13.07.2015 Views

TürkmenisTandaky aýallar: ikinji sorTly raýaTlar olar diňe eden ...

TürkmenisTandaky aýallar: ikinji sorTly raýaTlar olar diňe eden ...

TürkmenisTandaky aýallar: ikinji sorTly raýaTlar olar diňe eden ...

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Beýle tejribede jemgyýetçilik pikiri hiç bir ýaramazlygy görenok. Nakylda aýdylyşy ýaly,aýal hakyky aýal we beýle sabyrly, çydamly bolmadyk bolsa, onda maşgalada her hiliýagdaýlar bolup biler. Baryndan hem beteri, zorluk ulanylan wakada jemgyýet pida bolanaýala wah-wah diýmegiň we oňa haýsy-da bolsa kömekdir penakärlik etmegiň deregine,mümkin boldugyndan ol pidanyň özüni günäkärli hasaplaýar.Öý zorlugyň pidasy bolanaýal köp halatlarda öz derdi bilen ekelikde galýar. Bu bolan ýagdaýdan-wakadan daşdadurmaga çalyşýän garyndaşlary, hat-da ene-atasy tarapyndan-da oňa hiç hili kömekberilmeýar.Maşgalada zorluga sezewar bolan aýal üçin, hika bozulmalar hakyndaky jemgyýetde barbolan ýazgaryjy pikirler has ähmiýetli päsgelçiligiň biri bolup galýar. Käbir aýallar ärleritarapyndan ýetirilen urgylara ýa zyna gatnaşyga mejburlanmalara çydamaly bolýarlar,çünki olar ärleriniň tabynlygynda we olardan doly garaşly bolanlary üçin, ärlerini taşlap,başga ýerlere gidip, ol ýerde galyp bilenoklar. Beýleki aýallar çagalarynyň doly maşgaladaöz kakasy bilen ýaşamak mümkinçiligi elden gidirmejek bolup, öýdäki ýüz berýän hemmesütemlere çydamaga mejbur bolýarlar. Aýallaryň arasynda, olara görkezilen zorluklaragaramazdan, öz ärlerini söýänler, olaryn eden günäsini geçmek ücin elinden geleniniedýänler hem bar. Beýleki ýurtlarda boluşy ýaly, Türkmenistanda hem maşgalada zorlugauçran aýallaryň aglabasynyň özüni alyp baryşy çylşyrymly oýlanmalar we göze dürtülipduran gapmagarşylyklar bilen häsiýetlendirilýär.“Meniň adamym işsiz we neşekeş. Ol mydama beýle däldi. Soňky üç ýylyň içinde olneşe edip başlady, ol üýtgedi, men ony indi tanamajak hem bolýan. Biziň üç çagamyzbar. Onuň bilen bile ýaşaşmak çydar ýaly bolmady. Her gün diýen ýaly ol mendehaýsy-da bolsa bir kemçilik ýa ýaramazlyk gözledi, hiç bahanasyz gykylyk turuzyp,meniň we çagalarymyň üstüne eline ilen zady zyňyp başlady. Biz öz tarapymyzazyňylan zatdan sowulyp bilmänsoň, kämahal bolsa onuň urgylaryndan soň, gözümiziwe tenimizi gögerdip gezmeli bolýas. Biz ondan gaty gorkýärdyk, emma biziň ondangaçyp gitjek ýerimiz ýok. Ene-atam meni cagalarym bilen yzyna alanoklar, çünkibeýle zat, olaryň düşünjesi boýunça, bolmaly däl zat, üstesine-de olaryň ýanyndameniň beýleki doganlarym we uýalarym ýaşaýar. Nähili bolsa-da, men ärimdenaýrylmak islämok, men polisiýa-da ýüz tutup bilemok, sebäbi äriniň üstünden arzaýazmaklyk utanç we masgaraçylyk hasaplanýar. Ärim maňa ”kimdir birine arz etseň,meni ýamanlasaň, sesiňi çykarsaň, seni öldürerin” diýip, maňa haýbat atýär. Şonuňüçin men onuň gaharyny getirmejek, gözüne-de görünmejek bolýan. Haçanda olgiç wagty oýe gelende, men çagalarymy alyp, beýleki bir otagda işigi içinden gulplapoturýan. Käte munuň kömegi degýär”. [Ady aýdylanok], bir aýal, 38 ýaş.Zorluklaryň bolan wakalary köp bolsa-da, olar äşgär edilenok. Meselem, özleriniňbaşdan geçirenlerini psihologa gürrüň bermäge mejbur bolan az sanly aýallaram, hukukgoraýjy edaralara ýüz tutmazlyk kararyna gelýärler. Seýrek ýagdaýlarda ýüz tutaýan azsanly aýallar bolsa, belli bir wagtdan soňra, özleriniň ol edaralaryna ýazan arzalaryny(Türkmenistandaky aýallar: ikinji sortly raýatlar Olar diňe eden-etdilige sezewar bolmakda we kazyýet adylsyzlygyň öňünde deňhukukly) 23

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!