08.03.2015 Views

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

BAP-V

AGYRLYK GÜÝJÜNIŇ DEŇIZDE

WE HOWADA ÖLÇENIŞI.

§ 1. Agyrlyk güýjüniň deňizde ölçenişi.

Agyrlyk güýjüni ölçemekde ýokary takyklygy diňe gaty esasda berkidilen abzal bilen amala

aşyryp bolýar, sebäbi mikronyň ondan bir bölegine deň bilen ýükiň süýşmelerini kesgitlemek talap

edilýär. Esas durnuksyz bolan mahalynda podstawkanyň gorizontal süýşmeleri maýatnigiň

yrgyldama häsiýetini, wertikal süýşmeler agyrlyk güýjüniň üýtgemeleri hökmünde täsir eder, sebäbi

dartylmalaryň tizlenmesi we podstawkanyň inersial süýşmeleri ekwiwalentdir. Bu tizlenmeleri

saýgarmak mümkin däl.

Ýöne şeýle bolsa-da hem agyrlyk güýjüni deňizde ölçemek mümkindir. Bu ýagdaýda iň ýönekeý

usul maýatnigi ýa-da grawimetri deňiz düýbine düşürmekdir. Ýeterlikli çuňlukda suwuň

tolgunmasy ýok ýerinde, agraldylan abzal yrgyldamaz. Bu maksatlar üçin aralykdan dolandyrylýan

çuňluk grawimetrleri döredilen. Häzirki döwürde bu usul bilen geçirilýän gözlegler deňizleriň şelf

zolaklarynda, 100-200 m çuňluklarda ýerine ýetirilýär. Bu işleri deňiziň has çuň ýerlerinde ýerine

ýetirmek hem mümkin, ýöne onuň üçin köp material çykdaýjylar we wagt talap edilýär, bu bolsa

olary maksada laýyk däl edýär.

Emma agyrlyk güýjüni maýatnikleriň we grawimetrleriň kömegi bilen gämide ýerine ýetirmek

mümkindir. Bu pikir golland geofiziki Weýning Maýnes tarapyndan hödür edildi.

Pikir şeýledir: eger-de podstawkada iki sany maýatnik yrgyldasa, onda gäminiň tolgunmasy zerarly

dörän wozmuşaýuşiýe tizlenmeler podstawka arkaly iki maýatnige hem deň täsir eder. Diýmek, iki

maýatnigiň gyşarmasy hem birmeňzeş bolar. Şeýlelikde gämide bir podstawkada ýerleşdirilen iki

maýatnigiň biriniň yrgyldamasyndan beýlekisiniň yrgyldamasyny aýyrsak, iki maýatnige heň deň

täsir edýän gorizontal wozmuşaýuşiýe tizlenmeler aýrylar we arassa yrgyldylar galar.

Indi usul bilen birinji ýakynlaşmada maýatnigiň hereketiniň gorizontal wozmuşeniýa aýrylar.

Gäminiň tolkunyň üstünde ýokary aşak hereketi esasynda dörän wertikal wozmuşeniýeler uzak

wagt aralygynyň içinde gözegçilik edilen ölçemeleri orta bahasyny almak arkaly aýrylar. Şeýle

yrgyldamalaryň dogry amplitudasynda we hemişelik periodynda wozmuşeniýeler orta baha almak

arkaly aýrylar, sebäbi agyrlyk güýjüniň ýokary galmadaky ulalmagy we aşak düşmedäki kiçelmegi

bilen deňagramlaşdyrylar.

Emma tejribede bu ähli işler gaty çylşyrymlydyr we agyrlyk güýjüniň tolgunmadan döreýän

wozmuşeniýeleri aýyrmak üçin (eger-de tolgunma 2-3 ball bolsa) ýörite özleşdirmeleri talap

edilýär. Bu ýagdaýda gämide ulanylýan tizlenmeleriň wozmuşeniýelerini we gyşarmalary ölçeýän

abzallar ýörite gurnama (akselerograf) bilen üpjün edilýär, abzallar gidrostabilizerlýän platformada

ýa-da kardan asmalarynda ýerleşdirilýär.

Wozmuşaýuşiý tizlenmeden başga-da hereket edýän gämide ornaşdyrylan abzala Ýeriň

aýlanmasyna ugurdaş we garşy hereketi esasynda dörän merkezden daşlaşma güýjüniň üýtgemesi

täsir edýär.Eger-de älemiň boýy boýunça Ýeriň aýlanmasyna ugurdaş bolsa, onda Ýeriň

aýlanmasynyň burç tizligine W gäminiň töwerek boýunça hereketiniň burç tizligi ΔW goşulýar.

Eger-de bu hereket Ýeriň aýlanmasyna garşy ugurly bolsa onda ΔW aýrylýar. Degişmelikde

agyrlyk güýjüniň merkezden daşlaşma düzüjisi ulalýar ýa-da kemelýär. Meridianyň boýy boýunça

herektde burç tizligi üýtgemeýär. Eger-de gämi azimut boýunça hereket etse, onda goşmaça

merkezden daşlaşma tizlenmesiniň ululygy azimutyň kosinusyna proporsional bolar. Burç tizliginiň

şeýle üýtgemesi agyrlyk güýjüniň ölçenen ululygynyň üýtgemegine getirer. Bu ýalňyşlyklaryň

çeşmesini hasaba almak üçin gözegçilikleriň netijesine ýörite düzediş ýagny Etweşiň düzedişini

girizmeli.

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!