08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

elektron infrastrukturasyny ornaşdyrmak ýoly bilen netijelilik ýokarlandyryldy we

ilata hyzmat etmek gowulandyryldy.

Surat 17. Koreýa Respublikasynda dolandyryşyň ýerli edaralarynyň

kompýuterleşdirilen ulgamynyň konsepsiýasy

(Çeşme: Kompýuterleşdirmek boýunça Milli Agentlik, Koreýada elektron hökümet

(Seul: Kompýuterleşdirmek boýunça Milli Agentlik, 2002), 47,

http://unpan1.un.org/intradoc/groups/public/documents/APCITY/UNPAN023903.pdf)

Koreýa Respublikasynda dolandyryşyň ýerli edaralaryny sifrleýin görnüşe

özgertmek 1997-njy ýylda şäherler, okruglar we etraplar üçin ählumumy

administratiw informasion ulgam üçin esasy meýilnama taýýarlanylanda başlandy.

2000-nji ýylda dört şäherde pilot ulgamy şowly aprobasiýadan geçenden soňra ol

bütin ýurt boýunça ýaýbaňlandyryldy we häzirki wagtda 232 şäheri, okrugy we

etraby gurşap aldy. Raýat petisiýalaryny bermek, hasaba almak we gaýtadan

işlemek indi tutuş ýurt boýunça elýeterlidir, raýatlar üçin bolsa kiosklar diklenidli,

ol ýerde olar şahadatnamalary bermek boýunça 37 dürli hyzmatlara elýeterlilik

alyp bilerler.

Raýatlar üçin ýerli elektron hökümetiň ulgamynyň artykmaçlygy kagyz işiniň

göwrüminiň we degişli döwlet edaralaryna baryp görmeleriň sanynyň ep-esli

azalmagyny öz içine alýar. Bu, öz gezeginde, biznese-gönükdirilen döwlet

hyzmatlaryndan müşderä-gönükdirilen hyzmatlara geçmegi şöhlelendirýär.

Hökümetiň nukdaýnazaryndan kompýuterleşdirmek we integrasiýa merkezi

we ýerli dolandyryş edaralarynyň arasynda has jebis hyzmatdaşlygy, administratiw

ulgamy kämilleşdirmegi, netijeliligi ýokarlandyrmagy aňladýar. Meselem, Koreýa

Respublikasynda dolandyryşyň 18 umumy oblastlarynda 904 işçi prosesleriň

awtomatlaşdyrylmagy işçi proseduralaryň netijeliligini ýokarlandyrdy, şol bir

pursatda bolsa operasiýalary dublirlemegiň öňüni almagyň hasabyna döwlet

80 Modul 3: Elektron hökümeti ulanmak

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!