08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

“Türkmenistanda ylym we tehnika” – ylmy-nazaryýet žurnalynda baky

Bitaraplygyň 11 ýyllygy mynasybetli yglan edilen ylmy makalalaryň bäsleşiginiň

jemleri

2006-njy ýylda “Türkmenistanda ylym we tehnika” ylmy-nazaryýet žurnaly baky

Bitaraplygymyzyň 11 ýyllygy mynasybetli ylmy makalalaryň bäsleşigini yglan edipdi.

Bäsleşige döwletimiziň ylmy edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň

mugallymlarydyr ýaş alymlary, mahlasy, ylmyň muşdaklary önümçiligiň dürli

pudaklaryna degişli bolan ylmy makalalary bilen gatnaşdylar. Olaryň ylmy işleriniň düýp

özeninde bolsa “Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-

nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry” Milli Maksatnamasynda göz öňünde tutulan

meseleler, Täze “Bilim”, “Saglyk” syýasatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň aýratynlyklary

we Beýik Serdarymyzyň öňde goýan wezipeleri durýar.

Iň bir guwanç bilen bellemeli zat hem ylma täzeçe çemeleşmeleriň, Garaşsyzlyk

eýýamynyň ruhunyň aýdyň duýulmagydyr. Bäsleşige gelen işleriň, sosial-ýaşaýyşdan,

önümçilikden, dünýä derejesindäki alnyp barylýan ylymdan we onuň gazananlaryny

durmuşa ornaşdyrmakdan üzňe ýa-da howaýy bolman, ysnyşykly utgaşdyrylandygy

guwandyryjy derejedir. Bäsleşige gelen ylmy isleriň hemmesi hem aýdyň maksada

gönükdirilen we anyk netijelere gelnen isler. Şeýle-de bolsa, bäsleşigiň şerti boýunça

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň

ylmy işgärlerinden, alymlaryndan we žurnalyň geňeş toparyndan düzülen seljeriji topar

ylmy işleriň, makalalaryň gowusyndan gowusyny saýlady we olar Minnetdarlyk hatlary

hem-de Beýik Serdarymyzyň atalyk kitaplary bilen sylaglandy. Aşakda şol Minnetdarlyk

hatlaryna mynasyp bolan awtorlaryň sanawyny berýäris.

1. Arnageldiýew A., Babaýew G. Süýşýän çägeleri berkitmegiň netijeliligini

ýokarlandyrmagyň ýollary. (Türkmen döwlet Ulag we aragatnaşyk instituty).

2. Annanepesowa G. Aýdym-saz adalgalarynyň döreýşi hakynda. (Türkmenistanyň

Prezidentiniň ýanyndaky YTÝG-yň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty).

3. Pleskanowskaýa S.A., Aşyralyýewa M.A., Mämmedowa B.A. Buýanyň

lukmançylykdaky we biologiki hadysalardaky esasy ähmiýeti. (Türkmen döwlet

lukmançylyk instituty).

4. Çommadow O. Diliň taryhy öwrenilende bitewilik pelsepesine esaslanmagyň ylmy

ähmiýeti barada. (Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky YTÝG-yň Magtymguly

adyndaky Dil we edebiýat instituty).

5. Esedulaýew R., Annamuhammedow B., Durdyýew N. Gaz känlerinden gazyň

çykarylyşyny çaklamaklygyň we düzgünleşdirmegiň döwrebap matematiki meseleleri

barada. (Nebitgaz instituty; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky YTÝG).

6. Meredowa O., Hemraýewa G. Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň tebigy

mümkinçilikleri. (Sport we turizm instituty).

7. Meredow M. 4 we 5 ölçegli giňişliklerde wektorlaryň wektor köpeltmek hasyly hemde

onuň geometriýada we algebrada ulanylyşy. (Halkara türkmen-türk uniwersiteti).

8. Hydyrow M., Atamanow B., Nurlyýew B. Ýerli çig mallary esasynda

ýöriteleşdirilen berkitme semendiniň tilsimatyny işläp düzmek we önümçilige

ornaşdyrmak. (Nebit-gaz instituty).

44

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!