08.03.2015 Views

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

däl nazarýetini döretdi.

Öňden belläp geçişimiz ýaly Nýutonyň nazarýetiniň çuň manysy Ýere degişli edilip alnan

bütindünýä dartylma kanundadyr. Ýeri polýuslada düşýän we ekwatorda süýündirýän merkezden

daşlaşma güýjüni göz öňünde tutup Nýuton güýçleriň täsiri astynda erkin akyp geçýän, birmeňzeş

düzümli ideal suwuklykdan duran Ýeriň aýlanma ellipsoidiniň şekiline eýe boljakdygyny aýtdy. Ol

şeýle ellipsoidiň gysylmasyny ýagny α = ( a − b) a = 1 230 hasaplady, bu ýerde a –ekwatordaky

radius, b-polýar radius.

Stoks şeýle hem ters meseläni öňe sürdi: belli bolan güýç meýdany boýunça ähli massalary öz içine

alýan dereje üsti tapmak. Emma bu mesele praktiki taýdan çözüwsizdir. Stoks hususy ýagdaý üçin,

ýagny, aýlanma ellipsoidine ýakyn kiçi gysylmasy Ýer üçin hususy çözüwi tapdy.

/ R

ξ = ∑( g0

−γ0) S( ψ)

4πγ

bu ýerde: γ 0 -agyrlyk güýjüniň sferoid şekilli. Ýer üçin bahasy g 0 -γ-agyrlyk güýjüniň hakyky we orta

bahalary, g 0 -γ 0 -agyrlyk güýjüniň anomaliýalary.

s(ψ)-nokatdan ψ polýar aralygyň käbir funksiýasy, onda ξ aňlatma gözlenýär. R-Ýeriň orta

radiusy.

Jem alnanda (goşulanda) Ýer boýunça deň paýlanan g 0 -γ 0 anomaliýalary bolmek zerurdyr.

Geoidiň ξ beýikligini bilmek üçin Ýeri meýdanlara bölmeli, bu meýdanlarda g 0 -γ 0 anomaliýalary

ölçäp, Stoksyň funksiýasyny s(ψ) hasaplar çykarmaly.

Stoksyň formulasy alnandan soňra geoid atly dereje üsti gurmak mümkinçiligi döredi. Bu bolsa

geodeziki meseleleri çözmek üçin grawimetriýa ulanylmagyna uly dykyzlanma döretdi.

Şeýlelik bilen agyrlyk güýjüniň ölçenen aňlatmalary elipsoidiň gysylmasyny – Ýeriň

figurasynyň birinji ýakynlaşmasyny we geoidiň bu ellipsoidden tapawudyny üçünji ýakynlaşmany

kesgitlemäge mümkinçilik berýärler.

§ 2. Geologiýada ulanylyşy.

Grawimetriýanyň geologiýada ulanylmagy, onuň kömegi bilen geologiki-gözleg meselelerini

çözmek (grawimetriki gözleg) bagly bolýar. Ol agyrlyk güýjüniň anomaliýalarynyň Ýer

gabygynyndaky dykyzlyklaryň paýlanyşygy bilen baglydygyna esaslanýar. Grawitasion meýdanyň

gözleg meýdanyndaky şekilini bilip anomal grawitasion meýdanyň gurluş häsiýetine baglylykda bu

anomaliýalary emele getirýän ýer gabygyndaky birmeňzeş däl dykyzlykly gatlaklaryň barlygyny

kesgitläp bolýar.

Anomal grawitasion meýdanyny kesgitleýän esasy faktorlara aşakdakylar degişlidir.

1) Ýer gabygynyň kuwwaty ýagny Mohorowiçiň araçäginiň relýefi we gabykasty maddanyň

dykyzlygynyň üýtgemegi.

2) Çökündi gatlaklaryň granit we bazalt gatlaklaryň kuwwatlarynyň aragatnaşygy, ýagny, olaryň

üçekleriniň relýefi.

3) Dykyzlyk häsiýetnamalary, ýagny, çökündi gat, petrografiki düzümiň we tektoniki gurluşyň

üýtgemeleri.

Grawimetriki maglumatlaryň interpretasiýasy hil we mukdar taýdan hem geçirilýär.

Hil interpretasiýasy berlen regiona degişli bolan ähli geologiki we geofiziki maglumatlar

boýunça we grawitasion meýdanynyň gurluş häsiýetlerine baglylykda tektoniki raýonlaşdyrma

geçirmegi göz öňünde tutýar.

Iri planda a 1 g 1 -ň regional anomaliýalaryň paýlanma häsiýeti ýer gabygynyň ösüşiniň

dinamikasyna baha berýär.

Gözlenýän jisim bilen ony özünde saklaýn jynslaryň arasynda dykyzlyk tapawudyň bolmagy

grawirazwedkanyň netijelidiginiň esasy şertidir.

Mukdar interpretasiýasy-bu gözlenýän massalaryň grawimetriki maglumatlaryň kömegi bilen

san häsiýetnamalaryny almakdyr. Olara ýatma çuňlugy, formasy, agyrlyk merkeziniň

koordinatalary, anomal massalaryň bölünme çäkleri degişlidir. Bu meseläni ýeketäk çözüwi bardyr.

Grawimetriki maglumatlaryň mukdar interpretasiýasy iki topar operasiýalara bölünýär:

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!