08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

amala aşyrdy. Taslamanyň maksady ähli ÝHE-laryna gowy we has çalt hökümet

hyzmatlaryny bermegi üpjün etmek üçin kompýuterleşdirilmek boýunça olaryň

tagallalarynda kömek bermekden ybaratdy. Taslama ähli ÝHE-ler üçin websaýtlary

işläp düzmegi we olary elektron hökümetiň goşundylary bilen üpjün

etmegi öz içine alýar, hususan-da, gozgalmaýan emlägiň salgyt ulgamy bilen

(eRPTS), biznesi alyp barmaga rugsatnamalary we ygtyýarnamalary bermegiň

ulgamy bilen (eBPLS) we hazynanyň işini dolandyryş ulgamy bilen (eTOMS).

Taslama ÝHE-leriň 99,5 göteriminiň öz hususy saýtlaryny işläp düzmegini

üstünlik bilen gazandy. Emma bu saýtlaryň käbirleri olaryň 2002-nji ýylda

döredilen pursadyndan başlap täzelenmediler, saýtlaryň köpüsi ÝHE-ler barada

diňe standart informasiýany berýärler (meselem, taryhy, topografiýany, dolandyryş

edaralarynyň düzümini) we elektron hökümetiň haýsy hem bolsa bir hyzmatyny

bermeýärler.

Ondan başga-da, ÝHE-leriň hiç birisi hem 2005-nji ýylda e-LGU taslamasy

tamamlanan wagtynda eRPTS-i doly işe goýbermediler. Tenderiň ýeňijisine pilot

oblastlarynyň birinde eRPTS-i işläp düzmegi we diklemegi tabşyrmak göz öňünde

tutulýardy, şol bir wagtda bolsa MHM ulgamy beýleki ÝHE-larynda diklemek

bilen meşgul bolardy. Emma, ulgam işlenilip düzülendäki dürli problemalardan

başga-da, programma üpjünçiligini düzlemek, maglumatlar bazalaryny gurmak,

işgärler düzümini okatmak boýunça ÝHE-leriň çekmeli goşmaça çykdajylar

netijede ornaşdyrmakda togtamaklyga getirdi. Dogrusyny aýdanyňda, her ÝHE

öz eRPTS ulgamyny mugt alýan wagtynda, doly funksional ulgama eýe

bolmaklyk mugt bolup çykmady.

e-LGU taslamasyny ýerine ýetirmek merkezleşdirilendi we ýokardan

aşaklygyna ýerine ýetirilýärdi. Bu aşakdakylar barada şaýatlyk edýär: (1) hostingi

we websaýtlaryň mazmuny üçin gözegçiligi üpjün etmek ÝHE-lerde düýp

tutmady; (2) ÝHE-ler üçin IKT goşundylaryny saýlap almak girdejileri almagyň

üç ulgamy bilen çäklendirilendi; hem-de (3) işlenilip düzülen ulgam üçin işläp

düzüjileriň jemgyýetçiligi däl-de, şertnama boýunça hakyna tutulan diňe bir işläp

düzüji jogapkär boldy.

Eger-de, onda kontente has uly gözegçilik ÝHE-e berlen we Internedi

ulanmakdan artykmaçlyklara üns bermek bilen işlenilip düzülmeklige köp

resurslar jemlenen bolanda, durmuşa geçirmegiň prosesine has köp gatnaşyjylar

goşylyşanda, taslamanyň netijeleriniň başgaça bolmagy has ähtimaldy. Ondan

başga-da, ÝHE we beýleki guramalar elektron hökümetiň degişli goşundylaryny

taslamalaşdyrmaklyga we işlenlip düzülmegine çekilip bilnerdiler, şol bir wagtda

bolsa umumymilli edara ÝHE-ler arasynda maglumatyň alyş-çalşygyny üpjün

etmek maksady bilen maglumatlar bazasynyň arhitekturasy üçin bitewi

standartlary işläp düzerdi.

82 Modul 3: Elektron hökümeti ulanmak

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!