08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

Günorta Türkmenistanda oba hojalyk mallarynyň we ýabany haýwanlaryň,

şeýle hem öri meýdanlaryň ösümlikleriniň mugthorlary – gelmintleriň faunasy

öwrenildi we olaryň zyýanly görnüşlerine garşy göreş çäreleri, şol sanda

gelmintlerden döreýän keselleriň öňüni almagyň lukmançylyk-weterinariýa usullary

işlenip düzüldi.

Köpetdagyň ekoulgamlarynda mugthor oňurgasyz jandarlaryň düzümi, olaryň

tebigy ojaklar bilen baglylykda geçirýän keselleriniň aýlawlary öwrenildi we bu kesel

geçirijileriň kadastry düzüldi. Ownuk mallaryň mugthorlary bolan iksod

sakyrtgalarynyň biologiki, ekologiki aýratynlyklary öwrenildi we mallary

mugthorlardan goramagyň usullary işlenip düzüldi.

Türkmenistanyň gan sorujy çybynlarynyň faunasy öwrenildi we olara garşy

göreşmegiň utgaşdyrylan usullary işlenip düzüldi, taýýarlanan teklipnamalar kitapça

görnüşde çap edildi hem-de saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralara ýaýradyldy.

Türkmenistanda gowaçanyň we gök ekinleriň howply zyýankeşi bolan

akganatlyjanyň, şeýle hem bezeg we tokaý agaçlarynyň zyýanly mör-möjekleriniň

biologiki aýratynlyklary öwrenildi, bu zyýankeşlere garşy utgaşdyrylan göreş çäreleri

işlenip düzüldi.

Bakja ekinleriniň zyýankeşi – gawun siňeginiň (Carpomyia pardalina)

biologiki we ekologiki aýratynlyklary öwrenildi, oba hojalyk ekinlerini ondan

goramagyň utgaşdyrylan usullary işlenip düzüldi we kärendeçilere, daýhan

hojalyklaryna ýaýradyldy.

Gurluşyk materiallarynyň (gurnamalarynyň) we desgalarynyň biologiki

dargydyjylary, aýratyn-da, sarygarynjalar giňişleýin öwrenildi we olara garşy göreş

çäreleri işlenip düzüldi.

Milli institutyň alymlary döwlet goraghanalaryna ylmy-amaly we usulyýet

kömegini berýärler, goraghanalaryň biologik dürlüligini öwrenmäge gatnaşýarlar.

ÇÖHDMI-niň Ekologik monitoringi merkeziniň hünärmenleri ýurduň çäginde

uly şäherlerde, derýalarda we ýerlerde atmosfera howasynyň, ýerüsti suwlaryň we

topragyň hapalanyş derejesine yzygiderli gözegçilik geçirýärler. Gözegçiligiň

netijeleri döwlet dolandyryş edaralarynyň, ykdysadyýetiň pudaklarynyň

ýolbaşçylarynyň dykgatyna öz wagtynda ýetirilýär. Türkmenistanyň dürli senagat

kärhanalary üçin ekologik pasportlar düzülýär, zyňyndylaryň aňryçäk mukdarynyň

kadalary işlenip düzülýär, senagat kärhanalarynyň buýurmasy boýunça zyňyndy

suwlaryň himiki derňewi geçirilýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli institutyň alymlary tarapyndan geçirilen ylmybarlag

işleri, alnan netijeler tebigaty goramak ulgamynda alnyp barylýan işleriň

hiliniň ýokarlanmagyna, döwlet derejesinde kabul edilýän resminamalaryň maksada

laýyk bolmagyna ýardam etdi. Hususan-da, Milli institutyň alymlary we hünärmenleri

“Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Daş-töweregi

goramak hereketleriniň milli meýilnamasy” (2002), “Türkmenistanyň daşky

gurşawynyň ýagdaýy” (1999), “Türkmenistanyň biologik dürlüliginiň ýagdaýyna syn”

(2002), “Biologik dürlüligi goramagyň baş ugry we hereketleriň meýilnamasy”

(2002), “Türkmenistanyň durnukly ösüşi, Rio+10. Milli syn” (2002) ýaly

resminamalary taýýarlamaga öz goşandyny goşdular.

Ýurduň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça ýerine ýetirilen

ylmy-barlaglar, floranyň we faunanyň dürli wekilleriniň tebigatdaky ýagdaýyna

15

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!