08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Koreýa Respublikasynda elektron telekeçilik

2006-njy ýylda Koreýa Respublikasynda elektron telekeçiligiň göwrümi

413,584 trillion koreý wonuna ýetdi, ol 2005-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 15,4

göterim artmak bolup durýar. Operasiýalaryň her görnüşiniň paýy ymykly

üýtgemedi, özi hem B2B-iň paýy azaldy, B2G bolsa käbir derejede artdy.

Elektron telekeçiligiň Koreýa instituty tarapyndan Koreýa Respublikasynda

4000 kompaniýalaryň arasynda 2006-njy ýylda geçirilen içerki elektron biznesiň

ýagdaýy boýunça derňewler kompaniýalaryň 36,7 göterimi töwereginiň häzirki

wagtda elektron operasiýalary (elektron telekeçiligiň has giň kesgitlenilmegi)

amala aşyrýandygyny, ýa-da telekeçilik transaksiýalary üçin bir ýa-da ondan köp

prosesleriň kompýuterleriň ýa-da torlaryň kömegi bilen amala aşyrylýandygyny

görkezýär.

Milli statistiki gullugyň maglumatlary boýunça 2006-njy ýylda B2B

transaksiýalarynyň göwrümi geleşikleriň umumy göwrüminden 88,5 göterimi

düzdi. B2B transaksiýalaryndan satyn alyş transaksiýalary 71,9 göterimi

düzýärler, satyjylar tarapyndan transaksiýalar bolsa – 23,5 göterim, bu bolsa

bazaryň uly paýynyň entek hem alyjylara degişlidigini görkezýär. Elektron

telekeçilikde broker transaksiýalary geleşikleriň umumy göwrüminden 4,5

göterimi düzdi, bu öňki ýyl bilen deňeşdireniňde uly bolmadyk artmaklygy

görkezýär.

2002-nji we 2005-nji ýyllar aralarynda ep-esli paýy eýelän gurluşyk

şertnamalary 2006-njy ýylda B2B bazarynda harytlary we hyzmatlary satyn

almaga gezek gelende uly bolmadyk bölege gysgaldylar – bu 5 ýyl üçin birinji

gezek bolup geçdi. Merkezi administratiw edaralar, ýerli döwlet guarmalary we

bilim bölümleri ýaly döwlet strukturalarynyň gatnaşmagy bilen B2B bazary 34,436

trillion koreý wonuny düzýär.

2006-njy ýylda onlaýn dükanlaryň sany 2005-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 4

göterim artdy we 4531-e ýetdi. Bu sandan 4297 sanysy ýa-da 94,7 göterimi

ýöriteleşdirilen dükanlar bolup durýarlar we diňe 5,3 göterimi uniwersal

dükanlardyrlar. Oňa garamazdan, operasiýalaryň göwrümi nukdaýnazaryndan

71,1 göterim ýa-da 9,5707 trillion koreý wony möçberindäki gymmat uniwersal

dükanlar tarapyndan ýerine ýetirildiler, bu 2005-nji ýyldakydan köp, galan 28,9

göterimi bolsa ýöriteleşdirilen dükanlar tarapyndan ýerine ýetirildiler.

Operasiýalaryň görnüşleri boýunça derňew ýerine ýetirilende onlaýn dükanlar

48,7 göterim (2208) düzdi, torda hem, oflaýnda hem işleýän dükanlaryň sany

bolsa 51,3 göterimi (2323) düzdi.

72 Modul 3: Elektron hökümeti ulanmak

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!