08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

elýeterlidigini kepillendirýär, hem-de ol dürli wezipeleri, şol sanda wirtual

leksiýalary, okatmak prosesini guramak we täze mazmuny işläp düzmek we

ygtyýarnamalaşdyrmak üçin okuw serişdelerini özünde saklaýar.

Sekiz sany moduldan ybarat başdaky tapgyr we olaryň Akademiýanyň sebit,

sebitden daşary we milli maslahatlarynyň çäklerinde okadylmagy köp adamlaryň

we guramalaryň işe wepalylygy we başlangyçly gatnaşmagy bolmasa mümkin

bolmazdy. Men Akademiýanyň uçurymlarynyň we döwlet pudaklaýyn

edaralaryndan, okuw jaýlaryndan biziň hyzmatdaşlarymyzyň, hem-de

Akademiýanyň maslahatlaryna gatnaşan sebitleýin we milli guramalaryň

tagallalaryny we ýeten sepgitlerini bellemek üçin bu mümkinçilikden peýdalanmak

isleýärin. Olar modullaryň mazmunyna gymmatly goşant goşmakdan başga, has

wajyp zat, olar öz ýurtlarynda Akademiýanyň tarapdarlaryna öwrüldiler, onuň

netijesinde IKTÖ AÝOM we milli, sebitleýin edaralaryň ‒ hyzmatdaşlaryň

birnäçesiniň arasynda Akademiýanyň kurslaryny kämilleşdirmek we ýurtlarda

regulýar kurslaryny geçirmek maksatlary bilen ylalaşyklar baglaşyldy.

Ondan başga-da, men bu adaty däl syýahaty mümkin eden köp öňdebaryjy

adamlaryň özüni aýamazdan görkezen tagallalaryna aýratyn minnetdarlygymy

aýtmak isleýärin. Bu Şahid Akhtar, Akademiýanyň taslamasynyň maslahatçysy;

Patrisia Arinto, redaktor; Kristina Alikul, goýberiji redaktor; Akademiýanyň

modullarynyň ähli awtorlary we IKTÖ AÝOM komandasy.

Akademiýada beýan edilen gymmatly bilimleriň Aziýanyň we Ýuwaş okeanyň

ähli burçlarynda adamlaryň arasynda rezonans döredip ýaýramagy üçin IKTÖ

AÝOM we onuň ähli hyzmatdaşlary Akademiýanyň terjimesini we mazmunyny

ýerleşdirmegiň üstünde üznüksiz işlediler. Hut şu tagallalar bilen biz häzirki

wagtda Akademiýanyň rus wersiýasyny çap edýäris.

Akademiýanyň rus wersiýasyny taýýarlamak boýunça komanda

terminologiýanyň dilde häzirki wagtda ulanylýana laýyk gelmegi, nýuanslaryň we

inçelikleriň şöhlelendirilmegi, mazmunyň terjimesiniň bolsa esaslandyrylmagy

üçin köp wagty sarp etdiler. Bu manyda olar Akademiýanyň modullarynyň ikinji

awtorlary boldular. Men Informasion maglumatlaryň Gyrgyzystandaky Milli

merkezine, onuň işgärlerine olaryň özüni aýamazdan görkezen tagallalaryna we bu

başlangyja wepalylygy üçin meniň çuňňur minnetdarlygymy aňlatmak isleýärin.

Hususan-da, Almaz Bakenow, Munar Usubaliýewa, Bella Moldobaýewa, Andreý

Smirenskiý, Dmitriw Petrenko, Amanbek Bawlankulow, Emil Albanow we Meder

Mamutow tarapyndan ýerine ýetirilen ajaýyp işleri bellemek isleýärin.

Men Akademiýanyň IKT oblastynda adam resurslarynyň ýetmezçiligini

azaltmak, IKT-i ornaşdyrmak ýolunda barýerleri aradan aýyrmak, sosial-ykdysady

ösüşi tizleşdirmekde IKT-i ulanmaga hemaýat bermek we müňýyllygyň ösüşiniň

maksatlaryna ýetmekde halklara hemaýat berjekdigine çyndan umyt bildirýärin.

Heun-Suk Ri, IKTÖ AÝOM Direktory

6 Modul 3: Elektron hökümeti ulanmak

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!