03.05.2013 Views

Kompyuteriň düzüm bölekleri

Kompyuteriň düzüm bölekleri

Kompyuteriň düzüm bölekleri

SHOW MORE
SHOW LESS

You also want an ePaper? Increase the reach of your titles

YUMPU automatically turns print PDFs into web optimized ePapers that Google loves.

monitorlar mikroskopiki tranzistorlaryň örän köp sany bilen düzülendir.

Gynansakda bu tehnologiýa ekranyň aşaky bölüminde ýerleşýän prosessorlar

üçin kristallaryň öndürilişiniň örän gymmatlygy we ynjyklygy (капризный)

bilen köpçülikleýin ulanyjylarda kynçylyklar döredýär. LSD -

monitorlaryň esasy ýetmezçilik taraplarynyň biri olaryň berkidilen mümkinçilikleri,

ýagny wertikal we gorizontal pikselleriň sany bilen, şol sanda

dýumda ýerleşýän ýaçeýkalaryň toplumy bilen kesgitlenýär. Ýöne, bu

dogry çözgüt däldir. Şu fakt – ýagny, her bir matrisanyň maksimal mümkinçiligi

öndüriji tarapyndan takyk kesgitlenendir we ony hiç hili ýokarlandyrmaga

mümkinçilik ýokdur. Şular ýaly ýetmezçilikleri elektron – şöhle

trubkalarynda hem bolýar. Suwuk kristally monitorlarda işleýiş mümkinçiligini

iki usul boýunça peseldip bolýar.

Birinjiden, töwereginde hereket etmeýän ýaçeýkalary galdyryp, şekili

ekranyň merkezine gysmagy.

Ikinjiden, interpolýasiýa sezewar edip rugsady üýtgedýärler, ýagny

sozulan (süýreldilen) şekili wirtual pikselleriň arasyndaky geçişi üpjün etmek

üçin, ýaçeýkalaryň orta bahalaryny ulanarlar.

Elektron - şöhle trubkaly monitorlary LCD –monitorlara çalyşmak

bilen nähili plýus taraplary bar? Birinjiden, adam organizmi üçin zyýanly

däl. Bu bolsa, esasy faktorlaryň biridir. Ikinjiden, ykjamlygy bilen, ýagny,

ekspluotasiýada amatlydyr. Üçünjiden bolsa, absolýut tekiz ekran, ýagny,

hiç hili päshelçiliksiz şekilleri ekrana dury çykarmagydyr. Kemçilik tarapyndan

bahasynyň ýokarylygy we reňkleriň geçirilişiniň doly (berlen wagty)

mümkinçiliginiň ýerlikli däldigidir.

SES ADAPTERI

Ses adapteri (ses kartasy sound card)-bu ses ýazmak we goýbermek

üçin niýetlenen gurluşdyr. ISA we PCI ulgam şinalary üçin ses adapteri

öndürilýär. Ses adapterlerine daşky aktiw dinamiki kolonkalar, nauşnikler

we mikrofonlar birikdirilýär.

Esasy häsiýetnamalar:

- 33 -

Hooray! Your file is uploaded and ready to be published.

Saved successfully!

Ooh no, something went wrong!