08.03.2015 Views

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Döwürleýin däl agyrlyk güýjüniň üýtgemeleri köp sebäpler bilen şertlendirilýärler; olara degişliler:

Ýeriň aýlanma tizliginiň periodiki däl yrgyldylary, ýertitremeler, wulkanizm, howa basyşynyň

yrgyldylary (siklonlar, antisiklonlar), ygallaryň düşmegi, topragyň çyglylygynyň we ýerasty

suwlaryň derejesiniň yrgyldylary, adamyň işjeňligi we ş.m. Olaryň täsiri esasynda döreýän agyrlyk

güýjüniň üýtgemesi belli-bir derejede duýulýar. Meselem, astronomiki gözegçiliklerde Ýeriň

aýlanma tizliginiň üýtgemeleri agyrlyk güýjüniň aýda 2-3 mkGal üýtgemesine getirýär; Tokioda

ýerasty suwlarynyň derejesiniň yrgyldamalary netijesinde ýedi ýylyň dowamynda agyrlyk güýjüniň

11 mkGal/ýy tizlik bilen azalmagy we dört ýylyň dowamynda 18 mkGal/ýyl tizlik bilen köpelmegi

hasaba alnan 1 m çuňlukly çukur gazylanda agyrlyk güýji onuň serhetlerinde takmyndan 0,05 mGal

üýtgär.

Aşakda real (hakyky) Ýer üçin agyrlyk güýjüniň daşgynly üýtgemeleriniň nazarýetine seredeliň.

Goý Ýer ideal gaty, deformirlenmeýän, R-radiusly şar, asman jisimi – m massaly material nokat

diýeliň. Şeýle çaklama daşgynlaryň statiki nazarýeti diýilýär.

Surat -17.

Ýeriň merkezi O bilen asman jisiminiň O 1 arasyndaky uzaklygy ρ bilen, asman jisimi bilen Ýeriň

ýüzündäki A nokadyň arasyndaky uzaklygy ρ΄ bilen belläliň (sur. 17). O we A nokatlarda m

massaly material nokat tarapyndan döredýän dartylma potensialy aşakdakylara deň

υ 0 =fm/ρ; υ A =fm/ρ΄

bu ýerde f-dartylma hemişeligi.

Şol nokatlarda asman jisiminiň dartma güýji Nýutonyň kanunyna laýyklykda

F 0 =fm/ρ 2

F A =fm/ρ΄2

Ýeriň ähli nokatlarynda bu güýç O 1 nokada tarap ugrukdyrylan, onuň ululygy bolsa A 1 nokatda iň

uly baha, A 2 nokatda iň kiçi baha eýedir.

F A güýji iki düzüjä dagy dalyň. Olaryň birini R radiusyň ugruna, beýlekisini bolsa oňa

perpendikulýar (gorizontal) ugurda ýerleşdireliň. Iki düzüjini hem tapmak üçin güýç bilen

potensialyň arasyndaky baglylykdan peýdalanalyň. Güýjiň islendik ugurdaky düzüjisi şol ugurda

potensialdan alnan önüme deňligi belli. υ A potensialy üçin aňlatma tapalyň. OAO 1 üçburçlykdan,

ýazarys

(ρ 1 ) 2 =ρ 2 +R 2 -2ρRcosZ (1.77)

bu ýerde Z-asman jisiminiň geosentriki zenit aralygy.

2

1 1 ⎛ R R ⎞

= 1 2 cosz

2

(1.78)

ρ ρ ⎝ ρ ρ ⎠

1/ρ΄ aňlatmany Nýutonyň formulasy boýunça R/ρ΄ gatnaşma derejeleri boýunça dargadalyň. Şonuň

netijesinde alarys

1 1

ρ ρ n=

R

ρ

= Pn

( cosα)

we V

P ( cosz)

/ n

n n

0

n

1

2

n

fm R

a ∑ ∞ = (1.79)

ρ = ρ

n

0

bu ýerde P n (cos Z) – cos Z esasly n-derejeli köpçlenler, olara başgaça Ležandryň polinomlary hem

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!