08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA

НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ

SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN

№12 2006

B.G.Balakaýew, G.B.Öwezmyradow, G.B.Gulmanow

ALTYN ASYRYŇ TÜRKMEN KÖLÜNIŇ BAŞ ŞOR SUW

AKABALARYNDA HANANYŇ ÝUWLUŞ HADYSALARY

Türkmenistanyň ilkinji hem ömürlik Prezidenti Beýik Saparmyrat

Türkmenbaşynyň Türkmen kölüni döretmek baradaky 2000-nji ýylyň Alp Arslan

aýynyň 31-inde PP-3172 belgili Permany esasynda häzirki wagtda iki sany Baş şor

suw akabalarynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Altyn asyryň Baş şor

suw akabasynyň uzynlygy 720 km, onda Daşoguz şahasy bilen kesişýän ýerinde

suwuň iň ýokary mukdary 240 m 3 /s barabar bolar we ondan aňryk Garaşor kölüne

çenli suwuň mukdary 450 m 3 /s bolmaly. Daşoguz şahasynyň uzynlygy 388,7 km

bolmaly we onda suwuň iň ýokary mukdary 210 m 3 /s ýeter.

Altyn asyryň Türkmen kölüniň şor suw akabalarynyň taslama, gurluşyk we

ulanyş işleri birnäçe düýpli täze meseleleriň çözgütlerine, şol sanda olarda hananyň

ýuwluş hadysalaryna bagly bolup durýar.

Ýokarda agzalan şor suw akabalarynyň düzümi ýeňil toprakdan bolan we

suwuň täsirine onuň düzümindäki bölejikler aňsat ýuwulýar, şol hem meseläni hasda

çylşyrymlaşdyrýar. Şol sebäpli, hananyň ýuwluş çärelerini gowulandyrmak

baradaky teklipleri işläp taýýarlamak hem-de olarda suwuň möçberi tapgyrlaýyn

köpeldilende görkezijileriň üýtgeýşini öňünden çaklamak ýurdumyzyň suw hojalygy

üçin wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Bu ugur boýunça biz, 2004-nji ýyldan bäri

Altyn asyryň Türkmen kölüniň şor suw akabalarynda suw bilen bagly bolan dürli

hadysalary, şol sanda hananyň ýuwluş hadysalaryny öwrenmek boýunça ylmy-barlag

işlerini alnyp barýarys [1-3].

Uly suwaryş ýaplarynda we şor suw akabalarynda suwuň geçiş düzgünleri her

näçe amatly bolan ýagdaýynda hem, olaryň hanalarynyň ýagdaýy suwuň möçberi

köpelen halatynda çylşyrymly hanaýuwuş hadysalaryna bagly bolup durýar. Şol

suwaryş ýaplarynyň we şor suw akabalarynyň nazaryýet tarapdan taslamasynyň dogry

düzülen hem-de gurnalan halatynda, olaryň ulanyş ýagdaýynda gidrawlika

düzgünleriniň üýtgemegine, şonuň esasynda hanalaryň öz başlangyç ugurlaryndan

beýleki görnüşe geçmegine kepul berip bolmaz. Şu üýtgemeleriň derejeleri we

ýagdaýlary her hili bolup biler, olar gidrawlika we toprak şertlerine baglydyr.

Şular ýaly ýagdaýlar köplenç uly suwaryş ýaplarynyň, şor suw akabalarynyň

ulanyş döwründe duş gelýär. Oňa mysal edip Garagum derýasyny, Derýalyk we Kölli

şor suw akabalaryny getirip bolar. Köplenç uly suwaryş ýaplarynyň ýa-da şor suw

akabalarynyň hanalary çäge, çägesow ýerlerden geçýän ýagdaýynda, olaryň

hanalarynyň akym ugruna bolan ýapgytlygy hem-de kese-kesigi üýtgemek bilen

bolýar.

Bu ýagdaýlar taslama işlerinde uly ýaplaryň we şor suw akabalarynyň

19

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!