Lukanyň hoş habary

Lukanyň hoş habary Lukanyň hoş habary

çaldy. 39 Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adampygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini,nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içinigepletdi. 40 Munuň üçin Isa oňa: «Simun, Meniň saňaaýtmaly zadym bar» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym»diýdi. 41 «Bir adam iki adama karz pul beripdir: birine —bäş ýüz kümüş teňňe, beýlekisine — elli kümüş teňňe.42 Bergisini bermäge hiç pullarynyň ýokdugy üçin, olbularyň ikisiniň hem bergisini geçipdir. Munuň üçin olaryňhaýsysy ony has köp söýer?». 43 Simun: «Meniň pikirimçe,bergisi köp geçilen adam» diýip jogap berdi. Isa: «Dogry pikiretdiň» diýdi.44 Onsoň Isa aýala tarap öwrülip, Simuna şeýle diýdi:«Bu aýaly görýäňmi? Men seniň öýüňe geldim, sen bolsaaýaklarymy ýuwmaga suw-da bermediň, emma bu aýalaýaklarymy gözýaşy bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi.45 Sen Meni öpmediň, emma bu aýal Men öýe girenimdenbäri aýaklarymy öpüp otyr. 46 Sen başyma ýag çalmadyň,emma bu aýal aýaklaryma <strong>hoş</strong>boý ysly ýag çaldy. 47 Şonuňüçin hem Men saňa aýdýaryn: bu aýalyň köp günäleribagyşlanandyr. Çünki onuň söýgüsi köpdür. Günäleri azbagyşlananlaryň bolsa söýgüsi azdyr». 48 Onsoň Isa olaýala: «Seniň günäleriň geçildi» diýdi. 49 Isa bilen birsaçakda oturanlar öz aralarynda: «Günäleri-de bagyşlaýanbu kimkä?» diýişmäge başladylar. 50 Isa bolsa aýala: «Seniimanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi.8-nji bapEkin tymsaly1 Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp,Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmägebaşlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady. 2–3 Şeýle hem,erbet ruhlardan we kesellerden halas bolan birnäçe aýallar,içinden ýedi arwah-jyn çykan magdalaly Merýem hemdeHirodesiň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýowanna,Suzanna, başga-da birtopar aýallar Isanyň ýanyndady. Buaýallar öz emläkleri bilen olara kömek edýärdiler.4 Uly bir mähelle üýşüp, ähli şäherlerden adamlar Isanyňýanyna geldi. Şonda Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi:5 «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. Ekip ýörkä, tohumlaryňbirnäçesi ýoluň üstüne düşüp, aýak astynda depelenýär weguşlar gelip, ony çokýarlar. 6 Birnäçe tohum daşly ýeredüşýär. Olar gögeren badyna suwsuzlykdan gurap gidýärler.7 Birnäçesi tikenekligiň arasyna düşýär. Tohum bilengögeren tikenler olary basýar. 8 Birnäçesi-de gowy topragadüşýär. Olar gögerip çykyp, her biri ýüz esse hasyl berýär».Bulary gürrüň berenden soň, Isa: «Eşitmäge gulagy bar adameşitsin!» diýip gygyrdy. 9 Şägirtleri Ondan: «Bu tymsalyňmanysy näme?» diýip soradylar. 10 Ol şeýle diýdi: «HudaýyňŞalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, emmabaşgalar seredip görmesinler, eşidip düşünmesinler diýip,olara tymsallar arkaly aýdylýar. 11 Tymsalyň manysy şeýle:Tohum Hudaýyň sözüdir. 12 Ýoluň üstüne düşen däneler sözieşidýän adamlardyr. Emma şeýtan gelip, iman getirmesinler,halas bolmasynlar diýip, olaryň kalbyndan sözi sogrup alýar.13 Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilenkabul edýän adamlardyr. Ýöne olar kök urmandygy üçin,az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.14 Tikenekligiň arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänlerdir,emma durmuşyň aladalary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary8barha bogýar, olar hasyl bermeýärler. 15 Gowy topragadüşenler bolsa, sözi eşidip, ony ýagşy hem päk ýürekdesaklaýanlardyr. Olar çydamlylyk bilen miwe berýändirler.Çyra tymsaly16 Hiç kim çyrany ýakyp, onuň üstüni gap bilen örtýändäldir ýa-da ony çarpaýanyň aşagynda goýýan däldir.Gaýtam, içeri girenler yşygy görer ýaly, ony çyradanyňüstünde goýýandyr. 17 Çünki belli bolmajak gizlin zatýokdur, bilinmejek, üsti açylmajak ýaşyryn zat ýokdur.18 Şonuň üçin hem eşidýäniňize üns beriň. Kimde bar bolsa,oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasapedýän zady hem elinden alnar».Isanyň ejesi bilen doganlary19 Isanyň ejesi bilen doganlary Ony görmäge geldiler,emma üýşen mähelleden ýaňa Onuň ýanyna giripbilmediler. 20 Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň Seni görmeküçin daşarda garaşyp durlar» diýip habar berdiler. 21 EmmaIsa: «Meniň ejem, doganlarym — Hudaýyň sözüni diňläp,ony berjaý edýänlerdir» diýip jogap berdi.Isa tupany ýatyrýar22 Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara:«Geliň, kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi. Şeýdip,olar ýola düşdüler. 23 Olar gaýykda ýüzüp barýarkalar, Isauka gitdi. Kölde birden güýçli tupan turdy. Gaýyk bolsasuwdan dolup başlady, olar howply ýagdaýa düşdüler.24 Şägirtler baryp, Isany oýaryp: «Halypa! Halypa, biz heläkbolup barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem möwç alýantolkunlara käýedi. Tupan ýatyp, doly imi-salalyk aralaşdy.25 Isa şägirtlerine: «Siziň imanyňyz hany?» diýip sorady. Olarbolsa gorkuşyp hem geň galyp, biri-birlerinden: «Bu Adamkimkä? Ol ýele hem suwa buýruk berýär, olar-da Oňa gulakasýar!» diýişdiler.Arwah-jyn eýelän adamyň sagaldylyşy26 Olar Jeliläniň garşysynda ýerleşýän gerasalylaryňa ýurduna geldiler. 27 Isa kenarda gaýykdan düşende, Oňaarwah-jyn eýelän bir adam gabat geldi. Ol adam köpden bärihiç hili egin-eşik geýmeýärdi, öýünde ýaşaman, mazarlaryňarasynda ýaşaýardy. 28 Ol Isany görende, gygyryp goýberdi.Onuň öňünde ýere ýüzin ýykylyp, batly ses bilen: «Eý,Isa, Beýik Hudaýyň Ogly! Meniň bilen näme işiň bar?Ýalbarýan, meni gynama» diýdi. 29 Çünki Isa arwah-jyna oladamdan çykmagy buýrupdy. Arwah-jyn ony ýygy-ýygydantutýardy. Munuň üçin ol adamy zynjyrlap, gandallapsaklardylar, emma ol zynjyrlaryny gyryp taşlardy, arwahjynony çöllere äkiderdi. 30 Isa ondan: «Adyň näme?» diýipsorady. Ol hem: «Legiýon» b diýip jogap berdi, sebäbi oňasan-sajaksyz arwah-jyn giripdi. 31 Arwah-jynlar özlerinedowzaha gitmegi buýurmasyn diýip, Isa ýalbardylar. 32 Şolýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi.Arwah-jynlar doňuzlaryň içine girmäge rugsat etmeginisorap, Isa ýalbardylar. Ol hem rugsat etdi. 33 Olar ýaňkyadamdan çykyp, doňuzlara girdiler. Şondan soň süriuçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 34 Bolanzady görenlerinde, çopanlar gaçyp, şäherdir obalara munyhabar berdiler. 35 Halk bolan wakany görmek üçin geldi.Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, içinden arwah-jyn çykanadamyň geýnip, Isanyň aýagujunda oturandygyny, akylynyňa Gerasalylar Käbir soňky golýazmalarda „gadaralylar“. Seret Mat 8:28b Legiýon — bu at grekçe düzüminde alty müň esger bolan goşuny aňladýar7.39: Lk 7.16; 24.19; Mt 21.11; Ýoh 6.14. 7.42: Mt 18.25. 7.43: Lk 10.28. 7.48: Mt 9.2: Mk 2.5; Lk 5.20.7.50: Mt 9.22; Mk 5.34; Lk 8.48.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


hem ýerindedigini görüp gorkdular. 36 Bu wakany görenlerbolsa, olara arwah-jyn eýelän adamyň nähili sagalandygybarada gürrüň berdiler. 37 Onsoň gerasalylaryň ähli ilatyIsadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olaryuly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzynagaýtdy. 38 Emma içinden arwah-jyn çykan adam Isadan Özibilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy. 39 Isa bolsa: «Bar, öýüňegaýt, Hudaýyň saňa nämeler edendigini gürrüň ber» diýip,ony ugratdy. Ol hem gidip, Isanyň özüne edenlerini tutuşşähere jar etdi.Direlen gyz, sagalan aýal40 Isa yzyna dolanyp gelende, halk Ony gyzgyn garşylady,sebäbi hemmeler Oňa garaşýardy. 41 Şol wagt sinagogaýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam gelip, Isanyňaýagyna ýykyldy we Ondan öýüne barmagyny haýyş etdi.42 Munuň sebäbi onuň on iki ýaşlaryndaky ýekeje gyzy ölümýassygynda ýatyrdy. Isa ol ýere gidip barýarka, mähelle Onyher ýandan gysyp-gowrup barýardy. 43 Mähelläniň içinde oniki ýyldan bäri gan akma keselli bir aýal hem bardy. Ol çhiç zatdan haýyr tapmandy. 44 Ol Isanyň arka tarapyndanbaryp, Onuň donunyň syýyna elini degirdi welin, şobadaonuň gan akmasy kesildi. 45 Isa: «Maňa kim elini degirdi?»diýip sorady. Hiç kim boýun almady. Şonda Petrus: «Halypa!Halk daşyňy alyp, Seni gysyp-gowrup barýar, Sen bolsa:„Maňa kim elini degirdi?“ diýýärsiň» diýdi. 46 Emma Isa:«Maňa biri elini degirdi, sebäbi Men Özümden bir güýjüňçykanyny duýdum» diýdi. 47 Aýal eden işiniň mundan aňrygizlin galmajakdygyny bilensoň, titräp gelip, Isanyň aýagynaýykyldy. Ähli halkyň öňünde özüniň näme üçin Isa elinidegrendigini, şobada hem şypa tapandygyny gürrüň berdi.48 Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyngidiber» diýdi. 49 Isa bu sözleri aýdyp durka, sinagogabaştutanynyň öýünden gelen bir adam Ýaýrusa: «Gyzyň öldi.Mugallymy artykmaç biynjalyk etme» diýdi. 50 Emma Isamuny eşidip, oňa: «Gorkma, diňe iman et, gyzyň gutular»diýdi. 51 Isa onuň öýüne gelende, Petrus, Ýohanna, Ýakupwe gyzyň ene-atasyndan başga hiç kime Özi bilen içerigirmäge rugsat etmedi. 52 Hemmeler aglaşyp, ýas tutupotyrdylar. Emma Isa: «Aglamaň, ol ölenok, uklap ýatyr»diýdi. 53 Adamlar gyzyň ölendigini bilýändikleri üçin Onuňüstünden güldiler. 54 Emma Isa hemmäni daşary kowup,gyzyň elinden tutdy-da, gygyryp: «Gyzym, tur!» diýdi. 55 Oňajan girip, gyz şobada ýerinden turdy. Onsoň Isa gyza naharbermeklerini buýurdy. 56 Gyzyň ene-atasy haýran galdy. Isabolsa olara bolup geçen hadysany hiç kime aýtmazlygytabşyrdy.9-njy bapIsa on iki şägirdini iberýär1 Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara ähli arwahjynlaryçykarmaga, her dürli keselleri bejermäge güýç weygtyýar berdi. 2 Onsoň olary Hudaýyň Şalygyny wagyzetmäge we hassalara şypa bermäge iberdi. 3 Isa olara: «Ýolüçin hiç zat almaň: ýanyňyzda ne hasa, ne torba, ne çörek,ne pul, ne artykmaç eşik — hiç zat bolmasyn. 4 Haýsy öýegirseňiz, tä ol şäherden çykyp gaýdýançaňyz, şol öýde boluň.5 Eger adamlar sizi kabul etmeseler, olaryň şäherinden çykypgaýdanyňyzda, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýagyňyzyňtozuny kakyň» diýdi. 6 Şeýdip, olar ýola düşdüler, her birbaran ýerinde Hoş Habary wagyz edip, hassalary sagaldyp,obama-oba aýlandylar.7 Şol wagt Hirodes han bolan wakalaryň baryny eşidip,gaty aljyrady. Sebäbi käbir adamlar: «Ýahýa dirilipdir!»ç 8:43 Käbir soňky golýazmalarda bary-ýoguny lukmanlara sarp edip, diýen jümle bar903/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.diýýärdiler. 8 Käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr!», başgabirileri hem: «Gadymy pygamberleriň biri dirilipdir!»diýişýärdiler. 9 Hirodes bolsa: «Men Ýahýanyň başynyçapdyrdym, onda bu adam kimkä? Ol hakda üýtgeşikhabarlar eşidýän» diýdi. Ol Isany görmäge jan etdi.Isa bäş müň adamy doýurýar10 Resullar yzyna gelensoň, öz eden işlerini Isa habarberdiler. Ol hem olary ýanyna alyp, Betsaýda diýen şäheriňgolaýyndaky bir çola ýere gitdi. 11 Emma mähelle munybilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap,Hudaýyň Şalygy hakda gürrüň berdi we şypa mätäçadamlary sagaltdy. 12 Gün ýaşyp barýarka, Onkiler Isanyňýanyna gelip: «Bu mähelläni goýber, töwerekdäki obalaragidip, ýatara ýer we azyk tapsynlar, sebäbi biz bir çolaýerde ahyry» diýdiler. 13 Emma Isa: «Olara iýmäge zady sizberiň» diýdi. Olar hem: «Biz munça mähelle üçin iýmit satynalmaga gidelimi? Biziň bäş çörek bilen iki balykdan başgazadymyz ýok ahyry» diýdiler. 14 Ol ýerde bäş müňe golaýerkekler bardy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-ellidentopar-topar edip oturdyň» diýip tabşyrdy. 15 Olar hem şeýleedip, hemmeleri oturtdylar. 16 Isa bolsa bäş çörek bilen ikibalygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bularyhalka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi. 17 Hemmeleriýip doýdular, artyp galan çörek böleklerini ýygnap, on ikisebedi doldurdylar.Petrusyň Mesihi ykrar etmegi18 Bir gün Isa ýekelikde Hudaýa doga okaýardy, şägirtlerihem Onuň ýanyndady. Isa olardan: «Halk Maňa kimdiýýär?» diýip sorady. 19 Olar: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji,käbirleri Ylýas, başga birleri bolsa gadymy pygamberlerdenbiri dirilipdir diýýär» diýip jogap berdiler. 20 Isa olardan:«Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «SenHudaýyň Mesihisiň» diýip jogap berdi. 21 Isa bolsa munyhiç kime aýtmazlygy olara berk tabşyrdy. 22 Ol sözünidowam edip: «Ynsan Ogly köp görgi görmeli, ýaşulular,ýolbaşçy ruhanylar we dindarlar tarapyndan ret edilmeli,öldürilmeli we üç günden soň dirilmelidir» diýdi. 23 Isaolaryň hemmesine şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermekisleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, her gün haçyny alyp,yzyma düşsün. 24 Kim janyny halas etmek islese, onyýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, onyhalas eder. 25 Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndanmahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? 26 Kim Menden weMeniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyňwe mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahalyondan utanar. 27 Emma size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerdeduranlaryň käbiri Hudaýyň Şalygyny gelýänini görmezdenölmezler».Isanyň keşbi üýtgeýär28 Bu sözleri aýdanyndan sekiz gün geçensoň, IsaPetrusy, Ýohannany we Ýakuby ýanyna alyp, Hudaýadoga okamak üçin daga çykdy. 29 Doga okap otyrka,Onuň ýüz keşbi üýtgäp, eginbaşy lowurdap ap-ak boldy.30 Ine, iki adam Onuň bilen gürrüňleşip durdy. Bu Musabilen Ylýasdy. 31 Olar şöhrat içinde peýda bolup, Isanyňdünýäden alynmaly pursaty barada gürrüň edýärdiler. Bupursat Iýerusalimde amala aşmalydy. 32 Petrus bilen onuňýanyndakylary uky basmarlaýardy, emma olar ukudanaçylyp, Isanyň şöhratyny hem Onuň ýanynda duran ikiadamy gördüler. 33 Musa bilen Ylýas Isanyň ýanyndanaýrylyp barýarkalar, Petrus näme diýýänini özi-de bilmän,Oňa: «Halypa! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, üç çadyr


diýdi. 23 Soňra Isa şägirtlerine ýüzlenip, olara aýratynnygtap: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän gözler nähilibagtly! 24 Size şuny aýdýaryn: köp pygamberler we patyşalarsiziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler, siziňeşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler» diýdi.Oňat samariýaly25Bir dindar Isany synamak üçin, ýerinden turup:«Mugallym! Ebedi ýaşaýşy miras almak üçin men nämeetmeli?» diýip sorady. 26 Isa onuň özüne sorag bilenýüzlenip: «Töwratda näme ýazylypdyr? Sen muňa nähilidüşünýärsiň?» diýdi. 27 Ol adam: «Hudaýyňyz Rebbi tutuşýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz hemdüşünjäňiz bilen söýüň. Şeýle hem: Ýakynyňy özüňi söýşüňýaly söý» diýdi. 28 Isa oňa: «Dogry jogap berdiň, sen hemşeýle et, şonda ýaşarsyň» diýdi. 29 Emma ol özüni aklajakbolup, Isadan: «Meniň ýakynym kim bolýar?» diýip sorady.30 Isa oňa şeýle jogap berdi: «Bir adam Iýerusalimden Ýerihobarýarka, garakçylaryň eline düşýär. Olar onuň eşiklerinisypyryp alýarlar-da, özünem ýenjip, çalajan halda taşlapgidýärler. 31 Tötänlikde bir ruhany şol ýoldan barýarka,ol adamy görüp, ýoluň ol tarapy bilen geçip gidýär.32 Onsoň bir lewili-de şol ýere ýeten wagty ony görüp,ýoluň beýleki tarapy bilen geçip gidýär. 33 Şol ýoldan geçipbarýan bir samariýaly bolsa, bu adamy görüp, oňa ýüregiawaýar. 34 Onuň ýanyna baryp, zeýtun ýagy bilen şerapguýup, ýaralaryny saraýar. Onsoň ol adamy öz eşeginemündürip, bir myhmanhana getirip, oňa garaşyk edýär.35 Şol günüň ertesi myhmanhananyň eýesine iki dinarçykaryp berip: „Muňa gowuja seret, artykmaç çykdajy etseň,yzyma gelýärkäm bererin“ diýýär. 36 Seniň pikiriňçe, bu üçadamyň haýsysy garakçylaryň eline düşen adamyň ýakynybolýar?». 37 Dindar: «Oňa rehim eden adam» diýip jogapberdi. Isa hem oňa: «Bar, sen-de şonuň ýaly et» diýdi.Isa Marta bilen Merýemiň öýünde38 Isa bilen şägirtleri ýollaryny dowam edip, bir obaýetdiler. Isa oba girende, Marta atly bir aýal Ony myhmanaldy. 39 Bu aýalyň Merýem atly bir gyz dogany bardy. OlRebbimiz Isanyň alkymyna baryp oturyp, Onuň sözlerinidiňleýärdi. 40 Marta bolsa işleriniň köpdüginden ýaňabaşagaýdy. Ol Isanyň ýanyna gelip: «Rebbim! Uýamyňmeniň ýeke özüme hyzmat etdirip oturmagy Seniňperwaýyňa-da dälmi? Oňa aýt, maňa kömekleşsin» diýdi.41 Reb oňa: «Wah, Marta, Marta! Sen köp zatlar baradaaladalanyp başagaý bolýarsyň. 42 Diňe bir zat gereklidir.Merýem iň oňadyny saýlady we bu onuň elinden hiçalynmaz» diýip jogap berdi.11-nji bapIsa halka doga-dileg öwredýär1 Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaranwagty, şägirtleriniň biri Oňa: «Ýa Reb! Ýahýanyň öz11şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize Hudaýa doga etmegiöwretsene» diýdi. 2 Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýlediýiň:«Eý, Atamyz, a adyň mukaddes bolsun!Patyşalygyň gelsin! b3 Gündelik çöregimizi bize günde ber.4 Bize garşy günä edenleri bagyşlaýşymyz ýaly,Sen hem biziň günälerimizi bagyşla.Bizi synaga salma» diýdi. c5 Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziňdostuňyz bar. Sen ýarygije şol dostuňyň ýanyna baryp:„Dost! Maňa üç çörek karz bersene. 6 Uzak ýoldan ýakyndostum geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok“ diýipýalbarýaňyz. 7 Şonda dostuň içerden: „Meni birahat etme!Gapy birçak gulplandy, çagalarym, hemmämiz uklapýatyrys. Men turup, saňa hiç zat berip biljek däl“ diýipjogap berýär. 8 Size şuny aýdaýyn, ol adam saňa çöregidostlugyň hatyrasyna bermese-de, ony gününe goýman,erjellik bilen soraberseň, islendik soran zadyňy berer. 9 Mensize diýýärin: diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapynykakyň, size açylar. 10 Elbetde, dilän alar, agtaran tapar,gapy kakana açylar. 11 Sizden haýsy ata ogly d balyk dilände,balyga derek oňa ýylan berer? 12 Ýa bolmasa ýumurtgadilände, oňa içýan berer? 13 Şeýlelikde, siz erbet bolubam özçagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, ondagökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-daköp bermezmi?»Isa we jynlaryň hökümdary14Günleriň birinde Isa bir lal adamdan arwah-jynykowdy. Arwah-jyn çykan badyna, lal adam geplemägebaşlady, halk muňa haýran galdy. 15 Emma olaryň käbiri:«Ol arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul e arkalykowup çykarýar» diýdiler. 16 Beýlekiler hem gökden biralamat görkezmegini talap edip, Ony synamakçy boldular.17 Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içindebölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen öýýykylar. 18 Şeýtan öz içinden bölünse, heý-de patyşalygydurarmy? Muny siziň Maňa arwah-jynlary Beýelzebul arkalykowýar diýýäniňiz üçin aýdýaryn. 19 Men arwah-jynlaryBeýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyzolary kim arkaly kowýarlar? Şu sebäpli sizi öz adamlaryňyzhöküm eder. 20 Men arwah-jynlary Hudaýyň güýji bilenkowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size gelendir. 21 Egerbir güýçli adam depesinden dyrnagyna çenli ýaraglanyp, özöýüni goraýan bolsa, onuň mal-mülki howpsuzdyr. 22 Emmaözünden güýçli adam hüjüm edip, ony ýeňse, onda onuňbuýsanýan hemme ýaraglaryny elinden alyp, talan oljasynypaýlar. 23 Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniňbilen sürüni toplamadyk ony dargadýandyr.24 Arwah-jyn adamdan çykandan soň, gurak ýerlereaýlanyp, dynçlyk gözleýär, emma tapmaýar. Şonda ol:„Çykan öýüme dolanaýyn“ diýýär. 25 Dolanyp gelende, öýüňsüpürilgi, hemme zadyň ýerbe-ýerdigini görýär. 26 Onsoňa 11:2 Käbir soňky golýazmalarda Göklerdäki Atamyz! diýen jümle bar.b 11:2 Käbir golýazmalarda Gökde bolşy ýaly, ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn.diýen jümle bar.c 11:4 Käbir soňky golýazmalarda Bizi şeýtandan halas et. diýen jümle bar.d 11:11 Käbir golýazmalarda çörek dilände, oňa daş berer? Ýa-da... diýen jümle bare 10:24 Beýelzebul: Bu şeýtanyň başga ady.10.23-24: Mt 13.16-17; Ýoh 8.56; Ýewr. 11.13; 1 Pet 1.10-12. 10.25-28: Mt 22.34-39; Mk 12.28-31.10.25: Mk 10.17; Mt 19.16; Lk 18.18. 10.27: Kan 6.5; Lew 19.18; Rim 13.9; Gal 5.14; Ýakup 2.8. 10.28: Lk 20.39; Lew 18.25.10.33: Lk 9.51-56; 17.11-19; Ýoh 4.4-42. 10.38-42: Ýoh 12.1-3; 11.1-45. 10.41: Lk 7.13.11.1: Mk 1.35; Lk 3.21; 5.16; 6.12; 9.18,28; 5.33; 7.18. 11.2-4: Mt 6.9-13. 11.4: Mk 11.25; Mt 18.35. 11.5-8: Lk 18.1-8.11.9-13: Mt 7.7-11. 11.9: Mt 18.19; 21.22; Mk 11.24; Ýakup 1.5-8; 1 Ýoh 5.14-15; Ýoh 15.7; 16.23-24. 11.14-23: Mt 12.22-30; 10.25; Mk3.23-27. 11.14-15: Mt 9.32-34. 11.16: Mt 12.38; 16.1; Mk 8.11; Ýoh 2.18; 6.30. 11.23: Lk 9.50. 11.24-26: Mt 12.43-45.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şolýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol adamyň soňkyýagdaýy öňküsinden-de erbet bolýar». 27 Isa bu zatlaryaýdyp durka, mähelläniň arasyndan bir aýal sesini gataldyp:«Seni dogran, Seni emdiren ene nähili bagtly!» diýdi. 28 Isabolsa: «Hawa, Hudaýyň sözüni eşidip, ony berjaý edýänlerhas hem bagtlydyr!» diýip jogap berdi.Ýunusyň alamaty29 Mähelle has köp üýşen wagty, Isa şeýle diýdi: «Bunesil erbet nesil. Olar alamat talap edýär, emma olaraÝunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. 30 ÝunusNinewe halkyna nähili alamat bolan bolsa, Ynsan Ogly-dabu nesle edil şonuň ýaly alamat bolar. 31 Günorta melikesikyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder,sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňryujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.32 Ninewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, onyhöküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler.Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar.Bedeniň yşygy33 Hiç kim çyrany ýakyp, gizlin ýerde ýa-da gabyňaşagynda goýýan däldir, tersine, içeri girenler yşygygörer ýaly, ony çyradanyň üstünde goýýandyr. 34 Bedeniňçyrasy gözdür. Gözüň sag bolsa, tutuş bedeniň hem ýagtybolar, gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňkybolar. 35 Şonuň üçin hem ägä bol, sendäki yşyk garaňkybolaýmasyn. 36 Seniň tutuş bedeniň ýagty bolup, hiç birgaraňky ýeri ýok bolsa, çyra seni öz şöhlesi bilen ýagtyldýanýaly, bedeniň bütinleý ýagty bolar».Waý halyňyza!37 Isa bu zatlary aýdyp durka, bir fariseý Ony öýünenahara çagyrdy. Isa baryp, saçak başynda oturdy. 38 FariseýOnuň nahardan öň elini ýuwmandygyny görüp, geň galdy.39Emma Reb oňa şeýle diýdi: «Ynha, siz fariseýlerkäsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma içiňizaçgözlükden hem pislikden doludyr. 40 Akmaklar! Daşynyýaradan içini-de ýaratmadymy? 41 Mätäçlere ýürekdensadaka beriň, şonda hemmesi siziň üçin arassa bolar.42 Waý halyňyza, eý, fariseýler! Siz narpyzdan, her hiliysly otdan zekat berýärsiňiz, emma adalat bilen Hudaýyňsöýgüsini äsgermezlik edýärsiňiz. Bularyň birini berjaýedip, beýlekilerini taşlamaly dälsiňiz. 43 Waý halyňyza,eý, fariseýler! Siz sinagogalarda baş kürsüleri, bazarlardaözüňize salam berilmegini halaýarsyňyz. 44 Waý halyňyza!Siz hiç belligi bolmadyk mazarlara meňzeýärsiňiz: adamlarbilmezden şeýle mazarlaryň üstüne gezýändirler».45 Dindarlaryň biri Oňa: «Eý, Mugallym! Sen bu zatlaryaýtmak bilen, biziň hem göwnümize degýärsiň» diýdi.46 Isa hem şeýle diýdi: «Siziň hem waý halyňyza, eý,dindarlar! Agyr ýükleri adamlara ýükleýärsiňiz, özüňizbolsa ol ýüklere barmagyňyzy hem degirmeýärsiňiz. 47 Waýhalyňyza! Siz pygamberleriň guburlaryny dikýärsiňiz,emma olary öldürenler öz atalaryňyzdyr. 48 Şeýtmekbilen, siz atalaryňyzyň edenlerini tassyklaýarsyňyz.Hawa, pygamberleri atalaryňyz öldürdi, siz hem olaryň12guburlaryny dikýärsiňiz. 49 Şu sebäpden hem, Hudaýyňakyldarlygy şeýle diýipdir: „Men olara pygamberler,resullar ibererin, olaryň käbirini öldürerler, käbirinihem yzarlarlar“. 50 Şonuň üçin hem dünýä ýaradylalybäri hemme pygamberleriň dökülen gany üçin bu nesiljogapkärdir. 51 Habylyň ganyndan başlap, ybadathanabilen gurbanlyk sypasynyň arasynda öldürlen Zekarýanyňganyna çenli bu nesil jogapkärdir. Hawa, Men size şunyaýdýaryn: ähli gabahatlyklar üçin şu nesil jogap berer.52 Waý halyňyza, eý, dindarlar! Siz bilimiň açaryny alypgitdiňiz. Özüňiz bu gapydan girmediňiz, girmek isleýänlerehem böwet bolduňyz».53 Isa ol ýerden gaýdan wagty fariseýler bilen dindarlarOnuň garşysyna çykyp, üstüne ençeme meseleler baradakysoraglary ýagdyrmaga başladylar. 54 Şeýdip, Isany sözündetutjak bolup, amatly pursaty peýleýärdiler.12-nji bapDuýduryşlar we ruhlandyryşlar1 Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşypdurdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermägebaşlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagnyikiýüzlülikden goraň. 2 Ýapyk bolup, üsti açylmajak,gizlin bolup, bilinmejek zat ýokdur. 3 Garaňkylykdanäme aýtsaňyz, ýagtylykda eşidiler, içki otaglarda çakançawuşyňyz üçeklerde yglan ediler.4Eý, dostlarym,Men size şuny aýdaýyn: bedeni öldürýän, emma ondansoňra hiç zat edip bilmeýänlerden gorkmaň. 5 Men sizekimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soňdowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa,size aýdýaryn, Ondan gorkuň. 6 Bäş serçe iki teňňäsatylmaýarmy näme? Muňa garamazdan, Hudaý olaryňhiç birini ýatdan çykarmaýar. 7 Siziň başyňyzdaky saçyňyzhem doly sanalgydyr. Gorkmaň, siz serçelerden hasgymmatlysyňyz. 8 Size şuny diýýärin: kim Meni ynsanlaryňöňünde ykrar etse, Ynsan Ogly hem ony Hudaýyňperişdeleriniň öňünde ykrar eder. 9 Kim Meni adamlaryňöňünde ret etse, onuň özi-de Hudaýyň perişdeleriniňöňünde ret ediler. 10 Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa,bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetiren bagyşlanmaz.11 Sizi sinagogalara, ýolbaşçylaryň, hökümdarlaryňhuzuryna getirenlerinde, özüňizi nähili gorajakdygyňyzywe näme diýjekdigiňizi gaýgy etmäň. 12 Mukaddes Ruh sizenäme diýmelidigiňizi şol pursatyň özünde öwreder».Akmak baý tymsaly13 Mähelläniň arasyndan biri Isa: «Mugallym! Doganymaaýt, goý, ol mirasy meniň bilen paýlaşsyn» diýdi. 14 Isa oňa:«Eý, ynsan, kim Meni siziň üstüňizden kazy ýa-da häkimedip belledi?» diýdi. 15 Onsoň olara: «Ägä boluň! Özüňiziher hili betnebislikden goraň, sebäbi ynsanyň ýaşaýşy onuňmal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýdi. 16 Soňra Isaolara bir tymsal aýdyp berdi: «Bir baý adamyň ýeri bolhasyl berýär. 17 Ol adam: „Näme etsemkäm? Hasylymygoýmaga-da ýerim ýok“ diýip, içini gepledýär. 18 Onsoň ol:„Hä... Men ine, şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurakammarlar salaryn-da, ähli gallamy, bar zadymy şol ýere11.27: Lk 1.42; 23.29. 11.28: Lk 8.21; Ýoh 15.14. 11.29-32: Mt 12.39-42. 11.29: Mt 16.4; Mk 8.12; Lk 11.16; Ýunus 3.4-5.11.31: 1 Patyş. 10.1-10; 2 Ýyl ýazg. 9.1-12. 11.32: Mt 12.6. 11.33: Mt 5.15; Mk 4.21; Lk 8.16. 11.34-35: Mt 6.22-23.11.37: Lk 7.36; 14.1. 11.38: Mk 7.1-5. 11.39-41: Mt 23.25-26. 11.39: Lk 7.13. 11.41: Tit 1.15; Mk 7.19.11.42: Mt 23.23-24; Lew 27.30; Mika 6.8. 11.43: Mt 23.6-7; Mk 12.38-39; Lk 20.46. 11.44: Mt 23.27.11.46: Mt 23.4. 11.47-48: Mt 23.29-32; Res 7.51-53. 11.49-51: Mt 23.34-36. 11.49: 1 Korint. 1.24; Kolos 2.3. 11.51: Gel.çyk 4.8; 2Ýyl ýazg. 24.20-21; Zak 1.1. 11.52: Mt 23.13. 11.53-54: Mk 12.13. 12.1: Mt 16.6; Mk 8.15. 12.2-3: Mt 10.26-27; Mk 4.22; Lk 8.17;Efes 5.13. 12.4: Ýoh 15.14-15. 12.4-9: Mt 10.28-33. 12.5: Ýewr. 10.31. 12.7: Lk 21.18; Res 27.34; Mt 12.12. 12.9: Mk 8.38; Lk9.26; 2 Tim 2.12. 12.10: Mt 12.31-32; Mk 3.28-29. 12.11-12: Mt 10.19-20; Mk 13.11; Lk 21.14-15. 12.15: 1 Tim 6.6-10.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


ýygnaryn. 19 Özüme bolsa, eý, janym, köp ýyl üçin ýygnalanençeme zadyň bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek diýerin“diýýär. 20 Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniňözünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryňkime galar?“ diýýär. 21 Özi üçin hazyna toplaýan, emmaHudaýyň nazarynda baý bolmadyk her bir adamyň soňyşeýle bolar».Gaýgy etmäň22 Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Şoňa görä sizediýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerindiýip bedeniňizi gaýgy etmäň. 23 Jan iýmitden, bedenegin-eşikden has gymmatlydyr. 24 Gargalara serediň, olarne ekýärler, ne-de orýarlar. Olaryň ne ammarlary, ne-deurulary bar. Muňa garamazdan, Hudaý olary iýmitlendirýär.Siz guşlardan näçe esse gymmatlysyňyz! 25 Siziň haýsybiriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz?26 Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz, onda näme üçingalan zatlaryň gaýgysyny edýärsiňiz? 27 Liliýalaryň ösüşinesyn ediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler.Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem, özüniňbütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi.28 Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdanotuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artykgeýindirer, eý, imany azlar! 29 Şonuň üçin hem näme iýipiçeris,näme geýeris diýip gaýgy etmäň. 30 Bu zatlaryňbaryny dünýädäki butparazlar agtarýarlar. Ataňyz bularyňählisiniň size gerekdigini bilýär. 31 Siz bolsa HudaýyňŞalygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstünegoşulyp berler.32 Gorkma, eý, kiçijik süri! Çünki Ataňyz Şalygy sizebermegi makul bildi. 33 Emlägiňizi satyň, garyplara sadakaberiň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýänhazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýeiýýän däldir. 34 Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şolýerde bolar.Oýa hem taýýarlykly boluň35 Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun.36 Toýdan gelip, hojaýyny gapyny kakanda, dessine oňagapyny açmaga garaşýan adamlar ýaly boluň. 37 Hojaýynydolanyp gelende, onuň oýa görjek hyzmatkärleri neneňsibagtlydyr! Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn bilini guşap,hyzmatkärlerini saçak başynda oturdar. Ýanyna gelip,olara özi hyzmat eder. 38 Hojaýyn isle ýarygije, isle daňdangelsin, onuň gelende, oýa görjek hyzmatkärleri neneňsibagtlydyr! 39 Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyňhaýsy sagatda geljegini bilsedi, a öýüni talatmazdy. 40 Sizhem taýýar boluň, sebäbi Ynsan Ogly siziň oslamaýansagadyňyzda geler».41 Şonda Petrus: «Ýa Reb! Bu tymsaly diňe bizeaýdýarsyňmy ýa-da hemmelere?» diýip sorady.42 Reb şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akyllyiş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtlywagtyndanahar bermek üçin, olaryň üstünden goýanadamy dälmi? 43 Hojaýyny dolanyp gelende, işiniň başyndagören hyzmatkäri nähili bagtly! 44 Size dogrusyny aýdýaryn,hojaýyny ähli mal-mülküni şoňa ynanar. 45 Emma şol13hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, gullarywe kenizleri urmaga, iýip-içip, ser<strong>hoş</strong> bolmaga başlar. 46 Olhyzmatkäriň hojaýyny bolsa onuň oslamaýan gününde,oýlamaýan sagadynda geler. Onsoň ony parça-parça edip,onuň başyna biwepalaryň gününi salar.47 Hojaýynynyň islegini bilse-de, taýýar bolmaýan, onuňislegini ýerine ýetirmeýän hyzmatkär köp ýenjiler. 48 Emmabilmezlikden taýaga mynasyp iş eden adam az ýenjiler. Kimeköp berlen bolsa, ondan has köp talap ediler. Kime köp zatynanylan bolsa, ondan köp zat hem islener».Parahatlyk däl-de, bölünişik49 Isa sözüni dowam etdi: «Men ýer ýüzüne ot ýagdyrmagageldim. Hernä şol ot indi tutaşyp bir ýansady! 50 Mençuňňur gaýgy-hasrata batýaryn. Bu amala aşýança, Mendarygýaryn! 51 Meni ýer ýüzüne parahatlyk getirmägegelendir öýdýärsiňizmi? Ýok, bölünişik getirmäge geldimdiýýärin. 52 Mundan beýläk bir öýde ýaşaýan bäş adambölünişip, üçüsi ikisine garşy, ikisi hem üçüsine garşy bolar.53 Ata ogluna, ogul atasyna garşy, ene gyzyna, gyz enesinegarşy, gaýynene gelnine, gelin gaýynenesine garşy bolar».Alamatlara düşünmek54 Isa mähellä ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz günbatardan birbuludyň peýda bolanyny gören badyňyza: „Ýagyş ýagar“diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. 55 Günorta ýeli öwsende bolsa:„Howa yssy boljak“ diýýärsiňiz, şeýle hem bolýar. 56 Eý,ikiýüzlüler! Ýeriň hem asmanyň görnüşinden many çykarypbilýäňiz-de, näme üçin bu häzirki döwürden many çykarypbileňizok?57 Näme üçin özüňize dogry zady saýlap alypbilmeýärsiňiz? 58 Sen dawagäriň bilen häkimiň ýanynagiden wagtyň, onuň bilen entek ýoldakaň ýaraşmaga çalyş,ýogsam, ol seni — kaza, kazy hem garawula tabşyryp,zyndana salaýmasyn. 59 Saňa şuny aýdaýyn: iň soňkyteňňäňi töleýänçäň, ol ýerden çykmarsyň».13-nji bapToba ediň1 Şol wagt birnäçe adam gelip, Pilatusyň jelilelilereedenleri barada Isa habar berdiler. Pilatus olaryň käbiriniöldürip, olaryň ganlaryny kesip duran gurbanlyklarynagoşupdy. 2 Isa şeýle jogap berdi: «Şeýle ejir çeken bujelilelileri beýleki ähli jelilelilerden has köp günälihasaplaýarsyňyzmy? 3 Elbetde, ýok! Emma toba etmeseňiz,siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz. 4 Ýa Siloýamminarasy üstlerine ýykylyp ölen on sekiz adam ýadyňyzdadälmi? Eýsem şolar Iýerusalimdäkilerden has köpýazyklydyr öýdýäňizmi? 5 Elbetde, ýok! Emma tobaetmeseňiz, siziň hemmäňiz şolar ýaly heläk bolarsyňyz».6 Onsoň Isa olara şu tymsaly gürrüň berdi: «Bir adamyňbagynda bitip oturan bir injir agajy bar eken. Ol gelip, ondanmiwe agtarýar, ýöne hiç zat tapmaýar. 7 Ol bagbana: „Menüç ýyldan bäri gelip, bu injir agajyndan miwe gözleýän,emma birini-de tapamok. Ony kesip taşla! Ol nämä biderekýer tutup otyr?“ diýýär. 8 Emma bagban oňa: „Agam, oňa buýyl hem degme, men onuň töweregini gazyp dökün bereýin.a 11:38 käbir soňky golýazmalarda oýa bolardy diýen jümle bar.12.20: Ýerm. 17.11; Eýýup 27.8; Zeb 39.6; Lk 12.33-34. 12.22-31: Mt 6.25-33. 12.24: Lk 12.6-7. 12.27: 1 Patyş. 10.1-10.12.30: Mt 6.8. 12.32: Ýoh 21.15-17. 12.33-34: Mt 6.19-21; Lk 18.22. 12.35: Efes 6.14; Mt 25.1-13; Mk 13.33-37.12.37: Ýoh 13.3-5; Mt 24.42; Lk 21.36. 12.39-40: Mt 24.43-44; 1 Selan. 5.2; Ylham 3.3; 16.15; 2 Pet 3.10. 12.42-46: Mt 24.45-51.12.42: Lk 7.13. 12.47-48: Kan 25.2-3; Çölde 15.29-30; Lk 8.18; 19.26. 12.49: Lk 22.15. 12.50: Mk 10.38-39; Ýoh 12.27.12.51-53: Mt 10.34-36; Lk 21.16; Mika 7.6. 12.54-56: Mt 16.2-3. 12.57-59: Mt 5.25-26. 13.2: Ýoh 9.1-3.13.6-9: Mt 21.18-20; Mk 11.12-14,20-21. 13.7: Mt 3.10; 7.19; Lk 3.9.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


9 Geljek ýyl miwe bersä ne ýagşy, bermese-de, ony kesiptaşlarsyň“ diýýär.Bili bükük aýalyň sagaldylyşy10 Bir Sabat güni Isa sinagogalaryň birinde halkaöwredýärdi. 11 Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde hassalykruhy bolan bili bükük bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asladikelip bilmeýärdi. 12 Isa ony görende, ýanyna çagyryp:«Naçar! Sen çekýän ejirleriňden halas bolduň» diýdi.13 Onsoň Isa ellerini aýalyň üstünde goýdy welin, ol şobadadiklenip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady. 14 EmmaIsanyň hassa aýala Sabat güni şypa berenine gahary gelensinagoga baştutany halka ýüzlenip: «Işlemek üçin alty günbardyr, şypa tapmaga Sabat güni däl-de, başga günlerdegeliň» diýdi. 15 Reb hem oňa: «Eý, ikiýüzlüler! Siziň haýsybiriňiz Sabat güni öküzüňizi ýa eşegiňizi ahyryň başyndançözüp, suwa ýakmaga äkitmeýärsiňiz? 16 Bu aýal on sekizýyllap şeýtan tarapyndan baglanan Ybraýymyň gyzydyr.Eýsem Sabat güni bolany üçin ol bu zynjyrdan azat edilmelidälmi?» diýdi. 17 Isa bu sözleri aýdan wagty, Oňa garşyçykanlaryň hemmesi utandy. Halk bolsa Onuň edýänajaýyp işlerine begendi.Gorçisa tohumy we hamyrmaýa tymsaly18 Onsoň Isa: ««Hudaýyň Şalygy nämä meňzeýär? Onynämä meňzedeýin? 19 Ol bir adamyň öz mellegine ekengorçisa tohumyna meňzeşdir. Ol ösüp, agaja öwrülýär,guşlaram onuň şahalarynda höwürtge ýasanýarlar» diýdi.20 Isa ýene-de söz açyp: «Hudaýyň Şalygyny nämämeňzedeýin? 21 Ol hamyrmaýa meňzeýär: aýal üç okara unabirje bölek hamyrmaýa goşsa-da, tutuş hamyr çişýär» diýdi.Dar gapy22 Isa Iýerusalime tarap gidip barşyna, şäherleriň, obalaryňiçinden geçip, adamlara öwredýärdi. 23 Bir adam Ondan: «ÝaReb! Halas ediljekleriň sany az bolarmyka?» diýip sorady.Isa olara şeýle diýdi: 24 «Men size diýýärin: Dar gapydangirmäge çalşyň, sebäbi köpler bu gapydan girmäge janederler, emma başarmazlar. 25 Öý eýesi turup, gapynygulplanda, siz daşarda galyp, gapyny kakarsyňyz we:„Aga, bize gapyny açaý-da!“ diýip ýalbararsyňyz. Ol hemsize: „Men sizi tanamok, nireden geleniňizi-de bilemok“diýip jogap berer. 26 Şonda siz: „Biz Seniň bilen iýipiçdik.Sen köçelerimizde bize sapak berdiň“ diýersiňiz.27 Emma Ol ýene-de: „Men sizi tanamok! Niredendigiňizi-debilemok! Ýok boluň ýanymdan, eý, betkärler!“ diýip jogapberer. 28 Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleriHudaýyň Şalygynda, özüňiziň bolsa daşary kowulanyňyzygören wagtyňyz, ol ýerde aglama hem diş gyjama bolar.29 Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadanadamlar gelip, Hudaýyň Şalygynda saçak başynda oturarlar.30 Dogrudan-da, ilkinjiler boljak soňkular bar we soňkularboljak ilkinjiler bar».Isanyň Iýerusalime haýpy gelýär31 Şol wagt käbir fariseýler gelip, Isa: «Bu ýerden çykyp,başga ýere git. Hirodes Seni öldürmek isleýär» diýdiler.1432 Isa olara şeýle diýdi: «Gidiň-de, ol tilkä aýdyň, ine,Men bu gün we ertir arwah-jynlary kowup, şypa bererin,üçülenji güni işimi bitirerin. 33 Emma şonda-da Men bugün, ertir we birigün ýol ýöremeli, sebäbi pygamberiňIýerusalimden daşarda ölmegi bolup biljek zat däldir! 34 Eý,Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlarydaşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyňaşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniňçagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz!35 Ine, öýüňiz haraba öwrüler. Size şuny aýdaýyn: „Rebbiňadyndan gelýäne alkyş bolsun!“ diýýänçäňiz, Meni gaýtadangörmersiňiz».14-nji bapIsa bir fariseýiň öýünde1 Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniňöýüne nahara geldi. Hemme Oňa dykgat bilen seredýärdi.2 Onuň garşysynda eli-aýagy çişen bir adam otyrdy. 3 Isafariseýlerden we dindarlardan: «Sabat güni bir hassaşypa bermeklik kanuna dogry gelýärmi ýa-da ýok?» diýipsorady. 4 Olar sesini çykarmadylar. Isa hem ýaňky adamaelini degrip, oňa şypa berdi we öýüne iberdi. 5 Onsoňolardan: «Biriňiziň ogluňyz a ýa-da öküziňiz guýa gaçsa, Sabatgünüdigine garamazdan ony dessine çykarmazmy?» diýipsorady. 6 Olar bu soraglara jogap berip bilmediler.7 Isa çagyrylanlaryň töri saýlaýandyklaryny görüp, olaraşu tymsaly aýtdy: 8 «Biri seni toýa çagyranda, baryp töregeçme. Ol senden has hormatly birini çagyran bolaýmasyn.9 Toý eýesi gelip, saňa: „Ýeriňi bu adama ber“ diýäýmesin.Onsoň sen utanyp, iň aýaguçda oturmaly bolarsyň. 10 Şonuňüçin bir ýere çagyrylanyňda, aýaguçda otur. Seni çagyranýanyňa gelip: „Eý, dost! Töre geç“ diýsin. Şonda saçakbaşyndaky oturanlaryň ýanynda hormatyň bolar. 11 Kimözüni ýokary tutsa peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».12 Onsoň Isa Özüni çagyrana: «Günortanlyk ýa-daagşamlyk naharyny bereniňde, dost-ýarlaryňy, dogangaryndaşlaryňy,baý goňşularyňy çagyrma. Eger çagyrsaň,olar hem seni çagyryp, munuň öwezini dolar. 13 Meýlisguranyňda garyplary, maýyplary, agsaklary, körleri çagyr.14 Şonda sen ýalkanarsyň. Çünki olar saňa öwezini dolupbilmezler, munuň öwezi saňa dogry adamlaryň dirilenwagty berler» diýdi.Uly meýlis tymsaly15 Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende,Oňa: «Hudaýyň Şalygynda çörek iýjek adam nähili bagtly!»diýdi. 16 Isa hem oňa şeýle diýdi: «Bir adam uly meýlisgurap, birtopar adamy çagyrypdyr. 17 Nahar wagty bolanda,ol: „Geliň, ähli zat taýýar“ diýip, myhmanlara habarbermek üçin, öz hyzmatkärini ugradýar. 18 Emma olaryňhemmesi dilleşen ýaly, ötünç soramaga başlaýarlar. Birinjisioňa: „Men bir bölek ýer satyn aldym, şony görmägegitmeli. Haýyş edýärin, meni bagyşla“ diýýär. 19 Beýlekisi:„Men bäş jübüt öküz satyn aldym, şolary barlamagabarýaryn. Haýyş edýärin, gaty görme“ diýýär. 20 Ýenebiri: „Men täze öýlendim, şonuň üçin gelip bilmeýärin“a 14:5 Ogluňyz: Käbir soňky golýazmalarda eşegiňiz13.14: Çyk. 20.9-10; Lk 6.6-11; 14.1-6; Ýoh 5.1-18. 13.15: Lk 7.13; 14.5; Mt 12.11. 13.16: Lk 19.9.13.18-19: Mt 13.31-32; Mk 4.30-32. 13.20-21: Mt 13.33. 13.22: Lk 9.51; 17.11; 18.31; 19.11. 13.23-24: Mt 7.13-14; Ýoh 10.7.13.25: Mt 25.10-12. 13.26-27: Mt 7.21-23; 25.41; Lk 6.46. 13.28-29: Mt 8.11-12. 13.30: Mt 19.39; Mk 10.31.13.32: Ýewr. 2.10; 7.28. 13.34-35: Mt 23.37-39; Lk 19.41. 13.35: Ýerm. 22.5; Zeb 117.26; Lk 19.38. 14.1: Lk 7.36; 11.37; Mk 3.2.14.3: Mt 12.10; Mk 3.4; Lk 6.9. 14.5: Mt 12.11; Lk 13.15. 4.8: Süleým. pähiml. 25.6-7; Lk 11.43; 20.46. 14.11: Mt 23.12; Lk 18.14; Mt18.4; 1 Pet 5.6. 14.12: Ýakup 2.2-4. 14.13: Lk 14.21. 14.15: Ylham 19.9. 14.16-24: Mt 22.1-10. 14.20: Kan 24.5; 1 Korint. 7.33.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


diýýär. 21 Hyzmatkär gelip, bulary öz jenabyna habar berýär.Onsoň öý eýesi gaharlanyp, hyzmatkärine: „Dessine şäheriňköçelerine, ýol-ýodalaryna git-de, garyplary, maýyplary,körleri, agsaklary şu ýere getir“ diýýär. 22 Hyzmatkär:„Jenap! Seniň aýdanyň ýerine ýetirildi, ýöne entek hemýer bar“ diýýär. 23 Onsoň jenap hyzmatkärine: „Ýollara,ýol çatryklaryna bar-da, adamlary güýç bilen getir, öýümdolsun“ diýýär. 24 Men size şuny aýdaýyn: şol ilkinjiçagyrylanlardan ýekejesi hem Meniň saçagymdan datmaz».Şägirt bolmagyň gymmaty25 Uly mähelle Isa bilen bile barýardy. Isa yzyna öwrülip,olara şeýle diýdi: 26 «Kim Meniň ýanyma gelip, atasyny,enesini, aýalyny, bala-çagasyny, doganyny, uýasyny, hatdaöz janyny hem ýigrenmese, Meniň şägirdim bolup bilmez.27 Kim öz haçyny göterip, Meniň yzyma düşmese, Meniňşägirdim bolup bilmez. 28 Aýdaly, araňyzdan biri minaragurmak isleýär. Ol ilki oturyp, muny tamamlamaga pulunyňýetip-ýetmejekdigini hasaplamazmy? 29 Sebäbi minaranyňbinýadyny tutup, soň işi tamamlap bilmese, muny görenleriňhemmesi oňa güler. 30 Olar: „Bu adam muny gurmagabaşlady, emma tamamlap bilmedi“ diýerler. 31 Ýa bolmasabir patyşa başga bir patyşa bilen uruş etmäge barýardiýeli. Üstüme gelýän ýigrimi müň esgere on müň esgerbilen garşylyk görkezip bilermikäm diýip, ilki oturypmaslahatlaşmazmy? 32 Başarmajak bolsa, ol duşman entekuzakdaka, ilçi iberip, ýaraşyk şertlerini sorar. 33 Şeýlelikde,siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniňşägirdim bolup bilmersiňiz.34 Duz gowy zatdyr, emma ol öz tagamyny ýitirse, ondaoňa nädip tagam berler? 35 Ol ne topraga, ne-de döküneýarar, ony zir-zibile zyňarlar. Eşitmäge gulagy bar adameşitsin!»15-nji bapÝiten goýun tymsaly1 Ähli salgytçylar bilen günäkärler Isanyň aýdýanzatlaryny diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşýärdiler.2 Fariseýler bilen dindarlar bolsa: «Bu adam günäkärlerikabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.3 Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy: 4 «Sizden biriniň ýüzgoýny bar diýeli. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol togsandokuzsyny düzde goýup, tä ýiten goýnuny tapýança, onygözlemäge gitmezmi? 5 Tapanda bolsa, ony begenç bilenegnine alyp gaýdar. 6 Öýüne gelip, dostlaryny, goňşularynyçagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten goýnumytapdym!“ diýer. 7 Size şuny aýdýaryn: Şunuň ýaly toba edenýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsandokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».Ýiten pul tymsaly8 «Aýdaly, bir aýalyň on sany kümüş teňňesi a bar eken.Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol çyrany ýakyp, öýisüpürip, ony tapýança, üns berip gözlemezmi? 9 Tapandabolsa öz joralaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilenbile şatlanyň, ýiten teňňämi tapdym“ diýer. 10 Men sizeşuny aýdýaryn: Toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyňperişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».15Ýiten ogul tymsaly11 Isa sözüni dowam etdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken.12 Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden meniň paýymadüşenini ber“ diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyňarasynda bölüp berýär. 13 Birnäçe günden soň kiçi oglybar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şadyhorramlykdaýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar. 14 Barzadyny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp,ol horluk çekmäge başlaýar. 15 Şeýlelikde, ol gidip, şolýurduň bir ýaşaýjysyna günlükçi durýar. Ol hem ony özörülerine doňuz bakmaga iberýär. 16 Oglanyň doňuzlaryňiýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýärdi, emma oňahiç kim hiç zat bermeýärdi. 17 Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp,özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar,olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar.Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün! 18 Gowusy,kakamyň ýanyna baryp, oňa: Kaka, men Gökdäkä-de, saňadagarşy günä etdim. 19 Men indi seniň ogluň diýilmäge-demynasyp däl. Meni öz günlükçileriňden biri ýaly kabul et“diýeýin. 20 Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar.Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregiawaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, onyogşaýar. 21 Ogly oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşygünä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasypdäl“ diýýär. 22 Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip:„Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerineýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň. 23 Baga bakylangöläni getirip, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň! 24 Sebäbibu oglum ölüdi, indi dirildi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýýär.Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.25 Şol wagt onuň uly ogly ekin meýdanynda eken.Ol öýe golaýlanda, aýdym-saz bilen oýun-gülki seslerinieşidýär. 26 Ol hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, munuňsebäbini soraýar. 27 Ol hem oňa: „Iniň gaýdyp geldi.Kakaň onuň sag-aman yzyna dolanyp geleni üçin, bagabakylan göläniň damagyny çaldy“ diýýär. 28 Uly oglygaharlanyp, içeri girmek islemeýär. Şonda kakasy daşaryçykyp, oňa ýalbarýar. 29 Emma ol kakasyna şeýle jogapberýär: „Görýäňmi, men näçe ýyldyr, seniň üçin gul ýalyişledim, hiç haçan seniň buýruklaryňa ýok diýmedim.Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şüweleň eder ýaly,sen maňa hiç haçan bir çebiş-de bermediň. 30 Emma ählibaýlygyňy loly heleýlere sowran bu ogluň gelende, sen onuňüçin baga bakylan göläniň damagyny çaldyň“. 31 Kakasyoňa: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda ahyry, meniň barzadym seniňkidir. 32 Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek,sebäbi seniň iniň ölüdi, indi dirildi; ol ýitipdi, indi tapyldy“diýip jogap berýär».16-njy bapUgurtapyjy iş dolandyryjy1 Isa şägirtlerine şulary gürrüň berdi: «Bir baý adamyň işdolandyryjysy bar eken. Bu iş dolandyryjynyň baýyň malmülkünidargadýandygy barada oňa şikaýat edipdirler. 2 Baýony ýanyna çagyryp: „Sen hakda eşidýän zatlarym näme?Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, sebäbi sen mundanbeýläk meniň iş dolandyryjym bolup bilmersiň“ diýýär . 3 Işdolandyryjy öz-özüne: „Indi näme etsemkäm? Hojaýynymişimi elimden alýar. Men gazy gazmaga ejiz, dilenmägea 15:8 Grekçe on drahma: bir drahma bir günlük iş hakyna barabardyr14.21: Lk 14.13. 14.26-27: Mt 10.37-38. 14.27: Mt 16.24; Mk 8.34; Lk 9.23. 14.33: Lk 18.29-30; Filip 3.7.14.34-35: Mt 5.13; Mk 9.49-50; Mt 11.15. 15.1-2: Lk 5.29-30; 19.7. 15.4-7: Mt 18.10-14. 15.7: Ýakup 5.20; Lk 19.10; 15.10.15.11: Mt 21.28. 15.12: Kan 21.15-17. 15.22: Gel.çyk 41.42; Zak 3.4. 15.24: 1 Tim 5.6; Efes 2.1; Lk 9.60.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


utanýaryn. 4 Hä..., işden kowlan wagtym halk meni öýünekabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin“ diýip oýlanýar.5 Şeýlelikde, ol hojaýynyna bergili adamlaryň barynybir-birden ýanyna çagyrýar. Birinji çagyranyndan: „Meniňhojaýynyma näçe bergiň bar?“ diýip soraýar. 6 Ol: „Ýüzküýze a zeýtun ýagy“ diýip jogap berýär. Iş dolandyryjyoňa: „Dil hatyňy al-da, oturyp, dessine şony elli küýzediýip ýaz“ diýýär. 7 Onsoň başga birinden: „Seniň näçebergiň bar?“ diýip soraýar. Ol hem: „Ýüz halta b bugdaý“diýip jogap berýär. Oňa-da: „Dil hatyňy al-da, şony segsendiýip ýaz“ diýýär. 8 Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjynyugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu döwrüň adamlaryöz nesline garşy hereket etmekde nurdaky ynsanlardanparasatlydyr. 9 Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmaküçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutarandabolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.10 Az zatda ynamdar bolan köp zatda hem ynamdardyr,az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdarbolup bilmez. 11 Şeýlelikde, dünýäniň aýlygynda ynamdarbolmasaňyz, size çyn baýlygy kim ynanar? 12 Başga biriniňemlägi babatda ynamdar bolmasaňyz, öz emlägiňizi sizekim berer? 13 Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edipbilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-dabirine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hemHudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz».14 Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgaraetmäge başladylar. 15 Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňiziadamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizibilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zatHudaýyň ýanynda ýigrenjidir.16 Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwradyň we pygamberleriňaýdanlary boýunça ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa HudaýyňŞalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresigelýär. 17 Töwradyň ýekeje nokadynyň ýiteninden, asmanbilen ýeriň ýiteni aňsatdyr.18 Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam zynaedýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen kişi-de zynaedýändir».Baý adam we Lazar gedaý19 «Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepiseşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi.20 Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini ýara basanLazar atly bir gedaý ýatardy. 21 Ol baýyň saçagyndandökülen owuntyklary iýmegiň arzuwyndady. Itler hem gelip,onuň ýaralaryny ýalardy. 22 Bir gün wagty dolup, gedaýölýär. Perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna äkidýärler. Soňrabaý hem ölýär we jaýlanýar. 23 Dowzahda jebir-sütemçekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy weonuň ýanyndaky Lazary görýär. 24 Şonda ol gygyryp: „Eý,Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyňujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduňiçinde men ejir çekýärin“ diýýär. 25 Emma Ybraýym oňa:„Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryňbolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk16görýär, emma sen ejir çekýärsiň. 26 Bulardan başga-da, biziňbilen siziň araňyzda äpet bir uçut goýlupdyr, şonuň üçinbu ýerden siz tarapa, ol ýerden hem biz tarapa hiç kimgeçip bilmez“ diýip jogap berýär. 27 Şonda baý adam: „Beýlebolsa, atam, saňa ýalbarýaryn, Lazary kakamyň öýüneiber. 28 Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýeredüşmezleri ýaly, Lazar baryp olary habardar etsin“ diýýär.29 Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň we pygamberleriňýazgylary bar ahyry, şolara gulak assynlar“ diýýär. 30 Olhem: „Ýok, eý, Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biriýanlaryna baranda toba ederler“ diýýär. 31 Ybraýym oňa:„Olar Musa we pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, ondaölülerden biri dirilse-de, ynanmazlar“ diýip jogap berýär».17-nji bapBagyşlama we iman baradaky taglymatlar1 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlary günä duçar edýänzatlaryň geljekdigi gutulgysyzdyr, emma olary günä iterýänadamyň dat gününe! 2 Maňa ynanýan pes göwünli biriniňgünä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmendaşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.3 Habardar boluň! Eger doganyň günä etse, oňa käýe.Eger ol toba etse, ony bagyşla. 4 Ol saňa garşy günde ýedigezek günä edip, ýedi gezek hem ýanyňa gelip: „Tobaedýärin!“ diýse, ony bagyşla». 5 Resullar Rebbe: «Biziňimanymyzy artdyr!» diýdiler. 6 Reb şeýle diýdi: «Eger siziňbir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Buýerden goparyl-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulakasar. 7 Aýdaly, siziň ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýänhyzmatkäriňiz bar. Ol meýdandan gelende, siziň haýsyňyzoňa: „Basym gel-de, saçak başynda otur“ diýersiňiz?8 Gaýtam, oňa: „Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşada,iýip-içýänçäm, maňa hyzmat et, özüň soňra iýipiçersiň“diýmezmi? 9 Buýruklaryny berjaý edeni üçin, olhyzmatkäre minnetdarlyk bildirermi? 10 Siz hem özüňizebuýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýönebir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerineýetirdik“ diýiň».On sany deri keselli sagaldylýar11 Isa Samariýa bilen Jeliläniň üstünden geçip, Iýerusalimetarap gitdi. 12–13 Ol obalaryň birine girende, Oňa endamyderi keseline duçar bolan on adam sataşdy. Olar uzakdadurup, gaty ses bilen: «Eý, Isa! Mugallym, bize rehim et!»diýdiler. 14 Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň»diýdi. Olar ýoldakalar keselden saplandy. 15 Olaryň birisagalanyny görüp, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp,yzyna öwrüldi. 16 Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňaminnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy. 17 Isa:«Keselden saplanan on kişi dälmidi? Galan dokuz adamnirede? 18 Hudaýy şöhratlandyrmak üçin bu kesekiden başgahiç kim yzyna öwrülmedimi?» diýip sorady. 19 Onsoň oňa:«Tur, gidiber, imanyň seni halas etdi» diýdi.a 16:6 küýze: Grekçe ýüz bat, takm. 3000 litrb 16.7 halta: Grekçe ýüz kor, takm. 30000 kg.16.8: 1 Selan. 5.5; Efes 5.8; Lk 20.34; Ýoh 12.36. 16.9: Lk 12.33; 18.22. 16.10: Mt 25.21; Lk 19.17. 16.13: Mt 6.24.16.15: 1 Şam. 16.7; Süleým. pähiml. 21.2; Res 1.24; Lk 10.29. 16.16: Mt 11.12-13. 16.17: Mt 5.17-18; Lk 21.33.16.18: Mt 5.31-32; 19.9; Mk 10.11-12; 1 Korint. 7.10-11. 16.20: Ýoh 11.1-44; 12.1,9. 16.22: Ýoh 13.23. 16.25: Lk 6.24.16.29: Ýoh 5.45-47; Res 15.21; Lk 4.17. 16.30: Lk 3.8; 19.9. 17.1-2: Mt 18.6-7; Mk 9.42; 1 Korint. 8.12. 17.1-2: Mt 18.6-7; Mk 9.42; 1Korint. 8.12. 17.5-6: Mt 17.20; 21.21; Mk 11.22-23. 17.5: Lk 7.13. 17.8: Lk 12.37; Ýoh 13.3-5. 17.11: Lk 9.51; 13.22; 19.11.17.12,13: Lew 13.45-46; Lk 5.5; 8.24,45; 9.33,49. 17.14: Lk 5.14; Mt 8.4; Mk 1.44; Lew 14.2-32. 17.19: Mt 9.22; Mk 5.34; Lk 8.48; 18.42.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


17Hudaýyň Şalygynyň gelşi20 Bir gün fariseýler Isadan Hudaýyň Şalygynyň haçangeljekdigini soranlarynda, Ol: «Hudaýyň Şalygy göze görnüpgelmez. 21 Adamlar: „Ine, bu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“diýmezler, sebäbi Hudaýyň Şalygy siziň araňyzdadyr» diýipjogap berdi. 22 Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «YnsanOglunyň günlerinden birini görmegi küýsejek wagtyňyzgeler, emma ol güni görmersiňiz. 23 Adamlar size: „Ine,Ynsan Ogly şu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“ diýerler.Emma gitmäň, olaryň yzyna düşmäň! 24 Ýyldyrym gögüňbir ujundan çakyp, beýleki bir ujuny nähili ýagtyldýanbolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde şeýle bolar. 25 EmmaOl öňürti köp görgi görmeli, bu nesil tarapyndan retedilmelidir. 26 Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, YnsanOglunyň günlerinde-de şeýle bolar. 27 Adamlar Nuhuňgämä münen gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşaçykyp, arkaýyn ýaşap ýördüler. Soňra äpet sil gelip,baryny ýok etdi. 28 Lutuň günlerinde hem şonuň ýalyboldy: adamlar iýip-içip, alyp-satyp, ekip-dikip ýördüler.29 Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot bilenkükürt ýagyp, hemmesini ýok etdi. 30 Ynsan Oglunyň peýdaboljak gününde hem şeýle bolar. 31 Şol gün üçekdäki adamöýdäki zatlaryny almak üçin aşak düşmesin. Şeýle-de, ekinmeýdanyndaky hem yzyna gelmesin. 32 Lutuň aýalyny ýadasalyň! 33 Kim janyny aýamaga çalyşsa, ony ýitirer, kimjanyny ýitirse, ony aman saklar. 34 Size şuny aýdýaryn: şolgije bir düşekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.35 Bilelikde bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar,beýlekisi goýlar» 2 . 37 Şägirtler Isa ýüzlenip: «Ýa Reb, buhadysalar nirede bolar?» diýip soradylar. Isa hem: «Maslyknirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşýändir» diýip jogapberdi.18-nji bapTutanýerli dul aýal tymsaly1 Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa dogaedip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsalaýdyp berdi: 2 «Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan birkazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken. 3 Şolşäherde bir dul aýal hem bar eken. Ol üznüksiz kazynyňýanyna gatnap: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber“diýip ýalbarypdyr. 4 Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir.Ahyrsoňunda ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasamda,adamlary äsgermesem-de, 5 dyngysyz gelip, meni bizaretmez ýaly, bu dul aýalyň hakyny alyp bereýin. Indi birgelip, meniň gulak etimi guratmasyn“ diýýär». 6 Reb ýenesözüni dowam etdi: «Adalatsyz kazynyň näme aýdanynagulak asyň. 7 Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündizÖzüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi?Olary köp garaşdyrarmy? 8 Size şuny aýdýaryn: olaryňhakyny tiz alyp berer. Ýöne Ynsan Ogly gelende, ýeriňýüzünde imanly adam taparmyka?»Fariseý we salgytçy tymsaly9 Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbiradamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi: 10 «Iki adam Hudaýadoga etmek üçin ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý,beýlekisi salgytçy eken. 11 Fariseý durup, özi hakda içinden:„Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahordäldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şüküredýärin. 12 Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähligazanjymdan zekat berýärin“ diýip doga okaýar. 13 Salgytçybolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýüreketmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkärerehim et!“ diýýär. 14 Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyňaklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokarytutsa, peseldiler, özüni pes tutan bolsa beýgeldiler».Çagalar bilen Isa15 Onsoň başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalaryIsanyň ýanyna getirdiler. Muny gören şägirtler çagalarygetirenlere käýediler. 16 Emma Isa çagalary ýanyna çagyryp:«Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbiHudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr. 17 Size dogrusynyaýdýaryn: kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese,ol ýere asla girip bilmez» diýdi.Baýlyk we ebedi ýaşaýyş18 Bir ýolbaşçy Isadan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men ebediýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 19 Isaoňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdanbaşga hiç kim ýagşy däldir. 20 Sen tabşyryklary bilýänsiň:Adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyketme, ata-eneňe hormat goý» diýip jogap berdi. Ol adam:«Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edipgelýärin» diýdi. 21–22 Isa muny eşidende, oňa: «Seniň ýenebir kemiň bar. Nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla,şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzymadüş» diýdi. 23 Ol bu sözleri eşidip, gaty tukat boldy, sebäbiçakdanaşa baýdy. 24 Isa onuň tukatlygyny görüp: «BaýlaraHudaýyň Şalygyna girmek nähili agyr! 25 Bir düýäniňiňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygynagirmeginden aňsatdyr» diýdi. 26 Muny eşidenler: «Onda kimhalas bolup biler?» diýip soradylar. 27 Isa: «Ynsan üçinmümkin däl zatlar Hudaý üçin mümkindir» diýdi. 28 PetrusOňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük!»diýdi. 29–30 Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn: HudaýyňŞalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, eneatasyny,bala-çagasyny taşlan her kes bu döwürde yzynaençeme esse artyk edip alar, geljek döwürde bolsa ebediýaşaýşa gowşar» diýdi.Isa ölüp diriljegini ýene aýdýar31 Isa Onkileri bir çete çekip, olara: «Indi Iýerusalimebarýarys. Pygamberleriň Ynsan Ogly hakda ýazanlarynyňählisi berjaý bolar! 32 Ol keseki milletleriň eline tabşyrylar.Olar Ony masgaralap kemsiderler, üstüne tüýkürerler,2 17:35 Kä bir golýazmarda: 36 «Ekin meýdanynda iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar.» diýen jümle bar.17.20: Lk 19.11; 21.7; Res 1.6. 17.22: Mt 9.15; Mk 2.20; Lk 5.35. 17.23: Mt 24.23; Mk 13.21. 17.24: Mt 24.27; Ylham 1.7.17.25: Lk 9.22. 17.26-27: Mt 24.37-39; Gel.çyk 6.5-8; 7.6-24. 17.28-30: Gel.çyk 18.20-33; 19.24-25. 17.31: Mt 24.17-18; Mk 13.15-16;Lk 21.21. 17.32: Gel.çyk 19.26. 17.33: Mt 10.39; 16.25; Mk 8.35; Lk 9.24; Ýoh 12.25. 17.34-35: Mt 24.40-41. 17.37: Mt 24.28.18.1-8: Lk 11.5-8. 18.6: Lk 7.13. 18.7: Ylham 6.10; Mt 24.22; Rim 8.33; Kolos 3.12; 2 Tim 2.10. 18.11: Mt 6.5; Mk 11.25.18.12: Lk 5.33; 11.42. 18.14: Mt 18.4; 23.12; Lk 14.11; 1 Pet 5.6. 18.15-17: Mt 19.13-15; 18.3; Mk 10.13-16.18.18-23: Mt 19.16-22; Mk 10.17-22. 18.18: Lk 10.25. 18.20: Çyk. 20.12-16; Kan 5.16-20; Rim 13.9; Ýakup 2.11.18.22: Lk 12.33; Res 2.45; 4.32. 18.24-27: Mt 19.23-26; Mk 10.23-27. 18.27: Gel.çyk 18.14; Eýýup 42.2; Ýerm. 32.17; Lk 1.37.18.28-30: Mt 19.27-30; Mk 10.28-31; Lk 5.1-11. 18.31-34: Mt 20.17-19; Mk 10.32-34; Lk 9.22,44-45; 17.25.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


gamçylarlar we öldürerler. 33 Emma üç günden soň Oldiriler» diýdi.34 Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Busözleriň manysy olardan gizlenilgidi. Olar Onuň näme hakdagürrüň edýänini bilmediler.Bir körüň gözi açylýar35 Isa Ýeriho golaýlanda, ýoluň gyrasynda bir kör adamdilegçilik edip otyrdy. 36 Ol ýanyndan mähelläniň geçipbarýandygyny eşidip, munuň nämedigini sorady. 37 Oňa:«Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler. 38 Şonda ol:«Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. 39 Sesiňçykmasyn diýip, öňden barýan köp adamlar oňa käýediler,emma ol: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip, öňküdenhem gaty gygyrdy. 40 Isa aýak çekip, ol adamy getirmeklerinibuýurdy. Ýanyna gelende, Isa ondan: 41 «Seniň üçin nämeetmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Ýa Reb, gözlerimaçylsyn!» diýdi. 42 Isa oňa: «Goý, gözleriň açylsyn! Imanyňsaňa şypa berdi» diýdi. 43 Şobada bu adamyň gözleri açyldywe ol hem Hudaýy şöhratlandyryp, Isanyň yzyna düşüpgidiberdi. Muny gören ähli halk Hudaýy alkyşlady.19-njy bapIsa bilen Zakkaý1 Isa Ýerihonyň içinden geçip barýardy. 2 Ol ýerde Zakkaýatly bir baý adam bardy, ol salgytçylaryň başlygydy.3 Zakkaý Isanyň kimdigini görmek isledi, emma onuň boýygysga bolansoň, mähelleden ýaňa Ony görüp bilmedi.4 Şeýlelikde, Ony görjek bolup, öňe ylgap, bir injir agajynyňüstüne çykdy, sebäbi Isa şol ýoldan gelýärdi. 5 Isa ol ýeregelende, ýokary seredip, Oňa: «Zakkaý! Tiz aşak düş. Bugün Men seniň öýüňde galmaly» diýdi. 6 Ol hem dessineaşak düşüp, Ony şatlyk bilen kabul etdi. 7 Halk muny görüp:«Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip hüňürdemägebaşlady. 8 Zakkaý bolsa ýerinden turup, Rebbe: «Ýa Reb! Indimen baýlygymyň ýarysyny garyplara berjek. Kimiň zadynynähak alan bolsam, dört esse edip gaýtaryp berjekdirin»diýdi. 9 Isa oňa: «Bu gün bu öýe gutulyş geldi, sebäbibu adam hem Ybraýymyň hakyky neslidir. 10 Ynsan Oglyýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendir» diýdi.On hyzmatkär hakyndaky tymsal11 Bu zatlary diňläp durkalar, Isa bir tymsal bilen sözüniňüstüni ýetirdi. Sebäbi Ol Iýerusalimiň golaýyndady, halkhem Hudaýyň Şalygy basym görner diýip oýlanýardy. 12Isa şonuň üçin şeýle diýdi: «Bir begzada şalyk sürmägeygtyýarlyk almak üçin, bir uzak ýurda ýola rowana bolýar.13 Ol hyzmatkärlerinden onusyny ýanyna çagyryp, olara:„Men gelýänçäm, şu puly işlediň“ diýip, hersine bir horjunpul a berýär.14 Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Buadamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler. 15 Emma muňagaramazdan, ol ygtyýarlyk alyp, yzyna dolanýar. Soňra olpul beren hyzmatkärlerini ýanyna çagyryp, kimiň nämegazananyny bilmek isleýär. 16 Birinjisi gelip: „Hojaýyn!Seniň bir horjun puluň on horjun pul gazandy“ diýýär.1817 Oňa: „Berekella, ýagşy hyzmatkär! Az zatda sadykbolanyň üçin on şähere häkim bol“ diýýär. 18 Ikinjisi gelip:„Hojaýyn! Seniň bir horjun puluň ýene bäş horjun pulgazandy“ diýýär. 19 Hojaýyny oňa hem: „Sen hem bäşşähere häkim bol“ diýýär. 20 Onsoň üçünji hyzmatkärigelip: „Hojaýyn! Ynha, seniň bir horjun puluň, menony bir uly ýaglyga düwüp sakladym. 21 Men sendengorkdum, sebäbi sen gaty özdiýenli adam. Sen goýmadykýeriňden alýarsyň, ekmedik ýeriňden orýarsyň“ diýýär.22 Hojaýyny oňa: „Eý, erbet hyzmatkär, seni öz agzyňdançykan sözler bilen höküm ederin! Asyl sen meniň özdiýenliadamdygymy, goýmadygymy alýanymy, ekmedigimiorýanymy bilýärmidiň? 23 Onda näme üçin pulumyişletmäge bermediň? Men gelenimde, ony peýdasy bilenalardym“ diýýär. 24 Onsoň hojaýyn ol ýerde duranlara:„Onuň elinden puly alyň-da, on horjunla beriň“ diýýär.25 Olar oňa: „Hojaýyn, onuň özünde öňem on horjun pulbar ahyry!“ diýýärler. 26 Ol: „Men size diýýärin, kimdebar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäkihem alnar. 27 Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýänduşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnyndaöldüriň“ diýip jogap berýär».Isanyň Iýerusalime dabaraly girişi28 Isa bulary aýdyp bolansoň, ýoluny dowam etdirip,Iýerusalime tarap ugrady. 29 Ol Zeýtun dagynyň etegindäkiBeýtfajy bilen Beýtaniýa golaýlanda, iki şägirdini ýollap,olara: 30 «Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizdedaňylgy duran bir taýhar taparsyňyz, onuň üstüne şu wagtaçenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, bäri alypgeliň. 31 Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?“diýip sorasa, oňa: „Bu taýhar Rebbe gerek“ diýiň» diýdi.32 Ýollananlar gidip, baryny Onuň aýdyşy ýaly tapdylar.33 Taýhary çözüp durkalar, onuň eýeleri: «Taýhary nämeüçin çözýärsiňiz?» diýip soradylar. 34 Olar hem: «Bu taýharRebbe gerek» diýdiler. 35 Taýhary Isanyň ýanyna getirip,üstüne donlaryny atdylar-da, Isany oňa mündürdiler. 36 Olgidip barýarka, adamlar donlaryny ýola düşeýärdiler.37 Isa Zeýtun dagynyň eňňidine golaýlanda, şägirtleriňhemmesi gören ähli gudratlaryna şatlanyp, batly sesleribilen Hudaýy şöhratlandyrmaga başladylar. 38 Olar: «Rebbiňadyndan gelýäne alkyş bolsun! Göklerde parahatlyk, iňbelentlikde şan-şöhrat bolsun!» diýýärdiler. 39 Mähelläniňarasyndan käbir fariseýler Isa: «Mugallym! Şägirtleriňiňagzyny ýumdur!» diýdiler. 40 Emma Ol: «Size aýdýaryn: olardymsa, daşlar gygyryşar» diýdi.Isa Iýerusalim üçin aglaýar41 Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady. 42 Olşeýle diýdi: «Wah, käşgä sen bu gün özüňe nämäniňparahatlyk getirjekdigini bilsediň! Emma bu entek seniňgözleriňden gizlin. 43 Seniň başyňa şeýle bir günler geler:duşmanlaryň daş-töweregiňe garymlar gazyp, seni gabarlar,her ýandan gysyp-gowrarlar. 44 Olar seni weýran edip,seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstündedaş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursatynysaýgarmadyň».a 19:13 Bir horjun pul Grekçe “On mina“, bir mina takm. üç aýlyk gazanç puluna deňdir.18.35-43: Mt 20.29-34; Mk 10.46-52; Mt 9.27-31; Mk 8.22; Ýoh 9.1-7. 18.42: Mt 9.22; Mk 5.34; 10.52; Lk 7.50; 8.48; 17.19.19.1: Mk 10.46. 19.7: Lk 5.29-30; 15.1-2. 19.8: Lk 7.13; 3.14; Çyk. 22.1; Lew 6.5; Çölde 5.6-7. 19.9: Lk 3.8; 13.16; Rim 4.16.19.11: Lk 9.51; 13.22; 17.11; 18.31; 9.27. 19.12-28: Mt 25.14-30. 19.12: Mk 13.34. 19.17: Lk 16.10.19.26: Mt 13.12; Mk 4.25; Lk 8.18. 19.28: Mk 10.32. 19.29-38: Mt 21.1-9; Mk 11.1-10; Ýoh 12.12-18. 19.32: Lk 22.13.19.34: Lk 7.13. 19.36: 2 Patyş. 9.13. 19.38: Zeb 118.26; Lk 13.35; 2.14. 19.39-40: Mt 21.15-16; Hab 2.11. 19.41: Lk 13.33-34.19.43: Lk 21.21-24; 21.6; Işa 29.3; Ýerm. 6.6; Ezek 4.2. 19.44: 1 Pet 2.12.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


Isa satyjylary ybadathanadan kowýar45 Onsoň Isa ybadathananyň howlusyna girip, olýerdäki satyjylary kowmaga başlady. 46 Isa olara: «„Meniňöýüm ybadat öýüdir“ diýip ýazylgydyr, siz bolsa munygarakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi. 47 Ol her günybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçyruhanylar, dindarlar we halkyň baştutanlary bolsa Onyöldürmegiň küýündediler. 48 Emma munuň ýoluny tapypbilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi.20-nji bap1 Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip,Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, dindarlarwe ýaşulular Onuň ýanyna geldiler. 2 Olar Isa: «Hany,bize aýt, Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň?Bu ygtyýary Saňa kim berdi?» diýdiler. 3 Isa hem: «Menhem size bir sowal berjek. Maňa aýdyň, 4 Ýahýa çümdürişygtyýaryny nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýipsorady. 5 Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar:«Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňaynanmadyňyz?“ diýer. 6 Eger-de ynsandan diýsek, ähli halkbizi daşlar, sebäbi halk Ýahýanyň pygamberdigine ynanýar».7 Ahyry olar: «Biz niredendigini bilemzok» diýip jogapberdiler. 8 Isa-da olara: «Menem size bu zatlary haýsyygtyýar bilen edýänimi aýtjak däl» diýdi.Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly9 Soňra Isa halka şu tymsaly gürrüň bermäge başlady: «Biradam üzüm baglaryny oturdyp, ony bagbanlara kärendesineberýär-de, özi uzak wagtlyk başga ýurda gidýär. 10 Hasylmöwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin,ol hyzmatkärleriniň birini kärendeçileriň ýanyna iberýär.Emma kärendeçiler ony ýenjip, boş kowup goýberýärler.11 Ol başga bir hyzmatkärini iberýär, kärendeçiler onydaýenjip, masgara edip, boş kowup goýberýärler. 12 Olüçünji hyzmatkärini-de iberýär. Olar ony hem ýaralap,kowup goýberýärler. 13 Onsoň üzüm eýesi: „Men nämeetmeli? Gel, öz söwer oglumy ibereýin, belki, ony sylarlar“öýdýär. 14 Kärendeçiler bolsa ony görenlerinden, özaramaslahatlaşyp: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň,miras bize galar“ diýişýärler. 15 Şeýlelikde, ony üzümlikdençykaryp öldürýärler. Indi üzümçiligiň eýesi bulara nämeeder? 16 Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer, üzümligi bolsabaşgalara berer». Halk muny eşidip: «Daş edewersin!» diýdi.17 Isa olara bakyp: «Onda „Ussalaryň ret eden daşy, binýadyňburç daşy boldy“ diýen ýazgynyň manysy näme? 18 Kim budaşyň üstüne ýykylsa, bölek-bölek bolar. Eger ol biriniňüstüne gaçsa, ony mynjyradar» diýdi. 19 Dindarlar bilenýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýolunyagtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyrypaýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.Imperatoryňky — imperatora20 Isany göz astyna alyp, Ony aňtamak üçin, birnäçedogruçylsumagy Onuň yzyna saldylar. Olar Isany gepde19tutup, Ony häkimiň hökümine we ygtyýaryna tabşyrmakmaksatlary bardy. 21 Şeýlelikde, içalylar Oňa: «Mugallym!Biz Seniň dogry zady öwredýändigiňi, adamlaryňderejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilenöwredýändigiňi bilýäris. 22 Hany aýt, biziň imperatorasalgyt tölemegimiz dogrumy ýa-da dogry däl?» diýipsoradylar. 23 Isa olaryň hilesine düşünip: 24 «Maňa salgytpuluny görkeziň. Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?»diýdi. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. 25 Ol:«Onda imperatoryňkyny — imperatora, HudaýyňkynyHudaýa beriň» diýdi. 26 Olar halkyň ýanynda Ony sözündetutup bilmän, beren jogabyna haýran galyp, sesleriniçykarmadylar.Diriliş barada sorag27Ölümden soň dirilişiň ýokdugyny aýdýansaddukeýleriň a käbiri Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýlesorag berdi: 28 «Mugallym! Musa bize bir adamyň doganyperzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalynyalyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýipýazypdyr. 29 Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýal alyp,perzent görmän dünýäden ötdi. 30 Ikinjisi bilen 31 üçünjisihem şol aýaly aldy. Şeýdip, ýedisi hem şol aýala öýlenip,yzlarynda perzent galdyrman öldüler. 32 Ahyrsoňy aýal hemöldi. 33 Indi diriliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýalybolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 34 Isaolara şeýle jogap berdi: «Bu döwrüň adamlary öýlenýändir,durmuşa çykýandyr. 35 Emma geljek döwre we ölümdendirilişe ýetmäge mynasyp görlenler ne öýlener, ne-dedurmuşa çykar. 36 Asla ölmezler, sebäbi olar perişdelerýalydyr. Olar dirilişiň perzentleridikleri üçin Hudaýyňperzentleridir. 37 Musa-da ölüleriň dirilýändigini tassyklap,ýanýan çaly baradaky bölümde Rebbi „Ybraýymyň,Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýip atlandyrýar. 38 Olölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, sebäbi Onuň üçinhemmeler diridir». 39 Dindarlaryň käbiri: «Mugallym, gowyaýtdyň!» diýdi. 40 Oňa mundan artyk sorag bermäge hiçkim milt etmedi.Mesih Kimiň Ogly?41 Onsoň Isa olara: «Näme üçin Mesihe Dawudyň oglydiýýärler? 42 Ine, Dawudyň özi Zebur kitabynda şeýle diýýär:„Hudaý Rebbime a şeýle sözledi: 43 Duşmanlaryňyaýagyňyň astyna serýänçäm,Meniň sagymda otur“.44 Eger Dawut Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähiliDawudyň ogly bolýar?» diýdi. 45 Bütin halk Oňa gulakasyp otyrka, Isa şägirtlerine: 46 «Dindarlardan ägä boluň!Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salamberilmegini, sinagogalarda baş kürsüleri, meýlislerde törihalaýandyrlar. 47 Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçinuzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyrjeza sezewar bolarlar» diýdi.a 3:7 Saddukeýler — bular aýratyn bir dindarlar topary. Sözlüge seret.a Reb — Zeburda bu söz 'reb' bolup, patyşa ýüzlenilende ulanyldy, bu ýerde bolsa 'Reb' Mesihe degişli.19.45-46: Mt 21.12-13; Mk 11.15-17; Ýoh 2.13-17. 19.47-48: Mk 11.18; Lk 21.37; 22.53. 20.1-8: Mt 21.23-27; Mk 11.27-33.20.2: Ýoh 2.18. 20.6: Mt 14.5; Lk 7.29. 20.9-19: Mt 21.33-46; Mk 12.1-12. 20.9: Işa 5.1-7; Mt 25.14.20.16: Res 13.46; 18.6; 28.28. 20:17 Zeb.118:22 20.18: Işa 8.14-15. 20.19: Lk 19.47. 20.20-26: Mt 22.15-22; Mk 12.13-17.20.21: Ýoh 3.2. 20.25: Rim 13.7; Lk 23.2. 20.27-38: Mt 22.23-33; Mk 12.18-27. 20.27: Res 4.1-2; 23.6-10. 20.28: Kan 25.5.20.37: Çyk. 3.6. 20.39: Mk 12.28. 20.40: Mk 12.34; Mt 22.46. 20.41-44: Mt 22.41-45; Mk 12.35-37; Zeb 110.1.20:42-43 Mez.109:1 20.45-47: Mk 12.38-40; Mt 23.6-7; Lk 11.43; 14.7-11.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


21-nji bapDul aýalyň sadakasy1 Isa gabagyny galdyryp seredende, baýlaryňybadathananyň sadaka gutusyna öz sadakalaryny atypduranyny gördi. 2 Ol bir garyp dul aýalyň hem guta ikiteňňe atanyny gördi. 3 Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, bugaryp dul aýal hemmelerden köp atdy. 4 Bu adamlaryňhemmesi sadaka gutusyna özlerinden artany atdylar, buaýal bolsa garyplygyna garamazdan, bar-ýoguny, elindäkiähli çörek puluny atdy» diýdi.Ynsan Oglunyň dolanyp gelmeginiň alamatlary5 Şägirtlerden käbiri ybadathananyň ajaýyp daşlar hemHudaýa bagyş edilen peşgeşler bilen bezelendigi baradasöz açdy. Şonda Isa: 6 «Şeýle bir günler geler, şonda buýerde daş üstünde daş galmaz, görýän zatlaryňyzdanhiç zat galman, hemmesi weýran bolar» diýdi. 7 OlarIsadan: «Mugallym! Bu zatlar haçan bolar? Bularyň boljakmahalynda nähili alamat peýda bolar?» diýip soradylar.8 Isa: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldamasyn! Köpler Meniňadym bilen gelip: „Men — Şolduryn“ we „Wagt golaýlady!“diýerler. Olaryň yzyna düşmäň. 9 Uruşlar hem gozgalaňlarbarada habarlar eşideniňizde gorkmaň. Bu zatlar öňürtibolmalydyr, emma entek dünýäniň soňy däldir» diýipjogap berdi. 10 Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Millet millete,patyşalyk patyşalyga garşy çykar. 11 Aýry-aýry ýerlerdegüýçli ýer titremeler, açlyk hem gyrgyn keseli, gorkunçwakalar, gökden uly alamatlar bolar.12Emma buhadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler.Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäplisizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.13 Bu bolsa şaýatlyk etmek üçin size bir pursat bolar.14 Emma siz özüňizi nähili gorajakdygyňyzy öňünden gaýgyetmezligi ýüregiňize düwüň. 15 Munuň üçin Men size sözhem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç birimuňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler. 16 Sizeene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyzhem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler. 17 Mensebäpli hemmeler sizi ýigrener. 18 Emma saçyňyzyň birtary hem kemelmez. 19 Berk duruň, şonda janyňyzy halasedersiňiz. 20 Goşunlaryň Iýerusalimi gabandygyny görençagyňyz, onuň weýran ediljek wagtynyň golaýlandygynybiliň. 21 Şonda Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn, şäheriňiçindäkiler çyksyn, töweregindäkiler şähere girmesin.22 Sebäbi şol günler ähli ýazylanlaryň berjaý bolmagy üçinjeza günleridir. 23 Ol günlerde göwreli aýallaryň we çagaemdirýänleriň dat gününe! Sebäbi ýurda äpet bela-beterleriner, bu halk gazaba duçar bolar. 24 Olar gylyçdan geçiriler,ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Kesekimilletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýerbilen ýegsan ederler.25Günde, Aýda we ýyldyzlardaalamatlar peýda bolar. Ýer ýüzünde milletler deňiz hemtolkunlaryň gürrüldisi zerarly başagaý bolup, galagoplugadüşerler. 26 Adamlar gorkudan, dünýäniň başyna gelýänbetbagtçylyklara garaşmakdan ýaňa huşlaryny ýitirer,20sebäbi asman jisimleri lerzana geler. 27 Şonda olar YnsanOglunyň bulut içinde gudrat hem beýik şöhrat bilengelýänini görerler. 28 Bu zatlar amala aşyp başlanda,başyňyzy galdyryp, ýokary serediň, sebäbi gutulyşyňyzgolaýlap gelýändir».29 Isa olara bir tymsal aýtdy: «Injire, ähli agaçlara serediň.30 Olaryň ýapraklandygyny görüp, tomsuň golaýlandygynyöz-özüňizden bilýärsiňiz. 31 Şonuň ýaly hem, bu wakalaryňbolanyny göreniňizde, Hudaýyň Şalygynyň golaýlandygynybiliň. 32 Size dogrusyny aýdýaryn: bu zatlar bolýança, bunesil dünýäden ötmez. 33 Asman bilen ýer öter, emma Meniňsözlerim asla ötmez. 34 Ägä boluň! Aýşy-eşret, ser<strong>hoş</strong>lyk,ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol günduzak kimin duýdansyz üstüňizden iner. 35 Çünki ol güntutuş ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň her biriniň üstünden iner.36 Bu boljak wakalaryň baryndan gaçyp gutular ýaly weYnsan Oglunyň huzurynda durup biler ýaly, hemişe oýabolup, Hudaýa dileg ediň».37 Isa gündizlerine ybadathananyň howlusynda halkaöwrederdi, gijelerine bolsa şäherden daşary çykyp, Zeýtundagynda geçirerdi. 38 Ir säher bilen ähli halk Onuňgürrüňlerini diňlemek üçin ybadathana gelerdi.22-nji bapÝudas Iskariýotyň Isa haýynlyk etmegi1 Ine, Pesah diýlip atlandyrylýan Petir baýramyýakynlaşypdy. 2 Ýolbaşçy ruhanylar bilen dindarlarIsany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdangorkýardylar. 3 Şeýtan Onkileriň biri bolan ÝudasIskariýodyň kalbyna girdi. 4 Ýudas ýolbaşçy ruhanylar bilenserkerdeleriň ýanyna baryp, Isany nädip olaryň eline salypberjekdigi barada maslahatlaşdy. 5 Olar hem begenişip, oňapul bermäge razy boldular. 6 Ýudas olar bilen ylalaşdy wehalk ýok wagty Isany olara tabşyrmak üçin, amatly pursatpeýläp gezdi.Pesah nahary7 Pesah guzusynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramyýetip geldi. 8 Isa: «Gidiň-de, biziň üçin Pesah naharynytaýýarlaň» diýip, Petrus bilen Ýohannany iberdi. 9 Olar:«Ony nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar.10 Isa olara: «Şähere gireniňizde, küýzede suw alyp barýanbir adama sataşarsyňyz. Yzyna düşüp gidiň-de, onuň girenöýüne giriň. 11 Onsoň öý eýesinden: „Mugallym sendenşägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, myhman otagynirede diýip soraýar“ diýiň. 12 Ol hem size ýokarky gatdaähli zat taýýarlanyp goýlan giň bir otagy görkezer. Şol ýerdetaýýarlyk görüň» diýdi. 13 Olar gitdiler we ähli zady Isanyňaýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar.14 Nahar wagty bolanda, Isa resullary bilen saçakbaşyna geçdi. 15 Isa olara: «Men bu Pesah naharyny ejirçekmezimden öň, siziň bilen bile iýmegi gaty arzuwedipdim. 16 Çünki Hudaýyň Şalygynda Pesah naharynyiýmek üçin hemmämiz ýygnanýançak, Men ondan gaýdypiýmerin» diýdi. 17 Isa eline bir käse alyp şükür etdide:«Muny alyň-da, içiň. 18 Size şuny aýdýaryn: Hudaýyň21.1-4: Mk 12.41-44. 21.5-23: Mt 24.1-19; Mk 13.1-17. 21.6: Lk 19.43-44; Mk 14.58; 15.29; Res 6.14. 21.7: Lk 17.20; Res 1.6.21.8: Lk 17.23; Mk 13.21; 1 Ýoh 2.18. 21.10: 2 Ýyl ýazg. 15.6; Işa 19.2. 21.12-17: Mt 10.17-21. 21.12: Res 25.24; Ýoh 16.2.21.13: Filip 1.12. 12.14-15: Lk 12.11-12. 12.16: Lk 12.52-53. 21.17: Mt 10.22; Ýoh 15.18-25. 21.18: Lk 12.7; Mt 10.30; Res 27.34;1 Şam. 14.45. 21.19: Mt 10.22; Ylham 2.7. 21.20-22: Lk 19.41-44; 23.28-31; 17.31. 21.23: Lk 23.29. 21.24: Rim 11.25; Işa 63.18;Dan 8.13; Ylham 11.2. 21.25-27: Mt 24.29-30; Mk 13.24-26. 21.25: Ylham 6.12-13; Işa 13.10; Ýowel 2.10; Zef 1.15. 21.27: Lk 9.27;Dan 7.13-14. 21.28: Lk 18.7-8. 21.29-33: Mt 24.32-35; Mk 13.28-31. 21.32: Lk 9.27. 21.33: Lk 16.17. 21.34: Lk 12.45; Mk 4.19;1 Selan. 5.6-7. 21.36: Mk 13.33. 21.37: Lk 19.47; Mk 11.19. 22.1-2: Mt 26.2-5; Mk 14.1-2; Ýoh 11.47-53. 22.5-6: Mt 26.14-16; Mk14.10-11; Ýoh 13.2. 22.7-13: Mt 26.17-19; Mk 14.12-16. 22.7: Çyk. 12.18-20 Kan 16.5-8. 22.8: Res 3.1; Lk 19.29. 22.14: Mt 26.20;Mk 14.17; Ýoh 13.17. 22.15: Lk 12.49-50. 22.16: Lk 14.15. 22.17: Mt 26.27; Mk 14.23; 1 Korint. 10.16. 22.18: Mt 26.29; Mk 14.25.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


Şalygy gelýänçä, üzüm şerabyny gaýtadan içmerin» diýdi.19 Onsoň çöregi aldy-da şükür etdi, ony döwüp, şägirtlereberip: «Bu Meniň siziň üçin pida edilen bedenimdir, munyMeni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. 20 Şeýle hemnahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziňüçin dökülen ganym arkaly baglanyşylan Täze Ähtdir. 21 Ine,Maňa haýynlyk etjek adam Meniň bilen bir saçagyň başyndaotyr. 22 Hawa, Ynsan Ogly öňünden bellenişi ýaly jan berer,emma Oňa haýynlyk edeniň halyna waý!» diýdi. 23 Olarmuny kimiň etjekdigini biri-birlerinden sorap başladylar.24 Olar öz arasynda haýsy birisiniň iň beýikdigi hakdajedelleşdiler. 25 Isa olara şeýle diýdi: «Keseki milletleriňpatyşalary halklara öz hökümini ýöredýärler, ygtyýarlyadamlary-da özlerini hemaýatkär diýip atlandyrýarlar.26 Emma siz beýle bolmaň. Araňyzda iň uly iň kiçiýaly bolsun, baştutan, goý, hyzmatkär kimin bolsun.27 Haýsysy has uly: saçak başynda oturanmy ýa-da hyzmatedýän? Saçak başynda oturan dälmi? Emma Men siziňaraňyzda bir hyzmat edýän kimindirin.28Başymdangeçiren synaglarymda Meniň ýanymda bolan sizsiňiz.29 Atamyň Meni Patyşa belleýşi ýaly, Men-de sizi patyşaedip belleýärin. 30 Siz Meniň Şalygymda iýip-içersiňiz wetagtlarda oturyp, Ysraýylyň on iki tiresiniň üstünden hökümçykararsyňyz. 31 Eý, Simun, Simun! Şeýtan sizi bugdaý ýalysowurmak üçin diledi. 32 Emma Men imanyň kemelmesindiýip, seniň üçin dileg etdim. Sen hem bir wagt öwrülipgeleniňde, doganlaryňa goltgy ber». 33 Ol: «Ýa Reb! MenSeniň bilen zyndana-da, hatda ölüme-de gitmäge taýýar»diýdi. 34 Isa: «Petrus, saňa diýýärin, sen bu gün horazgygyrmazdan öň, Meni tanaýandygyňy üç gezek inkäredersiň» diýdi. 35 Onsoň Isa olardan: «Men sizi gapjyksyz,torbasyz we çaryksyz ýollan çagym kem zadyňyz barmydy?»diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler. 36 Isa olara:«Indi gapjygyňyz bar bolsa, ýanyňyza alyň, bir torba hemalyň. Gylyjyňyz ýok bolsa, egin-eşigiňizi satyň-da, bir gylyçediniň. 37 „Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy“ diýip ýazylgydyr.Men size diýýärin: bu Men barada berjaý bolmalydyr.Dogrudan-da, Men hakda ýazylanlar berjaý bolup barýar»diýdi. 38 Şägirtler: «Ýa Reb! Ynha, bu ýerde iki gylyç bar»diýdiler. Isa hem olara: «Şol ýeterlik» diýdi.Isa Zeýtun dagynda Hudaýa dileg edýär39 Isa daşary çykyp, hemişekisi ýaly Zeýtun dagynagitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler. 40 Ol ýerebaranlarynda, Isa olara: «Synaga düşmez ýaly dileg ediň!»diýdi. 41 Özi bolsa olardan bir daş atym çete çekildi-de, dyzaçöküp: 42 «Eý, Atam! Eger isleseň, bu hasrat käsesini Mendensowa geçir! Ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amalaaşsyn!» diýip, dileg etmäge durdy. 43 Gökden bir perişdegörnüp, Ony güýçlendirdi. 44 Ol agyr gama batyp, yhlasbilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýangan damjalary ýalydy. 45 Dileg edip bolandan soň turup, Isaşägirtleriň ýanyna geldi. Olaryň uklap ýatandyklaryny gördi,olar gaýgy-hasratdan ýaňa tapdan düşüpdiler. 46 Isa olara:«Näme üçin uklap ýatyrsyňyz? Synaga düşmez ýaly, turuňda,Hudaýa dileg ediň!» diýdi.21Isa tussag edilýär47 Ol entek gepläp durka, bir mähelle peýda boldy.Onkileriň biri Ýudas mähelläniň öňüne düşüp gelýärdi.Ýudas Isany ogşajak bolup, Onuň golaýyna geldi. 48 Isa oňa:«Eý, Ýudas! Sen bir ogşuk bilen Ynsan Ogluna haýynlykedýärsiňmi?» diýip sorady. 49 Isanyň ýanyndakylar nämeboljagyny görüp: «Ýa Reb! Gylyç bilen uralymy?» diýdiler.50 Olaryň biri baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň saggulagyny kesdi. 51 Emma Isa: «Hany, bes ediň!» diýdi.Onsoň hyzmatkäriň gulagyna elini degrip, ony sagaltdy.52 Onsoň Isa Özüni ele salmaga gelen ýolbaşçy ruhanylara,ybadathananyň goragçylaryna, ýaşululara ýüzlenip: «Nämeüçin bir gozgalyňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmaküçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? 53 Men her günsiziň bilen birlikde ybadathanadakam, Meni tutmandyňyz.Emma indi bu pursat siziňkidir, tümlügiň höküm sürýänsagadydyr» diýdi. 54 Isany tutup, baş ruhanynyň öýüne alypgitdiler. Petrus hem gara görnümden olaryň yzyna düşüpgitdi.55 Howlynyň ortasynda ot ýakyp otyrkalar, Petrus-daolaryň arasynda otyrdy. 56 Petrusy oduň ýagtysyna görenbir keniz oňa içgin seretdi-de: «Bu adam hem Onuňbilen biledi» diýdi. 57 Emma Petrus: «Eý, zenan, men Onytanamaýaryn» diýip inkär etdi. 58 Az salymdan soň başga biriony görüp: «Sen hem şolardan» diýdi. Emma Petrus: «Gardaş,men olardan däl» diýdi. 59 Aradan bir sagada golaý wagtgeçensoň, başga bir adam: «Dogrudan-da, bu adam Onuňbilen biledi, sebäbi bu jelileli» diýdi. 60 Emma Petrus: «Eý,gardaş, men seniň näme aýdýanyňy bilemok» diýdi. Edil şolwagt, Petrus gepläp durka, horaz gygyrdy. 61 Reb gaňrylyp,Petrusa seretdi. Petrus Rebbiň: «Horaz gygyrmazdan öň,sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözüni ýatlady.62 Petrus daşary çykyp, möňňürip aglady. 63 Isany saklaýanadamlar Ony masgaralap, urmaga başladylar. 64 Gözünidaňyp: «Hany, welilik et! Seni uran kim?» diýip soradylar.65 Ýene-de Oňa ençeme hapa sözler aýtdylar.Isa mejlisiň öňünde66 Daň atanda, halkyň ýaşululary, ýolbaşçy ruhanylar wedindarlar ýygnanyşyp, Ony özleriniň mejlisine getirdiler.67 Olar Isadan: «Bize aýt, Sen Mesihmi?» diýip soradylar.Isa olara: «Aýtsam, ynanmarsyňyz; 68 sorasam, jogapbermersiňiz. 69 Emma mundan beýläk Ynsan Ogly gudratlyHudaýyň sagynda oturar» diýdi. 70 Olaryň hemmesi: «OndaSen Hudaýyň Ogly-da?» diýip sorady. Isa olara: «MeniňKimdigimi özüňiz aýdyp dursuňyz» diýip jogap berdi.71 Olar: «Bize mundan başga şaýatlyk nämä gerek? Biz munyOnuň Öz dilinden eşitdik ahyry» diýişdiler.23-nji bapIsa Pilatusyň öňünde1 Onsoň mejlisiň ähli agzalary ýerlerinden turup, IsanyPilatusyň ýanyna getirdiler. 2 Olar Isany ýazgarmagabaşladylar: «Biz bu adamyň milletimizi azdyrýandygynygördük. Ol imperatora salgyt tölemäge garşy çykýar we22.19: Mt 26.26; Mk 14.22; 1 Korint. 10.16; 11.23-26; Lk 9.16. 22.21-23: Mt 26.21-24; Mk 14.18-21; Zeb 41.9; Ýoh 13.21-30.22.24: Lk 9.46; Mk 9.34. 22.25-27: Mt 20.25-28; Mk 10.42-45; Ýoh 13.3-16. 22.26: Lk 9.48. 22.28-30: Mt 19.28.22.28: Lk 4.13; Ýewr. 2.18; 4.15. 22.29: Mk 14.24; Ýewr. 9.20. 22.30: Mk 10.37; Ylham 3.21; 20.4. 22.31: Eýýup 1.6-12; Amos 9.9.22.32: Ýoh 17.15; 21.15-17. 22.33-34: Mt 26.33-35; Mk 14.29-31; Ýoh 13.37-38. 22.35: Lk 10.4; Mt 10.9. 22.36: Lk 22.49-50.22.37: Isa 53.12. 22.39: Mt 26.30; Mk 14.26; Ýoh 18.1. 22.40-46: Mt 26.36-46; Mk 14.32-42; Ýewr. 5.7-8. 22.40: Lk 11.4.22.42: Mk 10.38; Ýoh 18.11; 5.30. 22.47-53: Mt 26.47-56; Mk 14.43-49; Ýoh 18.3-11. 22.49: Lk 22.38. 22.53: Lk 19.47.22.54-55: Mt 26.57-58; Mk 14.53-54; Ýoh 18.12-16. 22.56-62: Mt 26.69-75; Mk 14.66-72; Ýoh 18.16-18,25-27. 22.61: Lk 7.13; 22.34.22.63-65: Mt 26.67-68; Mk 14.65; Ýoh 18.22-24. 22.66: Mt 26.57; Mk 14.53; Lk 22.54.22.67-71: Mt 26.63-66; Mk 14.61-64; Ýoh 18.19-21. 22.70: Lk 23.3; Mt 27.11. 23.1: Mt 27.1-2; Mk 15.1; Ýoh 18.28. 23.2: Lk 20.25.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


Özüni Mesih hem Patyşa diýip atlandyrýar». 3 PilatusOndan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isaoňa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. 4 Onsoň Pilatusýolbaşçy ruhanylar bilen halka: «Men bu adamda hiçhili etmiş görmedim» diýdi. 5 Emma olar hötjetlik edip:«Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş ýahuda halkynyöjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi»diýdiler. 6 Muny eşidip, Pilatus: «Bu adam jelilelimi?» diýipsorady. 7 Isanyň Hirodesiň welaýatyndandygyny bilensoň,Pilatus Ony Hirodesiň ýanyna iberdi, sebäbi şol wagtHirodesiň özi hem Iýerusalimdedi. 8 Hirodes Isany görüpgaty begendi, sebäbi köp wagtdan bäri Ony görmekisleýärdi. Ol baradaky eşiden ençeme zatlaryna görä, Ondanbir alamat görerin diýen umydy bardy. 9 Hirodes Ondanköp soraglar sorady, emma Isa oňa hiç bir jogap bermedi.10 Ýolbaşçy ruhanylar bilen dindarlar bolsa ol ýerde durup,Ony biragyzdan aýyplaýardylar. 11 Soňra Hirodes bilen onuňesgerleri Isany kemsidip masgaraladylar. Egnine bir nepisdon geýdirip, Pilatusyň ýanyna yzyna iberdiler. 12 Şol günPilatus bilen Hirodes dost boldy; mundan öň olaryň arasyndaduşmançylyk bardy.13 Pilatus ýolbaşçy ruhanylary, baştutanlary we halkyüýşürip, 14 olara: «Siz bu adamy meniň ýanyma halkyazdyrýar diýip getirdiňiz. Men Ony gözüňiziň alnyndasorag etdim, emma Oňa sürtýän aýyplaryňyzyň hiç birinitapmadym. 15 Ony Hirodesiň ýanyna iberdim, ol hem hiçgünä tapman, Ony yzyna iberdi. Siziň görşüňiz ýaly,Ol ölüme laýyk hiç zat etmändir. 16 Şonuň üçin hem,men Onuň temmisini berip, boşatjak» diýdi. a18 Emmaähli halk biragyzdan: «Bu adamy ýok et! Bize Barabbasyboşat!» diýip gygyryşdy. 19 Barabbas şäherde ýüze çykanbir gozgalaňa gatnaşandygy we ganhordugy üçin zyndanasalnypdy. 20 Pilatus Isany boşatmak niýeti bilen ýene-dehalka ýüzlendi. 21 Emma olar: «Ony haça çüýle! Haça çüýle!»diýip gygyryşdylar. 22 Pilatus üçünji gezek olara: «Nämeüçin? Bu adam näme jenaýat iş etdi? Men Ondan ölümjezasyna laýyk hiç zat tapmadym. Şonuň üçin hem Onyjezalandyryp boşatjak» diýdi. 23 Emma olar seslerini hasgataldyp, hötjetlik bilen Onuň haça çüýlenmegini talapetdiler we olaryň sesi üstün çykdy. 24 Şeýlelik bilen, Pilatusolaryň talabyny berjaý etmek kararyna geldi. 25 Olaryň soranadamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndanasalnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi.Isa haça çüýlenýär26 Esgerler Isany alyp barýarkalar, ekin meýdanyndangelýän kirineli Simuny tutup, arkasyna haçy ýükledilerwe Isanyň yzyndan ýöremäge mejbur etdiler. 27 Ulybir mähelle Isanyň yzyna düşüp gitdi, olaryň arasyndaOnuň üçin zaryn-zaryn aglaýan aýallar hem bardy. 28 Isaol aýallara tarap öwrülip, şeýle diýdi: «Eý, Iýerusalimgyzlary! Meniň üçin aglamaň. Özüňiz we çagalaryňyz üçinaglaň. 29 Çünki şeýle bir günler geler, adamlar: „Önelgesizaýallar, dogurmadyk ýatgylar, çaga emdirmedik göwüslerneneňsi bagtly!“ diýerler. 30 Şonda daglara: „Biziň üstümize22ýykylyň!“, depelere: „Biziň üstümizi örtüň!“ diýerler. 31 Egeradamlar gök daragta şeýle zatlar edýän bolsalar, onda gurydaragta näme bolar?». 32 Isa bilen başga iki jenaýatçyny hemjezalandyrmak üçin alyp barýardylar. 33 Olar „Kelleçanak“diýen ýere gelenlerinden soň, Isany ýaňky jenaýatçylarbilen birlikde haça çüýlediler. Jenaýatçylaryň biri Onuň sagtarapynda, beýlekisi çep tarapyndady. 34 Isa: «Atam! Olarybagyşla, sebäbi olar näme edýänlerini bilenoklar» diýdi.Esgerler bije atyşyp, Onuň eşiklerini paýlaşýardylar. 35 HalkOňa seredip durdy. Ýolbaşçylar hem Onuň üstünden gülüp:«Ol özgeleri halas etdi. Eger Ol Hudaýyň Seçip-saýlanybolsa, goý, indi Özüni hem halas etsin-dä!» diýişýärdiler.36 Esgerler hem ýanyna gelip, Ony masgaralaýardylar.Oňa turşy şerap hödür edip: 37 «Ýahudylaryň patyşasybolsaň, Özüňi halas et-dä!» diýýärdiler. 38 Onuň depesindebolsa a : „BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASYDYR“ diýen ýazgybardy. 39 Çüýlenen jenaýatçylaryň biri Oňa ýaňsylap: «SenMesih dälmi näme? Onda Özüňi-de, bizi-de halas et-dä!»diýdi. 40 Ikinji jenaýatçy bolsa muny aýdana käýäp: «SenHudaýdan gorkaňokmy? Sen hem Onuň bilen bir jezanyçekýärsiň! 41 Biz öz etmişimize laýyk adalatly jeza aldyk.Emma bu adam hiç hili erbetlik etmedi ahyry» diýdi.42 Onsoň ol: «Isa, Şalygyňa baran çagyň meni ýatlagyn!»diýdi. 43 Isa hem oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn, sen şu günMeniň bilen bile jennetde bolarsyň» diýdi.Isanyň ölümi44–45 Wagt günortana golaýlanda, Günüň ýüzi tutuldy,öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.Ybadathananyň perdesi ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi.46 Isa gaty ses bilen gygyryp: Atam! Ruhumy Seniň eliňetabşyrýaryn» diýdi-de, jan berdi. 47 Ýüzbaşy bolan wakanygörüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da,dogry adam eken!» diýdi. 48 Bu zatlara tomaşa etmek üçinüýşen ähli halk bolan wakalary görüp, döşlerini ýumruklaýýumruklaýyzlaryna gaýtdy. 49 Isany tanaýan adamlaryňbary, şeýle-de Jelileden Onuň yzyna düşüp gaýdan aýallaruzagrakda durup, bu wakalara syn edýärdiler.Isanyň jaýlanyşy50 Mejlis agzalaryndan Ýusup atly bir adam bardy. Oloňat hem dogruçyl adamdy. 51 Özi-de mejlisiň kararynawe işine razylyk bermändi. Ýusup Ýahudyýanyň Arimatiýaşäherinden bolup, Hudaýyň Şalygyna garaşýardy. 52 OlPilatusyň ýanyna baryp, Isanyň jesedini diledi. 53 OnsoňOny aşak düşürip, kepene dolap, gaýada oýulan we henizeçenli hiç kimiň jaýlanmadyk mazarynda jaýlady. 54 Bu işTaýýarlyk gününiň ahyrynda bolup, Sabadyň başlanmagynagolaýdy. 55 Isa bilen Jelileden gelen aýallar hem Ýusubyňyzyna düşüp gitdiler-de, mazary we Onuň jesediniň nähilijaýlananyny gördüler. 56 Onsoň olar öýlerine gaýdyp,ýakymly ysly tütetgiler we atyrlar taýýarladylar.Emma Hudaýyň buýrugy boýunça Sabat güni olar dynçaldylar.a 7:16 Käbir soňky golýazmalarda 17-nji aýat duş gelýär: Pilatus baýramçylyk mynasybetli halka bir adamy boşadyp bermelidi.a Käbir soňky golýazmalarda „grekçe, latynça we ýewreýçe “ diýen jümle bar23.3: Mt 27.11-12; Mk 15.2-3; Ýoh 18.29-38; Lk 22.70. 23.4: Lk 23.14,22,41; Mt 27.24; Ýoh 19.4,6; Res 13.28.23.8: Lk 9.9; Res 4.27-28. 23.9: Mk 15.5. 23.11: Mk 15.17-19; Ýoh 19.2-3. 23.14: Lk 23.4,22,41. 23.16: Lk 23.22; Ýoh 19.12-14.23.18-23: Mt 27.20-23; Mk 15.11-14; Res 3.13-14; Ýoh 18.38-40; 19.14-15. 23.23-25: Mt 27.26; Mk 15.15.23.26: Mt 27.32; Mk 15.21; Ýoh 19.17. 23.28-31: Lk 21.23-24; 19.41-44. 23.33-39: Mt 27.33-44; Mk 15.22-32; Ýoh 19.17-24. 23.34:Res 7.60; Zeb 22.18. 23.35: Lk 4.23. 23.36: Mk 15.23; Zeb 69.21. 23.41: Lk 23.4,14,22. 23.43: 2 Korint. 12.3; Ylham 2.7.23.44-49: Mt 27.45-56; Mk 15.33-41; Ýoh 19.25-30. 23.45: Çyk. 26.31-35; Ýewr. 9.8; 10.19. 23.46: Zeb 31.5.23.49: Lk 8.1-3; 23.55-56; 24.10. 23.50-56: Mt 27.57-61; Mk 15.42-47; Ýoh 19.38-42; Res 13.29 23.56: Mk 16.1; Çyk. 12.16; 20.10.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.


24-nji bapIsanyň dirilmegi1 Hepdäniň ilkinji güni a ir säher bilen aýallar taýýarlanýakymly ysly tütetgilerini alyp, mazara bardylar. 2 Olarmazaryň agzyndaky daşyň bir çete togalanandygynygördüler. 3 Mazaryň içine girenlerinde bolsa, Reb Isanyňjesedini tapmadylar. 4 Muňa haýran bolup durkalar,garşylarynda lowurdaýan lybasda iki sany adam birdenkäpeýda boldy. 5 Aýallar gorkup, başlaryny ýere egdiler.Ýaňky adamlar olara: «Siz näme üçin dirini ölüleriňarasyndan gözleýärsiňiz? 6 Ol bu ýerde ýok, Ol dirildi! Olheniz siziň bilen bilekä Jelilede özüňize aýdan zatlarynyýadyňyza salyň. 7 Ol: „Ynsan Ogly günäli adamlaryňeline tabşyrylmaly, haça çüýlenmeli we üç günden soňdirilmelidir“ diýipdi» diýdiler. 8 Onsoň Isanyň bu sözleriolaryň ýadyna düşdi.9 Aýallar mazardan dolanyp gelip, bularyň barynyOnbirlere we beýlekileriň hemmesine habar berdiler.10 Resullara bu <strong>habary</strong> ýetirenler magdalaly Merýem,Ýowanna, Ýakubyň ejesi Merýem we olaryň ýanyndakybeýleki aýallardy. 11 Emma bu sözler resullara boş göründi,olar aýallara ynanmadylar. 12 Petrus bolsa ýerinden turup,mazara tarap eňdi. Ol eglip, kepeniň boş ýatanyny gördi.Ol bolan waka geň galyp, yzyna dolandy.Isa Emmausa barýanlara görünýär13 Şol gün şägirtlerden ikisi Emmaus diýen oba barýardy.Bu oba Iýerusalimden on çakrym uzaklykda ýerleşýärdi.14 Olar bolup geçen bu wakalar hakda özara gürleşýärdiler.15 Şeýlelikde, gepleşip, pikir alşyp barýarkalar, IsanyňÖzi golaýa gelip, olar bilen bile ýöräberdi. 16 Ýöne Onytanamaz ýaly, olaryň gözleri baglanypdy. 17 Isa olardan:«Ýol bolsun! Näme hakda gürrüň edip barýaňyz?» diýipsorady. Olar gaýgyly ýagdaýda aýak çekdiler. 18 OlaryňKleýopas atlysy: «Iýerusalimde bolubam, şu günler ol ýerdebolan wakalardan bihabar gelmişek diňe Senmikäň?» diýipsorady. 19 Isa olardan: «Haýsy wakalar?» diýip sorady. Olarşeýle jogap berdiler: «Nasyraly Isa hakdaky wakalar. OlHudaýyň we ähli halkyň nazarynda sözde hem işde güýçlipygamberdi. 20 Ýolbaşçy ruhanylar bilen baştutanlarymyzOny ölüm jezasyna höküm etdirip, haça çüýlemek üçinhäkimiň eline tabşyrdylar. 21 Biz bolsa Ysraýyly halasetjek Şoldur diýip umyt edipdik. Onsoňam bu zatlaryňbolanyna üç gün boldy. 22 Üstesine, aýallarymyzyň käbirembizi haýrana goýdy. Olar şu gün ir bilen mazara baryp,23 Onuň jesedini tapmandyrlar. Olar biziň ýanymyza gelip,özlerine perişdeleriň görnendigini aýtdylar. Perişdeler Oňadiri diýýärmişler. 24 Onsoň biziňkileriň käbiri mazara baryp,ýagdaýyň edil aýallaryň aýdyşy ýalydygyny görüpdirler,emma Isany görmändirler».25 Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriňaýdanlaryna giç ynanýanlar! 26 Mesih bu görgüleri görüp,23Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi. 27 Onsoň Ol Musabilen ähli pygamberlerden başlap, hemme MukaddesÝazgylarda Özi hakda aýdylanlary olara düşündirdi. 28 Olarbarýan obalaryna golaýlanlarynda, Isa uzagrak giderligöründi. 29 Emma olar Ony saklap: «Biziň ýanymyzdagalaý, basym agşam düşer, gün ýaşyp barýar» diýdiler.Şeýlelikde, Isa olaryň ýanynda galdy. 30 Isa olar bilen saçakbaşynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olaraberdi. 31 Şonda olaryň gözleri açylyp, Isany tanadylar,emma Isa olaryň gözlerinden gaýyp boldy. 32 Olarbiri-birlerine: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bizeMukaddes Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimizýanmaýarmydy diýsene?» diýişdiler. 33 Olar turup, şolpursatyň özünde Iýerusalime dolandylar. Ol ýerde Onbirleriwe olaryň ýanynda bile üýşüp oturanlary tapdylar. 34 Bular:«Dogrudan-da, Reb dirilipdir we Simuna görnüpdir!»diýdiler. 35 Onsoň ol ikisi ýolda bolan wakalary, Isa çöregibölende, Ony tanandyklaryny gürrüň berdiler.Isa şägirtlere görünýär36 Olar heniz bu barada gürrüň berip durkalar, Isanyň Öziolaryň arasynda durup: «Size salam bolsun!» diýdi. 37 Olarruh görýändiris öýdüp, tisginip gorka düşdüler. 38 Isa olara:«Näme üçin dowla düşýärsiňiz? Näme sebäpden göwnüňizebeýle pikirler gelýär? 39 Meniň ellerime, aýaklarymaserediň. Bu Meniň Özüm! Maňa elleriňizi degrip görüň.Ruhuň et bilen süňki bolmaz, emma görşüňiz ýaly,Meniňki bar» diýdi. 40 Muny aýdyp, ellerini, aýaklarynyolara görkezdi. 41 Olar şatlykdan ýaňa henizem ynanypbilmän, haýran galyp durkalar, Isa olara: «Bu ýerdeiýmäge bir zadyňyz barmy?» diýip sorady. 42 Oňa bişirilenbalygyň bir bölegini berdiler. 43 Isa alyp, olaryň gözleriniňalnynda ony iýdi. 44 Isa olara: «Men heniz ýanyňyzdakamsize aýdan sözlerim şulardyr: Men hakda Töwratda,pygamberleriň ýazgylarynda, Zeburda ýazylanlaryň ählisiberjaý bolmalydyr» diýdi. 45 Onsoň Mukaddes Ýazgylaradüşünmekleri üçin, olaryň aňlaryny açdy. 46 Isa olara:«Mesih görgi görer we üç günden soň ölümden dirilerdiýip ýazylandyr. 47 Şeýle hem toba edip, günäleriniňbagyşlanmagy baradaky Hoş <strong>habary</strong> Iýerusalimden başlap,ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir. 48 Siz buzatlara şaýat bolarsyňyz. 49 Men hem Atamyň wada edenMukaddes Ruhuny size ýollaryn. Emma siz gökden injekgudrat bilen doldurylýançaňyz, Iýerusalimde galyň» diýdi.Isanyň göge göterilmegi50 Isa olary şäheriň daşyna çykaryp, Beýtaniýa getirdi.Onsoň ellerini galdyryp, olara pata berdi. 51 Pata beripdurka, olardan aýrylyp, göge göterildi. 52 Olar hem Oňasežde edip, uly şatlyk bilen Iýerusalime dolandylar. 53 Olarhemişe ybadatahanada bolup, Hudaýa alkyş okaýardylar.a Ilkinji gün — bu ýewreýleriň kalendary boýunça ýekşenbe günüdir.03/07/2013: Mukaddes kitap terjime ediş instituty.

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!