08.03.2015 Views

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

BAP-IV

§ 1. Grawimetriýada agyrlyk güýjüniň otnositel ölçemeleri.

Grawimetrler, agyrlyk güýjüni statiki usul bilen otnositel ölçemeler geçirmek üçin ulanylýar.

Olarda agyrlyk güýji täsir edýän jisimiň deňagramlylyk ýagdaýy fiziki kompensasiýa arkaly emele

gelýär.

Hemişelik massaly jisime täsir edýän agyrlyk güýjüni deňagramlaşdyrýan we agyrlyk güýjüniň

üýtgemelerini jisimiň süýşmesine öwürýän gurluş-grawimetriň duýujy elementidir.

Gurluşyna baglylykda tereziler belli bir kesgitli maýyşgak reaksiýa eýedirler. Pružiniň uzalmagy,

ryçagyň öwrülmegi; massanyň süýşmegi we ş.m. şeýle reaksiýalara degişlidir. Bu reaksiýanyň

agyrlyk güýjüniň meýdanynyň üýtgemesine (ösdürmesine-priraşeniýe) bolan gatnaşygyna pružinli

tereziniň mehaniki duýgurlygy diýilýär. Duýgurlyk reaksiýanyň, meýdanyň güýjenmesine görä

alnan, önümi bilen häsiýetlendirilýär.

Dx/dg, bu ýerde x-reaksiýa, g-meýdanyň güýjenmesi. Şeýle grawimetrleriň işleýişi agyrlyk

güýjüni kompensirlenýän (deňagramlaşdyrýan) güýç bilen deňeşdirmäge we olaryň tapawudyny

ölçemäge esaslanýar.

8-nji suratda görüşimiz ýaly; l 0 başlangyç uzynlykly pružine m massaly P ýuk asylypdyr.

Agyrlyk güýjüniň täsiri astynda pružin l uzynlyga süýnýär.P ýuk mg agyrlyk güýjiniň we pružiniň

maýyşgak deformasiýasynyň güýjiniň τ(l-l 0 ) täsirleriniň netijesinde statiki deňagramlylyk

ýagdaýyna eýe bolýar.

(τ-pružiniň çyzyklaýyn gatylyk

koeffisiýenti). Bu statiki deňagramlylyk

ýagdaýy P ýuk bilen gaty berkidilen, R

indeks bilen belleýärler. Agyrlyk

güýjüniň mΔg ululyga üýtgemegi,

pružiniň uzynlygyň üýtgemegine we P

ýuküň Δl ululyga süýşmegine getirer.

Ýüküň çyzyklaýyn süýşmegi agyrlyk

güýjüniň üýtgemesiniň ölçegi bolup

hyzmat edýär.

Surat-8

Kompensirleýän güýjüň häsiýetine görä, grawimetrler üç topara (klasa) bölünýärler:

1) gazly grawimetrler, olarda agyrlyk güýji gazyň maýyşgaklyk güýji bilen deňagramlaşdyrylýar;

2) mehaniki grawimetrler olarda deňagramlaşdyrýan güýç, jisimleriň (pružinleriň we towlanan

sapaklaryň) maýyşgak deformasiýasynyň güýjüdir;

3) elektromagnit güýçleri ulanmaga esaslanan grawimetrler.

Häzirki zaman grawimetrleriň aglaba köpüsi mehaniki grawimetrlerdir: olaryň duýuş elementine

maýyşgak sistema (ulgam) diýilýär, ony eredilen kwarsdan ýa-da metallaryň erginlerinden

ýasaýarlar. Şonuň esasynda mehaniki grawimetrler kwarsly we metally grawimetrlere bölünýärler.

Kwarsly grawimetr. Onuň maýyşgak sistemasy (ulgamy) eredilen kwarsdan ýasalýar. Aýlanma

(towlanma) sapagyň (simiň) uzynlygy 15 sm. Leňňeriň başyna serpikdiriji aýna berkidilen, onuň

ýanynda kronşteýnde (esasda) gozganmaýan aýna ýerleşdirilen.

Gözegçilik edilende ştrihleri (inçe çyzygyň şekilleri) bu aýnalarda gabat gelýär. Sistema (ulgam)

bütinleý içi suwuklykdan doldurlan we germetiki ýapylan gaba salynýar, gabyň özi bolsa ikileýin

termostatda ýerleşdirilýär. 9-njy suratda kwarsly grawimetri görkezilen: 1-kwars sapagy (simi)

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!