08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Halkara elektron söwdasy üçin infrastrukturany döretmek. Daşary ýurt

elektron bazarlary baradaky maglumat halkara elektron söwdasyna hemaýat

bermek üçin peýdalydyr. Beýle maglumat resminamany, katalogy we haryt

standartlaryny öz içine almalydyr. Ondan başga-da, hökümet halkara

geleşiklerinde mümkin bolup biljek jedelleri çözmäge kömek berip biljek

ýöriteleşdirilen hyzmatlary bermelidir.

Elektron söwda Internetde ulanylyp bilinýän halkara söwdasynyň

awtomatlaşdyrylmagynyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek ýoly bilen kagyz

ulanmaýan halkara söwdasy üçin şertleri döredýär. Koreýa Respublikasynda

maglumatlary elektron alyş-çalyş ulgamlary (EDI – electronic data interchange)

hökümet tarapyndan ähli eksportýorlar boýunça paýlanylýarlar we halkara

söwdasynyň awtomatlaşdyrylmagy üçin mümkin bolup biljek päsgelçilikler aradan

aýrylýarlar. Halkara söwdasy bilen baglanşykly, şol sanda, araçylyk, şertnamalar,

tölegler we logistikany hem öz içine almak bilen, ähli prosesleri gaýtadan işlemek

üçin elektron söwdanyň global tory boýunça taslama meýilnamalaşdyrylýar. Tory

beýleki Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň halkara söwdany awtomatlaşdyrmak

ulgamlary bilen baglanyşdyryp, Koreýanyň hökümeti ähli halkara treýderler

(söwdagärler) üçin elektron söwda gurşawyny gurmagy tama edýär.

KOK-lary informatizirlemäge hemaýat. Koreýanyň hökümeti prioritetleriň

biri hökmünde Koreýa Respublikasynda ähli kompaniýalary Internede birikdirmegi

we ähli ýurt boýunça elektron biznesiň bazasyny giňeltmegi kesgitledi. Bu maksat

bilen hökümet Koreýa Respublikasynda KOK-lara Internede elýeterliligi almaga

we amaly goşundylarynyň serwis-prowaýderleriniň teklip edýän integrirlenen

gulluklarynyň üsti bilen IT-i ornaşdyrmaga kömek edýär. Elektron biznesi

goldamagyň ählumumy ulgamy, şonuň ýaly-da, konsentrirlenen senagat

toplumlarynda hyzmatlary bermek hem meýilleşdirmek derejesinde dur,

Senagat informasiýasyny ýaýratmak ulgamyny gurmak alnyp barylýar, ol

Koreýa Respublikasynda 30 000 KOK-lara öz konkurensiýa ukyplylygyny

ýokarlandyrmaga we informasiýany almaga çykdajylary peseltmäge kömek eder.

Maglumatlar bazalary we integrirlenen gözleg ulgamlary agyr senagat we

elektronika ýaly esasy pudaklarda işlenilip düzülmelidirler. KOK-lara kiçi

masştablarda B2B görnüşli elektron telekeçilik jemgyýetleriniň assosiasiýalaryny

guramak hem maslahat berilýär.

71 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!