08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

hasaplamasy geçirildi. Geçirilen işleriň netijesinde gaz gorunyň göwrüminiň 247,6 mlrd. m 3

artandygy anyklanyldy.

Buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, buraw erginleriniň taýýarlaýyş

usullary kämilleşdirildi we olaryň ýerli çig mallary öz içine alýan düzümi işlenip

taýýarlanyldy hem-de olar önümçilige – gaz guýularynyň buraw işlerinde ornaşdyryldy.

Netijede, Döwletabadyň gaz guýusynda bir gije-gündizde gazyň çykyşyny 511 müň m 3

ýetirildi.

Türkmenistanda esasy pudaklaryň biri bolan nebitgaz ulgamlaryna degişli bolan

Nebit we gaz institutynda 2006-njy ýylda ylmy-barlag işleri jemi 67 sany ministrlik

tarapyndan tassyklanylan şertnama esasynda alnyp baryldy. Bu şertnama işleriniň aglabasy

nebitgaz toplumynyň geologiýa-gözleg we buraw işlerinden başlap, nebitgaz ýataklaryny

işläp düzmek, nebitgazy gaýtadan işlemek we önümleri ugrukdyrmak ýaly ugurlaryny öz

içine alýar. 2006-njy ýylyň birinji ýarym ýyllygynda institutda ylmy-barlag we taslama

işleriniň 1 manat çykdajysy üçin ylmyň berýän netijesi 3 manat boldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylymtaslama” instituty boýunça

umumy bahasy 17 milliard 940 million manada deň bolan jemi 15 sany ylmy iş ýerine

ýetirilip, olaryň 14-isi önümçilige ornaşdyryldy.

Malaý käninde gazyň gorlary gaýtadan hasaplanyp, onuň goruny 2 essä golaý

köpeldip, ylmy taýdan esaslandyryjy hasabat taýýarlanyldy we 2006-njy ýylda

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gorlar boýunça döwlet topary tarapyndan

tassyklanyldy.

Şäher gurluşygy we seýsmologiýa ulgamy boýunça Seýsmologiýa ylmy-barlag

institutynda Türkmenistanyň şäherlerini seýsmoetraplaşdyrmak üçin ilkinji gezek dikleýin

we keseleýin tolkunlaryň tizligi peýdalanyldy, şol tolkunlary herekete getirmek üçin ýörite

enjam işlenip düzüldi we taýýar edildi. Tutuş Aşgabat we Arçabil şäherleri boýunça 70

profil işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň “Gün” YÖB-de Garaşsyzlyk

ýyllarynda ylmy-barlag we amaly-taslama işleri boýunça şeýle netijeler gazanyldy: çölde

goýun sürüsini (1000 baş) we çopan toparyny (4 adam) saklamak üçin, medeni zolakdan

100 we 250 km daşlaşan ýerlerde galyndysyz goýundarçylyk geliotoplumlary guruldy;

hlorella öndürmek boýunça synag-senagat enjamy (öndürijiligi 7 aýda 500 m 3 hlorellanyň

suspenziýasy) işlenip düzüldi we döredildi; arzanlygy we ýasalyşynyň ýönekeýligi bilen

tapawutlanýan pnewmatiki nasos (öndürijiligi 20 m beýiklige suw galdyrylanda sagatda 1-

4 m 3 ; kislota pulpy 6 m-e guýlanda bolsa 150 m 3 /sag.) işlenip düzüldi we onuň synag

nusgalary ýasaldy; özbaşdak işleýän gelio suwa düşülýän enjamlar (gelio kabul edijiniň

meýdany 1 m 2 , öndürijiligi bir gije-gündizde 50-60 0 C temperaturaly 80 litr ýyly suw) işlenip

düzüldi we olaryň dürli gurluşlary döredildi; gün energiýasyny ýylylyk energiýasyna

öwürmegiň tehnologiýasyny görkezmek üçin freneliň linzalary bilen gün toplaýjy ulgamyň

tejribe modullary döredildi; peýdaly meýdany 100 m 2 bolan günden ýyladylýan iki sany jaý

işlenip düzüldi we guruldy.

Himiýa we himiýa tehnologiýasy, energetika (gün, ýel) hem ýylylyk tehnikasy

ulgamlary “Gün” YÖB-inde ylmy-barlag we tejribe-düzüş işleri ministrlikleriň hem-de

pudaklaýyn edaralaryň tabşyryklary boýunça baglaşylan şertnamalar esasynda alnyp baryldy.

Diňe 2006-njy ýylda umumy bahasy 3 milliard 251 million manat bolan 88 sany tema

boýunça işler ýerine ýetirildi. Olaryň netijeleri işlenip düzülen täze tehnologiýalar, usullar,

döredilen enjamlar we materiallar önümçilige ulanmaga berildi. Şol sanda, Hazaryň himiýa

kärhanasynda ýodat kaliniň önümçiliginiň tehnologiýasy, “Maryazot” ÖB-ginde ammiagyň

okislenme derejesini kesgitleýän enjam, Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda ýerli çig

malyň esasynda taýyn reňkleri almagyň tehnologiýasy, Baýramalynyň ýag zawodynda

bitum-emulsiýa mastikasyny hem-de olifi almaklygyň usullary ornaşdyryldy.

4

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!