08.03.2015 Views

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

[kwarsdan ýasalan sim], 2-leňňer (ryüag); 3-serpikdiriji aýna, 4-gozganmaýan aýnanyň

kronşteýni (esasy); 5,6 –esas kwars plastinka, 7-platinadan ýasalan halka.

Surat -9.

Leňňeriň gorizontal

ýerleşmegini 630˚ burça

towlanan sapak üpjün edýär. Q

arkaly aýlanma burçy bellenen,

α arkaly – ýapgytlyk burçy,

τ-sapagyň towlanma koeffisiýenti, l-leňňeriň egni, m-onuň massasy. Deňagramlylyk deňlemesi

aşakdaky görnüşde ýazylýar.

Qτ=mlgcosα (1.67).

Eger-de sistema (ulgam) başga bir nokada (g 1 ) geçirilse, onda Q we α üýtgärler, ýagny, (1.67)

deňlemä derek alarys

(Q+δQ)τ=mlg 1 cos(α+δQ) (1.68).

Leňňere berkidilen aýnany öňki ýagdaýyna getirmek üçin leňňeri Δα burça ýapgytlandyrmaly.

Onda alarys

Qτ= mlg 1 cos(α+δQ+Δα) (1.69)

Şeýlelik bilen, agyrlyk güýjüniň Δg ulalmagy, gorizontal tekizlige görä ýapgytlyk burçy Δα

ululyga ulalar.

Metalliki grawimetr kwarsly grawimetrden düýp-göter tapawutlanýar. Onuň maýyşgak

sistemasynyň (ulgamynyň) hereketli elementi agyrlyk güýjüniň üýtgemegi netijesinde, has kiçi

süýşmeleri amala aşyrýar. Metalliki grawimetrleriň nazarýetinde (teoriýasynda) deformasiýalaryň

agyrlyk güýjüne proporsionaldygy kabul edilendigi mälim. Şoňa görä

l=l 0 =(1/τ) mg (1.70)

Differensirläp, maýyşgak sistemanyň hereketli elementi P

bilen agyrlyk güýjüniň tizlenmesiniň üýtgemeginiň Δg arasyndakybaglanyşygy alarys.

dl/l-l 0 =dg/g (1.71)

Bu ýerde dg=1 mGal bolanda dl süýşme 10 -6 (l-l 0 ) deň bolar. Eger-de pružiniň uzalmasy l-l 0 10

sm deň bolsa, süýşme 0,1 mkm deň bolar. Hereketli elementiň süýşmelerini hasaba almak üçin, kiçi

süýşmeleriň indikatorlary diýip atlandyrylýan gurluşlar ulanýarlar. Bu maksatlar üçin, 100-lerçe

esse ulaldýan, optiki mikroskoplary ulanýarlar.

Maýyşgak sistemanyň statiki deňagramlylyk ýagdaýyna temperaturanyň we daşky sredanyň

dykyzlygynyň üýtgemegi täsir edýärler, olaryň täsirini ýok etmek (deňagramlaşdyrmak) üçin

grawimetrlerde ýörite gurluşlary ulanýarlar.

Mehaniki grawimetrler aşakdaky esasy düzüm böleklerinden durýarlar:

1) maýyşgak sistema (ulgam); 2) kiçi süýşmeleri hasaba alýan gurluş; 3) agyrlyk güýjüni

deňagramlaşdyrýan we ölçemek üçin ulanylýan gurluş; 4) diapazon gurluş (ölçeme çäklerini

saýlaýan gurluş); 5) temperaturany deňagramlaşdyrýan gurluş; 6) atmosfera basyşynyň täsirini

deňagramlaşdyrýan gurluş.

Grawimetrleriň beýleki gurallara görä kesgitli üstünlikleriniň barlygyna seretmezden olar käbir

uly kemçiliklere eýedirler. Bu kemçilikleriniň esasylarynyň biri-wagtyň geçmegi bilen maýyşgak

sistemanyň metarialynyň häsiýetleriniň üýtgemegidir. Ol bolsa grawimetriň ölçemeleriniň

hasabatynyň (otsçýotynyň) üznüksiz üýtgäp durmagyna getirýär, şol sebäpli hem iş başlamazdan

ozal her bir guraly kalibrowka edip durmak zerur bolýar.

Metalliki grawimetrler ulanylýan maýyşgak sistemanyň görnüşine görä üç topara bölünýärler.

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!