08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň

“Türkmenistanda ylym we tehnika” – ylmy-nazaryýet žurnalynda

çapdan çykjak makalalardan edilýän talaplar:

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň

“Türkmenistanda ylym we tehnika” – ylmy-nazaryýet žurnalynda Türkmenistanyň ylym we

tehnologiýanyň ähli ugurlary boýunça gazanylan üstünlikleri we ylmyň gazanan netijeleriniň

durmuşa ornaşdyrylyşy baradaky makalalara ýer berilýär.

2. “Türkmenistanda ylym we tehnika” žurnalynyň redaksiýasy öz esasy ugruna laýyk

gelýän, ylmy makaladan edilýän talaplary ödeýän makalalaryň bir sahypadan ybarat rus we iňlis

dilindäki gysgaça beýany (rezýume) bilen kabul edýär. Çap etmek nobaty bolsa, makalanyň diňe

gelen wagtyna bagly bolman, eýsem onuň wajyplygyna-da baglydyr.

3. Awtorlardan edilýän talaplar:

– awtor makalasyny türkmen dilinde, edebi taýdan işläp, taýýar görnüşinde gol çekip,

redaksiýa hödürlemelidir. Makalanyň yzynda awtoryň familiýasy, ady, atasynyň ady, işleýän ýeri,

öý salgysy, telefony maglumat hökmünde görkezilmelidir;

– tejribe netijesinde alnan maglumatlaryň haýsy ylmy-barlag institutyň ýa-da ýokary okuw

mekdebiň tejribehanasynda alnandygy barada maglumat berilmeli;

– her bir awtoryň (awtorlaryň) ylmy netijäni almakdaky goşandy barada maglumat

berilmeli.

4. Makala bildirilýän talaplar:

– makalany taýýarlan edaranyň ýörite haty we syny bolmalydyr.

Makalanyň gurluşy:

– giriş;

– meseläni esaslandyrmak, dünýä tejribesi bilen deňeşdirmek;

– meseläniň çözgüt şertleri;

– meseläniň çözlüşi;

– netijeler;

– edebiýatlar.

5. Makalanyň möçberi kompýuterde “Times New Roman” 14-lik şriftinde, 1 interwalda

ýazylyp, 7-8 sahypadan geçmeli däldir. Kagyzyň çep tarapynda 2,5 sm boş ýer goýmak hökmandyr.

Golýazma we çyzgydyr suratlaryň bir nusgasy hem-de elektron (diskde ýa-da disketde) nusgasy

bolmalydyr.

6. Makalanyň many-mazmun bitewiligi, yzygiderligi saklanylmaly.

7. Makaladaky ähli çykgytlar we salgylanmalar ilkinji çeşmeler bilen barlanyp görülmelidir.

8. Çykgyt alnan edebiýat makalanyň yzynda getirilip, ol elipbiý tertibinde bolmalydyr.

Tertip belgileri-de goýulmalydyr. Awtoryň familiýasy, ady, atasynyň ady, žurnalyň ýa-da kitabyň

ady, çap edilen şäheri, neşirýaty, çap edilen ýyly we jildi görkezilmelidir. Çap edilmedik işlere

salgylanyp, ony sanawa goşmak bolmaýar. Tekstde salgylanylan edebiýatyň, çykgydyň belgisi we

sahypasyny kwadrat ýaýyň içinde görkezmek kabul edilendir.

9. Makaladaky suratlar, çyzgylar elde ýa-da kompýuterde takyk çekilmelidir. Suratda

alamatlandyrmalar az bolmalydyr. Suratlaryň aşagyndaky ýazgysy aýratyn ýazylmalydyr. Tekstde

ähli suratlara salgylanma hökmandyr. Her bir suratyň arka ýüzünde awtoryň familiýasy, makalanyň

ady we suratyň tertip belgisi görkezilmelidir. Neşirýat suratyň asyl nusgasyny yzyna bermäge

borçludyr.

10. Her bir tablisanyň hem edil surat ýaly öz tertip belgisi, tekstde salgylanmasy

bolmalydyr. Tablisanyň we olaryň grafalarynyň sözbaşysy bolmalydyr, olarda gysgaltmalara (ölçeg

birliginden başgalara) ýol berilmeýär. Mümkin boldugyça çyzgylaryň taslamasy elektron görnüşinde

getirilmeli.

11. Zerur bolan aýratyn ýagdaýlarda işiň many-mazmunyny saklamak bilen, teksti

gysgaltmaga, tablisany, suratlary azaltmaga redaksiýanyň hukugy bardyr.

12. Kabul edilen makala edilýän talaplara laýyk gelmänligi sebäpli çykarylmadyk

halatynda, makala yzyna gaýtarylmaýar, oňa jogap we syn berilmeýär.

45

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!