08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

hanasyndaky suwuň etjek hereketleri üçin ýerine ýetirilen hasaplamalar bilen, olaryň

ulanylýan döwründäki hakyky düzgünlerinde döreýän tapawutlylyklar bolany üçin

ýüze çykýar.

Ýokarda aýdylanlary göz öňünde tutup, täze gurlan uly suwaryş ýaplarynda we

şor suw akabalarynda, ýagny Altyn asyryň Baş şor suw akabasynda, Türkmen kölüniň

Daşoguz şahasynda, mundan öňki şuňa meňzeş bolan, golaý şertlerde gurlan

desgalarda geçirilen ylmy-barlaglaryň hem-de ulanylyş çäreleriniň netijesinde alnan

hasaplamalary deňeşdirip, ylmy-barlag işlerini geçirmekligiň zerurlygy ýüze çykýar.

Meselem, Türkmen kölüniň şor suw akabalary üçin nusga hökmünde Garagum

derýasy, Derýalyk şor suw akabasy bolup biler. Garagum derýasynyň hanasynyň

ýuwluş hadysalarynyň görkezijilerini ulanmak mümkinçiliginiň ýagdaýlaryny bilmek

üçin olaryň toprak düzümlerini we gidrawliki häsiýetlerini deňeşdirmek meselesi ýüze

çykýar. Şol deňeşdirme Türkmen kölüniň şor suw akabalary üçin 2004 – 2005 ýý.

ýerine ýetirildi [1, 2].

Garagum derýasynyň we Türkmen kölüniň şor suw akabalarynyň toprak

şertleriniň deňeşdirmesi olardaky birmeňzeşligi ýüze çykardy. Şol sebäpli, toprak

şertlerine görä, Garagum derýasynyň hanaýuwuş hadysalarynyň görkezijileri Türkmen

kölüniň şor suw akabalary üçin nusga hökmünde ulanylyp bilner. Garagum

derýasynyň gidrawliki düzgünleriniň Türkmen kölüniň şor suw akabalary üçin nusga

hökmünde ulanmak mümkinçiligini anyklamak boýunça Garagum derýasynyň

hanasynda ölçeg geçirilip alnan gidrawliki düzgünleriniň Türkmen kölüniň şor suw

akabalarynyň hasaplama (taslama) görkezijileri bilen deňeşdirme işleri alnyp baryldy

[2]. Deňeşdirmeleriň netijeleri Türkmen kölüniň şor suw akabalarynyň gidrawliki

düzgünleriniň görkezijileri Garagum derýanyňkydan kän bir tapawut etmeýändigini

subut edýär.

Şeýlelikde, Garagum derýasynyň hanaýuwuş hadysalarynyň görkezijilerini

Altyn asyryň Türkmen kölüniň şor suw akabalary üçin nusga hökmünde ulanmak

bolar.

Altyn asyryň Türkmen kölüniň şor suw akabalarynda suwuň möçberiniň

tapgyrlaýyn köpeldilen ýagdaýynda, olaryň yzygiderli, üznüksiz, ygtybarly işlemegini

üpjün etmeklik, köpsanly kyn inžener meseleleri çözmekligi talap edýär. Şol işlerde

Garagum derýasynda hanaýuwuş hadysalary öwrenmek we ulanyş materiallary

boýunça ýerine ýetirilen ylmy-barlag işlerine esaslanmaly we suwuň möçberiniň

tapgyrlaýyn köpeldilen ýagdaýynda şor suw akabalarynyň hana dörediş ýagdaýlaryny

çuňňur öwrenmeli.

Garagum derýasyndaky hanaýuwuş hadysalary boýunça köp ýyllyk ylmybarlaglaryň

materiallary hanalaryň akym ugruna we onuň kese-kesiginiň suwuň

täsirine üýtgemegini öwrenmekde, hanalaryň durnukly görnüşini tapmakda we başga

birnäçe morfologik arabaglylygy düzüp bilmekde hem-de olary gözegçilik taýdan

yzarlamak çärelerinde amatly ýagdaý döretdi [4-6].

Haýsy-da bolsa toprak şertlerini we akymyň gidrawliki düzgünlerini

häsiýetlendirýän sebäpler hanalaryň üýtgemeginiň hem-de döremeginiň belli bir

tapgyrynda öz täsirini ýetirýär. Meselem, Garagum derýasynyň has ownuk dänejikli

düzümi bolan çägeli çölünde (derýanyň 205-308 km-de) hananyň ini we kese-kesigi epesli

ulalýar we şol bir wagtda onuň çuňlugy peselýär.

Garagum derýasynyň ugrundaky edilýän birnäçe aralyk ölçeliş nokatlaryndan

20

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!