08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

gullukçylaryna ýükleri hem peseltdi. Häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary

hasabatlar ulgamyna birikdirildi, bu netijeliligiň we takyklygyň artmagyna getirdi.

1237 sany obýektiň standartlaşdyrylmagyndan soňra 18 merkezi ministrlikleri

we dolandyryşyň ýerli edaralaryny birikdirmek üçin maglumatlary alyş-çalyşyň

kanaly gurnaldy. Jemi alanyňda sifrleýin görnüşe döwlet hyzmatlarynyň 751

görnüşi geçirildi we hyzmatlaryň 48 görnüşi G2C portala birikdirildi, indi olar

Internediň üsti bilen elýeterlidirler.

Şäher/okrug/etrap administrasiýasynyň işini gowulandyrmak üçin 1998-nji ýyl

we 2003-nji ýyl aralygy döwründe şäher/okrug/etrap administrasiýasynyň

informatizirlenilmegi boýunça taslamanyň çäklerinde 21 sany administratiw işçi

prosesi sifrlenildi. 2003-nji ýylda şäher, okrug we etrap dolandyryş edaralary

ozal oba administrasiýalary tarapyndan ýerine ýetirilýän rezidentleriň hasaba alnyş

proseslerini dolandyrmagy hem öz üstüne dolulygyna aldy.

Biznes-prosesleriň täzeden gurnalyş wagtynda we 2005-nji ýylda sifrlemek

taslamasy üçin ISP wagtynda şäher/okrug/etrap derejelerinde ýerli elektron

hökümetiň maksatlary we meseleleri takyklanyldylar, hem-de bolsa 20 sany öňe

sürülýän taslamalar kesgitlenildiler. Bahalara görä, 2897 sany resminamalar

sifrleýin görnüşe geçirildiler we umumy elýeterlilik üçin goýuldylar, şonuň bilen

bitewi serwisiň (one-stop) işe goýberilmeginiň mümkinçiligini berdi, hem-de

birnäçe edaralara barmagyň gerekdigini azaltdy. Ondan başga-da, MOGAHA-nyň

üstüne (2008-nji ýylda MOPAS-a täzeden at berildi) informasion ulgamyň

tapgyrlaýyn işlenilip düzülmek hem-de olary 2012-nji ýylda 234 ýerli

administratiw edaralarda ýaýbaňlandyrmak meselesi ýüklenildi.

Öň beýan edilişi ýaly, Koreýa Respublikasynyň ýerli elektron hökümeti teklip

etmek, işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça tagallalary çylşyrymly proses bolup

durýar. Ähli taslama sikliniň dowamynda dürli soraglara seretmek gerekdir.

Aşakda Filippinleriň mysaly getirilýär.

Filippinlerde e-LGU taslamasy

Ähli hökümet edaralaryna, ýerli häkimiýet edaralaryny (ÝHE) hem öz içine

almak bilen, döwlet operasiýalarynda elektron serişdeleri ulanmagy belleýän

elektron telekeçilik barada kanuny kabul etmeklige jogap hökmünde Filippinleriň

Milli hasaplaýyş Merkezi (MHM) 2002-nji we 2005-nji ýyllar aralygynda ýerli

dolandyryş edaralarynda elektron dolandyryş taslamasyny (e-LGU) işe goýbermegi

81 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!