08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

ýazyldy, okuw gollanmalary taýýarlanyldy hem-de ýurdumyzyň alymlary Türkmenistanda we

daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara gatnaşdylar.

Gysga wagtyň içinde eziz Serdarymyz Türkmenistany dünýä tanatmagy, ylmyň

mekanyna öwürmegi başardy. Türkmeniň gadymy geçmişini, ekologiki meseleleriň anyk we

tebigatyň kanunyna laýyk çözülişini öwrenýän, nebit-gaz ulgamynda alymlaryň işleriniň

önümçilige ornaşdyrylyşyny beýan edýän we birnäçe başga ugurlar boýunça halkara ylmy

maslahatlar, simpoziumlar, seminarlar geçirildi we daşary ýurtly alymlar Türkmenistanda

ösýän ylmyň düýbüni tutan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bilen ýakyndan tanyşmaga

mümkinçilik tapdylar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz 15 ýyldan köpräk wagtdan bäri

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňdengörüji, parasatly ýurtbaştutanlygynda diýseň

şöhratly ýol geçdi. Şäherleriň we obadyr kentleriň keşbi özgerdi, täze-täze gara, demir

ýollary guruldy, ýokary öndürijilikli zawoddyr kärhanalar, şeýle-de, dünýäniň ösen ülňülerine

laýyk gelýän we ýokary tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri,

döwrebap ylmy-barlag institutlary, ýokary okuw mekdepleri we orta mekdepler hem-de

mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin çagalar bakja-baglary gurlup, Beýik Serdarymyzyň

ak pata bermeginde işe girizildi. Ýurdumyz bagy-bossanlyga öwrüldi we öwrülýär.

Paýtagtymyz gözel Aşgabat belentden-belent ak mermer ymaratlary bilen göreni haýrana

goýýar. Beýik Serdarymyz ýurdumyza ýolbaşçylyk eden 21 ýylynyň içinde türkmeniň ruhymedeni

mirasyny, şirin dilini, dinini, şöhratly geçmiş taryhyny ýaňadan dikeltdi. Iň esasy zat

bolsa adamlaryň aň-düşünjesi Beýik Serdarymyzyň altyna barabar taglymatyna we mukaddes

Ruhnama ündewlerine görä üýtgedi hem-de kämilleşdi. Bu zatlar mähriban Serdarymyzyň

ägirt uly we deňi-taýy bolmadyk döredijilik kuwwatyna, dünýä derejesindäki Beýik

Şahsyýetdigine şaýatlyk edýär.

Bu gün edebi-medeni mirasymyz Beýik Serdarymyzyň talaplaryna we sargytlaryna

görä täzeçe öwrenilýär. Ýaňadan dogruçyl dikeldilen taryhymyz, dilimiz, edebiýatymyz,

sungatymyz milli çeşmelerimize, Atalyk kitaplarymyza daýanylyp derňelýär. Türkmen

alymlary ylmy meseleleri baş taglymatymyz mukaddes Ruhnama daýanyp çözýärler. Şu

gysga döwrüň içinde türkmen ylmy jemgyýetçiligi ajaýyp işleri amala aşyrdy. Bu hem diňe

Beýik Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, Atalyk aladalarynyň netijesinde mümkin boldy.

Ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri Beýik Serdarymyzyň alyp baran Milli

maksatnamalaryny, içeri we daşary syýasatlaryny, hoşniýetli we parahatçylyk söýüji

ýörelgelerini mundan beýläk hem päk, halal zähmet çekip, gyşarnyksyz durmuşa

ornaşdyrarlar. Beýik Serdarymyzyň wesýet eden ylmy taglymatlary biziň kalbymyzda baky

ýaşar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş,

“Türkmenistanda ylym we tehnika” ylmy-nazaryýet

žurnalynyň döredijilik topary.

6

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!