08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

mugallymlaryň işiniň öndürijiligini 25 göterim artdyrmak boldy. Ene-atalar üçin

bahalar goýlan tabelleri, hasaba alynmak we ýurtda okuw jaýyny tamamlandygy

barada şahadatnamalary almak has ýeňil bolmalydy. Giň jemgyýetçiligiň

agzalary öz mekdep maglumatlaryna Internediň üsti bilen elýeterlilik almalydyrlar,

bu mekdep we öý bilen arada özara bilelikdäki hereketiň nokady bolup gulluk eder.

Mekdep ýerli tory (LAN) we Internete elýeterlilik – IKT-i bilimde ulanmak.

IKT-i başlangyç we orta mekdeplerde ulanmak boýunça toplumlaýyn meýilnama

(1997-2002-nji ýyllar) başlangyç we orta mekdeplerde IKT oblastynda sowatlylyk,

bilimlere esaslanan 21-nji asyryň informasion jemgyýetinde adamlaryň döredijilik

resurslaryny ösdürmekde aýrylmaz bölek hökmünde seredilýär. Şonuň üçin,

umumymilli bilim beriş informasion ulgamy döredilenden soňra, mekdep ýerli

torlaryny gurmak amala aşyryldy we ýurt boýunça 10 000 mekdebe Internede

elýeterlilik berildi.

1997-nji ýylda 346 mekdepde ýerli torlary gurmak (ähli mekdepleriň 3,6

göterimi), 1999-njy ýylda – 4902 mekdepde (42,8 göterim) we 2000-nji ýylda

10064 mekdepde (100 göterim) tamamlandy, bu meýilnamalaşdyrylmakdan iki ýyl

öň bolup geçdi. Internede elýeterliligi bermek hem möhletinden öň tamamlanyldy.

2000-nji ýylyň iýulynda Bilim we adam resurslaryny ösdürmek Ministrligi,

Informasiýa we kommunikasiýa Ministrligi we Koreýa-Telekom Internede

birikdirilmegi üpjün etmek üçin maliýe goldawyny berdiler. Bu gün Koreýa

Respublikasynyň ähli mekdepleri milli informasion supermagistrala (Nationwide

Information Superhighway - Pubnet) ýa-da Koreýanyň Bilim beriş toruna

birikdirildiler.

Başlangyç we orta mekdeplerde IKT-i ulanmak boýunça Toplumlaýyn

meýilnamanyň 2002-nji ýylda başlanan ikinji fazasy toruň goýberijilik ukybyny

iň bolmanda 2 Mbit/s çenli artdyrmagyň hasabyna IKT-iň mekdep

infrastrukturasyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu bir hususy kompýutere

öwrenijileriň-talyplaryň düşýän sanyny hem azaldar, multimediýa enjamlaryny

çalşar we gorap saklar.

Başlangyç we orta mekdeplerde kompýuter laboratoriýalaryny guramak

öwrediji gurşawy döretdi, onda öwrenijiler özbaşdak okamak ukyplaryny ösdürip

bilerler. Koreýa Respublikasynyň hemme ýerleri boýunça 340 000 mugallymlara

berlen hususy kompýuterler olara multimediýany we Internedi öz sapaklarynda

ulanmak mümkinçiligini berdi, hem-de olary mekdepleri informatizirlemäge

işeňňir gatnaşmaga höweslendirdiler. Bilimde, ýokary kär derejeli adam

resurslaryny taýýarlamakda, okuw-usulyýet materiallaryny işläp düzmekde we

ýaýratmakda IKT-i ulanmagy höweslendirmek üçin fiziki esas goýlupdy.

87 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!