Grawimetriýa. Okuw gollanmasy
Grawimetriýa. Okuw gollanmasy
Grawimetriýa. Okuw gollanmasy
Create successful ePaper yourself
Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.
irligi – metr – kripton gazynyň atomynyň energetiki geçişlerde şöhlelendirýän ýagtylygynyň

tolkun uzynlygy bilen aňladylýar. Tolkun uzynlygyny ýokary takyklyk bilen ölçemeklik üçin

interferension usullary we optiki

generatorlary (lazerleri) peýdalanýarlar. Ölçeme takyklygy öňki mikroskoplary we mikrometrleri

ulanmaga esaslanan usullara garanda 2-3 tertibe ulaldy.

Matematiki (ideal) maýatnigiň yrgyldama döwri tükeniksiz hatar görnüşinde aňladylýar.

2

2

l ⎡ ⎛ 1 ⎞

2 α ⎛ 1,3 ⎞ 4 α

T = π ⎢1

+ ⎜ ⎟ sin + ⎜ ⎟ sin + Κ ⎥

g ⎢⎣

⎝ 2 ⎠ 2 ⎝ 2,4 ⎠ 2 ⎥⎦

(I.40)

bu ýerde l-maýatnigiň uzynlygy, α-gyşarma burçunyň iň uly bahasy (yrgyldama amplitudasy).

Fiziki maýatnigi üçin uzynlyk getirlen uzynlyk bilen çalşyrylýar.

l=I 0 /aM (I 0 -maýatnigiň yrgyldama okuna görä inersiýa momenti, a-yrgyldama okundan agramyň

merkezine çenli bolan aralyk, M-maýatnigiň massasy).

Tejribede gyşarma burçunyň kuwwatlylygy sebäpli (köplenç α≤30′) hataryň ähli agzalary,

üçünjiden başlap (sin 4 α/2) taşlanylyp bilner, ikinji agzasy bolsa amplituda üçin düzediş döwür

kesgitlenenden soňra goşulyp bilner. Onda

l

T = π

(I.41).

g

Eger-de ähli ölçeme interwalyny yrgyldylaryň sanyna bölmek bilen alnan, T döwri we getirlen l

uzynlygy ölçeseň, şol nokatdaky agyrlyk güýjiniň absolýut bahasyny tapýarys

2

4π

l

g = (I.42).

2

T

T we l kesgitlemegiň talap edilýän takyklygyna baha bermek üçin, agyrlyk güýjiniň

tizlenmesiniň absolýut bahasyny 1mGal takyklyk bilen kesgitlemek talap edilýär diýeliň, onda ol

Δg/g≤10 -6 deň bolan otnositel ýalňyşlyk berýär. Logarifmirläp we differensirläp, tapýarys

Δg/g= Δl/l=2 ΔT/T

(I.43).

Bu deňligiň çep tarapy 10 -6 kiçi bolmak üçin, sag tarapyň her agzasy hem bu ululykdan kiçi

bolmagy zerurdyr. Maýatnigiň getirlen uzynlygy 25 sm we doly yrgyldama döwri 1 sek deň

bolanynda, T = π l g gelip çykyşy ýaly. l ululygy 0,2 mk-dan ýokary takyklyk bilen T periody

2x10 -7 sek takyklyk bilen ölçemek zerurdyr. Bu bolsa örän çylşyrymly meseledir, aýratynam l

ululygy berlen takyklyk bilen ölçemeklik has çylşyrymly bolup durýar, eger-de göze görünýän

ýagtylygyň tolkun uzynlygy 0,5 mk deňligini göz öňünde tutsak. Ondan başga-da maýatnige

temperatura, daşyndaky howa we beýleki faktorlar täsir edýär, bu bolsa ähli mümkin bolan täsirleri

göz öňünde tutmaklygy talap edýär we ölçemeleri has çylşyrymlaşdyrýar. Bu sebäpler biziň

döwrümize çenli geçirlen absolýut ölçemeleriň öz arasynda baglanyşsyzlyklaryň emele gelmegini

şertlendirdiler.Baglanyşsyzlyklar absolýut ölçemeler geçirlen punktlaryň arasynda geçirlen otnositel

ölçemeleriň kömegi bilen ýüze çykaryldy.