08.03.2015 Views

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Köplenç kanun hökmünde pružinlerde we sapaklardaky deformasiýalaryň maýyşgak güýjüni we

magnit meýdanynda ýerleşen tokly geçirijä täsir edýän güýji ulanýarlar.

Bu usul hemişe otnositel usuldyr. 0,1 mGal takyklyk bilen agyrlyk güýjüni ölçemek üçin,

uzynlygyň ölçeme takyklygy ilkibaşdaky uzalmanyň 10 -7 bölegine, ýagny, mikronlara deň bolmaly.

Dartylan sapagyň yrgyldy ýygylygyny ölçeme prinsiplerine esaslanan agyrlyk güýjüni

kesgitlemegiň usullary tarly (sapakly) grawimetrlerde ulanylýar. Bu abzallarda sapagyň (taryň)

effektiw uzynlygy wajyp orna eýedir. Ony real şertlerde ölçemegiň çylşyrymlylygy sebäpli abzal

grawimetriki sýomkada ulanylmaýar.

Ondan başgada birnäçe – wariometrler, gradiýentometrler ýaly abzallar hem bardyr. Olar agyrlyk

güýjüniň ikinji önümlerini W xy , W Δ , W xz , W yž kesgitlemek üçin ulanylýarlar.

Agyrlyk güýjüni kesgitlemegiň takyklygy alnan netijeler boýunça çözüljek meselelere baglydyr.

Oňa esaslanyp aşakdaky takyklykla talap edilýär:

-Regional meýdanlar öwrenilende we ýer gabygynyň düzümi kesgitlenende Δg 5-10 mGal

-geodeziki meseleleriniň köpüsi çözülende –0,02-0,5 mGal.

Grawimetriki daýanç torlarynda we wagt aralygynda agyrlyk güýjüniň üýtgemesini anyklamak

üçin absolýut we otnositel meýdan ölçemeleriň iň ýokary takyklygy, ýagny, 0,01-0,10 mGal talap

edilýär.

Ondan ýokary takyklyk (1 mkGal).

Priliwnyýe wariasiýalary kesgit lemekde diňe stasionar abzallara amala aşyrylýar.

Grawimetriki maglumatlary geodeziýada ulanmak üçin olardaky sistematiki ýalňyşlyklar

tötänleýin ýalňyşlyklarda has kiçi bolmagy zerurdyr. Bu şert ýerine ýetmeýän wagtynda grawitasion

meýdanyň beýleki elementlerini (meselem, asmanyň gyşarmasyny) we nokatlaryň koordinatalaryny

kesgitlände uly ýalňyşlyklara getirýär. Şol bir wagtda hem agyrlyk güýjüniň hemişelik ululyga

üýtgemegi anomaliýalaryň geologiki interpretasiýasynyň netijelerine täsir etmeýär.

Köplenç grawimetriki ölçemeleriň takyklygyny ýokarlandyrmak üçin birnäçe abzal ulanýarlar

ýa-da ölçemeleri birnäçe gezek gaýtalaýarlar.

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!