08.03.2015 Views

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

Grawimetriýa. Okuw gollanmasy

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Tejribede (önümçilikde) bu işler aşakdaky ýaly ýerine ýetirilýär.

Ýeriň fiziki üstüniň A nokadynda ölçeme işleri geçirilenden soňra agyrlyk güýjüniň bahasyny

hasaplama ýollary bilen geçirme üstüniň A΄ nokadyna geçirýärler.

Bu geçirme dürli ýollar bilen amala aşyrylyp bilner.

Häzirki döwürde üç sany usul has giň ýaýran.

1. Iň adaty usul – A we A΄ nokatlaryň arasyndaky agyrlyk güýji gös-göni ölçemek. A nokada çenli

burawlanan guýyda, grawimetriň kömegi bilen ýerine ýetirilýär. Bu reduksiýa Preýiň

reduksiýasy hem diýilýär. Preýiň reduksiýasyny teoretiki ýol bilen hem amala aşyryp bolar.

2. Has ýönekeý usul – haçanda A we A΄ nokatlaryň arasynda hiç hili massalar ýok bolan

ýagdaýynda, ýagny, nokatlaryň ýagdaýy diňe beýiklik boýunça tapawut edýär. Agyrlyk

güýjüniň beýiklige baglylygy bellidir, diýmek A nokatdan A΄ nokada geçirmek üçin, ölçenen g

ululyga girizmeli düzediş A nokatdaky bahany 0,3086 deň bolan haýsydyr bolsa bir

koeffisiýente ýönekeý köpeltmek ýetikdir. Şeýle reduksiýa Faýa tarapyndan ilkinji sapar

girizilipdir. Faýanyň reduksiýasyna boşlukdaky reduksiýa hem diýilýär.

Δg=0,3086(H-h) (1.57)

3. Bugeniň reduksiýasy – grawiki barlag usulynda (grawirazwedkada) has giňden ulanylýar.

Bugeniň reduksiýasy hökmünde düzlüklerde – aralyk gatlak üçin, daglyklarda – aralyk gatlak we

ýakynda ýerleşen relýef üçin girizilýän düzedişli erkin howadaky reduksiýa düşünilýär.

Δg B =0,3086H-0,0418σH (1.58)

Agyrlyk güýjüniň anomaliýasy umumy ýagdaýda aşakdaky ýaly ýazylyp bilner.

Δg=Δg H +0,3086H+δg-γ (1.59)

bu ýerde g H -gözegçilik edilip tapylan agyrlyk güýji.

δg-reduksiýany häsiýetlendirýän düzediş, 0,3086H - beýiklik üçin reduksiýa (Faýa). γ – agyrlyk

güýjüniň normal bahasy.

Geodeziki grawimetriýada beýiklik üçin reduksiýa ýeketäk zerur bolan reduksiýadyr. Beýleki

ähli reduksiýalar Ýeriň şekili baradaky nazarýetiň esasy kanunlarynyň bozulmagyna getirýär.

Meselem Ýeriň umumy massasy baradaky kanunyň bozulmagyna getirýär. Emma geologiki

meseleleri çözmek üçin bu bozulmalaryň täsiri ýok.

§ 4. Agyrlyk güýjüniň tizlenmesini we onuň potensialynyň ikinji önümini ölçemegiň usullary.

Agyrlyk güýjüni kesgitlemek absolýut we otnositel görnüşde bolup biler:

Absolýut – bu beýleki nokatlarda haýsy-da bolsa ölçemelere bagly däl ýagdaýynda berlen

nokatda agyrlyk güýjüniň doly ululygyny ölçemek. Onuň birligi [sm s -2 ], şonuň üçin bolsa iki

ululygy, ýagny, uzynlyk we wagt ululyklary ölçemeklik zerurdyr. Bu bolsa diňe dinamiki usullary

arkaly ýerine ýetirilýär.

Tarmanyň ilkinji sekundynda jisimiň takmynan 4,9 m geçýänligi üçin, ragty ~10 -8 -10 -9 s

takyklykda ölçemek talap edilýär. Bu ýagdaý bolsa usuly giňden ulanmaklyga ýol bermedi.

Otnositel (differensial) – bu beýleki bir daýanç nokady hökmünde kabul edilen nokada görä, bir

nokatda agyrlyk güýjüniň tapawutlaryny we gatnaşyklaryny ölçemek. (bu ýagdaýda daýanç

nokadynda agyrlyk güýjüniň ululygy belli bolmaly).

Agyrlyk güýjüni ölçemeklik üçin köp sanly fiziki hadysalar ulanylýar (jisimiň erkin gaçmasy,

maýatnigiň yrgyldysy, dartylan taryň yrgyldysy we ş.m.). Şeýlelikde ölçemegiň usullary 2 görnüşe

bölünýärler: dinamiki we statiki.

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!