08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

BEÝIK SERDARYMYZYŇ YLMY NAZARYÝETI

DOWAMAT DOWAM EDER

Taryhyň öwrümli ýollarynda, türkmeniň oýanan ykbalynyň diregi bolan, öz halkyny

nurly Gün bolup çoýan Beýik Serdarymyzy, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny ýitirmek

milletiň uludan-kiçisiniň ýüregini daglady, adamlaryň kalbyna daglar bolup çökdi. Bu ýitgi,

onda-da öwezini dolup bolmajak ýitgi. Ýöne bu Beýik Şahsyýet durşy bilen mertlige,

merdanalyga, ynsanperwerligiň nusgasyna, taryhyň syrly dünýäsine öwrülip, dury çeşme

kimin teşneligi gandyrmagyň gözbaşyna, danalara täzeden ömür berip, bakylyga öwrülen,

aňymyzda özüniň mukaddes Ruhnamasy bilen şamçyraga dönüp, asyrlardan-asyrlara,

eýýamlardan-eýýamlara şöhle saçýar.

Türkmeniň iň bir kyn günlerinde halkyň agyr ýüküni gerdenine alan Beýik

Şahsyýetiň sähelçe salymda bitiren işleri bu gün akla sygar ýaly hem däl. Türkmeniň

müňýyllyklaryň dowamynda arzuw edip gelen erk-ygtyýaryny, genji-hazynasyny, mahlasy,

türkmeniň özüni özüne gaýdyp bermek bilen çäklenmän, ony bütin dünýä ykrar etdirmegi,

täze türkmen jemgyýetini gurmagy, Garaşsyz, baky Bitarap Tükmenistan döwletini mäkäm

esaslandyrmagy türkmen dünýäsiniň abatlygyna Beýik Şahsyýetiň beren peşgeşidir.

Türkmenistanyň syýasy lideriniň bitiren hyzmatlaryny birin-birin sanamak, aňyňda aýlamak,

gözüň bilen görüp guwanmak bagtyna eýe bolmak, onuň milletiniň nesilleriniň nesillere

utgaşýan dowamat dowamlygyna bagş eden buýsanjydyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen döwletine ýolbaşçylyk eden döwri türkmen

ylmy üçin şöhratly ýyllaryna öwrüldi. Döwletimizde ozal ýadyňa-oýuňa düşmejek ylmy

ojaklar açyldy. Olaryň arasynda gadymy türkmen alymlarynyň, ýazyjylaryň, şahyrlaryň

ýazuw ýadygärliklerini öwrenýän, dikeldýän we köpçülige ýetirýän Türkmenbaşy adyndaky

Türkmenistan Milli golýazmalar instituty, türkmenleriň ata-babalarynyň ýaşan Gündogar

döwletleriniň taryhyny öwrenýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň,

Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasy döwlet instituty, Beýik

Türkmenbaşy zamanasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy, Beýik

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistanyň Harby instituty, Türkmenistanyň

Prezidenti goşun generaly S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenistanyň Polisiýa akademiýasy,

Halkara türkmen-türk uniwersiteti ýaly ylmy merkezlere öwrülen täze ýokary okuw

mekdepleriniň döredilmegi türkmen halkynyň guwanjyna öwrüldi. Jemi Türkmenistan

boýunça 35-den gowrak ylmy ojaklar hereket edýär we türkmen ykdysadyýetiniň hem-de

aňyýetiniň ösmegine özleriniň saldamly goşandyny goşýarlar.

Kompýuter ulgamlarynyň durmuşa ornaşmagy bilen täze türkmen jemgyýetiniň ösüpözgermegine,

kämil we ylymly, bilimli nesliň emele gelmegine Beýik Serdarymyzyň nazar

salan görlüp-eşidilmedik ýoly guruldy. Senagatyň ösen pudaklarynyň esasyny düzýän zawodfabrik

toplumlary Garaşsyzlyk zamanasynyň, Türkmenbaşy eýyamynyň ruhubelent, ylmy

nazaryýetli adamlary tarapyndan dolandyrylýar. Ýurdumyzda ylymly-bilimli, kompýuter

tilsimatlaryny doly eýerip bilýän ýaşlary taýýarlamak maksady bilen Beýik Saparmyrat

Türkmenbaşynyň karary esasynda “Täze eýýamyň ýüpek ýoly” taslamasy amala azyrylýar

we onuň hasabyna Türkmen Milli ylym-bilim tory döredilip, oňa ýurdumyz boýunça jemi

21 ylym-bilim edaralary çatyldy.

Ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň alyp barýan düýpli işleriniň hemmesini sanap

oturman, käbir mysallara ýüzleneliň.

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň Nebit we gaz

institutynyň hünärmenleriniň teklipleri we olaryň gönüden-göni gatnaşmaklarynda gazyň

göwrümi 501,6 mlrd. m 3 çenli artdyryldy. 26 sany gaz ýataklary we täze känleri açyldy.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlyk gory boýunça düzülen topar tarapyndan 8 sany gaz

ýataklary üçin gazyň gorunyň hem-de beýleki peýdaly düzümleriniň hasaplamasy we täzeden

3

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!