08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

DÖWLET DOLANDYRYŞYNYŇ LIDERLERI ÜÇIN IKT

AKADEMIÝASYNYŇ MODULLARYNYŇ TAPGYRYNA SÖZBAŞY

21-nji asyr globallaşýan dünýäde adamlaryň artýan özara baglanyşygy bilen

häsiýetlenýär. Bu adamlaryň durmuşyny ymykly gowulandyryp we garyplygy

azaltmaga hemaýat berip biljek täze tehnologiýalaryň, zerur maglumatlara we

bilimlere elýeterliligiň giňeldilmeginiň kömegi bilen adamlaryň millionlary üçin

mümkinçilikler açylýan dünýädir. Emma bu diňe, eger-de, ösýän özara baglanyşyk

gymmatlyklaryň alyş-çalşygy, progresiň ähli halklara gulluk edýän ählumumy we

durnukly ösüş üçin eýerjeňlik we raýdaşlygy bilen ugurdaş alnyp barlan

ýagdaýynda mümkindir.

Informasion‒kommunikasion tehnologiýalaryň (IKT) ösüşi babatynda soňky

ýyllarda Aziýa we Ýuwaş okean ―üýtgeşik ýokary derejede sebit‖ boldular.

Halkara elektriki aragatnaşyk Birleşiginiň maglumatlaryna görä sebitde fiksirlenen

aragatnaşygyň müşderileriniň 2 milliarddan köprägi we mobil aragatnaşygyna

ýazylanlaryň 1,4 milliarddan köprägi ýaşaýar. 2008-nji ýylyň ortasynda diňe

Hytaýda we Hindistanda dünýäniň mobil telefonlarynyň dörtden biri bar diýlip

hasaplanyldy. Aziýa ‒ Ýuwaş okean sebitine dünýäniň Internet ulanyjylarynyň 40

göterimi düşýär we dünýäniň möçberinde 39 göterim paý bilen giň zolakly

Internediň dünýäde iň uly bazary bardyr.

Çalt tehniki progresiň fonunda köpler sifrleýin deňsizligi aradan aýyrmagyň

mümkinçiligi barada soragy özlerine berdiler. Gynansak hem, bu soraga jogap ‒

häzire çenli ―entek ýok‖. Hat-da Ženewada 2003-nji ýylda bolup geçen

informasion jemgyýetiň soraglary boýunça ýokary derejedäki Bütindünýä

duşuşygyndan (IJSÝDBD) bäş ýyl geçeninden soňra, hem-de ähli täsir galdyryjy

tehnologiki üstünliklere we sebitdäki esasy oýunçylaryň borçnamalaryna

garamazdan, aragatnaşygyň esasy serişdeleri entek hem adamlaryň agdyklyk ediji,

aýratyn hem garyplaryň elýeterliliginden daşda bolmagyna galýarlar.

Sebitiň 25 ýurdundan gowragynda, esasan hem, adalarda ýerleşýän uly

bolmadyk döwletlerde we deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlarda 100 adama

Internedi ulanyjylardan 10-dan azy düşýär, hem-de bu ulanyjylar, esasan, uly

şäherlerde toplanandyrlar, şol bir wagtda bolsa sebitdäki käbir ösen ýurtlar 100

adama Internedi ulanyjylaryň 80-den gowragyna eýedirler. Giň zolakly Internet

bilen üpjün edilişde ösen we ösýän ýurtlar bilen aradaky tapawut has-da täsir

galdyryjydyr.

Sifrleýin deňsizligi ýeňip geçmek maksatlary bilen we sebitde ählumumy

sosial-ykdysady ösüş üçin IKT-iň potensialyny durmuşa geçirmek boýunça ösýän

ýurtlarda syýasaty işläp düzüjilere öňe sürülýän meseleleri kesgitlemek, syýasaty

kabul etmek, kadalaşdyryjy-hukuk esaslary işläp düzmek, maliýe serişdelerini

bölüp bermek, hem-de bolsa IKT-senagatynyň pudagynyň we öz raýatlarynyň

3 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!