08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

Oba hojalyk ylmy boýunça Ylmy-barlag dänelik ekinleri institutynda bäsleşik sort

synag meýdançasynda ösümlikleriň ösüşi we boý alşy boýunça fenologiki gözleg işleri

geçirildi.

Gaty bugdaýyň “Nissa”, ýumşak bugdaýyň “Altyn asyr” we arpanyň “Sona” sorty

üçünji ýyl Döwlet sort synagyny geçirmek üçin we täze döredilen ak bugdaýyň “Miras” we

“Änew” sortlary, tritikaliniň täze döredilen “Ruhnama” sorty Döwlet sort synagyna

tabşyryldy. Nohudyň irki ýetişýän sort nusgalary hasaba alyndy.

Saýat ylmy-önümçilik synag merkezinde şalynyň seleksiýa işlerini geçirmek üçin

toplum meýdançasynda şalynyň 120-den gowrak sort nusgasy, deslapky sort synag

meýdançasynda 15 sort nusgasy ekildi.

Pagtaçylyk ylmy-barlag institutynda gowaçanyň orta süýümli Gubadag-3 sorty

Döwlet sort synagyna tabşyrmak üçin taýýarlanyldy. Ýolöten-32 sorty önümçilige

ornaşdyrmaga teklip edildi. Gowaçanyň önümçilige täze ornaşdyrylan Ýolöten-14, Ýolöten-

19, Ýolöten-21, Daşoguz-114 sortlarynyň saýlantgy tohumlaryny öndürmeklik ýola goýuldy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ylmy-barlag

ekerançylyk institutynda introduksiýa we sort öwrenmek işleriniň netijesinde erigiň (Arzami,

Ýubileýnyý Nowaýy, Ruhy Juwanon), naryň (WIR-1, Krmyzy Kabuh, Zubeýda, Balla

Mursal) ýerli şertlere tiz uýgunlaşýan, amatly hojalyk alamatlary bolan sortlary önümçilige

hödürlendi. Üzümiň sort toplumynda enelik-atalyk sortlary saýlanylyp, çaknyşdyrmak

netijesinde 1350 sany gibrid nahallary döredildi we biologiki alamatlary öwrenildi.

Biologiýa we ekologiýa ylymlary boýunça Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi

milli institutynda Aşgabat–Garagum–Daşoguz demir ýolunyň Derweze–Daşoguz böleginde

süýşýän çägeleriň ýeliň agdyklyk edýän ugruna we tizligine baglylykdaky göçüş we

desgalaryň syraýan çägeler arkaly gömülmek aýratynlyklaryny kesgitlenildi, alnan

maglumatlaryň esasynda deflýasion-akkumulýatiw hadysalaryň geçiş aýratynlygynyň kartasy

düzüldi. Şeýle hem Garrygül ylmy-tejribe meýdançasynda täze gurnalan FES-350 Wt gün

fotoelektrik stansiýasyndan 14 Wolt we 25 A güýji bolan hemişelik tok alyndy we onuň

kцmegi bilen guэulardan suw зykarmak ьзin цndьrijiligi sagatda 1,2 m 3 bolan täze suw

çykaryjynyň tilsimat gerimi (shemasy) işlenip düzüldi.

Lukmançylyk ylmy mediko-demografiýa ýagdaýa, keselçiligi azaltmaga, ömrüň

dowamlylygyny artdyrmagy üpjün etmäge, ýurduň ilatynyň köpeltmek ukybyny

ýokarlandyrmaga we näsaglary bejermäge bagyşlanan ylmy-barlaglary geçirmäge

gönükdirilýär, ilata netijeli lukmançylyk kömegini bermegi guramagyň ylmy esaslaryny işläp

düzmek Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň “Saglyk” maksatnamasynyň içinden eriş-argaç

bolup geçýär. Beýik Serdarymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda

dünýä ülňülerine laýyk gelýän anyklaýyş merkezleri, sagaldyş öýleri we hassahanalary

gurlup, ylmyň soňky gazananlaryny özünde jemleýän enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle

hem olaryň bökdençsiz işlemegi, halkyň saglygyny dikeltmekde ylmy garaýyşly lukmanlaryň

terbiýelenmegini, öndürijilikli, täze ruhda işlemeklerini ýola goýdy. Diňe bir Türkmen

döwlet lukmançylyk institutynda ehinokokkozyň anyklanylyşy we onuň esasynda

operasiýadan soňky gaýraüzülmeler 19,5% azaldyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň

alyp barýan işleriniň ýene biri döwletimiziň ylym-bilim edaralaryny ýokary tizlikli milli

ylym-bilim toruna çatyp, toruň durnukly we ygtybarly işlemegini üpjün etmekden hem-de

Beýik Serdarymyzyň sargytlary esasynda Türkmenistanyň hünärmenlerini we alymlaryny

Internetiň üsti bilen ylymda we tehnikada dünýä tejribesini öwrenmegiň esasynda Beýik

Saparmyrat Türkmenbaşynyň Milli Maksatnamasyna giren ylmy temalary giňişleýin hem

netijeli ýerine ýetirmäge mümkinçilik gazandylar. Şu güne çenli Milli Maksatnamamyza

giren 74 ylmy temalaryň 47-si tamamlandy. Bu işleriň netijesi boýunça ylmy kitaplar

5

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!