08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

yzygiderli gözegçilikler, olaryň ýaýraýşyna we sanyna baha bermäge, seýrek duş

gelýän we ýitmek howpy astyndaky görnüşleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

Toplanan maglumatlaryň esasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ikinji neşiri

taýýarlandy we çapdan çykdy (1999 ý.), oňa ösümlikleriň 109, haýwanlaryň hem 152,

şol sanda oňurgaly haýwanlaryň 107 görnüşi girizildi. Häzirki wagtda milli Gyzyl

kitabyň nobatdaky üçünji neşirini taýýarlamak üçin maglumatlar toplanýar.

Milli institut Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan

Konwensiýalaryň, halkara ylalaşyklaryň çäklerinde alnyp barylýan işlere hem işeňňir

gatnaşýar. BMG-nyň çölleşmäge garşy göreş, biodürlüligi saklamak, klimatyň

üýtgemegi baradaky konwensiýalaryny we beýleki maksatnamalary durmuşa

geçirmekligiň çäklerinde dürli halkara guramalarynyň kömegi bilen halkara

taslamalaryny ýerine ýetirmek Milli institutyň işinde esasy orny eýeleýär. Milli

institut ABŞ-yň Alabama, Kaliforniýa we Newada ştatlarynyň uniwersitetleri,

Ysraýylyň Ben-Gurion uniwersitetiniň çölleri öwrenmek instituty, Germaniýanyň

tehniki hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GTZ), BMG-yň düzümine girýän halkara guramalary

we beýlekiler bilen ylmy gatnaşyklary alyp barýar.

ABŞ-yň uniwersitetleri bilen bilelikdäki barlaglar aşakdaky ugurlar boýunça

alnyp barylýar:

• Alabama uniwersiteti bilen Amyderýada ýaşaýan bekre balyklarynyň

(pilburun balyklarynyň iki görnüşi) görnüşlerini we olary saklamagy

öwrenmek boýunça. Taslamanyň çäklerinde Amyderýada balyklaryň göçüpgonmagyny

ultrasesli belliklemek arkaly öwrenmek üçin enjamlar alyndy

(taslamanyň möhleti 2004–2005 ýý.;

• Kaliforniýa ştatynyň uniwersiteti bilen bilelikde Özbegistanyň we

Gazagystanyň alymlarynyň hem gatnaşmagynda, ÇÖHDMI 1998–2003-nji

ýyllarda “Merkezi Asiýada maldarçylygy ösdürmekligiň we öri meýdanlary

saklamagyň utgaşdyrylan usullary” atly taslamany ýerine ýetirdi;

• häzirki wagtda ÇÖHDMI Newada uniwersiteti bilen bilelikde Demirgazyk

Amerikanyň we Türkmenistanyň galofit ösümliklerini ot-iým önümçiligi

hem-de zaýalanan öri meýdanlary dikeltmek maksady bilen deňeşdirme

häsiýetde öwrenmek boýunça taslamanyň teklibini taýýarlady, onda

talyplary we aspirantlary çalyşmak arkaly okatmak hem göz öňünde

tutulýar.

Milli institut USAID (ЮСАИД) tarapyndan kömek edilen birnäçe uly

bolmadyk taslamalary ýerine ýetirýär. Bu taslamalaryň çäklerinde ýagyş suwlarynyň

emele getirýän akymlaryny peýdalanmak, Aral ýakasynyň türkmen böleginde galofit

(şora çydamly) ösümlikleri ösdürip ýetişdermekde zeýakaba suwlaryny gaýtadan

peýdalanmak, hakyky pissäniň germoplazmasyny öwrenmek ýaly meselelere

seredilýär.

BMG-yň Çölleşmäge garşy göreş konwensiýasynyň çäklerinde ÇÖHDMI bilen

GTZ-yň billelikde 2000-nji ýyldan bäri ýerine ýetirýän “Türkmenistanyň üç sebitinde

ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreş” taslamasyny aýratyn üstünlikli hasaplamak bolar.

Bu taslama çöl maldarçylygy alnyp barylýan Ruhabat etrabynda (Merkezi Garagum,

Bokurdak we Kekirdek obalary), Baharly etrabynyň obalarynda (Garawul we Köne

Gümmez obalary) we Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň suwarymly ýerlerinde

durmuşa geçirilýär. Merkezi Garagumda ÇÖHDMI-niň işgärleri we ýerli ilat

16

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!