08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ

SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN

№12 2006

B.Basarow

YNSAN GATNAŞYKLARYNY KADALAŞDYRMAGA GÖNÜKDIRILEN

PSIHOLOGIK TEKLIPNAMALARYŇ AHLAK GYMMATLYGY

DOGRUSYNDA

“Ynsap ýüregiň içki emridir”.

Beýik Saparmyrat TÜRKMENBAŞY.

Psihologik teklipleriň hökümdarlara niýetlenen nusgalarynyň ilkinjileriniň biri

XVI asyrda Nikkolo Makiawelliniň “Hökümdar” [3] atly işinde berlip, onuň düýpli

özboluşlylygy öz düzgünleriniň hiç hili ahlak kadalaryny, rehimdarlygy ykrar

etmeýänligidir. Makiawelli döwlet syýasatynyň ýeke-täk häsiýetnamasy hökmünde

onuň derege ýarap ýa-da ýaramaýandygyny görkezip, özi bolsa hiç hili sarsgynlyga

ýer goýmaýan, derde ýaramly syýasat nusgasyny tekrar edýär. Kitapda ýurt ykbaly

ynanylana üstünlikli dolandyrmak boýunça ulgamlaýyn maslahatlar getirilse-de,

olaryň ahlak gymmaty dogrusynda hiç hili görkezme ýokdur. Makiawelliniň teklipleri

özüniň düýp manysynda “ýeňiji hiç wagt ýazgarylmaýar” pähiminde düzülendir.

Eger-de Makiawelli döwlet dolandyryşyň islendik derejesinde ahlak kadalarynyň

berjaýlygynyň zerurlygyny açyk inkär edýän bolsa, täze döwrüň bu ugurdaky

teklipnamalary ahlaklygyň, keminden, görnüş-hereket tarapynyň berjaýlygy üçin

aladalanýanlygy häsiýetlidir.

Eýsem, psihologik teklipleriň işiň netijeliligini, ynsan gatnaşyklarynyň

kadalylygyny üpjün etmek gönükdirilmesi näderejede bu tutuma hökmany ýagdaýda

utgaşýan ruhyýetiň täji-ahlaklylygyň berjaýlygy bilen sepleşýär?

Psihologik teklipler – bu netije gazanylmasy çenden aňsat, emma dowamly

saklanmasy örän kyn, iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga, özara gatnaşyklary

kadalaşdyrmaga gönükdirilen ugrukdyrmalaryň toplumydyr. Bu ugrukdyrmalar,

esasan, “häzir we şu ýerde” hereket edýän tutum bolup, olar adamyň öňki tejribesini

oňynlyga özgertmäge, derejesini aýdyňlaşdyrmaga gös-göni niýetlenen däldir. (Ýöne,

şol bir wagtyň özünde, şeýle teklip-täsirleriň esasynda şahsyýetde düýpli özgermeleriň

bolup bilmek ähtimallygyny-da düýpgöter inkär etmek bolmaz).

Bilşimiz ýaly, bu teklipnamalardan tapawutlylykda, hakyky ahlaklylykda

adamyň pähim-paýhasynyň, hoşniýetli erkiniň mümkingadar uzaýan kesimindäki

mazmuna goldaw-sahawat gatnaşygyny erkin borçlanmagyň esasynda amal etmeklik,

baş matlaba öwrülýär. Barlyga goldawly gatnaşygyň möçber we mazmun

çäklendirilmesi, geldi-geçerligi hakyky ahlaklylykdan sowa häsiýetdedir.

Bu ugurda ýörite seljermäni talap edýän ýene-de bir mesele ahlaklylyk bilen

pähmiýete (logika) laýyklygyň özara utgaşmasydyr. Elbetde, ýörite esaslandyrylýan

7

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!