13.07.2015 Views

TürkmenisTandaky aýallar: ikinji sorTly raýaTlar olar diňe eden ...

TürkmenisTandaky aýallar: ikinji sorTly raýaTlar olar diňe eden ...

TürkmenisTandaky aýallar: ikinji sorTly raýaTlar olar diňe eden ...

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Çaga dogmazyň öň ýany, çaga dogrulýan bölümlere ýerleşdirilen aýallar göbek enäniň,ýagny akuşerkanyň belläp beren dermanlaryny we beýleki serur serişdeleri özleriniňýany bilen getirmeli edilýarlar. Munuň hem üstesine akuşerkalar haýsy-da bolsa biranomal, ýagny çaga dogulýan wagty adatdakysyndan üýtgeşik emele gelen ýagdaýda,çagany tebigy ýol bilen alyp bilmeýärler we köp halatlarda enesiniň garnyny (kesarewoseçeniýe) kesmek ýoly bilen dünýä inderýärler. Bu giňden ulanylýan praktika bolansoň,çaga dogurýan aýallar özlerini kesdirtmejek bolup, hassahanadaky medisina isgärlerinepul bermeli bolýarlar. Adatça akuşerkalar, aýal çaga dogurmaga düşende, onuň bilen gysgakonsultasiýa geçirip, çagany kesip almak kararyna gelýärler. Aýallaryň we lukmanlaryňbütin dünýäde, hat-da has çylşyrymly halatlarda-da, çagany tebigy usul bilen dogulsynygazanmaga çalyşýandyklaryna we bu maksatlar üçin häzirki zaman usullaryň we dermanserişdeleriň bardygyna garamazdan, Türkmenistanyň ähli çaga dogrulýan öýlerindeulanulýan iş tejribeler bir meňzeşliginde bolup, olar giňden ýaýraýar.Mydama basyş astynda bolan Türkmenistanyň medisina ulgamynyň işgärleri, eneleriňölümi bilen bagly bolan wakaly gizlemäge ýa-da olaryň sanyny kemeldip maglumatbermäge mejbur edilen. Egerde olar eneleriň ölümi barada habar ýetirseler, onda köphalatlarda özlerini tutulmak-basylmak töwekgelligine sezewar edýärler. Şu sebäpdenemkesilen, ýagny kesarewo seçeniýe edilen aýallaryň ýurt boýunça görkezilýan sanlary-dahakykata laýyk gelmeýär. Hassahanalarda käte zerurlygy bolmadyk kesip almalary geçirip,çagany dünýä inderýärler. Hassahanada aradan çykmagy mümkin bolan zenanlar, eneölümi baradaky statistikany bulaşdyryp, oňa ýaramaz täsir ýetirip biljek halatlarynda,dessine, wagtyndan öň öýlerine ugradylýan ýagdaýlary hem seýrek däl. Eger çaga dogranýa-da göwreli aýal keselhanada aradan çyksa, onda medisina işgärleri ölümiň başga birsebäpleriň netijesinde bolandygyny bahanalap, medisina ýazgylary üýtgedýärler, enäniňsaglygyna degişli bolan görkezijileri bilen dürli manipulýasiýa¸ hokgalary geçirýärler.“Çaga dogurmaly wagt ýetende, men ejem bilen bile özümize tanyş bolan akuşerkanyňgözlegine çykdyk. Şeýle akuşerkany doslarymyzyň kömegi bilen bize tapmak başartdy.Onuň bilen tanyşanymyzda, ol çaga doguranda gerek boljak zatlaryň uzyn sanawynyelime tutdurdy. Biz ol spisokdaky zatlaryň, dermalardan başlap tä ýekesapar ulanylýançaga arlyklaryna (podguznikler) çenli hemmesini ýygnadyk, üstesine-de onuň soran300 amerikan dollaryny goşmaça berdik. Haçanda çaga dünýä tarapa hereket edip,meni tutup-towlap başlanda, ýagdaýyň garaşylanyndan çylşyrymlydygy anyklandy.Şonda akuşerka meni kesmekçi, kesarewo etmekçi boldy, emma men muňa razybolmadym. Biziň aramyzda jedel turdy, ahyrynda-da akuşerka meniň bilen ylalaşdy,ýöne meniň yene-de pul bermelidigimi şert edip goýdy. Mundan soňra ol çaganytebigy ýollar bilen dogurmaga maňa kömek berdi, şol günüň özünde-de meniň ejemaýdylan puly getirip akuşerkaň eline berdi”. [Ady aýdylmaýar], aýal, 23 ýaş.Eger çaga dogulandan soň onuň bilen bir wagtda ýanyndaky eşen (plasenta) öz tebigy ýolybilen çykmadyk halatynda, onda ertesi güni aýalyň çaga ýatgydyndaky eşeni we onuňgalyndylaryny gyrçap almak praktikasy Türkmenistanda giňden ulanylýar. Beýle, köplenç(Türkmenistandaky aýallar: ikinji sortly raýatlar Olar diňe eden-etdilige sezewar bolmakda we kazyýet adylsyzlygyň öňünde deňhukukly) 39

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!