08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

hökmünde gulluk edýär, onuň üsti bilen ýüz tutmalar, raýat arzalary, habarnamalar

we ätiýaçlyk tölegleri gaýtadan işlenilýärler.

Integrirlenen ulgamy ulanmak arkaly degişli ätiýaçlyk agentlikleriniň arasynda

informasion alyş-çalyşyň kömegi bilen gerekli resminamalaryň sany, gaýtadan

işlemegiň wagty we gymmaty ep-esli azaldylar, bu netijede her ýyllyk 542,3

milliard koreý wony (542,3 million ABŞ dollary töweregi) tygşytlamagy berdi.

Ulgam, garaşylyşy ýaly, ätiýaçlygyň bar bolan hyzmatlary bilen gurşalyp

alynmadyk raýatlary ýüze çykarmagy ýeňilleşdirmäge hem kömek eder.

Rezidentleri hasaba almak boýunça amaly maksatnamalar (şahsyýetiň milli

şahadatnamasy) 20

Rezidentleri hasaba almagy informatizirlemek hem elektron hökümetiň esasy

meselesi bolup durýar. Koreýa Respublikasynda bu prosess iki onýyllykdan öň her

fiziki şahsyň hasaba alynmagyna degişli ähli ýazgylary bir ýeke-täk sanawa

(reýestre) birleşdirmekden we hasaba almagyň maglumatlarynyň umumymilli

maglumatlar bazasyny döretmekden başlandy. Iki ýylyň dowamynda (1989-1990-

njy ýyllar) ähi ýurt boýunça 3678 etrap edaralarynda işleýän döwlet gullukçylary

tas 5,7 million hasaba alyş kitaplaryndan maglumatlary kompýutere elde girizdiler.

1998-nji ýylda esasy döwlet pudaklarynyň torlarynda rezidentleri hasaba almak

ulgamyny ulanmagyň hasabyna hyzmatlaryň netijeliligini gowulandyrmak üçin

rezidentleriň hasaba alnyş kartoçkalaryny bermek boýunça Merkez döredildi.

2001-nji ýylda rezidentleri hasaba almagyň ulgamy işlenilip düzüldi we umumy

ulanylyş üçin ýaýradyldy.

Rezidentleri hasaba almak ulgamy dürli amallar üçin informasiýa zerurlyk

çekýän ähli administratiw edaralar üçin torda elýeterlidir. Administratiw torlaýyn

ulgam şu esasy hyzmatlary berip bilýär: rezidentleri hasaba almagy dolandyrmak,

ýaşaýyş ýerleri boýunça salgytlary ýygnamak, başlangyç mekdebe resmi hasaba

alnyş barada habarnamany awtomatiki beriş, hasaba alnan saýlawçylaryň

sanawyny bermek. Raýatlar üçin bu birleşdirilen ulgamyň bolmagynyň

artykmaçlygy bir etrapda ýaşaýan her kimiň öz hasaba alynmagynyň tassyklanan

nusgasyny beýleki etraplaryň ofislerinden soramaga mümkinçilik berýändiginden,

salgynyň üýtgemeginiň pension, saglygy ätiýaçlandyryşyň, ulag serişdelerini

hasaba almagyň we sürüjilik şahadatnamalarynyň fondlarynyň maglumatlar

bazalaryna awtomatiki girizilýändiginden ybaratdyr.

20

Bu bölümçe Milli Kompýuterleşdirmek Agentliginiň şu işinden alyndy: e-Hökümet Koreýada (2002),

http://unpan1.un.org/intradoc/groups/public/documents/APCITY/UNPAN023905.pdf

57 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!