08.03.2015 Views

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

Modul 3. Elektron hökümeti ulanmak

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

3.7. Tebigy betbagtçylyklar bilen göreş üçin ulanmak:

tebigy betbagtçylyklar bilen göreş boýunça toplumlaýyn milli gulluklar 41

Adatdan daşary ýagdaýlarda dolandyryşyň netijeli milli ulgamy tebigy we

adam taraplaýyn döredilen betbagtçylyklaryň täsirlerini minimuma eltmek üçin

gerekdir. Koreýa Respublikasynda Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Milli

Agentlik täzeden guramaklyga we öwezini dolmaklyga däl-de, tebigy

betbagtçylyklaryň netijeleriniň öňüni almaga gönükdirilen dolandyryşa

niýetlenilendir. Degişlilikde, Betbagtçylyklar ýagdaýlarynda dolandyryşyň Milli

ulgamy döredildi (NDMS – National Disaster Management System), ol 10 sany

döwlet edaralarynda, şol sanda, oba hojalyk we tokaý hojalygy ministrligini, deňiz

işleri we balykçylyk boýunça ministrligi hem öz içine almak bilen, tebigy

betbagtçylyklaryň monitoring ulgamyny işläp düzdi we ornaşdyrdy. NDMS 2006-

njy ýylda 71 sany edaralaryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek

üçin eksperimental esasda tebigy betbagtçylyklar bilen göreşiň hökümetara toruny

hem döretdi. Adatdan daşary ýagdaýlar bolanda informasiýany goýbermek

prosesleri merkezi edaralaryň arasynda, pudaklaýyn we pudagasty ýerli dolandyryş

edaralarynyň arasynda göni aragatnaşyk kanallarynyň diklenilmegi bilen

ýönekeýleşdirildiler, onuň netijesinde tebigy betbagtçylyklara we adatdan daşary

ýagdaýlara has netijeli reagirlenme alyndy. Gyssagly ýagdaýlarda ulgam awariýa

barada habar berenleri ýüze çykarmaga mümkinçilik we olaryň ýerleşýän ýerini

hasabat berijiniň identifikasiýasy ulgamynyň kömegi bilen tapmaga mümkinçilik

berýär. Bu 2005-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlarda ýalan habarlaryň 1,3

göterim gysgalmagyna getirdi. Hyzmatlar dil problemalary bolanlara, daşary

ýurtlulara we gartaşan adamlara ýeňil elýeterlidir. Koreýanyň hemmetaraplaýyn

howpsuzlyk Taslamasy 2010-njy ýylda tamamlanandan soňra (u-Safe Korea)

tebigy betbagtçylyklar netijesinde 1 million adamdan ölenleriň sany 11,1 adama

çenli peseler diýlip garaşylýar, bu häzirki 1 million adamdan 16,5 adam bilen

deňeşdireniňde 33 göterim gysgalmak bolup durýar. Emlägi ortaça ýyllyk

ýitirmeklik, garaşylyşy ýaly, 8,2 göterim peseler, bu 2010-njy ýyldan 2014-nji

ýyllar döwründe ýitgileriň 35 milliard ABŞ dollaryndan hem köp peselmegine

mümkinçilik berer.

2004-nji ýylda bolup geçen sunami tebigy betbagtçylyklar ýagdaýynda

dolandyrmagyň Sahana atlandyrylan toplumlaýyn ulgamynyň işlenilip

düzülmegine getirdi.

41

Bu bölümçe şu işden alyndy: NIA, düz., 2006 e-Hökümetiň Ýyllyk Hasabaty, (Seul: MOGAHA,

2006), 23, http://www.nia.or.kr/open_content/common/fileList/fileList.jsp?tn=PU_0000100&id=54651.

109 Döwlet dolandyryşynyň liderleri üçin IKT Akademiýasy

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!