08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

salgyt amallaryny salgyt edaralaryna barmazdan amala aşyrmaga mümkinçilik

berýär. Ozal Milli salgyt Gullugy (NTS - National Tax Service) salgyt

habarnamalaryny poçta boýunça goýberýärdi, salgyt töleýjiler bolsa salgyt

deklarasiýalaryny doldurmak üçin NTS-e hut özleri barmaly bolýardylar. Salgyt

töleýjiler salgytlary tölemek üçin banklara barmalydylar ýa-da Internet-bankingiň

mümkinçiliklerini ulanýardylar.

Toplumlaýyn salgyt ulgamynyň maksatlary salgyt ýygymlaryny

ýokarlandyrmak, parahorlugyň öňüni almak, salgyt töleýjiler tarapyndan salgytlary

tölemegiň meýletinligini artdyrmak, öňdebaryjy salgyt administrirlenilmegini

döretmek, hem-de bolsa çalt we takyk döwlet hyzmatlaryny bermek bolup durýar.

Onlaýn salgyt ulgamy girdejilerden salgydy, korporasiýalardan salgydy,

goşulan gymmada salgydy, emläge salgydy we beýleki salgytlary gurşap alýar.

1999-njy ýyldan 2000-nji ýyl boýunça pilot taslamasy hökmünde NTS salgyt

işgärleri bilen bilelikde Seulda salgyt deklarasiýalaryny gaýtadan işlemegiň

elektron ulgamy işlenilip düzüldi, ol öz içine diňe girdejiden salgytlary we GGS-i

alýardy. 2001-nji ýylda ulgamyň gurşap alşy alkogola we ýörite aksizlere salgydy

goşmagyň hasabyna giňeldildi. 2001-nji ýylda GGS boýunça 2,12 million salgyt

ýygymlaryň otuz göterimi elektron görnüşde ýygnaldy. Elektron salgyt ulgamynyň

ulanylyş sferasy soňra giňeldildi, oňa gymmat bahaly kagyzlar bilen geleşiklere

salgytlar we gerbe ýygym girizildi. Ondan başga-da, salgytlary haýal etmän

tölemek üçin habarnama ýa-da elektron görnüşde habar bilen tölemek üçin

elektron tölegler boýunça salgyt ulgamy işlenilip düzüldi. Ondan başga-da, şahslar

we kärhanalar biznesi hasaba almak, salgytlary tölemek, iş işewürligini wagtlaýyn

togtatmak we biznesi ýapmak boýunça şahadatnamalaryň täzesini almak ýa-da

könesini täzelemek üçin onlaýn režimde arzalary berip bilerler ýa-da barlap

bilerler.

Artykmaç maglumatlary girizmegi aradan aýyrmagyň we salgyt proseslerini

tizleşdirmegiň hasabyna toplumlaýyn salgyt ulgamy işiň netijeliligini

ýokarlandyrýar we çykdajylary azaldýar. Meselem, her ýyl, garaşylyşy ýaly, elde

ýazylan habarnamalary poçta bilen goýbermegi we degişlilikde eltmegiň bu

usulynda gijä galmagy ýok etmegiň hasabyna 146 milliard Koreý wonuna (146

million ABŞ dollary) çenli tygşytlamak mümkin. Salgyt töleýjiler her ýylda ulag

çykdajylarynda we salgyt edaralaryna barmak bilen bagly şahsy wagtlarynda 300

milliard koreý wonuna (300 million ABŞ dollary töweregi) çenli tygşytlap bilerler,

şol bir wagtda bolsa NTS-iň her ýyl kagyzsyz salgyt dolandyryşynda 120 milliard

koreý wonuna (120 million ABŞ dollary töweregi) çenli tygşytlamagyna

garaşylýar.

55 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!