08.03.2015 Views

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

BAP-VII

Wagt aralygynda agyrlyk güýjüniň üýtgemelerini öwrenmek.

Wagtyň geçmegi bilen agyrlyk güýjüniň ululygy we ugry üýtgeýärler. Beýle yrgyldylaryň

(üýtgemeleriň) esasy periody (döwri) ýarym gije-gündize ýakyn. Bu esasanam Aýyň we Günüň

dartmasynyň täsiriniň üýtgemegi, ýagny, dartylma nokadyna görä olaryň ýagdaýynyň üýtgemegi

sebäpli bolup geçýär.

Bütindünýä dartylma kanunyna laýyklykda ähli jisimler biri-birine dartylýarlar. Diýmek biziň

birlik massamyz diňe Ýer tarapyndan däl-de, eýsem Aý, Gün we beýleki planetalar tarapyndan hem

dartylýar.Aýa seredeniňde has uzakda ýerleşen we Güne seredeniňde has kiçi massaly planetalaryň

täsiri häzirki döwür ölçeme takyklygy zerarly duýulmaýar.

Aý we Gün Ýere görä öz ýagdaýlaryny üýtgedýärler. Başga sözler bilen aýdanyňda, Ýer gijegündiziň

dowamynda edýän aýlanma hereketi zerarly Aýa we Güne dürli taraplary bilen seredýär

(öwrülýär). Täsir edýän jisime seredýän tarapynda goşmaça dartylma emele gelýär. Ol Ýeriň

merkezinden geçýän şöhle bilen ugurdaş.

Agyrlyk güýjüniň iň uly üýtgemesi Aýyň täsirinden 0,16452 mGal, Günden 0,07576 mGal. Iň

uly jemleýiji üýtgeme 0,24 mGal. Bu ululyk häzirki zaman ölçemeleriniň takyklygy bilen deň bolan

tertibe eýedir we grawimetriki işlerde göz öňünde tutulýar.

Her bir giňlik we uzaklyk üçin ýörite tablisalar düzülýär. Olarda ýylyň her bir güniniň her

sagady üçin aý-gün täsirlerinden agyrlyk güýjüniň üýtgemesi görkezilýär.

Gün gözegçilik nokadynyň üstünde ýerleşende, agyrlyk güýji kemelýär. Şol sanda potensial hem

kemelýär. Şol sebäpli hem Ýeriň figurasyny kesgitleýän dereje üsti dartma jisimine tarap

süýşýär.Daşgyn emele gelýär. Deňizdäki suw şol tarapa akyp başlaýar we onuň derejesi ýokary

galýar. Gury ýer hem biraz ýokary galýar.

Gün gözegçilik nokadyna görä 90 0 burç bilen, ýagny, gözýetimde ýerleşende, daşgyn doly

ýitýär. Gaýtgyn emele gelýär. Ýöne bir zady belläp geçmek gyzyklydyr, ýagny, Gün gözegçilik

nokadyna görä Ýeriň arka ýüzüne geçende ýene-de gaýtgyn boljak ýalydyr, emma hakykatda

daşgyn bolup geçýär. Aşakda Δg Zenit aralygyň iki bahasynda iň uly bahalara eýe bolýandygy

görkeziler. Bu hadysa, Aýyň orbita boýunça hereketi Ýeriň massalar merkeziniň süýşmesine

getirýänligi bilen şertlendirilýär.

Hereket umumy Aý-Gün massalar merkeziniň töwereginde bolup geçýär. Bu ýagdaýda ähli

massalar hem

süýşýär, şeýle hem massa näçe täsir edýän jisime (Aýa) ýakyn bolsa, şonça-da süýşme hem uludur.

Şonuň üçin Z zenitdäki massalar has köp süýşerler, olardan azrak merkezi massalar we has az

süýşme Aý nadirde ýerleşen massalar sezawar bolarlar.

Surat -16.

Aýyň täsiri zerarly dereje

üstüň iň ýokary galmasy

35,6 sm, iň uly aşak

düşmesi-17,8 sm ýetýär.

Şeýlelik bilen Aý

tarapyndan döredilen

dereje üstüniň yrgyldamalarynyň amplitudasy 53,4 sm barabardyr.

Günüň täsiri zerarly dereje üstüniň iň uly ýokary galmasy –16,4 sm aşak düşmesi –8,2 sm,

amplitudasy 24,6 sm deňdir. Günüň we Aýyň käbir kesgitli ýagdaýlarynda dereje üstüniň

yrgyldamasynyň amplitudasy 78 sm ýetýär. Eger-de Ýeriň özi absolýut gaty bolup, özüniň daşynda

agramsyz, ideal akýan suwuklyk gatlagy bar bolup we rezonans hadysasy bolup geçmeýän bolsa

daşmanyň ýokarlygy hem oňa deň bolardy. Eger-de Ýer absolýut gaty bolup suwuk gatlagy ýok

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!