08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

habarnamalary ýokary ýygylykly gysga tolkunly radionyň üsti bilen Honiaradaky

Internet-kafedäki has kuwwatly radio kabul edijä geçirilýär, ol ýerde operator

elektron habarnamalary kabul edýär we olary degişli salgylara täzeden

ugrukdyrýar. Bu bir günde birnäçe gezek ýerine ýetirilýär, bu bolsa obanyň

elektron poçta stansiýasynyň operatorlarynyň we Honiaradaky Internet-kafedäki

operatoryň arasyndaky hemişelik aragatnaşygyň bolmagyny aňladýar.

Bu elektron poçta stansiýasynyň hersinde elektron habarnamalar şu görnüşde

―gaýtadan işlenilýärler‖: müşderi habaryny elde ýazylan tekst hökmünde kagyz

böleginde (adatça, ýerli Pidgin dilinde) stansiýa getirýär, ýa-da stansiýanyň

operatoryna dilden aýdýar, operator habary çap edýär we soňra ony Honiaradaky

Internet-kafe goýberýär. Her stansiýada habarlary müşderileriň atlaryndan

girizmek we goýbermek wezipelerini operatorlaryň ýerine ýetirýändigi sebäpli

PFnet gulluklaryny ulanmakda sowatsyzlyk päsgelçilik bolup durmaýar.

PFnet başda PROON tarapyndan maliýeleşdirilýärdi. Soňra PFnet AusAID,

Ýaponiýa, Ýewropa Bileleşigi, Beýik Britaniýa, Ösüşde resmi kömegi bermek

boýunça Täze Zelandiýa agentligi we Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan

maliýeleşdirmegi aldylar. Häzir özbaşdak, PFnet Honiarada ýerleşýän Obanyň

ösmegi boýunça meýletinleriň Assosiasiýasynyň (Rural Development Volunteer

Association) – hökümete degişli däl guramanyň (HDDG) alyp barmagy

astyndadyr. Tor öz içine elektron poçtanyň Süleýman adalaryndaky 14 stansiýany,

ýa-da her esasy adalarda bir stansiýany öz içine alýar. Elektron poçtanyň her

stansiýasy uly bolmadyk otagda, adatça oba keselhanasynda, jemgyýetçilik

mekdebinde ýa-da islendik beýleki elýeterli we howpsuz jemgyýetçilik ýerinde

ýerleşýär.

Çeşme: Anand Çanddan uýgunlaşdyrylyp alyndy, ―Günorta-Ýuwaş okean

sebitinde elektron hökümet: Fijiniň we Süleýman adalarynyň mysallary‖

(resminama elektron hökümetiň başlangyçlary boýunça sebitleýin Aziýa-Ýuwaş

okean maslahatynda hödürlenildi, Bangkok, Tailand, 2006-njy ýylyň 24-25-nji

apreli), http://www.apdip.net/projects/e-government/capblg/casestudies/Fiji-

Chand.pdf.

Bangladeşde Internede birikmek boýunça strategiýa ―Sifrleýin jemgyýetçilik

merkezi‖ maksatnamasyna esaslanýar, ol dört görnüşden durýar: jemgyýetçilik

informasion merkezleri (JIM), IKT boýunça oba merkezleri (OMIKT), oba

tehnologiki merkezleri (OTM), Internet-okadylyş merkezleri (IOM). 7

7

Ananya Raihan, Bangladeşde Jemgyýetçilik elýeterlilik Merkezleri ýa-da Telemerkez Hereketleri

(UNPAN e-Hökümet Aziýada we Ýuwaş okeanda, 2007), (Community Access Points or Telecentre

Movement in Bangladesh (UNPAN e-Government in the Asia and Pacific, 2007),

http://ipai.pbwiki.com/f/Annex+_A.pdf.

33 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!