08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

depozitar hyzmatlaryň Internet-söwdasy amala aşyrylanda maglumatlaryň

howpsuzlygy baradaky sorag hem aýgytlaýjy rola eýedir.

Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň halkara söwda hukuk oblastynda

esasy ýuridiki edarasy bolan BMG-iň halkara söwdasynyň hukuk soraglary

boýunça Iş topary (UNCITRAL –United Nations Commission on International

Trade Law) elektron söwda barada unifisirlenen kanuny taýýarlady. Hususan-da,

UNCITRAL 1996-njy ýylda elektron söwda barada UNCITRAL-yň nusgalyk

(tipleýin) kanunyny taýýarlady, 2001-nji ýylda elektron gollar barada UNCITRALyň

nusgalyk (tipleýin) kanunyny taýýarlady, 2005-nji ýylda halkara şertnamalarda

elektron habarnamalaryny ulanmak barada BMG-yň Konwensiýasyny taýýarlady.

Birnäçe ýurtlarda eýýäm kabul edilen bu resminamalar, adatça, standartlar

hökmünde seredilýärler, serhetaşa operasiýalarda öňünden aýdyp bolunmaklyga

we elektron KHBS-lere ynamy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu

resminamalar elektron habarnamalar barada diskriminasiýa ýol bermezlik, kagyz

we elektron nusgalaryň arasynda funksional ekwiwalentlik, hem-de tehnologiki

bitaraplyk ýaly ýörelgelerde gurulýarlar. Ondan başga-da, halkara söwdasynyň

hukugynyň araçylyk (arbitraž), satyn almalar we transport ýaly dürli oblastlardaky

UNCITRAL-yň beýleki resminamalary hem bu oblastlarda elektron köpçülikleýin

habar beriş serişdelerini ulanmaga degişli düzgünleri özlerinde saklaýarlar.

Elektron telekeçiligiň esasy aýratynlyklarynyň biri kiçi we orta kärhanalary

(KOK) ösdürmek üçin ―biznes-biznes‖ (B2B) görnüşli transaksiýalary döretmek

bolup durýar. Hökümede kiçi bisnesde elektron kommersiýany ösdürmek üçin

ultrabeýik ýygylyklary ulanýan aragatnaşygyň simsiz torlary ýaly gerekli bolan

binýatlaýyn infrastrukturany gurmak gerekdir, hem-de bolsa aragatnaşygyň mobil

torlary, emele hemra we köpçülikleýin eşitdiriş torlary ýaly bar bolan

infrastrukturany berkitmek gerekdir. B2B görnüşli elektron telekeçilikde

hökümete elektron tölegler, logistika, howpsuzlyk, elektron söwdanyň global

torlary we hukuk soraglary ugurlarynda hyzmatlary döretmek we bermek gerek.

B2B görnüşli elektron telekeçiligi öňe sürmek. B2B görnüşli elektron

telekeçilik ähli biznes-işewürligiň informatizirlenilmegi ýoly bilen öndürijiligi we

aýdyňlygy artdyryp biler, hem-de bolsa bilelikdäki elektron telekeçiligi (ccommerce

– collaborative commerce) höweslendirmek üçin bitewi önümçilik

zynjyrynda ýerleşýän firmalaryň arasynda maglumaty alşyp-çalyşmaga we

hyzmatdaşlyga hemaýat berip biler. С-telekeçilik biznes model bolup durýar, onda

kompaniýa öz ulgamlaryny öz üpjün edijileriniň we hyzmatdaşlarynyň ulgamlary

bilen bütin Internet boýunça birleşdirýär. Ol B2B goşundylarynyň köpsanlysy

bilen goldanylýar, olar üpjün etmeleriň zynjyrynda esasy biznes-prosesleri

69 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!