08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

P.Esenow, J.Saparmyradow

GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA TÜRKMENISTANDA DAŞKY

GURŞAWY YLMY TAÝDAN ÖWRENMEKLIGIŇ NETIJELERI

Türkmenistan gurak zolakda ýerleşip, onuň meýdanynyň 80%-ini Garagum we

beýleki çöllükler tutýar, şonuň üçin hem çöl meýdanlarynyň tebigy baýlyklarynyň

ylmy esasda hemmetaraplaýyn öwrenilmegi ýurduň tebigy-ykdysady

mümkinçiliklerini ösdürmegiň esasy şertlerinden biri bolup durýar. Türkmenistanyň

Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty

(ÇÖHDMI) biologik baýlyklary we tebigaty goramak baradaky nazaryýet we amaly

barlaglary amala aşyrýan esasy ylmy edaradyr. Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyny

yglan edenden soň, geçen 15 ýylyň içinde Milli institut özüniň ylmy kuwwatyny

daşky gurşawy gorap saklamagyň we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň

düýpli meselelerine gönükdirmek bilen, köp ýyllaryň dowamynda toplanan nazaryýet

bilimleri ýurduň gaýragoýulmasyz gündelik amaly çäreleri bilen utgaşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýurduň ekologik

howpsuzlygyny üpjün etmeklige gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde Milli

institut öz saldamly goşandyny goşýar. Milli institutyň esasy wezipeleri şulardan

ybaratdyr:

• daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak baradaky

nazaryýet we amaly ylmy-barlaglary ýerine ýetirmek;

• ylmy taslamalary durmuşa geçirmek, tokaý we öri meýdan ýerlerini

dikeltmek, ösümlikleri we haýwanlary goramak, çölleşmäge garşy göreş we

daşky gurşawyň monitoringi baradaky teklipnamalary we kadalary işläp

düzmek;

• milli we dünýä derejesindäki göwrümli ylmy netijeleri halk hojalygynyň

pudaklaryna ornaşdyrmak;

• köptaraply ylmy maksatnamalary ýerine ýetirmekde ministrlikleriň,

dolandyryş edaralaryň we guramalaryň arabaglanyşyklaryny berkitmek;

• iri ylmy taslamalary ýerine ýetirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny

çekmek.

Düzgünnama laýyklykda, Milli institut ylmy-barlag işlerini şu aşakdaky ugurlar

boýunça amala aşyrýar:

– Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek boýunça

barlaglary gurnaýar we geçirýär, biologik dürlüligi we biologik baýlyklary

gorap saklamagyň çärelerini işläp düzýär;

– Tebigy hadysalaryň we adamlaryň işjeňliginiň topraga, ösümlik örtügine we

haýwanlara edýän täsirini, şeýle hem, çölleşmäge garşy göreşmek,

zaýalanan tokaýlary we ýaramazlaşan öri meýdanlaryny dikeltmek, ýerli

suwlary öwrenmek we zeý suwlaryny gaýtadan peýdalanmak boýunça ylmybarlag

işlerini geçirýär;

– Ösümliklere we haýwanlara zyýan berýän mör-möjekleri ýüze çykarmak

boýunça barlag işlerini gurnaýar we geçirýär, olary zyýankeşlerden

goramagyň ylmy esasdaky häzirki zaman usullaryny işläp düzýär;

12

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!