08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Instruktor üçin bellikler

―Okuw modullarynyň tapgyry baradaky‖ diýlip atlandyrylan bölümde

bellenilişi ýaly, tapgyryň bu we beýleki modullary dürli diňleýjiler üçin dürli we

üýtgeýän milli şertlerde bilimleri bermek üçin niýetlenilendirler. Bu modullar hem

doly ýa-da bölekler boýunça, dürli usullar boýunça – auditoriýada ýa-da Internediň

üsti bilen hödürlenilip bilnerler. Modullar aýratyn okuwçylar tarapyndan,

okuwçylaryň topary tarapyndan, okuw mekdeplerinde, hem-de döwlet

edaralarynyň çäklerinde öwrenilip bilner. Gatnaşyjylaryň derejesi we okuw

sapaklarynyň dowamlylygy informasiýany hödürlemegiň jikme-jikleşdirilmeginiň

göwrümini kesgitleýär.

Bu bellikler tälim berijilere modulyň informasiýasyny has netijeli hödürlemek

boýunça käbir ideýalary we teklipleri hödürleýär. Okuw çemeleşmeleri we

strategiýalar boýunça mundan buýanky görkezmeler Döwlet dolandyryşynyň

liderleri üçin IKT Akademiýasyna ugurdaş material hökmünde işlenilip düzülen,

okuw maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça gollanmada berlendirler. Ol

gollanma http://www.unapcict.org/academy salgy boýunça elýeterlidir.

Moduly ulanmak

Bu modulyň her bölümi okatmagyň maksatlaryny kesgitlemekden we ―Özüňi

barlamak üçin soraglar‖ atly soraglaryň toplumy bilen tamamlanýar. Okyjylar

meseleleri we soraglary modulyň dowamyndaky öwreniş prosesini bahalandyrmak

üçin esas hökmünde ulanyp bilerler. Her bölüm ara alyp maslahatlaşmak üçin

soraglaryň birnäçesini we amaly gönükmeleri hem özünde saklaýar, olar okyjylar

tarapyndan ýerine ýetirilip ýa-da mugallymlar tarapyndan ulanylyp bilnerler. Bu

soraglar we gönükmeler okyjylara öz tejribesine esaslanyp, mazmuny

bahalandyrmak we berlen soraglar barada oýlanmak mümkinçiligini bermek üçin

işlenilip düzülendirler.

Modulyň mazmunynyň möhüm bölegini anyk tematiki derňewler düzýär. Olar

ara alyp maslahatlaşmagy we derňewi, aýratyn hem, modulda hödürlenen esasy

konsepsiýalaryň we ýörelgeleriň haýsy çäklerde real dünýäniň mysallarynda

işleýändigini anyklamak üçin niýetlenilendirler. Internedi dolandyrmak

ýagdaýynda soraglar şol bir wagtda halkara we milli ýa-da ýerli derejelerde

seredilýärler. Köp işler ýerli we milli derejelerde, aýratyn hem, IKT-i, şol sanda

Internedi ulanmak oblastynda ýerine ýetirilýärler. Instruktor modulyň temalarynyň

ara alnyp maslahatlaşylmagynyň mazmunyny tassyklaýan beýleki mysallara we öz

hususy tejribesinden bolan ýagdaýlara ýüzlenmeleri getirmek üçin gatnaşyjylarda

höwes döredip biler.

119 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!