08.03.2015 Views

12 2006

12 2006

12 2006

SHOW MORE
SHOW LESS

Create successful ePaper yourself

Turn your PDF publications into a flip-book with our unique Google optimized e-Paper software.

ýaly, göýä öňki hereketine puşman edip, garşydaşynyň mamladygyna boýun bolýan

häsiýetde hereket edýär. Sözümize delil hökmünde meşhur psiholog D.Karneginiň

psihologik teklipleriniň birine ýüzleneliň. Polat erediji zawodyň eýesi bir sehiň

duşundan ötüp barýarka birnäçe işçiniň “Çilim çekme!” ýazgynyň aşagynda çilim

çekýändigini görýär. Ol işçilere: “Siz näme okamagy başarmaýarsyňyzmy?” diýmäge

derek, olaryň ýanyna baryp, her birine sigaret berip, “Oglanlar, eger-de muny sehde

çekmeseňiz men sizden minnetdar bolardym” diýýär. Işçiler hojaýynyň özleriniň

düzgün bozanlaryny görüp durka-da, ol barada hiç zat diýmän, üstesine-de, uly

bolmadyk sowgat edip, özlerini möhüm adam hökmünde duýmaga mejbur edendigini

duýupdyrlar. Karnegi bu mysalyň soňuny “Şeýle adamy neneň söýmejek” [2, 207 s.]

diýip tamamlaýar.

Görnüşi ýaly, psihologik teklipleriň häsiýetleniş tutumy köp derejede

ahlaklylyga ugurdaşdyr. Psihologik täsiriň esasy aýratynlygy onuň kabul edýäniň işýumuşy

mejburlyk, çykgynsyzlyk boýunça däl-de, öz meýline, höwes-howalasyna

laýyklykda berjaý etmekligidir.

Öz erklilik, bilşimiz ýaly, ahlaklylygyň-da esasy düzüjileriniň biridir. Şol bir

wagtyň özünde bu iki tutumyň aýratynlygy-da ýörite üns bererlikdir.

Birinjiden, psihologik täsirleriň esasynda gazanylýan adamlaryň iş-ýumuşa

goşulmaklygy hemişe kimdir biri tarapyndan tamakinçilikli ugrukdyrylyp

meýilleşdirilýär. Ýokarky mysaldaky zawod eýesiniň işçilere edýän psihologik täsiride

hut şeýle häsiýetdedir. Ahlaklylykda bolsa kimdir biriniň çawuşy boýunça

goldawly gatnaşyga ugrukmak adamyň hususy erkini togtadyp, ony kesekeniň erkiniň

dowamyna öwrüp, özüni alyp barşy tabyn bolmaklyk nusgasyny döredýär.

Ikinjiden, özüňi alyp barşyň psihologik täsir boýunça gazanylýan

talabalaýyklygy, adatça, şahsyýetiň erkin borçlanmagynda berjaý edilmeýär. Bu ýerde

öňünden karzlama boýunça döredilýän duýgy-meýiller adamyň iş-hereketiniň esasy

hereketlendirijisi bolup, bu tutumyň dowamlylygy şeýle meýilleriň güýç-gorunyň

gaýawlanmagyna barabardyr.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ynsan gatnaşyklaryny maksadalaýyk guramak

we dolandyrmak ulgamynyň ähli derejesinde birtaraplaýyn resmilikden sowlup, bu

tutumy üznüksiz we barha çuňlaşýan häsiýetde ahlaklylyk bilen aralaşdyrýar. Kanuny,

resmi talap-düzgünler bilen bir hatarda, adamlaryň iş-hereket gönükdirilmesini, olaryň

ahlak-borç duýgularyny oýarmak arkaly gazanmak Serdar pähiminde esaslandyrylan

dolandyryş pelsepe-psihologiýanyň ulgam dörediji esasyna öwrüldi. Ynsanyýetiň

erkin borçlanmaklygynyň ählumumy döredijisini göz öňünde tutup, mertebeli

Serdarymyz şeýle belleýär: “Düşün, bu durmuşdan köp zatlary alandygyňa düşün!

Ýekeje adamyň adam bolmagy üçin näçe gujuryň, näçe zadyň sarp bolýandygyny

göz öňüne getir!.. Şu zatlara düşünmeklik seni hemişe minnetdarlyk duýgusyna

getirer” [1, 454 s.].

Serdar pähimi hakyky ahlaklylygyň geldi-geçer, diňe pursata laýyklanýan özüňi

alyp baryş makullygyndan aýrybaşgalygyny şeýle häsiýetlendirýär: “Ynsap ýüregiň

içki emridir. Bir nälaýyk, gelşiksiz iş edersiň, belki-de, hiç kim görmez, hiç kes

aňmaz. Başda oňadam ýalydyr. Emma, eden işiň aňlamasy ýuwaş-ýuwaşdan içiňe

ornap, kalbyň çuňlugynda nägilelik, närazylyk we makullamazlyk duýgulary gelip

ugrar. Bu duýgy gitdikçe güýçlenip, seni ruhy we ahlak ynjysyna salar, soňabaka

9

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!