08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

taslamalaşdyrmak, maliýeleşdirmek, iş, bahalandyrmak we informatizirlemeklige

gözegçilik ýaly ugurlar, biznes-prosesleri we aýratyn edaralary dolandyrmak bilen

bir hatarda umumy standartlaşdyrmakdan bähbit alyp bilerler, ony bolsa bu esaslar

durmuşa geçirýärler.

Standartlaşdyrmak boýunça MOGAHA-nyň işleri 1990-njy ýyllaryň

informatizirlemek prosesleriniň ýolbaşçylygy bilen bilelikde amala aşyryldy.

MOGAHA sistematiki usulda administratiw kodlary belgiledi, degişli ýüztutmalar

ulgamy bilen maglumatlaryň modelini girizdi, hem-de spesifikasiýalaryň

standartlaşdyrylmagyny, aýratyn hem HK ýaly aýratyn informasion ulgamlar üçin

öňe sürdi. Standartlaryň umumy administratiw kodlary döredildi, 2005-nji ýylyň

ýanwaryna çenli kodlaryň 211 görnüşi standartlaşdyryldy.

Ondan başga-da, 1987-nji ýylda köp wezipeli ofis enjamlary, olaryň iki ýyllyk

esasda, hemişe täzeden seredilmek mümkinçiligi bilen standartlaşdyryldylar. Şeýle

bolsa-da, bu tagallalar, 2001-nji ýylda elektron hökümetiň döredilen 11 esasy

ýörelgeleri üçin ýeterlik bolmadylar. Elektron resminamalar ulgamlaryny

standartlaşdyrmagyň birnäçe synanyşyklary edildi, emma döwlet edaralarynda

informatizirlemegiň ähli prosesiniň standartlaşdyrylmagy işgärler düzüminiň

ýetmezçiligi sebäpli tamamlanyp bilinmedi.

Elektron hökümet baradaky kanuna laýyklykda elektron hökümetiň

standartlaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmak üçin MOGAHA informasion resurslary

dolandyrmak taslamasyndan standartlaşdyrmak prosesini aýyrdy. Aýratyn üns

administratiw standartlaryň kodlaryna, köp wezipeli ofis enjamlaryna we elektron

resminamalara berildi, hem-de häzirki wagtda maglumatlaryň administratiw

bazalarynyň ählumumy standartlaşdyrylmagy boýunça ýolbaşçylyk ýörelgeleri

işlenilip düzülýärler.

Standartlaşdyrylan koda ýetmek üçin informasiýa her aýratyn edaranyň

administratiw kodlarynyň prioritetligi tertibinde ýygnalýar. Kodlary

konsolidirlemegiň tapgyrlaýyn meýilnamasy bar: kodlaryň 10 göterimi 2006-njy

ýylda birleşdirilmeli, 60 göterimi – 2007-nji ýylda we 30 göterimi – 2008-nji

ýylda.

Ondan başga-da, 1990-njy ýylda döredilen standartlaşdyrylan administratiw

kody derňemek we gowulandyrmak meýilnamalary bar, ony standart administratiw

kody döretmek üçin esas hökmünde ulanmak islenilýär. Bu tagallalary goldamak

üçin 2006-njy ýylyň ýanwarynda maglumatlar bazalarynyň garalama warianty

döredildi, ol şol ýylyň maýynda 57 sany merkezi döwlet edaralarynyň

informatizirlemek üçin jogapkär wekilleriniň duşuşygynda tamamlanyldy. Häzirki

wagtda administratiw informasion maglumatlar bazasy 14 döwlet edarasy

tarapyndan ulanylýar.

94 Modul 3: Elektron hökümeti ulanmak

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!