08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

jemgyýetçilik hadysasy ýaly, ahlaklylyk hem pähmiýetiň düzüjilerine belli bir

baglanyşyklykda hereket edýär. Sokratyň ilkinjileriň biri bolup ahlaklylygy akyl

ýetiriş taýdan lezzet berýän hereket – gatnaşyk tutumy hökmünde kesgitlemesi

tötänleýin däldir. Ýöne, daşyndan adaty däl görünse-de, pähmiýetiň paýhas ölçermesi

hakyky ahlaklylygyň ýürek emrine tabynlygynda garşydaşyňa bolýan goldawa

mähetdelligiň yzyndan gelýär. Pähmiýete adaty bolan mätäje goldawyň ýerine düşüpdüşmezligi,

ýeterlikligi-kemterligi ýaly, “ýedi ölçäp bir kesilmeler”, eger-de, ahlak

sahawatynyň bada-batlygynyň öňüsyrasy gelse, islense-islenmese goldaw – hyzmatyň

küýe, dile getirilmesini döredip, ahlaklylygy asyl durkundan sowýar. Aslynda

pähmiýetiň islendik gurluşynyň deňölçeglilige, deňtaraplylyga salmak düzgüni ynsan

gatnaşyklarynda döredip biljek ýörelgesi ahlaklylyga ýat bolan “sen maňa, men saňa”

mazmundan aňry geçmeýär.

Başga bir ýagdaýda pähmiýetiň yza dolanýan pikir ýöretme häsiýetdäki

seljermesi ahlaklylyga belli bir laýyklykda bolsa-da, ony asyl durkundan sowýar.

Kähalatlarda belli bir adamyň edenine puşman etmek terzde ahlaklylygyň yza

dolanýan berjay edilmesi-de, pähmiýet nukdaýdan köstsüz bolsa-da, hususy ahlak

jähtden garşydaşyňa özboluşly belli bir oňaýsyzlyk özboluşly müýnlülik döredýär.

Adamyň hiç wagt duýmajak haýsydyr bir ýitgisini ony tötänlikde tapanyňy ulanmak

meýli onda ynsan yzasyny döredýär. Belli ertekide daýhan oglan akyp gelýän almany

alyp dişländen soňra kesekiniň zadyny birugsat iýýänine puşman edip, dişlenen alma

bilen suwuň gözbaşyny yzarlap ugraýar. Eýesine duşup, “etmişi” üçin ötünç soranda,

alma eýesi bu hereketiň näderejede ýürekden ýa-da diňe rehimlilikden penalyk almak

meýlinden gaýdýandygyny seljermekçi bolup, oglana, eger-de, özüniň gözi kör,

gulagy ker, eli, aýagy ysmaz gyzyna öýlense günäsini geçjekdigini aýdýar. Gyza

ýöňkelýän şikeslikleriň hakykatda onuň diňe mertebeli taraplarydygyny bilmese-de,

(gözüniň kör, gulagynyň kerligi – edýän işinden başga nämähremlige gözi

düşmänligini; eşitmeýänligini, el-aýagynyň ysmazlygy – olaryň halallykdan başga

zada uzamaýandygyny, görünmesiz ýerde görünmeýändigini) ýigit goja bada-bat

razylyk berýär we öz bagtyny tapýar. Eýsem, bu tymsalyň ahlak gymmaty nähili?

Munda ahlaklylygyň “goýmadygyňy göterme”, “äkitmejegiňe el uzatma” ýörelgeleri

berjaý edilýän-de bolsa, eýýäm eýesiniň ryskyndan daşlaşyp, tötänlikde görläýmese

köldür kölçede ýitip gitjek dişlenen almany yzyna gaýtarmakçy bolmaklygyň özi

eýýäm adalat yzarlaýanyň almadan has hörplüräk bir zada garaşmak, öz

hakykatçylygyňy ykrar etdirmek ýaly ahlaklylyga ýat meýilleri özüne dahylly edýär.

Edil garşydaşyňa goldaw-hyzmatyňy dile almaklygyň yrak düşünilişi ýaly, ony

kabul edýän özüňe minnetdarlygy iteklemeklik hem hakyky sahawatdan daşdadyr.

Eýsem, bu tymsalyň psihologik teklipleriň ahlak gymmatyny seljermeklige

nähili baglanyşygy bar?

Has umumylaşdyrylyp aýdylanda, psihologik teklipleriň işiň netijeliligini, onuň

gymyldy-hereket düzüjileriniň çeýeligini ýokarlandyrmak usullary bolaýmasa, ynsan

gatnaşyklaryny sazlaşdyrmaklyga ugrukdyrylan usullarynda garşydaşyňda belli bir

müýnlülik döretmek, onuň mazmun düzüjisiniň biridir. Psihologik täsir edilýäne

öwgi-hoşamat, ilgezik jomartlyk öňünden karzlamalaryň esasy maksady garşydaşyňy

(ýa-da adamlar toparyny) özünden biygtyýar ýagdaýda erkine tabyn edip, garaşylýan

iş-ýumuşyň bitirilmegini gazanmakdyr.

Ikinji bir tarapdan, psihologik täsirleri ulanyjy hem edil ýokardaky tymsaldaky

8

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!