08.03.2015 Views

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

§ 2. Etweşiň effekti (täsiri).

Goý gämi (P nokat) φ giňişlikde deň ölçegli υ tizlikli A azimut ugury boýunça hereket etsin (

surat 14).

Surat-14

Gämide

ornaşdyrylan

grawimetrik abzalyň görkezmesi

diňe agyrlyk güýjüniň ululygy

bilen kesgitlenmän, ol Ýeriň burç

tizliginiň wektoryna otnositel

hereketiniň ugruna hem bagly.

Gäminiň Ýere görä hereketi esasynda abzalyň kesgitlän agyrlyk güýjüniň üýtgemesine Etweşiň

effekti diýilýär. Etweşiň effektini hasaba almak üçin ölçemeleriň netijelerini gymyldamaýan esasda

gözegçilik edilen şerte getirýärler.

Ýeriň gije-gündiz aýlanmasynyň esasynda P nokadyň, ýagny, gäminiň tizligi bilen Ýeriň tizligini

goşalyň

υ 2 =υ 2 -2υ 3 υcos(90 0 +A)+ υ 3 2 .

Şonuň bilen gäminiň deňölçegli hereketinde abzala merkezden daşlaşma güýji täsir edýär.

υ 2 /R=υ 2 /R+2υ 3 υsinA/R+υ 3 2 /R

nirede R-Ýeriň orta radiusy. Formulanyň soňky agzasy Ýeriň aýlanmasynyň netijesinde dörän

merkezden daşlaşýan güýji aňladýar. Formulasynyň başga agzalary Etweşiň düzedişini emele

getirýärler.

Sferiki Ýer üçin υ 3 =Wrcosφ, 0nda

Δg e =2wυ cosφ sinA + υ 2 /R

R=6 371 m we w =7,2921x10 -5 rad/s deň bolanlygy sebäpli

Eger-de tizligi uzelde görkezsek

Δg e =4,05υ cosφ sinA + 0,0012υ 2 .

g e =7,50υ cosφ sinA + 0,0041υ 2 .

Formulanyň sag tarapynyň ikinji agzasy diňe gäminiň tizligine bagly bolanlygy üçin ol diňe

Etweşiň effektiniň merkezdendaşlaşma bölegini tutýar. Ol 1 mGal ululyga diňe 30 km/sag tizliginde

ýetip biler.Şonuň üçin hem gämileriň tizliginiň ululygynda düzetmäniň birinji agzasy esasy rol

oýnaýar. Ol korioliýe güýjüniň dik düzüjisini düzýär.

Etweşiň düzediş iň uly baha ekwatorda hereket edende, ýagny, φ=0 sinA=±1El bolýar.

§ 3. Deňiz grawimetriki sýomkasy.

Gämide ýerleşen çuňluk grawimetrler bilen deňiz grawimetriki sýomkasyny ýerine ýetirýärler.

Wehami ýa-da buýami berkidilen punktlardan ybarat bolan daýanç toryny döredýärler we 2-3 sany

grawimetr bilen hatar torynyň punktlarynda birnäçe reýsler geçirýärler. Punktlarda birnäçe hasabat

alandan soň kontrol gözegçilik üçin abzaly göterýärler we ýene-de suwuň düýbine düşürýärler.

Çuňluk grawimetrler bilen reýsleri geçirmegiň we gözegçilikleri täzeden işlemegiň gurluşy gury

ýerdäki gözegçiligiň gurluşyna meňzeýär. Gämide ornadylan radiogeodezik ulgamyň kabul ediş

indikatory bilen punktlaryň koordinatalaryny we olaryň çuňlugy bolsa eholotlar ýa-da grawimetriň

çuňluk ölçeýjisi bilen anyklaýarlar. Ölçeme dowamynda gämi ýakorda durýar. Çuňluk sýomkasy 30

m çuňlukda 7 sagadyň dowamynda 10-15 punkty anyklap bilýär we 100-150 m çuňlukda bolsa

onuň öndürijiligi 25 % kemelýär. Onuň priwýazkasynyň we ölçemesiniň ýalňyşlygy deňiziň

çuňlugynyň ulalmagy bilen ösýär. Şonuň üçin hem çuňluk sýomkasy 200-300 m çuňluk bilen

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!