08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

– Biologik baýlyklardan rejeli peýdalanmaklygyň ylmy taýdan esaslandyrylan

tekliplerini işläp düzýär;

– Howanyň, ýerüsti suwlaryň we topragyň hapalanyşyna yzygiderli gözegçilik

geçirmek;

– Türkmenistanyň tebigy gurşawynyň hapalanmagy barada maglumatlary

ulgamlaýyn seljermek we olara ekologik taýdan baha bermek;

– Türkmenistanyň dürli kärhanalary üçin ekologik pasportlary düzmek,

zyňyndylaryň aňryçäk mukdarynyň kadasyny işläp düzmek;

– Türkmenistanyň Gyzyl kitabyny düzmek boýunça işleri gurnaýar we

utgaşdyrýar;

– Ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde, orta we ýokary mekdepler üçin

okuw kitaplaryny we gollanmalary, bilelikdäki ylmy maksatnamalary ýerine

ýetirmäge we halk hojalygynyň degişli pudaklary üçin ussat hünärmenleri

taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

Türkmenistan ýurt garaşsyzlygyny alandan soň geçen 15 ýylyň dowamynda

ÇÖHDMI-niň bölümlerinde geçirilýän ylmy-barlag işlerinde süýşýän çägeleri

berkitmek we tokaýlaşdyrmak meselesine uly üns berilýär. Geçirilen barlaglar

geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän Bereket–Gyzylgaýa, Bereket–Etrek demir

ýolunyň daşky gurşawa etjek täsirine baha bermäge mümkinçilik berdi. Altyn asyryň

iri gurluşyklaryndan biri bolan, 2006-njy ýylda ulanylmaga berlen Aşgabat–Garagum–

Daşoguz demir ýolunyň gurluşygynyň deslapky taslamasyna edilen teklipler desgany

has amatly ugurlar boýunça geçirmäge mümkinçilik berdi, soňky tapgyrlaryndaky

işleriň netijesinde demir ýoly çäge syramagyndan we ýel köwmeginden goramagyň

dürli usullarynyň utgaşdyrylan toplumy işlenip düzüldi we önümçilige ornaşdyrylýar.

Tokaý we öri meýdanlaryny özleşdirmeklige bagyşlanan temalaryň çäklerinde

Köpetdagyň ýabany ösýän miweli baglary düýpli öwrenildi we olary halk hojalygynda

rejeli peýdalanmagyň usullary işlenip düzüldi; çölleriň tokaý we öri meýdanlarynyň

biologik önümliligine baha berildi hem-de olary dikeltmegiň usulyýetleri işlenip

düzülýär; şora çydamly galofit ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny işläp

düzmegiň netijesinde öri meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen

işler geçirildi we önümçilige ornaşdyrylýar. Merkezi Köpetdagda pisse we arça

tokaýlyklaryny dikeltmegiň usullary işlenip düzülýär.

Çölleşmegiň monitoringi we aralyk usullary bölüminde kosmosdan düşürilen

suratlaryň esasynda Aral deňziniň aýtymyndaky ýerleriň zaýalanmagynyň 1:2500000

ölçegdäki we ölçegi 1:1000000 bolan Hazar deňziniň kenarýaka ulgamynyň çölleşme

kartalary taýýarlandy, şeýle hem, kosmosdan alnan suratlary awtomatiki ýol bilen

seljerme netijesinde çölleşme hadysasyny öwrenmegiň usullary işlenip taýýarlandy.

Çöl şertlerinde gün we ýel energiýasynyň kömegi bilen kiçi möçberde öndürilýän

kuwwatlyklary durmuş hajatlary hem-de guýulardan suw çykarýan enjamlary herekete

getirmekde ulanmagyň tilsimatlary taýýarlandy we usullary işlenip düzüldi. Agyz

suwuny arassalaýjy dürli süzgüçler (sorbentler) we enjamlar işlenip taýýarlandy,

çöldäki takyrlarda toplanýan ýerli suwlary ýygnamaklygyň we saklamaklygyň hemde

olary öri meýdanlaryny suw bilen üpjün etmekde we oýtak ekerançylygynda

ulanmagyň usullary işlenip taýýarlandy.

Ýurduň ösümlik dünýäsini öwrenmekde geçirilen köpsanly barlaglar onuň

13

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!