13.07.2015 Views

TürkmenisTandaky aýallar: ikinji sorTly raýaTlar olar diňe eden ...

TürkmenisTandaky aýallar: ikinji sorTly raýaTlar olar diňe eden ...

TürkmenisTandaky aýallar: ikinji sorTly raýaTlar olar diňe eden ...

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Ýokary okuw mekdeplerine giren gyzlar hem durmuşdaky şeýle garaýyşlaryň täsiriniňastynda bolýarlar. 2013-nji ýylyň 8-nji martynda Magtymguly adyndaky Türkmenistanyňýaşlar guramasy uniwersitetlerde okaýan gyzlar üçin “Talyp gözeli” atly bäsleşigi geçirdi.Bu bäsleşikden reportaž beren Türkmenistanyň döwlet habar agentligi “bäsleşigegatnaşdyrylan gyzlaryň dürli tagamlary taýarlamakda, saçagy dürli işdäni açýän iýmitlerbilen bezemekde görkezen ukyplary we ussatlyklary, edilen tanslaryň we egnindäkigörmegeý owadan lybaslaryň üstüni ýetirdi” 20 diýip, mahabatlady.Haýsy işi aýallar etmeli, haýsy işleri bolsa erkekler etmeli diýilen düşünje adamlaryň aňynaýaşlykdan guýulýar. Muňa mysal hökmünde Aşgabadyň köp sanly gurluşyklaryny getiripbolar. Olarda diňe erkekleriň isleýanligi görünip dur. Erkekler tehniki işgärler hasaplanyp,gurluşyk taslamalaryň ýolbaşçysy, inžener bolup işleýärler. Şol wagtyň özünde-de aýallartam süpürüji, gap-gaç ýuwujy, ofisiant bolup işe kabul edilýar. Mahlasy, syryp-süpürmek,ýuwmak, hyzmat etmek ýaly öýdäki bitirýan işlerini, aýallar jemgyýetde-de hem ýerineýetirýärler.Aýallaryň köpüsi jemgyýetdäki beýle zähmet bölünşigi goldaýar we ony dogry diýiphasaplaýar. Ärleri olara we maşgala maliýe goldawyny berip durka, bu aýallar öý hojalykçybolup oturmaga we etmeli işleri bitirmäge razy. Emma bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly,aýallaryň hem arasynda diňe öý hojalykçy bolup ýörmäge razy bolmaýanlary-da bar. Olarüpjün etmäge adamsy bolmadyk aýallar. Mysal üçin, olar äri ýogalyp, dul galan ýa-daärleri türmede oturan, adamsy dereksiz neşekeş ya arakhor bolan ýa-da dürli sebäplerbilen durmuşa çykmadyk aýallardyr. Özlerini we maşgalasyny bu aýallaryň özlerieklemäge mejbur bolýarlar. Türkmen hökümeti öz raýatlaryna adatça gurluşyk ulgamynyeýelýan türkleriň ornuna gurluşyk bilen meşgullanmaga rugsat berip, belli bir derejedeerkekler üçin iş orunlaryň sanyny artdyrdy. Şol wagtyň özünde-de aýallar üçin iş orunlaryköpeltmek ýaly ýiti zerurlygy bolan mesele hökümeti aladalandyrmaýana meňzeýar.Köp halatlarda häzirki ýagdaý SSSR-iň döwründe giň gerim alan aýallary emansipirlemeksyýasatynyň dowamy bolup durýar. Ol agzalan döwürlerde aýallara erkekler bilen deňderejede işlemäge, olar bilen deň aýlyk gazanç etmäge mümkinçilikler berilerdi. Oldöwürlerde aýlyk-gazanç, maşgala goldawy ýaly meselelerde, erkekleriň we aýallaryňarasynda nähili-de bolsa bir balans, deňagramlylyk gazanmaga çalyşylýardy. Müňagaramazdan, şol döwürde-de belli bir derejede zähmetiň gender boýunça bölünşigibardy. Erkek adamlar esasan agyr we howply şertlerde, gijeki sagatlarda we kesgitlenensagatlardan artykmaç hem işledilerdi. Aýallaryň köp bolan pudaklarynda-da ýolbaşçywezipeleri erkekleriň eýelýan halatlary-da seýrek däldi. Zawoddyr fabriklerde, oba hojalykpudagynda we beýleki aýal-gyzlaryň köp bolan kärhanalarynda bölüm we bölümçemüdüri, baş hünärmen ýaly wezipeleri hemişe erkekler eýelärdi.20 «Ýaşlygyň we gözelligiň dabaralanmasy», http://turkmenistan.gov.tm/_eng/?id=1978 salyndy 25.03.2013.16 (REPORT 2•2013)

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!