08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

OKUW MODULLARYNYŇ TAPGYRY BARADA

Häzirkizaman ―maglumat asyrynda‖ maglumata ýönekeý elýeterlilik biziň

ýaşaýyş, iş we dynç alyş keşbimizi üýtgedýär. ―Sifrleýin ykdysadyýet‖, ol

―bilimler ykdysadyýeti‖, ―torlaýyn ykdysadyýet‖ ýa-da ―täze ykdysadyýet‖

hökmünde hem belli, harytlary öndürmekden ideýalary döretmäge geçmek bilen

häsiýetlendirilýär. Bu ykdysadyýetde we umuman alanyňda tutuş jemgyýetde

maglumat we kommunikasion tehnologiýalarynyň (IKT) rolunyň baştutanlygyny

bolmasa-da, artmaklygyny nygtaýar.

Netijede tutuş dünýäde hökümetler ösüş maksatlary üçin IKT (IKTÖ) has uly

ünsleri berýärler. Bu ýurtlaryň hökümetleri üçin IKTÖ diňe bir IKT senagatynyň

ýa-da ykdysadyýetiň sektorynyň ösmeginde däl-de, eýsem sosial, şonuň ýaly-da

syýasy ösüşi höweslendirmek üçin IKT-iň ykdysadyýete girizilmeginden

ybaratdyr.

Şonda-da, IKT oblastynda syýasaty işläp düzmekde hökümetiň duçar bolýan

kynçylyklary bilen bir hatarda, syýasaty işläp düzüjileriň köplenç özleriniň milli

ösüş maksatlary üçin ulanýan tehnologiýalary bilen tanyş däl bolmak fakty hem

bardyr. Hiç kimiň tanyş däl zadyny dolandyryp bilmejekdigi sebäpli köp

syýasatçylar IKT oblastynda syýasaty işläp düzmekden gaça durýarlar. Emma IKT

oblastynda syýasaty işläp düzmegi ―tehnarlara‖ bermek hem dogry däldir, sebäbi

köplenç olarda tehnologiýalary işläp düzmegiň we ulanmagyň berjek syýasy

netijeleri barada düşünjeler ýok.

IKT Akademiýasynyň döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin modullarynyň

tapgyry BMG-yň Ösüş maksatlary üçin Informasiýa we Kommunikasiýa

Tehnologiýalary boýunça Aziýa-Yuwaş okean okuw Merkezi (UN‒APCICT)

tarapyndan aşakdakylar üçin işlenilip düzüldi:

1. IKT oblastynda syýasaty işläp düzmek üçin jogapkär umumymilli we ýerli

derejeli dolandyryş syýasatçylary;

2. IKT esasynda amalyýetleri işläp düzmek we ornaşdyrmak üçin jogapkär

döwlet wezipeli adamlary;

3. Döwlet sektorynyň IKT serişdelerini taslamalary dolandyrmak üçin

ulanmaga ymtylýan ýolbaşçylary.

Modullaryň tapgyrlary IKTÖ bilen syýasat, şonuň ýaly-da tehnologiýa

nukdaýnazaryndan bagly bolan amaly ähmiýetli soraglar bilen tanyşdyrmaga

ymtylýar. Maksat IKT boýunça tehniki gollanmany işläp düzmekden däl-de,

eýsem, häzirkizaman sifrleýin tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine ýa-da onuň

haýsy ugurda ösjekdigine, hem-de syýasy çözüwleri işläp düzmek üçin onuň

nämäni aňladýandygyna gowy düşünmegi üpjün etmekden ybaratdyr. Modullarda

7 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!