— Walla, meniň şol molla hiç wagt ynamym ýokdy. -Aman batyr sözüni dowam etdi. - Men muny Kany batyra-datelim gezek aýtdym. “A-haw, Kany batyr, şu sary sakgal Halmolla özi geň adam däldir, şundan diňe gowulykdan başgahemme zat çykar” diýýärin. Emma bu: “Ýalňyşýaň, şuadamdan erbetlik çyksa, onda erbetlik çykmajak adam ýokdur”diýip, hiç ýeň berenok. Men aýdýan, nebsine ejiz adamlardanoslanyň çykar, men şu mollany gaty nebsine ejiz görýändiýýän. Onda bu: “Ýok, adamçylygy diňe bir nebis bilenölçemek bolmaz” diýýär. Hanha, gör, indi seniň hatamkerdemollaň gara nebsi üçin eden işlerini.— Öz doganlaryň gara nebisleri üçin gör nätdiler diýseňbolmaýarmy şonda - diýip, Öwezmyrat batyr Aman batyryňsözüniň üstüne goşdy. - Yzyňda ataňdan galan zatlarypaýlaşmak üçin seni bir batman jöwene-de almadylar-a. Bu


näme gara nebsiňetdirýän zady dälmi?— Wah, ol gürrüňleri men ýaňy eşitdim ahyry. Şunçaýoldaş bolup gezsegem, men o zatlardan bihabar ekenim.Eşiden bolsam diýerdim-le. - Aman batyr sözüne sähelçedyngy berdi-de, Öwezmyrat batyra sorag berdi. - Hawa, ýerionsoň, soňy näme boldy?Kany batyr çuňňur pikire düşüp, eňegini bir eli bilen tutup,gözüni bir nokada dikip otyrdy. Onuň öň hem ýiti gözleridurdugyça ýitelip barýan ýaly görünýärdi. Öwezmyrat batyrAman batyryň sowalyna:— Hawa, alty ýyl Sibirde bolup, ýedimiz sag-aman gaýdypgeldik - diýip jogap berdi.— Geleniňizden soň bir azar bermän durdularmy? - diýip,bu gezek Kany batyr sorady.— Gelenimizden soňam bizi ýanaral ýanyna çagyrdy. -diýip, Öwezmyrat batyr gürrüň bermäge başlady. - “Sizgaltamançylygyňyzy goýjakmy ýa-da ýene başlarsyňyzmy?”diýdi. Gul ýeser: “Baýar aga, tä ölinçäm bir döwüm çöregimiberseň goýaryn, bolmasa goýman, sebäbi başga meniň elimdengelýän hünär ýok” diýdi. Şonuň üçinem ony jigitleriň arasyndagullukda goýdular. Onuň ýüregindäki arzuwy şoldy, myradynaýetdi. Biz bolsak, “seniň gullugyňam gerek däl, çöregiňem,


ýöne bize adam tarapyndan azar berilmän, gulagymyzy dynçetseň bolýar” diýdik. Ýanaral: “Siziň şol diýeniňiz bolar, adamsize azar bermez” diýdi. Azar görmän ýörşümem ine şu. Kimeşiden, kim diňlän...Şu ýere ýetende Öwezmyrat batyr göýä damagy dolupsözüni soňlap bilmeýän ýaly gürrüňini şarpa kesdi.— Azar däl, zulum etdiler diýsene... - Aman batyr içinihümletdi. - Adamdan adama şeýle zulum ýetermi... Ýekeýalňyz ogluňy gana bulaşdyrmakdan agyr zulum bolarmy?.. -Ol gürledigiçe gyzdy. - Meniň dostlarymyň şeýle agyrhallarynyň hekaýasyny eşidesim gelenok. Emma nalaç, buzatlara çydasamam çydamaly, çydamasamam çydamaly.Çydamaly! - diýip, ol gaýtalap gygyrdy-da, ýüregi howlaýanýaly bolup birden ýerinden turdy. Ol ýerinden turanda gözüniňöňi garaňkyrap gitdi, bir ugra ýöremegi hyýal etdi welin, aýagydiýenini etmän, entirekledi. Ol Öwezmyrat batyryň halyny gözöňüne getirip, ýüregi ot alyp otyrdy. Ol gazaba çykanda şunuňýaly huşy başyndan uçýardy. Ol şu wagtlar niräni çapalydiýseň gitjekdi.— Batyr, göwrümiňi giň tut! - diýip, Kany batyr syçrapýerinden turdy-da, ony gujaklady. - Batyr, otur, demiňi dürse.Sen häzir öz huşuňda däl, huşuňa aýlan.


Ýöne Aman batyr oturandan soňam wagty bilen ynjalypbilmedi.— Hawa, çydamaly. Ýöne haçana çenli çydap gezip bolar?- diýip, bu sözleri öz başyna telim gezek gaýtalady.Onuň gözleriniň içine gan guýlana dönüpdi. Aman batyryňagyr zorluk, sütem zerarly görlen horluklar hakdaky gürrüňleridiňlände, öz içini geplede-geplede birden gazaba çykyp, däliporhanbolmak häsiýetiniň bardygy Öwezmyrat batyr bilenKany batyra mälimdi. Eger häzir ony Kany batyr saklamadykbolsa, onuň üm-düzüne tutdurybermegi hem ahmaldy. Belki,aýak ýeterde bolsa, Hal mollanyň idegine çykmakdanamgaýtmazdy.Öwezmyrat batyr welin her näçe agyr bolsa-da, ruhydünýäsinde her neneňsi apy-tupan gopsa-da, öňki bolşunysaklap, parahat gyşaryp ýatyrdy. Ara bir tukat ümsümlik düşüpgitdi. Bir meýdan dymylandan soň, Aman batyr:— Batyr, bir wagt, men ýaş wagtym, Nurberdi hanyň kyrkperrajy meniň boýnumy zynjyrlap, dar agajynyň aşagynaeltende, meni dardan boşadan seniň bilen Kany batyr dälmidi?- diýip, Öwezmyrat batyryň ýüzüne dikanlady. Ol “eger şeýlebolsa, seniň aryň üçin biz hut şu wagt atlanmaly” diýmekçidi.Onuň gürrüňi haýsy tarapa burup ugranyny aňlan Öwezmyratbatyr öňki parahatlygy bilen gürledi:


— Hawa, Aman batyr, şonda seni boşadan bizdik. Ýöne senbiraz ýassyga söýen. Biziň gürrüňimizi diňle. Men henizgürrüňimi gutaramok.— Bolýa, şeýle bolsun - diýip, Aman batyr tirseginesöýendi-de dymdy. Bir howa hemmesi hem dymdy.Dymyşlygy Kany batyr bozdy.— Soň Hal molla näme boldy? - diýip sorady. Aman batyrÖwezmyrat batyrdan öňürtdi. Jany ýangynlylyk bilen:— Ine saňa gerek bolsa, ýüregimde dert goýan mollanyýene bu ara getirip sokdy - diýip, hyrçyny dişledi, başynyýaýkady.— Molla näme boljakdy? - diýip, Öwezmyrat batyr gürrüňebaşlady. - Hiç zadam bolmady. Kany batyr, soň ol mollayzçylyk eden bolup, Hal yzçy adyny alypdyr. Häzir bolsa olmolla ähli Arkajyň ogrularynyň patyşasy bolupdyr. Indi onuňmolla lakamy aýrylyp, seniň batyr lakamyň bu ýerlerde awçybolşy ýaly, täze lakam alypdyr. Il arasynda indi onuň adynyHal beg diýip ýöredýärler. Arkajyň ähli tüýkesme ogrularybolsa şondan biidin gymyldabam bilmeýärler. Hemmesi şonuňbilen bilikli ogrulyk edýär. Olam şolaryň ýataşärigi. Bu iliňemişi gaýdypdyr, ynanan adamsyna Hudaýdan beter ynanýar.— O neneňsi beýle- bolýar? - diýip, Kany batyr düşünmänsorady. Aman batyr Öwezmyrat batyrdan öňürti gürledi:


— O neneňsisi bolarmy? Ýata şärik bolanda, baýguşuňkyýaly, ýatan ýerinde yrsgaly agzyna gelip durmalydyr-da.— Meselem, ynha şeýle bolýar - diýip, Öwezmyrat batyrdüşündirmäge durdy. - Meniň ýaly bir pukaranyň atynyogurlap köseýärler. Ertesi ol adam Hal begiň üstüne baryp:“Beg aga, meniň atym ogurlandy, tapyp ber, şunça söýünjiňbar” diýip boýun burýar. Ol bolsa: “Ertir gel” diýip gaýtarýar.Ertesi ol ýanyna baranda: “Şunça söýünji bolsa-ha, tapylsa-datapylaýjak” diýýär. Pukara nä alaç etsin, diýenini tapyp berýär.Ol bolsa ogurlanan malyň ýarpy bahasyny alyp, ogry bilenbölüşip otyr. Baýarlaryň, beýikleriň haýsy biriniň ýanynabarsa-da, ýene şol adam ýüzli, abraýly. Kany batyr tirsegninesöýenip ýatan ýerinden birden dikeldi-de:— Hudaýyň meni gul edenine şükür, gedaý edenine şükür -diýdi. - Ahyry şu güne salyp, müjerret geçirenine-de şükür. Halmolla ýaly ynsapdan aýyrmasa bolýar.Aman batyr onuň gürrüňine çalaja ýylgyrdy-da:— O näme üçin, batyr? - diýip sorady.— Adamlar öz gara nebisleri üçin biri-birine ynsapsyzlykedýärler. Ýylanyň agzynyň jäheginiň bolmaýşy ýaly,adamlaryňam biri-birine edýän zulmunyň, süteminiň jähegibolmaz eken - diýip, Kany batyr käýindi.


— Adamlaryň hemmesini diňe Hal molla meňzeşleriňaýagyndan asmaly däl, batyr. Ynsaply adamlar kän ahyry -diýip, Aman batyr garşy çykdy. Kany batyr sesini çykarmady.Öwezmyrat batyr Aman batyryň tarapyny tutup gürrüňebaşlady:— Hawa, ynsaply adamlar gaty kän. Asyl her milletde kän.Ine men Sibire baramda şol Stepan aga duşdum. Asyl onuň özişu ýerden eken. Biz bärden baran badymyza “türkmenler geldi”diýip eşidip, ol biziň ýanymyza ylgapdyr. Gelip, biziňboýnumyzdan gujaklap, hemmämiz bilen görşup çykdy. Olozal Kawkaz tarapynda demir ýol ussaçylygyny edýän eken.Onuň asly päle eken. Soň ony biziň tarapymyza geçiripdirler.Bir gün: “Sen patyşa garşy etmiş etdiň” diýip töhmet edip,pahyry Sibire iberipdirler. Biz onuň bilen bir ýerde duz-emekbolduk. Ol adam bize gaty köp gürrüňler berýärdi. Men oladamy ýürek bilen gowy görýärdim. Onuň gürrüňlerini ünsbilen diňlärdim. Men onuň öz çak edişimdenem has ägirt adamekenligine soň göz ýetirdim. Stepan aga bizden kän öň baryp,bizden bir ýyl öňem ýylyny doldurdy. Ol bärik gaýtjak bolup,biziň bilen hoşlaşyp durka, maňa: “Sen öýüňize näme sargasaňsarga, men hökman öýüňize bararyn, sargamasaňam, barypsaglygyňy aýdaryn” diýdi. Men geň galdym. Öz içimden: “Aý,şu barasam ýok, göwnüm üçin aýdan bolaýýandyr, menem


göwni üçin aýdan bolaýaýyn” diýip, “Stepan aga, barsaň,meniň maşgalama salamymy aýt, saglygymy ýetir” diýenboldum. Stepan aga biziň bilen hoşlaşyp ýola düşdi. Ol gelipmaşgalasynyň arasynda birnäçe gün bolandan soň, biziňobamyza gelipdir, sorap-idäp, biziň öýümizi tapypdyr.Mamagülüň işiginden baryp, meniň salamymy hem saglygymyýetiripdir, “Näme kem zadyňyz bolsa aýdyň, men kömekederin” diýipdir. Mamagül bolsa oňa müňkürlik edipdir. Öziçinden: “Bu bir geň zat däldir, ýa jansyzdyr, ýa içalydyr, ýabolmasa jadygöýdür, gözbagçydyr, biziň öýümizigötermekçidir” diýip oýlanypdyr. Gorkupdyr. “Biziň hiç birkem zadyyyz ýok” diýip, onuň öňüne çaý goýup, saçakatypdyr, ony basymrak ugradanyny kem görmändir. Stepan agabolsa hiç zady göwnüne getirmän, Sibir durmuşyndan, meniňhal-ahwalymdan gürrüň berip oturypdyr. Çaýy öňüne çekip,saçagy açan Stepan aga saçakdaky çöregiň tötekdiginigörüpdir. “Bularyň iýýäni jöwen çöregi, ýene kem zadymyzýok diýýärler, bular gaty mert adamlar-ow” diýip, içinigepledip turup gidipdir. Ýöne Mamagül Stepan aga turupgidenden soňam ynjalmandyr. Öz barlany bilenem oňman,gyzyna: “Aý, gyz, ýaňky gözümizi baglap, zadymyzy göterenbolaýmasyn, zatlaryňy barla. Ýogsa ors nire, gelip hal-ahwalsoramak nire? Bu geň adam däldir. Jadygöý gözüňi baglap


gidensoň, zadyň birnäçe günläp gözüňe bar ýaly bolupgörnermiş” diýipdir. Olar şeýdip, Stepan aga gidenden soňambirnäçe günläp zatlaryny barlapdyrlar. Onsoň zatlaryny barlapýörmek halys ýüreklerine düşüp, irip goýupdyrlar, ýöne aradanbirnäçe gün geçenden soň ýaňky jadygöý gözbagçy ýene gelipoturyberipdir. Bu gezek gelende, Stepan aga arkasyna birputdan gowrak ak un hem alyp gelipdir. “Geçen sapargelenimde, jöwen çörek iýýändigiňizi gördüm. Şonuň üçinemşujagaz ak uny getirdim. Ine-de ýigrimi manat pul jemläpgetirdim” diýipdir. Bu “gözbagçynyň” bu saparky bolşyMamagüle has-da geň görnüpdir. Ol uny hem Stepan aganyňgapjygyndan çykaryp goýan puluny almajak bolupdyr. EmmaStepan aga: “Siz hiç utanmaň, alyň, men Öwezmyrat batyrawada edip gaýtdym halyňyzdan habar tutup durmagy, men sizedözemok” diýipdir. Soňra ol öňünde goýlan çaýy içip, tötekdenaz-kem iýip, boşadyp berlen haltasyny alyp, hoşlaşyp gidipdir.Bu gezek “gözbagçy” Mamagülüň gözüne Hydyr ata bolupgörnündir. “Şu Hydyr ata bolup, biziň gözümize görüňýänbolaýmasyn?” diýip, öz pikirini gyzyna hem aýdypdyr. Oňa:“Hydyr atanyň görnenini gören ýerde aýdyp ýörmegin” diýipsargapdyr. Bu una iki esse jöwen ununy garyp, çörekedinipdirler. Köpüsini jöwen unundan edenlerinden soň, ol unköpe ýetipdir. Onuň üçinem Mamagül: “Hydyr atanyň ununyň


erekedi bir başga, eger özümiz şunuň ýaly uny üwedenbolsak, ol eýýäm gutarardy, bu henizem gutaranok” diýipbegenipdir. Ýöne ahyry ol unam gutaraňkyrlap, ýekejeýugrumy galypdyr. Ana şol gün Stepan aganyň ýene birbogdak un alyp gelmegi Mamagüli onuň Hydyr atadygynahasam beter ynandyrypdyr. Ol şol sapar: “Hydyr ata jan!”diýip, tas Stepan aganyň aýagyna ýykylan eken. Näme-de bolsasyr saklap durup bilipdir. Stepan aganyň dördünji gezek geljekwagty ýakynlaşanda hem meniň özüm Sibirden geldim. Stepanahyrky sapar gelende: “Ol pylan wagt geler” diýip, meniňgeljek wagtymy hem aýdyp gidipdir. Sebäbi ol biziň haýsywagtrak geljek mütdetimizi bilýärdi. Menem ana şonuň diýenwagtraklary gelipdirin. Şonuň üçinem Mamagül gelen günümmaňa “Hydyr atanyň” ýoluganyny hem onuň beren kömeginigürrüň edip berdi. Men şondan soň Stepan aganyň hakyky mertadam ekendigini bilip galdym. Öň oňa az-kem ynamsyzlykbilen garandygyma gyjalat çekip, utanyp ýüzüm gyzardy.Elbetde, meniň ýüregimdäkini Stepan aga bilmeýärdi, emmaşonda-da men ökünip aňyrsyna çykyp bilmedim. Mamagülebolsa: “Aý, Mamagül, Hydyr ata biziň gapymyzda nämeişlesin? Ol size kömek beren Stepan agadyr” diýdim. Meniň buaýdan sözum göýä bir gyzykly, gowy düýş görüp ýatanadamyny ukudan oýaran ýaly boldy. Mamagül süýji


hyýalyndan aýrylmany kyn gördi. Stepan aga meniň gelenimieşidip geldi. Mamagül şol wagt meniň aýdanlarymyňhakykatdygyny bildi. Mundan soň Stepan aga meniň bilenýakyn gatnaşyk açdy. Onuň ýedi-sekiz ýaşlyja ogly bar, olamkakasy bilen gelip öwrenişdi. Meniň oglum awa gidendehemişe onuň yzyna düşüp giderdi. Öz öýleri ýaly bizde ýatypturýardy.Henizem olar bilen gatnawym öňküsi ýaly, ýene şusapar bärik gaýdamda, olara duýdurman gaýtdym welin, şoňabirneme gynanýan. Ine, dünýäde şeýle adamlaram bar.Öwezmyrat batyr gürrüňini gutardym edip, uludan deminialdy. Aman batyr Kany batyra ýüzlendi:— Batyr, Stepan aganyň nähili adamdygyny gördüňmi?Öwezmyrat batyryň doganoglany Seýitmyrat beg ýaly, seniňagalaryň ýalylaryň müňünden bir Stepan aga gowy ahyry.Gije bir çene barypdyr diýip, olar ýatmagyň gürrüňinietdiler. Emma şondan soňam olaryň özara gürrüňi wagty bilenkesilmedi. Olaryň sesi gije ýarymdan agandan soň galdy.Daň saz berip, şu tamyň üstüne abanyp duran beýik çynaryňüstünde ýatan guşjagazlar ýaňy jybyldaşyp başlan wagtlaryýene tamyň içinde güňleç hümürdi başlandy. Bu hümürdi Kanybatyryň sesidi. Ol hemme kişiden ir oýanypdy.— Bu betbagt çyra-da agşam tas gözümi gapypdy, asyl buçyra nämä gerekdi - diýip, özbaşyna hüňürdeýärdi hem baş


uçda ýanyp duran çyrany söndürmekçi bolýardy. Ýöne çyranyňnurbadyny towlamagyň takadasyny tapanokdy. - Munuň baranýeri emel, tilsim, ine, şu çyranam tilsime gurupdyr-a - diýip, olkäýinjiremesini dowam etdi. Ahyry hem çyrany çüýşesiniňdepesinden üfläp söndürdi. Onsoň ýene öz-özi bilen gürrüňinidowam etdi. - Müňimiz biriksek, şunuň bir çüýşesini ýasapbiljek däl-ow. Ýene şeýle tilsimdir emeller çykarýan milletbilen urşup basjak bolýas. Bizem bir başyna turşy çykan. Olariki sany çöpi biri-birine sürtende, ýalynly ot çykyp dur. Senbolsaň bir demir bilen bir daşy çakyşdyra-çakyşdyra, onuňgapdalynda aşgarlanan pagta goýup, zordan ot alýarsyň...Ol Gökdepede bolan urşy, dökulen nähak ganlary ýatlap,köp hapa boldy. Soňra general Skobelewi ýatlady. Ýakupermenini ýatlady. Skobelewden öňki gelen goşunyň ştabyndaÝakup atly bir adam bardy. Ol adam obozyň naçalnigidi hemştabyň dilmaçlyk işini alyp barýardy. Onuň üçinemtürkmenleriň berk belläni şol adamdy. Onuň egni çinli, saçyösgün bolup, özem türkmençe gepleşeni üçin Öwezmyratbatyr, Kany batyr ýaly köne türkmenler ony ermenidiröýdýärdiler hem oňa Ýakup ermeni diýýärdiler. Emma olermeni bolman, Ýakup garabaglydy.Soňra Kany batyr gul bolup Eýrana düşüşini ýatlady, özüniňbir batman jöwene geçmeýşini ýatlady.


— Aý, naýynsap adamlar! - diýdi-de, maňlaýyny ýassygagoýdy. - Köp ýaşasaňyz, ýüz ýaşajak. Ýene näme üçin biribiriňizeynsapsyzlyk edýärsiňiz? Näme üçin beýdýärsiňiz?Dagda gezip ýören çöl haýwanlary biri-birine rehim edýär, sizedeňzok.Öwezmyrat batyr bilen Aman batyr ýatan ýerlerinde munuňkäýinjini diňläp ýatyrdylar. Aman batyr:— Adamlar özleriniň gara nebisleri üçin edýärler, batyr -diýip ýerinden turdy.— Käýinjiň peýdasy ýok, Kany batyr, adamlar öz diýeniniedýärler - diýip, Öwezmyrat batyr hem turdy.Bular çaý-çörekden soň her haýsy bir tüpeň alyp, awagitdiler. Giçläp, gyzar ikindi wagtlary bir keýik bilen birnäçeguş alyp geldiler. Şol günüň ertesi Aman batyryň ogly hemgeldi. Onuň gelenini Aman batyryň giýewisi habar berdi. Onuňmyhmanlar bilen salamlaşmaga-da gelmezligi Aman batyryňdegnasyna degdi. Ol ýeriň asty bilen myhmanlara duýdurman,oňa agzyndan gelenini aýtdy. Diňe şondan soň ol salam beripgeldi hem myhmanlar bilen görşüp, saglyk-amanlyk soraşypgitdi. Aman batyr ogly gapydan girenden soň tä çykypgidýänçä gaharly nazaryny ondan aýyrmady. Ol çykyp gidendebolsa yzyndan gaharly garap, ahmyr bilen başyny ýaýkady.


— Men şu oglumy näme etjegimi bilemok - diýip,käýinmäge başlady. - Öldürsem, ganly boljak. Öldürmesemem,munuň bolup ýörşi haýwandan gowy däl.Geleni-gidenem bilenok, asyl gözi ýer görenok munuň. Irugijemşundan gowusy çykar öýdemok. Şu Hal molla ýaly,beýikleriň, baýarlaryň şugulçylygyny eder ýörermikä öýdüpgorkýan. Indem umytlydyryn welin, işalla, indi oglum bolaýsa,şunuň adyny ýanap at dakman.— Aý, beýle bolmaz-la - diýip, Öwezmyrat batyr Amanbatyra göwunlik beren ýaly etdi. Kany batyr bolsa:— Şugulçylyk gowy zat däl ahyry - diýip goýdy.— Beýle bolmaz diýme, batyr - diýip, Aman batyr içinihümletdi. - Şundan gorkym köpdür. Ýagşyny-ýamany tanaýandoňuz bolsa şeýle edermi, ine görüp dur-a, atasynyň öýünemyhman gelipdir. Eýýäm gelip görüşse bolmaýarmy ahyry.— Näme-de bolsa, soňuny görübermek gerek, batyr.Käýinmek gerek däl - diýip. Öwezmyrat batyr ony köşeşdirdi.Bu üç dostuň güni agşamlaryna uzak gijeläp gürrüň edişmekbilen, ertesi hem irden awa gitmek bilen geçýärdi. Şeýleýagdaýda olar wagtyň nähili geçýänini hem duýanokdylar. Birgün Kany batyr hasap edip görse, Öwezmyrat batyr ikisiniň buýere gelenine bir aýa ýakyn bolupdyr.


— A-haw, beýdip ýatmagymyz bolmaýar. Meniň gelenimebir aýa ýakyn bolupdyr - diýip, ol dostlaryna ýüzlendi.— Näme bir aý bolanda, iki aý bolanda, seniň malyňy ýagysürýärmi ýa öýüňi ogry urýarmy? Ýat-da, näme aladaň bar? -diýip, Aman batyr oňa garşy çykdy.— Ol aýdýanyň şeýle welin, ine meniň yzymda Mamagülýeke galdy - diýip, Öwezmyrat batyr hem dillendi.— Näme ol garryny ýagy göterer öýdýäňmi?— Ýok, oňşuk tarapy kynmyka diýýän.— Hawa, meniň-ä malymy ýagy sürjek, öýümi ogry urjakgümany ýok welin, Öwezmyrat batyryň yzyny ýadyma saldym- diýip, Kany batyr ony goldady.— Eýle bolsa, men sizi ýola salaýyn. Ýöne bu günem,ertirem meniň hezzet-hormatymy saklap duruň - diýip, Amanbatyr ylalaşdy. Dostlary onuň diýenine razy boldular.Myhmanlaryň ertir ýola düşmeli gününiň agşamy üç dost iňsoňky aýgytly maslahatlaryny etdiler. Gürrüňçilige gelenleröýli-öýüne dargapdylar. Tamda, hemişeki ýaly, bu üçüsindenbaşga adam ýokdy.— Kany batyr - diýip, Aman batyr söze başlady. -Öwezmyrat batyr uzak ýoldan bize geňeş, maslahat soramagagelipdir. Indi muňa geňeş bermek biziň işimiz. Munuňamöňünde iki ýol bar. Ýa-ha öňküsi ýaly çekip-çydap, parahat


gezibermeli, ýa-da doganoglany Seýitmyrat begi, Hal mollanyýanynyň mollasy-mugtusy bilen güjük gyran ýaly gyryp,öňküsi ýaly Sibire gidibermeli. Emma welin, Kany batyr, senbir zady ýadyňdan çykarma, bu sapar biz Öwezmyrat batyrySibire ýeke ibermeli däldiris.— Öwezmyrat batyr öňem ýeke gitmändir-le - diýip, Kanybatyr ara söz goşdy.— Dogry, ýeke gitmändi. - Aman batyr onuň sözünitassyklady. - Ýöne gürrüň onda däl. Olaryň arasynda ikimizýokduk ahyry. Ine, gürrüň şunda, batyr. Öwezmyrat batyr biziölümden gutaran süňk hossarymyz ahyry.— Hakykatdyr - diýip, Kany batyr başyny atdy.— Hakykat bolsa, meniň bir zat göwnüme gelýär.Mamagül ejäni şu taýa göçürip getireliň. Ýaraglanyp, üç atlybolup atlanalyň.— Hökman atlanalyň - diýip, Kany batyr tirsegine söýenipýatan ýerinden dik oturdy. Aman batyr sözüni dowam etdi:— Hökman atlanalyň-da, şol adamlary mollasy-mugtusybileň güjük gyran ýaly gyralyň.— Hawa, hökman şu wagt gyralyň. Bolmasa, ýene birnäçeýyldan soň dyzdan ragbat gaçar, gözden nur gaçar. Emmawelin şol adamlaryň sanyny artdyralyň, pylany serdary, pylany


hany hem ýok edeliň - diýip, Kany batyr ýene birnäçe adamyňadyny sanaşdyrdy.— Aýby ýok, olaram ýoklalyň - diýip, Aman batyr onuňbilen ylalaşdy. - Onsoň duşmany it çapan ýaly çapalyň-da,dogry ýanaralyň işigine sürüp baralyň. “Aga, biz şu sebäpleregörä şeýle iş etdik” diýip, baryny aýdalyň. Goý, şondan soň olbizi kesip-dograp, näme etse etsin.Kany batyr başyny ýaýkap, onuň sözüni böldi:— Pa-haý, başda alşyň akyllylykdandy welin, soňunyýoýduň. Gadym eýýamda bir kazy bolupdyr. Ol kazy okapoturan kitabynyň içinde: “Kimiň kellesi mim ýaly kiçijikbolup, sakgalam uzyn bolsa, ol adam akmak bolar, kimiňkellesi togalak, uly bolsa, sakgalam iki tutam bolsa, ol adamakylly bolar” diýip ýazylan ýerini görüpdir. Bu kazynyňsakgaly uzyn, kellesi hem kiçi eken. Ol kazy tüýs akmak menowdiýip oýlan. “Kelle bolsa owarram, sakgaly birgysgaldaýyn” diýip, sakgalyndan iki tutamy ölçäpdir. Ölçänýerinden bir eli bilen gysymlap, bir eli bilenem aşagyndan otdegripdir. Sakgala ot düşüp lowlap ugranda, oda çydaman eliniçekipdir. Sakgaly durşy bilen zat galman ýanyp, eňegi taýpyýaly bolup galypdyr. “Şu-da meniň akmaklygymdan-ow, sengysgaltjak bolsaň syndy tapmaýarmydyň?” diýip, kazy özözünekäýinipdir. Ýanaralyň gapysyna barsaň, soň senem şol


kazy ýaly özüňe käýinersiň, eden işiňe puşman edersiň, emmapeýda bermez. Seni adam öldürýän çarhyna salar goýber-dä.Näme ýanaralyň garny-böwri agyryp durmy?— Dagy näme iş etjek? - diýip, Aman batyr jibrindi.— “Berimsiz baýlara barandan, keremli daglara bar”diýlip, oýnamaga aýdylan däldir. Iş bitirenimizden soňbarmaga ýer taparys. Geläýeris Gaçybatara.Kany batyr özüniň dagyň buljum ýerinde bolan tebigygalasyna Gaçybatar diýip at goýupdy. Gökdepe urşundabasylanlaryndan söň, birnäçe batyrlar gaçyp çykyp, şol galadamesgen tutupdylar. Şol ýerde hem ýurda dönüklik edenserdarlara, hanlara garşy dil düwşüp ant içipdiler. Soň olardanbaşga-da öz obasyndan gaçgak bolanlar-da şol ýereýygnanardylar. Şonuň üçin şol ýeriň Gaçybatar ady köpleremälimdi.— Pa-haý, bu-da Gaçybatar diýip, tä ölinçä öz galasynyelinden berjek däl-ow - diýip, Aman batyr aýtdy. - Seniň olgalaň näme? Töweregine ýüz sany sallat bilen ýüz sany jigidiaýlasa, iş gutarar duruberer-dä. Näme onuň üstünde daş iýipoňjakmy?— Onuň gizlin çykalgasyny nätjek? - Kany batyr hemaňsat ýan bermek islemedi. - Daşyma aýlansalar, niçikmi birdag beýlesinden çykyp, syrtyndan awlap dursam? Asyl ogryn


geçelge bilen ikinji berkime gaçyp ataryn. Meniň sumatbolanymy olaryň syrty duýman galanda oňmarmyň?— Ogryn çykalgaň agzynda bäş-on sany salladygoýaýdym-da, hany göreli nirä girýärsiň. Ýeke-ýekedençykarsyň, çykanyňy awlar duraryn. Hany göreýin el-amandiýip gelmeşiňi? Bu gaýta öňkiňçe-de bolmaz.— Olar ogryn çykalgany nireden bilsinler?— Seniň galaňa gelip-geçen gaçgaklaryň sany-sajagy ýok.Olaryň içinde Hal molla ýalysy ýokdur öýdýäňmi?— Ol çykalgany Hal molla däl, onuň babasam bilýändäldir. Ony dünýäde bilýän bir sen, Öwezmyrat batyr hem Gulýeserdir. Başga bilýän bolmaz. Asyl-a sizden soň özümiň täzetanan ogry çykalgamy sizem bileňzok. Gyssanan wagtyňyz,eger isleseňiz, atyňyz-zadyňyz bilen ýeriň aşagyndan serhetaşyrmak meniň boýnuma. Pa-haý, munuň edýän gürrüňineseret. Men şony hökman ederin.- Kany batyryň bu sözlerindensoň, Aman batyr biraz ylalaşaýjak ýaly etdi-de:— Aý, batyr, şu gaçgaklyk günde gezmekden ozalam-a ezbezbolupdyk - diýdi. - Näme bolsa ykbaldakyny görübermelibolar. - Ol şu wagta çenli sesini çykarman oturan Öwezmyratbatyra ýüzlendi. - Batyr, biziň bu maslahatlarymyza sen nämediýýäň?Öwezmyrat batyr ýuwaşja ardyňjyrady-da:


— Siz näme etseňiz, şol maňa makul. Ýöne welin bir zadybar. Şu ýerde eden maslahatymyzy men Stepan aga ýetirip,onuň bilen geňeşmeli bolaryn.— Eý, batyr, senem... - diýip, Kany batyr göwni suwiçmedik ýaly boldy. Aman batyr oňa garşy çykdy:— Ýok, batyr, beýle däl. Ol adama hökman geňeşmekgerek. Gep salgyndan ol adam gaty köp zat bilýän adambolmaga çemeli.— Ol adam hemme zady bizden gowy bilýär - diýip,Öwezmyrat batyr onuň sözlerini tassyklady. - Belki, ol bizebaşga bir amatly ýol salgy berer.Şundan soň Kany batyr hem ylalaşdy. Näme-de bolsa bularöz maslahatlary bilen daňyň atanyny duýman galdylar. Munyolar guşlaryň jagyl-jugul saýraşýan sesleri eşidilip başlandansoň bildiler. Her hal olar gün dogmanka pikirlerini jemläp, bellibir karara geldiler. “Häzirlikçe güýçleriniň ýetdigindenÖwezmyrat batyra pul kömegini berip ugratmaly. Birnäçegünden soň hem Aman batyr Öwezmyrat batyryň yzyndanbarmaly. Ol barynça Öwezmyrat batyr hem Stepan aganyňgeňeşini bilip goýmaly. Eger Stepan aganyň pikiri hem bularyňpikiri bilen bir çykaýsa, onda Kany batyry hem ýaraglandyryp,işe başlamaly. Soňky işler bolsa soň görülýär-dä” diýip


wadalaşdylar. Kany batyr bolsa “iş bitenden soň meniň galamagelmeli” diýip tekrarlaýardy.Aman batyr özüniň jemläp bilen puluny Öwezmyrat batyraberdi. Aman batyr gurply, özüni mazalyja oňarýan daýhandy.Ol ep-esli pul jemlän eken.— Maňa pul geregem däl-ä, öz günüme goýsalar, menýykma-ýykylma özümi oňarýan ahyry. Onda-da munça pul -diýip, Öwezmyrat batyr almajak boldy.— Ýok, sen bu pullary hökman alarsyň - diýip, Aman batyrpuly bir ýaglyga düwüp, Öwezmyrat batyryň horjunynyň birgözüne saldy. - Mal äkitseň, birnemejik malymyzam bardywelin, emma bu uzak ýola mal äkitmek kyn bolar. Bu pullarysen biderek harçlama-da, bir ýer tutdur. Mal-gara edin, gurplan.Şonuň üçinem biz saňa pul kömegini berýäris.Kany batyr hem:— Ýüzümiziň ugruna meniň galama sowlup geçersiň,menem barymdan bereýin - diýdi.Üç dost dagdan-daga tutduryp oturyşlaryna günortan birýerde düşdi. Çaý içip, nahar edinip, ýene ýollaryny dowametdirdiler. Şol gün gyzar ikindin mahaly Kany batyryň galasynabardylar. Öwezmyrat batyr özüniň köne gezen ýerini hyrydargözi bilen nazardan geçirdi. Bu beýik daglar, kemerli beýik


gaýalar şol öňki görüp gidişi ýaly, üýtgän zat ýok. Ol başynyýaýkady-da:— Hä, “är garrar, heňňam garramaz” diýenleri-dä - diýdi.Bu gije munda bolup, ertir ugramakçy bolan wagtlarynda,Kany batyr horjuny göterip, bir gaýanyň düýbüne bardy. Ol birdaşy galdyryp, bir zatlary goşawuçlap, horjuna guýýardy. Onuňjyňňyrdaýan sesi gaýa düşüp gidýärdi. Ol horjunyň iki gözünitaýlap, dolara ýakyn etti. Kany batyr hiç wagt pul sowýanadam däl, onuň üçinem oňa düşen pul düşüşi ýaly durýar.Aslynda ol puluň hasabyna-da düşünip duran adam däl, asylpulam sowanok.Ol horjuny alyp gelende Öwezmyrat batyr eýle-beýle diýjekboldy welin, Kany batyr oňa geplemäge maý bermedi:— Batyr, sen entek sesiňi çykarma. Men bir etjegimiedeýin. Şu pul diýilýän zat bilen hol gaýanyň daşlary meniňüçin deň. Aslynda adamlary ynsapdan çykarýan şu pul,adamyny her ýollardan ýöredýänem şu pul. Onuň üçinem menmuny ýaman ýigrenýän. Emma görýärmiň, şeýle ýigrenýänembolsam, menem ony hol meýdana, daşlaryň arasynazyňaýmandyryn. Bu pul şeýle bir jadyly-mähirli zat bolar eken.Öwezmyrat batyry ugratmak üçin, bu ýerdenem üç bolupýola düşdüler. Esli meýdan ýöränlerinden soň, Kany batyr olarbilen hoşlaşyp galmakçy boldy. Şonda ol dostlaryny saklap:


— Siz öň eden lebziňizi bozduňyz. Eger lebziňizibozmadyk bolsaňyz, başyňyza bu bela gelmezdi - diýdi. Emmadostlary onuň bilen razylaşmadylar.Aman batyr Öwezmyrat batyr bilen günortana çenli bileýöränden soň, olar bir ýerde düşläp, çaý-nahar edindiler hem şuýerde hoşlaşyp aýrylyşdylar. Öwezmyrat batyr birnäçe günläpaga-ýana, ýata-tura ýol ýöränden soň öz obasyna gelip ýetdi.Öz obalarynyň içi bilen köçeden barýarka, obalarynyň pylansopy diýen atly sopularynyň biri onuň öňünden çykdy.Öwezmyrat batyra gözi düşen sopynyňýüregi gürsüldäp, ýüzi ak-tam boldy. Öwezmyrat batyr oňa-damukyt bolman:— Salawmaleýkim, sopy aga - diýip, salam berdi. Emmasopy dodaklaryny çalaja gymyldadyp, köwejekläp gidipbarýardy. Asyl Öwezmyrady görende onuň dili basylan eken.Ol egnaşyr yzyna garanjaklap barşyna, gitdigiçe ädimini açypgitdi. Öwezmyrat onuň bolşuna düşünmän, aňk-taňk boldy. Öziçinden: “Be, sopy aga salamymy almady, muňa nämebolduka?” diýip oýlandy. Sopynyň özi hakda nähilipikirdediginden bihabar, öz ugruna sürüp gitdi.Sopy bolsa şol barşyna ilki ýeten öýünin gapysyndan kürsäpurupdy. Gapydan girip-girmenkä-de:


— Öwezmyrat batyryň deminden zordan gutuldym - diýip,demi-demine ýetmän gürrüň berdi. - Ol maňa bir azm urupseretdi welin, tas gözi içimden geçipdi. Däliräni çyn eken. Asylzyr däli...Öwezmyrat batyry görende sopynyň gulaklary gapbagapylypdy.Öwezmyrat batyryň beren salamy hem oňa sögünçýaly bolup eşidilipdi. Şeýdip, sopynyň gürrüňi Öwezmyratbatyr entek öýüne ýetmenkä bütin oba ýaýrady.Öwezmyrat batyr öýüne baryp, bir horjun teňňän Mamagülejäniň öňüne oklady. Öwezmyrat batyryň gelenini giçden soňeşitse-de, demirçi onuň bilen salamlaşmaga, hal-ahwalsoraşmaga geldi. Mamagül eje Öwezmyrat batyr hakda eýýämoba ýaýran myjabaty gürrüň berdi. Öwezmyrat batyr sopynyňnäme üçin gaçanyny şol mahal aňlap galdy. Ýöne ol muňaullakan üns berip durmady.— Aý, ilde diýenem kändir, aýdanam - diýdi. Demirçäbirneme pul berdi-de, öz niýetini mälim etdi. - Demirçi, ertirbir öldürer ýaly janly al. Belki, ertir Stepan agany hemçagyrsak çagyraýarys.— Bolýar, ertir men bir janly alaryn. Sen ýadap gelensiň,batyr, ýat, dynjyňy al. Men gideýin - diýip, demirçi turup gitdi.— Ertesi gün guşluk galandan soň, oba-goňşular gelipbaşlady. Aýallar Mamagül ejäniň ýanyna baryp: “Nähili, gyz,


ol mazaly açylyp gelipmi, haýsy öwlüýä ýykdyňyz?” diýipsoraýardylar. Olara hakykaty düşündirjek bolmak Mamagül ejäuly bir iş boldy. Erkek adamlar bolsa Öwezmyrat batyryňýanyna salam berip barýardylar. Kimisi sypaýyçylyk bilen:“Batyr, sag-aman geldiňmi?” diýip goýýardy. Käsi bolsa oňaöliniň soragyny berýärdi, “nähili, onat açyldyňmy?” diýýärdi.Öwezmyrat batyr bolsa:— Açylyp-açylman, maňa näme bolupdyr? Hiç bir bolanzat ýok ahyry - diýip jogap berýärdi. Emma oňa sowal berenlerbu jogap bilen kanagatlanar ýaly däldiler. Olar öz içlerinden:“Däliliginden açylandan soň, özüne näme bolanyny, başyndannämeleriň geçenini bilmeýän bolmaga çemeli-ow bu” diýippikir edýärdiler. Şol wagt demirçi bir semiz goýun alyp geldi.— Batyr, ynha getirdim.— Gowy edipsiň, demirçi, ony bir adama öldürtde,tendirmek ýagdaýyny et.Demirçi bilen ýene biri goýun öldürmäge durdy. Şol wagtogly Pýotr bilen tirkeşip Stepan aga-da howla girdi. Ol ösgünak saçlary uzyn ak sakgaly bilen gatyşyp duran saryýagyzadamdy. Onuň saç-sakgalyndan hasap tutup ýaş möçberiniölçemekçibolsaň, onuň ýaşyny ýetmiş töwereginden gözlemelidi. Emmaýüzüniň ýagtylygyna, gözünin ýanyp durşuna garanyňda ýaşy


elliden agyp, altmyşa golaýlan adam diýmek boljakdy. Stepanaga derwezeden giren badyna aý berip tegelenip oturanmärekäniň ortasyndaky Öwezmyrat batyra gözi düşdi.— Salawmaleýkim, Öwezmyrat batyr - diýip, sogdurypgygyrdy.— Waleýkim, Stepan aga - diýip, Öwezmyrat batyrýerinden turdy. Onuň öňünden çykyp görüşdi. Pýotr hem gelipgörüşdi.— Gurgunmysyň, akylly ýigit? - diýip, Öwezmyrat batyronuň başyny sypady. Stepan aga:— Adamlar, salam - diýip, oturan adamlara baş egdi.Adamlaryň kimisi “waleýkim” diýip jogap berdi, kimisi çalajabaşyny atdy. Öwezmyrat batyr Stepan agany hem, Pýotry hemöz ýanyna geçirip oturtdy.— Hoş geldiň, Stepan aga - diýip, begenjini bildirdi. -Özüň tüýs wagtynda geläýdiň. Şunça gelmedik bolsaň, üstüňeadam iberjekdim ýa-da özüm barjakdym.— Meniň bu gün dynç alýan günüm - diýip, Stepan agagürrüň bermäge başlady. - Işi ýoldaşyma tabşyranymdan soň,gel şu gün Öwezmyrat batyrdan bir habar tutup gaýdaýyn,belki, gelse-de gelip ýörendir diýdim.— Köp ýagşy edipsiň, köp gowy edipsiň, Stepan aga -diýip, Öwezmyrat batyr minnetdarlyk bilen gaýtalaýardy.


— Hawa, Öwezmyrat batyr däliräpdir, sopy-mollanygyraryn diýip gygyrypdyr diýip eşitdim. Men ýalandyr,Öwezmyrat batyr hiç wagt däliremez diýdim. Ýene-degöwnüme iňkis gitdi. Öwezmyrat batyr Sibire gitdi, ýekejeogly öldi, köp-köp ýaman işler boldy, güni agyr, haly ýamanadam diýip oýlandym. Kim bilýär, aýdylýan zatlar ugrundabardyr diýdim. Onsoň habar tutaýyn diýdim gaýdyberdim.— Aý, Stepan aga, biziň ilimiz şeýle bir il, bular ýalanytapsalar, çyna ýakyn barmaýarlar - diýip, Öwezmyrat batyrdüşündirdi. - Şol ýalana gowy ynanýarlar. Düşdüňmi?— Ýalançy adam ýalan aýdar, köp-köp adamlaram oňaynanar. - Stepan aga çalaja başyny atyp gürleýärdi. - Ýalanaynanarlar, çyna ynandyrmak kyndyr. Çyna ynansalar gowybolardy, köp adamlar hakykata düşünerdi.Demirçi goýun öldürip, nahar atardy. Nahar ýetişýänçäMamagül hem çörek bişirip ýetişdirdi. Şol wagt obanyň bellikerlerinden Nyýazberdi ker aňyrdan salam berip geldi.Demirçiniňkide küşt oýnaşyp, bu keriň Öwezmyrat batyr bilendostlugy-da ýok däldi. Nireden hem bolsa Öwezmyrat batyrdäliräpmiş diýen habar munuňam gulagyna ýeten bolmagaçemeli.— Batyr, açylyp geldiňmi? - diýip, ol Öwezmyrat batyrdansorady. Öwezmyrat batyr:


— Nyýazberdi aga, men syrkaw däl - diýip gygyrdy. Ýöneonuň näme diýýänini eşitmedik ýa-da oňa özüçe düşünenNyýazberdi ker öňki äheňinde dowam etdi.— Adamlar her hili gürrüň etdiler. Biri batyry Mälik babaýykypdyrlar diýdi, ýene biri Seýitjemaleddine diýdi. Başga biriParaw bibini düýnäpdir diýdi. Aý, garaz, haýsy birineynanjagyňy biler ýaly etmediler.Onuň bolup durşuna Öwezmyrat batyryň şunça gaharygelse-de, bolmajagyny bilip, ahyry degişmä saldy:— Nyýazberdi aga, men Mamagül bibiden başga birbibinem düýnämok. Öten agşam gelip, Mamagül bibiniňgapysyny düýnedim - diýip gygyrdy.Onuň bu sözlerine oturanlar hezil edinip gülüşdiler.Öwezmyrat batyryň sözlerini eşitmedik Nyýazberdi aganyň bugülşükden soň hezili bolmady.— Gowy bolup açylyp giden bolsaň bolýa - diýiphümürdedi. Şundan soň oturanlaryň arasyna ümsümlik düşdi.Ümsümligi Öwezmyrat batyr bozdy.— Men sopy aganyň gaçanyny geň görmeli däl ekenim. Bubaşyna turşy çykan ile-de şunuň ýaly myş-myş tapsa, başga zatgerek däl. Bu iliň işi gaýdypdyr - diýip käýindi.Nahar iýlenden soň, oturanlaryň birnäçesi öýlerine dargady.Birnäçesi bolsa tä il ýatar wagt bolýança gürrüň edişip oturdy.


Diňe şondan soň öýde demirçi, Stepan aga, Pýotr hemÖwezmyrat batyr dördüsi galdy. Pýotr ýedi-sekiz ýaşly oglan,ulularyň gürrüňine gulak asyp, aňkaryp oturmakdan başgabilýän zady ýok. Ýöne beýleki üçüsiniň welin arasynda gatyçekeleşikli gürrüň barýardy. Emma olar şeýle assagürleşýärdiler, hatda özleri-de biri-birini eşitjek bolup,agyzlaryny biri-birine degräýjek bolýardylar. Gürrüňiň başynyÖwezmyrat batyr başlady. Onuň gürrüňini diňläp Stepan agaçürt-kesik garşy çykdy.— Hiç bolmaz. Hiç-hiç bolmaz - diýdi.- Bir adamöldüreniň bilen, iki-üç adam öldüreniň bilen iş bitmez. Asyladam öldürmek nämä gerek? Asla gerek däldir. Bir-iki adamyöldürip, özüň tussag bolup, Sibire gitmekden ýa-da ölmekdennetije çykmaz. Men bu pikir bilen razy däl. Ýaş wagtym şeýleakmak pikir meniňem kelläme gelipdi, bir baýary öldürmekpikirine düşüpdim. Akylly bir adam aýtdy, bu pikirakmaklykdyr, taşla diýdi. Soň ol pikiri taşladym. Ol myhmangelende maňa duýdur, men oňa-da düşündirerin.— Stepan aga dogry aýdýar - diýip, demirçi onuňaýdanyny tassyklady.Öwezmyrat batyr Stepan aganyň pikiri bilen razylaşyp, bugije ýatmakçy boldular. Demirçi öýlerine gitdi. Stepan aga,Pýotr, Öwezmyrat batyr üçüsi hem ýatdy. Ýöne Stepan aga:


— Bu pikiriňiz ýalňyş pikir - diýip, tä uklap galýança şolgaýtalady ýatdy. Ertir turanlaryndan soňam onuň bar gürrüňişol boldy.Öwezmyrat batyr Stepan agany ugradanda oňa birnäçe güneýeter ýaly çorbalyk et salyp goýberdi. Pýotr bolsa birnäçegünlük Öwezmyrat batyrlarda galdy.— Petýa ikimize-de ogul bolar - diýip, Stepan agahoşlaşyp gitdi.GÜRRÜŇÇILIKDE BOLAN JEDELHeniz gök agaçlary akrap urmandy, arly tomsuň jöwzasynybaşyndan geçiren agaçlar ýüzi küljeren tamly ýapraklarynysallaşyp otyrdylar. Hasyl paýawy güýz paslynyň ahyrkyaýlarynyň bir günleridi. Obanyň işsiz, eli boş adamlarynyňbary bir öýçi ussanyň telärine ýygnanypdy. Agzy boş adamlardegişýärdiler, şorta söz aýdyşýardylar, ýomak atyşýardylar,gyzykly gürrüňler edişip, şowhun bolşup otyrdylar. Eger bugürrüňçilige, (bu üýşmeleňe gatnaşýan adamlaryň birlänikisiniňtirsegine söýenip, hiç gürrüňe goşulman, tukatgörnüşde ýatanyny hasap etmeseň, bu ýerdäkileriň hemmesiobanyň gamsyz-gussasyz, erkin adamlary diýip düşünmekboljakdy. Bulary daşyndan synlasaň, gürrüňlerine gulak assaň


dünýäde bulardan şadyýan adam ýokdy, gam-gussa diýen zadygöýä bularyň ata-babalary-da görmedik ýalydy.Gürrüňçiligiň bir çetinde, tirsegine söýenip, daşyndan synedip ýatan biri:— Men-ä şu oturanlaryň çigit ýaly gam-gussasy ýoköýdýän - diýip hümürdedi.— Gadym zamanda bir patyşa bolupdyr - diýip, ikinji birioňa jogap deregine erteki aýtmaga başlady.- Hawa, ol patyşa:“Maňa gaýgysyz-gamsyz bir adam tapyp beriň, men oladamyny sylajak” diýipdir. Ol patyşanyň wezir-wekilleri,hemme aksakgal-ulamalary il gezip, ahyry meniň ýaly birinitapypdyrlar. Ol adam meniň ýaly şu günlügini tapsa, ertirliginigaýgy etmän, deň-duş, dost-ýarlaryny ýygnap, wagtyny hoşgeçirer eken. Öýünde öwselesi bolmasa-da, elmydama öýi ulyüýşmeleň eken, şorta söz aýdyşar, ýomak atyşar, gülşeroýnaşarekenler. Ine, onsoň ol biçäräniň ezeneginden tutýarlarda,patyşanyň huzuryna eltýärler. “Ine, patyşahym, seniňdiýýän adamyň” diýip tabşyrýarlar. Patyşa ýasawullaryna: “Onmüň teňňäni getiriň” diýip buýurýar. Hazynaçylary on müňteňňäni mejimä salyp getirip, ýaňky adamyň ýanyndagoýýarlar. Patyşa: “Aý, ýigit, şu mal seniň halalyň, sen şunyal” diýýär. Onda ol ýigit: “Aý, patyşam, bu ne desga, bu nesylag, men hiç zada düşünemok, maňa bir düşündiriň” diýýär.


Onda patyşa hemmesini birin-birin düşündirip: “Sen dünýädegaýgysyz-gamsyz adam, şonuň üçinem şu teňňäni saňa bagyşedýärin” diýýär. Onda ol ýigit: “Aý, patyşam, bir çemçeganymy geçseň, saňa aýtjak sözüm bar” diýipdir. Patyşa rugsatberipdir. Ol ýigit: “Eý, patyşam, şeýle adam diýip saýlaptutanlary men bolsam, seniň ähli wezir-wekilleriň,aksakgallaryň akyly bir juýje horazyň akylyça-da ýok eken.Senem akmak ekeniň. Heý-de bütin endamy ýylanyň zäherzakgunybilen garylyp-ýugrulan adamda-da gaýgy-gambolmazmy?” diýipdir. “Ol neneňsi ýylanyň zäher-zakgunybilen garylyp-ýogrulan?” diýip patyşa sorapdyr. “Ol şeýle -diýip, ýaňky ýigit düşündiripdir. - Meniň hemişe kärim ýerliadamlaryň ýerini ýarpasyna ýa-da üçden birine ekmek. Olaryňýyl ýüzki aýdýan minnetli gürrüňleri meniň janyma-tenimeýylanyň zäheri bolup ornaýar. Meniň ýyl ýüzki çeken agyrzähmetimem janyma zakgun bolýar. Şonuň üçinem men hergünki çekýän zäher-zakgunymy süňňüme ornatmajak bolup, özdeň-duş, dost-ýarlarymy ýygnap, warsaky urşup derdimiýeňledýän. Şonda-da şol gaýgy-gamlaryň, kişiniň minnetlisözleriniň ondan birini-de egsip bilmän, gijelerimi ukusyzgeçirýän. Onuň üçinem seniň bu teňňeleriň maňa degişli däl.Kime berseň, şoňa ber”. Ol ýigit şeýle diýipdir-de, turupgidiberipdir. Ine, bu oturanlaram edil şonuň ýalydyr.


— Ýa, rast aýdylan gürrüň eken - diýip, birinji adamertekiçiniň sözüni tassyklady. Sebäbi onuň özi hem şol ýigitýaly göreniň ýerini ýarpasyna, üçden birine ekip ýörenleriňbiridi. Bu ertekini aýdyp beren bolsa Öwezmyrat batyrdy. Olbu ertekini edil jaýly-degerli ýeridir diýip aýdyp beripdi. Onuňerteki aýdyp beren diňçisine Nurnyýaz diýerdiler. Onuň oglyýokdy. Aýalynyň dogran çagasynyň hemmesi gyzdy. Olaryňamhemmesi heniz ýaş çagady. Diňe iň ulujasy ýaňy göze görnüpbaşlapdy. Şonuň üçinem Nurnyýaz bütin ömrüni diňe bir suwhem bir suwluk ýer bilen geçirmeli bolupdy, hor-homsyýaşaýardy. Iliň ýerini kärendesine ekip mydar edýärdi.Stepan aga tabşyryp gidenden soň, Öwezmyrat batyr obadabir üýşmeleň bolsa, gürrüňçilik bolsa, sypdyrman barynagatnaşyp başlapdy. Hatda ol käte obadaky bar bolantirýekhanalardaky gürrüňçiliklere-de bardy. Bu oňa köp zatlaragöz ýetirmäge mümkinçilik berdi. “Sütemden, jebirden kösenipýören adam kän. Olaryňam her haýsynyň bir gylygy, birhäsiýeti bar. Eger sen olar bilen ugruny tapyp gürleşip bilseň,olar saňa hudaýa ynanan ýaly ynanýarlar. Ine şony başarjakbolmaly” diýip, ol käte öz ýanyndan oýlanýardy.Öwezmyrat batyryň sözüne köpleriň gulakgabardýandygynyň bir sebäbi bardy. Bu ýyl sanaşyk ýylydy.Geçen sanaşykdan bäri bäş ýyl geçipdi. Adamlar sanaşygyň


aşlanaryna garaşyp ýördüler. Täze suw bolanlary hasaba alyp,sana geçirmelidi. Ölüp gidenleri sakdan çykarmalydy. Şonuňüçinem dek düýnüň özünde ogly bolan adamlaryňam birentegiony özi ýaly başga biriniň düýn-öňňün bolan gyzy bilen adaglyedip, düýnki bolan çagasyny sanaşyga salmaga jan edýärdi.Sanaşyk adamyň jemgyýetiň haýsy gatlagyna degişlidiginegarap, her hime bir hili täsir edýär. Meselem, hemişe özünekesana bir keleme suw alyp oturan Muhammetmyrat ahun, herhaýsy ýarym kelemeden içip oturan Rahmanweli hoja ýalylarabir hili täsir edýär. Özüniň suwuny köpeltmek üçin özogullaryny, ilen-çalanlaryny iki-üç gezek öýlendirip, ýaşçagalaryna çenli adagly edip, neslini köpeltmäge jan edýän,ilden ençeme esse köp suw alýan Arslan baý, Seýitmyrat begýalylara bir hili täsir edýär. Özüniň ýekeje oglunyöýlendirmäge zat tapman oturan demirçi ýaly garyp-gasarlaradabir hili täsir edýär.Stepan aganyň sapak çykaryp bermegi bilen, öwretmegibilen Öwezmyrat batyr adamlaryň häsiýetini öwrenmegiň,olara täsir etmegiň syrlaryny özleşdirip başlapdy hem adamlaraşeýle täsir etmegiň zerurlygyna barha çuňňur göz ýetirýärdi.Sanaşyk başlanmagynyň öň ýanlarynda bu has-da zerurdy.Öwezmyrat batyr bu işde birneme tejribe toplapdy, emmaentek onuň öwrenmeli zatlary köpdi.


Bu üýşmeleňdäki gürrüňçilik, degişme-ýomak atyşmak esliwagta çekdi. Soňa baka gürrüň başga ugurlara ýazyp başlady.Degişmek-gülüşmek adamlary irizdimi-nämemi, soňra hasylhakda gürrüň gitdi. Onsoň ýyndam atlar hakda gürrüň etdiler.Olaryň içinde Öwezmyrat batyryňam atynyň ady tutuldy.Öwezmyrat batyr bu gürrüňlere goşulman, bir gyrada gyşaryp,diňläp ýatyrdy.Atlar hakdaky gürrüňiň böwşeňlän bir ýerinde, uk tyzlapduran öýçi ussa tyzlap duran agajyna söýendi-de:— Batyr, nätdiňiz, demirçiniň ogluny öýermek gürrüňiňiznähili boldy, guda bolan ýeriňiz barmy? - diýip sorady.Öwezmyrat batyr bir gobsunyp, oturyşyny düzet-di-de,çalarak ardynjyrady:— Hawa, ussa, tapdyk özün-ä, guda-ha bolnandyr - diýip,gapdalynda gyşaryp ýatan Nurnyýaza seretdi.Heniz ussa geplemänkä, Nurnyýaz:— Aý, ussa, şu eýýamda ogluň bolsa, gyz tapylar. Ogluňbar bolsa, senem gotur ogşugyňy al-da, bize baryber, näçe gyzgerek bolsa bizde bar, biziň öýümiziň biten oty gyz - diýip,degişmä saldy.— Onda demirçi seniň bilen guda bolupdyr-ow? - diýip,öýçi ussa Nurnyýaza ýüzlendi.— Hawa.


— Demirçi erbet adam däldir.- Öýçi ussa işi bilen gümrabolup durşuna, gürrüňini dowam etdi.- Onuň bir aýbygaryplygydyr. Ahyry ýekeje ogluny deňli-duşly edip dynsabolýar.Öýçi ussanyň beýle diýmeginiň sebäbi bardy. Demirçiniňdört ogly bolup, olaryň üçüsi ýaşlygyndan ölüp gidipdi. Onuňöýerjek bolýany ogullarynyň iň kiçisidi.Sanaşyk hakdaky gürrüňi hem öýçi ussa gozgady. Jedel hemşu gürrüňiň üstünde turdy. Oturanlaryň kimisi ogly bolsa-da,öýlendirmek üçin zat tapmaýanlygyndan zeýrendi. “Patyşanyňöý salgydam munuň üstüne” diýip käýindiler. Kimisi özüniňogulsyzlygyndan zeýrendi, bagtsyzlygyndan nalady. Öňkişatlykly-şagalaňly gürrüňleriň ornuny zeýrençli gürrüňlereýeledi.Sähel böwşeňlik aralaşanda, Öwezmyrat batyr çalajaardynjyrady-da, gürrüňe goşuldy:— Garaz, üstüňde patyşa höküm sürse, ahyry bar malyňtowuk bolup, goşuňam horaza ýükläýmeli bolar.— Ogulsyzlygyndan käýinip, gam-gussa batyp içinihümledip ýatan Nurnyýaz Öwezmyrat batyr sözüni gutaranbadyna:


— Adamlar, meselemki, pylan obada suwy könetümmekler içýär. Biziň obamyzda-da şonuň ýaly edilse ýagşybolmazmy? - diýen sowaly orta atdy.“Köne tümmekler” meselesini birdenkä çözmek, beýlesowala birdenkä jogap bermek aňsat däldi. Şonuň üçinemoturanlaryň bary pikire gitdi. Täşli şorta bir zat diýjek bolupagzyny müňküldedende, Öwezmyrat batyr ondan öňürtdi.— Aý, jemagat, munuň aýdýan gürrüňine serediň - diýip,Nurnyýazyň pikirine garşy çykdy. - Ine, şu günden başlap,suwy köne tümmekler içýär hasap edeliň. Sen, men könetümmek bolup galýas diýeliň. Onda biziň agtykçowluklarymyzbiziň şu günki içýän ýarym sagat suwumyzbilen kanagat edip, köne tümmekler içýär diýip oturmaly bolar.Hakykatdanam, biz köne tümmek bolup galarys. Agtykçowluklarymyzbolsa bize gargyş eder.— Batyr hakykatyny aýtdy - diýip, Täşli şorta onuňsözlerini tassyklady.Medresäniň talyplaryndan daýhanlaryň hojalykgürrüňçiligine dynman gatnaşýan diňe Täşli şortady. Daýhanlaröz aralarynda onuň adyny Täşli şorta diýip tutýardylar. Oldegişgen, wäşi ýigitdi.— Aý, Nurnyýaz, eger suwy köne tümmekler içmeli edilse,özbaşyna bir kelemäni mugt içip oturan Muhammetmyrat


ahuna-da hiç zat bolmaz. - Öwezmyrat batyr gürrüňini dowametdi. - Her haýsy ýarym kelemelik suw içip oturan hojaseýitleriňemýitiren zady bolmaz. Olar öňküleri ýaly mugtsuwy içer oturarlar. Sen bolsaň ýene ýarym sagat suwuň bilengalyp, göreniň ýerini üçden birine eker ýörersiň.Öwezmyrat batyryň bu gürrüňleri oturanlaryň ýanyp duranzeýrenç oduny ölçeren ýaly etdi. Çetde oturanlaryň biri:— Olaram garamaýaklar bilen deň içer ýaly etmeli - diýipgygyrdy. Başga biri:— Ol bolmaz, olar öwlatdyr - diýip seslendi. Başga biri:— Ol gaty bolar. Olar öwlat bolsa, özlerine öwlat, biziňsuwumyza öwlat däl! - diýip gygyrdy.— Agzyna gelenini otlap, öwlada dil ýetirýär - diýip, çetdeoturanlaryň biri özbaşyna hümürdedi. Başga biri:— Baýlary nätjek? - dýýip gygyrdy.— O ne baý? - diýip, biri gygyrdy.— Näme baý gytmy! - diýip, oňa gaharly jogapgaýtardylar. - Hol ilen-çalanyna çenli, üçden-dört aýal alyp, herbiri on sekiz suw bolup ýören baýlar!Ol adam bu sözleri aýdan badyna, Täşli şorta:— Olara bir aýalyňdan bolan maşgalaňa suw berjek,başgasyna berjek däl diýmek gerek - diýip sugşurdy.


— Ony diýip bolýarmy? Hanha Arslan baý bilenSeýitmyrat beg ýygnapdyrlar tapyp bilen heleýlerini-de, herhaýsy birnäçe suw içip otyr - diýip, biri zeýrendi. Şol aradaNurnyýaz:— Hawa, olar tapan heleýlerini ýygnaýarlar. Olheleýlerem, ärleri oňaryp bilmese-de, töwerekden gazanmanyoňarýarlar. Tüweleme, gazanma kemini goýanoklar, çagalaryitiň güjügi ýaly - diýip güldi. Oturanlaryňam hemmesi gülüşdi.Bu gürrüň, gülki Arslan baýyň garyndaşy Orazgeldi kümsükýalylara ýaramady. Şu märekede Seýitmyrat begiňgaryndaşlaryndan bir ýeňil kelle ýigit otyrdy. Onuň Seýitmyratbege garyndaşlygy Öwezmyrat batyrdan ýakyn däldi. Ol ýeňilkelle ýigit Muhammetmyrat ahunyň, hoja-seýitleriň, Arslanbaýyň märekede ,oturan garyndaşlarynyň ýüzüne nazarynyaýlap çykdy. Olaryň öz arkasyny tutjagyny aňansoň:— Näme agzyňa gelenini samrap, bigünä adamlaryňbaşyny agyrdýarsyň? Agzyňy sala goýberme! - diýip,Nurnyýaza hemle urdy.— Näme, ýogsam ýalanmy? Aýdamda näme diýersiň? -diýip, Nurnyýaz güldi. Ýeňil kelle ýigit bolmajysyny boldy.— Gaýtalabam bir aýtsaň, agzyňy gan ýalan ganjygadöndererin! - diýip gygyrdy.Nurnyýaz ýene öňküsi ýaly güldi-de:


— Sen beýle atarman-çaparman, nireden dogan Görogly -diýdi.— Seniň bir... - diýdi-de, ýaňky ýeňil kelle ýigit turupNurnyýazyň üstüne topuldy. Nurnyýaz hem oturan ýerindentaýýarlandy. Emma Öwezmyrat batyr tarsa ýerinden turup, olýeňil kelleni orta ýola ýetirmän tutdy. Ýeňil kelle ýigitdyzamagyny dowam etdi.— Inim, dur, saňa gürrüň bar. Sen Seýitmyrada mendenýakyn garyndaş dälsiň. Düşündiňmi? - diýip, ony köşeşdirjekboldy. Nurnyýaz bolsa:— Goýber, batyr, ol dyzmaç ýigidiň kimdigini bir göreli -diýip gygyrdy.— Aý, inim, gany gyzgyn bolmazlar - diýip, Öwezmyratbatyr ol ýeňil kelle ýigide gep düşündirjek bolýardy.- Sen birpukarasyň. Näme-de bolsa günä biziň öz garyndaşymyzda. Ilýalan zady gürrüň edenok. Il dogrusyny aýdýar. Düşünýärmiň?Iki tarap hem uruşmaga taýýardy. Ýagdaýyň gowy däldiginiaňan öýçi ussa hem Öwezmyrat batyryň ýanyna baryp, ýaňkyýigide töwella edip başlady. Emma ol barha möwç alýardy.Şobarmana Öwezmyrat batyryň ýüzüne dikildi-de:— Saňa binamys garry köpek diýerler - diýdi.Öwezmyrat batyr lyk doldy. Aňyrsy bärik gelip, gazabaçykdy. Bir az arkanjaklady-da, hyrçyny dişläp, ýaňky ýeňil


kelläniň agzyna güçledip goýdy. Ýeňil kelle agzyny iki elibilen tutup, ters öwrüldi. Onýança Öwezmyrat batyr özüniraslap, ýeňil kelläniň gulagynyň düýbüne ikinji ýumrugysugşurdy welin, ol üç basdyrylyp baryp, ýykylan ýerindengalmady.Şol wagt turup topulmaga taýýar bolup oturanlardanOrazgeldi kümsük syçrap, Öwezmyrat batyra baka topuldy.Emma öňden taýýarlanyp duran Täşli şorta ony Öwezmyratbatyra ýetirmän, bir ýumrukda seňseläre golaý etdi. Hyň urupoturanlar topary bilen turup topuldylar. Emma Nurnyýazyňtarapyny tutýanlaram olardan az däldi. Olar hem hüjüm edipýerlerinden turdular.Iki tarap garpyşdy. Her kim ýumrugyny işledeni bilenkanagat etmedi. Öýçi ussanyň tärimlik üçin taslap üýşüripgoýan agajyna ýapyşdylar. Üýşmek agaç göz ýumup-açarsalymda ýom-ýok boldy. Hatda kellesi gyzan ussanyň özi hemelindäki tyzlap duran uguny alyp topulypdy.Öýçiniň agajyny ýarag edinenler Öwezmyrat batyryňtarapdarlarydy. Seýitmyrat begiň, hoja-seýitleriň tarapdarlarybolsa aýaklaryndaky köwüşlerini alyp topulypdylar.Öwezmyrat batyryň tarapdarlarynyň bolsa ýapyşaýyn diýendede,aýaklarynda köwşi ýokdy. Köpüsiniň aýagy ýalaňaçdy. Ikiýekeaýagy gaplysy hem ýa çokaýlydy, ýa çaryklydy.


Kimdir biriniň eline ilen uzyn bir uk bolupdyr. Ol ugy aýlanwagtynda teläriň üstüne basylan kerepli köne ýonuşgalarytozadýardy hem paýradyp ýere dökýärdi.Bu uruş onçakly uzaga çekmedi. Orazgeldi kümsükbaşlyklaýyn maňlaýynyň ganyny sarkdyryp, teläriň astyndangaty tiz dazlaşyp çykdylar. Şeýdip, Seýitmyrat begiň, Arslanbaýyň, hoja-seýitleriň tarapdarlary aýakgabyndan, telpektahýasyndanbizar bolup, baş açyk, aýak ýalaňaç gaçyp gitdiler.Täşli şorta gaçyp galan köwüşleri, telpek-tahýalary dazyrdadypdaşaryk zyňyşdyrdy:— Telpek-tahýalaryňyzam alyp gidiň!Bu uruşda Öwezmyrat batyryň maňlaýyna köwşüň nalydegip yz galdyrypdyr. Nurnyýazyň gulagynyň düýbüneköwşüň ökjesi degipdir. Ussanyňam maňlaýyny köwşüň ökjesisydyrdypdyr. Başga bir ýigidiň maňlaýy çilik ýaly çişipdir.Başga-da ýeňil-ýelpaý ýumruk degeni, ýüzüni sypjyrdanybardy. Diňe bir ýigidiň eli agyrypdyr. Ony barlap görenÖwezmyrat batyr:— Çykan zad-a ýok, ýöne gaty agyran bolara çemeli -diýdi.Şol wagt heniz gahar-gazaby ýatyşmadyk Öwezmyratbatyryň gözi birden henizem ýerinden galman ýatan şol


ýeňilkelle ýigide düşdi. Ol topulyp baryp, onuň içine depmägebaşlady. Ýöne Nurnyýaz derrew ony saklady:— Batyr, birden garamata galaýmaly.Ýeňil kelläniň agzyndan ganly köpürjik gelýärdi. Onuň ikidişi birden döwlüp, üçüsiniňem düýbi gowşapdy. Öwezmyratbatyr onuň aýagyndan tutup, teläriň aşagyndan daşaryk süýräpçykardy. Teläriň aşagynda ýene birki sanysy seňseläp ýatyrdy.Olary hem süýräp daşary çykardylar.Diňe şundan soň aňyna aýlanan öýçi ussa nämäniňnämediginegöz ýetirdi. Ol leýis bolup ýatan tärimlik agaçlaranazaryny aýlap:— Wah, meniň taýýarlan agajymy dagadyp, kül-uşak ediptaşlapdyrlar - diýip käýindi.— Ussa aga, ilki özüň başladyň. Adamlarda günä ýok -diýip, Täşli şorta onuň elindäki agajy görkezdi.Ussa omrulyp-omrulyp, elinde diňe bir tutam bolup galanagaja geňirgenip seretdi. Muny meniň elime haýsyň berdiňdiýýän ýaly bir garaýyş bilen töweregindäkilere nazar aýlady.Ol kellesiniň gyzgynyna näme-nämeleriň bolanyndanhabarsyzdy. Ýöne ol basym akylyna aýlandy. Çalam-çaş bolupýatan döwük-ýenjik agaçlary ýygnaşdyrmaga durdy. Beýlekiadamlaram ussanyň agajyny ýygnaşdylar.


Şol wagt daşarda seňseläp ýatanlar özlerine gelip, ýekeýekedensyp berip gaçyp başladylar. Ýigitleriň garagolraklarygaçanlaryň yzyndan:— Ho, bas-ha, gyý-u, haý-haý! - diýşip gygyryşdylar.Ussa özüniň kellesiniň gyzgynyna eden işini aňmanlygynyňüstüni basyrmak üçin:— Şol agajy meniň elime biriňiz berensiňiz. Haýsyňyzbeýle garagolluk etdiňiz? - diýip, gürrüňi şortalyga saldy. OndaTäşli şorta:— Ýok, ussa aga - diýdi. - Seniň kelläň göçdi. Özüň ilkiagaç alyp topulmakçy bolaňda, gaýta bize-de hol üýşmekdenbaşga ýerden almaň diýip, taýýar agajy özüň görkezdiň.— Öz diýenini özi bilenok - diýip, beýlekilerem Täşlişortanyň sözüni goldamak bilen gülüşdiler. Ussanyň özi bolsa:“Kellämiň gyzgynyna şeýle diýsemem diýendirin” diýipoýlandy. Daşyndan bolsa:— Bolsa-da, öz-ä gyzykly boldy - diýdi. Onsoň Nurnyýazaýüzlendi. - Nurnyýaz diýýän-ä, ol batyr ýigit seniň agzyňyganjartjakdy welin, onuň özüniň agzy gan ýalan ganjyga döndiduruberdi-le. Bolsa-da Öwezmyrat batyr onuň agzyny döledüzlän ýaly etdi.Gaharly duran Öwezmyrat batyr:— Deýýus, märekede özüni tanadýa-da - diýip goýdy.


Ýigitlerden biri:— Öwezmyrat batyr ony gaýdyp çörek çeýnemez ýalyetjekdi, henizem özüm saklaýdym - diýdi. Soňam esli wagtlanher haýsy bir zat diýip gülşüp oturdylar. Gyzykly gürrüňiňböwşeňlän ýerinde Täşli şorta:— Bolsa-da bir süňk ýeňilligi etdik - diýdi.Onda bu ýandan bir ýaşuly:— Ýok, Täşli molla, sen süňk ýeňilligini entek göreňok.Ertirki gün suw sanaşygy gelip, ýer bölüşilende, ana, süňkýeňilligini şonda görersiň - diýdi. Ýene bir ýigit:— Eger şol kesana mülkiýa suw içip ýatanlaram sanaşygasalaýmasalar, saka barar-da oturybereris. Ondan soň kimdyzmaç bolsa gelibersin - diidi.— Şeýtmeli.— Hökman şeýtmeli.— Hökman şony ederis.Ýerli-ýerden gygyryşyp, teläriň içini ala-zenzele etdiler.Gykylyk ýatyşansoň, Öwezmyrat batyr söz nobatyny aldy.— Sanaşygyň öňünden märekäni ýygnanlarynda, ýerliýerdengygyryp aýtmak gerek - diýdi. - Eger oňa-da garaman,öz diýenlerini etseler, ondan soň ýarag şaýyny tutup, sakaçykaýmak gerek. Biziň näme gorkymyz bar? Milletiň köpi bizbolup durkak, biz öz diýenimizi etdirip bilmerismi eýsem?


Ýerli-ýerden: “dogry-da, dogry!” bolşup tassykladylar. Şolwagt maňlaýyndaky köwşüň sydyrdan ýerini barmagy bilenbasyşdyryp duran öýçi ussa:— Öwezmyrat batyr, bu işiň yzy ula gidäýmese ýagşydyr -diýdi.— O nä iş?— Ýaňky urşumyz diýýän-ä...— Ula gidip, nirä gider öňdýäň?— Nä bileýin, arçyna, süýde-gatyga ýetirip bir zatedäýmeseler.Öwezmyrat batyr bir az pikire düşdi.— Aý, ullakan bir zat ýok-la-diýdi.- Bar günä olaryňözünde ahyry. Bizde günä ýok ahyry. Olaryň özi ilkitopulmadymy näme? Aý, hiç zat bolup durasy ýok-la.Onuň soňky jümleleri, “hiç zat bolasy ýok-la” diýse-de,birneme wehim edýändigini aňlatdy.— Onyň dogry, batyr - diýip, ussa uludan demini uldy. -Ilki olardan boldy. Bolsa-da olar arçynyň ýanynda ýüzliadamlar. Onsoň türkmençiligem bar, olaryňam kowmygaryndaşybar.— Bolsa bolubersin - diýip, Öwezmyrat batyr aýgytlygepledi. - Biziň kowum-garyndaşymyz olaryňkydanam kän.Ine, şu oturanlaryň hemmesi, milletiň köpüsi, biziň


garyndaşymyz, ussa. Sen ony gaýgy etme, ussa. - Onsoň birazajyk sagyndy-da, sözüniň üstüni ýetirdi. - Asyl soralaýsa,“Öwezmyrat uruşdy, biz urşamzok, biz ýöne araçydyk” diýipgörkeziň. Emma ilki olaryň özi onuň üstüne topuldy diýipaýdyň.Ol sözüni aýaklan badyna Täşli şorta:— Menem batyr bilen bile görkeziň - diýip gygyrdy. -Sebäbi bir topar adamyň garşysyna bir adam çykyp şeýle edipbilmez diýerler, ynanmazlar.— Aýby ýok, ynanar ýaly şeýle diýäýiň - diýip,Öwezmyrat batyr ylalaşdy. - Aý, soralybam durasy ýok-la.Bu märeke şu maslahat bilen dagady. Kim malyna agşamotuny almaga gitdi, kim başga iş-derdi bilen boldy.Öwezmyrat batyr bilen Täşli şorta hemme kişiniň soňundanussany şägirdi bilen galdyryp tirkeşip çykyp gitdi. Bu ikisiniňhümürdeşip barşyna daşyndan syn eden ataly-ogulmyka diýipgüman etjekdi.Öwezmyrat batyr Täşli şorta bilen köneden tanyşdy. Täşlişortanyň kakasy hem Öwezmyrat batyr bilen oturyşyp-turşup,gatnaşyk edip ýören adamdy. Emma oglunyň Öwezmyrat batyrbilen dostlaşmagyna kakasy sebäp bolmandy.Täşli şorta medrese talyby hem bolsa, epdek-gurhan diýipýykylyp ýatman, wagt tapdygy obadaky gürrüňçiliklere


gatnaşardy. Özem haýsy märekä barsa-da, gürrüňçilige ediloturanlaryň biri ýaly bolup goşulardy. Emma umuman mollahalkyna ýigrenç bilen garaýan Öwezmyrat batyr ony özýanyndan halamazdy. Täşli şortanyň bolsa Öwezmyrat batyryňözüne bolan garaýşyndan habary ýokdy. Ol bu sada, gönümelhem degişgen adamynyň gürrüňlerini höwes bilen diňleýärdihem ony jany-teni bilen gowy görýärdi.Mundan birnäçe ýyl ozal, heniz Öwezmyrat batyryň ýekejeogly dirikä bir gezek Täşli şorta olaryň gapysyndan bardy.Agşamaralardy. Öwezmyrat batyr gapysynda aýdyma çalajahiňlenip otyrdy. Şol wagt hem Täşli şorta salam berip geldi.Oňa gözi düşende Öwezmyrat batyr bir hili tisginip gitdi,depe saçy üýşüp, myrryhy atlandy. Emma gapysy açyk garyptürkmen diýenleri, türkmençiligiň ata-babadan gelýän adatyonuň gaharyny öz erkine goýbermedi. Ol göz ýumup-açarsalymda öz ýanyndan pikir öwürdi. “Gapydan gandarduşmanynam gelse, onuň salamyny almaly, geleweri diýmeli.Hut bize dönüklik eden Hal mollanyň özi gapymdan salamberip gelse-de, men ony kowmaly däl” diýen netijä geldi. Täşlişortanyň salamyny alyp, “geleweri” diýdi. Oňa oturmaga orungörkezip, öňüne çaý goýdy. Emma Öwezmyrat batyryň ýüziaçylmady, hemişekisi ýaly gülşüp-degişmedi. Ol diňe soralansowala jogap berip otyrdy.


Öwezmyrat batyryň özüne bolan garaýşyndan bihabar Täşlişorta onuň bu bolşuna özüçe düşündi. “Bu açylyp gürlemedi,bu gün munuň bir aladasy, gaýgysy bar borly, ýogsa-da bumeniň birinji gezek gelenim üçin şeýdýändir” diýen pikiregeldi. Ol şeýle pikir bilen ahyry turmakçy bolanda: “Täşlimolla, bir habar bilen gelipmidiň ýa keýpinemidi?” diýip,Öwezmyrat batyr sowuk-salalyk bilen onuň habaryny aldy.“Ýok, batyr, ýöne siziň gürrüňleriňizi diňläýin diýipgaýdyberdim” diýip, Täşli şorta hoşlaşyp çykyp gaýtdy.Täşli şorta soň ýene bir gün Öwezmyrat batyryň ýanynageldi. Emma bu gezegem onuň ýüzi açylmady. Täşli şorta:“Batyryň bu günki tukatlygynyňam bir sebäbi bardyr-da” diýip,bu gezegem hoşlaşyp turup gitdi. Soňra ol Öwezmyrat batyryňýanyna gatnamasyny has-da ýygjamlatdy. Özem Öwezmyratbatyryň ýüzüniň açyklygyna-tukatlygyna bakmady, onuňgürlärine garaşyp oturman, özi gürrüň berdi. Öwezmyrat batyryhem gürrüňe çekdi. Şeýdip, olaryň hüýi alşyp gitdi. Olar herhili gürrüňler etdiler, şorta sözler aýdyşdylar.Öwezmyrat batyryň ogly ölenden soň Täşli şortanyň günsypdyrman her gün ikindinara gelip, tebärek çykyp durmagyÖwezmyrat batyry onuň bilen has-da ysnyşdyrdy, Öwezmyratbatyryň kalbynda oňa çuňňur mähir oýandy.


Öwezmyrat batyr Täşli şortanyň hüý-häsiýetine beletbolupdy. Ýöne şonda-da mollalara bolan ynamsyz garaýyşonuň kalbyndan çykanokdy. Şonuň üçinem ol käwagtlar:“Wah, seniň özüň gaty gowy ýigit, hemme häsiýetiňemadamlaryňka meňzeş welin, arman, özüň molla bolaýýarsyň”diýerdi. Öwezmyrat batyryň ýanyna ýygy-ýygydan gatnapýören Täşli şorta Stepan aga bilenem tanyş boldy.Ýöne Öwezmyrat batyr mollalara ynanmaly däldiginiaýdyp, Täşli şortanyň hem molladygyny Stepan aga duýduryp,oňa ahmal bolmazlygy tabşyrdy. Emma Stepan aga: “Molladiýip, olaryň hemmesini bir aýakdan asma, Täşli ýagşy ýigit,oňa ynanmak gerek” diýdi. Öwezmyrat batyra müňkürliginitaşlamagy tabşyrdy. Şoldurda-şoldur, Öwezmyrat batyr bilenTäşli molla ýaş tapawudyna garamazdan iýeni aýry gitmeýändost boldy. Stepan aga bilen edilýän maslahatlaryňhemmesinde diýen ýaly Täşli şorta-da bolýardy. Emma hernäme-de bolsa Täşli şorta bolan ysgynsyz müňkürlikÖwezmyrat batyryň ýüreginden hiç çykmaýardy. Emma olmuny Täşli şorta duýdurman saklaýardy.Tirkeşip barýan Öwezmyrat batyr bilen Täşli şortaÖwezmyrat batyryň öýüniň duşuna ýetdi. Öwezmyrat batyrsagyndy-da:


— Aý, Täşli molla, soňam nirä degse, şoňa degsin, ýör, öýebaryp bir çaý içeli - diýdi.— Ýok, men häzir oturmaýyn - diýip, Täşli şorta garşyboldy. - Işiň yzynda bolaýyn. Bilip bolmaz, näme-de bolsa,men görmeli adamlaryň hemmesini görüp, pentläp goýaýyn.Soňra agşam öwrülip geläýerin.— Emma agzyňa berk bolgun - diýip, Öwezmyrat batyrsargady.— O tarapdan arkaýyn bol - diýip, Täşli şortahowlukmaçlyk bilen gitdi. Öwezmyrat batyr hem öýünesowuldy.Öwezmyrat batyryň uran ýeňil kelle ýigidi öýçi ussanyňteläriniň agzynda esli wagt ýatandan soň essine geldi. Assagaçan namart diýenlerini edip, ýuwaşlyk bilen ol ýerden sypberdi. Agzyny ganjardyp, öýlerine geldi. Ol ýigidiň kakasynaDurdymyrat diýerdiler. Ol Seýitmyrat beg bilen Owezmyratbatyryň ikisine-de deň garyndaşdy. Durdymyrat hem obanyňbir çetinde oturardy. Çünki ol çarwaçylyk durmuşyndan üzülkesilel üzüp bilmän, hem çarwalygy, hem çomrulygy goldanbermejek bolup gelýän adamdy. Onuň ýüze golaý dowary,başga-da sygyr-syrymy, sagymlyk düýeleri bardy.Durdymyrat mallarynyň arasynda köw-söw edip ýörkä, oglybasylan alaman ýaly bolup, bärden tasap bardy.


— Ýeri, oglan, bu bolup gelşiň nä mojuk? - diýip,Durdymyrat oglundan sorady. Ogly bolan işi gürrüň berip,Öwezmyrat batyryň uranyny aýtdy.— Öwezmyrat batyr bilen paýlaşyp bilmeýäniňiz näme?— Bilmedim, azgynçylyk-da... - diýip, ogly dili agzynasygmaýan ýaly kynlyk bilen jogap berdi.— Ol azgynmy? Sen azgynmy? Azan haýsyňyz?— Elbetde, ol azypdyr.— Tur, pohuňy iým-ä. Eýsem seni ýöne duran ýeriňdeÖwezmyrat batyr baryp ýenjiberdimi? - diýip, Durdymyratogluna azm urdy. Ogly sesini çykarman duransoň, gahary hasjoşup, gözlerini gyzardyp başlady. - Elbetde, özüňdenbolandyr. Ýogsa Öwezmyrat batyr oglan-oglanjykmy seniurup? Seniň şu erbet diliňden bolandyr, doňuz.Ogly kakasynyň rejesini bozuk görup:— Ine, iki sany dişimem döwdi diýip, gysymyndakydişlerini görkezdi.— Henizem saňa az, gözüňi çykaran bolsa, has gowybolardy. Bar, ýok bol gözümiň öňünden, doňuz! - diýip,Durdymyrat käýindi. - Bu doňuz dynç oturan başymyzy belagoýýar. Indi arçyn diýer, kazy-kelan diýer, süýt-gatyk diýerçagyrar ýörerler. Olara näme derdi-hal iýjek, ýonjak. Budoňuzam dynç oturan başymyza şer getirýär.


Orazgeldi kümsük bolsa öýçi ussanyň teläriniň ýanyndangaçyp gaýdyşyna, göni Seýitmyrat begiň ýanyna barypdy. Oňabolan wakany goşmaly ýerine goşup, aýyrmaly ýerini aýrypgürrüň berdi.Orazgeldi kümsük baranda Seýitmyrat beg bezegli eýwanlytamyň töründe Arslan baýy, oba kethudalaryny daşyna üýşüripmaslahat urup otyrdy. Bu ýerde-de gürrüň suw sanaşygy hakdagidýärdi.— Hawa, arçyn, mürzäňiz täze suw bolanlary hasaba alypýetişýärmikä, sanaşygam-a ýetip geldi - diýip, uzyn ak sakgallykethuda aýalyňky ýaly inçejik sesi bilen arçyna ýüzlendi.— Aý, kethuda, mürzäniň başga näme işi bar. Onuňkyölenler bilen täze suw bolanlary hasaba alyp ýörmekdir-dä -diýip, arçyp oňa jogap berdi. - Galanyny serkar başlyklarybilen miraplar oňarar.Arçyn bu sözleri aýdyp, göwnühoşluk bilen özüniň gyrçuwsakgalyny sypalaşdyrdy. Emma aýal sesli molla onuň jogabybilen ylalaşmadyk borly, ýene jyňňy sesi bilen gürläp başlady:— Aý, adamlar, bilmedim welin, biziň şu etjek bolýanişimiz başa barmazmyka diýýän. - Ol özüniň inçejik sesineelleriniň hereketini hem goşup janygýardy. - Ýerleri bölüp,mülkiýa etmeli. Emma suwy hemişe sanaşykda galdyrmaly.Hojalyklaryň her öý başyna içýän kelemesini, ahunlaryň içýän


ir serkar suwuny öňki bolşy ýaly goýmaly. Arçyn, eminlerüçin bolan öli suwy-da ýatyrmaly däl. Olaryň baryny öňkibolşuna galdyrmaly. Eger şeýle etmesek, garamaýagyň agzynaseretsek, onda biz juldan çykaýmaly bolarys.— Ýagşy, bu agzyboş garamaýaklar “biz siziň bu edeniňbilen razy däl, hojalaryň, ahunlaryň mugt suwuny kesjek, ikiserkar öli suwy hem bir kelemä getirjek” diýseler nädersiň? -diýip, kethudalaryň biri oňa sorag berdi. Inçe sesli kethudanäme diýjegini bilmän sagyndy:— Menmi?— Hawa, sen.— Ine, meselem, - diýip, inçe sesli kethuda özüni ele alypgürläp başlady. - Ine, meselem, metjit-medrese üçin bölnenýer-suwy alalyň. Ol ýer-suw ahuna berlenok, metjit-medresäberildi. Hojalaryňky bolsa olaryň hoja haky, ata-babadangelýän däbimiz. Heý, muny bozmak bolarmy ahyry.— Aý, emin, bu halk däbiňi nä bilýä, ýenäňi näbilýä,ýygnanaga-da şäherden bir zäkunçyny getirse, arçyn bileneminlere goýuljak suwuňdan başgasyny keser oturyberer -diýip arçyn onuň sözüne garşy çykdy. - Öli suwuňy hempatyşalyk suw diýip saklap bilseň razy bolarsyň.— Bu zatlaryň başga ýoly bar - diýip, häliden bäri bu gohgalmagalykesesinden diňläp oturan Seýitmyrat beg söz


nobatyny özüne tarap sowdy. Oturanlaryň bary agzynyöweldip, onuň ýüzüne garady. - Ýeriň iň gowy ýerindenpatyşalyk üçin diýip bölmek gerek. Onsoň galan ýerleremoturym ýeri diýip bölmeli. Şonda bularyň birnäçesi özlerinioňarman, oturymly ýerlerini satyp gitmäge mejbur bolar.Onsoň ol ýerler mülk bolmabilse bolmasyn...Orazgeldi kümsügiň kowgudan sypan ýaly bolup gapydangirmegi bilen bu gürrüňiň arasy ýolundy. Onuň göz-gülbankeşbi, beren gürrüňleri oturanlaryň her haýsyna bir hili täsiretdi. Kethudalarda, arçynda howsalaly bilesigelijilik döretse,Seýitmyrat beg bilen Arslan baýda gahar-gazap, ýigrençdöretdi. Arslan baý sakgalyny titredip:— Bu nä azgynçylyk, bu nä azgynçylyk - diýip, şol birsözleri telim gezek gaýtalap otyrdy. Seýitmyrat beg esliwagtlap sesini çykarman, hum ýaly çişip oturdy. Häzir onuňbar pikiri Öwezmyrat batyr hakdady. Ol häzir dünýäde birgazaby bolsa Öwezmyrat batyryň üstünden inderjekdi. OlSeýitmyrat beg üçin böwründe dörän aýrylmaz sanjydy. Buýan bermez, merdana adam Seýitmyrat begiň dünýäsinehudaýdan biidin inen adamdy. Ol beýle adamyny ýeriň göteripýörşüne çydap bilenokdy. Dünýäde Öwezmyrat batyr ýalygaýratly adamlaryň bardygy hakdaky pikir Seýitmyrat begiňaşyna awy gatýardy, gününiň süýjüsini gaçyrýardy.


— Hany göreli... - diýip, ahyry Seýitmyrat beg içinihümletdi. Bu sözleriň aňyrsynda nähili bet maksatlaryňýatandygyna düşünmek kyn däldi.ARSLAN BAÝYŇ GYZYÝaz günleriniň biridi. Dünýä gyzyl-ala bolup, gök otlarbilen bezenipdi. Agaçlar täze geýnen gök lybaslarynygüjeňleýärdiler.Uly medresäniň öň ýanyndan geçýän ýabyň boýy güragaçlykdy. Söwüt, derek, tut, armyt, ülje, erik, güjüm agajy,her hili gül agaçlary - garaz bu ýabyň boýunda adyny tutanagajyňy görmek bolýardy. Agaçlar heniz boýuny-inini almagaýetişmedik ter ýapraklar bilen ýaňy bezenenem bolsa, biribirineçolaşan çybyklardan ýaňa aşagyndan akýan suw güngarasyny görmän oňýardy.Şu gür agaçlaryň aşagyndan akyp ýatan suwuň boýunda ikisany aýal kir ýuwýardy. Bu iki aýalyň ýuwup oturangeýimleriniň şeýle köplüginden hem gaty gymmat bahamatalardan tikilendiginden, olaryň öz maşgalasynyň geýmidäldigini aňlamak mümkindi. Çünki bu aýallaryň özleriniňeginlerindäki köne, ýama-ýama geýimleri oda atsaň, tütejek


däldi, bu sypatdaky aýallaryň şeýle köp hem gymmat bahageýimleriň eýesi däldigi görnüp durdy.Kir ýuwup oturan aýallaryň biri:— Aý gyz, Sadap, bu gutarar ýerde gutarmajak öýdýän -diýip, ýanyndaky aýala habar gatdy. - Daň ataly bäri çaýçörekdenbizar şol gidip oturyşymyz. Henizem-ä egsilenok.Sadap oňa jogap bermek deregine gapdalyndaky gyzdyrylgyduran gazandan bir-iki kürüşge çogan aşgaryny alyp, kirýuwup oturan legenine guýdy-da, diňe şondan soň:— Dyrnaklarym döküldi, elimi suw garratdy.Barmaklarymyň başy ýarylypdyr, aşgaram ötýär, jyz-jyzawyşaýar - diýip zeýrendi.— Aý gyz, Sadap, bular muny sabyn tapman edýärmikäýa-da aşgara ýuwlanyny gowy görýärmikäler - diýip, Gülsoltanýene sorag berdi.— Aý, nä bileýin, Gülsoltan, sabyn tapman-a durandäldirler welin, garaz Soltan hanyň söýenidir-dä.— Aý, şu Soltan han-a, özi birneme gysganjyragamöýdýän - diýip, Gülsoltan Sadabyň jogabyna garaşdy. Sadapoňa ýaltalyk bilen jogap berdi:— Sahy diýip, sahy däl, gysganç diýip, gysganç däl, biz-äbilemzok Soltan hanyň nähili adamdygyny.


Gülsoltan bilen Sadap öz agyr günlerinden käýinipbaşladylar.— Aslynda maňlaýyňa ýazylan är bir bagtlyrak, gowrakadam bolup çyksyn-la - diýip, Sadap öz gününden nägileliginiärine igenmek bilen tamamlady.- Maňlaýyňdan çykan ärbetbagt hem emelsiz bolsa, ýamany ana şol. Biziňmaňlaýymyzdan çykan bir är däl-de, janyna gelen apat ahyry.Gülsoltan:— Seniň äriň Arslan baýyň garyndaşy dälmi näme? - diýipsorady.— Garyndaşy bolanda näme?— Heý, olaryň bir peýdasy degmeýärmi?Gülsoltanyň bu sözleri Sadabyň hasam derdini gozganborly, ol öňküsindenem beter zeýrenmäge başlady:— Wah, Gülsoltan jan, derdimi gozgamasana. Ine nähilipeýdasynyň degýändigini görüp dursuň-a. Är-heleý iki ýerdenolaryn hyzmatynda, ody bilen girip, küli bilen çykýarys. Özüngörýäň-ä, seniň bilen iki bolup, olaryň näçe agyr halylarynydokadyk. Şonda-da, bitin eşik geýip, garnymyz dok gezemzok.Sebäbi beren bir atym çaýlaryny, bir ýugrasy unlaryny pulaöwrüp hasaplap, ahyry hak berjek bolanlarynda iki esse ediptutýarlar. Ine seniň äriň olarda öýdençer bolup işleýär. Seniň


özüňem elmydama olaryň hyzmatynda. Heý, garnyňyz doýup,eşigiňiz bitýärmi? Biziňkem edil şonuň ýaly-da...Ol ikisiniň arasyna bir meýdan ümsümlik düşdi. Şeýle birtukatlyk boldy welin, hatda siňňin akyp ýatan suw hem şowhunedip akýan ýaly boldy. Berdaşly ýumruklaryň astyndaowkalanýan geýimlerden çogan köpürjigi çykyp, hyžlap sesedýärdi.— Hawa-da, şeýle-dä, seniň aýdýanlaryň bary hak - diýip,Gülsoltan esli wagtdan soň ýoldaşynyň sözlerini tassyklady.— Görnüşi şeýle, başga näme diýjek? - diýip, Sadap ýenedymdy. Gülsoltan bolsa sözüni dowam etdi:— Hemme ýerde şeýle. Ejem ikimiz öz garyndaşymyzSeýitmyrat begleriň hyzmatyny diş-dyrnak bolup ederdik.Şonda-da bize peýdalarynyň degen ýeri bolmandy.Gülsoltan sözüni kesip, uludan demini aldy. Sadap gürrüňibaşga tarapa burdy:— Seniň-ä mazaly kakaň bar. Ol däliräp açylandan soňhum tapypmyş, gyzyl tapypmyş diýen bir gürrüňem bar. Asylindi, tüweleme, olar dokunyndyram.— Hawa, hum tapypmyş-a diýýärler - diýip, Gülsoltanonuň sözlerini tassyklady.— “Tapypmyş diýýärler” diýip, näme özüň barypgöreňokmy?


— Ýok-la.— Näme üçin? Ýa-da henizem baryş-gelşiňiz ýokmy?— Hawa-la - diýip, Gülsoltan agyr gynanjyny syzgyn berenýaly etdi-de, tukatlandy. Bir salym dymandan soň, ýene sözünidowam etdi. - Hawa, kakamyň däliremegine-de men sebäpboldum. Indi ol gören ýerinde meniň kellämi aljakmyş. Illerşeýle diýip gürrüň edýärler. Menem görünmän gaçyp ýörün!Ne ärim, ne-de men, hiç birimiz gözüne görnüp bilemzok.— Heý, şeýle-de bir ýüzügaraçylyk bolarmy? Bir ýyljykçydaýsaň bolmadymy? - diýip, Sadap oňa käýinmäge durdy. -Heý, ata-enäň ýüzüne şeýle garaçylyk getirerlermi? Eger olarbilen gatnawyň bolan bolsady, onda ynha senem bir gurgunadam bolup oturybermeli. Düýn men demirçiniňkä syndymytaplatmaga bardym. Şonda: “Öwezmyrat batyr hum tapypdyr,indi puluny sowmaga ýer tapanok. Ol öňki atynyň üstüne, ähliAhala belli yklymy baglan bir tohum baýtal alypdyr. Onuň şoltohum baýtala göwni ýetip, eýesiniň diýen puluny döküpgaýdyberipdir. Bir süýtli sygram alnypdyr” diýip gürrüň edişipoturanlaryny eşitdim. Eger sen ýüzüňe garany çekmedikbolsaň, näme-de bolsa, perzendisiň saňa-da kömek ederdi.— Meniň özümden boldy. Göreniň gürrüňine gidip,ýüzüme gara çekdim. Indi näbileýin, kyýamada çenli olaryň


ýüzüne geler ýaly bolmadym öýdýän - diýip, Gülsoltan uludandemini aldy.Olar ýene seslerini çykarman, öz işleri bilen boldular. Şoldymyşlykda, öz içinden äriniň bihepbeliginden zeýrenip oturanSadap, içki pikirini daşyna çykaryp, hüňürdäp başlanyny hemduýman galdy. Gülsoltan onuň gürrüňini diňläp oturyp bilmedi.— Sen, gyz, o bendäni beýle ýamanlap, halys etdiň. Oldogumly hem gowy adam ýaly-la - diýip, oňa garşy çykdy.Onuň bu sözleri Sadabyň oduny ölçeren ýaly etdi. Olöňküsindenem beter jibrindi:— Wah, jan dogan, şeýle dogumly, gowy bolýan bolsa, iliçinde onuň ady Orazgeldi gurt, Orazgeldi batyr diýliptutulmazmydy. Onuň adynyň il içinde Orazgeldi kümsük diýliptutulýanlygyndan biläýseň bolmadymy nämedigini? Il bendebilip dakýar ady, bilmän dakanok.Şundan soň Gülsoltan häzir Sadabyň derdinigozgamazlykdan gowusynyň ýokdugyna düşündi.* * *Öýle namazyndan soň medreseden iki sany talyp çykyp, ýapboýuna baka ugrady. Bularyň biri on ýedi-on sekiz ýaşlartöweregindäki, görmegeý ak ýüzli, gara gaşly, gara gözli, egin-


aşy düzüw, başy şempa ak telpekli ýaş ýigitdi. Ikinji talypbolsa egni horydarak egin-başly, başy sary telpekli, ganygaçgynrak bugdaý reňk ýüzli, ýigrimi-ýigrimi bir ýaşlartöweregindäki ýigitdi. Ikisi hümürdeşip suwuň boýuna ýetenwagtlary gaýra ýanlarynda suwuň o tarapynda özleriniň kirligeýimlerini ýaýradyp, çoganly gazanlaryny bugardyp, kirýuwup oturan aýallara gözi düşdi. Talyplar olardan bir azoýurganýan ýaly etdiler-de, suwuň boýuny syryp, ýokarlygynagitdiler. Ep-esli ýöräp, ara birnäçe öwrüm salanlaryndan soň,gür agaçlary perdelenip, ýabyň ýakasynda oturdylar. Butalyplaryň görmegeý ak ýüzlüsi ýolda gelýärkäler hem:— Bu aşyklyk adamyny däli etjek. Bu aşyklyk belasydünýäde iň agyr belalardan biri eken. Bu aşyklyk, bu aşyklyk...- diýip, dynman ýaňraýardy. Öz ýanyndan Mollanepes bolanbolup, goşgy goşup hiňlenýärdi:Ýakdy meni yşkyň ody,Perwana men, sen şemig,Köýdürdiň, zalym, bizi,Göýä ataş-nar tamyg.Ikinji talyp ýol boýy dymyp, ýoldaşynyň gürrüňine gulaksalyp gelýärdi. Diňe käwagt:— Be, şeýle diýsene? Onda sen çyn-hakykat aşyk bolupsyň- diýip, onuň häsini berýärdi. Onuň bolşy özüniň aşyky-diwana


olan ýoldaşyny ýaňsylaýan ýaly bolsa-da, ýoldaşy oňa ünsbermeýärdi. Belki, ol ýoldaşyny ýaňsylajak, oýnajagam bolýandäldir, belki, käbir adamlaryň bolşy ýaly, onuňam asly häsiýeti,bar gep tapyp bilşi şeýledir. Ýöne, näme-de bolsa, onuň bir zathakynda çuňňur pikir edip, gep agtarýanlygy mälimdi. Ýabyňýakasyna baryp oturanlaryndan soň ol:— Seniň çyn-hakykat aşyklygyňy ýaňky aýdan gazalyňamtassyklaýar. Asyl Mollanepesem şeýle gazal düzen däldir -diýip, ýoldaşyny hasam götergiläp goýberdi.Görmegeý ýaş ýigidiň bu sözlere has-da yşgy göterildi. Özýanyndan: “Aý, Mollanepesem bolup bilse, meniň ýaly adambolandyr, menden artyklygy ýokdur” diýip oýlandy. Ol ýeneözüniň şol bir bent goşgusyny aýdyp hiňlendi. Ol ýaş talybyňyşgy has beter joşup, kellesi dumanlady, birden:— Men şol gyzy hökman alaryn. Almasam, dünýäde dirigezmerin - diýip, ant içdi.— Sen ol gyzyň yşgynda ýanyp-bişip ýörsüň welin, seniňbolup ýörşüňem öňde bir diwananyň patyşanyň gyzy Melikehubanyň yşgynda ýanyp ýörşi ýaly bolaýmasyn? Nähili, olgyzyň seniň diwanalygyňdan habary barmy ýa-da sendaşyndan aşykmy - diýip, ikinji talyp ýüzüni bir gapdalasowup, çalaja ýylgyrdy. Ol özüniň ýylgyrmasyny ýoldaşyndangizleýän borly, sebäbi ýoldaşyna baka ýüzüni öwren badyna


onuň ýüzündäki ýylgyryş alamatyndan nam-nyşan galmady. Olşeýle ýeserlik bilen özüniň aşyk ýoldaşyny oýnaklaýardy.Emma ýaş talyp ondan düýbünden bihabardy.— Ýaňy-ýakyndan bäri onuň bolşy mendenem beter -diýip, ol ýoldaşyna gürrüň bermäge durdy. - Her gün şu suwuňboýuna gelnejesi bilen gelýär. Edil jeren ýaly bökjekleýär.Onda-da meniň çykýan wagtymy gabatlap çykýarlar. Ine, özgözüň bilen görersiň. Men onuň gelnejesi bilen arany hasýakynlaşdyrdym. - Onsoň ol kir ýuwup oturan aýallardankäýinip başlady. - Ýöne bu gün bularam köne-küşülleriniýaýradyp kir ýuwup otyrlar, şular garalda bererlermikä diýipgorkýan. - Ýene ol: - Mende ýene bir pikirem bar - diýipdymdy.— O nähili pikir? - diýip, ikinji talyp onuň agzynaaňkaryldy.— Ol gyzyň gelnejesi hiç-le, ony ele salmak aňsat. Ýöneilki bada şol gyzyň ejesini yryp bolsa, gyzy ele salmak hasaňsat bolardy. Men şeýtsemmikäm diýýärin. Emma welin... -diýip, ol ahyry hem gürrüňini aýaklaman goýdy.— Hä, onuň welisi näme? - diýip, ikinji talyp sowal berdihem oňa has içginräk oturdy.— Welisi, men şeýle başlamakçy bolsam, hut ahunlaryňözi bilen çaknyşmaly bolarmykam diýýän.


— Weý, onun ahunlara näme dahylly ýeri bar?— Ahunyň şol gyzyň öýleri bilen arasy barmy-ka öýdýän.— Şeýlemikä? - diýip, ikinji talyp geňirgenýän kişi boldy.— Hakykat şeýledir. Emma näme-de bolsa, bizem edenpikirimizi ýerine ýetirmelidiris.Ikinji talyp mys-mys güldi-de:— Bäh, seniň şu akyly tapaýşyňa men edil haýran galýan.Dogrudan hem gaty akyllylyk. Şony şeýle hem etmeli - diýip,ony galdyryp, meçew berip goýberdi. Ýöne soňra talybyňgürrüňine garaşman, dymdy-da, öz ýanyndan pikire batdy.Ikinji talybyň sep duýdurman, ukyplylyk bilen bu görmegeýýaş talyby oýnaklap ýörşünden, onuň ýüreginde bir gizlinsyrynyň barlygy mälimdi. Käbir bakyşda ol mekirlik bilen buýaş talybyň hemme syrlaryny aňlap, golçasyna gol salmakçybolýan ýaly görünýärdi.Bu iki talyp kän wagt bäri bir medresede bile okap gelýärdi.Biri-biri bilen hiç wagt sene-mene eden adam däldi. Şonuňüçinem bu iki arada nähili mekirligiň bolup biljegine düşünmekkyndy.Aslynda bu ikinji talybyň özi bir pukaranyň ogludy. Kakasyony: “Senem bir ölä-dirä ýarar ýaly bol” diýip, mekdebeberipdi. Ol çaga wagtyndan bäri mekdepde hor-homsy bolupokap, indi hem ýigrimi-ýigrimi bir ýaşap ýördi. Onuň şu


ýaşyna çenli medresede hiç bir adam bilen tersleşen ýeriýokdy. Emma şorta sözlüligi ähli medresä belli bolupdy. Şonuňüçinem talyplar oňa Täşli molla diýmegiň deregine Täşli şortadiýen lakamy goýupdylar.Aýdyşlary ýaly, Täşliniň şortalygyna söz diýer ýaly däldi.Şonuň ýaly onuň zehinliligi, ylmy derejesi, gylyk-häsiýeti hemhiç kimiňkiden peslär ýaly däldi. Emma şeýle-de bolsa, onuňbilen bile okan deň-duşlarynyň köpüsi ahundan pata alyp,kimsi bir medresä damylla bolup gidipdi, kimsi ýene birmedresede müderres bolup ýördi, kimisi düwünjiler mekdebinemolla bolupdy, kimisi bolsa bir oba ymam bolup ýerleşipdi.Täşli şortanyň bolsa şol şu medresede galyp barşydy.Ahunlar öz gereklän adamlaryny ýanlaryna çagyryp: “Pylanmedresä müderres gerekmiş, sen şoňa git, saňa şony tabşyrýas,ony sen oňararsyň” ýa-da “pylan medresä damylla gerekmiş,pylan oba ymam gerekmiş” diýip, olara pata beripugradýardylar. Talyplar her sapar öz aralarynda: “Indiki gezekTäşli şortanyňkydyr” diýşip gülşerdiler. Emma ýene-de Täşlişortaça ýok biriniň adyny tutardylar-da, onuň ady tutulmazdy.Onuň sebäbi hem hiç kime belli däldi. Şol sebäpli hem talyplaröz aralarynda pylan sebäpdendir diýşip, käte jedelem ederdiler.Her näme-de bölsa, Täşli şortanyň özi meni şeýle kemsidýärlerdiýip, göwnüne çigit ýaly-da zat getirmän gezýärdi.


Täşli şorta dymyp, iki gözüni akyp ýatan suwa dikip, edipoturan pikirinden açyldy-da:— Eýsem ahun olar bilen gatnaşýar diýsene? - diýip,gaýtalap sorady.Ýakdy meni yşkyň ody,Perwana men, sen şemig -diýip hiňlenip oturan ýaş talyp, hiňlenmesini goýdy-da: -Täşli şorta, sen meniň aýdanlaryma ynanaý - diýdi. - Men saňaýalan sözlemen. - Soň ýene sözüni dowam etdi. - Ýeke ahunlardäl, asyl damylla-da ýöne däldir. Sen bilýärmiň damyllanyňkim bilendigini?— Ýok.— Onuň kän barýan ýerini bilýäňmi?— Hawa, bilýän.— Şol öýde bir gelin görýärmidiň?Täşli şorta ämsiredi-de:— Mukyt bolmandyryn - diýdi.— Pä-heý, seniň yşkdan çigit ýaly hem habaryň ýok eken,Täşli şorta. Eger bir çigit ýaly yşkyň eseri kelläňde bolanbolsady, onda şol gelin seniň gözüňe ilerdi. Ol gelniň şeýle birowadan gözleri bar welin, seredeňde içiňden parran geçýär.Täşli şorta biperwaýsyrap gürledi:


— Men öňkini geň görüp otyrdym welin, sen-ä beterindenbeterini çykarýaň. Damylla-da şeýle eken-ä.Ýaş talyp birden:— Gelýärler! Gelýärler! - diýdi-de, Täşli şortanyňböwrüne symsyklap goýberdi.Şol wagt kir ýuwup oturan aýallaryň ýeňse ýanyndanbezenip görnüşe çykan ýaly, bezemen gelin bilen bir gyzgelýärdi. Ýaş gelin boýdan-başa ýüpege çolanypdyr. Onuňgyýma gara gaşlarynyň aşagynda şar gara gözleriýalpyldaýardy. Onuň ak ýüzünde towlam-towlam bolup duranzülplerini baharyň mylaýym şemaly nar ýaňaklarynyň üstüneýaýradýardy. Ol assa basyp, seýkin ýöräp gelýärdi. Onuň bilenegindeş gelýän on alty-on ýedi ýaşlaryndaky gyzyň egninegeýen ýuka hem nepis dokalan gyrmyzy ketenisi, her hiliöwsüp, dumly-duşa öz şöhlesini saçýardy. Bu gyzyň altynçekeligi, altyn ýeňseligi, tylla gupbasy ýalkym salyp, ýazgününiň ýiti şöhlesi bilen çaknyşýardy. Tegelek ak ýüzündegyrmyzy ýaňaklary gyzyl almany ýadyňa salýardy. Bularyňellerinde täret gylmak üçin ýörite ýasalan, daş-töwereginagyşly ak kündükleri bardy.Bular kir ýuwup oturan aýallaryň deňine ýetenlerin-de, biraz sagynyp:


— Armaweriň, henizem gutaraňzokmy? - diýip, gelin olarahabar gatdy. Emma habar gatsa-da, bularyň jogabynagaraşmaýan ýaly, geliň bilen gyz assyrynlyk bilen ýabyňkenaryny gözden geçirýärdi.— Öz-ä şol ýuwup oturyşymyz, janym. Indi basymgutarsak gerek - diýip, Sadap ýaramsaklyk bilen jogap bersede,onuň sözi ýele gitdi. Çünki gelin bilen gyz onuň gürrüňineünsem berenokdy, olaryň her haýsy öz küý-köçesindengopýardy. Gyz güne seretdi-de:— Gelneje, heniz öýle-de bolmandyr. Ýörsene ýabyňboýunda bir salym oturaly-la - diýdi.— Öýle azany ýaňrak aýdyldy - diýip, Sadap olaryňgürrüňine goşuldy. Gelin zülplerini çep eli bilen timarlady-da:— Ýok, bu ol öýläni diýýän däldir, heleý öýlesi henizbolanok diýýändir - diýip, jak-jak edip güldi. Gyz bilen gelintirkeşip, ýabyň boýy bilen ýokarlygyna syryp ugrady.Gülsoltan assa basyp barýan gelin bilen gyzyň yzyndanseretdi-de:— Aý gyz, ýaş başyndan bu gyzam namaz okaýarmy? -diýip, Sadaba ýüzlendi.— Hawa, Arslan baýyň bu gyzy ýaş başyndan bäri täretsizaýagyny ýere basýan däldir - diýip, Sadap jogap berdi.


— Älhepus, iliň maşgalasy şeýle bolaýýar - diýip,Gülsoltan geňirgendi.- Ine, ejem maňa namaz öwretjek boldy.Onda-da, çykarylyp, gaýdyp baran çuwalgyz wagtym. Ejemşunça jan çekse-de, men bir aýda ýeke etdehyýatysynam belläpbilmedim. Ahyry ejem: “Ak goýun, gara goýun, egil günäkärboýun” diý-de, egil-de galyber, şonda-da hudaý kabul etjekbolsa eder” diýdi. Menem şeýle etdim.— “Garynja gara günde, gurbaga saz-bilen söhbetde”diýipdirler. Hawa-da, etdehyýatyny öwrenjekmi sen ýa-dakişiniň tükeniksiz kirini ýuwjakmy, agyr halysyny dokajakmy,haýsysyna ýetişjek? - diýip, Sadap içini dökdi.— Şu aýdýanyň dogry - diýip, Gülsoltan hem onuň sözünitassyklady.— Soltanam maşgala terbiýe berip bilýän adam - Sadapgürrüňini dowam etdi. - Emma bu Zybagül hem uly mollanyňgyzydyr. Bu gyza namaz öwredenem, terbiýe berenem şol.Zybagül ýaňky geçip giden gelniň adydy. Ol bir ulymollanyň gyzydy. Arslan baý ol molla bilen guda bolup,Zybagüli öz inisi üçin alyp beripdi.Aslynda Zybagülüň kakasynyň kim boldugyny, onuňtaryhyny Sadabam, Gulsoltanam bilmeýärdi. ZybagülÖwezmyrat batyry hem onuň ýoldaşlaryny hile bilen tutduryp,Sibire iberden şol Hal mollanyň gyzydy.


Zybagül özüniň baldyzy bilen suwuň boýuny syrypbarýarka, birden bularyň gelmegini arzuw edip oturan talyplaragözi düşdi. Zybagül sagyndy-da, ýüz-müň näz-kereşme bilenolara garap, bir agajyň pürüni gysymlap owkalamaga durdy.Eli kündükli gyz hem onuň arkasyndan talyplara baka garap:— Gelneje, ol kim? - diýip sorady.— Haýsysyny diýýäň? - diýip, agajyň pürüni owkalapduran gelin assalyk bilen sorady.— Hol, hol gara gaşy.— Wah, gara gözi diýsene! - diýip, gelin gyzyň sözünidüzetdi.— Hawa-la, gözem gara, owadan oglan?Şol wagt bu ýaş gyz bütinleý ol oglana göwün berdi, olýigidiň gara gaşlary, gara gözleri muhabbet-söýgi hanjarybolup, gyzyň synasynda tagma goýdy. Edil bir üýşmek akgaryň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly, bu gyz pagyş-paraeredi. Bir demden soň gyz öz essine geldi. Ýeňňesi bilen olýigidiň ýanynda oturan ikinji talyba gözi düşende ol hyýaldansaklanmak ýadyna düşdi, tisgindi.— Gelneje, bular jadygöýmüdir? - diýip, assalyk bilensorady. Gelnejesi bolsa gyzyň aýdan sözi gulagyna-da ilmän,diňe ýaşajyk agajyň pürlerini gysymlap, ýaňyja pyntyk ýaranýapraklaryny mynçgalap duranyny özi hem aňlamaýardy.


Şol wagt Täşli şorta bir oturyşyny saklap, parahat otyrdy.Emma ýaş, görmegeý talyp bolsa elýaglygyny çykaryp suwabatyrdy hem bir jübüsinden arak sabyny çykaryp, suwa batyrypçykaran ýaglygyna çalmaga başlady. Ol şeýdip oturyşynaýaglygyny suwa näçe sapar batyryp, näçe sapar sabyn çalanynyhem ýadyndan çykardy. Ol eliniň ýetişibildiginden ýaglygasabyn çalýardy, gözi bölsa gyz bilen gelindedi. Ol şeýdip alabasgybolup otyrka, birden arak sabyn elinden sypdy-da, suwagaçdy. Ol sen-men ýok:— Alsana, alsana! - diýip, Täşli şorta baka elini serdi. Täşlişorta bu ýagdaýy görüp otyrdy, onuň näme haýyş edýänine-dedüşünýärdi. Ol:— Öň bütin bir arak sabyny bir elýaglyga çyrşap gutardyň.Indi eliň dek durmaýan bolsa, boş eliňi oýkan bol-da otur-da,kim gelip seniň eliňi barlaýar. Indi meniňem sabynymygutarjak bolýaňmy! - diýdi.— Aý walla, Täşli şorta, alsanaýt, bolmasa, karz beräý,men saňa bir sabyn bergili - diýip, ýaş talyp ýalbardy. Täşlişorta çit ýektaýynyň jübüsinden çykaryp, arak sabyn berdi.Ýigit bu sabyny hem alyp, el ýaglygyna çalmaga başlady.— Gardaş, görýäňmi, ol gelnejesi Zybagül handyr, o-daArslan baýyň gyzy Jumagül jandyr - diýip, ýigit öz başyna


samraýardy. - Meniň bularyň yşkyna düşüp, etmedik zadymgalmady.Täşli şorta şol wagt içginräk oturyp, bir zat aňmak üçinsorag bermekçi bolup synandy. Ýöne kellesine başga bir pikirgeldimi-nämemi, saklandy.— Şeýle diýsene, ozalam-a bularyň yşkyna düşüp, köpişler edipsiň-ow - diýip oňdy.— Hawa, edilmedik iş galan däldir - diýip, ýaş talyp gelinbilen gyzdan gözüni aýyrman oturyşyna gürledi. Täşli şorta:— Gyz-a görnükli eken welin, haýyp dodagy kütüräk eken.Ýuka dodak däl eken. Emma gelnejesi welin men bap adameken-dä - diýip hümürdedi. Emma onuň hümürdisi ýaş talybyňgulagyna-da ilmedi.Gyz özüniň soragyna jogap bolmansoň alňasap:— Gelneje, olar jadygöý dälmidir? - diýip, gaýtalapsorady.— Onuň ak ýüzi, onuň gara gaşy, onuň jan algyç garagözleri jadygöýdir, onuň görki-görmegi göýä bir jadygöý ýalydaşlary ereder, daglary ýandyrar - diýdi-de, gelin uludandemini aldy. Aşak oturdy-da, suwuň gyrasynda kündüginigoýdy. Elini ýuwmaga durdy. Emma gözi talyplardady. Şolwagt gyz hem kündügini ýerde goýup, üç-dört ädim beýläkýöräp, bir agaja ýaplandy-da, talyplara syn etmäge durdy.


Zybagül öz ýanyndan: “Men hiç wagt ýeke wagty muňa duşupbilmeýän. Ýeke wagty bir duşsamdym, özümiň derdipyrakymymuňa bir duýdursam arzuwdan çykaryn” diýipoýlandy.Jumagül agaja söýenip duran ýerinden birden elini bulamakisledi, töweregine garanjaklady. Ýene gelnejesine, ýaş talybyňýanynda oturan Täşli şorta gözidüşüp, ol niýetinden el çekdi. Onsoň gelnejesiniň ýanynabardy-da, aşak oturdy.— Gelneje, ol oglan kimdir? - diýip sorady.— Ol Seýitmyrat begiň ogly Begli molladyr. Onuňýanyndakyny men tanamok - diýip, gelnejesi jogap berdi.Jumagül Begli mollanyň adyny ejesi Soltan hanyň dilindendüşürmän ýörenini öňdenem bilýärdi. Şonuň üçin hem ol:— Begli molla şu oglanmy? - diýdi.— Hawa, şol.Şol wagt kir ýuwýan aýallaryň ýanyndan yzgytsyz seseşidildi:— Henizem gutaraňzokmy? Siz gybata kelläňizi gyzdyrypeglenensiňiz. Bolmasa, bu taýda ýuwup-ýuwmaz ýaly nämebar. Şu gün agşamlyk Jumagülüň kakasy Aşgabada ugrajak.Geýimler şonuň ugraryna gurap ýetişmeli. Siz bolsaňyz bu


ýerde gybat edip günüňizi geçirýärsiňiz. Heý şeýle-de bir zatbolarmy?Bu ses Arslan baýyň baýry aýaly Soltan hanyň sesidi. Soltanhan kyrk bäş ýaşlaryna ýeten, Jumagül ýaly göze görnen gyzlykeýwany bir aýalam bolsa, gelinsiräp, özüniň gelinlik döwrünigoldan bermejek bolup ýapyşyp ýatan aýaldy.Soltan hanyň sesi eşidilen badyna Zybagül bilen Jumagülhasyr-husur kündüklerini suwdan dolduryp, gelen ugurlarynayzlaryna gaýtdylar. Ýaş talyp Begli molla bolsa:— Gardaş, hemmesiniň halypasy geldi. Indi ony yrmalyýeri geldi. Sen bir az beýleräk git-de, bir agaja bukulyp,görünmän dur. Öňem onuň bilen meniň az-kem “hä-hawam”bar. Men ony bir synap göreýin - diýdi. Täşli şorta:— Bolýar - diýip, ýokarlygyna baka ýüzlendi hembagçylygyň arasynda ýitip gitdi. Begli molla bolsa ýerindenturdy-da, Soltan hana medreseden gelýän ýaly bolupgörünmegiň hyýalyna düşdi.Soltan han kir ýuwýan aýallara igenip, käýinip durka, eltisiZybagül bilen gyzy Jumagül kündüklerini dolduryp, olaryňduşundan geçip barýardy. Olara gözi düşen Soltan han:— Näme işläp, ters öwrülip ýörsüňiz? - diýip hemle urdy.


— Täret gylyp gelýäris - diýip, Zybagül ýüzüniň ugrunaonuň duşundan geçip gitdi. Soltan han gyzy bilen eltisiniňyzyndan seredip galdy.Şol wagt Begli molla medreseden häzir çykyp gelýän adambolan bolup, Soltan hany hem görmedik kişi bolup ýabyňboýuny syryp ugrady. Soltan hanyň oňa gözi düşüp,barmagyny dişläp oňa tarap seretdi. “Bir wagtlar meniň ýaşwagtymda, munuň ýaly oglanlar meni görmek arzuwynda tersöwrülerdiler. Bu meni görmedik bolup geçýär - diýip, ahmyrbilen öz ýanyndan pikir öwrüp başlady. - Indi men bularazar bolupdyryn. Arslan ýaşy ortadan agan Arslan, şular ýaly birýetginjek bolan bolsady. Bolan wagty näme hezil berdidiýsene. Üstüne-de birini aldy, onuň bilenem oňman, ýenebirini aldy. Indi Arslan bilen bir keýp çekmekçi bolsam-da,şunuň ýaly ýigitleri ýadyma sala-sala zordan bir keýp etmelibolup galypdyryn...”Soltan han bir salym ýaýdanjyrap durandan soň biygtyýarhalda Beglä tarap ýöredi. Bir azajyk ýöränden soň:— Begli! - diýip, ýuwaşja seslendi.Baglaryň arasy bilen öz ugruna gidip barýan kişi bolup,göwünli-göwünsiz gadam urup barýan Begli molla aýak çekdi.Soltan han hem oňa tarap ýöredi.


Täşli şorta agaçdan-agaja bukulyp, bulara duýdurman, edilalkymlaryna geldi-de, bir agaja ýüzüni berdi. Soltan han bilenBegliniň bolsa her haýsy suwuň bir ýüzünde durdy. Soltan hanBegli bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Begli molla bolsa oňadegişli jogabyny berdi. Ol soňra şeýle bir ýuwaşlyk bilengürledi welin, hatda olaryň, alkymynda duran Täşli şorta-danäme diýenini gowy eşidip bilmän, gulagyny ýapyrypdiňlemeli boldy.— Bu Begli mollany nätjekdikä? - diýip, Soltan hanyňBegliniň ýanyna baranyny gören Gülsoltan Sadaba sorag berdi.— Guda düwründir-dä, Begliniň gelnejesi Arslan baýyň iňkiçi aýal doganydyr-da. Elbetde, gürrüňi bardyr-da - diýip,Sadap onuň göwnüne zat getirmejek bolup sypaýyçylyk etdi.Agajyň arkasynda gizlenip duran Täşli şortanyň gulagynaSoltan hanyň aýdan sözleri eşidildi:— Begli, sen näme üçin gezmäge geleňök? Gelip dursaňbolmaýarmy?Agajyň çybygyny döwüp duran Begli molla:— Bu günler okuwymyz zor bolýar. Damylla hiç ýeregoýbermeýär - diýip jogap berdi.— Şu gün agşam gel.— Arslan agan özi öýde bormy?— Näme bizi Arslan agaň ýerine almajakmy?


— Ýok-la, alnar-la. Ýöne gürrüň onda däl-dä. Aý, ýönesoraýdym-la - diýip, Begli molla gümmi-sümmä urdy.— Ýöne soran bolsaň, onda şu gün agşam gel. Bolýarmy?Meniň şu gün agşam seni görmek işimem bar - diýip, Soltanhan gözlerini oýnatdy.— Bolýar, hökman bararyn.— Onda men şu gün agşam saňa garaşaryn - diýip, Soltanhan ýene kir ýuwup oturan aýallaryň ýanyna ýüzlendi. Olaryňýanyna bardy-da:— Şu gün agşam Jumagülüň kakasy Aşgabada ugraýar.Guran geýimler bolsa alyp gideýin - diýip, äriniňýolagçydygyny yzyndan seredip duran Begli mollaeşitdirmekçi boldy. Hiç zatdan habarsyz Sadap bolsa:— Ine, ine şular guran bolsa gerek - diýip, agaçlaryňüstünde serilgi geýimleri görkezdi. Soltan han gurangeýimlerden bir-iki sanysyny alyp:— Galanynam tiz ýuwup gutaryň, oýnap oturmaň - diýip,hemle urdy-da, bagçylygyň arasyndan görnüp duran beýikhowla tarap ýüzlendi.Begli molla ýabyň boýuny syryp, bir az ýokarrak gitdi-de:— Täşli! Täşli! - diýip, ýuwaşja seslendi. Ol Täşli şortaýokarrakdadyr öýdüp pikir edipdi. Emma Täşli şorta:— Hä! - diýip, edil alkymynyň aşagyndan ses berdi.


— Gördüňmi, gardaş, diýenim geldi - diýip, Begli mollabegenjini mälim etdi.Täşli şorta ony hasam götergiledi.— Ýok, sen etmelisini bilýärsiň. Hökman şeýle etmeli -diýdi.Bu ikisi tirkeşip, medresä baka ýüzlendiler.Özüniň işi bilen başagaý bolup oturan Sadap:— Üstüne heleý alnaly bäri Soltan hanyňam biryzgytsyzlygy çykypdyr welin, edil bir guýruksyz ite dönäýipdir- diýip, özbaşyna käýindi. Gülsoltan bolsa:— Arslan baý bagtly adam, bu ýaşdan soň bir pukaranyňtörde oturan uly gyzyny aldy - diýdi.— Aý, jan dogan, “açlyk näme iýdirmez, dokluk nämediýdirmez” diýenleridir-dä - diýip, Sadap ýangynly gürledi. -Şol pukaranyňam Arslan baý ýaly ýaşy ortadan agan adamagyzyny beresi gelýän däldir, açdyr-da, dagy nä alaç etsin. -Onsoň bir azajyk dymdy-da, sözüniň üstuni ýetirdi. - Soltanhan ol gyzam elinde bir gul hasabynda saklar-da. Näme oňaeýgilik görkezer öýdýärmiň?Şol wagt göýä tümüň içinden çykýan ýaly bolup, ikindiazanynyň güňleç sesi ýaňlandy. Sadap bilen Gülsoltan çoganlysuwa sokan ahyrky geýimlerini towlap, suwuny sarkdyrýardy.Namaza girenler çykyşyp, her haýsy öz ugruna gidýärdi. Birki-


ýarym sopular bolsa, metjidiň eýwanynda tesbisini sanamagaoturypdy.Begli mollada bir gala-goplugyň bardygy açyk duýulýardy.Ol ýene ýabyň kenaryna baryp, ýaňky Zybagül bilenJumagülüň duran ýerini görmek isledi. Täşli şorta hem onuňbilen bile gitdi.Begli molla ýabyň kenaryna baranda ýuwan kirlerini,legendir gazan-ukaçlaryny göterip gidip barýan Sadap bilenGülsoltany gördi.— Ýok bolman geçen şu iki heleý şu gün maňa bela boldy.Hanha ahyry ýok boldular. - Begli molla Zybagül bilenJumagülüň duran ýerini Täşli şorta barmagy bilen görkezdi. -Wah, ol ine şu ýerde durdy. Dal çykan çybyk bilen boýdaşbolup durdy. - Ol Täşli şortanyň ýüzüne garady. - Dost jan, indigözüň görensoň ynanansyň.— Ýok, ynanmaz ýaly bolmady. Men seniň keramatyňygördüm. Seniň bitirmejek işiň bolmaz - diýip, Täşli şorta ýeneonuň göwnüni göterdi.— Gel-gel, şu günki ýaly günde meniň yzymdan çakylykçygelýär. Çagyrjak bolsaňyz başga gün gapyşdymy? - diýip,Begli molla gaharly hüňürdedi.Täşli şorta şu gün Begli mollanyň yzyndan çakylykçygelendigini bilýärdi. Ýöne onuň näme habar bilen


çagyrylýandygyndan habarsyzdy. Şunça dostsyrasa-da, Beglimolla özüniň näme üçin çagyrylýandygyny Täşli şortadangizlin saklaýardy. Täşli öz ýanyndan “ýeri geldi” diýipoýlandy-da:— Eger seniň ýeriňe men bolsam, bir gapdalymdan şeýlenäzeninler göz güldürip, gaş kakyşyp durkalar, yzymdançakylykçy däl, öýüňizde kyýamat gopupdyr diýseleremgitmezdim. Gitme öýüňize, näme işiň bar? - diýip, gürrüňgozgady. Begli molla bir az sagyndy-da:— Barmasam bolmajak - diýdi. - Agalarym gelen bolmagaçemeli. Şolar çagyrdýamyka diýýän.Täşli şortanyňam bilmek isleýäni şoldy. Begli mollanyňagalarynyň ulusy kadetler korpusynda okaýardy. Ortanjysyhem Aşgabatda gimnaziýada okaýardy.Täşli şorta öz ýanyndan: “Munuň doganlarynyň ikisiniňbirden gelip çykmagy ýöne ýerden däldir, eger-de şularyň etjekgürrüňleriniň jemini bilsem, onda men Begliniň gizlin syrynyhem aňlap bilerdim”, diýip oýlandy-da:— Aý, gelenlerinde näme? Hemişeki agalaryňdyr-da,gyssagly näme gürrüňleri bolar öýdýäň? - diýip, äm-sämsiredi.— Bilmeýän welin, şu Öwezmyrat Sibiriň meniň üstümeýükleýän töhmeti dogrusynda bolaýmasa, näme-de bolsa barypgörmeli - diýip, Begli molla özüniň hökman gitjekdigini


aňlatdy. - Baryp, olaryň ýanynda köp oturman, Soltan hanyňýanyna ýetişerin - diýip, sözüniň üstüne goşdy.— Bolýar-da, gitseň gidersiň-de onda - diýip, Täşli şortabiperwaýsyrap gürledi.Bu ikisi ýene medresä dolandy.Öwezmyrat batyryň ýekeje ogly bilen Täşli dostdy, ikisiniňarasyndan gyl geçmeýärdi, iýenleri aýry gitmeýärdi.Öwezmyrat batyryň ogly ölemen awçydy. Ol hemişe diýenýaly gününi awyň yzynda geçirerdi. Täşli şorta-da onuň bilenaw sebäpli tanşypdy. Emma oglunyň söwer dostunyň mollaboldugyndan Öwezmyrat batyryň habary ýokdy. Ol Täşlimollany gowy tanamaýardy.Öwezmyrat batyryň ogly awa gidende, Täşli şortanyň onuňyzyndan galýan wagty ýokdy. Öwezmyrat batyryň ogly hemTäşli şortasyz awa gitmeýärdi. Günlerde bir gün ol ýigittüpeňini göterip, Täşli şortanyň hüjresine geldi. Ol wagtlarTäşli şorta Begli molla bilen bir hüjrede ýaşaýardy. Bular awagitmegiň maslahatyny etdiler. Şonda Begli molla:— Täşli, sen bazara git-de, tüwüdir ýagyňy alyp gel,taýýarlyk gör. Biz bolsak gidip guş urup, aw edip geleli - diýipbir maslahat tapdy.— Ýok, men batyryň ogluny ýeke awa iberen däldirin,men galman. - diýip, Täşli şorta çürt-kesik aýtdy.


— Ýok, sen gal - diýip, Begli molla hem öz eňegine tutdy.- Tüwi bişirer ýaly, zatlaryňy taýýarla. Şu gün bir palawiýesimiz gelýär. Biz hökman bir aw urup geleris.Begli molla bir eňegine tutup oturansoň, Öwezmyratbatyryň ogly hem:— Bolýar-da, Täşli, onda sen bu gezek gal-da, tüwiýagyňytaýýarlaber - diýdi.Täşli şorta ahyry nalaç galyp, tüwi-ýag taýýarlamaly boldy.Begli bilen Öwezmyrat batyryň ogly bolsa, tüpeňlerini alypawa gitdi. Şol sapar hem: “Öz tüpeňi özüne degdi” diýip, Beglimolla Täşli şortanyň söwer dostunyň meýdini gana bulaşdyrypgetiripdi.Öwezmyrat batyr oglunyň şu hili ölümine müňkür bolupdy.Ýöne Täşli şortanyň müňkürligi Öwezmyrat batyryňkydanamýüz esse beterdi. Şondan soň Begli molladan öçli bolupgalypdy. Öz ýanyndan: “Men öz doganymdan artyk görýändostumy şunuň öldürendiginiň-öldürmändiginiň iru-giçanygyna ýetmesem bolmaz, ýetdigimem hökman şunuň etinidograp, özüne iýdirerin” diýip äht edipdi. Şondan bäri hemTäşli şorta bu syryň anygyna ýetjek bolup ýördi. Begli bilenözüni dost hasap eden bolup syr saklap gezýärdi.


Hüjrä baranlaryndan soň, Begli molla derrew geýimleriniçalşyrdy-da, öýlerine baka ugrady. Täşli şorta ony ugradyp,medresäniň daşyna çykdy.— Sen ýöne gürrüňe kelläňi gyzdyryp, ol çagyryp gidennäzeninleri unudaýmagyn - diýip, Täşli molla sargady.— Täşli jan, olaryň ugrunda etmedik işim ýokdur. Menolary ölsemem ýadymdan çykarman - diýip, Begli mollagyssagarada agzyndan gaçyran sözüni özi-de aňman, ýüzüniňugruna gitdi.Bahar günleriniň mylaýymja şemaly öwüsýärdi. Gülleriňysy dumly-duşdan kokup durdy.— Seniň etmedik işiň ýokdur... Anygyna ýetip bir göreli,soňy näme bolarka? - diýip, Täşli şorta baglygyň arasyndan kägörnüp, kä ýitip barýan Begli mollanyň yzyndan seredipdurşuna özbaşyna hümürdedi. Soňra uludan demini aldy-da,agyr pikire çümdi. “Arslan baýyň gyzynyň görk-görmegi, aýýaly ýüzi bir duzak. Onuň alma ýaňaklaryndaky goşa-goşahallary bolsa duzagyň üstünde goýlan däne, bu duzak ýigitleriawlaýar... Näme üçin adamzat biri-birine hiledir duzak gurmak,hyýanat etmek üçin ýaradyldyka? Näme üçin?.. Ýalňyz özowadanlygyňy demine dartyjy mar etjek bolup, özüňden gaýryowadan, asylzada ýigitleri gapyllykda öldürip ýörmelimikä?Nähak gan dökmelimikä? Namart... - Onuň gözüniň öňi


garaňkyrap, başy aýlanan ýaly boldy. Gapdalyndaky pesräkhaýata ýaplandy. - Hä, bu zatlaryň bir anygyna ýetipbolsady...”Täşli şorta Öwezmyrat batyryň oglunyň ölümine hemArslan baýyň gyzy sebäp bolandyr diýip güman edýärdi.Sebäbi Täşli şorta Öwezmyrat batyryň ogly bilen tirkeşýändöwründe Arslan baýyň gyzyna bu ýigidiň geçýän güzerindetelim gezek gabat gelipdi. Öz ýanyndan: “Arslan baýyň gyzybu ýigidiň töwereginde perwana bolup pyrlanýar-ow” diýip çakedipdi. Sebäbi Öwezmyrat batyryň ogly gözeilginç görmegeý,syratly ýigitdi. Onuň gara gaşlary, ýanyp duran gara gözleribardy. Munuň üstesine-de ýekeje perzentleri bolany üçinMamagül diş-dyrnak bolup, iliň işini edip gazanan bar zadynyoňa siňdirerdi. Ol elmydama gyzylçog bolup gezerdi.Täşli şorta dostuny ýatlap, onuň keşbini göz öňüne getiripesli wagtlap durandan soň, içini hümledip, ýaplanyp duranhowlusyndan aýryldy. Töweregine ser saldy. Näme üçindir,hoştap ys bilen burk urup duran güllere ýüzlendi:— Eý, näzijek ýapraklar, gyrmyzy güller, näz etmäň, birgapdalyňyzda hazanam bardyr. Aşyky şeýda bolan güldürbilbiliň yşky muhabbetin bozanam bardyr.Ol hüjresine baka ýöneldi.


Dünýäde yşk döretmeýän hiç zat ýok. Adamzat öz erkli, özpeýwagtyna bolanda her bir hünäri yşk edip öwrenýär, her birkäri, her bir işi yşk edip edýär, baryny-da özümiň ýamanlygymüçin edemok, bagtlylygym üçin edýän diýip düşünýär. Emmaşeýle bir yşkyň duzagyna bent bolup, betbagtçylygauçraýanlarda bolýar.Her bir yşky duýgy adamzadyň ýüreginde täze oýananmahalynda tolkunly, datly bolup, ýürek joşdurýar, ylaýta-da bugyzykly joşgun ýaşlyk döwründe güýçli bolýar.Arslan baýyň on bäş-on alty ýaşyna ýeten gyzy Jumagülüňýüreginde-de edil şu günler yşky duýgynyň gaýnap joşýan birdöwrüdi. Emma munuň ýüregindäki joşgun dagdan inýän,durnanyň gözi ýaly dury çeşme suwuna meňzemän, bulanykdy,misli gum depelerinden syrygyp, takyrda tolkunyp, niräakjagyny bilmän, uýgun atan läbik kak suwuna meňzeýärdi.Jumagül heniz özüni tanamaýan çaga wagtyndaMuhammetmyrat ahunyň inisi bilen adagly edildi. Bu gyzheniz on-on bir ýaşyna ýetmänkä, töwerekden: “pylany seniňadaglyň, pylany seniň äriň” diýlip, eýýäm gulagy kamatagetirilipdi.Jumagül on iki-on üç ýaşyna baranda, “seniň äriň diýýänlerinähili adamka?” diýip, bir gezek görüp synlamak arzuwynadüşdi. Ol bir gün ýeňňeleri bilen bir ýerden gelýärdi. Şonda


ýeňňeleriniň biri: “Han-ha, seniň adaglyň, biziň körekenimiz»diýip, ep-esli aralykdan bir adamyny görkezdi. Utanç-haýa olgezek Jumagüle öz adaglysyny ine-gana synlamaga ýolbermedi. Ol göz asty bilen çala garanda-da, aralary daş bolanyüçin gowy saýgaryp bilmedi.Soň bir gezek Jumagül deň-duş gyzlarynyň biri bilen bagyňiçinden barýardy. Birden ýoldaşy alysdan dogry özlerine bakagelýen bir adamyny görkezip:— Waý, gyz, hanha seniň adaglyň bize baka dogry gelýär -diýip seslendi. Ikisi hem ýoluň bir tarapyna böküp, tutlaryňarasyna girip, gürüm-jürüm boldy.Bolsa-da, Jumagül üçin adaglysyny mazaly synlamak üçinçemeli ýer gabat geldi. Ol güri gara ýaprak tutlary pena edinip,aňyrdan dünýäden bihabar gelýän adaglysynyň ýazzymaňlaýyndan synlamaga durdy. Onuň gözüniň öňünde şeýlebir surat peýda boldy.Ilkibada ýüzüne seredeniňde, onuň ýaş sypaty bar ýalydy.Ýöne mekgejöwen gulpagyna meňzäp duran, çykyşyna özerkine goýberilip, bitertip ösen sakgalyna seredeniňde welin,onuň ýaşynyň bir çene barandygy mälimdi. Çep gözüniň agyköpräkdi, çaşydy. Bir erni çalarak gyşykdy, ýöne gaty siňeseredäýmeseň bildiribem duranokdy. Emma häzir Jumagülüňgözüne welin ol iki esse beter bolup, erni bir tarapa gyşaryp


ýatan ýaly bolup göründi. Onuň şilliň uzynlygy hem busypatyny has “gelşigine” getirýärdi.Bu yşarat surat hiç zatdan habarsyz geçip gitdi. Jumagülüňýüregi çöp döwlen ýaly döwüldi. Joşgunly yşkdan nam-nyşangalmady. Bary dagady, huşy başyndan uçdy, gözi garaňkyrady.Özüni lampa aşak goýberip, maňlaýyny iki eli bilen tutdy.Jumagül esli salymdan soň aňyna aýlandy. Soň ol ýoldaşybilen ýoluny dowam etdi. Jumagül ýol boýy içini gepledipbarýardy. Ýoldaşy munuň göwnüniň erbet bozulanyny aňlady.Ol dymşyp barmaga çydamadyk borly, Jumagülüň ýüregindengopaýjak sözlerdir-dä diýip gürläp başlady:— “Itiň boýnuna göwher daksaň, item aglar, göwherem”diýipdirler. Haýp, onuň egnindäki ýüpek geýimler. Ol ýüpekgeýimler aglaşyp gitdi...Emma Jumagül ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Şolsem bolup barşyna öýlerine ýetdi. Uzynly gününi dymypgeçirdi. Ýöne ol gaty näziklendi. Ol öňem lälikdi, näz işibitgindi. Emma indi onuň birdenkä häsiýeti üýtgäp, şeýle birnäziklendi, hatda ejesi Soltan han ýa-da ýeňňelerinden biridegşip, çalarak lak ataýsa-da, ol aglaýardy, içi içine sygman,ýarylaýjak bolýardy. Degmeseler hem gününi içini gepledip,dymyp geçirýärdi ýa-da ýatyp geçirýärdi. Gün-günden saralyp,igläp barýany mese-mälimdi.


Günlerde bir gün ýeňňesi Zybagül bilen öýde iki çäkotyrkalar:— Saňa näme bolýar, gyz? Seni bir hudaý-a urupdyr.Näme bolýar? - diýip, Zybagül çynlakaýlyk bilen sorady.Jumagül jogap bermegiň deregine zörledip aglamagabaşlady. Zybagül ýalbaryp-ýakaryp, ony zordan goýdurdy.Ýöne Zybagül ondan el çekip oturybermedi, höre-köşe edip,soragyny dowam etdi. Ahyry goýmansoň, Jumagül:— Gelneje, derdim başymdan agdyk - diýip, göz ýaşynydöke-döke, ýüregindäki barja syryny gürrüň berdi. Iň soňundabolsa: - Indi nätsemkäm, kime dada gitsemkäm? - diýipzarlady.— Şonuň üçinem aglar oturarlarmy? - diýip, gelnejesiarkaýyn gürledi.— Wah, gelneje jan, başga näme edeýin? Aglamakdanbaşga näme bitirjek işim bar?— Munuň aýdýanyna sered-ä. Wah, sary gyz, çaga bolýaň- diýdi-de, Zybagül assalyk bilen sözüni dowam etdi. -Dünýäde owadan ýigit gytmy, haýsyny ýüregiň söýse, saýla-datut. Şonuň bilen gidiber.Jumagül hem şol günden üýtgäp başlady. Nirä çyksa, onuňgözleri özüne mynasyp söýgüli ýar agtarýardy. Her bir ýigidigörende öz içinden: “bu däl” ýa-da “ine, şu ýigit maňa


mynasyp eken” diýip, ýigitleriň daş görnüşinden bahasynyberýärdi. Şol arzanu-gymmat baha goýup ýören wagtlaryndahem Öwezmyrat batyryň ogly Jumagülüň iň ýokary gymmatgoýan ýigitleriniň biri bolupdy. Emma ol ýigit ýüzüni galdyrypadam ýüzüne seredýän ýigit däldi.Jumagülüň ýüreginde bulanyk yşkyň duýgusy şeýle bir joşurdy, tas gyzy däliredip, düze düşüripdi. Onuň töweregindegörelde, küşgeleňçisi hem ýeterlik bardy. Zybagül ony ýolasalypdy.Şol günlerde Begli mollanyň dabarasy hem Jumagülüňgulagyna ýetip başlapdy. Her gün diýen ýaly Begli mollanygörmek arzuwy bilen gelnejesi Zybagül ikisi suwuň boýunaçykýardy. Ol bu gün Begli mollany ilki gezek görüpdi. Beglimollanyň didaryna hyrydar göz bilen nazar salyp,“mynasybym” diýip baha beripdi.Jumagül gelnejesi bilen öýlerine geldi. Emma Beglimollanyň ýaglygyna sabyn çalşy, onuň gara gözleri Jumagülüňgözüniň öňünden gitmedi.Bir wagtdan soň Soltan hanam dolanyp geldi. Ol Arslanbaýy eýýäm gitjek ýoluna ugradypdy. Soltan han öýe gelendensoň aýratyn bir hysyrdy-işe başlady. Oýleriň içini bejerişdirdi,ony-muny düzedişdirdi, täze düşekler ýazyşdyrdy. Hemişeki


ýaly işi başga adamlara buýurman, bu sapar hemme işi öz elibilen elin edişdirdi. Diňe günüsine nahar häzirlemegi buýurdy.Jumagül ejesiniň bu hereketlerinden bir zat aňan ýaly boldy.Ol dürli bahanalar bilen iç girip, daş çykmasyny köpeltdi. Ol özýanyndan: “Begli geler, men oňa çolarakda duşsam, belki, olmaňa lak atar, bolmasa, meniň özüm lak ataryn” diýen pikirbilen, howlyň daş agzy bilen öý iki arada gatnaw ýasady.Emma garaňky düşdi, geler ýerde Begli gelmedi.ÝAPYK SYRAgzy ilerik baka garadylyp tutulan ýaşyl derwezeli beýikhowlynyň gapysy gum-guklukdy, iňlär siňek bara meňzänokdy.Ikindi gidip, ýaňy agşam namazynyň wagty bolan uçurlaryndaorta boýly, gyzyl kürteli ýaş gelin assa basyp derwezedençykdy. Onuň gara gözleri bag çebşiň gözleri ýaly balkyldapdurdy. Ol daş-töweregi assyrynlyk bilen gözden geçirdi.Bu owadan näzenin bir oturyp, bir turup, töweregi birmeýdan kemsiz synlandan soň, merdemsi-batly basyp, ýenehowla girip gitdi. Bir salymdan soň ol näzenin ýene daşaryçykdy. Ýene öňküsi ýaly töweregi gözden geçirdi. Ýene howlagirip gitdi.


Bu gözel iç girip, daş çykyp, kän zowzuldady. Ol iň soňkygezek çykanda, heniz şapak ýaşmandy, günbatar gyzyl ot ýalybolup durýardy.Gelin gündogar tarapdaky güri tutluga tarap gözlerini dikdi.Güri tutlaryň näzik ýapraklarynyň arasyndan agtarýan zadynysaýgaranda, gelin bütin bedeni bilen söýünip, ygtyýarsyz ýüzgözlerinihereketlendirdi. Şol tarapa ýöredi. Golaý barandansoň ýigidiň ýüzüni saýgardy. Agşamyň şapagyna ýigidiň ýüzilowurdap görünýärdi.Ol gelin ýigide golaýlaşandan soň, töweregi ýene bir gezekpugta gözden geçirdi, ol assa ýöräp barşyna göýä bir tor guşýaly töweregine garanjaklaýardy. Bir gözüni hem derwezedenaýyrmaýardy. Şeýle assyrynlyk bilen, şeýle seresaplylyk bilenbarşyna ýaňky gelin ýigit bilen ara bir haýat salyp, düze oturanboldy.Bu howly Begli mollalaryň howlusydy. Öňünden bu baradabelleşilen ýaly, Begli mollanyň howla girmegi bilen, bunäzenin gozgalaň tapyp, zowzuldamaga başlapdy.Häzir tutlugyň içindäki ýigit bilen ara haýat salyp gürleşipoturan bu ýaş gelin Begli mollanyň agasynyň, Seýitmyrat begiňortanjy ogly Durdynyň gelnidi. Ol gelin Muhammetmyratahunyň iň kiçi uýasy Sülgündi. Bu tutlugyň arasyndan ýüzünigörkezip duran ýigidem Täşli şortady.


Täşli şorta Begli molla bilen tirkeşip, Seýitmyrat beglereköp gelerdi. Şonda onuň gelnejesi Sülgün bilen içgin gürleşýänwagtlary bardy. Olaryň wadasy hem Begliniň gelip, howlagirmegi eken. Her wagt, gündiz bolsun, gije bolsun, tapawudyýok, eger Täşli şorta Begli molla bilen tirkeşip öýe girmese,onda gelin hökman töweregindäkileriň gözüne çöp atyp, şolgara ýaprakly tutlaryň arasyny barlamaly eken. Şol ýerde hemol özüniň bilýän zatlaryny habar bermeli eken. Bu sapar hemSülgün özüniň täze eşiden zatlaryny habar bermäge gelipdi.Sülgün oturan ýerinde töweregine garandy. Täşli şortahaýatyň aňry ýüzünde duran ýerinden:— Sulgün, meniň tabşyran ýumşumdan heý bir zat aňypbildiňmi? - diýip sorady.— Ýok, Täşli, aňlan zadym bolmady. Şunça biljek boldum,ýöne hiç bolmady.— Eltiňem bilýän zady ýokmy?— Wah, eltim-ä beýlede dursun, enesiniňem bilýän zadyýok. Ýöne şu gün iki agasam geldi. Kakalaram öýde.Dördüsiniň arasynda bir gürrüň bar bolaýmasa.— Ondan eşidip bilen zadyň bolmazmy?— Olar ýanlaryna bizi eltmezler. Ýöne biljek bolaýynwelin, Täşli, zat çykar öýdemok.— Olar haýsy tama ýygnanarlar.


— Hol çetki tama.— Bolýar, meniň oturan ýerimi salgy ber-de, Gurbany iber.Täşli şortanyň Gurban diýýäni Seýitmyrat begleriňgapysynda kän wagtlardan bäri işläp ýören hyzmatkäridi. OlSeýitmyrat begleriň maşgalasynyň ähli syrlaryny bilýärdi.Seýitmyrat begiň iki uly oglunyň biri kadetler korpusynda,biri gimnaziýada okap, öýlerine aýda-ýylda bir gezekgelýärdiler. Onda-da bir aý bolup, ýene gidýärdiler.Sülgün Täşliniň tabşyrygyny eşitdi-de, ýerinden turdy.— Bolýar, men ony baryp ugradaryn - diýip, howla bakagitdi.Bir az salymdan soň, Gurban köne donunyň juluny tasadyp,eli tanaply howludan çykdy. Geldi-de, haýatdan böküp geçdi.Böken ýerinde hem Täşli şortabilen tapyşdy.— Gurban, keýpiň niçik? - diýip, Täşli şorta sorady.— Gaty gowy, mollam, menlik näme ýumşuň bar? - diýip,Gurban buýrulan ýumşy bitirmäge taýýardygyny duýdurdy.— Gurban, sen şu gün iti howlynyň agzynda daňmagyýadyňdan çykaran bol. - Täşli şorta ýuwaşja pyşyrdap, oňadüşündirmäge durdy. - Goý, ol gündizki daňylgy ýerindegalsyn. Merdiwanam getir-de, iň çetki tamyň arka ýüzündesöýe, düşündiňmi?


— Düşündim, mollam, men muny oňararyn welin, seniň şutamyň üstünde näme işlejegiňi bilemok.Täşli şorta gönüläp jogap berdi:— Aý, Gurban, ikimiziň derdimiz şol bir dertdir-dä.Jandan artyk dostumyzyň gany gidip barýar. Meniň Begli bilentirkeşip ýörmegimem şonuň üçin. Ine şu gün şol tamda şusyryň üsti açyljaga meňzeýär.— Indi bary düşnükli, mollam, aýdyşyň ýaly ederin -diýip, Gurban haýatdan böküp, howla girip gitdi.Täşli hiç ýere gitmän, töweregi mazaly garaňky basýança,şapak gyzyly mazaly öçýänçä garaşdy. Soňra pişik basyşynyedip, Seýitmyrat begleriň howlusyna girdi, çetki tamyň arkaýüzüne aýlandy.Tamyň daşyndaky diwar adam boýundanam belent bolanyüçin penalanara zat bardy. Täşli şorta emaý bilen merdiwanadyrmaşyp başdady. Ol ilki bilen baryp, ot ýakaryň turbasyndandiňläp eşitmekçi boldy. Ýöne bolmady. Tamyň içindegürleşýän adamlaryň sesi ýöne gury wagyrdy bolup durdy. Hiçzat aňşyrar ýaly däldi. Soň ol eýläk-beýläk aýlandy. Onuňseresapsyzlygyndan birden ýatan bir bişen kerpiç aýagynadegip, uly dükürdi turuzdy. Içerde oturanlar allaniçiksiboldular. Seýitmyrat begiň uly ogly sapançasyny ýalaňaçlap


eline aldy. Dördüsi hem itnişip eýwana çykdylar. Daşary çykanbatlaryna Seýitmyrat beg:— Tamyň üstündäki kim? - diýip gygyrdy. OnýançaGurban bir ýerden peýda bolup:— Seýitmyrat aga, ol men. Ýaňy mei ýabagymy tamyňüstüne okladym. Beýle bolaram öýtmedim - diýdi.— Pä-heý, işini tükeden. Heý, beýle-de bir iş ederlermi?Tamyň üstünde ýabagyň nä köri barmyş - diýip, näme-de bolsaindi jany ara giren Seýitmyrat beg käýindi. Ogly bolsa:— Pä-heý, muňa seret-le - diýip, sapançasyny gabynasaldy.Seýitmyrat begiň sesi çykan badyna işiň nämededigini aňlanSülgün öýde oturan ýerinden bükgüldäp başlady. EmmaGurbanyň sesini eşidip, arkaýynlaşdy. Gurban bolsa:— Men beýle boljagyny bilmedim-dä - diýip özüni aklady.Täşli şorta bu gürrüňleriň baryny eşidip ýatyrdy. OlSeýitmyrat beg dagy daşaryk çykan batlaryna düşüpgaçaýmaga-da hyýal etdi. Emma onýança Gurbanyň sesinieşidäýdi.Täşli şorta ahyry bir wagt pejiň turbasy çykarylan başga birdeşik tapdy. Şondan yşyklap, öýüň içini gözden geçirdi.Öýüň içi kemsiz bezelipdir. Ortada-da bir stol dur, onuňtöwerek-daşy oturgyçdan doly. Seýitmyrat begiň uly ogly dar


geýimde, başy ýalaňaç otyr. Onuň egninde ýalpyldap duranzerli çini bardy. Ortarada ýanyp duran çyranyň ýalkymydüşende, onuň çini has hem beter lowurdaýardy. Seýitmyratbegiň ortanjy ogly hem dar geýimdedi. Onuňam egnindepogony bardy welin, ol ýalpyldamaýardy, asyl reňki-debaşgady. Begli molla bolsa uly agasynyň garşysynda otyrdy.Seýitmyrat begiň özi bir çeträkde otyrdy. Jaýyň içinde atasybilen ogullaryndan başga hiç kim ýokdy. Bular meýlisiniň ilkibaşyny palaw iýmek bilen başladylar.Nahar başynda Begli mollanyň agalary çakyr içmekçibolanlarynda oňa-da hödürlediler. Emma Begli molla özüniňiçgiden habarlydygyny aňlatman, syryny bek saklap:— Arak, şerap içmek bize ýaraşmaz, ahunlar ýa-da damyllabiläýse gowy bolmaz - diýdi.— Bize-de içgi gadagan. Näme bu ýerde içeniňi kimbilýär? - diýip, kiçi agasy oňa töwella etdi. Diňe Seýitmyratbeg:— Begli ikimize azar bermäň, hanha sizi şol ýola çykardyk,ha içiň, ha içmäň, öz işiňiz - diýenden soň, olar hödür etmesinigoýdular. Nahardan soň:— Biz seniň Öwezmyrat batyr bilen şol galmagalyňyeşidip, okuwymyzy taşlap gaýtdyk - diýip, uly agasy Beglimolla baka ýüzlenip söze başlady.


Seýitmyrat begiň uly ogluna Alladurdy diýerdiler. Ol ýakynwaglarda kadetler korpusyny gutaryp, ofiser bolup çykmalydy.Ol özüne biçak göwni ýetýän adamdy. “Elbetde, mende bolanakyl köp adamda ýok. Özgelerde meniň zehinim ýaly zehinemýok. Aslynda meniň özüm ýönekeý bir ata-enäniň oglam dälahyry. Şonuň üçinem kadetler korpusyna girmek maňa nesipetdi. Dünýäň adamlaryny bir süri akmak, oýnatgy, goýun ýalytoplap, halan ugruňa sürüp ýörmeli. Onsoň meniň agzymdançykan her bir söz olaryň arasynda bisarpa tutulmaly däldir,tylla-gyzylyň gyryndysy ýaly bolmalydyr. Adamlar meni agasaýyp, öňümde lepbeý diýip durmalydyr” diýip, ol özýanyndan pikir edýärdi. “Onuň üçinem az geplemeli, uzgeplemeli” diýip, ol öz ýanyndan şert edipdi hem bu şertiniberk tutmaga jan edýärdi. Emma käbir oturylyşyklarda gürrüňekellesi gyzyp, öz şertini bozanyny özüniň duýman galýanýerleri hem bolman duranokdy.Alladurdynyň daş-töwerege, il-ulusa garaýşy şeýledi. Iliňözüne nähili garaýandygy, nähili garajakdygy barada bolsa olçigit ýaly-da pikir etmeýärdi. Il üçin Alladurdynyň haýsymekdepde okaýanynyň parhy ýokdy. Il bir zady bilýärdi.“Seýitmyrat begiň ogly kadetler korpusyny gutaryp, bir gün ulybaýar bolup geler, egnine çin dakynar, atasyndan beter bolup,dünýä ot ýakdyrmaz. Näme üçin diýseň-okuwda olara ilaty


talamagy öwredýärler ahyry” diýip gürrüň edýärdiler. Nähilidebolsa ahyry özüniň talanjakdygyna ilatyň gözi ýetikdi. IlatAlladurdynyň aýdyşy ýaly akmak däldi.Alladurdy bu gün agşam öz maşgalasynyň arasynda hem azgeplemek hakda özüne beren pendini unutmaýardy. Ol inisineýüzlenip:— Sen meniň nähili ýerde okap ýörenimi gowy bilýärsiň.Ol ýerik her bir adamyň ogly baryp bilmeýär, bilýärmiň. Meniňözümem ýöne bir adam däldirin. Dykma serdaryň ogly Orazserdaram menden maslahatsyz bir iş edip bilýän däldir. Asylýanarallaram käwagt menden maslahat soraýarlar, maňa gulakasýarlar - diýdi-de, öz gürrüňine özi ynanmaýan ýaly bolupdymdy. Töwereginde onuň agzyna aňkaryp oturanlar hem şoloturyşlaryna lam-jim bolup oturdylar. Içerde tukat ümsümlikhöküm sürdi. Bir salym dymandan soň, Alladurdy birden:— Öwezmyrat batyryň ogluny sen tüpeňlediňmi? - diýip,kiçi inisiniň dogry görejine gözlerini dikdi.Täşli şorta bütin durky bilen gulaga aýlandy. Demini tutup,gürrüňiň soňuna garaşdy.Seýitmyrat beg oglundan öňürti bir zat diýmekçi bolýanýaly, oturan ýerinden bir az ilerräk gobsundy. Atasynyň buhereketi Begli üçin aýratyn bir duýduryş ýaly bolup göründi.Ol oturyşyny bir azajyk düzetdi-de:


— Ýok - diýip, başyny ýaýkady. - Onuň öz tüpeňi atylyp,özüne degdi. Heý menem oňa ýarag çekerinmi? Meniň onuňbilen duşmançylygym näme?Şundan soň Seýitmyrat serdar öňe omzap gürrüňe başlady:— Gördüňmi? Begliniň onuň ýaly iş etmejegine menynanýan diýmedimmi? Ýöne ol günler Öwezmyrat batyryň özidelirep düze düşäýdi. Onuň jynam bize düşdi.Alladurdy kakasynyň gürrüňine üns bermeýän ýaly etdi-de:— Bu wagt öz aramyz, sen bir iş eden bolsaň aýdaý,“ýagydan ýaý boýy” diýipdirler, biz seni öz ýanymyz bilenalyp gideli - diýip, ýene inisine ýüzlendi.— Hawa, öz aramyz. Bir iş eden bolsaň, aýtmak gerek.Onda biz ondaky çäräni görjek - diýip, kiçi agasy Durdy hemgürrüňe goşuldy.— Ýok, men hiç beýle iş edemok - diýip, Begli ýene şol birdiýenine tutdy.— Men Öwezmyrat batyr ýaly adamlary oýy-oýmagy bilengyraýsamam günäm geçiler - diýip, Alladurdy ýene gürläpbaşlady. - Ol öňem bir sapar Sibire gidip gelendir welin, menony dolanyp gelmez ýaly etdirip bilerin. Sen hiç zatdançekinme. Bitiň burnuny ganadyp bilen adam bolmaz.Oglunyň bu sözleri Seýitmyrat bege ýaraman durmadykborly, ol tamakinlik bilen:


— Aý, şol Öwezmyrat batyr-a, goluňdan gelse, ýitirimedäýmek gerek. Ol düzüw gezjek adam däl - diýdi.Alladurdy bir salym dymyp oturandan soň:— Ýöne öz garyndaşyň bolaýýar. Onuň özümizden başgagan düşerem ýok - diýip, özüniň başarmajak, golundangelmejek gürrüňi myçyp goýberendigine puşman edip, deliltapmakçy boldy.Emma Seýitmyrat beg oglunyň myçyp goýberen sözlerineynanan borly:— Oglum, şonuň garyndaşlygam gursun, gan düşerligemgursun. Şol üstümize gelşini gören bolsaň, sen ony şol wagtöldürerdiň. Onuň ýoguna ýandyrmak gerek - diýip, ýenegaýtalady. Emma hiç kimden seda çykmady.— Weýenni bolmadyk adam hiç bir taktikany bilmeýär.Aslynda şu Öwezmyrat ýaly akmak adamlardan gorkmalydyr -diýip, Alladurdy esli wagtlap dymypoturandan soň, özbaşyna hüňürdedi.— Belki, Begliniň başga kemi bardyr? Belki, munyöýlendirmek gerekdir? - diýip, Durdy gürrüňi başga ugragönükdirdi.— Şeýlemi, Begli? - diýip, Alladurdy oňa garady.— Ine, muny diýseňiz biçem däl - diýip, Seýitmyrat beghem olaryň sözüni tassyklady.


Begli diňe ýylgyryp otyrdy.— Heý, halaýan gyzyň barmy? - diýip, Alladurdy ýeneBeglä sorag berdi. - Saýla-da tut, öz saýlanyňy alyp bereli.Begli sesini çykarman ýylgyryp oturandan soň:— Belki, menden utanýandyr, men daş çykaýaýyn - diýip,Seýitmyrat beg daş çykdy. Alladurdy ýene soragyny gaýtalady.Ahyry Begli molla:— Hawa, halap, saýlanym bar - diýip boýun aldy.— Hany aýt göreli - diýip, agalary öňe omzady.— Gelnejemiň agasy Arslan baýyň gyzy.— Arslan baýyň gyzy? - diýip, Durdy gaýtalap sorady.— Hawa, Arslan baýyň gyzy.— Ol Muhammetmyrat ahunyň inisiniň adaglysydyr ahyry.— Onuň ýaly bolsa, başga tap - diýip, Alladurdy garşyçykdy. - Başy bellengi bolsa, eýe çykmak bolmaz. Başga-dagyz gyt däldir.Begli molla öz içinden: “Bu ahunlar meniň maňlaýymdanýeser bela bolup döred-ow. Näme-de bolsa, şol gyzy almasam,şonuň ugrunda ömrümi kül ederin” diýip, berk ýüregine düwdide:— Başga men-ä şu wagt kimi tutjagymy bilmedim - diýdi.— Onda tapjak bol. Gyzlara syn et-de geziber.


Begli molla bu ýerden tizräk turmakdan gowusynyňýokdugyna göz ýetirdi.— Bolýar. Onda men-ä gitjek - diýdi. - Damyllamyzagşam ýeriňizde tapylyň diýipdi.Agalary garşy bolmady.— Bolýar gitseň - diýdiler.Begli molla agalary bilen hoşlaşyp çykdy-da, Arslanbaýlaryňka baka, Soltan hanyň ýanyna ýetmäge howlukdy.Täşli şorta aga-ini gürrüňi gutarandan soň, töwerege ünsbilen ser saldy-da, pişik basyşyny edip, merdiwandan aşakdüşdi. Derwezä baka ýüzlendi. Derwezeden çykan ýerindeGurban onuň yzyndan:— Mollam! - diýip ylgap ýetdi. - Mollam, heý bir bilenzadyň boldumy?— Gurban, köp zatlar bildim. - Ol ýuwaşja ýoräp barşynajogap berdi. - Emma ikimiziň biljek bolýan zadymyzdan aňlanzadym bolmady.— Wah, şeýle boldumy - diýip, Gurban gynançly seslendi.- Men mollam şu gezeg-ä bir zat aňar diýipdim.Olar bir salym seslerini çykarman, içlerini gepledip gitdiler.Ahyry Täşli şorta içki pikirini daşary çykardy:— Bu syr gaty berk saklanýar. Öz-özlerine-de,ynananoklar. Ýöne öz biri-biriniň öňünde-de boýun


almasalaram, meniň müňkürligim artmasa, kemelenok. Ahyrybu syryň üsti açylar.— Ol aýdanyň-a şeýle welin, wagtam geçip barýar - diýip,Gurban aladaly gürledi.— “Kasas kyýamata galmaz” diýendirler. Ahyry bir günüsti açylar bar zadyň. Sabyrly bolmak gerek.Täşli şortanyň bu sözlerinden soň Gurban birneme ynjalanýaly boldy.— Mollam, irde-giçde bu syryň anygyna ýetäýseň, mendenbihabar bir iş edäýmäwergin - diýip, Täşli şorta sargady. - Egerbiz kellämiziň gyzgynyna bir iş edäýsek, soň ol gojany diwalaçagyrdyp-zat edip köp horlarlar. Näme-de bolsa maslahatlyedeli hemme zady, mollam.Gurbanyň bu gürrüňi Täşli şortany oýlandyrdy. Ol bir salympikir edenden soň:— Şunyň dogry, Gurban - diýip, onuň bilen ylalaşdy. - Biznäme etsegem, Öwezmyrat batyra gara gelmez ýaly etmeli.Eger-de hakykatyna ýetäýsek, onda ony biri bilen tutup, şolýerde ikisiniňem işini bitireris.— Garaz, mazaly ölçerip-dökmän, maslahatlaşman bir işedip oturyberme-dä - diýip, Gurban onuň bilen hoşlaşyp galdy.Täşli şorta öz hüjresine barandan soň, Begli molla-dasompuldap geldi. Begli molla işikden giren badyna Täşli şorta:


— Gurtmusyň, tilki? - diýip sorady.— Begli hemişe gurtdur, hiç wagt tilki bolmaz, Täşli şorta -diýip, Begli molla öwünjiräp başlady. - Soltan han bilen işisazladym. Indi galdy onuň eltisi Zybagül bilen gyzy Jumagül.Soltan hanyň günüsi Nabady bolsa saňa tabşyrdym. EntekZybagülem bir ele salaýyn, onsoň Nabady hut öz elim bilenseniň alnyňa getirerin. Ýöne welin, Täşli şorta bir zady bar...— Nämesi bar? - diýip, Täşli şorta has-da gyzyk berdi.— Aý, walla, şu ahunlar meniň gapdalymdan aýrylmazbela bolup döräpdir. Şuňa näme alaç etjegimi bilemok.— Näme, bu zatlara ahunlaryň näme dahyly barmyş?— Wah, Soltan hanyň gyzy Jumagül Muhammetmyratahunyň inisine adagly edilipdir. Ine, meni ýandyrýan ýeri.Düşdüňmi?— Adagly bolsa bolubersin, onuň saňa näme azary bar?Adaglysyna barandan soň, gaýta seniň üçin gowy bolar - diýip,Täşli şorta mönsüräp, ony has-da götergiledi.— Şu maslahatyňam dogry - diýip, Begli molla ylalaşdy. -Ahunlaram soň görübermeli bolar-da...Olar hüjräni içinden temmeläp ukladylar.


ÖŇKÜDEN BETER ŞARPYKÖwezmyrat batyryň gyzy Gülsoltanyň adamsy Permangulyýaş başyndan bäri özüniň gara güýjüni Arslan baýyň agyrhyzmatyna sarp edip gelýärdi. Onuň ody bilen girip, küli bilençyksa-da, garnynyň dok, egniniň bitin bolan wagty ýokdy.Tomsuň ilki aýydy, halyly üzümiň ýaňy bişen günleridi.Permangulynyň öňünde tötek bilen zirk ýaly gatyk goýdular.Permangulynyňam, Arslan baýyň gapysynda hyzmat edipýören Permanguly ýaly beýleki ähli talabanlaryňam hemişeiýýän höregi şu tötek bilen zirk ýaly gatykdy.Permanguly naharyny edinip boldy-da, çep gursagyny tutuptowlandy. Onuň ýagyrnysy gurşup, çep goltugyndan pyçakurlan ýaly boldy. Ol näler çydajak boldy, başartmady. Yzaçydam edip bilmedik Permanguly aýylganç towlandy-da:— Alla, men-ä ýaramajak bolýan öýdýän - diýip, kynlykbilen seslendi. Şol wagt saýada kese gyşaryp, gök çaý süzüpýatan Arslan baý:— Ýaraman, näme bolupdyr? - diýip, hemleli sorady.— Bilmedim, ýüregimiň başyndan pyçak urulýan ýaly,endam-janymy gysyp-gowrup, barýar.— Pa-haý, her wagt şunuň ýaly bolgusyzja kesel tapynanbolmagy senem öwrenjeg-ow - diýip, Arslan baý onuň sözüne


pisint etmän käýinip başlady. - Ownuk-uşak agyryny keseldiýip ýörmezler. Ine, işe barsaň, derlärsiň. Hiç agyry galmaz.Pagta otagsyz ýatyr. Ot ýatyrylman, tohumlap ýatyr. Üzümleriçaň basypdyr, şelpelemek gerek. Beýle işiň gyzgalaňly wagtysyrkawlamak nireden ýadyňa düşüp ýör. Hanha, görüň,Seýitmyrat begiň öýdençerleri iş diýip ýapyşyp ýatyrlar, doňuzýaly işleýärler, iýen çöreklerini ödeýärler. Siziňem şolardankem ýeriňiz ýok. Ýöne siz bir topar ýal ýagysy, olaryň ýaryçadaişläňzok.Permanguly häzir öz derdi-azary bilen başagaýdy. Ol:— Bolmajak öýdýän, Arslan aga - diýip, yza bilentowlanjyrady.Permanguly Arslan baýyň gapysynda ýyllaýyn işlärdi, herýylam ýylyň ahyrynda algy-bergi, hak hasabyny edişerdi.Arslan baý öz hasapçysyna: “Depderiňi getir-de, hasaplaş”diýip buýrardy. Hasapçysy hem onda ony aldyň, munda munyaldyň diýip, çot kaka-kaka, onuň ýyl boýky zähmet hakynyňzordan üçden birini goýardy. Şonda-da Arslan baý özhasapçysyna müňkür bolup: “Sen ýalňyş hasaplaýanbolaýma?” diýerdi, onuň hasap-hesibini ýaňadandan özgözünden geçirerdi.Häzirem Arslan baýyň bar aladasy öz işidi. Permangulynyňderdi onuň azaryna-da däldi.


— Näme bolmajak öýdýän, gatam bolar! - diýip, olPermangula tarap öwrüldi. Görse onuň ýüzi mergi degen ýalygara-ört bolupdyr. Permanguly yza çydap bilmän togalanýardy.Şundan soň Arslan baý rejäniň geň däldigini bildi. - Beýle buiki arada saňa nähili kesel ýolukdy, sen öň heý bir zat iýdiňmi?- diýip sorady.Permanguly towlanyp ýatyşyna:— Edenim ýolda gelýärkäm bir hoşa üzüm iýdim. Başgaiýen zadym ýokdy - diýip jogap berdi.— Aý, boldy, saňa kerep iýen aga diýerler - diýip, Arslanbaý başyny atdy. - Sen möý iýipsiň. Şeýle bir zady bardyr-la.Adam üzüm iýende seresap iýer ahyry. Seresap iýmeseň,boljagyň şudur.Şol wagt Permangulynyň ýoldaşlary hem nahara gelişdiler.Olar her haýsy bir iş bilen meşgul bolansoň, nahara-da hemişeygym-sagym gelerdiler. Olar Permangulynyň bolup ýatyşynygörüp haýalçyradylar. Onýança Arslan baý:— Ol ýaňy ýolda üzüm iýende, möý iýipdir. Siz onyçatmasyna äkidiň - diýip, biperwaýlyk bilen buýruk berdi.Iki sany talabanyň her haýsy Permangulynyň bir goltugynagirip, ony çatmasyna alyp ugradylar. Permangulynyň çatmasybeýle bir uzakda bolmasa-da, olar ýolda otura-otura gitmeliboldular.


Adamsyny birdenkä beýle halda görmek Gülsoltanyaljyratdy. Ol özüni ýitirdi. Permangulynyň ýoldaşlary:— Hiç gaýgy etme, ertir açylar - diýip, Gülsoltanagöwünlik berip gitdiler.Permanguly uzak ýatmady, şol günüň ertesi giç öýlän janberdi. Gülsoltany gara ýurtda taşlap gitdi. Oba-goňşularýygnanyşyp ony jaýladylar.Permanguly öýüne eltilen badyna Gülsoltanyň dertdeşýoldaşy Sadap ylgap barypdy. Oňa uzakly gije syrkawsaklaşyp, derdini bölüşipdi. Ol häzirem Gülsoltanyň daşyndanaýrylanokdy. Beýleki goňşy aýallaram Gülsoltana göwünlikberip, onuň lowlap ýanýan ýüregine suw sepýärdiler.Sadap tä Permangulynyň kyrky geçýänçä gün yrmanGülsoltanyň ýanyna gatnady. Arslan baýlaryň tükeniksiz kiriniýuwup, diş-dyrnak bolup olaryň agyr halylaryny dokap, odunyýakyp, külüni atyp, bu ikisi bir jan, bir ten bolup galypdy. Ikisibiri-birini dogan ýaly görýärdi. Ol ikisi diňe baýyňsurnukdyryjy agyr hyzmatynyň labyryny çekmek bilençäklenmän, ondan has agyr minnetini hem bile çekýärdiler.Kişi minnetiniň zäheri ol ikisiniň endamyna şeýle bir ornapdywelin, hatda bular bu zäheriň awysyna derman gözlemegi hemunudypdylar. Olar özlerini ümbilmez belanyň öňündäkiçybynjyk ýaly ejiz duýýardylar, diňe käte derdinişip oňardylar.


Olar uzak-uzak derdinişip, sözleriniň başyny hem, ahyrkytöwirini hem: “Dünýäde adamyň başyndan gaty zat ýok, herhaýsyny görýär, baş gatydyr, hemme zada çydar, hemme zadyüstünden geçirer” diýen sözler bilen gutarýardylar.Gülsoltan Permangulynyň aýyny sowdy, indi kyrkygalypdy. Şol arada bir gün garaşylmadyk ýerden ömründePermangulynyň gapysyny tanamaýan Muhammetmyrat ahungeldi. Heniz eýle-beýle zady görmedik Gülsoltan, ahundansussy basylyp, özüni ýitirdi.Ahunyň gelmegi ýöne ýerden däldi. Ol bu gelşinde ikibähbidi göz öňünde tutup gelipdi.Permangulynyň erkek dogany ýokdy. Onuň üç sany aýaldogany bardy. Olaryňam üçüsi-de bir wagtlar çykarylyp,maşgalaly-zatly bolup gidipdiler. Bir gün olaryň üçüsi hem iňuly aýal doganlarynyň öýüne ýygnanyp maslahat etdiler.“Ärsiz heleý - uýansyz at” diýenleridir, ol gelniň atasamÖwezmyrat batyrdyr. Ol tapsa iki çigniniň etini iýmekdenemgaýtmaz, oňa oýnamaga Öwezmyrat Sibir ady dakylan däldir.Şonuň üçinem biz doganymyza ata-babamyzdan galan zatlaryňbaryny terekä saldyralyň. Ýetdik hakymyzy alalyň, ataenemiziň,doganymyzyň aşyny-suwuny bermegi hem özboýnumyza alalyň” diýen pikire geldiler. Häzirem


Muhammetmyrat ahuny Permangulynyň şol üç uýasy öňünesalyp gelipdi.Permangulynyň ähli emlägini terekä salanda-da, öz paýynabaşgalardan alýan hüşür-zekadynyň ondan biriçe-de zatdüşmejekdigine, asla Permangulynyň ahli emläginiň bir baýdandüşýän hüşür-zekatça ýokdugyna Muhammetmyrat ahunyňgözi ýetikdi. Ol bu ýere şerigat ýoluny berjaý edeýin ýa-dahüşür-zekat alaýyn diýip gelmändi. Ony bu ýere gelmägemejbur eden başga bir has düýplüräk bähbit bardy. Onuň päliniýetiGülsoltany lütjek goýup, ony mätäçligiň derdindenölümden başga her bir zada razy bolar ýaly etmekdi. Şonuňüçinem Permangulynyň uýalary gelip, onuň emlägini terekäsalyp bermegi haýyş edenlerinde, Muhammetmyrat ahuntykyrap durmady. “Bu iş parzdyr, gitmeli bolar” diýip ýeňilgopdy.Ahun Permangulynyň emlägini şol niýeti bilenem terekäsaldy. Öý goşlaryny ata-babadan galan köne susaga çenli böldi.Gülsoltan öň hem alyp-ýolup barýan adam däldi, gaty utanjaňhem ýuwaşdy. Onuň üstesine-de, ahunyň gelmegi onuňsussuny basdy. Şeýlelik bilen, munuň atasy öýünden getirenjesepi hem terekä düşdi. Ýer ugrundan bolsa bularyň iki tanapboş ýeri bardy. Onuň bir çetinde ýeke düýp çynar otyrdy.Olaryň bu boş ýeri hem terekä düşdi. Mal ugrundan ýekeje


çallyk geçisi bardy. Bu geçi hem terekä düşdi. “Ata-eneme aşsuwbermek paýym” diýip, ojagaz geçini Permangulynyň iňuly uýasy aldy. Bu paýlaşykda göwreli oturan Gülsoltanyňgöwresindäki çaga ýada-da düşmedi, ony bilselerembilmediksirediler.Şeýdip, her kim özüne ýeten paýy alyp, öýli-öýüne dargady.Ahun: “Gelin, bu allanyň buýrugydyr, muňa kanagat etmelidir”diýip, öz içinden pälini-niýetini ýerine ýetirenine göwnünihoşlap gitdi. Ýalňyz Gülsoltan bu bolşa haýran bolup,barmagyny dişläp, bularyň yzyndan garap galdy. Adamzadyňgaýraty, erk-ygtyýary her zatdan berk boljak eken. Gülsoltanbu terekeden soň takyr öýüň içinde ýalňyz galdy. Emma şondadaol ejizlik etmedi. Dilenip hiç kimiň gapysyndan barmady.Hatda atasyna-da ýüz tutmady. Özüniň zähmetine, el hünärinedaýandy. Her kimiň hyzmaty bolsa etdi, iýjek çöreginigazandy. Şeýle agyr günde galanyna garaman, äriniň kyrkynybellemäge taýýarlandy. Bir janly alar ýaly ownuk-uşak pulartdyryp başlady. Şonda ýürekdeş syrdaşy Sadap ýanyna gelip:— Gülsoltan, sen onuň kyrkyny etjek bolup azara galypýörsüň. Onuň aýal doganlary gelip, seniň öýüňi talap gitdiler.Goý, ol ölen öz maňlaýyndan görsün, sen indi öz günüňaladasyny et - diýip maslahat berdi. Emma Gülsoltan:


— Ýok, Sadap, eger olam aýal doganlary ýaly bolanbolsady, men eýýäm barjak ýerime barardym. Ýöne oluýalaryna meňzeş är däldi, men onuň hatyrasyny saklaýyn -diýip, äriniň kyrkyny sowdy.Günlerde bir gün aýy-güni dolup, Gülsoltanyň ogly boldy.Gülsoltan bilen dertdeş Sadap şol wagt hem onuň ýanyndady.Çaganyň göbegenesi hem Sadap boldy. Oba-goňşularýygnanyp, at goýmakçy bolanlarynda, Sadap:— Bu oglan kakasynyň yzynda boldy. Munuň adynakakasynyň adyny dakaýalyň. Şondan ýadygärlik bolsun. Emmagapdalynyň gulusyny aýralyň-da, ýöne Perman diýäýeliň -diýdi. Bu söz Gülsoltanyňam göwnüne jaý boldy. Beýlekioturanlaram muny makul gördi. Diňe çetde oturan bir garryaýal:— Permangeldi dakylsa, has ýaraşykly bolardy - diýipseslendi.— Bar, olam bolýar, haýsyny diýen diýibersin - diýşip,bolşuna görä toýy sowup dagadylar.Perman bolandan iki aý geçenden soň, Sadabyň gyzy boldy.Onuň adyna Ajap dakdylar.Iki gelin ýabyň boýunda kir ýuwup oturan wagtlaryoglumyz bolar diýip göwün ýüwürdýärdi. Emma Sadabyň


gyzynyň bolmagy onda göwnüçökgünlik döretdi. Sadap bijesigara ýatak galan dek naýynjar bir görnüşde:— Meniňki gyz bolaýdy - diýip zeýrendi.— Ogly-gyzy ýok, haýsy-da bolsa uzagyndan berildigibolsun - diýip, Gülsoltan oňa göwünlik berdi. - Özüň sag-amangalan ýeriň hemmesinden gowy.Gülsoltanyň “özüň sag-aman galan ýeriň hemmesindengowy” diýmegi ýöne ýere däldi. Sebäbi “pylany ýaş üstündenölüpdir, pylanam ýaş üstünden öldi, pylany al bolanmyş” diýenýaly şum habarlar häli-şindi bularyň gulagyna ýetip durýardy.Ýaş üstünden ölmek keseli iň bir howply kesel hasaplanýardy.Gelen gününden beýläk dulda ýaş gelinsiräp oturmadykGülsoltanyň agyr günde ýalňyz maslahatçysy Sadapdy. Her birişde Gülsoltan onuň bilen maslahatlaşýardy.Gülsoltan açlygy-suwsuzlygy gördi, egin-eşik horlugynygördi. Kişiniň agyr hyzmatyny edip, ondanam agyr minnetlisözüni eşitdi. Emma baryna mertlik bilen çydady.Emma Gülsoltanyň etinden ötüp, süňňüne ornan, ony halysbizar eden başga ýagdaý boldy. Soňky ýyllarda aýal-erkekonuň üstüne siňek ýaly döküldi durdy. Munuň öýüne myhmangelmeýän güni ýokdy. Aksakgaly ýok, garasakgaly ýok, dullaramanat-yrýat alşyp, tapanyny geýip, dökülişip durdy. Olaraňyrdan gelýärdiler-de, ojagyň başynda oturyp, gep


makullamaga başlaýardylar. Kim özüni öwýärdi, kimbaýlygyny taryplaýardy, kim özüni Görogly dek atarmançaparmanedip görkezýärdi. Olar özleriniň aksakgaldygyny,garasakgaldygyny hem ýatlaryndan çykarýardylar, “bijin,takyk, ýylan, ýylky” diýşip, öz ýanlaryndan ýyl öwrüşip, herhaýsy özüni ýaş ýigit edip goýýardy. Öýlerinde urbalyktapylmaýan, ömründe duluna doly çuwal söýäp görmediklerhem aňyrdan gelen badyna: “Bir sowutly degirmenimem bar”diýip, özüne mahabat berip başlaýardy. Ondan gep urup,mundan gep urup, iň ahyrda hem oňa söz aýtmaga gelendiginiduýdurýardy.Özüniň gara güýji bilen zordan bir döwüm çöregini tapypýören Gülsoltany bu gelenlere çaý bermegem tozdurypbarýardy. Gelýän myhmanlaryň birnäçesi özüniň barlylygynysubut etmek üçin: “Ine, baryp ýatan gowy Şanhaý çaýy, şundandemläý” diýip, keşde salnyp bejerilen çaý haltasynyçykarýardy. Gülsoltan bolsa myhmanyň çaýyny özüne demläpbermäge namys edýärdi. Ikinji tarapdan bolsa ol: “munuň çaýydogaly-jadyly bolaýmasyn” diýip heder edýärdi. Şonuň üçinhem: “Ýok, hararagam bolsa öz çaýymyz ýagşy” diýip,myhmanyň hödürlän çaýyny almazdy.Gülsoltanyň beýle diýip, myhmanlaryň hödürlän zadyndanýüz öwürmegi tötänden däldi. Sebäbi ol her gün öýüne


myhman gelip gidenden soň, öz töwereginde bir alamatgörýärdi. Hasam beter garry aýallar söz aýdyjy bolup gelipgitse şeýle bolýardy. Ýa işiginde bir doga taşlap giderler, ýaöýüniň bir duluna doga oklap giderler. Ýa dem salnyp taşlananbir düwür gant ýatandyr, ýa düwünçege düwlen dem salyngybir çümmük duz ýatandyr. Ýa dem salnan kömür bölejiginidüwünçege düwüp taşlap giderler. Garaz, her gezek myhmangelip gidenden soň Gülsoltanyň gözüne şunuň ýaly bir alamatilerdi.Gülsoltan bir gün bejermek üçin öýüni çöşdi. Şonda gamyşbilen durlugyň arasyndan gaty kän kagyz çykdy. Bukagyzlaryňam her haýsyna arap harplary bilen nämelerdir birzatlar çyrmalypdy. Bu kagyzlary gören Gülsoltan: “Her gelenmeniň gamşyma bir doga gysdyryp gidýän bolara çemeli. Olaröýümiň daş töwereginde-de doga baryny gömüp çykandyrlar.Bular meni däliredip düze düşürmeseler ýagşy” diýip, ulyhowsala düşdi.Gülsoltan aňyrdan gelýän myhmanlaryň sahysyrapýaýradýan gantdyr nabatlaryndanam datmaýardy. “Doga şolniýetlenen adamsyndan başga adama kär etmeýärmiş,ýöremeýärmiş” diýip, ol sowgatlary syrdaşy Sadaba eltipberýärdi.


Şeýle çydamlylyk bilen ol özüniň çagasy Permany üçýaşyna ýetirdi. Emma bu indegsiz gelýän myhmanlarGülsoltany halys gysyp-gowurdy. Duluna taşlanyp, gamyşbilen durlugyň arasyna gysdyrylyp gidilýän dogalaram ony ulyhowsala salýardy.Gülsoltan bir gün Sadabyň ýanyna baryp, derdini aýtdy.— Indi meniň etimden ötüp, süňňüme ýetdi. Meni zyr däliederlermikä diýip gorkýan. Näme etsemkäm? - diýdi.— Gülsoltan jan, başyň boş bolsa, item saňa lak atar,guşam. Ýöne sen kakaň howlusyna göç-de bar. Şondan gowusyýokdur - diýip, Sadap oňa maslahat berdi.— Indi men olaryň ýanyna nä ýüzüm bilen baraýyn? Menol ugrumy ozal gömdüm ahyry. Ejem bolsa bir zady bolarwelin, kakamdan gorkýan - diýip, Gülsoltan bu işde Sadapdankömek soraýan ýaly etdi. Sadap:— Men ejeňi göreýin. Ol kakaňy razy eder - diýip maslahatberdi.Şondan soň Sadap Mamagül ejäniň ýanyna baryp ýalbardy.Gülsoltanyň ýagdaýynyň gaty kyndygyny, oňa diňe şolardandelalat ýetjekdigini aýtdy. Mamagül:— Meniň özüm-ä batyra diýibilmen welin, demirçädiýdirer-dä - diýip, razylyk beripdir. Şondan soň Gülsoltanyňözi hem demirçiniň aýalynyň ýanyna baryp:


— Daýym kakamy görewersin - diýip ýalbardy. Mamasy:— Hökman daýyňa aýdaryn, kakaňy razy eder - diýip wadaberdi. Gülsoltan onuň ýanyndan hoşal bolup gaýtdy.Aslynda bu söz aýdyjylar ýeke Gülsoltany bizar etmek bilenoňmaýardylar. Olar Öwezmyrat batyryň üstüne-de dökülipdurýardylar. “Sende şeýle bir maşgala barmyş” diýip sözaýdýardylar. Öwezmyrat batyryň: “Mende şeýle maşgala ýok.Ol indi meniň maşgalam däldir” diýip, çyny bilen aýdýansözlerine-de ynam etmeýärdiler. “Şuny razy etsek, gyzy munuňsözünden çykyp bilmez” diýşip, şol yzyny üzmän dökülişipdurdular. Onuňam öýüniň töweregini, gamyş bilen durlugynyňarasyny her hili doga-tumarlardan dolduryp çykýardylar.Garaz, Gülsoltanyň birnäçe ýyllap dul oturmagy işan-mollalarüçin taň zat boldy, olaryň iýjegi baýguşuňky ýaly öz agzynageldi. Olardan doga alyp, aklyk getirýän dullaryň sany-sajagyýokdy.Bir tarapdan Mamagül, bir tarapdan aýaly, ýalbarypýakaryp,ahyry demirçini Öwezmyrat batyryň ýüzüne gelmägerazy etdiler.Bir gün agşamara Öwezmyrat batyr öz gapysynda otyrdy.Onuň köne howlusynyň içinde tukat ümsümlik hökümsürýärdi. Diňe gözüniň öňünde ýatakda ot iýip duran atykäwagt burnuny açyp, gulaga ýakymly bir owaz edýärdi.


Öwezmyrat batyr nämedir bir zatlaryň pikirini edip, içinihümledip otyrdy.Mamagül eje çaý demläp goýandan soň, ol pikirindenaçyldy. Çaýyny agdardy-da, demini berdi. Tahýasynymaňlaýragyna goýdy, aýagyny aýagynyň üstüne atyp, tirseginesöýendi. Hemişekisi ýaly, ýuwaşja aýdyma hiňlenmägebaşlady. Şol wagt demirçi aňyrdan salam berip geldi.— Giç ýagşy.— Gelen ýagşy, gel, demirçi - diýip, Öwezmyrat batyrdikelip oturdy-da, oňa öz ýanyndan orun berdi. Mamagüldemirçiniňem öňüne bir çäýnek çaý demläpgoýdy.Öwezmyrat batyr özüniň hemişeki adatyna görä, başyndangeçiren köne taryhyny hekaýa edip başlady. Bir sapar alamanabarýarkalar bir aýynyň çagasyny alyşlaryny, ol aýynyň hemzeýrenip, bularyň yzyna düşüşini, ahyry hem onuň çagasynygaýtaryp berişlerini, bir ýolbarsy awlaýşyny, arça şahy ilipsypyp bilmän duran bir keýgi halas edişini gürrüň berdi. Birorda ýolbarsyň üstünden baranda atly gaçyp gutulyşyny hekaýaetdi. Soňra gürrüňiniň yzyny gorkaklyk-batyrlyga ýazdyrdy,jürbe-jür häsiýetde bolan adamlaryň gürrüňini etdi.Demirçi bolsa öňündäki çäýnegiň gapagyny oýnap, käýarymbir ysgynsyz ses bilen “hüm” diýip otyrdy.


Öwezmyrat batyr birden sözüni şarpa kesdi-de:— Bu gün seniň hemişekiligiň-ä däl, demirçi, saňa nämebolýar? - diýip sorady.Demirçi ol gürrüň edip otyrka, öz ýanyndan: “men muňanähilelik bilen aýtsam ugrundan turarkam, gürrüňi haýsyýerinden başlasamkam?” diýip, uly gaýga galyp otyrdy. Içindennäme diýjekdigini ölçerip-dökýärdi. Öwezmyrat batyryňgürrüňleriniň birem onuň gulagyna ilenokdy. Demirçi özüniňbu syryny aňlatmajak boldy-da:— Ýok-la, men diňläp otyryn-la. Hany onsoň yzy nähiliboldy? Ol aýy çagasyny alyp ötägitdimi? - diýip, gürrüňegoşulan kişi boldy.Öwezmyrat batyr ornaşykly oturdy-da:— Pahaý, ýagşy-da bir diňläp oturan ekeniň - diýdi.— Näme, aýyň çagasyny aldyk diýip aýtdyň ahyryn.— Men aýtsam, ol aýyly gürrüň meniň birinji başlangürrüňim ahyry. Ondan soň men näçe gürrüňler etdim. Wah,meniň eden gürrüňlerimiň bary ýele gidipdir - diýip,Öwezmyrat batyr käýindi.- Ol öz ýanyndan demirçiniň özüneýetesi aladasy bar borly diýip pikir etdi-de, sözüniň üstüniýetirdi. - Näme,salgyt-algyt diýip, arçyn ýene azar berýärmi?Tiz töle diýýärmi?


— Salgyda alajymyz ýok, tölemeli. Garaz bergi etmeli, borçetmeli tölemeli welin... - diýip, demirçi ýene dymdy.— Salgyt tölenenden soň, onuň başga näme “welini” bolupbiler?Demirçiden jogap bolmady. Ikisi hem dymdy. Ahyrydemirçi çalarak ardynjyrap, sypaýyçylyk bilen söze başlady.Özüniň öňünden taýýarlap goýan geplerini aýtdy. Öwezmyratbatyr parahatlyk bilen:— Haý, demirçi, maňa şu gürrüňleri aýdýan senbolaýýarsyň. Şuny aýdan başga bir adam bolsady, hökmankowardym. Meniň bilen dost gürrüňini etjek bolsaň, sen şumaslahaty maňa berme - diýdi.Demirçi Gülsoltanyň agyr ýagdaýyny, hossarsyz gara ýurtdagalandygyny, oňa özlerinden başga hossarlyk etjek adamyňýokdugyny aýtdy, ýalbardy. Emma Öwezmyrat batyr:— “Eli bilen eden egni bilen çeker”, demirçi. Ol eli bilenetdi. Goý, indi çeksin. Ol bizi şol taşlap giden güni biz ondangeçipdik. Beýle hor bolsa, goý, özüniň deň-duşuny saýlasynda,ýok bolsun-da - diýip, öz eňegine tutdy. Demirçä mundanbu ýana onuň şeýle gürrüň getirmezligini sargady.Demirçi bu gün agşam diýenini etdirip bilmän gaýtdy. ÝöneÖwezmyrat batyr her näme diýse-de, demirçi hem öz


niýetinden el çekmedi. Ertesi hem geldi. Bu gezegemÖwezmyrat batyry yryp bilmän gaýtdy.Üçünji gün ýene şol gürrüňi edip başladylar. Şol wagtSadabyň äri Orazgeldi kümsük hem gelip öýe girdi. Ol birçetde oturyp, olaryň agzyna aňkaryp başlady. Bular onuňgirenine hem ähmiýet bermän, özleriniň gürrüňini dowametdiler.Demirçi bu gezek has gazaba çykypdy. Özem häsiýetinemuwapyk bolmadyk gepe çeperlik bilen gürleýärdi. Onuňaýtjak sözleri öz-özünden agzyna gelip duran ýalydy.— Aý, batyr, ol gyz meniň üçinem keseki däl. Onda ol gyzameniň özüm hossar çykaýjak. Ýöne il meniň kimdigimeseredip durmaz. “Öwezmyrat batyr özüniň ýeke-ýalňyzgyzyna-da hossarçylyk edip bilmedi” diýip gürrüň eder. Seniliň gyjalatyna galarsyň. Soňra “ah, demirçi, şonda maňaberkräk aýdaýsaň bolmadymy” diýip maňa igenmegin - diýip,gürrüňini gutardym etdi.Ozal hem iliň myjabatyndan bizar bolup ýören Öwezmyratbatyr bir meýdan dymyp, pikire batyp oturdy. Ahyry başynygaldyrdy-da:— Ah, demirçi, meni halys bizar etdiň. Bar seniň diýeniňbolsun, şony göçür-de getir - diýip razylyk berdi.Demirçi şondan turup, ylgap öýüne bardy.


— Şu wagt dil ýazdyrdy, derrew öýüni çözüň-de göçüripgetiriň - diýip, aýalyny Gülsoltanyň üstüne iberdi.Demirçiniň aýaly hoş habar bilen tasap Gülsoltanyň öýünebardy. Emma Gülsoltan özüniň gara güni üçin bir ýere gideneken, ol öýünde ýokdy. Gapysy gulpludy. Demirçiniň aýaly epesliwagtlap onuň gapysyny saklady. Emma Gülsoltanwagtynda gelmedi. Ahyryol öýüne dolanyp geldi hem şeýleşeýlediýip, ýagdaýy demirçä gürrüň berdi.— Aýby ýok, ertir irden öýüni çözersiňiz - diýip,demirçiparahat gürledi.— Ertir sähet däl ahyry. Garşysyndan ýyldyz. Bisähet günnähili gymyldajak?— Sähet diýdiňiz, bisähet diýdiňiz, siziňem gürrüňiňiztükenenok. Bar birigün çözäýiň - diýip, demirçi aýallaryňyrymyndan käýindi.Gülsoltan özüniň güzerany üçin birinji işiniň yzyndan gidip,agşamlyk ondan gaýdyp geldi. Gapysynda duran aňry-bärileriňüstünde goýlan ýarty çörege gözi düşdi. Gapysyny açmakdansaklanyp, çörege baka ýöneldi, oňa siňe-siňe seretdi. Üçýaşyny dolduryp, dördüne giden Perman ylgap baryp çöregeýapyşmakçy boldy welin:


— Haý, haý, degme! - diýip, ony saklady. Üme düşmezPermanyň tegelejik garaja gözleri ýalpyldap ýatan ak çöregiňüstünde perwaz urýardy. Ol:— Eje, çörek! - diýip delmindi, dyzady.— Ýok, oglum, ony iýmäli - diýip, Gülsoltan gapysynyaçdy. Oglunyň elinden tutup, içerik girdi. Ogluny içerde goýup,ýene özi daşary çykdy. Bu syrly çörege seretdi. Perman hemylgap çykyp, onuň ýanynda durdy-da, çörege seretmägebaşlady. Emma ol bu sapar öňküsi ýaly çörege el uruberenokdy.— Ýene biri biziň gapymyzda dogaly çörek goýup gidipdir.“Şu çörege mätäç, iýer” diýýändirler - diýip, Gülsoltan özbaşyna hümürdedi, gözüne ýaş aýlady. Gülsoltan bir ýugrasytapsa, onuň köpüsini jöwen uny ýa-da arpa uny edip bişirýärdi.Şonuň üçinem ol: “ýa meniň ömründe bugdaý çöregine ýüzümdüşmäni üçin, şu bugdaý çöregi meniň gözüme yssy görünýär,ýa-da bu çörek dogaly-da, meni özüne çekýär. Şu ikisiniň biri”diýip, öz ýanyndan pikir etdi.Hakykatda bolsa bu çörek arassa ýazlyk bugdaýyň unundanýugrumy ýetirilip bişirilen ak çörekdi. Demirçiniň aýaly ilarasynda çörek bişirmäge ökdeligi bilen belli aýaldy. Käbiradamlar öz aýalynyň bişirişinden käýinende: “Demirçiniňaýalynyň eline her hili bugdaýyň uny düşse-de, onuň bişirençöregini iýip doýup bolmaýar, süýji bişirýär. Sen bolsaň ýazlyk


ugdaýyň ak ununy-da çig-çarsy bişirýärsiň, it iýer ýalybolmaýar” diýip, aýallaryna igenerdiler. Gülsoltanyňgapysynda goýlup gidilen bu syrlyçörek hem demirçiniňaýalynyň bişiren çöregidi.Dogrudanam, ol çörek syrlydy. Ony demirçiniň aýaly yrymedip getiripdi. Ol Gülsoltanyň ýanyna hoş habar bilengaýdanda, saçagyndan bir çörek alyp,“çörek adamzadaýoldaşdyr, soňam ony Gülsoltanyň öýüni çöşenimizde iýeris”diýip, syýyna dolap alyp gaýdypdy. Gülsoltany tapman yzynagaýtmakçy bolanda-da: “Getiren hoş habarymyň alamatybolsun, bu Gülsoltanyň paýy” diýip, elindäki çöregi döwüp,ýaryny onuň gapysynda goýup gidipdi. Emma Gülsoltan munyözüçe ýorup, “bu dogaly çörek, ýaman zadyň alamaty” diýipdüşündi.Gülsoltan çörekden gözüni aýyrman esli wagtlap seredipdurandan soň:— Al, oglum, sen iýäý, sen mana düşmez neresse çagasyň,saňa zyýan ýetmez - diýip, çöregiň gyrasyndan çümmükläptutdy-da, Permana uzatdy. Perman çöregi iki eljagazy bilentutup aldy hem dişläp iýmäge başlady.Şol günüň ertesi ir bilen bir aýal Gülsoltanyň yzyndançakylykçy geldi hem ony Seýitmyrat begiň baýry aýalynyňçagyrýandygyny habar berip gitdi. Gülsoltan ozalam häli-şindi


diýen ýaly Seýitmyrat begleriň hyzmatyny edýärdi. Olar bolsamuňa garyndaşsyraýan adam bolýardylar. Gülsoltanyň töleýänmuzdlaryny hem garyndaşlyk kömegi edip görkezjek bolupazara galýardylar. Gülsoltan buýurjak ýumuşlary bardyr-dadiýip güman etdi-de, Permanyň elinden tutup öýünden çykdy.Gapysyny gulplap, Seýitmyrat beglere bardy.Gülsoltan bärden baranda Seýitmyrat begiň baýry aýalyeýwanly tamlarynyň eýwanynda garry gaýynenesi bilengürleşip otyrdy. Ol Gülsoltany hormat bilen garşy alyp, özýanynda oturtdy. Içginsiräp hal-ahwal soran kişi boldular. SoňSeýitmyrat begiň ejesi gürrüňi uzakdan aýlap başlady:— Seniň bu kakaň ýel çalyp ýeldirgän borly. Onuň jynam özgaryndaşlaryna, öz maşgalasyna düşüpdir. Ine, seniň agaňSeýitmyrat onuň jan ýaly doganoglany. Birnäçe ýyllap, munuňkastyna çykyp, muny öldürjek bolup gezdi. Indem jyny saňadüşüpmiş diýip eşidýäs. Ol seni ýa-ha öldürjekmiş, ýa-dagazak-galpak diýip, ýomut-gökleň diýip, bir owarralara kän pulalyp satyp goýberjek bolýarmyş. Şeýle bir gorkuly habar düýnseniň agaň Seýitmyradyň gulagyna degipdir.Seýitmyrat begiň baýry aýaly hem gaýynenesiniň gürrüňinisüýjülik bilen tassyklady.Gülsoltanyň, ýüregi gopup, howsala düşüp başlady.


— Ene, indi men nä alaç etsemkäm? - diýip, naýynjarseslendi. Gülsoltan Seýitmyrat begiň ejesine “ene” diýipýüzlenýärdi. Garry kempir mekirlik bilen Gülsoltany möýüňkerebi ýaly kerebine çolaşdyryp başlady.— Nä alaç etmekden alla saklasyn, guzym - diýiphalymsyrady. - Sen ýöne bu başy boş oturmakdan el çek-de,birine bar-da oturyber. Şonda hemmesini ýeňersiň. Sen biziňbar diýen adamymyza barsaň, şonda hiç tarapdan horbolmarsyň. Oňa barsaň, bu dünýäňem, o dünýäňem abat bolar.Hiç wagt ýamanlyk ýüzüni görmersiň.— Wah, şu ýeke çagama dözemok - diýip, Gülsoltan ýanyndadünýäden bihabar oturan Permany görkezdi.— Onyňa nä döw çalar öýdýän? - diýip, kempir indi sürnüpbaşlady. - Kakaň bolar ýa-da gaýynekejileriň bolar, onyňahossar tapylar. Ine, agaň hem näme diýýänini eşit, ol nämeaýdýar. - Kempir oturan ýerinden oglunyň adyny tutupgygyrdy. - Seýitmyrat, aý, Seýitmyrat...Tamlaryň birinde uklap ýatan Seýitmyrat beg enesiniňsesine oýandy-da, daşaryk çykdy. Hiç wagt ýagşydanýamandanadyny tutmaýan adamy bilen ýüzbe-ýüz bolup,Seýitmyrat beg bu gezek:— Amanlykmy, saglykmy? -diýip, Gülsoltana habar gatdy.Ak kündükden suw akydyp, ýuwunyp durşuna gürrüňini


dowam etdi. - Seniň ataň seni ýomuda-gökleňe satyp ýoketmek hyýalyna düşüpdir. Birnäçe gün bäri bir aşakly ýomutonuň öýünde myhman bolup ýatyr. Ol ýöne ýerden ýatanok.Ataň seniň bahaňy kesip, ol ýomutdan alyp bilen pulunyalypdyr. Indem seniň çagaňy çyrladyp, şonuň syrtyna mündüripgoýbermekçi. Ýöne sen ejemiň diýenine gulak as-da, şonuňdiýeni bilen boluber.Seýitmyrat beg gürrüňi gutardym edip, içerik girip gitdi.— Hawa, gyzym, sen biziň diýenimizi et-de, biziň diýenadamymyza bar. Ýamanlyk ýüzüni görmersiň -diýip,Seýitmyrat begiň ejesi oglunyň gürrüňiniň yzyny ýetirdi.Barjak adamynyň kimdigi barada Arslan baýyň aýaly Soltanhan bilen gürleşmegi maslahat berdi.— Agam Seýitmyrat bu gürrüňi nireden eşitdikä? - diýip,Gülsoltan uly howsala bilen sorady.— Agaň ony hak gözünden eşidipdir - diýip, Seýitmyratbegiň aýaly gaýynenesinden öňürti jogap berdi. - Ýogsa olbeýle gürrüňleriň arasyna goşulyp ýörmezdi.Gülsoltan agyr ýüküň astynda galan dek esli wagtlap özüniele alyp bilmän ýegşeriljiräp oturdy.— Bolýar, men öz göwrümime bir geňeşip göreýin - diýip,ol ahyry entirekläp ýerinden turdy. Gapa tarap ýöneldi.


Seýitmyrat begiň enesi hem ony ugratmak üçin howlynyňagzyna çykdy.— Sen Arslan baýyň aýaly Soltan han bilen maslahatlaşypgör. Ol seniň barjak adamyň kimdiginem aýdar, barjak ýeriňedeözi eltip gowşurar - diýip tabşyrdy. Soňra mekirlik bilenşumjaryp gürrüňiniň üstüni ýetirdi. - Wah, agyr gün adamy herhili horluga sezewar edýär-dä...Gülsoltan içini geplede-geplede, aňyrdan gelşine Sadabyňýanyna bardy. Bir salym oturandan soň:— Ejemiň ýanyna bardyňmy? - diýip sorady. SadapMamagülüň ýanyna barşyny, eden gürrüňlerini habar berdi.Sözüniň ahyrynda bolsa:— Öýüňizde daş ýerden gelen myhmanam bar eken - diýdi.Bu sözleri eşiden Gülsoltanyň depe saçy üýşüp, endam-janyjümşüldäp gitdi, huşy başyndan uçdy.— O nähili daş ýerden gelen myhman? - diýip sorady.— Hawa, öz-ä bir daş ýurtdan gelen myhman bolmagaçemeli. Özüniň mysalasam ýomuda meňzeş ýaly. Ýöne öz-äarzyly myhman bolara çemeli, kakaň köne dostlaryndanmynämemi,oňa söwşem edipdir - diýip, Gülsoltanyňýagdaýyndan bihabar Sadap göwnüne hiç zat getirmän barynybolşy ýaly gürrüň berdi. - Ejeň bilenem gürleşdim. Ol seni


ýanyna göçürip eltip bilse, armany ýok. Daýyň kakaň ýanynabarýarmyş.Hakykatdanam şol günler Öwezmyrat batyryň ýanyna Amanbatyr gelipdi. Gelen gününiň ertesem yzyna dolanypdy.Öwezmyrat batyram ony hormatlap söwüş edipdi. Onuň busaparky gelmegi hem jaý ýerinde Seýitmyrat beg üçin zerurtutaryk bolupdy.Gülsoltan bilen atasy öýüni barlyşdyrjak bolup, bir gezekMamagülüň ýanyna baryp gaýdan Sadabyň bu zatlardan habaryýokdy. Ol häzir öz gürrüňi bilen Gülsoltanyň ýanyndaSeýitmyrat begiň aýdan sözlerini tassyklap oturanyndanambihabardy. Ol özi baryp gaýdandan soňky bolan wakalardanamhabarsyzdy. Iş-alada bilen Gülsoltan ikisi üç-dört gün bärigörşüp bilmänsoň, oňa habaryny hem ýetirip bilmändi. OlÖwezmyrat batyryň gyzynyň öz ýanyna gelmegine razybolanlygyny-da, ol gürrüňden adamsy Orazgeldi kümsügiňemhabarlydygyny-da bilenokdy.Gülsoltan bolsa eýýäm öz ýanyndan belli netijä gelipdi. OlSeýitmyrat begiň aýdanlaryna indi doly ynanypdy. Özýanyndan: “Kakam meniň ýoguma ýanjak bolup ýör eken-ow”diýip howsala bilen oýlanyp otyrdy.Gülsoltan Sadap bilen hoşlaşyp turmakçy bolanda, olGülsoltanda nähilidir bir üýtgeşikligiň bardygyny syzdy. Onuň


olşuny bir hili gördi, onda nähilidir bir küýügalplyk bar ýalygöründi.— Aý gyz, Gülsoltan! - diýip, ony iç işikde yzyna dolady. -Seniň şu günki bolşuňy men gowy göremok, Gülsoltan. Menazara galyp, seniň ejeňi gördüm. Ejeň demirçini görmägeboýun boldy. Olar hökman seniň kakaňy razy edip, saňa hossarçykarlar. Şonynça sen bir iş edip, biziň ýüzümize garalykgetiräýseň, kyýamata çenli seniň ýüzüňi men görmen. Eşitdim,eşitmedim diýmegin.Gülsoltan syr saklap:— Ýok-la, meniň göwnümde bir üýtgeşik zat ýok-la - diýipjansyz ýylgyrdy.— Bolýar üýtgeşik zat bolmasa, ýüzümize gara getirmeseňbolýar -diýip, Sadap sap ýürekden sözledi.Emma Gulsoltan ýola çykandan soň, onuň ýüregindeSadaba-da müňkürlik peýda boldy. “Hä, bular Sadabam aldap,özlerine hyzmatkär edinipdirler. Dünýäde sap ýürekli gowyadam galmandyr” diýip içini gepletdi. Şol çykyşyna Arslanbaýlara baka ugrady. Ol ýolboýy içini geplede-geplede Arslanbaýlara bardy.Arslan baýyň aýaly Soltan han Gülsoltany gadyr bilen garşyalyp, töre geçirdi.


— Gülsoltan, seniň kakaň ýaly naýynsap adam ýok eken, olbir pula çapan ynsapsyz adam eken - diýip, Soltan han hemSeýitmyrat begiň gürrüňini tassyklady. Gürrüňiniň yzyny bolsaSeýitmyrat begiň enesiniň sözlerine syrykdyrdy. - Ýöne senbaşyňy gutarmagyň aladasyny et. Biziň diýen adamymyza bardaoturyber. Sen meniň ýanymajyk gel, men seni äkidip öz elimbilenjik gowşuraryn. Oňa barsaň, iki dünýäň abat bolar. Odünýä, bu dünýä ýamanlyk ýüzüni görmersiň. Ýag iýip, ýüpekgeýersiň.Soltan hanyň gürrüňleri Gülsoltanyň kakasynyň öz kastynaçykandygy hakdaky ynamyny has-da berkitdi. “Meniň atamyňetmejek zady ýok. Olar Sadabam öz ýanlaryna çekipdirler.Dünýäde ýekeje syrdaşym Sadapdy, bu-da olaryň gepinegidipdir” diýip oýlandy. Sadaba nägilelik bildirdi.— Bolýar, Soltan eje, men bir göwrümime geňeşeýin. Şugün saňa jogabymy ýetirerin. - Gülsoltan ýerinden turdy.— Wah, seniň ýagdaýyňa düşünýän, Gülsoltan, saňa ojagyňydepip gidibermek kyndyr - diýip, Soltan han onuň damagynypagta bilen çaldy. - Ýene biziň aýdanymyzy etseň, horbolmarsyň.Gülsoltan öýüne gelensoň içerik sygmady, öýi ony gysypgowrupbaşlady. Aýagy bişen dek bir iç girdi, bir daş çykdy.


— Zalym birehim atam her haýsyny eder. Bu köpbilmişSadabam olaryň gürrüňine gidip, meniň oda ýanmagyma sebäpboljak bolýar - diýip, öz başyna hüňürdäp, bigünä adamlaryňbaşyny agyrtdy. Öz ynanjyna ýürek bilen berlip, durdugyçabeter howsala düşdi. Onuň häzirki bolşy telbe bolup düzeçykyp gidibererli görünýärdi. Ol näme göterip, nämegoýýanyny-da bilmeýärdi. Ol özüniň az-owlak zadyny birýaglyga düwdi. Bir oýnam aşygy Permanyň öňüne atdy-da:— Oglum, oýnaber - diýip, çykyp gitdi.Ol bir meýdan ýol ýöräp, köşegi galan maýa ýaly böwrünidiňşirgenip, yzyna diň saldy. Hemişe öz peýwagtyna bir iş üçinçykyp gidende, Permanyň öňüne bir topar aşyk ýa-da başgaoýnawaç dökerdi-de, yzyny garaman, diňşirgemän giderdi.Perman bolsa uzyn günläp öýde oýnawaçlary bilen ýekegalardy.Bu gün bolsa Gülsoltan ýalňyz balasyndan aýra düşen akjeren dek her iki ädimden sagynýardy, diňşirgenip durýardy.Göwnüne Perman aglaýan, onuň sesi gulagyna gelýän ýalybolýardy. Gam-hasrat bilen ýüregi dolan ene birden yzynadolandy-da, şalt-şalt edip ylgap gaýtdy. Gelip, gapyny açypseretdi. Görse, Perman dünýäden bihabar aşyklary bilengarabaşagaý bolup otyr.


— Otyrmyň, oglum. Oýnaber! - diýip, Gülsoltan Permanyňher ýaňagyndan bir ogşap, ýene çykyp gitdi. Göz owasynaçaýylan iki damja göz ýaşyny ýüzüniňugruna süpürdi. Uzak ýöredi. Içini geplede-geplede gitdi. Ýeneonuň gulagyna çaganyň aglaýan zaryn sesi eşidilýän ýaly bolupaýak çekdi.— Perman aglaýan bolaýmasyn! - diýip, ýene yzyna ylgady.Gelip gapysyny açanda, hemişekisi ýaly dünýäden perwaýsyz,öz aşyklary bilen mübtela bolup oturan Permany gördi.“Oturan eken” diýip, göwrümi giňän ýaly boldy. Her taýýaňagyndan bir ogşady-da:— Oýnaber, oglum! - diýip, çykyp gitdi.Ýene ol ýene orta ýoldan yzyna ylgamaly boldy. Garaz, ikiarada gatnap ol bu ýoly torç etdi, göz ýaşy bilen suwlady. Olaltynjy gezek yzyna tasap gelende, gün eýýäm ýaşypdy.Perman henizem aşyklaryny oýnap otyrdy. Ol içerik girdi-de,ogluny gujaklap, ýarym-ýaş aglady. Gözýaşy dür däneleri ýalybolup, ýaňaklaryndan aşak togalanyp gaçýardy. Ejesiniňýüzüne seredip oturan Perman onuň bolşuna geň galdy.— Eje, seni kim urdy? - diýip, gözlerini tegeläp sorag berdi.— Oglum, bizi hudaý urdy - diýip, Gülsoltan dodaklarynysandyradyp, öňküsindenem beter aglady.


— Goý, eje, goý, men ulalaryn, seni urany gaty ýamanuraryn - diýip, Perman özüniň näzijek elleri bilen ejesiniňýaňaklaryny süpürdi. - Goý, eje, goý - diýip gaýtalady.Perman, onuň geljegi hakdaky oý-pikirler Gülsoltanyňaýagyna salnan zynjyr bolup, ony gitjek ugrunagoýbermeýärdi. Ol ahyry Permany gujagyna aldy-da, gapysynygulplap ýola düşdi. Çagasyny gujaklap, Soltan hanyň ýanynabardy. Soltan han bolsa ony şol agşam barjak ýerine eltip, nikagyýlanyny görüp gaýtdy.Sadap bu wakany şol günüň ertesi eşidip galdy. “Biziňsözümizi ýere salyp, ýüzümizi gara edipdir. Indi onuň bilen ýüzgörüşmen” diýip, öz ýanyndan ant içdi.Öwezmyrat batyr dagy bolsa Gülsoltanyň äre baranyny,onda-da Öwezmyrat batyryň iň ýigrenýän adamynabarandygyny iki günden soň eşitdiler.— Bu-da öňki edenleriniň üstüne ol gyz tarapdan maňadegen bir şarpyk boldy. Özem öňki-soňkusyndan beter degenşarpyk boldy - diýip, Öwezmyrat batyr içini tutup galdy.Demirçi hem onuň ýanynda gyjalatly bolup galdy.Bu zatlaryň kimden ýetenini, nähili ýetenini Sadap soňsoňlarbilip galdy. Emma giçdi, boljak iş bolupdy.Demirçi bilen Öwezmyrat batyryň Gülsoltany göçüripgetirmek barada eden gürrüňini diňlän Orazgeldi kümsük şol


ýerden göni Arslan baýyň öýüne barypdy. Ol ýerde Arslan baýSeýitmyrat beg hem Muhammetmyrat ahun bilen meýlis gurapotyrdy. Orazgeldi kümsük olaryň gürrüňine goşulmak hemolara ýaranjaňlyk etmek üçin Öwezmyrat batyryňkyda bolangürrüňi olara mälim etdi.— Şu gün demirçi bilen Öwezmyrat batyryň arasynda şeýlegürrüň boldy. Öwezmyrat batyr özüniň dul gyzyny ýanynagöçürip getirmäge razylyk berdi - diýip aýtdy.Bu gürrüň oturanlaryň gyzygyny gaçyrdy. Olar ýerli ýerdenOrazgeldi kümsüge sorag berip başladylar. Her bir zadyçintgäp-çintgäp soradylar. Orazgeldi kümsük bolsa hemmezady bolşy-bolşy ýaly edip, telim gezek gaýtalap gürrüň berdi.Ahyry olar hut şu ýeriň özünde maslahaty çugdamladylar.Şondan soň Seýitmyrat beg özüniň mekir enesi bilen baýryheleýine gep oltarmagy sapak berdi. Arslan baý öz aýaly Soltanhana sapak berdi.Şeýdip, olar Gülsoltany öz torlaryna çolaşdyryp, bagtynyýatyrdylar. Öwezmyrat batyra ýene bir aýňalmaz ýaly zarbaurdular.GALTAMANLAR IÇINDE— Seniň üçin kim gam çekmeli?..


On bäş-on alty ýaşlar çemesindäki gyzyň gara gözlerioýnaklap, garşysynda duran ýigdekçäni owsunlap deminedartyp barýardy.Onuň garşysynda duran ýigdekçe:— Bu näme diýdigiň?.. Meniň üçin... - diýip, gyzyň ýüzüneçiňerildi-de, sözüne dyngy berdi. Bir salym oýlanyp durdy. - Olnähili gam?.. Men-ä hiç zada düşünmedim...Ýigdekçe gapdalyndaky syrdam derege söýendi.Gamgynlyk bilen boýnuny burdy.— Düşünmediň-ä, Perman... - Ýüregindäki tolkunly joşgunynähili dökjegini bilmän, gyz kyn ýagdaýa düşdi, ýüzünegyzgylt öwüşgin çaýyldy. Ol häzir nirede duranyny, nämeedýänini hem bilenokdy. Suw bilen gyrmalap goýan çeleginipikirinden çykarypdy.Perman bilen gyzyň duran ýeri medresäniň bagly-gülzarlyhowlusynyň bir gapdalyny kesip geçýän suwly ýabyň boýudy.Olaryň her haýsy ýabyň bir tarapyndady. Kimdir biri bularyňduranyny uzakdan garalap gördi-de, güri agaçlary pena edinip,olara tarap bukdaklap ugrady.— Dogrudanam, düşünmedim, Jahan...- Perman uludandemini aldy. - Men bu gürrüňiň nähili ara düşenini bilemok.Biz düýbünden başga zadyň gürrüňini edip durduk. Sen ertirmallaryňy nirä çykarjak diýdiň, menem niräniň oty parç bolsa,


şoňa diýdim. Senem ysmanak ýygmaga gitjegiňi aýtdyň.Gitseň, gaty gowy edýäň. Men her saparam seniň ýüküňi ulagadakýardym ahyry, ýene-de göterip bererin. Ýeri, onsoň bu aragam çekmek hakdaky gürrüň nireden geldi? - Ol tukatlyk bilendymdy. Onsoň başyny çala galdyryp, Jahanyň ýüzüne seretdide,sözüniň üstüni ýetirdi.- Men ýalňyz, Jahan. Öz gamymymeniň özüm çekmeli...— Ýok, ýok, sen bilmediň... Sen meniň aýtjak bolýanzadyma düşünmediň - diýip, gyz aňyrdan tolkun urup gelýänsözleriň badyny güýç bilen saklap, bir az sagyndy.— Belkem, düşünen däldirin - diýip, Perman ylalaşdy. Olhäzir özüni arkaýyn saklajak bolsa-da, bu oňa başartmaýardy.Onuň tegelek gara gözleri uçganaklap, bugdaý reňk ýüzi hemnar ýaly gyzarypdy.Ýabyň aňry ýüzünde duran mähek ýaly duýgur gyznazaryny onuň bir gyzaryp, bir agaryp duran ýüzündenaýyrmaýardy. Ýigidiň häzirki agras keşbi hem onuň görmegeýýüzüne çirk ýetirip bilmeýärdi. Onuň güri gaşlary, güri saçlaryýüzüne üýtgeşik gelşikberýärdi. Esli wagtlap ara düşen ümsümligi ýene ýigit bozdy.— Dogrusy, bu ýerde düşünmez ýaly zat ýok - diýip, olkineli gürledi. - Seniň üçin gam çekýän ýok. Sen ýerden ýekeçykan. Gamhorsyz, hossarsyz-howandarsyz bir adam. Güjük


wagty, eýesini tanamaýan bir wagty biriniň yzyna düşüp gelenbir it. Hudaý-a urupdyr, indi pygamberem hasasy bilen dürtýär.Ine seniň maňa aýtjak bolýan zadyň...— Haçan men şeýle zat diýenmişim?! - Gyz ör-gökdengeldi. - Ýok, ýok, Perman, he-ýem men saňa şeýle zatdiýerinmi? Sen näme maňa näbeletmi? Çaga wagtymyz bileoýnanymyz-a hasabam däl, soň ikimiz meýdanda näçe gezeklerduşuşdyk, oturyşdyk, ýolda bile ýöreşdik. Heý, meniň saňaşeýle gyjalat beren wagtym boldumy? Heý, menden ýaman sözeşiden wagtyň boldumy?— Eşitmändnm. Indi eşidäýmesem.— Häzir sen meniň hyýalamda-da ýok, ýatsam-tursamdüýşüme-de girmejek zatlary göwnüňe getirip dursuň, onuňýaly zady men hiç wagtam diýmen, Perman - diýip, Jahanýüreginden syzdyryp aýtdy-da, birdenem sözüni tapba kesdi.Gyzyň sözüni kesip dymyp galmagy ýigidi oýlandyrdy.— Dagy sen maňa näme diýmekçidiň? - diýip, ol göwünligöwünsizýylgyrdy. Gamly gözlerini tegeläp, sesini çykarmanduran gyzyň ýüzüne çiňerildi. Gyzdan jogap bolmansoň, olgürrüňini dowam etdi.— Bu zatlar aýdylanda-aýdylmanda-da, olaryň hemmesidogry. Meniň tüýs bolşum şeýle ahyry. Meniň bu bolşumdan


sypara ýagdaýymam ýok. Tüýs hudaýyň uranyny pygamberhasasy bilen dürtýär.— Pygamber... pygamber... - diýip gaýtalady-da, gyz uludandemini aldy. Gapdalyna pena bolup duran agajyň daşyna saggoluny aýlady. Agaja agramyny atyp, sag ýaňagyny sütüniniňýüzüne berip sözläp başlady:— Sen türk, ýa-da bilgeşleýin edýärsiň, Perman. Sen meniňsözlerime düşünmediň-de, başga tarapa çekdiň. Sen bilýärmiň,meýdandan ot ýygsam-da, ysmanak ýygsam-da, odun ýa-datezek ýygsam-da, sen meniň ýükümi erkegiňe dakardyň-da,ýüzüň ugruna gapymyza getirip düşürerdiň. Sen maňa şeýleköpkömekberýärdiň, men onuň üçin saňa alkyş edýärdim. Seniň Permanadyňy ömür ýadymdan çykarar ýaly bolmandym. Edenýagşylygyň üçin ejemem saňa alkyş edýärdi welin, olamindiden beýläk öňki alkyşlaryny gargyşa öwrüp başlady.Perman geňirgenip, onuň sözüni böldi.— Näme üçin ejeň mana gargyş edýär? Men näme etmişetdim? Haýran galmaly zat. Degmänkäň-dolaşmankaň,tötänden gargyş ýagyp dursa...— Hal mollany tanaýarmyň? - diýip, Jahan Permanyň özünesorag berdi.— Hal mollany tanamaýan barmy?


— Tanaýan bolsaň, şol Hal mollanyň baýry aýaly Hüýrjemalmeniň ejemiň uly aýal dogany hem gudasy. Ana, şol Hüýrjemalejem baranda, biziň üstümize atyp bilen myjabatyny atypdyr.Şondan bäri ejem maňa iňirdäp, azar ýamanyny berýär.—Ýagşy bu iki arada mende näme ýazyk bar?— Kimde ýazyk bar, Perman? Mende-de ýazyk ýok. Olheleýiň özüniň tapyp ýören zatlary şol. Indi bu habar uly ile-deýaýrap gider.— Asyl men hiç zada düşünemok. Men eden etmişimembilemok.— Etmişi öň etmedigem bolsaň, indi etmeli bolarsyň.—Özümi bilip etmen, asyl golaýyndanam barman.— Özüň öz aýagyň bilen etmişiň üstünden baranyňy duýmangalsaň nädersiň?— Armanly bolaryn.— Çigit ýalam ökünmän, gaýta şol etmişiňe begenip, şonuňbilen öwünip ýörjegiňem bilýän - diýip, gyz torsaryljyrady.Diňe gyzyň şu sözlerinden soň Permanda üýtgeşik bir duýgypeýda boldy. Ol birinji gezek görýän ýaly, Jahanyň ýüzünedikanlap seretdi.Jahan Permanyň çagalykda bile oýnap-ösen deň-duşudy.Permandan sähelçe ýaşy kiçi hem bolsa, ony özüne ýakyn


tutýan deň-duşlarynyň biri hasap edýärdi. Sebäbi PermanJahanyň hemme häsiýetlerine beletdi.Jahanyň garryja mamasy gaty gürrüňçi, ertekiçi aýaldy.Jahan onuň “çuwal-çuwal” ertekilerini, hekaýatlaryny höwesbilen diňleýärdi. Soňra ol mamasyndan eşiden gyzyklyertekilerini Permana hem aýdyp berýärdi.Perman Jahanyň özüne mylakatlylyk bilen, mähribanlykbilen garaşýandygyny bilýärdi. Onuň duýgy-düşünjesiniň barhagiňeýändigini, kämilleşýändigini hem görýärdi. Ol munybolmaly, adaty zat hasap edýärdi. Jahany edepli, akylly gyzhasaplaýardy. Ol Jahanyň mamasynyň aýdyp berýän ertekidirhekaýatlarynyň gyzyň duýgy-düşünjesiniň, ruhy dünýäsiniňkämilleşmegine ýetirýän täsirinden bihabardy.— Aý, şeýtan gyz, sen meni oýnajak bolýarmyň? - diýip,Perman Jahanyň ýüzüne seredip durşuna gülümsiredi. - Seniňgün-günden şeýtanlygyň çykýar. Sen meni suwa äkidip,suwsuz getirjek bolýan-a dälsiň-dä?...— Sen şu ömrümde tä şu güne çenli heý meniň şeýtanlykedip, oýundan-çyndan seni aldan ýerim boldumy? Bolan bolsa,aýt - diýip, gyz şol bir näzli torsaryljyrama bilen gürledi.— Bolmandy.— Bolmadyk bolsa...


Şol wagt kimdir biriniň yzly-yzyna ardynjyrany eşidildi.Garaşylmadyk ýagdaýa bularyň ikisi hem ör-gökden geldi.Perman aňk-taňk bolup, “bir duran ýerinden butnaman sanjylypgaldy. Jahan beýle ýanynda duran çelekli torbasynyň ýanynaböküp bardy. Arkasyny çelege ýaplap, hasyr-husur torbasynyňbarlaryny köşesinden geçirip çekişdirdi. Çelekli torbanyarkasyna alyp, çalasynlyk bilen ýerinden turdy-da,garşysyndaky güri baglyga urup gitdi.Perman butnaman durşuna, otuz-kyrk ädim beýleýanyndaky ýogyn derekden gözüni aýyrmady. Näme üçindir,oňa ähli syr şol deregiň aňyrsynda gizlengi ýaly bolup göründi.Ol ýalňyşmandy. Deregiň aňyrsyndan sary towugyň maslygyýaly tüýi bulaşan telpek göründi. Ol telpegi tanyş görenPermanyň göwrümi giňäp, çalaja ýylgyrdy. Onýança hemderegiň aňyrsyndan Permanyň gowy görüşýän dosty Çarygülümjiräp çykdy.Çary bularyň gürleşip duranyny uzakdan görüpdi. Onsoň olagaçdan agaja bukdaklap, olaryň golaýyna barmakçy boldy.Emma ol Perman dagynyň otuz-kyrk ädimligindäki deregiňaňyrsynda bukulmaly boldy. Sebäbi mundan aňyrda arkasyndagizlener ýaly uly agaç ýokdy. Çary deregiň arkasyna bukulyp,olaryň gürrüňini diňlemäge durdy. Emma ara daş bolansoň,olaryň gürrüňi aýyl-saýyl eşidilmeýärdi. Ol gürrüňiň näme


hakdadygyny eşitjek bolup, gulagyny şunça gabartsa-da,peýdasy degmedi. Ahyry ol durup-durup ýadansoň, ardynjyrap,bularyň gürrüňini bozdy.— Gitdimi? Gitdimi? - diýip, Çary ýylgyrjaklap Permanyňýanyna geldi. Ol Permanyň ýüzünde nägilelik alamatynygörüp, özüni ýitirjek ýaly etdi. “Gyzy ürküzenimi Perman gatygörüpdir” diýip oýlandy. Permanyň gaharyny, öýkesini ýazmaküçin hemişeki şelaýynlygyna tutup başlady. - Men şunçaýetişäýdim. Bolmasa, ol gyz seni owsunlap demine dartýardy.Çöregiň bitin eken, gardaş. Ol edil adamçy maýa ýaly üstüňeabanýar. Hernä meniň bogazymyň gijäni ýagşy bolaýdy. Seniuly howpdan gutardy.- Permandan ses-üýn çykmandan soň, olýene dowam etdi. - Be-heý, Jahan ýaly sarç bir gögerçiniňemseniň toruňa düşenini gördüm. Haýran galdym. Siziň bargürrüňleriňizem diňledim. Jikme-jik eşitdim.Çarynyň sözlerini biperwaýlyk bilen diňläp duran Perman:— Bolýar, bolýar, eşiden bolsaň, gowy edipsiň. Ýör onda,gideli - diýip, ýöräp ugrady.— Oýun edýän-laý, eşitme nire - diýip, Çary onuň bilengapdallaşyp barşyna çynlakaý gürläp ugrady.- Men seni gözläpçykdym. Öýüňizde ýok ekeniň. Onsoň suwuň boýundadyr-ladiýdim. Görsem, sen Jahan bilen gürleşip dursuň. Onsoňagajyň arkasyna bukulyp, gürrüňiňizi diňlejek boldum. Siz


olsaňyz, edil görüňiz başyňyza ýykylan ýaly, dünýäniduýaňzok. Siziň üstüňize talyplaryň biri gelermikä ýa-daahunlaryň biri görermikä diýip, ýüregim ýaryldy. Onsoňardynjyrap, ürküzmeli boldum.Çarynyň bu sözleriniň jany ýok däldi. Medrese olaryň duranýeriniň alkymyndady. Howlynyň ikinji tarapy hem ahunlaryňmaşgalasynyň oturymly howlusydy. Ondan aňrygam malhowlusy gidýärdi. Bu üç utgaşyk howlynyň kese gaýra daş ýüziboýdan-başa ini bir tanap ýer tutýan güri baglykdy. Bu iriýmişlibaglygyň ýeňsesinde bolsa on bäş tanap meýdanüzümçilik bardy.Iki dost şu baglygyň içi bilen bir meýdan sesini çykarmanýöredi. Çary ara düşen dymyşlyga çydamadyk borly, sagyndyda:— Perman, Jahan bilen näme hakda beýle uzak gürleşdiňiz?- diýip sorady. - Jahanyň näme diýenini maňa-da aýt-da.Perman hiç zat aýtman, Çarynyň ýüzüne garap ýylgyrmakbilen oňdy.— Näme dymýaň? Jahan näme diýen bolsa, aýt-da. Ýa-damendenem syryňy gizleýäňmi? - diýip, Çary nägilelik bilenseslendi. Perman Çarynyň sözlerineperwaýsyzlyk bilen jogap berdi:


— Ony özüm eşitdim diýdiň-ä. Eşiden bolsaň, bolýar-da, şoleşidişiň bilen oňubererler. Başdan eşidemok diýen bolsaň,baryny aýdyp bererdim. Indi gaýtalap durmak nämä gerek?Perman ony has-da odukdyrmak üçin, ýüzüni bir gapdalasowup çalaja ýylgyrdy.— Ýok, duz ursun, eşitmedim - diýip, Çary özelenipbaşlady. - Eşiden bolsam, gulagym gapylsyn. Aýtsana, Perman,bir eşideýin-le.— Dogrymy aýdaýynmy ýa-da ýalan sözläýinmi?— Dogrusyny aýt, Perman.— Dogrusyny aýtsam... - diýip, Perman oýlanjyrady. -Walla, ýadymdanam çykypdyr eýýäm.— Edil içimi ýakýarsyň, Perman.— Dogrusyny aýtsam, gürrüň köp, Çary.Olar medrese howlusy bilen ahunlaryň howlusynyňgaýrasyny kesip geçip, mal howlusynyň bir burçuna ýetdiler.Şol ýerde bagçylyga bakan açylan gapynyň agzyndaky sekiniňýanyna ýetdiler. Bu gapy köneje bir tamyň gapysy bolup, onuňbir gapysy mal howlusyna tarap, ikinji gapysy bolsa baglygatarap çykýardy.— O nähili gürrüň köp? - diýdi-de, Çary köneje telpeginialyp, aşagynda goýdy-da, sekiniň bir gyrasynda oturdy. Perman


hem onuň gapdalyna geçdi. Çary Permanyň agzyna aňkarylyp,onuň sözlärine garaşdy.— Aýtsam, il arasynda seniňem gürrüňiň gyt däl - diýip,Perman Çarynyň düýbünden garaşmadyk ugrundan gopdy. -Seniňem dabaraň dag aşypdyr.— Biziň nähili gürrüňimiz bolsun?— Nähili bolmasyn? Seniňem barýanja ýeriňi eýýäm ilaňlapdyr. Bir saparky masgaraçylygyň ile jaram bolupdyr -diýip, Perman söz arasynda assyrynlyk bilen Çarynyň ýüzünegarady.Çarynyň ýüzi gyzaryp gitdi.— Ony hiç kim görmändi ahyryn - diýip, berk ynanç bilenaýtdy. - Men näme edipdirin? Hiç zadam etmedim. Onuň öziilki üstüme suw serpdi. Menem suw serpdim. Ol meniň arkamaýumruk bilen urdy. Menem urmaga dözmän, elinden tutdum.Başga bolan zat ýok.Perman bu gürrüňi Çarynyň ünsüni özünden sowjak boluphile bilen aýdypdy. Bu wakany öň bir gezek Çarynyň özi oňagürrüň edip beripdi.— Başga näme boljakdy? Biriniň çuwal gyzyna şeýle lakataňsoň, elinden tutaňsoň, saňa başga näme gerek? - diýip,Perman gara çyny bilen gürledi. - Gaýyn öýi eşitse, nämediýer? Çerräňki ýaly gulaklaryňam jomrardylar. Ýöne


görmänleri ýagşy bolupdyr. Indi ýöne işiň arçyna-zada düşse,derteminleriňöňünde ýüzüňi gyzardyp oturmaly bolsaň, şonda ýaman bolar.— Muny nireden bildilerkä? Şularam Jahan gürrüň berdimi?- diýip, Çary geň galyp sorady.— Hawa, Jahan gürrüň etdi. Bilmejek gümanlary barmy?— Wah, muny Göwheriň özi Jahana gürrüň berendir - diýip,Çary pikire gitdi. Çünki öň bir wagtlar Çarynyň ulyagasynyňam üstüne şeýle myjabat ýüklenip, obadan gaçgakedilipdi. Ol agraslyk bilen başyny galdyryp, Permanyň ýüzüneseretdi. – Onda indi men nätsemkäm?— Näme etmeli bolar? Barjak ýeriňi tanap barmaly,agzyňdan çykýan sözleri bilip aýtmaly. Kim bilen işsalyşýanyňy bilip, eden işiňi seljerip etmeli.Perman bu sözleri agzynyň ugruna aýdyp goýberipdi. Busözler garrylaryň agzynda köp gaýtalanýan sözler bolansoň,onuň gulagynda galypdyr-da, gepiň gerdişine aýdypgoýberipdi. Ýogsa bu sözleriň manysy onuň özüne hasdegişlidi. Ol, aslynda, basan ýerini seljermezlikde Çarydanhem kütekdi.Çary başyny aşak salyp, agyr pikire gark bolup esli oturdy.


— Geçilmesiz güzerden geçilip, barylmasyz ýere barlypdyrda- diýip, uludan demini aldy-da, Permanyň ýüzüne garady. -Näbileýin beýle zatlaryň boljagyny.Dostunyň agyr ýüküň aşagynda galan dek ýegşerilipoturyşyna Permanyň ýüregi awady. Ony mundan artykkösemäge ýüregi etmedi. Onuň egnine elini goýdy-da,gözlerini güldürip, ýüzüne seretdi:— Birneme dikel-how. Oýun etdim, hiç hili gürrüňem ýok ilarasynda.Çary onuň ýüzüne aňalyp esli oturdy.— O nähili gürrüň ýok? Onda sen bu zatlary nireden bilýäň?Perman gara çyny bilen hahahaýlap güldi.— Akmak, bu zatlaryň baryny maňa özüň gürrüň berdiň-ä ...Çary iki ýumrugyny düwüp, maňlaýyna ýumruklady:— Dogrudanam, akmak... - Onsoň Permanyň egnine ýapyşypsilterledi. - Eý, heý adam bilen beýle-de bir oýun ederlermi?Çynmyka diýip, meniň gara janym galmady ahyry.Ol bu sözleri gaharlanan kişi bolup aýtsa-da, kiçi dilindenbärde gaharlanýardy. Onsoň özem Permana goşulyp, heziledinip güldi.* * *


Perman şol günden soň köp wagtlap Jahany görmedi. Jahanbilen duşuşyk, aralarynda bolan gürrüň onuň kalbynda joşgunlyduýgy oýaranam bolsa, ol özüni Jahan hakdaky pikirden daştutjak bolmaga çalyşýardy. Ýüregindäki söýgi joşgunynyjylawlap saklaýardy. Jahan bilen duşuşmagyň ýolunygözländen geçen, gaýta bilgeşleýin çeke durýardy. Sebäbi olözüniň ýekedigini, hossarynyň-howandarynyň ýokdugynybilýärdi. Ejesi Seýitmyrat begleriň alyna düşüp,Muhammetmyrat ahuna barandan soň, Permanyňam görenieşideniahunyň hyzmaty bolupdy. Ol göwnüne degilmekden,kemsidilmekden başga zat görmändi. Ony äre giden heleýiňyzyna düşüp gelen ýetim saýýardylar, adamdyramöýtmeýärdiler. Şonuň üçinem hemişe Permanyň egni gysykdy,ýüzi aşakdy.Bir gün obanyň orta gürpündäki derwezeden çykan keteniköýnekli, tylla gupbaly gyz öň ýanlaryndaky suwly ýaba onuňhemişeki suw alynýan olumyndan barman, ileri ýanyndakyýaşajyk söwütleriň arasy bilen baryp, bedrelerini ýabyňýakasynda goýdy. Göýä ýitireni bar ýaly töwereginegaranjaklady. Söwüdiň güri ýaşajyk ýapraklaryny iki ýanaserpişdirýärdi, aşak-aşak basyşdyrýardy. Ol söwütşahajyklaryny iki ýana serpişdirip, boýnuny uzadyp öňe


arýarka, birden bir zada gözi düşen ýaly bolup saklandy.Söwüdiň pürlerini gysymlap durşuna, öňe ümzük atdy-da:— Perman! Perman! - diýip, assaja seslendi.Hiç zada başyny galdyrman bagyň içinde işläp ýörenPerman piliniň sapyna daýandy-da, başyny galdyrdy. Özünebaka delminip, el bulap duran gyza gözi düşdi. Dessine özünigüri söwütligiň arasyna atdy.— Ne zor işleýärsiň? - diýip, gyz oňa lak atdy. Perman çalajagülümsiräp jogap berdi:— Hawa, işlemeli bolýar.— Näme üçiň ol gün bar diýen ýerime barmadyň?— Meni Muhammetmyrat ahun edil şol wagt gyssagly birýere ýollady. Şonuň üçin gelip bilmedim.— Muhammetmyrat ahun diýsene... - Jahan bir azajyksagyndy. - Meniň aýdanlarym nähili? Wadaňda durup bilermiň?Perman ýaýdançly sözledi:— Men durup bilerin welin, nirä barjagymy bi'lemok, Jahan.— Bilmez ýaly näme bar. Meniň öňki aýdyşym ýaly edäý.Sen meniň ýanymda durup bilseň bolýar.— Meniň durup bilmejek gümanym barmy? Men duraryn-la.Ýöne seni bilmeýärin. Jahan, sen köp wagtlardan bäri mendiýýärsiň. Emma men saňa gaty ynanmaýaryn. Sebäbiynanarlyk zat göremok.


— Näme, näme? Näme diýdiň?— Saňa nähili ynanjagymy bilemok diýýärin.— Hany, ýabyň ol ýakasyna özüňi çekip durma-da, bärikgeçsene. Hany ber eliňi bolmasa...— Ýok, özüm geçerin.Perman elindäki pilini söýget edinip, ýabyň aňry ýüzüneedil Jahanyň ýanyna towsup düşdi. Jahan bir hili ýuwaş hereketbilen Permana baka ýöneldi. Birden onuň gözleri Permanyňýyrtyk balagyna düşdi. Onuň bir dyzy çykyp durdy. PermanJahanyň görenini bilip ýygşyrynjak boldy. Şol wagt hem biraýagy suwa gitdi. Jahan:— Haý-haý! - diýip tutmakçy boldy.— Zyýany ýok, zyýany ýok!- diýip, Perman ham çaryklyaýagyny suwdan çekip aldy.— Ýene ejemem bar diýýärsiň. Ol seniň dyzyň ýyrtygyny-daçatmandyr. Pä-heý, seniň eje bolaýşyny - diýip, Jahan özbaşyna hümürdedi. Onsoň ýuwaşlyk bilen Permanyň elindentutdy-da, assaja ses bilen gepläp başlady. - Men seni şeýle birsöýýärin, Perman, ýürekden gowy görýärin. Ýöne sen nämeüçin maňa ynanmazlyk edýärsiň? Beýle bolma, Perman. Meniýakma. Ynan, ýürekden söýýärin.— Söýýäniňe ynanýan, Jahan. - Perman hem gyzyň golundantutdy. - Ýöne men özümiň kimdigimi tanaýaryn. Kimiň


ogludygymy bilýärin. Ynha garşyňda duran ýeke-täk ýyrtykbalakly Perman. Seniň hem Jahandygyňy, ataň-eneňitanaýaryn. Men ine şu ikisiniň jebis geljegine ynanmaýaryn.— Sen, Perman, meniň Jahandygyma ynanýan bolsaň, şeýlezatlary göwnüňe getirme. Maňa ynan. Meniň ýüregimi ýarypgöräýseň bilerdiň. Men seni ynandyraryn. Hakykatdyr, Perman- diýip, gyz hamsykdy-da, Permanyň goltugyna ýaplandy.— Bolýar, men ynanaýyn. Et diýeniňi-de edeýin, Jahan.Perman şeýle diýenden soň, Jahan kellesini galdyryp, onuňýüzüne seretdi. Birigün nirä barmalydygyny aýtdy. Gitjekbolanda:— Hökman şol dalbaryň aşagynda tapylgyn, ahyrkywadamyzy belleşeli - diýdi-de, bedresini ýarsyndan edipöýlerine gitdi.Perman söwütleriň ýapraklaryny gysymlap dikilip durşuna,tä garasy ýitýänçä onuň yzyndan garap durdy.Perman gyzyň sargap giden dalbarynyň aşagynda özüniňwadaly müddetinde tapyldy. Jahan hem diýen wagtynda geldi.Gyz bu sapar maslahat bilen gelipdir. Ol:— Men tomus egin-baş şaýymy tutaýyn. Şondan soňwadamyzy belleşeli - diýdi.


Perman hem bu maslahata razy boldy. Bir salym gülşüpoýnaşdylar. Şondan soň olar indiki duşuşjak ýerlerini hemwagtyny belleşip, öýli-öýüne gitdiler.Olar wagtlaryny şu hili keýpi hoşlukda geçirip, pasly güýzeýetdiler. Güýzüň bir açyk gijesi duşuşmagy wadalaşdylar.Perman Jahanlaryň öýleriniň golaýyndaky goja tuduňdüýbünde garaşyp otyrdy. Wagt ýary gijeden agypdy. Dikasmana galan Kerwengyran ýyldyzy “bu dogan daň ýyldyzybolaýmasyn” diýdirýärdi. Permanyň her minudy sagadadönüpdi.Şol wagt obanyň bir çetinden bir eşegiň aýylganç aňňyransesi geldi. Obanyň her ýerräginde bolan eşekler biri-biriniňsesini eşidip, sazlaşykly aňňyryşyp başladylar. Itlerem üýrüşipala-gopgun boldular. Bu goh-galmagal Permanyň howsalasynyhasamartdyrdy. Ol gözüni Jahanlar tarapdan aýyrmady.Ahyry gabat ilerik garap duran derwezäniň kiçijik gapysyaçyldy. Ondan çykan gara çala bir sagynjak ýaly etdi-de,Permanyň garaşyp oturan ýerindäki tut agajyna tarap ýöneldi.Ýaldyragyň ýangynyndan soňky güýzüň salkynjak howasyndaşemala çalaja şygyrdaýan tut şahalaryndan biwagt hazanşemaly degen birki sany ýaprak gaýyp gaýtdy.Howludan çykyp gaýdan gara tuduň golaýjagyna geldi-de:


— Perman! - diýip, ýuwaşja seslendi. Perman oňaözündenem ýuwaş ses bilen jogap berdi.— Hä.— Sen garaşyp otyrmyň?— Hawa.— Eşidýärmiň, olar meni gözleýärler. Sen entek bir az garaş.Men zatlarymy duýdurman alyp çykaýyn - diýip, gyzhowsalaly gürledi.— Hoş. Men garaşaryn. Emma tizräk geljek bol. Daňýakyndyr.Jahan yzyna öwrüldi-de, ýene derwezeden girip gitdi. Daştöweregiümsümlik gaplap aldy. Onda-munda gygyryşýanhorazlaryň sesiniň eşidilip başlamagy, wagtyň geçýänligindenhabar berýärdi. Perman barha howsala düşýärdi.Ahyry derwezäniň kiçijik gapysy açylyp, ondan çykan garaPermana tarap gaýtdy. Özüniň bar egin-esbabyny bir tüýnükliýaglyga daňan Jahan tuduň düýbüne golaýlandan Permanoturan ýerinden böküp çykdy. Olar öz aralarynda nämedir birzat barada çalaja hümürdeşipdiler. Gyssanmaç ýola düşdüler.Ýöne olar uly köçä çykýan bu egremçe köçe bilengitmediler-de, uly köçä tarap dogrulap ugradylar. Derrewbularyň öňünde beýik haýat peýda boldy. Olar şol haýatdangeçseler aňyrsy aňsatdy, baglyga urup gidibermelidi.


Tuduň düýbünden ugran batlaryna derwezeden ýene birgaranyň çykyp, özleriniň yzyna düşüp ugranyndan bularyňhabary ýokdy. Olar haýatyň düýbüne ýetip,aýak çekdiler, çala hümürdeşip güýmendiler. Derwezedençykan gara hem töweregine ýaltaklap, bulara golaýlaşdy.Perman haýatyň üstüne mündi. Ol Jahanyň elinden çekjekbolup aşak eglen halatynda, bularyň yzyna düşüp gelýän garagyssanmaçlyk bilen:— Jahan! - diýip seslendi.Iki elini ýokaryk, Permana tarap uzadyp duran Jahan elleriniaşak goýberdi-de, yzyna garady. Bu garaşylmadyk sese ýüregiýarylan Jahan bir-iki ädim yza tesdi. Oňa çenli yzdan gelýängara Jahana golaýlaşdy. Muny gören Perman haýatdan aňrykdüşüp, baglara siňip gitdi.Aňyrdan gelen Jahanyň üstüne abandy-da, sojap-sojap,demi-demine ýetmän gürledi:— Jahan, seniň bu edip ýören işiň näme? Bilýärmiň, ataňeneňduýaýsa bu işe näme diýerler? Bu edýän işiň gaty ýamanişdir. - Heniz aýňalmaga ýetişmedik Jahan sesini-üýnüniçykarman durdy. Aňyrdan gelen sözüni dowam etdi. - Gatymyrtar, ilde ýok iş. Il-gün duýsa nähili bolar?..Bu arada özüni birneme raslan Jahan:


— Näme bolanmyş? Hiç hili bolan zat ýok - diýdi-de, ýenedymdy, yzyna, derwezä tarap ugrady. Derwezäniň agzynaýetenlerinde aňyrdan gelen:— Ol kimdi? - diýip sorady.— Kim boljakmyş? Hiç kim! - diýip, Jahan gaharlysiltenjiredi.—Näme men haýatyň üstündäki garany gören däldiröýdýärmiň?— Bolupdyr-da gören bolsaň... Hiç kim däldi.Bularyň yzyndan ýetip, Jahany alyp gaýdan onuň atasynyňaýlykçysydy. Ol hem öz ýanyndan Jahandan umydygärdi.Emma onuň umydygärligi öz ýanyndan yşketmek bilen çäklenýärdi, onuň öz yşkyna düşüp ýörenindenJahanyň habary ýokdy. Bu gün Jahana wagty bilen çykypgitmäge päsgel berenem şoldy.Bu gün Jahanyň atasy öýde ýokdy. Şonuň üçinem aýlykçyJahany ejesine eltip gowşurdy hem ony bolan ýagdaýdanhabardar etdi. Jahanyň ejesi:— Sen muny hiç ýerde agzyňdan çykarma. Ne atasy bilsin,ne başga adam. Hiç kim aňmasyn - diýip, aýlykça pugtatabşyrdy. Bu tabşyrygynyň yzyny oňa eden ýagşylygy üçinhoşamatly sözler aýtmak, alkyş okamak bilen berkledi.


Aýlykçy ýatak ýerine gidensoň, enesi uzakly gije gyzynaykarat etdi. Ol öz ýanyndan aýlykçynyň aňyrky garanyňkimdigini tanamandygyna begenýärdi. Özibolsa gyzynyň kimde göwnüniň bardygyny aňýardy hem onuňkim bilen gaçjak bolanyny çaklaýardy. Şonuň üçinem ol:— Seniň ilden gözläp tapanyň şol ýedi gapyda ýer tapmadykýetimek boldumy? - diýip, gyzyna igenip başlady. - Indi şondanbaşga adam gyryldymy? Hana, seniň öz adaglyň gül ýalyoglan. Onuň bir aýby entek ýaşlygy. Başga näme kemi baronuň? Şeýle döwletli maşgalany taşlap, bir ýetimek bilen gitjekbolýarmyň? Ol döwlete kast etseň, sen pes bolarsyň.Ol gyzyna iňirdäni, öwüt bereni bilen oňmady. “Meniňgyzyma kimdir biri jadyly doga edipdir. Ertire çyksam, muňagaýtargy doga-tumar alaýyn” diýen pikiri ýüregine düwdi.Şeýdip, gyzyň ejesi gijeki wakany basyrdym-busurdym etdi.Emma ol bir zatda ýalňyşýardy. Ol gyzynyň kim bilen gaçjakbolandygyny özünden başga güman edýän adam bardyröýtmeýärdi. Aýlykçynyň Jahanyň kim bilen gaçjak bolanynybilmeýändigi hakda aýdan sözlerine gara çyny bilen ynanypdy.Aýlykçy mekirlik edendir diýip göwnüne-de getirmeýärdi.Ýöne aýlykçy gije Jahanyň gaçjak bolan adamyny gözi bilengörüp tanamadygam bolsa, ol hem edil Jahanyň ejesi ýaly,Jahan bilen Permanyň arasyndaky gatnaşygy aňýardy. Ony


Jahanyň her ädimini yzarlap ýörmäge mejbur edenem şolmüňkürlikdi. Ýöne ol Jahanyň ejesiniň ýanynda Perman hakdabilgeşleýin dil ýarmandy. Ýöne ol bu syry uzak içinde hemsaklap bilmedi. Onuň birki ýerde agzyndan sypdyran söziagyzdan-agza geçip, barha ulalyp, üsti doldurylyp il arasynapaş bolup gitdi.Munuň ýaly habara ysyrganyp, bähbit arap ýörenadamlaram köpdi. Arçyna-da, onuň eminlerine-de geregi şunuňýaly gürrüň. Olar ysyrganyşyp, bu gürrüňi öwrüp-çöwrüp özpeýdalaryna öwürdiler. “Däli dälini söýer, molla ölini” diýişleriýaly, bu şumlukdan özleri üçin bir zat ýonmagyň ugrunaçykdylar.Bir gün ýasawul taýagyny towlap, bagyň içinde işläp ýörenPermanyň ýanyna geldi-de, ony öňüne salyp, arçynyňka alypgitdi. Bu garaşylmadyk çakylyga Permanyň ýüregi ersip gidenýaly boldy. Emma basym özüni ele aldy. “Indi näme bolsagörübermeli bolar” diýip, göwrümine giňlik saldy.Ýasawul Permany arçynyň öýüniň gapysyndaky tamyňişigine eltdi-de:— Alyp geldim! - diýip mälim etdi hem daş işige çykdy. OlPermana içeri gir diýen yşarat etdi.Perman gapydan salam berip girdi. Emma munuň salamynyalan adamam bolmady, geleweri diýen adamam. Belki,


Permanyň özi hem salamym alnar, geldiýlip mürähet ediler diýip ymsynan däl bolsa gerek. Ol içişikde arkasyny diwara söýedi-de, törde halynyň üstündeoturanlara göz aýlady.Arçyn bir burçda ýanyny per ýassyga berip gyşaryp ýatyrdy.Eminleriň dördüsi hem onuň ýanyndady. Olaram perýassyklary tirsekleşip ýatyrdylar. Olaryň boşadan çäýneklerihenizem aýrylman, ortada üýşüp durdy.Arçyn tirsegine söýenip ýatan ýerinden dikeldi.Gapdalyndaky äpişgeden agzyndaky nasyny daşaryk tüfläpgoýberdi. Agzyny çalyşdyryp, oturyşyny düzetdi. Onsoňgahardan gyzaran gözlerini alardyp, Permanyň ýüzüne dikdide:— Perman senmi? - diýip dazaryldy. Onuň maňlaýyndakyýygyrtlar has köpelen ýaly boldy.— Hawa, arçyn aga men - diýip, Perman oturyşyny düzetdi,gurap duran bogazyny açmak üçin çalaja ardynjyrady.— Sen bolsaň, ol gije näme işler etdiň? - diýip, arçyn hamanaeýýäm hemme zada ýetik äheňde azgyryldy.— Aý, aga, men-ä üýtgeşik bir eden işimi bilemok - diýip,Perman ýöwsel jogap berdi.


— Ine, saňa gerek bolsa - diýip, eminleriň biri arçynyňýüzüne ýallaklady. - Ol öz eden işini bilenokmyş. Ýeri, muňanäme diýersiň?Soňra ol emin ýüzüni çytyp, Permanyň ýüzüne garady.Onuň ýüzi Permana bethaýbat göründi. Onuň torba ýaly garasakgaly guşaklygyna düşüp durdy. Onuň bu görnüşi Permanyňhowalasyny basdy. Ol birdenem oýnaklaýan ýaly ýyrşardy.Arçyn Permana gözüni alardyp gürrüňini dowam etdi:— Näme sen, doňuz ogly, öz eden doňuzlygyňybilmediksirän bolýarsyň? It ogly, haramzadaçylyk edeniň-äedeniň, indi bilmediksiremäň näme? Şu adamlaryň öňünegeleňde bir eden haramzadaçylygyňy dogry sözle-dä. Nämemyrtaryňy aşyryp otyrsyň, haramzada? Biriniň adaglysyny alypgaçmagyň nähili haramzadalykdygyny bilýärmiň? Başga biradam bolsa eýýäm seniň kelläňi alardy. Emma bagtyňaduşanyň Hudaýberdi boldy.Arçyn sözüne dyngy berende ýaňky bethaýbat emin:— Sözläber, han ogul, eden işiňi. Sözläp bilmejek bolsaň, öňejeň goltugyldan çykman oturmaly ekeniň - diýip, iliňkämeňzemeýän üýtgeşik ses bilen gülüp goýberdi. Onuň gülküsitamyň içini sarsdyrdy. Ol gülki arasy bilen ýanynda oturan aksakgally emine ýüzlendi. - Meniň aýdýanlarym dürs dälmi,kethuda?


— Bilmedim, kethuda, howalamyz oglanyň sussuny basýanbolaýmasyn? - diýip, aksakgal emin jogap berdi.— Howalasy basyljak bolsa, öň ejesiniň goltugyndanaýrylmazlygy gerek - diýip, gara ýüz betnyşan emin ýenegüldi.“Gorkagy kowsaň batyr bolar” diýenleri, bethaýbat eminiňbolşy, arçynyň hemleli sögünçleri Permanyň etini gataltdy. Olgaharyny saklap bilmän, gyzmaçlyk bilen pert-pert gepläpbaşlady.—Aý, arçyn aga, hemleli hem sögünçli sözleriharamzadaçylyk eden adama aýtjak bolsaňyz, ilkiharamzadaçylyk edeniň kimdigini bilip, soň aýtmak gerek.Emma men ilde ýok haramzadaçylyk etmedim.Perman soňra özüniň çagalyk durmuşykdan başlap başyndangeçiren ähli zatlaryny gürrüň berdi. Jahan gyz bilen haçandanbaşlap nähili tanyş bolandyklaryny bolşy-bolşy ýaly aýtdy.Permanyň gürrüňi oturanlara täsir eden borly, olar onuň ähliaýdanlaryny üns bilen diňlediler. Öňki boluşlaryndan az-kemýumşaşan ýaly boldular. Dogrusyny aýdanyňda, beýle bolmazýaly hem däldi. Permanyň hekaýasyny diňlän her bir adamyňýüregi eräp, Permana arka duraýmalydy, hökman JahanyPermana alyp bermeli diýäýmelidi.


Perman gürrüňini gutardym edenden soň ara birhowaümsümlik aralaşdy. Ahyry eminleriň biri oturyşyny düzetdi-de:— Gördüňizmi, kethudalar, meniň aýdyşym ýaly, buoglanyň özi parahat, ýuwaş gezip ýören bir oglan. Belanyňkörügi şol gyzda - diýdi.Eminleriň arasyndaky çala sowat mollaçarrak biri özünişerigaty yzlap bilýän adam edip görkezjek bolup söze goşuldy:— Bu aýdýanlaryň dogry, kethuda. Emma welinim bu nämeüçin özge biriniň nikalysyna el gatypdyr? Ine şuňa nämediýjek? Bu şerigata sygýan zat däl-ä.— Ogry şa malyny iýer - diýip, bethaýbat emin ara söz goşupgoýberdi.— Goýmandan soň el gatmasa, alajy näme? Ýene günägyzda, agalar - diýip, beýleki emin aýtdy.Arçyn edil öňküsi ýaly hum kimin çişip oturmasa-da,entekler gahary ýatyşar ýaly däldi. Ol ýene Permana azgyryldy:—Sen ol gyzyň biriniň adaglysydygyny bileňokmydyň?Perman bir az sagyndy, näme diýjegini paýhaslandy.— Bilmedim. Bilsem-de, ol gyz adaglysyndan sowapdyr -diýip sözläp başlady. - Ondan el çekipdir hem ýüregini maňaberipdir. Şonuň üçinem onuň göwnündäkini kim çözübiler?Onsoňam onuň adaglysy ýaşajyk oglan. Gyz ony hasap edenok.Şonuň üçinem men onuň diýenini etdim.


Mollaçarsyraýan emin bu talabançylykdan başga zadybilmeýän ýaş ýigidiň agzyndan şeýle gürrüňleriň çykyşynahaýran galdy. Bet haýbat emine bolsa Permanyň bu gürrüňlerieşegiň gulagyna ýasyn çykança-da ýokdy.Arçyn Permanyň ýüzüne tiňkesini dikip bir salym oturdyda:— Bar, sen hol daşardaky bagyň aşagynda garaş - diýip,hemleli seslendi. - Gerek bolaňda, özümiz çagyrarys.Perman daş çykyp gitdi. Onuň ýyrtyk balagyna gözi düşenmollaçar emin ýaňsy bilen mys-mys güldi.— Bu gyzyň halap ýören ýigidine seretseňiz-le! Işi gaýdangyz. Päheý-de bir, öýlenjek ýigide serediň-ä. Balagy aşyklynyňeti ýaly sal-sal bolup dur welin...— Molla kethuda, sen näme diýýärsiň, bular ýaly-daýonmaga çemeli zadyň bolar gümany-da bardyr - diýip, çakyrgülküsine tutdy. - Molla kethuda, şular ýaly dawany tapmakmeniň işim, ýonmak seniň işiň, Men munuň ýaly dawany ýokýerindenem tapyp bilerin. Ýöne sen ýonmak işini ahmal etme. -Ol mollaçar emine tarap eglibräk sesini sähel ýuwaşadan kişiboldy. - Munuň ikinji tarapyndanam ahmal bolmagyn, mollam.Şol wagt ýasawul gapydan girip:— Eneli-gyz öňräk gelip, öýde garaşyp otyrlar - diýip habarberdi. Arçyn ýasawulyň ýüzüne-de seretmän:


— Olara aýt, şu taýyk gelsinler - diýdi.Ýasawul baryp Jahanyň ejesine arçynyň, çagyrýandygynyaýdan badyna, ol özüniň näme üçin çagyrylýandygyny aňypdy.Bu Jahanyň wakasynyň ile paş bolandygynyň alamatydy.Şonuň üçinem ol ýasawula:— Ynha biz tiz bararys. Sen baryber - diýip ýola saldy-da,gyzynyň daşyna geçip başlady.— Hanha, ol ýer dartan kellesi kesilmiş seni arçynyňkaçagyrdyp, bizi il masgarasy edýär - diýdi. - Indi näme diýjek.Basjak ýeriňi bilmeseň, etjek işiňi bilmeseň, şeýle masgarabolarsyň.Ol, bir tarapdan, şeýle diýmek bilen gyzynyň ýüregindePermana bolan ýigrenç döretjek bolsa, ikinji tarapdan, oňawehim saldy. Eger Perman diýip dil ýazdyraýsa, özünden,atasyndan, bütin öwladyndan geçmeli boljakdygyny aýtdy.Şeýdip gyzyny mazaly berkledim edenden soň, yzyna tirkäparçynyňka baka ugrady. Arçynyň ýanynda Perman bolansoň,olar öýde garaşmaly boldular.Eneli-gyz tirkeşip gapydan girende, arçyn oturan ýerindegobsunjyrady-da:— Geliň - diýdi. Eneli gyz tama arkasyny berip oturdylar.Arçyn nas kädisini synalap oturyşyna, Jahanyň ejesine


ýüzlendi. - Ýeri, birki günlükde siziň howlyňyzda nähiligalmagal boldy?Jahanyň ejesi uz ýaşynyp oturan ýaşmagynyň astyndan:— Ullakan galmagal bolanyny bilemzok - diýip, gyzynabaka garap oňdy.— Utanyp oturmaň-da, bolşy ýaly aýdyberiň. Bilinmänduran zat ýok - diýip, gara ýüz bethaýbat emin söze goşuldy.— Hawa, aýdyp oturmak gerek - diýip, arçyn hem onuňsözlerini goldady.Jahanyň ejesi ýuwdundy-da, elindäki çöp bilen ýer dyrmady.Bu ýerde aýtmak üçin ýüreginden toslap gelen zatlarynyňýalandygyna özi utanýan ýaly, ýüzi gyzardy,Ol bir az dymandan soň:— Hawa - diýip, ýüzüni ýokary galdyrdy. Gapdalyndaoturan gyzyna elini salgap dowam etdi. - Hol ýetimek Perman,ine şu gyzymyzy zorlap alyp gaçjak bolupdyr.— Belki, gyzyň özi razy bolandyr. Belki, gyzyň özi onygoýan däldir? - diýip, arçyn sakgalyny sypady.— Ýok, beýle däl, arçyn aga. - Jahanyň ejesi ýene gyzynabaka ýüzlendi. - Ynha, onda özi aýtsyn. Hany, aýt, gyz. - Olgyzyny söze başlaryna goýman böwrüne symsyklady. - Onyözüň goýmadyňmy?


Böwrüne symsyk degen Jahan oýkanjyrady. Muny synlapoturan arçyn:— Gyza azar berme. Biz ony senden soraýarys - diýdi.— Menden soraýan bolsaňyz, gyzy zorlap alyp gaçjakbolupdyr - diýip, Jahanyň ejesi gysgajyk jogap berdi.— Onuň ýaly bolsa, sen bir salym işikde garaş. - Arçyn uzynçal sakgalyny sypalady. - Biz gyz bilen oglany ýüzleşdiripgörjek.—Bolýar, ynha özündenem sorap göräýiň - diýip, Jahanyňejesi daşaryk çykdy.Arçyn Permany çagyryp getirtdi.— Hany sen aýdýarsyň, gyzyň özi meni halady, meni söýdi,gaçaly diýdi diýip. Gyz beýle diýmeýär-le - diýip, ol Permanagarap hemleli gürledi.Permanyň gyza berlen sapakdan, atylan haýbatlardan habaryýokdy. Ol gyza bolan öňki ynanjyny ýitirmändi. Şonuň üçinemol:— Onuň beýle diýjek gümany barmy? Ol özüniň sözüniňüstünde ölinçä bardyr ahyryn - diýip, ýürejigindäkini aýtdy.Arçyn indi gyza ýüzlendi:— Ýeri, gyz, Permany seniň özüň goýmadyňmy?


Gyz elini ýüzünden aýyrman, ýüzüni iki tarapa sapjaklatdyda,öňküsi ýaly dymmagyny dowam etdi. Arçyn soragyny ýenegaýtalady. Şondan soň gyz:— Men Permana razy däldim. Ol meni zorlap äkitjek boldy -diýip, ýuwaşja, emma içerdäkiler eşider ýaly aýtdy.Permanyň ýüzi gyzardy, saçlary syh-syh boldy.— Men zor etdimmi? - diýip, Jahana baka gygyrdy. - Menseni ýabyň boýuna-da, dalbaryň aşagyna-da zorlap eltdimmi?Jahan ýüzüni çala gapdala sowup:— Şu zatlaryň baryny sen meni masgaralamak üçin etdiň.Meni zorlap alyp gaçjak bolduň - diýip, öňki sözlerinitassyklady.Permanyň kalbynda harasat gopdy. Onuň Jahana bolanynamynyň berk zynjyr tanapy edil sagdyn ýerinden şartaýolnan ýaly boldy. Ol agzyndan näme çykýanyny, nämesamraýanyny bilmedi.— Ah, iki dilli biwepa! Dönük! Meniň başymy gowgasaldyň. Indem birnäçe ýyl bäri edip gelýän ähdiňi bozduň.Bihaýa! Men seni zorlap alyp gaçan bolsam, ýary gijeden soňöýüňizden ogurlarmydym?— Zorladyň! - diýip, Jahan onuň sözüni böldi. Permanhasam gyzdy, akylyny ýitiren bir däli ýaly boldy. Ol elindäkizatdan doly düwünçegi görkezip:


— Muny-da men senden zorlap aldymmy? - diýip gygyrdy.Ol düwünçek şol gije Jahanyň geýim-gejimlerini düwüp gelendüwünçegidi. Jahan ony Perman haýata münen badynauzadypdy. Soňra özi elini uzatmaga bolsa ýetişmändi. Şeýdip,Perman haýatyň arka ýüzüne oklan düwünçegi onuň ýanyndagalypdy.Jahan düwünçegi görüp, elini serdi. Permanyň bolşunygyzmarak gören arçyn:— Gyzy öz ygtyýaryna goý - diýip gygyrdy. Ýöne häzirPermanyň gulagyna hiç zat eşidilenokdy. Ol şol bir bolşundajanygyp gürleýärdi:— Gördüňizmi? Ine onuň öz eli bilen maňa berendüwünçegi. Muny jümle-jahan görsün. Ine, bu iki dilli biwepaöz ähdini bozdy, wadasynda durup bilmedi.— Ol elindäki düwünçegi gyzyň üstüne oklap goýberdi.— Ine meniň şaýadym. Al, seniň biwepalygyňa tagmabolsun.Perman edil mejnun ýaly bolup çykyp gitdi.Gyzyny içerde goýandan soň tamyň daşynda aýagynyňaşagyna gor dökülen ýaly zowzuldap ýören Jahanyň ejesiPermanyň daşaryk çykanyny gören badyna tama urduryp girdi.


— Nähili, arçyn aga, gyzyň özünden sorap gördüňizmi? -diýip, arçyna ýüzlendi. Arçyn bäş barmagy bilen sakgalynydaraklady.— Soradyk özün-ä... Emma welin seniň gyzyňda şübhekän...— O nähili şübhe? Gyzymyzy zorlap alyp gaçjak bolupdyrda- diýip, gyzyň ejesi elewräp başlady.— Zorlapdyr welin, ýöne emmasy bar. - Arçyn gyssanmangürledi. - Bir tarapdan gyz zorlanana meňzemeýär. Birnäçetaraplaryny göreňde, şeýle ýaly.Ara nähili gürrüň goşjagyny bilmän paýhaslanyp oturanmollaçar emip öz ýanyndan şerigatdan delil agtarýardy.Birdenem onuň ýadyna Permanyň aýdan sözleri düşdi.— Siziň gyzyňyz köneden adagly eken. Ýöne däninim seniňgyzyň özge bir kimsäni söýüpdir. Beýewbar söýmedik hembolsa, gyzyňa el degipdir. - Mollaçar emin töweregindäkilereýüzlendi. - Kethudalar, pugta pikir beriň. Bu işiň özi kiçi iş däl.Uly iş. Aşgabat kazysyna-da barmaly bolsa gerek. Bu-da birabraýly ýeriň maşgalasy. Görüň-dä garaz...Olar maslahatlaşyp, Jahany elindäki ýaglygy bilen entekdawa çözülýänçä arçynyň maşgalasynyň arasynda goýmalydiýen pikire geldiler. Ejesi gyzyndan aýrylyp, öýüne ugrady. Olindi gyzyny şu abraýy bilen eline gowşursalar, eminleriň islän


zadyny berip ýüklerini tutmaga razy gelipdi. Ol ýol boýy hemşu pikir bilen gitdi.Arçyn dert emini bilen gyzyň işine garasyn, biz habaryPermandan eşideliň.Perman edil bir Mejnun ýaly bolup arçynyň tamyndançykdy-da, sähel ýöränden soň yzyna bir öwrüldi-de:— Ah, sen iki dilli biwepa! - diýip, Jahana gaýybana hemleurdy. Onsoň ýene öz ugruna haýdap ugrady.Gürrüňiň ulusynyň entek öňdediginden Permanyň habaryýokdy. Ol şol gidişine göni özüniň köneje tamyna bardy. Emmaol oturmaga ýetişmänkä, içki howludan:— Perman! - diýen gyryljyk aýylganç bir ses çasly çykdy.Perman ol sesi şobada tanady. Bu Muhammetmyrat ahunyň hutözüniň sesidi. Bu bolýan zatlary entek kellesinde aýlapýetişmedik Perman ahunyň özüni näme üçin çagyrýandygyhakda pikirem edip durman, köne edähedine görä, sesiň ikinjigezek gaýtalanaryna garaşman tamynyň ikiýji gapysyny açyp,mal howlusyna çykdy.Işikden Permanyň kellesi görnen badyna howlynyň keseileri hem günbatar ýüzüni tutup duran bassyrmanyňaşagyndaky gylýallar hokranyşyp, atlar aýaklaryny gazaşdylar,düýeler yňranyşdylar. Bular göýä: “öýlän meýdana çykarwagtymyz boldy” diýşip, Permana ýüz tutýan ýalydylar.


Permanyň işigini ýassanyp ýatan Akbaý atly iti hem ol gapydançykandan ýallaklap, onuň bilen gapdallaşyp ugrady.Perman ýere düşek bolup ýatan mal derslerini basgylap, tizpursatda iki howlynyň arasyndaky derwezäni açdy. Ol malhowlusyndan oturym howlusyna geçen ýerinde, ony daýaw,nurana görmegeý, peşeneli güri gara sakgalyndan ýaňy akgörnüp başlan bir adam garşy aldy. Daşyndan göräýmäge onuňýüzi beýle bir agras görünmese-de, ol egnine ýasgynjak alangöwşüllän donuny omzuna gaharly siltäp dartanda, onuňgözleri hem edil gudUz itiň gözi ýaly gyzardy. Ol alkymynyňaşagynda duran Permanyň üstüne abanyp:— Perman! - diýip aýylganç seslendi. Permandan jogabagaraşman onuň üstüne sürnüp başlady. - Sen, doňuz, öz duziýen ýeriňe kast edýärsiň. Duz seniň gözüňi tutar. Meniň itbilen tabakdaş bolasym gelenok. Şu günden şeýläk şu howludaseniň garaň görünmesin. - Onuň başyndaky kiçiräk sary telpegisassyldap durdy, onuň gaharynyň barha möwç alýandygyndanhabar berýärdi. Ol öz sözleriniň ýetginjek Permanyňýüreginden ok bolup geçýänligi hakda pikirem edenokdy.Barha beterine tutýardy. - Asyl doňuzdan emele gelenelmydama doňuzlygyna galjak eken. Şu günden bu ýanagaraňy görmäýin, haramzada.


Ol agzyndan tüýküligini syçradyp, Permanyň üstüne dübläpdurmagyny dowam edýärdi. Perman şu güne çenli ahunyňýüzüne gelip bir söz aýtmag-a däl, hatda onuň ýüzüne-de dogrygarap bilenokdy. Onuň her hili tagnaly, igençli-sögünçlisözlerini çekip-çydap gelýärdi. Häzir hem ol ýüzüni aşak salyp,ýüzüni gyzardyp, hum ýaly çişip durdy. Ahun sözüne säheldyngy beren ýerinde Perman birden:— Ahun aga! - diýip, gaty ses bilen gygyrdy. Onuň bu sesiahuny tisgindirdi. Hatda onuň özi hem öz sesine bir ädim yzatesenini duýman galdy. Emma ol bir bada sözüni dowam edipbilmedi. Damagy dolan ýaly boldy-da, bir salym gözlerinitegeläp ahunyň ýüzüne seredip durdy. Onsoň gaharyna bäsgelip bilmän ahunyň özündenem beter gygyrdy. - Senhowlyňdan kowsaň, meni kowýarsyň. Bu öz howlyňdyr,kowubam bilersiň. Emma meniň asly nireden emelegelendigim bilen seniň işiň bolmasyn. Men itden emele gelenbolaýyn, doňuzdan emele gelen bolaýyn, nämeden emelegelenem bolsam ol meniň aslym. Onuň bilen seniň şärikçiligiňýok!Permandan birinji gezek şeýle gaýtargy eşiden ahunyňgözleri çyra ýaly ýandy. Ol Permanyň ýüzüne çiňerilip:— Eh-hä, saňa dilem çykypdyr-a! - diýdi. Dogrudanam,mundan ozal ahun Permanyň dili bardyram öýtmezdi. Perman


diňe birdir-ýarymdyr ýakyn deň-duşlarynyň ýanyndabolaýmasa, özge ýerde geplemelidirem öýtmezdi. Diňe gerekzadyny aýdyp, soralan zada jogap berip, sesini çykarmanýörerdi. Onuň gurluşy tukatdy.— Seniň işiň bolmasyn diýsene!.. - Ahun Permanyňsözlerini ýaňsyly gaýtalap, barha gyzyp gitdi. - Bu nähilibihaýalyk, bu nähili aslyny tanamazlyk! - diýip gygyrdy. -Meniň işim bolman, başga kimiň işi boljakdy, doňuz?! Bunähili doňuzlyk?Gahary içine sygman duran Permanam ýaryldy.— Meniň aslym bilen, bir wagt ölüp giden atam bilen seniňişiň bolmasyn. Seniň näme işiň bolsa, meniň bilendir. Meniislemeýän bolsaň, ödülsiz kowup bilersiň, ýöne aslyma dilýetirmersiň - diýip, aýgyt ediji gözlerini ahunyň ýüzüne dikdi.Ahun onuň bu garaýşyndan gaharynyň ýetjek derejesineýetendigini, häzir onuň hiç zatdan gaýtmajakdygyny gördi.Onuň Akbaýy-da bu görnüşden gozgalaňa düşen ýaly, birgapdalda guýrugyny bulap, bir oturýardy, bir turýardy.Ahunam hum ýaly çişip, ýetjek derejesine ýetdi. Ol hut şugüne çenli adam çagasyndan şunuň ýaly gaýtawul görmändi.Onuň ýüzüne dogry gelip bilýän adamýokdy. Ol bu ýigdekçeden eşiden sözlerini medreseniňtalyplaryndan-a däl, müderres-damyllalaryndan-da eşitmändi.


Olar ahun özlerine her neneňsi gaty käýese-de, ýüzlerini aşaksalyp, sessiz-üýnsüz oturmak bilen ahuna gulak asýardylar.Ahunyň bar gahary bokurdagyna gelip, bir howa gepläpbilmän dymyp durdy. Onsoň kakynlan ýaly, ýer depip gygyrdy:— Sen nejis, haramzada, şu sagadyň özünde sowrul, garaňgörünmesin! Eşitdiňmi?!— Eşitdim. Sen dur diýseňem, men bu ýerde durmaryn.Men giderin - diýip, Perman howlynyň gaýra ýüzündäki,baglyga çykýan derwezesine baka ýöneldi. Başy aýlanyp,gözleriniň öňi garaňkyrap duran Perman ýoluny tapmaýan ýalyentirekledi.Şol wagt medrese howlusyndan eşidilen öýle azany ahunyhowlukdyrdy. Ol öýüne girip, peşini geýip çykmagy ýadyndançykarmadyk bolsa-da, tä metjide barýança oňly aýňalypbilmedi.— Asly haramzada haramzadalygyna gitjek eken - diýip, ýolboýy özbaşyna hüňürdäp gitdi.Başga ýerden gelen iki-ýeke ýaşuly ahundaky bolanüýtgeşikligi aňmadyk bolsa-da, özleriniň täretlidiginetäretsizdiginegaraman, onuň yzy bilen namaza durjak bolupduran bir topar medrese talyplary, onuň ýüzüni gören batlarynaondaky bolan üýtgeşikligi duýdular.


— Ýuwundy ýagjarypdyr - diýip, bir talyp ikinji talybyňböwrüne dürtdi. Näme üçindir, talyplar ahuny öz aralarynda“ýuwundy”, “ýumruk” diýip atlandyrýadylar.— Tulum ýaly çişipdir - diýip, ikinji talyp pyşyrdap jogapberdi. Şeýdip, biri-biri bilen pyşyrdaşyp, biri-biriniň böwrünedürtüşip, talyplar ahunyň yzy bilen metjide girdiler.Yzyndakylaryň bolşundan bihabar ahun öz içinden Permanagargynjyrap, mähräbe kellesini sokdy. Ol hemişeki suwarasürelerini ýerli-ýerini saýgarmaz ýagdaýda sanaşdyrdy-da,başyny seždä goýdy.Perman ahunyň howlusynyň bagçylyga çykýan işiginebardy-da, söýä ýaplanyp, yzyna bir garady. Howlynyň içindäkiiki sany ak öý, onuň işigindäki eýwanly tamlar, olaryňtöweregindäki baglar, gül agaçlary gözüne çala salgym bolupgöründi. Ol bir azajyk durandan soň, elini silkdi-de,bagçylygyň içine urup gitdi. “Men ahunlaryňam ýüzüne geldim- diýip, ol içinden pikir öwürýärdi. - Oňa şol soňky sözümidiýmesem-de boljakdy. Her niçigem bolsa, bu uly iliň ahunyahyryn. - Kalbynyň jümmüşinde garşylyklaýyn duýgy peýdaboldy. - Ýok, men dogry etdim. Näme üçin oňa gaýtargybermeli dälmiş? Ol meniň aslyma ýetdi. Bu bir sapar, iki sapardäl. Meniň aslym bilen onuň näme işi barmyş? Men onuň odybilen girip, küli bilen çykyp ýörün. Bir diýenini iki gezek


gaýtaladamok. Şeýdip ýörkämem, her gün käýinç, her günigenç, sögünç. Mundanam bir mydar bolarmy? Gaýta onuňkowany ýagşy boldy”.Ol göwnüni bire baglasa-da, uzak wagtlap ynjalmakmiýesser etmedi. Bir agyr pikirden sypmanka, ikinji bir agyrpikir üstüne abandy. “Ýagşy, indi men kimiň gapysyndanbararyn?” diýen sowal ony aýak çekmäge mejbur etdi. Nirägitjegini bilmän, ýaýdanjyrady. Näme üçin barýanyny özi-debilmän, ýene köneje tamyna tarap gitdi. Göwünli-göwünsiz,dähedem-dessemläp, tamynyň ýanyna bardy hem özüni sekiniňüstüne goýberdi. Iki eli bilen kellesini tutup pikire çümdi.Ahunyň gapysyndan gelip başyndan geçiren wakalaryny ýatlapbaşlady. Emma göwün galkynar ýaly hiç bir zat ýadynadüşmedi.Perman alty-ýedi ýaşyna ýetýänçä Gülsoltanyň täze öýüniňbir dulunda orun tapdy. Ol wagtlar Perman durmuş tutumynyňtapawutly taraplaryny bilmeýärdi. Ol öz okarasyna kesmegiňguýlup berilmegini özüniň gowy görülýändigi üçindir öýdüpdüşünýärdi. Soňa baka ol ahunyň beýleki aýallaryndan bolançagalar bilen tutluşyklarda şarpygyň ýeke özüne has dözümlidegýändigini duýup başlady. Ýekelik, kemsinmek duýgusyonuň depesinden agyr ýük bolup basýardy. Elbetde, çagalyk, olözüne degen şarpyklary ýene bir-iki sagatdan ýadyndan


çykarýardy hem täzeden çagalar bilen oýna gyzygýardy. Ýönedegýän şarpyklar, kemsidilmeler barha ýygy-ýygydangaýtalanýardy hem olary ýatdan çykarmaga wagtamýetmeýärdi. Onuň ýagdaýy ýeri täzelenip ýerlemedikguzynyňky ýalydy. Ol bu howlynyň çagalary bilen goşulyşypbilmän, köplenç özbaşyna oýun tapyp güýmenýärdi. Emmaözüni gaça tutmagam hemişe ony halas edip duranokdy. Onuňoýnuny bozýardylar, dumly-duşundan çekeläp, it alan sanajadönderýärdiler.Sekiz ýaşyny dolduryp, dokuz ýaşyna girenden soň, Permanoýnamaga-da wagt tapmady. Ol hyzmata werziş edilip, malyzyna salyndy. Şundan soň Perman durmuşyň aýlawlaryna hasiçgin düşünip başlady. Ol özüniň geýýän egin-başynyňMuhammetmyrat ahunyň maşgalasynyň köne-sanasydygynygördi. Käte ejesi oňa beýleki çagalar bilen deň çaý-naharberýän wagtynda, munuň üçin ejesiniň sansyz iňirdilereşidýänini syzdy. Şol arada hem ahunyň: “Perman belagataýetipdir, indi munuň ýatak jaýyny başgalamak gerek” diýipbuýurmagy bilen Permany mal howlusynyň bir çetindäki malesbaplary saklanýan köneje tama geçirdiler.Bu ýagdaý Permana has-da agyr degdi. Ol ahunyň öýündenözüne ýürekdeş syrdaş tapandan-a geçen, onuň howlusyndanbir çete zyňlyp taşlandy.


Perman bu suwagy giden köne tamyň Muhammetmyratahunyň eýwanly tamlary däldigini görüp dursa-da, onuň nähilitamlygyna akyly ýeterden ejizdi. Ol gabsalary gara ört bolupgiden bu köne tamyň özüne nähili ykbal taýýarlaýandygyhakda oýlanardan ýaşdy. Bu köneje tamda ozalam Perman ýalybirnäçe talaban ýaşap geçipdi. Olaryň içinde kimsi az, kimsiköp ýaşapdy. Käbirleri bolsa bütin ömrüni şu tamda ýaşapmüjerret geçipdi.Bu tamyň içindäki ýorgan-düşek hem ýirik-ýyrtyk atkeçesinden, düýe halygyndan ybaratdy. Ine Permana durmuşüleşiginden ýeten zatlar şu boldy. Bu howluda indi onuň ýalňyzsyrdaşy ahunyň mallarydy.Ýöne ýürek höwür kuýseýärdi. Perman bu howludantapmadyk deň-duşlaryny, syrdaşlaryny onuň daşyndangözlemeli, daşyndan tapmaly boldy. Olar Çary, Jahan, Aşyrýaly, Permanyň meýdanda mal yzynda ýa-da ot-çäp ýygypýörkä duşuşýan ýoldaşlarydy. Olar Permana çyn ýürekdeşboldular hem ony ýekesiretmediler.Daň çyzylandan tä garaňky düşýänçä, Perman mallaryňyzynda syňsyraklap geçýärdi. Agyr hyzmat, ýalňyzlyk zerarlyonuň gany kesikdi, göwni çökgündi. Käwagt meýdanda öziýaly ýoldaşlary bilen duşuşanda dişi ýyrşaraýmasa, onuňýylgyranyny görýän adam ýokdy. Ol hemişe egni gysyk, sessiz


gezýärdi. Medresäniň talyplarynyň birki-ýarymy oňa “Laljaglanjyk” diýýärdiler. Talyplaryň arasynda ony götergiläp,“Pälwanjyk” diýip hoşamat edýänleri-de bardy. Ýöne köplençol hakda: “aý, bir ýetimje çagadyr-da” diýerdiler. Perman soňabaka öz betbagtlygynyň düýp özeniniň şu sözlerdedigine akylýetirip başlady.Perman köneje tamyň gapdalyndaky sekiniň üstünde pikirebatyp otyrka, ahunyň öýleriniň iň çetkisinden ortaýaşlaryndaky, gara gözli, tegelek ýüzli, edil Permana çalymdaşbir aýal çykdy. Ol baglaryň içi bilen Permanyň tamjagazynatarap ugrady. Gelip, goltugyndaky emip ýatan çaganyemziginden aýyrman, dünýäni duýman oturan Permanyňgapdalyna geçip, sekiniň gyrasynda oturdy.Gapdalyna gelip oturanyň kimdigini gören Permanyň doňyçözülen ýaly boldy. Sekiden düşdi-de, ýerde ýatan agajyňüstünde oturyp, ýer dyrmalamaga başlady.— Perman! - diýip, Gülsoltan ýuwaşja seslendi. Permandanses çykmady. Gülsoltanyň özüniňem damagy dolup, esliwagtlap gepläp bilmedi. Ahyry kynlyk bilen öňki sözünigaýtalady. - Perman!Permanyň ýa-ha oňa ýüregi gyýmady, ýa-da jogapgaýtarmasa goýulmajagyny bildi, ejesinden öýkeli ýaly, ýüzünibir gapdala sowdy-da:


— Nädersiň Permany? - diýdi. Ejesi onuň bolşuna ähmiýetbermän:— Ahun näme diýdi? - diýip sorady.Perman gaharly kine bilen jogap berdi:— Ahun maňa gapysynda ýatan itine diýmeýän sögünçlerinidiýdi. Başga näme diýer öýdýäň?— Itine diýsene! - diýip, Gülsoltan goltugyndaky çagasynygobsundyryp, içini hümletdi.— Hawa, itine. Men onuň üçin it. Onda-da nähili it! Özýüpüni üzüp, salgyma çapyp entäp ýören bir çolugyň yzynadüşüp gelen it. Ýöne bu ýerde çolukda näme günä bar. Ol onygüjükliginden ýallap, ulaldypdyr. Ony öz sürüsindenazaşdyrýandygyny nä bilsin...Permanyň bu sözleri Gülsoltana gaty agyr degdi. Her niçikdebolsa, ol syr bildirmedi. Naýynjar bir görnüşde:— Belki, seniň özüňden bolandyr-da, Perman! Ýogsam ahunaňsat adamyň ýüzüne gelýän däldir. Belki, seniň özüňembiedeplik edensiň-dä - diýip, göz owasyna dolan iki damja ýaşybir eli bilen syldy.— Hawa-la, bary meniň özümden. Itiň özi, elbetde,üýrendir-dä.— Hany onda başga näme? - diýende, Gülsoltanyň sesindehem duýlar-duýulmaz nägilelik ýaňlandy.


— Başga näme boljakdy? Başga hiç zat ýok. Kyýamatgaýym bolanok. Indi seniň-de delminmegiň peýdasyz.— Saňa näme üçin gaharlandy ol?— Saňa erteki aýdyp beresim gelmeýär. Biziň ertekimiz öňotarylypdyr ahyry.Gülsoltan, ýene damagy dolup, kynlyk bilen gepledi:— Indi sen nirä giderkäň?— Menmi?.. - diýip, Perman ajy ýylgyrdy.— Dagy kim boljakdy?— Sen öz süreniňden güjügiňi yzyňa tirkäp ugraňda, onuň itçykandan soňky girjek süreni hakda oýlanmansyň-da, eje -diýip, Perman ýerinden turdy. - Bu item indi kysmatyndakynygörer-dä...Ol şundan soň yzyna garaman, baglygyň içine urup gitdi.Gülsoltan hem ýerinden turup, esli wagtlap onuň yzyndanseredip durdy. Oglunyň öz derdiniň özüne ýetikdigini, ejesibilenem seriniň ýokdugyny görup duransoň, ony saklajak,maslahat berjegem bolmady. Bardy-geldi Permana kömekedeýin diýäýende-de, öz elinden hiç zadyň gelmejekdigineGülsoltanyň gözi ýetip durdy. Şonuň üçinem onuň bar güýjigözüne ýetdi. Permanyň giden tarapyna garap, göz ýaşynyseçelendirip butnaman durdy.


Perman nirädir bir ýere gitmek maksady bilen ýerindenturmandy. Ol diňe ejesiniň ýanyndan basymrak aýrylmak üçingaýdypdy. Ol baglygyň içi bilen esli wagt bimaksat aýlandy.Ýöne özi-de bilmän, göz ýeterden daşrak çekildi. Howlularyň,haýatlaryň duşundan böwür berip geçdi.Ol esli wagt gezmeländen soň, kellesiniň köp ýeriniňçybygy kesilmän galan, ýarysy pide bolan garry tuduň aşagynabaryp oturdy. Töweregini synlap, ýene pikire batdy. Ol şoloturyşyna Çarynyň aňyrdan gelenini hem duýmady. Ol:— Perman! - diýip, ýuwaşja seslenende, tisginip gitdi.Permandan jogap bolmady. Permanyň üýtgeşik bir ýagdaýadüşenine şobada göz ýetiren Çary oňa sorag ýagdyryp başlady.- Perman, saňa näme boldy? Näme üçin beýle gama batypotyrsyň? Malyňdan ýiteni boldumy?Elbetde, Çary mundan başga zat hakda oýlap biljek däldi. OlPermanyň gamgyn halyny görende, hakykatdanam, ol malynyýitirendir, şonuň üçinem ahun oňa sögendir diýin pikir edipdi.Sebäbi ahunyň bar maly - bir giden düýe, at, sygyr diňePermanyň boýnunady. Oňa ýetişmek kyndy. Metjitdäki talyplarsygyrlar agşam ýatagyna gelenden soň olaryň öňüne ýeňiljekbir gujak ot atsalar besdi, galan bar iş Permanyň başynady.Bardy-geldi deň-duşlary oňa kömek bermekçi bolaýsalaram,ahun olary kowýardy. Permanyň ýagdaýyna belet Çary ol


hökman ýa bir ýabysyny, ýa bir düýesini ýitirendir diýip pikiredipdi.Perman iki eli bilen duluklaryny tutup, aýaklaryny taýlygezek ýuwaşja gymyldadyp oturyşyna:— Ýok, Çary, malymdan ýiteni ýok - diýip jogap berdi.— Onda näme üçin sen beýle tukat görünýäň? Walla, menhem erbet bolýaryn, Perman - diýip, Çary temmäki dolanyp,çilim çekmäge başlady.— Ýok, Çary, malym ýitenok. - Ol iki elini dulugyndanaýyrdy. Bir gapdala ýüzüni sowdy-da, sallanyp duran birýapragy alyp, elinde oýnatmaga başlady. - Biler bolsaň, Çary,şu wagt meni ahun öýünden kowdy.— Näme üçin? - Çary geň galdy. - Düýbünden kowdumy?Näme üçin? Sebäbi näme?— Kowulsaň, ymykly kowuldygyň bolar-da, Çary. - Permanjany agyryly gürledi. - Başga nähili bolar?— Hm-m... - diýip, Çary içini hümledip goýdy.— Inim... - Perman söze başlamakçy bolanda damagy dolup,ýüzüni bir tarapa sowdy. Kynlyk bilen gamgyn seslendi. -Indem barjak gapymy bilmän, ugrumy ýitirip oturyşym şu.Çary oňa nebsiagyryjylyk bilen seredip:


— Sebäbini açyk bilip bilmediňmi? - diýip sorady. OlPermany gepletmek, şonuň bilenem derdini ýeňletmekisleýärdi. - Sebäbini bilmek gerek eken.Çary häzir Perman üçin elinden gelenini etmäge taýyndy.Ahunyň ýanyna barmaga-da çekinjek däldi.— Ol sebäbini aýtmady. - Perman sözüne bir azajyk dyngyberdi. Göwnüni bire baglady. - Ýöne onuň sebäbi açyk mälimzat. Men ony aýtmasa-da bilýän, Çary.— Näme sebäbi bar?— Şu gün meni Jahan sebäpli arçyna çagyrdylar. Kimembolsa biri şugullan borly.— Aý, gardaş, onda ahun oňarmandyr. - Çary ahmyr bilenbaşyny ýaýkady. - Bu ýerde Jahanyň özi günäkär ahyry.Çary bilen gürleşmegi Permanyň derdini ýeňleşdiren ýalyboldy. Emma henizem kellesindäki agyr pikirler söwüdiňüstünden gije örüzilen serçe toparynyň daşa gidip bilmän,söwüdiň töwereginde köw urup durşy ýaly, ondan el çekipgidibermeýärdi. Az-kem göwrümi giňän Perman pikirligörnüşde gürledi:— Men ahun özümi şol sebäpli kowýandyr öýdýärin. Dogry,bu meniň öz göwnüme gelşi. Ýöne başga sebäbi bardyröýdemok.


Perman, umuman, öz pikirinde ýalňyşmandy. Onuňkowulmagynyň düýp sebäbi Jahan hakdaky gürrüňiň ahunyňgulagyna ýetirilmegidi. Ýöne ondan ozalambir waka bolupdy. Ol waka hem ahunyň gulagyna ýetipdi. Olwaka Permanyň hem galtaşygy bardy. Ýöne ahun nätjeginibilmän içini hümledip ýördi. Jahanly waka bolsa ahunaPermandan dynmaga açyk sebäp bolupdy. Elbetde, Perman buzatlardan bihabardy.Dostlaryň gürrüňi uzaga çekdi. Gün ýaşdy, iňrik garalypbaşlady.— Hany, onda şu ýerden bir gideli, soňunam soňgörüberýäs-dä - diýip, Perman ýerinden turdy.Çary pert-pert gürledi:— Perman, sen nirä barmagyň-a gürrüňinem edip oturma.Iki dogan bolmasak, üç dogan ekenik-dä. Asyl men seni özdoganymdan kem göremok. Bize gideli. - Ol Permanyňýaýdanjyraýanyny görüp, has-da kesgin gürledi. - Sen atamenemdenýaňa arkaýyn bolaý. Olaryň sähelçejigem ýüzleriniçytmajakdyklaryny bilýärin.— On-a menem bilýän - diýip, Perman her niçigem bolsaikirjiňlendi. - Bolýar onda, meniň tamymda aňry-bärijigim bar,olary bir alaly.


Olar tirkeşip Permanyň bolýan köneje tamyna bardylar.Perman özüniň ölügsije çyrasyny ýakdy. Tamyň bir dulundaüýşüp duran köne-sana geýimlerini hem beýleki zatlarynyýygnaşdyrmaga başlady.Bir dulda Permanyň öz ýasan “krowaty” durdy. Onuňüstünde tagta deregine eýläk-beýläk ýüp germelipdir, düşekçederegine düýe halyklary, at keçeleri bitertip atyşdyrylypdyr.Çary özüni şol “krowatyň” üstüne taşlady-da, çiň arkan düşüpýatyşyna öz işi bilen başagaý bolup duran Permana janygypgürrüň bermäge başlady:— Bilýärmiň, Perman, şol diýýän gaýtarmaňy?Dogurdanam, edil bir perijigiň bar-da...Perman işinden ünsüni bölmän sorag berdi:— Ol haýsy gaýtarma meniň diýýänim?— Aý, walla, hol elinden tutdym diýmedimmi?— Hä, hawa, hawa, onsoň nähili? - diýip, öz işi bilenmübtela bolup duran Perman, dostunyň gürrüňine goltgy berdi.— Walla, edil bir periň bar-da! Peri tüýs. Duz kessin, ezipiçäýmeli. - Ol syçrap ýerinden turdy-da, işigiň agzynda duraneýeriň üstüne çagajyklaryň edişi ýaly atlanyp mündi. Iki ýanayranyp oturyşyna göçgün bilen gürrüňini dowam etdi. - Eý,dost jan, bir gezek ol çuwal gyzyň ýoldaşyny gördüm welin,edil içim dirije tütünsiz ýandy. Ony görseň, senem ýanarsyň.


— Nähili? - diýip, Perman dostunyň ýüzüne gülümsiräpbakdy. Çary öňküsindenem beter janygyp gürrüň berdi:— “Bir gözi syma sokur, bir gözüniň agy bar, bir gulagy çürtkesik, bir gulatynyň çägi bar” diýleni-dä. Men onuň bolşunysöz bilen aýdyp biljek däl. Onda saglykdan, abatlykdan başganähili aýyp diýseň bar. Onuň sakgaly dagy edil gumda gögerentekesakgaly ýaly. Erni diýseň, basman eşegiň erni ýaly.“Gawunyň gowusyny şagal iýer” diýip, ýöne ýere aýtmanekenler. Ýeri, şeýle gelne şeýle är duşaýmalymy diýsene...- Olbirden zöwwe ýerinden galdy. - Dost jan, sen bir onygörsediň...Edil şol wagt hem gapy tykyrdady. Çary böküp bir burçagysyldy. Perman:— Kimsiň? - diýip, daş çykdy. Çary bolsa girmäge deşiktapanokdy. Ol bir, gizlenmek üçin Permanyň “krowatynyň”aşagyna girmegiň pikirini edýärdi, bir, daş çykyp gaçmagyň.Sebäbi ol ahun gelendir hem ýaňky gürrüňleri diňländir öýdüppikir edýärdi.Ýöne Perman kän eglenmän içerik girdi. Çary gyssanmaçlykbilen:— Kim eken ol? - diýip sorady.— Aý, hiç kim-le - diýip, Perman ilki gümürtik gepledi. Soňsözüniň üstüne goşdy. - Ejem-le.


— Ahun geläýdimikä diýip ýüregim ýaryldy - diýip, Çarygorkanyny boýun aldy. Sözüne aram berip, dowam etdi. -Perman, nähili-de bolsa, sen mundan ymykly geç. Men seniňýeriňe bolan bolsam, bir wagt geçerdim.— Nätjek, onda-da ýazyk ýok. - Perman gamgyn gürledi. -Ol nalaç etsin? Men ondan özümi bilip başlan badymageçmelidim, geçip bilmedim. Nirä gitjek? Edil garaňky tamyňgapysyny tapmaýan dek sermenip geçdim ahyry, Çary. Ine, şugün ýüregime daş bagladym, näme bolsa, şol bolsuna urdum.— Dogry edýäň - diýip, Çary onuň sözüni tassyklady. -Onuň ýaly ejeden düýbünden geçmek gerek.Perman on iki ýyl ýaşan tamjagazyndan paty-putusynygöterip çykdy. Çary hem onuň yzy bilen çykdy. Tamyň agzynyöňküsi ýaly ýüp bilen bagladylar-da, olar hemişeki geçýänýerlerinden haýatyň üstünden aşyp geçdiler-de, tirkeşipgaraňkylyga siňip gitdiler.TÄLEÝ DEPDERIDaglaryň ýylagyna düşen uçgundan peýda bolan oduňtokaýdan tokaýa düşüp gidişi ýaly, Muhammetmyrat ahunyňPermany gapysyndan kowandygy hakdaky “myş” hem birnäçegünläp obanyň bir o çetine, bir bu çetine çabrady, gaýtgyn alyp


köwlendi, bir üýşmeleň bolsa gürrüňçilik şonsuz geçmedi.Ýöne aradan köp wagt geçmänkä, ýene ondanam has geňwakalar boldy, has geň “myşlar” ýaýrady. Ol wakalar, ol“myşlar” hakda her üýşmeleňde bir hili gürrüň edýärdiler, olaryher kim özüçe çözýärdi.Perman ahunyň gapysyndan gidenden soň kän wagtgeçmänkä, Muhammetmyrat ahunyň medresesiniň talyplaryköçelerde topar-topar bolup, her gün diýen ýaly gopgun edipbaşladylar. Gelin-gyzlar olaryň duşundan arkaýyn geçipbilmediler, Talyplar gelin-gyzlaryň yzyndan atyr pürkýärdiler.Agşamlaryna bolsa olar serhoş bolup, köçelere çykypbögürişýärdiler. Mätäjiniň “Söýgüli jenan” goşgusyny özleriçedüzedip, onuň içine öz halan gelin-gyzlarynyň atlaryny salyp,aýdym edip aýdýardylar. Bu aýdym, bu bögürişmek, gykylykgalmagalher agşam gaýtalanýardy.Bu ýagdaý adamlaryň etinden ötüp, süňňüne ornady.Gykylyk-galmagalyň arasynda öz gelniniň ýa-da gyzynyň adytutulýan adamlar bir gezek geçirdiler, iki gezek geçirdiler,ahyry çydaman, talyplar köçä çykanlarynda, olaryň üstüneçozup, köçe tozanyny gopdurdylar.Bu ýagdaýdan soň, “myş-myşlar” has-da güýçlenip, hatdagürrüňçilikde ahunlaryň özlerine-de şek ýetirilip, olara aç-açansögübem goýberýärdiler. Bularam, owarram diýseň, metjitdir


medrese üçin hemişeki gelýän hüşür-zekat hem azalyp başlady.Ahuny bu ýagdaý hemme zatdan beter ynjalykdan gaçyrdy.Şonuň üçinem ol Permanyň yzy bilen talyplarynyňambirnäçesini kowup goýberdi. Özem talyplaryň köçe tozanynagatyşanyna-gatyşmanyna parh goýup durmady, ony ahunsaýgarjagam bolmady. Şeýdibem il arasynda öz abraýynygötererin tamasyny etdi.Ýöne bir zat geňdi. Kowulanlaryň arasynda Seýitmyratbegiň ogly Begli molla-da bardy. Dogrusy, Begliniň näme üçinkowulandygy geň däldi. Sebäbi kowulan talyplaryň arasyndaBegli molladan başga arak içip, köçä çykyp bögürip ýöreniýokdy. Geň ýeri Muhammetmyrat ahunyň Begli mollanykowmaga ýürek edip bilşidi.Permanyň bolsa kowulmagy däl-de, näme üçinkowulandygy geňdi. Arçyndyr eminler Jahanyň ata-enesindenönjeýlije ýonan borludy, bu hakdaky gürrüň il içine ýaýramady.Bu gürrüňi Perman bilen Çarynyňam ýaýratjak gümany ýokdy.Garaz, oba adamlaryna bir howa gürrüň edere, kelle döwerezat tapyldy.Ine, bu günem demirçiniň ussahanasy gürrüňçilige gelenadamdan doludy. Bu kömrüni tapsa demrini tapman, demrinitapsa, kömrüni tapman ýören ussanyň işem özüne ýetikdi,ýanyna gelip gidýän müşderisi-de. Dogry, Seýitmyrat beg,


Arslan baý ýaly adamlaryň muňa işiniň düşüp geljek gümanyýok. Ýöne garyp-gasarlaryň welin biri orak dişetmäge gelýär,ýene biri pyçak taplatmaga gelýär. Ilçilik, şunuň ýaly ownukuşakiş günde tapylyp durýar, demirçi hem şolaryň arkasyndangününi itekleýär. Ýöne ussahana gelýäniň köpüsi welin,wagtyny nähili geçirjegini bilmän, gürrüňçilik küýsäp ýörenadamlar. Olar ir ertir ýygnanyşyp, günortan turýardylar, giçöýlän ýygnanyşyp, il ýatandan dargaýardylar. Olaryň arasyndadürli häsiýetli adamlary görmek bolýardy. Iki gulagydüýbünden diýen ýaly gapylan Nyýazberdi kerem, okap-okap,ahyram ýoluny urduran diýlip medreseden kowlan Täşli şortada,obanyň belli ýomakçy gojalaryndan Bally şap-da her güidiýen ýaly şu ýerdediler. Bulardan başga Öwezmyrat batyrýalylaram bu ýere her gün gelýärdiler. Bir sebäp bilen şolargelmese, bu ýerdäki gürrüňçiligiňem ugry bolmazdy.— Bu medresede okap, bögürişip ýören talyplaryňkydüşnükli welin, şu Permanyň şolar bilen bile kowulmagynanäme diýjegiňi biler ýaly däl - diýip, kimdir biri gürrüňebaşlady. - Onuň gözüni açyp göreni ahunyň hyzmaty ahyry. Özibir gara maňlaý ýetimek eken.Şunuň bilen gürrüň bir howa Permanyň üstüne agdy. Onuňgeçmişi, ahunyň gapysynda çeken ejiri, indiki görjek güni, keçykbaly hakda gürrüň etdiler.


Elbetde, bu adamlar Öwezmyrat batyryňam, demirçiniňemPermandyr ejesi bilen ýakynlygyny bilýärdiler. Şonuň üçinembu barada seresaply, sypaýyçylykly gürrüň edýärdiler.Gülsoltany Öwezmyrat batyryň öň, Muhammetmyrat ahunabarmaka hem gapysyndan getirmeýändigi, häzirem ony özgyzym diýip, Permany agtygym diýip hasap etmeýäni olaramälimdi. Şonda-da häzir Gülsoltan hakda aýdyljak köp sözleriňöňi bökdelýärdi.— Gözüň gören ýeke çagaňa guwanyp otursaň bolmadymy,akmak! - diýip, kimdir biri Gülsoltanyň adyny tutman käýindi.— A-haw, zamanasynda eklenjem kynlaşypdyr. Nätsin, alaçtapan däldir. Başy boş adama aňsadam däldir - diýip, ikinji birionuň aýdanyny ýuwmarlady.— Meniň ýaly ýoluny urduranyň kowluşyny geňem görmelidäl - diýip, Täşli şorta gürrüňi bütinleý başga ýana sowmakbilen boldy. - Ýöne meniň ýeke özüm ýol urduran bolsam, indiHal mollanyň mes gelin-gyzlary talyplaryň barynyň ýolunyurduryp, kowulmagyna sebäp boldy. - Ol gülki arasy bilensözüniň üstüni ýetirdi. - Aý, olar ahunyň özüni ýoldançykarmasa-da razy gelersiň.— Urdurypdyr-a urdurjagyny - diýip, Bally şap sugşurdy. -Gelin-gyzy bolmasa, Hal mollanyň özi ahuny ýoldan çykarypýör-dä.


— Hakykat şeýle - diýip, Täşli şorta onuň sözüni tassyklady.— Boldy-boldy, iki arada nähak ýere Perman ýetime şarpykdegdi diýsene - diýip, bir ýaşuly ýene gürrüňi öwrüp Permanyňüstünden eltdi. - Bu nähili naýynsapçylyk! Haramzadaçylyketseler öz medresaňdäki bakyp-besläp ýören mes mollalaryňedipdir. Elmydama malyň yzynda sergezdan bolup ýören ýetimoglanda näme ýazyk bar diýsene.Bu gürrüňçilikde teläriň bir çetinde köseleç sakgalyndanýaňy iki-ýeke ak görnen bir adam otyrdy. Näme üçindir onuňdurdugyça ýüzi gyzarýardy. Oba adamlary ony ýüzüne Allakdiýip atlandyrsalaram, ýeňsesinden adyny Allak pişik diýiptutardylar. Allak pişik diýmeseň, ony tanan adamam bolmazdy.Ol oba içinde gybatkeşligi bilen bellenen adamdy. Oba içindeadamlar arasynda kiçijik bir dawajyk bol sa, ol iki tarapynyhem örjeşdirip goýbererdi-de, ony hem şol sagadyň özündearçyna, onuň dört eminine üstüne on esse goşup, uly dawa ýalyedip habar bererdi. Eminlerem mundan peýdalanyp,dawagärlerden ýonmak bilen bolardylar.Allak pişik Hal mollanyň dogan oglanydy. Emmagürrüňçilikde oturan adamlar ýa-ha ony äsgermän bilgeşleýinetdiler, ýa-da onuň barlygyny ýatlaryndan çykardylar, Halmollaly gürrüň öňki hörpünde dowam etdi.


Gürrüňiň arasyna bir böwşeňlik aralaşanda jaýly-jaýsyzdiýmän Allak pişik hem söze goşuldy.— Perman ýetimek ýöne gezip ýörmegi-de oňarmady -diýdi. - Dogrusyny aýtsaň, mugt çörek onuň garnyna depdi.— Nireden ahunlar oňa mugt çörek berenmiş? - diýip, Ballyşap onuň alkymyndan aldy. - Ol sekiz-dokuz ýaşyndan beýläkahunlaryň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýör. Onuň gözüniaçyp, malyň yzynda selpäp ýörşi ahyry. Onsoň ol nähili mugtçörekiýýärmiş?— Perman duz iýen ýerine kast etdi - diýip, Allak pişik hemýan bermedi.— O nähili kast edenmiş?— Ahunlaryň bir tohum gylýaly ýok boldy. Soň Hal aganyňbir tohum gylýaly ýok boldy - diýip, Allak pişik oturan ýerindegorsandy. - Şol zatlaryňam sebäpkäri Perman bolmaly. Ologrular bilen aragatnaşyk saklap, ol gylýallary ogrulara öziçykarypberipdir. Onam ahun pal atyp, açyk täleý depderinde görüpdir.Onsoň ol Permany saklarmy işiginde. Kowup goýberdi.Ara bir salym ümsümlik aralaşdy. Dogrudanam, Permanyňogrular bilen gatnaşyk edendigi, ahunyň täleý depderine garap


muny bilendigi hakdaky “myş” hem ýok däldi. Belki, şonuňüçindir, Allak pişige gaýtargy beren adam bolmady.— Perman-a şeýle eken diýeli, bu Begli sopynyňkowulmagy gaty geň. Gylyjam öz gynyny kesjek eken-ow -diýip, Bally şap gürrüňi başga tarapa burdy.— Ýa, Bally aga senem-ä - diýip, Täşli şorta ýaňsylyseslendi. - Bu ýerde ogurlygam ýok, täleý depderem. Olarbiderek toslanyp ýören zatlar. Permanyňam, Begli mollanyňamnäme üçin kowulandygynyň sebäbini, gel-de, menden sora. -Ol adamlary has gyzykdyrjak bolýan ýaly, sözüne dyngy berdi.Töweregine bir laý nazar aýlap çykdy. Dogrudanam, adamlaryňhemmesi onuň agzyna aňkaryp doňup galdy. Hatda gürrüňegoşulman, öz işi bilen gümra bolup duran demirçi hem, başynygaldyryp, Täşliniň ýüzüne seredip durşuna çekijini sandalynyňüstüne tyrkyldatdy. - Ahunyňam gylýaly ýitenok, Halmollaňam - diýip, Täşli şorta gürläp başlady. - “Ogurlyk edenuýalmaz, üstüne gelen uýalar” diýişleri ýaly, Perman ogurlyketmän, ogurlyk edeniň üstünden bardy. Has dogrusy, ogurlykedenler Permanyň üstünden geldiler. Ine onuň kowulmagynyňsebäbi. - Hiç kimden ses-üýn çykmaýardy. Täşli şorta dowametdi. - Bir gezek ahun Permany Hal mollanyň hyzmatynaiberdi. Ol tomsuň jöwzasynda bir hepdeläp, Hal mollanyňmalyna seretdi. Agşamlaryna-da onuň howlusynda dag ýaly


edilip basylyp goýlan ganar-ganar pagtany saklap, şonuňüstünde ýatýardy. Bir gezek gije mollanyň uly gelni Beglimolla bilen onuň beýle ýanyndaky saman kepbä girýär. Permanmuny görse-de, görmediksiräp, sesini çykarman ýatan. Ýönebogazy gijäp, halys çydatmandyr. Üsgüripdir. Begli molla-daüsgüreniň kimdigini bilmän ökjäni göterýär. Hal mollanyňýarak iti hem münýär söbügine, onuň egin-eşigini düýt-müýtedip taşlaýar. Hernä, onuň dadyna Perman ýetişäýýär, ýogsaözünem dike-dike etjek eken. Perman ony itiň agzyndansypdyryp, howludan çykaryp goýberýär. Şol goha daş çykanHal molla talybyň kimdigini bilmän galsa-da, işiňmojukdygyny aňýar. Ýöne gaharyny Permandan çykarýar.Senden item müň esse gowy, sen bütin howlyny göteripgitselerem duýjak däl diýip, onuňüstüne heňkirýär. Ertesem ony gapysyndan kowup goýberdi.— Bu zatlar mundan gelip çykdy-ow! - diýip, Bally şapsakgalyny sypady.— Galat aýdýaň! Sen agzyňdan näme çykýanyny bilipgürle! - diýip, ýüzi boz-ýaz bolan Allak pişik kellesinisaňňyldadyp gygyrdy.— Galatdygyny-däldigini, bar-da Permandan sora - diýip,Täşli şorta arkaýyn gürledi.


— Ýalan sözläpdir seniň Permanyň! Tapdyň bu ýerdeynamdar adamy! - diýip, Allak pişik has-da gyzdy.— Allak aga, sen gaty gyzyberme! - diýip, Täşli şorta onuňýüzüne dikanlady. - Bir-ä, seniň haýbatyňdan gorkýan adamýok. Birem, Permana ynanmaýan bolsaň, beýleki ite daladanBegli mollany hem getirip, gözüň öňünde dikip bilerin.Galatdygyny-däldigini görersiň şonda. Sen durup bilseň, menduraryn sözümde.Allak pişik gürrüňi mundan artyk uzaltmagyň öz peýdasynadäldigine düşündi.— Seniň-ä edäýmeliň belli welin...- diýip silkinjiräpýerinden turdy. Märekeden saýlanyp ugrady.— Bileniňden galma! - diýip, Täşli şorta onuň yzyndangygyrdy. Ara bir ümsümlik düşen ýaly etdi-de, birdenem ulygowur turdy. Her kim bir zat diýdi.— Asyl gürrüň mundan gelip çykdy-ow!— Şeýle bir emmasy bardyr-la.— Bolsa-da, Allak pişigiň almytyny berdiň, Täşli molla.— Älhepus, seniň täleý depderi bolaýşyňy!— Allak pişig-ä süzüberdaý.— Dursa bujurygynyň artjagyny bilip durandyr.Gowur ýatyşan badyna Bally şap ýene Täşli şortanydürtgedi:


— Hany, molla, Begli mollanyňam bir kyssasyny eşideli.Ahunyň Begli mollany kowşy geň.— Halys başga alaç tapmansoň kowýandyr - diýip, Taşlişorta gürrüňe başlady. - Ýöne Permanyň kowulmagynyň birýanynda ýene Begli molla hem bar. Arslan baýyň gelnin-äbilýänsiňiz? Hal mollanyň gyzy. Adyna Zybagül diýýärler. Anaşol Zybagül bir gün men Permanyň tamjagazynda otyrkam, birgyldan bezenip, şaňňyrdap gapydan girdi. Meniňbarlygymdanam çekinip durmady-da, Permana ýüzlenip: “-Bar, hüjresinde bar bolsa, Begli mollany çagyryp gel” diýdi.“Begli molla näme üçin gerekdi?” diýip soradyk. Ol gelingüldi-de: “Doga aljak” diýdi. Men ol gelniň nähili doga diýipgelenine beletdim. Onsoň Perman gelýänçä, ol gelin bilenikiçäk galmagy bir hili gördüm-de, “Ynha, Beglini özümçagyraýaryn, onuň bilen bir hüjrede ýaşaýan” diýdim. MenBegliniň hüjrede ýokdugyny bilýärdim. Olar şol wagt birnäçetalyp bolup, başga bir hüjrede içinden temmeläp arak içipotyrdylar. Men Beglini gelniň ýanyna iberdim. Ýöne hüjräbaran badyma diýen ýaly ýarym serhoş Begli molla ýüzüni aktamedip geldi. Men bir bolmasy işiň bolandygyny şobadaaňdym. Begli bolan wakany gürrüň berdi. Kim bilýär bir zatysyrganyp barypdyr, kim bilýär, tötänden barypdyr. BegliPermanyň tamyna baran badyna ahunam bularyň üstünden


arýar oturyberýär. Gelin-ä suwulgan ýaly bolýar-da, suwulypçykyp gidýär. Begli molla-da ölse ol wagtlar onuň gaşyndadurjakmy, bu-da göterýär ökjäni. Gazaba münen ahunyňpenjesinde Permanyň ýeke özi galýar. Men ynjalyp oturypbilmedim. Näme bolýanyny bir göreýin diýip, Permanyňtamyna baka ugradym. Barsam, ahun eýýäm gidipdir.Permanyň ýeke özi ganyny gaçyryp otyr. “Näme boldy?” diýipsoradym. “Ahun näme diýdi?” diýdim. Ahun ondan: “Bu nämeboldugy, peläket?” diýip sorapdyr. “Indi seniň tamyň orramsyňoýnagy boldumy?” diýipdir, çaga-da, hemme zady bolşy ýalyaýdaýmaly welin, meniň adymy tutmajak bolup, bar zady özboýnuna alypdyr. “Bu taýda hiç zadam bolanok, ahun aga”diýipdir. “Arslan baýyň gelni Begli mollany çagyryp gel, dogaaljak diýdi. Menem çagyryp geldim” diýipdir. Ahun Permana:“Indiden beýläk şu ýere şol gelnem, Begli molla-da aýagynysekäýmesin. Özem bir ýerde diliňi ýaraýsaň, gümüňi çekerin!”diýip hemle urupdyr.— “Alynyň aryny Ahmetden çykarypdyr-da”! - diýip, biriseslendi.— Gör-le bu bolup ýören zatlary! - diýip, Bally şap mysmysgüldi. - “Gylyç gynyny kesmez” diýýänleri mundan gelipçykdy-ow. Näme Hal molla-da, Seýitmyrat begem ahunyň özgyny-da. Olaryň ikisine-de gol ýapmaly. Ikisinem


masgaraçylykdan dyndarmaly. Onsoň, seredip otursaň, Beglimollany medreseden kowaýmasaň, başga alajam ýok.— Ýogsa näme? - diýip, Täşli şorta onuň sözlerinitassyklady. - Medresedäki ähli azgynçylygyňam,arakhorlugyňam başy Begli molla. Onsoň Begli mollanyňmedresede hem özüni, hem ahuny, hem Arslan baýdyr Halmollany masgara edip ýöreninden, ol ýerden gideni ibalyahyry.— Elhepus, bolsa-da ahun-a alan eken-ow - diýip, Bally şapýene mys-mys gülmäge başlady. - Onuň Permana diýäýenzadyny! “Seniň tamyň orramsyň oýnagy boldumy?” diýipdirdiýdiňmi? Heý, pahyr, öz medresesiçe-de görmändir-ow.Gürrüň, degişme uzaga çekdi. Ýöne bu gün Öwezmyratbatyr hiç gürrüňe goşulmady. Bir gyrada öz oý-pikirleri bilenmübtela bolup, bu edilýän gürrüňleri diňledi oturdy. Ol ahyry ildaganda-da gitmedi.Onuň bar pikiri, Perman hakda bolupdy. Elbetde, olgyzyndan geçensoň, Permany hem öz agtygydyr öýtmezdi,hatda onuň barlygy hakda-da oýlanyp durmazdy. Perman hemÖwezmyrat batyryň öz babasydygyny daşyndan bilýärdi. Diňebirnäçe gezek ony daşyndan görüpdi. Emma onuň golaýynabarmalydyr, onuň bilen gürleşmelidir diýen pikir kellesine-degelmändi.


Bu günki üýşmeleňde bolan gürrüň Öwezmyrat batyrybirinji gezek Perman hakda çynlakaý oýlanmaga mejbur etdi.Ýer urup, ýeke galan ýetim oglana nebsi agyrdy. Onda ne atabar, ne ene bar. Ne hossar-howandar bar. Kim oňa arka durar,kim hossar çykar? “Biri oňa hossarlyk etjek bolsa, Öwezmyratbatyr, oňa sen hossarlyk etmeli - diýip, ol telim gezek şol pikireöwrülip geldi. - Gyzyň seniň ýüzüňi ýere salyp gitdi. Ýöne buýerde ol çaganyň näme günäsi bar? Onsoňam ol oglanaenesinden bulut ýakyn ahyry. Seniňem, Öwezmyrat batyr,şondan başga şu dünýäde ýakyn hossaryň ýok. Öz günümiözüm itekleýän, göreniň gapysynda hyzmat edip, minnetiniçekemok diýäýmeseň, seniňem şondan üýtgeşikligiň ýok.Senem şonuň ýaly ýetim. Men ol oglanjygy ýygnaýsamnäderkä? Hem ol iliň minnetinden dynar, hem onuň maňahemaýaty ýeter. Indi bildenem kuwwat gidip ýör, Öwezmyratbatyr”.Ahyry ol ýüregini bire baglady. Märeke dagap, demirçi bilenýeke galanlaryndan soň:— Ussa! Şol Perman şindiz nirede? - diýip, göýä onuňýanynda gyjalata galyp, müýn iş eden ýaly ýuwaşja bir äheňdesorady. Demirçi onda bir üýtgeşikligiň bolandygyny aňyp,ýüzüne çiňerildi.


— Eşidişime görä, Çary diýip bile mal bakyp ýören dostybarmyş. Häzir-ä şolarda ýaly - diýdi. - Muny nämeden soradyň,batyr?— Bi, neme diýýän-ä, ussa - diýip, Öwezmyrat batyrbaşyndaky tahýasyny çykardy-da, onuň bilen kellesinisypalaşdyrdy. - Men pikir edip otyryn welin, enesinden-ä ologlana hossar çykyp, arka duran ýok. Onuň başga-da hossaryýok. Onsoň diýýän-ä ol oglany ýygnap oturybersek nähilibolarka?— Hiç hilem bolmaz, batyr. Ýygnasaň ýygnan adambolarsyň. Uly iş bitirdigiň bolar.— Bi il-gün bir hili görmezmi?— Il-gun Öwezmyrat batyr iş bitiripdir diýer. Ussa kesgingürledi. - Men muny saňa özüm aýdaýyn diýip ýördüm, batyr.Ýöne seniň nähili görjegiňi bilmedim. Gaýta tersine tutarsyňöýtdüm. Permany ýygna, batyr. Onuň senden başga hossaryýok.— Dogry-la, özümem şeýle pikir edýän. Ony men ýygnaýyn- diýip, Öwezmyrat batyr sözüni jemledi. - Onda, ussa, sen şugün Permany tapyp getir.Perman şol gün babasynyň yzyna düşüp, ilkinji gezek onuňhowlusynyň gapysyndan girdi. Onuň eneden bolanyny eşitsede,henize çenli ýekeje gezegem görmedik Mamagül eje bu


garaşylmadyk şatlyga guş bolup uçaýjak boldy. Agtygynyňdaşynda pelesaň kakdy.— Batyr, şun-a oňaraýypsyň - diýip, Öwezmyrat batyraminnetdarlyk bildirdi. - Ynha indi Perman janam hossarly,bizem hossarly bolduk.— Mamagül, şu günden şeýläk Perman edil baýyň çagasyýaly gezsin - diýip, Öwezmyrat batyr joşup gürledi.Mamagül eje Öwezmyrat batyryň diýşi ýaly hem etdi. Onybir kemsiz geýindirdi. Emma gyrmyzy balak, keteni köýnek,gyrmyzy don geýip, gyzyl çog bolup gezmäge Permanyňýüregi takat etmeýärdi. Ol mamasynyň diş-dyrnak bolup, azapbaryny siňdirip geýdiren bu egin-eşigini negada bir toýdatomgudageýip çykýardy. Ýöne her niçik-de bolsa, Perman indibiriniň arzyly ýeke ogly ýaly saklanýardy...* * *Şol “myş-myşly” gürrüňlerden soň, Perman ahunyňgapysyndan kowlup, babasynyň öýüne barandan soň bir ýylgowrak wagt geçdi. Guraklyk bilen geçen ýazyň tomsy hemgury epgek bilen tozap geçdi. Güýzüň çigrekli günleriduýdansyz gelip ýetdi. Güýzüň çigrekli şemaly hazan uranýapraklary paýhyn edip, ýere düşeýärdi.


Geçen döwrüň içinde demirçiniň ussahanasynda artypkemelenzat bolmandy. Diňe ussanyň öz ýüzünde, bolşundabirneme özgeriş bolandygy duýulýardy. Onuňýüzünin gara-gurasy köpelip, saly gowşan ýalydy. Ebti agdykgörünýärdi, göwnüçökgünlik, tukatlyk basmarlandygy bildiripdurdy.Demirçiniň ussahanasyna gürrüňçilige gelýänlerde-deüýtgeşen zat ýokdy. Şol bir gelýän adamlardy. Bir üýtgeşen zatşol Täşli şorta bilen bolan gürrüňden soň, ussahananyňgolaýyndanam geçmedik Allak pişik gahary ýatyşyp, kinesikönelişip, soňky wagtlarda ýene bu ýere gelmäge başlapdy.Bu günki üýşmege gelen adamlar göni bir ýas ýerine gelenýaly gaty tukatdy, ýüzleri salykdy. Gürrüňçiligem beýle birgyzyberenokdy. Diňe Nyýazberdi ker öz ugruna agzyna nämegelse, gürläp otyrdy. Allak pişik hem şerigatdan, kowahatdanbilikli adam bolan bolup, ondan-mundan gürrüň gozganbolýardy. Allak pişigiň takwasyran bolup, bilimdarsyran bolupoturyşyna Bally şapyň pisindi oturmadymy-nämemi, ol birden:— Men-ä şerigatyňam bilemok, kowahatyňam, Allak beg -diýip, naskädisini tyrkyldatdy. - Öz öýümde günüme goýsalar,arkaýyn ýaşasam, meniň şerigatymam şol, kowahatymam.


— Hümm... Dogry aýdýaň, indi bu adamlaryň gulagy dynçbolsa şondan başga arzuwy ýok - diýip, Öwezmyrat batyr hemBally şapyň sözüni goldady.Emma bu gürrüňler Allak pişige täsir etmedik borly, tä Täşlişorta gapydan salam berip girýänçä, ol özüniňtakwasyramasyny bes etmedi. Täşli şorta geçip ornaşandan soňwelin ol lam-jim ümsüm oturdy. Ussahanadaky tukatümsümligi ýeke kiçijikçekijiň tyrkyldysy bölýärdi. Ahyry bu ümsümligi Bally şapbozdy.— Molla, birki-üç gün bäri görünmediň, nirä gitdiň? - diýip,ol Täşli şorta ýüzlendi.— Hawa, oňa-muňa çykdym. Soňam şähere gitdim - diýip,Täşli şorta jogap berdi.— Ol habaram çyn bolaýdymy onsoň?— Hawa-la, Bally aga. Çyn-la.— Çyn bolmajak gümany barmy, Bally? Zamanasynda şugün agzyňa gelenini aýtsaň, ol hökman ertesi çyn bolýar -diýip, Öwezmyrat batyr seslendi. Oturanlardan başga birizeýrenjiräp, käýinjiräp başlady:— Adama gulagy dynç oturmak ýok öýdýän özi. Bu dünýägaty giň eken. Asyl biz ýeke ors patyşasyny, türk soltanyny,onsoňam iňlisi, owgany, eýrany bilýärdik. Başgasynyň adyny-


sorunam eşitmezdik. Indi german diýdi, awstrin diýdi, birgapdaldan bela tapyldy... Awstrin patyşasynyň oglumy,doganymy öldürilipmiş diýýärler. Bar, indi öldürilenem ekendä.Ýeri, bu iki arada biziň näme işimiz bar?.. Öldüren biri,nähak gan eden biri, ölenem biri. Ýeri, indi öleniň yzynda müňadamyň gan dökmegi nämä gerek? - Soň ol Täşli şortaýüzlendi. - Eýsem, poşçularam ugradyljakmyş diýen gürrüňemçyn bolýar-da onda?— Hawa, olaram ugradyljakmyş - diýip, Täşli şorta jogapberdi.Indi birnäçe gün bäri dowam edýän “myş-myşlar” adamlaryuly gaýga goýup, günleriniň süýjüsini gaçyrypdy. “Awstriýapatyşasynyň ogluny başga bir patyşanyň adamy öldüripdir.Awstriýa-da oňa uruş şaýyňy tut diýipmiş. Onuň arkasynda-daGermaniýa durýarmyş. Ganhoruň arkasynam ak patyşatutýarmyş. Dünýä ikä bölünipmiş, uruş başlapmyş” diýengürrüň ulynyň-kiçiniň agzyndady. “Bir adam öldi diýip, ýüzmüň adamyny gyrgyna bermek nämä gerek? Asyl uruş turzup,gan dökmek kim üçin gerek? Bize gerek zat däl. Asyl akpatyşanyň bu işe goşulyp näme işi bar? Munuň başga biremmasy bardyr” diýşip gürrüň edýärdiler.Demirçi çekijini saklady-da:


— Indi hannaslaryň güni geldi - diýip, aladaly gepledi. -Ýerden ýöränimizi, eli taýak tutanymyzy urşa sürerler. Birýandan salgyt salyp, öýüňem çillege döndererler. Ýesirler bolsayzlaşyp galar.Allak pişik oturyp bilmedi-de:— O nähili hannaslaryň güni geler? Olar şerigatdan çykypbilmezler ahyry - diýip, ýerli-ýersizligine özi-de düşünmän, buara şerigaty sokdy. Onuň bu sözüne Öwezmyrat batyryň gaharygeldi.— Biz Gökdepeden bosmankak, hannaslar gallanyňbatmanyny bir gyrana çykaran bolsalar, bosanymyzdan soňgallanyň batmanyny bäş gyrana ýetirdiler - diýip, ýangynlygürläp başlady. - Biz bir gysym gowurgany içmegiň tüý ýüzünesepip maşgala naharlaýardyk. Biz ol wagt bäş gyran tapmaküçin atly-ýaragly ýurt sökýärdik. Başyňa gowga düşen günihannaslaryň şerigaty şoldur. Kim seniň ol şerigatyňy gara şaýaalýar? Seniň şerigatyň bilen... - diýip, ol sözüniň ahyryny hyňurup goýdy.Onuň daşynda oturanlar. “Dogry aýdýaň, Öwezmyrat batyr,hannaslaryň güni geldi” diýşip, onuň sözlerini tassykladylar.Allak pişigiň ýüzi çapady ýaly gyzardy. Bally şap Öwezmyratbatyryň aýdanlaryny az görýän ýaly:


— Hannaslaryň garny ýagjarmasa, şerigatçylaryňam tüýdügigurar ahyry, şeýle dälmi, Täşli molla? - diýip, sugşurdy.— Hüm - diýip, Täşli şorta jansyzrak hä berdi-de, bir azajykböwrüni diňläp oturandan soň, gürrüňiniň yzyny ýetirdi. - Sizony diýýärsiňiz, Bally aga. Asyl ahunlaryňam “wallahy-aglam”diýip, allanyň adyndan pitiwa berip oturan zatlarynyň bary-daşoňa tymsal bir zatdyr. Onam aýtsaň, “ýoluny urduran”bolýarsyň.Allak pişik çişip barmaşa:— Siz bu taýda her hili gürrüňler edip, ak patyşa-da atdakyp şek ýetirdiňiz - diýip, “siziň bu işiňizi degişli ýerineaýdaryn” diýmekçi bolýan ýaly gürrüň etdi. Onuň bu gürrüňinedemirçiniň gaty gahary geldi.— Biz näme gürrüň etdik? - diýip, ol dym gyzyl bolangözlerini gazap bilen, Allak pişige dikdi. Çünki şol wagtlarurşuň myş-myş habary bilen bir hatarda “kimde-kim patyşahakynda ýaman söz aýtsa ýa-da uruş hakynda bir ýaman sözaýtsa, ony gezip ýören jansyzlar gerekli ýerine habarberýärmişler-de, şol adamam ýitirim edilýärmiş” diýen “myşmyşlaram”obanyň içine dolupdy.Allak pişik sakyndy-da:— Ynha patyşany ýamanlap, her hili gürrüň otarýarsyňyz,bu näme? - diýdi.


— Haçaň biz patyşany ýamanladyk? Näme agzyňa geleniniotlap ýalan sözleýärsiň? Biz hannaslardan başganyýamanlamzok. Özi hannas bolsa ak patyşabolsa-da ýamanlajak - diýip, demirçi soňra oturanlara ýüzlendi.- Adamlar, biz, heý, patyşa hakynda ýagşydan-ýamandan biragyz söz aýtdykmy?— Ýok! - diýşip, oturanlar ýerli-ýerden seslendiler.— Bu akmak bolsa, başymyzdan töhmet atmakçy bolýar.Göruň bu akmagyň aýdýan gürrüňini - diýip, demirçi Allakpişige alaryldy. Allak pişik tasanjyrap ýerinden turdy-da:— Akmak sensiň. Äňet seniň öýüňi ýykyşyma. Gözüňnämeler görýärkä - diýdi.— Çyk, sowrul, garaň görünmesin, kezzap! - diýip, demirçielindäki çekiji onuň başyndan indererli göründi.— Bar, asman paýyňy çek! Seniň patyşaň bilen... - diýip,Öwezmyrat batyr hem bir gapdaldan paýyş sögdi. Rejäniň geňdäldigini aňan Allak pişik ussahanadan atylyp çykdy.Ussahanada oturan ýetginjekler onuň agzyna öýkünip, yzyndansykylyk atyşdylar. Hatda onuň yzyndan it küşgürenem boldy.Şeýle-de bolsa bu waka demirçiniň ynjalygyny gaçyrdy.— Biz patyşa hakynda näme diýdik? Hiç zat aýtmadykahyryn - diýip, ol howsala galdy. - Bu haramzada başymyzyýok tükezzibanlara sokmasa ýagşy...


Täşli şorta, Bally şap dagy ony köşeşdirdiler.— Bitiren goşy bolmaz. Arkaýyn bol, ussa. Saňa bir zatbolsa, biziň hemmämizem seniň bilen bile bolarys. Asyl sendenbir zat soralaýsa, şu oturanlarymyzyň adymyzy görkez-de, bizikötekläý - diýişdiler.Demirçi şundaň soň birneme arkaýynlaşdy. Öwezmyratbatyr bolsa:— Indi öýüňde oturan ýeriňde mesawy gürrüň edipbolmasa... Bu nähili zamana boldy? Indi öýümizde-de arkaýyngürläp bilemzok. Seniň patyşaň bilen... - diýip, öz başynasögünjiräp hümürdedi. Beýleki oturanlaram her haýsy bir zatdiýip Allak pişige, Hal molla, ak patyşa çenli sögünýärdiler.Diňe Nyýazberdi ker bu gopgundan habarsyz agzyny öweldipoturýardy.Uruş hakda “myş-myş” gürrüňler ýaýrap başlandan soň,Gurbanmyrat arçynyň öýünde her gün bir hili desga guralypbaşlandy. Her gün onuň öýüne egni çinli beýikler gelip başlady.Olar arçynyň öýünde görnen güni Seýitmyrat beg, Hal mollaýalylaram tilki ýaly timisgenişip, şolaryň töweregindenaýrylmaýardylar.Beýikleriň gelmegi hökman bir almytyň alamatydy. Olaryňgelen gününiň ertesi ilatdan ýa bede, ýa saman, ýa öý, ýa erkekalyp başlaýardylar. Günde agşam diýen ýaly jar-jaryň üstüne


çekilip, ilatyň gulagy kamata geldi. Garry aýallar: “Şäherýykylmazyndan öňem günde şunuň ýaly jar bolup, ahyry şäherýykyldy. Munuňam yzynyň bir çöpi bardyr...” diýip, buýagdaýy özleriçe ýorýardylar.Öwezmyrat batyr obadaky alha-allygy daşyndan synlap:“Her zat bolsa-da, ahyrzaman gopsa-da, meniň howlymdanalan zatlary bolmaz. Sebäbi meniň howlym teýim-takyr,özümem bir sanaç un iýipdirin” diýip, öz ýanyndan oýlanýardy.Alha-allyk bolsa barha artýardy. Her gün biriniň gapysyndanerkegini ýa başga bir zadyny alyp gidýärdiler.Nyýazberdi ker bu zatlara işigindäki ýekeje erkegi alnypgidilenden soň göz ýetirip galdy. Ol ýasawul erkeginigapysyndan alyp giden badyna demirçiniň ussahanasyna ylgapgeldi.— Uruş başlanypdyr, adamlar, kyýamat gopdy. Ýekejeerkegimi ýasawul gapymdan urşa alyp gitdi. Indi neneň bolar?Daga gaçarysmy, guma gaçarysmy? Hany gaçmaga göç ulagy?- diýip, uly gopgun turuzdy.Nyýazberdi keriň bolşuny synlap oturan Öwezmyrat batyrözünde alara zadyň ýokdugy hakdaky ynanjyna imrinip, atynyýadyndan çykarypdy.GÜMANLY ÝAZGYT


Ýaňy garaňky gatlyşyp ugranda köwsarlaýan epgek şemalagşam azanyny obanyň içine ýaýratdy. Şol üstünde oturanheniz sakgal-murty tabamadyk ýaş ýigit diň atyny jylawlapgelýän goja göýä bir gyssagly habar bilen çapar ugratmakçyýaly görünýärdi. Atyň üstünde oturan heniz sakgal-murttabamadyk ýaş ýigit gorkunç bir şum alyp gitmekçi ýalydymyp, aty bilen özüniň maňlaýyndaky garaňky ýazgydyhakda oýlanýardy. At dünýäden perwaýsyz kellesini dikasmana tutup, uçganaklaýardy, häzir jylawy goýberilse, onuňlaçyn ýaly ganat kakjagy gümansyzdy.Ýetmiş ýaşlartöweregindäki goja at bilen bile idenekleşip, ony howlynyňgapdalyndan uly ýola çenli jylawlap bardy. Olar şol ýerde aýakçekdiler. Goja uly howsala bilen:— Meniň sargytlarymy unutmagyn. Ondan soňam gidişiňiöňüňden çykan ýolagçylara-da aňlatmagyn. Atyna ynangyn,gaçsaň gutularsyň, kowsaň ýetersiň. Ýeri gelende gaçaýmagambir batyrlykdyr. Mundan beýläk maňlaýyňda näme bolsagörmeli bolduň. Bar, alla ýaryň - diýip, ýaş ýigidiň gulagynaýene bir gezek sarkyrdy-da, jylawy goýberip, ony ýola saldy.Birdenem on-on bäş ädim arany açan ýigidiň yzyndan:


— Perman! - diýip gygyrdy. - Gitjek ugruňda suwy islänýeriňde taparsyň, emma azygyňy ahmal etmegin - diýiptabşyrdy.Ýigit atynyň başyny çalaja çekdi-de, yzyna garady. Gojanyňsargydyny diňläp, atyny sürüp öz ýoluna gitdi. Goja olgaraňkylyga garyşýança yzyndan seredip durdy-da, haýaljakýöräp, howlusyna tarap gaýtdy. Bu wagtlar köne howlynyňiçindäki sekiniň üstüne goýry saýasyny salýan gara ýapraktuduň depesinden ýokary galyp ugran aý tylladan ýasalan jamýaly lowurdaýardy.* * *Gurak gelen ýylyň her güni harasat bilen geçýärdi.Dyrnaklary gan öýen guşlaryň jakgyldysy bilen ýüzi küljerenýapraklary solgun baglardaky jyzlanlaryň sesleri goşulyp,tukatlyk basan obanyň içinde ýaňlanýardy. Agşamlarynadymyk hem petiş bolýardy. Gijeler çybyndyr peşeleriň iňňildisiýatanokdy.At gaçyrylmazyndan birnäçe gün öň şeýle dymyk gijeleriňbirinde şu köne howludan göýä tümüň içinden çykýan ýalybolup tukat aýdym sesi çala eşidilýärdi.


Öwezmyrat batyr ýetmiş ýaşlar töweregindäki iri süňk başlybir adamdy. Onuň köpüsi agaran gür sakgaly bilen daşygabsalan tegelek ýüzündäki gasynlar, nähili-de bolsa gadymeýýamdan bäri baslygyp ýatan syrlardan habar berýärdi.Öwezmyrat batyr bir kiçijik yşkyň yzyna düşüp, özýanyndan öz göwnüni awlap, ýüregindäki gussalaryň üstünibasmagy adat edinipdi. Ol bu agşamam öz ýanyndan süýjiduýgulara imrinip, göwni birneme rahatlyk tapypdy. Gök çaýyňbaşynda ýanbaşlap çalaja hiňlenmäge başlapdy.Köne derwezeden girip gelen ýaş ýigit Öwezmyrat batyryňgamgyn hiňňildisine päsgel bermejek bolýan dek, sessizüýnsüzonuň gapdalyna geçip oturdy. Ol Öwezmyrat batyryňaýdymyna gulak asyp oturan ýaly görünse-de, onda nähilidirbir galagoplugyň, howsalaly tukatlygyň bardygy bildirýärdi.Öwezmyrat batyr hiňlenmesini birden kesdi-de:— Perman, geldiňmi? - diýip, ýetginjege habar gatdy. Onuňýüzüne ýiti-ýiti seretdi. Onuň kalbyndaky birahatlygy duýandek sorag berdi. - Näme beýle tukat görünýäň?Perman hemişe-de babasynyň ýanynda wagtyny dymypgeçirýärdi. Ol utanjaň, ýüzi salyk ýigitdi. Ýöne şonda-daÖwezmyrat batyr onda nähilidir bir üýtgeşikligiň bardygynysyzypdy. Perman bir salym dymyp oturandan soň:— Bilmedim-dä, baba - diýip, gümürtik jogap berdi.


— O nähili “bilmedim”? Özüniň tukatlygyny bilmeýän olniçiksi adam?Öwezmyrat batyr Permanyň tukatlygynyň sebäbini özýanyndan çen etdi. “Deň-duşlarynyň biri bilen öýkeleşendir-de,şonuň üçin keýpi ýokdur” diýip oýlandy. Emma Permanbabasynyň öňünde onuň şu çaka çenli öz agzyndan eşitmedik,asyl eşiderin öýdüp gümanam etmedik jogabyny goýdy:— Dogrudanam, baba, bilmedim. Bu gurakçylyk ýylyňýylynagatlaşyp gidip otyr. Onuň azary hemme kişä deň diýseň,iň ýamany adamlaryň ala tutulmagy...— O nähili ala tutulmagy?— Görüp durşuň ýaly-da, baba. Ine, daýymyň ýekejeerkegini elinden aldylar. Nyýazberdi aganyňam ýekeje erkeginielinden aldylar. Onuň nähili zeýrenenini özüň gördüň-ä. Garaz,obamyzda garyp-gasaryň erkegi bolsa, birini goýmanýygnadylar. Malyň elinden zorlanyp alynsa, şondan başga saňanäme gerek...Öwezmyrat batyr munuň gürrüňiniň yzyny eşitmägehowlukdy.— Çilim otla! - diýip, ojakda çaý gaýnadyp oturan aýalynagygyrdy-da, Permana ýüzlendi. - Ýagşy, sen näme etsemdiýýärsiň?


— Adamlaryň öz malyna, öz zadyna erki ýetmese, nämeedersiň? Şerigat diýersiň, şoňa meňzeş bir zat diýersiň-de, şonabaglanyp gözüni garaldar oturarsyň-da. Başga etjek alajyňnäme? Ýöne gynanjymy aýdýan, baba, elimden gelýän zat ýok.Permanyň bu gürrüňine Öwezmyrat batyr geň galdy. Sebäbiol henize çenli Permandan beýle söz eşitmändi. Şeýle-de bolsaol “Perman daýysynyň erkeginiň alynmagyna gynanýandyr”diýip oýlandy-da:— Munyň dogry-la, seniň şunuň üçin keýpiň ýokmy? -diýip, özüne uzadylan çilimi aldy, keserip ýatan ýerindenlokurdadyp-lokurdadyp bir sordy.Ýeke olam däl - diýip,Perman jogap berdi. - Men ony ýeke şu gün görmeli däl ahyry.Uruş başlalaly bäri men ahy-nalanyň yzynyň kesilmeýändiginiher gün gerýärin. Bu zatlar üçin tukatlanjak bolsaň, bütinömrüňi tukatlanyp geçiräýmeli.— Başga näme eýsem?— Erte ýa birigün atlaram aljakmyşlar, baba, ana meniňkeýpimiň ýoklugy.Atlaryň alynjagy gulagyna ilen badyna Öwezmyrat batyrhasyr-husur ýerinden turup, dik oturdy-da:— Atymyzy aljaklar? - diýip, Permanyň ýüzüne çiňerildi.-Aý ýog-a, beýle bir zat bolup bilmez.


Öwezmyrat batyr her gün arçynyň öýüne gelýän beýikleribilýärdi. Bir baýar gelen gününiň ertesi hökman erkek, öý,bede ýa-da başga bir şoňa meňzeş zadyň alynýandygyny-dabilýärdi. Mundan başga-da her hili gorkunç “myş-myşlaryň”içinde gaýnaýardy. Şeýle-de bolsa ol öz ýanyndan: “Meniňhowlymdan almaga zat tapmazlar” diýip, başyna deňäp oturanatyny alarlar diýen wehimi kellesine-de getirmänarkaýynsyraýardy. Perman:— Hawa, baba, açyk şeýle. Aljaklar - diýip, aýdyň jogapberenden soň, ol çilimini ýene bir gezek sordy-da:— Munyň akla gelmejek bir zat - diýdi. Çiliminiň tüssesiniburugsadyp üfledi-de, dowam etdi. - Patyşaly döwletiňtürkmeniň bäş sany atyna zar bolmagy bu bir pisindiň oturjakgürrüň däl ahwetin. Munyň gury “myş-myş”, şow-şowdur.— Aý, baba, beýewwar alajyň ýok bolsa bilmedim, ýogsamindi “myş-myş” diýere orun galmandyr - diýip, Permangöwnüçökgün gürledi. - Sebäbi şu gün bir “myş” gulagyňa ilse,ol hökman ertesi çyna çykýar. Onuň gürrüňi ýok, baba, atlaryýygnap alýarlar.Öwezmyrat batyr jan-jedel oňa garşy çykjak boldy:— Iliň zadyny zorlap almak bolmaz ahyry. Hany ondaynsap? Aý, munyň bolmaýar...


Babasynyň öz ýüregine teselli berjek bolup azara galşynaPermanyň nebsi agyrdy.— Sen ynsap diýýärsiň, baba - diýip, gamgyn gülümsiredi.— Hawa, ynsap diýýärin...— Bilmedim, baba, seniňem ynsap gözleýän ýeriňi - diýip,Perman başyny ýaýkady.— Nämäni bilmediň?— Baba, özge ýerde kyýamat goparsynlar, kişiniň öýüniilinigötersinler, sen tä öz ýakaňdan ebşitläp tutýançalar, “myşmyş”diýjek-de, gözüňi ýumup ýatjag-ow onda? Ertir seniňemýakaňdan tutjaklar, baba, ýadyňdan çykarma. Ine men seniňgörüp duran zadyňy ýadyňdan çykaryşyňa “bilmedim”diýýärin, baba...Bu gürrüňler Öwezmyrat batyra üýtgeşik täsir etdi. Ol ýaňyşu ýylyň güýzünde Permany öýlendirmegiň, toý tutmagyňpikirini edip göwün ýüwürdip otyrdy. Häzir bu daş degen ýalykellede ol pikirlerden nam-nyşan hem galmady, bary uçupgitdi. Ol Permanyň soňky sözlerini diňläp otyrka, özi-debilmän sakgalyny bäş barmagy bilen üznüksiz daraklaýardy.Soňra ara bir meýdan ümsümlik düşdi. Öwezmyrat batyr häzirbütin dünýäni unudyp, kalbynda öz-özi bilen gürleşýärdi. Özözünesowal berýärdi, oňa jogap agtarýardy. “Sen, Öwezmyratbatyr, uzyn ömrüňde şunuň ýaly horlugy, zorlugy görüpmidiň?


Ýok. Näme ýalan sözleýäň! Är ýaly boýnuňa al-da. Bir wagtNurberdi han seniň goluňy zynjyrlap, kyrk perrajyň elinetabşyrdy. Kelläň kesilip, naýzaň başyna sanjyljak bolup durka,kimdi seniň janyňa ýetişen? Dogry, dogry... Hawa, Kany batyrbilen Gul ýeser serdar dagy janyma ýetişipdi. Ýagşy, indi nähilidiýýärsiň? Indi näme, boş, erkin kakabaş adam, hemişekibasha-baslykdan gutuldykmykak diýýärin. Onda näme her ýylöý salgydy alyp-alyp, öýüňi çillege dönderdiler? Iň ýamany-dahaýyňa-waýyňa bakman, bar malyň bolan bu ýekeje atyňamerte-birigün aljak bolup durlar. Bu dünýäniň işi şeýle. Munuňüstesine öz öýüňde arkaýyn gepläbem bilmeýärsiň. Bu nämeboldugy?..”Birdenem ol:— Men ygtyýarsyz, tussag hökmünde bir gul, men bir gul,başga hiç zat däl - diýip, içki pikirini daşyna çykaranynyduýman galdy. Kellesindäki pikiriň öňüni-yzyny çalyp, belli birnetije çykaryp bilmän, bulaşyp galdy. Bir salym dymypoturandan soň, “ýer gaty bolsa öküz öküzden görer” diýenleriniedip, Permana käýinjiräp başlady. Sen hemişe düňderilipoturýarsyň. Nirede bir şunuň ýaly şum habar bolsa tapypgelýärsiň-de, onam birden aýdyp goýberýärsiň. Öňem ýok,soňam. Mysalaň şunuň ýaly şum habar tapyp ýörerli...


— Baba, ili horlaýan men däl. Ony edýän ak patyşa, onuňbaýarlary, arçynlar, hanlar. Sen bolsaň maňa käýinýärsiň. Buiki arada mende nä günä bar ahyry - diýip, Permanyňýüreginden syzdyryp aýdan sözleri Öwezmyrat batyra agyrtäsir etdi. Ol indi öňki pikiriniň üstüne Permanyň hemgöwnüne degendirin diýip oýlandy. Şondan soň ümsüm dymypoturdy. Ara düşen ümsümlik esli wagta çekdi. Öwezmyrat batyröňüne getirilen çäýnekleriň birini Permanyň öňüne süýşürip,birini hem özi agdaryp içmäge başlady. Ol birden uludandemini aldy-da:— Eýsem, onda sen muny hak gözünden eşidipsiň-dä? Asylsen muny nireden eşitdiň? - diýip, mylaýymlyk bilen sorady, özýanyndan Permanyň göwnüne degendirin diýip ynanany üçin,onuň ynjan göwnüni almak üçin gülümsiredi.— Hawa, hak gözünden - diýende, Permanda azajykýaýdniç duýlan ýaly boldy. Ol çäýneginiň gapagynyşakyrdatdy-da, has ynamly dowam etdi. - Hawa, hawa, edil hakgözünden eşitdim. Seýitmyrat beg bilen Hal molla arçynyňöýünde otyrka, şolaryň agzyndan çykan gürrüň, Gurbanmyratarçynyň mürzesi ýokardan gelen buýrugy okap beripdir.— Onda bu gürrüňler Seýitmyrat beg, Hal molla,Gurbanmyrat arçyn üçüsiniň arasynda bolan gürrüň-dä? - diýip,Öwezmyrat batyr takyklamakçy boldy.


— Ýeke üçüsem däl, arçynyň eminleriniňem hemmesi bareken. Onsoňam... - diýip, Perman sagynyp galdy. Gürrüňiniňyzynda aýtjak zadyna dili aýlanmady. Onuň ýüregini çişirenesasy zat hem şoldy. Özüniň jikme-jik eşiden bu habarynybabasyna aýtmak kyn düşdi.Onuň bir zat sebäpli sözüne dyngy berenini aňanÖwezmyrat batyr yzyny eşitmäge howlukdy.— Ýeri, “onsoňam”... Soňy näme bolupdyr? - diýip,Permany gyssady. Perman eşiden zadyny bolşy-bolşy ýalygürrüň bermäge başlady:— Soň Seýitmyrat beg: “atlaryň tohumyny tüketmezlikgerek” diýipdir. Biziň atymyzy, Sähediň atyny, ýene-de şularýaly atly atlary baýarlar ýygnap alandan soň, pul güýji bilenolardan diläp almagy maslahat edipdirler. Biziň atymyzyňhyrydary köpelipdir. Bir ýerden Seýitmyrat beg, ýene birýerden Hal molla “ol ata menden başga adam eýe bolupbilmez” diýenmiş... Ine, baba, şeýle gürrüňlerem bolupdyr -diýip, Perman soňky jümlesini aýratyn nygtap aýtdy.— Meniň-ä aňym çatýan däldir. Biziň gapymyzda duranatymyza olar nähili eýe çykyp bilerler - diýip, Öwezmyratbatyr oýa batdy. “Atym gidäýse, atylýan toplaryň arasyndatiträr, ýüregi ýarylar. Birden ok deger” diýip pikir etdi. Atyny


söweş meýdanynda gana bulaşyp ýatan halda göz öňünegetirdi. Ýöne Permanyň sözleri ony bu pikirlerden sogrup aldy:— Olaryň eýe çykmasy gaty aňsat, baba. Ýöne oňa kim eýeçykjak, häzir şo belli däl. Baýarlar atlary ýygnap öz ýanlarynageçirenlerinden soň, tohum at bahanasy bilen ony Seýntmyratbeg satyn aljakmy ýa-da Hal molla.— Asyl ol ata göz gyzdyrýan köp-ow! - Öwezmyrat batyryňgany depesine urdy. - Puluň arkasyndan satyn aljaklar diýsene.Ýeri onsoň ol puly kime berjekmişler?— Elbetde, baýarlara bererler.— Hany eýesine näme?— Eýesine hiç zat. Onuň azaby garnyňa. Eýesinden baýarlarmugt alyp, pula-da satarlar. Olaryň edähedi şol ahyry, baba.— Ine saňa gerek bolsa sütem. Iki arada eýesi boşgalybermeli diýsene. - Öwezmyrat batyr gyzyp başlady. - Atymelimden çykyp, onuň üstüne Hal molla, Seýitmyrat beg ýalylarmünmekçi bolan sagadynda atymyň kellesini gylyç bilençaparyn. Onuň üstüne müneniňem kellesi şol sagatda aýrylar. -Ol hamala Hal molla, Seýitmyrat batyr garşysynda duran ýalyhaýbat atdy. - Muny eder-etmez diýip şübhelenmäň. Hökmanatyňam, siziňem başyňyzy alaryn, pisler. Men indi bir sanaç uniýipdirin, näme bolanda näme... - Soňra ol öz ýanyndanýuwaşja hümürdedi. -


Sen Hal molla maňa öňem edibileniňi edensiň. Dişiňde etgalandyr seniň...Şundan soň ol dymdy. Permana-da habar gatman ümsümoturdy. Ýöne şondan soň ol atynyň ýanyna gatnamasynyköpeltdi. Perman ýerine girip ýatandan soňam, babasynyň atyňýanyna üç-dört gezek aýlanyp gaýdanyny gördi. Babasyözbaşyna nämedir bir zatlar diýip hüňürdäp ýördi.Perman daňa golaý basyrganyp oýandy. Şol wagt hembabasynyň bir zatlar hüňürdäp, atynyň ýanyndan gelýändiginigerdi. Ol: “Men näme üçin bir şum habargetirip, garry babamy ynjytdym? Bu gije onuň gözlerine çişkakyldy” diýip, öz-özüne igendi. Pikirlenip ýatyşyna ýeneymyzgandy.Perman ertesi ir bilen başyny galdyranda, çaý demlenerinegaraşyp, ojagyň başynda , çilimini çekip, gala-gop birýagdaýda oturan babasyna gözi düşdi. Babasy çilim tüssesiniburugsadyp:— Hal molla ýaly, Seýitmyrat beg ýaly adamlaryň ömürboýy ili çürkäp, jowrandyryp gelýänini görüp-görüp gelýärsiň.Ýone olardan näme tama edersiň, eý, nadan! - diýip, öz-özünekäýinýärdi. - Olar özleri üçin desga gurýar. Saňa bolsa emgekgöz bilen gaşyň arasynda garaşyp ýatyr. Hany, sen ony pähimetmän näme gördüň? Gara batyr pahyr aýdardy: “Serdar


olmak diýlen zadyň özi duşmanyň saňa erjeşmek niýetiniheniz göwnüne getirmänkä aňmakdyr” - diýerdi. “Bardy-geldiseniň ýoluň güri tokaýyň üstünden düşäýse, öňüňde bir ýolbarsýa-da başga bir gorkunç haýwan oturan bolsa, sen ony ondanozal görmelisiň. Ol ilki göräýse, peýläp, çemini tapyp seni arar,seniň habarsyzlygyň üçin köp begener” - diýerdi. “Adamlaramşonuň ýaly, ondanam gorkulydyr. Şu gün kimdir biri bilenýürekdeş dost bolsaň, şu günki dostlugyň, ýene ýedi ýyldanpuja çykyp, saňa ol dostuň zeper ýetirjek bolsa, şonam ýedi ýylöňünden aňla-da, wagty gelende ondan oýurgap geçmegi oňar”- diýerdi. “Ine, şu şertleri oňarmasaň, seniň serdarlyk bilen işiňýok, serdarlygyňam seniň bilen işi ýok” - diýip, pahyr bugürrüňini her oturyşanymyzda gaýtalardy. Biz bolsak gözüniaýagymyzyň astyndan aýyrman ýören duşmanymyzamtanamzok. Biz näme Hal mollanyň gurup goýan demirgapanyna ony tanaman düşdükmi? Tanap aňry ýanynageçýärdik. Molla halkynyň bäş gyrana dinini-imanynysatýanyny bilemzokmydyk? Bilýädik. Ondan gowy zada-dagaraşamzokdyk. Wah, arman, şol gezek biziň kellämiz küşdegyzdy. Tärimiň başynda duran ýarag el ýeterden uzakda boldy.Ýogsam, daşymyza aýlanan soldat ýüz bolman, müňem bolsapaýhyn ederdim. Çykyp daga ýarmaşardym. Aý, owarram, mentutulanyma-da gynanamok, Sibire sürgün edilenime-de, ýöne


Dykma serdaryň eline düşenim üçin ömür ahmyr çekipgiderin... Ýeri, bu günki günüň ondan gowumy diýsene? -diýip, Öwezmyrat batyr barha ot aldy. - Indi Dykma serdarçadaýok adamlar iliň ganyny sorýar. Onuň ýaryça bolmadykSeýitmyrat beg bilen Hal molla ýalylar bizi edil urşuň yzyndagalan ýesir ýaly edip çöpleýär, edenini edýär...”Ol sesini kesdi-de, ýatakda duran atyna gözüni dikip, ýenegamgyn oýa batdy. Onuň ýer bilen gögüň arasynda gözünidikip oturan maly şu atydy. “Malym - başym” diýip, ol buatyny öz başyna deňäp ýördi. Ony başga adama ynanman, özimünüp, özi seýisleýärdi. Käwagtlar Permany mündürip şöwreçykarmakçy bolanda hem nirä barmaly, nireden gaýtmaly, atnirede sagynar, nirede tezeklär - baryny sanaşdyryp sakyrdap,gaýta özi şöwre gidenden beter ýadardy.Perman bu gapydan geleli bäri babasynyň bu häsiýetlerinipugta öwrenipdi. Perman babasynyň gürrüň edip berýän könehekaýalaryny gyzykly bolany üçin ýarym-ýalta diňlärdi. Emmaol gürrüňler muňa beýle bir täsir etmezdi, kalbyny gozgapdurmazdy. Ýöne bu gezek özi sebäpli babasynyň şeýlehowsalaly ýagdaýa düşmegi, onuň ýüreginden çykaryp aýdansözleri Permana üýtgeşik täsir etdi, onuň kellesinde pikirüstüne pikir döretdi. Ol ýatan ýerinden dik oturdy-da, gamlygözlerini bir nokada dikdi.


Öwezmyrat batyr çaýyny içip ýerinden turdy.— Almany göge at, ýere düşýänçä ýa pelek - diýip, özbaşyna gepläp, hemişeki oturyşýan gürrüňçilik ýerlerine bakaçykyp gitdi.* * *Öwezmyrat batyr bu gün ertirden bäri ondan çykyp, oňagirip, obanyň hemme gürrüňçiligini elek etdi. Hiç haýsynda-daornaşyp arkaýyn oturyp bilmedi. Aýagynyň aşagyna gordökülen ýaly zowzuldady. Ahyry ol ýakyn ýerde bolan otlyduralgasynyň bazaryna gitdi. Bazaryň agyr mähellesiniňtamam ýüzleri çaňjaryp, köpüsiniň ýüzüni demrew basypdyr,tebsirän dodaklary kepäpdir.Öwezmyrat batyr bazaryň boýuny syryp barýarka, özüniňuly magazininde gözüne äýnek dakynyp, gazet okap oturanSeýitmyrat begi gördi. Onuň ogly Begli molla özüniň söwdasybilen gara başyna gaýdy. Mundan aňryk geçip ugran ýerinde özmagazininde özi ýalylary daşyna üýşürip, lah-lah gülüp oturanHal molla gözi düşdi. Öwezmyrat batyr olary gören badynaPermanyň gijeki aýdan gürrüňleri ýadyna düşdi. Atynyň“alynjakmyş” derdi has güýçlenip, gahary geldi, ýöne içinesalyp, aňryk geçip gitdi. Dürli desgalar bilen bezelen


çaýhanalary birin-birin aýlanyp çykdy. Zamanasynda “täzeçykan zat” diýlip, yşk edilip diňlenýän “maşyn bagşynyň”owazy çaýhanany göçürere getirýärdi, ýöne onuň sesiÖwezmyrat batyryň gulagyna-da ilmeýärdi.Ol ahyry bir çaýhanada özüne oturyşmaga gürrüňdeş tapyp,bir çäýnek çaý içdi. Adamlaryň her haýsynyň öz zeýrençligürrüňleri bilen mübtela boluşlary ýaly, Nyýazberdi ker hem buçaýhananyň bir burçunda gopgun edýärdi. Ol urşuň turanynygapysyndaky ýekeje erkegi alnandan soň bilip galypdyr.Daşyndakylaryň: “Nyýazberdi aga, urşuň başlananyna bir ýylaýakyn boldy” diýip gygyrýandyklaryny hem eşitmän, özugruna:— Uruş turupdyr, kyýamat gopupdyr. Indi daga gaçarysmy,guma gaçarysmy? - diýip gowur edýärdi. Iki sözüniň arasyndahem: - Ýekeje erkegimem aldylar - diýip zeýrenýärdi.Çaýhananyň içi şuňa meňzeş zeýrençli gowur bilen güwläpdurdy.Umytly hoş habardan başga nähili zeýrenç diýseň üstiüstünegatlaşyp, Öwezmyrat batyryň gulagy kamata geldi.Onuň gürrüňdeş bolana adamlarynyň hemmesi hem:“Alynjakmyş sesi ýaýran bolsa, ol hökman çyn bolar” diýiptassykladylar.


Öwezmyrat batyr hiç hili umytly habar gulagyna degmän,öýlän howlusyna gaýdyp geldi. Ol bazarda gezip ýörkä hem,çaýhanada adamlar bilen gürrüňdeş bolanda hem, öýlän yzynagaýdyp gelýärkä hem atyny öz elinde alyp galmak üçin gatyköp pikir etdi, ýüreginde köp zatlary öwrüp-çöwrüp, özüni köpugurlara urup gördi. Ol häzir gapysyndaky sekiniň üstündeböwrüni diňläp otyrka hem şol hakda pikir edýärdi. Onuňkellesine gelmeýän pikir ýokdy. Her ýollara ýüz urup çykýardy.“Gurbanmyrat arçyna ýüz tutsam, oňa elimde baryny bersem,bu niçiksi bolar? Ýok, olam boljak zat däl. Ol teti sakgalambaşgalaryň elindäki maýmyndyr. Ol öz başyna bir iş edipbilýän adam däl. Oňa bersem hökman beýleki kethudalary hemdoýurmaly bolaryn. Ýogsam biri alar, beýlekilerem etjeginieder. Şeýdip atyňam gider, zadyňam. Olaryň hemmesinidoýurmak üçin bolsa mende zat ýok...”Ol pikirini şu ýere ýetirip sagyndy. Şol wagt hem howlynyňýeňsesindäki bagyň içinden Permanyň:Men bir okdum dagdan daşa atyldym,Pelek bilen humar oýnap utuldym.diýip, aýdym aýdýan sesi eşidildi. Öwezmyrat batyr birden:— Perman! - diýip gygyrdy. Perman “haw!” diýip jogapberse-de, Öwezmyrat batyr sesini çykarman, ýene öz pikirinemübtela boldy. Sekiniň üstünde ornaşykly oturdy. Perman çalt


gelip, babasynyň ýanynda onuň buýrugyna garaşyp saňalypdurdy. Öwezmyrat batyr:— Men kelledäki dagynyk pikiri bir ýere çugdamlamak üçinseni kömege çagyrdym - diýip, agtygynyň ýüzüne garady.Soňra bilindäki temmäki haltasyny eline alyp, çiliminiň başynyýere kakyşdyrdy-da, temmäki salmaga durdy. Öwezmyratbatyr, näme üçindir, sözleriniň arasyny kesip, pikire gidýärdi,gaty haýal gepleýärdi. Perman bolsa: “Haçan babam nämeaýdarka?” diýip, onuň agzyna aňkarylyp durdy. Öwezmyratbatyr çiliminiň başyna ojakdan ot alyp goýdy. Gaýdyp ýeneýerinde ornaşyp oturdy. Çilimini sordy-da:— Eger bir amatly alaç tapmasak, at elden gitjek. Bir ýoltapmak gerek - diýdi.— Hawa, näme-de bolsa, bir alaç tapmak gerek - diýip,Perman geçip babasynyň ýanynda oturdy. Ol babasy bir ugurtapandyr öýtdi. Onuň näme diýjegini eşitmäge gyssandy.Emma Öwezmyrat batyr gyssanmady. Şol arada magazindegöçgünli söwda bilen başagaý bolup duran Begli mollanyňkeşbi göz öňüne geldi. Birdenem Permanyň garaşmadyksowalyny berdi:— Sen Seýitmyrat begiň ogly Begli molla bilen nähilitanşyp, nähili dost bolduň? Asyl sen onuň nämesini gowygördüň?


Perman bu garaşylmadyk sowala aňk-taňk boldy. “Babambu orunsyz sowaly näme üçin berýärkä?” diýip oýlandy.— Menmi? - diýip sagyndy.— Dagy kim bolsun? Meniň-ä Seýitmyrat begiň ogly bilenköprüde galtaşan ýerim ýok. Onsoň sen bolarsyň-da!..Babasynyň bu sözlerinden soň Perman çynlakaý oýa batdy,nähili jogap berjekdigi hakda pikirlendi. Bir wagtdakywakalary babasynyň bilýäninden, ony jikme-jik eşidenligindenPermanyň habary ýokdy.— Men onuň bilen dost bolup bile-de gezemok, syr hemalşyp ýöremok - diýip, Perman her sözüni oýlanyp-oýlanypgürlemäge başlady. Begli molla hakda gowy bir zat aýdypbilmese-de, ol hakda erbet gürrüň etmegi hem özüne uslypbilmedi. - Ýöne men onuň bir ýerini halaýan - diýip, ýenesözüne dyngy berdi.— Nämesini halaýaň? - diýip, Öwezmyrat batyr onuňgeplärine garaşdy.— Ol gepçilik edenok. Bir ýerde bolan gürrüňi barypgürrüňi edilen adama aýdyp, onuň ýüregini çişirmeýär. Menony şu häsiýeti üçin gowy görýän.Perman bu gürrüňleri öz ýüreginde hiç hili garalykbolmansoň aýdyp durdy. Ýogsa ol Begli mollanyň häsiýetinidüýbünden bilmeýärdi. Begli molla Permanyň aýdyşy ýaly


olman, gaýta bütinleý onuň tersinedi. Şonuň üçinemÖwezmyrat batyr Permanyň häzir Begli molla hakda aýdypduran zadynyň onuň hut özüne degişli häsiýetdigini bildi.Sebäbi ol Permanyň häsiýetini özüçe öwrenipdi. Onsoň olPermanyň ýüzüne çiňerildi-de:— Sen onuň gürrüňini hiç ýere çykaraňokmy ýa-da ol seningürrüňiňi? - diýip sorady. Öz ýanyndan bolsa: “sen Beglimollanyň kimdigini bileňok-da, onda atasynyňkydanam onesse beter bet häsiýetler bolmaly” diýip oýlandy.— Ol... - diýip, Perman dymdy.— Pä-heý, oňardyň-ow! - diýip, Öwezmyrat batyragtygynyň sözüne güldi. - Sende näme gizlin gürrüň bolupbiljek? - diýip, ýene onuň ýüzüne çiňerildi. Perman özýanyndan: “Iki ýyl mundan öň bolup geçen gürrüňlerdenbabamyň habary ýokdur, eger habary bar bolsa, eýýäm mendensorardy” diýip pikir etdi.— Azu-köp bolýar, bolman durmaýar - diýip, öňki sözüniňüstünde durdy. Näme üçindir, Öwezmyrat batyryň gahary gelip,gyzyp başlady:— Men näme dünýä düşünmeýändir diýýärmiň? Menemboljagyny bilýän, bolar ol... Emma ýaşajyk çagalaryň öziýalylar bilen sene-mene edişip tutluşandan soň, olaryň özlerinejan pena gözläp, demir galasy bolan ata-enesiniň ýanyna gaçyp


atmagy arzuw edişi ýaly, on dört ýaşy dolduran bir ýaşýigidiňem özüne laýykly bir arzuwy bolýar. Ýöne çagalygürrüňleriň kime geregi bar? Haýsy meýlisde şuny gürrüňederler öýdýäň? Sende eýsem çaganyň arzuwy bolan ata-enedäl, şol wagt degerli hossaram bolmandy.Perman babasynyň öz başyndan geçiren agyr günlerinden,her hili wakalaryndan habarlydygyny aňdy hem ýüzi gyzardy.— Hawa, baba, gatylykda önüp, gatylykda ösdüm - diýdi.— Ýagşy, takyr ýerden nähili gürrüň öndürip bolaröýdýärsiň? - diýip, Öwezmyrat batyr sözüne dyngy berdi.Permandan jogap bolmansoň, ýeňe özi dowam etdi. Emma iltakyr ýerdenem gep döretdi. Ýumruk ýalylygyňdan seni ogryetdiler, başga her hili myjabatlar ýapdylar. Dilden dile düşüp,iliň içinde dolduň, ahyrynda ýaş başyndan kowlup, köçätaşlandyň. Barara gapyňam galmady. Seniň şeýle günedüşmegiň düýp sebäbi Begli mollanyň atasy Seýitmyrat beghem şoňa meňzeşler dälmidi? Olara näme bolar öýdýäň. Ana,bir wagtlar Begli mollany hem medreseden kowan boldular.Kowanlarynda oňa näme edip bildiler? Soň ol atasy Seýitmyratbegiň dükanynda söwda etmäge başlady. Oňa näme, onuňdöwletli atasy bar. Emma köçede hossarsyz galan sendiň.


— Özüm nähili bolsamam, bu zatlara akylym ýetýärdi,baba. Özümi bilip başlanymdan beýläk her günüm, hersagadym maňa sapak çykaryp berýärdi.— Onda näme Begli molla diýýärsiň? - diýip, Öwezmyratbatyr gaharly aýtdy.Babasynyň iki ýyldan bäri ýadyna salman, bu gün nämeüçin şeýle gürrüň edýändigine Perman nähili düşünjeginibilmedi. Bir salym dymyp, ümsüm oturdy. Göwnüne geňeşdide,şu wagta çenli öz ýüreginden çykarman ýeren kinesini ýerigelende çykarmaly boldy.— Baba, heniz men dünýä inmänkäm, ejemiň eden birgünäsi üçin seniň menem ejem bilen bile ýigrenip ýörşüň ýaly,bu-da şoňa meňzeş bir gepdir-dä, aýdyp goýberdim. Adamynyýamanlap oturmak islemedim - diýdi.— Ýok, ýok, men seni haçan ýigrendim?! - diýip,Öwezmyrat batyr ýüzüni aşak salybrak hümürdedi. - Ýürekdenýigrenmeýärdim ahyry. Men seni ol ýerden eýýämýygnamakçydym. Seniň nähili görjegiňi bilmeýärdim. Emmaejeň gürrüňini goý, ol günäniň üstüne günä gatlaşdyrdy. Men täölinçäm onuň ýüzüni görjek däl, işigimdenem getirjek däl. -Birden ol äheňini üýtgetdi. - Bu gürrüňleri goýaly-la. Bularyňgeregem ýok... Hany bir alaç tapjak bolaly. Heý, bir alaçbolmazmy?


Ol dymdy. Permanyň geçmiş taryhyny hiç wagt ýadynasalmak islemän ýören halyna, Begli mollanyň gürrüňinigozgap, onuň üstünden duýdansyz baryp düşenine puşman etdi.Ýöne ol ýene aty hakdaky pikire dolanyp geldi. Ol pikireçümüp oturyşyna kellesini gaşaşdyrdy, sakgalyny sypalaşdyrdy.Birden ol:— Galan ýeke bir ugur bar, ondan başgasy tamamgömülipdir - diýip öz başyna hüňürdedi. - Olam aňsat däl -diýip, dogrudanam, geçip bolmajak bir kynçylyga maňlaýynydiräp, çykgynsyz ýagdaýda galan dek sakgalyny üznüksizsypalaşdyrdy. Perman uludan demini aldy:— Ahyry bir gaçybatalga baram bolsa ýagşy. Men töwerekdaşgömülip galaýdymyka öýdüpdirin.— Ýok, bar... Bar welin, onuňam emmasy bar.— Emmasy näme?— Ol ugur juda garaňky hem gorkuly ýer. On ýyl mundanöň bolan bolsady, men onda toýa giden ýaly görerdim. Indidyzlarda ysgyn galmandyr. Bütin süňňüm lagşapdyr. Ol birwagt toýa gidenden enaýy görmeýän uzak ýollarym indimenden gutulypdyr - Öwezmyrat batyr dyzlaryna ellerini urdy.- Indi ýollar gutuldy menden...


Perman babasynyň bir çykalga tapandygyny, ýöne özüniýaşrak görüp, bu işi özüne tabşyrmaga ikirjiňlenýändigini aňdy.Ol oturyşyny bir az düzetdi-de:— Ahyry şol gaçybatalga barýan bir ýol bar gerek özi -diýdi.Öwezmyrat batyr onuň bu sözünden özüçe many çykaryp,arkalanan ýaly boldy.— Wah, bar-la. Ýöne ol gorkuly, hatarly uzak ýoldur.— Şol ýolda gezýänlerem adamlar gerek?— Hawa-la, özümiziň tel-tagt eden ýerimiz.— Adam gezen ýerinde adam gezer. Onuň ýaly bolsa men olýola şaýymy tutaýyn, baba.— Permanyň bu sözlerinden soň Öwezmyrat batyr has hemgurplandy. Onuň ýüzünde söýünç alamatlary mese-mälimbolup, umyt yşygy ýaldyrap gitdi.— Biraz ätiýaç edýärdim - diýip, ol ýaýdançly gürledi. -Dünýäde ýekeje neslim sen. Senem ýaş. At bilen senemgözümiň öňünden gitseň... Ýogsa barjak ýerleriň seni özçagalaryndan eziz görüp saklajakdyklaryny bilýän.— Baba! - Perman aýgytly gürledi. - Sen ätiýaç etme. Haýaletmän, meniň şaýymy tut-da, ýola sal.Öwezmyrat batyr ýene dymdy. “Ýeri, yzy näme bolar?”diýip, öz ýanyndan oýlandy. Ahyry ýüregini bire baglady.


— Bolýar, sen ýola düş. Soňunam görübereris - diýip,Permana nähili gitmelidigini düşündirip başlady. Şu obadançykyp, Permanyň tä ahyrky barjak ýerine çenli sapak çykarypberdi. Ilki pylan oba bararsyň, soň pylan oba bararsyň, soňýene pylan oba bararsyň diýip, onuň ýolundaky obalary atmaatsanaşdyrýar. Olara nähili barmalydygyny öwredýär. Ýoluňçatryk hem tirsek ýerlerine çenli, hatda daglaryň içinde belliräkdaşlaryň nirede hem nähili ýatandygyna çenli salgy berýär.Daglaryň uçutlarynyň nirededigine, ondan soň ýoluň niräsowulýandygyna, daglara nähili münüp, nähili düşmelidigineçenli düşündirýär. Onuň bu zatlary edil öz eli bilen goýan ýalyedip gürrüň berşine Perman geň galýardy. Haýsy obasowulmalydygyny, haýsy tarapyndan girip, kimiň öýünisoramalydygyny, myhman boljak öýüniň eýesine nämeaýtmalydygyny birin-birin düşündirdi.— Olar saňa hezzet ederler, soňam ýola salyp goýbererler -diýdi. Pylan oba hergiz-hergiz baraýmagyn diýip, birnäçeobanyň daşyndan böwür berip geçmegi Permana aýratyntabşyrdy. Ol her bir jümlesiniň ahyrynda hem: “Düşdüňmi?”diýip soraýardy. Onuň aýdanlaryny üns bilen diňläp duranPerman “hä” , “hüm” diýip, gysgajyk jogap gaýtarýardy.Garaňky düşdi, il ýatyp it uklady. Öwezmyrat batyr henizemPermana ýol salgy bermegini dowam edýärdi.


Ýüregini bire baglan Öwezmyrat serdar Permany ýolasalmaga taýýarlanyp başlady. Birigün agşama çenli iki günüňiçinde aty uzak ýol müngüsine galyp eder ýaly gyssaglyseýislemegiň ugruna çykdy. Perman bilen onuň garrymamasyna bolsa ojuk-bujuk ýol esbaplaryny ýygnap ýolşaýyny tutmagy tabşyrdy.Perman ýol şaýyny tutup ýörkä:— Baba, bir hatjagaz bolaýsa, baran ýerimde gowuraktanalardym. Bir molla. hatjagaz ýazdyraýsak nähili bolarka? -diýip, Öwezmyrat batyra geňeş saldy.— Ol näme üçin? Hat nämä gerek? Seniň gidişiňi ikimizdenbaşga adam bilmeli däl ahyry - diýip, Öwezmyrat batyr çilimiňbaşyna temmäki salyp, ojagyň başynda çommalyp oturdy.Çilimini sordy-da, atyna baka elini uzadyp dowam etdi. - Şuahunlaryň hüjresinden çykyp, takwasyrap ýören birnäçemolladan şu at häsiýetli hem akyllydyr. Asyl men mollahalkyny ýaman ýigrenýän özüm... Näme bulam-bujarlyk çyksa,şolardan çykýar. Olaryň hatam başyny iýsin, petegem. Senminneti şu atdan çek. Sen onuň üstünde oturmagy oňarsaň, olMaryda-da, ýomut-gökleňde-de islän adamyňy saňa tapypberer. Ine, saňa şu at hem hat, hem petek.Permanyň ýola düşmeli agşamy gelip ýetdi. Mamagül ejeatyň keçesiniň giden ýerlerini abat edipdir. Külçe bişirip,


horjunyň bir gözüni doldurypdyr. Ýene bir gözüne tüňçe, käse,çaý hem başga ýolda gerek zatlary salyşdyrypdyr. Öwezmyratbatyr aty seýisläpdir.Öwezmyrat batyr, Mamagül eje, Perman üçüsi aýaküstündedi. Perman atlanmazyndan öň babasynyň buýrugy bilenonuň köneden galan ýapynjasyny hem at keçesiniň üstündenbökderip ganjygany dartdyryp çekdi. Öwezmyrat batyr işikdäkiköne tamda köp wagtdan bäri asylgy duran gylyjyny alyp, gapaçykdy hem onuň tygyny ýarysyna çenli gynyndan çykarypseretdi. Ýagly duran gylyja aýyň ýagtysy düşende lowurdapgitdi. Ol gylyjy gynyna dykdy-da:— Bu gylyç tüýs jöwheriň baryp ýatanydyr. Muny gerekýeri gelende işledersiň - diýip, Permanyň biline dakdy. - Senallany çagyr-da, ýola düş. Yzynda menem maňlaýymdakynygörerin. Meniň köpüm geçip, azym galypdyr. Iň ýaman etseler,Aşgabada elterler, öýe salyp, tussag ederler, gaýta bir döwümçöregi özleri bermeli bolarlar. Ýogsa-da şu gün geçiripýörşümizem şondan gowy däl.Öwezmyrat batyr Permany ata mündürdi-de, özi jylawlap,howludan alyp çykdy. Garryja mamasy ýagşy dileg bilenPermany ugradyp, sekiniň erňeginde saýyl bolup galdy.


GYRGUŞAt bilen Permany ýola salandan soň, ol gije Öwezmyratbatyryň gözüne uky gelmedi. Ýorganyna girdi, çykdy, karartapmady. Ýüregine daş baglap gözüni berk ýumdy, ýene ukygelmedi. Gaýta ukynyň deregine Perman bilen at geldi. Soňradürli suratlar onuň gözüniň öňünden hatar gurap geçip başlady.Seýitmyrat beg, Hal molla, atlara seredýän dogtorlar çinleriniýalpyldadyşyp, atyň töwereginde gaýmalaşyp ýörler.Öwezmyrat batyr gözüni ýalpa açdy-da, ýorgandan çykdy,daşarlara aýlandy, Permanyň giden ugruna baka seretdi.Daşarda esli güýmenenden soň, ýene dolanyp içerik girdi. Olbir içerik girip, bir daşaryk çykyp, iki ýana gatnap ýörşüne özbaşyna nämedir bir zatlar hüňürdeýärdi. Hal mollanyň,Seýitmyrat begiň atlaryny tutup, sögünýärdi.Ol uzakly gije iki ýana zowzuldap, halys boldy. Daňa golaýçala ymyzgandy. Jahan mazaly ýagtylyp, günüň gyrasygörünmäge az galypdy. Ol yňranjyrap, gygyryp, gorkunçbasyrgandy. Bu wagtlar Mamagül eje täret gylyp, namazadurjak bolup durdy.— Batyr, batyr! - diýip, ol Öwezmyrat batyry yralady.Öwezmyrat batyr “häh!” diýip, ýerinden galdy, dik oturdy.


Dikelenden soňam onuň gysymlary berk ýumulgydy, aňk-taňkbolup otyrdy.— Batyr, basyrgandyň - diýip, Mamagül eje öňki sözüniňüstüne goşdy-da, ertir namazyna durdy.Dogrudanam, Öwezmyrat batyr gorkunç düýşürgedi. Ýöneol düýş tötänden dörän bir zat bolman, onuň gündizkiküýünden geçen zatlar gije düýşüne giripdi. Onuň gören düýşiýüregindäki küýi-köçesi, aňyňdaky pikir-hyýalydy...German urşy turmazyndan öň, şu töwerekdäki obalaryňbirinde köp myhmanly, uly toý bolupdy. Şol toýda Öwezmyratbatyryň Gyrguşy bilen Hal mollanyň aty pelleden ikiçäkgoýberildi. Bu iki at ýyndamlykda töweregi baglan atlar diýliphasap edilýärdi.Atlaryň gaýdan pellesi gaty daşdy. Pelleden ugrajak bolupduran atlar çala çiş gara bolup görünýärdi. Toýuň agyrmähellesiniň gözi atlara baka dikilipdi.Hal molla bolsa bu wagtlar näme edip, näme goýýanynybilenokdy. Toýhananyň bir tarapynda ýygy-ýygydanbuşukmaga oturýardy. Şol wagt utanç-haýa diýlen zat buadamdan bütinleý göterilipdi. Onuň huşunyň göçüp gidendiginiöňki giden hassa ýaly açanyny-ýapanyny bilmän, uçgurynyelinde saklan, tiz-tizden meýdana oturyp-turşy hemtassyklaýardy.


Ahyry atlar pellehanadan gaýtdy. Ýolda olar biri-birindenöňe geçýärdi. Çapyksuwarlaryň gamçysy mährewsiz inipçykýardy.Atlar edil ok ýaly süýnýärdi. Toý märekesi bolsa edilbir möwç urýan deňiz ýaly iki ýana tolkunýardy. Hal mollauçgury elinde toýhananyň öňünde iki ýana ýorgalaýardy.Atlaryň kä biri öňe geçýärdi, kä beýlekisi. Şol barmana ikisidoga bagyny deňläbem esli wagtlap gitdi. Märekäniň üstünesuw sepilen dek dym-dyrslyk ara düşdi. Birdenem kimdir biri:— Gyrguş öňe geçdi! - diýip gygyrdy. Şol sesiň yzy bilenşowhun başlandy, zenzele göge göterildi.Şol wagt atlar ses ýetime gelipdi. Gyrguşuň maňlaýynyňsekili ýaňy guşluk galyp başlan günüň aşagynda kümüş ýalyýaldyraýardy. Mähelle güw berýärdi:— Gyrguş ozdy!— Gyrguş öňde!— Haý, Gyrguş jan, haýdaweri!Gyrguş bu gykylyga has-da göterildi. Okýylan ýalyowsunyp, ýoly demine dartyp başlady. Öwezmyrat batyrelindäki köneje attorbasyny başaşak tutup duranyny, onuňiçindäki bir goşawuçjyk iýmiň zat galman dökülendiginiaňanokdy. Onuň iki gözi ýyldyrym ýaly bolup süýnüp gelýänatdady, megerem, atyňam gözi häzir eýesindedir...


Gyrguş ara taýak basdyrym meýdan salyp, toýhananyňduşundan süýnüp geçdi. Agyr märekäniň gykylygy öňküden ikibeter göge göterildi. Öwezmyrat batyryň poslurak sary telpegigykylyk bilen bile asmana galyp, gökde gaýýardy.— Öwezmyrat batyr, gözün aýdyň-haw! - diýen sesleriň yzyüzülenokdy. Öwezmyrat batyryň telpek bilenem işi ýokdy,märekäniň gykylygy hem gulagyna ilenokdy. Ol Gyrguşuňdaşynda kebelek bolup ýördi. Agyr märeke hem Gyrguşuňýanyna eňdi. Posly telpek gökde gaýa-gaýa, ýene gelip,Öwezmyrat batyryň kellesine ildi.Şol wagt toýhana tarapdan bir galmagal peýda boldy.Adamlar şol tarapa baka üşerilişdiler. Hal molla nämedir birzatlar diýip, öz başyna ýaňraýardy, sesine bat berýärdi. Kimdirbiri:— Dogry aýdýarsyň, Hal aga, ol öň gaçdy - diýip, Halmollany götergiledi. Hal mollanyň ýüzünde reňk-pet galman,üç ýuwlan esgi ýaly agarypdy.— Ýogsa näme?! - diýip, Hal molla tamşanyp, gany gaçypkepän dodaklaryny ölledi. - Meniň atym nire, ol nire? Gel-gel,çekelemäge çaýyr tapman ýören bir ýabynyň meniň atymdanöň geljek gümany barmy? Elbetde, ol öň gaçandyr. Meniň atymbir agzyna ýorunja, bir agzyna ýumurtga, ýene bir agzyna


palaw iýýär. Ýene-de, galyň akmak il meniň atymy bir ýabybilen deňeşdirjek bolýar.Märekäniň içinden dili ýeňilrägiň biri:— Hal aga, sen atyňa ýumurtga berýärmiň ýa başga zatberýärmiň, ol öz işiň - diýip gygyrdy. - Biz onuň gürrüňinemedemzok. Ýöne Gyrguş arany aý dogan ýaly etdi. Biz şonygözümiz bilen gördük. Sen onuň üçin iliň üstüne nagaraňydöwme. Eger öň gaçan bolsa, hanha, çapyksuwaryň... Nämeüçin ol sesini çykarman dur...Hal mollanyň bu nadaralygyndan soň, “bu dawaly boldy”diýip, toýhanada baýragy bermän saklap durýardylar. Ýeneagyr märekäniň gykylygy göge göterilip başlady.— Baýrak Gyrguşuňky!— Baýragy hökman Gyrguşa bermeli! - diýip, agyr märekeiki ýana tolkun atýardy.Atyny basyryklap-arkalap, töwereginde aýlanyp ýörenÖwezmyrat batyr:— Aý, inilerim, aý, adamlar, gygyryp durmak nämä gerek -diýip gygyrdy. - Goý, baýraklaryny bermeseler, bermesinler.Bize abraýy besdir. Öwezmyrat batyr atyny baýrak üçinçapdyranok ahyry.— Öwezmyrat aga, sen sesini çykarman durmaly - diýip,märekäniň içinden bir adam gygyrdy.- Baýrak hak eýesine


erilmedik wagty, soňuny biz özümiz göreris. Sebäbi bu toý,bu baýrak Hal mollanyň, Hal molla meňzeşleriň toýy, baýragydäl. Bu toý uly iliň toýy, baýragam, uly iliň baýragy.Atlary pellehanadan goşup goýberen bir ýaşuly seýisdi. Bugalmagalyň üstüne ol hem gelip ýetişdi. Bu gürrüňlerdenhabardar bolan badyna ol:— Kim aýdýar öň gaçdy diýip? Haýsy biriňiz aýtdyňyz? -diýip, çapyksuwarlara baka dazaryldy. Çapyksuwarlardan sesçykmansoň, garry seýis dowam etdi. - Hiç öň gaçany ýokdur.Kim diýse, ýalan sözleýändir.— Gyrguş öň gaçmadymy? - diýip biri sorag berdi.— Ýok! Atlaryň öň gaçany ýokdur. Gaýta Gyrguş Halmollanyň atynyň sargysyny ýassanyp ugrady. - Seýistoýhanadaky hadymlara ýüzlendi. - Gyrguş çykan bolsa, baýrakhökman şonuňky!— Dawa jar boldy! Öwezmyrat batyr, baýrak seniňki -diýlip, toýhanadan gygyrylandan soň, Öwezmyrat batyr atynymünüp baryp, baýragy aldy-da, maňlaýyna syldy. Onsoň:— Şeýle gerekli bolsa, bu baýragy Hal molla beräýseňizembolardy - diýip gülümsiredi.Bu toýdan soň kän wagt geçmänkä, aýlaw at çapyşygy hemboldy. Atynyň öňki galanyna ahmyr edip ýören Hal molla buçapyşyga hem atyny gaty pugta seýisledip gaýdypdy..


Çapyşyga gatnaşýan atlar bäş-alty tapgyr edilip goýberildi.Iň soňky tapgyr uly atlaryň gezegi boldy. Gyrguş bilen Halmollanyň taryply aty hem şu tapgyrdady. Çapyşygyň iň ulybaýragy hem şu tapgyrda ozan at üçin goýlupdy.Atlar aýlaw ýarymdan gaýtdylar. Olar göýä bir topbakýyldyz ýaly bolup süýnýärdi. Olar ülker ýaly bolup birçugdamlanýardy, bir sozulýardy.Hal molla hemişeki adatyna görä, aýlawyň ortasyndakymeýdançada tiz-tizden buşukmaga oturyp-turýardy. Bu gezektiz-tizden oturyp-turýan ýeke Hal molla däldi. Onuňtöwereginde başga-da özi ýalylar görünýärdi.Bu günki at çapyşygyna bir topar egni çinli patyşa ofiserlerihem tomaşa edýärdiler. Olaryň arasyndaky polkownikMazanyň hem bolşy Hal mollanyňkydan pes däldi. Ol bir sapargözüne äýnegini geýýärdi, bir sapar äýnegini aýyrýardy-da,dürbüsine ýapyşýardy. Hal molla ýaly uçguryny eline alyp,oturyp-turup ýörmese-de, onuň bolup durşy şondan ibaly däldi.Atlar aýlanyp, aýlawyň ahyrky ýarymyna ýetenlerinde,Gyrguş topardan saýlandy-da, edil atylan ok ýaly bolup,toparyň öňüne düşüp gaýtdy. Hiç bir gümürtiklige ýer goýman,Gyrguş arany aý dogan ýaly edip, polkownik Mazanyňdürbüsiniň öňünden iň birinji bolup geçdi. Aýlawyň iň ulybaýragyny aldy.


Şundan soň gowy atyň ölemeni polkownik Mazanyň küýiköçesiGyrguşy ele salmak boldy. Şol gün ol Öwezmyratbatyry öýüne äkidip, aty bilen özüni myhmanlady. OnuňÖwezmyrat batyry myhmançylyga çagyrmakdan maksady hemonuň atyny diläp almakdy.Ol şeýle hem etdi. Öwezmyrat batyrdan atyny diledi. Onuňüçin möçbersiz baha hödürledi. Munuň üstesine köp töwellahem etdi. Bolmady. Öwezmyrat batyr ahyry ertir bilen ugrajakbolup durka, polkownik Mazana şeýle diýdi:— Baýar, Öwezmyrat batyr hiç wagt dünýäniň gyzylynykümşünisöýen adam däl. Meniň üçin daş bilen olaryň arasynyňtapawudy ýok. Emma bu at meniň ömürlik wepaly ýoldaşym.Baýar, muny menden alsaň, meniň özümem zyndana sal. Goý,ýalançyny gözüm görmesin.Ahyry sözüniň ýer almajagyna gözi ýeten Mazan:— Munça puluň üstüni basyp gitdiň. Akylsyz ýaşuly ekeniň- diýip galdy.Gyrguş şondan soň ile belli boldy, ülkäni baglady, öňüne atgeçmedi. Oba adamlary hem: “Batyr aga, sen Gyrguş üçinotdan kösenme, gerek wagty ýorunjamyzdan ýygyber” diýip,obanyň ähli otuna tarhan etdiler.


Öten agşamky Perman bilen gaçyrylyp goýberilen hem ine,şol birnäçe ýyllap il-ulusy baglan, ýyndamlykda öňüne atgeçirmän gelýän Gyrguşdy.Gyrguşuň töwereginiň hyrydary gaty kändi. Olhyrydarlygyň ahyry hem indi gelip zorluga hem sütemeýetipdi. Indi Gyrguşy Öwezmyrat batyryň elinden zor bilenalmakçy bolýardylar. Öwezmyrat batyry basyrgandyran hemşol zorluk, şol sütemdi.Bu ýagdaý onuň gahar-gazabyny ahyrky derejesine ýetiripdi.Ol daňdan ymyzganan badyna hem gündiz küýünde göterenzatlary, ukuda düýşüne giripdi.Ol düýşünde Gyrguşa atlanyp bir ýere ugrady. Ol gürbaglygyň içi bilen barýandyryn öýtdi. Birdenem ol gür baglykagyr mähellä öwrüldi duruberdi. Öwezmyrat batyr bumähelläni toý märekesidir diýip göwnüne getirdi. Adamlar“Gyrguş gelýär-de, Gyrguş!” boluşdylar. Birdenem bu agyrmäreke gözünden gaýyp bolup gitdi. Märekäniň deregine bäşaltysany egni çinli baýar bilen bir topar egni sozanly kazakpeýda boldy. Şol wagt polkownik Mazan bilen Hal mollanyňhem her haýsy bir tarapdan peýda boldy-da: “Gyrguş!” diýşip,ylgap gelip, atyň uýanyny iki tarapdan sakaklady. Şol wagtÖwezmyrat batyr atyndan düşdi. Gazaba münüp:


— Çekiň eliňizi, pisler! Özüm ölmesem, Gyrguşuň uýanynaýapyşmarsyňyz! - diýdi-de, uýany olaryň elinden silkip alyp,öz gysymyna berk gysdy. Şol mütdetde hem Mamagül eje onyukudan oýardy.Öwezmyrat batyryň düýşünde gaýnan gahar-gazabyhenizem synmandy, gysymy ýumulgydy. Ol ýerinden turdy-da,beýhuş ýaly bolup, howlynyň agzyna çykdy.Mamagül eje çalak-çulak ertir namazyna eglip-galdy.Ojakda tünçesiniň aşagyna ýakan oduny ölçerişdirdi.Öwezmyrat batyr uzak wagt eglenmän, ýene gapa öwrülipgeldi. Bir meýdan bu ikisiniň arasynda tukat ümsümlik hökümsürdi. Öz işi bilen dyrmanyp dymyp oturmak Mamagül ejäniňendik eden häsiýetidi. Ol özüne berlen möhüm sowallara-daaňrujy ýagdaýyny tapsa gysgajyk jogap bermek bilençäklenerdi. Bu sapar hem iki arada gürrüň gozgamak paýyÖwezmyrat batyra düşdi.— Biz Permany ugratdyk welin, neneňsi bolarka? Ol hembir zat görmedik, ajamy ýaş oglandyr - diýip, ol Mamagülejäniň ýüzüne dikildi. Mamagül hemişekisi ýaly:— Bilmedim-dä, batyr. Bu zatlaryň ýagdaýyny özüň gowybilýärsiň - diýip, ýene dymdy.Öwezmyrat batyr bu gürrüňi Mamagül ejeden bolmandabirki agyz teselli berer ýaly söz eşiderin diýen umyt bilen


aýdypdy. Ol tamasy hem çykmandan soň, Öwezmyrat batyrMamagül ejä igenip başlady:— Ine, ýene şo bilmedimini getirdi. Men uzyn ömrümi seniňbilen geçirip, şu ýaşyma gelipdirin. “Men şu zady bilýän”diýeniňi eşitmedim. “Bilmedim müň belany sowar” diýen ýaly,bu akmak edil gözüniň görüp duran zadyny sorasaň-da, ýene“bilmedim” diýip jogap berýär. Bir wagtlar üstüne ýagydöküljek bolup durka, “ahmal galaýmagyn” diýip tabşyrsam,bu akmak şonda-da, tümüň içinde öz işi bilen garabaşagaýahyry...Öwezmyrat batyr bu ýerde Gökdepe urşunda bolan birwakany ýadyna saldy. Onuň özi uruşda gezip ýörýärdi. “Ilbosaýsa, Mamagül gapyl galar” diýen pikiri göwnüne getirip,bir gezek ol urşuň arasynda wagt tapyp, Mamagül ejäniňýanyna ýörite gelipdi. “Çaman ördek burun uçar” diýipdirler,habardar bol” diýip tabşyrypdy.Mamagül eje hemişekisi ýaly jansyzja ýylgyrdy-da:— Batyr, ol wagtlaram işini edip bermeseň, hiç kim pulbermeýärdi. Hars urup işlemeseň, güzeranam geçmeýärdiahyry - diýdi.Ýene bu iki ara tukat ümsümlik düşüp gitdi.


Tüňçe gaýnady. Çaý demlendi. Öwezmyrat batyr, çäýneginigöterip, temmäki haltasyny biline gysdyryp, hemişekigürrüňçilik, oturyşyk ýerlerine gitdi.Näme üçindir, Öwezmyrat batyr bu sapar gürrüňçilikden tizgaýdyp geldi. Ol öz başyna bir zatlar hüňürdäp, kimdir birinekäýinýärdi:— Şunuň ýaly adam ertir ir bilen öňüňden çykanda, aňrujyýagdaýyny tapsaň, bir gapdalyndan sowlup geç. Ynha, Allakpişik hem şol sowlup geçmeli adamlaryň biridir. - Ol käýinjinidowam etdi. - Bu dünýäde näme etseň geçýär. Sen şugulçylyket, gep gezdir, her zat et - bary geçýär. Ine Allak pişik ýalyşugulçylygy özüne kesp edinip, şol kespden çörek iýýänleremgyt däl. Ogurlyk et, öýüňi ogry ýatagy et-de, Hal molla ýalyiliň zadyny tala, halkyň göz ýaşyny iç. Mollaçylygyňy taşla-da,hannaslyk et, il içinde Hal molla adyň Hal husyt diýliptutulsyn, tapawudy ýok - bu zamanada şonuň ýaly nejislikrowaç alýar. Gaýta bu eýýämde şolar ýaly zatlar set bolupdyrahyry. Birentek adamlar pesligi kesp edinipdirler, onsoň onygeň-taň görýänem ýok. Her döwürde bir zat set bolýar eken.Ýagşy, halk beýle zatlary geň-taň görende näme etjek alajy bar.Halk beýle zatlary özüne resim edinmejek bolanda elindengeljek zat barmy. Il pahyr näme etsin. Gaýta bu zamandakimde-kim ogry bolsa ýa-da öýüni ogry ýatagy edip bilse, ol


adam patyşa beýikleriniň, oba kethudalarynyň ýanynda ýüzli,iň abraýly adam hasaplanýar, “tüf” diýse, tüýküligi ýeregaçmaýan bir mertebä ýetýär. Bet iş tutanyň işi rowaç bolup, oldünýä ýygýar, döwletli baý bolýar.Öwezmyrat batyr gürrüňçilik ýerine baryp, ýaňy birinjikäsesini guýanda, şol wagt obanyň belli şugulçylaryndan biribolan Allak pişik hem gelip girdi. Ol gapydan girendenÖwezmyrat batyryň myrryhy atlanyp otyrdy. Muny az görýänýaly, Allak pişik has beterini tapdy. Edilip oturylan gyzyklygürrüňiň arasyna söz goşup, atly gürrüňi orta taşlady.— Öwezmyrat batyr, öten agşamdan bäri atyň sesieşidilenokmy ýa-da meniň göwnümemi? - diýip, Öwezmyratbatyryň köne derdini gozgap goýberdi.Ýüregi bükgüldä giden Öwezmyrat batyr öz ýanyndan: “Bupis şugulçy muny ýönelikden soran däldir, muňa nämediýsemkäm?” diýip oýlandy. Ol häzir berlen sowaly aňynda tiztizaýlady-da: “Ömrümde bir mertebe-de bolsa, gümürtigesalyp, gel bir ýalan sözlemäge synanaýyn” diýip içini gepletdi.— Hawa, şeýle, Allak han - diýip, garşysynda tegelek mawygözüni pişigiň gözi ýaly ýaldyradyp oturan Allak pişige gözünidikdi. - Öten agşam Perman münüp bir ýere gidipdir. Men öýdeýokdum. Ol nirä gitjegini mamasyna-da aýtmandyr. Şu işebiziň özümizem haýran galyp otyrys - diýdi.


Allak pişik içgin-içgin oturyp, kän soraglar berdi.Öwezmyrat batyr bolsa jogaby barha gysgaldyp, gürrüňi başgatarapa burmaga çalyşdy. Şeýdip ol çaýyny nähili içenini,niresine içenini bilmedi. Ahyrda tizräk turup gaýtmakdanamatlysyny tapmady. Öwezmyrat batyryň gürrüňçilikde köpoturman tiz dolanyp gelmeginiň, zamanasyndan, Allak pişikýaly adamlardan käýinip ýörmeginiň sebäbi hem şudy.Öwezmyrat batyr ojagyň başynda çilimini çekdi-de,käýinjiniň bir ýanyny il-ulusa-da ýazdyryp goýberdi:— Ilem hudaý urupdyr. Goňşusy aglap otursyn, “sen nämäaglaýaň?” diýip onuň gapysyndan barjak gümany ýok. Gaýtaiki ädim beýle ýanynda öz öýünde şadyýanlyk edip, gülüpoturýar.Hemişe howlusynda tapylmaýan Öwezmyrat batyr bu günhowlusyndan çykman, uzyn gününi käýinç bilen geçirdi.Ertesi irden turan batlaryna arçynyň ýasawuly gelip:— Batyr, seni arçyna çagyrýarlar - diýip habar berdi.— O näme üçin çagyrýarkalar? - diýip, Öwezmyrat batyranyklamak isledi. - Heniz biz çaý-çörek hem edinmändik.— Men onuň näme üçindigini bilip duramok - diýip,ýasawul hemleli gepledi. - Haçan çaý içip bolarka diýipgaraşybam durup bilmen. Meniň ýene ýetmiş sany seniň ýalyçagyrmaly adamym bar. Maňa seni häziriň özünde alyp gel


diýdiler. Meniň gapyňy saklap oturmaga wagtym ýok. Hanytur, tizräk bol.Ýasawul Öwezmyrat batyry öňüne salyp gitdi.* * *Allak pişik Gyrguşuň ýokdugy hakdaky habary günübirinHal molla ýetiripdi. Hal molla bolsa şol agşam arçynyň ýanynagelip, etmeli işleri arçyna birin-birin sapak çykaryp beripdi.Şonuň üçinem arçyn ertesi ir bilen özüniň dört eminini,kethuda-aksakgallaryny ýygnap, ýasawulyny Öwezmyratbatyryň ýanyna iberdi.Arçynyň töweregine ýygnanan kethuda-aksakgallaryňbirnäçesi:— Gyrguşy Öwezmyrat batyryň özi gaçyrandyr - diýişdiler.Hal molla bolsa:— Ýok, ony Perman kesip gidendir. Bu akmak garry köpekgaçyrmagy nireden bilýär? Siz ol Perman diýen ýetimegitanamaýarsyňyz. Öl tüýs tüýkesme ogrudyr -diýip, öz eňegine tutdy.Öwezmyrat batyr ýasawulyň öňüne düşüp geldi. Ol arçynyňýanyna çagyrylyp, ýasawulyň öňüne düşüp gaýtmagy ölümiňgyrasy bir iş diýip hasap edýärdi. Ol diňe ogurlyk edýänler, ýol


urýanlar, garakçylar ýa-da şulara meňzeş etmişli adamlararçynyň ýanyna çagyrylyp, ýasawulyň öňüne düşüpgaýdýandyrlar öýdýärdi. Emma bu gün ýasawulyň öňünedüşüp gaýtmak onuň öz başyna-da düşdi.Kethudalar ýerli-ýerden Öwezmyrat batyryň üstüne sowalbaryny ýagdyryp, osmakladyp, syr aňlamak üçin her ýola tutupgördüler. Emma Öwezmyrat batyr ýalňyşyp-ýazyp, ömründebir mertebe agzyndan çykaran ýalan sözünden dänmän,töhmedi Permanyň başyna atdy. Ahyry kethudalar munyýaňsylamaga, oýnaklamaga başladylar. Öwezmyrat batyr bolsabu horluklara, kemsidilmelere çydamaly boldy. Ahyry:— Bar, ötäýit, diwala islenende gidersiň - diýip goýberdiler.— Gel-gel, adam indi öz zadyny özi ogurlap, ýasawulyňöňüne düşmeli boldy. Ýagşy, üstesine ýalanam-a sözlediň.Megerem, ýasawulyň öňüne düşýänleriň hemmesi meniň ýalybolsa gerek - diýip, Öwezmyrat batyr öýüne barýarka, ýolboýyhüňürdäp gitdi. Permanyň üstüne atan töhmetine öz ýanyndanözi gynanýardy. Göwnüne bolmasa, ol töhmet çyna barýanýalydy. - Töhmet etmesem, başga alajym näme? - diýip, özözünesowal berýärdi hem jogap agtarýardy. - Aýby ýok, aslyaga gara sürtseňem ýokmaz. Aý bilen günüň öňüni gara bulutmüdimilik saklap bilmez ahyry. Ol bir gün ýalpyldap çykar. -Soňra ol öz-özüne göwünlik bermäge başlady. - Dogrudan-da,


gara bulut aý bilen günüň ýüzüni hemişelik perdeläp bilmez.Niçik-de bolsa wagtlaýynça perdelendi. Ol töhmetkethudalaryň arasynda çyna çykaryldy, çyn diýlip tassyklandy.Çünki Permanyň üstüne atylan ýeke şu töhmet bolman, ýaşajykwagtyndan bäri onuň üstüne töhmet bary atylyp gelinýär ahyry.Bu töhmet hem şolaryň üstüne urna boldy.Işler Öwezmyrat batyryň oýlaýşy ýaly gelip çykdy. Şolgünüň ertesi atlary ýygnap almak üçin komissiýa geldi.Komissiýa gelen baýarlaryň arasynda polkownik Mazan hembardy. Elbetde, Mazan ýygnalan atlaryň arasyndan Gyrguş ýalyile belli ýyndam atlary saýlap almak üçin gelipdi.Hal molla, Seýitmyrat beg ýalylar gelýän komissiýalarygarşy almak üçin her haýsy özleriniň söwda jaýlaryny bezäp,näzi-nygmatlar taýýarlapdylar. Komissiýa çlenleri bilenbirlikde arçynyň kethudalary hem ýygnanypdylar.Komissiýa gelen badyna Hal molla buşlukçy ýaly Gyrguşuňogurlanandygyny Mazana habar berdi. Mazan bu habary eşidenbadyna oda-köze düşüp başlady. Arçyny, onuň kethudalarynygysyp-gowrup etlerini iýäýjek boldy. Öwezmyrat batyryçagyrtdy. Onuň üstüne dazaryldy, herreldi, barmaklaryny onuňgözüne sokaýjak boldy. Emma Öwezmyrat batyr şol birsözünden ýazmady. Ahyry Mazap ogrynyň haýsy ugra gidenini


aňlamakçy boldy. Ol hem bolmady. Hal molla lapykeç birhalda:— Baýar, ogry özüniň giden ugruny hiç kime aýdanok ahyry- diýdi.Bu maglumatlardan soň Mazanyň yhlasy öçdi, umydy söndi,ýüzi sallandy. Onuň karary gaçdy, günübirin Aşgabada bakaýüzlendi. Mazan Aşgabada baryp, uýezd naçalnigine wakanyhabar berdi. Uýezd naçalnigi:— Siz onuň üçin gam çekmäň. Ol ogry ýere girse,gulagyndan çekip, asmana çyksa-da aýagyndan dartyp çekipalaryn - diýdi. Ol derrew mürzesi bilen dilmajyny çagyrdy.Kesearkajyň ähli obalarynda bolan ogry başlyklaryna, öýüniogry ýatagy edip, şonuň üsti bilen döwlet hem “abraý” tapanadamlara atma-at hat ýazmagy buýurdy. Şol hatda Permanyňhem atyň daşky sypatlaryny jikme-jik görkezmegi tabşyrdy.Naçalnigiň buýran haty şol gün bitirilip, gyssagly suratdadumly-duşa ýaýradyldy.Öwezmyrat batyr hem Aşgabada diwala islendi. Ol uýezdnaçalniginiň diwalhanasyna bardy. Naçalnik ony görmegemislemedi. Çünki Öwezmyrat batyrdan agzynyň ýagjarmajagynaakyly ýetip durdy. Şonuň üçinem ol Öwezmyrat batyryň işiniözüniň kiçi çinownikleriniň birine tabşyrypdy. Ol çinownik


hem Öwezmyrat batyryň üstüne abyr-zabyr urup gygyrdy.Ahyry hem belli bir ugur tapyp bilmän, ýene:— Ertir gel - diýip goýberdi.Öwezmyrat batyr daş gapa çykan wagtynda arkasyndan:— Ýaşuly! Ýaşuly! - diýen ses eşitdi.Öwezmyrat batyr yzyna garady. Görse, rus egin-başynda biradam dur. Ol munuň diwalhananyň adamsy boldugyny aňlap:“heý, bir umytly gürrüň bermezmi?” diýen pikir bilen onuňbilen gürleşdi. Aňyrdan gelen özüniň maksadyny basymaňlatdy. Ol:— Men diwalyň dilmajydyryn. Saňa rehimim indi. Menseniň bu işiňi düzedeýin. Emma zat gerek. Sen maňa bir bäşmanat ber. Öňünden baýara bir içirip-iýdirmek gerek. Soň özişimizi güzerläris - diýdi.Öwezmyrat batyr öz ýanyndan: “Bu bir rehimli adam bolaraçemeli” diýip oýlandy-da, posly telpeginden çykaryp, bäşmanat berdi. Dilmaç:— Sen ertir gel, işler düzeler - diýip yzyna gaýtdy.Öwezmyrat batyr öz-özüne “Hernä hudaýym işimiziaňsat etdi, hudaýym bir rehimdar musulmany maňa duşgetirdi” diýip begenip gitdi. Ertesi ýene geldi. Indi düýnkimunuň bilen gürleşen çinownik munuň habaryny hem almady.Ol düýnki dilmajy gözläp tapdy.


— Ýeri, işler nähili? - diýip sorady.— Işler ýagşy, men bir baýar bilen oturyşdym. Indi baýaryňmaşgalasyna hem aýalyna peşgeş sowgat alyp bermek gerek.Onuň üçinem pul gerek. Bir on manat ber, işiň soňy düz -diýip, dilmaç ýene ondan pul diledi.Öwezmyrat batyr on manady hem berip gitdi. Ertesi ýene-dediwalhana bardy. Ýene-de hiç kim munuň habaryny almady. Olýene şol dilmajyň ýanyna bardy. Bu sapar dilmaç Öwezmyratbatyry sowuk garşylady. Ýüzüni sallap oturyşyna agraslykbilen:— Seniň bu dawaň gaty uly eken. Sen gaty beýik adamlarbilen dawa başlapsyň. Bu işiň iň ýokary beýik naçalniklerdençözülmeli ekeni. Elbetde, ol beýik naçalnik üçinem kän pulgerek - diýip, ýüzüni gamaşdyrdy. - Walla, eden azabymyňhemmesi biderek çykdy. - Ol bir azajyk ýüzüni çytyp oturdyda,ýene Öwezmyrat batyra dileg saldy. - Ýene bir otuz manatber, ýaşuly. Göreli, işiň soňy nähili bolýar.Öwezmyrat batyryň ondan-mundan karz-kowal ýygnapýanyna göteren pulunyň hemmesi hem elli manatdy. Nähili-debolsa ol ýene-de otuz manady dilmaja berdi.Ol ertesi gelip, ýene dilmaç bilen gepleşmeli boldy. Dilmaçbu gün Öwezmyrat batyry görenden:


— Walla, beýik baýarymyz gaty gaharly, golaýyna bararýaly däl - diýip zeýrenmäge başlady. Ýöne ol ýa-ha indiÖwezmyrat batyryň jübüsinde pul galmandygyna göz ýetirendilmaç bu gezek pul dilemedi.— Ertir bir gel - diýip, ony gümürtik wada bilen ugradypgoýberdi. Şondan soň dilmajyň “ertir, ertiri” gutarmady. AhyryÖwezmyrat batyr dilmajyň ýanyna bardy-da:— Indi men seniň başga etjek peýdaňdan geçdim. Ýöne senşuny aýt. Men ömrüm ötinçä şu şäherde ýatmalymy ýa-daahyry bir wagt obama gaýtmaly wagtymam boljakmy? Ine, senmaňa muny bilip ber - diýdi.— Aý, başy çaşan çal, men ony nireden bileýin? - diýip,dilmaç Öwezmyrat batyryň üstüne gygyrdy. Onsoň ol rusçalaptöweregindäki özi ýaly çinowniklere ýüzlenip, Öwezmyratbatyry ýaňsylady. - Jenaplar, bu garry däliniň samsyklygyna birbakyň, agzynyň näme gepleýänini bilenok.Bu boluş Öwezmyrat batyryň hasam janyna degdi. Ol öziçinden: “Gel, şular meni atýan bolsalar atsynlar, iň ýamanedenlerinde öldürjekler dälmi?” diýip, diwalhanadan çykdy-da,göni obalaryna gaýtdy.KIM KIMI AWLAMAK ÝOLUNDA


Damana ýoluny kesip geçýän bir çeşmäniň gözbaşynda, dageteginde alty-ýedi atly düşläpdir. Bulardan kimisi el ýeterýerinde çeşmäniň boýunda atyny örkläpdir, kimisi bolsa atynyňtanapyny uzyn goýberip, tanapynyň ujundan berk tutup,tüpeňini gujaklap, çeşme kenarynda daşlygyň arasyndagyşarypdyr.Nähili-de bolsa bu atlylaryň ýarag şaýy tutgundy. Bäşatarokundan doly hatarlary billerine guşananlaryny hem az görüp,bu atlylar okly hatarlary taýly omuzlaryndan heýkelleýinasypdylar. Emma bu atlylaryň eginlerindäki geýimlerinderesmi nyşanlardan hiç bir alamat görünmeýärdi. Olaryň eginbaşynageýen lybasy ýönekeý oba daýhanlarynyň lybasydy.Bu ýedi atlynyň içinde ýaşulusy bardy, ýaş kiçisi bardy.Ýöne olaryň boluşlaryndan, assa gürleşişlerinden, agzynaaňalyşlaryndan bu atlylaryň serkerdesiniň heniz sakgal-murtytabamadyk ýaş ýigitdigini aňlamak mümkindi. Ol ýaş ýigit köpgeplemeýädi. Ýöne az geplese-de, onuň aýdany aýdan ýerindekesgitdi bir orun alýardy. Bu ýigidiň özi ýaş hem bolsagözleriniň ot ýaly lowurdap ýanyşyna seredeniňde ondakygujur-gaýratyň öz derejesinden artykdygyny aňmak kyn däldi.Bu ýediniň biri şu gözbaşyň üstüne abanyp duran uçutgaýanyň çür başyndaky uly daşlaryň arasynda şol daşlaryň biriýaly bolup somalyp durdy. Keseden sereden adam juda üns


eräýmese, ol adamyny gaýanyň daşlaryndan tapawutlandyrypbiljek däldi. Ol şu ýedi atlynyň daş-töwerekden habardarbolmak üçin goýan gözegçisidi.Birden ol gözegçi daşlaryň arasy bilen bir azrak pese böküpdüşdi-de, elini agzynyň bir gapdalyna penalap:— Agamyrat! - diýip seslendi. - Gelýär... Eger ýeriňýüzünde bolsa, şu gelýän atly şodur.Gözegçi şeýle habar beren badyna bu atlylarda gyssanmaçgozgalaň peýda boldy. Olar hasyr-husur ýerlerinden turdular.Sakgal-murty tabamadyk ýaş ýigit öz ady tutulandanýerinden böküp turdy-da, gözegçiniň duran gaýasynyňdüýbüne bardy. Ol şol ýerde saklandy-da:— Atynyň reňki nähili? - diýip, gyssanmaç sorady.— Gyr at.— Üstündäki nähili adam?— Bize salgy berişleri ýaly, ýaş oglan. Atyň kelle tutuşy edilowsunjy mara meňzeýär.— Onuň ýaly bolsa edil özüdir.— Edil özüdir.— Edil özüdir.Şeýle diýip ýedi atly ýedi ýerden tassyklady.— Her haýsyň atyň bilen öz ýeriňe baryň - diýip, Agamyratatlylaryna buýruk berip başlady. - Iňňe ýiten ýaly boluň. Meniň


aýdan zatlarymyň birinem ýadyňyzdan çykaraýmaň. Haçanmen çykanymdan soň, iki-ýekeden çykyp geliň. Şondan bärdeburnuňyzy görkezmäň. Eger biz ony iki ädim ara salypkowmaly bolaýsak, ol bize aldyrmaz. Ondan soň tüpeňläpalaýmasaň, alajy bolmaz. Daşyny gallap, jylawy ele getirmekgerek. Bardy-geldi elimizden gaçyp gutular çemeli bolaýsa,şonda tüpeňlemek gerek. Ondan bärde tüpeňiň agzynyöwräýmäň.Bu buýrugy eşidip, atlylar atlaryny idip, her haýsy birkemeriň düýbüne aýlandy. Agamyrat bilen gözegçi ikisiatlaryny idip, ikinji tarapdaky kemeriň gobul gatlaklarynasiňdi.Bu gizlenpeçek oýny ýörite maksat bilen gurlupdy. Aňyrdangelen kimem bolsa, gele-gelmäne şu çeşmäniň gözbaşynamaňlaýyny diremelidi. Nazaryny dag düýbünden bulduraşypçykýan bulajyklara dikmelidi. Şol halatda hem bu bukudaýatan atlylar iki-ýekeden çykyp, onuň daşyna egrilmelidiler.Daş-töwerekdäki dag aýyltymy şu gelýän aw üçin gurulgygapan ornuny tutýardy. Bu buldurap çykyp duran çeşme bolsagapanyň ortasynda goýlan meňiň ornuny tutýardy.Gaty daşda bolmadyk beýik dagyň burnundan dolanypgeçen ýerinde bir atly göründi. Ol salgymlap görünýän köteliň


üstüne çykdy-da, göýä suwa çümen ýaly bolup aşak indi. Soňraikinji kötele ýarmaşdy.Gyr atyny sürüp gelýän bu atly Permandy. Ol çeşmäniňgözbaşyna ýetmek üçin ýene iki sany kiçiräk kötelden inipçykmalydy.Perman garry babasynyň tabşyrygy boýunçaGyratyny diňe patyşanyň pristawlaryndan hememeldarlaryndan gaçyrmalydyr diýip düşünýärdi. Emma indibu atyň hyrydary köpelipdi. Daglaryň garakçylary, çölleriňogrulary - zamanasynyň ýal-ýagylarynyň hemmesi hem buatyň aşygy boldy. Çünki şeýle sypatdaky bir aty ele salanyňşunça baýragy bar diýlip çagyrylan baýrak hakdaky habardumly-duşa ýaýrapdyr. Bu zatlardan diňe Permanyň habaryýokdy.Agamyrat özüniň gözegçisi bilen bir ýerde bukulyp,daşlaryň arasyndan seredip ýatyrdy. Ol ýuwaşja pyşyrdady-da:— Salgy berlen atyň edil özi - diýdi. - Hakykat aýdylanyçadabar eken. Ýeriň ýüzünde at bolsa özi ýaly bolar, mundanartyk bolup bilmez. Kelle tutuşyny görýärmiň?— Muny ele salsagam, ýene goldan gitjek-dä. Näme eltipbermeli-dä - diýip, ýoldaşy umytsyzlyk bildirdi.— Näme üçin eltip bermeli?— Berlen tabşyryk şeýle ahyry. Bize-de berseler-ä çagyranbaýraklaryny berip kowup goýbererler, bolmasa, o-da ýokdur.


— Näme olar bize tabşyryk berip, olar kimmiş, biz olaryňtutma gulumy?— Pristawa tutup eltip bermeli diýmedilermi näme? Şoňatabşyrmaly diýdiler-ä. Baýragam şonuň üçin çagyrylan-a.— Diýseler diýibersinler. Goý, eltip tabşyran tabşyrsyn.Ellerinden gelse, biziň özümizi hem pristawa eltip tabşyrjakadamlar gyt däl. Derimize saman dykjaklar. Ýöne hany bu işolaryň golundan geläýýärmişmi?— Onda bu aty ele salaýsak, seniň hyýalyň näme etmekçi?— Aty ele salaýsak, serdara-da, Hal molla-da daş berjek.Düşündiňmi? Men olaryň baýragyny başyma ýapaýynmy?Kime at gerek bolsa goý ol atyň agramyna teňňe bersin.Bolmasa-da daş alar. Düşdüňmi? Şeýle diýeris olara, razybolmasalar, gollaryndan gelenini edibersinler. Biz näme olaratapdyryp durusmy? Tilkiniň bazarda nä işi bar.— Dogrudanam, şeýtsek, teňňäni tahýa bilen ölçäppaýlaşmaly bolarys-ow.— Ýogsa näme? Emma biz bu atla gaçmaga maý beräýsek,ol bize el bermez. Ýöne gaçmaga maý bermän bir tagallasynyetmek gerek.— Onda seniň öz atyňa-da ynamyň ýog-ow?— Elbetde, ýok. Bir-ä ol at owazasy Ahala dolan at.Onsoňam ol at uzak ýol söküp, şöwür çekip, tap bolup gelýän


at. Şeýle-de bolsa, uzagrag-a kowlaýsa bir zat bolsa bolardy.Ýöne balygyň suwdan daşlaşyp bilmeýşi ýaly, biziň gatydagdanaranyaçybermäge ýagdaýymyz ýok.— Hawa-la, şeýle-le...Agamyrat ýoldaşynyň sözüni böldi:— Ýuwaş, ýuwaş... Ýakynlady.Perman iň aşaky kötelden inip, çeşmäniň gözbaşyna bakaýüzlendi. Ol dünýäden bihabardy. Emma Gyrguş bukudadaşlaryň arasynda ýatan adamlary aňlady, olaryň atlarynyňysyny aldy. Şonuň üçinem ol hokranyp, gulaklaryny keýerdipbaşlady, öňe baka göwünli-göwunsiz gadam urdy. Permanbolsa Gyrguşuň, bu hereketlerini başga bir zada ýorman, diňesuwsuz at çeşmäni görüp, begenjinden şeýdýändir diýipdüşündi. Janaweri aýagynyň ýetişibildiginden debsiledi. “Seniawlamak üçin daşlaryň arasyndan ýüzlerini görkezişip ýatyrlar,şularyň bukulyp ýatyşy eýgilik däl” diýip eýesine aýdaýmagaGyrguş janawere bir dil bitmedi. Bu howpy Permana duýdurjakbolup, ondan başga baryny etdi. Emma, Perman atyň ümyşaratynadüşünmedi. Aty öz erkine goýman, öňe sürdi.Öz gezeginde bukulyp ýatan ýerinde Agamyradyň hemýüregi gopupdy. Onuň ýüregi şeýle bir gürsüldäp urýardy, edilagzyndan çykaýjak bolýardy. Agamyrat ýatan ýerinde


Permanyň atynyň edýän hereketleriniň hemmesine düşünipýatyrdy. Onuň ýüregini gopdurýan, howsala salýan zadamşudy. Ol öz ýanyndan: “Şu at çeşmä ýakynlan wagtynda biraýylganç ses bilen kişňär-de, bukuda hiç zatdan habarsyz duranbiziň atlarymyzy örüzer. Atlar ýerli-ýerden kişňeşer. Bularyňsesine atyň üstündäki hem bukuda ýatan adamlaryň bardygynybilip gaçmaly bolar” diýip oýlandy. Şonuň üçin hem olbasymrak çykmaga howlukdy.Perman Gyrguşy suwa goýberdi, sygyrdy. Emma Gyrguşşunça suwsuzam bolsa, suwa ünsüni bermedi. Çala burnunybatyrdy-da, ýene kellesini galdyrdy, daş-töweregine ýaltaklady.Bir ugra gözlerini dikip, gulaklaryny gyrpdy. Perman üznüksizsykylyk atdy, bolmady.Şol wagt Perman çüýşe ýaly dury suwuň içindegaýmalaşýan owunjak balyklara nazaryny dikdi-de, nämedirbir zadyň pikirine gitdi. Edil şol wagt gara atyny idip, alkymlapgelen bir ýaş ýigide gözi düşdi. Onuň gözi Agamyradyň gözibilen sataşan badyna depe saçy üýşüp gitdi. Onuň yz ýanyndan,kemeriň düýbünden ikinji bir atlynyň çykyp gelýänini görüp,hasam gorkdy. Üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.Perman diňe şol wagt keramatly atyň hemme edip geçenhereketine düşünip galdy. Emma indi etjek emelini ederdengiçdi. Bu iki atlydanam başga töwerek-daşdan, ondan-mundan,


kemerleriň düýbünden çykyp, atlaryny idip gelýän gorkunçadamlara gözi düşen badyna ol özüni awlamak üçin gurlupgoýlan gapana aýagyny goýanyna kemsiz düşündi. On dört-onbäş ýaşly Permanda gorkudan ýaňa ysgyn-deramat galmady.Indi onuň gözleri agy-garany saýgarmaýardy. Eger şu gorkunçýaragly adamlar diňe şu görnüşleri bilen gymyldaman duranbolsalaram, Permanyň duran ýerinde dili tutulyp, ýüregiýarylmagy mümkindi. Emma Agamyrat howlukmaçlyk etdi. Olöz aýagy bilen gelen awuň ýakynyna alkymlap bardy. Birdenkänähili ýol bilen habar gatjagyny bilmedi-de:— Ýagşy ýigit, armaweri. Ýeri, bu çeşmede düşmejekmi? -diýdi. Permanyň bolsa jogap ornuna kepäp dodaklary çalagymyldady. Agamyrat dowam etdi. - Ýagşy ýigit, niredengelip, nirä barýaň?Onuň dili gepläp, Permany gürrüňe güýmeýärdi. Göwresibolsa gyr atyň jylawyna el ýetirmek üçin dynman hereketedýärdi. Ol dili bilen ýüregindäki bet niýetiniň üstüniň örtüginişunça galňatsa-da, onuň gözlerindäki lowurdap ýanyp durangazap odunyň reňbe-reň şöhlesi ýüregindäki hemme syrlarypaş edýärdi. Şonuň üçinem şu syr aňladyjy ýaldyrap duran ýitigözleriň aňladýan manysy Perman üçin onuň aýdýansözlerinden has aýdyňrakdy. Aslynda şol wagt Permanyň ikigulagy gapylyp, Agamyradyň ýekeje sözüni hem eşitmeýärdi.


Her näme-de bolsa şol göz ýumup-açar salymyň içindePerman: “Üstümi gapyl basdyrdym. Töweregimi aldyrdym.Indi bular atymy-ha almasyna alar welin, menem “atymyelimden aldyrdym” diýip babamyň ýanyna diri gaýdypbarmaýyn” diýip, öz ýüreginden belli bir karara geldi. Sebäbionuň üçin başga ýol-ýoda, gaçalga galmandy, ýeriň ujuny gökbasyp, dünýä gapyşypdy.Gepiň gerdişine şuny hem aýdyp geçmek gerek. Ahal-tekeatlarynyň gaty köp akylly häsiýetleriniň bolşy ýaly, duýgurlykhäsiýeti bu atlarda hasam güýçlüräk bolýar. Şonuň üçinem betniýet bilen özüne baka ýüzlenen her bir jandary hem özgolaýyna getirmezlige çalyşýar. Aslynda ahal-teke atlary özüneot-iým berip, terbiýe berýän adamdan özgäni halamazakbolýar. Häzir Permanyň aýagynyň aşagyndaky Gyrguş hemşeýle häsiýetli atlardandy. Emma edil şu minutda atyň buhäsiýetleri Permanyň hem, Agamyradyň hem ýadynadüşmeýärdi.Agamyrat sypaýyçylykly gürrüň eden bolup barmaşa, birdengyr atyň jylawyna özüni oklady. Gyrguş şol minutda çarpaýagaldy-da, edil ak jereniň böküşi ýaly gapdallaýyn bir tarapaözüni oklady. Şol wagt Agamyrat gyssanmaçlyk bilen:


— Gaçma! Gaçma! Gaçsaňam, ok gutarmaz! - diýip,gyssanmaç gygyrdy. Munuň sesi bilen sürbe-sür Permanyňhem:— Ýok, gaçman! - diýen sesi eşidildi.Bu sözleriň hemmesi-de, gyr at bir böküp heniz ýeredüşmänkä aýdylyp gutarylan sözler boldy. Perman özýanyndan indi gaçmagyň peýdasy ýok diýen netijä geleni üçin“gaçman” diýip aýdypdy. Jylawyň erkini almak üçin Gyrguşbilen Perman göz ýumup-açar salym çekeleşmeli boldy. EmmaGyrguş Permanyň jylawy dartanyna garamady. Bir böküpdüşen ýerinde eglenmän, ýene bökdi, üçünji saparam bökdi.Soňkellesini bir silkdi-de, ýapyrylaýdy. Gyr atyň jylawyny özerkine goýbermelidigine Perman edil şol minut düşünip galdy.Başda-da ýadyna düşse düşerdi welin, gyr atyň oslanmandurka birinji gezek bökmegi ony birneme aljyradypdy, onuňüstesine babasynyň biline dakyp goýberen köne kesgir gylyjyhem at bökende başyndan aşyrylyp, oňa agyr hossa bolupdy.Gyrguş göz ýumup-açar salymda damananyň şa ýolunadüşdi. Ol söz bilen aýdyp bolmajak çalasynlykda gazap bilentoýnak kakýardy. Onuň ýelsiz howada tapýan ýelgini üstündeoturan Permanyň gözüni açdyranokdy. Perman başda oslamandurka at bökende aljyran hem bolsa, minut geçmänkä özüni


dürsedi. Çünki onuň gözüni açyp göreni at, ol ata ezberdi.Onuň üçinem onun oturyşy edil eýeriň üstüne kakylançüý ýalydy.Gyr at birinji sapar bökende, Agamyrat hem salymynybermän özüniň gara atynyň üstüne böküp mündi-de, gyr atyňökjesine düşdi. Beýlekilerem onuň hereketini gaýtaladylar.Ýedi atly som-saýak bolup, Permanyň yzyndan kowdy. Hersekuntda arany ýolup barýan gyr atyň gazap gaçyşyny görenAgamyrat:— Üstündäkini tüpeňläň! Nämä gaýgyrýarsyňyz? At eldengitdi! - diýip, kowup barýarka gygyrdy. Ýedi atyň toýnagynyňpaýyrdysyna bäşatarlaryň hem sesi goşulyp başlady. Tüpeňleriňmäşeleri rehimsiz inip-çykýardy. Emma Gyrguş göýä gazapbilen awynyň yzyndan kowýan laçyn dek, kötelden-kötele inipçykýardy.Perman bolsa üstünde edil gazyk ýaly bolup otyrdy.Gyrguşuň endamyna çykan der ýaňy ikindäýakynlan günüň aşagynda ýaldyraýardy. Az pursadyň içindeGyrguş ýedi atlyny, ýedi tüpeňiň agzyndan atylýan oklary yzdataşlap, gözden ýitip gitdi.PERMAN GORKULY ÝERDE


Özüniň gysgajyk ömründe munuň ýaly uzak, gorkuly ýolaPermanyň birinji gezek ýolagçylyga çykyşydy. Emmadogumlyjady. Onuň dogup-döräp gören zady zähmet boldy.Zähmetiň içinde beýnisi bekedi, eti gataldy. Ol ýaş hem ajamybolany üçin hem babasy ony ugratmakçy bolan wagtyndagitjek ýolunyň jikme-jigine çenli aýdyp, bir günläp sapakçykaryp beripdi. Emma Permana şeýle jikme-jik salgyberlenem bolsa, ýolda azaşdy. Birinji sapar azaşanda olýalňyşyny tiz aňdy hem ony basym düzetdi.Indiki sapar ony duýdansyz gopan tupan azaşdyrdy. Ol birsuwuň boýuna ýakynlap gelýärdi. Onuň çat garşysyndan birapy-tupan ýel turdy. Asmana göterilen tozan dünýänigapyşdyrdy. Edil şol wagt Perman atyny sürüp, suwa ýetdi.Atyny suwa goýberdi. Şeýle göz açyp bolmajak tozan bolanyüçinmi, ýa-da ýeliň suwuň ýüzüni çöp-çalamdan dolduranyüçinmi, garaz, nämedir bir zat üçin at suw içmedi. Permanatyny debsiläp suwdan geçdi. Suwdan geçen ýerinde munuňgarşysynda kiçijik ýodalar dumly-duşa pytrap gitdi. Perman iňçep tarapky ýoda atynyň başyny burdy. At bolsa iň sagtarapdaky ýoda dyzady. Perman hem juda paýhassyz oglandäldi. Şonuň üçinem ol atynyň sag tarapdaky ýoda dyzamagysebäpli pikire batdy. Onuň bu barada pikir etmäýin diýende-debaşga alajy ýokdy, sebäbi häzir atyndan başga onuň ýanynda


maslahatlaşar ýaly geňeşdary ýokdy. Ýöne ol atyň hereketineüne berse-de, öz ýanyndan onuň dyzan ýodasy bilen gitmegioňlamady. “Bu sapar at ýalňyşdy. Eger men atyň islän ugrybilen gitsem, onda baryp, demir ýoldan çykarys. Demir ýoluňboýuna çyksagam, görüp tutarlar, aty hem elimden alarlar.Babamyň salgy beren ýolybu ýoldur. Bu ýoldan gitsem, ne demir ýola ýakynlaryn, ne-dedaga” diýip, öz ýanyndan pikir etdi. Öz saýlap tutan ýodasybilen gitmegi ýüregine düwüp, atyny sürdi.Gün guşluk galanda turan tozanly sary ýel bir sagat gowragaçekdi. Birdenem bu geldi-geçer ýel duýdansyz gopuşy ýaly,duýdansyzam ýatdy. Tot-tozan ýok bolup, howa durlandy. Şolwagt hem Permanyň gözi üstüne abanyp howalanyp duranbeýik daga düşdi. Ol atynyň ýalňyşmandygyny şonda bilipgaldy. Onuň ýaňky saýlap alan ýodasy gyýalap, ýokarlygynabaka göterilip, ony dagyň düýbünden geçýän damananyň şaýoluna eltip salypdy.Perman şondan soňam: “ol ýerde aşak inerin, bu ýerde aşakinerin”, diýen pikir bilen köp ýöredi. Ençeme kötelden inipçykdy.Şeýdibem ol ahyry şol ýedi sany garakçynyň üstündenbardy. Ol şonda atynyň ýalňyşmandygyna has-da beter gözýetirdi. Emma öz janyndan hem umydyny üzdi. Ony bu ýüzbeýüzgelen ölümden ýene atyň özi alyp çykdy.


Soň Perman ýene babasynyň salgy beren ýoluna gönükdi.Sowulmaly obasyna sowuldy. Barmaly gapysyny babasynyňsalgyna görä adamdan soraman tapdy, myhman boldy.Tosun at şol gaçha-kowlukda azajyk narawlyk tapynypdy.Bu baran öýüniň eýesi hem at idedip, at bilen iş salyşýan adameken. Ol ata bir göz gezdirip synlan badyna atyňnarawlandygyny aňlady.— At gazap çapylmakdan az-kem narawlapdyr, asylgolawrapdyr - diýdi. Soň atdan gözüni aýryp, Permana käýindi.- Beýle gazap çapyp, bu atda näme kastyň bardy, oglum? Tosunduran aty beýle çapsaň, öldürersiňem. Bu hem adam ýalyjanly-jandar ahyry. Muny beýtmeseň bolmaýarmy, oglum.Perman geplemezek, utanjaň bir oglan. Onuň üstesine-de şugezekkisinden öň hiç wagt hiç ýere ýolagçy bolmadyk, nätanyşadamyň öýünde myhmançylyk etmedik oglan. Ýoldagarakçylaryň üstünden baryp, gaty gorkmagy hem oňa mazalytäsir edipdi. Bu zatlaryň bary birigip, Permanyň sustuny has-dabasdy. Şonuň üçinem ol: “Muny men etmedim, men ata ýekejegezegem gamçy çalmadym, bu iş onuň öz eden işi” diýipbilmedi-de, bar günäni öz üstüne alyp dymmak bilen çäklendi.Öý eýesi garry atyň eýlesine geçip bir syn etdi, beýlesine geçipbir syn etdi. Idip gördi.


— Hop ýagşy, oglum, muny men tiz gutararyn, gowybolýança munda galarsyň - diýip, şol günden ata seretmägebaşlady.Perman iki agşam şol ýerde galmaly boldy. Soňkusy gündaňdan turup, bu garrynyň ogly bilen iki bolup ýola düşdi.Günortana çenli ýoldaşy Perman bilen bile gitdi. Bir jülgededüşläp, günortan çaý-çöregini bile iýdiler. Ýoldaşy şol ýerdehoşlaşyp, yzyna dolandy. Perman bolsa öz ýoluna atyny sürdi.Permanyň gidip barýan ýoly egrem-egrem jülgelerdenaýlanyp, ol dereden bu derä girýärdi, tokaýdan-tokaýasümýärdi. Aşagyna gün düşmez şeýle bir gorkunç sümmetokaýlar gabat gelýärdi welin, olaryň içinde ýol-ýoda saýgararýaly däldi. Emma Perman indi atyna berk ynanýardy. Ol indiatyň jylawyny öz erkine goýberipdi. At hem her bir sümmetokaýdan öz alyp barýan ýodasyny ýitirmän alyp çykýardy. Şobarmaşa at bir sümme tokaýyň içi bilen geçdi-de, bir uçutgaýany ýanap, tokaýyň sepgidi bilen gitdi. Bir çeşmejigiňüstünden geçdi. Ol çeşme beýik uçut gaýadan dazlap aşakinýärdi. Perman çeşmäniň gaýadan inişine geň galyp, esliwagtlap seredip durdy.— Babamyň aýdan çeşmeleriniň biri hem şu bolsa gerek -diýip, öz ýanyndan pyşyrdady. Ýoluny dowam etdi. At ýene bir


salym ýöredi-de, bir bolgusyz öwrümjikde ýapgyt ýalçy daşgaýa dyrmaşyp ugrady.Perman ýokarysyna göz aýlady welin, bu pesräk ýapgydyňýokarysy beýik uçut daş gaýa baryp direýär eken. Hiç ýeregidere ugur-ýol ýok.— He-ýeý, janawer, şu wagta çenli ýalňyşman gelýärdiňwelin, şu gezeg-ä gaty ýalsyşan bolsaň gerek.Guş bolaýmasaň, garşyňda ýol ýok ahyry - diýip hümürdedi.Heniz gaty ýokary galmadyk atyny aşak dolady. At öwrülip,deräniň düýbüne düşüp saklandy. Perman ýene onuň jylawynyerkine goýberdi. At ýene öňki ýapgyda dymaşyp başlady.Perman ýene aty yzyna dolady. Soň ýene ony öz erkine goýdy.At ýene öňki ýoluna gitdi. Perman aty birnäçe gezek yzynadolandan, at bolsa ýene öňki ugruna gidenden soň, ol ahyry“näme bolsa, şo bolsun” diýip, töwekgelçilik etdi.At ýapgyt daşyň ýüzi bilen ep-esli ýokary galandan soň,darajyk bir köçejigiň agzy göründi. Perman ony görüp, “bu birsallatlaryň gazyp giden nagymy bolara çemeli” diýip, göwnünegetirdi. Onuň aňyrsyny hem barlaman, ýene aşak indi.At deräniň düýbüne düşüp, ýaňy daýanan badyna, birdengapdaldaky bir çogmak hyşanyň arasyndan bir gorkunç zattowsup çykdy-da, aty jylawlady. Permanyň depe saçlary syhsyhbolup üýşdi. On iki süňňi pagyş-para gowşady. Bedeniniň


agzalary bogun-bogun sökülip, bu ýaş oglanyň ýaňy kuwwatagelen dyzy edil ýüz ýaşyndan agan garrylaryň dyzy ýalylagşady, ysgyn-mydar galman, göwresi ten bilmez boldy.Ýüzüniň reňki üç ýuwlan ak esgä döndi. Dodaklarynyň ganykepäp, dili bolsa hereketden galdy.Endamynyň gany öz kadasy bilen ýöremän, agzalary gurşupuklap ýatan adamyň “päh!” diýlen ýaly, birden ukudanoýanmagyna “basyrganmak” diýlip aýdylýan bolsa, Permanhem atyň üstünde oýa otyrka edil şonuň ýaly basyrganypdy.Belki, ondan hem beter bolupdy.Çogmak hyşanyň arasyndan şeýle bir gorkunç zat böküpçykan badyna ol: “Adamlaryň arasynda aýry jynslardogrusynda edilýän her hili howatyrly gürrüňler çyn eken-ow.Şu bela-beter adam iýýän jynsdan bolsa gerek. Ýene öldüripötägitse-hä janyň ujy. Emma “dünýäde iň süýji et adam etibolýarmyş” diýip garrylar gürrüň ederdi. Adamyň etiniňsüýjüligine bolsa, bu adamhor pisler beletdir. Ilki özümi iýer,atymy-da soňra agşam şamy ediner” diýip göwnüne getirdi.Gyrguşuň jylawyny saklap duran aýylganç sypat adam bolsaatyň kellesiniň bir gapdalyndan ot ýaly ýanyp duran gözleriniPermanyň dogry ýüzüne dikip, geplemän sem bolup durýardy.Onuň adam ýa-da başga bir jyns boldugyny saýgarar ýalydäldi. Ol endamyna boýdan-başa alajabarsyň derisini çekipdir.


Başynda bolsa ýene haýsydyr bir ýyrtyjynyň derisiniň tüýleriseçelenip durdy. Onuň ýüz gözleri tüý bolup, uzyn ak sakgalybilen bulaşyp ýatyrdy. Gaşlary gözüniň üstüne bürenip durdy.Perman “hakykat şol aýy diýilýänlerine duşdum-ow” diýippikir etdi. Garrylaryň oglanjyk wagtyndaky aýdýanertekilerindäki “sag goly almaz bolan güýçli aýylar” diýlipgürrüňi edilýän gorkunç jandarlar ýadyna düşdi. “Meniň indikazam dolup, iň ahyrky gadamym şu boldy” diýen netijä geldi.Perman bu ýere ýetmezinden öňem ençeme gorkunçwakalary başyndan geçiripdi. Ol geçen üç gije-gündiziň içindeköp muşakgatlary çekdi. Ol üç gijäni ukusyz geçirdi. Onuňyzarlap gelýän inçejik ýodasy ony beterden-beter gorkunçtokaýlaryň üstünden eltdi. Ömründe palta sesini eşitmedikmähnet ýogyn hem uzyn agaçlar güri çykyp, başlary asmandaçatylyşyp durdy. Olaryň aşagynda hyşa, hüžžük gamyşlarörçeleşip, çolaşyp çykypdyr. Gidip barýan ýoluň göýä bir ötügemeňzeýär. Her bir gadamynda öňüňde turan duşman atyňysakga saklap biljek ýa-da bir möjek bolsa üstüňe zyňyp arapbiljek. Seniň goluň galmanka olar işini bitirjek. Munuňüstesine-de jürbe-jür ýyrtyjy möjekleriň sesleri. Olaryňaýylganç arryldylary, hil-hil uwlamaklary her gije onuňgulagyny kamata getirip, güň edipdi.


Perman bir gezek ertir ir bilen tokaýyň içinden suw gözledi.Ahyry suw dolup ýatan bir oý tapdy. Atyny sürüp, köleýakynlady. Emma at birden dört aýagyny hem ýere diredi-de,sanjyldy duruberdi. Perman näçe debsilese-de, bir dabanamsüýşmedi. Ýogsa at gaty suwsuzdy. Emma suwsuzlyk-da onysuwa meýil etmäge mejbur edip bilmedi.Ol atynyň bir zatdan heder edýändigini aňdy. Şunça onygörjek bolup dyrjaşdy, töwerek-daşyny üns bilen synlady.Emma hiç görüp bilen zadam, aňlan zadam bolmady. Kölüňtöwereklerine nazar saldy. Dag umgalaryndan başlap, her hiliýyrtyjy-möjekleriň yzyna gözi düşdi. Daş-töwerek dürli yzdanýaňa torç bolup ýatyrdy.Şol wagt atyň bu duran ýerinde durmaga ýüregi çydametmedik borly, yzyna serpildi-de, ökjäni göterdi, Perman tiztizdenomzundan garap barýardy. Birden onuň gözi kölüňaňyrsyndaky pesräk baýyrdan aňyrlygyna baka inip barýanýolbarsyň symgylt gerşine kaklyşyp gitdi.“Duşmanyň ýüzi aňryk” diýip, içinden oýlandy. Bu wakanypal edinip, özüçe gowulyga ýordy. Ýöne ýolbarsdan sag-amanarany açmagy hem, öz göwnüne teselli bermegi hem Permanyňkalbyndaky wehimi aýryp bilmeýärdi. Ol islendik ýagdaýdaşeýle gorkunç möjekleriň penjesine düşäýmeginiň ahmaldygyhakdaky pikirden el çekip bilmeýärdi.


Ýolbars bilen bolan gorkunç duşuşykdan soň, Perman köpýol sökdi. Ýöne ol näçe ýörese-de, sümme tokaýlykdan göziaçylmady. Gün dik asmana çykypdy. Emma Perman ony kätebir ýerde görüp galýardy.Permany alyp barýan inçejik ýol beýik bir ýapgyt köteleýarmaşyp gitdi. Bu kötel beýleki kötellere garaňda hasýapgytdy, ýüzi hem beýlekilere garaňda ýalaňaçrak diýmekboljakdy. Ozalky köteller mähnet-mähnet agaçlara basyrylypotyrdy. Hatda gara daşlaryň ýapgytlaryndanam agaçlar çykyp,terslin-oňlyn uzalyşyp otyrdy. Bu köteliň bolsa ýüzünegyrtyçdyr ýylakdan perde çekilipdi. Selçeňräk arça agaçlaryasmana gol gerşip otyrdylar.Perman bu köteliň aňry ýüzi hem bäri ýüzi ýalydyr diýenpikir bilen atyny sürüp, onuň depesine çykanda, munuňdepesiniň bir geriş bolup, aňry ýüzüniň hem suwamaý ýylçyrgara daşdygyny gördi. Ondan aşagy hem öňi-soňy göreninemeňzemeýän, aňyrsy-bärsi görünmeýän ymgyr giden tokaýlykbolup ýatyrdy. Bu ýapynyň ýüzünden ýoluň ýapbaşlap inýänsudury çala saýgardýardy. Ol atynyň başyny çekip, bir salymtöweregine ser salyp durdy. Ýene atynyň başyny öz raýynagoýberdi.Her niçigem bolsa bu kögel Permana öňki kötellere görätanşyrak ýaly göründi. Garşysyndaky tokaýlyga gözüni aýlap:


“Babamyň diýen kese köteli şudur” diýip oýlandy. “Babamyňaýdan alamatlarynyňam şu kötelden tapylaýmagy ahmal” diýenumyt bilen töweregine syn edip gitdi. “Şu ýerlerde golaýrak birýerde çeşme bolmaly. Onuň gözbaşynda bir mähnet, gözeilginç hoz agajy bolmaly. Onuň şahalary biri-biriniň içindengeçişip, üstünde keçe ýazyp halka gurap oturyberer ýalybolmaly. Çeşmäniň sag ýakasynda süýnmek uzyn hem ýasy daşbolmaly. Onuň üstünde iki adam jaýlaşyp ýatyp biler ýalybolmaly...Ol babasynyň salgy beren şu alamatlaryny gözledi. Sebäbibabasy oňa:— Kötelden düş-de, barýan ýoluňdan çykyp, atyň başynygoýber, özi tapar. Soň barjak ýeriň ýakyndyr - diýipdi.Perman hernäçe gözlese-de, babasynyň diýen çeşmesinitapmady. Ahyry atyny bir agaja baglap, töweregine pyýadalapaýlanyp başlady. Terslin-oňlyn gatnaw etdi.Şeýdip aýlanyp ýörkä, birden gözi ullakan çynaryňaňyrsynda bukup duran möjegiň ullakan kellesine düşdi. Buçynar ondan birneme açygrakdady. Möjek şol çynaryňaňyrsynda bukulyp durdy. Perman hem ol çynaryň daşyndantelim gezek öwrüm edipdi. Emma ol möjek ýeserlik bilenPermandan bukulýardy. Perman haýsy tarapdan gelse, ol hemçynaryň daşyna aýlanyp, onuň arka ýüzünde bukulýardy.


Şeýdip, ol haçan Perman çynaryň golaýjagyndan geçerkä diýippeýläp durdy.Ýöne Permanyň aýlanjyrap ýören ýeri açygrakdy. Şonuňüçinem möjek şeýle açyk aralykdan hüjüm etmäge üýşenipdurdy. Eger ol möjek bolman ýolbars ýa-da gaplaň bolsa,Permany gören badyna çym-pytrak edip, çaňňalagynyçaşyraýmalydy.Möjegiň kellesine gözi düşen badyna Perman atyna bakaokduryldy. Perman atyna atlanan wagty möjek hem agaçlaragabat bolup, aňyrlygyna baka seňkildäp gitdi.Babasynyň salgy beren tokaýyny hem çeşmesini Perman şugün tapypdy. Bu tokaý hem Permanyň öňki görentokaýlaryndan peslär ýaly däldi. Babasynyň salgy berençeşmesi pessejik tümmejigiň düýbünden çykyp, buldurap akypýatyrdy. Ol ýigrimi-otuz ädim töweregi akyp, soňra tokaýyňaşagynyň düşegi bolan çaýyr hem şona meňzeş güri otlaryňarasyna siňip, ýok bolup gidýärdi. Bu çeşmäniň başyndaky hozagajy bilen ýasy daş hem babasynyň taryp edişiçe bardy.Ol bu çeşmäniň başynda atyny ýakyp, özi hem az-owlakdynç alandan soň, babasynyň tabşyryşy ýaly, atyny özygtyýaryna goýberdi. Ol hem esli wagt ýöränden soň, şolbeýikden inýän çeşmäniň hem ýylçyr gaýanyň üstünden eltdi.


Perman atyna ynam etmän aşak-ýokary iki ýana gatnaw edipýörkä hem ine şu gorkunç belanyň üstünden geldi.Perman sesini çykarman özüne seredip duran gorkunçyşarata seredip doňup galypdy. “Gorkana goşa görner”diýlendenem beter bolupdy. Bu aýylganç sypatly jynsyňgözleriniň lowurdap ýanyşy Permanyň gözüne daglaryňgaraňky gowagynda bukup ýatan ýaraly ýolbarsyň gözi bolupgöründi.Janyndan umydyny üzen Perman dünýäni unudypdy. Aýrybir jynsy görmeg-ä beýlede dursun, hatda ýönekeý bir deladamyny görende-de, uçjak guş ýaly towsup duran sarç biratyň burny ganan ýaly sulhup, gymyldaman durşy hakyndaoýlanmagy Perman ýa-ha unudypdy, ýa-da “her neneňsi sarç,güýçli malam üýtgeşik bir gorkunç jynsy görende gorkudanýaňa ädimi goşulyp, edil burny deşilen ýaly gymyldap bilmez”diýip, käbir garrylaryň aýdýan gürrüňlerini ýadyna getirdi.Emma juda gaty gorkup, huşy başyndan uçup, özüni ýitirmekbilen, atyň gorkup gorkmazlygy onuň ýadyna-da düşmeýärdidiýsek, has dogrurak bolsa gerek.Her näme-de bolsa, Permana şagga bir ak der gelip,depesinden dabanyna ýetdi. Göýä ak gülüň ter ýapraklarynadaň-säherler düşen çyg damjalary ýaly, onuň gany gaçanýaňaklarynda hem der damjalary ýaldyraşýardy.


— Bu ýerlere guş gelse ganaty gyrlyp, gulan gelse toýnagygyrylýar. Sen nädip düşdüň? - diýip, ahyry ol gorkunç jynsynsan dilinde gepledi. Ol sandyrawuk sesi bilen şeýle diýipkellesini ýaýkanda başyndaky deriniň tüýleri seçelenip gitdi.Her niçigem bolsa, ol sözländen soň Perman munuňadamdygyny açyk aňlady hem az-kem ýüregi düşüşdi. Bir azysgyna gelip başlady. Birden: “Babamyň diýen adamy, belki,şudur” diýen pikir kellesine gelip girdi. Ol zordan:— Düşdüm, baba! - diýip, dodaklaryny tamşandyrdy.— Düşdüm diýsene!-diýip, ol gorkunç adam çalaja başynyatdy.Permaň bu iki arada mazaly ysgyna gelip, özüni bir azdürsemäge ýetişdi. Öz ýanyndan: “Babamyň diýen adamyhökman şu adamdyr” diýip tassyklady-da:— Meni siziň ýanyňyza babam ugratdy - diýdi.— Seniň babaňa kim diýerler?-diýip, ol atyň uýanyny berktutup, gowşatman durşuna sorady. Onuň jogabyny eşitmägegulagy agyrlyk edýän ýaly, bir az Permana baka ýakynlady.Perman:— Öwezmyrat batyr diýerler - diýeninden, ol göýä birgorkunç zat gören dek, atyň uýanyny birden goýberip, iki-üçädim yza çekildi. Bu arada Perman hem ysgyna gelip, atdan


düşdi. Sebäbi ol atyň üstünde otursa, gorkany has äşgär bildiripduran ýalydy.Garry baba ýaňadandan atyň golaýyna gelip, ony mazalysynlady. Onsoň Permanyň ýanyna geldi. Onuň bilindäkigylyjyň baljagyny ýazdyryp, tygyny ýarsyna gelýänçä çekdide,içgin-içgin seretdi. Ýene gylyjy ýerine salyp, gaýra çekildi.Perman aýna gylyjyň bilindedigini diňe şundan soň duýupgaldy.Garry baba Permanyň boý-syratyny täzeden başdan-aýakgözden geçirdi.— Şu atyň seniň aýagyň aşagynda bolup, şu gylyjyň hemseniň biliňde bolmagy, ynanmazlyk etmäge ýol goýanok. Egerşu alamatlar bolmadyk bolsa, men seniň Öwezmyrat batyryňagtygydygyňa ynanmazdym - diýdi. Perman ol özüniň gatygorkandygyny aňandan soň şeýle diýýändir diýip oýlandy.Garry baba ýene Permana sorag berdi. - Sen batyryň gyzagtygy bolarmyň?— Hawa - diýip, Perman çalaja baş atdy.— Bolýar-da. “Öli arslandan diri syçan ýagşy” diýipdirler.Öwezmyrat batyr indi garrap çökenden soň bolýar-da. - Garrybaba soňam şol bir sözi telim gezek gaýtalady. - Bolýar-da.Bolýar-da...


Garry babanyň bu sözlerinden onuň özüniň gatygorkandygyny bilenine göz ýetiren Perman utanyp, ýüzüni aşaksaldy.Garry baba öňki sözlerini birneme ýuwmarlamak isleýänýaly:— Aýby ýok, atlan, gideli - diýdi. Perman atlandy. Gojapyýadalap, onuň öňüne düşdi.BERK BULJUMLARYŇ EÝESIPermana duýdansyz sataşan bu gorkunç adam Kany batyrdy.Ol Permanyň gelýänini ol entek tokaýdan çykmanka görüpdi.Şobada hem çaltlyk bilen gaýadan aşak inip, tokaýyň eteginde,hyşanyň aşagyna sümülipdi.Kany batyr bukuda oturan ýerinden Permanyň bolşunysynlamaga başlady. Perman birnäçe gezek aşak-ýokaryk inipçykdy.Kany batyr her gezek ony duşundan geçirip goýberdi.Kany batyr Gyrguşy gören badyna tanapdy. Gyrguşuňtaýlygy şu ýerde geçipdi. Öwezmyrat batyr soňam Gyrguşymünüp, onuň ýanyna birnäçe sapar gelip gidipdi. Ýöne olGyrguşy ozal görmedigem bolsa, aňsatlyk bilen tanap biljekdi.Sebäbi ol Gyrguşuň ýedi arka çenli ata-enesine, babasyna, ählieždadyna çenli beletdi. Gyrguş indi ata-babasynyň ençeme arka


äri göterip gelýän adyny göterýärdi. Kany batyr bolsa öz beletatlarynyň agtygyny, çowlugyny, ýuwlugyny görende-de aňsattanap bilýärdi.Gyrguşuň üstündäki gögele oglanyň kimdigini welin Kanybatyr tanap bilmedi. Şonuň üçinem birden-bire çykyp özünimälim edäýmän Permanyň her bir hereketine syn etdi. Onuňkimdigini, näme niýetiniň bardygyny, näme etmekçibolýandygyny bilmek isledi. Belki, bu Öwezmyrat batyryňiberen adamydyr, belki-de, Öwezmyrat batyryň Gyrguşy birsöý bilen bu ýaş ýigidiň eline düşendir. Onuňgizlenmeginiňem, Permanyň atyny duýdansyzjylawlamagynyňam sebäbi şudy.Kany batyr Gyrguşuň ýokary galýan ýerinden ýokary galypbaşlady. Permanyň sallatlaryň gazyp giden nagymydyr hasapeden ötüginiň agzyna ýetdiler. Ol Permanyň çak edişi ýaly däleken. Basym ol ötügiň aňyrsy birneme giňedi. Olar ýene uçutgaýanyň ýokary başyna dyrmaşyp gitdiler. Esli ýöränlerindensoň, Permanyň şol aşakdan synlan şaglawukçeşmesiniňgözbaşynyň ýanyndan çykdylar. Çeşmäniň buýerden görnüşi aşakdan seredeniňdäkidenem üýtgeşikdi.Çeşme kemerlerden kemerlere böküp, belent uçutdan aşakeňterilip, tokaýyň içine siňip gidýärdi. Perman bu çeşmäniňgözel görnüşinden gözüni aýryp bilmän bir az sagyndy.


— Entek häli synlasaň wagt tapylar. Bu wagt sür, gideli.Soň synlarsyň-diýip, Kany batyr ony gyssady.Çeşmeden aňryk geçip, on-on bäş ädim ýörediler. Iki sanyýanaşyk ýatan mazaryň üstünden bardylar. Ol mazarlara gözidüşende, Permanyň ini jümşüldäp gitdi. Emma mazarlaryňsaklanylyşyny görende, bularyň ýönekeý bir öldüriliptaşlananyň mazary däldigini aňdy. Iki mazaryň arasy bir ädim.Ol mazarlaryň daşyna adamyň guşaklygyna ýetip duran daşdanörülen aýmança edilipdir. Aýmançanyň daşlary edil kebşirlenenýaly berkidilipdir. Onuň bir tarapynda gapy goýlupdyr.Garşysyndaky gaýadan inen suwlaryň, ýagyş-ýagmyrdan içineýygnanan suwlaryň aýmançanyň içinde tolkun atyp ýatmazlygyüçin onuň tokaýa tarapky ganatynyň aşagyndan ötükgoýlupdyr. Mazarlar toprakdan galdyrylman, daşdan berk hemgelşikli edilip galdyrylypdyr. Olar obanyň bir çetinde herçarşenbe güni daş- töweregine aýlanylyp durlan öwlüýäniňguburyndan-da artyk bir görnüşdedi. Aýmançanyň içiniňgünde-günaşa süpürilip durulýandygy görnüp durdy. Diwaryňüstünde goýlan sübse-de munuň şaýadydy.Perman bu mazarlaryň kimiň mazarydygyny bilmek isledi.Emma ol öňki gorkusyndan henizem doly saplanyp, özüniraslap bilmändi. Onuň üstesine-de Kany batyr bilen ýakyndan


tanşyp, öwrenişmändi. Şonuň üçinem ol bu barada soramagamilt edip bilmedi.Kany batyr Permany bir giň gowagyň agzyna eltdi. Bugowak obasy göçen beýik galanyň möçbersiz giň derwezeleriýaly haňlap ýatyrdy. Mundan girip esli ýöränlerinden soň,munuň gowak bolman, aşagy böwsülip, ötuge öwrülen beýikbir gaýadygy mälim boldy. Mundan aňryk iki ýany gaýa bolandarajyk bir jülge bolup gitdi. Bu jülge uzak gitmän, basymgutardy. Onuň gutaran ýerinde edil adam eli bilen salnan ýalydarajyk köçe sol tarapa burulyp, gaýa dyrmaşyp başlady. Buköçejigiň iki ýany kert gara ýalçy gaýa bolup abanyp durdy.Köçäniň ini dört-bäş ädimden giň däldi. Emma hemme ýeriedil el bilen oýulan ýaly endigandy. Aşagy hem suwalan dektekiz gara daşdy. Bu köçe edil gadym eýýamlarda salnandiňleriň ogryn çykalgasy ýaly, terslin-oňlyn aýlanyp, ahyryndaolary beýik bir bölejik dagyň depesine çykardy.Kany batyr Permanyň öňune düşüp, eglenmän gidipoturyşyna käýerde oňa sorag berýär. Perman hem onuňsoraglaryna başardygyndan gysgajyk jogap bermäge çalyşýar.Köplenç öz içini gepledýär. Olar dagyň depesineçykanlaryndan soň, gaty beýik bolmadyk bir gaýanyňdüýbünde aýak çekdiler.


— Biziň mesgenimiz şu ýeridir, düşüber - diýip, Kany batyrbir gara daşyň üstünde oturdy.Perman töweregine gözüni aýlady. Bir ýany gaýa direlipsalnan kiçijik tamlary gördi. Ikinji tarapdaky gaýanyň aşagyndabolan birnäçe gowagyň agzy bejerilip, özüne laýyk gapylaroturdylypdyr. Bu jaýlaryň agzynda duran gap-gaçlara hemPermanyň gözi düşdi.Garry baba gelip, aty onuň elinden aldy-da, eşidilereşidilmezbir zatlar hüňürdedi. Aty bir gapdaldaky beýigiňöňünde gögeren ýogyn çynaryň düýbüne eltip başlady.— Bu atyň ýaşlygynda beýnisiniň bekän, soňam telimgezek gelen ýatagy şudur - diýdi-de, gaýanyn ýüzündäkigowaklaryň biriniň gapysyny açyp girip gitdi.Aradan gaty köp ýyl geçenem bolsa, atyň bu gojanyýadyndan çykarman ekendigine, ony gören badyna tanap sakgadurmagynyň sebäbine Perman diňe şu ýerde düşünip galdy.Kany batyr gowakdan iýmden doly bezegli bir at torbanyalyp çykdy. Gowagyň gapysyny berkitdi hem torbany atyňbaşyna geýdirdi. Soň eline iki sany tüňçäni alyp, çynaryňöňündäki beýigiň aňyrsyna dolandy. Uzak eglenmän iki tüňçänihem suwdan dolduryp geldi. Özüniň hemişe ot ýakýan ojakýerine bardy. Ýer bilen meňzeş bolup ýatan ýasy gara daşyňüstünde ot ýakyp, tüňçeleri goýdy.


Kany batyr daşyndan seredeniňde şeýle haýal gymyldaýanýaly görünýärdi. Emma ol gaty ýetişiklidi. Ol ýene çynaryňýanyndaky beýigiň aňyrsyna aýlandy-da, aradan salymgeçmänkä at üçin iki gujagyny hem dolduryp ot alyp geldi.Onsoň gapysy ýapyk gowaklaryň birine girdi-de, göýä ozalkaklanyp goýlan ýaly bir giden kakmaçlyk et alyp çykdy.Ojaga düşen közleri daşyň ikinji bir tarapyna ýazyp, elindäkikakmaçlary atdy. Onsoň işikleriň öňüne goýry saýa salyp duranarçanyň saýasyna bir gülli keçe ýazdy.Çaý gaýnady, kakmaçlaram bişdi. Ol ak bizden saçagynyýazdy.— Ine, çaý, ine çörek, ine-de keýik eti, iýip otyr - diýip,Permana hödür etdi.Saçakdaky çörek ýumşakdy. Ol ýere bişirilipdir, emmaşeýle-de bolsa tamdyrdan çykan ýaly arassady, kül ýa-da gumsiňen ýeri ýokdy.Kany batyryň özi hem Perman bilen bile nahar iýmägeoturdy. Ol agzyny kümşüldedip çörek çeýnände, sakgalynyňtüýleri-de saňňyldaşyp durdy. Ol çöregi gaty çalt çeýneýärdi.Perman onuň agzynda ýekeje-de diş galan däldir diýip oýlandy.Emma onuň dişleriniň biriniňem gaçman, hemmesiniň ýerbeýerdiginigörüp geň galdy. Kany batyr ýetişibildigindenkakmaç bilen çörek iýýärdi. Arasynda gürrüňem edýärdi.


— Çörek birneme gatyrak bolsa gerek - diýip, ol özbaşynahümürdedi. - Munuň üstünden gün aşdy.— Ýok-la, gaty gowy. Ýumşak - diýip, Perman çyny bilenaýtdy. Sebäbi Perman iki gün bäri teýli nahar garasynygörmändi. Mamasynyň salan külçelerini gemrip, ýarym açhalda ýol ýöräpdi.— Men çöregi günaşa bişirmegi düzgün etdim - diýip,Kany batyr dowam etdi. - Juda ýaltansam, üç günden birgezegem bişiräýýän. Käwagtlarda bäş-alty günden bir gezekbişirýän wagtymam bolýar. Sebäbi men çöregi köp iýmeýärin.Ete düzgün bolupdyryn.Hut şol sebäpli hem Kany batyryň bişiren kakmajy özgözüne az görnüpdi. Ýöne soň ol ikisindenem artyp galdy.Ýöne ol munuň sebäbini Permana ýöňkedi.— Seniň naharyň guşuňkyça-da ýok eken - diýip, zatlaryýygnaşdyrmaga başlady.Bu gün töwerek-daşa syn edere wagt bolmady. PermanKany batyryň gürrüňlerini diňläp, onuň bolşuny synlap, özüniňindiki maňlaýyndakyny pikirlenip, günüň galan böleginiwehimli alada bilen içini gepledip geçirdi.Gün ikindä ýakyn bolupdy. Kany batyr ata ýene iki gujakýüpek ýaly ýumşak ot getirip dökdi. Perman atynyň ot-


suwundan arkaýyn bolsa-da, aty gije şu duranýerinde goýmak howply bolmazmyka diýip ünjä gitdi.Gün ýaşyp, şapak sowlup ugranda Kany batyr:— Indi ýerler sowaşan bolsa gerek - diýip, içerden düşekçykaryp, ýatjak ýerlerini häzirledi.Ol naharyň başynda başlan soraglaryny henizemtüketmändi. Ýöne ol soraglaryny haýal-ýagal berýärdi. Arasynagürrüň salýardy.Kany batyr ýatjak ýerlerini bejerişdirip, Permanyň ýanynageldi. Onuň atyň töweregine aýlanyp, daş-töwereginegaranjaklaşyndan ýüregindäki wehimli gorkyny aňlady.— Sen hiç zady alada etme - diýip, oňa göwünlik beripbaşlady. - Hatyrjem bol. Biziň berkimize döwem sekip bilmez.Munuň ýekeje çykalgasy bardyr. Ol darajyk çykalgany hemýaňy özüň gördüň. Onsoňam ata baka barjak möjek hökmanbiziň üstümizden geçmeli. Men çybyn jyňňyldasa aňlaýaryn.Asla bu özbaşyna bir bölejik dagdyr. Munuň töwerek-daşy uçutgaýadyr. Möjekler-ä beýlede dursun, aýy-da çykyp bilmez,adamam. Özüň gördüň, şol çeşmejigiň inýän uçut gaýasyndançykyp-düşüp bilermiň?— Ýok - diýip, Perman ýekeje söz bilen jogap berdi.— Asyl miltem edip bilmersiň - diýip, Kany batyr haspugtalady. - Munuň beýleki ýerleri ondanam müň esse berkdir.


Mundan soň Perman göwni ynanar-ynanmaz, her niçik-debolsa, bir az rahatlandy. Olaryň ýatan ýeri näçe beýigem bolsa,iki-ýeke çybynlar jyňňyldaşýardy. Kany batyr hemişeki adatyboýunça derse meňzeş gemre hem pide bolan agaçowuntyklaryny üýşürip, gün ýaşan badyna tütedipdi. At üçinhem özbaşyna tüsse edipdi. Permany has rahatlandyrmak üçinbolsa gerek, ol atyň ýanynda sömelip oturan bir daşa möjegiňderisini çolap, başyna-da bir telpek geýdirip, ýörite garantgaýasapdy. Daşyndan göreniňde, onuň garantgadygyny aňmakkyndy, edil janly bir adam tüňňerilip oturan ýalydy.Düşeklerine geçen batlaryna Kany batyr uka gitdi hemmyrryldap süýji hor çekmäge başlady. Perman köp wagtlapuklap bilmedi. Töwerege diň salyp ýatdy. Näme-de bolsa butokaýdan meýdan doňuzlarynyň hem olaryň jojuklarynyňsesinden başga ses eşitmedi. Ol başga nähilidir ýyrtyjyhaýwanyň sesini eşitjek bolup näçe gulagyny gerse-de, eşidenzady bolmady. Ahyry bu tokaýlara doňuzlar eýe bolupdyrdiýip, başga gorkuly haýwanyň ýokdugyna göz ýetirenden soňynjaldy. Uka gitdi.Perman gün dogan badyna oýandy. Başyny galdyran wagtyKany batyryň gapak ýaly çöregi otdan çykaryp, çalgy bilenkülüni kakyp oturanyny gördi. Onuň gapdalyndaky ýanypduran oduň başynda tüňçeler lakyrdap gaýnap otyrdy. Harman


ýaly tegelenip ýazylan közleriň üstünde kakmaçlar jyzyrdaşypbişip durdy.Perman ýerinden turup ýazylyp-ýaýrandan soň, Kany batyroňa:— Ýör, ýuwunsaň, suw daşda däldir - diýip, at daňançynarynyň ýanyndaky beýigiň aňyrsyna alyp gitdi. Bu beýigiňaňry ýüzi şu dagyň bir çeti bolup, şol ýerde bir ýasy kemerdençeşme çykyp durdy. Çeşmeden syzyp çykýan suw özünekiçiräk bir meýdança tapyp kiçijik bir howuz emele getiripdir.Ondan soň kemerden aşak inip, beýik hem uçut gaýanyň ýüzibilen şaglap aşaklygyna inýärdi.Tomsuň ortaky aýynda-da Permanyň eliniň gara çor bolupdurmagy ýaramadyk bolara çemeli, Perman ýuwunmagaoturanda Kany batyr:— Sabynsyz ýuwunma! Me, çoluk sabyny - diýip, oňa ýasyhem uzyn ter ýapraklary bolan bir düýp oty oklady. -Ýapraklaryny alyp çalyber.Perman ol otuň ýapraklaryny alyp, eline sabyn ýaly oýkapbaşlanda goýy ak köpük çykyp, sabyndanam beter köpräp gitdi.Elinde bir çor goýman sypyrdy. Perman öz ýüreginden: “Şugün çaýyň başyndan başlap, bu garry babanyň hüý-häsiýetlerinisynlap, munuň nähili adam boldugyny aňlamaga başlaryn”diýen pikire geldi.


Olar çaý-çörek iýdiler. Ondaň soň Kany batyr Permany uzyngün yzyndan aýyrman, bu dagyň içi-daşy bilen tanyşdyrdy. Budagyň üstüniň gaty berkdigini öz gözüň bilen gör diýýän ýaly,ony daş-töwerege aýlap çykdy. Tokaýyň içine-de aýlady. Ahyryajygyp, öz mekanlaryna baranlaryndan soň, ol:— Munuň çykalgasy ýeke şu bolman, ýene bir ogrynçykalgasy hem bar - diýip ýylgyrdy-da, gapdalyndaky beýigiňdüýbünde ýer bilen meňzeş bolup ýatan ýasy hem ýuka bir garadaşy galdyryp, arkasyndaky beýige ýaplady. Ýer döläniňgapysy ýaly bolup, haňlap bir işik açyldy. Ondan bir atyýüzüniň ugruna idip alyp gidip boljakdy. Perman bu görnüşehaýran bolup, aňkaryp galdy. Kany batyr bolsa ulumsylykbilen:— Ine, biziň mekanymyzyň ogry çykalgasy şudur - diýdi.Sözüni kesmän yzyny dowam etdi. - Munuň agzy darrakgörünse-de, aňryk bardygyça giňelýär.Munuň aňyrsy bu dagyňikinji tarapyndaky baýyrlaryň aşagy bilen gidip, olaryňaňyrsynda bolan bir tokaýlyga çykýar. Aňyrda bir beýikgaýanyň düýbünde küýkerip oturan bir düýp agajyňgapdalyndan çykýar. Munuň aňyrsy hem ýapylgydyr. Bolmasa,muny möjekler öý edinäýýär.Soňra ol bir gezek gizlin çykalganyň agzynyň açykgalanyny, ol ýerde hem bir möjegin çagalanyny, ol ýerden


möjegi çagalary bilen kowup çykarmaly bolandygyny gürrüňberdi.Olar şeýdip, bu günlerini hem geçirdiler. Perman Kanybatyryň hüý-häsiýetlerini aňlamagy ýüregine düwenem bolsa,hiç bir aňlap bilen zady bolmady. Sebäbi ol munuň gürrüňindenhiç baş çykaryp bilmedi. Sebäbi bu birden-ä Nuhuňtupanyndan gürrüň berip otyr. Birdenem şu günüň gürrüňiniedip otyr. Birden Bagdat daglarynda, Mazenderan jülgelerindegezen ýerleriniň gürrüňini edip otyr, bir görseňem düýnki urupgelen awlaryndan söz açýar. Garaz, Perman munuň nähiliadamdygyny aňlap bilmedi. Telbe diýseň, telbe däl, Mežnundiýseň, Mežnun däl.Ýöne Perman bir zada - bu gojanyň içiniň gürrüňdendoludygyna, özüniňem peýwagtyna gürrüň bermekisleýändigine göz ýetirdi. Onuň gürrüňine sähel päsgel berdigiňgutardygydy. Gürläp otyrka birden sowal beräýseň, ol özbaşyndan geçen gyzykly waka hakda bolsa-da, oňa ýekeagyzda gysgajyk jogap berip oňýar ýa-da edip oturan gürrüňinikesýär-de dymýar oturyberýär. Sorag beren badyňa ýanyňdanbirdep turup gidiberýän, hol beýleräkde öz işi bilen gümrabolup, böwrüni diňläp ýören wagtlary hem bolýar.Agşam naharyny iýenlerinden soň Kany batyr:


— Ertir seni hem öz ýanym bilen awa alyp çykaryn - diýdi.- Birinji sapar uzaga gitmesegem, ýakyn ýerleri gezim ederis.Soňky günler daşa-da gideris.Bu günki uzak gürrüňleriniň ahyryny şunuň bilen gutaryp,şol maslahat bilenem ýatdylar.Perman bu gün turanda heniz gün dogmandy. Ol töwereginegöz aýlanda Kany batyry görmedi. Ol ojakda oturdylantüňçeleri gördi. El-ýüzüni ýuwmak üçin çeşmäniň başyna gitdi.Uçut gaýanyň düýbüne gözüni aýlady. Uçudyň düýbünde birdüýe bolsa, edil bir tokly ýaly bolup görünjekdi.Soňra Perman töwerege gezelenç etdi. Daşy aýmançaly goşamazaryň üstünden bardy. Aýmançanyň içindäki mazarlaryň başujunda guş ýaly bolup çugutduryp oturan bir gara gözi düşdi.Ol garanyň guş däl-de, Kany batyrdygyny gördi. Kany batyrýerinden turdy-da, sübsäni alyp, aýmançanyň içini tozadypsüpürmäge başlady. Süpürip bolandan soň hem mazarlaryň birgapdalyna geçip, olara gözüni dikip, böwrüni diňläp oturdy.Ahyry turup gaýtdy. Perman hem garaba-garaba onuň yzynadüşdi.Kany batyr aňyrdan gelşine gowagyň düýbündäki tamlaryňbirine girip, hemişekisi ýaly iýmli torbany alyp çykdy.— Öwezmyrat batyr diri bolsa, bu atyň iýmini kazagoýmaz. Bu iýme öwrenen atdyr. Bizem munuň iýmini kem


etmäli - diýip, torbany atyň başyna geýdirdi. Atyňmaňlaýyndan birki sapar sypalap, soňra başga işleri bilenboldy.Bu saparky çaý-çöregiň başynda Kany batyr bu atyňhäsiýetliliginden, onuň ata-babasynyň taryhyndan gürrüň.bermäge başlady. Elbetde, Kany batyryň bu gürrüňleri hemgyzyklydy. Ýöne Permanyň ýüreginde möwç urup, ony özerkine goýmaýan başga bir zat bardy. Onuň şol aýmançanyňiçindäki goşa mazar hakda bilesi gelýärdi. Şonuň üçinem Kanybatyr gürrüňine dyngy beren ýerinde, Perman saklanyp bilmän,şo barada sorady. Onuň soragyny eşiden Kany batyr Permanyňýüzüne aýylganç nazar bilen çiňerildi. Permanyň gözüne onuňýüzi-gözi hem üýtgäp giden ýaly boldy. Birdenem ol ýüzüniaşak saldy. Öňki gürrüňini hem kesip, ümsüm oturdy. Çaýçöreginiiýip bolýança sesini-üýnüni çykarmady.Kany batyr çaý-çöregini iýip bolandan soň, hemişekisi ýalyelini eňegine ýetirmegi hem unudyp, turup gitdi. Öz işleri bilengüýmenip başlady. Aradan esli wagt geçenden soň, ol gaýanyňdüýbündäki gapylaryň birini açdy-da, Permany ýanynaçagyrdy. Perman baryp görse, bu gapynyň aňyrsy giden birullakan gowak eken. Onuň agzyny daraldyp, gapyoturdypdyrlar. Başga-da şunuň ýaly iki sany gapy görünýärdi.


Perman olaryň hem şunuň ýaly gowakdygyny aňdy. Bulardanbaşga-da bir ýany gaýa edilip, el bilen salnan bir jaý bardy.Kany batyr Permany yzyna tirkäp, gowagyň içine girdi.Duldan asylgy duran ýaraglary görkezip:— Bularyň haýsy birini götermegi halarsyň? - diýip sorady.Dogrusyny aýdanda, Permanyň atylýan ýaraglaryň hiçbirindenem başy çykanokdy. Ömründe eline alyp gören zadyhem däldi. Bu iki arada ýalan sözläbem boljak däldi. Kanybatyr oňa öten agşam seni awa alyp giderin diýse, ol ýaragsyzalyp gitjekdir öýdüpdi. Ýarag diýilýän zat ýadyna-dadüşenokdy. Indi muňa ýarag diýen zat gören zadym däldirdiýmek-de utanç. Ol bir salym geplemän durandan soňdogrusyndan gelmeli boldy. Muny eşiden Kany batyr:— Pä-heý, sen-ä!-diýip, lah-lah güldi. - Ynha bu orslaryňýekatar sözeni - diýip, onuň goluny açyp, ok jaýlap ýene aýrypgörkezdi. - Bu meniň hemişe özümiň awa alyp gidýän ýekatarsözenimdir - diýip, başga tüpeňi aýryp bir gapdalda goýdy. Olöz tüpeňine aýagam oturdypdyr, birnäçe ýerine kümüş bilezikhem geýdiripdir. - Ine muňa orslaryň bäşatar sözeni diýerler. -Ol muny hem oklap, okuny aýryp görkezdi. - Muny gazaklaryňbeýiginiň biri bir iş bitirip berenim üçin aw tüpeňi diýip, sylagetdi. - Bu tüpeňe hem aýak oturdylypdyr, iki sany kümüşbilezik geýdirilipdir. Ol ýene bir tüpeňi oklap, okuny aýryp


görkezdi, onuň nähili tüpeňdigini düşündirdi. - Ine, muňaiňlisleriň onbiratary diýerler. Muny men bir wagt Eýrandanalypdym, Iňlisleriň onbiratary diýip birnäçeleri öwseler-de,orslaryň bäşataryna ýetesi ýarag bolmaz. Hiç bir döwletiňýaragam şunça ýokdur.Sebäbi bäşatar çenän ýeriňe edil damja ýaly baryp degýär.Emma ynha iňlisleriň onbiratarynyň oky çawup gidýär. - Soňragülüp, sözüniň üstüne goşdy. - Muny ýöne şunuň ýaly as-da,ýöne çendan bir wagt daşyndan gara-da synla-da ötägit.Soň Kany batyr dula düňderilip ýatan bir agajyň eýlesinebeýlesinekakyşdyrdy. Agajyň ýokarsy bir gapak ýaly bolupaýryldy. Onuň içi doly ok eken. Kany batyr ondan gereginigöterip, iki sany hatar, bir bäşatar bilen sozany göterip daşçykdy. Bir hatara altmyş ok düzüp, Permana berdi. Yzyndanambäşatary eline tutdurdy:— Sen şu bäşatary göter.Bäşatary eline alyp duran Perman indi oňa nähili emeletjegini pikirlenýärdi. Onuň üçin munuň sesi-de bir gorkunçdy.Kany batyr eline bir agaç gabygyny alyp, ony gapdalyndakygaýanyň ýüzünde goýdy. Onsoň esli aralyga çekildi-de, pellebelläp, Permany ýanyna çagyrdy. Ilki oňa nähilioturmalydygyny, tüpeňi nähili goltugyna gysmalydygyny,tüpeňiň teýini niräňe diremelidigini, haýsy gözüňi


ýummalydygyny, nähili nyşana almalydygyny, mäşäni gysanwagtyň nähili dem almalydygyny - baryny birin-birin öwretdi.Onsoň:— Hany indi atyp gör - diýdi.Perman eli gowuşmaýan ýaly bolup, tüpeňi oklady. Soňranyşana alyp başlady. Emma mäşäni gysaýmag-a welin miltedip bilmän otyr, gorkudan ýaňa uçaýjakbolýar. Näme-de bolsa Kany batyr at diýip duransoň, mäşänigysyp goýberdi. Dogrusy okuň nirä gidenini hem duýmangaldy.— Pä-heý, ýigid-ä tüpeň atdy-ow! Öwezmyrat batyr saňahiç bir terbiýe bermändir. - diýip, Kany batyr güldi.Perman görse, oky şol gaýanyň ýüzüne-de degmändir. Ikinjiokda ýüregi bir az düşüşdi. Bu sapar gaýanyň gapbilini urdy.Üçünji okuny ondan hem ýagşyrak atdy. Aý, garaz, on ok atdy.Onunjy okda nyşananyň töweregine ýakynlady. Bolsa-da,tüpeň atmaga türgenledi, oňa höwesi hem artyp başlady. Sebäbionuň öň öz ýanyndan tüpeň atmak gorkulydyr diýip edip ýerenpikiri nädogry bolup çykdy.— Birinji saparda munça bolsa ýagşy - diýip, Kany batyrbir az hoşal boldy. Soň ol aty eltip, jaýlaryň birine saldy. Oljaýyn içi edil saraýyn içi ýaly giňdi hem şaglap duran salkyndy.Onuň içi at üçin çynaryň saýasyndanam sergindi. Sebäbi bu


ýerdedaşardaky epgek şemal ýokdy. Ýeke sowujak şemal o deşikdengirip, jaýyň içine aýlanyp, ýene bir tarapdaky biri-birine gabatbolmadyk bir deşikden çykyp gidýärdi.Kany batyr aty onuň içine boş goýberdi-de:— Bu atyň asly ýatagy şu jaýdyr. Munda öň hem känýatandyr - diýip ýola düşdi.Ol häzir öz mekanyndan awa ýa-da tokaýa başga bir iş bilençykýan wagtlarynda geýýän egin-eşiklerini geýipdi. Permanonuň yzynda edil bir çöl möjeginiň yzyna düşüp barýan biradam ýaly bolup barýardy. Japbaklar ýaly tirkeşip, gerişdengerşe,gaýadan-gaýa inip-çykyp, ep-esli ýol ýörediler.Bir beýige dyrmaşyp, ýokary başyna ýakynlan ýerlerindeKany batyr birden bir gorkunç zat gören ýaly bolup, aşakýapyryldy. Onun bir goly arkasyna baka uzap, Permanyňdepesinden indi, ugrubir degirmen daşy ýaly bolup, ony aşakbasdy. Perman allaniçiksi bolup entirekledi, ýüregi gürsüldäpagzyndan çykaýjak boldy, iki-üç ädim aşaklygyna taýyp gitdi.Kany batyr arkaýynlyk bilen aşak busulyp, sozany Permanaberdi-de, onuň elindäki bäşatary aldy. Şol arada hem olgarşydan gözüni aýyrman paýhaslanýardy. Ol tüpeňi barlapgördi-de, bir tarapa baka bukdaklap gitdi.


Perman özünde ysgyn-mydar galmandan soň, duran ýerindedyzyny epdi.Kany batyr beýle gapdallaryndaky beýigiň başyndakyüýşmek daşlara bukulyp bardy-da, tüpeňiniň aýaklaryny dikdi.Bäşataryň göçmegi bilen Permanynam ýüregi sarsyp gitdi. Gözýumup-açar salymyň içinde bäşataryň çekiji üç sapar inipçykdy, agzynda tuweleý turdy. Kany batyr ýerinden turup birseretdi-de, Permana ýör diýen yşarat etdi. Perman beýigiňdepesine çykyp seredende, şahy aýlaw-aýlaw bolup giden ikisany dag umgasynyň çäşerip ýatanyny gördi. Olaryň biri turupgitmäge synanýardy, aýagynyň üstüne daýanaýjak ýalyedýärdi-de, ýene ýykylýardy. Kany batyr alňasaman,umgalaryň damagyny çalyşdyrdy.— Baba, seniň atan okuň üçdi. Keýikler iki-le? - diýip,Perman sorady. Kany batyr:— Başdaky okumy gabatlapdym, emma welin soňkykeýikler gaçyp ugranda bir okum boş geçip gitdi. Belki, şolbeýigiň aňyrsynda ýene biri bardyr - diýdi. Perman ylgapbaryp, onuň salgy beren ýerine seretdi. Dogrudanam,keýikleriň ýene biri süýrenip şu beýigiň düýbünde galypdyreken.Kany batyr bularyň iç goşlaryny tiz döküşdirip, baryny birýere ýygnap, üstüne çöp atyşdyrdy. Ondan aňyrlygyna


aýlanmaga başladylar. Bir meýdan ýörediler. Kany batyr birdensagyndy-da:— Görýärmiň? - diýip, Permanyň ýüzüne dikildi. Perman:— Ýok - diýip jogap berdi.Kany batyr Permana daşda bolmadyk bir baýryň ýüzünigörkezdi. Perman ol tarapa üns berip seredende bir toparkeýigiň otdan doýup, gäwüş çekip ýatanyny, birnäçeleriniňbolsa entegem otlaşyp ýörendigini gördi. Ullakan bir umga goçhem bir belentlikde dim-dik bolup, töweregini synlap durýardy.— Bular her wagt nobatma-nobat birini garawulçykarýarlar. Görýärmiň ol hüşgär bolup duran goçy?- diýipdüşündirdi. “Bularyň haýsy tarapyndan barmak amatlybolarka?” diýip, paýhaslanyp durdy. “Şu uran awymyzambolýar ahyry. Tomsuň güni şundan artygyny nätjek?” diýenpikire geldi.Gün ýaňy öýle bolupdy. Uran keýiklerinden Kany batyrikisini, Perman hem birini göterip gaýtdy. Öýe gelip çaý-naharedinenlerinden soň, olar ýene töwerege aýlaň-çaýlan etdiler.Ertesi gidenlerinde, Kany batyr Permana bir topar dünýädenperwaýsyz otlap ýören keýigi görkezdi-de:— Bar-da, at! - diýip, olaryň niresinden barmalydygyny,nähili barmalydygyny öwredip ugradyp goýberdi. PermanKany batyryň diýen ýerine baryp, tüpeňini güwledip goýberdi.


Tüpeň sesi dagdan daga düşüp gitdi. Ol Kany batyr atandakyýaly çabalanyp ýatan keýik görjek bolup, ýerinden turupseretdi welin, hiç zada gözi düşmedi. Kany batyryň ýanynasömpüldäp bardy.— Seniň okuň şol agyr süriniňem birnäçe gadam birgapdalyndan baýryň ýüzüni tozadyp gitdi. Gaýta bikärkeýikleri ürküzeniň galdy - diýip, Kany batyr aýtdy.Bu gün aýlanyp-aýlanyp zat tapmadylar. Gaýtjakuçurlarynda Kany batyr iki sany keýik görüp, olardan birinialyp galdy.— Bu gün şu besdir - diýip, onuň iç goşuny döküp egnineatdy. Gezekleşip öýlerine getirdiler. Olar birnäçe güni şularýaly awçylyk bilen geçirdiler. Kany batyr Permany hemawçylyga höweslendirdi. Soň süri keýiklere duşan wagtlaryonuň hem okunyň degen wagtlary boldy. Ilki uran sapary işbitirenine begenip:— Baba, urdum! -diýip gygyrdy. Kany batyr baryp:— Sen mergen bolarsyň - diýip gülümsiredi-de, keýigepugta seretdi. Onsoň sözüniň üstüne goşdy. - Munuň ýarasyköne, muny sen urmansyň. Asyl munuňýaraman ýykylyp ýatan ýeri şu bolupdyr.Hakykatdanam, munuň ýarasyna gurt düşüp, ulalyp,ýaraman ýykylyp, çalajan bolup ýatan ýeri şu ýer eken.


Munuň ahmyryna Perman ertesi bir süri keýik duşanda, birkeýigi urdy. Emma öňküsi ýaly begençli gygyrman, ilki bilenbaryp barlady, oňa öz okunyň degendigini anyklady. Kanybatyr hem:— Bu sapar hakykat urupsyň - diýip tassyklady.Bular bir gün awa gidenlerinde aw tapman köp aýlandylar.Şol aýlanyp ýöruşlerine bir gysgajyk jülge bilen gitdiler.Munuň öňi uçut gaýa bolup aýlandy. Bu gaýa möçbersiz beýik.Üstüne abanyp dur. Munuň düýbünde oturyp bir salym dynçaldylar. Töwerek-daşyny synlap oturan Kany batyr birdengaýanyň ýuzünde bir zat görýän ýaly bolup çiňerildi. Soň:— Görýärmiň -diýip, Permana görkezdi.Perman ol bir aždarha sypatly ýylan gördümikä diýipgorkupdy. Emma munuň görkezýän zatlary ýalçy gaýanynýüzünde pökgi ýaly düwme-düwme bolşup duranzatlardy. Olar ýalçy gara daşdan gaýnap çykana meňzeýärdi.— Hanha, şolara mumyýa diýerler. Gaty gymmat zat bolardiýip,Kany batyr düşündirdi. Perman ol zadyň nämä derkarbolýanyny soranda: -Döwük üçin, agyry üçin gaty dermandyr.Bir towugyň aýagyny döwüp, şondan jöwen ýaly atdyryp,ýokaryk oklasaň, ýere düşýänçä döwügi biter diýip tarypynyedýändirler.


Ymma men ol synagy edip görmändim, ýöne şunuň gatygadyrynyň bardygyny bilýärin - diýip gürrüň berdi.— Onuň ýokarsyndanam, aşagyndanam barar ýaly däl. Onynähili alýarlar? - diýip, Perman ýene sorag berdi.— Ony tüpeňläp alýandyrlar. “Mumyýa tüpeňlän ýaly”diýip eşitmänmidiň - diýdi-de, Kany batyr tüpeňini eline aldy. -Men tüpeňläýin. Sen nirä düşenini gözüňden ýitirme.Kany batyr ol mumyýalary ýeke-ýekeden tüpeňlemägebaşlady. Bäşataryň oky düwmäniň düýbünden degip uçurýardy.Perman onuň nirä düşenine seredýärdi. Kany batyr şeýdip ononiki sany düwmäni gaçyrdy. Başga-da kän ownukdüwmejikler bardy. Olaryň arasynda juda owunjaklary hembardy.— Bulara degmäli, ulalsyn - diýip, Kany batyr olarytüpeňlemedi.Perman ýere gaçan mumyýalaryň baryny ýygnaşdyrdy.Olaryň reňki birhili goňras bolup, günüň şöhlesine edil saryçüýşe döwügi ýaly ýylpyldaýardy. Daş diýseň, daş däldi, çüýşediýseň çüýşe däldi. Birhili ýylpyldaşyp duran goýy bir zatlardy.Biziň bu awymyz adamlar üçin gaty peýdaly. Mundan başgabize bu gün aw geregem däl - diýip, Kany batyr Perman bilentirkeşip öýüne baka gaýtdy.


Bu gije hem Kany batyr hemişekileri ýaly ýerine girenbadyna myrlap uklady, hor çekip başlady. Munuň uklamasyhem aňsat, oýanmasy-da edil şonuň ýaly. Kiçijik bir şygyrdaoýanýar. Perman bolsa köp wagtlap uklap bilmän, içinigepledip ýatdy. Ýaňy ymyzganjak bolup, gözlerini süzüpdi. Şolwagt hem gulagyna tokaýdan jynssyz bir üýtgeşik ses eşidilenýaly boldy. Gözleri ýalpa açylyp gitdi. Sebäbi Kany batyrýatmazlarynyň öň ýanynda bir gorkunç wakany hekaýa edipdi.Ol bir gün açygrak bir ýere awa gidipdir. Güýzüň günleri olkän keýik awlapdyr. Ol gün gaýtmaga giç bolup, şol ýerdeýatmaga galypdyr. Ähli uran keýiklerini hem öz ýanynaýygnapdyr. Agşam namazy wagtlary ot ýakyp, şara bişirmägeoturypdyr. Ol ýaňy oda atan şaralarynyň ýetişenini bir ujundaniýmäge başlanda, bir uzyn hem daýaw, seçelenip duran tüýleribolan aýylganç bir zat gelip, munuň edil garşysyndaoturypdyr. Kany batyr gorkusyndan ýüzüni galdyryp bilmän,ýeke iýip oturan şarasyndan bir kakmajy onuň öňüne oklapdyr.Ol lak-luk agzyna atypdyr. Ýene oklapdyr, ýene iýipdir. Kanybatyr şeýdip bäş-alty sapar kakmaç oklapdyr. Ol üýtgeşikjandar hem oklanyny iýipdir-de, iň soňunda sessiz-üýnsüzturup gidipdir.Kany batyr “bu şol adam aýysy diýilýän peläket bolsa gerek.Bu saparky gidişi bilen kanagatlanmaz bu. Ýene-de geler”


diýen wehim bilen gapdalda bolan bir gowagyň agzyna daşörüp, ony daraldýar. Agzyny ýapar ýaly hem bir daş goýup,özüni şona atýar. Ondan öňürti ýaňkynyň geljek ugrunda uzynüýşmek daş ýasap, onuň üstüne-de arkasyndaky içmek derileriýapyp, baş ujunda hem telpegini goýupdyr. Onsoň gowagyňagzyndan tüpeňini çykaryp, seredip oturypdyr. Aý süýt ýalyaýdyň eken. Hälki ilki agşam gelen gorkunç zat aňyrdan batlygelipdir-de:— Ah! - diýip, içmege iki penjesini ýazyp urupdyr. Edil şolwagt Kany batyr hem bir gülläni süwüpdir. Tüpeňiň zenzelesidagdan-daga düşüpdir. Emma ýaňky gorkunç zadyň çirkin sesiondan hem beter bolupdyr. Ol ala-gykylyk edip gaçyp gidipdir.Ertesi Kany batyr adamyň yzyna meňzeşräk bir yzyň üstünegan dökülip gidenini görüpdir. Ony yzarlamakdan elli-bizargeçen, uran awyny göterip, ol ýerden tiz gaçypdyr.Kany batyr şu hekaýany gürrüň berip otyrka, Permangorkusyna içgin-içgin süýşýärdi. Ol Kany batyryň şunuň ýalygorkunç hekaýalaryny her gün diýen ýaly diňleýärdi.Perman bu gorkunç hekaýany ýaňyrak eşideni üçin, ýaňkygorkunç sese gözleri ýalpa açyldy. Kellesini galdyryp, birmeýdan diň saldy. Aty hem gulaklaryny keýerdip, gözlerinitokaýa baka dikip durdy. Hemişe ýekegapanyň sesinden başgases gulaklaryna ilmezdi. Diň salyp durka, ýaňky jynssyz ses


ýene bir sapar gaýtalanyp, soň gulagyna gelmedi. Ýöne indionuň gözleriniň ukusy gaçypdy. Her niçikdir, ahyry daňa golaýymyzgandy. Ertirden soň ol gijeki ses hakda Kany batyragürrüň berdi.— Bu tokaýda doňuzdan başga möjek bolup bilmez, buýere gelibem bilmez - diýip, Kany batyr Permanyarkaýynlaşdyrmak üçin ynam bilen aýtdy.Emma Perman şol gijeki sesden soň arkaýynlaşar ýaly däldi.Onda diňe alaçsyzlygyň arkaýynlygy galypdy.Bu gün hem çaý-çörekden soň, hemişekileri ýaly awlamagaçykdylar. Her gün bir tarapa ýüzlenýärdiler. Bu gün ir bilençykan ýerlerinde “wah” diýlen ýaly, üç sany keýige duçarboldular. Kany batyr el ýüzünden diýen ýaly tüpeňlände,keýikleriň biri ýykylyp gitdi. Kany batyryň endigine görä,äwmezlik bilen ýykylan keýige ýakynlan wagtlarynda, ol turupökjäni göterdi. Olar aňk-taňk bolup, yzyndan atmaga-daýetişmediler. Ýeke ýaratynyň gan döküp giden yzyny alypugradylar. Emma gaty kän kowaladylar. Bu ýaraty keýik olaryleç etdi. Onuň şol ýykylman gidip oturyşy. Şo barmaka keýikolaryň gözlerindenem ýitdi. Soň bir ýerde onuň ganynyň yzynyhem ýitirdiler. Şondan soň Kany batyr:— Her haýsymyz bir ugra gideli - diýdi. Perman bir ugra,özi-de bir ugra gitdi.


Perman ýaňy öz ugruna ýönelen badyna, Kany batyr onysaklap, gürrüň bermäge başlady.— Meniň iki sany awçy dostum bardy. Olar her wagt-herwagt awa gelerdiler. Ulagly-zatly, ýatym şaýlary bilen üpjünbolup gelerdiler. Olar bir sapar gelenlerinde, biri ikinjiň biriniňmeýdini ulaga ýükläp alyp gaýtmaly boldy. - Ol elindäkitüpeňiniň teýini ýere diräp, ýene sözüni dowam etdi. - Olaryňher haýsy bir ugra ýüzlenip, aw gözläp başlapdyrlar. Awakelleleri gyzyp, gaty kän gözläpdirler. Ahyryikisi biri-birine gabat ugranlaryny duýman galypdyrlar.Aralaryna bir geriş düşüpdir. Bukulyşyp, gerşe ýapyşypbarýarkalar, birden biri bir zat gözüne ilende, awdyr öýdüpatyp goýberipdir. Ýere “wah!” diýip ýykylan wagty, onuň özýoldaşy boldugyny aňypdyr. Aw diýilýän zat gaty gyzgalaňlyzat bolar. Habardar bolmak gerekdir.Ol Permana habardar bolmagy sargap, öz ugruna gitdi.Perman hem ugrady. Birnäçe ýerleri aýlandy. Öz göwnüneuzak ýerlere gidendirin öýdýärdi. Ol bir tokaýyň ýakasy bilenbarýarka, birden uly hasyrdy gulagyna geldi. Bir gapdalynaseretse, iki sany möjegiň özüne tarap okdurylyp gelýäninigördi. Ökjäni göterdi. Emma ädimi goşulyp, duşaklanan ýaly,gaty gaçyp bilmeýärdi. Heniz uzak gitmändi. Bir öwrümdegabat gelen böwürsleniň aşagyna özüni urdy. Her niçik-de


möjekler ony ýüzüniň ugruna gidendir güman edip, duşundangeçdiler.Böwürsleniň tikenleri Permanyň ýüz-gözüni pers-ala etdi.Her hile-de bolsa, böwürsleniň içinde boştagrak bir ýer tapdy.Uýluklary saň-saň edip, özüni saklap bilenokdy. Ol birsagatdan gowrak ýatyp, özüni zordan raslap bildi. Indimöjekler gidendir güman edip, emaýlyk bilen böwürslendençykyp ugrady. Ýaňy tokaýyň ýakasyna ýetip barýardy. Birgapdalynda dörän hasyrdyny aňyp, ýakynynda bir mähnetçynara baka ökjäni göterdi. Ol baryp, çynara dyrmaşyp, aşakşahasyndan ökjesini ýaňy ýokary göteripdi. Aňyrdan hasyrdapgelen möjeklerin biri gelşine bat alyp zyňdy, Permanyňaýagyny ýaňyja göteren şahasyna ýetdi. Her niçik-de bolsa,Perman özüni ýokarrak saýlamaga ýetişdi. Bir ynjalykly ýertapyp, çynaryň sütünini berk gujaklap oturyşyna deminidürsedi.Möjekler çynara dyrmaşyp, ýene aşak düşüp, arlaşýardylar,dyzynyşýardylar, çynaryň töwereginde pyrlanyşýardylar. Ikigözleri-de Permandady. Möjekleriň biri kiçidi, tüýi ýukady,syplaňdy. Emma biri gaty ullakandy. Munuň art tarapysyplaňrak görünse-de, öň tarapy omuzlary bilen bugranyňkyýaly seçelenip ýatan tüý bolup durdy. Onuň kellesi ineriňkiýalydy, göwresi gaty ýasy görünýärdi. Ol kä wagt bir gapdala


çekilip, it oturyşyny edip oturýardy. Ol beýle bir gaharjaňamdäl ýaly görünýärdi. Bolşy: “gel, şuňa degmäli” diýýänemeňzeýärdi. Emma kiçisi gaty gaharjaňdy. Çynaryň daşyndanaýrylman, ters öwrülýärdi. Hamala, bir daban yza tesäýse,Perman gaçyp ötägitjek ýalydy. Onuň Permana bolan azymygaty köp ýaly görünýärdi.Perman näme etmelidigini onap-çenäp kän oturdy. Ahyryözüni mazaly ele alyp, pikirini bir ýere çugdamlady.Bäşataryna bäş ok basdy. Çynaryň şahalarynyň arasyndaatlaýyn oturyp, örän gaýymlandy. Çynaryň şahasynyňarasyndan bäşatary uzadyp, çynaryň düýbüni saklap oturan kiçimöjegiň iki gözüniň arasyny baglady. Pugta nazar alyp, mäşänigysdy. Möjek jan howluna arkanlygyna zyňdy. Baryp düşenýerinde aýaklaryny kakyşdyryp başlady.Uly möjek aňk-taňk bolup töweregine bir garanjaklady-da,ylgap ýoldaşynyň ýanyna bardy. Ysgaşdyran badyna nämäniňnämediginegöz ýetirip, bir gorkunç arlady. Gazap bilen çynarabaka topulyp, köp urundy. Perman ony hem tüpeňläp başlady.Birinji oky çala degdi. Ikinji oky ony ýaraty etdi. Ondan soňjanajygyna has-da gazaplanyp başlady. Çynary çeýnemägedurdy. Dördünji okda Perman ony urup ýatyrdy.Bular jögülik edip ýatan bolmasyn diýen wehim bilen,Perman çynaryň üstünde ýarym sagat çemesi oturdy. Agaçdan


düşäýse, onuň göwnüne gapdaldan ýene bir täze möjek peýdabolaýjak ýaly bolup durdy.Ahyrynda ýuwaşlyk bilen çynardan düşdi. Möjekleriňölüdigini-diridigini barlamag-a beýlede dursun, hatda olaryňdemi-de bolsa duýmasyn diýip, pişik basyşyny edip, aýagynyhem çybşyldatman ýeňsäni el ýaly etdi.Ep-esli ýöränden soň, indi arany açan bolsam gerek diýip,az-kem arkaýynlaşdy. Ýaňy bir beýige dyrmaşypdy. Birden bubeýigiň etegindäki kiçijik tokaýdan bir gütürdi, hasyrdy,zenzele gulagyna geldi. Ol munuň yzyny aňşyryp-anşyrman,möjek edil garşymdan peýda bold-ow diýen pikir bilen ýüregigopup, bir gapdala ökjäni göterdi. Gaty açykda bolmadyk biruçut gaýa-da ýetmäge howlukdy. Ýolda uçran bir arçadyrmaşdy. Arçanyň ýokarsyna çykyp yzyna garady. Seredipotursa, yzynda hiç hili tozan görnenok. Ondan soň oturanýerinden etekdäki tokaýyň içini pugta gözden geçirip başlady.Tokaýyň ortaragynda bir agajyň düýbünde nähilidir bir jandaröz başyna hasyrdaýardy, tozan turuzýardy. Perman bu it aýysybolsa gerek diýip pikir etdi. Bir az salymdan soň ol jandaraýylganç bir bögürip goýberdi. Onuň sesi tokaýa düşüpýaňlandy. It aýysynyň sesi bolmadygy mälim boldy. Olhaýwanyň sesinden nähili hem bolsa zor görüp, gyssanypbögürýändigi bildirip durdy.


Perman tupeňini alyp, ýuwaşlyk bilen oňa tarap ugrady. Olagaçdan bu agaja bukup ýakyn bardy. Munuň dagumgasydygyny ýagşy seljerenden soň, onuň ýanyna bardy. Buullakan bir dag goçy bolup, munuň möçbersiz ullakan aýlawaýlawbolup giden şahlarynyň bir ýan tarapy kellesini oýkanwagtynda bir uzyn syrdym agaja ilip, mäkäm bolup galypdyr.Goç ondan sypjak bolup dyzynypdyr, dyzyndygyça-da beterjaýlaşyp, şahyň iň ýogyn ýeri agajyň biline düşüpdir. Goçdyzynyp, aýrylyp bilmän, özüni gütde-gütde ýere urupdyr.Şeýdip sürüdenem galypdyr.Goçuň bolup durşyny synlap Perman ol ikinji tarapaburulaýsa, gutulyp biljegine gözüni ýetirdi. Özüniň aňlan buýoluny goç hem aňlap barýan ýaly bolup, ol muny almagaalňasady. Gaýrarak çekildi-de, goçuň goltugyndan bir ok urdy.Goç lägirip ýykyldy. Şahy-da agajyň duzagyndan sypdy.Şol wagt Kany batyr hem garşydaky beýikden aşak indi.Perman Kany batyra bolan wakalaryň baryny gürrüň edipberdi. Diňe böwürsleniň aşagyna girip masgara bolşunyaýtmady.Goça Kany batyryň biçak haýpy geldi.— Beýle biperman duran janaweri atmak gerek däldiahyryn - diýip, Permana käýinip başlady. - Ol senden nyjatdiläpdir ahyryn. Goly-aýagy daňylgy, senden haraý gözläp


duran jandaram bir öldürmek bolarmy? Onuň bir tarapyndangaralda berip, boşanjak ugurragyna gaýtarmak bilen sypdyrypgoýberseň bolmadymy. Ýaşlyk edipsiň...Kany batyr öňem Permana şunuň ýaly bir wakany gürrüňberipdi. “Keýikleriň höwre gelen bir wagtydy. Iki goç uruşedip, köp urşup ahyrynda olaryň şahlary biri-biriniňkä ilip,biperman galypdyrlar. Olary biz iki adam bolup boşadypgoýberdik” diýipdi. Emma duzakdaky awa gözi düşen PermanKany batyryň bu gürrüňini huşundan çykarypdy. Ol hem indiöz eden işine Kany batyrdan kem gynanmady. Kany batyrahyry:— Bolýar-da, oglum, ýaşlyk edipsiň-diýip, goçuň içgoşlarşy döküp göterdi.— Ine, bu ýolbarslary welin oňarypsyň - diýip, Kany batyrPermanyň goşa ýolbars awlanyna begendi! -Her kim senpeýwagtyňa gezip ýörkäň, seni öldürmegiň kastyna çykyp,ustüňe hüjüm etse, sen maý tapsan, oňa ýalbarmagyn. Urgun,öldürgin. Öldürmeseň, ol seni öldürer.Kany batyr ýolbarslary tiz pursatda ýüzüp, hamlaryny aldy.Olaryň ulusynyň erkek ýolbarsdygyny, kiçisiniň bolsa urkaçyýolbarsdygyny aýtdy.Olar awlaryny göterip gaýtdylar. Mekanlarynyňgarşysyndaky öz tokaýlaryna gelip ýetdiler. Kiçiräk bir beýige


çykan wagtlarynda, Kany batyr birden aýak çekdi. Aýagynyňaşagyna pugta-pugta seretmäge durdy.— Tokaýa del möjekler girip başlapdyr - diýip, aýagynyňastyndaky yzlary Permana görkezdi. Perman ýasy penjeleriňýasap giden yzlaryny gördi. Şol gijeki gorkunç ses ýadynadüşdi.Olar mekanlaryna baryp, çaý-nahar edindiler. Nahardan soňKany batyr aty dagyň üstünde eýläk-beýläk gezdirmäge çykdy.Ertesi ir bilen bolsa, Permana çaý-nahar berip:— Hoş, alla ýaryň - diýip, ýola salyp goýberdi.PERMANYŇ MYHMAN ÝERIPerman gök gabsaly derwezäniň agzyna atyny sürüp bardy.Şol wagt gün gyzar ikindi ýerine ýakynlapdy. Sörtük şemalniredendir bir ýerden tamdyrdan täze çykan çöregiň ýakymlyysyny getirýärdi. Bu derweze Permanyň babasynyň salgy berenderwezeleriniň biridi. Ony Perman kynçylyk çekmän tapdy. Olaňyrdan “babamyň salgy beren howlusy şol howly bolsa gerek”diýip gelýärkä, öňünden bir oglanjyk çykdy. Ol oglanjykdanpylanynyň howlusy hany? diýip soranda, ol oglanjyk elindäkitaýagyny uzatdy-da, “Honhalekga!” diýip, Permanyn özüniňnazarlap gelýän howlusyny görkezdi.


Perman howlynyň derwezesiniň agzynda atynyň başynyçekende, howlynyň içinden ala-gopgun, zenzele eşidildi. Ol özýanyndan:— Ýene-de bir agyr maşgalaly howla duçar geldim-ow -diýip oýlandy hem öz-özünden sussy basyldy. Ýaýdanjyrap eslidurdy. Bu Permanyň sekizinji myhman boljak ýeridi. Mundanozal Kany batyryň ýanyny hasap etmäniňde, ýedi obada ýediýerde myhman boldy. Ondan ozal ol ne ýolagçy ne-de myhmanbolup görüpdi. Bu zatlar onuň görüp-eşiden zady däldi. Şonuňüçinem oňa birine myhman bolmak zyndandanam ýamangörünýärdi. Ilki bilen salamlaşmak, tanyşmak, soň hoşlaşypugramak - myhmançylygyň ine şunuň ýaly resmi adatlarynyýerli-ýerinde ulanmak oňa hemme zatdan agyr düşýärdi. Ol buzatlary bilenokdy, başy hem çykanokdy. Ýöne tanyşmak bilenhoşlaşmagyň arasynda welin ol dymyp oturmagy oňarýardy.Sebäbi dymyp oturmak, diňe bir zat soralanda gysgajyk jogapbermek onuň asly endigidi.Şonuň üçinem Perman her gezek myhman ýeriniňgapysyndan ýaýdana-ýaýdana barýardy. Myhman bolanyndanbeýlägem hoşlaşyp ugramagyň gaýgysyny edip başlardy.Ol uzak ýolda dürli-dürli adamlaryň öýünde myhman boldy.Olaryň gylyk-häsiýeti-de, gün-güzerany-da, edep-ekramy-dabiri-biriniňkä meňzemeýärdi.


Permanyň birinji saparky myhman bolan ýeri köp elli,agzybir ýaşaýan bir agyr maşgalady. Maşgalanyň ýaşulusyÖwezmyrat batyryň dostudy. Ol garrapdy. Emma häzirem işeýararlygy bardy. Şeýle-de bolsa, töwerekden kömek köpbolansoň, oňa ýatan çöpi gymyldatdyrmaýardylar. Onuň bäşogly bardy, hemmesi hem öýlenipdi. Iň uly oglunyň üç sany işeýaran ogly, ondan kiçisiniň iki sany işe ýaran ogly,üçünjisiniňem bir işe ýaran ogly bardy. Gyzlarynyňam ýetişip,işe ýaranlary bardy. Olaryň her haýsynyň öz öýi bardy. Ýöneýatak jaýlary aýry bolsa-da, olar nahary bir saçagyň başyndaiýýärdiler.Ýaşuly oturan ýerinden ogullaryna maslahat berip, etmeliişlerini aýdyp oturýardy. Onuň aýaly bolsa gelin-gyzlarynaserenjam berýärdi. Bu maşgalada uludan-kiçä edil biri-biriniýitirip tapan ýalydylar.Perman bu maşgala myhman bolup düşenden soň berlensoraga:— Owezmyrat batyryň agtygydyryn - diýip jogap berdi.Muny eşiden ýaşuly şatlyk bilen:— Hany, onda görşeli - diýip, iki goluny uzadyp geldi.Perman görşenden soň sözüniň üstüne goýdy. - Sen asylmyhman däl oguşýan, asyl maşgalamyzyň birisiň.


Ýaşuly Permanyň üstüni soragdan gömdi. Perman bolsa:“hawa” ýa-da “ýok” diýip, bir söz bilen jogap berip oňýardy.Munun gaty ýygradygyny gören ýaşuly:— Sen tutulan guş ýaly bolup oturma. Edil öz öýüňizdeýaly bol - diýip, kän aýtdy. Ahyry hem ol Permany ugratmakçybolanda, hasasyny eline alyp özi ýola çykardy. Ýagşy ýolasalandan soň ýene:— Baran ýeriňde beýdip tutulan guş ýaly bolup otursaň,bir-ä özüňi horlarsyň, onsoň baran ýeriňem azara goýarsyň.Adam diýeniň edil emejen guzy ýaly bolar. Eşitdiňmi? - diýippugta sargady.- Hoş, bar, alla ýaryň bolsun.Ol Permany ugradyp, özi bir tümmejigiň üstünde hasasynyýere diräp çommaldy.Permanyň mundan soňky myhman bolan ýerleri mundanamartyk hezzet-hormat etdiler. Hemme ýerde hem oňa dymypoturmagyny taşlamagy, özleri bilen öz biri-biri ýaly bolmagymaslahat berdiler. Emma olaryň Permany gepletjek bolupedýän tagallalary biderek bolup çykýardy. Perman haýaperdesini syryp taşlamakdan ejiz gelýärdi. Ýogsa ol ýolaçykandan soň her gezek öz-özüne: “Gel, şu utanjaňlygymy,dymmalygymy düýbünden taşlaýyn” diýip, bu häsiýetinitaşlamagy pugta ýüregine düwdümem edýärdi. Dogry, ol soňkymyhman ýerlerine baranda juda ilki gezekdäkisi ýaly däldi.


Ýöne şonda-da ol her gezek täze gapydan baryp salam berjekbolanda, edil ýaga depjek ýalydy. Agzyny zordangymyldadýardy.Häzir onuň gök gabsaly derwezäniň agzynda içerideneşidilýän goh-galmagala diň salyp, ýaýdanjyrap durmagy hemşonuň üçindi. Ol gapyny nähili açdyrjagyny bilmän, esliwagtlap daş-töweregine garanjaklap durdy. Töwerekde-de,howlynyň içinde-de hiç kim görünmeýärdi.Ahyry ol elindäki gamçysynyň sapy bilen derwezäniňgapysyny tyrkyldatdy. Içerdäki goh sem bolup, gykylyk ýatanýaly boldy. Aňyrdan biriniň:— Derwezäni biri urýar, bar seret! - diýen sesiý eşidildi.Derweze açyldy. Aňyrdan ýigrimi ýaşlar töwereginde ýaňymurty taban bir ýigidiň ýüzi göründi. Perman:— Salawmaleýkim - diýip, ýuwaşja seslendi.— Waleýkim essalam-diýip, ol ýigit Permana ikinji gezekgepläre maý bermän, derwezäniň bir taý gabsasyny açdy-da,ony saklap durşuna dowam etdi. -Geliň-de, giriberiň.Her niçigem bolsa, Perman özüne zor salyp:— Şu howly Pirguly begiň howlusydyr-da hernä? - diýipsorady.— Edil özüdir. Giriberiň-diýip, ýigit gülümsiredi.


Perman atyny sürüp, derwezeden girdi. Atdan düşen badynaýaňky ýigit, onuň atyny tutup, gazyga alyp bardy, oňa ot-iýmbermek bilen boldy.Perman tamyň işigindäki dalanyň aşagynda ör aýak üstündeduran daýaw, syratly, sakgalynyň köpüsi agaran görnükli biradama baka ýüzlendi. Onuň egin-eşikleri gaty sypaýygörünýärdi. Ol Permana baka nazaryny dikip durdy. Permanbolsa bärden barýarka “şunuň bilen görüşsemmikämgörüşmesemmikäm?”diýen pikiri ýüreginde gaýnadypbarýardy. Perman ýaşulynyň edil alkymyna baryp:— Salawmaleýkim - diýip ýuwaşlyk bilen seslendi.— Aleýkim. Aman-esenlikmi? Saglyk-gurgunlykmy? -diýip, ýaşuly alçaklyk bilen saglyk-amanlyk sorady. Onsoňyzyny üzmän: - Kimlerden bolarsyň, oglum? - diýip sorady.— Owezmyrat batyryň agtygýdyryn - diýip, Permanýuwaşja aýtdy-da, zordan başyny galdyrdy. Ýaşuly bu sözieşiden badyna:— Bo-how, onda sen biziň hem dostumyz, hemdoganymyz bolýaň! - diýip, uly şatlyk bilen gykylyk edip, ikigoluny serip, Permana baka topuldy. Onuň bilen görşüp, dalanaalyp çykdy. Permany dalanda goýup, özi tama ylgap girdi-de,bir owadan gülli keçäni çykaryp gapa ýazdy. Permany ulyhormat bilen düşek üstüne geçirdi.


Şonuň ýaly hormat edilip başlandygy, Permanyň hasamsussy basylýardy. Sebäbi beýle hezzet-hormat onuň görüpeşidenzady däldi.Pirguly begiň özi düşege geçip oturmazdan ozal ogluna bakagygyrdy:— Sähetmyrat, bu gelen biziň dogan ýaly görýändostumyzdyr. Ýönekeý bir gelen myhmandyr diýip oýlamagyn.Onuň aty ýadawdyr. Uzak ýollary söküp gelendir. Ýorunjanytämizläp, gyryp bergin.Şu gün Permanyň atynyň bolşuna göwni ýetmändi. Olnähilidir bir kem tapynan ýaly bolup durdy. Özem ony diňe şugün ertirden soň duýupdy. Şonuň üçinem ol: “şu gezekki baranýerimde esli gün galmaly bolaryn-ow” diýip oýlanýardy.Häzir oňa atynyň ýagdaýy hakda gürrüň gozgara maýbolupdy, emma ol utanyp sesini çykaryp bilmän otyrdy.Onýança Sähetmyrat:— Kaka, şu ata-a özüň seretseň ýagşyrak bolardy - diýipgygyrdy. - Munuň bir az-kem ýetmezi bar. Ony aňlajagambolýan. ýöne birden ýalňyşaýmaýyn. Ýöne, göwnüme, atgolawran ýaly...— Şeýlemi? - diýip, Pirguly beg atyň töweregindenaýlanyp, oňa içgin-içgin syn edip ýören oglunyň ýanynaýöneldi. Baryp, ol hem atyň töwereginden aýlanyp syn etdi,


onuň goltuklaryny, aýaklaryny barlap gördi. Ogluna iýtdirip,aýladyp hem seretdi. Ondan soň ol: - Aý, şeýle gorkuly hiç birzat ýok. Ýöne tosun duran at uzak ýola ýörändir. Düýn birazajyk bijaýrak sürlüpdir. Şondan başga kemi ýok. Ertirözümem ederin - diýip, ellerini kakyşdyryp, Permanyň ýanynagaýtdy.Hakykatdanam, düýn Perman aty gaty bijaý süründi. Olýolda bir ýaşula duşupdy-da, ol ýaşuly gaty göterim eken. OlPermany-da götergiläp, ikisi atlaryny biçak gaty çapypdylar.Pirguly beg Perman aty çapanda edil ýanynda duran ýaly,aňyrdan gele-gelmäne:— Düýn aty biçak çapypsyň! - diýip, kesgin aýtdy. Permanýeke agyz:— Şeýle bolandyr - diýip boýun aldy.Soň ataly-ogul ikisi çaý-nahar aladasy bilen güýmendiler.Şu işiň arasynda Pirguly beg Permana sowal üstüne sowalberýärdi.— Öwezmyrat batyryň haly neneň?— Ýagşy.— Biçäre gaty garran bolsa gerek?— Hawa, garrapdyr.— Biçäräni görmänime gaty kän wagt boldy. Ölmänkäk birgörüşmek arzuwyndadyryn.


Pirguly beg öz işi bilen gümra bolup ýörşüne şunuň ýalysoraglarynyň yzyny kesmeýärdi.Permanyň bu howlynyň agzyndan gelendäki eden çakyçykmady. Ol bu öýde gol doly çaga-çugaly maşgala görjekdi.Emma howluda şu ataly-oguldan başga yns-jyns ýokdy.Ataly-ogluň soňky gürrüňlerinden Perman ýagdaýa gözýetirdi. Bularyň bar maly bir at bilen bir arwana eken. Agşamolaryň öňüne taýýar duran oty kimiň atmalydygy barada atalyogulbiri-birine igenişip, galmagaly hem şonuň üstünde edýärekenler.Ataly-ogluň ýene-de bir endik eden däbi bardy. Bular hergün agşam palaw bişirinip iýýärdiler. Günortanlar etini ýagadaglap, käşirini gowrup, suwuny guýup, gaýnadyp goýýardylar.Ol gazan tä ikindä çenli gaýnap durýardy. Ikindinler tüwüsiniatyp, buglap goýýardylar.Pirguly beg gapdalda bir çanakda tüwi ýuwmaga oturdy.Özem henizem Permana sorag bermesini goýanokdy.— Sen batyryň ogul agtygymy? Ýa-da gyz agtygymy? - OlPermany darykdyrmajak bolan borly, soragyny düşündirmägedurdy. - Muny soraýanymyň sebäbi bar. Batyryň ýekeje oglybardy. Ol hem heniz öýlenmenkä aradan çykdymyka diýýärin.Ine, şondan soraýşym.


Sähetmyrat semawara ot salyp duran ýerinden Peryandan öňgürledi:— Ony bilýän bolsaň nätjekdiň sorap? Diýmek, gyz agtygybolar-da. Ol belli zada.— Soramagyň näme aýby bar - diýip, Perman bu ikisiniňarasyna bialaç düşmeli boldy. Dogrudanam, ataly-ogluň bolşy,Permany ýaňra etjekdi, ýüzüni açjakdy. Ol oturyşyny bir azajykdüzetdi-de sözüniň üstüne goşdy. - Dogry-la, soramagyň aýbyýok. Men Öwezmyrat batyryň gyz agtygy. Emma mençagalygymdan onuň eline galdym.— Uzak ýola şu birinji sapar çykyşyňdyr? - diýip, Pirgulybeg ýene Permana sorag berdi.— Hawa, şu birinji sapar.— Öwezmyrat batyryň seni şu gorkuly ýola ýekeugradyşyna geň galýaryn. Sen häzir näçe ýaşyňda? Bolaýsaň,ýa on bäş, ýa-da on alty ýaşyňdasyň. Şondan-a kän däldir.— Ýaňy on bäşimi dolduryp, on altyma gitdim.— Aý, şeýlesiň-le. Men bilýärin-le - diýip, Pirguly begçalaja ýylgyrdy.Ogly atasynyň Permanyň ýüregine düşüp oturyşynyhalamadyk borly, kakasyna kinaýaly igendi:— Kaka, bilip bolmaz, men bir wagt hudaý bolaýsam, senisoragçy edip, mizanyň başynda goýaryn. Başga bir ýerden


soragçylyga ökde adam gözlemeli boljak däl. Men hudaýbolaýsam, soragçym öz ýanymdan önjek, şo bir gowy zat. EdilNekalaýyň soragçysy ýaly, öliň soragyny soraýarsyň. Adamsowalyň baryny birden gutarjak bolup durmaz-a. Ertir bar,birigün bar, ol ara-da birneme goý ahyry.Pirguly beg hem oglundan pes oturmady:— Beýle bolsa, sen hudaý bolmabilseň ýagşydyr. Bolmasa,meni bendiwan edip, gezmegimden goýarsyň.- Ol sözüneazajyk dyngy berdi-de, oglunyň üstüne täzeden sürnüp başlady.- Näme seniň indi meniň agzymy daňmak hyýalyňam barmy?Dost meniňki, dogan meniňki. Sowal bersem, men berýärin.Seniň onuň bilen näme işiň bar?— Işim gaty bar. Dostuň asly düýbi seniňki bolsa-da, oldüýp beýle-de galypdyr. Bir hasapdan bu meniň doganymbolýar. Onuň üçin hem işim gaty bolar.Mundan soň ataly-ogul ikisiniň jedelli gürrüňi bir azýeňleşdi. Pirguly begiň Permana sorag bermesi hem azaldy.Gök çaýyň başynda ataly-ogul ikisiniň arasynda degişmeklik,şowhunly gürrüň başlandy. Gyzykly, gülşükli gürrüňler diňläp,Perman hem myhmanlygyny ýadyndan çykaran ýaly boldy.Çaýdan soň palaw iýdiler.Ertesi çaýdan soň, Pirguly beg atyň eýlesine-beýlesineseredişdirip, oňa em etmäge başlady. Perman bilen Sähetmyrat


ikisi bolsa tamda ýatyrdylar. Şol wagt Pirguly begiň ýanyna birýaşuly geldi. Ol ýaşulynyň daşyndan seredeniňde bir bedroýgörnüşi bardy. Onuň garaýagyz ýüzi bütinleý demrewlänýalydy. Sakgalynyň köpüsi agarypdy. Sähetmyrat oturanerinden elini salgap ol adamy görkezdi-de:— Görýärmiň, Perman, meniň kakamyň tirkeşýänadamlaryny. Meniň gijeki degişmelerim gaty myjabatam däldir- diýip ýylgyrdy. - Şu adamyň gülenini ýa-da ýylgyranynygören adam ýok. Emma meniň kakamyň ýanyna gelende şu-dagülýär. Gördünmi?Ol adam edil Sähetmyradyň sözlerini tassyklaýan dek,gelşiksiz bir ses bilen gülüp goýberdi. Görnüşine görä, Pirgulybeg oňa gülkünç bir zat aýdan borludy. Sähetmyrat kakasyhakdaky gürrüňi dowam etdi.— Meniň kakam aslynda bir jalaý, beg kişi bolupdyr welin,soňky wagtlarda-ha hasam beter jahylsyraýar. Munuň edipýören işine özi düşünýän bolaýmasa, adam düşünjek gümanyýok. Meselem, şu gün obanyň gaýra başynda bir aýaldan matadabolsa, başga bir zadam bolsa, bahalan ýerine alyp gidýär.Obanyň ileri çetine baryp bir heleýe otuz manat ýa-da kyrkmanat peýdasyna satýar. Käwagt bir matany ýüz elli manadaalyp, soňra dilenen ýerine ýüz manada berip, elli manat zyýançekýän wagtlary hem bolýar. Munuň söwdasy diňe heleýler


ilen. Peýdasyna-zyýanyna özi düşünýän bolaýmasa, başgadüşünýän adam ýok. Aty hem hemişe aýagynyň aşagynda. Birgörseň, ondan çykýar, bir görseň mundan. Obanyň içinde birdul heleý bar. Täzeräkden bäri şoňka gatnamany çykarypdyr.Ol aýalyňka jahyllar ýygnanyşyp, deňňene bişirinýärler. Ine buhem edil şol jahyllaryň biri ýaly bolup, şoňkuda her gün agşamdeňňenä goşulýar. Bir gün pälim azan ýaly bolup, otrulyşyk bardiýseler, men hem şol dul aýalyňka baraýmanmy? Men ol ýerekakamyň barýanyndan bihabardym. Otyrkak jahyllaryň biri:“Geliň, deňňene edineliň!” diýdi. Beýlekilerem: “Geliň-de,geliň” boluşdylar. Her kim ýetdik puluny çykardy. Ýeser ýalymenem pul çykardym. Heniz palawyň ýagam ýakylmandy.Işikden kakam, ýene biri tirkeşip girdiler. Olary töre geçirdiler.Men bir çeträkde garaňkylyga busuldym. Kakam: “Deňňenedebiz hemişe paýdyrys. Gelsek-gelmesek-de, biz bir paý bolupdurmalydyrys. Men öňünden aýdyp goýandyryn” diýip, asylöýüň eýesi ýaly gürleýär. Şunlukda, olar-da pul çykarypgoşuldylar. Kakam meniň oturanymdan bihabar. Hemişekisiýaly perwaýsyz gürläp, her hili degişme gürrüňler tapýar.Meniň garaňkyda oturan ýerimden ýüzüm çydaman, gyzypgidýär. Ýuwaşlyk bilen hiç kime duýdurman çykyp gaýtdym.Soň men kakama: “sen beýdip ýörme-de, öýde otur. Bolmasa,seniň üçin bir dul-zat aňtaýyn” diýdim. Hiç alaç bolanok. Bir


gowy ýeri - munuň agzy arassa, neşeden habary ýok. Bolmasa,meni dagadardy. Men düme ekýärin, suwarymly ekinlerekýärin. Ak, gök diýmän, birnäçeleriňkini ýarpasyna-daekýärin. Biz iki kişi bolup şärikli ekýäris. Onsoň men kakamyagyr işiň golaýyna-da eltemok. Ýene şu ýygylgy taýýar agşamotuny mallaryň öňüne dökmekde-de meniň bilen igenişipgykylyk edip durýar. Meniňem dagam bir üýşüp ýatan işimýok, bilgeşleýin urýan gykylygy. Garaz, howlymyzyňduşundan geçen adamlar howluda adam ýog-a diýmez-dä.Sähetmyrat gürrüňini gutardym etdi. Soňra Permany obanyňiçine aýlady. Günortanyň yssysynda gelip, ýatyp ukularynyaldylar.Pirguly begiň howlusynda towugyň üýtgeşik kändigiPermany geň galdyrdy. Howlynyň bir gapdalynda howlynyňganatyna ýanalyp, towuklar üçin köp ketek salnypdyr. Olarhatar-hatar bolup, howlynyň bir ganatynyň ugruny tutup durdy.Sähetmyrat Permanyň towuklara geň galýandygyny aňdy.— Bu towuklaryň bizde hetdi-hasaby ýokdur - diýip,gürrüňe başlady.- Bu ejem ölmezindenem öň galan towuklar.Ejem nebsewürlik edip, sanyny köpeldip bilmän geçdi. Emmaejem ölenden soň, towuklar öz-özünden köpelip gitdi.Ýygnanan ýumurtgalary haýsy towuk kürk bolsa basyp, jüýjeçykarýar.Şeýdip,


alany ýanyna bolup gitdi. Häzirem şol keteklere seretseň,ýumurtgadan dolup ýatandyr. Onuň birentegi palak bolsa,birentegi sagatdyr. Kakama aýdýan sen şolara mazaly seretdiýip. Ugruna seretseň, şolar iki öý maşgalany eklejek diýýän.Ol: “Indi meni towuk bakan edinmäge hem hyýal edýärmiň,men indi seniň towuk çopanyňmy?” diýip, agzyma-burnumaýapyşýar. Ine, meniň kakam şeýle adamdyr. Ýöne başgapeýdasyny görmesegem, towuklaryň bir ýanyndan arkaýyniýýäris.Bu gün agşam çaý-nahardan soňky gürrüň uruş hakda boldy.Pirguly beg käsesine çaýyny guýdy-da, söze başlady:— Uruşdan gyzykly-gyzykly habarlar gelýär. Soltanyň birgökde uçýan palas ýaly zady barmyş. Uçup duşmanyň üstünebarýarmyş-da, ok ýagdyrýarmyş. Onsoň ýene yzynagaýdyberýärmiş. Onuň üçin gije bilen gündizem deň-deňmiş,edil atyň gulagy ýalymyş.Ol şu ýere ýetende ogly alkymyndan aldy.— Aý, goý-a, sözläňde bir il ynanar ýalyrak sözle ahyry.Naýynsap edil urýar-da goýberiberýär. Ynha Eýranda şanyňnämesi bar? Hiç zady ýok. Soltanamşonuň ýaly birhökümdardyr-da.


— Ýok, eger bar-a, şu hakykatmyş, şoňa hakykatynanaýmalymyş. Men muny hak gözünden eşitdim - diýip,Pirguly beg ýan bermedi.— Näme, zor edip ynandyrjakmy? - diýip, Sähetmyrat hemöz eňegine tutdy. - Ýeri, bolýar-da, gürläber, hany başga nämehabarlar bar?— Men bu zatlary edil serhet gazaklarynyň-begleriniňagzyndan eşitdim.— Ýeri, bolýar, onda ynanaýarys.— Gämi gidip barýarmyş. Ahyrynda soltanyň bir zoradamsynyň biri uçýan zady bilen uçup baryp, üstünden seredipbarlapmyş. Görse, gäminiň ýokarsynda bir dört burç deşiginiňbarlygyny saýgarypdyr. Ýokarsyndan top atyp, gämini şoldeşiginden aşaklygyna baka deşip, ony batyrypmyş. Äpet gämiiçindäki zatlar bilen denziň düýbüne çökenmiş.Atasy şu ýere ýetenden, ýene ogly oňa sözlemäge maýbermedi.— Şunyň-a, kaka, düýbünden gara-ýapa-da degirmediň.Okuňy ala dagyň ýokarsyndan şowladyp goýberdiň. Seniň bugürrüňleriňi Soltanjemal hanyň öýünde bişýän deňňenäniňbaşynda aýdan bolsaňdyň, “hä” beren tapardyň. Ýa-daGurbangeldi aganyň neşehanasynda sözlän bolsaňdyň, onda-ha


asyl daşyndanam goşan kömekçi tapardyň. Şu ýerde-hä munuňýaly ýalan sözüň hyrydary ýok.— Muny men ilerki beglerden şu gün eşitdim. Eltip gözüňegörkezäýseler-ä ynanardyň - diýip, Pirguly begiň gahary geldi.Ýöne Sähetmyrat kakasyny ugruna sürüp köşeşdirdi. Gürrüňdowam etdi.Perman Pirguly begiň öňünde üç gün ýatdy. Aty bolsakemsiz guraw boldy. Sebäbi ol geleli bäri aty Pirguly begiň öziiýmläp-suwaryp, seýisledi, bejerdi. Pirguly beg bilenSähetmyrat Permany ertir daň bilen ýola salmagy maslahatbildi.Perman Sähetmyrat bilen tamyň içinde otyrdy. Pirguly begdalanyň aşagynda uýanmy-çekimi bir zat bejerip otyrdy. Şolwagt işikden bir haýbatly adam girdi. Ol adam biçak daýawdy.Onuň bir penje bolup duran murtlaryny ýeňsesindeçataýmalydy. Biline dakynan rus gylyjy ony has-da haýbatlygörkezýärdi. Ol gelip Pirguly beg bilen salamlaşdy, saglykamanlyksoraşdylar. Ol adam sütüne söýenip bir salym dymypdurdy-da, birden:— Beg, bu at kimiňki? - diýip sorady.— Özümiňki, Gul han - diýip, Pirguly beg jogap berdi. -Näme iki atly bolanymda goýmajakmy?— Ýok-la, ýöne soraýdym-la - diýip, Gul han dymdy.


Tamyň içinde oturan Perman Gul hanyň “Bu at kimiňki?”diýii soranyny eşidende, depe saçy üýşüp gitdi. Ol adamyňegnindäki gök esgi pogony Permanyň gözüne has hem eýmençbolup göründi.— Beg, muny satyn aldyňmy? - diýip, Gul han ýene soragberdi. - Näçä aldyň?— Hawa, satyn aldym. Müň manada.— Gaty gymmat alypsyň.— Ýeke bahasyny eşidip howatyrlanýarmyň ýa-da mala-dagözüňi aýladyňmy? - Pirguly beg gürrüňine has-da gyzykberdi. - Ony ýolda menden müň bäş ýüz manada dilänlerinde,men bermän, tegelek iki müň diýip gaýtdym.— Baý-bow! Heý, şeýle-de bir zat bolarmy? - Gul han geňgaldy. - Bu wagt bäş ýüz manadyň bolsa, her neneňsi baýadamlaryň törde oturan uly gyzlaryny saýlap-seçip almakbolýar-a.— Kişiniň törde oturan uly gyzyndan bize ne peýda? -diýip, Pirguly beg bir azajyk dymdy. Onsoň çynlakaý äheňbilen gürläp başlady.- Aý, Gul han, men at alamok. Muny ýenedegşip aýdýaryn. Bu at Kümmetdäki uly beglerden biriniň aty.Adam azçylyk edensoň, bir gyssagly ýetişdirmeli haty ol begöz oglundan iberipdir. Ol häzir ýene Aşgabada hat alypgyssagly gaýdyp barýar.


Gul handa bir özgeriş mese-mälim bolup, ýüzi hem gyzarypgitdi. Ol bir az ümsüm durandan soň:— Aý, şeýle diýsene, indi boldy - diýip pikirli gürledi. -Obada bir del atyň kişňän sesi peýda boldy diýdim. Bu atnirede kişňeýärkä diýsem, asyl seniň howlyňda eken.Gul han eliniň aýasyny sütüne bir-iki gezek süpürişdirdi-de,kakyşdyryp, ýuwaşlyk bilen çykyp gitdi.Sähetmyrat ýaňky bethaýbat adamyň gelip-gideni üçinsähelçejigem darykman, myssa ýylgyrdy-da:— Ýaňky geleniň sypatyna pugta syn etdiňmi? - diýip,Permanyň ýüzüne seretdi. Perman hemişeki adaty boýunça!— Hawa - diýip, ýuwaşja jogap berdi.— Ýaňky adam öz sypatyna ýaraşýan iş edýändirin diýipýör - diýip, Sähetmyrat ýylgyrdy-da, gürrüňini dowam etdi. -Bu bir adamyň ýeke ogly bolmaly. Onuň bar döwletem muňagaldy. Bu süpük kartbaz boldy. Ol döwleti, maly - baryny kartautdurdy. Soň howlusyny, tamlaryny utdurdy. Bir ýaňy gözegörnen gyzyny satyp, onuň bahasyny utdurdy. Munuň gatyowadan aýaly bardy. Ahyrsoňy ony başga bir oba eltip satyp,onuň puluny hem utdurdy. Ahyry tumaýak galyp, berginiňderdinden birnäçe ýyllap obadan gaçgak bolubam gezdi. Ahyrygelip, şu beýik baýarlaryň hyzmatyny edip, olara ýaranjakbolup başlady. Ol beýikler özleriniň bir ýigrenýän adamy bolsa,


“Bar pylanynyň öýüniň bir ýerinde şu ýaragy, şu zady göm-de,bize nirede gömeniňi habar ber” diýip, muny şol adamyňkastyna iberýärler. Bu-da olaryň diýenini edip, ençe adamy atlykazaklaryň demine berip, ýurtdan çykartdy. Munuň başga-daşugullap ýoguna ýanan adamy köpdür. Şonuň üçinem munyjeňňel-tokaý garawuly edip gulluga aldylar. - Sähetmyratdymdy. Ara bir salym ümsümlik düşdi. Soň gaharly käýinjiredi.- Bular ýaly adamlar baryp ýatan binamys bolar. Bular ýalymurtdan hiç wagt ätiýaç etmeli däldir. Gury boş haýbatmurtdur. Asla şuňa meňzeş murtlar pöwhe bolar. Bular ýalymurtly adamda hiç gaýrat bolmaz. - Ol Permanyň ýüzüneseredip ýylgyrdy. - Bolsa-da kakam ýaňky murtuň hötdesindengeldi.Şol wagt Pirguly beg hem içeri girip, Permana bakdy-da:— Ýeri, Kümmediň uly beýiginiň ogly, otyrmyň? - diýip,degdi. Hemmesi gülüşdi. Soň Pirguly beg bir dulda öz işi bilengümra bolup oturyşyna öz ýanyndan hüňürdemegini dowametdi. - Bular boş, gury tüýden abraý gözleýärler. Aslynda özüňabraýyňy saklap bilmeseň, endam-janyňy tüýs basyp durandane peýda...Ertesi Perman bilen hoşlaşanda, Sähetmyrat:— Doganym, hakyna bakaňda, men seni ugradyp, tä barjakýeriňe çenli seniň bilen bile gitmelidim. Şeýle-de bolardy.


Emma men öz şärikdeşim bilen şu gün döwege çykmagywadalaşdym. Biz agyr döwegimizi gutaryp ýygnapdyk. Ýekedüme ýazlygymyzdan bir harman galypdy. Bu gün galsamşärikdeşime-de ýalançy bolaryn. O-da bir ynjyk adam. Onuňüçinem seni bu sapar kakam ugratmaly boldy - diýip ötünçsorady.— Ugratmak nämä gerek. Şu eden hyzmatyňyza taňryýalkasyn. Gaty köp sag boluň. Men gaty razydyryn - diýip,Perman oňa çyn ýürekden minnetdarlykbildirdi.— Beýle diýme. Biziň doganlyk ýumşuny ýerine ýetirmekasly borjumyz.Pirguly beg bilen Perman atlandy. Sähetmyrat olary köçäçenli ugradyp:— Bar, doganym, sag bol - diýip galdy.Tomsuň güni doganyndan ot bilen ýalyn bolup dogdy. OlPirguly beg bilen Permanyň edil çat maňlaýyndan diýen ýalyotly tyglaryny gezäp, howur berip başlady.Ýaz otlary saralyp, gowrulyp galypdyr. Olaryň käbirleriözüniň demirtiken ýaly tohumjyklaryny şahalaryna düzüşip,gowurdak bolşup otyrdylar. Käbirleri bolsa baharyňdowamynda hasyl edenje tohumyny bir hili ugruny tapyp, öztöwerejigine


sepeläpdir. Garaz, ýeriň ýüzi günüň aşagynda galyp reňki öçen,ýüzündäki owadan gülleriň sudury ýiten bir bezegli parçadönüpdir. Käbir oýurak ýerlerde henizem topbajyk gökmenekler görünýärdi. Ýazyň älemi bezän gülli otlary tomusgüneşiniň howruna gowrulandan soň, olaryň ornuny iribaldakly tomus otlary - ýandak, selme, syrkyn, garagan, ýeneşulara meňzeşler eýeläpdi. Käýerde özüniň türşeklerini edilgyrmyzy nar ýaly edip düzen göýül gollary göze kaklyşýardy.Bular obadan çykyp uzak ýöremändiler. Öňlerinden dagyňýüpek ýaly kirti düýp-düýp bolup çykyp başlady.Pirguly beg ýekeje ädimi-de gürrüňsiz ätjek adam däl.Dymyp gitmek onuň başarjak işi däl. Ol ýol boýy sakyrdapbarýar. Ýöne, näme üçindir, onuň gürrüňi Permanyýadatmaýardy, gaýta onuň göwnüni göterýärdi. Pirguly begkäte-käte aýdyma hem gygyrýardy. Ol aýdymy garry adamlaramahsus äheňde aýdýardy. Emma labzy biçak süýjüdi.— Şu Sähetmyradyň ejesi öleli bäri indi iki ýyl dolupgelýär - diýip, ol Permana gürrüň berdi. - Şondan bäri men birhili ýürek gysma keseline duçar bolupdyryn. Asyl öýdedurasym gelenok. Bir hili was-wasa dönüpdirin. - Ol bir salymdymyp gidenden soň, ýene dowam etdi. - Indi bir hyýaledýärin. Şu täze çykan sandyk bagşydan birini alyp, oba-obaaýlanyp ýörmek küýüme düşüpdir. Ony edäýsemem, birnäçe


akmaklar pul üçin edýändir diýerler. Wah, men onuň puluna zardäl. Şony etsem, belki, meniň ýüregim açylar. Belki, gezipýörkäm, aňalyp-aňkaryp, bir amatly duluň üstündenembararyn. Emma birnäçe akmaklar munuň pikirini etmeýärler. -Ol hamana eýýäm sandyk bagşy alan dek, gapdalyndanameýýäm ýakymsyz söz ýeten dek gyzdy. Atşa gamçy çaldy-da,sözüni dowam etdi. - Men bu barada entek Sähetmyrat bilengeňeşemok. Emma welin hökman alaryn.Perman Pirguly begiň gürrüňine gulak asyp, töwereginisynlap gelýärdi. Käýerlerde onuň nazary babasynyň salgyberen belgilerine düşýärdi. “Bu babamyň diýen pylan zadyow”diýip, içini gepledýärdi.Bularyň gidip barýan inçejik ýoly ötlem-ötlem daglaryňarasynda sümülip gitdi. Kän ýöremänkäler Perman babasynyňsalgy beren dagdan agajyny görüp tanady. Ol:— Bu şol babamyň diýýän dagdan agaj-ow! - diýip, içindenedip gelýän pikirini daşyna çykaranyny duýman galdy.— Hakykat, şoldur - diýip, Pirguly beg onuň sözünitassyklady. Öwezmyrat batyryň aýdyşy ýaly ol dagdan agajyhakda hekaýa sözledi.Perman ol dagdan agajyny atdan düşüp görmekçi boldy.Baryp görse, onuň bir şahasy kesilipdir. Ol aslynda uzynkesilipdir-de, soň her kim az-azdan kesip alyp durupdyr.


Perman dagdan agajyna pyçak urup gördi. Gabygynyň aşagyakjaryp göründi. Başga nem ýokdy.— Näme üçin mundan gan çykmady? - diýip, Perman geňgalyp sorady.— Bir wagtlar bu ýerden çeşme çykardy - diýip, Pirgulybeg gürrüň berip başlady. - Ol çeşme şu dagdan agajynyň düýbibilen akýardy. Şol wagtlarda bu dagdana tyg degirseň, gabygysoýulan badyna bir gyzylja suw damja bolup durýardy. Indi birýyl boldy, bu kiçijik çeşme akmasyny goýup, gurady. Budagdan hem indi öňki terliginden aýrylypdyr. Indi ynha gözdegmezlik üçin dagdan agajy gerekli adamlar az-azdan äkidipdurýarlar.Bular ýene ýollaryny dowam etdiler. Gün günorta ýerineýetdi. Pirguly beg:— Şu ýerde bir kemeriň düýbünden bir çeşmejik çykýar.Şoňa baryp bir çaýlaly hem atlarymyzyň dynjyny bereli - diýip,ýoluň sag tarapyna baka sowuldy.Bular kiçijik bir buldurap çykýan çeşmejigiň başynabardylar. Çeşmäniň edil gözbaşyndan bir ýogyn çynar parlapasmana galypdyr. Pirguly beg ot ýakdy-da, iki sany tüňçänisuwdan dolduryp goýdy. Atlaryny hem suwa ýakyp, iýmberdiler. Tüňçeler tiz gaýnady. Pirguly beg çaýyň başynda-daPermana köp gürrüňler berdi. Oňa köp zatlary pugta sargady.


— Ýagy ýaragyny ýagy bilmez. Bilip bolmaz, kimde-kimöňüňden çykyp gürleşende, gorkýan ýaly ýa-da ýöwserýän ýalybolup gürleşmegin. Hergiz ýadyňda bolsun, edil bir atyjy şirýaly bolup gürleşgin. Gaty batyrgaý gürleşgin. Durmuşyňaýarag, ot bilen ýalyn bolup duran ýaly gürleşgin. Şeýtseň, olarseniň ýaragyň bardyr diýip oýlanarlar. Emma sümügiňi çekip,egniňi gysyp dursaň, her ýeteniň saňa döwi ökde bolar.Öňüňden kim çykyp: “Nirä barýaň?” diýip sorasa-da, “Gyryňçeşmesine barýan” diýgin. “Näme üçin dag etegi bilengitmediň?” diýseler, men nire gorkuly, ýyrtyjy möjeklitokaýlyk bolsa, şol ýerden sürjek diýgin. Eşitdiňmi? - diýip,öwüt berdi.Çaýdan soň bular ugramakçy boldular. Pirguly beg Permanyýola salyp, gitjek ýoluny pugta salgy berdi.— Ugradandan ýoldaş bolmaz diýipdirler. Öwezmyratbatyra salam aýt. Ölmesek, görüşmek arzuwyndadyrys.Hemişelik dogandyrys, dostdurys. Men şu ýerden yzymagaýdaýyn, hoş, alla ýaryň bolsun - diýip, onuň bilen hoşlaşypyzyna öwrüldi.— Perman hem Pirguly beg bilen hoşlaşyp öz ýoluna gitdi.Ol şondan soň ep-esli ýöredi. Gün mazaly aşak sallanypdy. Inebirden garaşylmadyk ýerden onuň öňünden düýnki bethaýbatmurtly Gul han çykdy oturyberdi. Onuň ýanynda ýene-de bir


atly bardu. Eginlerinde hem ýekatar sozanlary bardy. Murtýylgyryp Permana salam berdi. Perman salamyna jogap berenbadyna hem:— Ýeri, baýaryň ogly, ugradyňmy? - diýip, sorady,— Hawa, ugradym - diýip, Perman parahat jogap berdi.— Ýaman giçläpsiň-le?— Meniň üçin giç boldy, ir boldy tapawudy ýok, barjakýerime bolsa il ýatandan bärde bararyn - diýip, Perman pertpertjogap berdi. Sebäbi Pirguly begiň aýdan sözleri munuňbeýnisinde mazaly ýerleşipdi.Gul han bir ýumşak, rehimdar ses bilen:— Etekden giden bolsaň, ýagşy bolardy. Bu ýoluňugrundaky tokaýlar gürüdir, gorkulyrakdyr. Ol tokaýlardaýolbars, gaplaň diýen ýaly howply möjekler köpdür - diýdi.Perman ol sözüni aýaklaryna mähetdel:— Meniň yzlaýanym şody. Hemişe şu gorkuly tokaýlarysynlamak arzuwyndadym. Häzir şonuň tomaşasyna barýaryn -diýip, jogabyny nagt etdi.— Gysga ýaragyň daşyndan uzyn ýaragyň hem bolsa kembolmazdy. Gysga-da işlär welin, uzyn has ýagşy-da - diýip, Gulhan Permanda altatar bardyr öýdüp, janyny barlamak niýetibilen gürledi. Perman has dogumlandy:


— Mendäki gysga uzynyňam işini bitirýän gysgadyr -diýip, ýaňsyly ýylgyrjyrap aýtdy.— Bolýar-da, garaz, ätiýajy goldan bermek gerek däl -diýip, Permanyň, hakykatdanam, beýik baýaryň ogludygynaynanan Gul han indi başga köçeden gopdy. - Hemişe gelendeýeke begiň öýi diýip durmazlar, ynha biziňkä-dagyňka-dadüşübererler. Tanyş bolmak gerek ahyryn.— Indiki saparda, saglyk bolsa, görşeris - diýip, Permanadaja ýylgyrdy. Permanyň bu sözlerinden hoşal bolan murt:— Bar, onda sag-aman bar - diýip, öz ýoluna gitdi.Perman hem ýüzüniň ugruna sürüp gitdi. Uzak ýöremänembabasynyň “öý ýaly çalgy daşy” diýeniniň üstünden bardy. OnyÖwezmyrat batyr görende “öý ýaly” hem bolsa, ol häzir zordan“düýe çöken” ýaly bolup galypdyr. Her ýoldan geçen ondançalgylyk döwup alyp tükedipdir. Onuň aňry ýanynda Permanbabasynyň tüýs togalak daş diýenini hem gördi. Ol edilbabasynyň aýdyşy ýaly, pökgi dek togalak daşdy.Onuň hyrydary bolmany üçin, ol öňki aslynda galypdyr.Mundan beýläk ýoluň hatarly, gorkunç muşakgatlyboljagyny Perman häzir her bir gadamynda duýýardy. Bu ýolony berkden-berke alyp barýardy. Gün ikindä ýakynlapdy.Irgözinden gije ýatmak üçin bir berk ýeri gözlemek gerekdi.Ýoldan uzagrak düşüp, bu tokaýçylykda berkiň içindäki ýekeje


ýodany hem ýitirip, syçan ýaly gapana düşüp galaýmaýyndiýen pikir hem bir ýanyndan gorkuzýardy.Her niçik-de bolsa, ol bir uçudyň kenarynda ýeke ýerindençykalgasy bolan bir meýdançany tapyp, bu gije şonda galdy.Uzakly gije Permanyň gözüne çiş kakylana döndi. Tokaýdadürli ses bilen arlaşýan, uwlaşýan ýyrtyjy haýwanlaryň sesigulagyny kamata getirdi. Olaryň içinde çirkin hem aýylgançgygyrýanlary-da bardy. Ol atynyň başyny saklap, şol ýekeçykalga baka gözüni dikip ýatyrdy. At bolsa iki gulagynykeýerdip durýardy. Bular beýikde bolansoň tokaýdakygymyldylar görnüp durýardy.Daňa golaý möjekleriň sesleri galdy. Emma ýeke sapar birçirkin sykylyk atyldy. Ol sykylyk edil şu Permanyň oturankameriniň düýbünden eşidilen ýaly boldy. Permanyň depe saçyüýşüp gitdi. Onýança ileri tarapda uzagrakda bir topar sykylykatylanyny eşidip, az-kem ynjaldy. Ýuwaşlyk bilen bir az öňrägebaka emedekläp, aşak seretdi. Aý süýt ýaly aýdyňdy. Ol buuçudyň düýbünde iki sany atlynyň durandygyny gördi. Olaryňbaşyndaky ýa-ha gyzylbaşlaryň keçe telpegidi, ýa-da olarkellelerine ýaglyk daňypdylar. Perman olaryň atly kazaklardäldigini saýgardy. Olaryň ellerindäki tüpeňleri-de çala sudurbolup görünýärdi.


Basym atlylaryň biri gaýralygyna baka sürüp gitdi. Bularyňözi bilen däldigini, özüniň bu ýerdeliginden habarsyzdyklarynyPerman ýagşy aňlady. Emma indi at hokranyp duýdurar diýipgorka düşdi. Şol wagt ilerden agyr süri bolup, bir giden atlyçykdy. Bularyň goşuna alan atlary-da gaty kändi. Bular hemgelip, edil şu uçudyň düýbünde duran ýeke atlynyň ýanyndaaýak çekdiler. Perman olardan kimdir biriniň:— Indi etege çykdyk. Gazaklaryň deminden gutuldyk.Howply ýerler yzda galdy - diýenini açyk eşitdi. Ol atlylaryňtürkmenler ekendigini bildi. Şol wagt gaýradan çala eşidilensykylyga jogap berip, bular topary bilen ýola düşüp gitdiler.Permanyň aty edil burny deşilen ýaly bolup durdy. Diňeşundan soň Perman bir az parahat uklady. Gün ýokary galandansoň bolsa, turup ýene ýola düşdi.OSLANMADYK DUŞUŞYKPerman gatbar-gatbar daglary söküp, tokaýlaryň arasy bilengaýdyp gelýärdi. Ol bir çeşmäniň üstünden bardy-da, “şu ýerdebir düşläp, dem-dynjymy alaýyn, soň ýene ýola düşerin” diýip,atdan düşdi. Şol wagt hem ol tokaýyň içinde bir gyzyň iki ýanaurnup ýerenini gördi. Agaçdan-agaja bukulyp, onuň ýanynagolaýlady. Pugta seretse, hakykatdanam, bu bir uly gyz eken.


Ol gyz tokaýyň içinde ters aýlanýar, töweregine ýaltaklap, birsalym durýar-da, ýene bir salym ýöreýär. Çeşmäniň ýanynabaryp, ýene töweregine garanýar.Bu gyzyň çarp urup, elewräp ýörşünden, Perman onuň,azaşyp ýören bir bende boldugyny aňlady. Gyzyň häli-şindiçeşmäniň başyna baryp gaýdýandygyny görüp, ol çeşmedendaşlaşan wagty, çeşmäniň başyna bardy-da, şol ýerdäki daşyňüstünde süýnüp, uklan bolup ýatdy.Aňyrdan ylgap gelen gyzyň gözi uklap ýatan ýigide düşendebir hili gorkdy. Ýöne gyzyň häzir bu çola hem gorkunç tokaýdabaşga alajy ýokdy. Ol nätanyş adama-da janyny ynanmagamejburdy.Gyz ýanyna gelen wagty Perman hem hamana çyn ukudanoýanan adam ýaly, wehime hem howsala düşen kişi bolup:— Sen kim? Ynsmysyň, jynsmysyň? Bu ýerlere nähilidüşdüň? - diýip sorady.Onsoň gyz nähilelik bilen bu güne düşendigini Permanahekaýa edip berdi. Bular bir bölejik çarwa obajygynda ýaşaýarekenler. Bir gün goýun sürülerini sanamak üçin hökümetpajymanlary gelipdir. Pajyman türkmen eken, onuň ýanynda-daiki sany atlysy bar eken. Olaryň çarwalar bilen sözleriazaşypdyr. Çarwalar bolsa onuň özünem, ýanyndaky iki


atlysyny hem ýenjipdirler. Şonda olaryň birine taýak bijaýrakdegip, ol şobada ölüpdir. Beýleki ikisi bolsa gaçyp gutulypdyr.Çarwalaram şol wagt bar zatlaryny ýygnaşdyryp ýoladüşüpdirler. Üç gije-gündiz ukusyz ýöräpdirler. Olar ýaşçagalary üsti ýükli ulaglara mündüripdirler. Emma özünioňarýanlary pyýada ýöräpdirler. Bu gyz şol gün daňa golaý şuköteliň öň ýanynda, arçanyň arasynda ýykylyp uklap galypdyr.Daň ýagtylandan soň gözüni açypdyr. Şol wagt hem göçdengalanyny bilipdir. Soň ýoly yzarlap, şu tokaýa gelipdir. Şu wagthem tokaýdan çykyp bilmän, aljyrap ýörşi eken. Perman gyzyňgürrüňini diňländen soň:— Indi näme etsek diýýärsiň? - diýip sorady.— Indi näme etjegimi bilmedim - diýip, gyz ýaýdanmaçjogap berdi. - Sen meni göçümize çenli eltseň, ýa-da obamyzagidýän ýoly görkezäýseň...— Seniň hossarlaryň beýläk giden bolsa, seniň yzyňdanäme işiň bar?— Yzymda başga bir obada oturýan hossarlarym bolmaly.Kakamyň doganlary, daýymlar bolmaly - diýip, horluk basangyz naýynjar garady. Onsoň: - Men häzir gaty ýadaw, gatyhorlandym, hem açlyk, hem suwsuzlyk, men häzir pyýada ýolaşmaga-da ýarajak däl - diýip, gamly seslendi-de, hamsygypýüzüni aşak saldy.


Perman gyzyň bu sözleri ýürekde gat goýman, sadalyk bilenaýdýanyna göz ýetirdi. Öz başyndan geçiren muşakgatlygünleri ýadyna düşende, gyza has-da rehimi indi.— Beýle bolsa, häzir tüňçäni gaýnadaýyn. Çaý-naharedineli. Soňra bir az dynjyňy al. Onsoň ýola düşeris - diýdi.Gyz muňa razy boldy, Perman bilen çaý-nahar edindi.Ümsüm oturan gyz birden:— Çola daglar bilen öwrenişmek kynmy? - diýip sorady.— Kynlyga düşseň, aňsat - diýip, Perman özüniň bu ýerekynlyk görüp düşenini mälim etdi.— Edil meniň ýalymy? - diýip, gyz sorady.— O näme üçin seniň ýaly? Sen kynlyga düşdüňmi? Diňegöçden galypsyň. Başga bolan zat ýok. Oňa hem haçan gitseňýetirmek meniň boýnuma.— Näme bary göçden aýrylyp galmakmy? Başga kynlykbolup bilmezmi?— Bolup biler. Emma seniň onyň kynlyk däl.— Mendäki kynlygyň ýeke göçden galmakdygynynäbilýärsiň? - diýip, gyz gamly gülümsiredi. Perman göwnünehiç zat getirmän:— Açyk şol, başga näme bolup biljekdi?-diýdi.— Belki, men şu dagyn bir böleginiň ýüzünde şu dünýäniňşekilini görýändirin. Belki, bu daglar meniň hemme dileglerimi


itirerler. Belki, men bu daglara aşyk bolan bilbil dek perwazurýandyryn. Belki, meniň başyma düşen kynçylyklary budaglardan başga hiç kim meniň bilen paýlaşyp bilmez. Şonuňüçinem men senden bu daglarda ýeke gezmek kynmy diýipsoraýaryn.Perman gyz bu sözleri aýdyp otyrka hem göwnüne hiç zatgetirmedi. Gyz bu ýerden geçip barýarkalar, gözüne bir zatgörnüp, göçden bölünip galandyr ýa-dabu akylyndan azaşandyr diýip oýlandy.— Onuň ýaly bolsa bilmedim - diýip, gysgajyk jogap berdi.Olar bu gün agşamy şu ýerde geçirdiler. Ertesi ir bilenPerman bilen gyz ýuwunmak üçin ýene çeşmäniň başynageldiler. Her haýsy çeşmäniň bir tarapynda ýuwunmaga oturdy.Gyz birden:— Perman, men şu çeşmäniň başyndan asyl-ha gitmesem,meni zor bilen kowarmyň? - diýdi.— Näme üçin? Kowjak gümanym barmy?— Onuň ýaly bolsa, men o tarapa-da gitjek däl, bu tarapada.Ine, şu çeşmäniň gözbaşynda parlap çykan şu çynaryňsaýasynda seleňläp ömrümi ötürjek. - Gyz Permanyň özünigörkezip sözüni nygtady. - Ine, şu çynaryň...Perman gyzyň niýetine diňe şundan soň düşünip galdy.


— Ah, şeýle diýsene, indi düşündim - diýdi. Bir azajyksagyndy. - Dogrusy, seniň hatyraň üçin, men iki gün bäri seniňadyňy-da sorap bilmedim. Seniň adyň näme?Şol wagt, näme üçindir, onuň kellesinde “bu gyz Jahan bilenatdaş bolaýmasyn” diýen pikir geldi.— Adym Jemal. - Gyz ondan gaýtalap sorady. - Perman,meniň aýdan sözlerime düşündiňmi?— Indi düşündim - diýip, Perman tukatlyk bilen jogapberdi. Onsoň sesini çykarman goşlarynyň ýanyna gitdi. Jemalýanyna barandan soňam oňa nazar salman öz işi bilengüýmendi.Çaý-çörek iýdiler. Onsoň Jemal goýman duransoň, ýeneçeşmäniň gözbaşyna geldiler. Her haýsy bir daşyň üstündeoturdy. Perman edil kapasa salnan guş ýaly, töweregine gözüniaýlap, ümsüm otyrdy. Ep-esli dymyşlykdan soň, Jemal:— Näme, Perman, meniň sözlerim gulagyňa ýakmadymy? -diýdi-de, Permanyň oturan daşyna gelip oturdy. Permanyňdymyp oturmagyna çydamadyk borly, ýene gürläp başlady. -Özüň “kowjak gümanym barmy” diýip aýtdyň. Indi menikowsaň-da gitjek gümanym ýok.Bir az ümsümlikden soň Perman ýerinden turdy-da, edilJemalyň garşysyna geçip, bir daşa ýaplandy.— Bilýärmiň, Jemal? - diýip, söze başlady.


— Bilemok, bir seni bilýän - diýip, gyz onuň sözüni böldi.— Bilmeýän bolsaň, onda bil - diýip, Perman Jahan bilenbolan wakany başdan-aýak gürrüň edip berdi.Jemal onuň gürrüňini pugta üns berip diňledi. Ol sözünigutarandan soň bolsa:— Eşitdim. Ýöne men beýle gyzlardan däl - diýdi.— Eşiden bolsaň, şundaň soň men gyzlaryň barybiwepadyr, iki dillidir diýen pikire geldim. Olary göresimem,olar hakda pikir edesimem gelmedi. Senem tokaýyň içindeazaşyp, horugyp ýöreňsoň, öz başymdan geçiren görgülerimýadyma düşdi-de, nebsim agyrdy. Şonuň üçinem saňa şuhyzmatlary etdim.— Sen gyzlaryň baryny bir aýakdan asýarmyň?— Hawa. Asyl şeýledirem.— Eger şeýle pikir edýän bolsaň, ýalňyşýarsyň, Perman.Men hut şu gün yzymdan atam, enem, doganlarym - ählihossarlarym gelse-de, şu sözümiň yzyny haklamak üçin, menolary razy edip yzlaryna gaýtararyn. Wadasyna wepaly gyzlarkändir, Perman.Perman esli oýlanjyrap oturandan soň, parahat gürläpbaşlady:— Jemal, bilýärmiň, meniň diňe babam bilen mamam bar.Meniň şu daglary, tokaýlary söküp ýörmegimiňem sebäbi


abamyň ile belli şu aty. Uruş başlaly bäri öý, düýe, atsalgytlary salnyp başlandy. Biziň atymyz hem alynjakmyşdiýip habar ýaýrandan soň, babam meni şu at bilen özüniňkyýamatlyk doganlarynyň ýanyna gaçyryp goýberdi. Indimeniň öýden çykyp gaýdalym bäri üç-dört aý boldy. Eger sen,hakykatdanam, meni söýýän bolsaň, babam bilen mamamyňýanyna gideli.— Örän gowy, seniň razy ýeriňde, menem razydyryn -diýip, Jemal bir az pikirlenenden soň aýtdy.Olar uzak ýol ýöräp, ahyry babasynyň howlusynyňagzyndan geldiler. Mamagül hemişeki endigine görä ýorgandüşeklerisalyşdyryp, ýatmak şaýyny tutýardy. Öwezmyratbatyr birden:— Aý, Mamagül, at bilen Permanyň ýagdaýy nähilikä?Gideli bäri eýýäm üç-dört aý bolupdyr - diýdi.— Näbileýin, batyr - diýip, Mamagül gamly seslendi. - Özeden işiň-dä. Gözümizi dikip oturan ýumruk ýaly çagamyzynirädir bir ýerlere iberip goýberdiň. Indi alla abraý bersin-dä.Mamagülüň bu sözlerinden soň, Öwezmyrat batyr hasamhowsala düşdi. Gözüne uky gelmedi. Daş çykdy, içeri girdi.Daňa golaý uka gitdi. Mamagül ertir namazyna turanda,gapynyň assaja kakylýanyny eşitdi. Baryp gapyny açdy. Görse,


onuň öňünde Perman, onuň aňry gapdalynda hem bir ýaş gyzdur. Ol Permany gujaklap:— Batyr! - diýip gygyrdy.Öwezmyrat batyr syçrap ýerinden turdy, daşaryk ylgady.Mamagül ejäniň:— Batyr! Perman... at... ýene bir gyzam alyp gelipdir -diýen begençli sesini eşitdi.— Näme boldy-a!- diýip, Öwezmyrat batyr gapa ylgapbardy.Şol günüň özünde dumly-duşa habar berildi. Öwezmyratbatyr ilki bilen demirçiniň ýanyna bardy. Onsoň ur-tutStepanyň üstüne adam iberdi.Öwezmyrat batyryň öýünde uly toý tutuljakdygy hakdakyhabar uly ile ýaýrady. Öwezmyrat batyr bilen Mamagül eje özmaksatlaryna ýetdiler. Hut şol günüň ertesi Perman bilenJemalyň toýy boldy. Toýuň hormatly myhmanlary Stepan aga,demirçi, Täşli şorta hem oba-goňşulary ýygnanyşyp, üç günläptoý etdiler. Birnäçe günden soň Perman Stepan aganyňtabşyrygy boýunça, Kany awçy bilen duşuşmaly ýerineugramaly boldy.


HAKYKATY GÖZLEÝÄNLERGünüň gyzar ikindi ýerine baran çagynda Köpetdagyň iňbelent gaýalarynyň buljum ýerinde, bir beýik gaýanyňdepesinde bäş sany adam otyrdy. Ölaryň birinjisi otuz ýaşynaýakynlan, saryýagyz bir adamdy. Ol adam türkmençesakynman gepleýärdi. Ýöne onuň diliniň çalgyrtlygybildirýärdi. Bu adamyň gülüp duran mylaýym ýüzünde, mawygözlerinde berk bir umyda berk ynanç bilen bil baglamakdangelip çykýan gaýduwsyzlygyň alamatlary syzylýardy. Şonuňbilenbir wagtda hem onuň şu ýaşyna çenli tükenmez agyrhorluklary, jebri-jepalary başyndan geçirendiginden habarberýärdi.Bu ýigit bir aý mundan ozal Germaniýa frontundan gaçypgelipdi. Dogduk mekanyna aşmak üçin horluk ýamanynygörüpdi. Ýöne onuň frontdan gaçyp gaýdandygy hakdakyhabar bu ýere özünden öň gelipdi. Patyşa hökümeti onuňüstüne atyp bilen töhmetini atyp, adam öldürip ýören garakçydiýlip yglan edilipdi. Patyşa žandarmlary hem polisiýa işgärleriençeme wagt bäri ony gola saljak bolup sümsünişip ýördüler.


Bu ýigit Stepan aganyň ogly Pýotrdy. Ol Aşgabattöweregindäki demir ýol duralgalarynyň birinde önüp-ösüpdi.Ýaşlygyny duralganyň golaýyndaky türkmen obalarynyňçagalary bilen oýnap geçiripdi. Stepan aga ony öz dostlarynyňýanyna myhmançylyga gidende hemişe öz ýany bilen alypgiderdi. Aýratynam Öwezmyrat batyryň ýanyna gelende ologluny hiç ýanyndan goýmazdy. Ony bu ýerde ençeme günläpgoýup gidýän wagtlary hem bolupdy. Soňra Pýotryň ýeke özihemÖwezmyrat batyrlara geler-gider durardy.Ol Öwezmyrat batyryň öýünde myhmandygyny hemduýmazdy. Edil öz öýüne gelen ýalydy. Başga ýerlerde hemony gowy görýärdiler. Ol golaýdaky obalara dostlarynyňýanyna oýnamaga giderdi. Käte oýna kellesi gyzyp,dostlarynyň biriniň öýünde uklap galardy. Munuň üçin hiç kimgysynyp durmazdy. Nirä barsa hem “kiçijik myhman gelipdir,Stepan aganyň ogly gelipdir” diýip, ony mähir bilengarşylardylar.Bu-da tötänden däldi. Stepan aga oba daýhanlaryna özünialdyran adamdy. Hemişe olar bilen ýakyn aragatnaşyksaklaýardy. Pýotryň özi hem alçak, mähirli oglandy.Şeýdip, Pýotr çagalygyndan türkmenleriň arasynda bolup,türkmen dilini gowy öwrenipdi. Oba çagalarynyň biri ýalybolup galypdy. Onuň käte obadaky dostlarynyň öýünde birnäçe


günläp galýan wagtlary-da bolýardy. Şeýle halatlarda Stepanaganyň özi onuň yzyndan gedip alyp giderdi.— A-how, oglanjyk, sen ýitirim bolaýdyň-la. Bu nähiligürrüň? Ýa-da öýüňizi ýadyňdan çykardyňmy? Bir gün ýagşy,iki gün ýagşy, heý, pylança günläbem bir öýüňe barmanýörmek bolarmy? Hany, ýör, öýe gaýdaly. Ynha uly ýigitbolarsyň. Öýlenersiň. Şonda men seni gelniň bilen oba göçüripgetiräýerin-diýip, ogluna süýjülik bilen käýinerdi.Pýotr işe ýarap başlandan soň, öý işlerine kömek etdi.Başlangyç mekdebi gutarandan soň bolsa, çaphana şägirt bolupişe girdi. Birneme hünärini artdyrandan soň, çaphana işçisiboldy. Rewolýusioner işçiniň maşgalasynda önüp-ösen Pýotrçaphana işçileriniň gizlin bolşewistik kružoklaryna işeňňirlikbilen gatnaşdy. Kružogyň ýolbaşçylarynyň biri boldy.Jahan urşy başlananda, Pýotr Stepanowiç Iwanowysoldatlyga aldylar. Emma ol patyşa wepaly hyzmat etmedi.Patyşa ýaragynyň ýeňmegi üçin çalyşmady. Goşun hataryndakybolşewikler bilen aragatnaşyk açyp, soldatlaryň arasyndapatyşa samoderžawiýesine hem gan döküşikli urşuň garşysynaiş alyp bardy. Soldatlara bu gan döküşikli urşuň halk üçingyrgynçylykdan başga zat däldigini, ýaragy patyşasamoderžawiýesine garşy gönükdirmek gerekdigini düşündirdi.Onuň rewolýusion işiniň ahyry harby tribunal bilen gutardy.


Ýoldaşlary ony iň soňky pursatda diýen ýaly ölümiňpenjesinden sypdyrdylar. Şondan soň ol kynçylyk barynyçekip, zordan Zakaspi oblastyna aşdy. Bu işde hembolşewikleriň gizlin guramalary oňa ýakyndan kömek berdiler.Ýöne žandarmlar hem poliseýler çarp urup gözläp ýörkälerol Aşgabatda ýaşabam, işe ýerleşibem biljek däldi. Şonuň üçinol gizlenip ýördi.Bu oturanlaryň ikinjisi torba ýaly tegelek sakgalyndan çalsepen, peşeneli bir adamdy. Onuň egnindäki nepis dokalan agarçäkmeniniň ýakasyndan keşdeli keteni köýneginiň, onuňiçinden geýen ilikli ak köýneginiň ýakalary görnüp durdy. Buadamyň egnindäki geýimlerinden, özüni tutuşyndan ýaşyaltmyşdan mazaly aganam bolsa, entek ýaş ýigitligi goldanbermejek bolup çytraşýandygy görnüp durdy. Bu adama öňlerAman batyr diýerdiler. Indi bolsa il içinde ol Aman arçyn diýentäze lakam bilen tanalýardy.Oturanlaryň üçünjisi gunduz ýaly uzyn ak sakgally gojady.Onuň göwre-müçesi kiçiräk görünse-de, gaba kellesi, tegelekýüzi onuň keşbine agraslyk, sagdynlyk berýärdi. Diňe sakgalydäl, giň maňlaýyndaky ösgün gaşlaryna çenli bir gyly galmançuw-ak bolan bu gojada entekler gujur-gaýratyň bardygygörnüp durdy. Onuň egnine geýen lybaslarynyň nähilibiçüwdediginiň, nähili reňkdediginiň salgyny berer ýaly däldi.


Ol kellesine telpek ornuna haýsydyr bir çöl möjeginiň derisiniatypdyr. Ol derini ile meňzeş, kesip biçip, telpek ýaly edipgeýmändir-de, özüniň göwnüne gelşine görä, deriniň kelletarapyny, aýaklaryny kesişdirip gözeşdirip-gysyp, kellesindengaçmaz ýaly edipdir. Ol boz reňkli deriniň syrtlanyň ýalynameňzeş buýrasyz ösgün tüýleri gojanyň uzyn sakgaly bilengatyşyp, ony hiç wagt görlüp-eşidilmedik bir gorkunçwagşynyň sypatyna salypdyr. Onuň egnindäki geýimleri hemşonuň ýaly çöl möjekleriniň derisindendi. Olaryň tüý ýüzünidaşyna, saryny içine edip geýipdir. Onuň egnine lybas ornunageýen derileriniň reňki symgyltdy. Bu deriler gojany şeýle birsypata salypdyr, häzir bu oturanlary üç-dört ýüz ädimdensynlan adam: “Be, ol dört sany awçynyň ýanynda bir ýolbarsotyr-ow” diýip, geň galjakdy.Emma ol ýolbars däldi. Ýolbarsdanam, şirdenem güýçli, olýyrtyjy haýwanlary bu tokaýlara gelmez ýaly edeýin diýse edipbilýän erkli adamdy. Ol diňe adamlar tarapyndan ýaradylangüýçli-gudratly gorkunç gurallardan halys asgynlap-ejizläpgaçyp, ençeme ýyl bäri şu daglarda buljum gaýalaryň gizlinýerlerini özüne mesgen edinip ýördi. Ol Gökdepe urşuny hemgörüpdi. Gökdepede basylanlaryndan soň,bir topar atly bolup daglaryň içine siňipdiler. Ol häzirki oturanýerlerindäki berk gaýany özüne gala edindi. Soň Öwezmyrat


atyr başlyklaýyn onuň birnäçe ýoldaşlary patyşa hökümetitarapyndan tutulyp, sürgün edildi. Kimisiniň özi gitdi. Bu ýerdeonuň ýekeje özi galdy.Bu gürrüňi edilýän göjanyň Kany batyr bolandygyny okyjyeýýäm aňandyr. Kany batyr özüniň bu tebigy galasynaGaçybatar diýip at berýärdi. Bu Gaçybataryň gizlin girelgesinidiňe Kany batyr bilen onuň jan ynanyşýan dostlary bilýärdi.Özem ol köp gezek Kany batyry, onuň dostlaryny göni gelenölümden halas edipdi.Kany batyr öz Gaçybataryndan käte dostlaryny küýsänwagty, un, duz ýaly azyk-suwluk gerek wagty gidýärdi. Ýönebu-da juda seýrek bolardy. Köplenç onuň dostlarynyň özlerigelip durardylar. Un, duz, gurşun, däri, mis ýaly zerur zatlarygetirip bererdiler. Kany batyryň uran haýwanlarynyň derisinialyp giderdiler, olary pula çalşyp, Kany batyra zerur zatlaryalardylar. Käte ol zatlaryň daşyndan pulam getirip bererdiler.Şonda Kany batyr:— Şu pul diýen zady meniň gözüme görkezmäweriň -diýerdi. - Näme men ölenimden soň, ol pullar bu gowakdaeýesiz çagşap galsynmy? Soň ony sizden gowy adam alaröýdýäňizmi? Aslynda men pul diýen zady halamok. Pul bilenözüňiz oňşuň.


Bu ýerde oturan beýleki ikisi işçi geýimindäki adamlardy.Olaryň biri Pýotr bilen deň-duş daýaw pyýadady. Onuň daşkeşbinden kawkazlydygyny çak etmek mümkindi. Beýlekisibolsa çokga sakgallyja çepiksije adamdy. Elli ýaştöwereklerindäki bu adamyň mawy gözleri üýtgeşik bir gujurbilen uçganaklaýardy.Pýotr uruşdan gaçyp gelenden soň, ýene Kany batyryňGaçybataryna döwran aýlandy. Bolşewikleriň gizlin guramasyPýotry gizlemek hakda Stepan aga bilen maslahatlaşyp, onyStepan aganyň obadaky dostlarynyň biriniňkä ibermegi makulbildiler. Stepan aganyň ilki ýüz tutan adamy hem Öwezmyratbatyr ony Perman bilen Kany batyryň Gaçybataryna iberdi.Indi Pýotr ençeme wagt bäri Kany batyryň Gaçybataryndaýaşaýardy. Ýanyndaky dostlarynyň üsti bilen öz guramalarybilen aragatnaşyk saklaýardy. Olar bilen duşuşyk geçirýärdi.Gizlin gurama Pýotr birhowa Kany batyryň Gaçybataryndaýaşamaly, žandarmlardyr poliseýler arkaýynlaşandan soň, onuňadyna täze dokument düzedip, başga at bilen Gyzylarbatda ýadaKrasnowodskide işe ýerleşdirmeli diýen karara gelipdi.Bu gün ýoldaşlary oňa täze pasport getirip beripdiler. Indi olPýotr Stepanowiç Iwanow däldi-de, Sergeý Pawlowiç Lewindi.Ony demir ýoldan sowa ýol bilen barjak ýerine äkitmegi bolsaAman batyrdan haýyş edipdiler.


Bu adamlaryň arasynda esli wagtlap dowam eden gürrüňolary halys lejikdiren borly, ara ümsümlik aralaşdy. Ahyry buümsümligi Pýotr bozdy.— Aman batyr, men siziň şu işe baş goşmaga het edipbilşiňize haýran - diýip, ol ýylgyrjyrap, Aman batyra ýüzlendi.— O näme üçin? - diýip, Aman batyr Pýotryň ýüzüneçiňerildi.— Sebäbi siz arçyn adam. Hökümediň ynamdar bir adamy.— Kany batyr, munuň aýdýanyna seret-le - diýip, Amanbatyr mys-mys güldi.— Büý-ä meni hökümetadamy edip goýaýandyr.Kany batyrdan öň ýene Pýotr gürledi:— Arçyn bolsaňyz, hökümet adamy bolarsyňyz-da. Patyşa,hökümete hyzmat edip ýörsüňiz ahyry.Aman batyr birneme böwrüni diňledi. Ol içinden nämediýjegi hakda oýlanýana meňzeýärdi.— Aman batyr bir hudaýyna hyzmat eder - diýip, onuňderegine Kany batyr jogap berdi. - Aman batyr arçyn bolsa-da,adamdyr, arçyn bolmasa-da.— Ýok, awçy aga, men bu pikiriňize hä diýip biljek däl -diýip, Pýotr oňa garşy çykdy. - “Bir elde iki garpyz tutdurmaz”diýip, türkmenlerde gaty jaý aýdýarlar. Hem arçyn bolup, hemadam bolup bolmaz. Sen arçyn bolsaň, sen patyşaň, hökümetiň


hyzmatkäri bolarsyň. Olaryň diýenini etmeli bolarsyň. Ine, sizhäzir patyşa hökümetiniň ulusynyň uly ogrudygyna, kiçisiniňkiçi ogrudygyna ýok diýip bilmersiňiz. Ýa-da men nädogryaýdýanmy?— Dogry - diýip, ýerli-ýerden onuň sözüni tassykladylar.— Eger şeýle bolsa, Aman batyram islese-islemese,şolaryň hataryna goşulaýmaly bolar. Olar bilen ümmülleşmän,olaryň diýenini etmän, Aman batyr arçyn bolup gezip bilmez.Stepan orsuň ogly adam öldüripdir, ýol urupdyr, şony tutupgetirmeli diýseler, Aman batyr etmeli bolar.— Aman batyr ony etmez - diýip, Kany batyr kesgingürledi. - Aman batyr Stepanyň ogluny patyşa emeldarlarynatutup bermez. Aman batyr dostuny-duşmanyny tanaýanadamdyr.— Awçy aga, men özümi mysal edip aýtdym. Men Amanbatyryň özümi patyşa tutup bermejegini bilýän. Men asylkynyaýdýan - diýip, Kany batyryň sözündäki ykaraty duýan Pýotrgyssanmaç gürledi.— Kany batyr, Stepanyň ogly dogry aýdýar - diýip, Amanbatyr pikirli görnüşde gürledi. - Ol hakyt şeýle bolaýmaly. Bumeniň arçyn bolaýmakam öz ogluma aýdan sözlerimigaýtalaýar. Bu aslynda görnüp duran zat ahyry. - Ol böwrünidiňläp esli oturdy. Onsoň Pýotryň ýüzüne bakyp dowam etdi. -


Men arçyn bolaryn diýip, ýatsam-tursam kelläme-degetirmändim, ogul. Mende bir dogman geçen ogul bar.Pajymanlyk edip, baýarlaryň öňünde ýaýaplap ýörmegi ulydereje bilýär. Ana, şol baýarlara tutunyp, olary meni arçynbellemäge razy edipdir. Bolköýnege, dilmajyna beribilenzadyny beripdir. Bir gün geldi-de: “Kaka, bolköýnegiň seniarçyn etmek hyýalynda bar. Sen däl diýmegin. Arçyn bolsaň, ilhalkseniň eliňde bolar, halkam azyk çeşmesidir”diýip, maňahem geňeş berýär, hem töwella edýär. Men oglumy şuýaranjaň, harsydünýäligi üçin ýigrenýärdim. Il mendenem beterýigrenýärdi. Men munam bilýärdim. Ýöne, her niçikdir, menoňa ajymy pürkmedim-de: “Oglum, men ýol urup garakçylyketmegi, alamana gitmegi bir wagtlar taşladym. Indi maňatalaňçylyk et diýme” diýdim. “Kaka, bu talaňçylyk däl ahyry”diýip, ol maňa öwüt bermäge başlady. “Aý, oglum,talaňçylaram zor bilen alýar, seniň baýarlaryňam zor bilenalýar, men bu ikisiniň tapawudyny bilemok, şu gürrüňigoýbolsun edeli” diýdim. Onda-da, ine, birhili-birhili boldy-da,şu arçynlyk belasy boýnumdan ildi duruberdi. Arçynsaýlananda, bolköýnek meniň adymy tutdy welin, adamlar“bolýa-da bolýa” bolşup ýapyşyp ýatyrlar. Ynha indem ädenädimiňde seniň edýän zadyň baýarlaryňky bilen çapraz gelipdur.


— Men siziň hakykaty gözleýän mert adamdygyňyzykakamdan ir wagtlardan bäri eşidip ýörün - diýip, Pýotr aýtdy. -Onsoň siziň äden ädimiňiz patyşa baýarlaryňka çapraz gelerdurar...Şol wagt Pýotryň ýoldaşlarynyň biri deräniň düýbündäkitokaýa ýiti-ýiti seretdi-de:— Pesräkde oturalyň - diýdi.— Näme bar? - diýip, Kany batyr oňa seretdi.— Bir atly tokaýyň içi bilen gelýär.Kany batyr onuň ümlän tarapyna sereden badyna Gyrguşytanady.— Ol gelýän öz adamymyz. Öwezmyrat batyryň agtygyPerman - diýdi. - Ýagdaýlary bilip gel diýip, Öwezmyrat batyriberendir.PARTIZANLARTürkmenistanda graždanlyk urşunyň lowlap tutaşandöwrüdi. Tämiz howaly bir gündi. Partizan otrýady uly birbelentligi eýeläp, şol ýerde hem düşläpdi. Partizanlar çaý-naharedinip, dem-dynç alýardylar. Kim ýaragyny tämizleýärdi, kimikibir-üçbir özara gürrüň edýärdi. Bir çeträkde ýaragynysüpürip oturan ýigit arkasyndan:


— Perman! - diýip, kimdir biri öz adyny tutup gygyranda,ýalta bärsine bakdy. Komissar eşikli adamyň ýüzüne çiňerilipbir azajyk durdy-da, birdenem gujagyny gerip oňa taraptopuldy:— Pýotr! Bu senmi? Sen nireden çykaýdyň?Pýotr bilen Permanyň duşuşmaly bäri köp wagt geçipdi.Kany batyryň Gaçybataryndan Gyzylarbat wagon-remontzawodyna işçi bolup işe ýerleşen Pýotr patyşasamoderžawiýesi ýykylan badyna Aşgabada gelipdi. Bu ýerdesowet häkimiýetiniň berkarar edilmegine işeňňir gatnaşypdy.Täze düzülen Gyzyl gwardiýanyň hataryna Permany hemçekipdi. Emma Aşgabatda ak gwardiýaçylaryň pitnesi üstünçykyp, häkimiýet aklaryň eline geçenden soň, ol ikisiduşuşmandy.— Men seni näçe wagt bäri görmedim. Diri bolsaň bolýa? -diýip, Perman henizem Pýotryň elini sypdyrman begençligürleýärdi.- Ýeri, sen nirelerde bolup, nireden çykdyň?Pýotr bolsa sesini çykarman Permanyň bolşuny mylaýymýylgyryş bilen synlap durdy. Perman sözüniň arasyna dyngyberende, ol:— Menem bardyryn, Perman - diýip, parahat gürledi. -Frontuň gyzgalaňly ýerlerine gitmeli boldy. - Onsoň ol sesini


irneme peseltdi. - Hany ikimiz bir çeträge çykaly. Çolarakýerde gürleşmegimiz gerek.Olar tirkeşip ugradylar. Bir depäniň aňyrsynaaýlananlaryndan soň, meýdanyň çöp-çalamlarynyň derdindenburny sürülip tozgalap duran ädigine seredip barýaň komissaraýak çekdi.— Perman, bilýärmiň men seni näme üçin gözläp tapdym?- diýip, Permana ýüzlendi-de, onuň geplärine garaşman dowametdi. - Ştabyň buýrugy boýunça sen meniň bilen gitmeli. Ýöneýanymyz bilen ýene biri gerek. - Ol bir zady ýadyna saljakbolýan ýaly sähel sagyndy. - Bilýärmiň, Perman, şol başdaseniň bilen bile gelen bir ýigit bardy, şonuň ady nämedi?— Çary.— Hä, Çary. Şol häzirem şu ýerdemi?— Hawa. Şu ýerde.— Gaty gowy. Şol bolsa, bize başga adam gerek däl. Onyhem bile alyp gitmeli bolarys. Bu hakda men komandiriňizbilen gürleşdim. Siz pugta şaýyňyzy tutuň-da, gidýäniňizi diňekomandiriňize duýduryň. Başga bir adamam bilmesin. Onsoňikindinler ştaba baryň.— Her ýerik gitsegem, Çary bilen bile gitmelimi?- diýip,Perman begençli seslendi.


— Hawa, hawa - diýip, Permanyň şatlygyna öz ýanyndangoşulan komissar gelen ugruna baka gyssagly gitdi.Aşgabat, onuň töwerekleri Funtikowyň, Oraz serdaryň, iňlisinterwentleriniň elindedi. Olar indi ençeme wagt bäri halkytalap, weýrançylyk baryny edip ýördüler. Ýöne olaryň sanalgygünleri galypdy. Gyzyl Goşun gündogardan olary barha gysypgelýärdi. Talançy ak gwardiýaçylar iňlis interwentleri zoraçydaman birsyhly yza çekilýärdiler.Gyzyl Goşunyn esasy güýçleri olary maňlaýyndan ursa,partizan otrýadlary olaryň tylynda hereket edýärdiler,duýdansyz ýeňselerinden gelip urýardylar. Olar akgwardiýaçylar tarapyndan talaňa salnan oba daýhanlarybilenem gatnaşyk saklaýardylar. Şolaryň üsti bilen duşmanyňtylyna uzak aralyklara razwedka edýärdiler.Pýotr, Permaň, Çary üçüsi ştabdan atlanyp ugranlaryndan üçgün soň„ garaňky gatlyşyberende frontuň otuz kilometrgünbatar ýeňsesinde ýerleşýän bir obanyň çetinden girdiler.Olar göýä böwürlerini diňşirgeýän ýaly atlarynyň başynyçekdiler, oba içgin nazar saldylar.Oba ümsümlikdi. Ses-üýn eşidilmeýärdi. Göýä obadakytamam jandarlar irgözinden rahat uka batan ýalydy. Ýöneýolagçylar hiç zady geňlemediler. Olar munuň ýalyharabaçylyga meňzeýän obany birinji gezek görmeli däldiler.


Bu oba hem ilki jahan urşunyň, soňra graždanlyk urşunyňlabyrynyň astyna düşüp, tozgunçylyk ýagdaýyna ýeten köpköptürkmen obalarynyň biridi.Uruş turandan soň, telpek diýdi, öý diýdi, düýe hem ýatdiýdi, patyşanyň salgydynyň yzy tükenmedi. Soňra päle diýipadamlaryň özüni sürüp äkitdi. Soňra ak gwardiýaçylar, iňlisinterwentleri ilata talaň saldylar. Maslygy görende, garganyňkeýpiniň gelşi ýaly, halkyň bu bibat gününe heşelle kakyp,şoňdan bähbit agtaranlaram kändi. Olar basyp goýangallalaryny on esse artyk bahasyna satyp, halky öňküsindenembeter talaýardylar, kişi zähmetiniň hasabyna zowky-sapasürýärdiler. Sütem astynda galan, açlyk-ýalaňaçlyk belasynasezewar edilen adamlar bir döwüm çöregiň gözlegindeýurtlaryny taşlap, dumly-duşa pytrapdylar. Köp-köp öýleriňýeri tegelenip garalyp galypdy.Pýotr dagy bir azajyk sagynyp, töwerege seresaply nazaraýladylar, çilim çekişdiler. Onsoň obanyň ortasyndan geçýänköçä düşüp, günbatara baka ýüzlendiler.Ýaňy dogan aý ýokary galyp, tylladan ýasalan jam ýalylowurdap şöhle salýardy. Üç atly gaty eserdeň ýöräp, obanyňorta gürpünde bolan bir howlynyň agzynda atlarynyň başynyçekdiler. Bir azajyk wagt özara hümürdeşip durdular.


Bu howlynyň içinde bir öý bardy. Bu öýde bir goja garryaýaly hem on alty-on ýedi ýaşlaryndaky ogly bilen ýaşaýardy.Ýöne bu öýüň dul degşir gapdalynda göçürilen bir öýüň ýurdytegelenip ýatyrdy. Megerem, ol öý bu maşgalanyň gelin-gyz,oglan-uşagyny urşuň debsigine galdyrmazlyk üçin gumuňjümmüşine göçürilendir. Her näme-de bolsa, häzir bu howludagalan ýekeje öýde diňe üç adam bardy.— Howluda adam barmy haw! - diýen sese goşulyp,derwezäniň kakylan sesi hem eşidildi. Ýaşuly tarsa ýerindenturup, derwezä baka ugranda, ogly hem onuňyzyna düşdi. Ýaşuly derwezäniň agzyna ýetip:— Kim bolarsyňyz? - diýip seslendi. Howlynyň daşyndan:— Taňry myhmany! - diýen jogaby eşiden badyna, ýaşulyderwezäni açdy.— Geleweriň! - diýip, myhmanlary göwünjeňlik bilengarşy aldy. - Geliň-de düşüberiň.Däp boýunça, myhmanyň aty tutulanda bökdergidäkihorjundyr beýleki zatlaram öý eýeleri tarapyndan ýygnalýardy.Ýöne Pýotr dagy ýaraglaryny öz ýanlaryndan goýmadylar.Hatda Çarynyň bolşy ol bökdergidäki ýuklerini hem öýeýelerine ynanmaýan ýalydy. Şonuň üçinem Perman onuňböwrüne symsyklap, ony ýalňyşyny düzetmäge mejbur etdi.


Öýüň ortasynda bir kürüşgäniň agzyna demir epenek edilip,pagtadan edilen peltäni hem şol epenekden ötürip ýasalan çyraölügsi ýanyp durdy.Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, ýaşuly köreçel yşygyňaşagynda alasarmyk garaňkynyň arasynda görünýänmyhmanalara üns bilen syn edýärdi hem nämedir bir zatlaraňjak bolup çalyşýardy. Ol öz ýanyndan: “Bular atly, ýaragly,on ikisi düzüw adamlar. Bular hökümet adamy bolman, kimbolsun?” diýip oýlanýardy hem: “Bularyň ýanynda diliňe bekbolmaly. Ýalňyşyp-ýazyp zeýrenjek kişi bolaýmaly däl.Agzyňdan bir artyk söz çykaýsa, ertir öýüňi syryp, özüňi hemtussag edip äkiderler” diýip, öz-özüni pentleýärdi. Mundan öňhowlusynyň içini zeýrenç bilen dolduryp oturan ýaşuly häziragzyna dygy berjek bolup uly azara galýardy.Emma, ýeri gelende, şuny aýtmak gerek. Edil şol wagtlarobada ýarag götermeýän adam, onbiratary ýa-da bäşatarybolmadyk öý ýok diýen ýalydy.Bir az dymyşlykdan soň, ahyry ýaşuly söze başlamagatöwekgellik etdi.— Oglanlar, Marynam elden gideräýdiňizmi? - diýip,sypaýyçylyk bilen söze başlady.Çary birden gepläýsem, ýalňyşaryn, diýmesiz zady diýerindiýen gorky bilen sokulyk kesilen agaç ýaly bolup butnaman


otyrdy. Komissar türkmen dilini gowy bilýänem bolsa, käwagtdiliniň çalgyrtlaýandygyny aňlatmazlyk üçin, zerur geplemelibolaýmasa, dymyp oturýardy. Onuň üçinem bu ýaşuly bilenýaňraşmakPermanyň boýnuna galypdy. Perman çalarak ardynjyrady-da:— Onçasyny bilmedim, agam - dnýip, bir az sagyndy.Emma gyzyllar hüjüm edip Maryny alanlarynda ol söweşePermanyň özi hem gatnaşypdy. Ol Çarynyň hem “nämebilmeýärmişiň, Maryny alan özümiz dälmi?” diýen manydaseredýänini görüp, gürrüňini başgarak äheňde dowam etdi. -Aý, agam, boluşlary şu bolsa, Marysam gider, Tejenem. Biziň-äbu zatlar bilen işimizem ýok welin, bolsa-da bular ilaty gatyýaman horlaýarlar. Ine ýaňy-ýakynda biziň öz goňşymyzy“seniň öýüňden iki barmak kagyz çykdy” diýip, gözümiziňöňunde tutup alyp gitdiler. Öýüni taladylar. Soň bolsa pahyryatypdyrlar.Beýle ýagdaý Permanyň öz goňşusy bilen bolmadygambolsa, ol bu gürrüňi esassyz aýtmandy. Şeýle hakykat başga birýerde bolupdy. Permanyň bu gürrüňleri ýerbe-ýer getiripoturyşyna Çary öz ýanyndan geň galýardy. Permanyň busözlerinden soň, ýaşuly:— Eýsem, siz serdaryň adamsy däl-dä onda - diýip, gatygeň gören ýaly boldy.


— Ýok, agam, ýok. Biz öz peýwagtyna gezip ýören adam.Tejene baryp gaýdypdyk - diýip, Perman jogap berdi.Permanyň bu sözünden soň ýaşuly ýuwaş-ýuwaş agzyny özerkine goýberdi, zeýrenip başlady. Gürrüňini ilki otluçöpüňýoklugyndan başlady. Onuň deregine çakmak daşynyulanýandyklaryny, gow ýasamak üçin köne donlary aşgaraýatyrýandyklaryny aýtdy. Soň galla ýoklugyndan, mataýoklugyndan zeýrendi. Ilatyň açlykdan kösenýändigini aýtdy.Şol ýok-ýoga urup barşyna:— Ine, geýýänimiz gulaç - diýip, köýnegini görkezdi.Onsoň gürrüňini dowam etdi. - Inim, Tejen-pejen diýýändirlerwelin, ol bikärdir, orsýediň gallasy bolmasa, biz şol günaçdyrys hem ýalaňaçdyrys. Bu uruş, bu çaknyşyk, bu gandöküşiklik nämä gerekdi. Patyşa ýykyldy ýykyldy-da, owarragitsin patyşa, indi yzyndaky daýhanlaryň päleleriniň biri-birinigyryp ýörmesi näme? Asyl paýlaşyp bilmeýänleri näme?...Patyşany ýykanlar ýaňy ilata çörek, galla paýlap başlanwagtynda biz indi dokluga ýetdik diýip hezil edinipdik. Ine birýerden Oraz serdardyryn diýdi, Hojageldi handyryn diýdi, aý,garaz, gara geýimdirin, ak geýimdirin diýdi, bir zat tapdylar-da,ilaty edil açlygyndan gyrdylar. Kemsiz gyrgyna berdiler, inim.Bularyň gara geýimlerem gursun, ak geýimlerem.


Ýaşuly barha gyzýardy. Ol uzak wagtlap zeýrenjiniň yzynytüketmedi. Çaý-nahardan soň, ýatar çeni bolanda, ýaşuly obahäli-şindi hökümet atlylarynyň aýlanyp durýandyklarynyaýdyp, ýarag hem başga zatlaryny öz ygtyýarynatabşyrmaklaryny sorady. Olary äkidip, özüniň gaty berk ýerdegizlejekdigini aýtdy.Perman näme diýjegini bilmän, komissaryň ýüzüne garady.Ol ýaşula ynanmak gerek diýen yşarat etdi. Şondan soň Permanrazylyk berdi.Ýaşuly ogly bilen daşary çykyp gitdi. Olar atlary hemýaraglary nirededir bir ýerde ýygnap geldiler.Üç myhman bu gijäniň ukusyny rahatlyk bilen geçirdi.Ertesi ir bilen turanlarynda öýde myhmanlaryň özünden başgahiç kim ýokdy.Olar ýaşulynyň daşarda ogly bilen uly howsala düşüpnämedir bir zadyň gürrüňini edýändiklerini eşidip, bir şumhabar boldugyny aňladylar. Ýaşuly ogluna nämedir bir zatlarytabşyryşdyrdy-da, öýe kürsäp girdi. Öýe giren badyna hem:— Zaluwat, obany hökümet atlysy öýin-öýin döküp ýörýär.Indi näme etsekkäk? - diýip, aljyraňňylyk bilen habar berdi.Komissaryň görnüşi gaty parahatdy. Ol bu gelen adamynyňkimdigine-de, onuň häsiýetlerine-de gaty beletdi. “Bu gelenhökman rotmistr Wolkow bolmaly. Ondan başga adam bolup


ilmez - diýip, ol öz ýanyndan oýlandy. - Ýöne gep munda däl.Rotmistr Wolkow hiç wagt ýany az adamly çykmaýar. Onuňýanynda hemişe azyndan ýüz atlysy bolýar.”Ikinji tarapdan bolsa, rotmistr Wolkow komissary tanaýardy.Perman dagynyň tanaýşy ýaly, komissar diýip tanaman, özadamlary diýip tanaýardy. Onuň üçin hem rotmistr Pýotrygören badyna tanajakdy. Bu ýerde bir syr bardygyny aňlajakdy.Bu bolsa edilmeli işi gijä galdyrjakdy. Şonuň üçinem Pýotrhäzir Wolkowa özüni tanatman sypmagyň pikirini edýärdi.Perman bilen Çarynyňam, ýaşulynyňam bu zatlardan habaryýokdy. Nähili-de bolsa, ýaşuly bir az paýhaslandy-da, buýagdaýdan çykalga tapmak üçin öz gelen pikirini aýtdy.Oturanlar ýaşulynyň bu maslahatyny makul gördüler. Tizgeýimler çalşyryldy. Şineller duldaky çuwallaryň içine salyndy.Komissar sütükli guşagy kellesine mäkäm orady. Ýaşuly hasyrhusurtöre düşek atdy. Komissar düşege geçdi-de, ýorganybaşyna çekdi. Çary edil ýaşulynyň aýdyşy ýaly, botinkasynyaýryp, aýagyna çokaý geýdi. Egnine bir köne don geýip, biliniduşak bilen guşady. Ol başy tahýaça duldaky ýabadan asylgyderini toýnaklamaga oturdy. Perman bolsa egnindäki şineliniňderegine bir göwşüllän hywa donuny geýip, iç işikde bir duldaodunlyk üçin basylyp goýlan üzüm çöpleriniň üstünde oturdy.


On minuta ýetirip-ýetirmän, ýaşuly bu görnüşdäki sahnanykemsiz düzetdi. Ol iň soňunda Permanyň eline bir uzyn çybykbermegi hem unutmady. Ol kemi-kössi galan däl bolsa gerekdiýip, bu görnüşe ýene bir gezek syn salan wagty, Çarynyň deritoýnaklaşyny görüp, onuň özi hem haýran galdy. Çary sol elibilen derini tutup, sag eli bilenem toýnagyň sapyndan ýapyşyp,sag aýagyna toýnagyň ýüpüni üzeňňi edinip, iki elde bir aýakbolup, toýnaga şeýle bir agram salýardy welin, göýä on bäşýyllap deri işinde bolan ussa ýaly görünýärdi. Ýaşulynyň öziöýdäki semawary daşaryk çykaryp, onuň töweregindegüýmenjiräp ýördi.Şol wagt rotmistr Wolkow egnindäki pogonynyýalpyldadyp, ýanynyň atlylary bilen dabyrdap, derwezedengirdi. Ol atdan düşen wagty onuň yzyndaky jigitleri hem atdandüşdüler. Rotmistr gapynyň agzyna dykylyp bardy-da:— E-heý, ýaşuly, öýüňde kim bar? - diýip gygyrdy.— Aga, öz maşgalamdan başga hiç kim ýok - diýip, ýaşulybirden bir zat ýadyna düşen ýaly sagynjyrady-da, ýene dowametdi. - Hawa, hä... Bir soragjyk bilen gelen oglanam bar, ýönemen heniz şol oglanyň habarynam alamok, aga...Ýaşuly semawary daşaryk çykarandan soň, içerde galan üçmyhman öz aralarynda bir minutlyk maslahat edip, bilip


olmaz, jygba-jyga gelip, syryň üsti açylaýsa, diri ele düşmelidäl diýen pikire gelipdi.“Özümizem diri galmaly däl, Wolkow hem töweregindäkiatlylary bilen diri galmaly däl” diýdiler.— Rotmistr Wolkow halas ediş komitetiniň başlygyHojageldi hanyň sag goludyr. Ol tüýs jellatdyr - diýip,komissar düşündirdi.Elbetde, bularyň ýanyndan kagyz ýa-da plan tapylyp syrlaryaçyljak gümany ýokdy. Ýöne indi syryň açylmagy üçin diňekomissaryň ýüzüniň görünmegi ýeterlikdi. Şonuň üçinemkomissar ýorganyň aşagynda ýalaňaç mauzeri bilen bir elgranatyny taýyn edip ýatyrdy. Iş jygba-jyga baran minutyndarotmistr ýanynyň atlylary bilen, tutuş bu öý-öwzele bilen dyrpytrakbolup asmana uçmalydy. Çary bilen Perman hem bizseniň öli ýeriňde öli, diri ýeriňde diri diýip, şeýle etmegi makulgördüler.Perman üzüm çöpleriniň üstünde çybygyny ýereşarpyldadyp perwaýsyz otyrdy. Çary ýetişibildiginden deritoýnaklaýardy. Siňe syn eden adam onuň kalbynda az-kemaljyraňlylygyň bardygyny aňyp biljekdi.Rotmistr söze salym bermän:— Sen garry köpek, ýalan sözlemegi özüňe edil kespedinipsiň, akmak! - diýip, öýe kürsäp urdy. Ýaşuly hem onuň


ilen itnişip öýe girdi. Rotmistriň jigitleriniňem sygany öýegirdi, galany gapynyň agzyna egrilişip durdy. Gapynyňagzynda üç-dört sany jigit öýe giren rotmistriň hembeýlekileriň atyny tutup durdy. Ýaşulynyň aýaly bolsahowlynyň bir böwründe süplük süpürip, tezek ýygnap otyrdy.Rotmistr atlysy bilen howla gelip girende, bu garry aýal pahyroturan ýerinde göýä doňan ýaly aňk bolup galypdy. Olmyhmanlarymyzy tanap tutaýmabilseýdirler diýip,ýetişibildiginden hudaýy-öwlüýäni goýman çagyrýardy, olaryňýoluna çörek aýdýardy.Rotmistr içeri girenden soň, ýorganyň aşagynda ýatankomissara tarap elini salgady-da:— Ol ýatan kim? - diýip ýaşula hemle urdy.— Ol uly oglum, aga. Birnäçe wagtdan bäri nähoş ýatyr.Olam kiçi oglum-diýip, aljyraňňa düşen ýaşuly deri toýnaklapoturan Çaryny görkezdi. Rotmistr:— E-he... - diýip, bir gapdala öwrüldi-de: - Onda bu kim? -diýip, Permana baka gözüni ümledi.— Bu oba oglanlaryndan, aga. Men munuň habarynamalmaga ýetişmedim diýip aýtdym-a - diýip, ýaşuly çalt-çaltgürledi.— Akmak goja... - Rotmistr tumşugyny dik ýokary tutupPermana bakyp hemle urdy. - E-heý, sen kim bolarsyň?


— Baýar aga, men bir danhan. Açlygymyz üçin galla sorapýörün - diýip, Perman jogap berdi.Rotmistr Permany ýaňadandan boýdan-başa synlady. Birdenonuň sargyly botinkasyna gözi düşdi. Bir gorkunç zat görendek ziňkildäp gaýra çekildi. Ol:— E-he, ine saňa gerek bolsa... - diýip, sesini süýkdürdi: -Munuň aýagyna geýen botinkasyna serediň. Bolşewikleriňgeýýän botinkasy.Perman syr bildirmän, parahat otursa-da, rotmistriň busözlerini eşiden Çarynyň depe saçy üýşüp gitdi, gözleriniňöňünde al-ýaşyl uçgunlar peýda bolup, deri toýnaklamasynyhem unudyp, aňk bolup galdy. Emma Permanyň botinkasynakellesi gyzan duşmanlar onuň bolşundan bihabardylar.Rotmistr Wolkow:— Sen, it ogly, näletkerde, bu botinkany nireden aldyň? -diýip, Permanyň üstüne bogazyny ýyrtaýjak bolup gygyrdy.— Aga, siz munuň üçin galajyramaň. - Perman arkaýyngürledi. - Men muny Aşgabada baramda päle bazarynda birpäleçiden satyn aldym.Aslyna seredeniňde, bu botinka bu ýurdun botinkasybolman, iňlis botinkasydy. Aklar bir uruşda basylyp taşlapgaçanlarynda, şol ýerde bir eşalon sülsatlaryny, geýim, egin-


aş esbaplaryny taşlap gaçypdylar. Ol taşlanan zatlaramiňlisleriň aklara beren zatlarydy.Permanyň bu jogabyndan soň rotmistr Wolkow guduz açanýaly bolup gygyrdy:— Näme ýalan sözleýärsiň, itiň ogly. Pälede munuň ýalybotinka näme işlesin. Tur, düş öňüme, it ogly.Perman göz ýumup-açar salym paýhaslandy-da, işiň ýekeözi bilen gutarjagyna göz ýetirdi. Ýeňillik bilen dem aldy.— Aga, ol oba oglany. Men ony tanaýaryn - diýip, ýaşulyrotmistre ýalbaryp başlady.— Goý, akmak ýaşuly - diýdi-de, rotmistr Permanaýüzlendi. - Hany, düş öňüme, it ogly.Ýeke özi däl, hatda Çary bilen bile ele düşübemkomissary sag-aman sypdyryp bilse razy bolup oturan Permanwagty ýitirmän ýerinden turmaga gyssandy. Sebäbi komissarsypsa, tabşyrylan işiňem bitjekdigine, hatda özleriniňemboşadylmagynyň ahmaldygyna ol ynanýardy.— Ýaşuly, sen bulara ýalbarma. Goý, bular ellerindengelse, meni dograp, gowrup iýsinler-diýip, Perman silkinipýernden turdy. Rotmistr Permany öňüne salyp alyp gitdi.Perman dagy bir topar tussag bolup, bir topar atlynyň öňünedüşüp, gumak ýol bilen çaňap barýardylar. Howlynyň agzynaçykyp, olaryň yzyndan syn edip duran ýaşuly:


— Gaty gowy ýigitdi welin, guduzlar alyp gitdi - diýip,hyrçyny dişläp, başyny ýaýkaýardy.Howp sowulan badyna ýorgandan böküp turan komissar ilkibilen Çara göwünlik bermek, köşeşdirmek bilen boldy.— Çary, sen dünýäni gaýgy etme - diýdi. - Men onyAşgabada baran badyma alyp çykaryn.Çary Permanyň alnyp gidilmegine çolarak bir ýer bolsahäzir uly ili bilen gygyryp aglamaga ýaltanjak däldi. Emmamyhman ýerlerinden utanyp saklandy.Bolsa-da, komissar göwünlik berensoň, ol birneme köşeşdi.Basym bularam myhman ýeri bilen hoşlaşyp ugramak bilenboldular. Emma öňki üç atly indi ikibolup, Permanyň atyny hem goşlaryny alyp gitdiler.* * *Perman on bäş gün aklaryň türmesinde ýatdy. On altynjygün daňdana golaý Permany başga-da on-on bäş sany tussagyňarasyna goşup, Aşgabadyň belli köçeleriniň biri bilengaýralygyna sürüp ugradylar. Permanyň bile alnyp barylýantussaglarynyň arasynda haýsy milletden diýseň bardy.Tussaglar özleriniň şeýle biwagt nirä baka sürülýändikleriniýagşy bilýärdiler. Çünki Zakaspidäki aklar hökümetiniň


aşynda oturan polkownik Hojageldi hanyň hem onuňtöweregindäki adamlaryň ganhor jellatlardygy ýeke butussaglara däl, uly ile mälimdi.Her näme-de bolsa, birlän-ikilän garrylary hasap etmeseň,tussaglaryň köpüsi özlerini ýitirmändiler. Bu tussaglaryňarasynda nähilidir bir hyşy-wyşy gürrüň ondan-oňa geçipbaşlady. Tussaglaryň töweregine ýaltaklaşmasy hem köpeldi.Bu agşamky atylmaly adamlary başga kişä ynanman,rotmistr Wolkowyň hut özi sürüp alyp barýardy. Onuňýanyndaky atlylary hem ondan-mundan ýygnalan jalataýlardy,gandarlardy, köçe ogrularydy. Ýöne şolaryň içinde hem hak işüçin göreşýän adamlar bardy. Tussaglaryň arasynda hyşywuşynyň,töwerege garanjaklamagyň köpelmegi hem olaryalyp barýan atlylaryň biri tussaglaryň gulagyna bir zadypyşyrdap aýdandan soň başlanypdy. Ol gürrüň o tussagdan otussaga geçip, hemmesi habardar bolupdy. Rotmistr Wolkowbolsa bu gürrüňlerden habarsyz hol öňde atynyň üstünde dimdikoturyp barýardy. Beýleki garawullaram hiç zatdanhabarsyzdy.Tussaglar otly ýolundan geçdiler. Şäheriň gaýra başynaçykdylar. Mazarçylygyň gapdalyny syryp ugranlaryndameýitleriniň ýandaklyk meýdanda seriljekdigine göz ýetirdiler.Şol wagt birden öňden barýan bir tussagyň essi aýylyp


ýykyldy. Yzyndakylar hem aýak çekdiler. Elbetde, buýykylmak säwlik bilen bolan zat bolman, şertleşilen hereketdi.Garawullar hem togtadylar.Rotmistr Wolkow tussaglardan on-ýigrimi- ädim aranyaçandan soň, yzynda çybşyldynyň galanyny duýup, atynyňbaşyny çekdi. Yzyna baka gygyrdy. Garawullar ony ýagdaýdanhabardar etdiler-de, özleri bar ünsüni essi aýylyp ýykylantussaga berdiler. Ol ýykylan adam wagt ýetende garawulynboýnuna towsaryn diýip, bir garawuly peýläp, düwdek ýalydüwlüpdi.Rotmistr gygyrandan soň söze salym geçmändi. Birdenpesräk köne haýatyň burçy bilen rotmistriň duran ýeriniňaralygynda bomba ýaryldy. Edil şol pursatda hem rotmistriňýeňsesine daýaw serdesse örän ygtyýarly güýç bilen gülçüldäpdegdi. Rotmistr atdan agdaryldy. Şol pursatda haýatyňdüýbünden bir topar gara salgym atyp öňe eňdi. Birki-üç gezektüpeň sesi eşidildi.Bu duýdansyz ýagdaý garawullary aljyratdy. Olar atyşypdurmaga-da ýetişmediler. Diňe üç sapar tüpeň atyldy. Baş-başada,jan-janalyk başlandy.Garawullaryň birnäçesi tüpeňini aldyryp, bir iki ýarymytüpeňli yzlaryna şähere baka ökje göterdiler. Bir-iki ýarym


akmak garawullaryň bolsa “gapdaldaky mazarçylykdan ölülerçozandyr” diýip zähresi ýarylypdy.Bu aljyraňlylykdan peýdalanyp, tussaglar hem özugurlaryna gaçdylar. Ylgap barýan Perman yzyndan biriniň:— Çepe, çepe, Perman, çepe! - diýip gygyrýanyny eşitdi.Bu sesi Perman bada tanady, çepe buruldy. Beýleki tussaglaramonuň yzyna düşdi.Permanyň yzyndan gygyran Pýotrdy. Ol derrew bularyňyzyndan ýetdi. Bular uzak gitmän ýandaklyk meýdandaky biroýda tussaglar üçin taýynlanyp goýlan on bäş sany atyňüstünden bardylar. Atlary saklap duran üç sany atlynyň biriÇarydy.Çarynyň hem onuň ýoldaşlarynyň egninde ýüzi iki kelleliguş suratly sary pogonlary bardy. Olar şol wagt aklaryňpartizan otrýady ady bilen birnäçesini mejbur edip, birnäçesinipuluň güýji bilen ýygnap, ýaşlardan düzülen otrýadyňformasydy. Çary hem komissaryň görkezmesi boýunça şolotrýada giripdi. Bular bu atlary hem şondan alyp gaýdypdylar.Bular ertir hiç kime mälim bolmanka kazarma dolanmalydylar.Ýaňky ýerde garawullaryň üstüne hüjüm edenler, bombaýaranlar, rotmistriň ýeňsesine serdesse bilen uranlar atuwaalnyp barylýan tussaglary boşatmak üçin toplanan işçilerotrýadydy. Tussaglary boşadanlaryndan soň olar öýli-öýlerine


sag-aman dolandylar. Komissar bilen Çary dagy bolsa bu ýereýygnanan tussaglary tükelläp gördüler. Olaryň üçüsikemelipdir. Olaryň ikisine ok degen eken, biri bolsa ters ugragaçyp giden borludy.— Ony men tapyp gizlärin hem obasyna sag-aman ýeterýaly ederin. Siz bolsaňyz durman, ýola düşüň. Soňra Çaryatlary ýerine eltip goýmalydyr - diýip, Pýotr ýanyna ýene biradam aldy-da, başynyň sarsgynyna ters ugra gaçyp gidentussagyň gözlegine gitdi.Tussaglar atlanyp, şäheriň bir gapdaly bilen baýyrçylygaurup gitdiler.Garawullaryň üstüne çozup, tussaglary boşadan işçileriňýaran bombalary hakyky bomba däldi, gury sesli ýarylgyçdy.Çozan işçileriň serdesseden başga ýaragy ýokdy. Ýönerotmistriň ýeňsesine degen taýakdan başga, onuň çatmaňlaýyna-da bir zat degip, bir taý dulugyny bölüp, bir gözünihem petredip çykarypdyr. Oňa ýa öňündenem bir taýakdegipdir, ýa-da emeli bomba ýarylanda aty çar-paýa galyp, onybulap urupdyr-da, maňlaýy bir gyçak daşyň üstüne degipdir.Rotmistr ölmändi, ýöne ölmese-de gülmändem, ol indi ömürlikmaýyp bolup galypdy.Çary, Perman dagy şäheriň günbatar tarapyndan aýlanyp,ileri ýüzünden içine girdiler. Egrije darajyk köçelerden


aýlanyp, iki-üç işikde durdular. Bu durulýan işikleriň hemmesiÇarynyň belet işikleridi. Sebäbi komissar ony ozal bu işiklerebelet edipdi. Bu tussaglar bölünip, şol jaýlarda ýerleşdirildi.Soňra Çary Permany şäheriň içirägine bir ýere alyp bardy. Birgapynyň agzynda atyny saklap, Çary ony çalaja kakdy. Gapyaçyldy. Aňyrdan komissar peýda boldy.— Gel, Perman - diýip, ol berk ynanç bilen aýtdy. Permaniçeri girdi. Komissar ýoldaşlary bilen gapynyň agzynda duranÇara ýüzlendi. - Çary, daň atmaga ýene bir sagat galypdyr. Sizdaň atmazdan öňürti hiç kime duýdurman, atlary athana eltipdaňyň. - Çary sesini çykarman atynyň üstüne böküp mündi.Permanyň münüp gelen atyny hem goşuna alyp, beýleräkdegaraşyp duran ýoldaşlarynyň ýanyna ugrady.***Pýotr Stepanowiç häkimiýet pitneçileriň eline geçenden soň,Gyzyl Goşunyň ştabynyň tabşyrmagy bilen aklaryň arasyndagalypdy. Olaryň ynamyna girip, ştabda degerli wezipedeişleýärdi. Gyzyl Goşuna gerekli maglumatlary ýetirip durýardy,aklaryň arasynda ýeriň asty bilen iş alyp barýardy.Pýotr birnäçe günläp Permany bakyp-bejerdi. Ony täzedostlary bilen tanyşdyrdy. Ýöne bu ýerde işsiz ýatmaga


Permanyň uzak takaty ýetmedi. Ol bir gün komissara ýüzlenipşeýle diýdi:— Ýoldaş komissar, biziň beýdip iýip-içip ýatmagymyzbolmaýar ahyry. Beýlede bolsa doganlarymyz gan döküpýörler-diýdi.— Dogry, Perman, men sendenem beter howlugýaryn -diýip, Pýotr ýagdaýy düşündirip başlady. - Emma tabşyryklaryýerine ýetirmegiň aladasyny etmeli. Ýöne gyssanmaly däl-de,oýlanyşykly, seresaply işlemeli. Ýogsa ähli azabymyzyň puçbolmagy, özümiziňem ele düşäýmegimiz ahmal. Her bir işiýerinde etmek gerek. Indi sen dynjyňy aldyň. Meniň birtabşyrygym bar. Ony sen, elbetde, ýerine ýetirersiň. Seniňýanyňa ýoldaş Borisowy goşýaryn. Şol işi bitireniňizden soňamBorisow ikiňiz meniň planym boýunça hereket edersiňiz.Pýotr agşam Permany, Çaryny, Borisowy ýanyna çagyryp,hemme etmeli işleri jikme-jik düşündirdi. Sözüniň ahyryndabolsa:— Biziň maksadymyz aýdyň. Biz zähmetkeşleri zulumdan,sütemden azat etmeli. Biz şunuň üçin gan dökýäris. Siziňhemmäňizem zähmetkeş çagasy. Siz bu maksat üçin diňe gandökmek däl, ýeri gelende ölmäge-de taýýarmykaňyz diýýärin -diýdi.


— Ýoldaş komissar, biz aýdyň maksat ugrunda janbermäge taýýardyrys - diýip, ýigitler ýerli-ýerden seslendiler.— Duşmany edil bomba ýarylan ýaly merkezinden ýarmakoňa berk zarba bolar. Ýöne bu işde gaty seresaplylyk hemgaýduwsyzlyk gerekdir. Meniň şu aýdanlarymy unutmaň -diýip, Pýotr olara pugta sargady.Bu ýigitler tapyşyk ýerini wadalaşyp, her haýsy öz ugrunaçykyp gitdi.“Ak gwardiýaçylaryň partizan polky” ady bilen düzülenpolkuň komandirine Nyýazbeg Kazy diýerdiler. Gökdepe urşywagtynda Dykma serdar hem şoňa meňzeşler bilen dönüklikedeni üçin, patyşa hökümeti tarapyndan bu adama ofiserlik çiniberlipdi. Ol diwizion mekdebine gatnaşyp, otuz iki harpy ýattutupdy. Zakaspiniň aklar hökümeti hem Oraz serdar öz atasybilen bile dönüklik eden bu adama: “Bar, sen polka komandirbol, egniňe-de polkownik çinini dakyn” diýen badyna, olýüzüniň ugruna bazardan polkowniklik çinini satyn alyp,egnine dakyndy hem Teke bazaryndaky uly söwdagärleriňjaýyna geldi. Söwdagärler çinini gutlap, sowgat-serpaýedenlerinden soň, özüniň polkuna bardy. Bu döşi gapak ýaly,uzyn ak sakgaly guşaklygyna düşüp duran namazhon ýaşulydy.Ona tabşyrylan polk bolsa Denikin tarapyndan iberilen birýüzlük çeçenlerden hem üç ýüzlük türkmenlerden ybarat atly


goşundy. Bu atlylaryňam köpüsi goşuna zorluk bilen alnanadamlardy. Galanlary bolsa atasy uran, enesi sögen, bir toparpula tutulan näkeslerdi. Aşgabatda aklaryň pulunyň weji gaçyp,güýji gidip, onuň bir müň manadyna bir gap otlüçöpberilmänden soň, ol puluna tutulanlar hem iki-ýekeden sypypgaçmaga başlapdylar.Komissaryň Perman bilen Borisowa tabşyryk beripgoýberen gününiň ertesi agşam gije ýarymdan agandan soň, bupolkuň howlusynyň gapdalyna bir wzwodaýakyn ýaraglanan goşun bölegi çalasyn ýöräp geldi. Iki sanymeňzeş çinli ofiser bu goşunyň öňüne düşüp gelýärdi. Bularýuwaşlyk bilen derwezä baryp, derwezäniň agzynda irkilipoturan garawulyň gursagyna nagan goýup oýardylar.— Ýeriňden gymyldama, jyňk etdigiň janyn jähennemegider - diýlen buýrukdan soň, sähne-tentek ýaly bolan garawuldoňňara daş bolup galdy. Ýaragly tamlaryň agzyndakygarawullaryň hem bary edil şonuň ýaly edildi. Hemme ýergabaldy.Ýaraglar alnyp, polk ýaragsyzlandyryldy. Şol wagt iki ofiserwagty ýitirmän, baryp polkownigiň gapysyny depmäge durdy.Polkownik gapysyny açan wagtynda eginleriniň çininilowurdadyp duran iki sany ofisere gözi düşdi.


— Gije ýarymdan soň meniň gapymy kakyp, siz nämedälirediňizmi? - diýip, olaryň üstüne abyr-zabyr edip başlady.Ofiserlerden biri:— Jenap polkownik, biz buýruga amal edýäris. Iňlisştabynyň tabşyrygy bilen, hökümetiň buýrugy boýunça siztussag. Özüňizi hem polkuňyzy ýaragsyzlandyrmaly. Inebuýruk - diýip, kagyzy uzatdy. Polkownik kagyza göz gezdirdi,onuň elleri sandyrady, gözleri garaňkyrady. Ýöne ol näçealjyrasa-da, buýrukda ýazylan zada düşünip aljyramaýardy.Sebäbi ol hat okap, düşünip bilmeýärdi. Şonuň üçinem ol:— Men kömekçimi çagyraýyn - diýip, çykmaga hyýal etdi.Emma ofiserler:— Jenap polkownik, ýeriňizden butnamaga hakyňyz ýok.Kömekçiňiz eýýäm tussag edildi - diýip buýruk edenden soň,ol alaçsyz galdy. Polkownigiň ýaragyny aldylar-da:— Ertire çenli öz jaýyňyzdan çykmaly däl. Biz daşyňyzdangulplaýarys. Gapyda-da garawul goýýarys-diýenlerinden soň,ol biygtyýar düşegine geçdi.Polkownigiň kömekçisi tussag edilmändi. Ol öten agşamlülgammar bolup, öz dostlarynyň biriniň öýünde galypdy. Olýagdaý hem bu iki ofisere mälimdi.Gijäniň ýarynda bir bölek goşunyň öňüne düşüp, bu işleribitirip ýören iki ofiser Perman bilen Borisowdy. Bular ýarag


ammarynda bolan hemme ýaraglary göterdiler. Şolaryň içindeiki sany pulemýot hem bardy. Polkuň iki ýüzlügi hem bularagoşulyp çykyp gitdi. Bular öňünden dil düwüşikli adamlardy.Perman bilen Borisow öz otrýadynyň esgerlerini athanadabakyda duran demgir atlara mündürdiler-de, komissaryň çekipberen plany boýunça sürüp gitdiler.Polkownik bilen onuň beýleki kazarmada galan adamlarydaşymyz garawully gabalgydyr diýip ýatyrdylar. Polkownigiňbolsa daň atýança gözüne uky gelmedi. Daň atyp gün dogandansoň ol bir syryň bardygyny aňlady. Basym hemme zat aýanbolup, Perman dagynyň yzyndan bir otrýad kowgy iberildi. Olotrýada bolsa iňlis ofiserleriniň biri komandirlik edýärdi.Kowgy guma tarap gitdi. Olar ýedi günden soň hiç bir garaçyragörmän, hiç bir myş aňman dolanyp geldiler.Perman bilen Borisowyň otrýady onçakly daşda däldi.Bukulmaga ýer gyt däl, näme kän, boş kazarma kän, jahan urşybaşlanandan soň agyr goşunlary gidip, içi göçülen gala ýalybolup boşap galan lagerleriň birine baryp jaýlaşypdylar hemözleriniň ýatymlaryny berkidipdiler. Kowguçylar bolsa olarbeýle töwekgelçilik edip biler diýip göwünlerine-degetirmeýärdiler.Şondan soň kän wagt geçmänkä Perman bilen Borisowkomissardan täze buýruk aldy. Olar urşuň ýeňsesine ýakynlap,


duşmanyň yzyny kesmelidiler. Otrýad şol gün agşam göterilip,görkezilen ugur boýunça şemal ýaly süýnüp gitdi. Duşmanyňýeňsesi kesildi, aňyrdan zor salyp gelýän Gyzyl Goşunbölümleri bilen arada galyp, derbi-dagyn edildi. Gyzyl GoşunAşgabada dabara bilen girende, Perman bilen Borisowyňotrýady hem ýeňijiler bilen bile girdi.Aşgabat alnandan soň, Perman komissardan üç gün rugsatalyp, babasy Öwezmyrat batyryň ýanyna gitdi. Babasy saglykamanlykdansoň:— Heý, atdan habar bilmediňmi? - diýip, ilki bilen atynysorady.Graždanlyk urşy başlanandaň soň yzynda bolan wakalardanPermanyň habary ýok. Öwezmyrat serdaryň yklymy baglanGyrguşuny Oraz serdar zor bilen alyp, öz tohum gylýallarynahöwür at edipdi. Öwezmyrat batyr bolsa:— Gel-gel dönük Dykma serdaryň ogly meniň atymyelimden zorlap alarmy?! - diýip, onuň ugrunda kän heläkbolupdy.Öwezmyrat batyryň Perman şol wakalardan habarlydyröýdüp atyny sorap durşudy. Perman:— Baba, entek duşmanlary ýurtdan çykaryp, urşy birgutaraly. Ondan soň men ol aty her ýerde-de bolsa tapypgetirerin - diýenden soň, Öwezmyrat batyr birneme köşeşdi.


Urşy gutaryp, ýurdy ak galtamanlardan, iňlisbasybalyjylaryndan arassalanlaryndan soň, Perman komandiriňrugsat bermegi bilen Oraz serdaryň gylýallarynyň arasyndanbabasynyň atyny tanap alyp gaýtdy. Onuň ýany bilen edilşonuň özüne meszeş bir tohum gunany hem alyp gaýtdy.Öwezmyrat batyr atyny gördi, at hem eýesini görüp bir kişňedi.Emma atyň toýnaklary düşüp, tüýleri bulaşyp durdy. Önuňbeýle ebla ýagdaýa düşenini gören Öwezmyrat batyr atynyňboýnundan gujaklady, maňlaýyndan ogşap, göz ýaş edipaglady.PERMAN DEMIR ÝOL IŞGÄRIÝurdumyz içki duşmanlardan hem daşary ýurtinterwentlerinden doly arassalanandan soň, obalarda kolhozlargurlup başlandy. Şäherlerde zawodlaryň, fabrikleriň işigurnalyp ýola goýuldy. Beýik rus halkynyň, beýleki doganlykhalklaryň kömegi bilen respublikamyzda täze sosialistikjemgyýet gurlup başlandy. Ýerlerden kadrlar taýýarlamak üçinoglan-gyzlar Moskwa, Leningrad, Daşkent ýaly şäherlereokuwa iberilýärdi. Perman bilen Çary hem Moskwadakyuniwersitete gitdi. Olar gelenlerinden soň demir el işgäri bolupgaldylar.


Pýotr bilen Perman işiň ahyrraklarynda aýlyklaryny alyp,tirkeşip magazinlere aýlanmaga gitdiler. Olar öz maşgalasyüçin gerek zatlaryny alyp, öli-öýüne ugradylar. Pýotrstansiýada ýaşaýan bolsa, Perman stansiýanyň golaýyndakykolhozda ýaşaýardy. Permanyň gelni Jemal hem kolhozdaişleýärdi.Bu howlynyň içinde Öwezmyrat batyryň, Mamagül ejäniňgaraja öýi, öýüň gabat garşysynda bolsa eýwanly tamy bardy.Perman eli zatdan doly gapydan girdi. Şol wagt onuň çagalarygygyryşyp, onuň öňünden çykdylar.— Näme getirdiň, kaka? - diýşip daşyna üýşdüler.Içerden etli-ganly, bugdaý reňk tegelek ýüzli, orta boýly,otuz ýaşlar töweregindäki görmegeý bir gelin çykdy. Onuňsyratyna görä burny ýerbe-ýer, ösgünräk gaşlary garagözleriniň üstüne kölegäp durýar. Ol Jemaldy. Ol aýak üstündeduran ýerinden:— Bu gün hasam gijä galdyň, Perman - diýende, onuňgaşlary-da çytylyp gitdi. - Garrylar saňa garaşyp, nahar iýmänotyrlar.— Işden gelýärkäm, ýolda bir ýoldaşym duşaýdy.- Soňra ol ogly Myrada ýüzlendi. - oglum, babaň bilen mamaňyalyp gel.Öwezmyrat batyr bilen Mamagül eje tirkeşip geldi.


— Geldiňmi, oglum? Giçläpsiň-le? - diýip, Öwezmyratbatyr agtygyna habar gatdy.— Aý, baba, ilki bazarladym. Soňam bir ýoldaşym duşdyda,aýak üstünde gümür-ýamyr etdik.Orta saçak ýazylyp hemmesi üýşüp nahar iýmäge oturdylar.Şol aralykda Permanyň ogly Myrat:— Kaka, meni bu gün däde Mansuryň ýanyna näme üçinäkitmediň? Men demir ýoluň üstünden ýöreýän arabamünjekdim - diýdi.— Bu wagt seniň okuwyň bar ahyry, okuwyňy gutararsyň,onsoň äkiderin. - Perman babasyna garap dowam etdi.- Baba,demir ýol işgärlerine jaý berýärler. Şeýle owadan jaýlar. Içindeelektrik çyralary ýalpyldap ýanyp dur.Garrylardan öň Jemal seslendi:— Men kolhozda işläp ýörün ahyry. Kolhozymyz bu ýylpuly geçen ýylka garaňda kän paýlarmyka diýýärin.— Bu garaja öýümizi nädeli? Bu atymyň ýatagyny görüpdurmasam, kararym ýetmez, oglum - diýip, Öwezmyrat batyraladaly seslendi. Ýok, razy bolmasaňyz, jaýam almarys,kolhozdanam göçmeris - diýip, Perman Jemal bilen babasynyňugrundan gopdy. - Dogrudanam şu babamyň aýdýany hak.Köne ýurdumyzy taşlap gidip bolmaz. Ýöne häzirki diýýänjaýlarym welin üýtgeşik jaýlar.


Öwezmyrat batyr Permanyň ýüzüne garap üýtgeşik birbuýsanç bilen gürledi:— Men bir wagtlar Sibirde bolamda, Stepan agadan beýikLeniniň tarypyny eşidipdim. Bizi bu ýagtylyga çykaran,agzymyzy aşa ýetiren dünýä mazlumlarynyň serdary beýikLenindir.


Nargylyç HOJAGELDIÝEWÖMÜR KITABYSözsoňyKyn ykbally adamlar bolýar. Kyn ykbally adamlar ýaly,kyn ykbally eserler hem bolýar. Türkmen sowet edebiýatynyňdüýbüni tutujylaryň biri, ajaýyp söz ussady Ata Gowşudowyň«Perman» romanynyň ykbaly hem kyn boldy. Awtory onuňçap bolup çykanyny görüp bilmän gitdi. Okyjylar bolsa oňadoly ýazylyp gutarylandan soňam kyrk ýyldan gowrakgaraşmaly boldular.Kyrk ýyl. Är ömri. Roman bilen bile dünýä inen çagalaragtykly bolup gitdiler. Okyjylaryň bir topar nesli çalyşdy.Romanyň çykanyny görüp bilmän giden diňe awtor bolmady...Ýöne okyjylar garaşdylar. Geň görmeli zat — romanyňgolýazmasynyň ýitirilendigi hakdaky gürrüň tutuş respublikaýaýrap, uludan-kiçä hemme kişä mälim bolan wagtynda-da,okyjylar kyrk ýyllap umydy goldan bermediler. Uzak ýyllaryňdowamynda romanyň golýazmasy ýitipdir diýen gürrüňiňgapdaly bilen «barmyş», «tapylanmyş» diýen umytlandyryjy«myş» hem ýaşap geldi.Şol «myşyň» aňyrsynyň juda boş däl ekendigini bizdiňe indi bilýäris. Öň bolsa şol «myş» halk umydynyň,


yhlasynyň, ynanjynyň öçmez uçgunjygy ýaly bolup köräpgelipdi.Öz wagtynda romanyň golýazmasyny doly okapçykandyr öýdülýän adamlary barmak basyp sanaýmaly.Döwürleýin metbugatda hem ondan käbir bölekler çapedilipdir. Roman hakda edebiýaty öwreniş ylmynda we edebitankytda hem düýpli aýdylan zat ýok.«Perman» romany hakdaky iň giňişleýin maglumata biz«Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» IV tomunyň («Ylym»neşirýaty, 1979) filologiýa ylymlarynyň kandidaty G.Kulyýewa tarapyndan ýazylan «Otuzynjy ýyllaryň prozasy»diýen bölüminde we V tomunyň birinji kitabynyň («Ylym»neşirýaty, 1980) filologiýa ylymlarynyň kandidaty T.Durdyýew tarapyndan ýazylan «Ata Gowşudow» diýenbölüminde gabat gelýäris. Eseriň döreýiş hem öwreniliş taryhybilen baglanyşykly bolany üçin şol maglumatlaryň ikisini hemtutuşlygyna getirmegi maksada laýyk hasap edýäris.Filologiýa ylymlarynyň kandidaty G. Kulyýewa şeýleýazýar:«1939-njy ýylda «Sowet edebiýaty» žurnalynyňsahypalarynda Ata Gozşudowyň «Perman» atly ilkinjiromanyndan bölümler çap edilip ugralýar. Şol bölümlerdengörnüşine görä, romanda rewolýusiýadan öňki döwür


Türkmenistanda hukuksyz galdyrylan, şeýle hem horlanandaýhan köpçüligi bilen olary ezýän bir topar baýlaryň we rusçinowiikleriniň arasyndaky göze dürtülip duran garşylyklaryňgörnetin ýitileşen pursatlarynyň biri şöhlelendirilipdir.Romanyň baş bölümi ýaly bolup duýulýan «Gümanlyýazgytda» ýazyjy rewolýusiýanyň öň ýanyndaky türkmenobasynyň suratyny çekipdir: ojagyň başynda Öwezmyrat batyrçylşyrymly durmuş dogrusynda pikirlenip otyr. Şol wagtagtygy Perman gelýär. Ol baýlaryň obadaky iň gowy atlary elesalmak üçin täze pirim gurýandyklaryny habar berýär. Şolatlar, hamala, patyşa goşunyna gerek diýen bahana bilendaýhanlaryň atlaryny ýygnamak, soňundan bolsa baýarlardanolary satyn almak isleýärler. Baýlaryň gabahatçylykly işinePermanyň gahary gelýär, olaryň garşysyna bir zatlar edesigelýär. Ýöne ondan näme çykjagyny bilenok. Ýaşuly hemnäme etmelidigi barada uly alada galýar.Ýazyjy bu ýerde köne düzgüniň garşysyna daýhanlaryňguramaçylykly çykyş etmeklige heniz ukyply däldiginigörkezýär. Öwezmyrat aganyň bar edip bilen zady aty Permanbilen başga bir oba gaçyrýar. Perman gidenden soň, ýaşulynytutýarlar we Aşgabada alyp gidýärler. «Gyrguş» babyndasoňky wakalar ýaşulynyň ýatlamalary bilen utgaşyp gidýär.Sud organlarynda höküm surýän adalatsyzlyklar barasynda


gürrüň berilýär. Öwezmyrat aga patyşa çinowniklerindenbiderek ýere hantama bolýar. Olar kömek edeli diýip, utanmanýaşulynyň iň soňky köpügine çenli alýarlar.Soňky bölümlerde bolsa ýazyjy gahrymanynyňbaşyndan geçen kynçylyklary görkezmek isleýär. Ony dürliwakalaryň içinde suratlandyrýar. «Kim kimi awlamak» atlybölümde Perman iberilen obasyna barýarka, gumda bolupgeçen wakany görýäris. Onuň öňünden aty tutup, eltip bereneullakan sylag beriljekdigini eşiden alamançylar topary çykýar.Eýesine wepaly at serpýär-de, yzyna tutduryberýär. Nebsimizagyrsa-da, soň gahrymana näme bolandygyny bilemizok. Şubölümde gahrymanyň obrazynyň tipik alamatlarynyň dogryberlip başlanandygy görünýär.Çap edilen bölümleriň iň soňkusy bolan «Myş-myşlarwe hakykat», sýužeti boýunça öňküleriň dowamy däl. Bu ýerdeÖwezmyrat agany eýran nökeri bilen tutluşýan gaýduwsyz webatyr ýaş ýigit hökmünde görýäris. Çap edilende yzdaýerleşdirilendigine seretmezden, şol parça romanyň başkybölümleriniň biri bolaýmagy mümkin.Şeýlelik bilen, çap edilen bölümlere seredeniňde,romanda rewolýusiýanyň öň ýanyndaky Türkmenistanyňçylşyrymly sosial garşylyklaryny görkezmek niýet edilipdir.Garyp daýhan köpçüliginiň gitdigiçe gedaýlaşmagy, halkyň


arasynda närazylygyň ösmegi, heniz synpy duýgusy ösmedikbaý bolsun, garyp bolsun öz awyna tapawut goýman topulýanalamançylaryň hereketleri şol romanyň esasy obýekti bolmaly.Aşgabatdan gaýdyp gelen Öwezmyrat aga dogrusynda,alamançylardan gaçan Permanyň ykbaly hakda başga zataýdylmaýar. Gürrüň orta ýolda goýulýar. Çap edilen bäşbölümde Permanyň ejesi bilen baglanyşykly girizilen sýužetiňhem ujy görünýär-de gidýär. Türkmen sowet edebiýatynyňtaryhy hem-de Ata Gowşudowyň döredijiligi bilenmeşgullanýan ýoldaşlar ýazyjynyň şu gyzykly romanynyňgolýazmasyny tapyp bilseler, gowy bolardy», («Türkmenedebiýatynyň taryhy», IV tom, «Ylym» neşirýaty, 1979, 204-206-njy sah.)Filologiýa ylymlarynyň kandidaty T. Durdyýew hemşeýle ýazýar:«1930-njy ýyldan başlap, A. Gowşudow proza žanryndaeser döretmeklige geçýär. 1940-njy ýyla çenli ol onlarçafelýeton, hekaýa, oçerk hem «Watan ogly» powestini ýazýar.Şeýle hem ýazyjy otuzynjy ýyllaryň başyndan durmuşwakalaryny has giň, köpsanly çeper obrazlaryň üsti bilensuratlandyryp görkezmäge mümkinçilik berýän iri planly epikeser ýazmaga — roman döretmäge girişýär. Ol tä 1941-njiýylyň başlaryna çenli «Perman» atly taryhy romanynyň


üstünde işleýär. Bu romanyň öz içine alýan döwri, ondasuratlandyrylýan esasy syýasy-sosial wakalar hakda gürrüňedip, A. Gowşudow 1939-njy ýylyň ahyrynda şeýle ýazypdy:«...Bu romanyň birinji bölümi türkmen halkynyňkolonial döwründen öňki döwrüni suratlandyrýar we Zakaspioblastynda graždanlyk urşunyň gutarmagy bilen romangutarýar. Şu jümleden 1916-njy ýylyň gozgalaňyndan birgörnüşini hem şu roman öz içine alýar...» («Sowet edebiýaty»,1940, № 1, 92-nji sah.)«Perman» A. Gowşudowyň giň planly epiki formaýüzlenmeginiň ilkinji tejribesidir. Bu roman, esasan, ýazylypgutarylan bolsa-da, käbir taryhy wakalaryň (ylaýta-da Gokdepeurşy bilen baglanyşykly wakalaryň) görkezilişinde onda entekbirnäçe ýetmezçilikler bardy. Öz ilkinji romanynda şeýlekemçilikleriň, entek taraşlanmaly ýerleriniň bardygyny, käbiredebi obrazlary, eseriň aýry-aýry bölümlerini täzeden işläpçykmalydygyny soňky wagtlarda awtoryň özi hem bilýärdi.Hatda ýazyjy 1940-njy ýylyň başlarynda bu eseriň üstündetäzeden işläp hem başlaýar. Emma 1941-nji ýylda BeýikWatançylyk urşunyň başlanmagy bilen, A. Gowşudow döwrüňtäze talaplaryna laýyklykda işlemeli bolýar. Şonuň üçin hemýazyjy özüniň bütin güýjüni eýýäm 1939-njy ýylyňahyrlarynda ýazmaga girişen ikinji bir düýpli eserini —


«Mähri-Wepa» romanyny Beýik Watançylyk urşunyňtalaplaryna laýyk edip ýazmaga gönükdirýär.«Perman» romany hakynda bolsa şulary belläp geçmekmümkin: birinjiden, bu eser doly ýazylyp gutarylmandygyüçin, hiç ýerde tutuşlygyna çap edilmedi. Ikinji tarapdan hemromanyň uly bir bölümi 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçenýer titremesinden soň tapylmady. Eseriň beýleki bölüminiňgolýazmasy bolsa häzirki wagtda ýazyjynyň şahsy arhiwindesaklanýar. A. Gowşudowyň «Perman» romanynyň bäş bölümi«Sowet edebiýaty» žurnalynyň dürli sanlarynda çap edildi.(«Sowet edebiýaty», 1939, № 2, 4, 7, 8, 11; 1940, № 8, 9). Buýagdaýlaryň hemmesi «Perman» romany hakynda giňdengürrüň etmäge, bütewi eser hökmünde ony derňemägemümkinçilik bermeýär. Emma şol taryhy romanyň türkmensowet prozasynda, ylaýta-da otuzynjy ýyllaryň edebiýatyndagörnükli orny eýelemäge mynasypdygyny belläp geçmekgerek. Romanda özboluşly edebi obrazlaryň tutuş birgalereýasynyň döredilendigi şol eseriň neşir edilenbölümlerinden görünýär. Rus halky bilen türkmen halkynyňekabyr progressiw pikirli ogullarynyň arasyndaky doganlykdostlukgatnaşyklaryny şöhlelendirýän epizodlaryny tolgunmanokamak mümkin däl. Halky talap gelen synpy duşmanlaryň,din wekilleriniň bozuk ahlagy, edýän ähli pyssy-pujurlyklary


ussat ýazyjy tarapyndan güýçli satira bilen doly açylypgörkezilýär. «Perman» romany örän gyzykly taryhymateriallara baýlygy, diliniň sadalygy, sýužetiniň gyzyklylygybilen okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Hut şu tarapdanseredeniňde, ýazyjy A. Gowşudowyň «Perman» romany 1930-njy ýyllaryň prozasyna uly goşantdyr». («Türkmenedebiýatynyň taryhy», V tom, 1 kitap, «Ylym» neşirýaty, 1980,115-116-njy sah.)G. Kulyýewa bilen T. Durdyýewiň bu pikirlerindejedelsiz dogry zatlaram bar, bu işleri ýazan döwürlerinderomanyň golýazmasyny doly okap çykmandyklary sebäpli,çaklabrak aýdyp goýberen zatlaram bar. Bu barada biz soňraýeri gelende jikme-jik gürrüň ederis. Alymlaryň «Perman»romany baradaky pikirlerini dolulygyna getirmegimizem şonuňüçin.Häzirlikçe bolsa biz başga zady nygtamakçy bolýarys.Romanyň golýazmasy barada gürrüň etmänimizde-de, onuň«Sowet edebiýaty» žurnalynda çykan böleklerini hem, ol hakdaG. Kulyýewa bilen T. Durdyýewiň berýän maglumatlarynyhem okan adamlar şu günki okyjylaryň arasynda gaty köpdüröýdemzok. Ýöne okyjylar köpçüliginiň bu romandandüýbünden bihabardygyna garamazdan, ol halkyň aňyndatürkmen edebiýatynyň iň meşhur eserleri bilen des-deň ýaşap


geldi. «Aýgytly ädimi», «Ykbaly», «Doganlary», «Söýgini»,«Taýmaz babany» bilmeýän türkmen okyjysynyň ýok bolşyýaly, «Perman» romanyny hem bilmeýän türkmen okyjysyýokdur. Bu «Perman» romanynyň ykbalyna biperwaý garan,onuň ykbaly bilen çynlakaý gyzyklanmadyk ýekeje-de türkmenokyjysynyň bolmandygyny tassyklaýar.«Perman» romanynyň — çap bolup çykmadyk,okalmadyk eseriň uzak ýyllaryň dowamynda halkyň aňyndançykman gelmegini, onuň adynyň il içinde rowaýata öwrülipgitmegini halkyň ussat ýazyja bolan çäksiz söýgüsinden, onuňgalamynyň gudratyna bolan ýanbermez ynamyndan gözlemekgerek. Mysal üçin, T. Durdyýew romanyň «Sowet edebiýaty»žurnalynda çap edilen bäş bölüminiň esasynda oňa ýokary bahaberýän wagtynda bütinleý mamla. Muňa romany okan okyjylaraýdyň göz ýetirendirler.Şeýle ajaýyp eseriň, halkymyzyň bahasyna ýetipbolmajak milli mirasynyň ykbalynyň şeýle keç bolandygynyň,onuň näme üçin kyrk ýyldanam gowrak wagtlap okyja gowşupbilmändiginiň sebäbini her bir okyjynyň bilesiniň gelýändigitebigydyr. Şonuň üçinem romanyň ykbaly hakda okyja käbirzatlary gürrüň bermek zerurlygy ýüze çykýar. Muny biziňbilmegimiz gerek, geljekde sapak edinmegimiz gerek. Sebäbiromanyň şu wagta çenli okyja ýetmezliginiň bize bagly


olmadyk sebäpleri-de bar, biziň hut özümize bagly sebäpleridebar. Eger biz — ýazyjynyň mirasdarlary şeýle biperwaýlyketmedik bolsak, romanyň ykbaly bilen çynlakaý gyzyklanyp,ony okyjylara ýetirmek üçin çynlakaý alada eden bolsak, ol özhakyky eýelerine mundan has öňräk gowşardy.Ata Gowşudowyň aýaly Bossan Gowşudowanyňaýtmagyna görä, ýazyjy «Perman» romanyny, T. Durdyýewiňtassyklaýşy ýaly, otuzynjy ýyllaryň başlarynda däl-de, ondanhas irräk, ýigriminji ýyllaryň aýaklarynda ýazyp başlapdyr.Dürli sebäplere görä, romany ýazmak gaty köp wagta çekipdir.Häzir ýazyjynyň şahsy arhiwinde romanyň köp bölümleriniňdürli döwürlerde ýazylan dürli wariantlary, taslamalarysaklanýar. Arap, latyn, häzirki türkmen elipbiýlerinde (red.belligi: bu ýerde kirillisa (1940-1996 ý.ý.) göz öňünde tutulýar)ýazylan golýazmalar, dürli bloknotlara, depderlere edilenbellikler bar.Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy romanyňüstünde işlemegi dowam etdirmäge, täzeden gözdengeçirmäge, syntgylamaga, taraşlamaga pesgel berýär. Netijede,ýazyjy romany uruş gutarandan soň tamamladym edýär.Romanyň golýazmasyny maşynkada göçürtmäge mümkinçiligibolmansoň, ýazyjy onuň öz eli bilen ýazylan ýeke-täknusgasyny ony neşir etmek bilen dahylly adamlara okap


görmäge berýär. Bossan Gowşudowanyň tassyklamagyna görä,bu ýa-ha 1947-nji ýylyň aýaklary bolmaly, ýa-da 1948-njiýylyň başlary bolmaly.Roman iki kitapdan ybarat bolup, her kitabyňgolýazmasy özbaşyna ullakan papkada eken. GolýazmanyTSSR Ýazyjylar soýuzynyň, Türkmenistan neşirýatynyň şolwagtky jogapkär işgärlerinden birnäçe adam okap görüpdir.Hatda ony Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler)partiýasynyň Merkezi Komitetiniň şol wagtky birinji sekretaryŞ. Batyrowa hem okamaga beripdirler. Emma golýazmanyňykbaly çözülmän galypdyr. 1948-nji ýylda Aşgabatda bolanaýylganç ýer yranmasy zerarly bu mesele diňe bir çözülmängalmak bilenem çäklenmän, bütinleý ýatyp galýar, «güntertibinden» aýrylýar. Sebäbi ýer yrananda romanyň birkitabynyň golýazmasy «ýitirilýär».Ýazyja romanyň bir kitabynyň golýazmasynyTürkmenistan döwlet neşirýatynyň harabasynyň astyndantapmak başardýar. Ikinji papkadan bolsa derek tapylmaýar.Ýazyjy tä ölýänçä ony gözleýär. Ony okamaga alanadamlardan sorag-ideg edýär. Emma olaryň hemmesi «menokanymdan soň pylana berdim» diýip, biri-biriniň başynaatýar. Şeýdip, tä 1959-njy ýyla çenli «Permanyň» bir kitabynyňgolýazmasy ýitirildi hasap edilip gezilýär.


Diňe 1959-njy ýylda, ýer yranmasyndan on bir ýyl,ýazyjynyň aradan çykanyndan alty ýyl soň, tötänden diýenýaly, golýazmanyň ýitmändigi, ony okamaga alan adamlaryňbiriniň düşnüksiz sebäplere görä saklap gelendigi aýan bolýar.Şeýdip, ahyry «ýiten» golýazma ýazyjynyň maşgalasynagowuşýar.Şu ýazgylary okan her bir okyjyda «Permanyň»golýazmasyny on bir ýyllap gizläp saklan şol adam kimkä?»diýen sowalyň dörejegini bilýäris. Şol adam hakda gürrüňgidende, kärdeşlerimiziň biri ajy ýaňsy bilen:— Golýazmany gaýtaryp bereni üçin, oňa ýadygärlikdikmeli. Ýeri, düýbünden ýok edäýen bolsa näderdik? — diýdi.Dogrudanam, näderdik? Bolsa-da, ussadyň halkyna galdyranýadygärliginiň öz hakyky eýelerine gowuşmak nesibesi bareken...Ol adama ýadygärlik dikmek hakda gürrüň edilendebolsa, bir zat aýdyň. Ol ýadygärlige lagnat daşyny oklan adamtapylsa tapylar welin, eltip gül goýan tapylmaz. Her niçigembolsa, onuň golýazmany ýok edäýmän, yzyna gaýtarypberendigine begeneliň. Onuň adyny bolsa bilmeýän adamlar birbilmesin...Ýer yranmasyna-da, golýazmanyň on bir ýyllapgizlenip saklanmagyna-da etjek çärämiz ýok. Ýöne golýazma


tapylaly bäri hem otuz ýyla golaý wagt geçipdir ahyry. Onuňşondan bäri çykman ýatmagyna kim günäkär?Özümiz. Dogry, bu ýerde hem bir topar düýpli sebäplerbar. Ýöne şol sebäpleriň wagtynda aýdyňlaşdyrylmandygy,romanyň mümkin boldugyça tizräk çap edilmegi üçin zerurçäreleriň görülmändigi biziň öz günämiz. Biz — ýazyjynyňgalamdaş dostlary, onuň kesbini ýörediji soňky nesiller,edebiýaty öwreniji alymlar, tankytçylar, TSSR Ýazyjylarsoýuzynyň işgärleri golýazmanyň ýazyjynyň maşgalasyndasaklanýandygyny bilibem, ony okap göreliň, eger çap eder ýalybolsa, ony çykarmagyň aladasyny edeliň diýmedik.Iň bärkisi, golýazmanyň tapylandygy-tapylmandygyhakdaky gürrüňem uzak ýyllaryň dowamyndaanyklaşdyrylman gezildi. Öň görüp geçişimiz ýaly, G.Kulyýewa hem, T. Durdyýew hem «Perman» romanynyňgolýazmasynyň «uly bir bölüminiň 1948-nji ýylda Aşgabatdabolup geçen ýer titremesinden soň tapylmandygyny» (T.Durdyýew), «türkmen sowet edebiýatynyň taryhy hem-de AtaGowşudowyň döredijiligi bilen meşgullanýan ýoldaşlaryňýazyjynyň şu gyzykly romanynyň golýazmasyny tapypbilseler, gowy boljakdygy» (G. Kulyýewa) tassyklaýarlar.Hakykatda bolsa, «Türkmen edebiýatynyň taryhynyň» IVtomunyň we V tomunyň I kitabynyň çap edilip okyjylara


ýaýran döwründe «Permanyň» ýitirilen golýazmasynyňtapylanyna ýigrimi ýyl geçipdi.Munuň şeýledigini tassyklamak üçin bir ýagdaýy ýatlapgeçmegi zerur hasap edýäris. «Perman» romanyna ýazylan şusözsoňunyň «Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1987-nji ýylyň 12-nji nomerinde çap edilmezinden öň, redaksion kollegiýanyňagzalaryna okadylyp ýörlen döwründe, žurnalyň tankytbölüminiň müdiri K. Berdiýew romanyň golýazmasynyň 1959-njy ýylda tapylandygy hakdaky pikire şübhelenýändigini aýtdy.«Bu gaty ir bolýar, biziň eşidişimize görä, golýazma ýaňyýakyndatapylan bolmaly» diýdi. Bu senäniň ozal hemýazyjynyň aýaly Bossan Gowşudowanyň agzyndan eşidilipýazylandygyna garamazdan, biz ony takyklamak üçin, ýene birgezek ýazyjynyň maşgalasyna jaň etdik. Şonda ýazyjynyň gyzyBaharşat Gowşudowa şu senäniň dogrudygyny, sebäbiromanyň golýazmasyny tutuşlygyna maşynkadan geçirip,filologiýa ylymlarynyň kandidaty S. Annanurowanyň TKPMerkezi Komitetiniň medeniýet bölüminiň müdiri bolupişleýän döwründe okap görmegini hem çap edilmegine kömekbermegini haýyş edip, oňa eltip berendiklerini tassyklady. S.Annanurowa bolsa TKP Merkezi Komitetine altmyşynjyýyllaryň ortalarynda işe geçipdi. Şundan hasap tutanyňda-da,G. Kulyýewa ýaly otuzynjy ýyllaryň prozasy barada, T.


Durdyýew ýaly A. Gowşudowyň döredijiligi barada iň abraýlyylmy neşirleriň biri bolan «Türkmen edebiýatynyň taryhy»üçin ýörite makala ýazan adamlaryň hem on bäş ýyllap«Permanyň» golýazmasynyň tapylandygyndan bihabargalandygy aýan bolýar. Bu, gynansagam, biziň ylmygözleglerimiziň, aradan çykan ýazyjylarymyzyň edebimirasyny toplaýşymyzyň hem öwrenişimiziň ýüzleýligindenhem çäkliliginden habar berýär.Gepiň gysgasy, uzak ýyllaryň dowamynda hiç kimromanyň mazmuny hakda anyk bir zat bilmedi. Romanhakdaky anyk, dogruçyl pikiriň deregine, romanyňgolýazmasyny gizläp gelen adam ýaly käbirleriniň nädogry,betmatlap pikirleri agyzdan-agza geçip geldi. Golýazmanyboýdan-başa okap, şol pikirleriň galpdygyny subut eden adamtapylmady. Gaýta şol nädogry garaýyşlar edebiýaty öwrenişylmymyza, onuň abraýly neşirlerine hem ornap gitdi. Hatda T.Durdyýew ýaly Ata Gowşudowyň döredijiligini ýörite öwrenenalymymyz hem bu meselä aýdyňlyk girizmegiň deregine, gaýtakäbir faktlar bilen esaslandyrylmadyk pikirleri öňe sürdi.Ýogsa «Perman» romanynyň golýazmasyny tutuşokamadygam bolsa, T. Durdyýewiň onuň «Sowet edebiýaty»žurnalynda çap edilen bäş bölüminden başga-da, birnäçebölümini okap görendigine göz ýetirmek kyn däl.


G. Kulyýewanyň sözlerinden görnüşi ýaly, «Permanyň»1939-njy, 1940-njy ýyllarda «Sowet edebiýaty» žurnalynda çapedilen bölümleri onuň ikinji kitabynyňam ahyrky bölümleridiýen ýaly. T. Durdyýew bolsa, görüp geçişimiz ýaly, romanda«käbir taryhy wakalaryň (ylaýta-da, Gökdepe urşy bilenbaglanyşykly wakalaryň) görkezilişinde entek birnäçekemçilikler bardy» diýip tassyklaýar. Romanda «özboluşlyedebi obrazlaryň tutuş bir galereýasynyň döredilendigi», «rushalky bilen türkmen halkynyň ekabyr progressiw pikirliogullarynyň arasyndaky doganlyk-dostluk gatnaşyklarynyşöhlelendirýän epizodlary tolgunman okamak mümkin däldigi»barada gürrüň edýär. G. Kulyýewanyň agzaýan bölümlerindebolsa Gökdepe urşy hakda-da, rus hem türkmen halklarynyňarasyndaky doganlyk-dostluk hakda-da gürrüň ýok. Diýmek,beýle pikirleri T. Durdyýewiň romanyň çap edilmedik başga-dakäbir bölümlerini okap ýöredip bilmegi mümkin. Şonuň bilenbir wagtda, T. Durdyýewiň romanyň golýazmasyny tutuş okapçykmandygy hem görnüp dur. Sebäbi ýazyjyny Gökdepe urşybilen baglanyşykly wakalary nädogry görkezmekde aýyplarýaly zadyň ýokdugyna «Permany» okap çykan her bir okyjyaýdyň göz ýetirendir.Ýöne bir zat welin hak — «Perman» romanynyňçykarylmagy hakda çynlakaý alada edilmän gelinmeginiň esasy


sebäpleriniň biri käbir adamlaryň onda Gökdepe wakalarynyň,hamala, nädogry görkezilýändigi baradaky toslamany öňesürüp gelmekleri boldy. Romanyň golýazmasyny ýeryranmazyndan ozal okadym diýýän adamlaryň käbiri romanyňçykarar ýaly eser däldigini, onda Gökdepe urşy hakdakymeselä nädogry pozisiýadan çemeleşilýändigini oturan-turanýerlerinde gaýtalaýardylar. Dogrusy, T. Durdyýewiňtassyklamasynda hem şol agyzdan-agza geçip ýörengürrüňleriň täsiri bolmaly.Biziň edebiýaty öwreniş ylmymyzyň saplanyp bilmängelýän bir çyrçygy bar. Käte sähelçe oýlansaň, faktlarydeňeşdirip görseň, galpdygy aç-açan bildirip duran toslamalarhem abraýly ylmy neşirlere girýär-de, ylmy hakykatlykhukugyny alýar oturyberýär. Mysal üçin, kimdir biri, hamala,A. Gowşudow «Perman» romanyny tutuşlygyna çykardypbilmejekdigine göz ýetirenmiş-de, onuň käbir bölümlerini,hamala, özbaşdak powest ýa-da hekaýa görnüşindeçykardanmyş, indi ony aýratyn kitap edip çykarmagyňzerurlygam ýokmuş diýen toslamany ýaýradypdyr. Şu nädogrypikir tä soňky wagtlara çenli käbir edebiýatçy alymlarymyztarapyndan goldanylyp gelindi. Mysal üçin, filologiýaylymlarynyň kandidaty K. Jumaýew «Ata Gowşudowyňeserleri» («Edebiýat we sungat» 1986-njy ýyl, 9-njy maý)


diýen makalasynda A. Gowşudowyň «Dordepel» powestiniň«Perman» romanyndan alnan bölekler esasynda döredilendiginitassyklaýar.Bu-da, aslyýetinde, romanyň golýazmasy bilen tanyşbolunmansoň aýdylýan zat. Ýöne bu toslamanyň hakykat bilenhiç hili baglanyşygynyň ýokdugyna göz ýetirmek üçin«Dordepel» powestiniň diňe özüni okamagam ýeterlik ahyry.Dogry, «Dordepel», powestinde hem Däli batyr,Öwezmyrat batyr, Gara batyr, Çopan batyr ýaly «Perman»romanynda agzalýan gahrymanlaryň atlaryna gabat gelinýär.Ýöne, birinjiden-ä, «Dordepeldäki» wakalaryň «Permandaky»wakalar bilen hiç hili umumylygy ýok. Ikinjiden bolsa ýazyjy«Dordepeldäki» wakalaryň «Permandaky» wakalardan hasöňräk bolup geçýändigine şübhelenere ýer goýmandyr.«Permanda» beýan edilýän wakalaryň geçen asyryň segseninjiýyllarynyň başlaryna degişlidigi okyjylara mälimdir.«Dordepelde» beýan edilýän wakalar bolsa ondan, bolmanda,ýedi-sekiz ýyl öň bolup geçýär.«Dordepelde» awtoryň adyndan «men» diýip gürleýängahryman powestiň baş gahrymany Nyýazmyrat aganyň özibilen duşuşanda togsan ýedi ýaşyndadygyny iki ýerde dagyagzaýar. Edil şonuň ýaly, Nyýazmyrat aganyň özi hem gürrüňberýän wakalarynyň ýigrimi ýaşlaryndaka bolup geçendigini


agzaýar. Powestde Beýik Watançylyk urşy, 1948-nji ýyldabolan ýer yranmasy hakda hiç zat agzalmaýandygy ondakyawtoryň adyndan gürleýän gahryman bilen Nyýazmyrat aganyňsoňky duşuşygynyň ýer yranmazyndan, hatda uruşdanam öňbolup geçendigini tassyklamaga mümkinçilik berýär. Ýöne biziň soňky senäni — «Dordepel» powestiniň ýazylan ýylyny —1951-nji ýyly awtoryň adyndan gürleýän gahryman bilenNyýazmyrat aganyň duşuşan ýyly diýip alaýalyň. EgerNyýazmyrat aga 1951-nji ýylda togsan ýedi ýaşynda bolsa,onuň gürrüň berýän wakalary hem ol ýigrimi ýaşyndaka bolupgeçen bolsa, «Dordepeldäki» wakalar 1874-nji ýyla düşýär.Gepiň gysgasy, «Permanyň» golýazmasyny tutuş okap,anyk pikir aýdyp bilen adam bolmansoň, uzak ýyllaryňdowamynda ol hakda her hili toslamalar, aňry gitse, çaklamalarýaýradylyp gelindi. Kyrkynjy ýyllaryň aýaklarynda, ellinjiýyllaryň başlarynda şahsyýet kulty netijesinde edebiýatmeýdanynda ýol berlen ýanamalar, yzarlamalar, soňra bolsadurgunlyk ýyllary «Perman» romany hakdaky nädogrypikirleriň has-da çişirilmegine sebäp boldy, romanyň ykbalynyhas-da çylşyrymlaşdyrdy. Romany çap etmek meselesi bilençynlakaý gyzyklanmaga mümkinçilik bermedik esasysebäpleriň biri hem şu boldy.


Diňe 1986-njy ýylda ýazyjynyň maşgalasynyň haýyşyboýunça, bu işe Türkmenistan Kompartiýasynyň MerkeziKomiteti gatyşandan soň, TSSR Ýazyjylar soýuzynyňprawleniýesi edebiýatçy alymlar, ýazyjylar, neşirýat işgärleriMämmetdurdy Annagurdowdan, Halbaý Ýomutbaýewden,Täçmuhammet Durdyýewden, Annaly Berdiýewden, OrazgulyAnnaýewden, Aman Janmyradowdan, NargylyçHojageldiýewden we ýazyjynyň gyzy BaharşatGowşudowadan ybarat sostawda ýörite komissiýa döredip,romany çap edip boljakdygy ýa-da bolmajakdygy hakdakymeseläni gutarnykly çözmegi tabşyrdy. Diňe şundan soň şoladamlar romanyň golýazmasy bilen doly tanyş boldular, diňeşundan soň «Permanyň» ýeke Ata Gowşudowyň däl, tutuştürkmen sowet prozasynyň iň gowy eserleriniň biridigi aýanboldy.Komissiýa bir agyzdan romany neşir etmeli diýen pikiregeldi. Ol romana edebi miras hökmünde garalmalydygyny,şonuň bilen bir wagtda hem onuň tekstiniň ýörite redaksiýamätäçdigini aýratyn nygtap belledi. Romany ýörite redaktirläp,çapa taýýarlamak şu setirleriň awtoryna tabşyryldy.«Perman» romanynyň döreýşi, onuň näme üçin«Perman» atlandyrylandygy hakdaky mesele iňňän çylşyrymlyhem inçeden öwrenilmeli mesele. Munuň üçin ýazyjynyň şahsy


arhiwknde saklanylýan materiallary, romanyň dürliwariantlaryny, taslamalaryny jikme-jik barlaşdyryp, deňeşdiripçykmak zerur. Biz romany redaktirläp çapa taýýarlanymyzda,bu iňňän çylşyrymly hem köp wagt talap edýän işeýapyşmakdan saklandyk. Ozalam kyrk ýyllap okyjysynagaraşyp ýatan romany, mümkin boldugyça tizräk çap etmekmaksady bilen, onuň ýazyjynyň gyzy Baharşat Gowşudowatarapyndan tertibe salnyp, maşynkadan geçirilen nusgasynyýeke-täk esas edip aldyk.Şeýle-de bolsa, şu ýerde käbir häsiýetli pursatlaraokyjylaryň ünsüni çekmegi zerur hasap edýäris.Birinjiden. romanyň «Perman» adynyň onuňmazmunyna laýyk gelmeýändigine, tutuş mazmunyny aňladypbilmeýändigine ony okan okyjylar göz ýetirendirler. Permanromanyň baş gahrymany hem däl. Romanyň baş gahrymanyÖwezmyrat batyr. Perman bolsa romanyň gahrymanyhökmünde oňa ikinji kitabyň ortalarynda girýär. Ol romanyňbaş gahrymany Öwezmyrat batyryň gyzyndan bolan agtygy.Özem Perman romanda eseriň adyna eýelik eder ýaly ullakanrol oýnanok.Ýöne näme üçin romanyň adyna «Perman» goýuldyka?Geliň, ýene filologiýa ylymlarynyň kandidaty G.Kulyýewadan getiren sitatamyza ýüzleneliň. Şol ýerde ady


agzalýan bölümleriň hemmesi ikinji kitabyň ahyrlaryne degişli,özem olaryň hemmesine diýen ýaly Perman gatnaşýar.Şu ýerde bir zada üns bermegimiz gerek. Ýazyjynyňaýaly Bossan Gowşudowa-da, filologiýa ylymlarynyňkandidaty Täçmuhammet Durdyýew hem awtoryň «Perman»romanynyň üstünde ýigriminji ýyllaryň aýaklarynda, otuzynjyýyllaryň başlarynda işläp başlamak bilen, uruşdan soňkydöwürde tamamlandygyny tassyklaýarlar. Urşuň başlanmagybilen «Permanyň» üstünde işlemegiň arasynyň kesilendiginiaýdýarlar.Ýöne romanyň 1939-1940-njy ýyllarda «Sowetedebiýaty» žurnalynda çap edilen bölümlerinden hasap tutsaňwelin, ýazyjy romanyny uruşdan öň tamamlamasa-da,tamamlamagyna gaty az galypdyr diýip tassyklamaga esas bar.Onsoň şeýle bir kanuny sowal ýüze çykýar. Näme üçin ýazyjy«Sowet edebiýaty» žurnalyna romanyň birinji kitabyndanbölekleri hödürlemändir-de, ikinji kitabyň ahyrlaryndan alnanbölekleri hödürläpdir? Eger ýazyjy Gökdepe urşy hakdakymeseleden çekinip, romanyň birinji kitabyndan däl-de, ikinjikitabyndan bölekler çykardandyr diýsek, munuňam esasysebäp bolup bilmejekdigine göz ýetirmek kyn däl. Birinjiden-ä,ýazyjy eger Gökdepe urşy hakdaky meseleden çekinen bolsa,ol hakda roman ýazjak bolubam ýörmezdi. Ikinjiden bolsa


Gökdepe urşuny almanyňda-da, romanyň birinji kitabyndaonuň «Sowet edebiýaty» žurnalynda çap edilen böleklerindenhas gyzykly, has kämil ýazylan bölekler bar ahyry. Mysal üçin,Gutlymyrat hakdaky, dönükler hakdaky, ýer-suw paýlaşygyhakdaky bölümler.Bu-da entek hemmesi däl. Näme üçin ýazyjy ikinjikitabyň «Gümanly ýazgyt», «Gyrguş», «Kim kimi awlamak»ýaly soňky bölümlerini «Sowet edebiýaty» žurnalyň 1939-njyýyldaky sanlarynda çap etdirýär-de, onuň «Myş-myşlar wehakykat» diýen birinji bölümini žurnalyň 1940-njy ýyldakynomerlerinde çap etdirýär?Bu zatlaryň hemmesi romanyň Permana degişlibölümleri ikinji kitabyň «Myş-myşlar hem hakykat» diýenbirinji babyndan, hatda romanyň tutuş birinji kitabyndanam öňýazylan bolaýmasyn diýen pikire iteklemeýärmi näme? Belki,ýazyjy, dogrudanam, romanyň «Sowet edebiýaty» žurnalynda1939-njy ýylda çap edilen bölümlerini ilki ýazandyr? Belki,romanyň wakalaryny has aňryk, Gökdepe urşuna çenli çekmekpikiri ýazyjyda soň ýüze çykandyr? Belki, ýazyjynyň ilkinjiplanyna görä, roman birinji jahan urşunyň başlanmagyndansoňky wakalary öz içine almalydyr, eseriň baş gahrymany hemPerman bolmalydyr? Belki, ol öz romanyny şonuň üçin«Perman» atlandyrandyr?


Romanyň «Perman» bilen baglanyşykly bölümlerižurnalda 1939-njy ýylyň 2, 4, 7, 8, 11-nji nomerlerinde çapedilipdir. Eger roman birinji kitabyň başyndan başlanyp şubölümlere ýetirilen bolsa, onuň şondan soňky ýazylan azajykbölegi, onda-da üzlem-saplamrak, çeperçilik taýdan beýle birkämil bolmadyk bölümleri ýazyjynyň kän wagtyny almaly dälýaly. Şol bölümleri ýazmak üçin ýazyja uruşdan öň iki ýyl,uruşdan soňam iki ýyl işlemegiň gerek bolandygyna ynanmakkyn. Ýazyjynyň romany tamamlap oturybermegiň deregine,öňki bölümler çap edilenden tas bir ýyl soň, žurnalyň 1940-njyýyldaky 8-9-njy nomerlerinde öň çap edilen bölümlerden hasöňdäki «Myş-myşlar hem hakykat» diýen bölümini çapetdirmegi, ýazyjy öňki bölümleri çap etdirenden soň, romanyňyzyny dowam etdirmän, gaýta öňüni ýazan bolaýmasyn diýenpikir döredýär.Bu pikire itekleýän ýene bir zat bar. T. Durdyýewdengetiren sitatamyzdan görnüşi ýaly, A. Gowşudow «Sowetedebiýaty» žurnalynyň 1940-njy ýyldaky 1-nji nomerinde,ýagny romanyň Permana degişli bölümleriniň we «Myş-myşlarhem hakykat» diýen bölüminiň çap edilen döwrüniňaralygynda öz eseri hakda çykyş edipdir. Şol çykyşynda-da:«Bu romanyň birinji bölümi türkmen halkynyň kolonialdöwründen öňki döwrüni we kolonial döwrüni suratlandyrýar


we Zakaspi oblastynda graždanlyk urşunyň gutarmagy bilenroman gutarýar. Şu jümleden 1916-njy ýylyň gozgalaňyndanbir görnüşini hem şu roman öz içine alýar» diýip ýazýar.Ýazyjynyň şu setirleriniň ýazylan wagtynda hem romanyňbirinji kitabynyň «Buýsançly gala» bölüminden başlap, tä ikinjikitabynyň «Kim kimi awlamak ýolunda» diýen bölümine çenliýazylyp gutarylandygyna ynanmak kyn, Sebäbi bu ýerde tutuşroman babatda-da, onuň birinji bölümi babatda-da juda umumypikir ýöredilýär. Edil şonuň ýaly ýazyjynyň romanyň birinjibölümi hakdaky pikiri hem, umuman roman hakdaky pikirihem onuň elimizdäki wariantyna laýyk gelenok.Ýazyjy ilkinji sözleminiň «bu romanyň birinji bölümitürkmen halkynyň kolonial döwründen öňki döwrüni wekolonial döwrüni suratlandyrýar» diýen birinji kitabyny, «weZakaspi oblastynda graždanlyk urşunyň gutarmagy bilen romangutarýar» diýen ikinji ýarymynda bolsa romanyň ikinjikitabyny nazarda tutýar.Elbetde, ýazyjynyň birinji kitap hakdaky pikiri onuňmazmunyndan sowa geçenok, onda, dogrudanam, Gökdepegalasynyň daşynyň gabalan döwründen Öwezmyrat batyrdagynyň Sibir sürgünliginden gaýdyp gelen döwrüne çenlibolan aralyk suratlandyrylýar. Şol aralyk türkmen halkynyňkolonial döwründen öňki durmuşynam, soňky durmuşynam öz


içine alýar. Şol döwrüň sosial-synpy gatnaşyklaryny hem gözöňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Ýöne böwrüňi diňledýänzat ýazyjynyň eýýäm ýazylyp gutarylan bolmaly birinji kitaphakda juda umumy gürrüň edýänligi, hemme zady bir sözlemiňýarynda aýdyp goýberýänligi, birinji kitabyň esasy özeniniemele getirýän Gökdepe wakalary hakda hiç zatýaňzytmaýanlygy. Onsoňam, romanyň ikinji kitaby hem tastutuşlygyna diýen ýaly türkmen halkynyň kolonial sütemastynda ýaşan döwrüni öz içine alýar ahyry.Ýazyjynyň tutuş roman babatdaky «Zakaspi oblastyndagraždanlyk urşunyň gutarmagy bilen roman gutarýar» diýenpikiri, umuman, hakykata dogry gelýär. Özem bu ýazyjynyňromanda graždanlyk urşunyň wakalaryna düýpli orun bermeginazarda tutandygyna şaýatlyk edýär. Ýöne romanda graždanlykurşunyň beýan edilişi juda epizodiki häsiýete eýe. Graždanlykurşy hakynda romanyň diňe «Hakykaty gözleýjiler» hem«Partizanlar» diýen iki bölüminde gürrüň edilýär.Ýazyjynyň «şu jümleden 1916-njy ýylyňgozgalaňyndan bir görnüşi hem şu roman öz içine alýar» diensözleri aýragyn üns bermäge mynasypdyr. Ýazyjynyň,dogrudanam, 1916-njy ýylyň gozgalaňyna üns bermegi gözöňünde tutandygyna romany 1939-njy ýylda «Sowetedebiýaty» žurnalynda çap edilen bölümleri hem şaýatlyk


edýär. Wakalaryň ösüşi türkmen daýhanlarynyň gün-gündengüýjeýän kolonial süteme baş galdyrmagyna alyp barýar.Patyşa Russiýagy birinji jahan urşuna goşulýar. Türkmendaýhanlary at, düýe diýen ýaly her hili agyr salgytlara sezewaredilýär. Kolonial sütem olaryň etinden geçip, süňňüne ornaýar.Bu ýagdaý Öwezmyrat batyry hem atyny Perman bilengaçyrmaga mejbur edýär.Ýöne, näme üçindir, romanda Permanyň başyndangeçirýän wakalarynyň soňy turkmen daýhanlarynyňantikolonial, synpy çykyşlaryna ösüp geçmeýär-de, Permanyňsag-aman dolanyp gelmegi bilen tamamlanýar, ýazyjy özüniňagzan 1916-njy ýylyň gozgalaňyndan sowlup geçýär, ýüzüniňugruna graždanlyk urşunyň wakalaryna ýüzlenýär.Bu zatlar nämäni anladýar? Ýazyjynyň 1940-njy ýylda«Sowet edebiýaty» žurnalynda eden çykyşyndan soň, onuň köpplanlarynyň üýtgändigini aňladýar. Hut şol döwürde romanyňüstünde işlemekde düýpli özgerişleriň bolandygyny aňladýar.Ýazyjynyň romanyň üstünde iň basalykly işlän döwrüniňotuzynjy ýyllaryň aýaklaryna, kyrkynjy ýyllaryň başyna gabatgelendigini anladýar.Beýle diýmek bilen, biz ýazyjynyň romanyň üstündeýigriminji ýyllaryň aýaklarynda, otuzynjy ýyllaryň başlaryndaişläp başlandygy hakdaky pikiri inkär etmekçi bolamzok. Ýöne


omanyň «Perman» adyny almagynyň ýöne ýere däldigini,ýazyjynyň döredijilik planynda romanyň 1939-njy ýyldažurnalda çykan bölümleri ýazylandan soň düýpli özgerişleriňbolandygyna ünsi çekmek isleýäris. Romandan ilkinji bölek«Sowet edebiýaty» žurnalynyň 1939-njy ýyldaky 2-njinomerinde çap edilipdir. Diýmek, ol žurnala giç galsa şol ýylyňbaşynda, bolmasa 1938-nji ýylyň ahyrlarynda hödürlenenbolmaly. Beýik Watançylyk urşy başlanýança öňde ýene ikiýarym ýyl ýatyr.Eger ýazyjy uruşdan öňki şol iki ýarym ýyly, uruşdansoňam şonçarak wagty romanyň 1939-njy ýylda eýýämžurnalda çap edilen «Kim kimi awlamak ýolunda» diýenbölüminden soňky «Perman gorkuly ýerde», «Berkbuljumlaryň eýesi», «Permanyň myhman ýeri», «Oslanmadykduşuşyk», «Şowly ýeňiş», «Hakykaty gözleýänler»,«Partizanlar», «Perman demir ýol işgäri» diýen möçberbabatda bolsa bäş çap listine barabar bölümlere sarp edenbolsa, ol bölümler sýužet taýdanam, çeperçilik taýdanam beýleüzlem-saplam, gowşak çykmazdy. Diýmek, ýazyjy romanyňilkinji baplary žurnalda çap edilenden soňam, onuň yzynydowam etdirmäge agram salmandyr-da, esasy güýjüni ýa-habirinji kitaby ýazmaga, ýa-da ony täzeden işläp, haskämilleşdirmäge gönükdiripdir.


Elbetde, bu soraglara azda-kände dogry jogap tapmaküçin romanyň golýazmasynyň ähli wariantlaryny jikme-jiköwrenmek, deňeşdirip görmek gerek. Belki, täze bölümler,olaryň has kämil wariantlary tapylar. Romanyň ikinji kitabyndasýužetiň ösüşindäki käbir üzlem-saplamlyklaryň bardygyhenizem eseriň golýazmasynyň elimize doly düşmändigibarada oýlanmaga mejbur edýär.Bolsa-da, biz romana edebi miras hökmündeçemeleşdik. Onuň adynyň mazmunyna laýyk gelmeýändigine,ony çalşyrmagyň maksada laýykdygyna garamazdan, beýleetmekden saklandyk. Romanyň ilkinji neşirini onuň ylmydolanyşyga, okyjylar köpçüliginiň aňyna ornaşan ady bilençykarmagy makul bildik.Ýene bir bellemeli zat romanyň iki kitaba bölünişiniňjuda şertliligidir. Eger gahrymanlaryň durmuşynda bolupgeçýän öwrülişik pursatyndan çen tutjak bolsaň, birinji kitapGökdepe galasy synyp, bosgunçylyga giden ilatyň özmekanyna dolanyp gelýän ýerinde, «Iki aganyň guly» diýenbölüm bilen tamamlanmaly. Ýöne, näme üçindir, ýazyjyşondan soňky «Mertlik hem mekirlik», «Tötänden ýörenler»,«Garaşylmadyk duşuşyk» diýen bölümlerde on-on bäş ýylyňwakalaryny ýygjamlap beýan edýär-de, ikinji kitabyÖwezmyrat batyr dagy Sibirden gelenden soň, wakalaryň


arasyna esli böwşeňlik salmak bilen başlaýar. Muny ýazyjynyňÖwezmyrat batyr dagynyň Sibirden gelen döwri bilen birinjijahan urşunyň başlanan, patyşa hökümetiniň ilata at, düýesalgydyny salyp başlan döwrüne çenli bolan boşlugydoldurmak üçin eden bolmagy gaty ähtimal.Roman redaktirlenende elimizdäki golýazmany,mümkin boldugyça, okyjylara doly ýetirmegi maksat edindik.Juda zerurlyk bolmasa ýa-da käbir büdür-südürlikleri düzlemeküçin edilmese, golýazmadan hiç zady taşlamazlyga,gysgaltmazlyga çalyşdyk. Esasy tekst bilenbaglanyşmaýandygy üçin diňe «Şowly ýeňiş» diýen kiçijikbölüm we romanyň iň soňunda Perman bilen onuň köne tanşySadygyň duşuşýan epizody taşlandy.«Şowly ýeňiş» bölüminde Permanyň birinji jahanurşunde görkezen edermenligi hakda gürrüň berilýär. Ýöne bubölüm hiç bir jähtden romanyň sýužeti bilen baglanyşmaýar.Sebäbi biz Permanyň haçan we nädip fronta düşenligindenem,soňra onuň frontdan haçan we nädip dolanyp gelenligindenembihabar. Munuň üstesine-de, aýratynlykda alanyňda-da, olbölüm çeperçilik babatdan juda gowşak.Romanyň «Perman demir ýol işgäri» diýen iň soňkybölüminde hem Perman Sadyk diýen bir köne tanşy bilenduşuşýar. Ony zordan tanaýar. Birinjiden-ä, biz tutuş romanyň


dowamynda Permanyň Sadyk diýen tanşynyň bardygynygöremzok. Ikinjidenem, olaryň bu gezekki duşuşygy hem diňebiri-birini tanamagy bilen tamamlanýar. Hatda ikisinden biriniňöýüne gidip, gürleşibem bilenoklar.Şonuň üçinem romanyň sýužeti bilen hiç hilibaglanyşygy bolmadyk «Şowly ýeňiş» bölümi bilen Sadyklyepizod, öň aýdyşymyz ýaly, kitaba girizilmedi.Ýöne golýazmada gabat gelýän näsazlyklary, logikiçaprazlyklary, wakalaryň yzygiderliliginiň bozulýan ýerlerini,biri-birini tutmaýan ýerlerini timarlamak, taraşlamak, düzläpgoýbermek barada köp iş edildi.Mälim bolşy ýaly, roman uzak ýyllaryň dowamyndaýazylypdyr. Onuň käbir bölümleriniň dürli wariantlarynyňbolandygyna şübhe ýok. Mysal üçin, elimizdäki golýazmadahem «Gümanly ýazgyt» diýen bölümiň biri-birindentapawutlanýan iki warianty bar. Onsoň romanyň aýry-aýrybölümleriniň dürli wariantlarynyň garjaşan bolmagy ýa-daonuň käbir bölümleriniň bize gelip ýetmedik bolmagy mümkin,golýazmada, aýratynam onuň ikinji kitabynda bölümlerarasynda üzlem-saplamlyk, böwşeňlik, çaprazlyk gabat gelýär.Öň birhili gürrüň berlen waka soňra başgaçarak bolup çykýar.Ýa-da wakalaryň gidişinde wagt birliginiň, ýer birliginiň


ulaşdyrylýan ýerleri bar. Käbir gahrymanlaryň atlary dürliberilýär.Roman redaktirlenende şeýle näsazlyklary,nätakyklyklary düzetmeli boldy. Mysal üçin, birinji kitabyňahyrynda Öwezmyrat batyr dagyny Dykma serdaryňtutandygy, Öwezmyrat batyryň şonuň üçin biçak namysedýändigi nygtalýar. Emma romanyň ikinji kitabyndaÖwezmyrat batyryň Kany batyr bilen Aman batyra özleriniňnähilelik bilen Hal mollanyň aldawyna düşüşleri, tutulyşlaryhakda gürrüň berýän ýerinde olary ele salanyň Dykma serdardäl-de, Nyýazmyrat han diýen biridigi aýdylýar. Bu bolsaýönekeý bir säwlik bolman, Öwezmyrat batyryň obrazynyňaňyrdan gelýän logikasyna ters gelýär. Onuň Dykma serdarabolan barlyşyksyz garaýşyny gowşadýar. Şonuň üçinemromanyň ikinji kitabynda Nyýazmyrat hanyň ady Dykmaserdar diýlip üýtgedildi.Edil şonuň ýaly, romanyň birinji kitabynda Öwezmyratbatyr bilen Sibire sürgün edilýän adamlaryň biriniň, Gulýeserdigi aýdylýar. Emma ikinji kitapda welin ýazyjy hemmeýerde onuň adyny Guljenew serdar diýip tutýar. Bu özboluşlyhem juda çylşyrymly gahrymanyň hem ady hemme ýerde Gulýeser diýlip alyndy.


Romanyň tutuş süňňünden aňlanyşyna görä,Öwezmyrat batyryň gyzy Gülsoltan adamsy ölenden soň,Muhammetmyrat ahuna barýar we olar biri-birinden üzňeýaşaýarlar. Sebäbi romanda Öwezmyrat batyryň öz agtygyPermany hiç wagt görmendigi nygtalýar. Eger olar bir obadaýaşaýan bolsalar, Öwezmyrat batyryň öz agtygyny tä olýigdekçe çykýança görmän gezmegi mümkin däl. Edil şonuňýaly, romanda Permanyň hem öz babasyny diňe birki gezekdaşyndan görendigi aýdylýar. Bir obada ýaşaýan bolsalarPerman öz babasyny daşyndan häli-şindi görüp durmaly.Onuň tersine, romanda Öwezmyrat batyrlar bilendemirçi ussanyň hemişe diýen ýaly goňşy oturandyklarytassyklanýar. Demirçi häli-şindi Öwezmyrat batyryň ýanynagelip dur, Öwezmyrat batyr hem onuň dükanyna baryp dur.Emma romanyň ikinji kitabynda Muhammetmyrat baýyňişiginde hyzmat edip ýören Permanyň demirçiniň ogly bilentirkeşýändigi aýdylýar. Demirçiniň ogly Muhammetmyratahunyň işiginden kowlan Permany öz ýany bilen alyp gaýdýar.Diýmek, Perman ençeme wagtlap, Öwezmyrat batyryňgapdaljygynda ýaşamaly, häli-şindi onuň gözüne ilip durmaly.Emma ýene-de Öwezmyrat batyr demirçi bilen Permany hiçwagt görmedik adam ýaly bolup gepleşýär, ondan Permanyňykbaly hakda soraýar.


Gepiň gysgasy, eger Perman demirçiniň ogly bilentirkeşýän bolsa, onuň öýünde ýaşaýan bolsa, Öwezmyratbatyryň ol hakda bilmezligi mümkin däl. Şol sebäpli hemroman redaktirlenende demirçiniň ogly bilen Permanyň başgabir dosty Çary bir obraza birikdirildi. Demirçiniň ogly hemmeýerde Çary diýlip alyndy. Diňe Nurnyýazyň demirçi bilen gudabolandygy hakda gürrüň edilýän ýerde öňki bolşundagaldyryldy. Dogrusy, diňe şo ýerde bolaýmasa, romanyň hiçýerinde demirçiniň oglunyň bardygy bildirenok. Biz ony neata-enesi bilen, ne Öwezmyrat batyr bilen gürleşip durkagörýäris. Ol Perman bilen gatnaşygynda hem öz ady bilen dälde,ýöne demirçiniň ogly diýen at bilen görkezilýär.Täşli şorta bilen Begli mollanyň obrazynda gabatgelýän käbir büdür-sudürliklerem ýylmanyp geçildi.Seýitmyrat beg romanyň tutuş dowamynda hereketedýär, özem ýatda galyjy obrazlaryň biri. Ýöne ikinji kitabyň«Permanyň myhman ýeri» diýen bölüminde hem ýazyjy öýeýesiniň ogluny Seýitmyrat atlandyrypdyr. Romanredaktirlenende, şol bir adyň gaýtalanyp durmazlygy üçin, bubölümdäki Seýitmyradyň ady Sähetmyrat diýlip üýtgedilipalyndy.Umuman, romanyň ikinji kitabynda nähilidir bir üzlemsaplamlygyň,budur-sudürligiň bardygy duýulýar. Bu ýagdaý


golýazmadan gaçyp galan ýa-da ýitirilen bölümleriň barbolaýmagynyň mümkindigi barada oýlanmaga mejbur edýär.Biz ozal ikinji kitapda «Şowly ýeňiş» diýen bölümiňbardygyny, onuň romanyň sýužeti bilen baglanyşmaýandygynyagzapdyk. Permany birinji jahan urşunyň frontlaryndagörkezmek üçin, ýazyjy ony ilki bilen fronta ugratmaly. Şonuňüçinem şol bölümiň başsyz-aýaksyz golýazmanyň arasynadüşüp oturybermegi gaty geň galdyrýar. Belki, şol bölümiňöňem, yzam bolandyr-da, olar ýitirilendir?Romanyň ikinji kitabyndaky graždanlyk urşunyňwakalaryny beýan edýän «Partizanlar» diýen bölümden soňky«Perman demir ýol işgäri» diýen bölüm bilen aralykda hemüzňelik bar. «Perman demir ýol işgäri» diýen bölüm epilogýaly bir zat bolup dur.Bu meseleleriň yzyna düşmek, öwrenmek, romanyňtekstini täze wariantlar bilen, täze tapyndylar bilenbaýlaşdyrmak geljegiň işi. Zerur iş. Şol işiň netije berjekdiginedeumyt baglamak mümkin.Häzir bolsa esasy wezipe romany ussat ýazyjydan galanmiras hökmünde öz asylky bolşunda okyjylara ýetirmekdenybarat bolup durýar. Okyjy hem, edebiýaty öwreniş ylmy bilenedebi tankyt hem romana edebi miras hökmünde garamalydyr,edebi miras hökmünde baha bermelidir.


Ata Gowşudow ussat ýazyjy, özboluşly döredijilikmekdebi. Onuň golýazmasyny redaktirlemegiň özi bir mekdepgeçmek bilen barabar.Golýazmalar dürli-dürli bolýar. Käbir golýazmalaryokanyňda suw gysymlan ýaly bolup galýarsyň. Käbirgolýazmalar bolýar — näçe gysgaltsaň, niresinden gysgaltsaňgysgaldyp oturmaly. Islän ýeriňe islen zadyňy goşup oturmaly.Ata Gowşudowyň golýazmasy seplenip ýasalan zada däl-de,guýlup ýasalana meňzeýär. Şonuň üçinem golýazmaredaktirlenende romanyň teksti, kompozisiýasy üýtgewsizsaklanyldy.Golýazmany redaktirlemek esasan onuň grammatikistrukturasyny syntgylamak, taraşlamak bilen baglanyşyklyboldy. Ata Gowşudow çeper diliň ussady. Ol çeper söz bilensurat çekýär, çeper dil bilen gahrymanlarynyň ruhy dünýäsini,gylyk-häsiýetini açyp görkezýär. Okyjylary wakalaryňjümmüşine äkidýär, oýlandyrýar, tolgundyrýar. Onuň diliniňbaýlygyna, obrazlylygyna haýranlar galaýmaly. Ol halkyňjanly gepleşik diliniň deňsiz-taýsyz ussady. Bu ýerde halkdiliniň obrazlylygy bar, janly intonasiýasy hem bar, tebigyparasatlylygam bar.Ýöne halkyň janly gepleşik diliniň tebigy normalaryedebi diliň hökmany grammatiki normalary bilen garjaşýar-da,


käte ýazyjynyň sözlemlerinde tagaşyksyzlyk, grammatikiformalaryň birliginiň saklanmazlygy ýaly ýagdaýlar ýüzeçykýar. Näme üçindir, halk dilini şeýle gowy bilýän, oňa çäksizsarpa goýýan ýazyjy edebi dilde-de ylmy edebiýatdabolaýmasa, çeper edebiýatda hem kän ulanylmaýan «we»baglaýjy kömekçisini biçak köp ulanýar. Munuň gereg-u-gerekdäl ýerinde gaty köp ulanylýandygyna ýazyjynyň telim gezekgaýtalanyp neşir edilip gelinýän çeper eserlerine çalaja sersalanyňda-da göz ýetirmek bolar.«Perman» romanynda grammatiki taýdan sypnylamaly,taraşlamaly sözlemler köp gabat gelýär. Şonuň üçinem bubabatda romanyň dili, aýratynam awtoryň öz dili mazalysyntgylandy. Dialoglaryň gurluş tehnikasyna, zaman birliginiňsaklanylyşyna üns berildi. Mysal üçin, originaldaky «Haçan-dabolsa geçen ýyllaryň biri gaty gurak geldi. Şonda kimdir-detakwa yrymçynyň biri» diýen jümle «Bir gezek ýyl gaty gurakgeldi. Şonda kimdir takwa yrymçynyň biri» diýlip berildi.Romany redaktirlemek işi esasan şunuň ýaly manyda geçirildi.Ýöne ýazyjynyň leksikasyna hiç hili üýtgeşiklikgirizilmedi. Onuň ulanan sözleriniň hemmesini saklamagaçalşyldy. Sözlemde sözleriň tertibini üýtgediläýen halatyndada,manynyň doly hem dürs saklanmagyna aýratyn üns berildi.Hatda ýerine düşendigine-düşmändigine garamazdan,


ýazyjynyň öz ýasan sözleriniňem hemmesi üýtgedilmängaldyryldy. Mysal üçin, ýazyjy «terrorçylyk» sözüniň deregine«ýekeleme adam öldurmek» diýen söz düzümini alýar. Muny«terrorçylyk» diýip düzetmäniňde-de, «alalap adam öldürmek»diýip düzetmegem mümkin. Emma tekstde ýazyjynyň«ýekeleme» sözi ulanyldy. Bir tarapdan, «ýekeleme» sözi«terrorçylyk» sözüniň manysyna ýakynlaşmanam duranok.Gämik ýekelenende-de, gerek däli, artykmajy aýrylýar.Ata Gowşudowyň «Perman» romany onuň iň köp işlän,iň naýbaşy eseridir diýip hasap edýäris. Ol ýazylypgutarylandan kyrk ýyl geçenden soňam biziň edebiýatymyzauly hadysa bolup girdi. Romanyň tutuşlygyna «Sowetedebiýaty» žurnalynda çap edilenden soň okyjylarköpçüliginde döreden täsiri şeýle diýip tassyklamaga esasberýär.«Perman» romany halk durmuşyny, halk häsiýetiniçuňňur, her taraply, masştablaýyn görkezýänligi bilen şu günkidöredilýän taryhy romanlardanam saýlanyp dur. Romandagahrymanlaryň häsiýeti, ruhy dünýäsi dartgynly wakalar arkalyaçylyp görkezilýär. Gahrymanlaryň obrazy halkyň ykbalynaösüp geçýär.Romanyň birinji kitaby tutuşlygyna diýen ýaly Gökdepeurşunyň wakalaryna bagyşlanýar. Diňe şu babatda ýazyjynyň


iki sany düýpli meseläniň dogry çeperçilik çözgüdinitapandygyny bellemek gerek.Birinjiden, Gökdepe wakalary barada rus dilinde judaköp ýazgy materiallary saklanyp galypdyr. Rus harby işgärleribu barada tom-tom kitaplar ýazypdyrlar. Ýöne Gökdepewakalary barada ýekeje türkmeniňem ýazmaça galdyranmaglumaty ýok. Bu ýagdaý bolsa Gökdepe wakalaryny,türkmenleriň şol wakalara nähili garandygyny, lageriň ikinjitarapynda nämeleriň bolup geçendigini doly göz öňünegetirmäge mümkinçilik bermeýär. Aýratynam patyşa harbyadamlarynyň ýazgylary türkmenleriň şol wagtky ruhyahwalyny dogry görkezip bilmeýär. Olar öz ýatlamalaryndawakalara diňe öz garaýyşlaryny beýan edipdirler. Köpmeselelere matlaplaýyn çemeleşipdirler. Onsoňam, olaryňmümkinçilikleriniňem çäkli bolandygyny nazarda tutmakgerek. Sebäbi olaryň türkmenleriň arasynda nämeleriň bolupgeçýändigini jikme-jik bilip bilmejekdigi görnüp duran zat.Wakalara türkmenleriň garaýşyny beýan edýäntürkmençe ýazgylaryň galmandygy, türkmenleriň öz aralaryndanähili wakalaryň bolup geçendigi hakda olaryň özleriniňýazmaça ýadygärlikleriniň ýokdugy diňe bir çeper edebiýatdadäl, eýsem taryh ylmynda-da uly kynçylyklar döredip gelýär.Köp halatlarda wakalara esasan patyşa harby adamlarynyň


ýazgylaryna garalyp baha berilmegi, taryhy hakykatydikeltmegi kynlaşdyrýar. Bu çeper edebiýatda hem şeýle boldy.Ýazyjy W. Rybiniň «öwrülişik» (öňki ady «Kenardaky tüsse»)romanynda esasan patyşa goşunlarynyň arasynda bolup geçýänwakalara agram salynýar.Türkmenleriň Gökdepe urşy döwründäki ruhyahwalynyň nähili bolandygyny dogry görkezmek üçin, şoldöwürde olaryň öz arasynda nähili wakalaryň, sosial-synpyçaknyşyklaryň bolanlygyny bilmeli. Ol zatlar hakdakymaglumatlar bolsa diňe dilden-dile geçip, ujypsyz mukdardasaklanyp galypdyr.Ata Gowşudowyň şol maglumatlary ýeke-ýekdençöpländigini, hatda onuň Gökdepe wakalaryny öz gözi bilengören, olara gatnaşan adamlaryňam birnäçesi bilenduşuşandygyny, gürrüňdeş bolandygyny tassyklamaga esasbar. Onuň beýleki eserleriniň köpüsinde Gylyç mergen, HalMergen, Gandym awçy, Nyýazmyrat aga ýaly gojalaryňobrazynyň duş gelýändigi tötänden bolmaly däl. Olaryňprototipi bolup, Ata Gowşudowyň «Perman» romany üçinmaterial toplanda duşuşan, gürrüňdeş bolan adamlary hyzmateden bolmaly.Janly materiallaryň esasynda şol döwrüň wakalarynyiçginlik bilen öwrenmegi ýazyja türkmen jemgyýetiniň sosial-


synpy garşylyklary, onuň Gökdepe urşy döwründäki ruhyahwalyny dogry görkezip bilmegine ýardam edipdir. «Perman»romanynda wakalar başdan-aýak türkmenleriň arasyndaýaýbaňlanýar. Patyşa goşunlarynyň ýagdaýy ýazyjynyňnazaryndan bütinleý diýen ýaly daşarda galýar. Sebäbi ol esasyünsüni türkmen jemgyýetiniň içki garşylyklaryny açypgörkezmäge, Gökdepe tragediýasyna getiren sebäpleriyzarlamaga gönükdirýär. Özem dogry taryhy netije çykarýar.Urşuň agramy zähmetkeş halkyň boýnuna düşýär. Han-begler,din hadymlary öz şahsy bähbitlerini arap, halky gan döküşikliurşa iterýärler. Özleri bolsa bir gyrada galyp, soňra halkyezmekde patyşa hökümetiniň elindäki gurala öwrülýärler.Bu ýazyjynyň birinji dogry çeperçilik çözgüdi. Munyýazyjynyň anyk obrazlar arkaly nähili görkezendigi hakdasoňra giňişleýin gürrüň ederis.Ýazyjynyň ikinji dogry çözgüdi bolsa, ozalambelleýşimiz ýaly, onuň Gökdepe urşunyň wakalaryna şeýleseresaply, şeýle eserdeňlik bilen çemeleşenliginden ybaratdyr.Ýazyjy gümanizmiň, syýasy duýgurlygyň haýran galarlyknusgasyny görkezýär. Romanda ýekeje-de gan döküşikli jikmejikepizoda gabat gelmeýäris. Hatda ýazyjy Gökdepe galasynyňpartladylan pursatyny beýan edýän wagtynda-da, Öwezmyratbatyryň galanyň içinde gezip ýören pursatyny beýan edýän


wagtynda-da, çapha-çaplygyň jikme-jikliginisuratlandyrmakdan ussatlyk bilen sowlup geçýär. Şeýleýagdaýyn bolandygyny ýaňzydýar-da, jikme-jikligiň dereginegahrymanlaryň häsiýetini, ruhy ahwalyny görkezmäge agramsalýar, wakalaryň beýany gahrymanlaryň oý-pikirleriniň,psihologiýasynyň beýany bilen çalşyrylýar. Ýazyjy okyjydaemosiýa döretjek bolup durman, onuň aňyna täsir etmeginazarda tutýar. Näme üçin şeýle betbagtlyga barlyp ýetildi, bukimiň eli bilen gorjalyp ýörlen zat, bu kimiň peýdasyna, kimiňzyýanyna diýen soraglara jogap agtarýar. Uruş sahnalarynyňelhençliklerini görkezmän, jemgyýetdäki sosial-syýasygatnaşyklaryň elhençligini, ýowuzlygyny görkezýär.Öň belläp geçişimiz ýaly, romanda patyşa goşunlarynyňarasynda bolup geçýän wakalaryň görkezilýän ýeri ýok. Bizpatyşa generallarydyr ofiserleriniňem nähili pikirler, nähilimatlaplar bilen ýaşaýandygyny bilemzok. Muny ýazyjy özözündendüşnükli zat edip görkezýär. Sarizmiň maksady ülkäniöz koloniýasyna öwürmek. Bu ýere goşunyň näme üçingelendigi hem belli. Şonuň üçinem ýazyjy patyşagenerallarynyň, ofiserleriniň matlabyny, oý-pikirlerinidüşündirjek bolup azara galyp oturanok. Ol ikinji bir ýagdaýa— zähmetkeş halka gezek gelende ýerli ekspluatatorlaryň hemsarizm bilen ýarandygyny görkezmäge zor salýar. Olar öz


ähbidi üçin watanyny satmaga-da, halkyny gyrgyna bermägedetaýýar.Bizi ýazyjy romanyň ilkinji baplaryndan şol wagtkytürkmen jemgyýetiniň sosial-synpy gatnaşyklarynyňjümmüşine alyp gidýär. Öwezmyrat batyryň, Gara batyryňatlylary patyşa goşunlary bilen gaça uruş edip ýörler. Ikinjitarapdan bolsa eýran basybalyjylarynyňam talaňçylykly,alamançylykly çozuşlary dowam edip dur. Türkmenleriň düşenýagdaýyndan peýdalanyp, dönükler has işeňňir hereketedýärler, obalary talaýarlar. Öwezmyrat batyr bilen Gara batyrikisi gezekleşip, obany eýranly alamançylardanam goramalybolýarlar. Şeýdip türkmenler iki oduň arasynda galýar.Ýöne olara şu iki oduň ikisindenem beter howp salýanüçünji bir aýylganç bela bar. Ol hem türkmen jemgyýetiniňyrgalygy, syýasy bütewiligiň ýoklugy, ýerli sütemkärleriňzähmetkeş halk üçin iň ganym duşmanlygy. Öwezmyrat batyrözüniň nirede düşlejegini hatda öz atlylaryndanam ýöne ýeregizlänok. Sebäbi ol Dykma serdar, Seýitmyrat beg ýalyadamlardanam patyşa goşunlarydyr eýran talaňçylaryndan azgorkanok. Sebäbi halkyň wekili bolan Öwezmyrat batyrDykma serdar, Seýitmyrat beg ýaly adamlaryň düýbündenbaşga bähbit araýandyklaryny gowy bilýär. Ýok, bu


Öwezmyrat batyryň diňe harby taktikasy däl, bu onuň syýasytaktikasyny hem aňladýar.Özem şu ýerde bir zady aýratyn bellemek gerek.Seýitmyrat beg Öwezmyrat batyryň ýakyw garyndaşy —doganoglany. Ýöne ol garyndaşlyk bähbidini goranok, halkyň,ýurduň bähbidini goraýar. Ol diňe patyşa goşunlaryna garşy,eýran alamançylaryna garşy göreşmän, Dykma serdar,Seýitmyrat beg, Batyr hajy ýaly öz şahsy bähbidi diýip ölüpýatan adamlara hem garşy göreşýär. Ol Dykma serdar dagynyňpatyşa ofiserleri bilen aragatnaşyk saklaýanyny aňýar, olarypaş etmegiň, olardan dynmagyň aladasy bilen ýaşaýar. Eger olsubutnama tapyp bilse, Batyr hajynam, Dykma serdaramöldürmekden gaýtjak däl. Batyr hajy onuň eline düşende,ädigindäki hat tapylmansoň, tötänden sypsa, patyşaofiserleriniň ýanyndan gelen Dykma serdar Öwezmyratbatyryň ýigitleriniň öz sözlerinde durup bilmändigi sebäplisypýar.Ýazyjy Öwezmyrat batyryň obrazynda halk häsiýetinijemläpdir. Ol agyr goşuna serdarlyk etse-de, muny özüniňwezipesi hasap edenok, borjy hasap edýär. Munuň üçineselmän, gaýta peselýär. Özüni halkyň, ýurduň ýönekeý biresgeri hasaplaýar. Şonuň üçinem ol ýigitleri sen bizden syrsaklaýaň diýip igenjek bolanlarynda, olara: «Menem siziň bir


tutma serdaryňyz däl. Özüňiz ýaly bir adam» diýip, çürt-kesikaýdýar.Öwezmyrat batyr halkyň sada wekili bolansoň, hemmewagt hemme wakalardan dogry baş çykaryp durup bilenok. OlDykma serdaryň, Seýitmyrat begiň, Batyr hajynyň öz bähbidiüçin her zatdan gaýtmajakdygyny bilse-de, Hal mollanyňkimdigini tanap bilenok. Onuň etmişini jan ýaly dosty Kanybatyrdan görüp, onuň göwnüne degýär. Wakalaryň iň jygbajyglypursatynda ony baş alyp gitmäge mejbur edýär.Öwezmyrat batyryň urşa bolan garaýşy hem halkyňgaraýşyny aňladýar. Ol ýigitleriniň öňüne düşüp, eli ýaragly öztopragyny gorap ýörenem bolsa, ýaraşyk baglaşylmagynyň,urşuň bes edilmeginiň tarapdary. Ol Dykma serdar dagynyňpatyşa ofiserleri bilen aragatnaşyk saklaýandygyny bilse-de,olary munuň üçin ýigrenenok. Şol aragatnaşygy halkdan gizlinedýändikleri üçin ýigrenýär. Özler-ä patyşanyň beýikleri bilenaragatnaşyk saklaýarlar, ýene-de halky urşa öjükdirýärler diýipýigrenýär. Şonuň bilen bir wagtda olaryň patyşa beýiklerinihem halkyň garşysyna öjükdirýändiklerini bilýär. Sebäbi olarýaraşyk hakda gepleşik geçirenoklar, öz halkyna dönüklikedýärler.Netijede, halk ejir çekýär, halkyň gany dökülýär.Dykma serdar ýalylar bolsa öňkülerindenem beter rowaç


tapýarlar. Dykma serdar otrýad komandiri bolsa, Seýitmyratbeg wolostnoý bolýar. Soňra demir ýol stansiýasynda özdükanlaryny açýar. Öwezmyrat batyr dagy bilen bile kasameden kişi bolup, olaryň tutulmagyna sebäp bolýan we ilgözünden düşýän Hal molla mollaçylygyny taşlap, söwda bilenmeşgullanýar. Dykma serdaryň ogly Oraz serdar Peterburgdabilim alyp, soňra patyşa goşunynyň polkownigi bolup ýetişýär.Seýitmyrat begiň ogullarynyň ikisi şäherde okap ýör.Muhammetmyrat ahunyň elinde okap ýören ogly Begli mollahem din ýoluny tutmagyň deregine, arak içip, mes bolup,haramylyk edip ýöreni üçin medreseden kowlup, edil Halmolla ýaly söwda baş goşýar. Şeýdip, öňki han-begler, işanmollalarmilli buržuaziýanyň ilkinji wekillerine öwrülipbaşlaýarlar. Öňkülerinden has baýlaşýarlar. Indi olaryňarkasynda ägirt güýç — patyşa hökümeti dur.Şonuň üçinem Öwezmyrat batyr Dykma serdar dagynyňgarşysyna dil düwüşme guraýar. Olary öldürmegiň kastynaçykýar. Kazylaryň diwanynda bolsa ol:— Olar iki ýüzli, dönüklik etdiler, uly-ili gyrgynaberdiler, il-ulus bilen maslahatlaşyp iş etmediler, ile bir dilberdiler, ýer astyndan hem ili gyrdyrdylar, şu günäleri üçinemolar diri gezmeli däldirler — diýip, aç-açan aýdýar.


Munuň özi ekspluatator synplaryň Gökdepebetbagtçylygynda oýnan gabahat roluna berlen iňňän dogrybahadyr.Ýazyjy halkyň wekili bolan Öwezmyrat batyry uruşgutarandan soňam Dykma serdar, Seýitmyrat beg ýaly ýokarygatlagyň wekilleriniň garşysyna goýýar.General Skobelewiň Aşgabatdaky depäniň üstündeDykma serdar dagy bilen duşuşanda aýdan sözlerini ýatlalyň.Şonda onuň aýdan sözlerini dilmaç şeýle terjime edýär:— Beýik «meniň garşyma çykyp urşan adamlar sizdäldiňiz» diýýär. «Eger ýeke siz bolan bolsaňyz, men galanybireýýäm alardym» diýýär. «Maňa şol meniň bilen dogry durupurşan adamlar gerek» diýýär. «Hany ol gyr atly, ak telpekliýigit, hany ol dor atly, gyzyl balak ýigit, hany ol demirgyr atly,togalak ýigit?» diýýär.Muny ýazyjy Skobelewiň şol diýýän adamlarygörünmänsoň, türkmenler ýene bir zat taýýarlap ýörenbolaýmasynlar diýip aýdýan sözleri hökmünde getirýär. Şunuňüsti bilen onuň garşysynda duran Dykma dagynyäsgermeýändigini hem görkezýär. Ýöne bu ýerde başga has ulymany bar. Skobelewiň garşysyna urşup, gan döken-ä halk,häzir onuň gapysynda emel, wezipe hantama bolup duranlaramhalky gyrgyna beren adamlar.


Ýazyjy Dykma serdar dagynyň Skobelewiň ýanynaýarag dakynyp gelendigini, Öwezmyrat batyryň bolsaýaraglaryny taşlap gelendigini görkezmek bilen, halkyň hemeziji synplaryň wekilleriniň urşa, ýaraga bolan garaýşynybeýan edýär. Halkyň wekili bolan Öwezmyrat batyr ýaragydiňe Watany goramak üçin göterýär. Ol watany goramagaderkary degmejek bolsa, ýaragyň geregi ýok diýip hasanlaýar.Dakynybilen ýaragyny dakynyp, Skobelewiň gapysyndagaraşyp duran Dykma serdar daga ýigrenç bilen garaýar.— Bulara serediň-ä, ömründe gylyjy gynyndançykarmagy bilmeýän adamlar biline gylyç guşanyp, eneleriniňaş pyçagynam guşagyna gysdyryp, şu gapa gelipdirler — diýip,janyýangynlylyk bilen aýdýar.Ol patyşa hyzmat etmek üçin ýarag götermelidir diýipkellesine-de getirenok. Watanyny goramaly bolanda gylyjynygynyndan çykarmadyk adamlaryň ýarag dakynyp, patyşahyzmat etmäge taýýar bolup duruşlary oňa ýürekbulanjy bir zatbolup görünýär. Skobelew Dykma serdaryň otrýadynda gulluketmegi teklip edende hem Öwezmyrat batyr çürt-kesik ýüzdönderýär.Romanda ähli wakalara aýdyň synpy pozisiýadan bahaberilýär. Türkmenistanyň ak patyşanyň koloniýasynaöwrülmegi bilen zähmetkeş halk köpçüligi iki taraplaýyn


süteme sezewar edilýär, romanda aýdylyşy ýaly, iki aganyňguluna öwrülýär. Özem sosial sütem has güýçlenýär. SebäbiDykma serdar, Seýitmyrat beg dagy indi patyşadan arkatapynýarlar. Öň feodal gatnaşyklary döwründäki edip bilmejekzatlaryny edýärler. Indi patyşa arkalanyp, halky has beterezýärler.Gandym aksakgalyň aýdyşy ýaly, öň han kyrkperrajyny yzyna tirkäp gelende, ýenjilip goýberilýär eken. Indibolsa Dykma serdar agalaryna arka daýanyp, Öwezmyratbatyry tussag etmäge gelýär. Indi Gandym aksakgal oňa:— Öýde bolsa, şeýdip göni gelip bilermidiň? — diýip,ýangynly gyjyt bermek bilen çäklenmeli bolýar.Ýa-da Batyr hajynyň Nepesiň yzyndan baryp, aýalybilen bile ata süýredip alyp gaýdyşyny ýatlalyň. Öňki döwürbolan bolsa, Batyr hajynyň öňünden çykan adamyňtapylaýmagy hem mümkin. Mysal üçin, Nazar perraçGutlymyrady ýençdirjek bolanda, Gandym aksakgal dagy oňaarka durýarlar. Hanyň perrajyna berk gaýtawul berýärler.Sebäbi olar handan beýle bir çekinip duranoklar.Emma Batyr hajy Nepesi hem aýalyny sütem edip,süýräp alyp gaýdanda oňa hiç kimem arka durup bilenok. BuBatyr hajynyň özünden gorkulyp edilýän zat däl. Ol indipatyşanyň nökeri. Onuň arkasynda patyşa hökümeti dur.


Bu entek iň bärkisi, Gökdepe galasy synaýan batlarynabolup geçýän wakalar. Soňra ýazyjy Öwezmyrat batyryňykbalyny yzarlamak bilen, kolonial hem ýerli sütemiň türkmendaýhanyny nähili çydamsyz derejä ýetirendigini ynandyryjylykbilen görkezýär.Türkmenistan patyşa Russiýasynyň koloniýasynaöwrülenden soň, synpy sütem has güýçlenýär, hemişe agramzähmetkeş daýhanlaryň gerdenine düşýär. Mertlik, namartlyk,päklik, hapysalyk hakdaky ahlak ölçegler özgerýär. Sosialsütem adamlaryň egninden basyp, olary her hili kemsitmelere,zulumlara çydamaga werziş edýär. Öň gylyjyndan ot syçrapduran, halkyň dönüklerini ýok etmek üçin, kellesini eteginesalyp, Sibir sürgünliginiň ejirini çeken Öwezmyrat batyr indikem-kemden elinden hiç zat gelmeýän ejiz adama öwrülýär. Olhatda özüne urulýan zarbanyň nireden gelýändigini hemduýman galýar.Zyňlan kesek indi gelip Öwezmyrat batyra degýär. Oglyhaýynlyk bilen öldürilýänem şol, gyzyny öýüne getirmägerazylyk berenden soň, al salnyp, gyzy Muhammetmyrat ahunabarmaga mejbur edilýänem şol. Köçeden geçip barýarka,gapdalyndan ýoknasyz gürrüň edilip masgaralanýanam şol.Atyňy nirä ýok etdiň diýip, şäher diwalyna süýrelýänem,kömek edeýin diýlip, aldaw bilen iň soňky köpügine çenli


alynýanam şol. Özem ol bu zatlaryň hemmesini çydapçekmägemejbur bolýar.Indi öňki ýaly Öwezmyrat batyrdan heder edýän adamýok. Ýerli sütemkerler patyşa samoderžawiýesiniň özarkalarynda dag ýaly bolup durandygyna ynanýarlar. Her nämeetselerem, özleriniň jezasyz galjakdyklaryna ynanýarlar. EýsemTürkmenistan koloniýa öwrülmezinden ozal Seýitmyrat begiňogly Öwezmyrat batyryň ogluny öldürmäge het edip bilermidi?Eýsem ozal Seýitmyrat begiň ogly ýol bilen geçip barýanÖwezmyrat batyryň gulagyna eşitdirip, onuň degnasyna degerýaly söz aýdyp bilermidi?Şu ýerde ýene bir zada üns bermegimiz gerek. Nämeüçin garadan gaýtmaz Öwezmyrat batyr indi öňküsi ýalyýykyp-ýumruşdyryberenok? Näme üçin ol beterinden-beterineçydap ýör? Ol beýle namartlaýdymyka? Men diýen jahylwagtynda janyndan gorkmadyk Öwezmyrat batyr indi gojabaşyndan gorkup ejizläp ýörmükä?Ýok. Gep bu ýerde hiç zadyň Öwezmyrat batyryňşahsyýetine bagly däldiginde, sosial-synpy gatnaşyklaryň,ahlak ýörelgeleriň bütinleý özgerenliginde.Seýitmyrat begiň ogly Begli mollanyň: «Golaýda gaçangyz şu adamyň gyzy bolmaly. Görüň, ýene utanman köçä-deçykýar. Arsyz, namyssyz...» diýen sözlerini eşidende,


Öwezmyrat batyryň nähili ýagdaýa düşenini ýatlalyň. Ol şolwagtlar Seýitmyrat beg öňünden çyksa-da, Begli mollaöňünden çyksa-da, ikirjiňlenmän çapyp taşlajak. Emma olSeýitmyrat begiň öýlerine-de, metjide-de kürsäp giriberenok.Seýitmyrat begiňem, Begli mollanyňam daşaryk çykmagynytalap edýär. Gylyjyny öňüne kese basyp, metjidiň eýwanyndaBegliniň çykaryna garaşyp oturýar. Sebäbi onuň mertlik,namartlyk, gorkaklyk, batyrlyk, ar-namys hakdaky düşünjesi,ýörelgesi başga. Onuň düşünjesine görä adamynybinamyslykda aýyplan adam gaçyp gizlenmeli däl, öz sözüniňyzynda durmaly, döş gerip döwüşmäge çykmaly. Adamöldürmek Öwezmyrat batyr üçin gury maksat däl, hatda özşahsy maksadyna ýetmek serişdesi hem däl. Onuň maksadydiňe adam öldürmek ýa-da öz şahsy bähbidini aramak däl, olilkinji nobatda hakykatyň ykrar edilmegini nazarda tutýar. OlSeýitmyrat begi ýa-da onuň ogly Begli mollany öldüripoturyberer ýaly, öz oglunyň, hakykatdanam, Begli mollanyňelinden ölendigini açyk bilenok. Gyzynyň başyna düşenbetbagtçylyklaryňam düýp sebäpkärleriniň Seýitmyrat begbilen onuň enesidigini bilenok. Seýitmyrat beg dagy ýaly diňeöz bähbidini araýan bolsa, çala müňkürlik edeni üçinSeýitmyrat begden ar almagy nazarda tutýan bolsa, Öwezmyrat


atyr beýle göz-görtele hereket etmän, ol ýer astyndanam olarbilen haklaşyp bilerdi.Bir söz bilen aýdanyňda, kolonial gatnaşyklaryňberkarar edilmegi bilen, öňki ähli sosial-ahlak ýörelgeleriňemdüýbüne palta urulýar. Seýitmyrat beg, Hal molla ýalylar täzegatnaşyklaryň akymynda özlerini balyk ýaly duýsalar, Kanybatyr Hal molla ýaly binamyslyk edip ýaşanyndan, baýlyktoplanyndan müjerret geçenini gowy görýär.Kolonial sütemiň ornaşmagy bilen ýerli ekspluatatorlargüýçli arka tapynan bolsalar, garyp-gasarlar, mazlumlarhossarsyz, erksiz galýarlar. Şonuň üçin olar hem özlerine arkagözlemeli. Bu ýagdaý bolsa türkmen daýhanlarynyň rusproletariaty bilen ýakynlaşmagyna, doganlaşmagyna getirýär.Ýazyjy «Perman» romanynda bu dostlugyň gözbaşynyhas aňyrdan alyp gaýdýar. Entek Öwezmyrat batyr patyşagoşunlary bilen gaça uruş edip ýörkä, onuň ýanyndarewolýusion işi üçin yzarlanyp, gaçmaga mejbur bolan rusişçisi Stepan bar. Ol Öwezmyrat batyryň mazaly ynamynagiren adam. Öwezmyrat batyr hem Aman batyryň kömegibilen, Stepanyň deňizden aňryk aşmagyna kömek edýär. Olgidenden soňam onuň adamlary Öwezmyrat batyra patyşagoşunlarynyň ýaragly, azykly kerwenleri hakda maglumatýetirip, kömek berip durýarlar. Diňe şujagaz faktyň özi hem rus


proletariatynyň patyşa samoderžawiýesiniň kolonialsyýasatyny goldamandygyny, onuň progressiw wekilleriniň özýurdunyň azatlygy ugrunda göreşýän türkmen ýigitleri bilen birhatarda bolandygyny subut edýär.Ilkibada Stepanyň başdan Öwezmyrat batyryň ýanyndagörkezilmegi juda gönümel, illýustratiw häsiýetde ýalybolubam görünýär. Ýazyjy rus-türkmen dostlugyny görkezmeküçin Stepanyň obrazyny mehaniki suratda girizäýipdir diýenpikirem kelläňe gelmän duranok. Ýöne muny ýazyjynyň logikitaýdanam, çeperçilik taýdanam doly delillendirýändiginebasym göz ýetirýärsiň. Sebäbi Öwezmyrat batyr bilen Stepanyýakynlaşdyrýan zat ol ikisiniň gylyk-häsiýetiniň meňzeşligi ýadaşahsy bähbitleriniň umumylygy däl. Ol ikisini synpybähbitleriniň umumylygy birleşdirýär. Patyşa samoderžawiýesiÖwezmyrat batyry gul etmek üçin şu wagt goşun sürüp gelenbolsa, Stepan patyşa samoderžawiýesiniň guly bolup dünýäinen adam. Onsoň onuň gulçulykdan gaçyp, Öwezmyratbatyryň ýanyna gelmegi we ondan ýüz tapmagy tebigy zat.Öwezmyrat batyrdan ýüz tapan, arka tapan diňe Stepan däl.Onuň eline gul bolup düşen eýranly Gutlymyrat hem boşadylypgoýberilende öz ýurduna gitmeýär. Munuňam sebäbiÖwezmyrat batyryň oňa öz synpdaşy (red. belligi: bu ýerdemekdep döwrüniň klasdaşlygy göz öňünde tutulmaýar)


hökmünde garamagy. Eger Öwezmyrat batyr özüni gul eýesihökmünde alyp baran bolsady, Gutlymyratda hiç wagt özýurduny terk edip, onuň ýanynda galmak islegi döremezdi.Gutlymyrat öz ýurdunda hem gul. Gaýta ol Öwezmyrat batyryňýanynda azatlyk alýar.Gutlymyrady Nazar perraç ýençdirjek bolanda hemonuň arkasyny tutýan Öwezmyrat batyryň ýakyn garyndaşy,barjamly Seýitmyrat beg däl-de, garyp-gasarlaryň wekiliGandym aksakgal hem onuň töweregindäki adamlar. Barlysynpyň, wekilleri Gutlymyrady keseki hasaplap, oňa ýer-suwbermejek bolanlarynda hem ony il biri hasaplap, ýer-suwbermeli diýýänler Öwezmyrat batyr, Gandym aksakgal, obanyňbeýleki garyp-gasarlary. Hatda Öwezmyrat batyr Gutlymyratbilen bir maşgala bolup ýaşap ýör.Şonuň üçinem rewolýusion meýilliligi sebäpli özýurdundan gaçgyn bolan Stepanyň Öwezmyrat batyryňýanynda bolup, onuň bilen dostlaşmagy hatda şol wagtlartürkmenleriň patyşa goşunlaryna garşy uruş alyp barýandöwründe-de bolup biläýjek ýagdaý. Eýran hanlarynyň gündegünaşatalaňçylykly çozuş edip durmagy, hatda Gutlymyradyňhut özüniň eli ýaragly şol talaňçylar bilen gelmegi hemÖwezmyrat batyryň Gutlymyrat barada üýtgeşik adamkärçilikgörkezmegine päsgel berenok.


Ýazyjy Öwezmyrat batyr bilen Gutlymyradyň,Stepanyň arasyndaky dostlukly gatnaşygy görkezmek arkaly,hiç wagt halk bilen halkyň arasynda duşmançylygyň bolupbilmejekdigini, olaryň päk ýürekli ogullarynyň her hiliýagdaýlarda hem umumy dil tapyp, düşünişip, dostlaşypbiljekdigini teswirleýär. Ekspluatator synplar halklary biribirineöjükdirse, zähmetkeş halkyň wekilleri halklaryňýakynlaşmagynyň, dostlaşmagynyň, agzybir, parahatçylykdaýaşaşmagynyň aladasyny edýärler.Türkmenistanyň patyşa samoderžawiýesiniňkoloniýasyna öwrülmegi bilen Dykma serdarlaryň, Seýitmyratbegleriň ýitirýän zady ýok. Zähmetkeş halk gula öwrülýär.Türkmenistanyň patyşa samoderžawiýesiniň koloniýasynaöwrülmegi bilen rus işçisiniňem ýagdaýynyň ýeňilleşjekgümany ýok. Patyşa samoderžawiýesi halklar üçin türme —rus işçisi üçinem, türkmen daýhany üçinem. Şunukdaýnazardan seredeniňde, soňra Öwezmyrat batyr bilenStepanyň Sibirde duşuşmagynda biçak uly many bar. Daşyndangöräýmäge juda tötänlik ýaly bolup duýulýan bu duşuşyk ulyçeperçilik ýüküni göterýär. Eger patyşa samoderžawiýesiniňhökmürowanlygy dowam etse, rus işçisiniňem, türkmendaýhanynyňam ýoly hökman Sibiriň üstünden düşäýmeli.


Kolonial sütemiň türkmen halkynyň boýnunadakylmagy bilen synpy gatnaşyklaram özgerýär, ýitileşýär.Ahlak-etiki gatnaşyklaram üýtgeýär. Tä Sibire sürgünedilýänçä ýan bermedik, başyny dik tutup gezen, hemişe özüniDykma serdardan, Seýitmyrat begden ruhubelent duýup gelenÖwezmyrat batyr indi eziji synplaryň öňünde alaçsyz galýar.Öýçi ussanyň dükanynda bolan uruşdan soň, iş ula gider öýdüphowsala düşýän Öwezmyrat batyry, dostlary Aman batyr bilenKany batyryň ýanynda düşen ýagdaýyndan çykalga gözleýänÖwezmyrat batyry, atyny gaçyryp goýberilenden soň, şäherealnyp gidilýän Öwezmyrat batyry indi hatda urşuň yzysüreSkobelewiň hut öz ýanynda hem müzzermedik Öwezmyratbatyr bilen deňeşdirmek mümkin däl.Sosial sütem gün-günden güýçlenýär. PatyşaRussiýasynyň birinji jahan urşuna goşulmagy zähmetkeşhalkyň güzeranyny has-da kynlaşdyrýar. Patyşasamoderžawiýesi halkyň elindäki ählije zadyny gaňryp almagabaşlaýar. Öň daglaryň-daşlaryň arasynda öz gara başynyölümden gutarmak üçin gaçgak bolup ýören Öwezmyrat batyrindi ýekeje atyny elinden gidermejek bolup, agtygy Permanyaty bilen bile gaçyryp goýberýär. Perman Kany batyra düşüp,daglaryň arasynda gizlenip gezýär.


Ekspluatasiýanyň güýçlenmegi, daýhanlara her hilisalgytlaryň salynmagy, soňra olaryň özüniň pälä alynmagytürkmen daýhanlarynyň rus proletariaty bilen ýakynlaşmagyna,olaryň arasynda hem rewolýusion meýilleriň güýjemeginegetirýär. Öwezmyrat batyr bilen Stepanyň arasyndaky dostlukÖwezmyrat batyryň agtygy Perman bilen Stepanyň ogly Petryňarasyndaky rewolýusion dostluga ösüp geçýär. Olar graždanlykurşunyň frontlarynda gahrymanlarça söweşýärler. Romanyňahyrynda Perman demir ýol işgäri bolup ýetişýär.Ata Gowşudowyň «Perman» romanynyn, ýöritebellenilmeli taraplarynyň biri onuň tutuş ruhunyň ateistik pikireýugrulmagydyr. (Red. belligi: Roman SSSR döwründeýazylansoň, bu ýerde ýazyjynyň günäsi ýok hasaplaýaryn).Ýene bir gezek nygtaýarys — ateistik pikir romanda özözlügindeöňe sürülmän, onuň tutuş ruhuna siňip gidýär.Ýazyjy ateistik ideýany öz-özlüginde öňe sürmegi maksatedinmeýär. Romanda dini ýalana çykarýan umumy pikirýöretmelerem ýok, dine garşy şygarlaram ýok. Ol dinidüşünjeleri paş etmegi, ýalana çykarmagy hem maksatedinenok. Romanda din hadymlarynyň üstünden aç-açangülünýän ýa-da adamlaryň dini ygtykaty üçin kemsidilýän ýerihem ýok. Bir söz bilen aýdanyňda, «Permandaky» ateizm biziňşu günki gönümel ateistik propagandamyz däl, ýöne ondan has


ynandyryjy, has täsirli, has düýpden gaýdýar. (Red. belligi: Şolgara günleriň (hudaýsyzlyk döwrüniň) geçdigi bolawersin,hernä!).Türkmen halk döredijiliginiň baş eseri bolan«Görogly» eposyndan Jygaly begi ýatlalyň. Ol erenleriňýanyndan gelen Görogly, olardan sussy basylyp, sopuçylykdiläp alandyr öýdüp, ähli umydy puja çykan dek gazabamunýär. Oňa sopy ogul gerek däl, Watanyň, halkyň azatlygyüçin gylyç göterjek merdana ogul gerek. Bu ýerde Jygaly begiňobrazy türkmen halkynyň ahlak ynanjyny, watançylykynanjyny wasp edýär. Türkmen halky üçin hemme wagtWatançylyk duýgusynyň ahlak päkliginiň ilkinji, diniygtykatyň bolsa ikinji bolandygyny tassyklaýar. GürrüňWatanyň, halkyň ykbaly hakda, ynsap, ahlak päkligi hakdagidende türkmeniň dini hasaba alyp durmandygynytassyklaýar.Ata Gowşudow hem «Perman» romanynda halkhäsiýetini iň belent derejede açyp görkezmek üçin, özgahrymanlaryny şol döwrüň ähli hukuk, ahlak kanunlaryny öziçine alýan din bilen gapma-garşy goýýar. Ýok, bu ýazyjynyňtoslap tapýan, bilgeşleýin edýän zady däl. Ol durmuşda,hakykat ýüzünde ýüze çykan şeýle aýgytly pursatlaraýüzlenýär. Şeýle bir pursatlar ýüze çykýar — Watanyň, halkyň


ähbidi bilen diniň her haýsy tereziniň bir tarapyna munýär. Ýadine sarpa goýmaly, ýa-da Watanyň, halkyň bähbidine,hakykata sarpa goýmaly. Dine sarpa goýmaklyk Watanyň,halkyň bähbidiniň goldan berilmegini aňladýar. Ana şonda AtaGowşudowyň gahrymanlary ikirjiňlenmän, dini ret edýärler,Watanyň, halkyň bähbidini öňe tutýarlar.Öwezmyrat batyr Dykma serdaryň patyşanyň beýikleribilen aragatnaşyk saklaýandygyny bilýär. Dykma serdar oglybilen patyşanyň beýikleriniň ýanyndan gelýärkä atlylary bilenol ikisiniň yzyndan kowýar, Olar ýetdirmän gala özleriniatýarlar. Öwezmyrat batyryň atlylary olaryň kimdigini bilenok,Muny diňe Öwezmyrat batyr bilýär. Ol patyşa goşunlarytarapdan gelýän iki atlynyň Dykma serdar bilen ogludygynada,olaryň patyşanyň beýikleri bilen dilleşip gelýändiklerinede,patyşanyň beýiklerine sowgat-serpaý eltip, özleriniňemsowgat-serpaýly gelýändiklerine-de, Dykma serdaryň ilki özöýüne barman, Seýitmyrat begiň ýanyna barjakdygyna-dasähelçejigem şübhelenmeýär. «Men ol adamy tanaýan. Onuňşu wagt nirede oturandygynam bilýän. Ol adamyň getirensowgatlary bilen üstüni basmak boljak welin... Ýöne bir zadybar. Ana, şol meni ýaýdandyrýar. Niçikmi, iş jygba-jyga gelenýerinde, Garry batyr başlyklaýyn araňyzdan bolgusyztöwallaçylar tapylýar-da, meni öz ugruma goýmaýar. Şu sapar


şol gylygyňyzy taşlap, ýeke meniň aýdanymy etseňiz gitjek.Bolmasa, şu ýerden yzyma dolanjak» diýýär.Ýigitleri «Seniň diýeniňi hökman ederis» diýip sözberensoňlar Seýitmyrat begiň tümünde oturan Dykma serdaryňüstüne barýar. Onuň daş çykmagyny talap edýär. Daşaryçykaýsa, kellesiniň egninden aýryljakdygyna gözi ýetip duranDykma serdar daş çykyp bilmeýär. Öwezmyrat batyr Kanybatyra üç-dört sany bolup, tüme girmegi hem Dykma serdarydaşary çykarmagy buýurýar. Şol wagt hem Seýitmyrat begDykma serdaryň aklygyna Gurhandan ant içip, Gurhany ortagoýýar. Ara Gurhan düşensoň, Kany batyr dagy ýaýdanýar.Muňa jany ýanan Öwezmyrat batyr:«— Gurhan däl, eger Muhammediň özi gelip ara düşsede,daňyň! Näme ol kitap turup, siziň ýakaňyzdan tutaröýdýäňizmi? Tiz daňyň! Gurhan bolsa bolubersin! Kim oňa buara sokul diýýär?! Durman, daňyň!» — diýip gygyrýar.Öwezmyrat batyr Kany batyryň Gurhandan gorkusynasaklanandygyna-da şübhelenýär. Ozalam onuň Dykma serdardagy bilen arasy bardyr öýdüp müňkür bolup ýören Öwezmyratbatyr kowgy bolup gelýärkäler Kany batyryň atynyň gurrugyňüstünden gelip büdremeginem, onuň Gurhany basgylap geçipbilmezliginem dönükliginiň netijesi hasaplaýar. Dostunyňgöwnüne mazaly degip, ony baş alyp gitmäge mejbur edýär. Ol


hatda Stepanyň «Batyr, sen Kany batyra müňkürlik edip,birden nähak iş edäýmegin» diýen tabşyrygyny hem unudýar.Öwezmyrat batyryň Kany batyra bolan müňkürliginiňhut şu pursatda iň ahyrky derejä ýetmegine aýratyn ünsbermegimiz gerek. Seýitmyrat beg, Garry batyr, Kany batyrdagynyň bolşundan hasap tutsak, başga ýerde Kany batyra näçeşübhelense-de, Öwezmyrat batyr oňa şu ýerde şübhelenmelidäl. Sebäbi mukaddes Gurhan orta düşýär. Ýöne, tersine,Öwezmyrat batyryň müňkürligi şu ýerde gutarnykly ynanjaöwrülýär. Sebäbi Öwezmyrat batyr «Men dine, Gurhanaynanamok» diýip, döşüne kakyp ýörmese-de, dini, Gurhanyäsgermezçilik etmese-de, oňa ýüreginden ynanybam baranok.Ol «şerigaty bir adamçy düýeleri gorkuzmak üçin çöwreýapynylýan don» hasaplaýar. Şonuň üçinem Gurhanaduwlanyp, ondan gorkup, Watanyň, halkyň bähbidine hyýanatetmeklik Öwezmyrat batyr üçin dönüklik bolup görünýär.Romandaky ikinji bir pursat has-da güýçli täsirgaldyrýar. Gökdepe betbagtçylygynda han-begleriň, dinhadymlarynyň uly rol oýnandygy, olaryň halky urşaöjükdirendikleri, şeýdibem halky gyrgyna berendikleri taryhtarapyndan ykrar edilen hakykat. Munuň şeýledigine türkmenhalkynyň Gara batyr, Öwezmyrat batyr ýaly tüýs watansöýerogullary şol wagt hem düşünipdirler. Din hadymlaryna


ýüzlenip, «halky gyrgyna berersiňiz, söweş meýdanyndaegninden aýrylyp, sellesi çözlenip ýatan kelle göremok» diýenadamlar bolupdyr. Edil şonuň ýaly bir pursata biz «Perman»romanynda hem gabat gelýäris.Galanyň üstüne abanan howpuň has güýçlenen wagty iňuly işanyň metjitde, howpsuz ýerde sellesini tegeläp, adamlarydaşyna üýşürip oturanyny gören Gara batyryň jany ýanýar. Olişana ýüzlenip:— «Aý, işan aga, adam ajaly ýetse ölermi ýa-daýetmese-de ölermi?» — diýip soraýar. Işan oňa:— «Adam ajaly ýetse öler» — diýip, kesgitli jogapberýär. Şonda Gara batyr oňa şeýle diýýär:— «Janpenada bukup oturan adamyň ajaly ýetmez, işanaga. Hany göreli, biziň ajalymyz ýetmäbilse ýetmesin».Şundan soň ol tä ölýänçä söweşýär. Özüniň ýekejehakykaty — Watan üçin janyňy hem gaýgyrmaly däldiginiykrar edýändigini gany bilen subut edýär.Öň belleýşimiz ýaly, bu epizodlaryň ikisi hemýazyjynyň çeper fantaziýasynyň önümi däl. Rowaýata öwrülip,halkyň dilinden düşmän gelen hakykatyň beýany. Ýazyjynyňşol wakalara gatnaşan adamlaryň hut öz agzyndan eşiden zady.Ýazyjy «Perman» romanynda diniň sosial-synpymazmunyny açyp görkezýär, ony sütemkär synplaryň


zähmetkeş halk köpçüligini ezmek üçin peýdalanýan guralyhökmünde suratlandyrýar. Ýazyjy kiçijik bir detalyň üsti bilenşerigatyň ekspluatator synplaryň sada adamlary aldamak üçinulanýan perdesidigini, agyr sütem zerarly güzeranyny aýlapbilmän ýören zähmetkeş adamlaryň hatda şerigat bilenmeşgullanmaga wagtynyňam ýokdugyny iňňän täsirlilik bilengörkezýär. Arslan baýyň gelni bilen gyzynyň elleri kündüklitutly ýabyň boýunda täret gylyp ýören wagtyny, Gülsoltanbilen Sadabyň bolsa şol ýabyň boýunda baýyň kirini ýuwupoturan wagtyny ýatlalyň. Eýsem şonda Sadabyň ««Garynjagara günde, gurbaga saz bilen söhbetde» diýipdirler. Hawa-da,etdehyýatyny öwrenjekmi sen ýa-da kişiniň tükeniksiz kiriniýuwjakmy, agyr halysyny dokajakmy, haýsyna ýetişjek?»diýen sözlerini ýazyjynyň onuň agzyna salyp beren sözlerihasap etmek bolarmy?Ýa-da başga bir detal. Öwezmyrat batyr Permany atybilen ýola taýýarlaýarka, Perman babasyna «Meniň barmalyýerlerime bir molla hat ýazdyraýsak näderkä» diýende,Öwezmyrat batyr oňa: «Asyl men molla halkyny ýamanýigrenýän özüm... Näme bulam-bujarlyk çyksa, şolardançykýar. Olaryň hatam başyny iýsin, petegem» diýip, çürt-kesikjogap berýär. Sebäbi Öwezmyrat batyr din hadymlarynyňpyssy-pujurlyklaryny her ädimde görüp durýar. Halk arasynda


dini, şerigatyň kanunlaryny jan-dilden wagyz etselerem, olaryilki bilen barly synplaryň, din hadymlarynyň özleri bozýarlar.Şerigat, Gurhan ekspluatator synplar üçin, din hadymlary üçin,ýazyjynyň romanyň bir bölümini atlandyryşy ýaly, halkyňgözüni baglamak üçin ulanylýan perde. Dykma serdaryň patyşaofiserleriniň ýanyndan gelendigini bilip dursa-da, Seýitmyratbeg onuň akdygy hakda Gurhandan ant içip, Gurhany ortagoýmaga çekinip duranok. Gurhandan ant içip, Öwezmyratbatyr dagynyň dil düwşügine goşulan Hal molla hem olarysatmak üçin ýaýdanyp duranok. Muhammetmyrat ahun bolsaÖwezmyrat batyryň gyzy Gülsoltanyň bagtynyň ýatmagynasebäp bolýar.Ata Gowşudowyň «Perman» romany halkyňdurmuşyny her taraplaýyn açyp görkezýär. Onda birnäçeromana ýeterlik baý material bar. Onda Öwezmyrat batyr,Kany batyr, Garry batyr, Gara batyr, Gutlymyrat, Nepes,Ilmyrat, Stepan ýaly özboluşly obraz1aryň giden bir galereýasydöredilipdir. Olaryň her biriniň ykbaly dolulygy bilensuratlandyrylýar. Özem romanda adam ykbalynyň dolulygyonuň terjimehalynyň dolulygynda däl-de, häsiýetiniňdolulygynda, bütewiliginde ýüze çykýar. Käte kiçijik birepizod ýa-da gahrymanyň ýekeje hereketi ony edil daşdan


ýonulyp ýasalan heýkel ýaly bütewi obraz derejesine ýetirýäroturyberýär.Mysal üçin, Gara batyr romanda köplenç fon hökmündegörkezilýär. Onuň terjimehalam gürrüň berlenok, söweşedermenlikleri barada hem Öwezmyrat batyryňky ýaly jnkmejikaýdylanok. Ýöne onuň akylly serdardygy, Öwezmyratbatyryňam şonuň agzyna seredýändigi aňlanylýar. Ol romandadiňe iki ýerde sähel wagt öň hatara çykýar. Birinji gezek olÖwezmyrat batyr bilen Dykma serdaryň arasynda bolançaknyşygy, Öwezmyrat batyryň nökerlerinden öýkeläp, olaraserdarlyk etmekden ýüz dönderendigini eşidip gelýär. Olýagdaýy şeýle parahatlylyk bilen düzedýär welin, onuň,dogrudanam, halky yzyna düşürip bilýän adamdygynaynanýarsyň. Ol gysgajyk manyly gürrüňinde ýagdaýy dolydüşündirýär. «Hany göreli, biziň ajalymyz ýetmäbilseýetmesin» diýip, iň soňky demine çenli söweşmegi ýüreginedüwüp, ýagynyň üstüne depende bolsa, ol ýatdan çykmajakjanly obraza öwrülýär.Ýazyjy gahrymanlarynyň gylyk-häsiýetini doly gözöňüne getirmäge mümkinçilik berýän wakalary, pursatlary,detallary saýlap alýar. Romanda biri-biri bilen meňzeş, biribirinigaýtalaýan obraz ýok. Olary biri-biri bilen garjaşdyrmakmümkin däl. Özem romandaky obrazlaryň her biri şol


döwürdäki türkmen jemgyýetiniň sosial-synpyaýratynlyklaryny alamatlandyrýar.Şeýle ýönekeýje bir detala üns bereliň. ÝazyjyUssamyrat demirçiniň bagyny bejerişini şüwlümli ýumoraeýläp gürrüň berýär. Onuň bir düýp üzümi kesmek üçin bütingününi sarp edip ýörşi obrazy belli-külli indiwiduallaşdyrýar.Onuň indiwidual keşbi aýdyňlyk bilen göz öňüne gelýär. Ýönegep diňe munda däl. Demirçiniň bolşy diňe onuň öz obrazynydäl, türkmen daýhanynyň şol wagtky güzeranyny hem aýdyňgöz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.Eger demirçiniň aňyrsyna-bärsine göz ýetmän duranbagy bar bolsady, ol tutuş bir günüňi ýeke düýp üzüm kesmägesarp edip bilmezdi. Günuzyň bilini ýazman işlende-de, üzüminikesmäge ýetişse razy bolardy. Ýazyjy bu ýerde ussanyň özobrazyny mylaýym ýumor blen suratlandyrsa, onuň bagynyňüsti bilen şol wagtky türkmen daýhanynyň çydamsyzýagdaýyny ýangynly kinaýa bilen suratlandyrýar. Gepiňgysgasy, demirçiniň on-on iki düýp üzümden, bäş-üç düýpbeýleki agaçlardan ybarat bolan bagy hem onuň öz obrazyndanbeter ýatda galmasa, pes ýatda galanok. Şol bagam obadaUssamyradyň bagy diýip at alan ýeke-täk bag bolmaly. Ana,şol bag obada ýer-suw sanaşygy bolanda iň naýbaşy ýerhasaplanyp, bijebaşy edilýär. Şol bagy elinden gider öýdüp,


demirçi gündiz ynjalykdan gaçýar, gije ukudan galýar. Bijeatylýan wagty tolgunmakdan ýaňa bir taý murtuny ýolupgutarýar. Bu ýagdaý bolsa demirçiniň obrazyny onuň şahsyportreti bolmakdan şol wagtky türkmen obasynyň sosialkartinasyna öwürýär.Ýa-da Jumagülüň öz adaglysyny synlaýan wagtyndakypsihologiki portretini ýatlalyň. Eýsem şoňa diňe Jumagülüňportreti hökmünde garap bolarmy? Biz bu ýerde diňeJumagülüň keşbini aýdyň göz öňüne getirmek bilen, onuň ruhydunýäsine çuňňur aralaşmak bilen çäklenmeýäris. Biz şoldöwrüň söýgi, nika baradaky ahlak ýörelgeleriniň aýdyňkartinasyny hem görýäris.Biz «Perman» romanynyň diňe käbir häsiýetliaýratynlyklary barada umumy bellikler etdik. Romany hertaraplaýyn öwrenmek, ondaky obrazlar sistemasyna çuňňuranaliz bermek edebiýaty öwreniş ylmymyzyň, edebitankydymyzyň geljekki işi bolup durýar. Durmuş faktyna,obrazlar dünýäsine biçak baý bu roman dürli aspektlerdençynlakaý gürrüň etmek üçin baý material berýär.* * *


Ajaýyp adamlaryň ömri, işi ölmez-ýitmezligiňsimwolyna öwrülýär eken. Ata Gowşudowyň ömri, döredijilikykbaly hem şunuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.«Görogly» eposy türkmen edebiýatynyň ölmez-ýitmezeseri. Ol eser halkyň umyt-arzuwlarynyň, azatlyga bolanymtylyşynyň ölmez-ýitmezligini, bakylygyny teswirleýär. Özhalkynyň arka daýanjy bolan, mähriban topragyny daşaryýurtly basybalyjylardan gorap saklan Görogly beg gördençykýar, öz halkynyň bagtyna täzeden direlýär.Ýöne şeýle belent ideýany öňe sürýän, türkmenhalkynyň milli guwanjy bolan «Görogly» eposy hem biziňsowet döwrümizde sözüň hakyky manysynda täzeden dirildi.Türkmen dilinde ilkinji gezek aýratyn kitap edilip çykaryldy.Ony täzeden dirildip, öz halkyna gaýtaryp berenem türkmenhalkynyň ajaýyp ogly Ata Gowşudowdy. Ata Gowşudowyň şolneşiri «Görogly» eposynyň dünýä ýüzündäki iň gowy neşiridiýlip ykrar edildi.Öz halkyna ak ýürekden hyzmat eden adamyňam işiölmejek, azaby reýgan bolmajak eken. Ata Gowşudowyň ömürkitaby bolan «Perman» romany hem uzak ýyllaryňdowamynda, Görogly ýaly dünýä inip bilmän, enesiniň garnybilen gitdi hasaplanyp ýördi. Ýöne ol hem täzeden dünýä indi,halka bagyşlanyp döredilen zadyň ölmez-ýitmezdigini ýene bir


gezek subut etdi. Ahyry özüniň hakyky eýesine — müňlerçe,ýüz müňlerçe okyjylara gowuşdy.Şu ajaýyp eseriň türkmen sowet edebiýatynyň iň gowyeserleriniň hatarynda orun aljakdygyna, onuň ömrüniň uzakboljakdygyna şübhe bolup bilmez.

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!